Latin

Altynjan hatyn - 08

Total number of words is 3757
Total number of unique words is 2060
32.2 of words are in the 2000 most common words
45.2 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Mekdepde edilen etmişe jeza bermese, öz çagam diýip geçirimlilik etse, Hudaýtagalanyň gahar-gazaba
münmegi mümkin. Şonuň üçin gyzyny jezalandyrmagy Abdylmälik han keramatly Perwerdigäriň öňündäki
hökmany ymmatlyk parzy hasaplady. Han gyzynyň etmişi üçin aýalyny gamçylamak bilen
çäklenmekçidi. Emma Altynjan tekepbirlik etdi:
– Baba, enemde günä ýok, enemi urma! Ursaň, diňe meni ur! Meni öldür, ýöne, ýalbarýaryn, eneme degme!
Men näçe ursaňam, «wäk» diýmerin.
Gyzynyň tekepbirligi emiriň ganyny çüwdesine çogdurdy: onda sähelçe-de müýn ýok. Onda sähelçe-de
gorky ýok. Ol urulsa-da «wäk» diýmejekdigini tekrarlaýar.
Han urdy.
Gamçysyny yzly-yzyna gyzynyň depesinden inderdi.
Altynjanyň çyny eken: ol doňan ýaly bolup, aglaman, gozganman dur. Onuň bolşy göýä gamçynyň
agyrysy ýok ýalydy. Han köp kişini gamçylap görüpdi. Hiç kim gamçynyň awusyna döz gelip bilenokdy,
walalaýlap aglamaga başlaýardylar. Abdylmälik han gözlerine ynanmajak boldy. Şol ynamsyzlyk bilen ol
ýene birki gamçy urdy. Altynjan dişini gysyp, sandyr-sandyr etdi. Abdylmälik han gyzynyň özüne zor salyp,
agyra döz gelýändigine düşündi.
Hajar hatyn äriniň aýagyndan gujaklap zar-zar aglady:
– Babasy, gyzyňy urma! Babasy ursa, gyz betbagt bolar.
– Ýok boluň şu ýerden...
Altynjanyň doňan ýaly bolup entegem şol bir durşudy. Ejesi gyzyny içerden alyp çykdy. Hareme
bardylar. Öz otagyna giren Altynjan özüne gelip bilmeýän bolarly, ümsüm, gymyldaman durdy. Zarybinowa elewreýän Hajar hatyn gyzyna el degirmäge gorkýardy. El degren ýeriniň gamçynyň urlan ýeri
bolmagy mümkin diýen pikir bilen ol gyzynyň hiç bir ýerine-de elini degrip bilmän, töwereginden galpyldap
aýlandy, soňam gyzynyň sag elinden tutup çekdi.
Hajar hatyn gyzynyň ýüzüne naýynjar garap, gözünden paýradyp ýaş dökdi.
Gülýüzli akgyz iki ýana zowzanaklaýardy hem aglaýardy.
Urlan hemem aglamaly Altynjan bolsa-da, onuň ýanynda durup, hünübirýan gözýaş dökýän Hajar hatyn bilen
Gülýüzli akgyzdy.
3.
Garaňky gatlyşýança harem tarapda hiç kim görünmedi. Garaňky gatlyşandan soňam hiç kim görünmedi.
Gyzynyň ýüz-keşimi emiriň aňyndan aýrylmady. Onuň şirigana nazaryny, sarsman durşuny ýatladygyça
özünde nähilidir bir näsazlyk duýuldy. Göwnüne bolmasa, ol öz hökmürowanlygyna daýanyp, adalatsyzlyk
eden ýalydy, öz-özüne sowal berýärdi: «Men adalatsyzlyk etdimmi? Ýok, sen adalatly iş etdiň. Gyzyň
metjidiň-mekdebiň mährabyny döwüp, günä iş edipdir. Sen şol günä iş edeni, hut öz gyzyň bolsa-da
jezalandyrdyň. Gyzyňy şol eden günäsi üçin jezalandyrmadyk bolsaň, ana, onda seniň adalatsyzlyk etdigiň
bolardy. Etmiş eden jezasyny çeksin! Eger adalatsyzlyk etmedik bolsam, onda men näme üçin özümi müýnli
duýýaryn?!» Emir özüniň bu sowalyna welin jogap tapyp bilmedi.
Ol agşam ýatmak üçin düşegine geçende ýene Altynjanyň şirigana nazaryny ýatlady. Gyzyna näçe
gamçy urandygyny anyklamaga çalyşdy. Ýöne näçe gamçy urandygyny takyk bilmedi. Az-a däl. Ol
gyzynyň mertligine buýsandy. Neneň buýsanmajak, urgynyň öňünde Altynjan waweýla eýlemedi!
Hakykatynda onuň ýaly urgynyň öňünde men-men diýen ärler hem durup bilmez. Özi zenan maşgala bolsada, Altynjanyň çydamlylygy erkek kişileriňkiden zyýada. Emiriň göwnüne, gyzynyň waweýla
eýlemezliginiň aňyrsynda hikmet bar ýalydy, ol hikmet gyzyny Allanyň goranlygyndady. Allatagala
gamçynyň nähak urlanlygy üçin onuň agyrysyny özüne alandyr, Altynjan agyryny asyl duýan däldir, şonuň
üçinem şirigana durandyr. Ýogsam ol urgularyň öňünde ses etmän durmak mümkin däl.
