Latin

Altynjan hatyn - 30

Total number of words is 3737
Total number of unique words is 2075
31.0 of words are in the 2000 most common words
45.2 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Ýeri, bolýar. Bize sowatly kişiler gerek. Eger ak ýürekden gulluk etseň, Gurhandan wepadarlyk kasamyny
içip, wepadarlyk kemendini dakynsaň, biz seni öz aramyza alaly – diýip, Togrul beg kesgitli netijä geldi.
Abu Aly ikilik etmejekdigine Gurhandan ant içdi.
Şondan soň Abu Ala ýatagan hem saý bedew, ýüzbaşylyk kemendini berdiler.
Togrul beg öz adamlaryna ýörite tabşyryk berdi: Abu Aly nähili adam? Ahmet Meýmendi bilen arasynda
näme dawa bolupdyr? Bu zatlary balhly, gaznaly fiskallaryň, çawuşlaryň üsti bilen doly anyklamaly.
***
1039-njy ýylyň iýun aýynyň 27-sinde Sarahsyň günortasyndaky Dehi-Bazerganan diýen ýerde soltan
Masut bilen Togrul begiň serkerdeligindäki goşunyň arasynda gazaply söweş boldy.
Soltan Masudyň goşunynyň sany elli müňden aňrydy. Şeýle bolansoň uzak wagtlap, açyk söweşmek
seljuklylar üçin hatarlydy.
Seljuklylar bu söweşde gurt tilsimini ulanmagy – gaznaly goşunyň çar tarapyndan hüjüm etmegi makul
bildiler.
***
Altynjan dogany Kabyl hemem ogullygy Anuşirwan bilen bilelikde öz çiltenine serkerdelik edýärdi.
Onuň hatyndygyny eşigine seredip biler ýaly däldi: ol ähli seljuklylar deýin ak kepene dolanypdy, başynda
tuwalgasy bardy, her gün duşman bilen birki gezek ýüzbe-ýüz bolup söweşýärdi, gaznalylaryň garaşman
duran ýerlerinden zompa çykyp, ýetişibildiginden paýhynlaýardy, gijelerine ýatmaýan günleri-de az
bolanokdy. Altynjan akynçylyga gatnaşyp ýörşüne Togrul bege idi-yssywat etmäge-de ýetişýärdi. Elbetde,
onuň öz hansalary, hyzmatkärleri, gullary ýeterlikdi. Şeýle-de bolsa, Altynjan Togrul begiň wagtlywagtynda iýip-içmegine gözegçilik edýärdi, ýogsam beg asyl iýip-içmelidir hem öýtmeýärdi.
Altynjan nobatdaky çozuşlaryň birinde ät galdy: bäş ýüz çemesi atly zompa öňünden çykdy. Gaznalylar
Altynjan dagyny görüp, gykylyklap olaryň üstlerine gaýtdylar. Altynjan dagy haýdan-haý gaçmak bilen
boldy. Sähel salymda gaçyp arany açdylar, ýöne Altynjanyň çiltenlerinde gaznaly gulamlarynyň yzyndan
hüjüm etmek höwesi döredi. Olar şu pikir bilen yzlaryna dolandylar, gündogara sary barýan gaznaly
goşunynyň yzyndan garama-gara ýöräp ugradylar.
Näme üçindir, bäş ýüz atly goşundan elli atly bölünip aýryldy. Muny gören Altynjan:
– Olary ýok edeliň! – diýip, batly gygyrdy.
– Bize garşy bir tilsim ulanmakçy bolýan däldir-dä hernä? – diýip, Akgaýa howatyrlandy.
– Akgaýa, sen ähli zatda kölege görýärsiň. Siz şu ýerde biraz garaşyň. Meniň ýeke özüm gidip, şol elli
gaznalyny gyran-jyran edip gaýdaýyn – diýip, Kabyl badyhowa sözledi.
– Ýok, seni ýeke goýberip bilmeris! – diýip, Çyrlak ýataganyny galgatdy.
Olar elli töweregi gaznalynyň üstüne at saldylar.
Ýaňy darkaşa girenlerinde ýene elli töweregi gaznaly peýda boldy. Gazaply darkaş başlandy.
Darkaşda Altynjanyň atyny naýza urup ýykdylar.
Altynjan pursatdan peýdalanmak, öldürmek üçin ylgap gelen bäş-alty gulamyň garşysyna ýeke özi
çykmaly boldy.
Ol gaýduwsyz söweşdi, ylgap gelýän gulamlaryň birini ýaý bilen atyp öldürdi. Galan gulamlar bilen
başa-baş söweşmeli boldy.
Gulamlaryň seljuklylardan gorkusy uludy, şol sebäpli hem olar gorka gylyçlaşýardylar.
Altynjanda gorky-ürki ýokdy, sähel salymda iki sany gulamyň janyny jähenneme ýollady, daşyna aýlanan üç
gulamyň üçüsine-de gaýtawul berdi, olaryň ikisini ýaralady, ýöne özi-de agyr ýaralandy.
Onuň agyr ýaralanandygyny gören çiltenleriň on-on bäş sanysy kömege ýetişdi.
Kabyl atyna Altynjany mündürip, özi Anuşirwanyň atyna artlaşyp mündi.
Darkaş bolan ýerden derrew arany açdylar.
Çiltenler Altynjanyň söweş meýdanyndan alnyp gidilmegine ýardam berdiler.
