Latin

Altynjan hatyn - 01

Total number of words is 3648
Total number of unique words is 2000
28.8 of words are in the 2000 most common words
41.6 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
OSMAN ÖDÄÝEW
ALTYNJAN
HATYN
Roman
Birinji jilt
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Aşgabat – 2012
„Altynjan hatyn“ romany XI asyrda beýik şadöwlet döreden, adalaty, yslamy goramakda Gündogarda dabarasy dag aşan
Togrul beg hem onuň ýakynlary hakda söhbet açýar.
Altynjan hatyn Togrul begiň hatynydyr. Awtor Altynjanyň durmuş ýolunyň, başdan geçirmeleriniň üsti bilen Togrul begiň
hem onuň ýakynlarynyň keşplerini açyp görkezýär.
Romanda dartgynly, adaty bolmadyk wakalar teswirlenýär. Şol wakalar gahrymanlaryň keşplerini has inçeden açyp
görkezmäge hyzmat edýär. Romandaky dartgynly wakalar göz öňüňde janlanýar, seni özüne bendi eýleýär. Gahrymanlaryň
başdangeçirmeleri, beýik gahrymançylyklary hakda okap, ilkinji gezek edebi dolanyşyga giren birgiden taryhy maglumatlar bilen
tanyşýarsyň, şeýle hem türkmen halkynyň şöhratly, gahrymançylykly taryhynyň bolandygyna, onda merdana pederlerimiziň
öçmejek yz galdyrandygyna guwanýarsyň, romandaky taryhy şahsyýetleriň belent ahlaklylygy, deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygy,
mertligi, wepalylygy türkmendigiňe buýsanjyňy goşalandyrýar, şeýle ajaýyp şahsyýetler durmuşyňa nur-many çaýýar.

ŞÖHRATLY TÜRKMEN TARYHYNYŇ ÇEPER KEŞBI
oňky ýyllarda edebiýatymyz hormatly Prezidentimiziň goldawy, hemaýaty bilen barha
kämilleşmek ýolunda. Geçen döwür içinde birnäçe kyssa hem şygryýet eserleri çap edildi, halk
köpçüligine hödürlendi. Ol eserlerde kämilleşmek, bagtyýarlyk äşgär duýulýar. Men bu kämilleşmäni
diňe bir romanyň – ýazyjy Osman Ödäýewiň “Altynjan hatyn” atly trilogiýasynyň mysalynda açyp görkezmek
isleýärin.
Romanyň çeperçiligi, täze-täze keşpler toplumy, taryhy täzelikleri barada köp gürrüň edip boljak. Çünki romanda
entek şu güne çenli çeper dolanyşyga girmedik täze taryhy maglumatlar, täzeçe garaýyşlar, del pikirler, pähimler,
adalgalar, düşünjeler, sözler kän.
Romanyň esasy aýratynlyklary hökmünde men turuwbaşdan şu aşakdakylary nygtamak isleýärin:
– türkmen edebiýatynda täze, özboluşly keşpleriň ençemesiniň döredilenligi;
– dil çeperçiligi, sünnäligi;
– del pikire, filosofiki oýlanmalara baýlygy;
– beýan edýän döwrüne beletligi;
– edebiýatda öz ýoluny döredenligi;
– taryha täzeçe garaýyş.
Meniň bu nygtan pikirlerimiň her biri barada aýratyn söhbet etsem gerek, ýöne bu gezekki söhbedim
ýazyjynyň romanyndaky nygtan alty aýratynlygymyň iň soňkusy – taryha täzeçe garaýşy hakda.
Men ýazyjynyň taryha täzeçe çemeleşişi, taryhy wakalary logiki yzarlap, olardan dogry, ynandyryjy
netijeleri çykaryşy – taryhyň müň bir sowally ýazuw boşluklaryny dolduryşy hakda öz pikirimi buýsanç
bilen aýtmakçy. Çünki kalbyňy heýjana salýan duýgulardyr pikirler hakda ýazmak ruhy goldaw, ruhy hörek
berýär. Elbetde, ýazyjynyň türkmen edebiýatyna getiren täzelikleri hakda has düýpli gürrüň etmek zerur,
ýöne muňa mümkinçiligiň çäklidigini göz öňünde tutup, men Osman Ödäýewiň “Altynjan hatyn” atly
romanynda taryhy maglumatlara täzeçe çemeleşişi we çykaran netijeleri, oýlanmalary barada gysgaça söhbet
etmegi müwessa bildim, men bu babatda häzirlikçe diňe ýedi sany pikiri aýdyp çäklenmekçi.
S
1.
Meniň birinji aýtmakçy pikirim XI asyrda beýik seljuk türkmenleri diýen şadöwleti döreden Muhammet
Togrul begiň keşbiniň Görogly begdigi hakdaky täze pikirdir.
Türkmeniň milli taryhynyň şöhratly sahypasy bolup durýan Seljuk türkmenleriniň döwletini esaslandyran
beýik Soltan Muhammet Togrul beg hakyndaky epos “Görogly” ady bilen meşhurlyga eýe boldy.