Emiriň gyzyna näçe gamçy urandygyny anyklajak bolmasy-da ýöne ýere däldi. Onuň göwnüne, gyzyna
urlan her bir gamçy – bir günädi. Ol gyzyna el göterip näçe günä gazanandygyny anyklamakçy bolýardy. Bu
gorky emiri gaplap alypdy.
«Häzir Altynjanyň ýagdaýy nähilikä? Öz-ä gamçynyň degen ýerleri agyrýandyr. Näzik bedeni bar
onuň, gamçynyň degen ýerleri pazza-pazza gabaran bolmaly öz-ä! Ýok, gamçynyň degen ýerleriniň derisi
soýlup, ol ýerlerden gan akýandyr. Ol ganyny nädip sakladyka? Sakladymyka beri? Mansur tebip
çagyraýmaly eken. Ol görnenok welin, eýgilikmikä? Akgyzam-a görünmedi».
Abdylmälik han daş çykdy. Maksady howlynyň içinde durup, harem tarapa diň salmakdy.
Dym-dyrslyk.
Adatça, derwezäniň mirşepleri özara hümürdeşip oturýardylar, olardan hem bu mahal ses-üýn çykanok.
Entek uklardan-a irräk.
Abdylmälik han hareme bakan ugrady. Onda dörän gorky barha örç aldy: «Gyzym özüni bilmän
ýatan bolaýmasyn?» Emir gyzynyň bolýan şebistanynyň gapysyndan çalaja jyklady, Aýyň ýagtysyna
gyzy Altynjanyň çugutdyryp oturandygyny saýgardy. Ol näme üçin çugutdyryp otyr? Ýa ýatyp
bilmeýärmikän?! Emir gyzyna seredip esli salym durdy, seretdigiçe oňa nebsi agyrdy, özün iň gelenini
duýdurmak üçin iki gezek ardynjyrady.
Kakasynyň ardynjyramasyny eşiden Altynjan zöwwe ýerinden galdy. Onuň nazary gapa gönükdi. Sähel
salymdan Abdylmälik han içeri girdi. Hanyň sesi pessaý çykdy:
– Gyzym, ýataňokmy entek?
Gyz näme jogap berjegini bilmän aljyrady:
– Ýok, baba, ýatamok...
Ara ep-esli dymyşlyk düşensoň, han pessaý gürledi:
– Ýagdaýyňy biläýeýin diýip geldim men...
Kakasynyň bu mylaýym sözüne Altynjanyň günortandan bäri tar-tar bolup duran göwün kirişleri tarsatarsa üzüldi, damagy hykga doldy-da, günortanky gamçynyň agysynyny indi aglarly göründi. Ol ilki kemişkemiş etdi. Aglamazlyk üçin zol-zol ýuwdundy, ýöne her näçe dyrjaşsa-da, agysyny saklardan ejiz geldi,
gözýaşy sil bolup akdy. Ol kemiş-kemiş edip, soňundan möňňürip goýberdi.
– Meniň gyzym mertdir. Saňa aglamak bolmaz!
– Men mert, babam. Men aglamok, indem aglamaryn. Meni gowy görýändigiňizi bilýärin-ä men.
Babam, men siziň hiç wagt gaharyňyzy getirmerin indi. Babam, siz näme diýseňiz şony ederin – diýip,
Altynjan ýetişibildiginden gözleriniň ýaşyny sylyp samrady. Ýöne gözýaş Altynjana entegem sakladanokdy.
Şol gije Altynjan bigam çagalyk dünýäsinden çykyp, «ýalançy dünýä» atlandyrylýan gamly hem datly
dünýä gadam basdy.
Bäşinji hekaýat
ÜÇ ŞERT
ltynjan Tümen daýysynyň wepatyndan soň öňki Altynjan däldi, ol indi öňküleri ýaly
gudumanlyklaryny, şereňňizliklerini etmeýärdi, bir howlukmaçlyk çyksa-da, ylgajak, gaty ýörejek
bolmaýardy, horam edip, efsun atyp ýöreýärdi. Özem ol indi öňküleri ýaly, hiç kim bilen
erjeşmeýärdi. Öň deňi-duşlarynyň başgaplaryny kakyp alyp, elýetmez ýere – köplenç öýüň üstüne taşlamagy
gowy gören bolsa, indi ol-a oglanlaryň ýeňsesine kakmak ýa başgabyny elýetmez ýere zyňmak eken,
oglanlar bilen aňsat-aňsat gürleşmeýärdem. Ol diňe iki sany gyz – Kalbyna hem Balnäz bilen ýürek
açyşýardy, raz aýdyşýardy. Olar bilen ýegana jorady.
Altynjan indi öňküleri ýaly, Gülýüzli akgyza zulum etjek bolubam ýörmeýärdi. Oňa diňe käte bir
hykarat bererdi: «Eňegiňe jaň dakylan ýaly seniň, azrak gürle!» diýip. Öň şowhun-şagalaňy gowy gören
Altynjan indi hylwaty ümsümligi gowy görüp ugrady. Onuň uzynly gün ýeke agyz söz aýtmaýan
gezeklerem bolýardy.
Üç-dört aý geçdi welin, Altynjanyň öňki şereňňizligi hem erkek kişileriň eşigini geýip goňşy obanyň
oglanlary bilen başa-baş ýumruklaşmalara gatnaşmasy-da selçeňleşdi. Ol indi owadandan-owadan zenan
lybaslaryny geýýärdi. Altynjan hanyň gyzy ahyryn, onuň özüni alyp barşy, geýim-gejimi ähli
zenanlaryňkydan, boýdaşlarynyňkydan parhlanmasa – elite hüllepuş1 geýinmese bolmaz ahyryn!