Olar söweşdigisaýyn gaznaly gulamlar köpelýärdi.
Altynjan dagy arany açanda çiltenleriň garşysyna söweşýän gaznalylaryň sany hasam köpeldi.
– Çiltenlerim galdy! Çyrlak dagy galdy! Akgaýa dagy galdy! Ýatmaz dagy galdy! – diýip, Altynjan
zarlady.
Olar öz bolýan ýerine gelenlerinde Altynjan hatyn özünden gidipdi. Çünki onuň gany köp akypdy.
Aramgähde Togrul begiň özi Altynjana tebiplik etdi, onuň çep tarapyndan – gapyrgasynyň aşagyndan
iki gezek ýatagan sokulypdy. Ýataganlaryň sokulan ýerlerinden ýolda köp gan akypdy.
Altynjanyň ganyny sakladylar, tygyň sokulan ýerini Ibn Sinanyň öwredişi ýaly edip tikdiler.
Ol wagty bilen özüne gelmedi. Togrul beg uzynly gijäni onuň ýanynda oturyp geçirdi, özüne
gelendigini görüp begendi, gujaklady.
– Altynjan, men seniň ýanyňdadyryn, hiç zatdan gorkmagyn, seni derrew sagaldaryn men.
– Öz ýagdaýyňyz nähili, begim?
– Sen meni gaýgy etme.
– Size hiç zat bolanok gerek?!
– Hiç zat bolanok, Altynjanym, maňa hiç zat bolanok.
Altynjan müňkürlik eden bolarly, ol begiň ellerini, egnini sermeläp, barlap çykdy, şondan soň ýeňil dem
aldy:
– Hudaýa şükür!..
Ol bir hepde düşekde ýatmaly boldy. Şol günler Togrul beg onuň ýanyndan aýrylmady.
Altynjan onuň bolşundan bir aýylgançlygyň gopandygyny aňdy:
– Näme boldy, begim?
– Hiç zat bolanok, arkaýyn ýat! Kabyl bilen Anuşirwan halyňdan habar alyp durlar.
Altynjan ýatan ýerinden zöwwe galdy:
– Çiltenlerim nirede?
– Ýat, ýat, saňa ýeriňden turmak bolmaýar – diýip, Togrul beg hatynyny düşeginde ýatyrdy.
– Çiltenlerim nirede?
– Esgerler daşarda – diýip, Togrul beg umumy jogap berdi.
– Çyrlak nirede? Akgaýa nirede? Ýatmaz nirede! Anuşirwan, hany Akgaýa! Anuşirwan, hany Çyrlak! –
diýip, Altynjan elewräp ugrady. – Hany, olar? Olar näme üçin görünmeýärler? Näme üçin meniň bir
çiltenim hem görünmeýär?
– Olar ýörişde.
– Ýok, ýok, olar ýörişde däl! Meniň ýüregim syzýar, olara bir zat bolandyr. Begim, aýdyň, ýalbarýaryn,
çiltenlerime näme boldy?
– Sen mert bol, Altynjan.
– Näme boldy, aýdyň!
– Mert bol, Altynjan!
Togrul beg baryny gürrüň berdi: Kabyl bilen Anuşirwan Altynjan hatyny alyp gaýdandan soň,
gaznalylar has köpelipdir. Olar çiltenleriň daşyny gabapdyrlar, ýesir almakçy bolupdyrlar, ýöne çiltenler iň
soňky demlerine çenli söweşipdirler.
Akgaýa çiltenlere baş bolup, aşak tarapdaky gabawy böwsüp gaçmakçy bolupdyr, ýöne gaçmak başa
barmandyr.
Çiltenleriň ýigrimi sekiz sanysy wepat edipdir.
Galan on iki zamahşarla-da ýesir düşmekden başga alaç galmandyr.
– Gylyçlaryňyzy taşlaň! – diýip, gaznalylar gygyrypdyrlar.
Çiltenlerden galan on iki zamahşarly ýesir düşmezlik üçin biri-biriniň döşünden hanjar urup, bu dünýä
bilen hoşlaşypdyrlar.
Bu habary eşiden Altynjan ýakasyny çäkläp, gözýaş dökmedi, akylyndan jyda düşene döndi, bir
hepdeläp sesini çykarman ýatdy. Ol eşiden habaryna entek ynanyp bilenokdy, göwnüne bolmasa, çiltenler
niredendir bir ýerden ýylgyrjaklap geläýjek ýalydylar. Sebäbi ol çiltensiz ömri göz atuwyna getirip
bilenokdy.
Altynjan agyr halda ýatan-da bolsa, begiň özüne nämedir bir zat aýtmak isleýändigini aňdy, özem
aýdyljak habaryň näme hakdadygyny-da çak etdi. Çakynda ýalňyşman eken.
Togrul beg aýtdy:
– Altynjan, soltan Masut uly goşun bilen üstümize geldi. Biz juda uly töwekgellik edýäris. Men seni şol
töwekgellige salmak islemeýärin. Men seni Oguz çölüne – ähli seljuklylaryň maşgalalarynyň arasyna
ugradaýyn. Sen ol ýerde ýaş oglanlardan özüňe çilten taýýarla. Diňe çilten däl, kyrk akgyz hem taýýarla.
Men seniň kyrk akgyzly hatyn bolmagyňy isleýärin. Ýusup beg wepat edende men kyrk erene duşdum.
