Latin

Altynjan hatyn - 06

Total number of words is 3788
Total number of unique words is 1939
34.0 of words are in the 2000 most common words
49.3 of words are in the 5000 most common words
55.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Siziň görýän düýşüňiz şeýle-dä, melikäm. Men siziň düýşüňizi nädip üýtgedeýin?
– Sen maňa güýçli ýalnyň nämäni aňladýandygyny aýdyp ber.
– Güýçli ýalyn – güýçli gorky. Meger, bir zatdan aşa gorkmagyňyz mümkin. – Gülýüzli bu sözüni
aýdyp gutarmanka daşardan kimdir biriniň aýak sesi eşidildi.
Altynjan eline hanjaryny aldy.
Işik ýuwaşja açyldy:
– Ýegen! Altynjan!..
– Wa, kim bar?!
– Altynjan! Bu men – daýyň Tümen!
– Daýym! Geliň!
Tümen beg çekinjeňlik bilen içerik girdi.
– Uklamanmydyň? Men-ä uklap ýatansyň öýtdüm.
– Geljek diýip giden günüňizden bäri uklap bilemok. Maňa bir zad-a boldy. – Altynjan sypasyndan
düşdi-de, daýysynyň ýanyna geldi.
– Onuň sebäbini men çala çak edýärin.
– Näme?!
– Sen: «Daýym derrew geljek diýip gitdi. Şindem gelenok. Oňa bir zat bolan bolaýmasyn?!» diýip
howsala düşensiň.
– Gözlerim ýoluňyzda boldy.
– Garaşandygyňy bilýärin.
– Eýgilikmidir, daýy?
– Mesaýkysy, ähli zat gülala-güllük. Pikir edişimdenem kän gowy boldy. Käbir zatlary seniň bilen
maslahatlaşaýyn diýibem, görşüň ýaly, ýanyňa geldim.
– Şeýle nahanmy? Şeýle gyssaglymy?
– Şeýle gyssagly, şeýle nahan bolmasa, ýarygije ýanyňa gelmezdim-ä, ýegençäm.
– Siziň üçin men özümi oda urmaga-da taýýardyryn, daýy.
– Özüňi oda urmagyň geregi ýok. Hany, aşak oturaly – diýip, Tümen beg ellerini hereketlendirip
öndedi. Aşak oturan Tümen beg içerde ýegeniniň ýeke däldigini – akgyzyň hem serasyma bolup
durandygyny saýgardy. – Akgyzyň öz otagyna gitsin!
Gülýüzli gaty-gaty ýöräp, içerden çykyp gitdi.
– Men näme etmeli, daýy?!
– Altynjan! Mesaýkysy, men uzak oýlandym: kime ynanmaly, kime syrymy açmaly diýip. Onsoň men
kän-kän adamlaryň, ýegenlerimiň içinden diňe seni saýladym. Meniň saňa göwnüm ýetýär. Sen – ot-ýalyn.
Mesaýkysy, sen ýalyndan dörän ýegenim meniň. Sende ýekeje aýp bar, ol aýbyňy özüň hem bilýänsiň, ol
aýbyň – gyz maşgaladygyň. Ýöne sen gyz maşgala bolsaň hem men-men diýen janymak är ýigitlerden
birjik-de kem däl. Gaýtam, artyk sen! Allatagala seni erkek edip ýaradan bolsa, men gelip saňa gulluga
durardym. Garaçynym, hyzmatyňda durardym.
– Teý ukym tutmady, megerem, siziň geljekdigiňiz üçin bolsun gerek.
– Men seniň bihal däldigiňi bilýärin-ä! Sen soltan Mahmyt Gaznalydan – beýik soltandan pataly gyz!
Sen hökman baý bolarsyň.
Altynjan daýysynyň bu sözüni halamady:
– Men baýlygy başyma ýapaýynmy?
– Ýegençäm, beýle diýme. Baýlyk – uçar ganat! Baýlyk – samsam gylyç! Baýlyk – Hudaýyň ýardamy,
ol hökmürowanlyk!
– Men sizi baýlykdan beýik hasaplaýaryn.
– Wa, ýegençäm, baýlykdan beýikde diňe Alla bar, baýlyk bolmasa – Alla ýardam bermese, maksadyňa
ýetip bilmersiň. Baýlyk ýok ýerinde mertebe-de ýok.
– Daýy, ýalňyşýarsyňyz. Meniň baýlygym ýok, ýöne özümi mertebeli11 duýýaryn.
Tümen beg Altynjanyň kejirligini halamady, biraz dymyp, toşaňly dillendi:
– Ýeri, esasy gürrüňe geçeli.
– Hyzmatyňyza taýýar men, daýy.
– Meniň häzirki aýtjak sözümi sen hiç kime aýtmaly dälsiň. Eneňe-de aýtmaly dälsiň. Hiç kime!
– Hiç kime aýtmaryn diýip öň aýtdym-a, daýy.
– O gürrüňimiz hasap däl. Ant iç!
– Hökmanmy?!
– Hökman!
– Hezreti Günden ant içýärin! Enemiň ak süýdünden ant içýärin: öldürselerem hiç ýerde hiç zat
aýtmaryn.
– Indi meni ünsli diňle. Ýene sähel salymdan şu ýere altmyş düýeden ybarat bir kerwen geler. Ol
düýeleriň ýüklerini howla düşürerler. Kerwen gidip, mirşepler gelen ýükden ünslerini sowanlaryndan soň,
ähli kişiden nahan ýigrimi düýäniň ýüküni – kyrk haltany seniň şebistanyňa getirmeli.
