Latin

Altynjan hatyn - 34

Total number of words is 3708
Total number of unique words is 2047
32.0 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýüzi düşmändi ahyry! Ol bir zada göz ýetirdi: dünýäde iň çökder jeza iýere zadyň känkä iýip bilmezlik eken.
Aňryň-a eljuk diýýär, ýöne agzyň içi zer-zaw.
Wah, göze doýma ýok...
Zamahşarlylar Altynjan hatynyň gözüne şeýlebir mähriban gö­rünýärdiler. Melike olaryň ählisini
depesine täç edinäýesi gelýärdi. Ählisini bagryna basaýasy gelýärdi, öňünden çykan her bir hatyny
gujaklaýardy, hal-ýagdaýyny soraýardy.
***
Altynjan öýüne bardy.
Ine, şol tanyş howly! Giň howluda, göz-göz otaglarda hiç kim ýok. Megerem, Şamäligiň
hökmürowanlygynyň uzak wagtlyk däldigini, Sadylla, Kabyl dagynyň öz öýlerine dolanyp
geljekdiklerini aňan bolsalar gerek. Bu howluda ýaşamaga hiç kim het edip bilmändir, ýöne indegsiz
howlyny talamak talapdyrlar: oturar ýaly ýekeje düşegem ýok. Hany, birmahalky depe-depe bolup
duran halylar?!
Zamahşarlylar Altynjanyň bu sowalyny eşiden ýaly, haly getirip ugradylar:
– Altynjan, düşekleriňiz ogurlanaýmasyn, talaň salnaýmasyn diýip, ygtybarly ýerlerde gizläp
goýduk. Biz siziň ähli zatlaryňyzy gözümiziň göreji deýin gorandyrys.
Altynjan olaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Ol ylgap ejesiniň otagyna bardy.
Hiç kim ýok!
Gülýüzliniň otagyna girdi.
Hiç kim ýok!
Soň ol kakasy Abdylmälik hanyň dynç alýan otagyna girdi.
Giň otag borram-boş!
– Altynjan, näme agtarýarsyň? – diýip, Kabyl sorady.
Altynjan näme jogap berjegini bilmän egnini ýygyrdy.
Aslynda, ol geçen günlerini agtarýardy. Ejesiniň şebistanyndan ejesini, akgyzynyň otagyndan
Gülýüzlini, kakasynyň salamlygyndan hem, elbetde, kakasyny agtarýardy. Onuň göwnüne bolmasa,
işik açylyp, olaryň içinden «Altynjan, sag-aman geldiňmi?» diýip, mähribanlary çykaýjak ýalydylar.
Mähriban öýünde bu gün ne kakasy, ne ejesi, ne-de akgyzy bar.
Onuň mähriban öýünde atgan ýeke mähribany-da ýok!
Altynjan ejesiniň otagyna ýene bardy. Dälirän dek, gözlerini elek-çelek edip:
– Ene, ene! – diýip, pessaý seslendi.
Onuň sesi boş otagda: «Ene, ene!» diýip gaýtalandy.
On ýyl geçenden soň ol wagşylyk bilen öldürilen, ejesiniň, kakasynyň, dogany Habylyň, akgyzy
Gülýüzliniň agysyny aglady. Bagyryp-bagyryp aglady...
***
Altynjan Göwheraýyň ýanyna bardy:
– Ýör, men seni Buruntaga – babaň-eneň ýanyna alyp gideýin. Olar entek agtyklarynyň
bardygyny bilýänem däldirler. Tümen jany ýanyňa al!
– Ýok, ýok! Men gitmäýin, siz hem gitmäň!
– Ata-eneňden öýke etmek aýyp bolar, unut öýke-kinäňi!
– Men-ä haýran Göwheraýa! Babasynyň adyny tutsaň, elewräberýär. «Buruntaga hiç mahal
barjak däl» diýip ant içdi. Antdan soň men ony äkitjek bolup durmaýyn. Ol meniňem gitmegimi
islänok – diýip, Anuşirwan müýnli dillendi.
– Onda senem gitjek dälmi?
– «Git!» diýseň giderin.
– Men saňa hiç zat diýjek däl. Janahyr Geçdeki babamyň ýeg razdanydy, onuň halyndan habar almak
meniň borjum.
Altynjan Kabyl bilen ýola düşdi. Janahyr halwaçynyň ýanyna bardy. Ol Janahyr halwaçynyň öýüniň
otlanmasynda, näme üçindir, özüni günäkär duýýardy. Näme üçindigini welin bilmeýärdi. On ýylyň içinde
Janahyr halwaçynyň bili bükülipdir, näsag ýatan eken.
Janahyr halwaçy Altynjanyň salama gelendigine çoh minnetdar boldy.
– Men size biçak guwanýaryn, Altynjan melike. Siziň uly derejelere ýetjekdigiňizi men sizi ilkinji
gezek görenimde aňypdym. Biziň sebitimiziň uludan-kiçisi bu gün siziň adyňyzy senalaýar. Sebäp, siz olara
hak howandar çykýarsyňyz. Ine, biziň obamyzdanam ýüzden gowrak adam siziň ýanyňyza delalat isläp
gidip, köp-köp baýlyga eýe bolup dolandylar. Siz Zamahşar sebitinden diýip baranlaryň ählijesine eýe
çykyp, olaryň işleriniň şow almagyna hemaýat edipsiňiz. Oglum Imanyň ölümi üçin siz özüňizi müýnli
saýyp ýörmäň, Altynjan melike. Ýok, onuň ölmeginde siziň günäňiz ýok. Onuň ölmegine bir haramzadanyň
zäheri sebäp boldy. Meniň duşmanym Imana çalynmaly dermanlyk ýaga awy garypdyr. Bizem muny
bilmändiris...
