Latin

Altynjan hatyn - 02

Total number of words is 3694
Total number of unique words is 2007
32.2 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hormatdan, ynamdan peýdalanyp tagtdan agdardy, şalygyň paýtagtynda – Käs4 şäherinde şanyň
nebereleriniň ganyny Jeýhun derýa deýin akdyrdy. Şondan soň Käsi taşlap, Jürjaniýany5 özüne paýtagt
edindi.
Akhun şalygyny agdaryp, özüni şa yglan eden Abdylla Mamun Eprikogullary hanedanlygyndan diňe bir
adama aman berdi, ol hem Bugrajyk Abdaldy. Mamun ony häkimliginden aýryp, diňe öz mülki Zamahşar
galasyndan 6 çykman ýaşamagy emr etdi.
Mamunyň Bugrajyk Abdalyň üç ogluny öldürip, özüne aman bermegi köplere syrly göründi. Köpler
muny Bugrajygyň dymma, ýuwaş, hiç bir zada geleň etmeýän töwraýy häsiýeti, patyşa bolmak höwesiniň
ýoklugy üçindir öýtdi. Aslynda welin onuň aman galmagy diňe bir häsiýetiniň ýuwaşlygy üçin däldi. Abu
Aly Mamun Jürjaniýa (Köneürgenç) şäherine Bugrajyk Abdalyň gönüden-göni güwädarlyk-ýardam etmegi
bilen häkim bellenilipdi. Hanedanlykdan ýeke özüniň aman galdyrylmagy, ana, şol güwädarlygy-ýardamy
üçindi.
Bugrajyk Abdal öz hanedanlygynyň pajygaly soňlanylmagynda özüni ýeke-täk ýazykdar saýyp, şol
ýazygyna ahmyr edip, özüni ökünç ataşyna atypdy.
Ol dalanynda üç aý ýatdy. Bagyr agyrysy ony ysgyn-deramatdan aýyrdy. Üç aýlap geplemän, huk ýaly
bolup ýatan emire hiç hili em peýda bermedi.
Atly gezim oňa tenekar bolar öýdüldi. Hakykatdanam emiriň atyň üstünde gözüni süzüp oturmagy oňa
ýaran-tenekar bolan ýalydy.
Her kim onuň rahatlygyny bozmazlyga çalyşdy.
Ýoz at hem emiriň rahatlygyny bozmazlyga çalyşýana meňzeýärdi: şeýle bir edaly, sallanjyrap, käkilik deý
ýorgalap barýan ýalydy ol.
Ýoz bedewiň edaly ýöremeginiň hikmeti başga eken...
Bugrajyk beg Allatagaladan alan amanadyny Jeýhunyň kenarynda Ezraýyla elin tabşyryp gaýdan eken.
Bedewiň edaly ýöremesiniň hikmeti öz eýesiniň jesedini üstünden gaçyrman gala getirmek üçin eken.
***
Bugrajyk Abdalyň yzynda ýedi ýaşly ogly Abdylmälikden başga hiç kimi galmady.
Bigam ýaşap ýören oglan giden mirasa – Zamahşar galasyna, ýedi ýüz elli hojalyga nädip emirlik
etsin?!
Wagt – rawy, ýeri gelende ol ähli zady düşündirýär. Bugrajyk emir babatda-da şeýle boldy.
Şol agyr günlerde Bugrajyk Abdalyň köne dosty – Arsahuşmisen7 şäheriniň emiri Tahyr Afrasýap ýedi
ýaşly Abdylmälige howandarlyk etdi: ilki bilen, ir öýerilen oglanlaryň ýa agyn samsyk bolýandygyny, ýa ir
kämil çykýandygyny göz öňünde tutup, mirasdüşeri öýermegi makul bildi. Şu niýet bilen ol Bugrajyk
Abdalyň ýalňyz mirasdaryny ilki sünnet etdirdi, üç-dört aýdan soň bolsa oňa özüniň on ýedi ýaşly maňyzlymeňzeşikli janymak gyzy Hajary nikalap, gelin edip berdi. Mansur atly doganoglanyna Zamahşary
dolandyrmagy ynandy.
Öýlenensoň, dogrudanam, Abdylmälik ir «molla» çykdy. Deň-duşlarynyň arasynda ilkinji kaka bolan,
sümüklije oglan halyna perzende ýüzi düşen ýaş emir galany dolandyrmak başarnygyny ele alyp ugrady.
Tahyr Afrasýap her aý Zamahşara geldi: birki günläp galanyň işlerini tertibe salmak bilen meşgullandy, ýaş
giýewisine etmeli işlerini birin-birin öwretdi.
Her çaga dünýä inende Tahyr Afrasýabyň hatyny agtygy çileden çykýança gyzynyň ýanynda ýardamçy
boldy.
Galanyň ýaş emiri ir kämil çykansoň, öz neberesi, pederleri, olaryň pajygaly kysmaty, Käş şäherinden
Zamahşar galasyna gelişleri barada gyzyklanyp ugrady, gaýynatasynyň, diňe bir onuň däl, ýaşlary bir çene
baran galadaky garry adamlaryň gürrüňlerini diňledi.
2.
Zamahşar galasy Jeýhun derýasynyň çep kenarynda burundyk tokaýlyga çümüp otyrdy. Galanyň günbatar
tarapynda agaçdan ýasalan äpet uly derwezesi bardy. Derwezäni otuzdan gowrak sakçy goraýardy.
