Latin

Altynjan hatyn - 20

Total number of words is 3622
Total number of unique words is 1944
31.8 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
zat düşmedik soltan gazap atyna mündi. Ziýar şalygynyň her şäherinden «bäş ýüz müň sany bäş ýüz müň»
dirhem ýygnap boljakdygyny habar beren salgyt diwanynyň hemem habar beriş umurysynyň-gullugynyň
sahyplaryny, işgärlerini – ýüze golaý adamy huzuryna getirtdi. Olary galp maglumat berip, soltany betnam
ýagdaýa salandyklary üçin ýeke-ýekeden piliň aýagynyň aşagyna oklap öldürtdi 9. Barybir, soltanyň olardan
ýaňa içi sowamady.
Soltan Gürgenden Nyşapura lapykeç dolanyp gelende oňa seljuklylar hakda ýatlatdylar.
– Eger seljuklylary gyssagly kowmasak, onda Horasan biziň elimizden gider – diýip, beýik hoja (wezir)
Ahmet-i-Abd-as-Samat sandyrady.
Soltan:
– Olary kowmak gaty aňsat, siz, näme, olary nädip kowmalydygyny bileňzokmy? – diýip, ajy ýylgyrdy.
Wezir-wekiller biri-biriniň ýüzüne soragly bakdylar, soňundan adamlary ýaşaýan ýerlerinden nädip
aňsatlyk bilen kowup bolýandygyny bilmeýändiklerini boýunlaryna aldylar.
Soltanyň sözi gysga boldy:
– Adamlaryň öýlerini taşlap gaçyşlaryny men Tabarystanda hakyt gözüm bilen görüp geldim.
Seljuklylar diýýänleriňizi tabarystanlylaryň gününe salmaly: olary agyr salgyt, agyr paç tölemäge borçly
etmeli. Ana, şonda siziň seljuklylar diýýänleriňiz zut gaçar.
Bu pikir mejlisdäkileriň ählisine makul göründi. Soltanyň bu inçe syýasatyny, pähim-parasadyny
öwmek öwdüler.
Şondan soň bundar 10 toparlary seljuklylaryň üstüne aç gurt bolup okduryldylar.
Tahyrlylardan 11 bäri her ýylda Paraw elli bäş müň, Nusaý sekiz ýüz togsan müň, Abywert ýedi ýüz elli
müň dirhem paçdyr salgyt töleýärdi 12. Tölegiň bu möçberi saffarylar, samanylar döwürlerinde-de
üýtgemändi. Dogrusy, bu möçberi gaznalylar hem saklapdylar, ýöne seljuklylar gelensoň salgydyň
möçberini tas on esse möçberinde artdyrdylar.
Tölenmeli salgytlaryň görnüşleri kändi. Diňe sadakat 13 boýunça Nusaýda ýerleşen seljuklylaryň tölemeli
dirhemi öňki ähli salgyt töleglerinden artykdy. Horezminden getirilen ähli dowarlary, ýylkylary dirheme öwrüp
bereniňde-de doly hasaplaşyp boljak däldi.
Bundarlar gaty ýowuzdylar, haýasyzdylar, ahlaksyzdylar. Olar aýdan möçberindäki salgytlar tölenmese,
öýleri tozdurýardylar, ähli goş-golamlary alýardylar.
Özem bu gün bir topar bundary kanagatlandyryp yzyna ugratsaň, ertesi bundarlaryň başga bir topary
gelýärdi. Sebäbi salgytlaryň görnüşleri ondan hem köpdi. Salgytlaryň esasylary haraç bilen hüşür 14
hasaplanýardy. Ýöne rusum-i-marai, awariz, kisam, alaf, taufir, hukuky maragy, töleg, jizýe, ähli zimmet,
abre 15 tölegleri biçak agyrdy. Salgytlaryň tölenişine gözegçilik edýärin diýip, «men diwany yşrafy
memleketdendirin» 16 diýip, «men diwany-amaldandyryn» 17 diýip, «men hukuk wa rusumi
diwanidandyryn» 18 diýip topar-topar bolup gelýärdiler. Nal baha 19 diýibem salgyt almaga gelýärdiler. Hiç
zady geň görer ýaly däldi. Olara bundarlardanam köp gerekdi. Olaryň öňünde soltan Masut-da durup
bilmez.
Bu gün hem bundarlar gelipdi. Olar tizden-tiz Togrul begiň öz huzurlaryna gelmeklerini talap
edýärdiler.
Yzyny üzmän gelýän salgytçylaryň-bundarlaryň-masyllaryň öňlerinde durmak seljuklylara görgüdi.
Togrul beg howanyň häzirki amatsyzlygynda bundarlar öýlerinden çykmaz, gelmez öýdüpdi. Ine, şu
niýet bilenem sähra dynç almaga çykypdy. Begiň niýeti bu gün dünýäni, iň esasy-da, masyllary unudyp dynç
almakdy.
Oýtakda ojar ody uludan ýakylypdy.
Bu mahal Togrul beg hatyny bilen düşlegden bir depe aňyrda hylwaty «söweş» geçirýärdi.
Olar ýaňy gyzyşyp ugrapdy, biri-birinden nazarlaryny aýyrman hereket edýärdiler.
– Ýadadyňmy? – diýip, gara dere batan Togrul beg dillendi.