Muhammet Togrul beg türkmen halky üçin beýik hyzmatlar bitiren görnükli şahsyýet. Bu şahsyýet
türkmen taryhynyň üçünji eýýamynda türkmeniň iň beýik döwletleriniň birini esaslandyrdy. Şeýle taryhy
hyzmaty eden merdana ogluny türkmen halky ýatdan çykaryp biljek däldi. Şonuň üçin hem oňa bagyşlap
şadessan döreden halk bu esere Togrul begiň şahsyýetiniň köp taraplaryny siňdirdi. Bu gün Görogly bilen
Togrulyň şahsyýetini deňeşdirip, gaty köp umumylyklary tapyp bolar.
Birinjiden, ikisi hem bir menzil-mekanda – Balkan daglarynyň eteklerinde, Uzboýuň aşaky akymlarynda
kemala geldiler.
Ikinjiden, olaryň ikisi hem asyl gelip çykyşy boýunça begdir, batyr ogullarydyr.
Üçünjiden, olaryň ikisiniň hem kakalary juda ir ýogaldy.
Dördünjiden, olaryň atalarynyň ykballary meňzeşdi.
Bäşinjiden, Togrul hem, Görogly hem atasynyň elinde terbiýelendi.
Altynjydan, olaryň ikisi hem serkerdedir we soltandyr.
Ýedinjiden, olaryň ikisi hem perzentsizligiň dagyny çekipdir.
Sekizinjiden, Göroglynyň Agaýunusa, Togrul begiň Altynjana öýlenişi gaty meňzeşdir.
Dokuzynjydan, Agaýunus hem, Altynjan hem ýanýoldaşlarynyň iň ýakyn maslahatçylarydyr, ikisi hem
ýurdy edara etmek işine gatnaşýandyrlar.
Onunjydan, Togrul beg Alparslany, Görogly beg Öwezi ogullyga alýandyr.
On birinjiden, Agaýunusyň, Altynjanyň pendine gulak gabartmadyk gezekleri Görogly beg, Togrul beg
ýeňlişe sezewar bolýarlar, ýalňyşýarlar, soňundan puşman edýärler...
Bu sanawy ýigrimä-de, ýüze-de ýetirse bolar, ondan-da köp delil tapyp bolar, ýöne subut edilen
hakykaty subut etmegiň näme zerurlygy bar?!
Elbetde, taryhy ösüşiň dowamynda “Görogly” eposy çeper eser hökmünde köp üýtgeşmelere sezewar
bolupdyr. Soňky nesiller Görogla öz döwrüniň aýratynlyklaryny siňdiripdirler. Emma şoňa garamazdan,
Göroglynyň esasynyň Togrul begdigi taryhy maglumatlardan äşgär görnüp duran hakykatdyr. Bu hakykat
romanda edebi dolanyşyga getirilipdir.
Biz Göroglyny edebi gahryman däl-de, türkmeniň üçünji orta asyrlar eýýamynyň şahsyýet görnüşi
hökmünde görýäris. Şonda ol tutuş eýýamyň ruhuny özünde saklaýan umumylaşdyryjy şahsyýete öwrülýär.
Beýle şahsyýet bolsa bize şol döwrüň taryhy ruhuna aralaşmaga, ony tutuş milli taryhyň bir eýýamy hökmünde
aňlamaga, türkmeniň geçmişini bilmäge mümkinçilik berýär.
Romanda Altynjanyň hereketleri, oý-pikirleri Agaýunus periniňkiden görnetin hakyky, görnetin parhly,
söweşjeň, durmuşy. Ol parhlylyk, söweşjeňlik, durmuşylyk Altynjanyň oý-pikirleriniň, gaýduwsyzlygynyň,
batyrlygynyň, alyp baran söweşleriniň geriminiň buýsandyryjylygyndadyr. Adamsynyň başyna agyr iş düşende
Altynjan hatyn ägirt uly güýje, gaýduwsyzlyga öwrülýär, aňyndan ölüm gorkusy aýrylýar. Altynjanyň maksada
okgunlylygy, gaýduwsyzlygy okyjyda guwanç hem buýsanç duýgusyny döredýär. Altynjanda türkmeniň mertligi,
batyrlygy, gaýduwsyzlygy dartgynly, tolgundyryjy wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär.
Ýeri gelende aýtsam, Altynjan hatynyň keşbi türkmen edebiýatynda täzelikdir, täze keşpdir, hemme
taraplaýyn açylyp görkezilen bitewi bir gahryman keşbidir.
2.
Ikinji nygtamakçy pikirim Soltan Mahmyt Gaznaly bilen baglanyşykly. XI asyrda, ondan soňraky
döwürlerde, şeýle hem häzirki döwürde ýazylan taryhy kitaplarda Ysraýyl ibn Seljugyň Hindistandan iberen
habaryna esaslanylýar. Ol habarda: “Eý, seljuklylar, Mahmyt Gaznaly asylsyz, onuň aňyrsy gul, seljuklylar
bolsa begzada neberesi. Soltan Mahmyt Gaznaly patyşa bolmaga mynasyp däl. Siz iň soňky demiňize
çenli oňa garşy söweşiň, şonda siz hökman ony ýeňersiňiz” diýilýär. Ýazyjy Osman Ödäýew hiç hili
taryhy özeni bolmadyk bu maglumaty esassyz hasaplaýar. Bu garaýşyň nädogrudygyny subut etmek üçin
köp sanly taryhy kitaplara salgylanýar.
