Latin

Altynjan hatyn - 48

Total number of words is 3693
Total number of unique words is 1845
35.1 of words are in the 2000 most common words
49.3 of words are in the 5000 most common words
56.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Ybraýym, men seni hiç bir zatdan gorkmaýan batyr gerçek hasaplap ýördüm. Belki, ilki men girerin?!
Ä?!
– Altynjan hatyn, men saňa ynanýaryn. Ýöne seniň ýaňky sözleriňden soň bargähiň içi maňa
hakykatdan hem şübheli, gorkuly görünýär. Sag egnimde oturan perişdäm maňa: «Ybraýym, içerik girme!»
diýýär.
– Girmäge gorkýarsyňmy? Onda ýagdaýlar üýtgeýär. Başgaça çemeleşmeli bolýarys. Onda içerdäkiler
daşaryk çykmaly bolarlar – diýip, Altynjan içerdäkilere eşitdirmek maksady bilen oran turuzdy. – Kabyl
daşary çykyp, maksadyna ýeter. Ol derrew daşary çykar. Seni zor bilen içeri salsyn!
– O nähili içerdäkiler? Sen: «Bargähiň içinde hiç kim ýok» diýdiň-ä? Içerde kim bar? Kim bar bolsa,
goý, daşaryk çyksyn!
Altynjan hatyn baş atdy:
– Goý, seniň diýeniň bolsun! Goý, içerdäkiler daşary çykyp, seni içeri salsynlar. Kabyl howluksyn,
ýagdaýlar üýtgedi!
– Näme, näme?! – Ybraýym towsaryldy, nämäniň-nämedigine düşünip, hyrra yzyna öwrüldi, gaçmaga
welin ýetişmedi: Altynjan onuň üstüne topuldy. Ony ýüzin ýykyp, bogmaga başlady.
Bargähiň tutusy bat bilen serpildi. Içerden ýedi pählewan çykyp, «Ýa Hu!» diýip gygyryşyp, Altynjana
kömege ýetişmek üçin ylgady. Ybraýymyň haýyna-waýyna bakman, sähel salymda ony bargähiň içine
saldylar.
Altynjan sähelçe diňşirgendi. Bargähiň içinden bogulýan kişiniň aýylganç sesi duranlaryň depe
saçlaryny syh-syh etdi. Şol galagoply pursatda Altynjan hatyn özünden gitdi: duran ýerinden arkan ýykyldy.
– Kabyl, Altynjan hatyn ýykyldy! – diýip, kimdir biri gygyrdy.
Kabyl ylgap geldi, uýasynyň başyny ýerden göterdi:
– Mähriban doganym!.. – diýip endiredi: – Altynjan!..
Altynjan uzak ýatmady, özüne geldi, gözlerini açdy:
– Kabyl, maňa näme boldy?
– Sen özüňden gitdiň.
– Ybraýym nirede?
– Arkaýyn bol, doganym, iş bitdi, ony ele saldyk.
– Taňry ýalkasyn, Kabyl, Taňry ýalkasyn! Ähliňize taňryýalkasyn!
– Ýeri, ýagdaýlaryň niçik?
– Men köp ýatdymmy?
– Ýok, ýok, köp däl!
– Doganym, maňa tekge ber, men ýerimden galaýyn.
Kabyl Altynjanyň gozganman ýatmalydygyny, çünki derdiniň agyrdygyny bilýärdi, ýöne häzirki
pursatda onsuz hiç bir zat çözüljek däldi, ol juda gerekdi, şonuň üçin hem iki jahan owarrasy halda
Altynjanyň ýerinden turmagyna, ata atlanmagyna hemaýat berdi.
Altynjan Ybraýymly mesele beýle aňsat çözüler öýtmändi. Onuň göwnüne, ähli zat ýalan ýalydy.
Iki ýüz elli ýyldan-da gowrak wagt mundan owal Harun ar-Raşidiň guran tilsimi, Altynjanyň
durmuşynda gaýtalandy3!..
Harun ar-Raşidiň bu tilsimi Altynjanyň hoşuna gelipdi. Şonuň üçin ol bu tilsimi peýdalanmagy ýüregine
düwdi. Maksadyny hiç kime aýtmady. Bu töwekgelligiň amal tapmagyny Biribardan dileg etdi.
Altynjan bu tilsime aýratyn umyt baglady, ýöne diňe munuň bilen hem çäklenmedi. Ätiýaçdan ýene iki
tilsimi goşmaça peýdalanmagy makul gördi.
Ol iki tilsimiň biri Ybraýym ynalyň egindeşleriniň maşgalalaryny, garyndaşlaryny girewde saklamakdy,
ikinjisi, Ybraýymyň goşun serkerdelerini öz tarapyna çekmek üçin ogryn gepleşikler geçirmekdi.
Altynjan Ybraýym ynalyň iň ýakyn egindeşleriniň Reýde, Bagdatda ýaşaýan maşgalalaryny alyp
gelmegi Ýagysyýan hana tabşyrdy.
Ybraýym ynalyň goşunynyň serkerdelerbaşysy Abul Muzapbar, garyndaşy Ärdaş, serkerdesi Mansur
Azhary, arizi Hasan Söbügi, wezirleri Tahyr Ryza, Beşer ibn Hapyz Reýde ýaşaýardylar. Ärdaşyň alty ogly
bardy. Onuň alty oglunyň ikisi ýanyndady. Galanlary, ýaş bolansoň, öýlerindedi.