– Ýok, ýok – diýip, Altynjan jogap berdi.
Olar biri-birine gazaply daraşýardylar, göýäki biri-birinde köýüp ýatan ary bar ýalydy. Togrul begiň
ýatagany Altynjanyň eline gyltyz degen-de bolsa ganadypdy. Onuň gyrmyzy gany garyň üstüne
seçelenýärdi.
– Senden gan akýar.
– Goý, aksyn.
– Eliňi saraly!
– Bir gezek Togrul beg şeýle diýdi: «Garşydaşyňa sähel rehimdarlyk etmek – öz janyňdan dynmak».
– Hakyt şeýle diýdimi ol?
– Käte şeýle pikirleri aýdaýmak edähedi bar onuň.
Ýataganlardan uçgun syçraýardy, olaryň şarkyldy sesleri uzaklara ýaňlanýardy.
Birden:
– Togrul beg, Togrul beg! – diýen ses eşidildi.
– Ýene masyllar gelendir – diýip, Togrul beg uludan demini aldy. – Mundan-a mydar bolmaz.
– Pilmahmydyň 20 dogmasy seljuklylaryň öz garşysyna çykmagyny, elinden Horasany almagyny isleýär
öýdýän.
– Bizi mejbur edýär.
– Bu Allatagalanyň islegi bolsun gerek – diýip, Altynjan yzly-yzyna hüjüm etdi.
– Togrul beg, Togrul beg! – diýip, ýakyna gelen çapar är-aýalyň gylyçlaşmalaryny goýaryna garaşdy,
ýöne är-aýalyň bolşy hiç zat eşitmeýän ýalydy. Çapar zol-zol gygyrmakdan heder edip, Togrul begiň habar
almagyna garaşdy.
– Men Horasan hökümdarlygyny döretmek isleýärin, ýöne gaýalar barka kynyklaryň oňa haky ýok.
– Döwür-döwran üýtgäp-özgerip dur...
– Näme üýtgese-de, Oguz hanyň wesýeti üýtgänok. Biz Oguz hanyň ikinji hatynyndan dörän nebere,
hyzmat etmeli nebere. Kynyklaryň işi gaýa neberesiniň – patyşanyň serhetlerini gorap bermek. Wah, biz
serhet gorajak welin, Masut bizi rahat ýaşadanok...
– Bize bilgeşleýin sütem edilýär!
– Dogry, bize bilgeşleýin sütem edýärler. Ol bizi bir hepbesiz 21 galdyryp, aýagyna ýykylmagymyzy
isleýär.
– Togrul beg, Togrul beg! – diýip, çapar ýene gygyrdy.
– Altynjan, türgenleşigimizi bu günlükçe goýbolsun edeli. Gel, men eliňi sarap bereýin.
Çapar howlukmaç gürledi:
– Togrul beg, meni dergähiňize Ybraýym beg ugratdy. Nyşapurdan masyllar geldi. Size garaşýarlar.
– Men häzir bararyn, sen yzyňa gaýdyber.
***
Täze durmuş başlandy
Mundan üç aý owal Sowmagy 22 Çagry beg bilen Togrul bege: «Siz häzir gaflatda ýaşaýarsyňyz. Ýakyn
wagtlarda Jeýhun derýasynyň boýunda sizi şeýlebir siltärler welin, ana, şondan soň siziň täze ömrüňiz
başlanar» diýipdi. Sowmagynyň bu sözüne şonda Çagry-da, Togrul-da o diýen ähmiýet bermändi. Ýöne iki
dogan Sowmagynyň diýen «silterlemesiniň» beýle wagşyýana boljakdygyny akyllaryna sygdyryp-da
bilmeýärdiler.
Aýylganç Zamahşar gyrgynçylygyndan gaçyp, seljuklylar Rabat-Nysanda düşläpdiler. Ol ýerde kimiň
bardygy, kimiň-nämäniň ýoklugy tükellendi. Hasan beg aşa sypaýy müneçjim Sowmagynyň üstüne
gygyrdy:
– Şeýle gyrgynçylygyň boljagyny öňünden bilen bolsaň, näme üçin düşnükli edip aýtmadyň?
– Iki gezek gaýtaladym.
– Ondan gaýtaladym bolmaz. Aýdanyňda gaty düşnükli edip aýtmaly.
– Men silterleme bolar diýdim-ä!
– Muňa silterleme diýilmeýär. Muňa gyrgynçylyk diýilýär, gyrgynçylyk! – diýip, aňsat-aňsat
gaharlanmaýan Hasan beg sesini gataltdy.
Hasan begiň janykmasyny synlan Togrul beg Sowmagynyň soňky sözlerini aňynda aýlady. Onuň
sözleri göwnüne makul geldi. Ol sözlere ýürekden ynanmak isledi. Ýöne onuň ertirki güni gaty garaňkydy.
Çünki düýn köp mukdarda baýlygy, on müň esgeri bolan Togrul bu gün bary-ýogy ýedi ýüz sany atly bilen
galdy.
Ýeri, indi nirä gitmeli?!
Seljuklylaryň üçünji gezek maňlaýlary daşa degdi.
Üç gezek!
Birinji gezek seljuklylar Ýaňykentde Aly patyşa bilen oňuşmady.
Patyşanyň hatynynyň tekepbirligi zerarly Seljuk beg öz ýaranlary bilen Ýaňykentden Jende göçüp
gaýtdy.
