Latin

Altynjan hatyn - 26

Total number of words is 3669
Total number of unique words is 1997
30.0 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
49.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
seljuklylara ak pata berendigi hakdaky maglumat taryhy kitaplaryň tas ählisinde diýen ýaly gaýtalanýar.
11. Gurhan. 2-nji süräniň 216-njy aýaty.
12. Gurhan. 5-nji süräniň 56-njy aýaty.
13. Tuwulga – söweşde başa geýilýän bürünçden edilen başgap.
14. Çaraýna – söweşde ok geçmezligi üçin gursakdan we arkadan asylýan ýasy gural. Ol dört bölek
metaldan ybarat bolup, sowuda dakylýar.
15. BÄŞ PEŞGEŞ – GÖKTAŇRYNYŇ HAN GÖTEREN KIŞISINE BÄŞ ZAT
BERÝÄNDIGI HAKDA ÝUSUP HAS HAJYP BALASAGUNLYNYŇ «BILIMNAMA»
ESERINDE AÝDYLÝAR. TAŇRY TARAPYN BERILÝÄN BÄŞ PEŞGEŞ ŞU
AŞAKYLARDAN YBARAT: 1. GUT – HÖKÜMDARLYK. 2. ÝARLYK – BUÝRUK. 3. ÜLÜG
– YKBAL. 4. KÜÇ – GÜÝÇ. 5. PAÝHAS.
IKINJI KITABYŇ DOWAMY
HEMINZAMAN
Sekizinji hekaýat
BALYGY SUWUŇ ÝÜZÜNE
ÇYKARMAGYŇ TÄRI
oltan biperwaý däldi, ýok, asla biperwaý däldi, ol biperwaý bolan bolýardy. Başarsa,
seljuklylary derbi-dagyn, tike-tike etjekdi. Musulman döwletleriniň içinde özüne garşy durup biljek
ýeke döwletiň ýok çagty bir oýnam atlynyň özünden rüstemdigine namys edýärdi ol. Seljuklylary
ýok etmek synanyşygynyň her gezek şowsuz gutarýanlygynyň – olaryň özünden rüstem bolmaklarynyň,
garşysyna ugradan goşunyny kül-peýekun etmesiniň hikmetine, herçent oýlansa-da, teý düşünip bilmeýärdi.
Aslynda welin, ol muňa şeýlebir düşünmek isleýärdi. Seljuklylary derbi-dagyn etmek üçin gije-gündiz
düýrmegi bilen çykalga gözleýärdi, sadakalar berýärdi, Allatagala dileg salýardy. Näme üçin her gezek
şowsuzlyga uçraýandygynyň, güýçlükä, güýçli goşuny barka biçäreliginiň sebäplerini anyklamakçy
bolýardy. Özünde hiç zat bilen düşündirip bolmaýan bir gorkynyň bardygyna geň galýardy. Görnetin
güýçlükä näme üçin gorkýandygyna akyl ýetirip bilenokdy. Şol gorky sebäpli ol goşunyň başynda özi
durman, Bekdogdyny salar belläp gönderipdi. Ol arkaýynsyrasa-da, biperwaýlyk etse-de, seljuklylaryň
garşysyna goşun ibermeli bolanda, her gezek tutumy uludan tutup, hiç bir zadyny gaýgyrmady. Soňam
goşunyň ýeňişli dolanmagyna irikgä durup garaşdy. Barybir, ýörişler şowsuz boldy. «Soltan Mahmydyň
ogly Masut keýpi-sapa, meýlis bilen wagtyny bihuda geçirýär» diýýärler. Wah, ol keýpi-sapany gowy
görýärdi, häzirem gowy görýär, ýöne seljuk begleri keýpi-sapada maza-bähre goýmadylar ahyryn! Ol
kakasy dirikä ýigrimi iki ýaşynda Hyrada häkim bellenipdi. Kakasyndan uzakda bolansoň, meýlise aşa
gyzygypdy. Indi döwür-ýagdaý başga. Ol öň aladasyz bolup meslik edipdi, indi çykalga tapman, öz-özüne
teselli bermek üçin keýpi-sapa bilen najagaý bolýardy. Böwrüňe diň salyp, şum habara garaşyp gondalawly
oturmagyň hupbaty has aýylganç ahyryn! Asyl wagt geçmez eken. Soltan nätsin?! Ol öz wezir-wekilleriniň
ýanynda seljuk begleri baradaky howsalaly gürrüňlere bilgeşleýinden myzaýyk etmedikden bolýardy, öz
wezir-wüzeralarynyň: «Wah, soltanymyz seljuklylara geleň bermeýär, geleň berse-hä, derrew olary ýok
ederdi» diýen pikirde bolmaklaryny isleýär. Şu maksat bilen biperwaý bolan bolýar ol! Ýogsam öz
soltanlygynda bir oýnam bibaş atly garşyňa baş göterse, heý, oňa-da soltan myzaýyk-geleň etmezmi?! Diňe
Masut däl, herki soltan hem baş galdyrar, başbozarlary ýok hem eder.
