Latin

Altynjan hatyn - 36

Total number of words is 3664
Total number of unique words is 2096
28.3 of words are in the 2000 most common words
40.7 of words are in the 5000 most common words
47.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
3. Makedonlar hanedanlygy (867 – 1028 ý.) Konstantin VIII-iň aradan çykmagy bilen gutarýar, çünki
ondan mirasdüşer perzent galmaýar. Gyzy Zoýa Roman III-e (1028 – 1034 ý.) durmuşa çykýar, ony tagta
geçirýär, soň Mihail IV Paflagona (1034 – 1041 ý.), ondan soň bolsa Konstantin IX Monomaha (1042 –
1055 ý.) durmuşa çykýar, olaryň ählisi tagta çykýar.
4. Ýusup pygamberden bäri möjegiň agzy iýse-de gan, iýmese-de – Ýusup pygamber baradaky
meşhur rowaýatda onuň doganlarynyň öz inilerine göripligi, şol göriplik sebäpli-de Ýusuby öldürdim edip,
bir gurruk guýa taşlap gidişleri, soňundan hem doganlaryň öýlerine baryp: «Ýusuby möjek iýdi» diýip
aglaýyşlary, wagtyň geçmegi bilen bu etmişiň üstüniň açylyşy beýan edilýär. Şol wakadan soň «Möjegiň
agzy iýse-de gan, iýmese-de» diýen pähim döreýär. Bu nakyl häzirki döwürde-de ýörgünli.
5. Toba ýaşy – kyrk ýaş.
6. Idde möhleti – Adamsy ýogalandan soň dul galan zenanyň äre çykman oturmaly möhleti.
7. Badhyz (badgys) – köp ýel ösýän ýer.
8. Kabale – söwda galasy (merkezi).
9. Saklab – slawýan.
On bäşinji hekaýat
1. Walyt – kaka, walyda – ene.
2. Gyzyl ok – serkerdelere, başga goňşy döwletlere gyzyl ok ugradylmagy – bu söweşe
başlanjakdygynyň, goşun kömeginiň gerekdiginiň habary hasaplanýar.
3. Möwdud ibn Masut ibn Mahmyt – Gaznaly soltany.
4. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
5. Al-Hüseýni. Zubdat at-tawaryh. (Taryhlaryň gaýmagy).
6. Al-Hüseýni. Zubdat ata tawaryh (Taryhlaryň gaýmagy).
7. Gurhan. Dokuzynjy «Toba» süresiniň 120-nji aýaty.
8. Bargähi soltanat – Togrul beg ýörişe çykanda gara reňkdäki ýüpek matadan çadyrda bolýardy.
9. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
10. Soltan Masudyň öldürilişini Baýhaky şeýle gürrüň berýär: «Emir Muhammediň dilinden Geri
galasynyň kutwalyna: «Emir Masudy öldürip, onuň kellesini bize iberiň» diýen ýalan nama getirýärler.
Kutwal şol ýalan hatyň esasynda emir Masudyň kellesini kesip, emir Muhammede gönderýär...»
11. Ibn Esir. Kämil taryh. Faruk Sümer. Oguzlar – türkmenler. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
On altynjy hekaýat
1. Hut – balyk ýyldyzlar topary, şemsi ýylyň soňky aýy. Her ýylyň nowruzy hutuň girmegi bilen
başlanýardy. Çagry begiň agtygy Mälikşanyň jedweli boýunça nowruz hamalyň (guzy ýyldyzlar topary,
şemsi ýylynyň birinji aýy) başlangyç nokady hasaplanyp başlandy. Hijri-kamary aý hasaby boýunça hut aýy
– fewral aýyna gabat gelýär.
2. Talaň saçagy toýy – bu däp hakda «Oguznamalarda» nygtalýar. Faruk Sumer özüniň «Oguzlar –
türkmenler» atly kitabynda şeýle ýazypdyr: «Türki kowumlar Ýakyn Gündogar ülkelerine gelenlerinde
beýleki däp-dessurlar bilen bir hatarda talaňly toý däbini hem getiripdirler. Parsça şygyr we kyssa
eserlerinde duş gelýän «Han-i ýagma» (Talaň suprasy) aňlatmasy hem bu talaňly toýdan gelip çykandyr.
Seljuklylardan başga-da Siriýa Atabegleri döwletinde (Zeňňiler) we Osmanlylarda hem bu däbiň dowam
edendigi bellidir» 353 sah.
3. Batman – takmynan 20 kilograma barabar agyrlyk ölçegi.
4. Jamer-jüpbe – egin-eşik.
5. Şerapdar – ustazdaryň garamagyndaky işgär. Ol köşgüň sakysy, soltanyň şeraphanasynyň sahyby,
müdiri.
ÜÇÜNJI KITAP
GEÇMIŞ
Birinji hekaýat
DIŇE ISLEGDE ÇÄK ÝOK
I.
er çyksa – gan çykmaz» diýen söz seljuk goşunynda her gün telim ýola gaýtalanýardy.
Çünki şu ynanç bilen harby türgenleşik geçýärdiler. Diňe bir esgerler däl, Togrul begiň
salarlygyndaky ähli seljuk şazadalary hem wagtlarynyň galaba bölegini harby türgenleşikde
geçirýärdiler. Her gün ir ertirden birder (der çykýança), namazşam ikider gylyçlaşmak hökmanylykdy.
