Latin

Altynjan hatyn - 40

Total number of words is 3688
Total number of unique words is 2131
31.4 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
abraýynyň begiň abraýy mynasybetlidigine akyl ýetirdi; ikinji bir tarapdan bolsa, oňa görip lik etdi. Ol
göriplik etmeli däldigini bilmesine bilýärdi, ýöne özüne erk edip bilenokdy. Göriplik onuň erkinden
rüstem gelip, ygtyýaryny elinden düýnäp alýardy.
Togrul beg Ybraýymyň ýaşlyk bassaşlygynyň açyk göriplige ösüp geçendigini gördi. Göriplik onuň
içindäki dowzahyň çäginiň ulalmagyna getirdi, şeýle-de ýalňyş hem ýaramaz hereketleriň döremegine sebäp
boldy.
Ybraýym maksadyna ýetmegine garalla bolýan kişileri ýok etmegi ýüregine düwdi, şu maksat bilen ilki
Bekdaş Rudbaryň kastyna çykdy. Elbetde, Bekdaş ejesiniň doganydy. Bekdaş Ybraýymy gujagynda göterip
ulaldypdy. Oňa söweş tilsimlerini öwredipdi, ýöne ol oňa: «Ybraýym, Togrulyň garşysyna gitme!» diýdi.
Onuň her bir ädimini yzarlady, bege habar ýetirdi. Hut şonuň üçinem Ybraýym birnäçe pidaýyny Bekdaşyň
üstüne gönderdi.
Peýkam öz doganynyň ölümini Ybraýymdan gördi. Ony öldürmek üçin eline gylyç alyp sürünende
Peýkamy Süleýman mälik saklady.
Ybraýym Bekdaşyň öldürilmeginde eliniň ýokdugyny nygtap, ant içdi.
Şondan bir aýdan soň Ybraýym Peýkama egin-eşik sowgat berdi. Onuň beren egin-eşigini geýen
Peýkam şol gün jan berdi. Görlüp oturylsa, egin-eşik zäherlenen eken...
***
Besasury Türkmen güýç toplaýardy. Onuň ýanynda araplaryň Alemeddin (Diniň baýdagy) lakamly,
Kuraýş ibn Badran ibn al-Musaýyp ibn al-Mukallat al-Ukaýly atly soltany bardy. Ol Bagdady eýeläpdi,
halyf Kaýym Bemryllahy mugyra getiripdi. Halyf çykalga gözleýärdi. Eger Togrul beg Büweýh döwletini
özüne tabyn etse – Bagdady eýelese, garamatyny öz üstüne alsa, onda halyf öz köşgünde erkin ýaşap
biljekdi. Onuň her bir güni gorkuda geçýärdi. Özüniň bu ýagdaýyndan halas edip biljek, özüni öňki
köşgünde oturdyp biljek ýeke-täk adam – seljuk Togrul begdi. Bir ýyla çeken gaçha-gaçlykdan dynmak üçin
halyf Togrul bege nama gönderdi.
Apbasy halyflygy Muhammet aleýhyssalamyň doganoglany Apbas (Abylapbas) Saffahdan gaýdýardy.
Apbas 750-nji ýylda Beýik Zap Suwy söweşinde emewileriň häkimiýetini ýykyp, öz häkimiýetini –
halyflygyny döredipdi. Apbas Saffahdan soň onuň ogly Mansur (754 – 775 ý.) döwletiň paýtagtyny Bagdada
geçirdi. Halyflyk Mamun döwründe Merwdedi. Bagdat merwli magmar Hommat Türkmeniň guran binalary
esasynda hakyky döwlet merkezine öwrülipdi. Bu şähere Mamun merwli alymlary, hünärmenleri zorluk
bilen göçürip getiripdi. Ýöne Harun Raşidiň halyflygynyň soňky ýyllarynda, aýratynam ondan soňky tagta
çykan halyflar döwründe halyflygyň syýasy birligi gowşady. Müsürde Tulun Türkmen özbaşdak döwlet
gurdy. Emewileriň bir goly Ispaniýada özbaşdak halyflyk boldy. Horasanda we Mawarannahrda Apbasy
halyflygyndan bölünip, tahyrylar, samanylar, saffarylar, soň gaznalylar özbaşdak döwlet gurdular. Halyflyk
islese-islemese, ol döwletleriň özbaşdaklygyny ykrar etmeli bolýardy. Öz agalygyny saklamak üçin herhili
pirimler ulanýardy.
Müsürde we Demirgazyk Afrikada gurlan şaýy Fatymy halyflygy Gyzyl deňzinden Atlantik ummanyna
we Demirgazyk Siriýa çenli ýaýlyp ýatan ülkeleri golastyna alyp, sünni halyflygyna – Apbasy halyflygyna
howp salýardy. Ýyllar Apbasy halypalygynyň peýdasyna işlemeýärdi. Fatymy halyflygy Apbasy
halyflygynyň goşunbaşysy Arslan Besasury Türkmeni öz tarapyna geçmäge razy edipdi.