Awtor Söbükteginiň ogly Mahmyda niýetläp ýazan, öz şejeresini giňişleýin beýan edýän “Pentnama”
kitabyndan başga-da, köp sanly taryhy çeşmelere salgylanýar. Ýazyjy çykgytda haýsy taryhy çeşmä
salgylanýandygyny takyk ýazypdyr. Taryhy anyklyk, takyklyk eseriň gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar.
Romanda peýdalanylan ähli taryhy çeşmeleri men sanap çykjak bolmaýyn, olaryň köplügini romany okan
okyjylar görerler.
Ine, Soltan Mahmyt Gaznalynyň asly barada romanda nygtalýan pikir: Oguz hanyň kada-kanuny
boýunça onuň birinji hatynyndan doglan üç oglunyň – Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz hanyň nebereleri
patyşa bolmaly; ikinji hatynyndan bolan üç oglunyň – Gök (toprak) hanyň, Deňiz hanyň, Dag hanyň
neberesi patyşanyň hyzmatyny etmeli, özem her bir neberäniň etmeli işi öňünden jikme-jik kesgitlenilen.
Şu nukdaýnazardan aýtsak, kynyklaryň neberesi (seljuklylar) patyşanyň hyzmatynda bolmaly. Has
takygy, olar şalygyň serhetleriniň goragynda durmaly. Sebäbi seljuklylar Oguz hanyň körpe ogly Deňiz
hanyň neberesi. Başgaça aýdylanda, Kynyk – Oguz hanyň iň körpe, iň soňky, ýigrimi dördünji agtygy,
Deňiz hanyň körpe ogly.
Soltan Mahmyt Gaznaly bolsa Oguz hanyň birinji Gün han oglunyň neberesi. Özem Gün hanyň birinji
ogly Gaýalardan. Oguz hanyň agtyklary Gaýadan başlanýar. Gaýalar şalyk sürmeli.
Oguz hanyň bu kanuny boýunça Soltan Mahmyt Gaznaly patyşalyk edýär. Özem ol bu Oguz han kanuny
1038-nji ýyla çenli saklanylýar. Oguz han kanuny boýunça gaýalara gulluk etmeli kynyklar ata-baba gelýän
kanuna garşy gitmeli bolýarlar. Başda seljuklylarda tagta geçmek pikiri ýok. Olaryň esasy pikiri Oguz han
düzgünini berjaý etmek, gaýa neberesiniň – Soltan Mahmyt Gaznalynyň şalygynyň serhetlerini ygtybarly
goramak we bu hyzmaty üçin patyşadan ýalkaw görmek.
Bu şeýle hem bolýar.
Seljuklylar soltanyň hyzmatynda durup köp ýeňişleri gazanýarlar, soltanyň ýalkawyna mynasyp
bolýarlar.
Iki tarap biri-birinden razy, hoşal. Onda bu düýpli öwrülişik, gahar-gazap nireden peýda boldy?
Seljuklylaryň tagt üçin ata çykmaklarynyň aňyrsynda Soltan Mahmyt Gaznalynyň beg neberesinden däldigi
hakdaky galp maglumat bilen Masudyň emelsizligi ýatyrmy?
Bu sowala “Altynjan hatyn” örän esasly, düýpli jogap berýär.
3.
Seljuk ýabgusy Ysraýyl üç ýüz atlysy bilen Soltan Mahmyt Gaznalynyň ýanyna görme-görşe gelýär.
Soltan ony mynasyp garşylap:
– Eger bize kömek gerek bolaýsa, näçe ýygyn berip bilersiňiz? – diýip, Ysraýyldan soraýar.
Ysraýyl sagdagyndan bir oky çykaryp:
– Şu oky ýollasaňyz, Balkandan otuz müň atly goşun geler – diýipdir.
– Eger köpräk gerek bolsa?
– Onda şu oky ýollasaňyz, ýene on müň atly-ýaragly ýigit geler.
– Eger has köpräk goşun gerek bolsa?
– Şu oky Balkan daglaryna iberseňiz, ýüz müň atly goşun geler.
– Has köp goşun gerek bolaýdy-da?
– Şuny Türkmen diýaryna iberseňiz, bäş ýüz müň atly goşun diýseň-de geler – diýip, Ysraýyl başga bir
ok berýär”.
Soltan Mahmyt Gaznaly bilen seljuk jemagatynyň ýabgusy Ysraýyl (Arslan han) bilen bolup geçen bu
duşuşyk taryhy kitaplaryň galabasynda gabat gelýär, sözme-söz gaýtalanýar, ýöne olaryň hiç birinde hem bu
duşuşygyň aňyrsynda ýatan hakykat açylyp görkezilmeýär. Men “bu duşuşygyň aňyrsynda ýatan hakykat”
diýenimde, nämeleri göz öňünde tutýaryn?!
Näme üçin Orta Aziýada ýeke-täk kuwwatly şalygyň Soltany Mahmyt Gaznaly Buharadan 18 kilometr
(F. Sümer) uzaklykdaky Nur etrabynda ýaşaýan seljuk jemagatynyň kethudasyndan kömek soraýar?
Ol näme üçin kömegi Garahan döwletiniň hökümdary Gadyr handan ýa Ilek handan soranok? Geň
gerek?
Geň, juda geň.
