Latin

Altynjan hatyn - 33

Total number of words is 3744
Total number of unique words is 2047
32.1 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Ol kapyr döwletleriň üstüne jihat edip, baran ýeriniň ilatyna musulmançylygy kabul etdirýär. Olara
salgyt salýar, paç salýar. Şeýdip, patyşa goşunyny, köşgüni saklaýar, öz ilatyny bolsa salgytdan boşatdy.
– Deýlemli, büweýh, kaku hanedanlyklary musulmanlardy...
– Dogry, ýöne olaryň soltanlarynyň gäbi azmak azdy. Şerigata, kowahata gelişmeýän işleri edip
ugradylar, Hudaýdan daş düşdüler. Öz raýatlaryna zulum etdiler. Onsoň Perwerdigär: «Yslama din gylyjy
bol!» diýip, Togrul begi ýedi yklyma jahandar belledi.
– Eşidişime görä, täze patyşa hatynynyň sözünden çykmaýarmyş. Oguz hanlary hatynlarynyň hakylyna
gulak gabardan ýerlerinde bagtlarynyň ýatandygy barada maňa ýaşlykda gürrüň beripdiler.
Gökhun begiň bu gürrüňine hortap täjir garşy çykdy:
– Wizantiýada Mihail bäşinjiden soň Konstantin ýedinjiniň gyzy Zoýa3 ýurtda melike (şa hatyn) diýlip
yglan edildi. Men iki aý mundan öň Konstantinopolda boldum. Şonda melikäniň bazarlara aýlanyp
ýörendigini hakyt gördüm. Ol täjirleri aýratyn gowy görýän eken. Olaryň rowaçlygy üçin birnäçe perman
çykarypdyr: paç­lary azaldypdyr. Melike orta daýhanlaryň, ilatyň birnäçe salgydyny ýatyrypdyr.
Wizantiýada melikäniň abraýy juda ýokary. Ähli halk melikä alkyş okaýar.
– Zoýanyň jany sag bolsa, Wizantiýa şalyk etmek gezegi bize – bezirgenlere-de ýetsin gerek – diýip,
söwedin täjir hortap täjiriň ýüzüne kinaýatly ýylgyrdy.
– Bu näme diýdigiňiz bolýar?
– Munuň sebäbini Konstantinopola barybam bilmediňmi?
– Ýok, bilmedim.
– Onuň bilmez ýaly syry ýok. Zoýa görgülide är uzak duranok. Ol üç gezek äre çykdy, üç ärinem tagtda
oturtdy. Barybir, ol ärleri dürli sebäplere görä uzak ýaşaman ölýär. Konstantin IX Monomaham uzak
ýaşaman öler, şeýdip, Zoýanyň ärleri ölüberse, ahyr gezek bize-de ýeter-dä!
Söwedin täjiriň bu sözüne kabulhanada oturan täjirler hezil edip gülüşdiler.
– Täze patyşa ýörişe gidende yzynda hatyny Altynjany nedim belläp gidýärmiş. Men bu sözüň
çyndygyny-ýalandygyny-ha anyk bilmeýärin – diýip, Gökhun bin Harur meniň bu sözüme näme jogap berip
bilerkäňiz diýen terzde töweregine garanjaklady.
– Altynjan hatyn, eşidişime görä, ýöne-möne hatyn bolmaly däl. Begiň oňa ikinji gezek öýlenmegindede hikmet bar.
Gökhun hortap täjiriň şu sözi aýdaryna garaşyp duran ýaly, söze başlady:
– Togrul beg Ýusup ýabgunyň wepatyndan soň beýik bir seňňeriň üstüne çykyp, üç gije-gündiz
Allatagala mynajat okapdyr. Şonda oňa bagzy erenler beýik bir şadöwlet gurmagyna jahandarlyk patasyny
beripdirler. Erenler oňa kyrk ýaşa çenli öýlenmezligi wesýet edipdirler, kyrk ýaşda bolsa bir ýanýoldaş
iberjekdiklerini aýdypdyrlar. Togrul beg hem kyrk ýaşa ýetýänçä öýlenmändir. Seljuk jemagaty gyşyny
Dargan, Hezarasp sebitlerinde, ýazlagyny Nur ýaýlasynda geçirýän döwürleri Horezmşanyň gyz agtygy:
«Kim-de-kim maňa Togrul begiň kellesini getirip berse, men şol merdana ýigide äre çykjak» diýip habar
ýaýradypdyr. Ana, şonda özüne göwni ýetýän üç sany goçgar Togrul begiň gaşyna barypdyr. Togrul beg ol
üç goçgaryň biriniň hem raýyny ýykmandyr. «Eger küşdüňiz-muşduňyz meniňkiden rüstem gelse, meniň
kellämi alyp gidiberiň. Biziň ýekme-ýek söweşimize hiç kim päsgel bermez. Siz ýeke geldiňiz, men hem
siziň garşyňyza ýeke çykaryn» diýip, beg üç ýigit bilen başa-baş söweşipdir. Ol üç ýigidiň ikisi-hä
amanadyny tabşyrypdyr, üçünjisem ýeňlendigini boýun alypdyr, soňundan onuň bilen dogan okaşypdyr. –
Gökhun maňlaýyna omrakaý sümren peşini biraz ýokary galdyrdy. – Togrul beg erenleriň: «Kyrk ýaşda seni
bir zenana gowşurarys» diýen zenanynyň Altynjandygyny, onuň hem öz kastyna çykandygyny şol wagt
nireden bilsin?!
