Latin

Altynjan hatyn - 27

Total number of words is 3724
Total number of unique words is 2117
30.9 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
51.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
her hili söweş hakda eşidipdi, ýöne seljuklylaryňky ýaly utançsyz, bihaýa söweşi hiç ýerde görmändem,
eşitmändem. Beýle alan-aldy, giden-gitdi söweş öňem bolan däldir, indem bolmaz. «Bu towky! Hakyky
towky! Bulara söweşiji diýip bolmaz! – diýip soltan odanýardy. – E-eý, bu seljuklylaryňky ýaly, heý,
doýmaz-dolmazlyk bolarmy?! Olar özlerine gerek zadam, gerek däl zadam äkidip otyrlar-a Ynsap-iba ýok
bularda»
Soltanyň bu örtenmelerini seljuk begleri günübirin eşidýärdiler, onuň bolşuna, sözlerine hezil edip
gülüşýärdiler. Soltanyň huguny çykarmak üçin her hili hokgalary oýlap tapýardylar. Ökde-ökde
hokgabazlary ýörite çagyryp getirýärdiler, olara köp mukdarda hak-heşdek töläp, gaznalylaryň garşysyna
hokga tapdyrýardylar. Hokga tapmaga Kabyl hem ökdedi.
Sarahsyň eteginde hajyp Subaşy masgaraçylykly ýeňlenden soň, gaznaly emirler, aýratynam Horasanda
ýaşaýan, işleýän emirler Horasanyň elden gitjekdigine, has dogrusy, gidendigine göz ýetirdiler. Özem doly
göz ýetirdiler. Horasan seljuklylaryň depesinden Gün bolup dogdy.12
Seljuklylar gaznalylar üçin wagşy aždarha öwrüldi. Olarda seljuklylara garşy göreşmeli diýen pikir dälde, tizden-tiz Horasandan gaçyp, başyňy halas etmeli diýen pikir bardy. Emirleri basga düşürýän zat nirä
gaçmaly diýen sowaldy.
Nirä gaçmaly?
Nirä gaçsaňam, seljuklylar yzyňdan baraýjak, öldüräýjek ýaly bolup duýulýardy. Herhal, Gur ýoly bilen
Hindiguş daglarynyň aňyrsyndaky Gazna şäherine aşmak olar üçin ýeke-täk çykalga bolup galdy.
***
Horasanyň amydy Abul-Fazl Sury bilen Bu Säh Hamduny welaýatyň hazynasyny Nyşapurdan Gazna
alyp gitmek barada soltandan görkezme aldylar. Olar şu maksat bilen diwanyň ähli hazynasyny, baýlyklary
Nyşapuryň günorta derwezesinden alyp çykdylar.
Hazynaly kerweniň iň soňky düýesi Nyşapuryň Günorta derwezesinden ýaňy çykanda şäheriň
Gündogar derwezesinde iki ýüz atlysy bilen Ybraýym Ynanç (ynal) peýda boldy.13 Ol şäher diwanyna ýörite
ilçi ugratdy. Ilçi ynalyň sözlerini diwana ýetirdi:
– Biz ägirt uly goşun bilen Nyşapura gelýän Togrul begiň, Çagry begiň we Musa begiň ilçileri. Biz
şäheriň ilatyna hiç hili garşylyk görkezmezligi maslahat berýäris. Eger garşylyk görkezseňiz, uçdantutma
gyrjakdyrys. Biz – yslamyň din gylyjydyrys. Kim garamaýak musulmana sütem edýän bolsa, şol biziň
duşmanymyzdyr. Biz şerigatyň, adalatyň howandarydyrys. Biziň maksadymyz diňe ýagşylykdyr, sogap
gazanmakdyr.
Ybraýym ynalyň bu habaryndan soň şäheriň kethudalary kazy Seýidiň öýüne jemlendiler we maslahat
etdiler.
Seljuk türkmenlerine garşylyk görkezmelimi ýa-da görkezmeli däl diýen sowala hiç kim anyk pikir
aýdyp bilenokdy. Näme etmeli?
Nyşapurly adamlaryň Seýit kazynyň ýanyna üýşmekleriniň sebäbi, ol şäheriň parasatly adamlarynyň
biridi.
Tekepbirlik şähere gaty gymmat düşjekdi. Onsoňam soltanyň garşysyna durmaga heder etmeýän
seljuklylaryň Nyşapury ýer bilen ýegsan etjekdigi hemmä aýandy.
Seýit kazy bu mesele barada köpden bäri oýlanýardy. Ol seljuklylaryň şähere geljekdiklerini-de eşidýän
habarlaryndan aňýardy. Şonuň üçin ol öz pikirini aýan eýledi:
– Ýadyňyzda bolsa, soltan Mahmyt Gaznaly Hindistana ýörişe gidende Ilek han Balha çozuş edipdi.