Arslan Besasury Türkmen ýetim çagajykdy, halyf ony öz ýanyna alypdy. Ekläp-saklady, bilimterbiýe berdi. Ol mahal Arslan Besasury häzirkisi ýaly rehimsiz däldi. Mähribandy, d ilrubady,
hoşzybandy, wepalydy. Bu gün hökümdar bolmak küýsegi onuň ynsabyndan rüstem çykypdyr. Halyf
ähli süteme döz geldi. Soňam halyf al-Kaýym paýtagtdan gaçyp, Hadysat Ana, ol ýerdenem Anwara
bardy. Ýöne Besasury başda halyfa fatymaçylaryň peýdasyna tagtdan-halyflykdan el çekýändigini
resmileşdirdi: oňa gol çekdirdy. Netijede, Apbasylar halyflygy gutardy, fatymaçylar halyflygy diňe
Müsürde däl, indi Bagdatda-da hökümini ýöredip ugrady. Apbasy halyfatynyň oňonlary, möhürleri,
hatda Muhammet pygamberiň donuna çenli Kaire ugradyldy. Bagdatda halyf al-Mustansiriň adyna
hutba okalyp başlandy.
Ýedinji, sekizinji asyrlar araplaryň dünýä ýaň salan, Aziýanyň köp halklarynyň yslam dinine uýmagyny
gazanan asyrlary hökmünde taryha giren bolsa, onunjy, on birinji asyrlar oguzlaryň araplaryň döreden yslam
dinini goran ýeke-täk din gylyjy – halk hökmünde taryha girdi.
Ýedinji hekaýat
GÖZ – TEREZI, KÖŇÜL – KAZY
ogrul beg halyf Kaýym Bemryllahyň hatyndan soň mukaddes şähere – Bagdada gitmäge
taýýarlyk görüp ugrady. Ol yslamyň paýtagtyna halas ediji hökmünde girmek isleýärdi, şu maksat
bilen özüniň aňtawçy toparyny Bagdada ýollady. Aňtawçy toparyň maksady Bagdatdaky harby
güýji doly öwrenmekdi, şeýle hem deýlemlileriň, fatymylaryň, Arslan Besasurynyň eden-etdiliklerini ýerli
ilata düşündirmekdi, ilaty olaryň garşysyna aýaga galdyrmakdy. Çünki Bagdatda Arslan Türkmeni özlerine
ýalňyz hossar hasap edýänler hem kändi.
Togrul beg aňtawçy toparyň habaryna garaşdy.
Şol bir wagtda-da ýeke günem boş geçirmän, Bagdada giriş dabarasyna taýýarlyk gördi.
On bäş güne çeken türgenleşige wezir Kundury bilen Mübarek han ýolbaşçylyk edýärdi. Olar her gün
agşam bege hasabat berýärdiler, täze görkezmeler alýardylar.
T
Togrul begiň goşuny Bagdada ýedi günläp girmelidi. Ýedi günüň dowamynda Bagdada girýän goşunyň
yzy üzülmeli däldi.
Bagdatlylar ýedi günläp her bir atly topar görnende beg gelendir öýtmelidi. Hiç kime anyk habar
aýtmaly däldi. Şeýdip, bagdatlylary aňk etmelidi, Togrul begiň güýjüni görkezmelidi.
Şeýle-de boldy.
Şähere uzak garaşylan Togrul begiň gelýändigini eşiden Besasury Arslan Türkmen Bagdady terk edip
gitdi.
Halyf uzaga çeken gaçha-gaçlykdan soň, ahyryl-ahyr öz köşgüne dolandy.
Şäher baýramçylyk görnüşine girdi.
Wezir-wekilleriň Bagdada haýsy gün girmelidigi bellidi.
Togrul beg Bagdada ýörişiň ýedinji güni günortan gelmelidi.
Haremhana topary begiň yzyndady. Beg bilen haremhananyň jandarlary birdi.
Altynjan kejebede oturyp, bagdatlylaryň tagzym edişlerini, özlerine haýran galyp seredişlerini, begiň
deňlerinden geçip barşyna begenip gygyryşlaryny, ellerini galgadyşyp diriň-diriň böküşlerini synlap
barýardy.
Beg öňdäki pilde sarsman otyrdy.
Sekiz piliň içinde begiň münüp barýanynyň bezegi has tapawutlydy. Piliň üstündäki saýawan
gymmatbaha şaý-sepler bilen bezelendi, onuň gotazlarynda gymmatbaha jowahyr hem zümerret daşlary
lowurdaýardy1.
Bagdatlylar sekiz piliň bezegine seredip aňk boldular. Bu bezegler ýöne ýere däldi. Bu bezegleri gören
adamlarda Togrul begiň biçak baýdygyna ynam döretmelidi. Bu baýlygy gören adamlarda tamakinçilik
duýgusy oýanmalydy. Hakyt şeýledi: pilleri görenlerde bege ýakyn durmak, onuň ýalkawyna mynasyp
bolup gazanç etmek höwesi oýanýardy.
Altynjan hatyn köşge Ferdöws derwezesinden girdi, pilini haremhananyň ýanynda saklady.
Pil aşak çöken dessine birmeňzeş ak atlaz geýnen on iki sany garaýagyz janperwer gyz peýda boldy.
Olar Altynjany göterip diýen ýaly, iki gyrasyndan götermek üçin amatly edilen ýaýbaň, owadan bezelen
zemmere – tagtyrowana eltip oturtdylar.
Ýüzi-gözi, kaddy-roýy durşuna hoşaýandalyga, hoşnemalyga eýlenen uzyn boýly, hortap, hoşmanzar,
garaýagyz gyz Altynjanyň daşyndan hozanak berip aýlanýardy. Megerem, ol on iki keniziň eýesi bolarly.
