Latin

Altynjan hatyn - 43

Total number of words is 3771
Total number of unique words is 1940
33.8 of words are in the 2000 most common words
47.7 of words are in the 5000 most common words
55.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sebäpli ýalydy. Bu derdiň öňem bardygy hakdaky sözi ol özüniň köşeşmegi üçin tapylan bir söz hasaplady.
Aslynda welin, beg hakykaty aýdýardy.
Togrul begiň özem üznüksiz akýan gany saklamagyň aladasy bilendi. Ol boýnuna, maňlaýyna,
ýüzüne ýetişibildiginden gar sürtdi. Barybir, ganyň şol bir akyp durşudy. Gan Togrul begiň agzyndan, sag
gözünden akmaga başlady. Bu ahwalaty gören Altynjanyň dili tutuldy. Derrew tebip çagyrylyp getirildi.
Begiň ýaşlyk dostlary Mübärek bilen Dürnazary çagyryp getirdiler. Olar begiň burnundan ganyň
akýandygyny görüp aljyrap durmadylar, gaty arkaýyn olar. Degişýärler, gülüşýärler.
Olaryň arkaýynlygyny Altynjan halamady.
– Howlugyň-a, gan akyp dur-a!... – diýip, ol biygtyýar janykdy.
– Merhemetli melike, odanma, hiç odanma, bege hiç zat bolmaz. Onuň häzir burnunyň ganamasynyň
hikmeti bar – diýip, Mübärek myssa ýylgyrdy.
– Hikmetini bilýärsiňmi? – diýip, Dürnazar Altynjana ýüzlendi.
Altynjan başyny ýaýkady. Dogrusy, bu mahal onuň hikmet diňläsi gelenokdy. Onuň bar pikiri-aladasy
begiň burnundan akýan ganyň durzulmagydy. Geň, begiň özem arkaýyn. Ýüzünde birjik-de howatyr-alada
ýok.
– Hikmeti ýönekeý onuň: beg bu dünýä Masut soltan ýaly dynç almaga, göwün hoşlamaga däl-de,
sogap gazanmaga, göreşmäge geldi. Alla onuň dynç almagyna ýol bermek islänok.
Dürnazar bilen Mübäregiň arkaýyn bolmasynyň sebäbi bu ahwalatyň birinji gezek däldigi üçindi. Olar
özleriniň ökdelän işine girişdiler. Begiň burnundan gan akmasy saklandy…
Eý-ho, ol günden bäri, gör, näçe aý, gör, näçe ýyl geçipdir!
Ýadyň üýtgeşik bir häsiýeti bar. Ol käbir möhüm zatlary unudýar, «öçürýär» ýöne käbir wakalary
welin, näçe wagt geçse-de, teý ýadyňdan aýrylmaýar. Aýratyn hem ýaşlykda bolan wakalar ýatda galgyç
bolýar. Ol wakalar könelmeýär.
Oýtakda Togrul begiň burnunyň gananyndan bäri ýigrimi ýyldan gowrak wagt geçipdir, ýöne ol dek
düýn bolan waka ýaly, Altynjan hatynyň hakydasynda oraşan dur.
Altynjan oýtakda bolan wakany, umuman-a, Garagumda geçiren on iki gününi ýatlamakdan çäksiz
lezzet alýar. Özem ol waka, köplenç ýola düşülende ýada düşýär.
On üçünji hekaýat
SABYR KYLAN GÖGE
ÝOL TAPAR
ltynjan özüne teselli bermek maksady bilen Togrul beg bilen baglanyşykly geçen ömür
ýoluny, ilkinji nika gijesiniň – Zamahşar gijesiniň aýylgançlygyny, Garagumda begiň burnunyň
ganyny durzup bilmän kösenişlerini, Bagdatda geçen günlerini ýatlamaga çalyşdy, özem telim
ýola çalyşdy, ýöne bolmady. Ähli ýatlamalaryň uşlyby soltanyň Wasyt babatda aýdan syrly teklibine sapdy.
Altynjan soltanyň sözlerinden many agtardy. Ol her hili ýagşy-ýaman pikirleriň içinden diňe bir pikirde
saklandy: soltan hatynyna Wasyt welaýatyny mülk edip berenine – makul, dürs iş edendigine uçursyz
begenýär. Onuň Wasytda – birmahalky büweýh, kaku nesilşalyklarynyň soltanlarynyň dynç alan ýerlerinde
mähriban hatyny bilen ikiçäk gezelenç edesi, dynç alasy gelýär, ýöne onda dynç almaga wagt bolanok. Ol
öň ençe gezek: «Altynjan, gel, bir gün hiç kime aýtman seniň mülküňe gaçyp gideli. Ol ýerde hiç kime
görünmän jukguldaşyp ýaşaly. Ynan, soltanat işlerinden halys usurgadym. Dünýäni unudyp dynç alasym,
ýatyp-turasym gelýär. Ynansaň, käteler hiç kimi hem göresim gelenok. Ýanymda jandarlar hem bolmasa
diýýärin. Oba adamlaryny görenimde olara gözüm gidýär. Olaryň bar aladalary garynlary. Başga hiç hili
alada ýok olarda. Ýöne gerdun pelegiň aladasy meniň gerdenimde. Birsydyrgyn ýaşaýyş adamy, hernäçe
gowy bolsa-da, irizýän eken. Soltanlyk tagtyna geçenimden, ähli zada ygtyýarym ýetip ugranyndan soň,
meniň üçin pelegiň manysy gaçdy. Çünki men öňümde goýan maksadyma, ömrümiň manysyna ýetdim. Öň
öňümde garşylyk bardy. Indi meniň bilen darkaş gurup biljek güýç ýok. Adamyň pelekde gyzygyp
ýaşamagy üçin öňünde garşylyk bolmaly eken, öňünde güýç bolmaly eken. Özüň pikir edip gör, men nämä
ymtylyp ýaşaýyn?! Musahhar kylmagamy? Ýedi yklym biziň tabynlygymyza geçensoň, musahhar
kylmagam öňküsi ýaly lezzetli däl. Kim düşünmese-de, meniň içki ahwalatyma sen düşünmeli, Altynjan.
