Latin

Altynjan hatyn - 37

Total number of words is 3727
Total number of unique words is 2027
32.2 of words are in the 2000 most common words
45.2 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
merkezi şäherlerinem öz emirlerine ykta berip ýör. Garşysyna-da çykar ýaly däl. Seniň ýüz esgeriň bar
bolsa, onuň müň esgeri bar. Seniň on atlyň bar bolsa, onuň ýüz atlysy bar. Abu Kalyjaryň özüni
seljuklylardan ejiz duýmagynyň baş sebäbi diňe bir olaryň esgerleriniň sanynyň köplüginde däldi. Ýok, baş
sebäp haýsy ýere barsa, ýerli ilatyň seljuklylary duz-çörekli, gadyrly garşy alýanlygyndady. Baran
ýerlerinde olaryň halasgär hasap edilýänligindedi. Olaryň baran ýerlerinde halasgär hökmünde
garşylanmagy wagyzçylaryň, fiskallaryň gowy işleýänligini aňladýardy.
Abu Kalyjar haýsy ýere barsa, şol bir sözi eşidýärdi:
– Zalym-ganhor deýlemlileriň süteminden halas etmek üçin Allatagala seljuklylary bize halasgär edip
gönderipdir. Seljuk begleriniň ömürleri uzak, tutumlary rowaç bolsun!
Abu Kalyjar şu güne çenli özüniň deýlemlidigine buýsanyp ýaşady, bu gün bolsa ol özüniň
deýlemlidiginiň ejirini çekmeli boldy.
Halkyň arasynda şeýle uly abraý gazanan ýagy bilen her edip-hesip edip gowy gatnaşykda bolmaly.
Bulary ýagy edinmek – öz tepbediňi okamak. Şonuň üçin soltan Abu Kalyjar Togrul soltanyň göwnüni
nädip awlap boljakdygy hakda gije-gündiz oýlanýardy. Çünki Togrul beg ondan nägiledi. Onuň nägileliginiň
K
sebäbi Abu Kalyjar seljuklylara garşy söweşmek üçin soltan Masut bilen birleşmekçi boldy. Şu maksat bilen
birleşmek üçin Hyrada tarap ýola-da düşdi. Bu matlabyny aňyp, Togrul beg onuň garşysyna çykdy. Onuň
öz garşysyna gelýändigini eşidip, Abu Kalyjar yzyna öwrülipdi. Şondan bäri Togrul beg Abu Kalyjaryň
ugradan ýeke ilçisinem, töwellaçysynam kabul edenokdy.
Togrul beg tomsuň başky günleriniň birinde Abu Kalyjara Wasyt şäherine barjakdygy hakda habar
gönderdi. Bu habar Abu Kalyjaryň dünýäsini çepbe çöwürdi. Habary eşiden dessine Yspyhan şäherinden
Wasyt şäherine ýola düşdi. Ýolboýy begiň nädip göwnüni awlap boljakdygy hakda oýlandy. Abu Kalyjar
seljuk aýaly Äşäni – Gökdaş başbuguň uýasyny bezemek bezedi. Ol Abu Kalyjaryň ýeke-täk daýanjydy,
umydydy. Abu Kalyjar türkmenleriň naçar uýalaryny aşa gowy görýändiklerini, olara özlerine dözmedik
zatlaryny-da dözýändiklerini, näme haýyş etse, hökman bitirýändiklerini bilýärdi.
Abu Kalyjaryň ogly Mansur hem ejeligi Äşäniň ýanyndan aýrylmaýardy:
– Togrul bege göni aýt. Goý, ol maňa Ýezd welaýatyny ykta bersin. Men şol welaýata häkim bolaýyn.
Ine, şu haýyşymy bege ýetirseň, soň durmuşymyz gowy bolar.
– Ol meniň aýdanymy edermikä?
– Kimiň aýdanyny etmese-de, seniň aýdanyňy eder. Türkmenler naçar uýalary näme isleseler, hernäçe
kynam bolsa, hökman bitirýärler. Men muny türkmenleri gowy tanaýan adamlardan eşitdim.
Kaku şalygynyň Jibal ülkesindäki iň gözel şäherleri Yspyhan bilen Hemedandy. Wasyt ol şäherler bilen
deňeşdireňde kiçidi. Bu şäher, welaýat Kufäniň hem Basranyň aralygynda ýerleşýärdi.
***
Wasyta sary ýola düşülende Altynjanyň aňynda iki pikir bardy. Birinjisi, Kaku şalygyndaky haremhananyň,
köşk durmuşynyň nähilidigini bilmekdi, Abu Kalyjaryň hatynlaryny görmekdi. Ikinji bir pikir – Kaku
şalygynda Togrul patyşanyň aýratyn hormat goýan ulamasy Abu Aly ibn Sinanyň soltan Mahmytdan gaçyp
ilki Nişapura, ol ýerdenem Astrabada barandygy, Yspyhanda Şams ad-Daulanyň4 weziri bolandygy,
ýogalanda Hemedanda jaýlanandygy bilen baglanyşyklydy. Altynjan ulamanyň işlän, ýaşan ýerlerini görmek,
guburyna zyýarat etmek isleýärdi.
***
Wasyt ýörişinde ýol kesmegi – uzak ýoluň içdysdyryjy bolmazlygy, wagtyň nädip geçenini bilmez
ýaly, söhbet birle ýol kesmegi bu gezek soltanyň hajyp as-baby, ýaş ulama Kundury öz üstüne alyp,
töwekgellik etdi.