Gökhunyň aýdýan zatlary kabulhanadakylaryň ählisini gyzyklandyrdy. Täjirler onuň daşyna egele
bolup, aýdýan sözlerini diňlemäge durdular.
Muhtasybyň oturan otagynyň gapysy açylyp, iki sany daýaw täjir ýylgyrjaklap çykdy. Olar
kabulhanadan çykyp ötägitmän, edilýän gürrüňi diňlemek üçin aýak çekdiler. Hiç kim ýanyna barmandan
soň, muhtasyp hem oturan otagyndan çykdy.
– Altynjan hatyn näme üçin Togrul begiň kellesini getirip berene durmuşa çykjak diýdikä? – diýip,
mapraç täjir gyzyklandy.
– Onuň sebäbi bar.
– Siz bileňzokmy onuň sebäbini?
– Bilýärin. Altynjan hatynyň özem kiçeňräk goşun jemläp, Togrul begiň kastyna çykypdyr, ýöne şol
wagt Togrul beg Nur etrabyna giden eken. Meniň, menden owal babam Harur Aksungaryň häkimlik eden
Gawşfinj şäherine öň Akhun (afrigit) nesilşalygyndan bolan Bugrajyk Abdal häkim eken, ýöne Mamunlar
tagta geçensoň, Bugrajyk Abdalyň ykbaly küle çökdi. Sebäbi onuň diňe gögeleje ogly bilen özüni diri
galdyryp, beýleki ähli kowum-hyşdyny öldürdiler, häkimligini elinden aldylar, Bugrajyk Abdaly mülküne –
Zamahşar galasyna kowdular. Agyr kysmaty, ölüm-ýitimi ýüregi göterip bilmän, ol öldi, galada ogly
Abdylmälik galdy. Şonda Bugrajyk Abdalyň köne dosty Tahyr Afrasýap Zamahşara gelip, ýaş Abdylmälige
hossar çykdy, oňa özüniň on ýedi ýaşly gyzyny äre berdi. Olardan üç ogul bilen Altynjan dünýä indi.
Altynjan – Togrul begiň hatyny şol!
– Altynjanyň Togrul begde näme kasty bolduka?! – diýip, mapraç täjir başky sowalyny gaýtalady.
Gökhun göwünjeň jogap berdi:
– Kimdir biri Tahyr Afrasýabyň Tümen diýen ogluny öldürdi. «Tümeni Togrul öldüripdir» diýen myşmyş ýaýrady. Ýöne, özüňiz bilýärsiňiz, Ýusup pygamberden bäri möjegiň agzy iýse-de gan, iýmese-de4.
Altynjan daýysynyň agysyny aglady, öýünden çykmady. Soňam ar almagy – Togrul begi öldürmegi maksat
edindi. Ana, şonda ol özüne aşyk bolan ýigitlere bakyp, kim-de-kim Togrul begiň kellesini getirip berse, şol
gerçege äre barjakdygyny mälim etdi. Gerçekler bu habara begenmek begendiler, Togrulyň kellesini
getirmek üçin gitdiler, ýöne olaryň hiç birisi hem Togrul begiň kellesini getirip bilmedi. Togrul beg öz
kellesiniň söwdasyny edýän arjanak zenany görmek isledi, şu isleg bilen göni Zamahşar galasyna bardy.
Altynjana gözi düşen Togrul beg bada-bat oňa aşyk boldy. Ol Altynjana garap: «Eý, altyn gyz, – Togrul beg
şonda Altynjanyň adyny bilmeýän eken – Sen meniň kellämi idegläpsiň. «Kim-de-kim Togrul begiň kellesini getirse, men şol merdana gerçege äre barjak» diýipsiň. Ynha, men ýumşuňy bitirdim – Togrul begiň
kellesini elin getirdim. Indi sen sözüňde durup, meniň hatynym bol!» diýdi. Togrul bege öň owadandanowadan gyzlary hödürläpdirler. Ol welin, ýeke gyzyň ýüzüne-de garamandyr, ýöne Altynjandan welin, asla
gözüni aýryp bilmän, äpet göwresini saňňyldadyp durmuş. Beg şol duşuşykdan soň, Zamahşara sawçy
ýollapdyr. Ýöne toba ýaşy5 dolýança – iki ýyldan gowrak wagtlap öýlenmändir – diýip, Gökhun beg
töweregindäkilere seretdi. – «Zamahşar gijesi» hakda eşitdiňizmi?
– Ýok, ýok, bilmeýäris, aýdyber – diýip, bezirgenler Gökhun begiň gyzykly wakany gürrüň berjegini
aňyp, söhbediniň soňuny diňlemäge howlukdylar. Ýöne gürrüňçilikde käbir kişi özüni görkezmek, özüniň
ony-muny bilýändigini aýdyp öwünmek isleýär. Şol maksat bilenem gürrüňe goşulýar. Gökhun begiň
mylaýymlyk bilen gür bermesi hortap bezirgeniň hoşuna gelip, ol öz bilýän zadyny göçgünli gürrüň
bermäge başlady:
– Men Togrul beg bilen bäş-alty gezek duşuşdym. Ol Altynjan hatyna talak berende şeýle diýdi: «Ýa
men ölerin ýa-da soltan Masudy ýeňip, Horasana hökümdar bolaryn. Şu maksadyma ýetýänçäm men saňa
nämynasyp. Şu günden başlap, men gylyç ýa kepen däbine girip, soltan Masudyň garşysyna çykjak. Ölsem,
idde möhletiň6 gutararyna garaşyp-örtenip ýörmän, meniň ölendigimi eşideniňden soň äre bar, ýöne Allatagala
menlik bolup, soltan Masudy ýeňsem, onda men saňa täzeden öýlenerin. Ikinji toýumyz «Zamahşar
gijesindäki» ýaly bolmaz. Reý şäherinde ýedi yklymda entek görlüp-eşidilmedik toý tutaryn».