– Şu ýerikmi?
– Şu ýere!
– Näme üçin?
– Seniň ýatan sypaňyň aşagyny gazyp, çukur edip, şol çukura şol haltalary gömmeli.
– Köp wagtlap durmaly bolarmy?
– Belli däl.
– Uzak wagtlap dursa, haltadaky zatlaryňyz çüýremezmi?
– Tylla, lagl-jowahyr, gymmatbaha daşlar çüýräpdir diýip, heý, eşitdiňmi?
– Ýok, eşitmedim, gymmatbaha daşlar çüýremeýär.
– Mesaýkysy, öz sowalyňa özüň jogap berdiň. Öz beren jogabyň bilen kanagatlanjakmy ýa şerribasy bilen
gürrüň bereýinmi?
– Wa, daýy, onça-da bir baýlyk bolarmy?
– Howlukma, onça baýlygyň bolýandygyny-bolmaýandygyny içeri getirenlerinde görersiň.
– Men näme edeýin olary?
– Hiç zat etme.
– Meniň wezipäm näme?!
– Gorap saklamak.
– Soň?
– Soňuny soň göreris, arkaýynçylykda gürleşeris.
– Babam näme diýer?
– Babaň hiç zat bilmeli däl. Men onuň bilen ýüküň geljekdigi hakda eýýäm gürleşdim.
– Ol bilýärmi?
– Ol diňe kerweniň ýarygije geljekdigini bilýär.
– Kerweniň ýüki bilen gyzyklanar-a ol?!
– Elbetde. Goý, gyzyklansyn. Men ähli zady oýlandym. Seniň sypaňyň aşagyna gömjek-gizlejek bolýan
kyrk halta tyllamyz hakda diňe ikimiz bilýäris. Başga hiç kim bilenok. Mysaýkysy, meni diňle! Esasy ýük
ýigrimi düýede. Galan kyrk düýedäki ýük esasy ýükden göreniň gözüni güýdüşdirmek, ünsüni sowmak üçin
gerek. Mysaýkysy, kerwen Arsahuşmisenden gelýär. Onuň içinde temençeden başlap, kündüge çenli bar.
Kumaç bar, ýüpek bar. Hurma bar. Owadan gap-gaçlar bar. Adyny tutan zadyň bar. Häzir kerwen geler.
Mirşepler ýükleri düşürmäge ýardam bererler. Bilýärin, Abdylmälik hem gelip ýüke sereder. Soň gider,
ýatar. Mirşepler hem ýüküň ýanyndan giderler. Daň atyp ugramazyndan sähel öň meniň oglanlarym
nahanlyk bilen kyrk haltany şu ýerik getirer.
– Enem görer?!
– Eneňi rahatlandyrmak seniň işiň. Onsoňam haltalary getirenimizden soň sen eneň ýanyna gidip ýat.
Sebäp bu ýerde rahat uklap bilmersiň.
Böwrüne biraz salym diň salyp duran Altynjan kesgin gürledi:
– Aýdyşyňyz ýaly ederin.
– Senden tamam hem şeýle.
– Daýy, kimdir birini taladyňyzmy?
– Ýok, talamok.
– Onda bu baýlyklar kimiňki?!
– Men saňa düşündireýin, ýegenim. Bu baýlyk talaňçylyk bilen gazanylan baýlyklar däl. Bu baýlyklar –
babam Tahyr Afrasýabyň maňa galdyrýan mirasy. Zamana parahat bolan bolsa, onda bu baýlyklary bu ýere
getirmesem-de bolardy, ýöne ertirki güne ynamym ýok. Şonuň üçin häzirki döwürde bu baýlyklary öýde
saklamak örän gorkuly. Iki gezek meniň hem babamyň öýde ýoklugyndan peýdalanyp talaň etjek,
ogurlajak bolup synanyşdylar. Üçünji ýa dördünji synanyşygyň şowly bolmagy mümkin ahyryn! Men bu
baýlyklaryň ogrulara, kellekeserlere şam bolmagyny islämok. Onuň üstesine-de, meniň kastyma çykanlaram
köp. Näme üçin? Sebäbi men ogrulara, kellekeserlere geçirimlilik edemok. Olary rehimsizlik bilen
jezalandyrýaryn. Şonuň üçin hem men bu baýlyklary saňa tabşyrýaryn. Ýalňyz oglum Anuşirwany-da saňa
tabşyrýaryn. Eger meniň başyma bir ýowuz kysmat düşse, mysaýkysy, ölsem, sen meniň oglum Anuşirwana
eýe dur. Ony hiç zada hor-zar etme. Ýegenim, sen bir zady bek bil: seniň daýyň Tümen beg Allatagalanyň
beren ömrüni halal ýaşady. Ýeke gezegem haram iýmedi, çagasyna-da haram iýdirmedi. Daýyň babatda seniň,
oglum Anuşirwanyň, nesip bolsa, hiç ýerde ýüzi gyzmaz! Men sebäpli aýagyňyza tiken batmaz!..
– Size hiç zat bolmaz, daýy. Halal adamlary Alla goraýar.
– Agzyňdan Hudaý eşitsin, ýöne Allanyň haramylary goran gezeklerini hem kän gördüm men. Men
Allanyň özüme eçilen kysmatyndan müň keren razy. Men özümi bilip merdi-merdana ýaşadym, haýra ýaran,
şere galkan bolup ýaşadym. Ejize ýaran boldum, haýyr işleriň ugrunda gezdim. Şere garşy darkaş gurdum.