Olar maňa patyşalyk patasyny berdiler. Nesip bolsa, kyrklaryň, Abu Seýit Abylhaýyryň patasy hasyl tapar.
Allatagala menlik bolup, Masudy ýeňsem, onda täzeden toý tutarys. Ikinji toýumyz «Zamahşar gijesindäki»
ýaly bolmaz. Reý behişdi ýer diýýärler. Nesip bolsa, ikinji toýumyz, ýaşajak ýerimiz, ana, şol behişdi ýerde
bolar. Kyrk gije-gündizläp toý ederis.
Togrul beg bu sözleri aýdanda derledi. Megerem, bu sözleri aýtmak oňa juda kyn düşen bolarly. Özem ol
bir ýerde durup bilmän, aramgähiň içinde iki ýana ýöredi. Esli salym dymyp, özüne zor salyp dillendi:
– Talak! Talak! Talak!..
On birinji hekaýat
ÖMRÜŇ IÇINDÄKI ÖMÜR
edi gün ýol ýörelensoň, seljuklaryň çaga-çugalarynyň, aýal-ebtatlarynyň syrgyn bolup oturan
ýerine ýetildi.
Altynjana syrgynyň ortarasyndan hyma taýýar edilen eken.
Altynjan bir hepde hymasyndan çykman ýatdy, ýanyna Gyzbibi bilen Peýkertuwakdan başga hiç
kimsäni goýbermedi. Dogrusy, onuň hiç kim bilen gürleşesi-de gelenokdy. Hossarlarynyň, çiltenleriniň
keşbi göz atuwynda janlanýardy, olar bilen gürleşýärdi, olardan ötünç soraýardy. Hünübirýan aglap
ugraýardy, akgyzlar ony köşeşdirjek bolup gara güne galýardylar. Özüne göwünlik berilse, gahary gelýärdi:
– Maňa göwünlik bermäň! Ýok, ýok! Meni uruň! Uruň! Öldüriň! – diýip, ol akgyzlaryň hersini bir ýana
zyňyşdyrýardy.
Togrul begiň: «Talak! Talak! Talak!» diýip aýdan pursady Altynjanyň göz öňünde her gün telim sapar
gaýtalanýardy. Ol özüne talak berlendigi üçin däl-de, söweşmäge ejiz hasaplanandygy üçin ýanyp-bişip
örtenýärdi:
– Bilýäňizmi, Togrul beg meni ejiz hasaplady! Hawa, Togrul beg meni ejiz hasaplady! Nämemiş, men
hatynmyşym, men erkeklerçe söweşip bilmeýärmişim! Hany, aýdyň, men ejizmi?
– Ýok, ýok, Altynjan, sen ejiz däl! Sen bäş-on erkege-de taý gelersiň! – diýip, akgyzlar titreşýärdiler.
– Şony näme üçin Togrul beg bilenok? Ä? Näme üçin Togrul beg bilenok! Men başa-baş söweşde
Togrul begem ýeňerin. Men ondan ömrümde bir gezek – Zamahşarda birinji gezek duşuşan gezegim
ýeňildim. Onuň hem sebäbi gözüne seretdim. Gözi bilen ol meni şonda jadylady! Ýogsam, men ony
ýeňerdim. Wadaryg-a, oňarmandyryn, şol gezek men ony öldürmeli ekenim.
– Beýle diýmäň, melikäm!
– Diýjek, ýüregiň darka ýarylýanam bolsa diýjek! Eşitdiňmi?
– Eşitdim, melikäm, eşitdim – diýip, eýjejik akgyz titredi.
– Ýok, ýok, sen eşideňok!
Akgyz Altynjana ýaranmaga çalyşdy:
– Hawa, men eşidemok!
– Togrul beg nejis!
– Hawa, Togrul beg nejis!
– Ol özüne edilen ýagşylyklary bilenok.
– Hawa, Togrul beg özüne edilen ýagşylyklary bilenok...
Altynjan keniziniň ýüzüne geňirgenip seretdi:
– Sen näme üçin meniň aýdan sözlerimi, totuguş ýaly, gaýtalap otyrsyň?
– Siz dogry aýtdyňyz, melikäm, Togrul beg nejis, gadyrbilmez.
– Näme, näme? Neneň diliň barýar seniň? Ä? Neneň het etdiň sen?! Seniň hakyň barmy Togrul bege
dil ýetirmäge?
Altynjan bir bökende akgyzyň depesine gondy, onuň çem gelen ýerine ýumruk saldy.
– Günämi geçiň, melikäm!
– Seniň bege dil ýetirmäge hakyň ýokdur, düşnüklimi?
– Düşnükli, melikäm, düşnükli!
Altynjan, özüne talak berlendigine gynanýardy, ýöne ýönekeý esger hökmünde gaznalylaryň garşysyna
söweşmäge ygtyýar berilmeýändigine welin, has gynanmak gynanýardy. Bu onuň şeýle bir degnasyna
degýärdi, özüni teý köşeşdirip bilenokdy!
– Näme, men indi ýönekeý seljuk esgeri hökmünde söweşip bilemokmy?
– Söweşip bilýärsiňiz, melikäm. Siz ýüz esgere-de taý gelersiňiz.
– Näme, men seljuk beglerinden asgyn söweşýärinmi?