Galanyň derwezesi gündiz açyk durýardy, gijelerine welin Abdylmälik emiriň ýa Mansur gapydanyň8 emri
bolaýmasa, aňsat-aňsat açylmaýardy. Jürjaniýada, öndürilýänlerden birjik-de kem bolmadyk, aramy-jan ysy ýarym
kerwe9 aralykdan özüne çekip, agzyňy suwardýan halwa bilen nişalla10 taýýarlanylýardy, şeýle hem keýmir
peýkamlardyr ýaýlar ýasalýardy. Bezirgenler galada öndürilýän zatlardan her gün kerwenläp-kerwenläp satyn alyp
gidýärdiler.
Galada, galanyň daş-töwereginde ýaşaýan ilatyň gün-güzerany gowudy, çünki olar ok-ýaý, halwadyr
nişalla taýýarlap gazanç edýärdiler. Goňşy obalardan gazanç etmek üçin gelýän adamlar hem az däldi. Galada
işleriň rowaçlygynyň hatyrasyna emir her juma güni derwezäniň öňündäki meýdanda saýak-saýakdyrak
adamlara sadaka berýärdi.
3.
Abdylmälik daýaw, dogumly, pähimli, ynanjaň, kakasy ýaly dymma, käteler zoňtar, gödek ýigit bolup
ýetişdi.
Ol ir ertirden giç agşama çenli işe najagaý bolup, galadaky her bir işe gözegçilik edýärdi. Bezirgenler
bilen söwdalaşmagy hiç kime ynanmaýardy, ýalan sözlemeýärdi, hiç kime ikilik etmeýärdi. Şeýle bolansoň,
ol gatnaşýan adamlarynyň hem ýalan sözlemezliklerini, özüne ikilik etmezliklerini isleýärdi. Ol bezirgenlere
ynanýardy, bezirgenlerem oňa ynanýardy.
Abdylmälik emiriň dost hökmünde oturyp-turuşýan, köplenç, meýlisleri bile geçirýän üç sany ýeg dosty
bardy. Olaryň ilkinjisi, Käş şäheriniň häkimi Gazanpar Takdy. Ikinjisi, Keski Kelewdi, ol yktadardy, ykta oňa on
müň atly goşuny aýdylan pursady soltan Mahmyt Gaznalynyň huzuryna eltmegi üçin berlipdi. Onuň yktasy
Sebzewar, Dargan sebitlerindedi. Üçünji dosty Zamahşaryň aşak tarapyndaky Buruntak obasynyň raýisi Janahyr
Geçdekidi. Emiriň her dosty bilen özboluşly gatnaşygy bardy. Ol Gazanpar Tak gelende on-on bäş günlük awa
giderdi. Myhmançylyk şunuň bilen soňlanardy, käteler emiriň özem Gazanparyň ýanyna awa giderdi. Olar awda
wagtlaryny diýseň şagalaňda geçirerdiler.
Keski Kelew (onuň özüni alyp barşynda kelewligi – mertebeli kişidigi äşgär duýulýardy) aýdym-sazyň,
her hili ýaryşlaryň muşdagydy. Ol gelende Zamahşarda her gün ir ertirden giç agşama aýdym aýdylyp, saz
çalynýardy, ýaýdan nyşana ok atmak, gylyçlaşmak boýunça gyzykly ýaryşlar geçirilýärdi. Käte awa
giderdiler. Raz aýdyşmagy, käte-de gybat etmegi gowy görýärdi.
Janahyr halwaçy bilen emiriň meýlisi köplenç suwamaý hylwatda geçerdi, özem gürrüň söwda-satyg, peýda hakda
bolardy. Ol emiriň öýünde hiç wagt bir günden artyk bolmaýardy. Oňa derek aýda iki-üç gezek gelerdi. Onuň bilen iş
salyşmak emir üçin bähbitlidi.
Abdylmälik emiriň Gazanpar Tak, Keski Kelew, Janahyr Geçdeki (onuň ýörgünli ady Janahyr
halwaçydy) bilen dostlukly gatnaşygy köpler üçin geňdi, çünki olaryň häsiýetleri, gyzyklanmalary bilen
emiriň häsiýeti-de, gyzyklanmasy-da deň gelenokdy. Emir özünde ýok häsiýetleri dostlarynyň
häsiýetleriniň üsti bilen doldurýan bolsun gerek. Ýaşlykda söýgi, mähir alman ulalan kişi söýmegi -de,
mähir siňdirmegi-de başarmaz eken. Emir-de sowuk mähirdi. Dostlary gelende welin ýazylyp-ýaýrap,
hakyt başga adama öwrülýärdi. Has takygy, başga adama öwrülmäge çalyşýardy. Eli uzadan ýerine
ýetensoň, ol özgeler deýin aw lezzetini, aýdym-saz lezzetini, meýlis lezzetini almaga çalyşýardy.
Hakykatynda ol bu üç lezzetiň içinde awdan özgesini isläp baranokdy, ýöne begzada kişä meňzäp
ýaşamagy borç hasaplaýardy. Emiriňki-de düşnükli: bu dünýäde il şekilli ýaşamak üçin birgiden
islemeýän işleriňi etmeli bolýarsyň! Şol ýönekeý etmeli işleriň ilkinjileri: ähli kişä gülüp bakmaly, köpler
bilen dost bolmaly.