Her bir esgeriň, her bir serkerdäniň her günki etmeli anyk işleri bardy. Harby düzgün-nyzam gaty berk
saklanylýardy. Onuň bozulan ýagdaýynda hiç kime eglişik edilmeýärdi. Harby tälimiň, türgenleşigiň, berk
düzgün-nyzamyň peýdasynyň uludygy duşman bilen garpyşylanda has äşgär duýulýardy.
Togrul begiň harby türgenleşik geçip ýörşüni göreniňde onuň başga aladasy ýok ýaly duýulýardy.
Aslynda welin, onuň iş-aladasy başyndan agdykdy, ýazylyp-ýaýrap owkat edinmäge-de wagty ýokdy.
Edilmeli işler köpdi, juda köpdi, çünki uly ýörişe, uly tutuma taýýarlyk görülýärdi.
Her çarşenbede geçirilýän mejlislerde hem şol bir mesele ilik-düwme ara alnyp geňeşilýärdi:
– Ilki bilen, Jibal ülkesine, soň Günbatar ülkeleri teshyr edip, olary dolulygyna şalygyň tabynlygyna
girizmeli.
– Günbatar ülkelerden olja-salgyt ýygnamaly.
– Wizantiýany seljuk şalygynyň tabynlygyna geçirmeli. Anadoly ýarym adasy seljuk şalygynyň ýarym
adasy bolmaly.
Togrul beg bu maksadynyň amaly üçin beglere anyk görkezmeler berdi: Mansur, Gökdaş, Enesiogly
başbuglaryň serkerdeligindäki jemagatlaryň öňünde Wan kölüniň töwereklerini teshyr etmek, ol ýerlerde
güýç jemlemek wezipesini goýdy. Gutulmyşy, Resultegini, Ybraýymy, Hasany, Ýakudy ýanynda galdyrdy,
çünki olar öz goşunyndaky iň ynamdar, iň arjymak, iň janymak serkerdeleridi. Olar ýanynda bolsa Togrul
beg islendik duşmany mugyra getirip biljegine ynanýardy. Öňünden çykan duşmany juda bir kösenmesizden
ýeňýärdi hem, olar bilen birkemsiz öwrenişipdi hem.
«D
Seljuklylar yhlas etdiler, Allatagala olaryň yhlasyny boş goýmady. Sanalgyja ýylyň içinde olar
Jibaly – Yspyhany, Hemedany, Hazar deňziniň kenarlaryny, Azerbaýjany, Gündogar Anadoludan
Günorta Kawkaza çenli aralykdaky ülkeleri eýelediler.
Wan kölüniň sebitleri boýunça Rum şalygynyň walysy Stefanos Gökdaş, Mansur, Enesiogly
jemagatlarynyň öňünden çykdy (1045 ý.).
Allatagala kimi betbagt eýlejek bolsa, şol kişä tekepbirlik berer eken. Arkasynda dünýäni lerzana
salýan Wizantiýa kaýsarlygyna baýrynan waly Stefanosyň arkasynda kaýsarlyk güýji däl-de, gaçmak üçin
hiç hili amatlylygy bolmadyk kötel dag ýatan eken.
Dogrusy, Stefanos tejribeli, pähim-paýhasly walydy, mydama ýeňiş gazanardy, ýöne bu gezek onuň
towşandyr öýdüp daş atany kimi tüýdüm-tüýdüm etjegini bilmän ýören şir eken, dişleri, dyrnaklary gezelen
peleň eken. Waly Stefanosy ýeňmek seljuk jemagatlaryna kyn düşmedi. Has dogrusy, şol döwürde bu
garpyşygy gurduň goýna daraýşyna deňediler. Seljuklylar ähli zatdan geçip, düz gaçan wizantiýaly
esgerleriň yzyndan ýetip, gyran-jyran etdiler, ýatagandan hem gönderden geçirdiler.
Wizantiýa kaýsary Konstantin Monomah IX seljuk goşunlarynyň Wan kölüniň töwereklerini teshyr
eýläp, Azerbaýjana dolandyklaryny, olaryň ümzüginiň Anadola, Kawkaza tarapdygyny eşidip, howsala
düşdi, haýdan-haý tejribeli serkerdebaşysy, abhaz emiri Liparidi dergähine çagyrdy, ony goşuna baş edip,
seljuklylaryň alnyndan çykmaga, olary yzyna kowmaga, oljalamaga ugratdy.
Serkerdebaşy Liparit ýörişe gaty uly ynam bilen ugrady. Çünki ol söweşlerde mydama ýeňiş gazanyp,
şöhrat-şana eýe bolan serkerdebaşydy. Ony ýeňilmezek serkerde hasaplaýardylar. Ol hakda esgerleriň
arasynda ýörgünli aýdymlar aýdylýardy. Seljuklylary yzlaryna kowjakdygyna Liparitiň ynamy uludy. Ol şol
uly ynamy hem seljuklylaryň howuny basmak maksady bilen Şetdatogly begliginiň paýtagty bolan Dowin
şäherini eýeledi.
***
1046-njy ýylda Ahlat hem Diýarbekir sebitlerinde ýer titredi1. Köpsanly galalar, berkitmeler, köprüler
ýumruldy, köp adam pida boldy. Togrul begiň tabşyrygy bilen köp galalarda ilata kömek berildi, diňe bir el
kömegi däl, eýsem, azyk, egin-eşik kömekleri hem berildi. Şeýle bolansoň ýerli ilat seljuklylara öz
halasgärleri hökmünde sygyndylar.
