Latin

Altynjan hatyn - 21

Total number of words is 3699
Total number of unique words is 2012
32.5 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Başagaýlyk başlandy.
Gaznalylaryň ep-esli gulamy gaçdy, saý haşam goşun sö­weşe girdi.
Ir ertirden başlanan söweş günortana çenli dowam etdi.
Seljuklylardan köp adam pida boldy.
Galan iki ýüz-üç ýüz töweregi seljukly bolsa, Oguz çölüne sary gaçyp gitdi.
Salar gaçyp giden seljuklylaryň yzyndan kowgy ugratdy, seljuklylaryň ýekesinem diri galdyrman,
uçdantutma gyrmagy berkden-berk tabşyrdy.
Kowup barýan soltan gulamlary köp mukdardaky baýlygyň üstünden bardylar.
Arabalara mas ýüklenen baýlyklar gaty kändi.
– Seljuklylar bu baýlyklary gizlemek isläpdirler, ýöne çöle äkidip ýetişmändirler. Biz wagtynda gelipdiris –
diýip, salar çak urdy.
Bu pikiri salaryň ýanyndaky ähli kişi makullady.
Ähli baýlyklary jemlän gaznalylar ýeňiş sazyny çaldylar, soltan Masut Gaznala fethnama ýolladylar,
soňam dabara bilen ýola düşdüler, ýöne uzak gitmän saklandylar.
Ilki bilen-ä, ýeňşiň gazanylandygy mynasybetli soltan Masudyň gymmatbaha sowgatlaryny, iň esasyda, seljuklylardan olja alnan baýlyklary goşunyň arasynda paýlaşmaly, soňam ýeňiş toýuny toýlamaly.
Soltan Masut Gaznaly: «Maňa hums paýy 6 gerek däl, ähli oljany gulamlaryň arasynda paýlaşyň»
diýipdi.
Hoja Hüseýin Aly Mykaýyl-da, salar Begdogdy-da açgözlükden, gysgançlykdan daşda durup,
gulamlara eçilmek eçildiler: uzynly günüň dowamynda on ýedi müň gulama dabaraly ýagdaýda olja hem
soltan sowgatlaryny paýladylar.
Her gulama dünýäniň baýlygy ýetdi.
Beýle baýlyk öň olara ýeke gezegem miýesser etmändi.
Hoja Hüseýin Aly Mykaýyl bilen salar Begdogdy oljalary, soltan sowgatlaryny paýlap bolanlaryndan
soň nutuk sözlediler. Olar gulamlara soltan Masudyň adyndan çäksiz minnetdarlyk bildirdiler hemem bu gün
soltanyň adyndan gulamlara toý berilýändigini aýtdylar.
Toý toýlandy.
Baýlykda jady bar. Ol adamy dälilik hetdine ýetirip bilýär. «Gyzyl görse, Hydyr azar» diýilýär. Elbetde,
on ýedi müň gulamyň içinde Hydyry ýok, olar gyzyly, baýlygy görüp azmak azdylar. Ine, soltanyň
adamlaram ummasyz oljanyň, baýlygyň üstünde öz aralarynda oňuşman, ýakalaşyp, ýumruklaşyp, biri-birini
öldürip, baýlygyny alyp ugradylar.
***
Begdogdynyň goşunynyň Nyşapurdan Nusaýa ugranyna iki hepde geçip-geçmänkä soltan Masuda salar
Begdogdudan çapar geldi:
– Seljuklylar derbi-dagyn edildi! Siziň goşunyňyz görlüp-eşidilmedik ýeňiş gazandy!
Bu hoş habara gününi sanap garaşan soltan begendi. Haýdan-haý wezir-wekillerini, atly-abraýly
adamlary çagyryp, ýeňiş toýuny toýlady. Toýda soltan uly nutuk sözledi. Hajyp Begdogdynyň harby
ussatlygyny wasp etdi. Şahyrlar onuň şanyna goşgy düzdüler.
***
Nasyr beg birinji toparyň ýolbaşçysydy. Ol diýseň başarjaň, ugurtapyjy, mert, daýaw serkerdedi,
gaznalylardan öçlüdi, çünki ol kakasy üçin ar algylydy.
Nasyr beg seljuklylaryň görnükli begi Muhsin bin Tagyň ogludy. 1006-njy ýylda soltan Mahmyt
Gaznaly Sarahsyň ýolunda Muhsin bin Tagy 7 öldürende ogly Nasyr ýedi-sekiz ýaşlaryndaky oglandy.
Nasyr şol günden bäri gaznalylar bilen garpyşmak, kakasynyň aryny almak maksady bilen ýaşaýardy.
Egindeşleriniň köpüsi onuň gözsüz batyrlygyndan heder edýärdiler. Çagry beg onuň birinji topara
serkerdelik etmegine garşy-da çykypdy. Ol:
– Goý, Nasyr ikinji topara serkerdelik etsin – diýipdi.
Nasyr beg ylalaşmandy, dyzmaçlyk edipdi. Şonda, onuň göwnüne degmezlik maksady bilen birinji
topara ýolbaşçylyk etmegine razy bolupdylar.
Nasyr begiň ygtyýarynda müň sany atly bardy. Onuň wezipesi gaç-kow söweş tilsimi boýunça hereket
etmekdi: garaşylman durka gaznalylaryň arka tarapyndan gelip, darkaşyp, biraz dowul döredeninden soň
gaçmakdy we gaznalylary çöl etekde öňünden taýýar edilip goýlan harwar-harwar baýlyklaryň üstünden
eltmekdi.