Bu masgaraçylyk ýaňy unudylyp ugralanda seljuklylaryň depesinden ikinji masgaraçylyk indi:
Garahan türkmenleriniň patyşasy Alytegin seljuklylaryň garşysyna aýaga galdy. Ol meseläni nagt goýdy:
«Mawarannahrda ýa siz hökümdarlyk edersiňiz ýa-da biz. Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz». Ol şu
pikiriniň subutnamasy hökmünde seljuklylaryň ýabgusy Ýusuby öldürdi.
Seljuklylar ikinji gezegem ýeňlişi boýun aldylar, gaçmak bilen boldular.
Olar Garahanlylar hökümdarlygynyň tabynlygyndaky ýerleri – Mawerannahry terk edip, Horezmine
geldiler. Bu ýeri gaznaly soltanlygynyň tabynlygynda. Bu soltanlygyň öňünde seljuklylaryň bitiren, bitirýän
hyzmaty az däl. Seljuk jemagatlary Balkanda gaznaly soltanlygyny wagyz edýärler, beren wadalaryna
wepaly bolup, salgytlaryny-paçlaryny wagtly-wagtynda töläp ýörler. Şonuň üçinem olar Altyndaşyň
çakylygyny göwünjeň kabul etdiler. Emma olara bu ýerde-de rahatlyk bolmady. Jendiň emiri Şamälik
ejesine beren sözünde tapyldy, seljuklylary aýylganç gyrdy. Gör, näçe baýlyk Şamälige olja galdy.
Süri-süri mallar!
Süri-süri ýylkylar!
Bary Şamäligiň tabynlygyna geçdi.
Seljuk begleriniň belli bir bölegi diňe gara başlaryny halas etmäge ýetişdi. Olaryň ýanlary bilen alan
zatlary ýok!
Bu üçünji ýeňliş!
Masgaraçylykly ýeňliş!
«Üçden soň puç» diýilýär!
Indi näme etmeli?!
Nämeden başlamaly?!
Kime bil baglamaly?!
«Wah, soltan Mahmyt diri bolan bolsady, onda ol hökman bize eýe çykardy. Şamälikden arymyzy-da
alyp bererdi, ýöne Masutdan degirmen (asman) ýakyn. Ondan diňe bize däl, hiç kime-de howandar bolmaz»
diýip, Togrul beg örtenmek örtenýärdi.
Herhal, soltan Masuda ýüz tutmakdan başga seljuklylarda alaç ýokdy.
Seljuk begleri özara geňeş etdiler. Geňeşde soltan Masut Gaznala gulluga durmak, Şamälikden ar almak
makul bilindi.
Belki, Mawerannahra dolanmaga, Afrasýap şalygyny ýok etmäge mümkinçilik dörär?!
Allatagala seljuk beglerine başga kysmat taýýarlap goýan eken...
Ikinji hekaýat
GORKYNYŇ GÖZI KÖR
yş geçip, ýaz geldi. Ýazyň gelmegi bilen Nusaýa gelýän masyllar-da köpeldi.
Bu gezekki gelen bundar-masyllary Anuşirwan garşylady.
Galada Togrul beg bilen Çagry beg ýokdy. Olar Parawa – Musa begiň ýanyna gidipdiler.
Ybraýym beg dümewläp ýatyrdy.
Anuşirwan bundarlara ýagdaýy mälim etdi: Togrul begiň galada ýokdugyny, Parawa gidendigini, ol
gelýänçä özüniň hiç iş edip bilmejekdigini aýtdy.
Arkasynda soltan Masut duran bundar – Nyşapur diwanynyň muhtasyby Kubat ibn Kuwal diňe öz
bähbidi üçin Nusaýa gelipdi. Ol ýüz müň dinary jantaýyna urmakçydy. Eger şu maksady başa barmasa,
onda ol seljuklylaryň ellerine, aýaklaryna gandal urup äkidip, gul bazarynda deger-degmez bahasyna
satmakçydy. Garasaý, eýdip-de bolsa, beýdip-de bolsa baýamakçydy. Ol Horasanyň häkimi Abul-Fazl
Surydan ygtyýarnamalydy.
Ybraýym beg ýarawlygy bolmasa-da daşaryk çykdy. Bundarlara:
– Bizde indi size tölär ýaly bir hepbe-de ýok – diýdi.
Kubat ibn Kuwaly Ybraýym begiň jogaby kanagatlandyrmady. Ybraýymyň aýagyna, eline gandal
urdular, garşylyk görkezendigi, hapadan-hapa sögendigi üçinem tä özünden gidýänçä ýençdiler.
– Salgyt tölemeseňiz, onda biz sizi zamun hökmünde äkideris, ýygnan pullarymyzy bolsa beýtilmala
geçireris – diýip, Kubat ibn Kuwal haýbat atdy.
G
Sahybyň sözi boş haýbat däl eken. Ol salgyt ýygnajak bolup, nusaýlylary gyran-jyran edip gördi,
barybir, çolpusyna ilen oňly zat bolmady. Şonuň üçinem ol Seljuk begleriniň iň ýakyny hasaplan on iki
adamynyň aýagyny gandallady. Olaryň arasynda Ybraýymdan başga Anuşirwan bilen Nasyr beg-de bardy.