Men durmuşymda düýpli bir öwrülişik isleýärin. Men tagtymy Dawudyň ogly Süleýmana bermekçi. Ol
akylly, pähimli. Eýýäm ýigrimi ýaşady. Onuň bir kemi bar, ol kemi hem dünýewiliginde, ylma aşa ýykgyn
edýänliginde. Onda, arman, patyşalyk däl-de, wezirlik parasady bar. Şeýle-de bolsa, men Alparslany däl-de,
Süleýmany tagtymda oturtjak. Ol ikimizi hiç zada mätäç etmez» diýdi.
Altynjan Togrul begde biri-birine asla meňzemeýän iki soltany görýärdi. Ol soltanlaryň her birine
Altynjan öz ýanyndan at hem dakypdy.
Birinji soltanyň ady Hökümdardy.
A
Ikinji soltanyň ady Howandardy.
Altynjan bilen ýürekdeş gürleşýän Howandar soltandy.
Hökümdar tagtynda çep elinde üç altyn peýkam bilen altyn ýaýyny, sag elinde bambuk agajyndan
ýasalan, ujuna sap altyndan iki kelleli bürgüdiň ýylan tutan şekilli tugrasy goýlan hasasyny saklap oturmagy
gowy görýär. Oňa ýedi yklyma hökmürowan bolmak azlyk edýär. Ol her gün öz goşunbaşylarynyň täze
şäherleri, welaýatlary petih edendikleri baradaky habarlaryny diňlemäge howlugýar. Soltan ähli kişiniň
özünden gorkmagyny, aýagyna ýykylmagyny, tagzym etmegini isleýär. Onuň panydan alýan ýeke-täk
lezzeti – şäherleri, şalyklary, oba-kentleri teshyr kylmak, seljuk türkmenleri diýen adyň äleme dolmagy,
teshyr eden şäherlerinde öz adamlaryny emir bellemek. Kätip onuň agzyndan çykan her bir sözi ýazmaly. Ol
bolsa kimi haýsy wezipä belleýändigini aýdýar. Hökümdar adamlara näçe hak eçilse, kätip ony dessine
hasaba alar. Onsoň perman kitaba giriziler.
Täze ýerleri akyn kylmak üçin ata atlanmak – iň aňrybaş lezzet. Ýoluň alyslygy Hökümdary
usurgatmaýar, gaýtam, hökümdar ýoluň alyslygyndan lezzet alýar.
Ýolda ýat-ýat obalaryň, şäherleriň deňinden geçerler:
Hökümdar wezirden sorar:
«Bu oba haýsy oba bolar?»
Weziriň jogaby nagtdyr:
«Bu oba pylan obadyr, soltanym! Bu oba Muhammet Togrul beg soltan bin Mykaýyl bin Dukaka,
ýagny size tabyndyr, siziňkidir, hezreti soltanym!»
«Metjitleri barmydyr?»
«Metjitleri bar, hezreti soltanym. Obanyň adamlary her juma güni üýşüşip, siziň adyňyza hutba 1
okaýarlar».
Hökümdar her söweşden soň oljalary görmäge geler. Eger oljalar az bolsa, onda derrew gider, emma kän
bolsa, onda hökman oljalaryň ýanynda oturar. Käbir oljalary elleşdirip görer, synlar. Dinarlary howlukman
sanap çykar, ýöne näçedigini aýtmaz.
«Ähli olja alnan zatlaryň atlaryny hem sanyny şu gün maňa ýazmaça eltip beriň!» diýip, hökümdar
buýruk berer. Soňam gitmez, öz adamlarynyň oljalary hasaba alşyna syn eder, olara düzedişler girizer. Her
bir olja paýlaşygynda oljanyň soltanyň paýy – hums hakda ýanyndakylara ýatladar.
Hökümdar – rehimsiz, gazaply, haýbatly, gaharly. Onuň gazabyndan, gaharyndan Hudaý saklasyn!
Gahary gelse, ol seni kerçem-kerçem eder. Altynjan begiň gazabyny görende käteler Omar atabegiň
ýunanlardaky kentawr hakdaky gürrüňini ýatlaýar: «Kentawryň ýarpy göwresi – bilinden ýokarysy
adamyňky, galan göwresi, bilinden aşagy atyňky. Kentawr – hökümdar. Kentawryň ýarpy göwresiniň
atyňky, galan ýarpy göwresiniň adamky bolmasynyň hikmeti bar. Ol hikmet şeýle: sap adamkärçilik bilen
hökümdarlyk edip bolmaýar. Hökümdar käte ýyrtyjy deýin gazaply bolmaly, käte adam bolmaly.