Şerbazlaryň ýüzüne durdum, ýüregimdäkini aýdyp, islänimi edip ýaşadym. Sen entek ýaşawa, wagty gelende,
bu dünýäde ýüregiňdäkini aýdyp, isläniňi edip ýaşamagyň nähili manyly, eşretli hem kyn zatdygyny bilersiň.
Mysaýkysy, bu dünýä geldiňmi, adam diýen ada mynasyp bolup ýaşamaly. Goý, adamlaryň saňa gözleri
gitsin – ine, durmuşyň manysy şunda!
– Men size guwanýaryn, daýy! Siz näme etmegi buýursaňyz, buýrugyňyzy gepsiz-gürrüňsiz ýerine
ýetirerin.
– Häzir meniň üç sany jansyzym çukur gazmaga girişsin.
Tümen beg daşarda garaşyp duran üç sany jansyzyny ýanyna çagyrdy. Jansyzlar içeri girdi. Tümen beg
olara etmeli işlerini pyşyrdap düşündirdi.
Jansyzlar işe girişdiler: sypany duran ýerinden süýşürip, çukur gazmaga başladylar.
***
Kerwen geldi.
Ýüki howlynyň ortasynda düşürdiler.
– Ertir günortan alyp gitjekmi? – diýip, egnine çuha – çäkmen ýelbegeý atynan Abdylmälik han Tümen
bege ynamsyzlyk bilen ýüzlendi.
– Hökman, hökman äkitmekçi. – Tümen beg ýantgap gürledi.
Altynjan daýysynyň bu sözüne çalaja ýylgyrdy. Sebäbi ol ertir gidilmejekdigini bilýärdi. Bu gije çukur
gazyp gutarmazlar, ertir hem gazmaly bolar. Çukurdan çykan gumlary haltalara gapgarmaly. Kyrk halta gumy
gündizlikde daşaryk çykaryp bolmaz. Ony gije çykarmaly bolar, howlynyň ortasyndaky ýükleriň içine eltip
goýmaly. Bu işleri erte agşam, ýok, erte ýarygijeden soň etmeli bolar. Kerwen birigün ýola düşer. Kerwen
bilen daýysy gidermi? Megerem, birki gün Zamahşarda galsa gerek. Eden işiniň nähili ýagdaýdadygyny
anyklamasa, rahat ýatyp-turup bilmez-ä ol.
Aýallar özleri babatda däl-de, başgalar babatda duýgur, juda duýgur bolýar. Hajar hatyn gyzynyň içki
harasadyny derrew duýdy:
– Gyzym, sen öňki Altynjan-a däl. Bir ünjiň bar seniň. Menden gizleme, gyzym, aýt.
– Ýok, ene, meniň hiç hili ünjim ýok.
– Sen menden bir zad-a gizleýärsiň?
– Gizleýär, gizleýär, hatyn. Melikämiň näme gizleýändigini men bilýärin – diýip, Gülýüzli
ýylgyrjaklady. – Uzak gije uklamady...
Wah, Gülýüzli görgüli öz melikesiniň düýş görendigini, ýakyn wagt yşka uçrajakdygyny, maňlaýynyň
açyljakdygyny, bir janymak gerçege göwün berjekdigini aýtmakçydy. Şeýdibem hem Altynjanyň, hem Hajar
hatynyň göwnüni awlamakçydy. Haýp, ýetişmedi. Altynjan daýysy bilen baglanyşykly syryň üstüniň açylmagyndan
gorky edip, akgyzyň üstüne ýaraly ýolbars deýin arlap atyldy.
Adam bu dünýäde ýaşap ýörse, her hili zady görýär, her hili ahwalatlaryň üstünden barýar. Käte görmeli
däl zatlaram görýär. «Wah, şol pursady görmedik bolsam gowy bolardy» diýip, ahmyr edýär. Gülýüzlüniň
düşen kysmatyny-da görmedigiň, eşitmedigiň gowy. Bu hakda däl-de, başga-başga zatlaryň gürrüňini edeniň
ybaly. Şonuň üçin Altynjanyň akgyzyň üstüne nädip özüni zyňandygy hakda-da hiç zat aýdylmasa gowy
boljak. Edere başga gürrüň kän ahyryn.
Mansur gapydan uzynly gün howlynyň içinde doňuz diňini salyp geçirdi.
– Bir ýerden ses çykýarmy ýa meniň göwnümemi? – diýip, Mansur ýüküniň ýanynda duran Tümen
bege birki gezek sowal berdi.
– Men-ä ses eşidemok. Hatynlar eşitgir bolýar. Altynjan, sen ses eşidýärsiňmi?
– O nämäniň sesi? Men-ä eşidemok.
– Size bir zad-a bolýar. Ýüzüňizem-ä duw-ak. Janyňyz beri sagmy siziň?! Altynjan, Mansur daýyň
ýüzüne seret, öz-ä öňki ýüz däl.
– Dogry, dogry. Mansur daýy, size bir zad-a bolupdyr. Gulagyňyza ses eşidilip ugran bolsa, bu
gowulygyň alamaty däl.
– Altynjan dogry aýdýar. Biziň diwanymyzda Gaýyp diýip biri bardy. Şolam «Gulagyma ses eşidilýär»
diýip günortana çenli birki gezek aýtmaga ýetişdi, günortandan soňam neresse boldy. Biçak gowy ýigitdi.