Elbetde, emiriň bezirgen, serkerde dostlary-da az däldi. Dostuň köplügi onda, köplenç, garaşylmadyk
kynçylyk döredýärdi.
***
Mansuryň yhlasy birle Abdylmäligiň işiniň rowaç alyp ugramagyna göriplik edip, ýaş emiri gaýynatasyna
garşy goýmagy başardylar. Ýogsam Mansur onuň bahylçylykly gep-gürrüňlerden daşda bolmagy üçin köp yhlas
ederdi, ýöne hakykata görä ýalan adamlary özüne tiz ynandyrýar, tiz imrindirýär, ýalan ýaş emiriň hem ynamyna
aňsatlyk bilen girdi. Başda Tahyr Afrasýabyň, Mansuryň sözünden çykman, olary özüne hossar saýyp ýören
Abdylmälik halwadyr nişallasyny satýan bezirgenleriniň har-hamyryndan ýel aldy. Olaryň sözüne hem
maslahatyna eýerip: «Sen meniň baýlygyma göz gyzdyrýarsyň. Sen gala eýe çykjak bolýarsyň. Men hemmesini
bilýärin. Gyzyňy-da äkit, özüň-de git» diýip, dokuz ýyldan soň – on alty ýaşda Abdylmälik emir Tahyr
Afrasýabyň hakyt ýüzüne durdy. Ýagşylygynyň ýamanlyk hökmünde görülmegine jany ýanan Tahyr Afrasýap
gaharyny hazzar içine salyp, sesini çykarman, gyzyny hem agtygyny, doganoglany Mansury alyp, Arsahuşmisene
dolandy.
Bozuk araba bilen uzaga gidip bolanok. Ýalan – bozuk araba, onuň bilenem uzaga gidip bolanok. Ýaş
emir hem gödek ýalňyşandygyna biraz giç – ýüz ýigrimi günden soň düşündi. Ara tow salan kişileriň
matlaplary-da aýdyň boldy.
Goýberlen ýalňyşlygy nädip düzetmeli? Özüň-ä hiç kimsäniň ýalňyşandygy hakdaky özelenmesini
diňlemek isläňok, ýeri, seni diňlärlermi?! Tahyr Afrasýap günäňi geçermi? Abdylmälik gije-gündiz
oýlandy, gije-gündiz çykalga gözledi. Ahyry Tahyr Afrasýabyň dergähine barmagy, gepe gidendigini boýun
almagy ýüregine düwdi. Onuň Tahyr Afrasýabyň ýanyna gitmegini islemediler, ýolundan saklamak üçin her
hili sözleri aýtdylar. Ähli sözler Abdylmäligiň soňky gelen pikirini üýtgedip bilmedi. Maňlaýy daşa degen,
öz ýalňyşyna düşünen Abdylmälik gaýynatasy Tahyr Afrasýabyň dergähine ugrady. Gaýynatasynyň ýanyna
barýarka nätanyş kişiler ony ýolda öldürdim edip gitdiler.
Tahyr Afrasýap Abdylmäligiň dadyna Hydyr ata bolup ýetişdi: ölümden alyp galdy, bir ýarym aý
öýünde saklap, bejerdi, aýaga galdyrdy.
Erkek kişiler üçin dünýäde iň kyn zatlaryň biri ýalňyşyňy boýun alyp, ötünç soramak. Abdylmälik
gaýynatasynyň öýünde näsag ýatan bir ýarym aýynyň içinde ten agyrysynyň ezýetindenem bäş beter wyždan
ezýetini köp çekdi. «Ýalňyşypdyryn» diýmäge boýny aşa ýogynlyk etdi. «Oguz ýalňyşyny boýun alandan takga
jan berenini gowy görýär» diýleni çyn bolarly, Abdylmälik dymdy. Herhal, Tahyr Afrasýap giýewiniň goýberen
telek işi üçin ony berk ynanjyna esaslanyp kötekläp durmady: erkek erkekdir-dä! Oňa ýalňyşmak gelişýär. Asyl
ýalňyşmaýan bolsa, ol erkegem däldir. Beýik Taňry erkek kişileri iş etmek üçin ýaradypdyr. Işleýän adam käte
ýalňyşar hem. Rast, şeýle bolsa, goý, her kim öz işini etsin!
4.
Tahyr Afrasýabyň üç gyzy, Tümen atly bir ogly bardy. Abdylmälik Tümen bilen gözli ýaşytdy.
Olar deň-duş bolsalar-da, biri-biri bilen mäşleri bişişmeýärdi. Tümeniň bolşuny Abdylmälik,
Abdylmäligiň bolşuny-da Tümen halamaýardy.
Tahyr Afrasýap hajyraw ýigit bolup ýetişen ýalňyz oglunyň bir bela-betere ýolukmagyndan gorkuda gezerdi.
Ol «Haktagala maňa ýeke ogul berdi, onam ikinji gezek berdi. Indi alsa, yzyna gaýdyp bermejegini bilýärin» diýip
janygýardy. Häkim bu sözleri bolup geçen bir ahwalaty nazarda tutup aýdýardy. Ol ahwalat Tümen bir aýlyk
çagajykka bolupdy. Ýazlaga çykylanda gundagdaky çagajygy eneke birpaýyz daşarda goýup, haýsydyr bir iş bilen
çadyra giripdi. Şonda ak gundagly çagany ýokarda aw gözläp ýören bürgüt görüpdir-de, göni aşak gaýdypdyr.