Togrul beg Kunduryny gowy görýärdi, aýratyn hem ylymdarlygy, halallygy, hoşgylawlylygy,
arassalygy, öz maksadyna berlenligi üçin gowy görýärdi. Bu gylyklaryň bary birigip, eýesinde wepadarlyk
diýilýän iň esasy sypaty döredýärdi, Togrul soltana-da iň gerekli hem gymmatly zat wepadarlykdy. Soltan
dogumly kişileri köp görüpdi, buýran işiňi bitirýän, «Telpegini al!» diýeniňde, kellesini getirýän dogumlylar
kändi. Togrul beg üçin şirin janyny pida berjek dogumlylar hem kändi, ýöne, arman, şol dogumlylygy özi
üçin ulanjaklar, kelle alyp, mundan özüne-de, özem saňa bildirmän peýda görjekler hem bardy. Gizlinlik,
ýaşyrynlyk, bähbit ara girende, wepadarlykdan nam-nyşan galmaýar. Dünýäde ylymly adamlar hem köp, ýöne
olaryňam käbiri saňa ylym, akyl öwredip, muny-da öz kiçijik bähbidine hyzmat etdirjek bolup çytraşýar.
Kiçijiklik, ownukçyllyk bar ýerinde bolsa, wepadarlykdan zat galmaýar. Emma Kundurynyňky ýaly halallyk
hem arassalyk bar ýerinde wepadarlyk hiç ýere ýok bolup gitmez. Onuň ylmy-da, dilewarlygydyr işeňňirligide, gara başy-da soltanyň hyzmatynda. Kundurynyň şahsyýeti Togrul bege özge şalaryň paýyna berilmeýän bir
artykmaçlygy – ýakynyndaky adama ynam etmek paýyny berdi. Begiň janyny, maksadyny, syryny – tutuş
baryny ynanýany diňe Kundury däldi, şeýle ynamdarlar başga-da bardy, kändi. Şu hem Togrul begi ýeňişli, işi
hemişe ugruna bolan beýik mertebä ýetirdi.
Togrul beg Kundurynyň sopuçylyk baradaky çuň, gyzykly hem lezzetli söhbetlerine hemişe maýyldy.
Yslam öz gözbaşyny hezreti Pygamberiň durmuşyndan alyp gaýdýanam bolsa, Togrul beg üçin sopularyň
ýaşaýşy, pikirleri we matlaplary türkmeniň Oguz eýýamyndaky – yslamdan öňki erenleriň adatlary,
parasatlary hemem ömri bilen deň bir zatdy. Togrul beg üçin yslam tuguny ýokary galdyrmak Oguzyň
düşünjelerini dowam etdirmek bolup durýardy. Bu hakykat onuň milli duýgusyny apalap, oňa taryhyň
jümmüşinden gelýän içki ruhy güýç-kuwwatyna joş berýärdi. Sopuçylyk, erenlik bilen baglanyşykly zatlar
Togrul beg üçin tas hususy, şahsy, onuň durmuşynyň içki bir pynhan tarapydy. Şonuň üçinem ol bu hakda iň
ýakyn adamlarynyň arasynda Kundury bilen içgin pikir alyşýardy, bu gürrüňlerden çäksiz lezzet alyp,
öňküsinden has ynamly, has aýgytly hem has dogumly bolýardy.
Kundury soltany-da, Altynjany-da özüniň dinler, mezhepler hakdaky täsirli söhbedine imrindirmegi
başardy. Ol Ajam ýurdunda yslamdan owal otparazçylyk, buddaçylyk, ýahudy, mesihi, brahmany, manewi
we mitraýy ýaly birnäçe ynançlara uýlup ýaşalandygy, olaryň käbiriniň häzirem bardygy, Muhammet
pygamber dünýäden ötensoň onuň orny, halyflyk, ymamlyk ugrundaky agzalalyklaryň başlanandygy, sünni,
şaýy, howaryj mezhepleriniň dörändigi hakda joşup-joşup söhbet etdi. Hiç kim onuň sözüni bölmedi.
Togrul beg hanafyçylygy ileri tutýardy, mugtazylalylaryň hemem mütekellimlileriň jedellerine hezil
edýärdi, özi-de olar bilen jedel gurýardy, köşkde mydama ulamalary, sopulary, şahyrlary saklaýardy.
Wagtyň nähili geçeni duýulmaýardy.
Kundurynyň söhbedine Togrul beg-de, Altynjan hatyn-da gowy baha berdi. Onuň bu ýol kesmesi hajyp
al-bab wezipesinden wezir wezipesine geçmegine badalla boldy.
***
Ine, Kaku şalygynyň neberesi, wezir-wüzeralary Togrul begiň öňünde tagzym edip durlar. Olaryň
ýekesem başyny galdyryp bilenok. Diňe Abu Kalyjaryň hatyny Äşe tagzym etmän, Togrul begiň gaşyna
göni geldi. Onuň ynamly ýöräp gelşini gören jandarlar aňkarylyşyp galdylar, çünki hiç bir kişi begiň
dergähine şeýle arkaýyn baryp bilmeýärdi.
– Muhammet, meni tanamadyňmy?
– Äşe dogan, bu senmi?
– Tanamarsyň öýtdüm.