Hortap bezirgeni uzak gürlemäge goýman, onuň al-petinden aldylar:
– Eý, sen nä gürleýärsiň? Seniň bu aýdýan zatlaryňy ähli kişem bilýär. Sen, nä, bu gojanyň sözüni
kesýärsiň? – Häliden bäri ýekedyz oturyp Gökhun begi diňlän söwedin täjir ellerini hereketlendirip
gaharlandy. Söwedin täjiriň sözüni oňlap, hortap täjire ýerli-ýerden igendiler.
– Gohlaşmaň, gohlaşmaň! – diýip, muhtasyp haýbatly seslendi. Gökhun begiň alkymyna dykylyp bardy
– Saýybym, siz näme maksat bilen nireden geldiňiz?
– Men bady-şütür şemaly bilen at alan şäherden geldim. Maksadymyz işe, gulluga durmak. Şu niýet
bilen Reýe barýarys. Bu ýerde garbak-gurbak edinmekçi bolduk.
– Näme käriňiz bar?
– Goçgar, meniň bir döwüm tötek iýmegim üçin şu zatlary bilmegiň hökmanmy? Men bu ýere
Alauddaule döwri hem gelipdim. Şonda bir döwüm tötek iýmek üçin hiç zat soramaýardylar. Ýa garbakgurbak edinmek üçinem Ýusup Bazyrgana rişwet bermelimi?
– Siz kim?
– Meniň adym Gökhun ibn Harur ibn Aksungar. Aslym horezminli. Şamälikden öň – Altyndaş döwründe
Gawşfinj şäheriniň häkimidim. Soň ykbal şemaly meni Badhyza7 taşlady. Başga näme aýdaýyn?
– Saýybym, siz maňa nähak gaharlanýarsyňyz. Bir döwüm tötek iýmegiňiz üçin biz sizden hiç zat
soramarys, Ýusup Bazyrgana-da rişwet bermeli däl. Sakçylar sizi meniň tabşyrygym bilen ýanyma
getirdiler. Alauddaule döwri hem men şu ýerde işleýärdim. Hernä, şol döwrüň – deýlemlilerden döwranyň
geçdigi bolsun. Ol döwür nan atlydy, biz pyýadadyk. Togrul soltanyň ömri deraz bolsun. Agzymyz aşa ýetip
ugrady. Ol her bir musulmany, her bir gelen täjiri myhmana goýulýan gadyr-hormat bilen garşylamagy,
doganlarça gürleşmegi bizden talap edýär. Onsoňam Taberek galamyz indi kabalä8 öwrüldi. Ynha, görüň,
birgiden kerwen galada söwda edýär. Alauddaule döwründe bir aýda gelýän kerwen bu gün bir günde
gelýär. Patyşamyz täjirleri salgytdan boşatdy, paçdan boşatdy. Gorag pajyny bolsa, ähli täjirler üçin deň etdi.
Her bezirgen hakda alada etmek biziň borjumyz. Ine, şu bezirgenlerden sorap görüň, içinde bizdenem,
patyşadanam nägilesi ýokdur. Sebäp, bar aladamyz raýatlarymyz. Sizi nähak saklapdyrlar. Häzir sizi
çaýhana elterler. Size hyzmat ederler, arkaýyn boluň. – Muhtasyp içişikde duran sakça buýurdy: – Bar,
bulary çaýhana eltip gaýt. Çaýpuruşa aýt, gowy hyzmat etsinler. – Muhtasyp Gökhunyň ýakynyna gelip,
müýnli gürledi. – Siz biziň günämizi ötüň. Men öz adamlaryma: «Atabeglik eder ýaly är-aýal görseňiz,
meniň ýanyma alyp geliň» diýipdim. Sakçylar sizi bu ýerik meniň şol sözüm üçin getiripdirler. Ýogsam
nahar iýjek adamy içeri goýbermän duramzok biz. Allatagala maňa ogul bermedi, diňe bir akyllyja gyz
berdi. Ýaňy bäş ýaşyny doldurdy. Men gyzyma atabeg tutup, birki dili öwretmek isleýärin. Togrul begiň
hatyny ýetmiş iki dil bilýärmiş. Saklablaryň9 hem ähli dilini bilýärmiş. Dünýäniň haýsy ýerinden ilçi gelse,
olaryň öz dillerinde gürleşip otyrmyş, ol.
– Ynamyň üçin taňryýalkasyn… – Gökhun syrly dymdy.
– Siz razymy?
– Ilki bilen, çagaňyzy göreli. Onuň bilen gürleşip görenimizden soň, biz bu sowalyňyza jogap berip
bileris. Özümiz atabeglik etmesegem, gowy atabeg tapyp berip bileris.