Altynjan zünnar2 kemerine çalymdaş altyn tirme kemerini hiç wagt bilinden aýyrmaýardy. Sag
tarapyndan sapy pöwrize daşyndan nagyşlanan şemşeri mydama asylgy durardy. Bu şemşer oňa Tümen
A
daýysyndan teperrik galypdy. Geýmesine agasy Sadyllanyň eşiklerini geýýärdi, ýöne bir tilsimjagazy
ulanýardy: ol Sadyllanyň köýnek-dyzdanynyň üstünden özge gyz-gelinleriňkä meňzemeýän biçüwde uzyn
eşik geýýärdi. Onuň egninde gyrmyzy reňkli kumaşdan tikilen köýnegi bardy. Köýnegiň üstündenem uzyn,
ýukajyk, ak haluf ýüpeginden3 edilen çenberi geýýärdi. Ol egin-eşigine aýratyn üns berýärdi. Ussat tikinçilere
özüne nähili biçüwde egin-eşik tikmelidigini birin-birin öwredýärdi. Tikinçi işe başlansoň, aňsat-aňsat onuň
ýanyndan aýrylmaýardy. Altynjana ýaranmak aňsat däldi. Muny ähli tikinçiler bilýärdi. Şonuň üçin ähli
biçüwi, ähli tikimi Altynjanyň öwredişi ýaly edýärdiler, ýogsam öz bilişleri ýaly etjek bolsalar, muňa
Altynjanyň gahary gelýärdi, olaryň başynda harasat gopdurýardy. Iň gowusy, et diýlişi ýaly edip dynmak,
başyňy gutarmak.
Altynjanyň üç sany ak ädigi bardy. Bu ädikleri nädip tikmelidigini, biçüwiniň nähili bolmalydygyny ol
ädikçä birin-birin öwredipdi. Ädikleriň gonjuna tylladan nagyş etdiripdi.
Geýnişi boýdaşlarynyňkydan görnetin tapawutly bolansoň, nirä barsa, Altynjan saýlanar durardy
(zenanyň ýarym görki egin-eşiginde, dakynýan şaý-seplerinde!), onsoň ähli kişiniň nazary ondan
aýrylmazdy. Ol özüne gözügidijilik bilen seredilmegini isleýärdi, şol seretmelerden çäksiz lezzet alýardy,
öýünden çykanda mydama bezenip-beslenip çykýardy. Saçlaryny gyrmyzy dilbent4 bilen daňardy. Bilegine
dakynýan bilezigi, bilindäki şemşerli kemeri, aýagyndaky tylla halhaly5 oňa biçak ýaraşyk hem haýbat
berýärdi.
Altynjan herki zatda boýdaşlaryndan, adamlardan tapawutlanmagy gowy görýärdi. Ol ähli zat babatda
tapawutlanmak islegine-de ýetýärdi.
Geýinmekde onuň bilen bäsleşip biljek zenan ýokdy.
Owadanlykda onuň bilen bäsleşip biljek zenan ýokdy.
Batyrlykda oňa taý ýokdy.
Gylyçlaşmakda oňa taý ýokdy.
At üstünde oýun görkezmekde oňa taý ýokdy.
Arap, pars, ýunan dillerinde arassa, şirin gürlemekde oňa taý ýokdy.
Sowatlylykda, okunlykda, önjemlilikde, üşüklilikde oňa taý ýokdy.
Eger aýtmaly bolsa, badyhowalykda-da, özüne göwnüýetijilikde-de oňa taý ýokdy.
***
Razzak damulla Altynjanyň her bir hereketini göz astyndan synlaýardy, onuň soňky günler edaly gyza
öwrülmegini bolaýmaly zat hasaplaýardy.
Dogrusy, Razzak damulla özüni ýiti synçy, ýiti pelsepeçi ulama saýýardy. Altynjanyň agraslaşmagyny
onuň çagalykdan saýlanmagy diýip hasap edýärdi. Bu müçe – yşky müçe. Bu müçede her ýaş juwan yşk
ataşyna uçramaly. Altynjan yşk ataşyna haçan uçrar? Razzak damulla Altynjanyň yşk ataşyna uçraryna
sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Eýsem, Altynjan bilen dünýäsi birleşjek ýigit barmy? Edil Abdylmälik han
deýin Razzak damulla hem hyýalynda Altynjana mynasyp gerçek agtarýardy. Horezmin şalygynda özüniň
deňsiz-taýsyz batyrlygy, önjemliligi, pählewanlygy, edermenligi bilen şan-şöhrat gazanan ärler, gerçekler
juda kän. Razzak damulla özüniň tanaýan okun kişilerini birin-birin göz öňünden geçirip çykdy, ýöne hiç bir
gerçekde ol Altynjana mynasyplyk görmedi.