Altynjan Iman hakda uzak gürrüň edilmegini islemedi:
– Enşa, ähli zat gowulyk bolar.
– Ýok, ýok, näme bolsa bolar, ýöne biziň öýümizde gowulyk bolmaz! Haýsydyr bir ýaman pygylly kişi
biziň neberämize betdoga okapdyr. Şonuň üçin biziň neberämiziňki diňe gaýtgynyna. Bu pelekde adalat ýok.
Hana, Keski Kelew! Gör, ol öz döwründe näçe kişä ýamanlyk etdi. Siz toý edeniňizde Şamäligiň öňüne düşüp
gelen, sekiz müň bigünä bendäniň ölümine sebäp bolan hem Keski Kelew bolmaly. Seniň babaň ölümine-de
şol sebäp boldy. Mundan bir hepde öň ol meniň ýanyma gelip gitdi. Afrasýap şalygynyň emiri eken, wezir
eken ol. Baýamak baýapdyr. Keski tetelliler-ä baýaýar, bizem dişimiziň suwuny sorup otyrys. Ol maňa
ýigrimi çelek çakyr getiripdir, getirensoň, men onuň çakyrlarynyň baryny hendege dökdüm. Men bilýän, onuň
getiren çakyry – zäherli bolmaly. Ol meni öldürjek bolýar.
– Ol siziň dostuňyz ahyryn!
– Men onuň bilen hiç wagtam dost bolan däldirin. Ol Abdylmäligiň dostudy.
Altynjan durmuşa çykanda Keski Kelewiň getiren çelek-çelek şerabyny ýatlady. Ol çelekleri Abdylmälik
han Janahyr halwaçynyň islegi boýunça ýere gömüpdi. Ol çelekler şindem gömülgi ýatan bolmaly.
– Gazanpar Takyň güni nähili?
Halwaçy uludan demini aldy:
– Meniňkiden başgalaryňky gowy.
– Ýogsa-da, Janahyr daýy, Anuşirwan dagy köpeldi. Göwheraýyň ýagdaýy, çagasynyň ýagdaýy gowy.
– Hany, olar?
– Nesip bolsa, şu gün ýa ertir gelerler.
– Ýok, ýok, gyzym gelmesin. Men gyzymdan geçýärin. Maňa onuň ýaly gyz gerek däl, gelse, diňe
giýewim gelsin!
– Wa-weýla, näme boldy?
– Näme bolandygyny bilýänsiň, aýdandyr ol aýjyn.
– Ýok, Göwheraý aýdanok.
– Aýdandyr, aýdandyr.
– Nämäni?
Halwaçynyň birden ýüzi ýagtyldy:
– Nämedigi ýadymda ýok häzir meniň. Garrasaň, huş galmaz eken.
– Ogul agtygyňyz boldy. Adyna Tümen daýymyň adyny dakdyk.
– Kimiň?
– Tümen daýymyň adyny dakdyk: Tümen.
Janahyr halwaçy sesini çykarman, başyny aşak salyp esli salym durdy.
Altynjan hatyn gaýtjak bolanda Janahyr halwaçy kän-kän alkyşly sözler aýtdy:
– Altynjan melike, ömrüňiz uzak, işiňiz rowaç bolsun! Siziň gelendigiňizi, Şamäligi kowandygyňyzy
eşidip çoh hursant bolduk. Men bütin ömrüme halwa ýasap satdym. Düýn siziň gelendigiňizi eşidip, size
niýetläp ýörite halwa taýýarladym. Çoh süýji halwa bu, iýseňiz, hezil edinersiňiz. Biraz garaşyň, men häzir
size şol halwaňyzy getirip bereýin. Özüňiz geldiňiz – gowy boldy. Ýogsam özüm baryp, elin gowşuraýyn
diýip otyrdym.
Janahyr halwaça jan-gaýrat geldi, süňňi ýeňil gopdy, yh-çohlap duran goja ylgap diýen ýaly gitdi. Sähel
salymdanam ak düwünçekde halwa getirdi.
– Towakga edýärin, Altynjan melike, iýiň, hökman iýiň! Agzyňyzda erär durar. Goý, giýewim
Anuşirwan bilen Göwheraýam iýsin. Agtygyma-da dadyryň, hezil ederler.
– Taňryýalkasyn, halwaçy daýy!
– Çoh süýjüdir, çoh datlydyr. Bir iýseňiz, soňam iýesiňiz geler durar. Isleseňiz, men soňam ýasap
bererin.
– Taňryýalkasyn! Anuşirwan daga-da bererin!
– Beriň, hökman beriň. Hökman dadyp görsünler.
– Siz meni rahatlandyrdyňyz, halwaçy daýy. Menden kine saklap ýörensiňiz öýtdüm.
– Ýok, men kine saklaýan adamlardan däl!