Muhtasybyň begenýändigi ýylgyrjaklap iki tarapyna bakyşyndan açyk duýulýardy.
– Men näçe diýseňiz, hakyňyzy tölärin. Siz menden nägile bolmarsyňyz. Men size ýatak jaýyny bererin,
mugt iýdirip-içirerin.
– Teşneligimizi gandyrsak, owkat edinsek...
– Duruň, duruň! – diýip, muhtasyp Gökhunuň sözüni böldi. – Siz häzir göni meniň öýüme baryň. Ol
ýerde siziň teşneligiňizem gandyrarlar, owkadam bererler. Ýusup! – Muhtasyp gapynyň agzynda duran
sakça ýüzlendi: – Bu gojany hatyny bilen meniň öýüme elt. «Altynjanyň atabegleri» diýip aýt. Gowy
iýdirip-içiriň. Bular uzak ýoldan gelipdirler. Dynçlaryny alsynlar. Sowal berip, ýüreklerine düşäýmäň. Şeýle
diýibem öýdäkilere aýt.
Muhtasybyň öýi uzakda däl eken.
Är-aýal giň otagda ýazylyp-ýaýrap naharlandylar. Bäş ýaşlyja Altynjan bolsa Kalbyna bilen tiz
öwrenişdi.
On bäşinji hekaýat
HER KIM ÖZ MAKSADYNA
DAŇLAN
lparslanyň harby tilsimleri öwrenjekdigi Togrul begi-de, Altynjany-da biynjalyk edip duranokdy.
Çünki ol pälwansypat, daýaw, erjel jahyldy, harby tilsimleri öwrenmäge höwesekdi. Iň esasy zat, onuň
döwrüň ylymlaryndan ýüküni mas ýetirmegidi. Pars hem ýunan dillerini öwrenmegidi: musulman
halklarynyň arasynda bilim dili – arap, syýasy dil – pars, köçe dili – türkmen dilidi. Ýunan dili aşa sowatlylygy
aňladýan begzadalyk dilidi.
Togrul beg alada-endişesi her çent köp-de bolsa, iki ýylyň dowamynda Alparslany ünsden düşürmedi:
onuň bilen gylyçlaşyk türgenleşigini geçmäge, puta – ýaýdan hem hanjardan nyşana urmaga wagt tapdy.
Tas her gün garadere batyp türgenleşdiler.
Birder türgenleşik geçip, ýadap, dynç almak üçin oturanlarynda Altynjan hatyny çagyrmak Togrul bege
edehäde öwrülipdi.
– Näme üçin Altynjan ýok?! Çagyryň-a ony.
Bu söz her gezek gaýtalanýandygy üçin, Togrul patyşa bilen Alparslan türgenleşige başlasa,
hyzmatkärleriň biri Altynjan hatyny çagyrmak üçin ugrardy.
Alparslan lalalary Togrul soltany, Altynjany aýratyn hatyralaýardy. Olaryň göwnüni götermäge
çalyşýardy. Togrul soltana «babam», «lalam», «walydym»1, Altynjan melikä «enem», «lalam», «walydam»
diýip ýüzlenýärdi.
Alparslan Togrul beg bilen Altynjany hernäçe ezizlese-de, kakasy Çagry begi, ejesi Gyzbibini
ýadyndan çykarmaýardy, kä gijeler ejesidir kakasy, doganlary Gurt (Kawurt), Süleýman, Ýakut düýşüne
girýärdi, olar bilen basalaşyp oýnasy gelýärdi. Merwe bakan seredip, doganlary bilen basalaşyp oýnan
günlerini ýatlaýardy. Onuň gündogara bakan seredip oturandygyny görüp, Altynjan melike ýanyna gelerdi:
– Öwez, sen näme üçin ýüzüňi aşak salyp otyrsyň? Nämäni gaýgy edýärsiň?
On dört-on bäş ýaşly Alparslan näme jogap berjegini bilmän çykgynsyz güne galardy:
– Men hiç zady gaýgy edemok...
– Ýeri, ýene Merwi ýatlaýarsyňmy?
Alparslan boýun almaýardy. Ol alawuz gylygyň gowy däldigini bilýärdi, ýöne hakykaty aýtsa, lalasy
halajak däldi. Şonuň üçinem ýalany saýlap alanyny ibaly görýärdi.
Togrul beg gylyçly türgenleşiklerden soň, Alparslan bilen bile naharlanýardy. Özem köplenç
sazandalaryň pessaý sazyny diňläp naharlanýardylar.
Togrul soltan nahar başynda Alparslana ýüzlendi:
– Saňa näme bolýar? Nämäni oran edýärsiň?
A
Alparslan sowala açyk jogap berdi:
– Iki gije mundan öň düýş gördüm, lalam. Şol gören düýşüm teý ýadymdan çykanok.
– Pygamber ýorgudy bolsun, nähili düýş ol?
– Düýşümde walydym hassa ýatyr, ol maňa gyzyl ok2 berdi. Walydam bolsa ol oky elime almagymy
islemedi.
– Walydyň bu mahal Balhda bolmaly. Ol Möwduddan3 ýeňläýdimikän? Näme üçin meni däl-de, seni
kömege çagyrýarkan? Eger zerurlyk ýüze çyksa, maňa habar göndererdi, ýöne ondan hiç hili habar ýok...