Ynha, indi bäş ýylyň içidir, soltan Masut çykalga tapman halysan golawrady. Mahal-mahal Hindistana
ýöriş edip, şöhratly ýeňişler, köp-köp oljalar bilen Gazna dolanýar. Şeýdibem özüniň güýçli, beýik
soltandygyny öz wezir-wekillerine göz edýär. Diňe bir öz wezir-wekillerine däl, Etekdäki seljuklylara-da,
Bagdatdaky halyfata-da göz edýär. Şeýdip, olarda gorky döretmekçi bolýar, şeýdip, olary mugyra getirmäge
S
çalyşýar. Çünki ol özüniň her bir hereketi, her bir ýeňşi barada seljuklylaryň eşidýändigini bilýär. Şu zatlar
bilenem öz-özüne teskin berýär. Dagy nätsin?!
Soltan Masut seljuk begleri bilen baglanyşykly ähli zatlary bilýärdi: mundan bäş ýyl owalan bary-ýogy
ýedi ýüz atlysy bolan seljuk begleriniň bu gün on bäş müň atly goşuna öwrülendiginem bilýärdi, Çagry
begiň Merwde Melikul-mülük1 diýen at alandygyny, her juma güni metjitlerde öz adyna hutba
okatdyrýandygyny-da bilýärdi.
Bilýärdi.
Örän köp zatlary bilýärdi.
Ýöne bilmeýänden bolýardy, öwsaýysyraýardy.
Wa-weýleta, bilýän zatlaryndan oňa jinnek ýaly-da nepagat-goraw ýokdy.
Seljuk begleriniň Oguz hanyň gylyç ýa kepen resimine girendiklerini-de bilýärdi.
Seljuk begleriniň şu däbe girenlerinden soň maşgalalaryny, çaga-çugalaryny Oguz (Garagum) çölüne
ugradandyklaryny-da bilýärdi.
Togrul begiň Altynjan atly gaýduwsyz hatynynyň bardygyny, ol hatynyň birnäçe darkaşda ýeňiş
gazanandygyny, harby tälimlere türgendigini, şeýle hem onuň arap, pars, ýunan dillerine suwaradygyny bilýärdi.
Togrul beg Masut soltany mes öküz hasaplaýardy, Masut soltan bolsa, öz gezeginde seljuklylary ýaraly
ýolbars hasaplaýardy. Olar nädip ýaraly ýolbarsa öwrüldiler? Olar nädip jebisleşdiler? Soltan bu
sowallaryna jogap tapdy, ýöne giç tapdy, iş-işden geçensoň tapdy.
Esasy ýalňyşlygyny salgyt hasaplady. Olara, dogry, örän agyr salgyt salyndy. Soltan bu salgydy zada
mätäç bolup salmandy. Ýok, ýok, Abywert, Nusaý, Etek, Paraw, Dehistan etraplary salgyt tölemänlerindede soltanlygyň uly bir ýitirýän zady ýok. Hindistandan getirilýän oljalar bilen ol sebitiň salgydynyň öwezini,
bir ýa iki däl, ençe esse dolup bolar. Soltanyň agyr salgyt salmagynyň aňyrsynda seljuklylary başga bir ülkä
gaçyrmak maksady bardy. Agyr salgyt salanda Tabarystanyň ilaty ähli zatdan ellibizar geçip gaçypdy.
Soltan seljuklylar hem gaçar öýtdi. Indi, yzarlap görse, ol görgülileriň gaçyp-gaçyp iň soňky gelen ýerleri
Etek eken. Tabarystanlylarda gaçara ýer bar eken, seljuklylaryň welin, ýaraga ýapyşaýmakdan başga ýollary
ýok eken.
Seljuklylar başda Oguz ýabgulygyndan – Ýaňykentden gaçyp Jende gelipdirler.
Jentden gaçyp, Nur-Buhara gelipdirler.
Nur-Buharadan-da gaçyp Horezmine geldiler, şonda olara soltan Masudyň oňlamagy bilen Altyndaş
hossar çykypdy.
Horezminde Şamäligiň aýylganç «Zamahşar gyrgynçylygyndan» soň gaçyp, Horasana – Etege geldiler.
Hut soltan Mahmyt Abywerdi, Nusaýy, Farawy birmahal seljuklylara ykta beripdi.
Olar özlerine berlen ýeri talap etdiler.
Seljuklylar hyzmat etmek islediler. Hakyt şeýle: olar Gazna soltanatyna – soltan Masuda sadykat
gulluk, hyzmat etmek islediler.
Soltan Masut bu gün käbir görip, bahyl kişileriň gepine gidip, özüne mutyg hyzmat etjek, özem juda
köp peýda getirip biljek hyzmatkärlerini duşmana öwrendigine düşündi. Özem diňe bir özüne däl, olaryň
tutuş soltanata howp salýan duşmana öwrülendigine düşündi.
Soltan bar günäniň özündedigine-de düşündi, ýöne muny boýnuna alardan boýny juda-juda ýogyndy.
Ol seljuklylaryň garşysyna Jendiň emiri Şamäligi küşgürdi. Soltanyň bu pyrryldagyndan bihabar seljuklylar
ýene gaznalylara sygynyp, Balkana geldiler. (Mahmyt Gaznaly – soltan Masut Gaznalynyň kakasy diňe
Abywerdi, Nusaýy, Parawy däl, Balkany-da seljuklylara ykta beripdi ahyryn!)2 Seljuklylar ýene kowuldy,
ýöne indi olaryň gidere ýerleri ýokdy. Şonuň üçinem olar baş göterdiler.