– Äşe, heý, senem bir unudyp bolarmy?!
– «Öýlenjek däl, öýlenjek däl» diýip, ahyr öýlenipsiň-ä!
– Ýeri, niçik gördüň?
– Özüňe mynasybyny saýlap bilipsiň.
– Göwnüň ýetdimi?
– Göwün ýetmez ýaly däl-ä, bu – perizat!
– Deýlemliler seni horlaýan-a däldirler?!
– Ýok, ýok, ýagdaýym gowy.
– Aýt, çekinme, menden näme isleýärsiň?
– Mansura Ýezd welaýatyny ykta ber.
– «Mansur» diýýäniň kim?
– Adamymyň uly ogly.
– Seniň diýeniň bolar. Heý, saňa-da: «Ýok!» diýip bolarmy? Ýeri, başga näme islegiň bar, aýt! Sen
näme diýseň, men aýdanyňy ederin. Naçar dogan hiç haçan hor-zar, binowa bolmaly däldir.
– Başga haýyşym ýok.
***
Giň köşgüň içindäki belent tagtyň üstünde Altynjany oturtdylar. Içeride elliden gowrak hyzmatkärgyrnak onuň hökümine garaşyp durdy. Garşysynda dyza çöküp, başlaryny aşak salyp duran gelin-gyzlaryň
galabasy Abu Kalyjaryň haremhanasynyň hatynlarydy. Galanlary Wasytyň emiriniň haremhanasynyň
hatynlarydy. Altynjanyň ýeke agyz sözi olaryň ykbalyny çözýärdi.
Hatynlar Altynjanyň göwnünden turmaga çalyşýardylar.
Hatyn Abu Kalyjaryň maşgalasyna rehimdar çemeleşdi. Olara hiç hili jeza berjek bolmady. Abu
Kalyjaryň hatynlary, Zübeýda atly owadan gyzy bilen has-da mylakatly gürleşdi.
Äşe bu ýere öz garyndaşlarynyň gelmegine begenmek begenýärdi. Togrulyň ýanyna göni barmagy,
tagzym etmän gürleşmegi, Mansury Ýezd welaýatyna häkim belletmegi onuň abraýyny artdyrypdy.
Indi ondan heder edýärdiler. Ýöne onuň hem Altynjan hatynyň ýanynda susty pesdi. Megerem, ýat dilli
halkyň içinde ýeke bolansoň köp kösençlikleri çeken bolarly, Altynjanyň ýanynda horkuldap badyboýran aglady, ony gujaklady.
Äşe hemem Abu Kalyjaryň Zübeýda atly gyzy Altynjanyň ýanyna hiç kimi getirmeýärdi. Ýogsam
Wasytyň emiriniň hatynlary hem Altynjana özleriniň hyzmata taýyndyklaryny aýtmak isleýärdiler.
Äşe hatynyň olar bilen gazaply gürleşýändigini Altynjan hatyn aňýardy, ýöne bilmedikdenaňmadykdan bolýardy. Oňa o zatlary bilmegiň, dogrusy, zerurlygam ýokdy. Oňa kim hyzmat edende näme?!
Kaku soltanynyň hatynlarynyň emiriň hatynlaryndan gowy hyzmat etjegi belli ahyryn.
Haýsy ýere gitse, Altynjanyň aýagyny ýere degrenokdylar: ony tagtyrowanly göterip alyp gidýärdiler. Hebeşi
gulamlar asyl ýadanokdylar.
***
Olar üç zenan bolup şähere aýlandylar. Şäheriň gözel-gözel ýerleri hakda Zübeýda Altynjana
süýjüdip-süýjüdip gürrüň berýärdi. Äşe käte-käte Zübeýdanyň gürrüňiniň üstüni ýetirýärdi.
Gaty köp jandarlar-haşymlar olaryň barjak ýerlerinden adamlary kowup çykarýardy. Şeýle bolansoň
köçeleriň gyralarynda ilat Altynjany görmek üçin garaşyp durdy. Olar Altynjanyň tagtyrowany
ýakynlaşanda çöke düşüp, öwran-öwran tagzym edýärdiler. Maňlaýlaryny ýere degirýärdiler.
Ir ertirden başlanan gezelenç Gün günortandan agýança dowam etdi.
Gezelenç ýene dowam etjekdi, ýöne Togrul begden gelen çakylyk olaryň gezelenjiniň arasyny kesdi.
Olaryň gezelenç edip ýören ýerlerine atlaryny getirdiler.
Altynjan ata tekgesiz münüp bilýän däldir öýdüp, hebeşi gullar onuň atynyň öňünde egilip basgançak
bolup durdylar, olaryň arkalaryndan basyp, ata münmelidi. Altynjan hyzmatdan peýdalanmady, atynyň
jylawyny alyp, biraz ýöredi. Soňam sol elini atyň boýnundan, sag elini hem eýerden tutup, bir bökende
edil tüweleý göteren ýaly atylyp, ýöräp barýan atyň üstüne mündi.
Wasytlylar Altynjandan beýle herekete garaşmadyk bolarly, haýran galmadan ýaňa begençli, başlybarat gygyryşdylar.
***
Altynjan Wasyt sebitiniň howasyny, tebigatyny halady.
Niräňe seretseň baglyk. Niräňe seretseň, turunjylyk. Pyrtykal, hurma.
Çar ýanyň zümerret deýin gögeren bag-bakjalar, zümerret deýin giden tokaýlyk.
