Latin

Altynjan hatyn - 24

Total number of words is 3693
Total number of unique words is 2058
29.7 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýalkawy. «Isle kynçylykdyr çykgynsyz ýagdaýa düş, isle-de hazynaly bol, höküm sür, barybir, bu bäşgünlük
dünýäden gidersiň» 6 Eý, Biribar, iň soňky gezek ärimden rüstemdigimi aýan etmäge pursat ber!»
Altynjan masgara bolmazlygy, goldamagyny, göz görkezmegine goldaw bermegini Perwerdigärden
pyşyrdap dileg etdi.
– Altynjan, pyşyrdap kim bilen gürleşýärsiň? – diýip, Togrul beg Altynjana gep gatdy.
Ol pyşyrdamasyny goýdy.
Daýysy Tümen beg göz atuwynda janlandy. Eline ýatagan alan ilkinji günlerinde Altynjana Tümen beg
ýörite pent edipdi: «Eliňe ýatagan alyp, söweşmäge başlanyňda aňyňdan ähli pikiriňi-zikiriňi zyňyp
taşlamaly, bar ünsüňi söweşe bermeli. Garşydaşyň her bir hereketini, näme etjek bolýandygyny gözüň bilen
däl, ýüregiň bilen görmegi başarmaly. Ine, şuny oňarsaň, ýeňiş ýylgaý seniňki bolar!» Bu pikiri Altynjana
ömründe köp kişiler aýdypdy, Togrul beg hem aýdypdy.
Altynjan juda bir kösenmezden aňyndaky pikirleri aýryp taşlamagy başarýardy. Ol ýene aňyndaky
pikirlerden saplanmak üçin gözlerini çalaja süzdi. «Altynjan, sen bege göz görkezmeli!» diýip, ol içinden bäşalty gezek gaýtalady. Hanjarly eline seretdi.
Ol ynam bilen nyşana atmaga girişdi.
Birinji gezek atdy.
Ikinji gezek atdy.
Perwerdigär Altynjany her gezek goldady: onuň zyňan sekiz hanjary islän ýerinden çümdi. Olaryň biri
Togrul begiň atan iki hanjarynyň arasyna çümdi, galany bolsa şol iki hanjaryň daşyna halkalaýyn aýlandy.
– Aperin! Aperin! Nähili takyklyk! – diýip, Abylkasym Buýany dillendi, bir nyşana, birem bege seretdi.
Onuň bu sözüni duranlaryň köpüsi goldady, Altynjanyň halamaýan Peýkamy-da goldady, ýöne Kabyl bilen
Anuşirwan seslerini çykarmady.
– Anuşirwan, Kabyl, siz hiç zat aýtmak isläňzokmy? – diýip, Altynjan çikjerip sorady.
– Melike, çoh takyk urduňyz! Aperin size! – diýip, ähli kişiden aýry duran emir Hapban Endikäni
ýalym-ýulum etdi.
– Men Kabyl bilen Anuşirwanyň pikirini bilmek isleýärin.
– Gowy, gowy! – diýip, Kabyl zoraýakdan aýtdy.
– Anuşirwan, sen näme diýjek?!
– Gowy! – diýip, Anuşirwan ysgynsyzja seslendi.
Togrul beg sesini çykarmady: şondan soň Altynjan ýene haremine dolandy, içerik giren ýerinde aşak
çökdi, bir çugdam bolup, başyny aşak salyp oturdy. Togrul beg içerik girende, aňk-taňk bolan dek gözlerini
petredip ýerinden galdy.
– Altynjan, men bu gün atam Seljuk begiň asfury hanjaryny saňa hedýe berýärin.
Altynjan Togrul begiň uzadan asfury ýakutdan saply hanjaryny ör-gökden gelip aldy.
Beg hanjary näme üçin berýär?
Bu Seljuk begden galan miras ahyryn!
Seljuk beg ölmeziniň öň ýany hanjary ähli neberesini ýygnap dabaraly ýagdaýda Togrul bege beripdi:
«Bu hanjar maňa daýymyl-wagt rowaçlyk getirdi, daýymyl-wagt ýeňiş getirdi. Men saňa uly umyt
baglaýaryn. Pederlerimizden galan şu mukaddes asfury hanjary saňa gowşurýaryn. Goý, bu hanjar saňa
daýymyl-wagt ýeňiş getirsin!» diýip, Seljuk beg Togrul bege rowaçlyk patasyny beripdi. Şondan bäri Togrul
beg asfury hanjary ýanyndan aýranokdy.
Bu gün şol mukaddes hasaplanýan hanjaryň Altynjana gowşurylmagy – bu Togrul begiň aşa uly
ynamynyň, aşa uly mertebesiniň alamaty! Muňa kim düşünmese-de Altynjan düşünýärdi.
Altynjan näme etjegini bilmän esli salym dymdy.
– Jöwşenimi 7 çykarmaga ýardam berjekmi?!
Begiň eşiklerini geýindirýän, tikýän, haýsy gün haýsy eşik geýse, gowy boljagyny maslahat berýän ýörite
hünärmenleri bardy. Altynjan olary halamazdy, dogrusy, olary begden gabanardy. Olaryň begiň geýinmegine
ýardam bermegine döz gelse-de, çykarynmagyna welin, hiç döz gelip bilmezdi. Togrul begi ýalaňaç halda
özünden başga ýeke kesiň hem görmegini islemeýärdi.