Soltan Masut seljuklylary öz peýdasy üçin ulanmagy başarmady, asyl ulanjak bolmady. Peýdalanmagy
başarmasaň, kiçi daş hem büdredýär
Soltanlygyň bähbidine gönükdirilmeli jemagat soltanlygyň garşysyna, zyýanyna gönükdirildi.
Soltan hyrçyny dişledi.
«Gorkagy kowsaň, batyr bolar» diýilýär, ýöne seljuklylar gorky diýilýän zadyň nämedigini bilmeýän
adamlar. Batyry kowsaň, batyrlygy goşalanýan eken! Seljuklylaryň batyrlygy-da goşalandy.
Möjegiň sürüsi-ordasy ýokdur, ýöne garşydaş tapylsa, biri-biri bilen garpyşyp-urşup duran möjeklerem
birleşýändir.
Möjekler birleşdi!
Özem öz eýesine garşy birleşdiler!
Hawa, hawa, öz eýesine garşy birleşdiler! Bu iň eýmenji!
Indi näme etmeli?!
Soltan Masut täzeden geňeş geçirdi. «Eger seljuklylar meniň elim bolan bolsadylar, onda men elimi
düýbünden çapdyrardym. Eger seljuklylar meniň aýagym bolan bolsadylar, onda men birjik-de säginmezden
aýagymy çapdyrardym. Maksadyňa ýetmegiň üçin hiç zat gysganmaly däl. Ähli serişdäni, baýlyklary
seljuklylary gyrmak üçin darkaşa ugrajak goşuna sarp etmeli» diýip, soltan Masut geňeşde odukdy.
– Örän parasatly pikir aýtdyňyz, soltanym. Örän dogry. Siziň geçirimliligiňizden, giňligiňizden
peýdalanyp, olar juda hetdinden aşdylar. Siz goşunyň başynda dursaňyz, soltanym, seljuklylary
Horasandan kowup çykararys – diýip, beýik hoja Ahmet-Abd-as-Samat sesine nazym berip, gözüne ýaş
aýlady. Bu pikiri Subaşy, Sury, Bekdogdy dagy hem goldap, nutuk sözlediler. Ariz bilen salar öz
goşunlarynyň üpjünçiliginiň seljuklylaryňkydan ýigrimi esse artykdygyny, san babatda-da özleriniň
abyrsyz köpdügini – seljuk begleriniň on alty müň atlysy bar bolsa, özleriniň atlylarynyň sanynyň elli
müňden az däldigini, şeýle hem özlerinde üç ýüz sany söweş piliniň bardygyny, azyk bilen gulamlary
üpjün etmek gorunyň bir ýyla ýetjekdigini nygtadylar.
Ariz bilen salaryň anyk sanlara salgylanyp eden çykyşlary diňe bir soltanda däl, wezir-wekillerde-de
ýeňşe berk ynam döretdi.
Wezirler diwanynda bolan geňeşde Termez welaýatyna gitmek karar edildi. Çünki goşun üçin gulamlar,
esasan, Termez, Balh welaýatlaryndan – entek seljuklylar bilen garpyşyp görmedik, olardan gorkusy
bolmadyk adamlardan jemlenmelidi. Iň soňky jemlenme Balhda bolmalydy. Termezde, Balhda jemlenen
gulamlaryň sany elli-altmyş müňe ýetmelidi.
Alyabat söweşi
Suwuň aşagyndaky balygy nädip awlamaly, nädip suwuň ýüzüne çykarmaly? Dury, parahat suwda
balygy tutup bolmaýar. Ony tutmak üçin suwy bulandyryp ugramaly. Suw bulanyp ugrasa, balyklaryň
rahatlygy gaçýar, dem almasy kynlaşýar. Şeýle ýagdaýda balyklar çyrpynyşyp suwuň ýüzüne çykýarlar.
Suwuň ýüzüne çykan balygy gypynçsyz tutup bolýar. Soltan Masudy tutmak üçin ony ilki «suwuň
düýbünden» – köşgünden meýdana – «suwuň ýüzüne» çykarmaly. Gaznadan çykyp, Horasana gelmegi üçin
soltanyň jebegesini daraltmaly, gaharyny getirmeli. Özem gaharyny soňky hetdine ýetirmeli.
Çagry beg bilen Togrul beg öňem bir pähimdar bolmadyk soltan Masudyň gahary gelende ýüpden
boşan öküze öwrüljekdigini bilýärdiler. Elbetde, ýüpden boşan öküziň öňünde durmak bolmaýar. Öküzi
ýykmak, öldürmek üçin onuň gapdalyndan, iň gowusy, yzyndan baryp itmeli, urmaly, syrtlan tilsimi 3 bilen
urmaly.
Soltan Masut – öküz, gara güýji köp, oňa derek pähimi az. Duşmany asgyn tarapyna agram berip
ýeňmeli. Soltan islese, ýüz müň atly goşunam jemläp biler, ýöne seljuk beglerinde onuňky ýaly mümkinçilik
häzir ýok. Seljuk begleri on bäş müňden artyk söweşiji ýygnap bilmeýärler. Sebäbi özleriniň ygtyýaryndaky
ýerlerdäki söweşmäge döwtalap adamlaryň sany on bäş müňden aňry geç­meýär. Onsoňam köplerde
entegem gaznaly soltanlygyndan gorky bar. Gaznaly soltanlygynyň güýjüni ähli kişi görüp dur. Ýöne seljuk
begleriniň güýji çäkli, olary köpler entek topalaňçy hökmünde görýär. Topalaňçylygyň bolsa soňy ýok.