Şunuň bilen gürrüň gutardy.
***
Gyzyl okuň – çakylygyň ugradylmagyna Reýde ähli kişiden beter Altynjan howlugýardy. Çünki iki
dogan – Çagry beg bilen Togrul beg patyşalygy ýola goýup, güýç ýygnap Horezmine — Şamäligiň üstüne
çozmagy ähtleşipdiler. Şol ýörişe taýýardygyny mälim edip, Çagry beg Togrul bege ýörişe çakylyk
ibermelidi. Şamälikden ar almak diňe bir Altynjanyň däl, ähli seljuk begleriniň maksady ahyryn. «Zamahşar
gijesiniň» awusy seljuk neberesiniň jigerlerinden çykarly däldi. Ol gijede diňe toý ýasa öwrülmedi, sekiz
müň seljukly wepat boldy, gyryldy! Ol gijede, gör, näçe çaga, näçe naçar öldürildi.
Şamäligiň elinden Altynjanyň hossarlary – ata-enesi wepat etdi.
Şamäligiň elinden Altynjanyň dogany Habyl wepat etdi.
Şamäligiň elinden wepat eden adamlar kändi, juda kändi, ýatlasa, Altynjanyň jigeri gyýym-gyýym
bolýardy.
Altynjan Şamälikden aryň alynmagyna gününi sanap garaşýardy.
Merwden Altynjan hatynyň paltasyny daşa degdiren habar geldi: «Şamäligiň üstüne ýöriş edildi,
ýöne ýöriş şowsuz gutardy4 ».
***
Togrul soltan Alparslanyň gören düýşüniň ýönekeý düýş däldigini aňyp, ony on müň atly goşun bilen
Merwe ugratmagy makul bildi, Alparslana daňdan Merwe ugramalydygyny aýtdy.
Çagry beg: «Şu gün sagalaryn, ertir sagalaryn» diýen inçe tama bilen şindem nähoş ýatyrdy. «Çagry
beg sarygetirme keseli bilen keselläpdi, şol dert ony gaty ynjydýardy»5. Ol Balha ugramak barada perman
beripdi. Goşun taýýardy, ýöne ol ýola düşmek hakynda pikir hem etmeýän ýalydy.
Ol Alparslanyň gelenine begenmek begendi. On bäş ýaşly ogluny ýörişe taýýar bolup duran goşunyna
baş edip, Balha sary ugratdy.
***
Togrul bege Alparslanyň Balha salar bolup gidendigi, Möwdudy ýeňip, seljuk serhedini giňeldendigi,
bu habary eşiden Çagry begiň keselinden açylandygy hakdaky habar bilen gyzyl ok getirdiler6.
Gyzyl ok alan Togrul soltan birleşen güýç bilen Balha, Horezmine ýöriş etmek üçin elli müňlük atly:
jylawdar hem ylgary goşun bilen Merwe ugrady. Merwde esgerleriň sany ýüz müňe ýetmelidi.
Iki dogan Merwde duşuşdy.
Şol gün Gaznadan hoş habar gelip gowuşdy: üç ýyllap edilen talapdan soň, gaznalylar Gutulmyş ibn
Ysraýyl Arslan ýabgu ibn Seljugy zyndandan boşatdylar. Mundan üç aý öň Resultegin ibn Ysraýylyň
serkerdeligindäki Gutulmyşy alyp gaýtmak üçin ugradylan topar ahyr maksatlaryna ýetdiler, Gutulmyşyň
Hindiguş daglaryndan aşyp Merw sary ugrandygyny, birigün Merwe geljekdigini habar berdiler.
«(Seljuklar) Soltan Masutdan Gutulmyşy zyndandan çykaryp, özlerine iberilmegini talap etdiler.
Talaplary ýerine ýetirilenden soň soltan Masut bilen ýaraşdylar we öz aralaryndaky şertnamany berkitdiler.
Şertnama görä, Sistan, Gazna we Hindistan ülkeleri soltan Masuda degişli bolmalydy, ol Horasandan we
beýleki ýerlerden el çekmelidi. (Seljuklylar) tä soltan Sanjar (511 – 552 h.ý., 1118 – 1158 ý.) döwrüne çenli
soltan Mahmydyň neberesiniň üstüne çozmadylar».
Kerimeddin Mahmyt Aksaraýly.
Musameretul ahbar.
(Habarlaryň mejlisi)
Iki dogan Gutulmyşy derejeläp garşylamak maksady bilen, ýörişi bir hepde soňa goýdular.
Gutulmyşa mynasyp gelinlik tapyp goýdular. Has takygy, Ahmet Dehistanynyň gyzyna guda boldular.
Gutulmyş geldi.
Ýigrimi ýylyň aýraçylygyndan soň doganoglanlar didarlaşdylar.
Toý toýladylar.
Uzak gije meýlis gurap, serden geçdiler.
Ertesi Gutulmyşy öýerdiler, oňa bir hepde dynç berýändiklerini aýtdylar.
Bir hepde dynç alyşdan soň, doganlar Gutulmyşy maslahata çagyrdylar, oňa ýagdaýy düşündirdiler,
özleri bilen ilki Balha, soňam Jürjaniýa ýörişe gitmegi teklip etdiler.