Pyşyrdap, olaryň etmeli işlerini aýdýardy.
Garaýagyz, janperwer gyz entek Altynjan piliň üstünden düşmänkä onuň aýaklaryna öwran-öwran
tagzym edip, maňlaýyny degrip, soňundan gyzgyn tenekar demi bilen taýly gezek ogşapdy.
Bu hoşlaka gyza Altynjan hatynyň bada-bat syny oturdy: «Eý, Hudaý! Bu peri-peýker sypatly gyz
kimiň lukmasy bolarka? Kimiňki bolsa, şol gerçegiň-ä salawaty daş ýarar» diýip, Altynjan gyza hyrydar
gözleri bilen seretdi. Eýjejik gyz Altynjan hatynyň içki pikirini aňan ýaly, birgeňsi ýylgyrdy.
Altynjanda enelik mähri oýandy. Ol hoşlaka gyzyň elinden gysdy. Özüne duýgudaşlyk bilen
bakýandygyna göwni göterilen janperwer gyz arap dilinde ýuwaşja gürledi:
– Men siz hakda örän kän rowaýatlary eşitdim, mähriban Altynjan hatyn. Perwerdigär siziň janperwer
jemalyňyzy görmek salawatyny maňa rowa bildi. Wasp edişleri ýaly, siz hakykatdanam dilruba hem
merdana hatyn ekeniňiz.
Altynjan hatyn bu söze jogap berjek bolmady.
Sekiz sany ziňňirt uzyn hebeşi hatynyň oturan tagtyrowanyny göterip ýöräp ugrady. Ony ýörite
taýýarlanylan haremhana eltdiler. Janperwer gyz giň otagda Altynjan hatynyň ýerine geçip oturmagyna
hemaýat berdi.
– Dilirje gyz, adyň näme?
– Adym Seýidde, men halyf Kaýym Bemryllahyň gyzy – diýip, hoşlaka gyz Altynjan hatyna bulgur
uzatdy. – Altynjan melikäm, bir owurt şerbet içiň!
– Dilirje gyz, meniň bir zat içmegimi isleýän bolsaň, onda maňa bir jam suw ber!
***
Ine, bu gün iki ýüz ýigrimi ýyla çeken büweýh nesilşalygy synýardy. Altynjanyň häzirki oturan ýerinde
mundan on gün öň hem soltan al-Mälik ar-Rahymyň hatynlary, gyz-gelinleri ýaşaýardy. Bu otag soltanyň
baýry hatynynyňkydy.
Wezir Kundury bu otagy Altynjan hatyn üçin ýörite saýlapdy hemem otagyň içinden käbir goşgolamlary aýryp, hatynyň hoşuna geläýjek zatlary goýupdy. Onsoňam ýorgan-düşekleriň, geýim-gejimleriň
ählijesi ýaňy iňňeden çykandy, täzedi.
Iň uly otag diýseň sünnä bezelendi.
Ine, şeýle ussatlyk bilen nagyşlanyp edilen äpet agaç gapynyň çep tarapynda gyralaryna altyn çaýylan,
adamboýy beýiklikdäki aýna bardy.
Aýnanyň gapdalyndaky ýaýbaň tekjäniň üsti her hili müşkli gumgumajyklardan doludy.
Altynjanyň dynç almagy üçin niýetlenilen düşek iki zirag beýiklikdedi. Ini alty, uzynlygy sekiz zirag
çemesidi, ýaýbaňdy. Üstünde ýatsaň, ýumşak düşek jana ýakymlydy.
Düşegiň dört burçundan altyndan sütün galdyrylandy. Ol sütünler biri-birine berkidilendi. Düşegiň
depesinden her dürli ululykdaky gotazlar sallanyşyp durdy, ýukajyk ak atlaz bilen örtülen düşegiň üstündäki
tuty kiçeňräk bir köşgi ýada salýardy.
***
447-nji hijri ýyly – 1055-nji milady ýyly.
Togrul beg bu ýylyň remezan aýynda Bagdada geldi. Ol gelip hökümet köşgüne ýerleşdi. Onuň
adamlary hem türkmenleriň öýlerine myhman boldular. Ýanynda sekiz pil bardy. Besasury gaçyp, Rahbe
şäherine gitdi.
Ibn Kesir.
Başlangyçdan ahyra çenli.
***
Altynjan Bagdada tiz öwrenişdi.
Büweýh hanedanlygynyň haremhanasynyň ýerleşişi, baglar, Dejlede2 gämili ýüzmek Altynjanyň
hoşuna geldi. Ol derýada gämili ýüzende-de, bagyň içinde aýlananda-da ýanyndan Seýiddäni aýyrmady.
Asyl Seýiddäniň aýrylasy-da gelmedi. Ýöne mydama bile bolmak islegi başa-da baryp duranokdy: Togrul
beg hatyny köplenç ýanyna çagyrýardy. Çünki edilmeli işler, çözülmeli meseleler juda kändi.