Ýere düşek ýazmak zerurlygy ýokdy. Allatagala ähli Wasyt sebitine gyrymsy ot düşäp çykypdyr.
Ýaýylyp ýatan göm-gök depeler, gülşen sähralyklar geň-enaýy ir-iýmişlerden doludy.
Şäheriň, obalaryň ilaty parahatdy. Olar degre-daşlaryndaky ir-iýmişleri – hozlary, turunjylary,
pyrtykallary, pisseleri, hurmalary ylla görmeýän ýalydylar.
Şäheriň bazarlarynda adyny tutan harydyň bardy. Kerwensaraýlar dürli ýurtlaryň täjirlerinden,
söwdagärlerinden ýaňa hyň berýärdi.
Wasytyň gündogar çetinde iki sany köşk bardy. Ol köşkler gür tokaýlyga çümüp otyrdy,
köşkleriň birinde şäheriň emiri ýaşaýardy. Beýlekisi bolsa Togrul beg üçin niýetlenilendi. Abu
Kalyjar bu köşgi özi üçin saklatsa-da, ýedi ýyla çeken şalygynyň içinde bary-ýogy Ýezdden gaýdanda
ýeke gezek gelipdi. Onda-da garaňkyda gelip, daňdan hem ýola düşüpdi.
Köşkden tokaýa gidýän ýoda bardy. Ýodanyň iki gyrasy-da burundyk tokaýlykdy. Tawus guşlar,
keýikler erkana gezip ýördi. Olar atlylardan ürkmelidirem öýtmeýärdiler.
Altynjan indi bir hepde bäri her gün säher oýanyp, daşaryk çykýardy. Onuň daşaryk çykanyny gören
on-on iki sany tawus guşy loňk-loňk edişip gelýärdi. Altynjan guşlara nan bölüşdirip iýdirýärdi. Olaryň
çokup, nan böleklerini alyşlary Altynjanyň göwnüni açýardy.
Mäkiýan däl-de, diňe erkek tawuslar owadan, kyrk öwüşginli bolýan ekenler. Altynjan Allatagalanyň
ähli janly-jandarlaryň urkaçysyny owadan edip, diňe tawuslar babatda tersine etmesiniň hikmeti barada
oýlanýardy, bir gezek bu pikirini Togrul bege-de aýdypdy. Beg onuň bu sözüne «loh-lohlap» güldi. Bu
hikmeti mäkiýan tawusyň günä iş edendigi: owadan guýrugyna bukup, şeýtany behişde salandygy, şeýdibem
Allatagalanyň näletine duçar bolandygy bilen düşündirdi.
Togrul beg her gün daňdan hatynynyň tawus guşa nan berip bolaryna garaşardy, soňam onuň bilen
ertirki gylyçlaşyk türgenleşigine başlardy.
Bu ýere gelenden bäri beg her gün säher hatyny bilen gylyçlaşyk türgenleşigini geçýärdi. Ol
türgenleşigi Reýde köplenç Hapban Endikäni han ýa Mübärek han bilen geçerdi, hatyny bilen geçýän
gezeklerem az bolmaýardy, Anuşirwan bilenem, hajyp Abdyrahman Agajy bilenem geçýärdi, ýöne Wasytda
diňe Altynjan bilen geçdi.
Tawuslara elindäki çöregi beren Altynjan garşysynda hüjüme häzirlenip duran bege bakyp,
bilindäki ýataganyna el ýetirdi:
– Başlalyň, begim?!
– Başlaly!
Gylyçlaşyk türgenleşigi başlandy. Bu türgenleşik iki tarap birder – bir gezek süllümbaý bolup
derleýänçä, ýadaýança dowam edýärdi. Şeýle bolansoň bu darkaşlar käteler günortana çenli uzaýardy.
Togrul beg gylyçlaşanda bar ünsüni garşydaşynyň gözlerine gönükdirýärdi. Sebäbi garşydaşyň howuny
basmagy darkaşda iň esasy zat hasaplaýardy.
Altynjany içgin synlap darkaş gurýan beg dillendi:
– «Turunjyly ýerde dynç almak isleýärin» diýip aýdanyň ýadyňda barmy, Altynjan?
– Ýadymda, begim, ýadymda.
– Är hatynynyň islegini amal etmeli. Men jahangirlik bilen aşa başagaý bolup, seniň şol islegiňi
kanagatlandyrmaga-da wagt tapmadym. Ynha, indi jahangirligimiz rowaç aldy. Gijem bolsa, saňa dynç
berýärin.
– Bir hepdäniň nähili geçenini-de duýman galypdyryn.
– Bu ýeri saňa ýarapdyr-da onda?!
– Ýarady! – Altynjan adamsynyň soňky sowalyna geňirgendi. Togrul beg hatynynyň geňirgenme bilen
seredendigini duýsa-da, duýmazlyga saldy. Gaýtam, ýene Altynjanyň garaşmadyk sowalyny berdi: –
Altynjan, entek garran-a dälsiň?
Altynjan nämä garaşsa-da, begden bu söze garaşmandy. Onuň göz öňünde dessine owadan Zübeýda
peýda boldy:
– Eger öýlenmek isleýän bolsaňyz, begim, men örän begenerin. Size mirasdüşer gerek.
Togrul beg hatynynyň bu sözünden soň, birki ädim yza çekildi, gylyçlaşmasyny goýdy:
– Saklan!