– Siz ähli seljuk beglerinden rüstem söweşýärsiňiz, melikäm.
Altynjan ýene kenizine alarylyp seretdi:
– Wa-weýla, men ýene ýalňyşdym öýdýärin, günämi ötüň melikäm.
– Nämede ýalňyşdyň?
Akgyz näme diýjegini bilmän aglap ugrady:
– Bes et agyňy!
Ý
Akgyz gözüniň ýaşyny ýeňine syldy:
– Bes etdim agymy!
– Gepleme diýýärin men saňa!
– Indi geplemerin.
– Jogap berme maňa.
– Men size jogap bermerin.
– Näme?
– Men ýene ýalňyşdymmy, melikäm?
***
Düşlegde bolan kyrkynjy güni ýarygije Altynjan düýş gördi. Gören düýşünden gorkup hasanaklap
ýerinden turdy, daş çykdy, soňam aýakýalaň, başaçyk ümdüzine gitdi.
Iki sany keniz ony saklajak boldy, ýöne ol saklanarly däldi. Saklajak bolanlara gahary geldi, hersiniň
döşünden batly itdi.
Gürüm-jürüm boldy.
Gün günorta bolýança onuň özüniň gelerine garaşdylar. Hernäçe garaşylsa-da, Altynjan gelmedi.
Öýlän onuň gözlegine çykdylar.
Topar-topar bolup gözlege gidenler garaňky düşensoň, «Tapmadyk» diýip, başlaryny aşak salyp
geldiler.
Şol gün Altynjany tapmadylar.
Şol günüň ertesem tapmadylar.
Üçünji gün namazşamlar düşlege hoş habar ýaýrady.
– Altynjan tapyldy!
Ol düşlegden juda bir uzakda bolmadyk guýtakda özüni bilmän ýatyr eken. Ony düýä ýükläp getirdiler.
Agzyna suw damdyrdylar.
Altynjan ýene üç gün özüni bilmän ýatdy.
Alty günüň açlygyndan soň, göräýmäge, onda ysgyn-deramat bolmaly däl ýaly, ýöne ol syçrap ýerinden
turdy. Asyl hiç zat bolmadyk ýaly, şadyýan ol! Altynjan akgyzlarynyň ählisini-de «Gülýüzli» diýip
atlandyrýardy, munuň sebäbini düşündirjek bolup duranokdy. Ýüzi gülüp dur:
– Gülýüzlim, biler bolsaň, içim eljuk1 diýýär. Owkat getiriň maňa! Käbe şerbetini2 taýýarlaň! Boluň,
boluň! Wagt ýok, biziň etmeli işlerimiz köp.
Altynjanyň bu sözüne akgyzlar, çorular çikgerilişip, biri-biriniň ýüzüne soragly seretdiler.
– Içiňizde janyňyz ýokmy, näme, mölterilişip dursuňyz! Janlyrak boluň! Men ähli zatdan burun suwa
düşeýin.
– Gyzgyn suw taýýar, melikäm!
Altynjan suwa düşdi. Onuň bolşy öňki boluşlaryna asla meňzemeýärdi. Ol öňki Altynjan däldi,
düýpden başga melikedi. Ony häzirki ahwalatda öň hiç kimse görmändi.
Gyzbibi bilen Peýkertuwagy çagyryp getirdiler. Altynjan olar bilen saçak başyna geçdi.
– Ganymatlaşýarsyňmy, Altynjan? – diýip, Peýkertuwak şübheli sorady.
Altynjan hiç zat bolmadyk ýaly, gaty arkaýyn jogap berdi:
– Meniň ýagdaýym gowy.
Peýkertuwak bu jogap bilen kanagatlanmady:
– Saňa näme boldy? Hiç kime aýtman çykyp gidiberipsiň-le?
Altynjan başdansowma jogap berdi:
– Men düýş gördüm...
– Uky – Hudaýyň dili, düýş – sözi…
Altynjan Gyzbibiniň bu sözüne geň galdy:
– Gyzbibi, dogrudanam, uky Hudaýyň dilimi?
– Şeýle! Allatagala ýetmiş iki dil döredip, bendeleriniň arasynda paýlapdyr. Soň ýetmiş üçünji dili
bendeleri bilen gürleşmek üçin ýaradypdyr. Allatagala bendeleri bilen diňe ýetmiş üçünji dilde – ukuda
gürleşýär.
– Men düýşümde Tümen daýymy gördüm. Ol maňa Hudaýyň sözüni aýtdy. «Alla adama diňe
güýjüniň ýetjek möçberinde ýük ýüklär»3 diýdi…
Altynjan, näme üçindir, sözüni soňlaman goýdy.
Düýşde yşarat köp. Habarly, manyly, derekli düýşe türkmen «oraşan düýş» diýýär. «Oraşan» röwşenýagty sözünden bolmaly. Diýmek, geljegi-boljagy ýagtyldyp, aýdyň, aýan edip görkezýän düýş bolýar-da.
Düýşe geljegi geçmişiň üsti bilen yşarat edip görkezmek mahsus. Şu güne degişli düýş, köplenç, ýalan bolup
çykýar.
Düýş öz dünýäsiniň täsinligi bilen haýran galdyrýar. Düýş, göräýmäge, şu dünýäniň bolan ýa boljak
günlerine degişli ýaly. Emma düýşde başga dünýäniň howasy hemem ruhy bar. Adamlar düýş görmäge
ukypsyz bolsadylar, onda olar o dünýäniň bardygyny gümanam edip bilmezdiler. Düýşüň giňişligi
giňişlikden aňyrda, düýşüň wagty wagtdan aňyrda.