Şonda şäheriň ilaty Ilek hanyň garşysyna çykdy, gorandy. Gazaply söweş boldy. Soltan Mahmyt
Hindistandan dolanyp gelensoň, Balha bardy. Şonda öz görkezmesi bilen gurlan Bazari-Aşikanyň
tozdurlandygyny-otlanandygyny görüp dergazap boldy, şäher ilatyny ýygnap, soltanlygyň raýatlaryny,
şäherlerini, obalaryny goramagyň soltanatyň işidigini, parahat ilatyň soltanatdan bidin baş galdyrmaga, eline
ýarag alyp söweşmäge hakynyň ýokdugyny, Balh şäheriniň otlanmagyna, haraba öwrülmegine diňe balhly
ilatyň günäkärdigini, bu weýrançylygy üçin ilata jerime töletjekdigini aýdypdy hemem şäher emirini
adamlaryň özbaşdaklyk etmegine, eline ýarag alyp Ilek han bilen söweşmegine ýol berendigi üçin
jezalandyrypdy.14 Balhlylaryň birmahalky kysmaty bu gün biziň başymyzda. Nyşapuryň ilatynyň soltandan
perman bolmasa, eline ýarag alyp goranmaga haky ýok. Ilaty goramak soltanatyň wezipesi. Şäherde
weýrançylyk bolsa, onuň öwezini soltan Masut şäher ilatyndan talap eder...
Seýit kazynyň bu sözlerini ýerli mülkdarlar, baýlar makulladylar. Netijede: «Seljuklylara garşy
söweşmeli däl, Gaznadan goşun gelýänçä kysmata kaýyl bolmaly, garaşmaly» diýen pikir makul bilindi.
Nyşapur kethudalarynyň gelen netijesini Ybraýym ynala habar berdiler. Ybraýym ynal bu habary haýal
etmän Togrul bege ýetirjekdigini aýtdy.
Şondan soň munadylar (jarçylar) bazarlarda, köçelerde Togrul Seljuklynyň ymgyr uly goşun bilen
Nyşapura ýetip gelýändigini, onuň şäheriň ilatyna howandar boljakdygyny, garşysyna çykmaly däldigini jar
çekmäge başladylar
Şäher ilatynyň arasynda Togrul begiň ýeňilmezekdigi, onuň Allatarapyn serdarlygy, gudratly adamdygy
barada gürrüňler ýaýradylýardy.
Nyşapurlylar soltan Masudy mugyra getiren, ýeňen serkerdäni görmek üçin köçä çykdylar, ýöne
gelmeli diýlen wagt geçip giden-de bolsa, Togrul beg gelmeýärdi.
Şäherde welin, Togrul Seljuklynyň gelmegine garaşylýardy, onuň göwnüni awlamak üçin taýýarlyk
işleri geçirilýärdi. Hurremek bagy al-ýaşyl matalar bilen bezeldi. Bagy-Şadyýah köşgünde Togrul begiň
dynç almagy, diwan ýöretmegi üçin ähli şertler döredildi. Soltanyň ýatyp-turjak otagy günde üç gezek
syrylyp-süpürildi. Begiň hatynyny gowy görýändigi, onuň ýanynda kyrk çilteniniň bardygy hem göz öňünde
tutuldy.
Şäheriň salar-buzgany15 ilata düşündiriş geçýärdi: Togrul begiň adyndan şäher ilatynyň ähli
hukuklarynyň goraljakdygyny, hiç hili sütemiň bolmajakdygyny, şäheriň ýene öňküsi ýaly parahat
durmuşynyň ýola düşjekdigini tekrarlaýardy. Hatyp Ysmaýyl Sabuni hemem salar-buzgan şäheriň Bagak
mähellesindäki baş metjitde Togrul begiň adyna juma namazynda hutba okamaga howlugýardylar.
Nyşapur Horasanda Merwden soň ikinji uly hem merkezi şäher hasaplanýardy. Şäher Tahyrylar
hanedanlygynyň paýtagty bolupdy. Bu hanedanlykdan soň Nyşapury Amr Leýs Saffary öz döwletine
merkez edinipdi. Hijriniň 287-nji (milady hasaby boýunça 900-njy ýyl) ýylynda Samanylar Buharany
paýtagt edinenem bolsalar, Nyşapury Horasanyň Günbatar sebitini dolandyrmak üçin peýdalanypdylar.
«Nyşapuryň ini-boýy bir farsahdy. Suwunyň köpüsi çeşmedendi, onda ýüň, pagta köp, on üç obany we
dört hanlygy öz içine alýardy»16, şeýle hem şäher iki sany etrapdan, bir köne galadan, kyrk sekiz sany
mähelleden ybaratdy. Şäheriň dört derwezesi, baş girelge derwezesi bardy. Jülähgäh diýlip atlandyrylýan
ortaky mähellede üç ýüzden gowrak köçe bardy. Iň owadan binalary bilen meşhur bolan Foz, Bagabat
mähellelerinde ulamalar, Bag-Razyýan, Nasrabat mähellerinde söwdagärleri ýaşaýardy, köçeleriň sany bäş
ýüzden-de aňrydy. «Gündogaryň derwezesi» atlandyrylýan bu şähere gelýän adamlaryň, söwdagärleriň
hetdi-de, hasaby-de ýokdy.
Nyşapuryň ilaty soltan Masut hem onuň Horasan boýunça amydy Abul-Fazl Sury tarapyndan ençe
gezek talanypdy. Ilat ýene talanmakdan heder edýärdi.
Togrul beg nyşapurlylar üçin nätanyşdy, ertirki günleriniň nähili boljakdygy garamaýak halkyň esasy
ünjüsidi. Adamlar Togrul beg hakda köpräk maglumat eşitmek isleýärdiler. Ybraýym bilen şäheriň
kethudalary adamlary köşeşdirmek üçin Togrul begiň şäheriň emlägini gorap saklamaga, ilaty
hormatlamaga, hak-heşdeklerini ýokarlandyrmaga, adamlaryň gowy ýaşamaklary üçin ähli mümkin bolan
şertleri döretmäge kepil geçýändigini düşündirýärdiler.