Togrul beg geýinmäge gaty uly üns berýärdi. Jamedaryň8 sahyplygynda otuz-kyrk adam onuň diňe
geýim-gejimi, geýnip ile çykmagy bilen meşguldy. Ol içki eşikde hiç kime görünmezlige çalyşýardy. Sähel
salymlyk daşaryk çykyp gelmek üçin hem ol hökman howlukman geýnerdi.
***
Togrul begiň Seljuk begden galan asfury ýakutdan saply hanjary – döwletliligiň, mertebäniň hem-de
hökümdarlygyň alamatydy. Bu alamatyň Altynjan melikä bagyş edilmegi döwletiň geljekki ykbalynyň şonuň
bilen bilelikde çözüljekdigini aňladýardy. Bu aňlatmanyň hatda Togrul beg üçin aňasty bir närse bolan
bolmagy-da ähtimaldy. Belki-de beýle däldir, beg özüniň näme edýändigini gaty oňat bilip, hereket edendir.
Haýsy biri bolanda-da, wakanyň düýpli alamaty – manysy hem ähmiýeti göze görnüp durdy. Ýaşaýyş
dowamaty iki ugur boýunça bolup geçýärdi – ýaşaýşyň ýüzündäki adatylyk hem-de onuň düýbündäki,
teýindäki, çuňlugyndaky alamatylyk. Adaty ýaşaýyş gutaryp, adamyň hem halkyň durmuşynda aýratyn döwür
başlananda, iki hili närse köpelýär: bir-ä, durmuşyň duýulyşy, kabul edilişi täsin howalylyga eýe bolýar, birem
alamaty zatlar ýygjamlaşýar. Birinjisi ýaşaýyş hyjuwynyň Asman giňligine tarap, ikinjisi bolsa onuň Zemin
çuňlugyna baka joş urmasydyr. Şeýle pursatlar adam ömründe, şeýle döwürler halkyň taryhynda seýrek bolýar.
Munuň özi ýaşaýyş ummanynyň girdabyndaky akymlaryň ugrunyň we tizliginiň ummany ýüzleýligindäki
akymlaryň ugry hem tizligi bilen gabat gelmegidir. Bu gabatlaşykdan ýaşaýyş many, dünýä maza tapynýar.
Togrul begiň hatyny babatdaky bu göze gözel görünýän hereketi diňe bary-ýogy gözellik däl. Ol türkmeniň
geljekki beýik ykbalynyň çuňlugyndan gelýän tejelli.
***
Togrul beg uzynly gün adam kabul edýärdi. Onuň ýanyna gelýän adamlaryň yzy üzülmeýärdi: iş salyşýan
adamlarynyň sany, hökümdarlyk edýän ýerleriniň çägi günsaýyn artyp gidip otyrdy.
Ol her gije ähli kişiden soň ýatardy.
Ýatanda-da uzak ýatmazdy. Bir görseň, ýaňy uka giden ýalydyr, ýöne biraz salymdan soň mirşepleriň
arasynda aýlanyp, olara gözegçilik edip ýörendir ýa-da niredendir bir ýerden gelen çapar bilen gürleşip
durandyr. Togrul beg çaparlary – gije-gündiziň haýsy wagty gelse-de, parhy ýok: «Bimahal geldiň» diýmän,
kabul edýärdi, habaryny alýardy.
Beg gije uklap bilmedik bolsa-da, daňdan ähli kişiden öň aýak üstündedi. Hyzmatkärler, diňe
hyzmatkärler däl, Altynjan hem köplenç begden ir oýanmaga çalyşýardylar, ýöne olar, barybir, begden ir
turmagy başarmaýardylar.
Onuň uzynly gün, köplenç uzynly gije aýak üstündedigine, dynç almaýandygyna Altynjanyň nebsi
agyrýardy, ýöne beg näçe köp işlese-de, gijelerine oňly uklamasa-da, özünde ýadawlyk duýmazdy.
Az uky bilen oňňut etmegi başarýan Togrul begiň käteler aýy ukusyna gidäýmesem bardy. Onuň aýy
ukusy birki hepdeläp, käteler kyrk günläp dowam ederdi.
Dynç alýan günleri ol hareminden eger-eger çykmazdy. Nähili möhüm iş ýüze çyksa-da, geleň etmezdi.
Altynjandan özge ýeke kişi bilenem gürleşmezdi. Altynjanyňam başgalar bilen gürleşmegini islemezdi.
Beg dynç almalaryny iki görnüşe bölýärdi: uly uky hem kiçi uky.
Onuň uly ukusy kyrk güne çekse, kiçi ukusy bir hepde töweregi dowam ederdi.
Begiň uklamasy-da, oýanmasy-da ýeňildi. Islän pursady uklamagy, islän pursady oýanmagy
başarýardy.
Altynjan beg uly uka gidende ýatmakdan ýaňa ýadardy.
Togrul begde üýtgeşik bir başarnyk bardy: ol edil Mäne baba deýin, adamlaryň näme pikir edýändigini
duýýardy, takyk bilýärdi.
Altynjan ýatmakdan ýaňa ýadandygy hakda oýlandy welin, Togrul beg bürgüt bolup onuň üstüne
gerildi…
***
Olaryň ümleri, jynlary alyşýardy. Biri-birine sözsüz düşünişýärdiler. Özem bile bolanlarynda wagtlary
bedew ata atlanan dek gaty çalt geçýärdi.