Altynjan hüjüme häzir bolup durşuna bege soragly seretdi.
Togrul beg keremara ýöräp Altynjanyň ýakynyna geldi:
– Gör, sen nämäniň pikirini edip ýörsüň?! Mende mirasdar bar, Süleýman bar, hiç bolmasa, Öwez 5 bar,
olar meniň ýolumy dowam etdirerler. Ýöne häzir men o hakda aýtmakçy bolmadym...
Beg hatynynyň başyndaky çyzmyga berkidilen ýukajyk ak tuwagyny sypyryp zyňyp goýberdi. Soňam
onuň altynsow saçlaryny penjeläp özüne çekdi:
– Altynjan, men seniň göwnüňe kän degdim, ýöne sen her gezek üýtgeşik çydamlylygyň bilen meni
haýrana goýduň. Seniň ornuňy tutup biljek adam dünýäde ýokdur. Sen meniň ýeke-tägimsiň! Düşnüklimi?
– Men düşünýärin, begim, düşünýärin.
– Ýok, ýok, sen düşünmeýärsiň. Sen meniň Altynjanymsyň! – diýip, Togrul beg Altynjany garsa
bagryna basdy-da, şeýle bir gujaklady welin, gapyrgalary şakyrdady gitdi. – Sen meniň naýybymsyň,
nedimimsiň. Seljuk begleriniň ýekesiniň hatyny hem hatyn6 unwanyna mynasyp bolup bilen däldir. Sen bu
unwana mynasypsyň, Altynjan! Men saňa öz şalygymda tarhanlyk ygtyýaryny berýändirin. Sende baş
weziriň hukugy hem ygtyýary bardyr. Ähli wezir-wekillerim seniň guluňdyr.
Togrul patyşanyň bu sözleri Altynjana syrly göründi: «Eý, Hudaý, beg bir betbagtlygyň boljakdygyny
bilip, hoş söz aýdýarmykan?! Näme üçinkä?»
Gylyçlaşyk dowam etdirildi.
Iki nazar ýene biri-birine gönükdi.
Biri-birine degip uçgun syçraýan gylyçlaryň sesleri uzaklara ýaýraýardy.
Darkaşda, esasan, beg hüjüm edýärdi, Altynjan goranýardy.
Darkaş birde endigan gidýärdi, birde ýitileşýärdi.
– Altynjan, näme ýalňyşlyk goýberendigiňi bilýärsiňmi? – diýip, soltan Altynjanyň bokurdagyna
gylyjynyň ujuny degirip saklady.
– Bilýärin, begim.
– Näme?
– Pikire gitdim.
– Näme üçin ömrüň gylsyrat köprüsindekä pikir edýärsiň?
– Adamymyň syrly sözleri meni özüm hakda oýlanmaga mejbur etdi...
Togrul beg syrly ýylgyrdy.
Gylyçlaşmak ýene dowam etdi.
***
Altynjan Zübeýdanyň uzyn saçyndan sypady-da:
– Bir mahal meniňem edil seniňki ýaly uzyn saçlarym bardy. Beg ýatanda, saçlarym bilen ýüzüni örtüp
ýatmagy gowy görerdi – diýdi.
Emenek nazaryny dikip duran Zübeýda birden hünibirýan aglamaga başlady. Altynjan:
– Zübeýda, saňa näme boldy? – diýip, ony köşeşdirmäge çalyşdy.
– Meniň siziň ýanyňyzdan aýrylasym gelenok, melikäm. Meni ýanyňyza çory edibem bolsa
almagyňyzy soraýaryn.
– Zübeýda, sen – şa gyzy! Sen asylly ýeriň gyzy. Saňa çory bolmak aýpdyr. Sen Togrul begiň hatyny
bolmaga mynasyp.
Altynjan hatynyň teskin bermek üçin aýdan bu sözi Zübeýda bilen onuň ejesine güýçli täsir etdi: olar
begenmek begendiler, Altynjanyň aýagyna ýykylyp, togap edip, alkyş okamaga başladylar.
– Altynjan hatyn Togrul beg üçin Zübeýda bikämize söz aýtdy!
– Eşitdiňmi, Zübeýda hatyn Muhammet Togrul begiň hatyny bolar.
– Biziň hemmämiz Zübeýda melikämiz bilen Muhammet Togrul begiň haremhanasynda ýaşarys!
– Zübeýda melikäm – Togrul begiň hatyny!
Altynjan zynharlady:
– Ýok, ýok, siz maňa nädogry düşündiňiz, men beg üçin Zübeýda gyza söz aýdamok. Duruň, duruň!
Altynjan nämä garaşsa-da, durmuşyň beýle öwrümine garaşmandy: bu habary saklamaga ol ejiz geldi.
Dogrusy, ol habary nädip saklajagynam bilmedi.
Eneli-gyz şindem başlaryny galdyrman Altynjan melikäniň aýagyna togap etjekdiler, ýöne ýörişe
ugramalydygy barada Togrul begiň habary geldi. Eneli-gyz müň mertebe baş edip ýerlerinden turdy.
Begençli habary köşkdäkilere söýünjilemek üçin akgyzlaryň hersi bir tarapa eňdi.
Altynjan elewredi: özüniň näme diýmekçi bolandygyny düşündirmäge çalyşdy.