Altynjanyň aty tebil tapdy. Halwanyň ysy, megerem, ata hoş ýakan bolarly, ol halwaly düwünçege
bakan boýnuny uzatdy, jylawdan berk çekilýändigine seretmezden zol-zol agzyny açyp, halwaly düwünçege
bakan omzady.
Altynjan halwaly düwünçegi Kabyla berdi. Şondan soň ýola düşüldi.
Janahyr halwaçynyň keşbi Altynjanyň aňyndan ýolboýy aýrylmady. Näme üçindir, halwaçy Altynjana
syrly göründi. Ýogsam arada üýtgeşik gürrüň-de bolmady.
Zamahşara gelenlerinde Altynjanyň münüp gelen bedewi ýene halwaly düwünçege boýnuny uzadyp,
zol-zol hokrandy.
– Kabyl, meniň atyma bir tokga halwa ber – diýip, hatyn atdan düşdi.
At wagşyýana ses edip, halwany iýdi.
Halwanyň ýakymly ysy bardy. Bu ys hoşuňa gelýärdi, işdäňi açýardy.
Ata bir tokga halwa beren Kabyl özi hem iýmek üçin düwünçekden ikinji tokgany eline aldy.
Ol halwany ýaňy agzyna ýetiriberende Altynjanyň aty pasyr-pusur ýatdy.
Bu ahwalaty gören Altynjan Kabylyň eline kakdy:
– Saklan! Iýme!
– Näme boldy?!
– Halwa zäherli!
Halwadaky awy gaty güýçli bolmaly, at janawer aýagyny birki gezek hereketlendirip, hokranyp, derrew
jan berdi.
Altynjan tas uly betbagtlyga elten halwaly düwünçegi Kabylyň elinden kakyp aldy-da, honda zyňdy.
– Eý, Hudaý, bu nähili ahwalat boldy? Teý akylyma syganok meniň. Teý ynanyp bilemok. Wa-weýla,
men adam tanamaýan ekenim. Men halwaçyny bütin ömrüne perişde ýaly hasaplaýardym. «Hydyr diýenim
hyrs çykdy» – diýip, Kabyl hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady.
– Menem tanamandyryn ony – diýip, Altynjan Kabylyň sözüni makullady.
Janahyr Geçdekini tutup getirmek üçin emir Dürnazar ýola düşdi.
***
Janahyr halwaçyny derýadan aňry geçjek bolup durka tutup, Altynjanyň ýanyna getirdiler.
Janahyr Geçdeki hälki sypaýy halwaçy däldi: gözünde wagşylyk, ýigrenç bardy.
– Eý, halwaçy, bu näme etdigiň seniň?!
– Bagty çüwen ganjyk diýerler saňa!
– Meniň bagtymyň çüwmeginden size zyýan gelenog-a?! Gaýtam, peýda gelýär!
– Bagty çüwen, kellesi şemally ganjyk! Näme üçin sen menden, meniň neberämden, meniň
ogullarymdan mertebeli bolmaly?! Näme üçin?! Öýümde seniň ýaly urkaçydan dördüsi bar. Näme üçin olar
seniň ýaly mertebeli däl? Näme üçin Abdylmälik sebite han boldy? Tümenjik näme üçin meniň üstüme
gygyrdy?! Ä? Näme üçin? Sebäp onuň bagty çüwdi. Ol menden baý boldy. Näme etsem, jezasy bolmaz
öýtdi. Eden etmişi üçin jezasyny alandyr ol menden.
– Äh-ä, daýymy öldüren, gör, kim eken?!
– Näme, onuň eden etmişi jezasyz galmalydymy?
– Siz oňa töhmet atypsyňyz.
– Sebäbini bileňokmy?
– Bilemok.
– Ol mençe akylly däldi. Men arap dilini bilýärin. Men sogd dilini bilýärin. Tümeniň welin, bilýän dili
ýokdy. Hudaý näme üçin sizi gowy görýär? Näme üçin? Näme üçin siz mertebeli hem baý ýaşamaly? Men
bütin ömrüme işledim. Bütin ömrüme! Gazanan zadym bolmady! Sen welin, adamlara haltalap dinar
paýlaýarsyň. Ýigrenýärin men seni! Ýigrenýärin!
– Eprikogullary neberesiniň başyna düşen kysmaty – betbagtlygy az gördüňizmi?
– Az, az! Wa-weýla, hasrat-a, Alla näme üçin Bugrajygy aman goýdy?!
– Ol size ýamanlyk etdimi?
– Ýamanlyk etdi!
– Näme?
– Onuň ýamanlygy neberesiniň işleriniň küşatlygy!
– Başga?!
– Näme, şuny az görýärsiňmi?
– Biz size hiç wagt azar bermedik ahyryn!
– Menden bagtly ýaşadyňyz. Işleriňiz mydama şow tapdy.
Dürnazar Altynjan melikä ýüzlendi:
– Altynjan, sen näme üçin munuň bilen gürleşip dursuň?
– Dur, dur, men düşünmek isleýärin.
– Ähli zat düşnükli. Tümen begi öldürende: «Men – Togrul!» diýip gygyranam şu halwaçy bolmaly.
– Men gygyrdym! Men! Öldür öldürýän bolsaň! Wah, men armanly ölmeli boldum. Armanym galdy,
armanym! Anuşirwan bilen şu urkaçyny öldüren bolsadym, onda bu dünýäde armanym galmazdy.