Büweýh patyşasy Aduddöwläniň agtygy al-Mälik ar-Rahymy Reý şäheriniň gapdalyndaky Taberek
galasyndaky zyndana oklanyň bilen iş gutaraýanokdy. Bu müň aladanyň diňe biridi. Galan aladalaryň içine
musahhar kylan ýeriňe eýe çykmak, dolandyrmak, emeldarlar – her ýurtda müňläp emeldar bar – bilen
düşünişmek, olaryň etmeli işlerini kesgitlemek, kimiň özüňe hyzmat etjegini-etmejegini anyklap, anyk bir
netijä gelmek, olary mynasyp ýerlerinde oturtmak, kadaly edara edişi ýola goýmak aňsat däldi. Köşk
emeldarlaryny näme etjek? Eger olary ýok etseň, onda ýerine adam tapmaly. Köşk emeldarlygy-da aňsat iş däl.
Şonuň üçin öňden işläp ýörenleriniň köpüsini tejribelidikleriniň hatyrasyna öňki wezipelerinde işletmeli bolar,
ýöne olar saňa wepaly gulluk etjeklermi? Kimiň kim bilen ümi alyşýar? Kim kime garşy? Olar seniň garşyňa
dil birikdiräýmesinler? Iň bärkisi, aşpezler hem özbaşyna bir dünýä. Kim hansalar bolmaly? Togrul beg özüniň
iň ýakyn adamyny – baş weziri Kunduryny Bagdat boýunça başlyklarbaşy belledi. Çünki ol arap dünýäsine
beletdi. Halyf oňa Amydylmülk3 unwanyny hem berdi.
***
Altynjanyň günem aňsat däl. Hana, büweýh hanedanlygy döwründe köşkde işlän wezir-wekilleriň
hatynlarynyň köpüsi gözýaşlaryny hem çagalaryny delil edinip, ylla ahyrzaman depelerinde asyl-asyl bolup
duran dek bolup, arz bilen gelýärdiler.
Altynjan gelýänleriň ählisiniň meselesini çözmelidi, çözüp bilmedigini Togrul bege ýa-da başlyklarbaşy
Kundura ýetirmelidi. Göz – terezi, köňül – kazy: Altynjan dergähine gelýänleriň näjüre adamlardygyny
ýalňyşman çözmäge çalyşýardy.
Günler gaty tiz geçýärdi, ýaňy dogan Gün, bir görseň, ýaşyp barýandyr. Iş-aladaga ber-başagaý bolup,
Altynjan hatyn käte owkat edinmegi-de ýadyndan çykarýardy. Seýidde oňa halasgärdi, ýardamçydy. Ol
ýemenli Uweýs4 deýin yhlaslydy, sadykdy: Altynjan üçin janyny bermäge-de taýýardy.
Arz bilen gelýänleri Altynjan tanamasa-da, Seýidde tas ählisini diýen ýaly tanaýardy. Şonuň üçinem
olaryň hiç birem Altynjanyň gözüni güýdüşdirip bilenokdy. Ýogsam Altynjany ät galdyrjak, aňňalak
gapdyrjak aznawur, hajyraw hatynlar kändi. Olaryň ärleriniň biri ölendi, biri ýaradardy, beýlekisi ýene bir
zatdy. Başga biri ata-babalaryndan miras galan, iki ýüz ýigrimi ýyl gowrak wagtyň içinde büweýh
soltanlarynyň hiç biriniň hem ýüzüň üstünde burnuň bar diýmän hormatlan-yzzatlan asylzada-begzada
maşgalasydygyny; bu gün şol asylly maşgalanyň tozdurylandygyny; özleriniň bir döwük kersenleri bilen
ýarym ýalaňaç halda köçä zyňlandyklaryny; şeýle-de bolsa, özleriniň seljuk beglerine, aýratyn hem Togrul
bege ymgyr uly sarpa-mertebe goýýandyklaryny; ömürleriniň ahyrlaryna çenli gije-gündiz uklaman wepadar
hyzmat etmek isleýändiklerini; ýöne elinden gül dökülýän äriniň häzirki döwürde öňki ýaşan öýüniň ýarym
ziraglyk ýarym kölegesinde ezenegini agdyryp işsiz oturandygyny; äri täze döwlete gulluk edip başlasa, onda
bu döwletiň dünýäde görlüp-eşidilmedik derejelere eýe boljakdygyny; dünýäniň ähli baýlygynyň, göwherjowahyrynyň şu döwlete güzer saljakdygyny, pasylatlyk-mürewwetlik lybasynyň bege ýapylyp, atmertebesiniň äleme doljakdygyny; ärini – beýle gymmatly işgäri sypdyrmaly däldigini; beýle gymmatly
işgärleri işletmegiň peýdalydygyny; şeýle hem begiň iň ýakyn nediminiň, külli zenanlaryň howandary
Altynjan hatynyň pähim-parasada ýugrulandygyny; onuň tangyrdygyny; bir görende adamyň näjüre
adamdygyny doly tanaýandygyny; ellerinden gül dökülýän adamlaryň gadyr-gymmatyny bilýändigini; özleri
babatda-da melikeden adalata, tangyrlyga garaşýandyklaryny; hut şu umyt-intizarlyk bilenem Altynjan
hatynyň mübärek dergähine gelendiklerini nygtaýardylar. Herhal, gelýänleriň galabasynyň möhümi
bitirilýärdi. Büweýh döwleti döwründe hormatly dynç alşa ugradylan adamlaryň ydratlaryny-da5 täzeden
dikeldýärdiler we şalygyň çalşandygyna seretmezden, ydrat bermegi ýola goýýardylar.