Ençe ýyllap kakasynyň aryny almagy ýüreginde besläp ýören Nasyr beg dowul döredip gaçmagy
ýadyndan çykardy. «Öldüriň! Baryny öldüriň!» diýip, ol duşman leşgeriniň barha jümmüşine girdi.
Netijede, özi-de öldi, ýanyndaky müň atlynyň ýedi ýüzden gowragynyň-da ölümine sebäp boldy. Galan
atlylar gaçan bolup, öz öňlerinde goýlan wezipäni amal etdiler.
Nasyr begiň wepaty seljuklylara çökder agyr urgy boldy. Olary galanyň demirgazyk tarapyndaky
mazarlykda depin etdiler. Seljuklylar diňe bir öz wepat bolanlaryny däl, eýsem gaznaly gulamlardan wepat
bolan iki müň gulamyň jesedini-de jaýladylar.
Merhum jaýlamak däp-dessuryny amal edip, aýat-doga okanlaryndan soň, seljuk beglerine salar
Begdogdynyň goşunynyň ýagdaýy hakda habar geldi.
– Gaznalylar başda ýeňiş toýuny toýladylar, indem oljalaryny paýlaşyp bilmän, biri-birini öldürýärler.
Megerem, namazşama çenli olar biri-birini öldürip gutarsalar gerek.
Bu habary serinde aýlan Çagry beg Musa beg bilen Togrul bege ýüzlendi:
– Olaryň soňuna çykmagymyz üçin Hudaý bize gowy mümkinçilik döredip berýär: olary Nyşapura çenli
kowalap, talap gitmek endişesinden halas edýär. Biz hut şu gün olaryň soňuna çykarys!
– Hüjüm etmeli pursadymyz geldi. Hudaýtagala biziň işimizi ýeňilleşdirdi – diýip, Ybraýym
galkyjaklady.
– Biz olary gyran-jyran ederis! – diýip, Togrul beg Ybraýymy goldady.
– Bu babatda Sowmagydan sorap göreliň!
Oturanlar Hasanyň bu pikirini makul bildiler, derrew bilgiji tapyp getirdiler, oňa gaznaly goşunynyň
ýagdaýyny, öz maksatlaryny düşündirdiler.
Sowmagy Asmana seredip uzak oturdy. Oturanlar garaşmakdan ýaňa, bez boldular. Sowmagy ahyrylahyr ýerinden turdy.
– Bu gün jahana Müşderi ýyldyzy gözegçilik edýär. Müşderi ýyldyzy – ýeňiş ýyldyzy. Merhemetli
Çagry beg, merhemetli Togrul beg, siziň ikiňiz hem sahypkyranlar. Siziň ikiňizem bu ýyldyzyň aşagynda
doglanlar…
– Sen bize anyk jogap ber, biz çozsak, ýeňerismi? – diýip, Çagry beg Sowmagynyň ýanyna bardy.
– Siziň ýyldyzlaryňyz...
– Dur, dur, maňa anyk jogap ber. Biz häzir gaznalylaryň üstüne çozuş etsek, ýeňerismi ýa ýeňlerismi?
Gaznalylar bizden san taýdan bäş esseden-de köp.
– Ýyldyzlaryň berýän alamatlaryna görä, ýeňiş sahypkyranyňky!
– Maňa, ine, şu sözüň lazym.
– Allatagalaga ýüz tutalyň, ondan ýeňiş diläliň! – diýip, Togrul beg ýanyndakylara ýüzlendi.
Bu pikiri ähli seljuklylar makul bildiler.
Togrul beg dagdan gelýän çaýyň kenarynda taýlesanyny öňüne namazlyk edinip, ikidyz oturdy.
Seljuklylar Togrul begiň yzyndan hatara düzüldiler.
– Eý, Beýik Biribar! Size alkyşlar we hamd-senalar bolsun! Biz – Seljuk ibn Dukakyň neberesidiris.
Bize ýaşamak mertebesini berendigiňiz üçin çäksiz hurgantdyrys. Gurhanda: «Eger minnetdarlyk
bildirseňiz, men size eçilerin» diýen, «Derejeleri boýunça birlerini beýlekilerden belende göterdik» diýen
parasatlaryňyzyň amalyny bize eçilen, rowa bilen takdyrlaryňyzda görýäris. Siz bize mydama göterip biljek
ýüklerimizi ýüklediňiz 8. Eý, Perwerdigär! Biz size sadykatdyrys, ýüreklerimiz diňe: «Alla, Alla!» diýip
urýandyr. Biz diňe siziň hoşuňyza geljek sogap işleri köp bitirmäge çalşyp ýaşaýarys. Bizi mundan
beýlägem öz penaňda aman hem mertebede saklamagyňy soraýarys. Bize gaznaly soltan Masut köp-köp
jebir-sütemler etdi. Ol siziň ajaýyp dünýäňizde rahat, hözirli dünýäňizde ýaşamaga mümkinçilik bermeýär,
bize agyr salgytlar salýar. Biziň köp adamlarymyzy öldürdi. Biz ýeňşiň siziňkidigine magat düşünýäris we
sizden häzirki başlamakçy bolýan darkaşymyzda ýeňşe ýar etmegiňizi uzur soraýarys!