– Indi gyzyň Göwheraýy näme üçin ýigrenendigiň, ondan geçenligiň düşnükli: sen gyzyňa
Anuşirwany öldürtmek isläpsiň. Göwheraýam seniň bu islegiňe garşy çykan bolmaly – diýip, Kabyl Janahyr
Geçdekiniň alkymyna dykylyp bardy.
– Eýsem näme! Siz ýaly nejisler bilen guda bolmak isländir öýtdüňmi?
– Biz näme üçin nejis?!
– Nejis siz, nejis! Siz gyzymy azdyrdyňyz. Ol öň meniň sözümden çykanokdy. Başda ol maňa söz
beripdi. Soň sözünden dändi, heleýligini etdi. Wah, ol Altynjan bilen ärsumagyny öldüren bolsady!..
– Öldüriň! – diýip, Kabyl haşymlaryna buýurdy.
– Ýok, ýok, saklanyň! Muny öldürmäň!
– Näme, näme? Altynjan, saňa näme boldy?
– Maňa bolan zat ýok.
– Onda näme üçin: «Öldürmäň» diýýärsiň?
– Muny biz öldürmäli. Muny halkyň näleti öldürsin. Bu öz-özüni öldürer. Sen munuň gepläp duranyna
bakma! Bu eýýäm öli.
– O nähili öli?!
– Munuň ruhy bireýýämler ölüpdir. Teniniň ölmegine-de azajyk wagt galypdyr.
– Men-ä saňa düşünýän däldirin, Altynjan.
– Sen meniň aýdanymy et, Kabyl! Halwaçyny goýber. Goý, gitsin. Öz etini özi iýibem öler bu.
– Sen munda ynsap-iman bardyr öýdýärsiňmi?
– Kabyl, meni diňle! Halwaçyny goýber! Goý, gitsin! Galada gan dönülmesin!
Altynjan Janahyr halwaçynyň bolşuna gaty haýran galdy hem ömründe, megerem, ilkinji gezek ynsan
ýüreginiň aýrylmaz kiri bolan göriplik barada çyndan hem çuňdan pikir etdi.
Eýse nä, adamyň ýaramaz häsiýeti bolan göripligiň ýaşaýyş, rysgal, dereje ugrundaky göreşde tas
tebigy esaslary bar. Durmuş adamlaryň biri-birinden kem galmazlyk üçin edýän talaplaryna esaslanýar.
Günüň aşagyndaky orun üçin alnyp barylýan göreş adamdaky basdaşlyk duýgusyndan uç alyp gaýdýar.
Megerem, basdaşlyk diňe ynsana däl, eýse külli janly-jandara mahsusdyr. Her kim ýaşajak, her kimiň hut
özi Günüň edil öňünde orun edinmek isleýär. Islegleriň şeýle umumylygy, her kime-de degişliligi, deňligi
Alla tarapyn berilýän rysgalyň hem mal, wezipe, dereje, mertebe paýynyň deň däldigi bilen çapraz gelýär.
Şeýdibem basdaşlyk – tebigy göreş, ýaryş duýgusy göriplige ýazýar. Onsoň yzda galan, kem galan ynsanlar
özleriniň şeýle ýagdaýyny – kysmatyny adalatsyzlyk hasaplap, öňe çykanlara ýaramazlyklar edýärler. Bu
juda ýaramaz netijelere, uly erbetliklere alyp barýar.
Adamlaryň biri-birine edýän ýamanlyklarynyň bary göriplikden. Durmuş – paý, paýlaşylýan närse.
Paýlaşyk bar ýerinde basdaşlyk hem göriplik gutulgysyz zat. Özgä göriplik etmeýän adamdan hiç mahal
erbetlik çykmaz. Göripden bolsa gowulyga garaşma. Adam arasyny dil däl, gara ýürekler bozýar. Durmuş
dowam etse, ýaryş bolar, ýaryş bar ýerinde basdaşlyk bolar, basdaşlygam göriplige geçmän bilmez. Eý, Alla,
bu erbetlik gowulyk ýaly hemişelik diýmek bolýar!
***
Halwaçy yzyna garaý-garaý gitdi.
Göwheraý gözüne ýaş aýlap, Anuşirwan bilen Altynjanyň duran ýerine geldi:
– Men ähli zady eşitdim. Bu zatlardan soň men ýaşamak islämok. Maňa iň soňky hemaýatyňyzy
ediň! – diýip, Göwheraý goltugyndan çykaran hanjaryny Anuşirwana uzatdy.
Howlynyň içinde adam kändi, olaryň galabasy mufratlardy, serkerdelerdi, hyzmatkärlerdi.
Olaryň ählisiniň nazary Anuşirwan bilen Göwheraýdady.
Göwheraý gujagynda saklap duran ogluny eda bilen ýerde goýdy, soňam kybla bakyp, kelemesini
öwürdi.
Anuşirwan Asmana seredip biraz salym durdy, birdenem aýylganç gygyryp, hatynynyň
towakgasyny bitirdi.
Ýerde ýatan çagajyk aýylganç bir zadyň bolandygyny aňan dek aglamaga başlady.
Altynjan çagajygy ýerden göterip elewredi:
– Çagajyga – Tümen daýyma el degirme!