Beg käteler açylýardy. Ol:
– Zenanlar – pelegiň tagamy, manysy. Zenanlar – pelegiň gyzygy. Eger sen bolmasaň, kyrk günläp
ýatybam bolmaz. Ýanyňda hatynyň bolsa, islendik işiň rowaç tapýar. Sen meniň rowaçlygym – diýip,
Altynjanyň uzyn şamar saçlaryny öz boýnuna dolardy.
Bu begiň lezzet alýan zadydy.
Altynjan bolsa begiň murtundan ýolmagy gowy görýärdi.
Ýolmak hem ýoldurmak iki tarapa-da lezzetlidi.
Göräýmäge, murtdan ýolmakda güler ýaly hiç zat ýokdy.
Ýöne är-aýal üçin beýle däldi.
Olar gözlerini ýaşardyp gülşerdiler.
– Ýol, ýol! – diýip, beg buýrar.
– Ýok, ýok, gerek däl. Birden, öňki ýaly, burnuňyz ganaýmasyn.
– Ganamaz, ýoluber.
– Ýekejesinimi?
– Ýok, ikisini ýol!
– Aý, gerek däl!
– Men saňa buýurýaryn! Ýol!
– Agyrar!
– Goý, agyrsyn!
– Agyrmasyn!
– Barybir ýol!..
***
Togrul beg Altynjana seredip uzak oturdy.
– Nämä üçin seredýärsiňiz, begim?
– Eý, Altynjan! Allatagala saňa erkek kişiniň edermenligini, pähimini, hatynlaryň owadanlygyny, näzikligini
beripdir. Soltan Mahmyt Ýusup atly bir aşa görmegeý oglany ýanynda saklapdyr, oňa seredip, kalbyna giňlik,
röwşenlik tapypdyr, oňa seredip mylaýymlaşypdyr, gaharly bolsa köşeşipdir, oňa seredip tutan tutumy ýylgaý
oňuna bolupdyr, ýeňiş gazanypdyr. Soltan Mahmydyň, biler bolsaň, şol aşa görmegeý Ýusup atly jahyly meniň
üçin, Altyn gyz, sen! Seniň mübärek jemalyňy görüp saba bilen başlan tutumymyň şow tapmadyk ýekeje saparam
ýok. Sen meniň asfury hanjarym! Meniň ýeňişlerimiň tumary – sen! – Togrul beg hatynyny birmeýdan synlap
oturansoň, hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady: – Ýaşamak – söweşmek. Bu söweşde seniňki has kyn...
– Ýok, maňa kyn zat ýok.
– Häzir sen hakykaty aýtmaýarsyň. Sen meni biynjalyk etmezlige çalyşýarsyň.
– Siziň näme diýmekçi bolýandygyňyza düşünmeýärin.
– Sen meniň hatynym hökmünde köp zatlara özüňiň hukuklydygyňy, özüňiň naçar hatyn däldigiňi,
beýik şahsdygyňy subut etdiň. Boýun alasymyň gelmeýän zatlarymy sen bile ýaşan bäş ýylymyzyň içinde
ýüzüme basyp, boýun aldyrdyň. Sen şu gün meniň dünýäme diňe bir hatynym hökmünde däl, eýsem,
nedimim, iň ýakyn maslahatçym hökmünde girdiň, özüňi ykrar etdirdiň. Sen meniň ýüregim! Indi öňüňde
ikinji basgançak – iň kyn basgançak dur: sen indi özüňi meniň köşgümde – salamlygymda ykrar etdirmeli.
– «Ikinji basgançak» diýdiňizmi?
– Hawa, indi seniň öňüňde ikinji basgançak dur. Gö­räýmäge, begiň hatynynda hiç hili alada bolmajak
ýaly, ýöne bu beýle däl. Köşkdäkileriň biri saňa göriplik eder, ikinjisi, bahyllyk, üçünjisi, günüňi
bulamakdan lezzet gözlär. Wezir-wekilleriň aýallaram saňa ýaranjaňlyk edýän, seni gowy görýän ýalydyr,
ýöne olaryň aňlaryndaky pikirler ötlem-ötlemdir. Sen indi wezir-wekillere, olaryň hatynlaryna özüňiň
mynasyp ýerde oturandygyňy, her bir zady görýändigiňi, ýamanlyk edilen ýagdaýda ýagşylyga garaşmaly
däldigini subut etmeli. Boş gürrüňler bilen ýüregimi çişirip, çagajygymyzyň ölümine sebäp boluşlary
ýadymdan çykanok meniň, çykaram öýdemok.
Altynjan biygtyýar dillendi:
– Kimdi şol?
Togrul beg birsellem dymdy:
– Geçeniň geçdigi bolsun, köne saman sowurmaly.
– Men onuň kimdigini aňýaryn.
– Kim?
– Ýyldyrym Sebzewar bolmaly ol!
– Ýok, ýok, ol däl! Sebzewar meniň şatlygym, gülkim. Ol degişýär, ýöne gybat etmeýär. Men oňa bäş
barmagym ýaly belet.
– Şol, şol! Onuň bar maksady meniň şowsuzlygym. Onuň dilini kesmeli, dilini!
