Latin

Altynjan hatyn - 05

Total number of words is 3757
Total number of unique words is 2030
31.4 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
getiren etinden gowrup öňünde goýarsyň. Ol bolsa senden minnetdar bolar.
Akgyzyň öwüt-ündewlerinden bihabar Hajar hatyn hem adamsynyň: «Gyzym, ertirki günüň hakda hem
oýlan!» diýen sözlerini özüçe düşündirmäge başlar:
– Balam, Hudaýtagala deň etmän, duş etmezmiş. Oturyp-oturyp oýlanýaryn, hiç akylyma sygdyryp
bilemok: saňa özüň pisint birini duş eýlejek bolsa, onda Hudaýtagalanyň günem aňsat däl. Saňa eýe çykjak
sendenem-ä bäş beter, aznawur, guduman bolmaly bolar. Eý, Hudaý, men-ä gorkýaryn, balam. Seniň ýazgydyň maňa tüm görünýär.
– Wa-weýla, ene, men soltan Mahmyt Gaznalynyň gujagyna alyp, at beren, pata beren gyzy ahyryn!
Men soltandan – Hudaýyň Ýerdäki wekilinden pataly gyz. Soltanyň ýalkan gyzy bagtly bolman, eýsem, kim
bagtly bolsun?! Soltan: «Bu gyz bihal bolmaz» diýipdir-ä.
– Bihal däldigiň-ä görüp-bilip ýörün, ýöne ärde nädip oňjagyňy göz öňüne getirip bilemok. Är bolan
ýigid-ä hatynyna boýun sunmak islemez, senem-ä äre boýun sunjak gyz däl.
– Men ýöne-möne adamyň gyzy däl, men Abdylmälik hanyň gyzy! Soltan Mahmyt Gaznalynyň rowaç
gadamy bilen dünýä inen gyz men! Men – soltan Mahmyt Gaznalynyň rowaçlyk ýyldyzy! – diýip,
Altynjan sesine nazym berdi, enesiniň boýnundan gujaklady. – Ene, maňa är gerek däl. Maňa enem gerek.
Men şu ojakdan çykyp hiç ýerigem gitjek däl. Kowsaňyz, Horezm kölüne5 giderin. Şol ýerde-de ýaşaryn.
Ýogsamam ömrüm ötýänçä siziň ýanyňyzda ýaşajak.
– Wagtynda äre barmasaň bolmaz, gyzym. Senden çaga önmeli.
– Maňa çaga-da gerek däl, ärem.
– Säher çagy beýle diýme, gyzym, beýle diýme. Birden perişdeler eşidip: «Omyn!» diýäýmesinler.
– Goý, diýsinler. Şu ýaşaýşym gowy meniň. Men hiç ýerigem gitjek däl – diýip, Altynjan agy gatyşykly
dillendi. Soňam aglap ugrady.
– Aglama, gyzym, aglama.
– Ene, ýalbarýaryn, meni kowmaň. Meniň hiç ýerik gidesim gelmeýär.
– Seni kowýan adam barmy näme?! – diýip, Hajar hatyn gyzynyň gözüniň ýaşyny sylyp, köşeşdirmäge
çalyşdy. – Men diňe seniň bir eliňde ot, beýleki eliňde suwuň bardygyny, saňa olaryň haýsam bolsa birini
saýlamagyň zerurdygyny aýtmak isledim.
Adamzat hem-ä rahatlykda, şol bir wagtda-da hyjuwlar içinde ýaşamak isleýär. Adamzat hem-ä
ýaşamak isleýär hem-de ölmezlik isleýär. Adamzat munuň mümkin däldigine akyl hem göz ýetirse-de,
barybir, bir elde iki garpyz tutmak islegi, düşünjesi bilen ýaşaýar.
Adamlar ömürleriniň, ýaşaýyşlarynyň rahaty üçin durmuşyň birsydyrgynlygyny isleýärler, ýürekleriniň,
hyjuwynyň kanagat tapmagy üçinem durmuşyň üýtgeşikligini isleýärler. Birinji isleg olarda gorkak bolmak,
ikinjisi batyr bolmak höwesini bir wagtda döredýär. Birinji isleg olary heminzamana, ikinjisi geljege tarap
çekýär. Şu iki tarapa çekişligiň arasynda adamzadyň ýaşaýşynyň bütin gyzygy hem manysy ýüze çykýar.
Diňe asudalygynyň, rahatlygynyň bozulmagyndan gorkmaýanlar durmuşy ösüşiň täze basgançagyna
getirip bilýär. Şeýle adamlar ýaşaýyş hyjuwyny, ýaşaýyş gujur-gaýratyny bedeninde hem kalbynda göterýän
kişilerdir. Adamlar, näme üçindir, şu hili adamlaryň erkek kişileriň arasyndan çykmagyna razylyk hem isleg
bildirýärler.
Bu müňlerçe ýyllyk
erkek kişileriň hökmürowanlygynyň netijesimikä ýa-da öz ýaradylyşy, öz
tebigaty boýunça erkeklige geljek, aýallyga heminzaman degişlimikä?! Heminzaman – aýallyk, geljek –
erkeklik jynsynda bolmalymyka?! Türkmen «aýal – maşgala» diýen pikire gulluk edýär, maşgala bolsa
üýtgewsizlik kanunydyr, çünki üýtgemeklik maşgalanyň dargamagyna getirýär. Onda hut aýal, zenan adaty
durmuşyň, däp-dessurlaryň aman saklanmagynyň esasy daýanjy, bar umydy bolmaly-da?!