Şäheriň ilatynyň ýedi günläp gözlerini ýolda goýan Togrul beg ahyryl-ahyr üç müň atly goşunyň öňüne
düşüp geldi.
Begi garşylamaga ähli nyşapurlylara baş bolup, ymam Muwaffak an-Nyşapury çykdy.
Togrul beg şäher ilatyny haýrana goýdy. Ol özüniň gyr atynyň üstünde otyrdy. Ýaýy egnindedi. Üç
sany ok guşagyna berkidilendi, begiň köp ýerini lowurdap duran sowut örtýärdi. Şeýle hem egninde
mülkamdan17 edilen kaba18, başynda tawwaziden19 peş, aýagynda oraýany keçe ädigi bardy.
Nyşapurlylar Togrul begi görlüp-eşidilmedik dabara bilen garşy aldylar. Ol şäheriň Tahyr ibn alHüseýniň gurduran Bagy-Şadyýah köşgünde atdan düşdi. Onuň adyna juma güni metjitde hutba okaldy.
Togrul beg ymam Muwaffak an-Nyşapurynyň gatnaşmagynda öz döwletini yglan etdi. Şol günüň ertesi
şäher ilaty begiň dergähine ýygnandy, beg olary kabul etdi. Togrul beg Seýit kazynyň çagalary bilen gelenini
görüp, ýerinden turup, gadyrly salamlaşdy hem oňa öz gapdalynda oturmaga orun berdi.
Duşuşyga ymam al-Kuşaýrynyň20 yzyndan çakylykçy ýolladylar, ýöne ol gelmedi.
Togrul beg soň onuň yzyndan ymam Muwaffak an-Nyşapuryny ýollady.
– Men Togruldan dokuz ýaş uly, goý, onuň özi ýanyma gelsin – diýip, al-Kuşaýry ýene tekepbirlik etdi.
Şondan soň, Togrul beg nyşapurly ulamalaryň birnäçesi bilen medresä ugrady.
Togrul beg baranda ymam ýerinden gozganmady, onuň ýanynda ogullary – Abu Sagyt Abdylla, Abu
Sagyt Abdylwahyt, Abu Mansur Abdyrahman, Abu Nasr Abdyrahym, Abilfath Ubeýdylla, Abylmuzaffar
Abdylmunagtym we müritleri otyrdy. An-Kuşaýry Togrul bege oňa gapynyň sag tarapyndan oturmaga ýer
görkezdi.
Duşuşyk dartgynly geçdi.
– Eý, Muhammet Togrul, men sen hakda eşitdim. Abylhaýyr Abu Seýidiň saňa döwletlilik patasyny
berendigi hakda-da eşitdim. Seniň Nyşapura geljekdigiň hakda indi bir hepde bäri şäheriň köçelerinde jar
çekip ýörler. Meniň eşidişime görä, sen hanafy mezhebine uýýan bolmaly. Şu günden başlap, sen meniň
uýýan, wagyz edýän şafy21 mezhebine munadylar uýmalysyň. Soltan Mahmydy – goý, onuň ýatan ýerini
Beýik Perwerdigär jennet etsin! – hem şafy mezhebine uýanlygy sebäpli öz döwründe uly derejelere
ýetendir. Sen hem uly derejelere ýetmek isleseň, onda meniň diýenimden çykmaly dälsiň. Meniň her bir
sözüm seniň üçin kanun bolmalydyr. Sen şu oturan meniň ogullarymyň, egindeşlerimiň, müridlerimiň
öňünde maňa ýylgaý sygynjakdygyň, meniň sözümden çykmajakdygyň hakda söz ber, ýogsam Horasan
halky seni kabul etmez...
Togrul beg ýerinden turdy.
– Eý, belent mertebeli al-Kuşaýry! Men siziň sözüňizi mukyt diňledim. Indem size şeýle jogap
berýärin. Aramyzda hiç mahal düşünişmezlik bolmasyn. Siz biliň, Togrul ibn Mykaýyl ibn Seljuk diňe bir
keramatly güýje ynanýar, ol keramatly güýç hem Beýik Perwerdigärdir. Men Beýik Perwerdigärden başga
hiç kimsä sygynmaryn.
– Yzzat özüňe gerek.
– Dogry, ýöne ol yzzat, berilýän zat däl, ony gazanmaly.
– Bu näme diýdigiň bolýar? Horasan maňa sygynýar, meniň yzyma düşýär.
Togrul beg medreseden çykyp gaýtdy.
Ol ölse mezhebinden dänjekmi?! Ata-baba däp-dessura wepaly türkmeniň hatda dinini üýtgetse-de,
däbini üýtgetmändigi oýlandyrýan zat. Bu aýratynlyk milletiň mazmunynda üýtgemeýän ululyklary
üýtgeýän ululyklardan has rüstem gelýändiginiň nyşany. Milletiň uzak ýaşyny şeýle iki hili ululygyň özara
gatnaşygynyň mynasybeti kesgitleýär. Türkmenler yslamyň ala-böle hanyfy mezhebini-de şol gatnaşygyň
hökmürowanlygy sebäpli kabul edipdiler. Çünki bu mezhep olaryň yslamdan öňki urp-adatlaryny aman alyp
galmaga rugsat berýärdi.