Bagdat Altynjan üçin düýpgöter täze dünýädi, mukaddes dünýädi. Bu şäherde durmuş hem melikäniň
göwnüne başgaça ýalydy. Ol her bir zatda syr hem howp duýýardy. Göwnüne bolmasa, aýylganç bir howp
ýakynlap gelýän, kimdir biri oňa: «Altynjan, mert bol! Başyňa düşjek betbagtçylygy merdanalyk bilen çek!»
diýýän ýalydy. Ol bu habary aýdanyň kimdigini görjek bolýan deýin, töweregine garanjaklaýardy.
Bagdatda onuň akgyzlarynyň sany üç ýüzden-de geçdi. Ýene şonçarak agta onuň gullugyndady,
müňden gowrak musfat bolsa onuň goragyndady.
Başlyklarbaşy Nasyr Kundury her gün säher bilen Togrul begiň hem Altynjanyň dergähine gelip, olara
Taňrysalamyny berýärdi.
Altynjan Kunduryny gowy görýärdi, oňa aýratyn hormat goýýardy. Onuň biçak sowatlylygy, işine
ezberdigi, çulumlygy, eden işini sünnäläp edişi Altynjanyň hoşuna gelýärdi.
Hatynyň köşkde hatyralaýan adamlary az däldi. Ol Mübärek hany, Äpdeşir Magtaranyny, Dodurga
Merwezinini, Uhjury hany, Hapban Endikänini aýratyn gowy görýärdi. Aýratyn hem bu kişilerdäki
dogumlylygy, tüýs türkmen, tüýs erkek diýdirýän mertlikleri, batyrlyklary, gaýduwsyzlyklary gowy
görýärdi. Ol aşa mylaýymlylygy, sypaýyçylygy erkek kişä gelişmeýän häsiýet hasaplaýardy. Ol: «Aşa
mylaýym, aşa sypaýy, aşa mähribansyraýan kişileriň ýürekleri arassa däldir, olar öz bozuklygyny,
hapalygyny ýapmak üçin mylaýymsyraýarlar» diýip, käteler pelsepe otarýardy. Abu Zurga Hannakyny-da,
Ýusup Bazyrganyny-da aşa sypaýylygy, hoşsözlüligi üçin halamaýardy. Haçan-da Bekdaş olaryň
kimlerdigini paş edende ol öz pikiriniň dogry çykandygyna öz ýanyndan buýsanypdy.
Sekizinji hekaýat
GOÝUN SEMREDIGIÇE,
ÝUWAŞ BOLAR
ltynjany Bagdatda biynjalyk eden zatlaryň biri Anuşirwanyň bolşudy. Göräýmäge, onuň
bolşunda üýtgeşik hiç zat ýok ýalydy, ýöne Altynjan ondaky düýpli özgerişligi – sowukmähirliligi,
geleňsizligi duýýardy.
Ol öň häzirkisi ýaly sowukmähir däldi: «Enem, käbäm, lalam, walydam» diýip, her günde telim ýola
Altynjanyň halyndan habar alardy. Gowudan-gowy, mylaýymdan mylaýym söz tapyp, onuň göwnüni awlardy,
hoş sözüni gaýgyrmazdy. Işi hernäçe köp bolsa-da, hoşamaý sözüni aýdyp gitmek, hal-ahwal soramak üçin wagt
tapardy. Özem gelende köplenç şygyr okardy. Şeýlebir şygyrlar düzerdi, aýtjak sözünem şygyr bilen aýdardy.
Onuň şirinden-şirin şygyrlaryna, şahyrlygyna Altynjanyň göwni ýetýärdi. Anuşirwan tarhandökerliginiň, her hili
hokgalarynyň üstüni özüniň şadyýanlygy, hoşamaýlygy bilen örterdi. «Hoşamaý söz süňk döwer» diýleni çyn
bolmaly. Altynjan: «Indi hernäçe ýalbarsa-da, Anuşirwana bir danka-da berjek däl» diýip ýüregine berk düwerdi,
A
ýöne onuň hoş sözüni birpaýyz diňländen soň bolsa, oňa hiç zadyny gaýgyrman bererdi, näçe berse, gözüne az
görnerdi.
Anuşirwan aşa ýatkeşdi, köp şahyrlaryň şygyrlaryny ýatdan bilýärdi, aýratynam Abu Tammam atTaýyň, Abu Hafs aş-Sadranjynyň 1 goşgularyny okamagy gowy görýärdi. Abu Nuwasyň 2 şerap, meýlis
hakdaky şygyrlaryny bolsa ol Togrul soltanyň gurýan meýlislerinde okaýardy. Serkerdeleriň arasynda
bolanda Firdöwsiniň «Şanamasyny» okaýardy, uzak ýörişe ugraljak bolanda, kethudalaryň arasynda
Söbükteginiň «Pentnamasyny» labyzly ýatdan aýdardy. Mahlasy, ol haýsy ýerde bolsa, ähli kişiniň
özüni diňlemegini, özüne kökerilmegini başarýardy. Altynjan onuň bu başarnygyna b içak guwanýardy.
Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, Anuşirwan meýlislere barmasyny azaltdy. Öňküsi ýaly göçgünli
şygyrlaryny-da okajak, ähli kişiniň ünsüni özüne çekjek bolup duranokdy, özüni görer gözden çete çekmäge
çalyşýardy. Mydama aladalydy, işlidi. Özem ol adamlara şübheli garaýardy.