Emir Ýagysýan Ybraýymyň gullugundaky serkerdeleriň maşgalalaryndan on sany aýaly, otuzdan
gowrak çagany Hemedana alyp geldi. Altynjan Abul Muzapbar, Tahyr Ryza, Ärdaş, Mansur Azhary, Hasan
Söbük, Beşer ibn Hapyz bilen nahanlykda gürleşmek üçin emirler Hapban Endikänini we Bu-l-Kasymy
gönderdi, olara eger Togrul soltana garşy söweşseler, onda olaryň çagalarynyň, tohum-tijiniň öldüriljekdigi
habar berildi.
***
Mübärek han ellerini galgadyp bargähden çykdy. Onuň elinde Ybraýym ynalyň başyndaky
Togrul soltanyň altyn jygasy bardy.
Ybraýym ynalyň ýany bilen gelen atlylar jabjynyşdylar:
– Siziň edýäniňiz näme? Siz Ybraýymy öldürmäge, onuň mukaddes begzada ganyny dökmäge
neneň het edip bildiňiz?! Ybraýym ynalyň gany dökülmeli gan däldir!
Bu kişiniň janykmasy ýöne ýere däldi. Soltan nesliniň gany mukaddes gan hasaplanýar. Soltan –
Perwerdigäriň ýerdäki wekili. Onsoň soltanyň neberesiniň biriniň ganyny dökmek musulmançylykda
iň gabahat günä hasaplanýardy, soltan ýa-da soltan neberesinden biri öldürilmeli bolsa, onda onuň
ganyny çykarman öldürýärdiler. Köplenç ýaýyň kirşi bilen bogup öldürýärdiler ýa-da dardan
asýardylar.
Bargähden çykanlaryň altyn jygany galgatmaklary Ybraýym ynalyň älemden gaýyp bolandygyny
aňladýardy.
– Muhammet Togrul soltan!
– Muhammet Togrul soltana hamdy-salawat bolsun!
Bu alkyşy birden elli müň esgerli goşun jem bolup gygyrdy.
Ybraýym ynalyň yzyna düşüp gelen atlylar iki jahanowarrasy bolup, näme etjeklerini bilmän,
birek-bireginiň ýüzüne seredişip, alakjaşyp durdylar. Ynanmaz ýaly däldi: bargähden çykan ýedi
pählewanyň ellerindäki hanjarlary, egin-eşikleri gyrmyzy gandy! Aslynda welin, bu ynallylaryň
gözlerini güýdüşdirmek hemem howlaryny basmak üçin Altynjanyň tapan çykalgasydy. Ybraýymy
ýaýyň kirşine bogup öldürmek makul bilnipdi. Pählewanlaryň üst-başlaryna dört-bäş jam dowar
gany dökülipdi.
Altynjan hatyn Ybraýym bilen gelen atlylara garap gygyrdy:
– Ybraýym pahyryň ýakyn adamy meniň ýanyma gelsin!
Atlylar öz aralarynda gürleşdiler, onsoň olaryň arasyndan gyr atly, pişge murtly, gaba telpekli kişi
gorka-gorka geldi.
Altynjan bu serkerdäni gören badyna tanady. Ol bu serkerdäni öň hem görüpdi. Bu serkerdäniň ady
Ärdaşdy, Ybraýymyň iň ýakyn adamydy.
Bu serkerde Altynjana kän-kän hunabalar görkezen Şamäligi tutup getirip beren serkerdedi.
Şamäligi tutup dyza çökeren serkerdäni, heý, Altynjan unudarmy? Onuň bu serkerdä goýýan hormaty
uludy, ýöne ol Ärdaşy tanamadykdan boldy:
– Adyň näme?
– Siz meni tanaýarsyňyz ahyryn!
– «Adyň näme?» diýip soraýaryn!
– Adym Ärdaş.
– Togrul soltanyň ýagdaýyny aýt maňa!
– Togrul beg, hatyn, el-Jeditde göztussagy bolup otyr. Ýagdaýy gowy däl, ýöne jany sag.
– Meni diňle, Ärdaş! Şol depäniň üstünde duran çagalary görýärsiňmi?
– Görýän. Eşitdim, aýtdylar.
– Şol çagalaryň içinde seniň dört sany çagaň bar. Sähel gyşyk hereket etseň, seniň şol dört çagaň
kelleleri kesiljekdir. Düşnüklimi?
– Çagalarda näme günä bar?
– «Düşnüklimi?» diýýärin men saňa?
– Düşnükli...
– Men seni şu günden başlap Hemedan şäherine şihne belleýärin.
Ärdaş sakawlady:
– Ybraýym...
– Men aýatda diri adamlaryň gürrüňini edýärin. Düşnüklimi?
– Düşündim, Altynjan hatyn, düşündim.
– Seni näme üçin ýalkaýandygymyň sebäbini özüň aňýansyň.
– Aňýaryn, Altynjan hatyn, aňýaryn.
– Häzir şu ýerik Sistandan Çagry soltanyň ogly Alparslan geler. Ol gelýänçä Muhammet Togrul
soltanyň üstünden guş uçup geçip bimaza etse-de, seni ýedi arka tohum-tijiň bilen ýedi gat ýeriň aşagyna
sokaryn. Düşnüklimi?