Düýşdäki hereketler edil agramsyzlyk halatynyň täsinligini ýatladýar. Munda hiç bir zadyň agyrlygy
ýok, garyňky ýaly aklyk, tämizlik, terlik hem serginlik bar, demirgazyk gijesiniň garaňkylygy, nämälimligi
hemem alyslygy bar, älem giňişlikleriniň biserhetligi, ýürek gopduryjy elýetmezligi, bigäne şemallaryň
ýürege gorky salyjy owazlary bar.
Altynjan düýşlerinde çagalygyna gaýdyp barardy. Şeýdip, ol çagalygyň ýitirilen dünýäsini başga dünýä
bolan düýşlerinde yzyna gaýdyp alardy. Diňe hyýalda hem düýşde wagt yzyna akyp bilýär. Ýöne hyýal – bu
bary-ýogy pikir, düýş bolsa pikiriň janly surata geç­megi. Diňe düýşi görüp, ýagny synlap, tomaşa edip
bolýar. Şonuň üçinem ol ýaşaýyş diýen ada mynasyp närse.
Altynjan düýşlerinden maza hem many alýardy. Huşunyň ýetmedik, huşunyň natuwan galan
pursatlarynda ol özüne geregi düýşlerinden tapýardy. Perişdeleriň dünýäsine meňzeýän düýşlerden
perişdeleriň yşaratlary hemem sözleri gelýärdi. Olar Altynjan üçin gujur, ynam, hereket çeşmesidi. Zemini
Asman dolandyrýar diýen gep ýene çyn bolup çykdy. Eýse nä, Zeminiň özi serhetsiz Asmanyň goýnunda
aýlanyp dur ahyryn. Huş bary-ýogy düýşüň birje pursatjygy ahyryn.
***
Şol günden soň Altynjan Togrul bege nälet okamasyny goýdy. Asyl, onda boş wagt hem bolmady. Ol
uzynly gününi iş bilen geçirdi. Üç müňden gowrak ýetim galan dürli ýaşdaky oglanjyklaryň arasyndan
özüne çilten saýlady.
Anuşirwana gelinlik saýlamagy-da unutmady ol. Çünki bu ýerde Seljuk begleriniň ýetişen, owadandanowadan gyzlary bardy. Gyzlaryň haýsy birisi üçin söz aýtsa-da, Altynjan özüne «Ýok» diýilmejekdigini
anyk bilýärdi.
Ine, Hatyja, Çagry begiň gyzy. Ol biçak owadan, edaly, asylly, eli çeper.
Ýusup Bazyrganynyň Güljemile atly gyzyny-da görmäge göz, wasp etmäge söz gerek. Ýöne düşlegde
Ýusup Bazyrganynyň maşgalasyny «Gelmişek» diýip biraz çetleşdirýärler. Aslynda welin, Ýusup
Bazyrgany Seljuk begiň daýysy. Ýusubyň kakasy Ýyldyz söwdagär eken, ol Bazyrgan şäherine göçip
gidipdir, Ýusup dünýä inensoň, Ýyldyz aradan çykypdyr. Eklenjisini ýitiren maşgala seljuklylaryň
jemagatyna dolanyp gelipdi, Ýusubyň şondan soňky ýaşlygy Togruldyr Çagry dagy bilen bile geçipdi.
Dürnazaryň Dilber atly gyzy özüniň yhlasy bilen özge gyzlardan parhlanýardy. Ol Altynjany şeýlebir
ezizleýärdi, uzynly gün hyzmatynda durýardy.
Altynjan bu üç gyzyň haýsysyna Anuşirwan üçin söz aýtjagyny bilmän kösenýärdi.
Wagt Dilberiň peýdasyna işledi, Altynjan ähli gyzlaryň içinden Dilberi saýlady, onuň bilen ysnyşdy.
Bir günem pikirini beýan eýledi:
– Dilber jan, nesip bolsa, sen meniň gelnim bolarsyň. Meniň halanymy Anuşirwanym hem halar. Ol
seniň jemalyňy görse, derrew saňa aşyk bolar.
Altynjanyň bu sözi düşlege ýaýrady. Şondan soň, Hatyja Altynjan melikeden, näme üçindir, gaça
durdy.
Düşlegdäki ähli kişi Horasandan hoş habara garaşyp ýaşaýardy. Düşlege çapar gelse, ähli kişi onuň
daşyna üýşerdi.
Gumdaky jemagata Musa ýabgu ýolbaşçylyk edýärdi.
Bir ýyl geçensoň ol öz ornuny Altynjana doly tabşyrdy.
On ikinji hekaýat
BÜRGÜT HÜJÜMI
1. Mäne söweşi
oltan kelebiň ujuny ýitirensoň, wezirlerine geňeş saldy: seljuklylardan nädip dynmaly?! Olary
nädip ýok etmeli?! Soltanyň bu sowalyna beýik hoja Ahmet-i-Abd-as-Samat bilen Bu-Nasr Mişkan:
«Şalygyň goşuny Hyratda bir ýyl dynç alsyn, dynç alnan döwürde seljuklylary derbi-dagyn eder ýaly
ýene goşun jemlemeli» diýip, jogap-maslahat berdiler. Olar soltana özleriniň pikirini ýeke-täk dogry pikir
hökmünde ynandyrmagy başardylar.