Heminzamanyň geçmişe öwrülip, gaýyba gitmezligi üçin, ony häzirkiligine galdyrýan durnukly ýaşaýyş
serişdelerini tapmak hemem amala aşyrmak gerek. Türkmeniň urp-adaty, däp-dessury şeýle serişdelerdendir.
Olar milli ýaşaýyş derejesindäki bakylyk dilidir. Olar milletiň özenini emele getirýär. Bu özen durnukly
bolanda, halkyň durmuşyndaky täzelikler, daşyndan näçe üýtgeşik hem düýpli görünse-de, bu özeniň daşky
reňki bolup galýarlar. Daşky reňk edil eliň kiri ýaly bolýar-da. Ol sähel suw degdigi, ýuwulýar gidýär.
Emma ýuwlup gitmände-de, ol özen babatda hemişe hemem diňe ikinji ähmiýetlidir. Ol reňk milletiň
nämedigi hem nähilidigi barada suwytly zat aňladybam, düşündiribem bilmeýär. Daşky reňkiň millet üçin
täze taryhy şertlerde ömrüni dowam etdirmek üçin daşky dünýä bilen tas gutulgysyz bir barlyşykdygyna
düşünmeli. Ýöne bu daşkynlyk içki özene näçe bap bolsa, şonça-da uzak saklanýar.
***
Nyşapuryň Bagy-Şadyýah köşgi seljuk begleriniň hoşuna geldi. Köşgi Leýs Saffarynyň weýran
edendigi barada köp gürrüň edýärdiler. Herhal, samanylar bu köşgi öz döwürlerinde täzeden dikeldipdirler.
Köşkdäki soltan Masudyň tagtyny hem täjini gören seljuklylar onuň owadanlygyna aňk boldular.
«Soltan Masudyň tylla täji we tagty üç ýylda millionlarça dirhem sarp edilip ýasalypdy. Tagtyň hemem
täjiň ikisem sap tylladan bolup, gymmatbahaly göwherler, ýakutlar, dürler bilen bezelipdi, zerlenen zynjyr
bilen asylyp, petige birleşip durdy. Tagtda dürli şekiller, ösümlik şahalary ýaly suratlar bolup, hemmesinde
däne şekilli göwherler asylypdy. Tagtyň dört tarapynda bürünçden edilen dört sany adamyň şekilinde heýkel
sütüni bardy. Ol heýkel sütünleri ellerini we aýaklaryny ýazyp, zerli tagtyň ýokarsyndaky zerli täji onuň
agramy patyşanyň depesine düşmez ýaly ýaýyp saklap durdy. Soltanyň başgaby hem-de kellesi bu uly täjiň
aşagynda ýerleşýärdi».22
Tagt bilen täç Togrul begiň hem hoşuna geldi.
Seljuk döwleti yglan edildi. Togrul beg patyşa saýlanyldy.
Şalygyň diwany döredildi.
Togrul begi dabaraly ýagdaýda tagtda oturtdylar hemem ony «Esoltanul-muazzam»23 diýip
atlandyrdylar.
Şäherde iň mertebelenýän, Horasan dikmesi Abul-Fazl Surydan köp zulum gören Bu-l Kasym Togrul
begiň gullugynda durmaga höwes bildirdi. Diňe ol däl, gaznaly şalygynda hyzmat eden sowatly, barjamly
kişileriň ençemesi hem Togrul bege hyzmata durmaga höwes bildirdi. Gaznaly şalygyndaky gulluk edýän
gulamlaram topar-topar bolup gaçyp gelip, Togrul begiň goşunynda gulluga durýardylar.
Bu habar soltan Masuda ýetdi.
Sabyr käsesi dolan soltan elli müň atly goşuny, üç ýüz pili bilen seljuk türkmenleriniň üstüne: «Ýa –
men, ýa – sen» diýen kesgitli maksat bilen ýola düşdi.
Seljuklylar arzyly maksatlaryna ýetdiler: «balyk suwuň ýüzüne çykaryldy».
Dokuzynjy hekaýat
ULY DÄL-DE, KIÇI DAŞA BÜDRELÝÄR
I.
yşapur şäherinden bir menzil gündogarda, Merwe gidilýän ýoluň ugrunda Ryzaguly Par diýen
orta ýaşly mülkdaryň – käbir kişi oňa Ryzaguly Türkmen diýip ýüzlenýär – kerwensaraýy
ýerleşýär. Bu kerwensaraý Horasanda iň datly togdaryly palawy bilen adygan. Diňe bir bezirgenler
däl, bu sebitiň golaý-goltumyndaky barjamly adamlar hem kerwensaraýa togdaryly palaw iýmek, birki gijegündiz gerdun pelegi unudyp, dynç almak üçin daýymyl-wagt gelýärler. Şeýle bolansoň kerwensaraýyň
ýetmiş iki otagynyň boş güni seýrek bolýar. Bu ýerde bezirgenleriň düýedir atlaryna-da gowy idi edilýär.
Esasy zat – puluňy gysganmasaň bolany.
Kerwensaraýyň hyzmatkärleri gelenleriň öňlerinden çykyp, olary dilguşalyk bilen garşy alýarlar.