– Düşnükli, hatyn, düşnükli!..
Altynjan öz-özüne geň galdy: «Düşnüklimi?» diýen sowaly köplenç Togrul soltan gaýtalaýardy. Bu
gün, görüp otursa, Altynjanyň özem edil soltanyň gürleýiş äheňinde gürleýär.
Ärdaş ýere çöküp, ýeri togap edip, Altynjan hatyndan aman diledi:
– Çagalaryma aman beriň!
– Tur ýeriňden! Alparslan gelýänçä, soltanyň goragynda özüň dur. Hasabaty senden sorajakdyryn.
Maňa häzir soltany görkezersiň.
– Lepbeý, hatyn!
Ärdaş bir böküşde atyna mündi.
Altynjan Ybraýym ynalyň atlylarynyň ýanyna bardy:
– Eşitdim-eşitmedim diýmäň, Togrul soltanyň garşysyna giden kişi hut süýtdeş dogany bolsa-da ýok
edilýändir. Siziň aman galmagyňyz wepaňyza bagly bolar. Men Ärdaşy Hemedanyň şihnesi belleýärin.
Biziň goşunymyz şähere girende bitiniň burny ganaýsa, ähliňizi uçdantutma gyrjakdyryn. Soltanyň
goragynda meniň ýüz haşymym bolar. Meniň haşymlarymyň her bir sözi siziň üçin kanun bolmalydyr!
Düşnüklimi?
– Düşnükli!.. – diýip, ynallylar başly-barat gygyryşdylar.
Altynjan soltanyň ýagdaýyny görüp gaýtmak üçin üç ýüz atlysyny yzyna tirkäp, şähere ugrady.
Mübärek han şähere ugran Altynjan hatynyň öňünden çykdy:
– Möhüm habarym bar.
Mübäregiň bu sözünden soň Altynjan hatynyň yzyndaky atlylar biraz gapdala çekildiler.
Altynjan hatyn Mübäregiň galagoplulygyna geňirgendi:
– Mübärek han, näme boldy?
– Men siziň içki howsalaňyza düşünýärin, ýöne häzir siziň şähere girmegiňiz dürs däl. Azajyk sabyr
ediň. Entek şäherdäkiler Ybraýymyň öldürilendigini eşidip ýetişenok. Olaryň ählisi Togrul soltana, size
garşy çykmaga het edip bilen adamlar. Olar sizi görseler, bagtlarynyň ýatandygyny aňsalar, gorkularyna,
janhowullaryna herki wagşylygy etmekleri mümkin. Biraz tagapyl eýläň! Şäherdäkiler Ybraýymyň
kysmatyny eşidip, mugyra gelsinler. Oňa çenli garaşyň! Töwekgellik etmäň, hatyn! Siz iň esasy işi etdiňiz.
Indi siz rahatlanyň. Häzir şu ýere men Togrul soltany alyp geleýin.
– Eh, Mübärek han, sen meniň ýüregimi görmegi başarýan bolsadyň, onda sen bu sözleriňi aýtmazdyň.
Häzir meni hiç hili güýç Togrul soltanyň diriligini görmek maksadymdan saklap bilmez. Edil şu pursat
öljegimi görüp-bilip dursam hem men soltanyň ýanyna ylgaryn. Meni rahatlandyryp biljek ýeke-täk ýer –
soltanyň ýany.
Mübärek han hyrçyny dişläp yza çekildi. Haýdan-haý Altynjanyň goragynda bolmaly jandarlaryň
sanyny artdyrmaga girişdi, öz serkerdelerine anyk görkezmeler berdi. Altynjanyň barýan ugrunda öz
esgerlerini goýdy. Altynjan hatynyň öňündenem, yzyndanam, sagydyr solundanam üç-dört hatar haşymlaryny ýöretdi.
Ärdaş Altynjan hatyna Togrul soltanyň göztussagy bolup oturan el-Jedit köşgündäki otagyny görkezdi.
Altynjan adamsynyň tirsekläp oturandygyny penjireden görüp, damagy doldy.
***
Birden garaşylmadyk ahwalat ýüze çykdy:
– Kim Ybraýymy öldürmäge het etdi? Şu heleými?
Altynjan ýeňsesinden çykan sesi tanady. Bu Ybraýymyň weziri, naýyby Tahyr Ryza bolmaly.
Somalak telpekli bu kişi Anuşirwanyň ýegre şepesi bolmaly. Anuşirwan Altynjana, Togrul bege ýalbarýakar edip, ony goşunyň ariziniň kömekçisi edip işe aldyrtdy. Soňam Ybraýymyň uguny ýekeläp, ony oňa
wezir belletdi.
«Men sizden bütin ömrüme razydyryn. Men siziň sadyk, wepaly guluňyz bolaryn» diýip ant içip, awy
ýalan kezzap bu gün Altynjanyň üstüne sürnüp gelýär.
Altynjan hatyn özüniň goraljakdygyny bilýärdi, ýöne özüni goramagy jandarlaryna ýetirmedi:
adamsynyň sowgat beren asfury hanjaryna elini ýetirdi, şeýlebir çaltlyk bilen yzyna öwrülip, hanjaryny
Tahyr Ryzany nyşanalap atdy.
Hanjar ýigrimi-otuz esgeriň öňüne düşüp gelýän Tahyr Ryzanyň çep döşüne çümdi.