Altynjanyň hyrydary welin günsaýyn köpelýärdi. Gaýradan gelýän ýigitlerem bardy, olar Jeýhundan
geçmegi ýüksünmeýärler, näme üçin gelýändiklerini asyl ýaşyrjagam bolup duranoklar. Olar üçin Altynjan
elýetmez şaha. Wah, adama mahsus häsiýet şeýle-dä: ol özüne ýokary baha berip, dagyň kert gaýasyndaky
mumyýa hyrydar çykýar. Her kim öz deňini tapmaly. Ýok, kül üstünde oturan garyp hem şanyň ýa hanyň
gyzyna öýlenmek islär eken. Onsoň seniň ýaşaýşyň ony kanagatlandyrjakmy? Bezirgeniň oglumyň,
bezirgeniň gyzyna öýlen, baýyň oglumyň, baýyň gyzyna öýlen. Öýüňdäki düşegiň boriýa 6, iýýäniň ýegesi
bilen tötek bolsa şanyň gyzyna, hanyň gyzyna seretme. Ýöne adamyň tebigatynda bar ýokary ymtylmak.
Murty taban, başy dumanly goç-goç ýigitler Abdylmälik hanyň gyzyna aşyk. Herýeten Altynjanyň özüne
ýylgyrap bakmagyny, özüne magşuk bolmagyny isleýär. Gijelerine güpjekleri gujaklap, ýorganyny iki
satanynyň arasyna salyp arzuwa çümerler. Göräýmäge, güpjek Altynjanyň bili, ýorgan aýaklary ýalydyr.
Aňlarynda Altynjandan başga hiç kim ýokdur.
Gyzlaryň güni kyn, juda kyn. Olara erkek kişilere ýylgyryp seretmek bolmaýar. Öz deň-duş oglanlaryna
ýylgyryp seretmek asla-da bolmaýar. Sähel ýylgyryp seretdigiň, ýigitler ony özlerine osýarlar. «Bu gyzyň
mende göwni bar, maňa hatyn bolmak isleýär, ýöne ol söýýändigini aýdyp bilenok. Dogry edýär, asylly gyz
şeýle-de bolmaly. Bu gyz maňa durmuşa çyksa, bagtly boljagyny bilip durandyr» diýip pikir eder, soňam
gyzyň şol ýylgyryp bakmasyna esaslanyp, gyza hyrydar çykar, gyzyň öýüne sawçy ugradar. Ana, onsoň
gyzyň öýüne şol sypaýyçylyk üçin ýylgyrylyp bakylan ýigidiň hossarlary sawçylyga gelip durandyr. Eý,
Hudaý, sähelçe sypaýyçylyk ýylgyryşy üçin, gör, näçe peri-peýker gyzlaryň bagty ýatdy. Gyzyň pikiri
diňlenilýärmi näme?! Oguzda ata-enesine: «Ýok!» diýip biljek gyz dogulýarmy näme?! Gör, näçe garry
mamalar, eneler ömründäki ýeke sypaýyçylykly ýylgyryşyna nälet okap gitdiler bu dünýäden.
Razzak damulla Altynjanyň agraslanmagyna esaslanyp, ony haýsydyr bir ýigide magşuk bolandyr
öýdýärdi. Gyzyň özüni edepli-ekramly alyp barmasyny hem magşuklyga ýorýardy. Ýöne Altynjanyň
söýgüsine mynasyp bolan är ýigit kim? Herhal, zamahşarly ýigitler-ä Altynjanyň özleri üçin elýetmez
şahadygyny magat bilýärler, şonuň üçin «ýuwdunmazlyga» çalyşýarlar. Bilesigelijilik Razzak damullany
halys heläk edýärdi. Altynjan baradaky pikiriniň anygyna ýetmek üçin ol gala gelýän ähli ýigitleri mukym
synlaýardy. Altynjan kim bilen gürleşýär? Öýüne gaýdanda ýolda duşuşýan gerçegi barmy? Haýsy ýerden
sawçy gelipdir? Razzak damulla şu zatlaryň anygyna ýetjek bolup gara gündedi. Bu örtenmelerinden özüne
jinnek ýaly peýdanyň ýokdugyny bilmesine bilýärdi, ýöne özüne: «Bes et!» diýip bilenokdy ol.
Herhal, Razzak damulla uzak kösenmeli bolmady. Altynjany Gauhor etrabyndan çiltenleri bilen yzyna
alyp gelenlerinden iki aýdan soň, ol özüniň pelsepe, adamyň içini bilmek babatda asgyn adam däldigine
açyk göz ýetirdi.
Gawşfinj şäheriniň häkimi Harur Aksungaryň ogly Gökhun bir gün asly ýunanly, ýöne Horezminde
ýaşap musulmanlaşan, ýerli dili, edim-gylymy öwrenen täjiriň gyzy Kalbynanyň üsti bilen özüniň
hyrydardygy hakda Altynjana habar ugratdy.
Başga bir gün Balnäz Bahram Kyýas atly ýigidiň söýýändigini aýtdy.
Şaýürek Altyndaşyň haýsydyr bir weziriniň oglunyň Altynjana öýlenmek isleýändigi hakdaky habary
getirdi. Oňa hyrydar bolup, osmakçy iberen ýigitleriň sany ýedä ýetdi.
Altynjan osmakçylaryň sözüni piňine alman, äre çykmak barada oýlanman, asyl oýlanmagam islemän
okuwa gatnaýardy. Galan wagtyny hem harby türgenleşik bilen geçirýärdi. Asyl onda boş wagt ýokdy. Ýöne
ony duluna geçirmek üçin göwün ýüwürdýän ýigitler onuň kä eýlesinden, kä beýlesinden geçip, ünsüni
özlerine çekmekçi bolýardylar, gürleşmek isleýärdiler. Ony güldürip dagy bolaýsa, onda-ha öýlenmek
meselesiniň doly çözüldigi hasaplajakdylar. Arman, Altynjan Kalbynadyr Balnäz bilenem kän bir
gürleşmeýärdi.