***
Togrul beg her gezekdäki ýaly, bu gezegem goşunyň öňüni çekdi. Söwer gyr atyny debsiläp, çirkinçirkin gykylyklap, ýataganyny bulaýlap, gaznaly gulamlary parçalap ugrady. Onda asyl gorky-ürki ýokdy,
başa-baş söweşe biçak rüstemdi. Özem onuň ýadamasy-ýaltanmasy ýokdy, ýadandygyny ol köplenç
darkaşdan soň duýýardy. Söweş wagty göhi gelýärdi. Onuň batyrgaýlyk bilen wagşyýana söweşişini görüp,
duşmanyň haýýaty göçýärdi, elden-aýakdan galyp, aňsatja pida bolýardylar. Togrul begiň göwresi-de uludy.
Garşydaşy bu äpet uly göwreli kişi bilen oýnunyň deň gelmejekdigine oňa gözi kaklyşan dessine akyl
ýetirýärdi.
Bu gezek söweşe ähli seljuk begleri girdi.
Jylawdar goşunyň salary Çagry begdi.
Sag ganatda Togrul beg, sol ganatda Musa beg ogullary Hasan hem Ýakut bilen durýardy.
Altynjan bilen Anuşirwan ýiglewük bölüme serkerdelik etdi.
Bu söweş Altynjan hatynyň gatnaşýan ilkinji uly söweşidi. Ol gazaply, rehimsiz söweşdi. Onuň söweşe
gatnaşmagyna Togrul beg başda razy bolmandy. Şonda ol özüniň ýöne-möne söweşiji däldigini bege
ýatlatmaly bolupdy. Wah, Togrul beg Altynjanyň söweşmäge ussatdygyny bilmesine bilýärdi, ýöne ony
söweşe salman, goramakçy bolýardy.
– Ýiglewük bölümde söweşersiň – diýip, beg göwünli-göwünsiz razylyk berdi.
Altynjan söweşde bölümiň bölümden tapawudy ýokdur öýdüpdi, görüp otursa, bar eken. Ýiglewük
bölümiň ikinji ady ökje eken. Bu bölümiň esasy işi serkerdäni hemem tugy yzdan howpsuzlandyrmak eken.
Mundan-da başga duşmanyň esgerleriniň söweşde ileri-gaýrany tanaman söweş meýdanyndan ökje ogurlap
ugranda öňünden çykyp paýhynlamak eken.
Nusaý söweşinde hem ýiglewük bölümiň esgerleriniň işi ýeterlik boldy. Olar gaçyp gelýän
gaznalylaryň öňünden çykyp, ýeke-ýekeden paýhynladylar. Bu söweşde Altynjanyň göhi geldi. Şeýle bir
çalasynlyk bilen ýataganyny işletdi, gaty köp gaznalyny pürreledi.
***
Soltan gulamlary nämä garaşsalar-da öz üstlerine çozulmagyna garaşmandylar. Olar bu mahal ýazylypýaýrap ýeňiş toýuny toýlaýardylar ahyryn!
Hana, birtopar gyr atly bolsa, toý toýlap, aýdym aýdyp, çişlik iýip oturan gulamlaryň kellelerini
eginlerinden pyzlandyryp düşürip ýör!
– Bu nädogry. Häzir hiç bir gaznalynyň ynjalygyny bozmaly däl, azar bermäň! – diýip, dünýäden
bihabar, badyhowa gulamlar nägilelik bildirdiler.
Mes gaznalylaryň nägileligine ähmiýet beren bolmady.
Görlüp oturylsa, ýagdaý erbet eken, nägile bolanyň bilen üýtgejek zat ýok eken!
Gözleriniň görýän zatlaryna ýeke gaznalynyň hem eger-eger ynanasy gelmedi, ýöne islemeýän
zatlaryna ynanmaly boldular.
On ýedi müň gulam basga düşdi.
Näme etjeklerini bilmän iki ýana elewräp ugradylar.
Baýlyk süýji, olja has süýji. Baýlykdan-da, oljadan-da jan süýji, janlarynyň didiwana münendigini
aňan gaznalylar oljadan-beýlekiden ellebizar geçip, ýeriň pesi bilen zyk gaçdylar.
Seljuk ýigitleri aýak ýalaň, baş açyk gaçyp barýan soltan gulamlarynyň yzyndan ýetip gyrmak gyrdylar.
Begdogdy başarjaň, ugurtapyjy serkerdedi, ýöne onuň bir asgyn tarapy bardy. Ol hem edil Subaşy atly
egindeşi ýaly, şerap içip mes bolmagy gowy görýänligidi, däli-diwana bolýanlygydy. Şerap-meý içenden soň
ol hakyt başga Begdogda öwrülýärdi. Onuň gözüne owadan hüýr-melekler görünýärdi 9. Onsoň şol hüýrmelekler bilen kowalaşmaga, hemsöhbet bolmaga başlaýardy.
Uly ýeňiş gazanan Begdogdy Nusaýda içdi meýi, içdi meýi. Gyzyl däli, muhammar boldy. Onsoň:
«Hana, bir owadan peri bar!» diýip, öz gulamlarynyň yzyndan kowalap, olary tutup, bagryna oýkap,
hyjuwyny gandyrmaga başlady. Gulam görgüliler oňa ýok diýip bilenokdylar.
Seljuklylary görende Begdogdy walalaýlap gygyrdy:
– Görüň-ä, görüň-ä, owadan periler geldi. Ählisini maňa getirip beriň! Olaryň ählijesi meniňki!