Masyllar: «Şu on iki kişini zamun alsak, bulary halas etmek üçin seljuklylar derrew salgytlaryny tölärler»
diýip pikir edipdiler.
Dogrudanam, seljuklylar bu on iki kişini halas etmek üçin barja-ýokjalaryny orta dökdüler.
Ýygnalan baýlyklar Kubat ibn Kuwala az göründi.
Altynjan Anuşirwany alyp galmak üçin Kubat ibn Kuwala göwher monjugyny, altyn bilezigini,
gulakhalkasyny berdi:
– Merhemetli sahyp, siz meniň daýymy halas ediň!
Sahyp Altynjanyň beren zatlaryny alyp, onuň üstüne haýbat atdy:
– Güm bol! Häziriň özünde şu ýerden güm bolmasaň, seni-de gandallap, äkidip, gyrnak edip sataryn!
Altynjan aýagyna gandal urlan Ybraýym begiň ýanyna ylgap bardy:
– Näme edeli?
– Men Togrulyň yzyndan çapar ýolladym. Çagry bilen Togrul bir çykalga tapaýmasa, men-ä nätjegimi
bilemok. Soltanatyň garşysyna gitsek, onda bular ýowuzdan ýowuz betbagtlyk tapar.
***
Bolýan ahwalata, gözüň görýän zadyna ynanar ýaly däldi: gaznalylar namazşam aýagyna gandal urlan,
biri-birine çatylan on iki seljuklyny alyp gitdiler.
Zamun alnanlaryň yzyndan aýal-ebtatlar, oglanjyklar yzan-da-çuwan bolşup barýardylar, orlaşýardylar.
Agy seslerinden ýaňa depe saçyň syh-syh bolýardy.
Gaznaly bundarlar aýallary, oglanjyklary öz yzlaryndan galdyrjak bolup, olary gamçylap urýardylar.
Galadakylar hernäçe gamçylansalar-da, ep-esli aralyga çenli zamun alnanlaryň yzlaryndan gitdiler.
Dolanyp gelen adamlar Altynjanyň daşyna üýşdüler. Adamlaryň bir topary Altynjandan delalat
isleýärdi:
– Altynjan, olary halas et!
– Kömek et!
– Näme etmeli?
Kabylyň başda durmagyndaky birtopar adam zamun alnanlary darkaş gurap halas etmegi Altynjandan
talap etdi:
– Masyllaryň yzyndan ýetip, olary öldüreli, öz adamlarymyzy halas edeli.
– Togrul begiň yzyndan çapar ugradaly!
Altynjan olaryň ählisine ýeke jogap berdi:
– Togrul begiň yzyndan çapar ýolladym, ol geler, bir çykalga tapar.
Bu jogap adamlary kanagatlandyrmady. Elbetde, bu pikir Altynjanyň özünem kanagatlandyranokdy.
Galadakylaryň galabasy gaznalylaryň yzyndan gitmek, olary gylyçdan geçirmek, şeýdibem öz adamlaryny
halas etmek pikirini ýeke-täk dogry çykalga hasaplaýardy. Özem bu pikir wagt geçdigisaýyn möwç alýardy,
pikiriň tarapdarlary-da köpelýärdi.
Altynjan uzak gijäni ýatman, Togrul bege garaşyp, zamun alnan adamlary halas etmek üçin her hili
ýollary gözläp geçirdi.
Ömrüň manysy onuň üçin pitige münüpdi. «Bu gün Ybraýym beg bilen Anuşirwany zamun alyp giden
gaznaly ertirki gün Togrul beg bilen Altynjanam alyp gider» diýen pikir onuň aňynda ezýet berýärdi.
Eh, Altynjan, beýle bus-busy ýaşaýyş saňa nämä gerek?!
Birnäçe serkerde Altynjanyň daşyna egele boldy:
– Melikäm, gol gowjap oturmak size gelşenok, Anuşirwany halas edeliň! – diýip, Bekdaş Rudbar
janykdy.
– Gidenleriň yzyndan ýeteliň! – diýip, Ýyldyrym Sebzewar Bekdaşy goldady.
– Altynjan, Anuşirwanyň gul bazaryna salynmagyna ýol bermek – bize namysdyr – diýip, serkerde
Hapban Endikäni hyrçyny dişledi.
– Bundarlary öldürsek, biziň başymyza ahyrzaman gopar, soltan Masut bizi uçdantutma gyrar – diýip,
Ýusup Bazyrgany aýtdy. – Öldürmek – iň soňky çykalga. Başga bir çykalga gözlä­liň.
– Başga çykalga barmy? – diýip, Altynjan Ýusup Bazyrganydan sorady.
– Satyn almak ýoly bar... Maňa pul tapyp beriň. Men gidip olary boşadyp geleýin.
– Ýusup, men Anuşirwany azat etmek üçin Kubat ibn Kuwala göwher monjugymy, altyn bilezigimi,
gülakhalkamy berdim, ýöne sahyp meniň bu zatlarymy alyp, soňundan meni kowup goýberdi. Sen muny
gördüň ahyryn!
– Gördüm!
– Onda näme etmeli?
– Melikäm, bu meseläni siziň özüňizden başga çözüp biljek adam ýok. Siz näme diýseňiz, biz siziň
bilen!