Altynjanyň hyrydarlary boş oturmaýardylar. Olaryň öz osmakçylary, öz sözaýdyjylary bardy.
***
Nowruz baýramçylygynda mekdepde ýigrimi bäş gazan ataryldy. Galanyň adamlary metjide-mekdebe
ýygnandy.
Erkek kişiler bir ýanda, gyz-gelinler bir ýanda aýratyn düşekde naharlandylar.
Ýaş oglan-gyzlar hiňňildik uçdular. Altynjan hem hiňňildik uçup göwün solpusyndan çykmak isledi.
Ýigitler hiňňildige bat berdiler. Kalbynadyr Balnäz hiňňildik sähel bat alsa titreşdiler, Altynjan welin
hiňňildik näçe batly boldugyça, şonça hezil etdi. «Gyzlar, gorkmaň!» diýip, ol joralaryny köşeşdirmäge
çalyşdy.
Kalbyna bilen Balnäz oňa gorkmazlyga söz berselerem, hiňňildik batlanyberse, gorkularyna alagykylyk
etdiler. Olar bilen hiňňildik uçup göwün solpusyndan çykyp bilmejegine göz ýetiren Altynjan gygyrdy:
«Saklaň hiňňildigi!»
Hiňňildik saklandy.
Altynjan joralaryna çikjerip bakdy. Olar Altynjanyň gaharynyň gelendigini aňyp, şelaýyn dillendiler:
«Melikäm, bizde siziňki ýaly ýürek ýog-a! Biziň towşanyňky ýaly, gorkajyk ýüregimiz bar».
«Menden daşrakda boluň! Şu gün meniň gözüme görünseňiz, eýgilige garaşmaň!»
«Melikäm!..» diýip, Balnäz nämedir bir zat aýtmakçy boldy, ýöne ýetişmedi: Altynjan onuň elinden
çekip, honda zyňdy:
«Ýok boluň diýdim-ä men size! Ýok boluň!»
Şondan soň Altynjan Anuşirwan hem doganlary Kabyldyr Habyl bilen bir sallançakda uçdy. Olar
sallançagy şeýlebir batlandyrdylar, şeýlebir batlandyrdylar, sallançak dik depä galyp, birpaýyz doňan ýaly
bolup durýar-da, soňam howany dilimläp-dilimläp aşak gaýdýar. Onsoň sallançak beýleki tarapa atylyp gidýär.
Altynjan sallançagyň iň ýokary hetde ýetip säginýän sähel salymlyk pursadyny has gowy görýär, ol şol
ýokarky çäkde köpräk durmak isleýär. Sallançagyň dik ýokary galyp, sähel salymlyk togtaýan pursadyny
ejesiniň «gyz ömri» diýip atlandyryşyny ýatlaýar.
Sallançagyň iň ýokary galan pursady – gyzlyk döwri. Altynjan bu pikiri içinden telim ýola gaýtalap,
sallançaga bat berýär. Sallançak her sapar ýokary çäge baranda ýüregi hopup gidýär, ol muňa begenip,
dowamly gülýär.
Altynjan sallançakdan düşende çilteniň onbegileri – jandarlar Ýatmaz bilen Çyrlak ony bir çete çekdi.
Olar oňa Dowalat atly ýigidiň duşuşmak isleýändigini aýtdylar. Altynjan olara anyk jogap bermedi.
Onuň ýanyna ýaňyja kowlan Kalbyna geldi. Ol juda möhüm bolmasa, häzir Altynjanyň ýanyna gelmeli
däl. Meger, ony gyssandyrlar. Kalbyna gorka-gorka gelip, bir ýigidiň Altynjana aşyk bolandygyny aýtdy.
Muňa Altynjanyň girre gahary geldi. Ol hol gyrada üýşüp duran ýigitlere seretdi.
Allatagala erkek kişilere zenanlaryň ýanyna barmagy, ilki bolup söz aýtmagy emr edipdir. Ýöne ol
duran ýigitler göni gelip söz aýdyp biljek japy erkek kişilere meňzänok. Şeýle bir pähim bar: «Muhammet
daga barmasa, dag Muhammediň ýanyna barar» diýip. Altynjan ýöräp barşyna ýigitleri gözden geçirdi.
Ýigitleriň özüne gözügidijilik, hyrydarlyk bilen seredişleri hoşuna geldi. Ýigitler gylyçlaşmakdan,
garşydaşyny ýeňmekden ymgyr datly lezzet alýarlar. Altynjan garşysynda duran ýigitleri gylyjy bilen däl,
özüniň gözelligi bilen bendiwan etmekden, olary öz gözelligine kökermekden, ýeňmekden lezzet aldy. Ol
ýeňiji hökmünde gürledi:
– Eý, Allanyň sylanlary, meniň sylamagymy isleseňiz, ýanyma osmakçy ibermäňizi bes ediň! Bir zat
aýtmak isleseňiz, meniň özüme açyk aýdyň! Men ker ýa lal däl, herki dile düşünýärin. Siziň gürlejek
dilleriňize-de düşünerin. Isleseňiz, arap dilinde aýdyň. Isleseňiz, ýunan dilinde aýdyň. Isleseňiz, pars dilinde
aýdyň, men bu dilleriň haýsy birinde gürleseňizem, size gowy düşünerin. Azan babam Soltan Mahmyt
Gaznalynyň döreden dilinde7 gepleseňizem düşünerin. Arada dellal gerek däl! Arada terjuman gerek däl!