– Ýok, ýok, lalam! Siz maňa bu gezek garşy çykmaň! Men siziň pendiňizi tutman, uly ýalňyşlyk
goýberdim. Indi şol ýalňyşlygy düzedeýin. Şol ýalňyşlyk bilen baglanyşykly arada hiç bir zat galmasyn!..
***
Togrul beg Horezmini öz tabynlygyna geçirip, Çagry beg bilen Merwe dolandy. Iki dogan bir
aýlap meýlisde boldy.
Çagry beg Alparslanyň üç ýylda lalalykda bolup, kämil çykandygy üçin Togrul bege
minnetdarlyk bildirdi.
Togrul beg Merwde diňe bir dynç almady, ol ýerden söwda ýollaryny gowulandyrmak, olary
peýdaly bolar ýaly etmek üçin nämeleriň zerurdygy hakda Çagry beg bilen pikir alyşdy. Birnäçe anyk
netijä geldiler: nirelerde rabat, kerwensaraý gurmalydygynyň geňeşini etdiler. Bu ugurdan üç ýüzden
gowrak adamyny wezipä bellediler.
Merwden günorta gidýän ýoluň ugrunda – Balhda, Murgabyň kenary boýunça Faz Mehbiabatda,
Karineýnde (häzirki Ymambabada); Merwiň töwereklerindäki Ashabatda, Oguz handa; Kasr-Ahnafda,
Merwerrudda; Merwden Jürjaniýa gidilýän ýoluň ugrunda – Hurmuz, Farra (häzirki Kişmandepe şäherçesi)
şäherinde, Saýfina sährasynda; Jeýhun derýasynyň Amuldan soňky akym ugrundaky şäherlerde – Wizada,
Mardusda, Asbasda, Saýfinada, Tahyriýada, Jigerbentde, Darganda, Sadywarda, Hazaraspda; Jürjaniýadan
Ýewropa gidilýän ýoluň ugrunda – Kätde, Jürjaniýada, Zenjanda (Bab-at-Türkmen), Habapda, Üstýurtda,
Çinkde, Embuda; Merwden Dehistana barýan ýoluň ugrunda – Mehnede, Abuwertde, Nusaýda, Şähristanda,
Dehistanda; Merw – Nyşapur ýolunyň ugrunda – Sarahsda, Uşturmaganda, Tilsitanedide, Daňdanakanda,
Genigirdde; şeýle hem Merwden bir menzillik uzaklykdaky Diwan, Tahmalaj, Mansaf, Ahsa, Osman, Akyr
şäherçeleridir kentlerinde, galalarynda täze kerwensaraýlary, kabaleleri – söwda merkezlerini gurmak karar
edildi. Bu gurluşyklara sahyplyk etmek degişli häkimlere tabşyryldy.
Şalygyň umury sedaratynyň sahyplygyna bellenen Dodurga Merweziniň asly Merwdendi. Merwde
onuň mülki, ümürsin baglyga çümüp oturan köşgi bardy. Togrul beg Merwde bolan günlerini Dodurga
Merweziniň kaşaň köşgünde geçirdi.
Dodurga Merwezi – sowatly, ylymly adamdy, agrasdy, dymmady, kanunçyldy. Kanunçyllygy üçinem
ony käbir wezir-wekiller halap baranokdy. Ol söhbetdeşliklere-de goşuljak bolmazdy, toý-meýlisde,
söhbetdeşliklerde hiç kime goşulman başyny aşak salar oturardy.
Onuň ümi alyşýan ýeke bir adamy bardy, ol Togrul begdi. Ol bege düýrmegi bilen berlendi, edýän
işine, Togrul bege wepalydy, köşkde iň owadan ýazýan hatdat hasaplanýardy.
Dodurga Merwezi begzada neberesindendi, hatyny hem begzada neberesindendi. Olaryň iki ogly bilen
dört gyzy bardy.
Altynjan olarda bolan günleri sahybyň hatyny, gyzlary bilen ýakyndan tanyşdy. Ol bir gün sahybyň
üçünji gyzy Gülaýymyň elinden şapba tutdy:
– Gülaýym, meniň saňa synym oturdy, sen meniň oglumyň gelni bolarsyň.
Derrew Anuşirwany tapyp getirdiler.
– Oglum, men saňa gelinlik tapdym.
Anuşirwanyň aňyndan Göwheraý aýrylanokdy, öýlenmek hakda entek pikir hem etmändi. Özüne galsa,
Dürnazar sahybyň Dilber diýen gyzyna öýlenmekçidi, ýöne käbesine: «Ýok!» diýip garşy çykyp biljek
däldi, ol näme etse, näme diýse ylalaşjakdygy gaty çynydy.
Anuşirwan özüne zor salyp gürledi:
– Käbäm, gaty owadan gyz saýlapsyňyz.
– Saňa ýaradymy?
– Ýarady, käbäm, ýarady.
Altynjan Togrul beg bilen Dodurga Merwezä Gülaýym üçin söz aýtdy.
***
Toý uludan tutuldy. Ol ýedi gije-gündizläp dowam etdi.
Altynjan eden işinden razydy.
Ol Allatagalanyň özüne eçilen ýazgydyndan hem çäksiz razydy. Merwden Reýe gaýdylanda
Zamahşarda bolan wakalary ýolboýy hakydasynda aýlady. Zamahşarlylara nepiniň degendigine,
hemaýat edendigine, ata-enesine degsin edip sadaka berendigine öz ýanyndan buýsandy.