Hiç kimse Altynjan hatyndan beýle çalasyn herekete garaşman eken. Ähli kişi doňan ýaly bolup,
somalak telpegi çarhypelek deýin tigirlenip giden Tahyr Ryzanyň hokurdap ýykylyşyndan gözüni aýyrman
durdy.
Altynjan dergazap bolup gygyrdy:
– Ýene kimiň ölesi gelýär?!
Megerem, ölesi gelýän başga ýok bolarly, hiç kimden ses-selem çykmady.
– Külli musulmanyň, ýedi yklymyň soltany birdir! Ol Muhammet Togrul soltandyr! Muhammet Togrul
soltana garşy çykan her kesiň başy ölümlidir! Düşnüklimi? «Düşnüklimi?» diýýärin men size?!
– Düşnükli! – diýip, ähli kişi seslendi.
Ýigriminji hekaýat
AT ÇAPMAZ, BAGT ÇAPAR
B
ETBAGTLYK MYDAMA GARAŞMAN DURKAŇ GELÝÄR.
Ýöne Altynjan Hemedanda betbagtlygyň gelmegine herdem garaşýardy. Şol garaşylan betbagtlyk hem
Togrul soltanyň goragynda bir ýarym müň esger goýup, ýaňy ata atlanjak pursady bir näkesiň atan oky
bolup çawup geldi.
Ok Altynjanyň ýaraly bagrynyň gapdalyndan çümdi.
Altynjan ses edip içine çümen peýkamy bat bilen sogurdy-da, zyňyp goýberdi. Okuň gelen tarapyna
seretdi.
Ok atan adamy derhal tapdylar.
– Şony meniň ýanyma tutup getiriň! – diýip, Altynjan hiç zat bolmadyk deýin ýoluny dowam etdirdi.
Altynjanyň ýanyndakylar ondan gözüni aýyrman seredýärdiler. Çünki onuň bolşy geňdi, juda geňdi.
Altynjan hatynyň döşünden ikinji gezek ok çümdi ahyryn!
Ok atan kişini tutup getirdiler.
Altynjan başyny dik tutup merdi-merdana duran kişini görüp aňk boldy.
– Wa-weýla, asyl, bu sizmi?
– Elbetde, men!
– Siz atdyňyzmy?
– Elbetde, men atdym! Hudaý seni ýene gorady, ýogsam meniň atan okumdan aman galýan adam
ýokdy.
Altynjan näkesi tutup duran esgerlere kesgin aýtdy:
– Goýberiň ony!
– Muny goýberip bolmaz! Muny kerçem-kerçem etmesem, içim sowamaz. Bu meniň daýymy öldüren
ganhor ahyryn! — diýip, Kabyl gahardan ýaňa titir-titir etdi.
Altynjan sözüniň diňlenilmejekdigini aňyp, soň bu hakda hiç zat diýmedi.
Sähel salymyň içinde Janahyr halwaçyny dogram-dogram etdiler.
Altynjan Kabylyň tekgesi bilen atyna atlandy.
Yzdan gelýän Kabyl ýuwaşja seslendi:
– Altynjan, ýagdaýyň niçik?
– Gowy!
– Senden gan akýar. Atyň eýeri eýýäm garagan boldy. Häzir ganyňy saklamasak, ölersiň.
– Maňa hiç zadam bolmaz.
Hemedanlylar ýola çykypdylar. Olar Altynjan hatyna buýsanç bilen seredýärdiler, ellerini
galgadýardylar.
– Altynjan hatyn! Altynjan hatyn!
– Men gyzyma seniň adyňy dakdym, Altynjan!
Ýerli ilatyň Altynjan hatyna goýýan hormaty çäksiz uludy.
– Altynjan, dur, ganyňy saklaly, ýogsam soň giç bolar.
– Diýýäniň näme seniň, Kabyl?! Görýärmiň, ilat meni nähili hatyralaýar?! Şularyň öňünde men ýaramy
daňaýynmy?
– Hatyra jandan ileri däldir!
– Gepleme!
– Altynjan, sen meni bütin ömrüme haýran galdyrdyň. Sen bedeniň etden-ä bolmaly däl. Sen
demirdensiň, belki, ondan-da berk zatdan ýasalansyň!
Altynjan jogap bermedi.
Kabyl tebip tapyp getirmekleri üçin üç-dört sany jandaryny gönderdi.
Ybraýym ynalyň gullugyndaky wezirdir-serkerdeleriň dogan-garyndaşlarynyň arasynda bir tebip aýal bardy.
«Derrew şol tebip aýaly Altynjanyň bargähine alyp gelmeli!» diýip, Kabyl tabşyryk berdi.
Altynjan hatyn şäherden çykyp, öz Wahan obasyndaky bargähine barýança atyny gorgunyna sürüp, ýoluň
iki gyrasyndaky adamlara ellerini galgadyp, kä ýerde durup, adamlar bilen hal-ahwal soraşyp gitdi.
Altynjan hatynyň gany halys azalan bolarly, bargähiň deňinde ol özünden gidip, atdan ýykyldy, Kabyl
ony saklamaga ýetişmedi.
***
Onuň özüne gelmegi aňsat düşmedi: ganyny duruzdylar, em etdiler. Ol daňdana çenli özüni bilmän,
aram-aram tisginip ýatdy. Özüne gelip, Kabylyň üstüne gygyrdy:
– Kabyl, sen näme üçin bu ýerde dursuň?