– Altyn gyz, sen maňa yşan, nähak töhmet erbet zat! Dogry aýdýarsyň, Ýyldyrym Sebzewar biraz
köpräk gepleýär, ýöne ol saňa, maňa juda wepadar. Men ony kän gezekler synagdan geçirdim. Sen giň bol!
Geçeni geçdi bil! Biziň günümiz gowy. Mundan beýlägem gowy bolar. Men öz maksadymy saňa gürrüň
berdim ahyryn! Nesip bolsa, göwnümizdäki ýaly bolar, Reýde 9 ýaşarys. «Adamlara peýdaly zat bolsa, onuň
dünýäde galjakdygy» 10, ýöne ýere aýdylmandyr. Biziň bitiren işlerimiz baky galar. Men saňa uly umyt
baglaýaryn, Altyn gyz!
– Men düýrmegim bilen rowaçlyk isleýärin.
– Men bilýärin, Altyn gyz. Men seni indi bu gün tanamaly däl-ä! Ýöne käbir zatlarda ahmyrym bar.
– Ahmyr geljege güýç berýär.
– Şol güýç özümize garşy bolmasyn!
Iki göreç biri-birini ezizledi, olar biri-birine sözsüz dü­şündiler.
Ýürekler bir bolanda söz gerek däl eken. Söz ýürekler biri-birinden daşlaşandan soň dörän bolmaly.
Ýedinji hekaýat
GYLYÇ ÝA KEPEN DÄBI
oltan Masut Nusaýdaky masgaraçylykly ýeňlişden soň, gaçyp gider ýaly etmek üçin agyrdanagyr salgyt salandygyna, seljuk begleriniň islegini kanagatlandyrmandygyna – düşleg bermändigine
ökünmek ökündi, gulamlarynyň, wezir-wekilleriniň, serkerdeleriniň bu ýeňlişden soň ýüreklerinde
seljuklylardan gorkynyň galandygyna göz ýetirdi. Gorky bilen ýeňiş gazanyp bolmaz, ýöne gorkyny nädip
aýyrmaly?!
Gaznaly gulamlar bu söweşe juda uly umyt baglapdylar, çünki soltan darkaşa gatnaşan, darkaşda
tapawutlanan her bir gulamy sahylyk bilen sylaglamak hakda ýörite perman beripdi. Şol perman esasynda
goşunyň gapdaly bilen üç ýüz araba ýüküň – altynyň, her hili gymmatbaha baýlyklaryň alnyp
barylýandygyny, şol arabalardaky baýlyklarda özleriniňem paýlarynyň bardygyny gulamlar bilip-görüp
durdylar ahyryn. Şol baýlyklara eýe bolmak hyjuwy bilenem olar Nusaýda gaýduwsyz söweşipdiler, ýeňşem
gazanypdylar, ýöne darkaşdan soň, ýaraglaryny beýlede goýup, ýaňy arzyly sylaglaryna gowşan pursatlary
seljuk esgerleri üstlerine ýaz çabgasy bolup, ýok, ýok, has takygy, Ezraýyl bolup dökülipdi. Soltanyň
gulamlary oljalaryny ýerde goýup, ýaraglaryny ele almaga-da ýetişip bilmediler. Gulamlaryň arasynda
arzyly ýeňişden soň dynç almak maksady bilen ýaňy uka batanlary-da bardy. Olaryň şol ukulary baky uka
öwrülipdi.
Üstüne Ezraýyl abanyp geliberse, adam görgüli nätsin?! Ol gaçmak bilen bolýar. Seljuk atlylaram
gaznaly gulamlara gaçmagy ýeke-täk çykalga hökmünde zol-zol ýatladýardylar.
Gaznaly gulamlar baş-başa, jan-jana bolup gaçdylar. Seljuk atlylary bolsa, gaçyp barýan görgülileri ýekeýekeden pürrelediler!
Nusaý söweşindäki masgaraçylyk soltan Masudy endiretdi, gijelerine rahat uklap bilmedi.
Seljuklylar bilen bellisini bilmeli!
Uly goşun jemläp, olary düýt-müýt etmeli!
Haşar ýygnamaly!
Nusaýda gorkan soltan gulamlary seljuk esgerleri bilen ikinji gezek ýüzbe-ýüz söweşmäge gujur-gaýrat
taparmykalar? Soltan üçin iň erbet ýeri, «Seljuk esgerleri ýeňilmezek. Çünki olaryň arkasynda Allatagala
dur» diýen hopukdyryjy myş-myşlar jik-jiki ýaly ondan-oňa bökýärdi: dilden dile geçýärdi. Soltan bu «myşmyşyň» seljuk begleri tarapyndan ýörite ýaýradylýandygyny bilýärdi, ýöne ol «myş-myşlaryň» nädip öňüni
aljagyny bilmeýärdi.