Hakykatdanam maňa öýlenmek isleýän bolsaňyz: «Men saňa öýlenjek» diýip, näme üçin meniň ýanyma göni
gelmeýärsiňiz? Ýa bir aýbyňyz barmy? Ýa gorkýarsyňyzmy? Eger gorkýan bolsaňyz, onda maňa öýlenjek
bolup oturmaň. Sebäbi men özümden döwi pes äre «Är!» diýmek islemeýärin.
– Osmakçyny ýanyňa men iberdim. Hany, aýt, sen nähili äre «Är!» diýmek isleýärsiň? – diýip, Bahram
Kyýas öňe saýlandy.
– Altynjan, men hem seniň göwnüňi awlamak isleýärin. Seniň maňa göwün bermegiň üçin nähili şertiň
bar bolsa, şol şertiňi bitirmäge taýýar men – diýip, Dowalat atly ýigit hem iki-üç ädim öňe saýlandy.
Kalbyna ýigitleriň ýakynyna bardy:
– Melikämiziň size üç sany şerti bar.
Ýigitler ýerli-ýerden heşerlenişip gygyryşdylar:
– Aýt üç şertini!
– Birinji şerti gylyçlaşyp ýeňmeli.
– Ikinji şerti näme?
Altynjan bilinden gamçysyny sogrup aldy-da, ýokarda galgatdy:
– Erkekligi erkeklik kesgitlänok, merdanalyk kesgitleýär. Ikinji şertim şeýle: merdana ýigit maňa
gamçy çalsyn. – Altynjan elindäki gamçyny gerçeklere bakan oklap goýberdi.
Ýigitler gözlerini tegeleşip, Altynjana seredip durlar. Megerem, olar Altynjandan beýle-beýle zada
garaşmadyk bolarly. Oňa aşyk bolup ýören ýigitleriň hiç birisiniň gamçyny ýerden götermäge bogny ysmady.
Wagt welin geçip durdy.
Altynjan garaşdy.
Gamçyny götermeli aşyklar başyny aşak salaýdylar.
Ýok, duran ýigitleriň arasyndan bir jaýty murtly arjanak öňe saýlandy. Ol apadaň-apadaň ýöräp geldide, hanyň gyzynyň oklan gamçysyny ýerden göterdi. Ýigit elindäki gamçyny saldarlap gördi-de, Altynjanyň
ýanyna geldi.
– Eý, Horezmin gözeli! Men saňa hak aşyk. Men sen diýip, Gawşfinj şäherinden ýörite geldim. Adym
Gökhun. Gawşfinj şäheriniň häkimi Harur Aksungaryň ogly men.
– Eliňe gamçy almaga gaýratyň çatdy. Indi näme üçin dursuň? Başlaber!
– Meniň durmagymyň sebäbi birinji şertiňi dürs hasaplasam-da, ikinji şertiňi dürs
hasaplamaýanlygymda.
Kalbyna Altynjanyň gulagyna çawuş çakdy. Onuň aýdan sözlerine Altynjanyň girre gahary geldi:
– Mende-de göz bar, Kalbyna. Görüp durun-a men. Näme, beýle oda-köze düşýärsiň?! Beýle gowy
ýigit bolýan bolsa, özüň äre baraý.
Kalbyna Altynjanyň bu sözüni dönüklik hasaplady. Ol utanjyna hem gaharyna çym-gyzyl boldy.
Urmaga küşdüniň ýetmejegini bilensoň, dili bilen ýepbeklemäge häzirlendi. Ýöne Altynjanyň ýüregine
neşter bolup uruljak ýiti sözi tapmady:
– Gökhun maňa däl-de, saňa hyrydar. Eger maňa söz aýdan bolsa, men oňa sen ýaly garşy çykyp
durmazdym... – Ine, Kalbynanyň gahar ýüzüne tapan sözi.
Bu söz Gökhuna güýçli täsir etdi. Ol Kalbynany ilkinji gezek görýän ýaly, boýdan-başa synlady.
Gökhun esli salym dymyp, soň dillendi:
– Saňa öýlenmek isleýänligim hak, Altynjan. Men agyr synag isleýärin...
– Onda näme üçin ýöwselleýärsiň? Ur meni!
– Sen: «Erkekligi erkeklik kesgitlänok, merdanalyk kesgitleýär» diýip rast aýtdyň. Ýöne naçary, ejizi
urmak merdanalykdan däl, men merdana synaglary isleýärin.
– Men özümi naçar, ejiz hasaplamaýaryn. Men özümi janymak, çydamly hasaplaýaryn. Maňa
hökümdar boljak kişä özümiň ňähili çydamly gyzdygymy iliň öňünde görkezmek isleýärin.
Gökhun gamçyny ýerden götermäge gaýrat tapan-da bolsa, ony Altynjanyň depesinden indermäge gaýrat
tapmady. Gaýtam, Altynjany ýakyndan synladygyça lagşady. Hakyt lagşady. Altynjan onuň göz öňüne
getirişinden has dilnowaz hem has dilruba eken. Dogrusy, Gökhunuň Altynjandan döwi pes geldi. Ol elindäki
gamçyny ýere oklady:
– Ýok, gözel gyz, seniň bu şertiň dürs däl. Başga şert tap. Isle, meni ursunlar. Men yh-çoh etmän
çydaýyn, ýöne seni urup biljek däl. Saňa gamçy göterer ýaly däl.