Salaryň çawuşlary ony alyp gaçjak bolýardylar, Begdogdy welin, çawuşlary depip-dişläp, olaryň
elinden sypjak, «üýşüp gelen perileriň» – seljuklylaryň öňünden gujak açyp çykjak bolup dyzaýardy.
Herhal, çawuşlar salaryň ähli sütemine, patanaklamasyna, çem gelen ýerlerine urmasyna garamazdan
ony gyrgynçylygyň içinden alyp çykmagy başardylar.
Kethuda hoja Hüseýin Aly Mykaýyl welin, ýesir düşdi. Kethudanyň wezipesi söweşde ýeňiş
gazananlara heýde-baýrak gowşurmakdy. Bir tarapdan seredeniňde, hoja wezipesini ýerine ýetirdi: ýeňşi
seljuk begleri gazandy. Şonuň üçin soltanyň sahylygy seljuk beglerine nesip etdi.
Begdogdy şol günüň ertesi özüne geldi. Bolan wakalar hakda eşidip ynanmady. Birki günläp tükge düşüp
ýatdy. Soňam Gazna sary ýola düşdi. Gaznada şindem toý-baýram dowam edýärdi.
– Ýeňildik! On ýedi müň atly goşunymyz gyryldy. Ähli zatlarymyzy seljuklylar olja aldylar. Sanalgyja
adam bilen men hazzar gaçyp gutuldym.
Soltan gözüniň görýän zadyna, gulagynyň eşidýän sözlerine hiç ynanyp bilmedi, ynanasy hem gelmedi.
Ol görýän zatlaryna müňkür gelip, gözlerini ýumdy. Berk ýumdy. Onuň bolşy indi gözlerini açsa, hälki
eşiden habarlary owalbaşky eşiden şatlykly habarlaryna öwrüläýjek ýalydy.
Haýp, öwrülmedi!
Nusaýyň etegindäki bolan zatlara salar Begdogdynyň özem şindem teý ynanyp bilenokdy. Ol gazanan
ýeňşine biçak ynanypdy, begenipdi, biçak ruhlanypdy. Ýeňlen atlylardan özge atly bu jelegaýda başga
bardyr öýdüp, ol eger-eger pikirem etmändi. Onuň gyran seljugy juda kändi ahyryn! Oňa: «Ähli seljukly
gyryldy, tohumlyk galmady» diýdiler ahyryn! Ýedi ýüz maslygy hut onuň özi ýeke-ýeke sanady ahyryn!
Begdogdynyň ömri söweş meýdanlarynda geçdi. Şol söweşlerde ýeňen gezeklerem az bolmandy,
ýeňlen gezeklerem. Şol söweşlerde her hili tilsimler ulanylypdy, ýöne beýle ahwalata ol ýeke gezegem
gabat gelmändi, eşitmändi hem!..
***
Bu ýeňiş Togrul beg bilen Çagry begiň ilkinji uly ýeňşidi.
Bu tilsim iki doganyň ilkinji harby tilsimidi.
Ele salnan oljalar uly bir oýtakda ýaýylyp ýatyrdy. Olary bir-iki günde tükelläbem tükeder ýaly däldi.
Soltan Masudyň söweşde ýeňiş gazananlara bermek üçin niýetläp ugradan halta-halta altyn dinarlary,
gymmatbaha harytlary göreniň akylyny haýran edýärdi.
Bu baýlyklary görüp halyfyň ilçisi Nejah-as-Fazlyň tüýsi hakyt üýtgedi:
– Bir zada-da el degirmäň! Bir zada-da el degirmäň! Bu baýlyklar merhemetli halypanyň
Perwerdigärden eden dilegleri bilen amal tapdy. Bu baýlyklar
Perwerdigäriňki. «Ýeňiş diňe
Allanyňkydyr».10 Ilki bilen, bu baýlyklary Bagdada ugratmaly. Goý, bu baýlyklaryň näçesiniň size, aýratyn
hem Musa bege, Togrul bege, Çagry bege degişli hums paýyny, esgerleriň paýlaryny kesgitläp bersin. Bu
baýlyklardan her bir esgere ýetjekdigine men yşanýaryn. Ýöne sabyrly boluň. «Alla sabyr edýänler bilen
mydama biledir». 11 Allatagalanyň ýalkawy bolmasa, on ýedi saý haşamy üç müň esgeriň ýeňmejekdigi köre
hasadyr, ýöne Allatagala islese, mümkin däl zatlary-da mümkin edýändir – diýip, pikirini çalt aýtmasa, bar
baýlyk alnyp gidiläýjek ýaly, gözlerini petredip, agzyndan köpük syçradyp, çalt-çalt gürledi.
–Çaşyp ýatan ähli baýlyklary arabalara derhal ýükläň. Ýekejesinem aljak bolaýmaň.
Nejah-as-Fazlyň bu hokgasyna ähli esgerler ör-gökden geldi.
– Eý, munuň nämeler samraýandygyny gulagy beri eşidýärmikä? Munuň-a baýlyk görerligi ýok eken.
Geplemäge ýaltanyp ýören bedibagtyň sarnaýşyna bir serediň-ä!