Altynjan türkmeniň heminzaman – aýalyňky, geljek – erkegiňki diýen düşünjelerine çapraz gelýärdi,
özem bütinleý çapraz gelýärdi. Onuň hereketleriniň hem bolşunyň, häsiýetiniň hem düşünjesiniň göze
gelmeýänliginiň aňyrsynda şol düýpli sebäp ýatýardy.
Heminzaman – asudalygy, geljek – nämälimligi sebäpli howatyrlylyk bolup duýulýar. Howatyrlylygy
diňe töwekgel ellere ynanyp bolar diýen ynanç Altynjanyň ähli ýakynlarynyň oňa bolan garaýşyny
kesgitleýärdi.
Emma Altynjanyň hulky, ýaradylyşy bu gyzyň durmuşy özgerdip bilýän güýje eýedigini görkezýärdi.
Onuň bütin durky adamzadyň adata öwrülen ýaşaýşyny özgertmek üçin beýik Biribaryň adamyň ýadynaoýuna düşmeýän, adamzadyň erkine garamaýan nähili geň-taňlyklary kemal edýändiginiň ýene bir gezek
göze görkezilmesidi. Oňa alyşmaýan gapma-garşylyklary alyşdyrmak, birikmeýän nokatlary birikdirmek
ukyby ýazylypdy. Ol üýtgewsiz ululyk bolan maşgala esasynda üýtgeýän ululyklaryň täze-täze ýüze
çykmalaryny amal etmelidi. Munuň üçin Allatagala oňa üýtgeşik hulk, üýtgeşik ykbal, üýtgeşik paý berdi.
Durmuş paýy adata laýyklykda gorkaklyk hem boýun egmeklik bolmaly bu zenan batyrdy hem boýun
egmezekdi, adata laýyklykda paýy asudalyk hem mal-mülk bolmaly bu gyz hyjuwa hem mal-mülkden has
ýokardaky beýikliklere telwas edýärdi.
3.
Hajar hatyn ogullaryndan arkaýyndy. Olaryň ählisi ylym almak, soňam öýlenmek, aýratyn öý-işik
bolmak, baýamak maksady bilen ýaşaýardy. Olaryň islegem, özlerini alyp baryşlaram musulmançylygyň kadakanunyndan – sünnetinden çykanokdy. Ýöne Altynjanyň islegem, özüni alyp barşam, maksadam
musulmançylygyň hiç bir sünnetine laýykat gelenokdy. Hajar hatyny gynandyrýan iň esasy zat Altynjanyň
baýlyk, gyzyl, maşgala bilen gyzyklanmaýanlygydy. Eger şu zatlar gyzyklandyrmasa, onda bu dünýäde adamy
başga haýsy zadyň gyzyklandyryp biljekdigine teý akyl ýetirip bilenokdy. «Bu dünýäde baýlykdan,
maşgaladan başga gyzyk ýok ahyryn!» diýip, Hajar hatyn odanýardy.
«Baýlykdan beýikde diňe Alla bar, baýlyk bolmasa – Alla ýardam bermese, maksadyňa ýetip bilmersiň.
Baýlyk ýok ýerinde, mertebe-de ýok!» Bu sözleri Altynjana daýysy Tümen beg aýdypdy. Şonda Altynjan
daýysynyň aýdanyna garşy çykanam bolsa, näme üçindir, onuň sözleri soň-soňlaram gulagynda ýaňlandy
durdy. Soň-soňlar ol baýlyk bilen mertebäniň arasyndaky mynasybet barada öz pikiri bilen Tümen begiň
pikiriniň arasynda aslynda hiç hili gapma-garşylygyň ýokdugyna göz ýetirdi. Has dogrusy, durmuş oňa bu
dünýäde baýlygyň mertebe şertidigini göz etdi. Elbetde, aslynda mertebäň ýok bolsa, baýlyk seni mertebeli
edip bilmeýär. Ýöne ol öz ömründe iliň-günüň öňüne düşjek bolsaň, zatly-mally kişi bolmalydygyna köp
gezek göz ýetirdi. Adamlaryň ýaşaýşyna täsir etmek eli boş kişileriň mümkinçiliginiň daşyndaky artykmaçlyk.
Öz öňünde, özüň üçin adam saýynmaga mertebäňi duýmagam adam bolmak üçin ýeterlik. Emma jemgyýet,
köpçülik seniň mertebeliligiň üçin başga talaplary-da öňde goýýar. Adamlar malyň bolmanda-da, seni sylabam
bilerler, hormatlabam bilerler, ýöne seni öz ykbalyny çözüji hökmünde görmezler, seniň diýeniň bilen bolup,
seniň aýdanyň bilen gitmezler. Altynjana bolsa ýöne sylag däl-de, adamlaryň öz emrine boýun bolmagy
gerekdi. Bu eýýäm hulkuň däl-de, hökmürowanlygyň, häkimligiň meselesidi. Gany, asly boýunça Altynjan
hökmürowanlyga dalaş etmelidi. Onuň maksady uludy, juda uludy. Uly maksatlar, köpçüligiň ýaşaýşyna
dahylly niýetler hökmany suratda baýlyk hem häkimlik bilen baglanyşykly bolýar.