Şeýle seretseň, ynandyryjy hem däl. Sebäbi bir obanyň kethudasy nire, müňläp-müňläp atly goşuna
ygtyýarly bolmak nire?
Beýle köp atly goşuny bolan kethuda näme üçin bir etrapda oňňut edip ýör?
Ysraýyl hanyň berip biljek goldawyny Gadyr han-da, Ilek han-da edip biljek däl. Ýogsam biri goldaw
etse, olar etmeli.
Hawa, Ysraýyl bäş ýüz müň atly goşuny bir peýkam bilen getirip bilýän bolsa, onda ol Soltan Mahmyt
Gaznalydan birjik-de asgyn däl.
Akylly-başly serkerde Soltanyň ýanynda bäş ýüz müň atly güýjüniň bardygyny gizlemeli, ýöne Arslan
han gizlänok. Näme üçin gizlänok? Näme üçin aç-açan aýdýar? Şeýle uly goşuna ygtyýarly kişi özüne abanjak
howpy bilmezmi?! Beýle köp güýji bolan kethuda näme üçin özbaşdak döwlet döretmeýär?! Näme üçin ol
Soltanyň ýanyna barýar?! Beýle köp güýji bar bolsa, onuň ýanyna Soltan barmaly. Kömek bermek üçin
çagyrylmaýar, kömek soramak üçin boýun burup barylýar.
Taryhy kitaplarda bu näme üçinlere jogap ýok, ýazyjy Osman Ödäýew ilkinji gezek şol hikmetli
duşuşygyň uşlybyny logiki taýdan yzarlaýar.
Ýazyjy taryhy kitaplardaky maglumatlary içgin öwrenipdir, netijede täze açyşyň üstünden barypdyr.
4.
Dördünji täzelik reňkler bilen baglanyşykly. Awtoryň nygtaýşy ýaly, “Her bir täzelik wagtyň geçmegi bilen
könelişen täzelikdir”. Bu durmuş kanuny. Biz wagtyň geçmegi bilen käbir zatlary unudýarys, käbir unudan
zadymyzy täzeden, täzelik hökmünde peýdalanmaga girişýäris.
Reňkler babatda-da şeýledir: Oguz han özüniň ogullaryna, agtyklaryna oňondyr nyşan bilen bir hatarda
reňk hem paýlap beripdir. Oguz hanyň agtyklaryna paýlap beren reňkleri dokuz sanydyr. Mysal üçin, Gaýa,
Baýada, Alaöýlä, Garaöýlä gara reňk beripdir, şeýle hem olara eşikleriniň, münýän atlarynyň hem gara
reňkde bolmalydygyny wesýet edipdir. Oguz han Owşara ak reňkdäki at münmegi, şeýle hem ak eşik
geýmegi, Igdire, Begdilä, Ýiwa, Kynyga al at (has dogrusy, dor at) münmegi, al reňkde geýinmegi wesýet
edipdir. Oguz hanyň bu sargydy diňe bir XI asyrda, Togrul begiň döwründe däl, eýsem XIII asyrda –
Jelaleddin Meňburnuň döwründe-de berk saklanypdyr. Muňa Jelaleddin Meňburnuň kätibi Muhammet
Nesewiniň “Jelaleddin Meňburnuň ömür beýany” atly meşhur kitabynda hem duş gelmek bolýar. Onda şeýle
setirler bar: “Bellenilen gün soltan goşunyny söweş nyzamyna düzdi. Goşunyň merkezi diňe gara atly, gara
geýnen ýigitlerdendi, sag ganat dagyň sili ýaly uçganaklap duran ak atly, ak geýnen nökerlerdendi, çep
ganaty bolsa mele atly, mele geýnen nökerlerden ybaratdy” (254 sah.).
Eýsem, mele reňkli geýnenler we atlylar Oguz hanyň haýsy agtygynyň neberesi?!
Gysgaça aýtsam, Oguz han mele reňki agtyklary Ýazara, Dügere, Dodurga, Ýaparla berýär.
Şu ýerde möhüm bir täzeligi hem nygtamakçy: ol türkmen halysynyň Oguz hanyň elipbiýiligidir.
Halydaky dokuz reňk Oguz hanyň agtyklaryna beren reňkleri bolmaly. Türkmen halysy – Oguz hanyň
agtyklaryna beren dokuz reňki esasynda döräpdir. Ine, “Altynjan hatyn” romanynyň pikir ýaýrawynyň
çuňluklary, maňyz-mazmuny nirelerde köwsar urýar!
Halynyň düşegi näme üçin gyzyl? Onuň sebäbini ýazyjy örän aýdyň düşündirýär: Oguz han özüniň
zemin ogly bolan Gök (toprak) hana gyzyl reňki beripdir. Gyzyl reňk Gök hany – ene ýerimizi, topragymyzy
alamatlandyrýar.
Elbetde, Oguz hanyň dokuz reňki hakda, halylarymyzyň many-mazmuny, hikmeti hakda “Altynjan hatyn”
trilogiýasynyň esasynda köp gürrüň etse boljak. Ýöne ol başga bir makalanyň söhbedi.
5.
Meniň bäşinji nygtamak islän pikirim oguz goşun düzümi hem düzgüni bilen baglanyşykly.