Durmuşyň ýasawy şeýle: her kim bu dünýäde görmek isleýän zadyny görýär, eşitmek isleýän zadyny
eşidýär. Kakuly hatynlar hem Altynjanyň ýarym sözünden öz eşitmek isleýän talwasyny eşitdiler. Olara
häzir başga pikir gerek däl, asla gerek däl!
Altynjan kakulylar bilen häzir düşünişip bilmejekdigine göz ýetirenden soň, atyna atlandy.
***
Togrul beg ýüzden gowrak atly bilen şäheriň gündogar çetinde garaşyp durdy. Altynjan öz
atlylary bilen baransoň, ol ýola düşdi.
Uzak gidilmedi.
Togrul beg Wasytyň gündogar tarapyndaky ullakan bir depäniň deňinde atdan düşdi:
– Depä çykalyň!
Depä pyýadalap çykmaly boldy. Togrul beg keremara dyrmaşyp barýardy. Ol näçe ýokary
dyrmaşsa-da, özünde ýadawlyk duýanokdy. Onuň süňňi ýeňil gopýardy. Käbir kötel ýerde hatynyna
tekge bolýardy. Anuşirwan hem Altynjanyň gapdalyndan ýöräp barýardy.
– Ýadadyňmy? Ýokary çykyp biljekmi? – diýip, Togrul beg hatynyndan sorady.
– Ýadamok, begim. Ýokary çykaryn, hökman çykaryn.
– Ýadan wagtyň aýt, şol ýerde durubereris.
Depe onçakly bir uly däldi, ýöne köteldi, oňa aýlanyp çykmaly bolýardy.
Togrul beg bilen Altynjan iň öňden barýardy. Wezir-wekiller olaryň yzlaryndady.
Abu Kalyjar Ahmet Dehistanyga nämedir bir zady janygyp düşündirýärdi.
Wezir Ahmet Dehistanynyň goltugynda bir daňy hat-petek bardy. Abu Kalyjar onuň goltugyndaky
daňyny götermäge birki ýola döwtalap bolanda, wezir ýüregi ýarylan ýaly garşy çykdy.
Çagry begiň ogly mälik Süleýman hiç kime goşulman töwerek-daşyny teşnelik bilen synlaýardy.
Wezir-wekilleriň ählisi depä çykyp, demlerini biraz dürsänlerinden soň, ynak Ýusup Bazyrgany
sakynyp-sakynyp söze başlady:
– Kyblaýy älemim, ynha, biz Allatagala ýakyn ýerde, arassa ýerde durus. Şu ýerde, eger rugsat
berseňiz, Abu Kalyjaryň bir isteggähini size ýetirmekçi.
– O nähili islegdir ol?
– Beýik soltan! – Abu Kalyjar çustlandy. – Meniň meniklije oglum bar. Siz oňa Ýezdi rowa bildiňiz. Bu
sahawat-hasanatyňyz üçin biz – Kaku neberesi size bütin ömrümize alkyş okarys, metjitlerimizde mydama
siziň adyňyza hutba okarys. Bu zaman külli musulmanlar Muhammet Togrul beg – sizi özüne patyşa bilýär.
Sizi gerdun pelekde tanamaýan ýekeje-de adam ýokdur. Bu gün dünýä ýüzi siziň aýagyňyzyň aşagynda.
Siziň ýekeje sözüňiz, ýekeje yşaratyňyz kuwwatly bir döwletiň birki ýyldaky güýjüne barabar iş bitirýär.
Dünýäde siziň güýjüňize, siziň pähimiňize taý geljek ýekeje-de güýjem, lutfu pähim-parasat hem ýokdur.
Onsoň abraý lybasy şeýle beýik adamyň didaryny görmegiň, aýak tozuny öpmegiň, garyndaş bolmagyň
nähili uly anaýatlykdygy, şükür hem mertebe ganaty birle uçmakdygy ähli kişä düşnüklidir. Kaku
nesilşalygynyň – biziň seljuk begleri bilen, Togrul beg bilen garyndaş bolasymyz gelýär. Bu babatda biz
siziň ýene bir ýalkawyňyza umyt baglaýarys. Altynjan hatyn meniň gyzym Zübeýdaga siziň üçin söz
aýdypdyr. Biz Altynjan hatynyňam, siziňem islegiňize garşy gidip bilmeris. Gaýtam, muňa özümiň çäksiz
hursantlygymy äşgär etmekçi bolýaryn. Ömür egilmedik hem egilmejek boýunlary egmek mertebesini beren
Beýik Perwerdigär sizi, goý, mydama öz penasynda ömri-derazlykda aman saklasyn! Allatagalanyň ýerdäki
wekiline – Size hamt hem sahawat, lutfu kerem bolsun! Beýik Biribaryň bir katra suwundan serwi kamatly,
gülşen ýüzli jemalyny ýokluk perdesinden çykaryp, barlyk älemine rowa bilmek amaly dowamat bolsun!
Oglum Mansur – batyr, akylly ýigit. Ol siziň sadykat guluňyz bolar. Ol mydama siziň permanlaryňyzy
mutyglyk birle ýerine ýetirer...
– Altynjan, men seniň bilen düşünişdim ahyryn. Şondan soňky bu nutuklar näme gerek? Sen näme üçin
maňa hiç zat diýmän söz aýdýarsyň?! Sen meni nähili güne salýarsyň? – diýip, Togrul beg Abu Kalyjaryň
sözüni soňlaryna garaşyp durmady.