«Döwlet» jümlesiniň baýlyk manysyny-da, häkimlik manysyny-da bermegi durmuşyň öz emele getiren
hakykatydyr. Baýlykdan ýüz döndermek häkimlikden ýüz döndermekdir, häkimlikden geçmek bolsa
durmuşyň ykbalyny kesgitlemekden ýüz döndermekdir, diýmek, ony başgalaryň eline bermekdir. Altynjan
bolsa öz ýasawy boýunça, näme etse-de, şony edip biljek däldi. Onuň dyňzap duran gujury, bimöçber
dogumy diňe beýik serişdeleriň – baýlygyň hem häkimligiň üsti bilen amal bolup biljekdi. Baýlyk ýok
ýerinde häkimlik, häkimlik ýok ýerinde bolsa ykbal çözüjilik, beýiklik ýokdur.
***
Altynjanyň göwnüni galkyndyrýan bir adam bardy. Ol hem daýysy Tümendi. Tümen ýegeni Altynjan üçin
hoş sözlerini gaýgyrmaýardy. Eline düşen geň-enaýy şaý-sepleri-de ýegençisine sahylyk bilen eçilýärdi. Onuň
ýanynda hiç bir zadyň müşgili ýokdy.
Bir gün Tümen beg özüniň ýedi-sekiz ýaşlaryndaky ýalňyz ogly Anuşirwany Zamahşara alyp geldi.
– Mesaýkysy, Arsahuşmisende oglumyň içi gysýar. Şonuň üçin men ýalňyz oglumy size getirdim. Goý,
ol iki aýlap sizde bolsun! Men oglumy Altynjana tabşyrýaryn. Ol Anuşirwanymyň lalasy6 bolsun.
Altynjan daýysyna sygynýardy. Ony Rüstem Zal hasaplaýardy.
Tümen beg ýegeniniň özi hakda nähili pikirdedigini, onuň nähili sözleri gowy görjekdigini aňýardy,
şonuň üçin, köplenç, onuň göwnünden turaýjak sözleri aýdýardy:
– Adam dünýä bir gezek gelýär. Şonuň üçinem ýaşanyňda hiç bir zatdan heder etmän, göwnüň isleýşi
ýaly ýaşamaly. Kim göwnüňe degse, maňa aýtgyn. Men seniň aryňy ýerine salyp bererin. Hiç kimiň seniň
göwnüňe ýa meniň göwnüme degmäge haky ýokdur. Kim-de kim bize ýamanlyk etjek bolsa, men onuň
gözünde ot ýakaryn. Adalat, ine, meniň şu gylyjymyň ujundadyr – diýip, Tümen beg haýbatly gürleýärdi.
– Daýy, men hiç kime göwnüme degmegine ýol bermerin – diýip Altynjan ynamly aýtdy.
– Giýew! – diýip, Tümen beg soň Abdylmälik hanyň ýanyna bardy: – Bu bäş günlük dünýäge myhman
gelendiris. Myhmançylykda uzak oturylýan däldir. Biz hem bu dünýäde uzak myhman bolmarys, uzak
ýaşamarys. Şonuň üçin her günümizi gowy geçireli. Men gelenimde Zamahşarda toý-baýram bolsun!
Çagalary alyp, awa gideli.
Abdylmälik han gaýynagasyna garşy çykmady, mirşikäryna7 awa ugramaga taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
4.
Abdylmälik emir Mansur bilen awa çykardy. Ýany bilen ogullarynam, aýalynam, gyzynam alyp giderdi.
Ogullaryny ilkinji gezek awa çykaranda öňden gelýän däbe eýerip, olaryň ellerini gana hem ýaga bulapdy.
Olara aýratyn dabara bilen pata beripdi.
Hajar hatyn aw bilen onçakly gyzyklanmaýardy. «El ýaly et diýip ylgap ýörjek däl men-ä» diýip, Hajar hatyn
aýdýardy. Hatynynyň bu sözüne Abdylmälik emir gaharlanýardy: «Gaçyp barýan keýigi ýetip almagyň, uçup
barýan sülgüni elguşly awlamagyň lezzeti bir aýry ahyryn, bu ýaşaýşyň ikinji bir görnüşi ahyryn!»
«Öldürmekdenem bir lezzet bolarmy!», «Adam diňe öldürmekden – gandan kanagat tapyp biler!» diýip, emir
janygýardy. Bu babatda hanyň öz pelsepesi bardy. Mansuryň awlan awunyň gyzgyn ganyny içmekden lezzet alşy
deýin, Abdylmälik hanam käteler togdarynyň, sülgüniň, keýigiň gyzgyn ganlaryny içýärdi, ýöne ol muny görer
gözden, aýratyn hem ogullaryndan ýaşyryn saklaýardy.
Abdylmälik emir çagalarynyň mydama bir işiň başynda bolmaklaryny, wagtlaryny bähbitli iş bilen
geçirmeklerini isleýärdi. Çünki bikärlik adamy sandan çykarýan iň ýowuz ýagy. Çagalarynyň awa
gözükmekleri üçin olary ýaşlygyndan öz ýany bilen awa alyp gidýärdi. Olara eldekileşdirmek üçin laçyn
jüýjesini satyn alyp beripdi. Birinji gezek laçyn jüýjesini eldekileşdirmegi ogullarynyň ýekesem
başarmandy. Getirilen dört jüýjäniň dördüsem ganat çykaranlaryndan soň, üçüsi awa öwredilip ýörkä,
soňkusy kapasasyndan çykyp gaçyp gidipdi.