Ýazlagdaky adamlar bürgüdiň nämedir bir zat alyp ýokary galanyny görüp, gygyryşmaga başlapdyrlar. Bürgüdiň
alyp gideniniň hakyt Tahyr Afrasýabyň ýalňyz ogludygyny derrew bilipdirler, haýdan-haý bürgüdiň giden ugruna
bakan at salypdyrlar. Bürgüt iki çakrym11 aralyk geçip, bir seňňeriň üstüne gonupdyr. Adamlaryň alagykylyk edip
gelýändigini görüp, awuny alyp ýene asmana galypdyr. Bürgüt esli aralygy geçip, bu gezek bir aklaňyň üstüne
gonupdyr. Çaga çirkin aglapdyr. Çaganyň çyrlap aglamasyna bürgüdiň gahary gelipdir, onuň sesini goýdurjak
bolup gundagy ýyrtypdyr. Bürgüdiň ýiti dyrnagy Tümenjigiň maňlaýyndan eňegine çenli aralykda uzyn, mesaňa
yz galdyrypdyr. Bürgüt üznüksiz ses edip aglaýan awuny ikinji gezek äkitjek bolmandyr: özüne bakan gelýän
atlylar ýakynlaşyberenlerinde çagany goýup, uçup gidipdir. Gundag welin eýýäm gara gan eken.
***
Tümen akylly, pähimli ýigit bolup ýetişdi, häkimiň ogludyryn diýip, hiç kimiň ýanynda özüni ilden
ýokary tutjak bolmady. Gaýtam, ol özüniň kimdigini ilden ýaşyrmaga çalyşdy. Köpüň biri bolup, il içinde
hormata-sylaga ýetdi. Rehimdardy. Elinden gelse, adamlara ýagşylyk etmäge çalyşýardy. Men-menligi,
tekepbirligi, güýje baýrynmagy, eden-etdiligi halamaýardy, ýöne özüniň käteler men-menlik edäýmesi,
göçäýmesi bardy. Kim baýlygyna, abraýyna, tanyş-bilişlerine bil baglap, adalatsyzlyk etse welin, ol garşy
çykmagy başarýardy. Asyl şeýle kişilere ýowuz jeza berýärdi. Şeýle bolansoň, kakasy ony şäheriň
muhtasyby12 wezipesine belläpdi, ýüzden gowrak oglan13 beripdi. Tümeniň borjy şäherde tertip-düzgüni ýola
goýmakdy. Ol gerek ýerinde juda rehimsizdi. Jenaýat eden adamlary dardan asmagy ýa olaryň kellelerini
çapgy ýassygyna goýmagy eşekden palan alança-da görmeýärdi.
Tümen meýlisi, meýlis gurmagy gowy görýärdi. Abdylmälik bilen häsiýetleri, esasan, şu babatda çapraz
gelýärdi. Çaprazlyk, biriniň meýlisi gowy görýänligi, beýlekisiniň bolsa muňa höwesek däldigi üçindi. «Seniň
gülüp duran wagtyňa gabat gelmedim. Sen mydama öz iş-aladaň bilen başagaý, ýüzüňden ýylgyryşyň yzlaram
ýitip gidipdir. Seniň bilen otursam, özümi ýasda oturan ýaly duýýaryn» diýip, Tümen Abdylmäligi
kötekleýärdi.
Aýdylýan tankyt hak bolsun-bolmasyn, tapawudy ýok, ony hiç kimse halanok. Ähli kişiniň halamaýan zadyny,
elbetde, Abdylmälik hem halanokdy.
Hoş söz aýdan kişi gözüňe mähriban bolup, kemçiligiňi ýüzüňe aýdýan kişi senden nähilidir bir kitüwli
ýaly bolup görünýär. Tümeniň käbir sözem Abdylmälige göwnüýetmezçilik ýaly bolup duýulýardy.
Göwnüň suw içmeýän kişiniň ýanynda durasyň gelmeýär. Emiriň hem gaçgyny Tümen muhtasypdy.
Onsoňam Abdylmälik bilen Tümeniň arasynda dostlugyň ýoklugy geňem däl, çünki türkmende gaýynguda arasynda dostluk bolmaýar, diňe sylaşyk saklanýar...
5.
Abdylmälik emir ýaşan ýaşyndan garry görünýärdi. Ýokary gabaklary gözüniň üstüniň köp bölegini örtüp
durdy, ýörände gara ýerde ary köýüp ýatan ýaly, gadamyny batly urýardy, köplenç, başyny aşak salyp ýöreýärdi.
Özem hiç mahal yzyna hem töweregine garanjaklamaýardy, donunyň iki synyny guşagyna gysdyryp, maňlaýy sekilli gara atyna ýolbars deýin bir bökende münýärdi. At janawar esli aralyga tapyrdap gidýärdi.
Ol mydama möhüm bir zat hakda oýlanýan ýaly bolup görünýärdi, içini hümleder ýörerdi.
Hakykatdan hem ol, köplenç, şol bir zat – nesebiniň şum takdyry hakda oýlanardy, zamananyň özgermegine –
öz neberesini ýok eden Mamunlaryň hökmürowanlygynyň soňlanmagyna gününi sanap garaşardy, günegargan
deýin, öz hanedanlygyny gyran adamlara nälet okardy.