Seljuklar Ahlatda alty sany galanyň ýykylan ýerlerini täzeden dikeltdiler.
Şol döwürde Altynjan hatyn bäş aýlap Ahlat hem Diýarbekir sebitlerinde öýsüz-öwzarsyz galan
maşgalalara öý dikip bermek, ýaşaýyş üçin derwaýys zatlar boýunça ýardam etmek işi bilen meşgullandy.
Altynjan hatyn bu sebitde bolanda adamlaryň döwük-ýenjiklerini seýiklemäge, näsaglary bejermäge
gatnaşdy. Onuň lukmançylyk etmesi birinji gezek däldi. Ol näsaglaryň bejerilmegine ýardam bermekden
çäksiz kanagatlanma tapýardy. Onsoňam Ahlat sebiti, şeýle hem Ahlatdan Kazwin daglaryna çenli
aralygyndaky birnäçe şäher, gala Anuşirwana ykta berlipdi. Altynjan Anuşirwana ykta berlen ýerleriň
dolandyrylyşyny ýola goýmak, ynamdar, halal adamlary iş dolandyryjy wezipelerine bellemek bilen meşgul
boldy. Togrul beg Anuşirwany daşary ýurtly şalyklar bilen gatnaşyklary ýola goýmak boýunça özüne wezir
belledi.
***
Togrul beg Gutulmyşa aýratyn ynam bildirýärdi. Çünki Gutulmyş adaty bir serkerde däldi. Ol ýyldyz
hem millet ylymlaryny2 bilýärdi, şol ylymlary peýdanmagam başarýardy.
Gutulmyş beg Genje şäheriniň eteginde goşunyny abhaz emiri serkerdebaşy Liparidiň garşysyna
söweşe taýýarlady. Ol Wizantiýa kaýsarlygy bilen seljuklylaryň arasyndaky bu söweşiň uly
ähmiýetiniň boljakdygyna düşünýärdi. Çünki bu söweş seljuklylaryň wizantiýalylar bilen ilkinji u ly
darkaşy boljakdy.
Wizantiýa kaýsarlygy dabarasy dünýä dolan hökümdarlykdy. Henize-şu güne çenli bu şalygyň
goşunynyň ýeňlen ýeri ýokdy. Kaýsarlygyň goşunynyň garşysyna çykmaga atyň kellesi ýaly ýürek
gerekdi. Şeýle uly ýürek tapylmajak ýalydy, ýöne ahyry tapyldy.
Ýürek – seljuk goşunydy.
Wizantiýa goşunyny ýeňse, seljuklylaryň abraýynyň arşa göteriljekdigi aýandy. Onsoňam Wizantiýa
goşunyndan rüstem gelmek Kiçi Aziýada hökmürowan bolmakdy.
Bu söweşde seljuk goşunynyň gorkusy az däldi. Ýeňşe ynam azdy. Şonuň üçinem harby tilsime bil baglamak
ýeke-täk çykalgady.
Gutulmyş beg ýyldyz ylmyny peýdalanmagyň möhümdigine düşünýärdi. Şonuň üçin hem ol soňky
günler nämeleri etjegini öz ýanyndan ýedi ölçäp, bir kesdi. Genje şäherine gelýänçä etjek tilsimlerini birinbirin aňyndan geçirdi.
***
Iki goşun söweş meýdanyna geldi.
Gutulmyş beg dag gerşine çykyp, özüniň tilsimine başlady.
Mugjyza başlandy.
Allatagalanyň eradasy bilen tebigatyň öwzaýy bozuldy. Äpet-äpet bulutlar Wizantiýa goşunynyň üstüni
örtdi, soňam sargylt reňke öwrüldi, köp wagt geçmänkä-de, Asmanyň düýbi deşilen dek jala-boran guýup
ugrady, ýagmak ýagdy.
Gije şeýle bir sowuk boldy. Ýerler doňdy. Wizantiýaly esgerleriň söweşerlik rabgaty galmady.
Aladaňdanlar Gutulmyş beg dag gerşinden aşak düşdi, goşunynyň ýanyna bardy.
Ol goşunyň öňüne düşüp, Allatagalanyň özleriniň tarapynda boljakdygyny aýdyp, esgerlerini ýeňşe
ruhlandyrdy.
Harby türgenleşikleri ýetik bolan seljuk goşuny «Ýa Hu!» diýip söweşe girdi.
Söweş başlandy.
Gutulmyşyň ýyldyz ylmy iş bitirdi: Wizantiýa goşuny derbi-dagyn edildi3.
Bu ýeňiş wizantiýalylara garşy söweşlerde seljuklaryň gazanan ilkinji uly ýeňşidi. Bu ýeňiş soňky
ýeňişleriň hem badallasy boldy.
Şol ýeňişden soň seljuklylaryň Günbatarda gerimi has giňedi. Bagzy şäherler, bagzy welaýatlar teshyr
edilip, seljuklaryň tabynlygyna geçirildi. Her gala, her şähere paç salyndy. Şeýle bolansoň, Reýe gelýän
ýükleriň yzy üzülenokdy. Ol ýükler alnan oljalardy, ýygnalan paçlardy, salgytlardy. O gelýän zatlary kabul
etmek, hasaba almak, ýerlemek boýunça sekiz müň adam işleýärdi.