Elli müňlük atly goşunyň bir ýyllap Hyratda bikär durmagy soltanatyň bähbidine bolmady. Goşuny
saklamak üçin köp mukdardaky azyk ýerli ilatyň boýnuna düşdi. Bu welaýaty gedaý düşürdi. Açlyk
nägilelik bolup aýaga galdy. Eden-etdilik bilini guşap, hökmürowanlyk etdi.
Bir man çöregiň bahasy bir dirhemden üç dirheme çenli ýokary göterildi. Puluň gymmaty bir
dirhemden bir danka (altydan bir dirheme barabar) çenli pese düşdi.
Ýerli ilat topar-topar bolup Hyrat welaýatyndan başga parahat welaýatlara göçmäge – gaçmaga başlady.
Köçelerde açlykdan ýaňa ölüp ýatan adamlar barha köpelýärdi.
Açlyk diňe bir Hyratda däl, Horasanda hem agalyk edip ugrady. 1040-njy ýylyň başynda bir man çöregiň
bahasy on üç dirheme ýetdi.
Ekerançylyk ýerleriniň bahasy hem aşak düşdi. Iki ýyl mundan öň bir müň dirhem bahasy bolan bir žuftar
ekerançylyk ýerini bir man bugdaýa hiç kim çalşanokdy. Güýç-güýç ýeteniňkidi. Bir döwüm tötek üçin adam öldürmek
adaty zada öwrülip barýardy. Dehistanda bir dinara on man bugdaý ýa on bäş man arpa satyn alyp bolýardy.
Uly goşun bilen bir ýerde uzak durup bolmajak eken. Hyratda hem durarlyk galmady.
Soltan Masut mejbury ýagdaýda Hyratdan çykyp, seljuklylaryň üstüne ýörişe ugrady.
S
***
Abywertden uzakda bolmadyk Mäne galasynyň ilaty soltan goşunyna urfis ýardamyny1 bermekden ýüz
öwürdi, soltan goşunyna boýun sunmaýandygyny mälim etdi: derwezesini açmady. Galada görnükli allama
Abu Sahyt Abylhaýyr (Mäne baba) ýaşaýardy. Ol soltan Masudyň Horasanyň halkyna edýän süteminden
nägiledi. Ol özbaşdak Horasan döwletini gurmagyň tarapdarydy. Hut şu maksat bilen seljuklylara Murgabyň
kenarynda öz döwletlerini döretmeklerine ak pata beripdi.
Mäne galasynyň gabawy kyrk güne çekdi. Kyrk gije-gündiziň dowamynda soltan Masudyň elli müňlük
goşuny galany boýun egdirip bilmedi.
Kyrk gije-gündiziň dowamynda Mänäniň kyrk bir sany ussat ýaýçysy soltan goşunynyň müňläp
gulamyny öldürdi.
Soltan ahyr galanyň ilatyny mugyra getirmegiň ýoluny tapdy: dagdan gelýän iki çeşmäniň ikisiniň hem
öňüne böwet basdy. Şeýdip, galany suwsuz goýdy.
Galanyň adamlary teşnelik zerarly derwezelerini açmaga mejbur boldular.
Soltan özüniň köpsanly görnükli serkerdesini, müňläp gulamyny ýaý bilen atyp öldüren mäneli
ýaýçylaryň kyrk biriniň sag elini gaýdyp ýaý atyp bilmez ýaly kesdirdi2.
Bu jeza berişlikden soň eline ýarag alyp soltana garşy çykjak horasanly bolmaz öýden soltan Masut
ýalňyşandygyna bir menzil geçip-geçmänkä göz ýetirdi: mäneli ýaýçylaryň gününe düşmek isleýän ýaly,
dumly-duşdan soltan goşunynyň üstüne atylýan keýmir oklar köpelip ugrady.
Ölümden gorkmaýan halky mugyra getirip bolmaýar. Seljuklylary ýaran edinen horasanly türkmenler
hem ölümden-de, soltandan-da gorkmaýan güýje öwrüldiler. Soltan Masut bu ahwalaty duýdy, şonuň üçin
hem Mäneden Nusaýa gitjek bolmady. Seljuklylaryň iň köp jemlenen ýeri bolan Merwe ýöriş etdi. Nusaý
bilen Merwiň aralygy bäş günlük ýoldy3.
Mäne söweşi seljuk türkmenleri tarapyndan bürgüt hüjümi boldy. Seljuklar onda Oguz handan galan
harby gurluşy täzeden dikeltdiler. Bu gurluş şertli-suratly göz öňüne getirmede ganatlaryny ýaýyp, öz
awunyň üstüne eňip barýan bürgüdi ýatladýardy. Seljuklaryň baýdagynda iki kelleli bürgüt şekiliniň
bolmagy-da özüňi gapdaldan görşüň şo hilinden alnandy.