Altynjan her hepdede üç-dört gezek Anuşirwanyň diwanyna baryp, onuň halyndan habar almaga
başlady. Ol haçan görse, Anuşirwan kimdir biri bilen kelle degrişip pynhan gürrüň edip oturan bolýar.
Altynjan baransoň ol edip oturan gürrüňini göwünli-göwünsiz goýýar.
Anuşirwanyň pynhan sözleşýän adamlary birsyhly üýtgäp durýardy. Onuň ýanyna nätanyş adamlar köp
gelýärdi. Altynjan Anuşirwanyň o nätanyş adamlar bilen näme hakda sözleşýändigini bilmek isleýärdi. Ol
birki gezek Anuşirwandan bu hakda göni sorady, ýöne ol her gezek anyk jogap bermän, gümmi-sümmä
urdy.
Altynjany biynjalyk edýän zat Anuşirwanyň nätanyş adamlar bilen pyşyrdaşyp edýän gürrüňleriniň
gutarmaýanlygydy.
Anuşirwan Altynjanyň ýanyna soňky birki aýyň içinde üç gezek gelipdi, üç gezek gelende-de kimdir
birini haýsydyr bir işe belletmek üçin gelipdi. Olaryň ikisinde Togrul bege, birinde Kunduryga aýdyp,
Anuşirwanyň islän adamlaryny işe belledipdi. Onuň goldawy bilen bütin ömrüni täjirlik bilen geçiren elli
ýaşly bir kişini (ady ýadyndan çykypdyr) Hyradyň walysy wezipesine belläpdiler. Üstaduddar Ärdeşir
Magmarany wezirler diwanynyň naýyby, Tahyr Ryza diýen kişi Ybraýymyň weziri wezipelerine geçipdiler.
Olary işe belletjek bolup Anuşirwanyň hars urup ýörmesi Altynjana gaty düşnüksizdi. Olary işe
ýerleşdirmek Anuşirwanyň wezirlik edýän diwanyna degişli-de däldi. Ol Togrul begiň haryja – daşary ýurt
işleri boýunça weziridi.
Anuşirwan hiç wagt ertesiniň pikirini, aladasyny eden adam däldi. Ol şu güni bilen ýaşaýardy, ylla şu
güni iň soňky güni ýalydy.
Dodurga Merweziniň gyzy Gülaýyma öýlenensoň, Anuşirwanyň tarhandökerligi azaldy.
Geň, juda geň, ol baýlyga gyzykdy. Hatyn bilen hatynyň arasy ýer bilen gök ýaly eken. Janahyr
Geçdekiniň gyzy Göwheraý Anuşirwana onçakly täsir edip bilmändi.
Altynjan Anuşirwanyň baýlyga gyzykmagyny gowulyga ýordy.
Öň onuň Altynjandan gizlin zady ýokdy. Indi welin, ol syrlydy. Altynjanyň bilýän bir zady bardy, ol
hem Anuşirwanyň soňky döwürde aşa baýanlygydy. Ol halyfyň wezirleri deýin aýda müň dinar aýlyk
alýardy. Mundan-da başga ol bäş welaýatyň yktadarydy. Onuň on üç şäherde dükany, bazary bardy. Bir
gezek meýden mes bolanda aýda ýigrimi müň dinar girdeji gazanýandygy bilen magtanypdy.
Huzurynda bäş müň hyzmatkäri bardy.
Reýde hem hatynynyň doglan ýeri bolan Merwde iki ýüz otagly owadan köşk gurupdy.
Onuň durmuşynda kem zady ýokdy. Ol ýeten derejesiniň gadyryny bilýärdi. Togrul bege tagzym
edýärdi, onuň adyna mertebeli sözleri aýdýardy. Altynjana: «Depämiň täji enem, mähriban enem»
diýip ýagşydan-ýagşy sözler bilen ýüzlenýärdi.
Anuşirwanyň mydama göçgünlidiginden çen tutup, onuň gamlanýan wagty ýokdur öýdýän kişiler
kändi, ýöne onuň gamlanýan pursatlary soňky ýyllar köp gabat gelýärdi. Özem ol käteler bir ahwalaty
ýatlap, gam donuna bürenýärdi. Ol oglunyň bolmaýanlygy üçin örtenýärdi, her gezek hatyny hamyla
bolanda ogla garaşýardy, ýöne gyzy bolýardy.
Onuň bäş gyzy bardy.
– Hudaýyň berenine şükür et! – diýip, Altynjan ony köşeşdirmäge çalşardy.
Anuşirwan oglunyň bolmaýanlygynyň sebäbini birinji ogluny – kakasynyň adyny dakan ogluny özüniň
öldürenliginden görýärdi.
– Mende mirasdar bolmaly dälmi?! Tahyr Afrasýabyň neberesi gutaraýmalymy? Bu nähili elhençlik! –
diýip, Anuşirwan kellesini tutup, gerdun pelekden perýat ederdi.
Altynjan ony köşeşdirjek bolup garaheläk bolardy:
– Sen entek ýaş, geljegiň öňüňde! Nesip bolsa, ogluň hökman bolar!
Şu güne çenli diňe bir Altynjan hatyn däl, ähli kişi ondan razydy, ähli kişi ony hatyralaýardy,
eziz görýärdi, ýöne bu gün onuň üstünden arz edildi, özem gaty täsi n, akyla sygmajak arz.