Altynjan bimahal teblehananyň demirgazyk tarapyndaky sütüniň aşagyna gömen gamçysyny-da
tapyp aldy, ony bege görkezdi. Togrul beg gamçyny gören dessine tanady:
– Şonda sen bu gamçyny menden näme üçin aldyň? Urmak üçinmi?
Altynjan utançly baş atdy:
– Başky pikirim ar almakdy, ýöne gözleriňize gözlerim düşende süňňüm lagşady gitdi.
Är-aýal gülüşdi.
Olar geçen günleri ýatlap, «Niredesiň Reý?» diýip ýola düşdüler.
Altynjan hatyn bedew atyny Togrul begiň sol tarapyndan sürüp barýardy.
Indi onuň durmuşynda täzeçe ýaşaýyş başlandy.
Ýa Hudaý, özüňden medet!
On altynjy hekaýat
TALAŇ SAÇAGY
u gün nowruz!
u gün täze ýyl!
Her ýyl hutuň1 girmegi bilen nowruz – täze gün, täze ýyl başlanýar.
Täze ýylyň başlanýan güni – şalykda, esasan hem, köşkde köp-köp täzelikleriň başlanjak, yglan ediljek
güni!
Köşk emirleri, wezir-wekiller bu güne barmak büküp sanap garaşdylar. Çünki Togrul beg öz öýünde
her ýylyň nowruz güni ähli ýakynlaryny, köşk emirlerini çagyryp, uly toý berýär: talaň saçagyny toýuny2
geçirýär.
Wagt geçse-de, döwür-döwran özgerse-de, Oguz handan başlangyç alan talaň saçagy toýy üýtgänokdy,
özgerenokdy, ýöne ikinji müňýyllygyň başynda ynsan tebigatynda üýtgän, özgeren zatlar köp boldy.
Döwür görnetin üýtgeýär. Şu güne çenli adam adamyň guludy. Indi adam baýlygyň guluna öwrülýär.
Adam adamdan tapýan wepasyny baýlykdan taparmykan?!
B
***
Bu gün täze ýyl!
Täze ýyl – maksadyňa, ömrüňe ser salynýan gün!
Altynjan geçen nowruzdan bäri durmuşynda bolan özgerişlikleri birin-birin göz atuwyndan
geçirdi.
Geçen nowruzdan bäri onuň durmuşynda nämeler boldy?!
Ol Zamahşara dolandy!
Zamahşara!
On ýyldan soň Zamahşar galasy ýene Abdylmälik ibn Bugrajygyň neberesiniňki, has takygy,
Eprikogullary neberesiniňki boldy, ýöne indi ol ýerde ýaşara Abdylmäliklerden hiç kim ýok. Kim
ýaşasyn?! Kabylmy? Ol Togrul begiň ýanyndaky ýaşaýşyny gowy görýär. Sadyllanyň öz dünýäsi bar.
Ol Zamahşara barmak islänok. Şamälik kowlandan soň, Sadylla Nyşapurdan Jürjaniýa gitdi. Ol
ýene öňki medresesinde mederrislik edýär.
Tüweleme, ol üç ogluň, iki gyzyň atasy boldy. Bir aý mundan owal ol ikinji hatyn edinmek
isleýändigini aýtdy. «Oguzlar – ot, olary bir hatyn kanagatlandyrmaýar, olara iki hatyn gerek!»
Altynjan muňa garşy çykmady,
Goý, şeýle bolsun!
***
Altynjan bir ýylyň içinde köp darkaşa gatnaşdy. Özem samsam ýatagany bilen gönüden-göni
darkaşa girdi. Gör, näçe ganymyň janyny jähenneme ýollady.
Megerem, Togrul patyşa talaň saçagy sebäpli hatynym Altynjan gynanar öýdýän bolarly, bir
ýylyň içinde edilen işleri birki gezek sanap berdi. Görüp otursa, bir ýylyň içinde örän köp iş
bitirilipdir!
Togrul beg gaty kän sebitleriň, welaýatlaryň, şäherleriň, kentleriň, galalaryň seljuk şalygyna
tabyn bolandygyny, şeýle hem beýtilmalda näçe kurur dinaryň, dirhemiň bardygyny aýdýar welin,
şükürler edýärsiň. Bu diňe Perwerdigär ýalkanda şeýle bolýar.
Beg: «Eger talaň saçagy toýuny etmedik bolsak, Allatagala bize beýle jomartlyk bilen eçilmezdi»
diýip nygtaýar. Bu pikir Altynjana makul görünýär.
Adam pahyr hemişe öz paýyna düşeni az görýär, özgäniňki özüniňkiden has köpdür öýdüp pikir
edýär. Tas her bir ynsana mahsus bolan bu gylyk edil özge adam häsiýetleri ýaly, häkimlige täsir edýän
zatlaryň biri. Häkimlik diňe bir adamlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny däl, eýse olaryň häsiýetlerini hem
çyl-para açýar. Islegler, niýetler, päller, hyýallar hem duýgular häkimlige gatnaşykda aýan bolýar, onuň
ykbalyna oňat hem ýaramaz tarapdan täsir edip durýar. Gadymy oguzlar şu hakykata uly ähmiýet berip,
adamlaryň içki niýetleriniň, boluşlarynyň jemgyýetiň ýaşaýşyna edýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin,
talaň saçagy diýen dessury oýlap tapypdyrlar: ýylyň belli bir gününde han öňünden yglan edip, öz öýüni
adamlaryň ygtyýaryna berýär. Adamlar ol öýden öz alyp bilen zadyny alybermeli. Megerem, her gezekki
talaň saçagyndan soň, adamlar-a öňküden rahat, han bolsa öňküden öz häkimligine has ynamly bolýandyr.