Hökümdaryň ýyrtyjylygy ýeterlik bolmasa, ony derrew tagtyndan aýyrýarlar». Altynjan ýunan
rowaýatlaryndaky pähimiň dogrudygyna geçen ýyllaryň içinde telim ýola göz ýetirdi. Hut şonuň üçin hem ol
Hökümdary kentawryň ýyrtyjy bölegi, galan böleginem Adam – Howandar hasaplaýardy.
Howandar – duýguçyl, arzuwçyl hem rehimgöý. Altynjan hatynyň ýanyna birinji däl-de, köplenç ikinji
Howandar soltan gelýär. Ikinji soltan Altynjany söýýär, oňa ýüregini açýar. Onuň göwnüni awlamaga
çalyşýar, hoşuna geläýjek, göwnüni göteräýjek sözleri aýtmakdan, gaýtalamakdan ýadamaýar. Özem ol bu
sözleri diňe bir Altynjanyň göwnüni götermegiň hatyrasyna däl, ýok, gara çyny bilen aýdýar. Ol Altynjan
bilen mydama bile bolmak, onuň bilen gülüşmek, dynç almak, ömür sürmek isleýär, onuň bilen dünýäni
aýlanyp çykmak isleýär. Eger: «Täzeden ömür berjek, nähili ykbal gerek?!» diýseler, Howandar şonda
diýjek sözlerini Altynjanyň ýanynda telim ýola gaýtalady: «Eý, Allatagala, men bir parahat, bag-bakjaly
obada mülkdar bolup, Altynjan bilen ýaşamak isleýärin. Maňa köp baýlygam, köp mülkem gerek däl.
Altynjanyň jany sag bolsa, men bu gerdun pelekde eşret taparyn». Howandaryň şahyr ýüregi bar, ol bir
görseň, sähel zat üçin gözýaş hem döküp oturandyr. Emma Hökümdary welin, eger-eger agladyp bilmersiň.
Hökümdar Altynjan bilen onçakly ysnyşmak islemeýär. Ol sähel zat üçin Altynjany düýt-müýt etmekdenem
gaýtjak däl. Oňa Altynjan gerek. Sebäbi ol köp zatlary öňünden duýýar, bilýär. Onuň aýdany dogry çykýar.
Soltan, gör, birnäçe gezek Altynjan naýybynyň garşysyna gitdi. Ýöne hatynynyň garşysyna giden gezekleri
onuňky paşmady. Ähli zat Altynjan naýybynyň aýdyşy ýaly bolup çykdy. Hökümdar hiç akyl ýetirip
bilenok: näme üçin soltanyň, wezirleriň, emirleriň pikirleri ters, Altynjan naýybyň pikiri dürs çykýar?!
Öňünden görüp gelen bolaýmasyn?! Hatynlar şeýtandan dörän. Olardan herki zat çykar. Altynjan bir hokga
edýän bolaýmasyn?! Hökümdar öz naýybyna şübheli garaýar. Oňa o diýen ynanmaýar, has anygy, ynanmak
islemeýär. Ýöne ynanmaga mejbur bolýar. Ine, şunuň üçinem Hökümdar gaharlanýar. Ýöne, arman, gahar
bilen iş bitenok. Ol hakykaty islese-islemese boýun almaga mejbur bolýar! «Altynjan, sen bilgiç!» diýip
boýun alýar. Mejbur! Hyrçyny dişleýär. Her edip, hesip edip ondan ökde bolmaga çalyşýar. Ol özüniňkiniň
dürs, Altynjanyňkynyň ters bolmagyny isleýär. Halysalla isleýär. Arman, bolanok.
Altynjan hatyn adamsynda haçan haýsy soltanyň hökümdarlyk edýändigini gaty aňsat anyklaýardy.
Onuň üçin Howandar bilen Hökümdary parhlandyrmak kyn däldi. Sebäbi olar biri-birinden görnetin
parhlanýardylar. Mysal üçin, Hökümdar hiç wagt ýylgyrmaýardy. Howandaryň ýüzünden bolsa mydama nur
ýagýardy.
Hökümdar bilen Howandaryň arasynda ýylgaý darkaş gidýärdi. Darkaşlarda, köplenç Hökümdar rüstem
gelýärdi.
Altynjan, has dogrusy, Howandaryň gujagyndady, Hökümdaryň bolsa kölegesindedi. Allatagala
Hökümdaryň ynsansöýerligini, mähir-muhabbetini, ýukaýürekligini, musulmanlar, ili baradaky aladalaryny
raýatlaryna ýetirmegi üçin Altynjany ýörite ýaradan ýalydy. Hökümdaryň adamlara bolan ynsansöýerligi,
gadyr-hormaty zenanyň üsti bilen aňladylansoň, ol ynsansöýerlik, gadyr-hormat has ýakymly, has mähirli
duýulýardy. Çünki zenan – gözelligiň jana gelmesi. Gözellik bolsa diňe, bary-ýogy owadanlyk, daşky
ýalpyldy däl. Owadanlyga gözüň gidýär, emma mähriň gitmegi üçin owadanlyk ýeterlik däl, mähir üçin
ýylylyk, yssylyk gerek. Bular diňe janlylygyň, diriligiň, çyn ýaşaýşyň barlygynda mümkin bolýar. Ynsana
dirilik üçin nämeler gerek?! Ynsana bagt üçin nämeler gerek?! Ynsana ynsan bolmak üçin nämeler gerek?!