“Altynjan hatyn” romanynyň ikinji kitabynyň on ikinji hekaýaty “Bürgüt hüjümi” atlandyrylýar, onda
Togrul begiň goşuny, onuň hem-de Altynjan hatynyň harby ussatlygy hakda söhbet açylýar.
Her döwrüň öz aýratynlygy bolýar. Oguz han döwründen başlap, eždatlarymyzyň durmuşynda üç
düşünje – halk, goşun, döwlet biri-birine barabar derejede bolupdyr, çünki bu üçlük ýaşaýyş usuly
hasaplanypdyr. Goşun, esgerlik berk nyzamly bolupdyr. Elbetde, goşunyň kämil, berk nyzamly bolmasa,
ýedi yklyma hökümdar bolmak başartmaz.
Ýazyjynyň gürrüňini edýän hekaýatymyza “Bürgüt hüjümi” diýmesiniň hikmeti oguz goşunynyň bürgüt
şekilli düzümden ybarat bolanlygy üçindir.
Goşun edil bürgüt ýaly bolup düzülýär, bürgüt ýaly bolup hüjüm edýär.
Ganatlaryny ýaýyp uçup barýan bürgüdi göz öňüne getiriň.
Oguz goşuny şol ganatyny ýaýyp uçup barýan bürgüdiň üç synasynyň esasynda düzülýär.
Sag ganat (meýmene); sol ganat (meýsere); baş merkez (kalp).
Sag ganat – içoguz, bozuk; sol ganat – daşoguz, üçok.
Sag ganata – bozoka Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz hanyň; sol ganata – üçoka Gök hanyň, Dag hanyň,
Deňiz hanyň neberesi girýär. Başda, merkezde (bürgüdiň kellesi) jylawdar (awangard) goşun durýar.
Söweşe patyşa, soltan ýolbaşçylyk edýär.
Söweşde esasy agram merkeze, jylawdar goşuna hem-de sag ganata düşýär. Sol ganat, ätiýaçlyk
(rezerw) goşuny, olar, esasan, üpjünçilik bilen meşgullanýarlar.
Sag ganatda atly goşun ýerleşýär.
Başdaky jylawdar goşun bilen sag ganatdaky atly goşun saýlama, harby tälim öwredilen sagdyn
esgerlerden ybarat bolýar.
Goşun onluklar esasynda düzülýär.
Goşunda birnäçe bölümler bolýar: aňtawul bölümi; garawul bölümi; ýerawul bölümi; ýasawul bölümi;
ýiglewük ýa-da ökje; pygtarma, bekewül bölümleri. Bu bölümleriň her biriniň etmeli wezipeleri anyk
kesgitlenen.
Romanyň soňundan berlen düşündirişde goşun üçin salynýan salgytlaryň pusum-u-maram; abaçiz, alaf, kisam,
taufir, hukuky maragy, jizýe, ähli zimmet, nal baha we beýleki görnüşleri; bundarlar, masyllar (salgyt ýygnaýan
gullukçylar); amiller (paç ýygnaýjylar); jöwşen (simden ýasalan gadymy uruş geýimi), sowut, tuwulga (söweşde
başa geýilýän, bürünçden ýasalan başgap), çaraýna (söweşde ok geçmezligi üçin gursakdan we arkadan asylýan
ýasy gural); goşun çinleri; köşk nökerleriniň mufrat, haşym diýlip atlandyrylmasynyň sebäbi hakda gysgadan
takyk ýazylypdyr. Oguz harby düzgün-nyzamy türkmen edebiýatynda şeýle takyk, şeýle düýpli görnüşde ilkinji
gezek edebi dolanyşyga girizilýär. Bu düşündirişlerde türkmen harby taryhyny öwrenýänler, giň okyjylar
köpçüligi üçin örän gymmatly maglumatlar köp.
Altynjan hatyn we Togrul beg haýsy sebite barsa bürgüt al asmanda olaryň öňüne düşüp ýör. Togrul
begiň, şeýle hem Altynjan hatynyň berk ynanjyna görä, bürgüt öňden görnende olaryň ýörişleri mydama
ýeňişli bolýar.
Ýazyjy bürgüt sözüniň “ber gut” (bagt) diýen iki sözüň birleşmesinden dörändigini nygtaýar we şunuň bilen
baglanyşyklylykda türkmenlerde unudylan Gün guşundan bagt dileniş däbini jana getirýär.
Altynjan asmanda pelpelläp duran bürgüde seredip: “Eý, ber gut, ber gut!” diýip gygyrýar. Romanda
bürgütden bagt dileniş däbi täsirli beýän edilipdir.
Bürgüt romanyň başyndan ahyryna çenli uçup ýör. Ol mahal-mahal ýatlanylýar.
Bürgüt – romanda göçme manyda getirilýär.
Bürgüt – bagt.
Bürgüt Görogly beg eýýämynyň oňony.
6.
Romanyň ikinji kitabynyň on altynjy hekaýaty «Talaň saçagy» atlandyrylýar. Gürrüň hem bu gün
unudaňkyrlanan talaň saçagy hakda barýar.
«Adam pahyr hemişe öz paýyna düşeni az görýär, özgäniňkini özüniňkiden has köpdür öýdüp pikir edýär.
Tas her bir ynsana mahsus bolan bu gylyk edil özge adam häsiýetleri ýaly, häkimlige täsir edýän zatlaryň biri.