Ybraýymyň, Gutulmyşyň gazanýan ýeňişleri hakda her gün dabaraly gürrüňler edilýärdi. Her gün
köşkde täze teshyr edilen ýerler mynasybetli nobat çalynýardy.
***
Köşkde Gutulmyş bilen Ybraýymyň petih eden ýerleri mynasybetli her gün diýen ýaly nobat çalnyp,
dabaralandyrylyp durlansoň, Musa beg öz ogly Hasanyň hem köşkde adynyň tutulmagyny, hormatyna nobat
çalynmagyny isledi. Ol Dehistanda häkimlik edip ýören ogly Hasany azymata çagyrdy. «Al-ha-alda
almadyk ahyretde-de almaz» diýip, bahabarlyk eýläp ogluny bejit ata atlandyrdy. «Mümkin bolan ýeri
teshyr et. Öz hums paýyňy al. Ykta ýerleriň sanyny köpelt. Paýlaşylyp gutaransoň, hiç zat alyp bilmersiň»
diýip, öwran-öwran gaýtalady.
– Iýjegim-geýjegim bar, binowa däl, artykmaç baýlygy başyma ýapaýynmy? – diýip, Hasan başda
kakasyna garşy çykdy.
Musa beg oglunyň bu sözüni biçak ýokuş gördi:
– Meni masgara etjek bolýarsyňmy?
– Ýok, ýok!
– Onda meniň diýenlerim bilen bol!
Hasanyň parahat ýaşaýşy bardy, ol isleýşi ýaly ýaşaýardy: her hepdede derwüş eşigini geýip, şähere
çykýardy. Adamlaryň özi hakda, şeýle hem seljuklylar, Togrul beg hakda edýän gürrüňlerini diňleýärdi.
Garyp-gasarlara gaznasyndan haýyr-yhsan paýlaýardy, özüne tabynlykdaky ýerlerde – her obada, her
galada, her şäherde hanakalar döredýärdi, ol ýerlerde gedaýlary, eklenjisini ýitiren binowar biçäreleri
iýdirip-içirmegi – haýyr-hasanaty ýola goýýardy.
Ol ähli kişiniň özi ýaly baý bolmagyny isleýärdi, şu maksat bilen toý-baýramlarda ýoksullara dinardyr
dirhem paýlaýardy.
Onuň dinar paýlany, anaýaty bilen halk baý bolmady, gaýtam, ondan nägile adamlar köpeldi. Gaznasy
boşady, ony doldurmak welin zerurdy. Şu maksat bilen Hasan kakasynyň pendine eýerip, ata atlandy.
Goşun jemläp, Reýe – Togrul begiň dergähine bardy.
Togrul beg Hasany Wan kölüniň töweregine ýollady:
– Şol ýerlerdäki teshyr eden ähli galalaryň, şäherleriň ykta ýeriň bolsun, Hasan.
Hasan petih eýlemäge ugrady.
Ol ilki Wan kölüniň töwereklerini teshyr etdi, soň Beýik Zap Suwy töwereklerine bardy. Şol ýerlerdäki
Wizantiýanyň serkerdeleri Katakalonyň hem-de Aaronyň serkerdeligindäki goşunlary bilen söweşdi. Her
gezek ýataganyny galgadyp uly hyjuw bilen söweşe girdi.
Soňky gezek gazaply söweşde kellesi göçdi: bir görse, ol wizantiýa esgerleriniň ortarasynda eken. Asyl,
töwereginde ýekeje-de seljukly ýok.
Ýeňilýändigini duýup ugran wizantiýa esgerleri öz aralaryna tötänleýin düşen seljuk beginden bar
ahmyryny çykardylar: onuň çar ýanyndan hüjüm etdiler. Urlan naýzalardan ýaňa endamy deşim-deşim
boldy.
Hasanyň ölümi4 seljuk beglerine gaty agyr urgy boldy, kyrk günläp matam tutdular, wizantiýalylardan
ar almagy äht etdiler. Şol wepat Musa ýabgunyň hem aňyny lerzana saldy:
– Oglumy öz elim bilen ölüme ugradan ekenim-ä men – diýip, Baýgu Kelan panydan perýat etdi.
Oglunyň wepatyndan soň ýüzi gara çowlam bolan Musa beg ýanyny ýere berdi. «Men oglumyň yzyndan
baryp, eden etmişim üçin uzur soramakçy» diýip, ol hem bu dünýäden göç eýledi.
Musa begiň islegi Ybraýymdan, Çagry begden, onuň ogullaryndan kem galmazlykdy. Türkmeniň
durmuşy düşünjesinde ile bakmak, ile görä bolmak ýörelgesi gadymdan uly orun eýeläpdir. Bu ýörelgä
eýerilip, kä oňlulygyň, kä ýaramazlygyň üstünden barlypdyr. Ýöne hiç mahal mundan ýüz dönderilmändir.