Bu günem, ine, Çagry begdir Togrul begiň adyndan ýazylan haty soltana getirip gowşurdylar. Hatda
seljuk begleriniň uruş islemeýändikleri, gaýtam, soltana wepalylyk bilen hyzmat etmekçidikleri nygtalýardy:
«Eý, mülk we döwlet eýesi bolan Alla, Sen islän kişiňe mülk berýärsiň we islän kişiňden ony gaýtaryp
alýarsyň. Sen islän kişiňi eziz, güýçli, islän kişiňi bolsa har-zelil edýärsiň. Ähli ýagşylyk ýalňyz seniň
eliňdedir. Sen ähli zady başarýarsyň». 1
Togrul begiň gönderen hatyny okan soltan Masut seljuk beglerini haýbat bilen gorkuzyp
bolmajakdygyna düşündi. Haty baş diwanynda maslahata goýdy. Onda seljuk begleriniň hatda soralyşy
esasynda üç bege: Togrul bege, Çagry bege we Musa bege üç welaýatyň berlendigini ykrar etmek makul
bilindi. Üç welaýaty seljuklara soltan Mahmyt ykta beripdi, ýöne ony ogly soltan Masut ykrar etmän ýördi. Bu
gün üç bege üç welaýatyň berlendigini ykrar etmek ýeke-täk dogry çykalga hasaplandy. Şeýdip, ýamandan
boýnuňy satyn almak islediler. Soltanyň külah menşurlaryny 2 Bu Nasr Mişkan taýýarlady. Şol külah
menşurlar boýunça:
Nusaý welaýaty – Togrul bege;
Dehistan welaýaty – Çagry bege;
Farawa welaýaty – Musa bege berildi.3
Her welaýat boýunça aýratyn perman, şeýle hem her bege aýratyn beglik dony, tug taýýarlanyldy.
Soltanyň Sini atly wekili Nusaýa ýörite geldi. Togrul bege, Çagry bege, Musa bege üç welaýatyň resmi
taýdan berilýändigi hakdaky kulah menşurlaryny ýörite gowşurdy. Perman esasynda üç seljuk begi
soltanlygyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem olara daýhan 4 unwany berildi.
Daýhan unwanyny alan begleriň özlerine berlen welaýatlarda doly ygtyýarly adamlardygy şalyk
tarapyndan resmileşdirildi. Sini üç bege öz welaýatlarynda ýüze çykan meseleleri isleýişleriçe çözmäge doly
ygtyýar berilýändigini gaýtalap-gaýtalap aýtdy.
S
Ol üç daýhana – bege soltanyň aýdan başga-da bir pikirini mälim etdi: soltan seljuklylara Jeýhunyň
kenarlaryna göçüp barmaklaryny maslahat berýär; ol ýerlerde seljuklylara bu ýerlerdäkiden has amatly
mümkinçilikleri, şertleri döredip berip biljek. Sini welaýat daýhanlarynyň her birine aýratynlykda birmeňzeş
iki şahly lat, ýagny telpek, aýratyn eşik, bedew at, eýer, guşak, şeýle hem egin-eşik tikdirip geýmek üçin otuz
görnüşli mata gowşurdy. Ýöne üç seljuk begi özlerine berlen egin-eşikleri, iki şahly laty, permany soltanyň
wekiliniň gözüniň öňünde oda ýakdylar 5.
– Soltan Mahmytdan özüne mynasyp är nesil galmady. Ogly Masut nanýagy. Ol keýpi-sapadan –
şöwhetden başga hiç bir zady bilmeýär. Goý, ol Gaznada keýpi-sapada ýaşabersin. Beýik babasynyň
hatyrasy üçin biz ony öldürmeris, tagtdan-da düşürmeris, Gazna ýöriş hem etmeris. Ýöne indi Horasany
ýadyndan çykarsyn. Çünki Horasan biziňki! – diýip, Togrul beg Sini wekile aýtdy.
Bu habary soltana doly aýtmaga Sininiň gaýraty çatmady, ýöne ol bolan wakalaryň gylyny gyşartman
beýik hoja Ahmet-i-Abd-as-Samada ýetirdi.
Sininiň habary ýetirilmedik hem bolsa, soltan seljuk begleriniň edýän ähli işlerinden habarlydy, çünki
Horasan sahyp beriddinden hem sahyp diwanyndan oňa günde-günaşa ýowuzdan-ýowuz habarlar gelip durdy.
Ähli zada ygtyýary ýetýän soltanyň seljuk beglerine ygtyýary ýetenokdy. Köşkde hem şolardan başga gürrüň
ýokdy. Muňa onuň jany ýanýardy. Gijelerine ýatman, çykalga gözleýärdi, Hajy Mälige 6 öwrülen seljuk beglerini
ýok edip biljek kişä soltanlygynyň gylla ýaryny bermäge razydy.
***
428-nji hijri ýylyň muharrem aýynda7 soltan Masudyň diwanyna seljuk beglerinden ilçiler geldi. Seljuk
ilçileriniň biri öň samanly şalygynyň köşgünde işlän buharaly ulama Seýit Rawendidi, ikinjisi bolsa Togrul
begiň nedimi emir Mübärekdi.
Iki ilçini ilki weziriň diwanyna eltdiler. Olary beýik hoja (wezir) Ahmet-i-Abl-as-Samat kabul etdi.