Altynjan ýanyna gelýänleriň ählisiniň häsiýetine belet. Şonuň üçin olaryň her biriniň aýtjak sözlerinem
bilýär ol.
Kabyl – göçgünli, gany gyzgyn. Ol ertirki gününi gaýgyrmaýar.
Ýatmaz bilen Çyrlakda pikir ýok, olar näme buýrulsa şony ederler. Şonuň üçin hem olar geplemez.
Akgaýa pelsepeçi. Ol oýlanyşykly hereket etmegi ündär.
Altynjanyň pikir edişi ýaly boldy.
Ýatmaz bilen Çyrlak näme buýruk bolsa, özleriniň taýýardygyny mälim etdiler.
Akgaýa Altynjana ýedi ölçäp bir kesmegi maslahat berdi.
Kabyl badyhowa gürledi:
– Uýam, gaznalylaryň eden-etdiliklerine men çydap bilemok. Men Ýyldyrym Sebzewar bilen gidip,
bundarlary dogram-dogram etjek!
– Näme etmelidigini özüm aýdaryn!
– Aýt-da aýdýan bolsaň!
***
Uzynly gün Togrul bege garaşdylar, ol gelmedi. Ýene Altynjanyň ýanyna üýşüp geldiler. Bu mahal
Altynjan özüniň kyrk adamy – çilteni bilen ýörişe ugrajak bolup durdy.
– Altynjan, sen kyrk atly bilen nirä barýarsyň? Eger halas etmek üçin gitmekçi bolýan bolsaň, onda
bizem ýanyňa al. Olar size eýgertmez, çünki olar köplük – diýip, müňbaşy Ýyldyrym Sebzewar aýtdy.
– Togrul beg geler. Ol gelýänçä biz hiç iş edip bilmeris. Bize garaşmakdan başga alaç ýok.
– Siz nirä gitmekçi bolýarsyňyz?
– Meniň özüm hem anyk bir zat bilemok. Biz uzak eglenmän geleris.
Ýyldyrym Sebzewar elewredi:
– Altynjan hatyn, wagt ýitirmäli. Gaznalylaryň üstüne gideli, olary öldürip, öz adamlarymyzy halas
edeli.
– Ýeri onsoň? Soltan Masudyň goşunynyň öňünde nädip durjak!
– Bize ýöwsellemek ýaraşýan däldir, Altynjan hatyn. Bu gün gaznalylar biziň bilen ylalaşyga
gelmejekdiklerini, bizi ýok etmek isleýändiklerini açyk aýtdylar. Bize ölümimizi boýnumyza alyp,
gaznalylaryň garşysyna çykmakdan, olary Horasandan kowup çykaryp, özbaşdaklyk gazanmakdan başga ýol
ýok!
Adamlar ýerli-ýerden gygyryşdylar:
– Ýyldyrym müňbaşy hak aýdýar!
– Biz gaznalylary ýeňeris!
Ýyldyrym Sebzewar atlylara bakyp, «Meni diňläň» diýen terzde elini ýokary göterdi.
– Altynjan hatyn, maňa rugsat ber, men öz atlylarym bilen gaznalylaryň janlaryny jähenneme iberip, öz
adamlarymyzy yzyna alyp geleýin.
– Altynjan hatyn, bize rugsat ber! – diýip, atlylar ýerli-ýerden gygyryşdylar.
Altynjan hatyn olara ýagşydan-ýamandan hiç zat aýtman, kyrk atlysy bilen Abywerde bakan ýola düşdi.
Adamlar Altynjany geleňsizlikde aýypladylar. Aslynda Altynjan geleňsiz däldi. Onuň içinde harasat
gopýardy. Anuşirwanyň keşbi onuň göz öňünden aýrylmaýardy. Ol tä daňdana çenli daýysy Tümen bege
beren wadasyny ýatlady: «Oglum, Anuşirwan, men seni Altynjana tabşyrýaryn. Altynjan özünem gorar,
senem gorar, seni gowy adam edip ýetişdirer» diýipdi.
Altynjan bu gün daýysynyň ruhunyň öňünde beren wadasynda tapylyp bilmändigine ýanyp-bişýärdi.
Altynjan Togrul begi hatyralady, daňdana çenli garaşdy.
«Geler!» diýen inçe umyt bilen günortana çenli garaşdy.
Günortandan soň welin, Altynjanyň sabyr käsesi dökülip ugrady.
Ol ýola düşdi. Onda ikinji ýol ýokdy!
Altynjan gidip barýardy.
Garaňky düşdi.
Olar uzak gije ýörediler.
Gije birmahalky «Zamahşar gijesine» meňzeýärdi. Şol gyrgynçylygyň bolan nika gijesinde-de Aý şeýle
aýdyňdy.
Asyl Altynjanyň aýgyt edip ata atlanmagy-da şol «Zamahşar gijesi» bilen baglanyşyklydy.
Şamälik özüniň dört müň adamy bilen Togrul begiň on müň haşamyndan rüstem çykypdy: serhoş bolup
ýatan seljuklylaryň üstüne duýdansyz çozan Şamälik adamlary gyrmak gyrypdy. Altynjan Şamäligiň şol
sabahun tilsimini ulanmak isleýärdi. Öten agşam onuň aňynda şu pikir peýda bolupdy. Ol bu gije aňynda
peýda bolan öten agşamky pikiri amal etmekçidi.