Gutulmyş bu teklibe kes-kelläm garşy çykdy: özüniň ýigrimi ýylyň horlugyndan soň rahat ýaşamak,
özem bolçulykda, hökmürowanlykda bigam ýaşamak isleýändigini mälim etdi:
– Maňa bir patyşalygy – ülkäni beriň. Men ol ýurtda hiç bir zadyň aladasyny etmän rahat ýaşaýyn. Men
indi ýaş däl. Ömrümi ikinji gezek töwekgellige salmak islemeýärin.
Togrul beg-de, Çagry beg-de Gutulmyşdan beýle söze garaşmandylar. «Elbetde, Taňry ýagşy amal
edijileriň azabyny zaýa etmeýär»7. Mundan beýlägem şeýle bolar, ýöne Gutulmyşyň jogaby bu iki dogan
üçin garaşylmadyk jogapdy.
Näme etmeli?!
Balha, Horezmine ýörişi soňa goýmaly. Gutulmyş haýsy sebite häkim bolmak isleýän bolsa, şol ýere
gidip, şol ýerini teshyr edip, onuň ygtyýaryna tabşyrmaly. Ikinji ýol ýok: sebäbi Togrul begiň hem Çagry
begiň hem ýigrimi ýyllap horluk çeken Gutulmyşyň garşysyna gidesleri gelenokdy. Her nähili ýagdaý
bolanda-da, ony razy-hoşal etmeli. Ol dogry aýdýar: goý, galan ömrüni göwnühoşlukda geçirsin. Ol: «Men
patyşa boljak. Sizem meniň wezirlerim bolarsyňyz» diýenog-a! «Men soltan boljak!» diýmäge-de haky bar
onuň. Sebäp ol Arslan ýabgunyň ogly. Arslan ýabgu ähli seljuklylaryň patyşasydy, ýabgusydy. Ýabgu
ölse, yzyny ogly dowam etdirmeli!
Iki dogan özara maslahatlaşdy. Şondan soň olar Gutulmyşyň ýanyna bardylar:
– Gutulmyş dogan, sen çar ýana ynamdar jahankeşdeleri gönder. Goý, olar iň gözel, iň baý ülkeleri,
patyşalyklary görüp gelsinler. Onsoň haýsy ýerini diýseň, ilkinji nobatda, şol ýerini saňa petihläp bereýin.
Seni razy edip, ana, şondan soň men Horezmine ýörişe gideýin.
Gutulmyş Togrul bege nagt jogap berdi:
– Dogan, onuň üçin hiç ýere adam, jahankeşde göndermegiň derkarlygy ýok. Meniň göwnüm – eger
maňa rowa bilseň! – Tabarystany – Ziýar patyşalygyny isleýär. Şol ülke meniň tabynlygymda bolsa, maňa
bu dünýäde başga hiç zat gerek däl.
– Eh, byradar, heý, men saňa ol ýerleri rowa bilmerinmi? Ondan köp ýer isleseň hem musahhar kylyp
bererin.
– Ýok, ýok, maňa şol ýerleri ýeterlik.
– Islemek seniň bilen, amaly biziň bilen.
***
Togrul beg Tabarystana – Ziýar patyşalygyna iki ýüz aňtawçy ýollady. Olaryň wezipesi Togrul begiň
çyn howandardygyny, onuň goşunynyň çäksiz köpdügini, baran ýerinde nähili güýçli goşun bar bolsa-da
hökman ýeňýändigini, garşylyk görkezilse Togrul begiň halamaýandygyny, gaty berk jezalandyrýandygyny,
ýerli ilaty iki ýyllap salgytdan boşatjakdygyny, täze metjitleri gurjakdygyny, mazlumlara, ähli ilata çyn
hossar çykjakdygyny wagyz etmekdi.
Wagyzçylaryň ýerli ilata düşündiriş geçmegiň hötdesinden nä derejede gelendiklerini bilmek kyn däldi:
seljuk goşunynyň nähili garşylanýandygy aňtawçylaryň yhlaslarynyň görkezijisidi.
***
Käbir galalar hiç hili garşylyk görkezmesizden derwezelerini açyp, seljuklylary duz-çörekli garşylady.
Togrul beg bu sebitlerde özüne garşy çykyp biljek uly güýjüň ýokdugyna göz ýetirdi. Ol ilki Merdawij ibn
Bessunyň häkimlik edýän Gürgen şäherine sary ugrady, şäheriň golaýynda özüniň gara ýüpekden edilen
«bargähi soltanatyny»8 dikende ýerli ilat gala derwezesini giňden açyp, oňa boýun egýändiklerini aýtdy.
Togrul beg dabara bilen şähere girdi. Ýaraşyk üçin şäheriň ilatynyň ýüz müň dinar tölemeklerini talap etdi.
Togrul begiň bu talaby bir ýarym günüň dowamynda ýerine ýetirildi. Beg Jürjan (Gürgen) şäheriniň ilatyny
ýygnap, şäheriň, tutuş Gürgen welaýatynyň Gutulmyş bege ykta berilýändigini yglan etdi9.
Togrul beg Gürgene (Jürjana) gelip, Ziýar patyşasy Bakalanjary dardan asyp jezalandyrmakçydy, çünki
onuň eden etmişleri kändi, etmişleriniň biri parawly Parawbibiniň ölümine sebäpkärligidi.
Bakalanjar hiç ýerde ýokdy, onuň Elbrus dagynda, uçut bir gaýada gurlan galada gizlenýändigini habar
berdiler.