Häkimlik diňe bir adamlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň däl, eýsem, adamyň häsiýetiniň hem hadysasy şeýle.
Islegler, niýetler, päller, hyýallar hem duýgular häkimlige gatnaşykda aýan bolýar, onuň ykbalyna oňat hem
ýaramaz tarapdan täsir edip durýar. Gadymy oguzlar bu hakykata uly ähmiýet berip, adamlarynyň içki
niýetleriniň, boluşlarynyň jemgyýetiň ýaşaýşyna edýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin «talaň saçagy» diýen
dessury oýlap tapypdyrlar. Ýylyň bellibir gününde (nowruzda) patyşa öňünden yglan edip, öz öýüni adamlaryň
ygtyýaryna berýär. Adamlar ol öýden öz alyp bilen zadyny alybermeli. Megerem, her gezekki talaň saçagyndan
soň, adamlar-a öňküden rahat, patyşa bolsa öz häkimligine öňküden has ynamly bolýandyr. Sebäbi mähelläniň:
«Maňa az ýetdi, maňa az ýetdi» diýip urýan ýüregi patyşanyň zadyndan özüne-de paý ýetensoň ynjalýandyr.
Allatagala patyşa berýär, patyşa-da adamlara berýär. Şeýdip, Allanyň bermedigini adamlar patyşadan alýarlar.
Ýürekleri ynjalyk tapýar, duýgulary köşeşýär. Talaň saçagy oguzlara halk bilen patyşalygyň biri-birine
düşünişýänliginiň, ynanyşýandygynyň alamaty, dessury bolupdy. Togrul beg bu däbi doly berjäý edýärdi.
Raýatlaryň patyşadan öz paýyny alyp galmak islegi ýerine ýetenden soň, häkimligiň öňküdenem berkejekdigini ol
oňat bilýärdi. Şonuň üçin her gezek talaň saçagyna ol öz patyşalygyny berkitmek işine taýýarlyk gören ýaly
taýýarlanýardy. Altynjan bu işe Togruldanam işjeň, içgin hem gyzyklanma bilen taýýarlanýardy. Ol hem Togrul
beg ýaly adamlara ýagşylyk etmekden çäksiz lezzet alýardy, zat berip, onuň deregine has uly zeruryýeti – ynamy
alsaň, bu söwdada, heý, utdugyň bolmazmy?! Püçek berip, ýürege eýe bolmak akyllylykdan ahbetin!»
Öýüňi towsa götertmek, ýagmalatmak, netijede hiç zatsyz galmak – gaty agyr zat, onda-da aýal maşgala
üçin.
Öýüň borram-boşamagyna yjaza bermek üçin, gör, nähili giňlik, gör, nähili sahawatlylyk gerek!
Ine, türkmeniň beýikligi!
Beýle dessuryň, bütin ömrüni ylma, bilime bagyş eden professor hökmünde, dünýäniň hiç bir halkynda
ýokdugyna güwä geçip biljek. Togrul beg öz sahawatyny şeýle esaslandyrýar:
«– Eý, byradarlar, hany, aýdyň, Perwerdigär bir ýylyň dowamynda eçilen nygmatlaryny, baýlyklaryny
bermänem – rysgal eçilmänem bilerdimi?
Seljuklylar bir demde jogap berdiler:
– Bilerdi.
– Rysgal eçilmedimi?
– Rysgal eçildi, Alla bizi ýalkady...
– Nahanlykda üstümize ýagy gönderip, ähli zadymyzy weýrana salyp bilerdimi?
– Bilerdi.
– Weýrana saldymy?
– Weýrana salmady, ýalkady»
Soň Togrul beg öýleriniň zatlaryny bir näkes ogra göterdip; sil-harasat gelip öýleriniň ýumrulyp; ýer
goduklap, betbagtlygyň gelip; ýangyn zerarly ähli zatlaryň küle öwrülip biljekdigi, şol betbagtlyklaryň
bolandygy ýa bolmandygy dogrusynda soraýar. Raýatlar ýangynyň bolmandygy, ýeriň goduklamandygy,
nägehan ýagynyň üstlerine dökülmändigi, Allanyň ýalkandygy barada minnetdar bolýarlar.
Diýmek, patyşanyň öýi biderek boşanok, öz mähriban raýatlarynyň göwünleriniň joşy üçin boşaýar.
Togrul beg bilen Altynjan hatyn muňa özleriniň razydyklaryny mälim edýärler.
Talaň saçagy – türkmeni türkmen edýän zatlaryň biridir.
Togrul begiň, Altynjanyň talaň saçagyndaky hereketlerinden, her bir sözünden olaryň içki dünýäleri
ynandyryjy açylyp görkezilýär.
7.
Meniň ýedinji aýtmakçy pikirim «Altynjan hatyn» romanynyň ikinji kitabyndaky «Gylyç ýa kepen
däbi» atly hekaýat bilen baglanyşykly. Has takygy, şol hekaýatda gürrüňi edilýän türkmeniň gylyç ýa kepen
däbi bilen baglanyşykly.
Bu däp unudylan, täzeden edebi dolanyşyga girizilen däp.
Bu däbi ýazyjy gysgaça şeýle teswirleýär.