Töwerekde ygym-sagym çaşyp ýatan zat görünmeýär. Berk tertip-düzgüniň bardygy kerwensaraýyň giň
derwezesinden giren badyňa duýulýar.
Bezemen hem birmeňzeş geýnen, dilkeş ýüzli hyzmatkärler salamlaşykdan soňra näçe wagtlyk, nähili dynç
almak isleýändigiňi soraýarlar.
Kerwensaraýyň durmuşa çykjak gyzyň aýnasy deýin arassa suwly serhowzy bu ýere gelýänleriň janyna hoş
ýakýar. Olar tomsuň jöwzaly yssy günleri naharlanmazdan burun serhowza girip-çykyp tämizlenýärler.
Ýoluň sag gapdalynda ýerleşen bu kerwensaraýyň daşyna on-on iki zirag beýiklikde haýat aýlanypdyr.
Gündogar nagşy bilen haşamlanan, iki açylýan agaç derwezäniň iki tarapynda beýik küňre gara görnüm
aralykdan magallaklap görünýär. Hütdüjik külbelerden ybarat bolan, obadan bäş ýüz-alty ýüz zirag çemesi
daşlykda aýratyn duran bu kerwensaraý soňky on ýylyň içinde ençeme gezek talaňa düşdi. Göze ýakymly
görnen ýekeje zadyny hem goýman talasalaram, Ryzaguly Par üç-dört aýyň içinde kerwensaraýyny ýene
öňki kaddyna getirmegi başarýardy.
Abul-Fazl Surynyň hökmürowanlygynyň soňky günleri hem kerwensaraýy talamak taladylar. Her hili
talaňçylyk bolanda-da, Ryzaguly Par kerwensaraýda aňsat-aňsat görünmeýärdi. Ýogsam ony öldürmek islän
talaňçylaram köp bolupdy.
Mundan üç aý öň Ryzaguly Paryň kerwensaraýyna görmegeý symmatyna gelişmeýän sal-sal eşikli1
Ybraýym ynal gelipdi. Ol mundan beýläk Horasan ilinde Togrul begiň patyşalyk etjekdigini aýdypdy. Şonda
Ryzaguly Par Ybraýym ynaly ýaňsa alypdy:
– Eşegiň guýrugy ýere ýetendemi?
Ybraýym bu sözi ýokuş görüpdi.
– Eşegiň guýrugy ýere ýetmez, Togrul beg welin, ýene sanalgyja günden Horasana patyşa bolar, Masudy
Horasandan kowarys. Şonda ikimiz ýene duşuşarys, aýdan sözüň telekdigini boýun alarsyň. Häzir bu sözüň üçin
men saňa hiç hili jeza berjek däl.
Ybraýymyň sözi hak çykdy, eşegiň guýrugy üýtgemedi, ýöne Togrul Nyşapura patyşa boldy.
Bu dünýäde hiç bir zady geň görmeli däl.
Bu dünýäde hiç bir zada bolmaz diýmeli däl.
Ryzaguly Par sebitiň barjamly adamlary bilen bilelikde Togrul begi kerwensaraýyň deňinde duz-çörekli
garşylady. Uly toý berdi. Şol günüň ertesi bolsa, şäheriň abraýly, barjamly adamlary, emirleri bilen Togrul begiň
kabul edişligine gatnaşdy. Nähili ýardam gerek diýilse, gaşyny çytmasyzdan eçildi. Şondan bäri sebitde bezirgenler
parahat işläp başladylar. Togrul beg bezirgenleriň howpsuzlygyny öz üstüne alýandygy, olara hyýanat edilen
ýagdaýynda özüniň aýaga galjakdygy, Horasanyň parahat ýaşaýşyny bozýan adamlary jezalandyrjakdygy barada
söz sözledi. Bezirgenleriň Nyşapura başga welaýatlardan galla, azyk önümlerini getirmeklerini towakga etdi. Togrul
begiň: «Horasanyň ilaty köp zulumlary gördi. Mundan beýläk men bu ülkäniň howandarydyryn. Horasanyň ilatyna
zulum edýän adam meniň ganym duşmanymdyr. Şu günden başlap, bu ülkäniň ilatynyň parahat hem bolelin
ýaşamagy meniň gije-gündizki aladam bolar. Perwerdigär maňa bu ülkä hossar çykmagymy tabşyrdy. Men
Perwerdigäriň öňündäki parzymy amal etmek üçin gujur-gaýratymy gaýgyrmaryn. Horasanyň ilatynyň bolçulykda,
parahatçylykda ýaşaýandygyny görýänçäm maňa dynç almak haram bolar. Perwerdigäriň maňa tabşyran bu
mukaddes parzynyň amalýetine päsgel berýän kişi dörese, onda şol kişi meniň hut öz doganym bolsa-da, oňa
geçirimlilik edip bilmerin. Meniň üçin Perwerdigäriň ähli bendesi, Muhammet pygamberiň ähli ymmaty deňdir!»
N
Ryzaguly Par Togrul begiň adamlaryň öňüne çykyp aýdan bu sözlerinden soň, kerwensaraýyna
begenjine guş bolup uçup dolandy. Gelse, kerwensaraýy talanypdyr, özem hyzmatkärleriň eşiklerine çenli
talanypdyr.