Bürgüt, aslynda, harby aňlatma. Seljuklaryň öz harby güýç-kuwwatyny aňmasy. Harby güýjüň tugda
şekile getirilmegi syýasy jähete geçip, täze döräp gelýän türkmen döwletiniň harby-syýasy göwredigini
alamatlandyrýardy. Munuň özi türkmenleriň milli-syýasy barlygynyň ähli mazmunyny özünde jemleýän
şekili boldy. Şu ýerdenem türkmen döwletiniň nähili esaslara daýanýandygy, haýsy gymmatlyklary ileri
tutýandygy, nähili dolandyrylýandygy aýdyň görünýärdi. Birinjiden, döwlet, ilkinji nobatda, harby gurluşdy,
döwlet gurluşy-da, ozaly bilen, harby-goşun gurluşydy. Bu hili gurluşda döwlet bilen goşun aýny bir barlyk
hökmünde göz öňüne gelýär. Döwlet milletden kemala gelýär, goşun bolsa, öz gezeginde, döwletden kemala
gelýär. Oguz han eýýamynda goşun bilen millet aýny bir zat bolsa, seljuk eýýamynda goşun bilen döwlet bir
aýnylyk boldy. Şu hili görnüşe, aňlanylyşa laýykatlykda döwletiň ilkinji hem esasy wezipesi harby gurluşyk,
harby ýaşaýyş bolup, aňyýet, medeniýet, ruhyýet wezipeleri hemem görnüşleri harby esaslardan gelip
çykýardy. Harby kesgitlemäniň esasy bolmagy, şu ugurda milli türkmen düşünjelerine daýanylmagy döwlet
gurluşynyň beýleki – aňyýet, ruhyýet, medeniýet meselelerinde şu döwletiň gurluşyna gatnaşýan eýranly,
arap hem gaýry milletleriň öz taryhy tejribesini orta goýmagyna ýol açýardy. Şeýdibem, bitewilikde
alanyňda, sap türkmen esaslary bolan, emma gaýry musulman halklarynyňam döwlet tejribesini özüne
siňdiren täze musulman imperiýasy kemala gelip ugrady. Bürgüt şekilli döwletiň esasy awy bolsa möwriti
öten azgynlyk, meslik hemem nalajedeýinlik boldy.
2. Hakykaty boýun almak juda kyn
Togrul beg soltan Mahmyt, onuň ogullary bilen içgin gyzyklanýardy. Olar hakda bir ýa iki gezek
eşideni bilen çäklenmeýärdi. Söbüktegin nesilşalygy bilen baglanyşykly söhbetleri, onuň «Pentnamasyny»
gaýtalap-gaýtalap diňleýärdi. Soltan Masudyň Baýhaky atly debiriniň4 parasatly kişidigi hakda eşidensoň,
onuň ýazgylaryny ele salmagyň ugruna çykdy.
Togrul beg Söbüktegin nesilşalygyndan Mahmyt soltandan özge hiç kimi görmese-de, ol ähli neberäni
bäş barmagy ýaly, örän takyk bilýärdi. Aňynda olar bilen ýaşaýardy.
Megerem, Söbüktegin nesilşalygyny Togrul begden başga şeýle bir takyk bilýän, olar hakda şeýle içgin
gyzyklanýan ikinji bir adam ýokdur?
Soltan Mahmyt özünden soň ogly Muhammediň soltan bolmagyny wesýet edipdi. Şeýle hem edildi:
Muhammet Jüzjandan5 Gazna geldi. «Susak sapy» eline ýeten Muhammet soltanlyk möhletiniň bary-ýogy
ýigrimi bäş gün boljagyny öňünden aňan ýaly, haýdan-haý tagtyň eşretini görmäge – aýşy-eşretde, şöwhetde
bolmaga girişdi, ýöne köşkdäki wezir-wekiller oňa bahyllyk etdiler: soltanyň dogany Masuda nama
gönderdiler. Özleriniň soltan tagtynda Masudy görmek isleýändiklerini nygtadylar. Masut il-günüň
bähbidiniň hatyrasyna agyr hem asylly wezipäni öz gerdenine almak baradaky pikiri unady. Onuň emri
bilen Muhammet tussag edildi. Görgülini Guruň Mendiş galasyna ugratdylar. Birden özüne garşy
çykmagyndan heder eden Masut Muhammediň gözüne nil çekdirip, görejini m ynjyradyp, kör etdi6.
Bagdat halyfy soltan Mahmyt Gaznaly bilen dil tapyp bilmänden soň onuň ogly Masuda umyt baglady:
ony Merkezi Aziýanyň patyşasy diýip ykrar etdi, oňa «El Muntakym agda Allaha»7 diýen unwan bilen
ýüzlendi, ony karamyta8 atlandyrdy.
Masut edil Muhammet ýaly köşk – atabeg terbiýesini alan sowatly-düşünjeli kişidi, türkmen dilinden
başga dari, arap, pars dillerini suwara bilýärdi. Edebiýaty gowy görýärdi. Ulamalar, şahyrlar bilen dürli
mowzuklarda jedele girmekden lezzet alýardy.
Soltan Masut daýaw göwreli, dolmuş kişidi. Ýaşlygynda pälwanlar bilen göreş tutardy, daş götermek
bäsleşiklerine gatnaşmagy gowy görerdi.
Ol rehimsizdi, sähel bir zat üçin hem öz wezir-wekillerini jezalandyrýardy. Başda göwni ýetip, taryplap
ýören başarjaň, tejribeli serkerdesi Emir Ýusup bin Mahmydy, serkerde Aly Kazyby, serkerde Är Ýarygy,
serkerde Gazyny, Hindiň goşunbaşysy Ahmet Niýaltegini ýok etdi. Özem olary wagşyýana jezalandyryp
öldürtdi. Hyradyň emeldary Abu Talha Şibliniň derisini sypyrmagy emr etdi. Bu emriniň amal edilişinden
lezzet aldy.