– Eýsem men nirede durmaly?
– Soltanyň ýanynda bolmaly, soltanyň! Ol açdyr. Meniň hansalarym Syddyhy derrew tap. Goý, ol iň
gowy tagamlary, nazy-nygmatlary äkidip, – sen ýanynda dur! – soltany naharlasyn!
– Soltanyň ýagdaýy gowy. Sen öz aladaňy et, Altynjan!
– Men, näme, başga biriniň aladasyny edýärinmi häzir?! Men öz aladamy edýärin. Soltan – meniň
aladam!
– Soltan aç galmaz, gaty arkaýyn bol!
– Etjek dälmi? Onda «Etjek däl!» diýip, göni aýt. Maňa seniň akylyň gerek däl! Sen etmek islemeseň,
özüm ederin – diýip, Altynjan ýerinden turmakçy boldy. Göwresini göterip bilmän, entirekläp gitdi. Derrew
ýanyndaky hyzmatkärler oňa tekge berdiler. Ony düşegine geçirip ýatyrdylar: – Heý, janymy ynanar ýaly
adam ýokmy şu töwerekde? – diýip, Altynjan ýatan ýerinden gygyrdy.
– Ynansaňyz, men bar – diýip, Mübärek han seslendi.
– Men saňa ynanýaryn, Mübärek. Derrew meniň hansalarym Syddyhy tap. Goý, ol meniň üçin
taýýarlan naharyny eltip soltana iýdirsin. Soltan naharlanyp bolýança başga hiç bir zada üns berme. Bar
ünsüň soltanda bolsun...
– Altynjan hatyn, men hansalaryň ýanyna barýaryn. Men häzir Syddyhy taparyn. Ähli zady aýdyşyň ýaly
ederin – diýip, Kabyl seslendi.
Haýran galaýmaly, şu sözleri aýdyp, Kabylyň hansalaryň yzyndan gitjekdigini eşidenden soň Altynjan
hatyn ýene özünden gitdi. Ol üç gün özüni bilmän ýatdy. Dördünji gün özüne geldi, akgyzlaryň hemaýaty
bilen oturdy, ýene adamsy barada sorady:
– Togrul begiň hal-ahwaly niçik?
– Gowy, ähli zatlar gowy, siz hiç bir zadyň aladasyny etmäň – diýip, akgyzlar Altynjan hatynyň daşyna
üýşdüler. – Ybraýymyň adamlary toba geldiler.
– Alparslandan näme habar bar?
– Şu gün, giç galsa ertir geler.
Naharlanmagy üçin gowy görýän tagamyny – tutmaç bilen gowrulan togdary etini getirip berdiler.
Altynjan gowrulan togdary döşüniň birini agzyna ýetirdi. Şol pursat nämedir bir zat ýadyna düşen dek doňdy
galdy. Gözlerini süzüp, nämedir bir zady ýatlamakçy boldy. Megerem, ýadyna salyp, bilmedi, ol howlukmaç
seslendi:
– Kabyl! Kabyl, sen nirede?
Kabyl derrew Altynjanyň dergähine geldi:
– Kabyl, Anuşirwany wagtly-wagtynda naharlap durmak barada tabşyryk beripmidiň?
– Tabşyryk bermek nämä gerek, özlerem bilýändirler.
– Wah, doganym, janymy ýakma meniň, kim ol özünden bilip etjek?! Tabşyryk bereniňde etselerem,
razy bolaýmaly ahyryn adamlardan. Eger hiç kime görkezme bermedik bolsaň, onda serkerdeleriň birini şu
pille ugrat. Goý, ony gowy naharlasynlar. – Altynjan öňündäki gowrulan togdary etini saçaga dolap, Kabyla
berdi. – Hajyp Abdyrahman Agajyny ugrat. Anuşirwan gowrulan togdary etini gowy görýär, şulary iýsin.
– Goý, ol aç otursyn!
– Ýok, ýok, beýle diýme. Derrew ugrat. Tabşyryk ber, ony wagtly-wagtynda naharlasynlar.
– Sen öz ryskyňy iý, Anuşirwana başga taparyn.
Kabyl çykyp gidenden soň, Altynjan gapydanyna ýüzlendi:.
– Kermandan Gurt geldimi?
– Şu gün, giç galsa, ertir geler.
– Ýakut geldimi?
– Şu gün, giç galsa, ertir geler.
Altynjan hatyn Alparslanyň gelerine, Togrul soltany halas ederine garaşýardy. Onuň bu islegi ýöne
ýerden däldi. Soltanyň Alparslandan göwnüniň galan ýeri bardy, ol bu hakda açyk aýtmaýardy. Şeýle-de
bolsa, muny Altynjan aňýardy.
Altynjan hatyn Alparslany biçak gowy görýärdi, onuň üstünliginde öz yhlasynyň miwesini görýärdi.
Alparslanyň durşuna gujur, durşuna pähimdigi barada eşidende galkyjaklaberýärdi. Ol Alparslanyň lalasy
bilen aralarynda hiç hili düşünişmezligiň bolmazlygyny isleýärdi. Ýöne, hany, isläniň mydama bolup durmy
näme!