Emir öz ogullaryna Käsiň perrende bazaryndan8 togrul guşlarynyň jüýjelerini getirip berdi, ýöne ähli
ýyrtyjy guşlaryň arasynda bürgüdiň bir görnüşi bolan çagry guşy bilen togrul guşy aňsat-aňsat eldeki
bolmaýan eken, adama boýun sunandan olar ölenlerini gowy görýän eken. Olar kapasadan çykjak bolup,
diwara özlerini urup-urup ölýärler. Şeýle bolansoň, hiç kim ol guşlardan elguş edinjegem bolmaýar.
Abdylmälik han bu hakda bilýärdi, ýöne togrul guşuň jüýjesiniň satylýandygyny görüp, belki, eldeki etmegi
başararyň diýen inçe tama bilen satyn alypdy.
Togrul guşy daglaryň uçut gaýalarynda höwürtge edinýär. Jüýjeleri howpuň ýakynlaýandygyny
görseler, özlerini höwürtgelerinden aşak goýberip heläkleýärler, kesekiniň eline düşmegi namys bilýärler, öz
ene togrulynyň agzyndan başga ýerden hiç zat iýmeýärler.
Abdylmäligiň satyn alyp gelen togrul jüýjejikleri hem hiç zat iýmediler. Özem olar bir aý hiç zat iýmän
aç oňdular, soň bir gijede jan berdiler. Öljek gijeleri ysgynsyzja ses edip, uzak jürküldediler. Bu olaryň gije
öljekdikleriniň alamaty eken. Togrul jüýjeleriniň tekepbirligi hem ölümi diňe bir Altynjana däl, Habyl bilen
Kabyla-da ýaramaz täsir edipdi.
Emir inçe tama bilen getiren jüýjeleriniň ogullaryna ýaramaz täsir edendigine gynanmak gynandy. Öz
eden telek işiniň öwezini dolmak üçin üç-dört bezirgene niredenem bolsa, laçyn, aýratyn hem şahyn9
jüýjelerini tapyp getirmeklerini tabşyrdy, olar üçin puluny gysganmajakdygyny gaýta-gaýta nygtady.
Emire bäş sany şahyn jüýjesini getirip berdiler. Şondan soň emir getirilen şahyn jüýjeleriniň
eldekileşdirilmegine gaty yhlas etdi. Onuň yhlasy bilen ogullary hem Altynjan awa gözükdiler.
***
Bu gezekki aw ýigrimi güne çekdi. Ýigrimi güni Altynjan ömrüniň iň sapaly günleri hasaplady. Ol
daýysynyň hemaýaty bilen ýigrimi günüň içinde on bir keýik, ýedi sülgün awlady.
Olar wagtlaryny aýdym-sazda geçirdiler. Tümen beg şeýle bir gowy aýdymlary aýdýardy. Eline haýsy
saz guraly düşse, şirinden şirin çalmagy başarýardy, gözlerini süzüp aýdyma başlanda, oduň başynda
oturanlaryň tas hemmesi diýen ýaly onuň bilen goşulyşyp aýdym aýdýardy.
Altynjan togdarydyr käkilik awlap, sazak syhyna düzüp otda bişirmegi öwrendi. Çişlik, kakmaç gyzgylt
öwüşgin bilen lowurdap ugranda Altynjan olaryň bişendigini bilýär. Ana, şondan soň olary iýdigiňçe iýesiň
gelýär.
Altynjan açyk meýdanda, oduň başynda ýüzüni oda çoýup oturmagy, çöregiň arkasyna çöp diräp oda
gyzdyrmagy, soňundan gyzgyn çöregi kitirdedip iýmegi gowy görýär. Şonda oduň başynda iň ýakyn adamlaryň:
ataň-eneň, daýyň, akgyzyň bar bolsa, eşretilik babatda başga hiç zadam isläp bolmaz. Altynjan üçin dünýäde
şundan uly eşret ýok.
Tümen beg bilen Abdylmälik begiň aratapawudy awda has açyk duýulýardy. Duýulmaz ýaly-da däldi.
Tümen beg degişýärdi, gülüşýärdi. Her kime bir henek atýardy. Her hili sözler bilen güldürýärdi.
Aýdym aýdan pursady ýegenleriniňem özüne goşulyp aýdym aýtmagyny talap edýärdi.
Abdylmälik han agrasdy, hakyky handy. Degişmek-gülüşmek, dogrusy, oňa gelişjegem däldi.
Ol oduň başynda Afrigogullary nesebi, patyşa bolan ýigrimi iki neberesi, olaryň başdan geçirmeleri
hakda gürrüň berýärdi. Ol aýratynam babakelanlarynyň Güne sygynyşlary, Horezmin, Horasan sözleriniň
Günüň dogýan ýeri diýen manyny aňladýandygy, bu topragyň mukaddesdigi, bu topraga göbek ganynyň
siňendigi, bu toprakda ata-babalarynyň ýatandygy hakda köp nygtaýardy. «Biz Gün hanyň ogullarydyrys, her
gün sabada täze dogýan Güne salam bermelidiris» diýýärdi, ogullary bilen hataran durup, dogup gelýän Güni
maňlaýyna sylardy, egilip tagzym ederdi, salam bererdi. Ol ogullaryna batyr, mert bolmak, haramylykdan,
şerden daşda durmak hakda pent edýärdi.
Abdylmälik hanyň çagalary köplenç Tümen begiň ýanyndady.