Ýaşaýşyň manysy lezzetde, ýöne bu lezzeti her kim bir zatda görýär, her kim bir zatda tapýar. Adamyň
ähli okgunlylygy, yhlasy – durmuşdan almak isleýän lezzetini tapmakda, kanagatlandyrmakda. Lezzet
adama ýaşaýyşda kanagat, gujur-gaýrat, ertirki güne hyjuw berýär. Soltan Masudyň gullugyndaky wezirwekiller oňa hyzmat edip, onuň göwnüni awlap, özlerine ýaşaýyş eşretlerini, bolçulygyny döretmek
isleýärdiler. Soltana hyzmat etmek, onuň göwnüni awlamak – gazanç etmek. Lezzetiňe, maksadyňa ýetirýän
zat – soltanyň göwnüni awlamak. Onuň göwnüni awlap bilseň, ol tarhandökerlik bilen eçilýär. Şeýle
bolansoň, soltanyň ýanynda ölüp-öçüp hyzmat edýän wezir-wekiller kändi.
Soltan Masut köşk dabaralaryna, şeraba aşa gyzygýardy. Onuň hemdemleri sekizden on iki satgine 9
çenli şerap içenlerinde ysgyn-deramatdan gaçýardylar. Soltan Masut welin, ýigrimi ýedi satgin şerap içýärdi,
şonda-da özüni ýitirmeýärdi, täret kylyp gelse, ýene sersagdy.
Ol şerapdan, neşeden keýpini kökläp, köşkdäki ähli emeldarlaryny nyzama durzardy. Olaryň öňünden
eýläk-beýläk geçip, olara özüniň suhanwerlik ussatlygyny görkezerdi. Her hili mowzuklardan nutuklar
sözlärdi.
Herhal, suhanwerlikde nedimi Abu Nagyma aýratyn sarpa goýardy. Şonuň üçin soltan Abu Nagyma bir
kurur dirhem baýrak berdi. Bir gije soltan Alawy şahyra bir kurur dirhem bagyşlady. Bir baýramçylykda
soltan söýgüli şahyry Unsura müň dinar, beýleki ýüz elliden gowrak şahyryň her birine ýigrimi müň dirhem,
aýdymçylaryň, sazandalaryň, masgarabazlaryň, rakysçy gyzlaryň hersine otuz müň dirhemden baýrak berdi.
Ol täjir Mutyga bir gijede on alty müň dinar eçildi, şeýle hem soltanyň on alty müň dowaryny bakýan, elli
müň dinar bergisi bolan öz iş dolandyryjysy Mank Aly Meýmuna hem ýigrimi müň dinar peşgeş berdi.
Köşkde soltanyň göwnüni awlap bilýän wezir-wekiller baýaýardy. Uly emeldarlaryň ählisiniň
ekerançylyk ýerleri, baglary, mülkleri, süri-süri mallary, gulam-kenizleri bardy. Soltanyň kätibi Tahyryň
Balh welaýatynyň Şarystan galasynda biçak owadan saraýy bardy. Bu saraý ýokary hilli bezegler bilen
bezelendi. Tahyr 1032-nji ýylda Reýde özüniň wezirlik döwründe şerap içilýän otagynyň içini gül
ýapraklary, tylla we kümüş teňňeler bilen düşedi. Özi gülden ýasalan täji başyna geýip oturýardy, köplenç
ýüpek gaply tylla hem kümüş şerap gaplaryny (jam, bulgur, şeňňil) biline daňyp, özüniň meslekdeşleri,
hemdemleri bilen rakys oýnaýardy. Soltanyň nedimi Abu Bakr Hasyrynyň şeýlebir baýlygy bardy welin,
Ahmet Meýmendi ondan şa üçin üç ýüz müň dinar tylla isledi10.
Hasanak weziriň alty ýüz sany şahsy gulamy, ummasyz köp mukdarda emlägi bardy. Bir gezek ol
Nyşapurdan Balha soltan üçin engam-hedýe getirdi welin, ony bäş ýüz düýe çekýärdi. Meýmendiniň özüniň
altyn-kümüş baýlygy otuz kurur dirhemden hem köpdi. Ol Kelejar zyndanyndan azat bolandan soň tä Balha
çenli tagtyrowana münüp geldi. Şonda gulamlar ony çölde, düzde, dagda öz gerdenlerinde göterip getirdiler.
Elbetde, ol pile münübem Balha rahat baryp bilýärdi, ýöne wezir özüniň hemem baýlygynyň güýjüni il-güne
mazamlamak isläpdi. Tä Balha gelýänçä gullaryň gerdenindäki tagtyrowanda gaýşaryp oturypdy, owkatyny
hem täretini tagtyrowanda oturyp edinipdi.
Horasanyň häkimi Abul-Fazl Sury bir gezek soltan Masut üçin bäş ýüz düýe hedýe-engam iberdi. Bu
hedýe-engamlaryň dört kurur dirhem gymmaty bardy. Hedýe-engam gulamlardan, kenizlerden, gapgaçlardan, müşklerden, kafurdan11, merweritden, mahfur düşeklerinden, halylardan, zerli lybaslardan,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 31
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.