Alparslan ýaşlyk edip, ynak Ýusup Bazyrganynyň ýanynda ýüregini açypdy. Ana, şol hem ony
lalasynyň ýanynda dili gysga edipdi. Altynjan Alparslanyň Ýusup Bazyrganynyň ýanynda näme diýenini,
hernäçe çalyşsa-da bilip bilmändi. Alparslan soň ol hakda ejesine-de hiç zat diýmändi. Onuň ýeke-täk bir
diýen sözi Altynjanyň ýadynda galdy: «Walydam, köşkde öz mertebäňi saklap gezmek Alynyň ala
meýdanynda darkaş gurmakdan on esse agyr hem çylşyrymly. Köşkde adam adamyň, gep gepiň yzynda».
Togrul soltan: «Alparslan gaty köp zat isleýär. Ony görsem, meniň myrryhym atlanýar. Goý, ol, iň
gowusy, Horasanda Çagry begiň ýanynda bolsun!» diýipdi.
Alparslanyň Fesa şäherine nahanlykda çapawulçylyk etmegi Togrul soltanyň köne nägileliginiň üstüne
urna bolupdy. Şondan soň ol Alparslany wasp etmesini goýupdy, asyl onuň adynyň tutulmagyny
islemeýärdi.
Çagry begiň başga bir ogluny – Süleýmany mirasdüşer billemek bilen, Togrul beg Alparslandan
göwnüniň galandygyny ýaşyrjak bolup durmandy.
Süleýman on ýedi-on sekiz ýaşlaryndaky goç ýigitdi. Ol eýýäm iki ogluň atasydy. Onuň batyrlygyna,
adamkärçiligine, serkerdeligine Togrul begiň syny oturýardy.
– Soltanlygymy men diňe Süleýmana ynanyp biljek – diýip, Togrul beg aýdýardy. – Nesip bolsa,
Süleýman Seljuk soltanlygynyň çägini has giňelder, ýedi yklymyň soltany bolup, dünýäni musulman
soltanlygyna öwrer.
Süleýman yhlaslydy: Togrul begiň ýanyndan aýrylmaýardy, hyzmatyny etmekden ýadamaýardy. Ol
edeplidi, sowatlydy, arap, pars dillerini bilýärdi. Ol terkidünýädi. Bar wagtyny kitap okap geçirmegi gowy
görýärdi.
Altynjan hatyn Süleýmany hem gowy görýärdi, ýöne Alparslan onuň üçin has ezizdi.
Häzirki döwürde Alparslan Sistanyň köp ýerini teshyr kylypdy. «Şanamanyň» watanyny1 öz
tabynlygyna geçirmek üçin Merwden gaýdypdy.
Togrul soltan Süleýmany özüne wezir belläpdi. Nirä gitse, ony ýanyndan aýyrmaýardy. Altynjanyň
göwnüne, şu gün soltany Alparslan gelip halas etse, başky mähirli gatnaşyk ýene öňki akaba düşäýjek
ýalydy. Altynjan soltanyň Alparslany: «Oglum!» diýip, ýene öňki ýaly ezizlemegini yzyny üzmän
Allatagaladan dileg edýärdi.
Onuň saklanmagynyň ikinji bir sebäbi hem bardy.
Özüni Ybraýymyň zulumyndan aýal maşgala – hatyny halas etse, Togrul soltanyň muny özüne namys
biljekdigi gutulgysyzdy. Meger, soltan adamlaryň ýüzüne seretmäge namys eder? «Soltanyň başaryp
bilmedik zadyny hatyn başarýar. Diýmek, soltan hatynça ýok eken» diýip, haýsydyr bir agzyýelli
ýelemýüwlediň aýtmagy-da mümkin. Ýogsam Mübärek han-da, Hapban Endikäni-de, emir Uhjury han-da,
Ysmaýyl-da, Kabyl-da soltany azat etmäge gaty dyzmaçdy. Dogrusy, Altynjanyň bütin ömrüne eden
arzuwy-da soltana özüniň bihal hatyn däldigini görkezmekdi, ýöne bu gün bütin ömrüne eden pikirinden el
çekdi. «Äriňden rüstem boljak bolma. Är är ýerinde, hatyn hatyn ýerinde bolanda ýaşaýyş has gözeldir.
Ärden rüstem bolmak agzalalykdan nyşan. Men soltany diňe bir soltan hökmünde däl, eýsem ärim
hökmünde-de hormatlamaga borçly».
«Soltan göztussagy bolup ýeke dem salymlyk hem oturmasyn. Soltany çykaraly!» diýip, Kabyl iki
gezek Altynjanyň ýanyna geldi.
«Garaş! Alparslan gelsin!» diýip, Altynjan jogap berdi.
«Altynjan, men-ä saňa düşünýän däldirin, walla. Şeýle şanly pursady näme üçin Alparslana bermekçi
bolýarsyň? Entek ol ýaş. Onuň ýeňişleri öňde!»
Altynjan hatyn özüne Kabylyň düşünmeýändigine, düşündirmäge bolsa rowgatynyň ýokdugyna
gynandy.
***
– Emir Alparslan gelýär!
Ýaňyja-da ýerinden galmaga mejaly bolmadyk hatyna niredendir bir ýerden tükeniksiz kuwwat-gaýrat
geldi. Ol zöwwe ýerinden galdy:
– Eşidýärsiňizmi, Alparslan gelýär! – diýip, töweregindäkilere seretdi.
– Hatyn, siz turmaly däl. Ýaraňyz birden beterleşäýmesin.