Ryzaguly Par bu talaňçylygy seljuklylaryň edendigini bilip, sesini çykarmady, Togrul bege arz etjek
bolmady. Çünki, ýatagan öz gynyny kesmeýär. Togrul beg hem bir kerwensaraýyň sahybynyň sözi üçin öz
adamyna jeza berermi?! Belki, talaň Togrul begiň tabşyrygy bilen bolandyr?! Teshyr edilen ýerlerde olja
ýygnamak gadymdan gelýän resim ahyryn! Ähli gulamlar diňe olja tamakinçiligi bilen söweşýärler!
Ryzaguly Türkmen bu zatlara düşünýär, şonuň üçin-de bolan ahwalaty içine saldy.
Togrul beg: «Maksadymyň amal bolmagyna garşy çykýan öz doganym bolsa-da, men oňa geçirimlilik
etmerin, berk jeza bererin» diýdi! Diýmesine, diýdi, ýöne Ryzaguly Par «Bir ýazykdan är ölmez» diýen
pikire gol berip, bu bolan talaňçylygy tötänlige ýorup, indi gaýtalanmazlygyny dileg edip, kerwensaraýa
ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, işi ýola goýmak bilen boldy. Arman, talaňçylyk sowulman eken. Şol
wakadan ýigrimi gün geçip-geçmänkä Togrul begiň goşunyndan Ahmet hyýlbaşy2 atly biri ýüz atly bilen
geldi:
– Şu günden başlap, maňa her aýda ýüz dinar berersiňiz. Meniň aýdyşym ýaly etseňiz, üstüňizden guş
hem geçip bilmez, ýöne meniň aýdanymy etmeseňiz, ýa meni Togrul soltana satjak bolsaňyz, onda günä
özüňizdedir. Garşyma çykylsa, mende rehim-şepagat bolmaz. Men göni bir aýdan gelerin.
Ryzaguly Paryň otuz tanap mülk ýeri, alty süri dowary bardy. Onuň kerwensaraýdan görýän peýdasy
aýda üç ýüz – dört ýüz dinardan artyk däldi. Ol her aýda on dinary zekat, haraç töleýärdi. Onuň rişwet (para)
berýän adamlaram az däldi.
Ryzaguly Par bir aýlap hyýlbaşydan nädip dynyp boljakdygy barada oýlandy, ýöne anyk çykalga
tapmady.
Togrul Nyşapuryň öňki ähli emeldarlaryny diýen ýaly işden boşadyp, öz adamlaryny belläpdi. Öňki
wezipesinde diňe Seýit kazy ýaly abraýly adamlar galypdy. Agyr günde Ryzaguly Para mydama Seýit kazy
kömek edýärdi. Şeýle bolansoň, Ryzaguly Par ýene kaza içini dökdi. Bu habary eşiden Seýit kazy egnini
ýygyrdy. Soňam:
– Men hiç zat bolmadyk ýerden seniň habaryňy Togrul bege aýdyp bilmerin. Sen hyýlbaşyny nädibem
bolsa bir gezek razy et. Ana, şondan soň, bu habary, her näçe agyr-da bolsa, gozgap bilerin. Allatagala
keremdir, ol bir çykalga tapyp berer – diýdi.
Bu gün Ahmet hyýlbaşynyň kerwensaraýa gelmeli günüdi. Şonuň üçin kerwensaraýyň adamlarynyň
howsalalary özlerine ýetikdi. Olaryň gözleri ýoldady, biçak gorkýardylar. Mundan iki gün öň üç hyzmatkär
kerwensaraýdan gaçyp gidipdi. Bir hyzmatkär «keselläp» işe gelmändi. Olara-da düşünmeli: hiç kimiň ölesi
gelenok.
***
Ýassy namazynyň wagty boluberende kerwensaraýa Merw tarapdan ýaşlary durugşan
bahadursypat goja hatynak hatyny bilen geldi. Är-aýal uzak ýoldan gelýän bolarly, ýöreýişleri
ýadawdy. Zenanyň başyna nykap atylandy.
Är-aýalyň goş-golamy yzlaryndaky gök ýorga ýüklenendi.
Är-aýaly ýigrimi ýaşlaryndaky uzyn boýly, ýylgyryp duran nurana ýüzli hadym garşylady:
– Hoş geldiňiz, saýybym.
– Myhman alarmysyňyz?
– Alarys, alarys. Geliň-geçiň! Biz hyzmata taýýar – diýip, hadym gök ýorganyň rişdesini aldy. –
Ýüküňizi nädeýin?
– Maňa berjek otagyňyza eltseňizem bolar, ýogsamam amatly bir ýerde goýaýyň. Ýükümiz – ýorgandüşegimiz bilen gaýry zerur hajatlarymyz.
– Uzak ýerden gelýän ekeniňiz?
– Dogry, Horezminden gelýärin.
– Çagalaryňyzy Horezminde goýup gaýtdyňyzmy?
– Haý, inim – diýip, bahadursypat goja uludan demini aldy. – Näme diýeýin men saňa?! Hawa,
çagalarymyzy goýup gaýtdyk. Ol ýerde Şamälik diýen ganhor hökümdar döredi. Ol bizde çaga-da goýmady,
öý-de. Çagalarymyzy ýere düýnäp, hazzar başymyzy alyp çykdyk.
Hadym agyryly sowal berendigine ökünip, çym-gyzyl boldy:
– Men hata iş etdim: derdiňizi gozgadym, ýüregiňizi agyrtdym. Meniň günämi ötüň, saýybym.