Ol daňdan süýji ukuda ýatan gaznalylary duýdansyzlykda baryp öldürmekçidi.
Iň esasy zat – maksadyňa ýetmek!
Iň esasy zat – zamun alnanlary halas etmek, Anuşirwany, Nasyr begi, Ybraýym begi halas etmek!
Altynjanyň maksady düýn, bu gün ýol ýöräp, ýadan, süýji uka giden gaznaly bundarlary güpbasdy edip
öldürmekdi. Ol Alla sygyndy. Mejbury bolansoň edýän häzirki işinde özüni goramagyny, goldamagyny
Biribardan dileg etdi.
Olar daňdanlar bundarlaryň düşlän ýerine bardylar.
Altynjan atdan düşüp, kyrk çilteni daşyna egele edip, olara düşündiriş geçdi:
– Gaznalylar bilen başa-baş söweşmeli däl. Olary gapdalda durup, dowla salyp, ýaý bilen atyp
öldürmeli, öz adamlarymyzy halas etmeli.
Altynjanyň isläni o diýen başa barmady: olar Şamäligiň adamlary deýin düşlege duýdansyz
ýakynlaşmagy başarmadylar. Gaznaly mirşepler sak eken, olar gije-de bolsa, özlerine bakan bir topar
adamyň ýakynlaşyp gelýändigini aňdylar. Ähli bundarlary ukudan oýaryp, söweşe taýýarladylar, ýöne söweş
olaryň isleýşi ýaly bolmady. Nireden atylýany belli bolmadyk keýmir oklar olaryň depesinden ajal bolup
indi.
Beýle gaýtawula garaşmadyk gaznalylar basga düşdüler. Näme etjeklerini bilmän elewreşdiler. Gaçmak
üçin atlaryna bakan ugran bäş-on kişiniň çawyp gelen oka pida bolanyny gören bundarlar ýer bagyrtlap
ýatdylar. Eginlerinden ak mytgal köýneklerini çykaryp, galgadyp, aman soradylar, ýöne olaryň ýekesine-de
aman berilmedi, ählisini uçdantutma gyrdylar.
Altynjan aýaklary gandally adamlaryň arasyndan mähriban Anuşirwanyny agtaryp tapdy, derrew onuň
aýagyndan gandalyny aýyrdy.
– Daýy, dirimisiň?
– Altynjan atly enesi bolan gerçek, heý, diri bolmazmy? Saňa döneýin, ene! – diýip, Anuşirwan
Altynjany gujaklady. – Yzymdan hökman geljegiňe, halas etjegiňe ynanýardym.
Adamlar begenip biri-birini gujaklaýardylar, biri-birini gutlaýardylar.
– Ýaşasyn Togrul beg!
– Ýaşasyn Ybraýym beg!
– Ýaşasyn Altynjan!
Ysgynsyzlykdan, keselden ýaňa hazzar aýak üstünde duran Ybraýym beg minnetdarlyk bildirmek üçin
Altynjanyň ýanyna geldi:
– Altynjan, gel, bir zady öňünden gepleşeli: bu eden işiň hakda eşitse, Togrul saňa ýowuz jeza berer.
Onuň saňa jeza bermezligi üçin men Çagry beg bilen Togrul bege: «Bundarlary men öldürdim, adamlary men
halas etdim» diýjekdirin. Sen Togrula: «Men öýden çykman oturdym» diý. Gepleşdikmi, Altynjan?!
Altynjan syrly ýylgyrdy:
– Gepleşdik.
Ybraýym beg ýagdaýynyň agyrdygyna seretmezden ýolbaşçylygy öz üstüne aldy: aýgytly hereket etdi:
birnäçe adama bundarlaryň öten agşamky pudarlap goýan etlerinden owkat edinmek üçin çişlik
taýýarlamagy buýurdy. Başga bir topar adama bolsa gaznaly bundarlaryň, gulamlaryň jesetlerini depin
etmegi tabşyrdy. Depin edilmedik diňe bir adamyň jesedidi, ol hem sahyp Kubat ibn Kuwaldy.
Onuň maslygyny Nyşapura ugratmagy makul bildiler. Janlary ýanan adamlar sahybyň jesediniň wejera
edilen görnüşde Abul-Fazl Sura ugradylmagyny teklip edýärdi, Altynjan sahybyň jesediniň nähili görnüşde
iberilendigi bilen anyk gyzyklanmady. Onuň diňe bir bilýän zady bardy, ol hem sahybyň jesediniň Nyşapura
ugradylmagy üçin ýedi sany atyň gerek bolanlygydy.
Seljuklylaryň bu ýerde naharlanmak üçin duraslary gelenokdy, her kim Nusaýa tizden-tiz dolanmak
isleýärdi.
Nusaýda olary sust garşyladylar.
Garşy alanlaryň arasynda Togrul beg-de, Musa beg-de, Çagry beg-de, Gurt beg-de, Hasan beg-de,
Ýakut beg-de bardy. Olaryň ýüzlerinden gar ýagýardy.
Altynjan göz astyndan Togrul begiň her bir hereketini synlaýardy.
Olar Ybraýym begiň üstüne gygyrmak gygyrdylar.
Altynjan olaryň ýanyna dähedem-dessem ýöräp bardy:
– Ybraýym Ynançda günä ýok, baryna men günäkär.