– Diýýäniň näme seniň?! Meniň düşekde ýatanymy görse, Alparslanyň ýüregi ýarylmazmy? Meni
derrew geýindiriň. Özem Alparslan maňa ok atylandygyny bilmeli däldir. Düşnüklimi?
– Düşnükli, hatyn, düşnükli – diýip, Mübärek han Altynjan hatynyň öňünde tagzym etdi.
Altynjan hatyny isleýşi ýaly geýindirdiler. Şondan soň o l Alparslany garşylamak üçin daşaryk
çykdy.
Alparslan altmyş müň atly bilen geldi.
Ol walydasynyň ýanyna gelip, ýekedyz oturyp, oňa tagzym etdi.
– Geldiňmi, oglum?! – diýip, Altynjan Alparslanyň başyny sypady: – Sen-ä är ýigit çykypsyň.
– Walydam, walydym nirede?
– Walydyň saňa garaşyp otyr.
– Ony näme üçin özüňiz çykarmadyňyz?
– Soltany özüň halas et, Alparslan! Bar, balam, bar, lalaňy alyp gel! Onuň içi gysýandyr. Seni göresi
gelýändir. Men size şu ýerde galaşaryn.
Alparslan yzyna garaý-garaý gitdi.
***
Altynjan beýik Hegmatan depäniň üstünde bargähiniň ýanynda durup, dem sanap soltanyň gelerine
garaşdy. Onuň bar ünsi Hemedanyň günbatar derwezesindedi.
Altynjanyň nazary birden al-asmanda gaýyp ýören bürgütde saklandy.
Bürgüt ganatlaryny käte bir ýaýallyk bilen gymyldadyp, Asmanda gaýyp ýördi.
Ýok, ýok, täsin, hakyt aşak bakyp dur ol!
Ol Altynjana seredýän bolsun gerek.
Altynjan Tümen daýysyny ýatlady. Daýysy: «Beýik Allada bihasap zat ýok. Siz meni gowy
görýärsiňiz, men size gerek, rast, Alla sizden meni aýryp alýan bolsa, onda ol size menden has gowy,
menden has peýdaly birini berjekdir. Ýitirmän, tapyp bolýan däldir. Meni ýitirip, meniň ýerime
tapjagyňyz menden has gowy bolar... Meniň şu sözlerimi ýene on-ýigrimi ýyldan soň hakydaňda
aýlarsyň. Ana, şonda: «Daýym hak aýdan eken» diýersiň» diýipdi. Soňam: «Men bu panyda oglum
Anuşirwana bürgüt bolup ýol görkezerin, bagt görkezerin» diýipdi.
Altynjan birden batly gygyrdy:
– Eý, bürgüt, ber gut! Ber gut! Maňa bagt ber! Togrul soltana rowaçlyk ber! Goý, Togrul soltan derrew
gelsin!
Altynjan hatynyň bu sözlerini goşun goldady. Ähli seljuk goşuny başly-barat bürgütden gut-bagt –
Togrul soltanyň sag-aman gelmegini dilemäge başlady:
– Eý, bürgüt! Togrul soltana rowaçlyk ber!
– Togrul soltana salawatlyk ber!
– Ber gut! Ber gut!
– Togrul soltan – yslamyň din gylyjy! Togrul soltana hamdy-salawat bolsun! – diýip, goşun birsyhly
gaýtalamaga başlady.
Diňe bir şäheriň daşynda däl, içinde-de gowur artyp ugrady.
Altynjan Hemedanyň içinde ýaňlanýan seslerden Muhammet Togrul soltanyň ýola düşendigini, onuň
ýene sähel salymdan öz ýanyna geljekdigini aňdy.
– Togrul begim gelýär! Togrul soltanym gelýär! Musulmanyň guwanjy gelýär! Serediň! – diýip,
Altynjan özbaşyna pyşyrdady. Onuň bu pyşyrdysyny eşiden ýaly, goşun:
– Soltan gelýär! Togrul soltan gelýär! – diýip gygyrdy.
Birtopar atly göründi. Iň öňden gelýän Togrul soltandy. Onuň yzyndan Gutulmyş beg bilen Süleýman
mälik gelýärdi.
Togrul soltan atyny debsiläp, Altynjan hatynyň duran Hegmatan depesine çykdy. Adamsyny synlap
duran Altynjan hatyn begenjine gözünden boýur-boýur ýaş dökdi.
Togrul soltan Altynjan hatynyň ýanyna gelip atdan düşdi.
Begençden ýaňa aglap duran hatynyny ilkinji ýola görýän deýin, boýdan-başa synlady. Onuň bolup
durşy öz minnetdarlygyny nädip beýan etjegini bilmeýän ýalydy. Ol hatynynyň sag elinden tutup, mähir
bilen dillendi:
– «Hatyn» diýsem, hatyndan, «dogan» diýsem, doganymdan zyýadam sen meniň! Seniň bu
gaýduwsyzlygyňy senden özge hiç kimse başaryp bilmez! Seniň bu hyzmatyňa minnetdarlyk bildirmäge
häzir men söz tapmaýaryn, ýöne meniň saňa bolan buýsanjymyň, guwanjymyň çäksizdigini bil. Şu mahal
seni bagryma basasym gelýär. Seni depäme täç edip goşunyň öňünden geçesim gelýär. Men seniň öňüňde
dik başymy egýärin, Altynjan! Saňa baş egýärin!