– Ybraýym, Nejas-as-Fazl dogry aýdýar. Allatagalanyň ýalkawy bolmadyk bolsa, üç müň esger on ýedi
müň gulamy beýle aňsat ýeňmezdi. «Ýeňiş diňe Allanyňkydyr». Goý, halypanyň näme edesi gelse, şony
etsin – diýip, Togrul beg Ybraýymy köşeşdirmäge çalyşdy.
– Ýekeje zadam gozgaman, ähli emlägi şu gün Bagdada ugratmaly – diýip, Nejas-as-Fazl ariziň 12
üstüne gygyrdy, onuň elindäki zatlary kakyp aldy.
– Meniň oglanlarym – saýlama atlylarym halypanyň ilçisini dört-bäş günlük «ogurlap» guma
äkidäýsinler? Oňa çenli oljalary paýlaşyp, ýerbe-ýer edip ýetişeris? – diýip, Ybraýym Togrul bege ýüzlendi.
– Allatagala-ha saňa jahan şalygyny uzadýar, senem müň araba baýlygyň gürrüňini edýärsiň! – diýip,
Togrul beg Ybraýymy oňlamady.
Hasan beg beglere ýüzlendi:
– Bu söweşde dört-bäş Rüstem Zallyk güýçli bir söweşijini görüp aňkarylyp galypdyryn. Aňkarylyp
durkam tas kellämi pyzlandyrypdylar...
Hasan beg gürrüňiň haýsy söweşiji hakda gidýändigini soramaklaryna garaşyp, sözüne dyngy berdi.
Togrul beg gürrüňiň kim hakda gidýändigini bada-bat aňyp ýylgyrjaklady.
– O Rüstem Zalyň kimdigini näme üçin aýtmaýarsyň? – diýip, Çagry beg gyzyklandy.
– Kim bolar öýdýärsiňiz, Altynjan melike ol. Eý, Hudaý, garşydaş bolup öňünden çykar ýaly däl onuň.
Togrul, öňünden çykan bolsaň, seniňem kelläňi pyzlandyryp goýbererdi ol. Eý, ol säginmän, öňünden
çykany ýeke kakuwynda tükgerdip göni gidip barýar. Boýnuma alaýyn, men sag ganatda söweşen-de
bolsam, Altynjan melikeçe gaznalyny pürrelemändigimi bilýärin. Ýiglewük bölümi öň darkaşlarda oňly iş
etmezdi, ýöne şu gezeg-ä bu bölüm ylgary bölümdenem, sag ganatdanam köp iş bitirdi.
– Togrul bege mynasyp hatyn! – diýip, Musa beg buýsançly aýtdy. – Goý, ýeňişlerimiz köp bolsun!
– Hany Altynjan?! – diýip, Togrul beg töweregine garanjaklady.
Altynjan bu mahal Anuşirwanyň ýanyndady. Lukmanlar ýaş ýigidiň üç ýerinden düşen ýeňil ýara em
edýärdiler.
– Oglum, juda agyrýarmy? – diýip, Altynjan odanýardy.
– Käbäm, maňa hiç döwem çalmaz, nesip bolsa, ömri-deraz ýaşarys – diýip, Anuşirwan ýylgyrjaklady.
– Agzyňdan Hudaý eşitsin.
– Altyn gyz!..
Bu sese Altynjan tisginip gitdi:
– Men bärde – diýip, ol syçrap ýerinden galdy.
– Sag-amanmyň?!
– Sag, begim, sag!
– Görünmediň, ýüregim ýaryldy.
– Men sizi synlap, görüp otyryn.
– Anuşirwan, sen nähili?
– Birki sany gyltyz ýara düşdi, gorkuly zat ýok – diýip, Anuşirwan merdemsi jogap berdi.
– Hany, ýörüň onda, bitiren işlerimizi ýene bir gezek gözden geçireliň. Biz bu gün gaty uly iş bitirdik.
Çybyn bolup, pili çakdyk, gorkuzdyk: soltanyň ýüregine gorky-wehim saldyk. Ine, biziň ikinji uly ýeňşimiz
şu!
– Şirler-babyrlar diňe garynjalardan ýeňilýärler, gaçýarlar. Nesip bolsa gaznalylary bu ýerden hemişelik
gaçyp gider ýaly ederis.
– Şeýle bolsun hernä, Anuşirwan jan – diýip, Togrul beg hoşter seretdi.
Dördünji hekaýat
UMYT BAR ÝERINDE – BAGT BAR
1.
ogrul beg Ýazyr galasynda 1 emirlik edýän Hasanyň myhmany boldy.
Hasan seljuk begleriniň hiç haýsyna meňzemeýän dünýewi bir ýigitdi, söweşmegi, teshyr
etmegi halamaýardy. Ol ylym adamydy, okumyşdy. Ýedi dil bilýärdi. Ýatkeşdi. Köp-köp
akyldarlaryň hadyslaryny, pähim-parasatlaryny, köp-köp şahyrlaryň goşgy-gazallaryny ýatdan bilýärdi.
Haýsy ýerde meýlis-oturylyşlyk bolsa, oňa hökman Hasan çagyrylýardy. Ol baran ýerini alaýaz etmegi
başarýardy. Joşup-joşup şygyr okaýardy. Eline haýsy saz guralyny alsa, oňa dil bitirýärdi. Ol asyl
şadyýanlyk, aýdym-saz, suhangöýlük üçin dörän ýalydy. Eline ýatagan alyp söweşmegi welin, asla
halamazdy.