Türkmeni türkmen eden zatlaryň bulam biri. Mundan el çekmek tükeniksiz ýaryş bolan ýaşaýyşdan meýletin
el çekmegi aňladardy. Düýpleýin alanyňda, durmuş belli bir pellehanasy bolmadyk aýlawdyr, ýaryşdyr. Bu
ýaryşda pellehanany her kimiň özi kesgitlemeli. Pellehana diýip Musa ýabgu ilden baýlygy hem mülki köp
almaga düşünýärdi. Ol: «Näme üçin doganym Mykaýyl neressäniň çagalary Çagry bilen Togrul menden,
meniň ogullarymdan köp ygtyýarly, köp yktaly bolmaly?» diýip, öz-özüne sowal berýärdi, bu ýaryşda
özüniň hemem ogullarynyň öňde bolmagyny isleýärdi. Bu – meselä ýüzleý seredeniňde şeýle. Ýöne gep
diňe baýlykdyr mülkde däl ahbetin. Gep şol mülküň, barjamlylygyň üsti bilen aňladylýan at-abraýda,
mertebede, derejede, özgeleriň öňündäki hemem adamlaryň arasyndaky agramyňda, abraýyňda. Ýöne,
arman, bu zatlaryň barysynyň soňunda diri galanyňda manysy bar!
Başga bir ýaryş bar – hatda öleniňde hem seniň ýeňşiňi manydan, ähmiýetden gaçyrmaýan ýaryş bar.
Bu ýaryş dünýäniň bakylyk tarapynda ýerleşýän meýdanynda dowam edýär. Munda sen dünýä üstünde,
dünýä üçin ýaryşaňok, hatda sen dünýä bilen-de ýaryşaňok. Sen munda diňe bakylyk bilen bäs gurýarsyň.
Seniň mundaky ýeňiş paýyň – bakylyk.
Musa ýabgu Hasany bu esasy, hakyky beýik ýaryşdan çykaryp, ikinji bir ýaryşa saldy. Şeýdip,
oglunyňam, özüniňem ýeňilmegine sebäp boldy.
***
Kyrk gün dowam eden matamdan soň, Togrul beg Ybraýym ynaly Azerbaýjanyň häkimi belläp, oňa
Gutulmyş bilen Anadoly ülkesine ýörişi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Gutulmyş bilen Ybraýym birleşip, Erzurumy eýelediler.
Esasy söweş Pasin düzlüginde bolmalydy. Gutulmyş ol ýerlerini içgin öwrendi. Söweşiň haýsy ýerde
geçse, özi üçin amatly boljakdygyny ölçerip-dökdi.
Erzurum ýaýlagy bilen Pasin düzlügi söweş üçin amatlydy. Pasin düzlügi Alajadaga baryp birleşýärdi. Bu
dagyň boýy hemem ini iki farsahlykdan köp däldi, özem bu deňze baryp guýulýan, goşulýan üç sany uly
derýanyň gözbaşydy. Olaryň biri Araz çaýydy. Araz çaýy Alajadagyň gündogar tarapyndan gaýdýardy,
Annyň, Pasiniň, Sürmeliniň üstünden geçip, Hazar deňzine guýulýardy. Ol ýerdäki derýalaryň ikinjisi Ýewfrat
derýasydy. Ol Alajadagyň günbatar tarapyndan çykyp, Erzurumuň, Arzynjanyň, Kemahyň, Taruferiň, Änäniň,
Hedisäniň, Hymanyň, Jezaýyryň üstünden geçip, Dejlä guýýardy. Alajadagyň demirgazygynda Tortum, Oltu
derýalary bardy, olar Çoruk derýasyna baryp goşulýardy. Gutulmyş bu çaýlary söweşde öz peýdasyna
ulanmak üçin çalyşdy. Wizantiýa serkerdeleriniň bu ýeri gowy bilmeýändigine berk ynanýardy. Ol
ýalňyşmandy. Ybraýym ynal hem Gutulmyşyň goşuny Kapetru (Hasangala) galasynyň golaýynda Katakolon,
Aaron, Liparit atly serkerdeleriň başda durmagyndaky Wizantiýa goşuny bilen duşuşdy.
Wizantiýalylar tebillerini, nagaralaryny düňňürdedip, alazenzele edip seljuklaryň howuny basmakçy
boldular, ýöne olar bahym özlerinden ökdäni gördüler. Seljuklar beterinden beterini tapdylar, olar şeýlebir
tebil, şeýle bir dowul düňňürdetdiler, olaryň düňňürdisinden, zenzelesinden ýaňa älem-jahan gapyşara geldi.
Alajadag sandyr-sandyr, titir-titir etdi. (Dag titrän ýerde, heý, adam titremezmi?!) Özem seljuk esgerleri
dowuldyr tebilleriň dünýäni göçürere getirýän zenzelesini az görýän dek, şeýlebir waňkyryp gygyrmak
gygyrýardylar. Gülüşýärdiler hem!
Seljuklaryň boluşlaryndan bahabar alan Wizantiýa goşuny tebil kakmasyny goýdy. Ökde ökdäni
görende pyslam-pys bolar eken. Wizantiýalylar-da pyslam-pys boldular. Olar sessiz-üýnsüz söweşiň
başlanmagyna häzirlendiler.
Gutulmyş beg söweş başlanmazyndan burun Wizantiýa salarynyň ýanyna ilçi ýollady, olara ýaraglaryny
tabşyryp, boýun eg
meklerini teklip etdi. Adatça, bolşy ýaly, ilçi serkerdebaşy Liparide öz goşunlarynyň
aşyraw köpdügi, aşyraw güýçlüdigi, aşyraw tejribelidigi hakda göni aýtdy, ýöne Wizantiýa kaýsaryndan
permanly Liparit ilçiniň teklibini kabul etmedi, gaýtam, onuň üstünden gülüp, yzyna ugratdy.
Şondan soň söweş tebili kakyldy.