Ýatan ýeri ýagty bolsun.
– Wa, daýy, şo dag ýaly Gaýyp gaýyp bolaýdymy?
– Wa-daryg-a!.. Wa-hasrat-a!..
– Gülaýym neressäniň hem, Sökmen pälwanyň hem ölmezlerinden öň gulaklaryna ses eşidilipdir. Özüňi
tebibe görkezäý, Mansur daýy – diýip, Altynjan halymsyrady. – Ýüzüňizde adam peşweri galmandyr.
– Golaý-goltumda tebip barmy?
– Bar, bar – diýip, Mansur Tümeniň sowalyna jogap berdi.
– Mansur, saňa hiç zat bolmasyn hernä! Saňa bir bolmasyz zat bolsa, men-ä gaty gynanjak.
– Menem gynanjak...
Mansur polanyň, dogrudanam, haly perişanlaşyp ugrady. Öýleden soň ýagdaýy hasam beterleşdi. Ony
göterip tebibe äkitdiler...
5.
Şol günden iki aý soň Arsahuşmisenden habar geldi: Tahyr Afrasýabyň aýaly – Altynjanyň mamasy
agyr syrkaw ýatyr, ol gyzy Hajary görmek isleýär.
Abdylmälik han mundan on bäş gün öň soltan Masut Gaznalynyň çakylygy bilen jihada gidipdi, yzynda
Mansury goýupdy. Mansur pola Omary baş edip Hajar hatyny, Kabyly, Habyly, Anuşirwany, Altynjany
Arsahuşmisen şäherine ugratdy, olary Jeýhundan geçirip goýberdi.
Tahyr Afrasýabyň hatyny gyzy Hajar bilen hoşlaşmak üçin garaşan bolarly. Ol gyzyny görüp, gözünden
ýekeje damja gaçyrdy. Ýekeje damja! Altynjan gözden çykan sol ýeke damjany eda bilen syldy. Ene dildenagyzdan galan eken. Şol ýeke damja enäniň diriliginiň ýeke-täk alamaty boldy. Gije bu dünýä bilen
hoşlaşdy.
Arsahuşmisene Anuşirwanyň hem gelendigini görende Tümen beg gaharlandy:
«Sen näme üçin geldiň? Men saňa Zamahşarda gal!» diýdim ahyryn! Sen näme üçin meniň aýdanymy
etmediň?!»
«Daýy, Anuşirwany men alyp gaýtdym. Sebäbi siz ony maňa tabşyrdyňyz. Men ony Zamahşarda goýup
gaýdan bolsam, bu ýerde arkaýyn oturyp bilmezdim».
***
Altynjan babalarynda bolup, daýysy Tümeni ilkinji gezek tukat keşmerde gördi. Öň onuň ýüzi mydama
ýylgyrjaklap durardy. «Daýymyň ýylgyrmaýan, gaharlanýan pursady ýokdur» öýdýärdi. Altynjan
daýysynyň gamly keşpde bolmasynyň sebäbiniň diňe ejesiniň ölümi sebäpli däldigini bu ýerde bolan onunjy
güni bildi. Kakasy Tahyr Afrasýabyň ýanynda:
– Kynyklardan Seljuk ýabgu diýip biri döräpdir. Ol ýogalyp, onuň ýerine uly ogly Ysraýyl ýabgu bolupdyr.
Çägede san bar, olaryň neberesinde san ýok. San-sajaksyz ýygyn olar. Ak çekirtge deýin, baran ýerini ýalapýülmäp barýarlar. Olardan Gutulmyş, Togrul, Çagry diýip üç sany garadangaýtmaz serkerde döräpdir. Olar biziň
başymyza towky bolup indiler – diýip, Tümen beg odukdy.
– Kynyklar diýip köp eşitdim, ýöne Seljuk ýabgu diýip, Ysraýyl diýip, Gutulmyş diýip, Togrul, Çagry
diýip, men birinji gezek eşidýärin – diýip Tahyr Afrasýap agyr dem aldy.
Altynjanyň zenan bilesigelijiligi örç aldy:
– Kynyklar diňe Dargan sebitlerinde ýaşaýarmy, daýy?!
– Olaryň ýetmedik ýeri ýok. Olar diňe Heýtelede, Horezminde däl, Horasanda-da kän. Ýöne biziň
başymyzdan towky bolup inen ganhorlar – kynyklaryň Seljuk neberesi. Nämemiş, seljuklylary soltan
Mahmyt Gaznaly gowy görenmiş. Soltan olara Balkanda bäş-alty sany welaýaty ykta-başbugluk berenmiş.
– Soltan olary näme üçin gowy gördükä?