Ilki bilen mähir gerek! Mähir! Mähir owadanlyk däl, owadanlygyň dirilige hem ömre gönüden-göni
dahyly ýok. Jansyz zatlaram gaty owadan bolup bilýär. Altynda ölüm sowuklygy bar. Gözellik daşky däl,
içki barlyk. Içde bolsa jan bar, dirilik bar, ýaşaýyş bar.
Belki, bu hakykatdan ötri, Togrul begiň hatynynyň ady-da ýöne Altyn däl-de, Altynjandyr! Altyn hem jan!
Içi janly owadanlyk, gözellik! Gözellik özünde owadanlyk bile diriligi, owadanlyk bile mähri, owadanlyk bile
ynsansöýerligi, owadanlyk bile ahlagy birleşdirýär! Şonuň üçinem adamlar gözelligi ähli gowulyklardan belentde
goýýarlar, owadanlyga şübheli garaýan ynsan gözelligiň muşdagy. Gözellik diňe owadanlyk däl, eýse ahlak,
söýgi, mähir, adalat ýaly närselerdenem ýokarda durýar, has dogrusy, ol bularyň barynyň jemi hem belent
derejesi...
***
Altynjan Wasytdan emir Sadyllany tapmady. Onuň nirä çykyp gidenini-de hiç kim anyk aýdyp
bilmedi.
Emiriň ýoklugy Altynjanyň gaharyny getirdi, dumly-duşa atly gönderdi.
– Sadyllany tapyp getiriň!
Emir ýarygije geldi. Ol Altynjan hatyny tanamady, sebäp ol aşa serhoşdy. Birmahalky mollaçyr adamyň
serhoşlygy Altynjan üçin geňdi. Juda geňdi.
Soltanyň geljekdigi hakdaky habary eşiden Sadyllanyň beren jogaby Altynjany has howsala saldy:
– Men Sadylla bin Abdylmälik. Meniň kunýam2 Sabdylla ibn Abdylmälik ibn Bugrajyk ibn Abdal
Eprikli. Meniň nesebim beýikdir, beýik. Men öz giýewime hyzmat etmelimi? Türkmen giýewe hyzmat
edenden ýatyp ölenini ybaly görýändir. Namys – ömürden gymmatlydyr. Giýewiň eline suw akytmak bolsa
namysdyr.
– Äh, damulla, damulla, akyly gysganyň dili uzyn bolar eken.
– Togrul giýew gelse, meniň elime suw akytsyn. Ol arap dilini bilenok. Men bilýärin. Ol ýunan dilini
bilenok, men bilýärin. Men ondan köp bilýärin. Altynjan, men seniň äriňden köp bilýärin. Jürjaniýanyň baş
medresesinde meniň abraýym uludy. Ol ýerde meniň howlym galdy. Dükanlarym galdy. Bu ýere men diňe
seniň üçin geldim. Ýalbaryp duranyňdan soň geldim. Ýogsam geljek däldim.
Ertir Sadylla Altynjany görüp ýylgyrjaklady. Öten agşamky aýdan sözleriniň birinem bilenok ol. Örgökden gelýär. Ulugyz deý sülmüräp otyr. Näme etmeli bolsa, ýumşa taýýar.
Altynjan daň bilen emiri bazara soltan hem wezir-wekiller üçin täze ýorgan-düşek satyn almaga
ugratdy, soltanyň, wezir-wekilleriň boljak otaglarynyň syrylyp-süpürilişine, bezelişine özi gözegçilik etdi.
Hyzmatkärleriň käbiriniň eden işlerini makul görmän, täzeden etdirdi.
Eti boldan bolsun diýen pikir bilen on-on bäş süri dowary soýuma taýýarlamak üçin geňeş geçirdi.
Golaý-goltum obalaryň kethudalaryny ýanyna çagyrdy. Olara tapyp getirmeli zatlaryny birin-birin
düşündirdi.
Kabyl Altynjanyň tutumyna kes-kelläm garşy çykdy:
– Altynjan, sen näme üçin oda-köze düşýärsiň? Näme üçin köp çykdajy edýärsiň? Hiç hili çykdajy
etme!
– Soltanyň tabşyrygy şeýle…
– Ol gelmez!
– O näme üçin gelmez, geler!
– Men saňa açyk aýdýaryn, soltan gelmez! Hiç hili çykdajy etme!
– Näme üçun beýle diýýärsiň?
– Diňe sen däl, men hem bilgiç, Altynjan. Seniň maňa gözüň öwrenişipdir – diýip, Kabyl pökgerip
duran garnyny titredip güldi.
Kabyl Altynjana nämedir bir zatlar aýtmakçy boldy, ýöne ony hatyn diňlemedi.
Altynjan Bagdatdan bir menzil alyslykda soltan goşunlarynyň gelýändigini görüp, öňünden özüne habar
bermekleri üçin iki ýüz atly çapar goýdy. Ol atlylar soltanyň goşunynyň gelýändigini gördükleri köşge
bakan atlaryny ýüzin salyp gaýdyp Altynjan hatyna habar bermelidiler.
Altynjan hatynyň göwnüne soltan günortan geläýjek ýalydy. Sebäp, bir ýerik gitjek diýensoň, soltan
uzak güýmenmegi halamaýardy.