Seljuk ilçileriniň getiren hatynda Çagry beg bilen Togrul begiň serdarlygyndaky seljuk jemagatlarynyň
Horasandaky akynlarda elleriniň ýokdugy, ol akynlary başga toparlaryň edýändikleri, özleriniň parahatçylykly,
ylalaşykly, agzybir durmuşyň tarapdarydyklary, şeýle durmuş ugrunda göreşýändikleri, bu islegiň amala
aşmagynda soltana ýakyn ýardamçy bolmak isleýändikleri, ýöne bu islegleriniň amaly üçin özlerinde hiç hili
şertiň ýokdugy, ýagny soltanyň özlerine beren ykta ýerleriniň juda azlyk hem darlyk edýändigi, şonuň
üçinem özlerine Merw, Sarahs welaýatlarynyň berilmeginiň zerurdygy, mundan-da başga, özleriniň
ygtybarly ýardamçy-goragçy bolmaklary üçin käbir zatlaryň ýola goýulmalydygy: ilki bilen, soltanyň öz
sahyp beridlerini, sahyp kazysyny, sahyp diwanyny Etege ugratmagynyň, olaryň ilatdan salgyt-mal
bistegany ýygnap bermekleriniň möhümdigi, ýygnalan salgytlaryň hasabyna özleriniň Horasandaky
topalaňçylary sebitden kowup çykarjakdyklary aýdylýardy8. Hatyň soňunda soltanyň hajyby Sübaşynyň
Nyşapurda we Hyratda goşun jemleýändigi, eger şol goşun seljuklylaryň üstüne çozmak maksady bilen
jemlenýän bolsa, onda özleriniň mejbury ýagdaýda goranmaly boljakdyklary, ol goşuny kül-peýekun
etjekdikleri, bu masgaraçylykly ýeňlişiň soltanlygyň abraýyny has-da pese düşürjekdigi, soltanlygyň düşjek
wejera gününe özleriniň gynanjakdyklary, bu duýduryşyň boş duýduryş däldigi, diňe päk niýetli, dostana
duýduryşdygy sypaýyçylykly ýaňzydylýardy.
– Kimmiş olar maňa akyl-duýduryş berer ýaly? – diýip, soltan Masut gazaplandy.
Seljuk beglerine geregi-de şoldy…
***
Seljuk begleri soltanyň goşuny bilen entek-entekler açyk darkaşa girmezlik, diňe gaçyp söweşmek –
türkmeniň gadymy ur-gaç harby tilsimini ulanmak, howsala salmak hakda öz aralarynda ylalaşypdylar.
Olaryň Horasanda abraýynyň hem däsiriniň artýandygyna jany ýanýan soltan Masut seljuklylary ýok
etjekdigine açyk göz ýetirse, bir günem durjak däldi, gitjekdi, tüýdüm-tüýdüm etmekçidi, bu maksadyna ýetmegi
üçin ol hiç bir zatdan hem gaýtjak däldi, ýöne onuň ýeňşe ynamy azdy, il arasynda soltanlyk üçin döş gerjek
adamlaryň köp däldigini bilýärdi. Welaýatlaryň raýisleri, amidleri diňe öz bähbitleri bilen başagaýdylar. Duza
gaçan hem duz boljak eken. Soltan keýpi-sapany, agyr-agyr meýlisleri gowy görensoň, welaýatlaryň dikmeleri-de
onuň ýoluny tutýardylar, günde-günaşa meýlis gurýardylar, hanafy mezhebine daýanyp, serhoşlykdan aňsat-aňsat
açylmaýardylar9. Ýarym ýalaňaç zenanlara rakys oýnadyp, aýdym aýtdyryp, göwünlerini hoşlaýardylar. Soltanyň
permanlaryny ýerine ýetirmäge olarda wagt-da ýokdy, höwes-de.
Seljuklylar bilen söweşip ýeňiş gazanjagyna ynamy berk bolmandan soň, soltan ýeňiş gazanjak ýerine –
Hindistana ýörişe ugrady.
Ol Hindistana gidensoň wezirler we döwlet işgärleri özara geňeşdiler: «Seljuklylara geleň etmezlik –
Horasanda olaryň işleriniň rowaç almagyna, köp güýç toplamagyna, berkemegine mümkinçilik döretmek.
Olar Horasana ýylsaýyn berk ornaşýarlar, güýçlenýärler. Birki ýyl towuklaryna tok diýilmese, olar has hem
güýçlenerler, biziň üstümizden öz hökümdarlyklaryny gurarlar. Bu sähel üşügi bar adam üçin düşnükli. Olar
tiz wagtdan Horasanyň ähli ýerini eýelärler, soň biziň aýaga galmagymyz peýdasyz bolar. Seljuklylar
Horasany doly eýelänlerinden soň, Gazna ýöriş ederler. Şol wagt olary saklamaga biziň küşdümiz ejiz geler.
Häzirkimiz ýaly işsiz oturmagymyzy, aýdym-saz, keýpi-sapa bilen wagtymyzy geçirmegimizi häzirlikçe bes
edip, seljuk kellagyrysyny aradan gutarnykly aýyrmasak, ertirki gün bize masgaraçylykly ölüm garaşýar».
Wezir-wekiller pikirlerini Hindistandan uly ýeňiş, uly olja bilen dolanan soltana aýtdylar.
Wah, görgüli!
Hindistana gitse, seljuk kellagyrysy – meselesi öz-özünden çözüläýjek, öz-özünden aradan aýrylaýjak
ýalydy, ýöne ol öz-özünden çözülmedi, soltanyň bagryny iýýän gurt boldy.
***
Seljuk jemagatlarynyň öňki eden weýrançylyklary az görlen deýin, soltana Gyzyl başbuguň, Ýagmyr
başbuguň Reý şäherinde edýän talaňçylyklaryny habar berdiler.
Soltan Reýdäki bozgaklaryň soňuna çykmak üçin öz hajyby Subaşyny «Yrak oguzlary» diýlip tanalýan
seljuk başbuglary Gyzylyň hem Ýagmyryň jemagatlarynyň üstüne ugratdy. Merdawij atly uly emirini hem
hajybynyň ýanyna goşdy.