Söweşi on iki hatardan ybarat bolan seljuk ýaýçylary başlady.
Seljuk ýaýçy hatarlarynyň gezekleşip üznüksiz atýan keýmir oklaryndan ýaňa hakyt Günüň öňi tutuldy..
Çabga deýin guýulýan oklardan goranmak asla mümkin däldi.
Oklaryň döreden aljyraňňylygyndan soň seljuklar ýakyn aralykdan hüjüme geçdiler.
Bu hüjümiň maksady duşmany aljyraňňylyga salmakdy, sag ganatdaky atly goşuna ýol açmakdy.
Sag ganatdan gelýän atly goşun duşmana esasy zarbany urmalydy. Bu goşunyň wezipesi
wizantiýalylaryň goşunyny böleklere bölmekdi hemem olary bölek-bölekläp gyrmakdy. Çünki goşun
böleklere bölünende gyrmak işi has asanlaşýardy.
Seljuklar gorky-ürküsiz söweşýärdiler.
Söweş dört güne çekdi. Elbetde, iki tarapyň hem güýji asgyn däldi, esger sany-da köpdi. Göräýmäge,
iki tarapyň güýji deňdi. Wizantiýaly esgerler tejribelidi. Ýaraglary-da seljuklylaryňkydan kämildi. Şeýle-de
bolsa, dördünji gün günortan seljuklylar artykmaçlyk gazanyp ugradylar. Öýleden soň bolsa wizantiýalylar
ähli ýaraglaryny taşlap, söweş meýdanyndan gaçyp gitdiler.
Ikinji gezek hem ýeňiş seljuklylara ýaran boldy. Bagtyň ýatsa, düýäniň üstündekäň it ýaryp, endamjanyňy garagan etjek eken: bu söweşde Ybraýym ynal Wizantiýa goşunynyň görnükli serkerdesi Liparidi
ýesir aldy.
Liparit Ybraýym ynala öz pidýesi hökmünde dört ýüz müň dinar bilen ýüz müň sany gymmatbaha sowgat
hödürledi5. Bu teklibi Ybraýym kabul etmedi. Onuň anyk maksady bardy. Ol dabarasy dag aşan bu serkerdäni
Reýe eltip, Togrul begiň öňünde dyza çökermekçidi, şeýdibem soltana, köşkdäkilere, ähli kişä özüniň ökdeligini,
rum serkerdesini ýesir almagy başarýandygyny göz etmekdi. Bu maksat hödürlenilýän zatlardan has ähmiýetlidi,
abraýlydy.
***
Ybraýym Wizantiýa serkerdebaşysyny Reýe gönderdi. Özi ýene uly ýeňişleri gazanmak maksady bilen,
wizantiýalylaryň ýurduna sary goşun sürdi. Olaryň galalaryny petih kylmaga girişdi, ýöne ol olja, ýesir
almaga aşa gyzykdy. Birmahal Musa begiň ogly Hasanyň başyny aýlan ýeňişler onuň-da başyny aýlady.
Aşyraw uzaga gitdi. Bir gün hem wizantiýalylaryň eline nädip ýesir düşenini-de aňman galdy. Gözüni
açanda eli-aýagy daňylandy, özem wizantiýaly esgerleriň arasyndady6.
Onuň ýesir düşendigini eşiden Togrul beg Wizantiýa kaýsaryna ilçi iberdi. Ondan köp mukdarda hedýeengam ýollady hemem Wizantiýa kaýsaryna serkerdebaşy Lipariti mura-mugtuna berjekdigi; Ybraýym
ynalyň sag-aman yzyna ugradylmagy üçin bolsa üç ýüz müň dinar pidýe tölejekdigi hakda aýtmagy öwranöwran tabşyrdy.
Togrul beg sözünde durdy: Abhaz emiri Lipariti derejeläp azatlyga goýberdi, özem ony Wizantiýa
serhedine çenli müň esgerli ugratmaga tabşyryk berdi. Kaýsar Togrul begiň bu hormatyna çäksiz minnetdar
boldy. Liparitiň yzyna berlendigi üçin ol Togrul bege müň sany ýüpek don, bäş ýüz sany geýim, bäş ýüz at,
iki ýüz müň dinar, ýüz bölek kümüş, üç ýüz müsür eşegini, müň sany ak ýüňli, gara gözli we şahly geçi
berdi»7. Ýöne Ybraýymy zyndandan boşatmagy hemem seljuklylara bermegi, näme üçindir, yza çekdi. Iki
aý wagt geçdi. Ybraýym özüniň halas edilmeginiň haýal-ýagallyga salnandygy üçin gahar-gazap donuny
geýdi.
– Men Togrula diňe ýeňiş gazanmak üçin hemem kerwen-kerwen olja gazanmak üçin gerek, iş
bitensoň, men oňa gerek däl. Iki aýlap bitimi şänik ýaly edip wizantiýalylaryň yzgarly zyndanynda ýarymjan
ýatdym, Hudaýyň haky üçin meni hiç bir dogan-garyndaşym idemedi – diýip, ol jabjyndy. – Ýa men
nädogry aýdýarynmy? Meniňki nädogrudyr-la. Maňa haçan: «Ybraýym, seniň aýdýanyň dogry» diýildi?