Togrul begiň wezirler diwanynyň naýyby Ärdeşir Magmarany geldi:
– Men Anuşirwany gaty gowy görýärin. Men ony hatyralap birnäçe gezek öýüme myhman çagyrdym.
Ol bolsa düýn meniň tokal (körpe, kiçi hatyn) hatynymy nahanlykda alyp gaçypdyr. Ol meniň tokalymy
bersin.
Altynjanyň geňirgenmesiniň üstüne Anuşirwanam geňirgenme goşdy:
– Käbäm, meniň gaýgy-gussa donunda ýaşamagyma siz razymy?
– Bu näme diýdigiň bolýar?
– Ärdeşir Magmaranynyň on bäş ýaşly tokaly meniň gaýgy-gussa donumy uçmahy eşrete öwrüp biljek
ýeke-täk hatyn. Men Ärdeşire tokalynyň agramyna barabar dinar bereýin, goý, ol tokalyny maňa bersin, goý,
onuň tokaly meniň tokalym bolsun!
Altynjan näme diýjegini bilmedi, kellesini tutup, başyny ýaýkady. Akylyňa gelmejek zatlar başyňa
gelýär.
Altynjan Anuşirwandaky üýtgeşikligi onuň baýamagy sebäplidir öýdüpdi, goýun semrese, ýuwaş
bolýandygyny ýatlapdy. Baýamagyň ýuwaşamaklykdan başga-da oýunlary köp bolardy.
Baýlygyň oýunlarynyň birini-hä Altynjan Anuşirwanyň mysalynda gördi, beterinden Hudaý saklasyn!
Dokuzynjy hekaýat
JAN GOLAÝYNY KESEL BILER
ogrul begiň ýaşlykdan bäri mahal-mahal burny ganaýardy. Ilkinji gezek ony Çagry on-on iki
ýaşlarynda ganadypdy, has takygy, ýüzüne daş bilen urup, burun süňküni döwüpdi. Şonda gan
onuň diňe burnundan däl, agzyndanam, gözlerindenem akypdy. Gaty kän gan akansoň, ol özünden
gidipdi. Ony ölendir öýtdüler. Ol welin, ne öli, ne diri bolup, iki günläp ýatdy. Üçünji gün birazajyk
bulamak içdi.
Eden işinden gorkan Dawut öýünden gaçyp gitdi, alty günläp meýdanda elkin ýatdy.
Ýedinji gün ony tutup getirdiler.
Şondan bärem burunganama keseli Togruldan aýrylanokdy. Özem mydama garaşylmadyk wagty
ganady. «Häzir burnum ganar» diýip pikir eden wagty däl-de, hiç hili sebäp bolmadyk pursatlarda ganardy.
Ýene şeýle boldy: Togrul begiň burny ganady.
Özem hiç hili sebäpsiz ganady.
Ol ýeke ýatyrdy.
Süýji uklap ýatyrdy.
Haýsydyr bir güýç ony ukudan oýardy, burnundan gan akýandygyny duýdy.
Barlap görse, ýatan ýassygy gandan ýaňa öl-myžžyk bolupdyr.
Ol burnuna esgi bölejiklerini dykyşdyrdy.
Gan, barybir, saklanmady.
Beg burnuny gysyp, Altynjanyň ýanyna gaýtdy.
Altynjan begi haremiň daşişiginde garşylady:
– Begim!..
– Sen näme üçin daşişikde dursuň? Entegem ýataňokmy? – diýip, Togrul beg geňirgenmesini daşyna
çykardy.
– Ýatyrdym, ýöne kimdir biri meni: «Begiň ýanyna bar!» diýip oýardy.
– Kim diýdi?
– Bilmedim men-ä, gulagyma bir ses geldi: «Begiň ýanyna bar!» diýip, oraşan aýtdy.
– Dogry, seniň hemaýatyň gerek, burnumdan gan akýar. Geň, dogrusy, menem birisi: «Beg, seniň
burnuňdan gan akýar» diýip oýardy.
Altynjan şemleriň sanyny köpeltdi, akgyzyna üç-dört sany şem ýakmagy buýurdy.
Altynjan begiň ýüzüni, kellesini buz ýaly suwa ýuwdy, soňundan hem burundaky esgileri aýyryp,
täzeden dykdy.
Gan saklandy.
T
Beg rahatlandy.
Ol Altynjanyň ýorganyna girdi.
***
Altynjan durmuşa çykyp, seljuklylaryň ýöredýän käbir kada-kanunyny, dogrusy, halamandy, olary
artykmaç hossa hasaplapdy, ýöne ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň içinde olaryň (Altynjan indi özüni eprikli
däl-de, seljukly hasaplaýardy) hiç bir zady ýöne ýere etmeýändiklerine göz ýetirdi.
Ýüz ýedi ýaşan Seljuk beg: «Uzak hem sag ýaşamagyň kepili üç zatdadyr. Kim-de-kim şol üç zady meniň
aýdyşym ýaly amal etse, şol kişiniň uzak hem sag ýaşajakdygyna kepil geçip bilerin» diýipdir.
Uzak hem sag ýaşamagyň üç şertiniň ilkinjisi her ýylda iki gezek damaryňdan gan aldyrmak. Ikinji şert: aýda
bir gezek içiňi ýuwmak. Üçünji şerti: hepdede bir gün oraza tutmak – agyz beklemek.