Onuň berýän gürrüňleri gyzyklydy. Ol dynç aljak diýip oturmaýardy-ýatmaýardy, uzynly gün aýak
üstündedi: bir görseň, ogly Anuşirwana, ýegeni Altynjana gylyçlaşmagyň tilsimini öwredip durandyr, bir
görseňem, nädip uçgun döredip, ot ýakmalydygyny öwredýändir. Kakmaçdyr çişlik bişirmekde, göräýmäge,
üýtgeşik tilsim ýok ýalydyr, görlüp otursa, ony gowy bişirmegiňem tilsimleri bar eken. Tümen beg
bilýänlerini ýegenleridir ogluna üznüksiz öwredýärdi.
Çapyp barýan atyň üstünden nyşana urmagy öwrenmäge köp wagt gidýärdi.
– Çapyp barýan atyň iki öň aýagy ýerden üzülen pursady – atyň üstüniň iň rahat pursady, ýöne bu örän
az salymlyk pursat. Atyň üstünde oturan kişi, ana, şol az salymlyk mümkinçiligi peýdalanmaly. Atyň öňki
iki aýagy ýerden üzülen wagty nyşana atan okuň deger, galan pursatlar nyşana degmek mümkinçiligi örän az
bolýar – diýip, Tümen beg janygýardy. Her kimiň atyň üstünde oturyşyna, ýaý tutuşyna, nyşana atyşyna
baha berýärdi. Tamasy çykmasa käýeýärdi.
– Nyşana urmak – soňky maksat. Siz ilki çapyp barýan atyň üstünde oturyp, onuň ýerden öň aýagyny
üzüşini öwreniň – diýip, Tümen beg ogludyr ýegenlerini yzyna düşürip, sähra çykarýardy, olara atyň
üstünde sapak geçýärdi.
Daýysynyň ýanynda bolmak, onuň gürrüňlerini, maslahatlaryny diňlemek Altynjana diýseň hoş
ýakýardy, mydama onuň Zamahşarda bolmagyny isleýärdi.
***
Awdan gala dolandylar. Altynjan welin dolanmak islemedi, ýene on-on bäş günläp, Jeýhun jülgesiniň
gür tokaýlygynda aw awlamak, göwün hoşlamak isledi. Ol bu hakda kakasyna aýtdy. Birinji gezek aýdanda
kakasy ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmänden soň ikinji gezegem aýtdy.
Abdylmälik han ikinji gezegem hiç zat diýmedi, gyzyna gaşyny gerjeşdirip seretdi.
Düşnükli!
Daýysy Altynjana ýakyn wagtda Zamahşara gelmäge, ýene awa äkitmäge söz berdi.
Tümen beg Arsahuşmisene gaýtmakçy bolanda Altynjan zarlady:
– Daýy, indi haçan geljek?
– Ýene iki aýdan gelerin, ýöne gelýänçäm gylyçlaşmagy gowy öwren!
– Men ökde ahyryn, daýy!
– Meniň ýegenim ökdelerdenem ökde bolmalydyr. Ol iki-üç gulama däl-de, on-on bäş gulama taý
gelmeli. Sen bihal Altynjan dälsiň! Sen soltan Mahmyt Gaznalynyň mübärek gadamyndan dünýä inen
gyzsyň. Sen Allanyň wekilinden – beýik soltandan pataly gyzsyň. Hut şonuň üçinem men saňa oglum
Anuşirwany tabşyrýandyryn. Ol edil sen ýaly, gorky diýen zadyň nämedigini bilmeli däldir, çünki gorky bar
ýerinde ýeňiş ýokdur. Anuşirwan garadangaýtmaz, juwanmert ýigit bolmalydyr. Dünýäniň eşreti gorkyürkini bilmeýän kişileriň öňünde açylýandyr. Çünki eşret, bagt mülküniň gapysynyň sakçysy gorkudyr. Ol
mülke diňe gorkusy bolmadyk kişiler goýberilýär. Allatagala aýdarmyş: «Batyr ýigitlere zowal ýokdur.
Olar üçin meniň ähli ýapyk gapylarym açylar. Men olary islän maksatlaryna ýetirerin» diýip.
Altynjan daýysynyň sözüni böldi:
– Babam hem edil şu sözleri aýdýar. Ol gorkaklygy halamaýar, biziň batyr bolmagymyzy isleýär.
– Kim?! – diýip, Tümen beg ýantgylady.
– Babam!
Tümen beg nämedir bir zat aýtmakçy boldy. Taýly gezek ýuwdundy, soňam başky gürrüňini dowam
etdirdi:
– Ýegençim, men seniň aşyraw gözsüzbatyrlygyňy gowy görýärin. Seniň häsiýetiň Allanyň hoşuna geljek
häsiýetdigine ynanýaryn. Sen Anuşirwany juwanmert hem batyr edip ýetişdirmäge çalyş!
***
Tümen beg iki aýdan geljek diýip söz beren-de bolsa, üç aýdan soň geldi, yzynda iki ýüz atly bilen
geldi.
Beg ýegenlerine birgiden sowgat getiripdir. Altynjan üçin keýigiň şahyndan sap edilen ýatagan sowgat
getirdi. Daýysynyň bu sowgady Altynjanyň hoşuna geldi, muňa biçak begendi. Daýysy bilen darkaşyp
gördi. Ýatagan darkaşmak üçin biçak gabyldy, darkaşdygyňça
darkaşasyň gelýär. Tümen beg owal
Altynjana ýüz görülýän aýna, hanjar sowgat beripdi. Altynjan daýysynyň sowgatlaryny biçak gowy
görýärdi.