Togrul soltan hatynyny garsa gujaklady:
– Ýeri, ýaraň azar bermän durmy?!
– Wiý, siz ol barada-da eşitdiňizmi?
– Bilýärin, Altynjan, bilýärin.
Altynjan hatyn Alparslana: «Näme üçin aýtdyň?» diýen terzde seretdi.
Alparslan ýylgyrdy:
– Soltan ähli zady bilmese bolmaz-a!
Altynjan asfury hanjary elinde birki gezek saldarlady-da, Togrul soltana ýüzlendi:
– Begim, eger oňlasaňyz, siziň sowgat beren şu hanjaryňyzy men bu gün Alparslana gowşurmak
isleýärin. Goý, Alparslan mydama biziň ýeňşimiz bolsun!
– Saňa makul zat – maňa-de makul, Altynjan! – diýip, Togrul beg hatynyna mähir-muhabbet bilen
bakdy.
Alparslan Altynjan hatynyň öňünde ýekedyz oturyp, asfury hanjary kabul etdi:
– Senden umydymyz ulydyr, oglum!
– Men sizi ýüňsakgal etmerin, walydam!
– Sen külli musulmanyň halallygy, sogaby bol.
– Naýyp! – Soltan Altynjana ýüzlendi: – Bu zatlardan soň Hemedanda uly toý tutmasak, gelşiksiz bolar.
– Toýdan bolsun, begim! Şeýlebir toý tutarys! Bu toý halkyň uzak-uzak wagtlap ýadyndan çykmaz,
enşa.
– Goý, şeýle bolsun!
Ýigrimi birinji hekaýat
ÝAKYNYŇ ÝOLAN SAKGALY BITMEZ
igrimi bir günden soň ýedi sany lukman Togrul soltanyň dergähine gelip, habarlaryny mälim
etdiler:
– Kyblaýy älemimiz, gözüňiz aýdyň! Ýanýoldaşyňyzdan Ezraýyl elini çekdi – diýip, bagdatly
lukman söze başlady, ýöne onuň yzynda duran yspyhanly lukman kärdeşiniň sözüni haýal gördümi ýa makul
görmedimi-nämemi, iki ädim öňe saýlanyp, sözledi:
– Aly makam, tabşyrygyňyzy ýerine ýetirdik. Alla bize ýardamçy boldy. Biz häzir siziň
dergähiňize hatynyňyza abanan ölüm howpunyň aýrylandygyny, nesip bolsa, Altynjan melikäňiziň
saglygyny dikeltmäge güýjümiziň doly ýetjekdigini size habar bermäge geldik.
Yzda duran lukmanlaryň birisi yspyhanly lukmanyň synyndan çekdi, şondan soň bagdatly lukman
başky sözüni dowam etdirdi:
– Kyblaýy älemimiz, gözüňiz aýdyň! Ýigrimi bir güne çeken yhlasymyz ýerine düşdi. Altynjan hatyna
abanan howp aradan aýryldy. Biz size bu begenjimizi ýetirmäge geldik.
Bu habary eşiden soltan tagtyndan düşüp, lukmanlaryň ýeke-ýekeden elini gysyp, minnetdarlygyny
bildirdi:
– Ýedi baş lukmana iki müňden, galan ýigrimi bäş lukmana bir müňden dinar hedýe bermeli – diýip,
soltan Süleýman mälige görkezme berdi.
Beýtilmal diwanynyň sahyby Bu-l-Kasym dessine lukmanlara içi dinarly haltajyklary paýlap çykdy.
Soltan hatynynyň halyny soramak üçin bärgähinden çykdy.
Soltanyň hem Altynjan hatynyň bargähleri şindem Hemedan şäheriniň gapdalyndaky Hegmatan depesiniň
üstündedi. Soltan ýolda Altynjanyň kösenmeginden ätiýaç edip, şu depäni özüne düşleg edinipdi. Özüniň
bargähini-de hatynynyň bargähiniň gapdalyndan dikipdi.
– Altynjan hatyn aýak üstüne galýança biz şu ýerde bolarys – diýip, soltan kesgitli aýdypdy. Şondan
bäri soltanyň özi-de hiç ýerik gidenokdy.
Togrul beg Alparslandyr Süleýman bilen Altynjan hatynyň ýanyna ugrady.
Ý
***
Altynjan hatyn on-on bäş gat ýazylan ýumjak ýogranyň üstünde töweregine geňirgenme bilen seredip
otyrdy.
Ol ýigrimi bir günläp agyr ýagdaýda ýatypdy, ine, bu gün bolsa özüne gelipdi. Horlanypdy, görnetin
horlanypdy. Şonda-da gözelligini ýitirmändi.
Togrul beg hatynynyň ýüzüne buýsanç bilen bakdy, onuň öňünde aşak oturdy.
Altynjan soltan bilen içeri giren Alparslandyr Süleýmana, birtopar nätanyş lukmana, bargähiň günbatar
tarapynda çugutdyryp oturan Kabyla geň galyp seretdi. Soňam Alparslana ýüzlendi:
– Men uzak ýatdymmy? Bu nätanyş kişiler bu ýerde näme iş edýärler?
Alparslan näme jogap berjegini bilmän, delalat isläp Togrul bege bakdy.
Soltan kömege ýetişdi:
– Altynjan, Hudaýa şükür, indi bäri bakdyň.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 49
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.