Hasan Ýazyrda häkim-de bolsa, garyp ýaşaýan eken. Ol Togrul beg gelende zyýapaty uludan ýapyp
bilmedi. Nädip zyýapaty uludan ýapsyn! Ol el serip gelen her gedaýa saçagyndaky iň soňky kesemen
tötegini berip goýberýär. Ýüreginiň ýukadygyny eşiden mähelle bolsa, çar ýandan Hasanyň dergähine
gelýärdi. Ol bolsa, her gün ençe gazan ataryp, sadaka berýärdi.
Togrul beg bu ýere Musa ýabgunyň towakgasy bilen gelipdi. Ol Hasana töwella-tagsyr etmekçidi,
Ýazyry hem Dehistany dolandyrmak işine ýardam bermekçidi. Elbetde, Hasan ýeke däldi, onuň ýanynda
inisi Ýakut-da bardy.
T
Ýakut ot ýalydy, hajyrawdy, işine çulumdy. Ýaňy on bir ýaşynda bolsa-da, islendik ülkä häkimlik
etmegi başarjakdy. Özem ol Anadoly sebitlerine gitmek, ol ýerlerini teshyr etmek isleýärdi. Onda gorky-ürki
diýen zat ýokdy. Paýhaslydy. Hakyky serkerdedi, Ýakut Hasanyň tarhandökerliginden juda nägiledi.
Togrul beg iki dogany bir ýerde saklamagyň biri-biri üçin zulumdygyna düşündi. Şonuň üçinem Ýakuty
öz ýanyna aldy.
2.
Beg hareme girende aňynda müň bir pikiri bolýardy. Onuň şol pikirleri aňyndan belli bir derejede
aýyrmagy, rahatlanmagy üçin biraz wagt gerekdi. Hut şonuň üçin Altynjan bege aýtmak isleýän sözlerini
aýtmaga hiç mahal howlukmaýardy, adamsynyň rahatlanaryna – henek ataryna garaşardy. Çünki Togrul
begiň henek atmagy rahatlanandygyny aňladýardy. Şondan soň ol Altynjanyň her bir sözüni ýürekden
diňleýärdi, ýürekden jogap berýärdi.
Togrul beg ýatmazyndan öňürti günüň dowamynda bolup geçen wakalary aňynda pikir eleginden
geçirýärdi, bu onuň ýaşlyk endigidi, bu endigi ömrüniň ahyryna çenli dowam edipdi. Özüniň oýlanmalaryna
Altynjanyň goşulmagyny isleýän hem islemeýän pursatlary bolýardy. Bu gün Altynjanyň adamsyna
ýetirmeli, aýtmaly örän möhüm habary bardy. Başga bir ýagdaý bolanda ol birki gün garaşsa-da garaşardy,
ýöne bu habary welin, tizden tiz bege ýetirmek isleýärdi.
Altynjan Paraw şäherindäki Parawbibi atly tebip gyz bilen tanyşdy, onuň tebipligine biçak syny oturdy,
göwni ýetdi. Ikisiniň jyny-da alyşdy. Birki günüň içinde hakyt köne razdana öwrüldi, olar. Altynjan tebipden
adamsynyň saglygyny – näme keseliniň barlygyny anyklap bermegini sorady. Tebip ylalaşdy. Indiki wezipe
tebip bilen begi duşurmakdy, ýöne Togrul beg ertirden agşama çenli işlidi, boş wagty ýokdy onuň.
Altynjan bege agşam saglygyny barlatmak hakda aýtmakçydy, haýp, bolmady, şol gije Hasan uly
meýlis gurady, gijä­niň ýaryna çenli aýdym aýdyp, saz çaldylar, soňam her kim oturan-oturan ýerinde
uklady.
Togrul beg geçen gije haremine gelmekçidi, geljekdigini Altynjana ýaňzydypdy hem. Ýöne namazşam
galaga Musa ýabgu geldi.
Ýene daňdana çenli oturdylar, ýene her kim oturan-oturan ýerinde uklady.
Bu gün Togrul beg haremine ilkagşam geldi.
Altynjan habaryny aýtmaga juda howlugýan-da bolsa, begiň düşeginiň biraz ýumşamagyna – ýazylypýaýramagyna garaşdy.
– Görýän welin, seniň maňa aýtmak isleýän sözüň bar, seniň aňyň başga ýerde – diýip, beg mylaýym
ýylgyrdy.
Altynjan begiň sözüni makullap, çala baş atdy.
– Aýtjak habaryň möhüm bolmaly.
– Dogry. Begim, dag eteginde Parawbibi atly güýçli tebip bar eken.
– Saňa derdiň bar diýýärmi?
– Aý, ýok...
– Onda näme diýýär?
– Hökümdara bir duşaýsam gowy boljak, oňa aýtjak habarym bar diýýär.
– Gabanmasaň duşaýaryn.
– Ýok, gabanmaryn.
– Habaryny saňa aýdanda bolanokmyşmy?
– Bilmedim...
– Bilýärsiň, ýöne, näme üçindir, aýtmaýarsyň.
– Ýüzbe-ýüz gürleşseňiz, hem özüňiz, hem meniň üçin gowy boljak.
– Ine, indi maňa düşnükli, tebibiň aýtjak sözi sen hakda bolmaly. Dogrumy?
– Menem şeýle pikir edýärin.