Topalaňçylary soltanyň saýlama goşuny aýylganç gyrýar. Muny Horasanda bir ýa iki gezek däl, köp gezek
gördüler. Şeýle bolansoň, seljuk beglerinde gulluk etmäge döwtalaplar o diýen köp däldi. Herhal, seljuk
begleriniň aýsaýyn artýan owazasyna maýyl bolup, Balkan daglaryndan, Müňgyşlakdan, Balh sebitlerinden,
Mawerannahrdan türkmenler gelýärdi, olar baýlyk-olja gazanmak maksady bilen gulluk edýärdi.
***
Soltan Masudyň ýöriş etjekdigi baradaky habary eşiden seljuk begleri dessine soltanyň soňky güýçgoşun jemlejek ýerine – Balha hüjüm edip, başagaýlyk, gorky döretmek hakda karara geldiler.
Soltanyň Balh welaýaty boýunça dikmesi Altyntak diýen ýelemýüwletdi. Togrul beg Altyntagyň
ýanyna ilçi gönderdi, ondan söweşsiz-garşylyksyz boýun egmegi talap etdi. Şu talabyň ýerine ýetirilmedik
ýagdaýynda, Balhyň ilatynyň başynyň ölümli, malynyň talaňly boljakdygyny mälim etdi.
Altyntak Togrul begiň adyndan baran üç ilçini zyndanyna taşlady, soňam öz üstüne seljuklylaryň uly
güýç jemläp ýetip gelýändigini habar bermek üçin soltan Masuda çapar gönderdi.
Altyntakdan habar alan soltan Masut desbi-dähil Balha sary at goýdy.
Alyabat düzlüginde soltanyň uly goşuny seljuklylaryň goşunynyň yzyndan ýetdi.
Seljuklylaryň soltan goşuny bilen açyk meýdanda darkaş gurmak maksady ýokdy, ýöne olar ät galdylar,
üstlerini basdyrdylar, ýogsam, olar Balha ugramazlaryndan burun ýörite mejlis geçirip, söweş tilsimleriniň
nähili bolmalydygyny anyk kesgitläpdiler: «öküziň» öňünde durmaly däl, açyk darkaşa girmän, Balhdan
Merwe gelýänçä – bir ýüz ýetmiş iki farsahlyk, ýigrimi menzillik4 ýolda garaşylmadyk pursatlarda çar
tarapyndan hüjüm etmeli, gapyllykda üstlerini basmaly, gulamlaryň arasyna wehim salmaly, Merwe
ýetýänçä soltan goşunyny towşan ýaly titräp duran byzbyldyk etmeli.
Türkmeniň ezeli sabahun urmak atly harby tilsimini ulanmaly: ukynyň iň süýji wagty daňdanlar
ýagynyň mesgenine hüjüm etmeli, gyran-jyran etmeli. Garasaý, soltan goşunyna aňkalary aşyp huk bolýançalar uky bermeli däl. Şu maksat bilen iki ýüz-üç ýüz atly toparlara bölünmeli. Her toparyň haýsy ýere,
nireden, nädip çozmalydygy, soňundan nädip gaçmalydygy, näme etmelidigi anyk kesgitlenipdi. Şeýle hem
her topara ýüze çykan ýagdaýa görä erkin hereket etmäge, özbaşdak netijä gelmäge izin berilýärdi.
Maksat Balh – Merw aralygynda gaznaly goşunyň bilini omurmakdy.
Seljuk ýigitleriniň iýip-içjek owkatlary atlarynyň ganjygasyna berkidilendi. Olar söweş günleri az
owkat bilen oňňut etmegi başarýardylar. Olaryň ählisiniň esasy azygy goýnuň içýagydy: ondan özlerem
iýýärdi, atlaryna-da berýärdiler. Içýag iýen esger hem at yssyda suw küýsemeýärdi.5
Seljuk begleriniň ýörite dowulçylary bardy. Olar soltan goşunynda gulluga durup, gulamlaryň arasynda
ýörite dowul-wehim döredýärdiler. Togrul, Musa, Çagry hakda her hili mahabatly rowaýatlary gürrüň berýärdiler.
Ýörite taýýarlanylan ol mahabatly rowaýatlarda seljuk begleriniň ýeňilmezekdigi, soltan Masut bilen göreş tutup
ýeňendigi, ýöne bu habaryň gizlin saklanýandygy, seljuklylary Hudaýtagalanyň goldaýandygy, olara Derwezata
aralygynda öz döwletini bagyş edendigi hakda aýdylýardy.
Soltanyň wezirler diwanynda, serkerdeleriň arasynda seljuk begleriniň satyn alan, yzygiderli habar
iberip durmaga, ýeri gelende, öz taraplaryna geçmäge razy eden serkerdeleri bardy. Seljuk begleri öz ýörite
fiskallarynyň üsti bilen soltanatda bolup geçýän her bir möhüm wakany eşidýärdiler.