Altynjan hatyn sag hem uzak ýaşamagyň üç şerti başga hiç bir ýerde ýokdur öýdüp ýördi. Görüp
otursa, bar eken. Özem Seljuk begiň birmahal aýdan o sözlerini ulama Ibn Sina ýazga geçirip giden
eken.1
Altynjan hem bu usuly ýöredýärdi, bege-de ýardam berýärdi.
Bu meselede soltan diňe hatynyna bil baglaýardy.
Bagdatda bolan ikinji aýynda hem Togrul beg damardan gan aldyrýan wagtynyň gelendigini, ganyny
aldyrmak isleýändigini Altynjana ýaňzytdy.
Togrul begiň ganyny bäş-alty ýyl Gutulmyş beg alypdy. Ol bu babatda aşa ökdedi, ýöne häzir Gutulmyş beg
ýokdy, ol öz yktasyndady.
***
Altynjan gan alyp bolýan alty sany damary bilýärdi. Olaryň birinjisi, gara damar; ikinjisi, eliň iç gapdal
deriasty damary; üçünjisi, bilek damary; dördünjisi, «halasgär» damar; bäşinjisi, kifal damary; altynjysy,
bilegiň deriasty damary.
Altynjan hatyn Togrul begden gan alynmazyndan burun oňa issop hem timýan2 bilen gaýnadylan
sikanjubin içirdi.
Ol gany Lukman Hekimiň salgy berýän alty ýerinden almaýardy. Onuň, ýok, onuň däl, seljuklylaryň gan
alýan ýörite damarlary bardy. Olar, esasan, damarlary maňlaýdan, ýeňseçukuryndan, sag hem çep aýaklaryň
topuklarynyň ýanyndan geçýän damarlardan alýardy. Özem ol dört ýerini birbada dilýärdi. Gan begiň dört
ýerinden akyp ugraýardy.
Gan başda goýy, gara görnüşde ýuwaş-ýuwaşdan akýardy. Soň kem-kemden öz reňkine gelip,
akmasyny, suwuklygyny artdyryp başlaýardy. Göräýmäge, adamyň gany akyp gutaraýjak ýalydy, ýöne
Allatagala adama on iki ritl3 gan beripdir.
***
Altynjan edýän işine düýrmegi bilen berlipdi. Ol begiň dört ýerinden asfury hanjary bilen çirtipdi.
Togrul beg gözlerini ýumup, gürlemän ýatyrdy. Onyň ýatan ýeri garagana boýalypdy.
Altynjan mydama damary dikligine dilýärdi, şeýle edilende kesilen ýer tiz bitýärdi. Onsoňam Altynjan
dilen ýerleriniň tiz bitmegi üçin zeýtun ýagynda ezilen esgini ýapýardy.
Ol ýene şeýle etdi: ganlaryň akyşy suwuklaşyp ugransoň, zeýtun ýagynda ezilen esgiler bilen dilen
ýerlerini daňdy. Akgyzlaryna akan lödere ganlary derrew süpürip aýyrmagy tabşyrdy.
Damarlaryndaky goýy ganlary – lödere ganlary aýryp, ýaş ganlaryň kadaly aýlanmagyna ýol açylansoň, begiň
süňňi ýeňleýärdi, ýogsam burnundan gan akyp ugraýardy, soň ony saklamak görgüdi.
– Altynjan, sen hem ganyňy aldyr – diýip, Togrul beg Altynjana maslahat berdi.
– Men hökman aldyraryn!
Altynjan ýalan sözlemeýärdi, begiň ýanynda-ha hiç wagtam ýalan sözlemeýärdi, ýöne, näme üçindir, ol
ganyny aldyrmak barada wada berse-de, sözünde durmady.
Ol ganyny aldyrmady.
Munuň sebäbini özünden özge hiç kim bilenokdy. Onuň aşa kelleagyrysy bardy, ol bu agyrynyň emini-de
bilýärdi. «Ýeňseçukuryň golaýynda, gulagyň arka ýüzündäki süňküň aşagynda ýerleşýän damardan ganyň suwuk
bolmagy sebäpli ýüze çykýan kelleagyry hemem ötüşen kelleagyry azar berende gan alsaň, peýda berýär»4 diýip, ol
kelleagyry hakda gürrüň gozgalanda aýdýardy. Ýöne özüne gezek gelende bu babatda ol geleňsizlik edýärdi.
Aslynda, Altynjanda geleňsizlik ýokdy. Megerem, bu geleňsizlik bilkastlaýyn bolmaly. Näme üçindigi welin, belli
däldi…
Onunjy hekaýat
KÖZ KÜLDE SAKLANAR
K
abyl Altynjanyň ýanyna begenjine guş bolup uçup geldi:
– Altynjan, Arslan Besasury ýaňy Zenjana (Zenjan welaýaty Kabyla ykta berlipdi) meniň üçin iki müň
ýylky, iki müň sygyr hemem ýigrimi kerwen ekerançylyk gurallaryny peşgeş hökmünde ugratjakdygyny
aýtdy. Özem ol Zenjanda maňa iki sany kerwensaraý hem gurup bermek isleýär. Men oňa razylyk berdim.
– Saňa berýärmi? – diýip Altynjan ýantgylap sorady.
– Diňe maňa berýär.
– Bir çöpi bar bolaýmasyn?!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 41
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.