– Men onuň bilen hökman duşuşaryn, Altynjan…
Togrul beg Parawbibi bilen duşuşmaga söz beren-de bolsa, wagty bilen duşuşmady. Altynjan
parawbibili gürrüň begiň ýadyndan çykandyr öýtdi, ýöne ýadyndan çykman eken. Ol öz adamlaryna
Parawbibiniň maşgala durmuşy, dogan-garyndaşy hakda anyk maglumat ýygnamaklaryny tabşyrypdyr, anyk
jogaba, maglumata bir hepdeläp garaşypdyr. Maglumat alansoň beg mälik Hasana Parawbibini alyp gelmegi
tabşyrdy.
Parawbibi uzyn boýly, inçe billi, saçlary döşünde seçelenip duran, owadan ulugyzdy. Onuň mähirden
püre-pür ala gözleri adaty gözler däldi. Ol gözlerde nähilidir bir üýtgeşik jady bardy, gudrat bardy.
Togrul beg gaşynda duran ulugyzy birpaýyz synlady-da, oňa nähili mesele ýüze çyksa, Hasan emiriň
ýanyna gelmegi maslahat berdi, emiriň ýardam etjekdigini ýaňzytdy. Soňundan beg:
– Maňa aýtjak sözüň barmy? – diýip sorady.
– Rugsat berseňiz, men size käbir zatlary aýtmakçy.
– Üýtgeşik habaryň bardygyny aňýaryn.
– Merhemetli hökümdar, biz siziň şu ýere gelmegiňize ýedi ýyl bäri garaşyp ýörüs.
– Ýedi ýyl bäri? – diýip, Ybraýym geňirgendi.
– Hawa, ýedi ýyl bäri. Onsoňam garaşýan ýeke men däl.
– Başga kim garaşýar? – diýip, Ybraýym ýene gyzyklandy.
– Size Mänede şyh Abu Seýit Abylhaýyr 2 garaşýar. Siz ondan pata alsaňyz, işleriňiz has rowaçlanar.
Gije düýşünde erenler Togrul bege Abu Seýit Abylhaýyr hem Parawbibi bilen duşuşyşmalydygy hakda
aýdypdylar. Parawbibiniň sözünden soň Togrul beg gören düýşüniň ýönekeý düýş däldigine düşündi.
Ol Parawbibä minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen aýdylmaly habar gutarandyr öýtdi. Gutarman eken.
Aýdyljak esasy habar öňde eken, asyl! Parawbibi begi ýene haýran galdyrdy:
– Hökümdar, men size möhüm bir habar aýtmak isleýärin. Ol habary men Altynjan melikä aýtdym,
ýöne, çakym çak bolsa, melike ol habary size aýtmandyr.
– O näme üçin aýtmandyr öýdýärsiňiz? Aýtdy. Meniň saglygym baradaky aladalaryňyz üçin sizi Taňry
ýalkasyn!
Parawbibi syrly ýylgyrdy:
– Altynjan mundan bir hepde öňki aýdan buşlugymy size ýetirmändir.
– O nähili buşluk? – diýip, Togrul beg bir Altynjanyň, birem Parawbibiniň ýüzüne bakdy.
– Men, eý, hökümdar, gelniňiz Altynjan bilen tanyşdym. Onuň dört hepdelik hamyladardygyny size
ýetirmek isledim...
Parawbibiniň bu habary Togrul begiň hem, ähli wezir-wekilleriň hem garaşmadyk habary boldy.
Wezir-wekiller ýerli-ýerden Togrul begi gutladylar.
Peýkertuwak Altynjany taýly gezek gujaklady.
Togrul beg hoşal bolup, Parawbibä ýüzlendi:
– Sen meni hoş habaryň bilen begendirdiň. Hany, aýt, bu hoş habaryň üçin menden nähili engam
isleýärsiň?
– Eý, hökümdar, meniň engam hantamaçylygym ýok, tebip hökmünde dünýä injek şazada babatda
sizden bir zady towakga etmegi parz bilýärin.
– Aýt parzyňy!
– Eý, hökümdar, siziň dowamatyňyz dünýä injek şazada bilen baglanyşykly. Onuň sagja dünýä inmegi
üçin şu günden başlap alada etmeli.
– Sen anyk hem düşnükli aýt. Men näme etmeli?
– Gelniňize küýsän zadyny iýdirmeli, küýsän ýerine alyp gitmeli. Göwnüne degmeli däl. Agyr ýük
götertmeli däl.
– Soňkyň kyn bolaýmasa – diýip, Togrul beg hezil edip güldi. Ýanynda duranlar onuň gülküsine
goşulyşdylar.
– Mirasdar size gerek.
– Sen bu zatlary näme üçin çintgeýärsiň? Täleýimizde bir ýaramazlyk ýokdur-da hernä?
– Ähli zat size bagly! Her hili näsazlyk bolaýanda-da, siziň ony sazlamagyň alajyny tapjakdygyňyza
men yşanýaryn.
– Maňa bagly bolsa, onuň bir alajy tapylar. – Togrul beg gapdalynda duran Altynjana ýüzlendi: – Altyn
gyz, sen meni mydama haýran galdyrýarsyň. Hoş habary nädip bir hepdeläp menden ýaşyryn saklap bildiň?
Näme üçin aýtmadyň?
– Men ony çala ýaňzytdym ahyryn! – Altynjan utanyp gyzardy.