Altyntagyň kömek sorap çapar gönderendigi, soltanyň Balha barýandygy hakdaky habar hem Merwe
ugradylypdy, ýöne Merw – Balh ýolunda çaparlaryň habary eglenipdi. Olar seljuk beglerini wagtynda tapyp
bilmändiler. Bu hem seljuk goşuny bilen gaznaly goşunynyň Alyabat düzlüginde açyk darkaşa girmegine
sebäp bolupdy.
Seljuk goşuny Ruhhajda6 düşläpdi. Soltan goşunyny düşlege ýakyn getirmezlik üçin Alyabat
düzlüginde garpyşmaly boldy.
Bu söweşde ýeňiş gazanyp bolmajakdygy görnüp durdy, çünki soltanyň gulamlarynyň sany ýigrimi
müňden-de aňrydy.
Goşunyň aman galmagy üçin diňe bir ýol bardy, ol hem belli bir topar ölümini boýun alyp, ýigrimi
müňlük goşunyň öňünden çykmalydy, söweşmelidi, galan bölek pursatdan peýdalanyp gaçmalydy.
Sekiz ýüz meýletin pidaýy öňe saýlandy, ýakyn dost-ýarlary bilen hoşlaşdy, soňam “Ýa Hu!” diýip
darkaşa girdi.
Olar iň soňky demlerine çenli söweşdiler.
Bu pidaýylar türkmeniň merdi-merdana, bahadur, janymak gerçekleridi.
Janyňy pida bermek – erkiň hem ynanjyň soňky hetdi. Ol milletiň durmuşynda täze bir döwrüň – söweş
meýdany bilen ýaşaýyş giňişliginiň barabarlaşandygyny aňladýar. Ejiz köpçülik üçin söweş meýdany ýowuz ölüm
meýdany hökmünde aňlanylýar. Seljuklylar üçin bolsa söweş meýdany ömrüň täze bir döwrüniň açylmak
mümkinçiligi bolup görünýär. Pidaýy öz ölümi bilen milletdeşiniň ömrüni bina edýär. Tutuş göwräniň aman
galmagy, ýaşaýşyny dowam etmegi üçin agza özüni pida berýär. Beýle ädim ejizler üçin mümkin däldir, onda her
bir agza öz gamyny iýýär, her kes özüni halas etmegiň alajyny gözleýär, şeýdibem tutuş göwre heläk bolýar.
Pidaýylygyň hikmeti, ölümiň gözüne göni bakyp bilmegiň howalylygy şundadyr. Güýçlülik duşmanyňy – özüň
ýaly adam bolan garşydaşyňy däl-de, ölümi ýeňmeklikdir. Ynsan ynsany däl-de, ynsan ölümi ýeňende, geljege
sary mümkinçilik, bagta bolan ýol açylýar. Milletiň ýaşaýşynyň beýik dünýä aňyrsy manysy diňe şonda ýüze
çykyp, açylyp başlaýar. Şeýle ädime ukyply millet öz geljegini öz elleri bilen amal edýän ruhy-beden bitewüligi
bolup öňe çykýar. Ölüm bilen ýüzbe-ýüzlükde halkyň adaty mazmunyndaky haýal-ýagallyk, äwmezlik, lellimlik
aýrylyp, bularyň deregine gujur-gaýrat gelýär.
Seljuklylaryň her biri öňde goýan maksatlarynyň amaly üçin şirin janyny pida bermäge her dem
taýýardy...
Sarahs söweşi
1039-njy ýyl
Alyabatdaky gazanan ýeňşine ruhlanan soltan Masut Sarahsa ugrady, aňtawçylar toparynyň beren
maglumatlaryna esaslanyp, Talhatanbaba galasynyň ýakynynda seljuk esgerlerini duzaga düşürmegi maksat
edindi. Şu maksat üçin ol goşunyna diňe gijelerine ýol ýöretdi.
Soltan Masudyň bu maksady-da şow tapdy. Talhatanbaba galasyndan çykan seljuk esgerleri üç tarapdan
hüjüme geçen soltan gulamlary bilen ýene mejbury ýagdaýda darkaş gurmaly boldy.
Aýylganç söweş başlandy.
Seljuklylar haýdan-haý guma çekilmek kararyna geldiler.
Ep-esli ýitgi çekip, guma çekildiler.
Soltan ýene ýeňiş gazandy.
Soltan serkerdelerine öldürilen seljuklylaryň göwdelerini depe-depe edip goýmagy tabşyrdy. Şondan
soň ol söweş bolan meýdana dähedem-dessemläp aýlandy.
Eý-ho, giden göwde! Alyabatdakydan-a azrak!
Ýigrimi-otuz ýerde seljuklylaryň göwdeleri depe-depe bolup ýatyr.
Edil şonçarak depe gaznaly gulamlaryň göwdelerinden hem dö­rese gerek.
Soltan Masut göwde depelerini synlap durşuna kakasyny, onuň türkmenler hakda aýdan sözlerini
ýatlady.
Soltan Mahmyt özüniň türkmendigine, özem gaýa türkmenlerindendigine, patyşa neberesindendigine
buýsanardy. Türkmeniň gylyjynyň türkmene garşy göterilmeli däldigini zol-zol tekrarlardy. Geçmişde içki
oňşuksyzlyklar zerarly türkmeniň türkmeni öldüren gezekleriniň köp bolandygyny aýdardy. Eger öz-özüni
gyrmadyk bolsa, onda türkmenler hökman dünýäniň hökümdary bolardy. Soltan Mahmyt türkmenleriň eden
ýowuzlyklaryna köplenç gözüni ýumardy, olara diňe ýagşylyk etmäge çalşardy.