Ýöne bellenilen wagty soltan gelmedi. Altynjan köşkde irikgä bolup oturmazlyk üçin ata atlanyp,
çaparlaryň garaşýan ýerine ugrady. Her depeden aňyrda soltanyň goşuny görünäýjek ýaly bolup duýuldy,
ýöne soltanyň goşuny görünmedi.
Altynjan hatyn hiç kim bilen gürleşmän, Howandara garaşmaga başlady.
Garaşdy.
Zenan ömri – garaşmak.
Garaňky düşdi.
Garaşdy.
Ýarygije boldy.
Garaşdy.
Altynjan Wasyta dolanmady. Eger Wasyta dolansa, soltan geläýjek, «Bir gije garaşyp bilmediňmi?»
diýip, nägile bolaýjak ýalydy. Ýeri, şonda Altynjan oňa näme diýip jogap bersin?
At ýylgaý dik durup uklaýar.
Altynjan şol gijäni aty deýin dik durup geçirdi.
Gije çirim etmän garaşdy.
Ol çaparlaryň gezekleşip uklamaklaryna izin berdi, ýöne özüne bermedi.
Zenanlar çydamly. Altynjan hem çydar. Ol-a bir gije eken, bäş-alty gijäniň ukusyzlygyna-da çydar, ol.
– Soltan düýn ýola düşen däldir. Bir möhüm işi çykyp galandyr – diýip, hatyn öz-özüne, ýanyndakylara
teselli bermäge çalyşdy.
Şol günüň ertesem soltan gelmedi.
Şol günüň birigüni hem soltan gelmedi.
Üç gününi Wasytdan bir menzil alysda, soltana garaşyp geçiren Altynjan lapykeç halda Wasyta
dolandy.
Bagdada ýüz sany atly ugratdy:
– Soltanyň Bagdatdan haçan Wasyta ugrajakdygyny anyklap geliň!
Gidenler uzak garaşdyrman dolanyp geldi.
– Soltan mundan dört gün öň ähli goşuny bilen Bagdatdan çykypdyr. Olar başda Wasyta ugrapdyrlar.
Nehrewana3 gelibem ýollaryny üýtgedipdirler. Nehrewanyň deňine ýetilende Nyşapurdan çapar möhüm
habar getiripdir. Soltana hyzmat eden gulamlardan soradyk, olar: «Soltan gyssagly ýagdaýda Nyşapura
gitmeli boldy» diýip jogap berdiler.
– «Soltan gyssagly ýagdaýda Nyşapura gitmeli boldy» diýdilermi? Şeýledir-le!.. — diýip, Altynjan
wezir-wekillerine eşitdirmek üçin sesine biraz bat berdi. Soňam: «Hökümdar rüstem gelipdir-ow» diýip
pyşyrdady.
Altynjan atlylarynyň öňüni çekip, Wasyta bakan ýola düşdi. Gapdalynda Sadylla emir bilen Kabyl
barýardy. Kabyl hiç bir zady myzaýyk etmän barsa-da, Sadyllanyň howsalasy ýetikdi. Ol Altynjana nämedir
bir zatlary aýtmakçy bolýardy, ýöne gürrüňe nähili başlajagyny bilmän kösenýärdi. Altynjan onuň
howsalasyny duýmadykdan bolýardy, öz aladalaryna gümrady, bütin ömrüne özüniň hatyndygyna gynanyşy
ýaly, häzirem şol pikirine berlipdi.
Altynjan soltanyň geljegine ynanypdy. Ynanyp, derejeläp garşylamak üçin yhlas bilen taýýarlyk
görüpdi.
Ol gije ýatman at üstünde oturyp garaşdy.
Soltan gelmedi.
Äri gelmedi.
Altynjan bütin ömrüni soltana garaşyp geçirdi.
Altynjan bütin ömrüni soltana garaşyp garrady.
Altynjanyň gözleriniň röwşeni soltanyň ýolunda galdy.
Altynjanyň diňe gözleri däl, ömri hem soltanyň ýolunda galdy.
Altynjan ýalňyz galdy.
Ýeke özi galdy.
Muhammet Togrul soltan Altynjany ýaşlykda bir altyn teblä kökerdi.
Melike bütin ömrüni şol altyn tebläniň hatyrasyna bagyş eýledi.
Ol altyn teble – Howandar soltanyň imrikdiriji sözleridi, talwaslarydy.
Howandar soltan gar ýagan günleriň birinde hatynyny Reý jülgesine alyp çykypdy. Şonda özüniň altyn
teblesini – Altynjana bütin ömrüne güýç beren sözüni aýdypdy. Ol döwlet işinden ýadaýandygyny, hatyny
bilen bir oba gaçyp gidip, bütin ömrüni şol ýerde ikiçäk geçirmek isleýändigini, bu dünýäde özüne
Altynjandan özge ýegana razdaryň gerek däldigini, ony biçak hatyralaýandygyny, ezizleýändigini aýdypdy.
Ikiçäk dynç almagy, hylwatda bolmagy Howandar soltan her ýyl birki gezek ýatlaýardy.