Ýigrimi ýyldan soň Abdylmäligiň ahy Haktagalaga gowuşdy. Soltan Mahmyt Gaznaly 14 onuň dadyna
ar alyjy bolup ýetişdi: Mamun şalygyny syndyryp, Horezmin ilini özüne tabyn eýledi, bu ilde gapydany
Altyndaşy15 şa tagtynda oturtdy.
***
Soltan Mahmyt Gaznaly uly goşun bilen Horezmini teshyr kylmak üçin barýarka Zamahşar galasynyň
deňinde düşledi. Şonda soltana Abdylmälik emir, onuň neberesiniň pajygaly kysmaty hakda gürrüň berdiler.
Abdylmälik emiriň begzada neberesi hakda eşiden soltan Mahmyt Gaznaly Zamahşar galasyna bardy.
Soltany duz-çörekli garşy aldylar.
Ol emiriň howlusyna giren pursady aýal maşgalanyň gykylygy eşidildi. Ähli kişi nämäniň-nämedigini
anyklamak üçin diňşirgendi: çaga jägildisi ähli zady düşnükli etdi.
– Abdylmälik emir, gözüňiz aýdyň, çagaňyz boldy! – diýip, Mansur ylgap geldi.
– Merhemetli soltan, siziň Zamahşara ilkinji mübärek gadamyňyz maňa perzent berdi – diýip,
Abdylmälik emir soltana özüniň çäksiz minnetdardygyny bildirdi. Elbetde, onuň Mamun kowumyndan
elhenç zulum görendigini, zulumyň ýigrimi ýyldan gowrak wagtlap dowam edendigini, bu gün
Allatagalanyň özüni ýalkandygyny – diňe bir özüni däl, külli Horezmin halkyny Mamunyň zulumyndan azat
eýleýändigini, munuň üçin soltan Mahmyt Gaznalydan çäksiz minnetdardygyny aýdasy geldi, herhal,
saklandy. Öňde gazaply darkaş bar, ol darkaşda ýeňşiň haýsy tarapa ýar boljakdygy entek belli däldi.
Şeýle bir pähim bar: «Ertesini gaýgyran kapyr» diýip. Ertesini gaýgyran kapyr bolýan bolsa, onda Abdylmälik bu
gezek kapyrlyk etdi.
Omar atabeg ýaňyja dünýä inen, akja kumaja dolangy çagajygy emire gowşurdy. Emir çagajygy gujagyna
alyp soltana ýüzlendi.
– Merhemetli soltan, ine, siziň ilkinji mübärek gadamyňyzdan dünýä inen çaga. Eger şu çaga at
dakmagy, pata bermegi rowa bilseňiz, meniň buýsanjymyň-begenjimiň çeni-çaky bolmazdy. Çagama at hem
pata berip, meni bagt bossanyna salmagyňyzy towakga edýärin, merhemetli soltanym.
Soltan çagajygyň ýüzüne seretdi:
– Ogulmy?!
– Gyz, merhemetli hökümdarym – diýip, Omar atabeg müýnli seslendi.
Soltan öňden gelýän dessur boýunça çagajygyň her gulagyndan üç mertebe çalaja çekdi:
– Mertebeli gyz bolup ýetişsin. Ady Altynjan bolsun! Beýik bege mynasyp hemra bolsun. Adyny men
berdim, ömrüni, mertebesini Allatagala bersin! Omyn!
***
Bu gün Abdylmälik emiriň durmuşynda ýatdan çykmajak bagtly günleriniň biri boldy. Soltanyň mübärek
gadamynyň hormatyna uly toý tutdy. Toý ýedi gije-gündiz dowam etdi. Emir eçilmek eçildi. Täze dünýä inen
gyzjagazy – Altynjany «Soltanyň gyzy» diýip aýratyn eý gördüler.
Altynjan Zamahşara bagt getirdi.
Bagt getiren gyzjagaza aýratyn gözegçilik etdiler. Üç-dört eneke Hajar hatynyň hyzmatynda durdy.
Abdylmälik emir gyzjagazy sekiz-on aýlykka – durdy-durdy bolanda, soň ýörjen-ýörjen bolanda
zamahşarlylary ýygnap toý berdi. Ol toýlaryň yzy üzülmedi.
Altynjan ýöremäge ir başlan-da bolsa, geplemegi giç öwrendi, bäş ýaşynda gepläp ugrady.
Gepläp başlanyna begenip, jedir-jedir edip geplemek gepledi, onuň şeýle köp jedirdemesi birki ýyllap
geplemediginiň öwezini doljak bolýan ýalydy. Eneke görgüliler gyzjagazyň «Şu näme, o näme?» diýip berýän
üznüksiz sowallaryna jogap berjek, oňa-muňa güýmejek, oýnatjak bolup ýadamak ýadaýardylar, görgülileriň
käsiniň daşarda duran-duran ýerlerinde usurgap, uklap galýan pursatlary köp bolýardy.
Altynjan gepe-söze düşünip ugrandan soň, soltan Mahmyt Gaznalynyň Zamahşara gelşi, özüne at
dakyşy hakdaky gürrüňleri her gün diýen ýaly diňlemegi nysak edindi.
– Soltan näme diýipdir? – diýip, Altynjan enekesine ýüzlenerdi.
– Wiý, men saňa häzirjik gürrüň berdim-ä, özem üç gezek gaýtaladym.
– Meniň ýene eşidesim gelýär-dä!