Tümen beg geçen sapar gelende: «Indiki sapar gelenimde iki aýlap sizde boljak» diýip, Altynjana söz
beripdi, ýöne ol Zamahşarda uzak eglenmedi, Jürjaniýa gitdi. On günden dolanyp geldi. Habyl bilen Kabyly,
Altynjany ýanyna alyp, derýanyň akymynyň ugry bilen ugrady. Onuň nirä barýandygyny özünden başga hiç
kim bilenokdy. Kabylyň «Nirä barýarys?» diýen sowalyna Tümen beg: «Ynha bararys, şonda görersiň»
diýip, başdansowma jogap berdi.
Tümen beg uzaga gitmedi. Buruntak obasyndaky Janahyr halwaçynyň öýüne bardy.
– Nirede bolsa-da, tapyp getiriň şol çopury! – diýip, Tümen beg jabjyndy.
Dört-bäş kişi derrew Janahyr halwaçyny südenekledip getirdi.
– Şol tuda daňyň!
Janahyr halwaçyny tuda daňdylar. Tümen beg atdan düşüp, çopur halwaçynyň ýanyna bardy.
– Eý, çopur, seniň Jürjaniýa, Arsahuşmisene ýetýän uzyn diliň bar diýýärler. Näme, ony hökman men
saňa kesip bermelimi? Özüň kesip bileňokmy?
Janahyr halwaçy şelaýyn ýylgyryp dur. Onuň ýylgyrmasyndan merdanalygy, gorkmaýanlygy
duýulýardy.
– Meniň günäm näme?
– Wa, sen maňa eden ýamanlygyňy-da bileňokmy?!
Halwaçy ýene şelaýyn ýylgyryp, Tümen bege kinaýatly ýüzlendi:
– Men näme edipdirin?
Tümen beg ýanyndaky oglanlaryň eşitmezligi üçin Janahyr halwaçynyň alkymyna dykylyp baryp,
ýuwaşja gürledi. Onuň näme diýenini Janahyr halwaçydan başga hiç kim eşitmedi.
Tümen beg öz aýdýan sözüni ýanyndakylaryň eşitmegini islänok, diýmek, gürrüň onuň mertebesini
masgaralaýan, degnasyna degýän söz bolmaly ol.
Janahyr halwaçy Tümen begiň sözlerinden soň bujagy çözlene döndi. Aýdylan sözler hakykat bolarly,
ony inkär etmedi, ýagşydan-ýamandan hiç zat-da aýtmady. Şondan soň Tümen beg hem gürlejek bolup
durmady. Baryp atyna mündi. Birmeýdan töweregine garanyp durdy-da, öz ýigitlerine buýruk berdi:
– Öýüni kelete10 ediň, otlaň!
Bu habar Altynjany oňaýsyz ýagdaýa saldy. Ol howatyr bilen Habyla seretdi.
– Daýy! Janahyr Geçdekiniň öýüni näme üçin otlatmakçy bolýarsyň? Halwaçy Iman diýen oglunyň
ölüminem Sadylladan – bizden görüp ýör, meni halanok ol, menden öçli ol. Öýüniň kelete edilmeginem
menden görer. Öýüni kelete etme, otlama!
– Haý, ýegenim! Men seni beýle towşantüýsüň öýtmeýärdim. Beýle towakgaň bar bolsa, öň aýtmaly
ekeniň! Men indi buýurdym. Buýrugymy nädip yzyna alaýyn?
– Onuň etmişi näme?
– Bu çopur pelit oguzyň iň ýekinde ýigrenýän işini edipdir.
– Näme?
– Meni Altyndaşa satypdyr.
Kabyl elewredi:
– Daýy, Janahyr Geçdeki halwadan başga zat satjak adam däl. Bu ýerde bir ýalňyşlyk bar.
Altynjan Kabylyň sözüni makullady:
– Kabyl dogry aýdýar. Biz Janahyr raýisi tanaýarys, ol diňe halwa satýar. Onsoňam Janahyr babamyň
aşnasy. Aşnasynyň öýüniň kelete edilendigi, otlanandygy hakda eşitse, babam ymgyr gaharlanar, bize-de
söger.
– Näme, näme? Babaň şeýle şugul adam bilen aşnamy?
– Janahyr halwaçy bilen babam – içen suwy aýry geçmeýän razdaş.
– Görer göze gowy adam ýaly bu, ýöne munuň içinde ýylan bilen içýan mesgen tutupdyr. Seret, daşky
sypaty garakçylyk edýän adama meňzeýärmi? Daşyndan seretseň, ýamanlyk çykjak adama meňzänok.
«Daşy jäjek, içi möjek» diýilýänleri bu. Aşa sypaýy adamlar iň ýaramaz adamlardyr. Aşa sypaýy adama
gabat gelseň, gaçgyn. Sypaýyçylyk – olaryň galkany, ýüzleriniň perdesi . Ýamanlygyň döremegine ýol
bermeli däl. Ot tutaşansoň öňüni almak kyn düşýär. Men bu çopuryň bet matlabyna ýol bermerin.
***
Yza gaýdyşyn hiç kimden ses-selem çykmady.
Tümen beg Altynjanyň içki islegini bilenligi üçinmi ýa gyssagly işiniň barlygy üçinmi, Zamahşarda
uzak eglenmän gitmek bilen boldy.