Altynjan ol sözleri harpma-harp ýatdan bilýärdi. Ol şol sözlere jadylanypdy, dogrusy, ol sözler oňa gujurgaýrat berýärdi, güýç berýärdi. Ertirki gününe umyt berýärdi. Altynjan adamsynyň şol isleýän ikiçäk hylwaty
ýaşaýşyna garaşýardy. Ol Wasytda şol islän, garaşan gününe ýetäýjek ýalydy, ýanyndan: «Şol garaşan
günlerim ahyryl-ahyr geldi» diýip, içini gepledipdi.
Arman, gelmän eken.
Sadylla içki howsalasyny daşyna çykardy:
– Altynjan, indi nähili bolarka? Indi bar zadyň gutardygymy?
– «Bar zat» diýýäniňe nämeler girýär, düşünmedim men? – diýip, Altynjan Sadyllany ilkinji gezek
görýän ýaly synlady. – Näme diýmekçi bolýarsyň? Açyk gürle, damulla!
– Sen gaharlanma, uýam.
– Men gaharlanmaýaryn. Saňa düşünmekçi bolýaryn.
– Düşünmez ýaly näme bar bu ýerde. Indi biz Wasytdan kowulýarysmy?
– Biz näme üçin Wasytdan kowulmaly?
– Özüň bilýärsiň onuň sebäbini.
– Bilsem soramazdym.
– Ýalňyşmasam, indi Wasyty bizden alarlar.
– Damulla, Wasyt maňa mülk berildi, özem ony Togrul soltan berdi. Ony bizden kim alyp biler?
– Beren adam alybam biler.
– Togrul soltan hedýe beren zadyny yzyna almaýar. Onsoňam men soltanyň hatyny.
– Haý, Altynjan, meniň jynym bir erbetligiň ýakynlaşyp gelýändigini aňýar.
– Seniň dowulçy jynyň bar, ol seni mydama aldaýar. Sen şol dowulçy jynyňa ynanma.
– Sen bizi köşeşdirjek bolýarsyň. Bir erbetligiň boljagyny özüňem aňyp-bilip dursuň, ýöne sen ony
bizden ýaşyrýarsyň. Sen bizden hiç bir zat ýaşyrma, Altynjan. Belki, gaçarys?
– Nirä?
– Pars welaýatyna gaçaly, ol ýerde meniň gowy täjir dostlarym bar.
– Men-ä hiç ýerigem gaçjak däl. Seniňem gaýa-gopuz ýok ýerden basga düşmegiňi islemeýärin.
Annaplar4 bilen aşnalygyňy kes, ýogsam jynyň mydama mojuk zatlary habar berer.
– Damulla, sen galawut etme! Ähli zat düzüw. Soltanyň gelmejekdigini men öňden bilýärdim – diýip,
Kabyl syrly ýylgyrdy.
Sadylla bilen Altynjan Kabyla geňirgenme bilen seretdiler.
Kabyl ýylgyrjaklap, goltugyndan bir bukja çykardy-da, Altynjana uzatdy.
– Bu näme?
– Bu Togrul soltanyň saňa ýazan haty. Soltan bu haty maňa Bagdatda nahanlykda berdi. «Bu hat hakda
hiç kim bilmesin – diýdi. – Goý, ähli kişi: «Togrul soltan Wasyta dynç almaga barýar» diýip pikir etsin».
Bäş günden soň bu haty Altynjana gowşur. Goý, ol menden Wasyta barmandygym üçin öýke etmesin.
Şeýle etmek zerurlygy döredi.
Altynjan haty eline alyp, Kabylyň üstüne azgyryldy:
– Näme üçin maňa duýdurmadyň? Sen meniň nähili kösenendigimi gördüň ahyryn!
– Altynjan, sen menden gaty görme. Men soltanyň nahan tabşyrygyny peçan etsem bolmaz-a!.. Men
saňa ýaňzytjak boldum, ýöne sen meni diňlemediň.
– Nädip dözdüň?..
– Soltanyň tabşyrygy şeýle boldy, Altynjan. Sen çydamly ahyryn! Togrul beg: «Soltan Wasyta barýar»
diýip myş-myş ýaýratdy. Bagdatdan hem Wasyta diýip çykdy, ýolda birden ugry üýtgetdi: Nyşapura gitdi.
Sebäbi Nyşapurda talaňçy bazbozarlar jemlenip, maksat şolary güpbasdy etmek, ýok etmek.
On dördünji hekaýat
GEÇEN GÖRÜNMEZ
ltynjan welaýata aýlanyp çykmaga ýola düşdi, ýöne ol köp ýere aýlanyp bilmedi. Çünki ol
baran ýeriniň adamlary bilen ylla çagalykdan bäri ýürekdeş gatnaşyp ýören ýaly, şeýlebir
razdarlyga başlady welin, razdarlyk, gürrüňdeşlik gutarar ýerde gutarmady. Şeýdibem uzynly güni
bir obada geçirip, asyl, ol obanyň hem birki adamy bilen gürleşip, şol ýerde daňy atarmaly boldy.
Altynjanyň gelendigini eşidip, ony uzakdan hem bolsa synlamak, oňa tagzym etmek üçin goňşy
obalardanam adamlar üýşüp gelýärdiler. Altynjan ol gelýänler bilen açyk göwünden söhbet etdi.
Her gün ýüz gazan ataryp sadaka berdi.
Adamlar onuň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny dileg etdiler, ýöne Allatagalanyň kysmaty olaryň
dileginden hem rüstem geldi. Altynjanyň bagyr agyrysy tutdy. Yza Altynjanyň başyny aýlap, gözünden
buýur-buýur gözýaş seçeledip, janyny alyp barýardy.