Onuň yzyndan gitmek, tapmak, jezalandyrmak üçin bir aý wagt gerekdi. Togrul begde welin, wagt
ýokdy. Ol Horezmine gitmelidi, Şamäligi tapmalydy hemem ony jezalandyrmalydy, Horezmini Seljuk
şalygynyň tabynlygyna geçirmelidi. Şonuň üçin hem Togrul beg Bakalanjary tapmagy hemem
jezalandyrmagy ýene bir gezege goýup, möhümden möhüm işleri etmegi makul bildi.
***
Togrul patyşa Gutulmyşyň islegini amal edip, günbatardaky ýagdaýdan kanagatlanma tapyp, Reýde
naýyplygy etmegi baş wezir Ahmet Dehistana tabşyryp, Merwe, ol ýerden hem Horezmine ugramak üçin
ikinji gezek azymat etdi.
Horezminde entegem Şamäligiň hökmürowanlygy ýöreýärdi. Öňki hökümdar Harun ibn Altyndaşyň
ogly Ysmaýyl bilen hadymy Şükür bolsa, şindem Merwde Çagry begiň gullugyndadylar. Soltan Masut
aldaw bilen öldürileninden10 soň, Şamälik Gazna tagtyna geçen Möwdud ibn Masut ibn Mahmydyň
tabynlygyna giripdi.
***
Horezmine ýörişe gidilýändigini eşiden Anuşirwanyň hatyny Göwheraý ýaňy dünýä inen ogluny
bagryna basyp, Altynjan hatynyň ýanyna geldi, sojap-sojap aglady.
– Näme boldy, Göwheraý?
– Merhemetli melikäm, eşidişime görä, Horezmine ýöriş edilýärmiş.
– Hawa, ertir ugraýarys.
– Merhemetli melikäm, Anuşirwan meni ýany bilen äkitmek isleýär.
– Äkitse, ata-eneňi görersiň-dä!
– Ýok, ýok, meniň olary göresim gelenok, merhemetli melikäm. Towakga edýärin, meni goýup gidiň,
ýolda meniň çagam heläk bolar.
– Sen çagaň ýolda heläk bolmagyndan ätiýaç edip galmakçy bolýarmyň ýa Buruntaga barmak
islemeýänligiň üçin?
– Buruntaga barmak islemeýänligim üçin.
– Onuň näme sebäbi bar?
– Babam maňa: «Men senden geçýärin, gözüme gaýdyp görünme» diýdi. Men hem babama: «Gaýdyp
Buruntaga gelmerin» diýip äht etdim.
– Näme üçin? Ýa babaň Anuşirwana äre barmagyňy islemedimi?
Göwheraý näme jogap berjegini bilmeýän bolarly, aljyrady:
– Hawa, islemedi.
– Onuň özi başda seni Anuşirwana gelinlik berýändigini meniň babama aýdypdy ahyryn!
– Hawa, aýdypdy! Towakga edýärin, merhemetli melikäm, meniň hökümdarym bilen gürleşiň, goý, ol
meniň köşkde galmagyma izin bersin.
– Ýöriş bir ýyla çeker. Bir ýyllap Anuşirwan küwensiz oňup bilmez-ä?
– Goý, ol ýene bir hatyn alaýsyn. Dürnazar sahybyň gyzy Dilbere öýlensin, ony ýany bilen äkitsin!
Dilber biçak owadan gyz. Merhemetli Anuşirwan ony gowy görýär. Men gördüm: bir gezek Anuşirwan
Dilberiň geçip barýandygyny görüp, atdan düşdi, tä öýüne girýänçä onuň yzyndan seretdi durdy.
– Ol seni ähli peri-peýkerlerden agla görýär.
– Towakga etseňiz, size «Ýok!» diýip bilmez!
Altynjan Göwheraýyň towakgasy boýunça Anuşirwan bilen ýörite gürleşdi, ýaş çaganyň uzak ýolda
horlanjakdygyny tutaryk edundi.
Anuşirwan walydasynyň bu sözüni asyl diňlemek hem islemedi:
– Ömrümiň ahyryna – iň soňky demime çenli hatynym Göwheraý ýanymda bolar, bizi hiç bir güýç aýry
salyp bilmez!
Anuşirwanyň bu sözünden soň, Altynjan sesini çykarmady, Göwheraý bolsa, aglamak aglady.
Göwheraýyň gözýaşy, agysy Anuşirwanyň pikirini üýtgedip bilmedi.
Dünýäniň ähli suwundan zenanlaryň döken bipeýan gözýaşy köp bolsun gerek!
Eh, zenanlar, zenanlar!
***
Zamahşar! Altynjan on ýyldan soň dünýä inen galasyna geldi. Ine, tanyş ýerler! Gör-ä nähili gowy!
Altynjan begenjine uçaýjak--uçaýjak bolýardy. Ol Zamahşaryň derwezesiniň ýanynda atdan böküp düşüp,
ýere üç mertebe togap etdi, derwezäni, galanyň diwaryny sypap-sypap ogşady. Altynjan üýtgese-de gala
üýtgemändir. Ine, birmahalky aýakýalaňaç ylgan ýerleri, gijelerine düýşüne giren zowkuly ýerleri üýtgewsiz
saklanypdyr.