Sebäbi mähelläniň: «Maňa az ýetdi, maňa az ýetdi» diýip urýan ýüregi hanyň zadyndan özüne-de paý
ýetensoň, ynjalýandyr. Allatagala patyşa berýär, patyşa-da adamlara berýär. Şeýdip, Allanyň bermedigini
adamlar handan alýarlar. Ýürekleri ynjalyk tapýar, duýgulary köşeşýär.
Talaň saçagy oguzlarda halk bilen hanlygyň biri-birine düşü­nişýänliginiň, ynanyşýanlygynyň alamaty,
dessury bolupdy. Togrul beg bu däbi doly berjaý edýärdi. Adamlaryň patyşadan öz paýyny alyp galmak islegi
ýerine ýetenden soň, häkimligiň öňküdenem berkejekdigini ol oňat bilýärdi. Şonuň üçin her gezek talaň saçagyna
ol öz patyşalygyny berkitmek işine taýýarlyk gören ýaly taýýarlanýardy. Altynjan bu işe Togruldanam işjeň, içgin
hem gyzyklanma bile taýýarlanýardy. Ol hem Togrul ýaly adamlara ýagşylyk etmekden çäksiz lezzet alýardy. Zat
berip, onuň deregine has uly zeruryýeti – ynamy alsaň, bu söwdada utdugyň bolmazmy?! Püçek berip, ýüpege eýe
bolmak akyllylykdan ahbetin!
***
Daňdan Togrul beg Altynjana ýüzlendi:
– Altynjan, täze ýyl düşümli bolsun! Allatagala saglyk bersin, rowaçlyk bersin!
– Agzyňyzdan Hudaý eşitsin, begim! Alla uzak ýaş bersin!
– Seniň bu ýylky altyn-kümüş şaý-sepleriň öňki ýyllardakydan, eger ýalňyşmaýan bolsam, has köp
boldy.
– Geçen ýyl iki sandykdy. Her sandykda hem iki batman3 şaý-sep bardy. Hudaýa şükür, bu ýyl diňe
hedýe-engam berlen altyn-kümüş şaý-sepler alty sandygy doldurdy.
– Gynanýarsyňmy? – diýip, Togrul beg ýylgyrjaklady.
– Dogrymy aýtsam, gynanmanam duramok.
– Allatagala ýene, enşallasa, biriňi iki edip berer.
– Ylaýym, şeýle bolsun!
Her ýylyň nowruzynda edişleri ýaly, är-aýal öýlerindäki zatlary birin-birin gözden geçirmäge başlady.
Özem jamehanadan başlady.
***
Günortandan tä ýarygijä çenli dowam etjek toý üçin taýýarlyk görülýärdi.
Gassaplar mal soýmaga ýarygije girişipdiler.
Ýüzden gowrak gassap ýetişibildiginden baga bakylan öküzleri, goýunlary soýup, hansalara
tabşyrýardylar. Kakmaç­dyr çişlik bişirmäge, et gowurmaga, başga-da dürli-dürli etli tagamlary
taýýarlamaga ökde adamlar bardy. Hansalar bilen emir çaşnigiriň ygtyýarynda müňe golaý adam işleýärdi.
Olar soltanyň şu günki zyýapatyna geljek myhmanlaryň gowy iýip-içmegi üçin dürli tagamlary taýýarlamak
bilen başagaýdy.
Bu günki zyýapata üç müňden gowrak myhman gelmelidi. Mundan-da başga şäheriň alty ýerinde sadaka
bermek üçin taýýarlyk görülýärdi.
Bu gün tutuş Reý şäheri toý toýlaýardy.
Jarçylar köçeme-köçe aýlanyp, şu gün Togrul soltanyň talaň saçagy toýuny, ýagny rysgal toýuny
berýändigini, bu toýa uzak ýerlerden myhmanlaryň gelendigini, hiç kimiň bu toýdan çetde galmaly däldigini
jar çekýärdi.
***
Bu mahal Togrul beg bilen Altynjan melike özleriniň iň ýakyn adamlaryny yzlaryna tirkäp, öz öýleri –
otaglary, goş-golamlary bilen tanyşdyryp ýördi.
Altynjan hatynyň ýanynda soltanyň wezirleriniň hatynlary, şeýle hem Kabylyň, Anuşirwanyň hatynlary,
akgyzlary bardy, ol olara özüniň jamer-jüpbelerini4, altyn şaý-sepleriniň nirelerde durandygyny birin-birin
görkezýärdi.
***
Günortanky namazdan soň toý başlandy.
Giden açyk meýdan toýa gelen myhmanlardan ýaňa myg berýärdi.
Adamlar jem bolup, buýsançlaryny mälim edýärdiler:
– Togrul bege salamat bolsun!