– Eşidişime görä, seljuklar soltanyň Mamuny mugyra getirmegine kömek edipdirler. Olar indi islendik
wagty Altyndaşyň dergähine baryp bilýärmişler, özlerini Altyndaşdan kem görmeýärlermiş. Olar gaty
okgunly, gije-gündiz ýatanoklar. Özem olar baran ýerlerinde kelete eýläp, ýakalaryny tanadýarlar,
oňşanoklar. Şeýle bolansoň, olary kowýarlar. Olary başda Ýaňykentden kowdular. Ýaňykentden gaçyp
Jende geldiler. Jentde Aly patyşa bilen oňuşmadylar. Soň olar gaçyp Buharanyň Nur welaýatyny mekan
tutundylar. Olar bu ýerde-de garahanly Alytegin bilen oňuşmadylar. Soň bular gaçyp Horasana gidermen
boldular. Ana, şonda-da Altyndaş olara howandar çykdy: Gauhor, Rabat-Maşe, Şaruhan etraplary12 ykta
berdi. Olar diňe akyn13 bilen gün görýärler, olar diňe barjamly adamlary talap, tumaýak galdyrýarlar,
ellerinden iň soňkuja hepbesine çenli zomluk bilen alýarlar. Mesaýkysy, men olaryň akynlaryna ýol
bermeýärin, ölerin welin, olary Arsahuşmisene gelmez ýaly ederin. Gaty hüşgär bolmaly, ýogsam köp
ogrular, kellekeserler, garakçylar galp ada dulanyp, etjegini edýärler. Galp ada duwlanmak soňky döwür bu
ýerde ýoňa öwrüldi. Masudyň adamlary topar-topar bolup aýlanyp ýörler. «Men soltan Gaznalynyň
serkerdesi» diýip, yzyna otuz-kyrk kellekeser tirkäp ýörenem bar. Alyteginiň adamlaram bar. Şamälik hem
bir ýerde duranok. Mysaýkysy, gara der döküp gazanç etjek bolýan az-az, yzyna biwazy meslekdeş ýygnap,
barjamly adamlaryň öýlerini talaýarlar. Biziň şäherimizde dört sany barjamly adamyň öýi kelete edildi.
Öýdäki ähli adamlary öldürip, baýlyklaryny alyp gidipdirler. Beýik Perwerdigäriň izni-goldawy birle, men
dört öýi tozduran, adamlaryny öldüren kellekeserleriň ählisini tapdym, tutdum. Jezalandyrdym. Şu eden işim
üçin şäher ilaty maňa alkyş okaýar, Janahyr pisintler bolsa, maňa ýamanlyk etjek bolýarlar.
– Halwaçynyň garakçylar bilen näme dahyly bar?
– Sen ol ýigrenjini tanaňok. Şäherdäki dört talaňçylygy eden toparyň biri Janahyr halwaçynyň adamlary
eken. Ol toparyň serdary halwaçynyň inisi Dagbaşy bilen Gündiz diýen ogly eken.
– Men Gündizi tanaýaryn. Ol goýun ýaly ýuwaş. Men onuň iki gezek urup burnuny ganatdym.
– Daşyndan ýuwaş görünýän adamlardan ägä bolgun, ýegenim. Meniň ýaly açyk, ýüregindäki dilinde
diýilýän adamlardan gorkup oturmagyn. Olaryň ýüregi arassadyr. Aşa sypaýy, aşa ýuwaş adamlaryň welin,
içi ýylan bilen içýandyr.
– Oglum, sen köp-köp barjamly adamlaryň galplyklarynyň üstüni açyp, olary agyr güne saldyň. Onsoň
olaryň saňa geçirimlilik etmejekdigi düşnükli. Ar almak oguzyň ganynda bar. Olar bu gün seljuk adyny tuwak
edinip, sebitde goh turuzýarlar, aslynda bu zatlardan seljuklylaryň habarlary-da ýoksa ýokdur – diýip, Tahyr
Afrasýap janykdy.
– Eýsem men olaryň galplyklaryna, edýän pyssy-pyjurlyklaryna gözümi ýummalymy, baba?
– Iliň öňüne düşýän kişi biraz kör, biraz ker bolmaly, Tümen. Ýogsam saňa rahatlyk bermezler, hyştly
köpeler.
– Babam, maňa rahat ýaşaýyş gerek däl! Goý, az ýaşaýyn, ýöne ýaşanymda ýagşa-ýagşy, ýamanaýaman diýip ýaşaýyn.
***
Altynjan dagynyň Arsahuşmisene gelen ýigrimi birinji güni Tahyr Afrasýabyň mülkünde işleýän
adamlaryň ikisi atlaryny elesledip geldi.
– Mülke Togrul Seljukly çozdy. Onuň adamlary mülkdäki jaýlary otladylar.
Tümen beg haýdan-haý ata atlandy. Altynjan doganlary bilen daýysynyň yzyna düşdi. Olar mülke
barýançalar garaňky gatlyşdy. Aramgäh, göz-göz otaglar gyzyl ot bolup ýanýardy.
Töwerekde öňden işläp ýören adamlar bolaýmasa, del adam göze görünmeýärdi.
Tümen beg öz atlylaryna buýruk berdi:
– Kim eden bolsa, tapyp getiriň. Entek uzaga giden däldirler. Ýeriň deşigine girenem bolsa, Asmana
uçanam bolsa, tapyp getiriň!
Her on bäş atly bir topar boldy, olar çar tarapa at saldylar. Belki, Togrul Seljuklydan uç tapylar?!
Altynjan ýataganyny galgadyp, iki ýana at saldy. Ol bu mahal Tümen daýysyna garşy çykan adamlary
uçdantutma öldürmek hyjuwy bilen atyny howlukdyrýardy.
– Gözlerinde ot ýakaryn men olaryň! – diýip, ol zol-zol gaýtalaýardy.
Toparlar dumly-duşa pytrandan soň, demirgazyk tarapdan ýataganlaryň sesleri eşidilip ugrady.
Esli wagtdan soň garaşylmadyk habar aragaraňkylygy ýyldyrym bolup kesip geçdi:
– Tümen begi öldürdiler!