Altynjan özüne zor salyp çydajak bolýardy, ýöne yza gün-günden beterine tutýardy. Ol bu derdini
ýigrenýärdi, sebäbi derdi Togrul begiň mundan ýigrimi ýyl owal Sarahsda talak bermegine sebäp bolupdy.
Bu dert onda Sarahsyň eteginde gaznalylardan galypdy.
Bagrynyň üstünden sünjülen gönder ömür aýrylmajak dert döretdi. Hernäçe em edilse-de ol aýrylmady.
Altynjan: «Ýaram bitişdi gitdi, agyrýan ýerim ýok» diýip, Togrul begi ynandyrdy. Ýaranyň ýüzi,
dogrudanam, bitipdi, ýöne bar dert içdedi. Ony bolsa özünden başga hiç kim bilenokdy.
Ol dert soňky günler, biwazy oglan kimin içde rahat ýatmak islänokdy, özüne üns çekjek bolup, azar
ýamanyny berýärdi.
Altynjan adamlar bilen gürleşmekden özüne tenekar gözleýärdi. Ömrüni şu adamlaryň arasynda geçirmegi
höwes edýärdi.
– Ýör, köşge gaýdaly, özüňe jebir etme – diýip, Sadylla Altynjana ýüzlendi.
– Sen entek meniň gurýan medresämi-de göreňok. Nesip bolsa, meniň medresäm Gündogarda iň
meşhur medrese bolar. Oňa müderrisi özüm saýlajak.
Kabyl bu pikiri oňlady, ol Altynjanyň welaýata aýlanmak pikirine-de kes-kelläm garşy çykypdy:
– Sadylla dogry aýdýar, Altynjan. Gideli. Onuň gurýan medresesini gör. Ol welaýatyň ähli
şäherinde, kendinde mekdep gurmak isleýär. Ýene on ýyldan Wasyt welaýaty ylmyň merkezi bolar.
Seniň bar gazanjyň medrese-mekdep gurmaga sarp boljak. Keremli enaýat, haýyr-yhsan babatda
damulla senden öňe düşjek.
– Gazanjymyz keremli enaýata ýarasa armanym ýok, Kabyl.
– Wa-weýla, Sadyllanyň enaýatyndan saňa kipaýat ýok. Saglygyňy myzaýyk etmeseň, bir gün – men
dogrymy aýdýaryn – ölersiň.
– Ýok, ýok, yza häzir aýrylar – diýip, Altynjan tekepbirlik etdi.
– Altynjan, men saňa düşünemok. Sen näme üçin özüňe sütem, jebir edýärsiň? Özüňde näme kastyň bar
seniň? Seniň bolşuň maňa gaty düşnüksiz.
– Häzir yzam aýrylar, Kabyl.
– Sen ony aýyrjak hem bolaňok.
– Göwnüňedir.
– Göwnüme däl, men seni köpden bäri synlap ýörün. Sen özüňe kast etmäge biçak höwesjeň.
– Kabyl dogry aýdýar, Altynjan. Sen saglygyňy gora. Häzir öýe gaýdaly.
– Ýok, ýok, kerwensaraýlara, obalara aýlanaly.
Sadylla bilen Kabyl her çent islemeseler-de, Altynjanyň emrine boýun sundular, ony birnäçe
kerwensaraýa aýladylar.
A
Welaýatda kyrk bäş sany ululy-kiçili kerwensaraý bardy. Altynjan her kerwensaraýa baranda köp
mukdarda dinar paýlaýardy. Kerwensaraýyň sahyplaryndan hyzmat edişlerini gowulandyrmaklaryny, her
kerwensaraýyň göze gelüwli, owadan bolmalydygyny sargyt edýärdi.
– Kerwensaraýlara, esasan, täjirler, derwüşler gelýär. Olar – dünýäni aýlanyp ýören adamlar. Gelenler
biziň welaýatymyzyň kerwensaraýlarynda hyzmat edilişinden kän hoşal bolsunlar. Onsoň olar uzak-uzak
ýerlerde bolanlarynda Wasyt welaýatynyň kerwensaraýlarynda juda gowy hyzmat edilýändigi barada
aýdarlar. Ana, ondan soň welaýatymyza gelýän täjirleriň sany artar. Täjirleriň sany artsa hem olaryň
getirýän harytlary köp bolar, arzan bolar.
Sadylla kerwensaraý üçin Altynjanyň çykdajy etmegini asla islemeýärdi, bu barada uýasyna telim ýola
aýdypdy. Altynjan hatyn emire söz berse-de, kerwensaraýlaryň sahyplarynyň özelenmelerine garşy çykyp
bilenokdy, söz berýärdi. Rast, Altynjan hatyn aýtdymy, onsoň ol gepsiz-gürrüňsiz kanuna öwrülýärdi. Çünki
ol Wasyt welaýatynyň doly hukukly eýesidi.
– Bular urup aglaýarlar. Sen bularyň gözýaşyna ynanma. Bular welaýatda iň baý ýaşaýan adamlar.
Bularyň näçe gazanýandygyny özlerinden başga bilýän adam ýok. Bulara hiç zat bermeli däl, bulardan diňe
almaly – diýip, Sadylla janykmak janygýardy.