Ol dogan-garyndaşlaryň bilen hoşlaşmak, hatynlaryňa talak bermek, ölümiňi boýnuňa almak, egineşikleriňi taşlamak, ýuwunmak, mydama täretli bolmak, egniňe on alty gary biýzi dolamak we eliňe gylyç
alyp, «Huw-Hak!» diýip, duşmanyň üstüne topulmak: ýa ölmeli ýa ýeňmeli!
Seljuklylar gaznalylaryň garşysyna gylyç ýa kepen däbine girip çykýarlar. Netijede ýeňiş gazanýarlar.
«Gylyç ýa kepen däbi» atly bölümde türkmeniň bu dessury, seljuklylaryň jemlenişip, bu ýola düşmek barada
ähtleşişleri, Mäne babanyň pata berşi, bu däbe girilişi örän täsirli beýan edilipdir.
* * *
Döredijilikde, meniň pikirimçe, iki usul bar: birinjisi, gürrüň berme usulynda beýan etmek; ikinjisi,
suratlandyrma, wakany töwerekleýin açyp görkezmek.
Meniň diýýän birinji usulym biziň dessanlarymyza, ertekilerimize mahsus. Ikinji usul romantizm, realizm bilen
baglanyşykly dörän usul. Häzirki döwürde dünýä edebiýatynda meşhurlyk gazanýan, söýlüp okalýan eserler birinji
gürrüň berme usulynda döredilen eserlerdir. Birinji usulyň öňe çykmagy kinonyň, telewideniýäniň ýok döwründe
döredilen galyň-galyň çeper eserleriň möwritiniň geçenligindendir?! Belki-de, geçmişe küýsegdir.
Uly göwrümli eserler döredýän dördijilik ussatlarynyň öňünde okyjyny irizmän, ýadatman, gyzyklandyryp,
hyjuwlandyryp, kitabyň birnäçe günüň dowamynda okalmagyny gazanmak wezipesi durýar.
Okyjyny ele almak, imrindirmek babatda ýazyjy Osman Ödäýewiň köp alada-yhlas edendigini romanyň
ilkinji sahypasyndan başlap duýup bolýar. Eýsem, anyk gürrüň edenimizde ýazyjynyň okyjyny ele almak,
romana imrindirmek babatda eden işleri nämelerden ybarat?
1. Dartgynlylyk romanda birinji sahypadan iň soňky sahypa çenli saklanýar. Okyjynyň “Indi nähili
bolarka?”, “Yzy nähili bolarka?” diýip oýlanmagy, galpyldamagy üçin ýörite tilsimler edilipdir.
2. Romanda wakalardaky, iň esasy-da häsiýetlerdäki başdangeçirmeler ýiti gurnalypdyr.
3. Gahrymanlaryň häsiýetlerinde biziň şu günümize muwapyk bolan-u-bolmadyk aýratynlyklar köp.
4. Okyjylary gyzyklandyrjak geň-enaýy pikirler, adalgalar.
5. Romanda tebigat hem gözellik geň-taňlyklary bar.
Men ýazyjy Osman Ödäýewiň “Altynjan hatyn” romany döredijilikdäki usulyň birinjisi ýa-da ikinjisi
boýunça döredilipdir diýip güwä geçip biljek däl, çünki onda döredijilik usullarynyň gezekleşip gelýän
ýerleri az däl.
Eserler hil-hil bolýar, bir kitap seni arzuwlar ummanyna çümdürýär, biri seni durmuş hakda çuň
oýlandyrýar, başga biri ruhlandyrýar, ýene biri gama batyrýar...
“Altynjan hatyn” romanyny okap çykanyňdan soň, Togrul begiň, Altynjanyň keşpleri, olaryň ýaşan
döwri göz öňüňde janlanýar, şol ýaşaýşa gözüň gidýär, olaryň durmuşy, başdan geçirmeleri aňyňdan aňsataňsat aýrylmaýar, ruhlanýarsyň, şol döwürde bolasyň, ýaşasyň gelýär, şol döwre, Togrul bege, Altynjana we
beýleki gahrymanlara, şöhratly, gahrymançylykly türkmen taryhyna buýsanýarsyň, köp-köp zatlary
öwrenýärsiň.
Öwredýän, ruhlandyrýan, arzuwa atarýan eser – maksadyna ýeten eser. Ýazyjy Osman Ödäýewiň üç
kitapdan ybarat “Altynjan hatyn” romany-da öz öňünde goýan maksadyna ýeten eserdir.
Bagtyýarlyk eýýamymyzda şeýle eserleriň höwri köp bolsun!
Jora ALLAKOW,
Magtymguly adyndaky türkmen döwlet
uniwersitetiniň professory, filologiýa
ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at
gazanan halk magaryf işgäri.
BIRINJI KITAP
GELEJEK
Horasanda milleti arap bolmadyk, nurana ýüzli häkim peýda bolar.
Onuň ady menin adym ýaly Muhammet bolar we büweýhlileriň
agalygynyň soňuna çykar. Horasandan beýik Derwezata /Seýhun
derýasy bilen Anadoly aralygy/ çenli basyp aljakdyr, gylyjyny
iň soňuna – ýeňşe çenli elinden hiç düşürmejekdir. Onuň ady
Eýranda, Yrakda we Mekgede hutbada /namazlarda,
doga-dileglerde/ ýatlanjakdyr.