– Tümen begi öldürdiler!
Hiç kim bu habara garaşmandy. Asyl beýle ahwalata Tümen begiň özem garaşmandy. Bu dünýäde
adamyň başyndan garaşýan zady däl-de, garaşmaýan, asla garaşmaýan zady köp inýär. Bu gezegem şeýle
boldy. Tokaýlygyň içinden zompa çykan otuz töweregi atly Tümen begiň toparynyň üstüne topuldy. Megerem,
olar tokaýlygyň içinden Tümen beg dagyny synlap duran bolmaly.
Ähli kişi darkaşyň bolan ýerine eňdi.
– Men Togrul Seljukly! Men entek gözüňize görkezerin siziň!
Bu ses has haýbatly, has wagşyýana ýaňlandy. Özem gaýta-gaýta ýaňlandy.
Tümen beg gara gana bulaşyp ýatyrdy.
Ol diridi, ýöne ýagdaýy agyrdy. Endamyna çar ýanyndan ýatagan sokulypdy. Ýataganyň sokulan
ýerlerinden zogdurylyp akýan gany hiç zat bilen saklap bolanokdy.
Tümen begi şähere getirdiler. Tebip Tümen begi gözden geçirip, hyrçyny dişledi.
– Edip biljek alajym ýok. Onuň sagdyn ýüregi bar. Ol häzir diňe sagdyn ýüreginiň hasabyna ýaşaýar. Iň
gowusy, hoşlaşyň.
Daň atdy.
Tümen begiň töweregindäki başagaýlyk, gaýda-gaýmalaşyk galdy. Adamlar bir gyra çekildiler.
Ýakynlary ýeke-ýekeden onuň bilen hoşlaşdylar.
Tümen begiň ýüzi, öňküsi ýaly, nuranady. Şadyýandy. Ol göýä peýwagtyna ýatan ýalydy. Onuň
ýylgyrjaklap ýatyşyny göreniňde agyr derdi çekýändir öýder ýaly däldi.
Hajar hatyn bilen Altynjan, Tümen begiň hatyny Şaýürek gözýaşlaryny saklap bilenokdylar,
hünübirýan aglaýardylar.
– Wa-daryg-a! Wa-hasrat-a, daýy, saňa gelen dert maňa gelse bolmaýarmy? – diýip, Altynjan bagyrypbagyryp waweýleta eýledi.
Tümen beg çalaja ýylgyrjaklap ýatyşyna pessaý ses bilen uýasyna ýüzlendi:
– Hajar, ýüksünmän meniň ýalňyz oglum Anuşirwana eýe duruň.
– Anuşirwanyň depämde orny bolar, doganym – diýip, Hajar hatyn Tümeniň ýanynda aglamakdan ýaňa
gözleri gyzaryp, çişip giden Anuşirwany bagryna basdy.
– Anuşirwan, men seni daýylaryňa, Altynjan daýzaňa tabşyrýaryn. Şolaryň diýeni bilen bolgun. Bular
seni hiç zada hor-zor etmezler. Mysaýkysy, näçe baýlyk gerek diýseň, Altynjan tapyp berer. Ol seniň baş
hossaryň bolar. Unutma, Altynjan seniň baş hossaryňdyr. Men seniň ömrüňe ýeter ýaly baýlygy oňa
berendirin...
– Wah, daýy!..
– Dur, dur, aýtma. Men seniň näme diýmekçi bolýandygyňy bilýärin. Seniň ol pikiriň nädogry – diýip, Tümen
beg ýylgyrjaklap Altynjanyň sözüni böldi. – Altynjan, sen Anuşirwana düşündir, Beýik Allada bihasap zat ýok. Siz
meni gowy görýärsiňiz, men size gerek, rast Alla sizden meni aýryp alýan bolsa, onda Alla size menden has gowy,
has peýdaly birini berjekdir. Ýitirmän tapyp bolanok. Meni ýitirip, meniň ýerime tapjagyňyz menden has gowy
bolar.
– Size taý tapylmaz.
– Altynjan, meniň şu sözlerimi, öz aýdan häzirki sözüňi ýene on ýyldan soň hakydaňda aýlagyn. Ana,
şonda daýym weli eken diýersiň. Meniň weliligim – durmuşy bilýänligim. Aýralyksyz wysal ýok. Men bir
zady magat bilýärin: Alla uly ýük urýarmy, diýmek, ol saňa uly ykbal taýynlaýar. Anuşirwanyň hem geljegi
parlak bolar. Ol, Altynjan, seni-de, ähli ýegenlerini-de öz howandarlygynda saklar. Men öljegime
gynanmaýaryn. Ölsemem, oglum Anuşirwana bürgüt bolup, ýol görkezerin, bagt görkezerin. Oguz hana
gökböri ýol görkezen bolsa, Anuşirwana bürgüt bolup, men ýol görkezerin. Oglum Anuşirwan, başyňy
belent tut. Gözüň mende – bürgütde bolsun, men seni bagta ýetirerin. Sen bolsa, öz ýegenleriňe howandar
bolarsyň...
Şaýürek hiç zat diýip bilmän sessiz aglaýardy. Onuň gözýaş döküşini gören Tümen beg kesgit aýtdy:
– Şaýürek, sen Anuşirwanyň, Altynjanyň ýanyndan aýrylma. Maňa eden yhlasyňy indi bu ikisine et!
Erkek kişiler – Tümen begiň iň ýakyn adamlary Hajar hatyn dagyny goňşy otaga geçirdiler.