Ybraýym şalygyň rowaçlygy üçin ylgaýardy. Her bir işe düýrmegi bilen berilýärdi. Ýöne öz
egindeşlerinden haýsam bolsa biri bižlik ýa-da geleňsizlik etse welin, gahary çüwdesine urardy. Şol mahal
ondan gaçarak durandan gowusy ýokdy.
Onuň ýene bir betha häsiýeti bardy, ol hem içinde kitüw, kine saklaganlygydy. Ol Togrul begi janyndan
eziz görýärdi, onuň üçin janyny bermäge taýýardy. Wepalydy. Ýöne onuň Togruldan kinesi bardy, özem
kinesi soňky ýyllar ýowuzlaşýardy. Käteler gaharyna Togrul begiň garşysyna gidýärdi. Şeýdibem ol özüniň
doganyndan birjik-de kem däldigini subut etmekçi bolýardy.
Jebel hem Hemedan sebitleri babatda-da şeýle boldy: Togrul beg ol ýerleriň yktasyny Ybraýym begden
alýandygyny aýtdy. Munuň sebäbini Azerbaýjany başybitin ykta berýänligi, şol ýerleriň oňa ýeterlikdigi
bilen düşündirdi.
Ybraýym munuň bilen başda ylalaşdy, hakykatdan hem onuň ykta ýerleri aşa köpdi. Ykta ýerlerine
aýlanyp çykmak üçin ýüz ýigrimi gün gerekdi. Ýöne Ybraýym kejirlik etdi, tersine tutdy. Özüniň
kemsidilýändigini aýtdy. Soňam bekine tutdy: Jebeliň häkimi Kerşasif ibn Alauddöwläni Jebelden kowdy.
Soňra Dinewer şäheriniň häkimi Abu Şewkini şäherden çykardy. Abu Şewkin Ybraýym bilen garpyşmakdan
heder edip, Hulwana gitdi. Ybraýym ynal Abu Şewkiniň yzy bilen Hulwana baryp, bu ýerini hem eýeledi8.
Ybraýymyň goşuny uludy. Çünki Togrul begiň Günbatardaky ýeňşi hakda eşiden horezminli,
mawerannahrly türkmenler uly ýygyn bolup gelýärdiler. Olaryň ählisiniň maksady baýamakdy, olja
edinmekdi. Üznüksiz gelýän türkmenleriň ählisini Togrul beg Ybraýymyň ýanyna gönderýärdi. Olaryň
hasabyna Ybraýym ynalyň goşunynyň sany ýüz müňden-de geçdi. Şeýle bolansoň Ybraýymyň goşuny aç
çekirtge deýin aýak basan ýerini ýalap-ýülmäp barýardy. Olaryň bir gezek geçen ýerinden soň ilkinji gezek
ýekeje-de göze ýakymly zat tapylmaýardy.
***
Wizantiýanyň ýagdaýy ýylsaýyn agyrlaşýardy. Müsürden fatymy halyfaty howp salsa, Günbatardan gypjaklar
birsyhly çozuşlary bilen uly weýrançylyk edýärdiler. Kaýsar Monomah Pasinde ýeňleninden soň, Anadoluda
seljuklylar bilen garpyşmaga heder etdi. Şonuň üçin hem öňden bäri golastynda saklaýan Merwan begliginiň emiri
Nasyreddöwle Ahmedi soltan Togrulyň ýanyna ilçi edip gönderdi, oňa her edip-hesip edip parahatçylykly ylalaşyk
gazanmagy tabşyrdy. Togrul soltan Merwanogullary begliginiň emiriniň habaryndan soň, Şerip Abul-Fazl
Nasyreddini baş edip, Konstantinopola ilçi toparyny iberdi. Netijede «Emewiler döwründe Stambulda bina edilen,
ýöne şondan bäri haraba öwrülip ýatan metjitde abatlaýyş-rejeleýiş işlerini geçirip, mährabyň ýüzüne irki türkmen
häkimiýetiniň alamaty hökmünde ulanylýan, Togrul begiň hem möhürinde orun alan ok we ýaý şekilini goýmak,
Müsür fatymylarynyň adyna okalan şaýy hutbasyny ýatyryp, ýerine sünni Apbasy halypalygynyň, seljukly
döwletiniň adyna hutba okadylmak»9 ylalaşyldy.
1045-nji ýylda Togrul soltan Anadola girdi, Wan kölüniň demirgazyk-gündogar tarapyndaky Bergiri (soňky
ady Myradyýe) bilen Erjişi eýeledi. Soňra Bergiriden uzakda bolmadyk Malazgirt şäherini gabady.
Malazgirt şäheriniň galasy ymgyr uludy, diwarlary berkdi hem beýikdi. Goranyş üçin diýseň amatlydy.
Togrul soltan serkerdebaşy Wasiliň goraýan bu galasyna manjanaklardan äpet-äpet daşlary ýagdyrdy,
beýleki bir tarapdan bolsa galalaryň diwarlarynyň düýbüni sümlüp geçer ýaly köwdürmäge başlady.
Togrul beg gara güýjüni görkezip, galadakylaryň howuny basmagy, netijede olaryň galany uruşsyz
tabşyrmaga mejbur bolmaklaryny gazanmagy maksat edindi: galany gabawda saklamagy, şol bir wagtyň
özünde hem galanyň düýbüni köwmegi, manjanak bilen galanyň diwarlaryny ýumurmagy dowam etdirdi.
Gabawyň altynjy gününde garaşylmadyk waka ýüze çykdy.