– Wah, sen-ä oňardyň! Seniň munyň Sowmagynyň: «Men size «Zamahşar gijesinde» silterlenme
boljagyny ýaňzytdym» diýşine meňzeýär. Beýle habary ýaňzytmaly däl! Sesiň ýetdiginden zowladyp,
gygyryp aýtmaly! – Togrul beg töweregine garanjaklady. Hazynadaryny tapyp, oňa tabşyryk berdi.
Hazynadar goja aýal maşgalanyň ýanyna barmagy, agzyna dinar salmagy biraz gelşiksiz görüp
ýaýdandy. Onuň ýaýdanýandygyny gören Togrul beg: «Haltajygy Altynjana ber, goý, ol seniň etmeli işiňi
etsin» diýen terzde öndedi.
Altynjan içi dinarly düwünçegi alyp Parawbibiniň ýanyna bardy:
– Agzyňy aç, mähriban Parawbibi! Hoş habary aýdan altyn zybanyňy altyndan dolduraly!
Parawbibi patyşalaryň sylaglamak islän adamlarynyň agyzlaryna sygan gyzyly berýändigini eşidipdi,
ýöne adamlaryň şeýle sylaglanyşlaryny öň görmändi.
Parawbibi Togrul bege bakyp, minnetdarlyk bilen baş egdi.
Altynjan geň galdy: bäş sany dinar bilen Parawbibiniň agzy doldy. Zamahşarda Haldanyň agzy ýigrimi
bäş dinar bilenem dolmandy ahyryn!..
3.
Seljuklylaryň Dehistany eýelemegi Gürgen welaýatynyň häkimi Bakalanjaryň dünýäsini çepbe
çöwrüpdi.
Dehistan onuň tabynlygyndady, bu gün bolsa, ol ýerde seljuklylar häkimlik edýärdi.
Bakalanjar Ziýar şalygynyň şasyny öldürip, tagtyny eýeläp, soltan Masudyň uguny ýekeläp, oňa gyzyny
gelinlik berip, ýaňy rahat durmuşa başlapdy. Ol seljuklylar bilen hem arany sazlamak isleýärdi, ýöne anyk
çykalga tapyp bilmän örtenýärdi.
Soňky günler saglyk ýagdaýynyň hem egbarlandygy üçin Parawbibini hatyn edinmegi, şeýdip, bir okda
iki towşan urmagy ýüregine düwüpdi: «Ony hatyn edinsem, saglygymy dikelderin, seljuklylar hem elimden
häkimligimi aljak bolup durmazlar». Ol şu pikir bilen Togrul beg Parawdan gidensoň, ata atlandy.
Şa maksadyna ýetmek üçin ähli pyssy-pyjurlyklara taýýar adam, tagta-da özüni ösdürip-ýetişdiren,
howandarlyk edip, özüne wezir bellän iň ýakyn adamyny öldürip geçipdi. Öňüňde maksat goýduňmy, şol
maksadyňa her edip-hesip edip ýetmeli diýen pikire gulluk edýän Bakalanjar Parawbibi babatda inçe
syýasat ýöretmegi makul bildi: Paraw şäherine hossar çykdy: uly sadaka berdi. Sadakada ýoksullara dinar
paýlady, Parawbibä eçilmek eçildi. Üç ýüz altmyş geýimlik mata, gymmatbaha şaý-sep engam berdi. Täze
metjidiň gurluşygyna başlady. Birki aýdan soň Bakalanjar ýene Parawa geldi. Parawbibä öýlenmekçidigini
aýtdy. Tebip bu pikire çürt-kesik garşy çykdy. Şeýle bolansoň, Bakalanjar güýje daýanmaly boldy.
Parawbibi gaçdy.
Bakalanjaryň gulamlary onuň yzyndan kowdy.
– Ölerin, ýöne saňa hatyn bolmaryn.
Bu söz Parawbibiniň iň soňky sözi boldy.
Ol daga bakan gaçdy. Yzyndan kowan elliden gowrak gulam ony ele salmak üçin öňe okduryldy.
Parawbibi daga dyrmaşyp barşyna çykalga gözledi. Ol Allatagala mynajat etdi:
– Eý, Biribar, meni özüne ýagşylyk eden adamy öldüren ganhoruň gujagyna girmeli etme!
Beýik Biribar Parawbibiniň mynajatyny eşitdi: dag elhenç güwledi, soňam göwsüni açdy. Parawbibi dagyň
göwsüne girip gitdi.
Kowup gelýän gulamlar dagyň elhenç güwlemesine, birden iki bölünmegine, Parawbibiniň gürümjürüm bolmagyna akyl ýetirip bilmediler.
Şol ahwalatdan soň Parawbibiniň özi däl-de, ady ýaşamaga başlady.
Bu-da bir ýaşaýyş!..
4.
...Şamälik seljuk begleriniň serhoş bolaryna, gije ukynyň süýjärine garaşypdy.
Ähli zat onuň isleýşi ýaly bolupdy.
«Erkek kişileri uçdantutma öldürmeli, aýallary öldürmeli däl» diýip, ol ýörite buýruk beripdi. Onuň bu
buýrugy Altynjany ele diri salmak üçindi, ýöne jesetleriň içinden Togrul begiň jesediniň tapylmazlygy, ýesir
alnan aýallaryň arasynda Altynjanyň ýoklugy onuň barja umydyny puja çykarypdy.
Sekiz müň adamyň öldürilmegi emiri birjik-de begendirmedi. Gaýtam, gynandyrdy. Rast, Togrul beg
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 22
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.