Gün äpet göwresini ýaňy Ýerden göterende Tümen beg dem almasy kynlaşýan ýaly, bir hokurdady. Bu iň
soňky dem eken.
Tümen begiň ölümi Arsahuşmisen şäheriniň ilatyny gynandyrmak gynandyrdy. Çünki beg diňe bir
barjamly adamlaryň däl, ähli garamaýak ilatyň-da çyn hossarydy, howandarydy.
Tümen begi jaýlamaga şäheriň tas ähli ilaty diýen ýaly geldi. Golaý-goltumdaky obalardan-da geldiler. Tümen
begiň üýtgeşik adam, beýik muhtasyp bolandygy barada aýtdylar. Altynjan adamlaryň arasynda bolup, daýysy bilen
baglanyşykly köp-köp gürrüňleri diňledi.
– Wa-hasrat-a, babam bu mahal soltan Masut Gaznalynyň ýörişinde-dä, ýogsam ol daýyma kast eden
nejisleri hökman tapardy, olary hökman jezalandyrardy.
Altynjanyň aňynda diňe bir pikir bardy: Tümen beg üçin ar almaly. Hökman ar almaly! Özem ary
Abdylmälik han däl-de, Altynjan almaly!
Altynjan özüniň bu pikirini ilki akgyzy Gülýüzlä aýtdy.
Gülýüzli bu pikiri oňlamady.
Altynjan bu pikirini ejesine aýtdy.
Hajar hatyn oňlamady.
Sadylla-da, Kabyl-da, Habyl-da, Anuşirwan-da bu pikiri oňlamady:
– Ar almak biziň işimiz, erkek kişiniň işi. Sen goşulma!
Omar gürrüňi jemledi:
– Häzir öýe gaýdalyň. Nesip bolsa, Abdylmälik han ýörişden – jihatdan geler. Ana, şonda onuň bilen näme
etmelidigimizi maslahatlaşarys.
Şu gürrüňden soň Altynjan ar almak hakda hiç kimiň ýanynda dil ýarmady, içini hümledip gezdi ýördi.
Altynjanyň aňynda doganlarynyň: «Ar almak biziň işimiz, erkek kişiniň işi. Sen goşulma!» diýen
sözleri zol-zol gaýtalandy. Ol bu sözleri kemsitme hökmünde gördi, kemsidilen adam hökmünde ýanypbişdi. «Siziň erkek bolaýşyňyzy!» diýip, doganlaryna içinden pitjiň atdy. Şol bir wagtyň özünde hem ar
almagyň ýollaryny gözledi.
Hajar hatyn doganynyň kyrky berlensoň, çagalaryny Zamahşara ugratmagy makul bildi. Altynjan başda
ejesiniň ýanynda galmakçydy, ýöne, niçik, atlar ýola düşdi welin, ol hem Zamahşara gidermen boldy.
– Ene, men oturmakdan ýadadym. Wagtymy ýolda geçireýin, Zamahşara gideýin. Öýde bir aý-ýarym aý
bolup, soň geläýerin.
– Ýok, ýok, soň geljek bolup oturma – diýip, Hajar hatyn gyzyna garşy çykdy. – Menem bu ýerde uzak eglenmän
bararyn. Babaň hem tiz geler.
Altynjan ata atlandy.
Ýolda Habyl Altynjana ýüzlendi:
– Daýymyň Anuşirwan üçin saňa beren tyllalary biçak köpmi?
– Nähili tylla?! – diýip, Altynjan mönsüredi.
– Daýym aýtdy ahyryn Anuşirwana: «Seniň ömrüňe ýeter ýaly baýlygy Altynjana berendirin» diýip.
– Waý-weý-la, daýym näme üçin beýle diýdikä?! – diýip, Altynjan ör-gökden gelen boldy. Sebäbi ol
bu sowal bilen diňe doganlarynyň däl, eýsem Anuşirwanyň-da gyzyklanýandygyny aňýardy, ýok, takyk
bilýärdi. Şonuň üçin ol bu gürrüňi mönsüräp hiç zat bilmeýänden, hiç zada düşünmedikden bolup, ünsden
düşürmek isledi. – Daýymyň aýdan sözlerine teý düşünip bilmedim. Ol bize hiç zat berenog-a?!
Altynjanyň bu sözüne doganlary-da, Anuşirwan-da ynanmady. Omardyr akgyzy-da ynanmady. Sebäbi Tümen
daýynyň Altynjan bilen nämedir bir zadyň hyşy-wyşysyny edendigini olaryň ählisi diňe bir ýa iki gezek däl, ençeençe gezek gördüler ahyryn! «Bular nämäniň gürrüňini edýärkäler?» diýip, olaryň köpüsi öz-özlerinden birnäçe
gezek sorapdylar. Bir esasy bolmasa, onça wagtlap hyşy-wyşy edilmez, onsoňam öljek wagty ýalňyz ogluna: «Men
seniň ömrüňe ýeter ýaly baýlygy Altynjana berendirin» diýmez. Ol näme üçin Abdylmälige ýa-da Sadylla berdim
diýmän, diňe Altynjanyň adyny tutdy. Tümen Altynjana hökman köp mukdarda tylla beren bolmaly, ýöne
Altynjan bu hakykaty boýun almak islemeýär.
Altynjanyň her bir hereketini yzarlamaly – ine, Sadylla dagynyň Anuşirwana niýetlenen köp
mukdardaky baýlygy tapmak babatda gelen pikirleri.