Welaýaty baýatmak hakda Altynjan hatynyň aýratyn bir pikiri bardy:
– Seniň gaznaň ýoksullaryň ryskyndan bölünip alnan salgytlar, haraçlar bilen däl-de, baýlaryň
baýlygynyň ujundan alnan bäşden bir salgydyň hasabyna baýasyn. Sen köp-köp täjiri Wasyta gelmesiz
edipsiň. Hiç kime «Gelme!» diýme. Goý, gelsinler. Käbir zatlary görmedikden bol. Alyş-çalyş bazarlaryny
köpräk aç. Pereňistana keşdi (gämi) bilen harytlaryňy ugrat. O ýerleri bilen gatnaşykda bolaly. Özüň aýtdyň
ahyryn: «Ol ýerlerden getirilen harytlary adamlar gowy görýärler» diýip.
***
Bäş günläp Altynjanyň ýanynda bolan Sadylla etmeli işleriniň köpdügini tutaryk edinip, öz
hyzmatkärleri bilen Wasyda gitdi.
Altynjan Kabyl hem çiltenleri bilen galdy.
Kabyl badyhowady, öwünmegi gowy görýärdi. Uzyn murtuny ýa-da öňünde garpyz ýaly çykyp duran
garnyny sypap ugradygy, bu öwünmäge başlajakdygynyň alamatydy. Ol bir ýerde uzak oturmagy
halamaýardy, ýörişleri, başdangeçirmeleri gowy görýärdi. Bir ýere gitmeli bolsa, mydama göwünjeňlik bilen
ata atlanýan Kabyl Wasyt obalaryna aýlanyp çykmak baradaky pikiri halamandy, Wasytdan göni Togrul
begiň ýanyna – Bagdada gitmegiň zerurdygyny zol-zol nygtady. Bu teklibi goldanylmansoň, Kabyl:
– Ýanymyz bilen on müň atly goşun äkideli! – diýdi.
Altynjan onuň bu sözüne güldi:
– Kabyl, saňa näme bolýar? Men-ä seni batyr, gorkmazak hasaplap ýördüm welin, sen gorkaňda ähli
kişiden hem beter gorkýan ekeniň. Biziň üstümize çozuş edip biljek kim bar?! Bu dünýäde biziň
rahatlygymyzy bozup biljek hiç kim ýok. Şonuň üçinem men ýanyma diňe çiltenlerimi aljak, wessalam!
– Kyrk adam gorag üçin az bolýar, juda az! Hiç bolmanda iki müň atlyny ýanymyz bilen, äkideli.
– Ýok, ýok, aýtdym – gutardy!
– Altynjan, tekepbirlik etme, meni diňle. Men ýöne ýere jöwlan uramok.
– Hä, şeýle diýsene asyl! Kim ol biziň üstümize çozuş etmäge gaýraty ýetjek goç ýigit?!
– Meniň açyk bilýän zadym ýok, ýöne jynym üstümize çozuş howpuny habar berýär.
– Sadylla ikiňiziň jynyňyz soňky ýyllar halysan was-wasy bolupdyr.
Şondan soň Kabyl hiç zat diýmedi, ýöne rahatlygy welin bolmady, bir ýerde durmady. Sadylla
gidensoň-a rahatlygy hasam gaçdy: garnyny sypamady.
Ol zol-zol:
– Altynjan, gideli, bizi Togrul beg tapman ýörendir – diýdi.
Bir hepdäniň içinde görnetin horlandy.
Wasytdan sekiz farsah uzaklykdaky bir obada bolanlarynda Kabylyň garaşan, Altynjanyň garaşmadyk
wakasy boldy: günortanlar iki sany nätanyş kişi Kabylyň ýanyna geldi. Olar öz aralarynda esli wagtlap
nämedir bir zadyň dawasyny etdiler. Şondan soň Kabyl olar bilen obadan çykyp gitdi.
Kabyl şol gün gelmedi, oňa uzak gije garaşdylar. Şol günüň etresi Altynjan Kabylyň jylawdaryndan
sorady:
– Ol saňa haçan geljegini aýtmadymy?
– Hiç zat aýtmady.
– Olar näme hakda sözleşdiler?
– Men olaryň sözüne düşünmedim, sebäbi olar arap dilinde sözleşdiler.
Jylawdaryň habaryna Altynjanyň rahatlygy gaçdy. Çiltenlerine Kabylyň gözlegine çykmagy tabşyrdy.
Gözlege gidenler Kabyly namazşam tapyp getirdiler. Ol özüni bilenokdy, çünki onuň endam-jany gara
gandy.
– Kim saňa el göterdi?! – diýip, Altynjan gahardan ýaňa titredi.
Kabyla em etdiler, ganyny duruzdylar, ýaralaryny daňdylar. Çala özüne gelen Kabyl hazzar pyşyrdady:
– Altynjan, saňa aýtjak möhüm sözüm bar.
– Näme habar?
– Bilgin, Kabyl satlyk däldir. Öldüriljegini bilse-de, ol saňa, Togryla ikilik etmez. Bilgin, Kabyl
baýlykdan beýikdir!
– Men seniň baýlykdan beýikdigiňi bilýärin-ä! Maňa bu hakda aýtmak hökman däl.
– Ýok, ýok, hökman. Bilgin, men seni iň soňky demime çenli goraryn.
– Wah, men saňa döneýin, mähriban doganym!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 44
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.