Bir rumly (wizantiýaly) esger seljuklylaryň öýle namazyny okamaga durandyklaryndan peýdalanyp,
agaçdan ýasalan manjanagyň üstüne nebit-kükürt garyndysyny zyňyp, ony ýakdy-da, zut gaçdy. Seljuk
esgerleriniň namaza duranlygyndan peýdalanan rumly esger gaçyp Malazgirt galasyna girmäge ýetişdi10.
Manjanak ýanandygy sebäpli Togrul beg gala zabt etmegi wagtlaýynça goýbolsun etdi.
Bendesiniň isläni däl-de, Resulyň isläni bolýar. Bendesine – Togrul bege galsa-ha ol manjanaklary
bilen diwary ýumrup galanyň içine okdurylyp girjekdi hemem Wizantiýanyň ýüregini (Malazgirt –
kaýsarlygyň ýüregi hasaplanýardy) eline aljakdy. Muňa Allatagala bu gezek ýol bermedi. Özem ýekeje
frankly (ýewropaly) esgeriň eli bilen ýol bermedi.
Allatagala näme islese, şol hem bolýar.
Togrul beg manjanagyň otlanmagyny erbetlige ýordy, şonuň üçin hem Malazgirt galasyny teshyr
etmegi soňa goýdy. Goşunyny üç bölege böldi.
Birinji bölegi Gutulmyş begiň salarlylygynda Kawkaza – Janige, Terjana, Sasun daglaryna, Erzinjana
ugratdy.
Ikinji bölegi Ybraýym ynalyň salarlylygynda Çoruh derýasyndan aňyrdaky welaýatlary basyp almaga
ugratdy.
Birinji bölek gysga döwürde Togrul begiň tabşyrygyny ýerine ýetirdi. Ikinji bölek hem yzly-yzyna ýeňiş
gazandy, general Gagikiň11 goşunyny derbi-dagyn etdi, köp mukdardaky oljany ele saldy. Bu oljalar
Mawerannahrdan ýörite gelen türkmenleriň ýetmek islän telwaslarydy.
Üçünji bölege soltan Togrul begiň özi salarlyk etdi. Hernäçe ady-owazasy äleme dolan, her nähili
güýçli-kuwwatly bolsaň-da, gepsiz-gürrüňsiz ýeňýändigi, öldürýändigi hakdaky ýelden-de ýyndam badyşütür habarlar Günbatara dolansoň, Togrul begiň garşysyna hiç bir Rum goşuny çykyp bilmedi. Togrul beg
Karsyň köp ýerlerini teshyr etdi.
Gyş pasly ýetip geldi. Gyşda esger saklamagyň kynçylyklary uly bolýardy. Şonuň üçin hem Togrul beg
haşamlardan özge esgerleriniň galabasyny öýli-öýüne goýberdi. Galan goşunyň bellibir bölegini Anadoluda
goýup, Reýe ugrady, ýolda Wan kölüniň ýakasynda ýerleşýän Adyljewaz (Hud al-Hur) şäherini teshyr etdi.
Togrul beg Reýe gidip barşyna gyşyň düşendigine gynandy. Wah, gyş düşmedik bolsa, onuň entek teshyr
etjek şäherleri kändi.
Ikinji hekaýat
ÝALAN DOST BAR HEM BOLSA,
ÝALAN DUŞMAN ÝOK
439-njy hijri – 1047-nji milady ýyly
aku şalygynyň soltany Abu Kalyjar1 seljuk jemagatlaryndan ýaňa dagdy bolupdy. Dogrusy,
onuň talanma kemi galmandy. Ol seljuk jemagatlaryndan özüni, şalygyny goramak üçin herhili
tagallalar edip görüpdi: aldygyna hedýe-engam hem beripdi. Barybir, onuň bar baýlygy towsa
göterildi. Indi onuň üýtgeşik baýlygam galmandy. Şu döwre çenli onda iki sany alada bardy: birinjisi,
baýlygyny, ikinjisi janyny goramak. Seljukly jemagatlar gelip, onuň birinji aladasyny aradan aýyrdylar,
onuň gizläp goýanjalaryna çenli tapyp alyp, baýlyk goramak endişesinden doly halas etdiler. Indi onda ýeke
bir alada bar, ol hem gara başyny goramak. Abu Kalyjar şu maksat bilenem käbir işleri etdi. Seljuklylar
bilen guda boldy: Gökdaşyň uýasyna öýlendi, ýerine ýigrimi sany Hemedan gözelini berdi, üstesine-de bäş
ýüz dinar mahýa töledi. Ol seljuklylardan zorluk görjek bolanda mydama özüniň garyndaşdygyny nygtady.
Barybir, ol şalygynyň hem özüniň sanalgy gününiň galandygyny bilýärdi.
Bilmez ýaly-da däldi. Asyl, seljuklylar Kaku şalygy2, buid şalygy, Abu Kalyjar älemde bardyram
öýdenoklar, bu şalygyň ýerlerini, şäherlerini öz ýerleri, öz şäherleri saýyp, edenlerini edip, goýanlaryny
goýup ýörler. Dogry, Reý şäheri-de Kaku şalygynyňky! Togrul beg bu gün bu şäheri özüne paýtagt edinip,
ol şäherde ýazylyp-ýaýrap otyr. Gaty arkaýyn, Togrul beg Kaku şalygynyň Hemedan, Yspyhan ýaly iň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 37
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.