Subaşy Reýde garşydaş tapmady, ol ýerde seljuk jemagaty ýokdy. Sebäbi Gyzyl bilen Ýagmyr bir ýerde
uzak durmaýardylar.
***
Subaşy Hyratda, Nyşapurda dynç alyp, Çagry begiň üstüne – Merwe ýöriş etdi. Üç günde Merwe ýetdi.
Subaşynyň goşuny ýadawdy.
Çagry beg olaryň ýadawlygyndan peýdalanjak bolmady, öňünden çykmady. Salyr Gazan usulyny
ulandy: şäheri boşadyp, çöle çekildi.
Hajyp Çagry begiň yzyndan kowup ugrady.
Çagrynyň maksady-da hajybyň gulamlary bilen gaça söweş etmekdi. Onuň esgerleri Merwiň töwerekdaşyna beletdiler. Şonuň üçin olar hajybyň goşunynyň garaşmadyk ýerinden zompa çykyp, hüjüm edip, her
gezek köp adamy öldürýärdiler, köp mukdarda olja edinýärdiler.
***
Seljuklylar üçin çomry ýaşaýşynda ýaşamak mümkin däldi. Sebäbi gaznaly gulamlar obama-oba
aýlanyp ýördüler. Olarda rehim-şepagat ýokdy, iň soňky kesemen tötegiňe çenli eliňden gaňryp alýardylar,
egniňdäki eşigiňe çenli «salgyt» diýip, «paç» diýip sypyrýardylar. Şeýle bolansoň seljuklylaryň öýüdir
rozysy atyň üstündedi. Ýorgan-düşegi, iýip-içjek owkady atyň ganjygasyndady.
Parahat ýaşaýyş ýokdy.
Ýaşamak welin gerekdi.
Gürrüň on-on bäş adam hakda gidenokdy, ähli kynyk neberesi, jemagatlary hakda gidýärdi.
Gürrüň Horasandaky ähli türkmenler hakda gidýärdi.
Näme etmeli?
Nirä gitmeli?!
Elbetde, nirädir bir ýere gidip bolar. Nirä?! Ähli barjak ýerleriň gaznaly soltanlygyna tabyn, diýmek,
sen nirä barsaňam, soltanyň rahat ýaşatmajakdygy görnüp dur.
Ýeke-täk bir ýol bar.
Ol ýol – Oguz hanyň gylyç ýa kepen ýoly!
Oguz han bu däbi pederlerine ýöne ýere ýol-resim edip galdyrmandyr. Bu resim maksadyňa gowşurýar.
Gylyç ýa kepen ýoly näme?
Ol dogan-garyndaşlaryň bilen hoşlaşmak, hatynlaryňa talak berip, ölümiňi boýun almak, mydama täretli
bolmak, egin-eşikleriňi çykaryp on alty gary biýze çolanmak hemem eliňe gylyç alyp: «Ýa Alla!» diýip,
duşmanyň üstüne topulmak, ýa ölmek ýa-da ýeňmek!
Gylyç ýa kepen ýoly şu!
Ilki bilen-ä, soňundan ýapmasy kyn düşjek gapyňy açmaly däl. Rast, gapa el uzatdyňmy, ony açmagy-da,
ýapmagy-da başar. Oguz ýurduny eýelemek – ony soltan Masutdan almak üçin eliňe gylyç aldyňmy, orta
ýolda böwrüňe diň salma! Ýa al, ýa öl! Türkmende: «Gaýtmyşym» diýen zat öňem bolan däldir, häzirem ýok,
soňam bolmasa gerek! «Gaýtmyşym» edýän türkmen däldir!
Ölen şehit bolar, ölen ýerinde depin ederler. Depin etmek üçin ýuwmak hökman däl, çünki ol öňden
täretli. Kepene çolanmak hökman däl, çünki egninde on alty gary biýzi – kepeni bar.
Oguz hanyň gylyç ýa kepen resimi – ýa ýeňmeli, ýa ölmeli diýildigi bolýar.
Bu pikir soňky döwür köp gaýtalanýardy.
Bu seljuk beglerine makul görnen ýeke-täk pikirdi.
Şu babatda geňeşmek üçin ähli seljuk begleri, ähli seljuk başbuglary Merwiň etegine geldi. Gelenleriň
arasynda musulmanlaryň göz-guwanjy, görnükli akyldar Abu Seýit Abylhaýyr hem bardy.
Parawly Parawbibiniň maslahatyndan soň, Çagry beg bilen Togrul beg Abu Seýidiň dergähine
barypdylar.
Abu Seýit Parawbibiniň sözlerini gaýtalapdy:
– Men size ýedi ýyl bäri garaşyp otyryn.
Belli pir seljuk beglerini ganatlandyrdy: gaznalylara garşy baş göterse, seljuklylaryň hökman ýeňiş
gazanjakdyklaryny, öz döwletlerini döretjekdiklerini, söweşlerde Allanyň ýaran boljakdygyny gaty
ynandyryjylykly aýtdy.
Pir Togrul begiň hatyny Altynjany ýanyna çagyrdy, oňa aýratyn pata berdi. Ýakut daşlaryndan edilen
monjugy engam etdi. Ol:
– Monjugy dakyn! – diýdi.