Eneke göwünli-göwünsiz gaýtalamaga başlardy:
– Hakyt ynanar ýaly bolmady, ol! Babaň soltan Mahmyt Gaznalynyň öňünden duz-çörekli çykdy. Öýden
duz dadyp geçmegini mürehet etdi. Soltan özüniň wezirleri, jandarlary bilen derwezeden ilkinji ädimini ätdem
welin, bir mähirlije jägildi eşidildi. Ähli kişi üşerildi. Emirimiz boz-ýaz boldy, özüni gaty oňaýsyz duýdy. Şol
mahal Mansur ylgap geldi: «Abdylmälik emir, gözüňiz aýdyň, çagaňyz boldy!» diýdi. Emirimiziň ýüzi açyldy,
ol soltana minnetdarlyk bildirdi:
– Merhemetli soltan, Zamahşar galamyza siziň ilkinji mü­bärek gadamyňyz maňa perzent berdi.
Soltan emirimiziň sözlerinden soň akja kumaç gundagy eline aldy-da, seniň ýüzüňe mähir bilen seretdi.
– Näme diýdi? – diýip, Altynjan ýantgylady.
– Soltanmy? Soltan aýtdy: «Mertebeli gyz bolup ýetişsin. Ady Altynjan bolsun» diýdi.
– Hakyt şeýle diýdimi?
– Hakyt şeýle diýdi: «Mertebeli gyz bolup ýetişsin. Ady Altynjan bolsun» diýdi.
– Soň näme diýdi?! Aýdyber-ä!
– «Beýik bege mynasyp hemra bolsun» diýdi. «Adyny men berdim. Ömrüni, mertebesini Allatagala bersin» diýdi.
Omyn etdi. Doga-dileg edildi.
Altynjan ýüzüni torsartdy:
– Indi näme üçin soltan gelenok? Goý, gelsin, meniň ony göresim gelýär.
– Wiý, Altynjan, seniň diýýäniň näme? Ol – soltan, islese geler, islemese gelmez. Onuň iş-endişesi
kändir.
– Gelsin!
– Biz oňa hiç zat diýip bilmeris.
– Näme üçin? Ol öň gelipdir-ä?! Ýene gelsin!
– Ony men aýdyp bilmerin.
– Kim aýdyp biler?!
– Babaň!
Altynjan kakasyndan talap etdi:
– Baba, soltan Mahmyt Gaznalyny göresim gelýär. Oňa: «Gel!» diý.
– Diýýäniň näme seniň? Ol soltan ahyryn!
– Bolsa bolsun!
– Soltana: «Gel!» diýmek bolmaýar.
– Näme üçin?
– Sebäbi ol soltan. Sebäbi ol gaty beýik adam.
– Ol sendenem beýikmi?
– Beýik!
Altynjan juda geň galdy:
– Sendenemmi?
– Hawa, mendenem. Oňa «Pilmahmyt» diýip ýöne ýere aýdanoklar.
– Ol pil ýalymy?
– Ol pil ýaly.
– Ol öň gelipdir-ä?
– Geldi.
– Ýene gelsin.
– Ýok, ýok, bolmaz!
– Baba, «Gel!» diýäý!
– Men soltana: «Derrew gel, seni gyzym görjek bolýar» diýip bilmerin.
– Näme üçin?
– Gelşiksiz bolar.
– Näme üçin «Gelşiksiz bolar?»
Emir näme diýjegini bilmän, göýä özüni halas etjek jogaby tapaýjak ýaly, töweregine garanjaklady,
halasgär jogap tapylmady. Onsoň emiriň özi tersine tutup, sorag bermäge başlady:
– Näme etjek ony?
– Görjek.
– Görüp näme etjek?
– Görüpmi? Görjek.
– Näme üçin görjek?
– Göresim gelýär-ä, meniň.
– Näme üçin göresiň gelýär?
– Göresim gelýär... – diýip, Altynjan hem kakasy deýin anyk jogaby gapdalyndan tapaýjak ýaly,
töweregine garanjaklady.
– Bar, näme üçin görmek isleýändigiňi bilip gel.
Altynjan nämäni bilmelidigini anyk bilmän gitdi. Ýarygije kakasyny yralap ukudan oýardy:
– Baba, baba, men bildim.
– Näme?! – diýip, ukudan doly açylmadyk emir garysyna galdy. Aragaraňkylykda gyzynyň nirededigini
saýgarmady. – Hany sen?
– Men ýanyňda, baba – diýip, Altynjan kakasynyň elinden tutdy.
– Näme gerek? Bar, ýat!
– Men kän-kän oýlandym.
– Sen oýlandyňmy? Näme hakda oýlandyň?
– «Soltany näme üçin görjek?» diýdiň-ä. Ana, men oýlandym, soň bildim.
– Nämäni bildiň?
– Meniň soltany göresim gelýär.
Emir gyzynyň ýarygije ukudan oýarandygyna gahary geldi.
– Şu sözi aýtmak üçinem meni ukudan oýardyňmy?
– Indi soltan gelermi?
– Bar, ýat, ertir gürleşeris.
Emir ýene başyny ýassyga goýdy. Altynjan welin ýatmaga gitmedi. Kakasynyň başujunda tä daňdana
çenli irikgä bolup, şöwür çekdi oturdy. Emir gözüni açsa, başujunda gyzy otyr.
– Nä otyrsyň?
– Ertir gürleşeris diýdiň-ä!