Masudyň kakasy seljuklylaryň towakgalaryna hiç wagt ýok diýmeýärdi. Gör, ol seljuklylara näçe ýerleri ykta
berdi, gör, näçe begi başbug göterdi. Soltanyň seljuklylar barada anyk pikiri bardy:
– Seljuklylar – kynyklar. Olar Oguz hanyň wesýeti boýunça gaýalaryň hyzmatynda durmaly, has
takygy, serhetlerimizi gorap bermeli.
Hut Oguz hanyň wesýeti boýunça seljuklylar – kynyklar gaýalaryň – gaznalylaryň serhetleriniň
goragynda durdular.
– Biz seljuklylaryň – kynyklaryň agyzlaryny aşa ýetirdik, mally-mülkli etdik, indem olar patyşa bolmak
isleýärler. Indem olar biziň tagtymyza göz gyzdyrýarlar. Bu adamçylykdanmy? – diýip, soltan Masut zol-zol
özüne sowal berýärdi. – Ýok, ýok, bular adam däl, bulary gyrmaly! Diňe gyrmaly! Bular ynsapsyz!
Wyždansyz!
Türkmen türkmeni gyrýar.
«Pähim-parasatly soltan duşmany bilen ýaraşar, onuň bilen dostlukly gatnaşyk saklar. Emelsiz soltan
wepadar raýatyny özüne duşman ediner».
Soltan Masut tekepbirligi, gopbamlygy bilen öz raýatyndan duşman gazandy.
Duşman döremeýär, duşman gazanylýar.
Soltan Masut hem özüne ýowuz duşman gazandy. Özem ol duşman – ölümini boýun alan, gorky-ürkini
bilmeýän duşman, ol degnasyna degile-degile ahyr on alty gary kepene çolanypdyr: «Gylyç ýa kepen»
diýip, ata atlanypdyr.
Indi olarda ölmekden ýa ýeňmekden başga ýol ýok.
Indi olar bilen ylalaşyp bolmaýar.
Soltan Masut söweşiň bolup geçen ýerine aýlanyp, kepene çolanyp ýatan seljuklylaryň jesetlerini
synladygyça hopukdy. Sebäbi kepene çolanyp ýatan jesetleriň ählisiniň gözleri açykdy. Ol gözlerde, gör,
näçe gahar-gazap, gör, näçe arman bardy. Olaryň bolup ýatyşlary ýene aýaga galyp, söweşmäge başlaýjaga
meňzeýärdi.
Soltan seljuklylaryň nähili söweşýändigini görüpdi, söweş pursady Togrul begi-de görüpdi, gaznaly
gulamlary gazap bilen paýhynlaýşyny görüp, hopugypdy.
Soltan söweş gidip duran pursady üç-dört sany pidaýyny ýanyna çagyrdy:
– Bar işiňiz, hana, şol egni ak eşikli pählewan serkerdäni öldürmek bolsun. Haýsy biriňiz şol serkerdäni
öldürseňiz, men size uly bir welaýaty ykta hem ýigrimi bäş müň dinar berjek.
Pidaýylar soltanyň sözünden soň, seljuk beginiň üstüne uly hyjuw bilen topuldylar, ýöne yktaly hemem
ýigrimi bäş müň dinarly bolmak olaryň nesibelerinde ýok eken, olaryň maňlaýyna şol maksat üçin pida
bolmak ýazylan eken.
Soltan söweş bolan meýdanda aýlanyp ýörşüne özüniň Togrul begi öldürmek üçin ýörite ugradan
pidaýylarynyň göwdelerini gördi, olaryň hem gözleri edil seljuklylaryňky deýin petreşip durdy…
***
Sarahsa gelen soltan goşuny ýadawdy. Bir ýyla ýeter diýlen azyk gory hem azalypdy.
Azyk gorunyň azalmagynyň günäkäri ýeke bir adamdy. Ol – goşunyň arizidi. Ariz baýamak maksady
bilen goşunyň ähli zatlaryny deger-degmez bahasyndan satypdy. Adam bende umyda bil baglan ýerinde
ýalňyşýar. Ariz hem seljuklylar bilen darkaş uzaga çekmez, olary şatyr-şutur ýeňeris, baýlyklary bize geçer,
ana, şonda meniň satan zatlarym bilinmän galar diýip umyt baglady, ähli zat onuň pikiriniň tersine boldy,
wagt ýel deýin kowsarlap, onuň eden etmişiniň üstüni açdy, şeýle bolansoň, ol aýbynyň açylmagyna
garaşyp durman, seljuk begleriniň gullugyna gaçyp bardy.
***
Seljuk goşuny 1039-njy ýylyň iýul aýynyň 27-sinde Sarahsyň günortasyndaky Deh-i-Bazergakan diýen
ýerde soltan goşunynyň üstüne hüjüme başlady.
Söweşe Çagry beg serdarlyk etdi. Ol öz adamlary bilen beýik bir depäniň üstünde durdy.
Söweş jylawdar goşunyň8 umumy hüjümi bilen başlandy.