Altynjan monjugy dakynandan soň, pir ýene aýat okady, ýagşy dilegler etdi. Soňundan oňa gyzgylt
taýlesan engam etdi. Altynjan çoh-çoh minnetdarlyk bildirip, taýlesany egnine atdy.
Bu gün pir pata bermek üçin Merwe Mähneden ýörite gelipdi.
***
Geňeşe Çagry beg kethudalyk etdi:
– Doganlar, gaznalylardan ýaňa bize gün ýok. Biz adam ýaly ýaşamak isleýäris, ýöne olar bizi
bilgeşleýinden agyr güne salýarlar, agyr salgyt salýarlar. Olaryň bize salýan salgydyny Balh welaýaty üç
ýylda berýär. Gaznalylaryň maksady düşnükli, bizi gyrmak, ýok etmek! Biz kysmata kaýyl bolup,
başlarymyzy çapgy agajyna goýmalymy?..
Çagry begiň sözüni böldüler, seljuklylar ýerli-ýerden gygyryşdylar:
– Gylyç ýa kepen!
– Gylyç ýa kepen!
Togrul beg ýerinden turdy:
– Gylyç ýa kepen!
Musa beg ýerinden turdy:
– Gylyç!
Ähli seljukly Musa begiň sözüni gaýtalady.
– Gylyç!
– Gylyç!
– Gylyç!
Geňeş uzaga çekmedi. Gaznalylaryň eden-etdiliginden ýaňa janlary ýanyp duran seljuklylar ölümlerini
boýun alypdylar, garpyşmak, ar almak isleýärdiler. Sebäbi bu ýere ýygnananlaryň arasynda gaznalylardan
zulum görmedigi ýokdy. Olaryň biriniň atasy, beýlekisiniň agasy, ýene biriniň inisi, başga biriniň ogly
gaznalylaryň pidasy bolupdy.
Gaznalylar Muhsin Taky öldürdiler.
Ysraýyl Arslan hany öldürdiler. Onuň ýanyndaky ýüz elli ýoldaşyny öldürdiler.
Zamahşarda sekiz müňe golaý seljukly öldürildi!
Barat Alçak öldürildi!
Güneş öldürildi!
Sibir öldürildi!
Nasyr öldürildi!
Nusaýyň eteginde gor, nijema seljuklyny öldürdiler.
Seljugyň gül ýaly ýigitleriniň bir müňe golaýy Sarahs ýolunda gaznalylaryň elinden wepat boldy...
Seljuklylar gaznalylardan kän-kän sütem gördüler.
Seljuklylar sebäpli Altynjanyň hossarlary Abdylmälik han bilen Hajar hatyn wagşylyk bilen öldürildi.
Altynjanyň dogany Habyl dardan asyp öldürildi!
Zamahşaryň ilatynyň tas ýarysy öldürildi.
Abdylmälik hanyň öýündäki hyzmatkärler uçdantutma gyryldy.
Altynjanyň akgyzy Gülýüzli, daýzasy Şaýürek öldürildi...
***
Seljuklylaryň aýaga galmaly, mundan buýanky ýaşaýşynyň kepili üçin göreşmeli müddeti geldi.
Murgabyň kenaryna haýsy maksat bilen jemlenilişendigini bu ýerdäkileriň ählisi bilýärdi. Olaryň
aňynda ýeke-täk bir pikir bardy: ol hem ähli kişiler bilen jem bolup, kasam etmek – gylyç ýa kepen resimine
girmek, pir Abu Seýidiň rowaçlyk patasyny almak.
Abu Seýidiň rowaçlyk patasyny berjekdigi seljuklylaryň ynamlaryna ynam goşýardy.
Seljuklylar Merwden iki mil daşlykda, Murgabyň kenarynda jemlenişipdiler.
Alabahar paslydy, çeti-çerkezleriň aşaklarynda gyrtyçdyr ýuwa
ýaňy ýeriň ýüzüne düşek bolup
ugrapdy.
Bu ýere gelen adamlar köpdi, olaryň aňrysyna-bärisine göz ýeter ýaly däldi.
Adamlaryň hersi bir iş bilen başagaýdy. Olar topar-topar bolup ornaşypdylar. Kim atyna iým berýärdi,
kim ot ýakmak bilen gümrady, telpeklerini, peşlerini ýassyk edinip ýatanlaram, üýşüşip naharlanýanlaram
köpdi.
On-on bäş sany adam bolsa, toparyň içinde aýlanyp, gelenleri hasaba alyp ýördi.
Garaňky düşmegi bilen uludan ýakylýan otlaryň sany artdy.
Adamlar oduň daşyndan aýlanyp, Perwerdigäre mynajat aýdýardylar:
– Ýa Hu, medet ber!
– Ýa Hu, ýeňiş ber!
– Ýa Hu, enaýat eýle!
Bu mynajatlar birsydyrgyn gaýtalandy.
Dolan Aý dogansoň ortada ýanýan ody has-da ulaltdylar.
Üç müňden gowrak kişi ellerini Aýa uzadyp, başky mynajatlaryny gaýtalady:
– Ýa Hu, medet ber!
– Ýa Hu, ýeňiş ber!
– Ýa Hu, enaýat eýle!
Bu gije sähetli gijedi.
Bu gije mynajatlaryň, islegleriň wysala gowuşýan gijesidi.
Gün – Hudaý!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 25
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.