Tümen beg gitmekçi bolanda Altynjanyň ýanyna geldi:
– Ýegenim – erkeklerden ýegim meniň. Saňa möhüm habar aýdaýyn.
– Aýt, daýy. Men syr saklap bilýän mähekdaşydyryn.
– Ony aýtmasaňam bolar. Men seniň syr saklap bilýäniňi-de, merdanalygyňy-da bilýärin. Mesaýkysy,
ýegenim, gije ýatanyňda işigiňi içinden kiltläp ýatýarsyňmy?
– Ýok, kiltlämok.
– Içerde senden başga kim bolýar?
– Işigagyzda kenizim ýatýar. Muny näme üçin soradyň, daýy?
– Derýanyň aňyrsyndan – öýden ýük geler. Şol ýüki saňa tabşyrmakçy.
– Nähili ýük?
– Gelende görersiň. Ol işi diňe ikimiz bilmeli bolarys. Men saňa öňünden hiç zat aýtmaýyn. Ýöne iş
bitse, men ýanyňa – şebistanyňa bararyn. Barsam, gorkaýmagyn.
Altynjan güldi:
– Daýy, gorky diýýän zadyň iýilýän zatmy?
– Mesaýkysy, men bararyn.
– Haçan?!
– Haçan geljegimi özümem takyk bilemok. Mesaýkysyny diňe Perwerdigär bilýär. Gepleşdikmi?
– Gepleşdik.
Altynjan Rüstem Zal, ýagşyzada hasaplap ýören daýysyna garaýşynyň sowaşmasyna teý doly akyl
ýetirip bilenokdy. Ol daýysynyň Arsahuşmisen şäheriniň bazarynda adamlary jezalandyryşyny görende oňa
guwanypdy. Bir aýalyň kellesi öňüne togalanyp düşende gorkmandy. Ol aýalyň iki örüm saçyny ýylana
meňzedipdi. Ýöne Janahyr halwaçynyň öýüniň başda kelete edilip, soňundan otlanmagy welin, onuň aňynda
harasat döredipdi, daýysyny rehimsiz hasaplapdy.
Janahyr emir hakykatdan-da çopurdy, atan-satandy, ýöne sypaýy, hoşgylaw adamdy. Ol Zamahşara köp
gelerdi. Abdylmälik han bilen mesaýy gürrüň edip uzak oturardy. Ol gelende emiriň göwni açylýardy.
Aňsat-aňsat gülmeýän emir Janahyr halwaçynyň käbir sözüne heziller edip gülýän pursatlary az
bolmaýardy. Şeýle bolansoň, Kabyl dagy Janahyr halwaçynyň Zamahşara köp gelmegini islärdiler.
Halwaçy ýuwaş gürleýärdi, kiçigöwündi, Kabyl bilen Habyla, Sadyllaga gep goşardy. «Nesip bolsa, her
biriňiz bir etrabyň raýisi bolarsyňyz» diýip, hoş söz aýdardy. Onuň sözleri Kabyl daga hoş ýakýardy.
Ol ogullarynyň urlandygy üçin öňem birki gezek arz edip gelipdi. «Meniň ogullarym mydama siziň
gullugyňyzdadyrlar. Siz näme buýursaňyz ýok diýmezler, aýdanyňyzy ederler, ýöne siz beýdip möçükdirip
urmaň olary» diýip, özelenmek özelenerdi. Kabyl dagy halwaça indi gaýdyp urmazlyga söz bererdiler, ýöne
şol günüň ertesi, babasyna ýamanlandygy üçin, onuň ogullaryny ýene urmak urardylar.
Bu gezek jeza çökder boldy!
Janahyr halwaçynyň öýi otlandy! Bu habar hökman Abdylmälik hana ýeter. Soňunyň nähili boljagyny
göz öňüne getirmegem gorkuly! Hudaý saklasyn!
Öýüň ýanyp durşy Altynjanyň göz öňünden gidenokdy.
***
Altynjanyň uklamasy aňsatdy, islän pursady uklap, islän pursady-da oýanyp bilýärdi. Öňler aňsatlyk
bilen uklan-da bolsa, ol bu gije teý uklap bilmedi. Kellesine gum dykylan ýalydy. Ilkagşam çala ymyzgandam,
ýöne sähel salymdan oýandy. Indem ukusy tutmasa näme! Uklamak üçin her iş edip gördi: sagyna ýatdy,
çepine ýatdy. Gözlerini ýumup, hiç bir zat hakda oýlanmazlyga çalyşdy, üstüne ýorgan örtdi, barybir, uklap
bilmedi.
Altynjan hiç wagt ýorgany başyna büräp ýatmazdy, şeýtse demigerdi. Howa hernäçe sowuk bolsa-da,
ýorgan ýapynman ýatardy. Has sowuk gijelerem ol ýorgandan kellesini çykaryp ýatardy. Akgyz onuň üstüni
daňdana çenli zol-zol ýapmaly bolardy. «Durmuşdan gorkýan, ýöwsel adamlar ýatanlarynda ýorgana çümüp
ýatýarlar. Gaýduwsyz, tekepbir, özdiýenli adamlar ýatanlarynda ýorgandan kellelerini çykaryp ýatýarlar.