Seljuk begleri bu söweşde ilkinji gezek iki kelleli bürgüdiň şekili çekilen öz gara reňkli baýdaklaryny
söweşe çykardylar.9
Ikikelleli bürgüt şekilli gara baýdak geljegiň umydyndan hem beýikliginden habar berýärdi. Köpler gara
reňk yslamyň ilkibaşky reňki diýip düşündirýärdiler. Emma seljuk türkmenleriniň taryhy galkynyşy bilen
baglanyşyklylykda, bu pikir hakykatyň diňe ýarydy. Her bir oýanyşyň hem galkynyşyň diňe bir täze reňki
bolman, eýsem, bu düýpli hadysanyň gaty uzaklara gidýän taryhy esaslary hem bolýar. Özem ol esaslar
köplenç tas unudylan, köpçülikleýin aňastyna giden gymmatlyklardan ybarat bolup çykýar. Seljuklylaryň
baýdagynyň reňki, bir tarapdan, yslamyň reňkidi, çünki seljuk döwleti geljekde bütin yslamyň syýasy
merkezi, onuň baýdagy külli yslamyň baýdagy bolmalydy. Emma, ýene bir tarapdan hem, gara reňk
oguzlaryň baryp Oguz handanam öňki baýdagynyň reňkidi. Gara tug götereni üçin, Oguzyň kakasynyň adyda Gara han bolupdy. Gara reňk Oguzda päkligiň, kesgitliligiň, arkadaglygyň – raýatlaryňy öz salkyn
kölegäňde ýaşatmagyň, kämilligiň alamaty bolan reňkidi. Gara ähli reňkleriň enesi, ähli reňkleriň jemi hasap
edilýärdi. Ahyrsoňunda ähli reňkler gara dönýär. Oguzlaryň şeýle söýen hem aňk bolan älem giňişliginiň
reňki-de garady ahyryn! Älemden beýik zat bolup bilermi?!
Ikikelleli bürgüt seljuk türkmen ruhunyň älemleriň girdabyny böwüsmäge taýyn bolanlygynyň
suratydy. Onuň bir başy ak tarapa – Günüň dogan tarapyna, beýleki başy bolsa gara tarapa – Günüň batýan
tarapyna bakyp dur. Bu bakyşda dünýäniň iki böleginem alaryn diýen ynam görünýär.
Gara ýüpekden edilen baýdak Çagry begiň arkasynda pasyrdaýardy. Ol söweşiň gyzan wagty eginleri
jöwşenli iki müň atla baş bolup darkaşa girdi.
Togrul beg jylawdar goşunyň öňüne düşüp hüjüme girdi. Ol ölümini boýun alyp, wagşyýana gygyryp,
elindäki gönderini, mizragyny10 üznüksiz işledýärdi, soltan gulamlaryny paýhynlaýardy.
Jylawdar goşun ýaňy söweşe gyzanda sagdan hem soldan ylgary goşun hüjüme girdi.
Başynda tuwulganyň, egninde jöwşeniň, çarpaýanyň, aýaklarynda dyzlygyň bardygyna seretmezden,
söweşde Togrul begiň ýedi ýerinden gyltyz ýara düşüpdi. Iň erbet ýeri, şol ýaralardan ganyň köp
akandygydy: darkaş gidip durka, ganyňy saklamagyň gamyny edip bolanok ahyryn! Şol sebäpli begiň başy
aýlanyp ugrapdy. Barybir, ol dört sagada çeken söweşde ganym duşman bilen nädip söweşmelidigini öz
esgerlerine görkezip, olary ýeňşe ruhlandyrdy.
Soltanyň bäş müň gulamyny öldüren seljuklylar soltanyň esasy goşuny gelmezinden burun
demirgazyga – Horasan (Oguz, Garagum) çölüne jiriň-miriň siňdiler.
Bary-ýogy dört sagada çeken söweşde seljuklylaryň soltan goşunyna ýetiren zyýany abyrsyz uludy.
Diňe bir wepat bolanlaryň däl, ýaradarlaryň hem sany köpdi.
Soltan goşunyny jemläp, diýlen ýere barsa, ol ýerde diňe öz gulamlarynyň bäş müňden gowragy läş bolup
ýatyrdy. Läşleriň içinde seljuklylaryň göwdeleri ýokdy. Olar wepat bolanlaryny alyp gidipdirler.
Soltan güýçli halyna biçäredigine örtendi.
Güýçli halyna özüni ejiz duýdy.
Ol odugyp iki ýana elewredi.
Seljuklylar howada gaýyp ýören ýalydylar.
– Hany, şolar! Hany! Görkeziň maňa! – diýip, soltan gygyrdy.
Seljuklylar, göräýmäge, hiç ýerde ýokdular, şol bir wagtyň özünde-de olar her bir depäniň aňyrsynda
öňüňden çykyp, wagşylyga başlaýardylar.
Eger seljuk goşunynyň bir ýerde jemlenendigini eşitse, onda soltan şol ýere goşunyny sürüp baryp,
maksadyna ýetjekdi. Alyabatda, Sarahsda nätdi? Göwdelerden depe döretdi, ýöne şol söweşlerden soň
seljuklylar açyk darkaşa çykmadylar.
Ähli ýerde seljuk goşunyna derek toparjyklar bardy. Ol toparjyklar iki ýüz-üç ýüz atlydan kän däldi. Olar
soltan goşunynyň üstüne gulanatdy çabgasy bolup inýärdi. Soltan goşuny ýaňy güýjüni jemläp, hüjüme sürnüp
ugranda bolsa, ol toparjyklar gykuwlaşyp, jiriň-miriň bolýardy.