Seljuk begleri Altynjandan bu söze garaşmadyk bolarly, çünki bu söze olar gaty geňirgendiler. Togrul
beg ilkinji gezek hatynyna gazap bilen seretdi.
Musa beg töwellaçylyk etdi,
– Boljak iş boldy! Puşeýmandan diňe zelel bar.
Musa beg karargähe tarap ýöräp ugrady.
Seljuk begleri onuň yzyna düşdi.
Iň soňunda Anuşirwan bilen Ybraýym beg gitdi.
Altynjan ýeke galdy. Ol gidenleriň yzyndan birki ädim ätdi-de saklandy. Soňam haremine göwünligöwünsiz gadam urdy. Onuň nazary üýşüp duran kyrk ýigidinde, olaryň arasyndaky Ýyldyrym
Sebzewar-da saklandy. Olar Altynjana sessiz duýgudaşlyk bildirip durdular.
Musa begiň yzyna düşüp karargähe barýan seljuk begleri durup, Altynjana geň galyp seretdiler.
Üçünji hekaýat
ÇYBYN ÇAKSA, PIL GORKAR
Nusaý söweşi
oltan Masuda seljuklylardan köp mukdarda salgyt, paç ýygnalandygyny, munuň garaşylan
netijäni bermändigini, olaryň öňki seljuklylar däldigini – uly güýje öwrülendiklerini, Parawda,
Nusaýda soltanatyň bundar toparlaryny öldürendiklerini habar berdiler.
Bu habary hyrçyny dişläp – gara gan edip diňlän soltan Masut özüniň seljuklylary Horasandan gaçyp
gider ýaly etmek baradaky tilsiminiň başa barmandygyna biçak gaharlandy, öz bundarlaryny öldürendikleri
üçin seljuklylary nädip jezalandyrmalydygy hakda ýörite geňeş geçirdi.
Geňeşe beýik hoja (wezir) Ahmet-i-Abd-as-Samat, resminamalar sahyby Bu Sahy Zuzani, hajyp
Begdogdy, Bu Nasr Mişkan, Subaşy gatnaşdy. Geňeşde seljuklylaryň garşysyna uly goşun ibermek, olary
derbi-dagyn etmek karar edildi. Soltan Masut goşuna ýolbaşçylyk etmegi iň ökde salarlaryň biri hajyp
Begdogda tabşyrdy.
Begdogdynyň on bäş müňlük atly goşuny we köşgüň iki müň sany saýlama mufraty, jemi on ýedi müň
atly goşun Meret aýynyň1 başynda Nyşapurdan Nusaýa – Togrul begiň üstüne ugrady.
Goşun bilen kethuda 2 hökmünde hoja Hüseýin Aly Mykaýyl gitdi. Onuň ygtyýarynda köp mukdarda
altyn-kümüş, her hili egin-eşik, top-top mata bardy. Hojanyň wezipesi goşunda gahrymançylyk görkezen
mufraty, gulamy soltanyň adyndan sahylyk bilen sylaglamakdy. Hoja Hüseýin Aly Mykaýyl goşunyň arasynda
bolup, gulamlara soltanyň bu ýörişe aýratyn ähmiýet berýändigini, söweşde tapawutlananlary sylaglamagy
özüne tabşyrandygyny öwran-öwran nygtaýardy, mufratlaryň, gulamlaryň söweşe, ýeňşe bolan höweslerini
artdyrmaga çalyşýardy.
S
***
Salar Begdogdynyň on ýedi müň gulamly goşun bilen gelýändigini, häzir haýsy ýerdedigini
seljuk beglerine birsyhly habar berip durdular.
Togrul begde bary-ýogy üç müň atly bardy. Üç müň atly bilen on ýedi müň atlynyň garşysyna çykmak
hatarlydy, howpludy. Durmuş olary çuň oýlanmaga, ýagdaýdan düýpli çykalgalary tapmaga mejbur edýärdi.
Soltana hoşamaý sözlerden dolduryp nama gönderenlerinde seljuklylarda ýeke-täk bir maksat bardy. Ol hem
bu ýakyn döwürde soltan bilenem, başga bir topar bilenem söweşe girmezlikdi.
Isleg isleg bolýar, islegiň paşmasa, başga çykalga tapmaly bolarsyň-da!
Näme etmeli?
Gaçmag-a çykalga däl, çünki düýä müneniňden soň hataba bukulyp bolmaýar.
Diýmek, darkaş gurmaly.
Özem darkaşda ýeňmeli!
Ikinji ýol ýok!
***
Bagdat halyfy 3 al-Kaýym Biýemryllah (1031–1071 ý.) kynyk beglerine öz ilçisini iberdi, olara uly
üstünlikler, rowaçlyklar dileg etdi. «Eger hamdu-sena, sagadatlyk, döwletlilik isleýän bolsaňyz, meniň
wesýetlerimi hem talaplarymy berk berjaý etmelisiňiz» diýip. Halyf, ilkinji nobatda, halyfata hüşür-zekat,
ondan hem daşgary her aýda köp mukdarda altyn-kümüş ugradyp durmaklaryny talap edýärdi. Şeýle hem her
bir ätmek isleýän ädimleri hakda halyfaty habardar saklamagy, halyfatyň görkezmelerinden çykmazlygy talap
edýärdi, halyfatyň talaplarynyň amal edilmedik ýagdaýynda Hudaýtagalanyň seljuklylardan ýüz
öwürjekdigini, häzirki ýeten derejelerini diňe halyfatyň ýalkawy hem ýardamy bilen amal tapandygyny
tekrarlaýardy.