– Men geldim, men geldim – diýip Altynjan möňňürip aglady, derbanlar bilen ýekän-ýekän salamlaşyp,
hal-ahwal soraşyp çykdy, zamahşarlylara sahylyk bilen dinar paýlady.
Altynjanyň maksady Tümen daýysyndan galan tyllalary zamahşarlylara paýlamakdy, ýöne ol
hazynanyň üstüni açmanda-da, ýeterlik tylla-teňňe tapyldy.
Seljuklylaryň ýüz müň atly goşun, üç manjanak bilen ýetip gelýändigi hakda eşiden Şamälik
hazynasyny alyp, gaçyp gitdi, özüni Dehistan sähralygyna atdy. Soň ol ýerden hem Tabasa göçdi 11...
Şamäligiň wezir-wekilleri-de zut gaçypdylar. Gyssagarada olar ähli hazynalaryny ýanlaryna almaga
ýetişmediler. Jan – hazynadan şirin. Şamäligiň wezir-wekilleri, şeýle hem öz döwründe seljuklylara garşy
çykan barjamly adamlar gaçdylar. Olardan galan hazynalaryň bellibir bölegini Togrul beg Altynjana berdi.
Hatyn hazynalary zamahşarlylara paýlamak paýlady. Razzak damulla Altynjanyň dinar paýlamasyna
kömek etdi. Ähli hojalyklara aýlanyp, iki ýüz dinardan paýlap çykdy.
Altynjan ýaşlykda bir oglanyň ýüzüne gylyç bilen şikes salypdy, ikinji biriniň bolsa üç sany
gapyrgasyny döwüpdi. Üç gyzyň ikisiniň elini döwüpdi, üçünjisiniň ýüzüni persala edipdi. Altynjan, ilki
bilen, ýaşlykda şikes ýetiren şol üç gyzy bilen iki oglanynyň öýlerine bardy.
Ol bu bäş şikesliniň bäşisem garyplykda, pukaralykda ýaşaýandyrlar öýdüpdi, ýöne beýle däl eken.
Olaryň bäşisiniň ýaşaýşam oňuşmazça däl eken. Eli döwlen gyzlaryň biri durmuşa çykyp, birinji çagasy
dünýä injek bolanda aradan çykypdyr. Ondan bir ogul galypdyr. Äri başga birine öýlenipdir.
Altynjan birmahal şikes salan kişilerine eçilmek eçildi.
Bäş kişi birmahal Altynjanyň biçak gaharyny getiripdi. Olar:
– Eprikogullary – Hudaýyň garganlary! – diýipdiler.
Altynjan Hudaýyň gargan gyzy bolmak islänokdy, bu hakda eşitmek hem islänokdy. Ol Eprikogullary
neberesiniň pajygaly kysmaty hakda kän gezekler eşidipdi, atasynyň süteme döz gelip bilmän ölendiginem,
kakasynyň ýedi ýaşda on ýedi ýaşly ejesine öýlenendigi hakda-da eşidipdi.
Zamahşarly oglanlar, gyzlar Altynjanyň «Eprikogullary – Hudaýyň garganlary» diýen sözi
halamaýandygyny, bu sözi aýtsaň, öň seni nähili gowy görenem bolsa urýandygyny, maýyp edýändigini
bilýärdiler, şonda-da käteler kejirlik bilen aýtmaly däl sözi oňa aýdýardylar, şondanam lezzet alýardylar,
şondan soň olary urup Altynjan hem içini sowadýardy.
Abdylmälik han gyzyny gahar-gazaba mündüren sözüň nämedigini biljek bolup köp kişiden
osmakladyp sorap görüpdi, Altynjanyň birden eşidäýmeginden ätiýaç edip, hana hiç kim hakykaty
aýtmandy.
Bu gün urlanlar, şikes ýetenler jem bolup oňa:
– Altynjan, Eprikogullary – Hudaýyň halanlary! Hudaý sizi gaýtadan arşa – mertebä göterýär! –
diýdiler.
Razzak damulla Altynjanyň gelendigine begenip, bir ýerde duranokdy, içki joşgunyny öwran-öwran
gaýtalaýardy:
– Men: «Altynjan entek gaty beýik-beýik derejelere ýeter» diýipdim. Gördüňizmi, meniň aýdanym
bolandyr! Men näme diýipdim? «Altynjan halkyň hak howandary bolar. Altynjan biziň göz-guwanjymyz
bolar» diýmedimmi? Diýdim men! Hakyt diýdim! Men diýdim! Men Altynjanyň şeýle beýik derejelere
ýetjigini bildim-ä men! Altynjana men öwüt berýärdim. Ol meniň öwütlerime eýerdi. Ýadyňyzdamy meniň
öňünden aýdanlarym?!
Altynjan damullasyna eçildi.
Damulla zamahşarlylaryň öňünde agzyny giňden açdy, birmahalky mährap döwen Altynjan bolsa onuň
agzyna dinar guýdy.
Damulla agzyna dinaryň köp guýulmagyny isledi, şu isleg bilenem agzyny has uludan açdy, tas äňi
ýazypdy, barybir, Altynjan Zamahşardan tä gaýdýança äňiniň agyrysyndan ýaňa gepläp bilmedi, asyl agzyny
açyp bilmedi. Görgüli bir aýlap, äňini sarap, hiç zat iýip bilmän gezdi. Görgüliniň ömründe beýle köp engama
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 34
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.