Seljuk begleri gykylyga aýratyn ähmiýet berýärdiler. Olarda ýörite gygyrýan sesi ýiti, şaňňy adamlar
bardy. Olar käteler hüjüm etmän, görünmän, soltan goşunynyň dumly-duşundan «Ur, çap, öldür!» diýip,
aýylganç-aýylganç gygyryşýardylar. Olar käte ýolbars bolup arlaýardylar, haýbat atýardylar.
Soltan Masut ýaşan ýaşyny hiç kimden gorkman ýaşady, ýöne seljuklylara sataşyp welin, rahatlygyny
bütinleý ýitirdi, ýüreginde wehim-gorky döredi. Wah, Alynyň ala meýdanynda söweşmeli bolsa, şol söweşe
soltanyň, ilki bilen, özi çykjakdy ýa öljekdi, ýa ýeňjekdi. Ýok, ol ýeňjekdi. Çünki gara güýç babatda,
peýker-symmat babatda onuň bilen bäsleşip biljek ikinji bir begzada ýokdy. Ol muny açyk bilýärdi. Masut
tagta çykmazyndan owal soltanlygyň iň daýaw pählewanlary bilen güýç synanyşardy, köplenç olardan üstün
gelerdi.
Masut Togrul begi ele salsa, nädip jezalandyrjakdygynyň hem pikirini edipdi: ony bir aýlap, hatyn
eşiginde Gaznanyň baş bazarynda görene göz edip masgaralamakçydy, soňundanam üstünden pil
ýöretmekçidi, maslygyny bir aýlap, pilleriň saklanylýan ýerine zyňmakçydy. «Goý, piller onuň maslygyny bir
aýlap basgylasynlar! Ýok, ýok, goý, onuň maslygyny piller bir ýyllap basgylasynlar. Soňundan onuň süňküni
talhan edip, meýe garyp içjek!» Soltan Masut bu pikirini her gün aňynda aýlaýardy. «Eger şu maksadyma
ýetip bilmesem, onda men bu dünýäden gözümi açyp, armanly giderin» diýip, ol zol-zol gaýtalaýardy.
Seljuk begleri balyk ýaly sypjykdy. «Ine, şu gezeg-ä bulary ele saldym» diýeniňde olar eliňden sypyp,
gürüm-jürüm bolýardylar.
Olardan ýaňa gijelerine-de rahatlyk ýokdy, soltanyň dynç alyp ýatan goşunynyň üstüne sürnüp alagykylyk
turuzýarlar. Ähli goşun turar. Anyklanyp görülse, seljuk esgerleriniň birki sanysy alagykylyk turzup geçip
gidendir. Soň goşun dynç – gözüniň awusyny almak üçin ýene başyny çem gelen ýere goýar. At aýaklarynyň
dükürdileri, seljuklylaryň başly-barat gykylyklary ýene eşidilip başlar. Garasaý, hiç kime uky, rahatlyk ýokdur.
Tisgine-tisgine daňyňy atyrarsyň. Jahan ýagtylanda, görseň, üç-dört sany gulamyň kellesi çadyryň üstünde
ýatandyr. Ýa birki kelle jyzanyň ujuna ildirilip goýlandyr. Bu wagşylygy göreniňde iniň tikenekleýär. Özem bu
wagşylyk ýeke gezek däl, her gije diýen ýaly gaýtalanýar. Özem bu wagşylyk soltanyň çadyrynyň töwereginde
edilýär.
Bir gije seljuk begleri hakyt soltan Masudyň iň gowy görýän, mydama münýän pilini ogurladylar.11
Ýeri, muňa näme diýip, näme aýdarsyň?! Soltanyň gazanyny hem göz güýdüşdirip düňderip gidýär olar.
Seljuklylar sebäpli kadaly naharlanyp hem bilenok ol indi.
Seljuk esgerleri soltan goşunynyň ähli zadyna ýetişip bildiklerinden talaň salýardylar. Özem olar diňe
bir gije däl, gündizem talap ýördüler, soltan goşunynyň üpjünçilik bölüminiň zatlaryna talaň salmagy hasam
gowy görýärdiler. Ýaňy dynç almagy üçin goýlan atlary-da gözüňi güýdüşdirip alyp gaçýardylar. Soltan
goşunynyň zatlary göýä seljuk goşunynyň ogurlamagy üçin şu ýerik getirlen ýalydy. Özem olar gaty
arkaýynlyk bilen talaň edýärdiler. Talaň edýändiris, ogurlyk edýändiris diýen pikir olarda ýok bolsa gerek.
Seljuklylaryň talaňçylygy, has anygy, ogurlygy gije-gündiz dowam edýärdi. Olar söweşmegi ýatlaryndan
çykaryp, öz zatlaryny başga bir ýere eltmäge howlugýan ýalydylar: özlerinde ýarag, egin-eşik ýetmeýän ýaly,
soltan gulamlarynyň ýaraglaryny alýardylar, egin-eşiklerini sypyryp, gulamlary çuw-ýalaňaç düwdenekledip
goýberýärdiler.
Dogrusy, seljuk goşunynyň pisat ogurlyklary soltanyň aňyna hiç syganokdy. Ol her hili söweşi görüpdi,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 27
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.