Seljuklylar halyfyň ilçisine, adamlaryna öz aralaryndan orun-ojak berdiler. Olara her bir işlerinde, her
bir tutumlarynda geňeş saldylar.
Ilçiniň ýigrimiden gowrak ýardamçysy bardy. Ýardamçylaryň ählisi ýetişiksiz gündediler. Sebäbi her
gün diýen ýaly Bagdada çapar gidýärdi. Çaparlaryň günde iki gezek – ir ertir biriniň, namazşamdan soň hem
ýene biriniň ugraýan wagtlary-da bolýardy. Aýda bir gezek Bagdada kerwen ugradylýardy. Onda kynyk
begleriniň halypaga hem onuň ýakyn adamlaryna ýörite hedýe-engamlary gönderilýärdi.
Kynyk ýigitleri halypa, halypanyň ilçisine sygynýardylar, olaryň göwünlerinden turmaga çalyşýardylar,
her bir işi, her bir ýörişi halypanyň ilçisiniň ak patasy bilen başlaýardylar.
Ilçiniň patasy bilen başlanan tutum, ýöriş, köplenç, oňuna bolýardy.
Çagrydyr Togrul halyfyň ilçisine aýratyn sarpa goýýardylar. Çünki ilçi olaryň hoşuna gelýän sözleri
aýdýardy, olar: «Siziň ikiňizem Allatagalanyň nazar salan bendeleri. Siziň arkaňyzda mömünler emini
Kaýym halypanyň Allatagala mynajatlary birle beýik Allatagala dur. Nesip bolsa, Beýik Allatagalanyň
şerefi birle siz bir kuwwatly döwletiň ýolbaşçysy bolarsyňyz. Biriňiz Basyl şalygyny basyp alyp, ol ýerde öz
şalygyňyzy ýöretseňiz, ikinjiňiz Oguz ýurduna 4 soltan bolarsyňyz. Siz köp-köp kapyrlary musulman edip
ýalkanarsyňyz» diýýärdi. Bu sözler iki dogana ganat berýärdi. Olar ilçiniň sözlerini diňlemekden
ýadamaýardylar. Allatagalanyň özlerine biçak üýtgeşik ýazgyt berendigi üçin olar çäksiz hoşnutdylar. Bäş
rekat namazyny yhlas bilen okaýardylar. Allatagala hoş geljek işleri köpräk bitirmäge çalyşýardylar.
***
Deň bolmadyk söweşde diňe harby tilsim bilen ýeňip bolýar.
Tilsim ulanmaly!
Seljuklylar ulanjak harby tilsimlerini ýedi ölçäp bir kesdiler. Anyk bir pikirde, anyk bir tilsimde
durdular.
Ulanylmaly tilsim gaty aýdyňdy: üç müň esgeri iki topara bölmeli. Birinji topar Begdogdyny
garşylamaly we onuň bilen darkaş gurmaly. Ikinji topar bolsa baýlyk bilen soltan gulamlarynyň gözlerini
güýdüşdirmeli: arabalarda her hili gymmatbaha zatlary goýup, gaçan bolmaly. Goý, Begdogdy: «Seljuklylar
baýlyklaryny çöle alyp barýan ekenler. Olar bar baýlyklaryny alyp gaçmaga ýetişmändirler, biz wagtynda
olaryň üstünden gelipdiris» diýip, pikir etsin.
Soltanyň goşuny «ýeňiş» gazanyp Nyşapura ugrar, şonda iki topar birleşip, esasy söweşe başlamaly:
Nyşapura barýança kä o tarapyndan, kä bu tarapyndan duýdansyz hüjüm ede-ede on ýedi müňlük goşunyň
aňkasyny aşyryp, huguny çykaryp, soňuna çykmaly, olardaky ähli baýlygy almaly. Gaznalylar Nyşapura
barýança bir hepde wagt gerek, şol bir hepdede seljuk begleri hem syrtlan bolmaly, hem gurt 5 bolmaly.
Seljuklylar, ine, şu tilsimi makul tapyp gaznalylaryň garşysyna çykdylar.
***
Salar Begdogdy Nusaýa gazap donuny geýip, şöhrat atyna atlanyp geldi.
Nusaý galasynyň gündogarynda atlylaryny täzeden gözden geçirdi. Soňam gala ilçi ugratdy:
– Galadan ýeke-ýekeden çykyň! Ýaraglaryňyzy galanyň derwezesiniň sol tarapyna taşlap, meniň
ýanyma gelip, günäňizi boýun alyň, ýogsam ähliňizi uçdantutma gyraryn!
Ilçi gelip, galada dardan başaşak asylan bir gaznaly bunbaryndan başga hiç kimsäniň ýokdugyny habar
berdi.
– Çaga-çugalaram, garry-gurtularam ýokmy?
– Yns-jyns ýok. – Ilçi şu sözi aýdyp gutaryp-gutarmanka goşunyň gündogar tarapyndan wagşyýana
gykylyklar eşidildi:
– Seljuklylar!..
– Seljuklylar çozdy!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 21
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.