– Bu şertiň bolmaýar, başga şert tap! – Ýigitler ýerli-ýerden gygyryşdylar.
– Üçünji şertiňi-de aýt!
– Maksadyň gamçy iýmek bolsa, bu islegiňe äre baraňsoň her gün ýetersiň. Üçünji şertiňi aýt!
– Meniň üçünji şertim – ömrümiň baş maksady bilen baglanyşykly. Eger şol maksadyma ýetmesem,
men bu dünýäden ahmyrly öterin...
– Aýt, aýt!
Gökhun has ynamly gürledi:
– Altynjan, aýt maksadyňy! Men seni şol maksadyňa ýetireýin.
– Hiç ýerde orun-ojak tapmaýan, baran ýerinden kowulýan, soňky gezek Mawerennahrda Alytegin
bilen oňuşman Horasana gaçyp barýarka Altyndaşyň hossar çykan bir alaman jemagaty bar. Ol alaman,
ganhor jemagat kynyk jemagaty. Onuň başynda Togrul diýen kellekeser durýar. Bu jemagata Altyndaş
Gauhor, Şaruhan, Rabat-Maşe sebitlerini mülk beripdir. Bu gün köp emirler olardan ýaňa gan aglaýar.
Togrul meniň Tümen daýymy öldürdi. Meniň şol ganhorda arym bar. Hunum bar. Ras, batyr bolýan
bolsaňyz, şol alamanyň özüni ýa-da kellesini getiriň!
Ýigitler Altynjanyň bu sözüni makulladylar, ýeňil dem aldylar.
Olaryň bolşy Zamahşardan uzakda bolmadyk Gauhorda taýýar kelle ýatan, ol kelläni hiç hili gypynçsyz
mura-mugt alyp gaýdybermeli ýalydy.
Ýok, Togrul kynygyň kellesini alaýmak aňsat düşmez. Ýöne Altynjana ýetmek üçin şol kyn söwda baş
goşanyňa degýän bolmaly. Belki, ähli zat oňuna bolar, Allatagala: «Omyn!» diýse, müşgil asana öwrüler.
– Men Togrulyň kellesini getirerin ýa-da şu ýolda ölerin – diýip, Dowalat ynamly öňe omzady.
– Men Togrulyň kellesini getirerin, hökman getirerin – diýip, Bahram Kyýas öňe omzady.
Ýigitleriň arasynda Altynjanyň dogany Sadylla-da bardy. Ol nowruz baýramyna Jürjaniýadan Bahram
Kyýas bilen bile gelipdi.
Sadylla uýasyndan beýle töwekgellige garaşmandy, uýasy ony aňk edipdi. Ol aňkarylyp, bolup geçýän
wakalary synlap durdy. Gökhundan soň hiç kim orta çykyp gamçyny götermäge milt edip bilmejekdigini
aňdy-da, Altynjanyň ýanyna bardy:
– Bar, öýe gaýt! Babam görse, damagyňy çalar.
– Goý, çalsyn!
Gamçy şol ýatan ýerinde iki günläp ýatdy. Ony ýerden götermäge, näme üçindir, het eden tapylmady,
ýöne Togrul begiň kellesini kesip, Altynjanyň öňüne taşlamak, şeýdibem merdana iş bitirip, oňa mynasyp är
bolmak üçin eli ýataganly Gauhor sebitine sary at salan ýigitler-ä az bolmady.
Altynjanyň baş şertini bitirip, oňa är boljak, inçe bilinden guçjak, ýyly gujagynda meýmiräp,
bugaryp ýatjak japy gerçek kimkä?!
Muny diňe bir Razzak damulla däl, ähli zamahşarly bilmek isleýärdi.
Muny Altynjanyň özi-de bilmek isleýärdi.
Ýene näçe gün garaşmaly bolarka?
Altynjanyň hasaby boýunça ýene alty günden özüne eýe çykjak gerçek Zamahşar galasynyň
derwezesinden dabara bilen girmelidi.
Şol günden başlap, Zamahşarda dabaraly pursada garaşyp ugradylar.
Iň esasy zat hunuň alynmagy, Altynjan bu maksadyna ýetmek üçin tapan çykalgasyna begenmek
begenýärdi
Alma ýokary atyldy, ol ýere düşýänçä iş gaýyrmaly.
Altynjy hekaýat
ÝAKYNYŇ ÝOLAN SAKGALY BITMEZ
1030 (422)-njy ýyl musulman dünýäsinde agyr ýyl boldy: möminleriň emiri Halypa Kadyr Billa
Abulapbas ibn Abdylmuttalyp Haşymy Apbasyly Bagdatly aradan çykdy, onuň halypalygy kyrk bir ýyl üç
aýa çekipdi. Ýerine ogly Kaýym geçdi.
Şol ýyl soltan Emineddöwle Abulkasym Mahmyt ibn Söbüktegin hem dört tirkeşleriň üçünji aýynda
dünýäden ötdi. Onuň hökümdarlygy otuz ýyla çekdi. Ýerine ogly Muhammet, ýigrimi bäş günden soň,
Masut geçdi.
Iki görnükli şahsyň ölümi hakdaky habar Zamahşar galasyna baranda Abdylmälik han ýedi günläp
matam yglan etdi. Olaryň aşyny-suwuny berdi.