– Begim, gürrüň bu ýerde başga zat hakda barýar – diýip, Ýusup Bazyrgany gorka gürledi.
– Kalyjaryň gyzy hakda Altynjan maňa aýtdy, şonda men onuň jogabyny berdim.
– Abu Kalyjaryň gyzy meseläniň diňe bir tarapy, begim.
– Ikinji tarapy hem barmy onuň?!
Ynak aljyraňňy sözledi:
– Begim, Abu Kalyjar düýn bize isleg-telwasyny doly düşündirdi. Ol siziň neberäňiz bilen garyndaş
bolmak isleýär. Siziň doganyňyz Dawut begiň Zübeýda atly gyzy bar. Abu Kalyjar Dawut begiň şol gyzyna
ogly Mansur üçin hyrydar çykýar. Bir söz bilen aýtsak, Abu Kalyjar bir Zübeýdany berip, bir Zübeýdany
almak isleýär.
Abu Kalyjar howlukmaç gürledi:
– Gyzym siziň sadykat gyrnagyňyz bolsun!..
Mälik Süleýman edilýän gürrüňi halamady, gaşlaryny çytdy, biraz gapdala çekildi.
Togrul beg uludan demini aldy, Ýusup Bazyrganynyň sözüni halamady, Ahmet Dehistanyga ýüzlendi:
– Ahmet, biz şu ýere kakularyň gudaçylygyny çözmäge geldikmi?
– Ýok, begim. Biz bu depä Altynjan...
– Dur, dur, saklan! Ol zatlary sen permandan öň aýtjak bolma! Biziň şu depä çykyp, ilki etmeli
zadymyz nämedi?
– Wasyt ýaýlasyny synlamak, hökümdarym!
Togrul beg ynagyň ýanyna baryp, ýuwaşja dillendi:
– Janköýerlik edýärsiň welin, Ýusup, Kalyjary köneden bäri tanaýarsyňmy?
– Aý, ýok.
Beg köpmanyly baş atdy:
– Geliň, onda, ilki bilen, öz işimizi edeliň. Kalyjaryň meselesi gepiň gerdişine görä çözülýän mesele
däl. Ol düýpli mesele – aýratyn gürrüň. Onuň üçin ýörite ýygnanyşarys. Şeýtsek bolmazmy, Kalyjar?
– Bolar, hökümdar!
Altynjan özi üçin ýakymly bir permanyň okaljakdygyny duýdy.
Togrul beg Altynjany Wasyt sebitine emir bellemekçimikä? Ýa bu ýerlerini ykta bermekçimikä? Ýa şu
ýerden maňa bagyşlap köşk gurjak bolýarmyka?
Togrul beg Altynjan hatyna talak bermekçi bolýan bolaýmasyn? Ýa aýry ýaşamak isleýärmikä?
Belki, özi Reýde, Altynjany bolsa Wasytda ýaşatmakçy bolýandyr?! Belki, Kabyly Wasyta emir
bellemek isleýändir? Belki, bu sebiti Sadyllaga ykta berer?! Şa şa bolýar. Näme edeýin diýse, ygtyýary
özünde.
Altynjan begiň özünden «Reýde ýaşanymyz gowumy ýa Wasytda?» diýip soranyny ýatlady. Diýmek,
beg Reýden Wasyta göçüp gelmek isleýär. Ýaşamak üçin Reý gowy ahyryn. Wah, «Wasyt gowy» diýip,
Reýden göçmegiň zerurlygynyň ýokdugyny, bu ýerde bar zatlaryň Reýde artygy bilen tapylýandygyny bege
nädip düşündirip bolarkan?! Begiň bu islegini wezirler Anuşirwan ibn Tümen hem, Ahmet Dehistany hem
bilen bolmaly, ýöne olar Altynjanyň ýanynda hiç zatdan habarsyz boldular. Gel, Ahmet Dehistany hiç zat
aýtmasyn, ýöne Anuşirwan aýtmaly ahyryn! Ýa oňa beg hiç zat aýtmazlygy tabşyrdymyka?!
Ähli kişi sesini çykarman töweregine esewan edip durdy.
Altynjan Wasyt şäherini depä çykyp synlap görmändi.
Allatagalanyň demi hasaplanýan ýel depede ýiti duýulýardy. Demirgazykdan ösýän ýel duranlaryň
eşiklerini sypyryp bilmeýänine jany ýanýan dek, ahmyrly ses edýärdi.
Altynjanyň ilki gözüniň kaklyşany Wasydyň metjidi boldy. Metjit, metjidiň iki diňi, hana, özleriniň
ýaşaýan köşgi magallaklap görünýär.
Şäher baga bürenip otyr. Allatagala bu şäheriň adamlarynyň açlykdan kösenmezlikleri üçin her dürli
datly ir-iýmişleri boldan eçilipdir. Süri-süri keýikler agaýana sonarlap ýör.
Durnagöz çeşmeler, bulaklar akyşyp ýatyr.
Togrul beg töweregine birlaý göz aýlady-da, weziri Ahmet Dehistanyga «Başlaber!» diýip yşarat etdi.
Ahmet Dehistany sesine nazym berip, Togrul begiň permanyny okady.