– Ýok bol! Görünme gözüme!
– Soltan haçan geler?
– Ýok bol!
Altynjan, megerem, uzak gijäni ýatman geçirip, kakasyndan beýle haýbata garaşmadyk bolarly, görgüli
gözlerine ynanmaýan dek, kakasyna dikarynlap seretdi durdy.
– Indi nä dursuň? Ugra!
Altynjan sessiz aglady, şebistanyna baryp sesli aglady.
Birki günden soň Altynjan ýene kakasynyň bosagasyna bardy:
– Baba, men «Soltanyň pata beren gyzy».
– Bolaňda näme?!
– Soltany göresim gelýär meniň. Goý, gelsin!
Emir ahyr yşrar tapdy:
– Bar, atabegiňe aýt!
Bu gezek Altynjan kakasyndan gile etdi, sebäbi atabegiň iş başarmajakdygyny – soltany getirmegi
başarmajakdygyny ol bilýärdi, atabeg telim ýola başarmajakdygyny boýun alypdy. Şonuň üçinem Altynjan
ar almagy makul bildi, ojakdan ullakan köz getirip, kakasynyň oturýan sypasynyň üstüne taşlady. Soňam
ýorgana bürenip ýatdy.
Birsalymdan başlandy bir başagaýlyk!
Emiriň salamlygy-myhmanhanasy gara tüsse bolup ýandy. Onuň içindäki ýigrimiden gowrak haly-da
ýandy.
Içerdäki on sany sandygy hazzar çykarmaga ýetişdiler.
Abdylmälik emir Altynjanyň üstüniň ýorganyny birýana serpip, ezeneginden tutup, ýokary göterdi:
– Seniň işiňmi?
Altynjan mönlüge saldy:
– Baba, soltany göresim gelýär!
– Merez!..
Emir gyzyny honda zyňyp goýberdi-de, gahar bilen daşaryk çykdy.
***
Altynjan özüniň eý görülýändigini duýýardy. Her bir islän, her bir aýdan zady derhal amal edilensoň, ol
muňa öwrenişip hem gidipdi, özüni gaty erkin, hökmürowan alyp barýardy. Enekeler ony öz aralarynda
«Zamahşaryň soltany» diýip atlandyrýardylar.
Bäş ýaşlaryndaka Altynjanyň çep bilegine siňňil çykdy. Bu oňa gaty ýokuş degdi. Siňňiliň
aýrylmaýandygyna gaharlanyp, aglamak aglady.
Ol ähli deňi-duş oglanjyklarynyň, gyzlarynyň ellerine seredip çykdy. Olaryň hiç haýsynyň bileginde
siňňil ýokdy. Onsoň ol ilki enekelerinden, soň ejesinden, gapydan Mansurdan siňňilini aýryp bermegini
talap etdi. Olar yrymlar boýunça her hili iş edip gördüler. Barybir, siňňil aýrylmady. Soň ol kakasyna aýtdy.
Ähli kişä hökümi ýöreýän Abdylmälik emir hem hiç zat edip bilmedi.
Altynjan siňňilini aýyrjak bolup, bilegini garagan etdi.
Ol tekepbirlik bilen siňňilini aýyrjak boldy, ýöne siňňili özündenem tekepbir çykdy.
Onuň siňňilini aýyrjak bolup şeýle bir yhlas etmesiniň esasy sebäbi bardy.
Altynjan bir gezek soltan Mahmyt Gaznalyny görmek isleýändigi hakda aýdanda atabeg Omar şeýle
diýipdi:
– Soltan Mahmyt Gaznaly maňa «Altynjanyň elindäki siňňiller aýrylan güni men Zamahşara bararyn
hem oňa üýtgeşik bir soltan sowgadyny bererin» diýdi.
– Soltan meniň bilegimdäki siňňili görenog-a?!
– Soltan sen hakda hemme zady bilýär.
Şunuň bilen gürrüň gutarypdy, atabeg bu aýdan sözüni ýadyndan-da çykardy, Altynjan welin ýadyndan
çykarmady. Siňňiliniň aýryljak, soltanyň geljek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Göwnüne bolmasa, ähli kişi
onuň siňňiline seredýän ýalydy. Ol Mansuryň sözüne ynanypdy, Mansur ýalan sözlär öýdenokdy.
Altynjan entek ulularyň ýalan sözleýändigini, dünýäniň hem «ýalançy» diýlip atlandyrylýandygyny
bilenokdy.
6.
Galanyň derwezesiniň sakçylary – derbanlary Abdylmäligiň garasy uzakdan göründigi hataran durup,
sadyklyk bilen baş egip tagzym ederdiler. Olar Abdylmäligiň boýnunyň möjegiňki deýin gysgadygy sebäpli
yzyna gaňrylyp bilmeýäninden habarly bolsalar-da, ol derwezeden esli daşlaşýança butnaman durýardylar.
Abdylmäligiň howlusy derwezeden o diýen uzakda däldi, iki ýüz-üç ýüz zirag16 aralykdady, howlynyň
daşyna beýik haýat aýlanypdy. Howly galanyň demirgazyk tarapynda ýerleşýärdi. Ol galanyň içindäki
galady. Oňa diňe bir derwezeden girmelidi. Derwezäniň iki tarapynda hem beýik küňreli diň bardy.
Derwezeden giren ýeriň giň meýdandy, ol on iki müň ziragdy, howlynyň diwarlarynyň beýikligi ýigrimi
ziraga barabardy.