Muhammet pygamberiň hadyslaryndan.
Birinji hekaýat
BALYŇ BAL BOLSA, SIŇEK
BAGDATDAN GELER
1.
dama wagt hemişe az ýaly, ýöne ol gutaranok, ömür hemişe uzak ýaly, ýöne ol derrew
gutarýar. Göräýmäge, ömrüň uzak-uzak wagtlap dowam edäýjek ýalydyr, ýöne ol köplenç ät
galdyryp, armanda goýup geçýär, üýtgemeýän zat ýok. Wagt Jeýhun derýasyna meňzeş: akyp-geçip
barýar. Haýsy ýeriň çuňdugyna, haýsy ýeriň saýdygyna, haýsy ýerde burgunyň boljakdygyna welin,
öňünden bahabar bolabilmersiň. Akylyňa gelmeýän, sygmaýan zatlar başyňa gelýär. Garaşman durkaň, gör,
nämeler bolanok!
Bal kölünde hoşyýana döwran sürüp, her gün gyralaryna, ýeňine al-elwan zerden parawuz aýlanan täze
don, başyna atlazdan selle, aýagyna oraýany gaýyş ädik geýip, taýly pişge murtuny her gün ýaglap, asyl,
dünýäni topugyna çykarman najyrap ýören Bugrajyk Abdal hem ömrüniň beýle öwrümine-burgunyna egereger garaşmandy. Oslagsyz gelen diýdimzor kysmat ony bu gün kül üstünde oturtdy. Elinden sandyk-sandyk
lagly-jowahyrlaryny zomluk birle aldy, ol baýlyklary kör iýip, köse gägirdi. Aňyrsy-bärsi bir aýlyk mezilli
Horezmine ýöreýän hökümi kiçelip-kiçelip, Zamahşar atly gürleňgüjügiň öýüne meňzeş kiçijek bir galanyň
çägi bilen çäklendi.
A
Ol öňem köp gepläp ýören kişi däldi, başyna düşen ýowuzlykdan soň-a, bir zat soralsa jogap bermän,
ýüzüňe müňkürlik, syrlylyk bilen hukjaryp seredip dymýan, hakyt lal kişä öwrüldi. Özem öýünden
çykmady, ýowuzlygy içine salanlygyndan bolsun gerek, ýarym ýyl geçip-geçmänkä ýanyny ýere berdi,
soňky günler ellerini öndäp düşündiren ýeke-täk zady – içerde içiniň gysýanlygy, dalana çykmak isleýänligi
boldy.
Şeýle hem edildi: ony giň dalana çykardylar. Bu ýerde onuň bar ünsi howlynyň otuz-kyrk zirag gündogarynda
ýerleşýän teblehanasyndaky ýoz atynda boldy. Ol ähli wagtyny şol ýoz atyna tiňkesini dikip geçirdi. Diňe bir
gündizlerine däl, akrabyň çigrekli uzyn gijelerinde-de ýoz atyndan gözlerini aýyrmady. Gatap, tirpildisi galan
gabaklaryndan onuň haçan uklaýandygyny aňar ýaly däldi. Möjekler gijelerine bir gözüni açyp, bir gözi bilen
ukusyny alýan bolsa, Bugrajyk iki gözüni-de açyp ukusyny alýardy. Içine çöken şol mön gözlerde gyldan inçe tenha
umyt bardy: ajal gylyjyny bulaýlap gelýän Ezraýyldan halas eýläp biljek ýeke-täk halasgär – şu ýoz at bolmaly.
Onuň hyzmatyndaky kişiler: «Emirimiz ýoz atyndan gözüni aýyrman seredip ýatyr, megerem, münmek isleýär, ol
ata münse, derdinden saplanar. Eždatlarymyz näsagy atda gezim etdirip bejerýän ekenler. Bizem emirimizi ata
mündürip, gezim etdireliň» diýdiler.
Ine, şu pikir bilen ysgyn-deramatsyz emiri küýsän ýoz atyna mündürip, Jeýhunyň kenarynda
gezdirdiler.
Söwedin Bugrajyk Abdal ýoz atynyň üstünde äwmän-telesmän, gözlerini süzüp oturdy, töweregine
seretjek, ýanyndakylar bilen gürleşjek bolmady. Hyzmatyndaky hadymlar hem bir söz aýdyp, ony biynjalyk
etmekden saklandylar.
Ony uzak gezdirdiler.
Salýat al-magryp namazyna – namazşama çenli gezim etdirip, soň atyň ugruny gala sary gönükdirdiler.
Kyrk ýedi ýaşy arka atan Bugrajyk Abdalyň düşen kysmaty Horezmin ilinde ähli kişä äşgärdi. Köp kişi oňa
nebsagyryjylykly seredýärdi.
Ol şu ýaşa çenli uly hormatda, uly mertebede ýaşady. Bugrajyk – Eprikogullary hanedanlygyndandy1,
dogany Horezmin şalygynyň şasydy, özi Gawşfinj şäheriniň2 häkimidi.
Horezmin iline hökümdarlyk eden Eprikogullary hanedanlygy indi ýok. Bu hanedanlygy Horezmin
şalygynyň Ürgenç (Köneürgenç) şäherine häkimlik edip ýören Abu Aly Mamun 3 özüne goýulýan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 02
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.