6.
Arsahuşmisenden gelenlerinden soň Altynjanyň gyr-jyny neçjar Haýdar boldy. Ol howla giripgirmänkä onuň üstüne gygyryp ugrady.
Haýdar işine ussatdy. Çaga-çugasy, maşgalasy ýokdy. Sopbaş ýeke ýaşaýardy. Näme buýrulsa, gepsizgürrüňsiz ýerine ýetirýärdi. Bir aýby bardy: işden soň boza içmegi gowy görýärdi.
– Biz-ä hasrat çekýäris, bu nejisem muhammar14 bolup ýör. Ýok bolsun! Gözüme görünmesin!
Mansur hasratly günde Altynjanyň raýyny ýykmady: Haýdary galadan çykaryp kowup goýberdi.
Altynjan daýysy ýogalandan bäri rahat ýatyp bilenokdy. Haýdar neçjaryň galadan kowulmagy-da oňa
teselli berip bilmedi. Gijelerine daýysyny öldüren ganhoruň tokaýyň içinden: «Men Togrul Seljukly! Men
entek gözüňize görkezerin!» diýip, wagşyýana gygyrmasy gulagynda ýaňlandy durdy.
«Näme üçin ol özüniň kimdigini aýtdy?» diýip, Altynjan Mansur poladan sorady.
«Ýa Togrul Seljuklynyň özüne aşa göwni ýetýär hemem öz garşysyna çykylmagyny, darkaş
gurulmagyny isleýär ýa-da kimdir biri Togrul Seljuklynyň adyna duwlanýar».
«Men bilýärin, Tümen daýymy Togrul Seljukly öldürdi. Ol babam bilen darkaş gurmak isleýär. Ol
Altyndaş bilen bir adammyş. Olar babamyň garşysyna dil birikdirendirler. Ynha, görersiň, meniň
aýdanlarym çyn bolup çykar».
«Sen daýyňy kimiň öldürendigini gözüň bilen görmediň. Tokaýda kimiň gygyrandygy belli däl. Belki,
ol gygyran kişi Tümen begiň başga bir duşmanydyr?! Sebäbi seniň daýyňyň Seljuklylar bilen hiç hili
duşmançylygy ýokdy».
«Daýymyň bir duşmany bardy. Ol duşmany hem Seljukly kynyklar. Daýym ölmezinden burun maňa bu
hakda gürrüň beripdi. Togrul Seljukly Arsahuşmiseniň gündogarynda bir oba akyn salypdyr. Şonda daýym
olaryň üstünden barypdyr. Olar gaçmakçy bolupdyrlar. Şonda iki tarap darkaşypdyr. Darkaşda Togrul
Seljuklynyň atlylaryndan dördüsi, daýymyň atlylaryndan hem ýedisi wepat edipdir, ýigrimi töweregi atly
agyr ýaralanypdyr. Daýym söweşjek bolmandyr, ýogsam olaryň ählisinem öldürip biljek eken. Ol diňe ýesir
alyp, kaza tabşyrmakçy eken. Kynyklar bolsa, ýesir düşmezlik üçin, bigünä atlylary öldürip gaçyp
gidipdirler. Soňundan öz maslyklaryna-da eýe çykmandyrlar. Olary daýym depin edipdir. Şol darkaşdan soň
kynyklar daýymy güpbasdy etjek bolup, mydama ony garawullap, amatly pursada garaşyp gezipdirler».
«Altynjan, men kynyklary, aýratynam seljuk kynyklaryny gowy tanaýaryn. Olar merdana adamlar:
jesetlerini herhili ýowuz ýagdaý bolanda-da meýdanda galdyrmazlar. Şu ýerde bir gümürtiklig-ä bar...» diýip,
Mansur Altynjanyň pikiri bilen ylalaşmady.
Şunuň bilen gürrüň gutardy, ýöne ol wagtlaýynça gutaran eken.
7.
Altynjan Zamahşarda gününi boş geçirmedi: ikiýana ylgady. Habyly-da, Anuşirwany-da dek oturtmady,
hersini günüň dowamynda birnäçe gezek, birnäçe ýumuş buýuryp, birnäçe ýere ugratdy. Oňa ýok diýýän
ýokdy, asyl onuň garşysyna çykmak barada hiç kimde hiç hili pikirem ýokdy. Mansur onuň bolşuny göz
astyndan synlady, haçan-da ol çiltenleri hem Habyl bilen ejesiniň ýanyna gitmekçidigini aýdanda çürt-kesik
garşy çykdy.
– Ýok, ýok, hiç ýerigem gitme. Men rugsat beremok.
– Rugsat beremok?! Kim sen rugsat bermez ýaly?
– Men Abdylmälik hanyň naýyby, hajyby, işigagasy, gapydany!
– Gepleme! Men näme diýsem, şonuň bilen boluber. Men gitjek diýdimmi, giderin!
– Ýok, sen hiç ýerik gitmersiň! Siziň garamatyňyza Abdylmälik hanyň öňünde men jogap berýärin. Ol her
gezek ýörişe gitjek bolanda bizi ýygnap bu hakda aýdýardy. Onuň aýdanlaryny sen eýýäm unudaýdyňmy?
– Mansur daýy, siz näme üçin meniň derdimiň üstüne dert goşýarsyňyz? Men-ä sizden teselli, goltgy
hantama, siz bolsa meni dört diwaryň içinde saklajak bolýarsyňyz.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 07
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.