Howlynyň sol tarapy aýal maşgalalaryň ýaşaýan haremidi, sag tarapynda bolsa Abdylmäligiň salamlygy
ýerleşýärdi. Sag tarap on-on bäş sany gapysy bolan göz-göz otagdy. Olaryň tas ýarysy diýen ýaly gelýän
myhmanlara niýetlenendi. Giň otaglar gat-gat ýazylan halylardan doludy. Otaglaryň töründe körpeçedir
ýassyklar, güpjekler münder-münder bolup durdy. Howlynyň derwezesi, dalanlar, otaglaryň gapylary,
otaglardaky sandyklar – bularyň ählisi agaçdandy, olara sünnälik bilen kaşar nagşy salnandy. Olara
seretdigiňçe seredesiň gelýärdi. Mundan on ýyl öň bu nagyşlary görüp, Mamun şanyň hatyny Hara bin
Söbüktegin17 hakyt haýran galypdy. Hara melikäniň gowy görendigi üçin, emir özüniň ussat netjarlarynyň
ikisini şanyň köşgünde işlemäge bermeli bolupdy. Öňi kaşar nagyşlary bilen sünnälenen dalanly otaglaryň
ikinjisi beýleki otaglardan tas iki esse diýen ýaly uludy. Ana, şol uly otag emiriň salamlygydy, emir köp
wagtyny şu ýerde geçirýärdi. Otagyň içinde bir zirag beýiklikde, bäş-alty zirag inlilikde sypa bardy. Ol
halylar bilen örtülendi. Emir şol sypanyň üstünde oturyp, ýanyna gelen adamlary kabul edýärdi, olaryň arzyhallaryny diňleýärdi.
Diňe bir derwezede däl, bu otagyň gapysynyň öňünde-de mydama jandarlar derbanlyk edýärdi. Kimi
galanyň emiriniň ýanyna goýberilmelidigini, kimiň sakçylygy galanyň haýsy ýerinde etmelidigini Mansur pola
(Mansura pola lakamyny Abdylmäligiň gyzy Altynjan dakypdy, Mansur hakykatdanam polady – semizdi)
çözýärdi. Ol Abdylmälik emiriň diňe bir gapydany däldi: naýybydy18 hem işigagasydy19.
Mansur Abdylmäligiň şirin janyny ynanýan iň ýakyn adamydy. Diňe bir emiriň öýünde däl, Zamahşar
galasynda hem köplenç, onsuz çöp başy gymyldamaýardy. Öýüň ähli keşigi onuň gerdenindedi. Mansur haçan
görseň howlukmaçdy. Onuň ýazylyp-ýaýrap arkaýyn gülüp oturanyny görmek juda çetindi, köp zatlary
Abdylmälige ýetirmän özi hem çözýärdi. Kim näme gerek bolsa, kim näme etmekçi bolsa Mansura baryp ýüz
tutýardy.
Mansur kyrk ýaşlaryndaky, gysga boýly, berdaşly kişidi. Gürlände alkymyňa dykylyp: «Meni aldaýan
bolaýma» diýen terzde bäbenegiň içine dikarynlap seretmek edehädi bardy. Ol ähli zada müňkürdi, özem näme
haýyş edilse: «Ýok, ýok!» diýip, endigi boýunça başda garşy çykýardy. Şeýle bolansoň onuň «Mansur ýok»,
«Mansur müňkür» diýen lakamlary-da bardy. «Ýok» – onuň iň köp ulanýan sözüdi. Şeýle-de bolsa, biraz
wagtdan soň – megerem, oýlanýandyr – «Ýok, etjek däl» diýen zadyny-da edýärdi. Iň gowy tarapy, ýüreginde
adamlara ýigrenç ýokdy. Onuň «ýok» diýmeginiň sebäbi ýalňyşaýmaýyn diýen ätiýaçdan bolsun gerek, sebäbi
ol gaty uly hojalygy dolandyrýardy. Halwa, nişalla öndürmekde üç ýüz, ok-ýaý ýasamakda iki ýüz,
maldarçylykda iki ýüz elli, ekerançylykda müňden gowrak adam Mansur ýokdan – Mansur poladan – Mansur
müňkürden – Mansur gapydandan hak-heşdek alýardy. Howlynyň sag tarapyndaky hatar otaglaryň biri
Mansur polanyňkydy. Onuň otagynda galanyň, sebitiň hasap-hesibini ýöredýän on sany hasapçy işleýärdi.
Mansur diňe agşam öýüne gaýdýardy. Daň bilenem gelýärdi. Onuň öýi uzakda däldi. Ol Zamahşara başda
wagtlaýyn gelipdi. Onuň bilen Abdylmäligiň ümi alyşdy. Soň Abdylmäligiň towakgasy bilen ol galada hemişelik
galdy. Abdylmälik Mansur bilen edil dogan deýin gatnaşyk saklaýardy. Onuň aňsat-aňsat gahary gelmeýärdi.
Bu, megerem, çişik kişilere mahsus aýratynlyk bolansoň şeýledir.
Näçe ýyllap emiriniň hyzmatyny edenem bolsa, Mansuryň goşuny towuga ýükläbermelidi. Munuň sebäbi ol
baýlyga gyzykmaýardy. Gününiň geçeni bilen kanagatlanýardy. Ol maşgala-da edinjek bolmaýardy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 03
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.