– Togrul bege salawat bolsun!
– Togrul bege sahawat bolsun!
Myhmanlary öz gulluk derejeleri boýunça aýry-aýry düşeklerde oturdýardylar. Togrul beg üçin
taýýarlanan sypanyň ýakynyndaky düşeklerde wezir-wekiller, ilçiler, sahyplar oturmalydy.
Saçaklaryň üsti her hili nazy-nygmatlardan doludy. Togrul begiň gelip: «Nahara başlaberiň!» diýen
sözüne garaşýan myhmanlaryň köpüsi hyrydar gözlerini saçakdan aýranokdylar.
Togrul beg köşgünden çykyp, uzakdan gelen myhmanlar bilen ýeke-ýekeden salamlaşyp, hal-ahwal
soraşmaga başlady.
Myhmanlar, toýda hyzmat edip ýören hyzmatkärler, tertip-düzgüne gözegçilik edýän jandarlar birsyhly
gygyrýardylar:
– Togrul bege salamat bolsun!
– Togrul bege salawat bolsun!
– Togrul bege sahawat bolsun!
Togrul beg hatar bolup duran adamlar bilen salamlaşyp, özüniň oturmagy üçin niýetlenilen ýere bardy.
Togrul begiň hatyny, nedimi, naýyby Altynjan melikäniň gelýändigi jar edildi.
Myhmanlar Altynjan melikäni hatyraladylar:
– Altynjan hatyna salamat bolsun!
– Altynjan hatyna salawat bolsun!
– Altynjan hatyna sahawat bolsun!
Altynjan melike lowurdap duran gyrmyzy zer eşikde yzyna kyrk akgyzyny düşürip, begiň garaşyp
duran ýerine bardy.
Togrul beg hatynyny gülerýüz bilen garşylady, onuň oturmaly ýerini görkezdi.
Togrul begiň egin-eşigi juwar akdy.
Altynjan hatynyň eşigi goýy gyrmyzydy, aldy.
Togrul begiň ak, hatynynyň gyzyl eşikdeligi olara biçak gelişýärdi, olara seretdigiňçe seredesiň
gelýärdi. Toýa gelen myhmanlar Togrul bege, Altynjan hatyna buýsanç bilen seredýärdiler.
Togrul beg hatyny bilen beýik sypada jaýlaşykly oturansoň, ýanyndakylara ýüzlendi:
– Başlabereliňmi?
– Siziň rugsadyňyza, nahara «bismilla» edip bermegiňize garaşýarys – diýip, dumly-duşdan seslendiler.
– Byradarlar, toýa uzakdan-u-ýakyndan gelen myhmanlar! Hoş geldiňiz! Bu gün hijri-kamaryň hutuna
ýetdik. Täze ýyl. Täze ýylda her kişi geçen nowruzdan bäri eden işlerini Allatagalanyň mizanyna goýmaly.
«Geçen nowruzdan şu güne – şu nowruza çenli nähili sogap işleri etmäge ýetişdim?!» Ine, şu sowaly her
kim, ilki bilen, özüne, soň çagalaryna, hatynyna, öz garamagyndaky adamlara bermeli. Biz geçen
geňeşimizde wezir-wekiller bilen jemlenişip, döwletimiziň bitiren sogap işlerini gözden geçirdik.
Byradarlar, geçen nowruzdan bäri bitiren sogap işlerimiz az bolmandyr. Men ol bitirilen işleri birin-birin
sanap, tagamy garaşdyryp oturmaýyn. Şu günki saçagyň başynda ýat adam ýok. Ählisi seljuk döwletiniň
rowaçlygy üçin bütin başarnygy bilen yhlasly işläp ýören byradarlar. Bu ýerde oturanlar şalygymyzyň
bitiren uly-uly işlerine gönüden-göni gatnaşan, ýolbaşçylyk eden adamlar! Bu ýerde oturan adamlar geçen
bir ýylyň dowamynda köp-köp sogaplary gazanan adamlar! Bu ýerde oturan adamlar seljukly döwletiniň
rowaçlygy üçin gerek bolsa şirin janyndan geçmäge taýýar adamlar! Agzymyzyň birligi, bir sünni maksady
ugrundaky işlerimiz Allatagalanyň dergähinde ýalkaw alýar. Biziň baş maksadymyz gäwürleri toba
getirmek, olary musulman eýlemek, öz aralarymyzdaky ilata zulum edýän käbir kişileri bet pygyllaryndan
saklamak, şeýdibem Allatagalanyň eçilen bäş günlük ömründe her bir raýatyň parahat, erkin, bol
ýaşamagyny gazanmak. Ähli ýerlerde biziň bu tutumlarymyzy oňlaýarlar. Biziň bitiren işlerimizde şu
oturanlaryň her biriniň belli bir paýy bar. Goý, öňümizdäki ýyl has pazylatly ýyl bolsun. Häzir umury
sedaratyň sahyby Gurhan okasyn, soňundan nahara başlalyň.
Umury sedaratyň – döwletiň ýolbaşçylaryny taýýarlaýan hem olaryň işleýişlerine, kämillik derejelerine
jogap berýän gullugyň sahyby Dodurga Merwezi tagamyň hormatyna Gurhan okady. Şondan soň Togrul
begiň bissimillasy bilen nahara başlanyldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 35
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.