Kelleleriniň üstüniň ýorgan bilen örtülmegini olar sütem hökmünde duýýarlar. Melikäm, seniň ýatyşyňdan
gaýduwsyzlygyň duýulýar» diýip, Gülýüzli birki gezek aýdypdy. Altynjan akgyzyň bu sözlerini ýadyndan
çykarmandy, ony köplenç öz ýanyndan ölçerip-dökýärdi hem bu pikiri makul hasaplaýardy.
Akgyz pelsepe otarmagy gowy görýärdi. Sebäbi melikesi onuň pelsepelerine maýyldy. Ony käteler
akyldar Faraby, Eflatun diýip atlandyrardy. Melikesiniň özüni diňleýänligine gylawlanyp, Gülýüzli hasam
joşup gürlärdi. Asylam ol gürlemegi gowy görýärdi. Gürlemese, hiç zat iýesem gelmezdi. Wah, onuň
özünde pikir ýokdy. Onuň artykmaçlygy – ýatkeşligidi. Bir eşiden sözüni aňsat-aňsat ýadyndan
çykarmaýardy. Melikesiniň gowy görjek sözlerini bilýärdi ol. «Gije ýatanda käbir kişi sag tarapyna ýatýar,
başga birleri bolsa sol tarapyna ýatýar. Sag tarapyna ýatmagy endik edinen kişilere ýalan-aldaw, mekirlik
mahsus bolýar. Sol tarapyna – ýüreginiň üstüne ýatýan kişiler hyjuwly, her bir işe düýrmegi, ýüregi bilen
ýapyşýan, batyr adamlar hasap edilýär. Özem beýle kişileri aldamak hem asan hasap edilýär. Olar ýumurtga
saç çykypdyr diýilse-de ynanýarlar...» Gülýüzli bu sözleri aýdanda Altynjan onuň sözlerini makullapdy:
«Dogry şol, dogry. Sen meni mydama aldap ýörsüň!»
Hana, häzir Altynjanyň akgyzy Gülýüzli işigagyzda süýji uklap ýatyr, özi welin uklap bilenok. Ol bir
eýlesine, bir beýlesine agdarylyp, uklamak üçin gara çyny bilen çalyşdy. Tümen daýysy alasarmyk halda
göz atuwynda janlandy. Ol gyzyl oduň içinde oňa nämedir bir zatlar diýip gygyrdy. Altynjan näçe mukym
bolsa-da, daýysynyň aýdýan sözlerini eşitmedi. Birden şatyrdap ýanýan oduň sesi eşidilýän ýalydy. Uklap
bilmejegini aňan Altynjan garysyna galdy. Içeride öçügsije çyra ýanýardy.
– Akgyz?!
Ikinji gezek ady tutulanda Gülýüzli tisginip oýandy:
– Melikäm, size bir zat gerekmi?
– Men uklap bilemok. Näme üçinkä?
– Maňa aýdaýmaly ekeniňiz. Uky damaryňy owkalap berip, ýumşatsam, derrew uklardyňyz. – Gülýüzli
uky damaryny owkalamak üçin melikesiniň ýanyna gelip otyrdy.
– Düýşüňde ýalyn görmek nämäniň alamaty bolmaly?
– Ýalynmy ýa ot?
– Näme tapawudy bar onuň? Ikisem bir zat dälmi?
– Däl. Ot bilen ýalnyň parhy bar. Onsoňam nähili göreniňe bagly...
– O nähili?..
– Wa, melikäm, ýalny, ody her hili ýagdaýda görüp bolar. Ot ýakmak – yşka ulaşmak. Melikäm, siziň
düýşüňize ýalyn giren bolsa, onda bu – bir goç ýigide şu günde-ertirde göwün berjekdigiňiziň alamaty.
Hakyt şeýle bolar bu, melikäm! – diýip, akgyz Altynjany garsa gujaklady.
– Dur, dur, eý, Eflatun, sen meni aldama.
– Men sizi aldamok, melikäm.
– Sen maňa hakykaty aýtmaýarsyň. Sen şatyrdap ýanýan oduň nämedigini bilýärsiň. Sen ot diýdiň,
ýalyn diýdiň, ýöne sen olaryň tapawudyny aýtmadyň...
– Men häzir aýdaýyn, melikäm. Ot ýakmak – söýgä uçramak ýa gowy ýigide äre çykmak, ody
söndürmek – äriňden aýrylyşmak, şowsuzlyga uçramak.
– Men öçürmedim...
– Men bilýärin-ä, siziň hiç wagt ody öçürmeýändigiňizi. Awa gidenimizde-de siz ýeke gezegem ody
söndürmediňiz, «Goý, doly ýansyn» diýdiňiz her gezek. Oduň alawlap ýanmagy – şatlyk, nämedir bir zada
begenjekligiň alamaty; oduň tüsseläp ýanmagy – bir ýalňyşlyk goýberjekdigiň alamaty; oduň içinden
ylgamak – ýalançylaryň aldawyndan halas bolmak; bedeniň oda ýanmagy – ile metdi-ryswa bolmak. Ýalyn
bolsa – bagty çüwmeklik, köp tyllaly bolmaklyk.
– Köp tyllaly bolmak?!
– Hawa, melikäm, ýalyn – köp tyllaly bolmak. Köp tyllaly bolmak diýende harwar-harwar tylla
düşünmeli däl.
– Onda nämä düşünmeli?
– Harwar-harwar tyllaly äre durmuşa çykmaga düşünmeli.
– Eý, Eflatun, seniň aňyňda ärden başga pikir ýok. Sen düýş ýorsaň, hökman är bilen baglanyşykly
bolaýýar-la?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 06
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.