Altynjan soltan Mahmydyň wepadyny eşidende has gynandy, aglamak aglady, kyrk günläp matam
tutdy. Kyrk günläp oňly iýip-içmänden soň horlanmak horlandy. Onuň bar arzuwy özüne ak pata beren
mertebeli soltanyň didaryny görmekdi. Elbetde, oňa «Soltan Mahmydyň nurana keşpli, görmegeý ýüzli,
kiçi gözli, gyzylymtyl saçly adam bolandygy, ogly Muhammediň agynjak özüdigi, ogly Masudyň bolsa
dolmuş göwreli, uzyn boýly adamdygy»1 hakda telim ýola gürrüň beripdiler.
Altynjan matam tutan günlerinde bilegindäki siňňiliň aýrylandygyna haýran galdy, bu ahwalaty nämä
ýorjagyny bilmedi.
Soltan Mahmydyň ýogalmagy, tagta ilki Muhammediň, yzysüre-de Masudyň geçmegi bilen
Altyndaşyň, şol sanda Abdylmälik hanyň güni-de ýeňilleşdi.
Altyndaş Horezmini özbaşdak şalyk etmegiň kül-külüne düşdi, ýöne bu maksadyna ýetip bilmän, soltan
Mahmydyň wepatyndan iki ýyldan soň bu dünýäden göç etdi. Onuň tagtyna ogly Harun ibn Altyndaş geçdi.
Abdylmälik han Harun bilen arasyny sazlajak bolup köp yhlas etdi. Oňa ýaranmak aňsat däldi. Ol hedýe
kabul etmegi ähli zatdan beter gowy görýärdi. Şeýle bolansoň han galada süýji nygmatlary, ok-ýaý öndürip,
lomaý gazanç etmek, şol gazanjyň ujundan Haruna aýma-aý hedýe, has dogrusy, rişwet ýollamak bilen meşgul
boldy. Yhlasy ýerine düşdi: ol bir ýylyň içinde Harunyň iň hormatly emirleriniň birine öwrülmegi başardy.
Köşkde uly dabaralar geçirilende Harun Abdylmälik emiri hökman çagyrýardy we oňa hormatly orun
berýärdi. «Bu dünýäde rahat ýaşamagyň iň derwaýys şerti häkimiň – ýolbaşçyň bilen araňy sazlamak. Her
etmeli-hesip etmeli häkimiň bilen gowy gatnaşykda bolmaly: iň esasy, islendik pursat oňa rişwet bermäge
mümkinçiligiň bolmaly. Onuň saňa yşanmagy, seniň näjüre adamdygyň ölçegi – şu işi näderejede
başarýanlygyňda» diýip, han ogullaryna aýdýardy. Han Hudaýa şükür edýärdi, ogullaryndan
razydy.
Ogullary onuň sözünden çykanoklar, wesýetine eýerýärler.
Kakasynyň ýardamy hem maslahaty bilen Sadylla Jürjaniýanyň baş medresesini tamamlap, şol ýerde işe
galdy. Abdylmälik han oňa şäherden üç otagly howly satyn alyp berdi, Gazanpar Takyň gyzyna öýerdi.
Geçen ýyl olardan bir ogul dünýä indi. Oňa Kerem diýip at goýdular. Agtygy dünýä inende han hatyny
bilen gyzyny şähere alyp geldi. Olar çaga çileden çykýança – kyrk günläp ýaş enä ýardamçy boldular.
Abdylmälik han her sapar köşge hasabat bermäge gelende oglunyň howlusynda ýatyp-turýardy.
Sadylla otagyň birini «Babamyň tamy» diýip aýratyn hatyralap saklaýardy. Onda Abdylmälik hanyň egineşiklerine çenli durdy.
Bu otag Abdylmälik hanyň Zamahşardaky otagynyň kiçeldilen görnüşine çalym edýärdi, hakykatdan
hem şäheriň otagy galadaky otagdan görnetin kiçidi.
Abdylmälik han uly oglunyň öz ýanynda bolmagyny isleýärdi, ýöne Eprikogullary neberesiniň çar ýana
kök urmagy onuň üçin has möhimdi, şonuň üçin ol Sadyllanyň paýtagtda işe galmagyny gurnapdy.
Indiki ýyl, nesip bolsa, Kabyl bilen Habyl hem Jürjaniýa okamaga gelerler. Abdylmälik han ekizleriniň
durmuş ýoly, etmeli işleri hakda köp oýlanýardy, olar bilen maslahatlaşýardy. Soňky gelnen pikir boýunça
okuwlaryny gutaranlaryndan soň Habyl mirasdüşer hökmünde Zamahşarda ýaşar, işlär, Kabyl golaý-goltumdaky
obalaryň birinde raýis bolar.
Han Kabylyň haýsy ýerde bolsa-da horlanmajakdygyna, gününi görjekdigine ynanýardy. Kabyl bilen
Altynjanyň häsiýetleri meňzeşräkdi: hyjuwlydylar, okgunlydylar, batyrdylar, töwekgeldiler. Habyl olara
seredende biraz ýöwseldi.
Han Habylyň entek-entekler taplanjakdygyna ynanýardy, çünki, Sadylla-da başda ýöwseldi, sadady,
myllykdy.
Bu gün Sadylla öňki Sadylla däl. Şäher durmuşy ony birkemsiz taplapdyr, indi onda öňki myllyklyk ýok.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 09
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.