– Şamäligiň günäsiniň ýanynda seniňki günä-de däl, inim – diýip, nätanyş hyrçyny dişledi.
Başga bir hyzmatkär är-aýaly göz-göz otaglaryň birine eltdi.
Kerwensaraýyň öňünde garşy alan uzyn boýly birinji hadym bilen edil bir almany iki bölen deýin
meňzeş ikinji ýigit uly bolmadyk otagda biri uly, biri kiçi iki desterhan ýazdy. (Olaryň ulusy erkek kişi,
kiçisi zenan maşgala üçindi).
– Saýybym, biziň kerwensaraýymyz Horasanda iň gowy kerwensaraýlaryň biri hasaplanýar – diýip,
desterhançy süýjüdip gürledi. – Biz myhmanlarymyza näme tagam islese, taýýarlap berýäris. Käbir bezirgen
daga gidip sülgünmidir saýgak awlap gelýär. Onsoň öz awlan awundan islän tagamyny bişirmegimizi
buýurýar. Biz myhmanymyzyň isleýşi ýaly edýäris. Eger aw awlaryn diýseňiz, bizde gowy tazylar bar, gowy
atlarymyz bar. Aw torlary, ok-ýaý hem bar. Eger wagtyňyz az bolsa, saýgak sürülerimiziň içinden saýlap
birine ok atsaňyz, biz size şol saýgakdan hem islän tagamyňyzy bişirip berip bileris. Käbir myhmanlarymyz
bizde üç-dört günläp bolýarlar, olaryň bizden gidesleri gelenok. Siz hem bizde birki gün dynç alyň.
– Ýok, ýok, sag bol, inim. Biz sizde birki gün bolup bilmeris. Ertir daň bilen ýola düşeris.
– Bu gerdun pelekde nämä howlugýarsyňyz, saýybym?! Ömür – genji-badawert3, howluksaňyzam,
howlukmasaňyzam geçer gider.
Myhman desterhançynyň bu sözlerini diňläp, esli salym dymdy, soňam:
– Ertir Nyşapura – Togrul begiň ýanyna barmakçy – diýdi.
Desterhançy nätanşa geň galyp seretdi:
– Togrul begi ýakyndan tanaýarsyňyzmy?
– Togrul begi tanaýarys, ol hem bizi tanaýar, ýöne onuň hatynyny has ýakyndan tanaýarys. Çünki
meniň hatynym Kalbyna Togrul begiň hatyny bilen bile ösüp-ulalypdy. Olar ýaşlykda iň ýakyn joradylar.
– Togrul begiň merdana hatynynyň bardygy hakda menem kän gezekler eşitdim. Basan ýerinden ot
çykýarmyş onuň. Jadygöýmüş ol. Oňa ok kär etmeýärmiş. Endamyna düşen ýara hem Aýyň ýagtysyna
bitýärmiş. Ýetmiş iki dil bilýärmiş, söweşe girse, iki ýüz-üç ýüz adamy sähel salymda paýhynlaýarmyş
diýýärler. Ol Togrul patyşany-da bir elinde ýokary göterýärmiş diýýärler. Togrul begiň hatynyny ýakyndan
tanaýan bolsaňyz, günüňiz gelipdir, saýybym. Siziň möhümiňiz hökman biter.
– Biz Altynjana inçe umyt bilen barýarys, inim. Gawşfinj şäherimizde-hä durarlyk galmady. Babam pahyr
Harur Aksungar Şamäligiň elinden öldi. Şamälik tutup bilse, hatynym ikimizem öldürjekdi. Herhal, biz gaçyp
ýetişdik, ýöne ol biziň öýümizi tozdurdy, otlady, çagalarymyzy, hyzmatkärlerimizi uçdantutma öldürdi.
Indem, görşüň ýaly, sopbaş galdyk. Togrul patyşanyň dergähine barmakçy, ýalkasa, ýaz, gargasa, gara gyş
bolar.
– Enşa, ýalkar.
– «Ýalkar» diýip gaty ynamly aýdýarsyň-la, inim? Sen bu sözi ýöne ýere aýdýarsyňmy ýa bir zada
esaslanyp aýdýarsyňmy?
– Ynha, görersiňiz, sizi gujak açyp garşy alarlar.
– Adamlar wagtyň geçmegi bilen üýtgäberýärler. Biz-ä bärden barsak, uly umyt bilen, Togrul beg hem:
«Biz siz ýaly tumaýaklary tanamzok» diýse, nähili bolarka diýen gorky bar içimizde.
– Togrul begiň maksady gowy, ýöne... – diýip, desterhançy pikirini aýtjagyny-aýtmajagyny bilmän
biraz dymdy.
– Ýönäň näme?
– Ýönämmi? Togrul patyşanyň tutumy gowy, ýöne onuň wezir-wekilleri gowy däl. Olar Togrul begiň
ýanynda ýalym-ýulum edip, ýanyndan gaýdansoň bolsa, başga adama öwrülýärler, baýamak üçin hars
urýarlar. Bar sütem ilata düşýär. Togrul patyşanyň... – Desterhançy diňşirgendi.
Daşardan gykylyk eşidilip ugrady. Desterhançy ötünç sorap, daşary çykyp gitdi.
Gökhun ör turup, çala açyk işikden daşaryny synlady.