Perman uzyndy, onda Altynjan melikäniň hatyn unwanyna mynasyp bolandygy, bu unwana laýyklykda
oňa wezir, goşun, mülk, hazyna berilýändigi, mülk-ykta hökmünde Wasyt welaýatynyň saýlanyp alnandygy
aýdylýardy. Ondan soňra Wasyt sebitiniň araçäkleşýän ýerleri, obalary, her obada näçe adamyň
ýaşaýandygy birin-birin sanalýardy.
Permanda Wasyt welaýaty bilen serhetleşýän galalar, oba-kentler, daglar-dereler, çeşme-çaýlar
Altynjana nätanyşdy. Ol bu atlary ilkinji gezek eşidýärdi.
Perman okalyp gutaransoň duranlar Altynjany mülki bilen mübäreklediler.
Bu permana hemmeden beter Anuşirwan bilen Süleýman mälik begendi. Olar gelip, Altynjan hatyny
gaýta-gaýta mübä­reklediler.
Altynjan Togrul begden nämä garaşsa-da, beýle permana garaşmandy. Dogrusy, ol häzir permana
begenibem bilenokdy, gynanybam. Bu mülküň özi üçin näme ähmiýetiniň bolup biljekdigine düşünmeýärdi.
Ol Togrul begiň hatyny. Diýmek, diňe bir Wasyt sebiti däl, ýedi yklym Altynjanyň öz mülki bolmaýarmy
eýsem?! Ähli dünýä özüniňkikä – Togrul beg hem Altynjanyňky ahyryn! – Wasyt sebitiniň mülk
berilmesine nähili düşünmeli?
Togrul beg Altynjanyň bu soragyny eşiden ýaly, jogap berdi:
– Altynjan, men ömrümiň paýawlap barýandygyny aňýaryn. Seniň menden uzak ýaşajakdygyňy hem
aňýaryn. Öňem aýdypdym saňa bu hakda. Men ölenimden soň, seniň hor-homsy bolmagyňy – Çagra, Ybraýyma,
Gutulmyşa, Öweze ýa Süleýmana, Anuşirwana elgarama bolmagyňy islemeýärin. Togrul begiň döwletiniň içinde,
goý, seniň men tarapdan resmileşdirilip berlen mülküň bolsun. Goý, seniň baýlygyň köp bolsun. Jandarlaryňhaşymlaryň bolsun. Anuşirwan seni goldar. Doganlaryň Sadylla bilen Kabyl seni goldarlar. Men ölenimden soň
sen bu ýerlerde erkana ýaşa! Şu günden başlabam Wasyt seniňki! Men bu ýere gelip etmek islän işimi etdim. Indi
ugrabersek hem bolýar, ýöne sen öz on müň atly goşunyň bilen bu ýerde gal. Sen bu ýere öz doganlaryňdan
haýsam bolsa birini emir belleseň, dogry bolar. Wasyt bilen tanyşmagyň, işleriňi ýola goýmagyň üçin men saňa
bir hepde wagt berýärin. Bir hepdeläp sebiti aýlanyp çyk, obalar bilen, adamlar bilen tanyş. Adamlaryň özüňi
gowy görmegini isleseň, olara görünme! Adamlar seni ýakyndan tanasalar, sen olar üçin syrly hem täsin dälsiň.
Diňe kethudalar bilen duşuş. Il-günüň hormatlaýan baýlaryny tozdurmakdan saklan. Olary diňe öz syrlylygyň
bilen gorkuzyp, öz bähbidiň üçin peýdalan. Abu Kalyjar ýa-da onuň ogly Mansur hyzmatyňda bolsun. – Togrul
beg Abu Kalyjar bilen Mansura seretdi. Kakulylar baş egip, özleriniň hyzmat etmäge taýýardyklaryny mälim
etdiler. – Goý, bular ýanyňda bolsunlar. Saňa ýol görkezerler. Wasytyň häzirki emirini başga bir şähere göçür.
Mansuryň giýew bolmak-bolmazlyk meselesi saňa eden yhlasyna görä bolar. Şu gün anna güni. Indiki anna
ýanyma barmasaň, ertesi idegiňe çykaryn. Düşnüklimi, Altynjan hatyn? Men başda ýanyňda Anuşirwan bilen
Süleýmany goýup gitmekçidim, ýöne olar maňa zerur gerek boljak. Ýanyňda Kabyly goýup gidýärin. Biz
ömrümizi ýüwrüp geçirdik. Dynç aljak ömrümiz örän az galdy. Şonuň üçin galan ömrümiziň her bir gününi
bilelikde eşrepi deýin tutmalydyrys.
Altynjan hatyn adamsynyň bu permanyna, sözlerine näme jogap berjegini bilmedi, dymdy.
– Byradarlar! – diýip Togrul beg duranlara ýüzlendi. – Wasytyň täze eýesiniň zyýapatyny görmän ýola
düşsek, jotda bolar. Bu gün Altynjan hatynyň zyýapatynda bolup, ertir daň bilen ýola düşsek, neneň-niçik
bolar?
– Zyýapatdan bolsun!
***
441-nji hijri ýyly – 1049-njy milady ýyly.
Bu ýyl Togrul beg bilen dogany Ybraýymyň arasynda düşünişmezlik ýüze çykdy. Togrul begiň dogany
köp sanly esger ýygnap, Togrul beg bilen söweşdi. Togrul beg dört gün dowam eden gabawdan soň ony
ýeňip, galany boýun egdirdi. Ýöne Togrul beg dogany Ybraýyma ýagşylyk etdi we ony ýanynda saklady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 38
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.