Daşarda seljuk esgerleri mag berýärdi.
Aýak sesleriniň ýakynlaşýandygyny aňan Gökhun ýerine baryp oturdy.
Işik açyldy, üç-dört seljukly esger içerä göz aýlady:
– Bular kimler?
Hadym gorka dillendi:
– Bular iş agtaryp ýören är-aýal.
– Nireden gelipdirler?
– Balhdan gelipdirler, sahybym. Bularyň ähli dogan-garyndaşlaryny, çagalaryny soltan Masut
öldüripdir, öýlerini bolsa otlapdyr. Indi bularda hiç zat ýok, bir döwüm tötek üçin iş gözläp ýörler.
– Eý, goja! – diýip, esgerleriň biri başyny ýerden galdyrman oturan Gökhuna ýüzlendi: – Sen ýönekeý
goja meňzemeýärsiň, ýanyňda nämäň bar? Näçe puluň bar bolsa, okla bärik. Ýogsam içiňden ýatagany
geçirerin.
Gökhun goltugyndan bir düwünçek çykaryp, eliniň tersi bilen işige bakan oklap goýberdi.
Düwünçegiň içindäki dinarlary görüp, gözleri nurlanan esgerleriň biri hadyma ýüzlendi:
– Hany, sen bu garry göherdiň hiç zady ýok, bir döwüm tötek üçin iş gözläp ýör diýdiň-ä? Munça
dinary bar adam biriniň gapysynda gulluk etmez. Bu goja ýöne-möne goja däl diýdim-ä men.
– Bir ýyl mundan owal biz tütjar baýdyk, bu gün şol baýlykdan galan iň soňky baýlygymyzy –
düwünçegimizi size berdik. Utançsyzlar! Berlenini az gördüňizmi? Belki size egnimizdäki eşiklerimiz-de
gerekdir? – diýip, hatynak hatyn zöwwe ýerinden galdy. – Size belanyň sapy gerek dälmi?
– Eý, eý, heleý, gapyl!
– Heleý-de bolsam, sen tetelli erkekden müň esse gowudyryn. Eger adam bolýan bolsaňyz, iň soňky
ýüz dinarymyzy alman, gaýdyp beriň!
– Eý, heleý, gapyl diýýärin men saňa! Ýene ýeke agyz gürleseň, içiňden ýatagany geçirerin.
– Beýtmäge seniň gaýratyň çatmaz! Ony etmäge syrt gerek, syrt!
– Merhemetli sahyplarym, bu bagtyýatan adamlara rehim ediň! – diýip, hadym esgerleriň öňüne böwet
boldy.
– Eý, hadym, sen näme samahyllaýarsyň?! Bil, biz bagty ýatan adamlar däl. Bagty ýatan adamlar seniň
öňüňdäkiler. Bu pälazanlaryň eden etmişlerini biz Muhammet Togrul bege aýdarys, hökman aýdarys.
Esgerler hatyn bilen deň bolmagy özlerine kiçilik bilip, beýleki otaglary barlamak üçin gitdiler. Hadym
yzyna öwrülip geldi-de:
– Geplemäň, geplemäň! – diýip özelendi.
– Bular-a etjegini etmeli, bizem dymmalymy? Togrul bege aýdyp, gözlerinde ot ýakarys biz bularyň!
– Gepleme, ýalbarýaryn. Rast, geplejek diýseň, onda kerwensaraýdan çykyp geple. Tä öldürýänçäler
gürle. Şu ýerde ölme! Ýogsam, bize maslyklary depin etmegem dert. Myhman otagymyzy gara gana
boýajak bolma! – diýip, hadym naýynjar dillendi. – Ganyň ysy syçanyň ysyndanam erbet, birki aýlap aýrylmaýar.
– Sende günä ýok, ýöne bu mahawlara beýle hökmürowanlygy etmäge kim rugsat beripdir?
– Soň aýdaryn, soň! Häzir şular gidýänçä hiç zat diýme, aýal dogan, hiç zat diýme! Bular häzir gidýär.
– Hadym Gökhun goja ýüzlendi. – Eý, saýybym, gaýrat edip, bu dilli kelläňe birsellem «Gapyl!» diý!
Ýogsam, bu özüniňem, seniňem öldürilmegiňe sebäp bolar. Gaýrat et!
***
Ryzaguly Par Seýit kazy bilen maslahatlaşan-da, oňa söz beren-de bolsa, hyýlbaşy Ahmede talap eden
ýüz dinaryny bermedi. «Ahmet hyýlbaşy gelse, ine, şu ýigrimi dinary beriň. Başga bir hepbämiz-de ýok»
diýip, Ryzaguly Par öz hyzmatkärlerine ýigrimi dinar goýup, ambarda gizlendi. Bu talaňçylyk ýüz dinaryň
berilmändigi üçin bolýardy. Hyýlbaşy kerwensaraýdaky ýolagçylardan üç ýüzden gowrak dinar jemledi.
Seljuk esgerleri hyzmatkärlerden kerwensaraýyň eýesi Ryzaguly Paryň tapyp getirilmegini talap
edýärdiler. Hyzmatkärler bolsa öz hojaýynlarynyň iki gün mundan öň Tusa gidendigini nygtaýardylar.
Hyýlbaşy Ahmet ýene bir aýdan geljekdigini, şol gelen wagty talap eden dinary taýýar bolmasa, onda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 28
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.