Latin

Altynjan hatyn - 50

Total number of words is 3765
Total number of unique words is 1980
32.1 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
«hatyn» sözüni ulanmak islämok. Çünki sen hatyndan has ýokardaky adam. Has dogrusy, sen beýik adam!
Anuşirwan – seniň ogluň. Ol meniň hem oglum. Onuň edep-ekramyna, edim-gylymyna, söweşlerdäki
batyrlygyna, harby hem serkerdelik tilsimlere ökdeligine synym oturýar. Ol özüniň wezirlik işini aňryýany
bilen oňarýar.
Togrul soltanyň bu sözlerini diňlände Anuşirwanyň boluşlary, ýüzüne durşy Altynjanyň göz öňünde
janlandy. Şol galagoply pursatlary ýatlamak oňa juda agyrdy: her gezek gözüne ýaş aýlanýardy, agyr gama
batýardy. Ýene şeýle boldy: kemligi tutdy, sojap-sojap aglady.
Altynjanyň agladygyça aglasy gelýärdi.
Ony köşeşdirip bolmajakdygyna belet soltan hoşlaşyp, ýola düşdi.
T
***
Altynjan soltanyň yzyndan garap durşuna Anuşirwanyň elewreýşini ýatlap uzak durdy. «Wa-weýleta,
men Anuşirwanyň günäsini geç­jek, ýöne muny men başaryp bilemok, onuň günäsini geçip bilemok. «Ine,
meniň betbagtlygym...» diýip, ol pyşyrdady, möňňürip aglady.
– Altynjan, gideli. – Kabyl atyny çapdyryp geldi, uýasynyň aglaýandygyny görüp, geňirgendi: – Eý,
seniň bolşuň nähili? Her gezek soltany ýörişe ugradyp, soňundan aglamaň näme seniň?
Altynjan Kabyla jogap berjek bolmady. Sebäbi – ol näme jogap berjegini bilmedi. Onuň özem her
gezek soltany uzak ýola ugradanda gözýaşyny saklap bilmeýändiginiň hikmetine doly düşünmeýärdi.
Ýogsam ol her gezek soltany ýörişe ugratmakçy bolanda özüne erk etmegi, gözýaş dökmezligi berkden-berk
tabşyrýardy. Ol özüne söz berýärdi, ýöne sözünde durup bilenokdy, niçik, soltan adaty ýylgyryşy bilen
hoşlaşanda damagy «hykk» edip dolýardy, onsoň ol daşlaşdygyça içki harasaty köwsar alyp başlaýardy. Näçe
çytraşsa-da, gözýaşyna, teý, erk edip bilmeýärdi. Ýogsam ol soltanyň sag-salamatlykda, ýeňiş bilen
dolanjagyny bilýärdem. Barybir, Altynjan hatyn soltany ýörişe ugratmaga öwrenişip bilmeýärdi. Rast, şu güne
çenli öwrenişip bilmedimi, indi galan ömrüne-de öwrenişip bilmese gerek.
Adam bagta-da, betbagtçylyga-da öwrenişýär eken.
Adam kynçylyklara-da werziş bolýar eken. Altynjan hatyn geçen ömründe kän-kän zatlara öwrenişdi.
Agyr günlere-de, sagadatly günlere-de öwrenişdi. Soltany alys ýörişe, söweşe ugratmaga welin, öwrenişip
bilmedi. Diňe bu däl, Altynjan hatyn garaşmaga-da öwrenişip bilmedi. Ýogsam onuň ömrüniň galaba bölegi
garaşmak bilen geçdi. Şeýle bolansoň, Altynjan garaşmaga ram edäýjek ýaly welin, ýok, beýle bolmady,
garaşmak onuň kalbynda mydama terligini saklady.
Garaşmak Altynjan hatyny her gün elendirdi. Onuň göwnüne, birden gapy açylyp, içerik soltan giräýjek
ýaly bolup dur. Özem bu duýgy onuň aňyndan gije-gündiz aýrylmady. Ol gijelerine tisginip telim ýola
oýandy. Özem özüni soltan yralap oýarjak bolýan, oýaryp bilmän örtenýän ýaly duýýardy. Onsoň ol
alabasgy bolup oýanýardy. Soltanyň ýokdugyny görübem başyny täzeden ýere goýýardy.
Altynjan hatyn ýekekä köplenç ýassykda ýatmaýardy. Asyl, ol düşekde-de ýatmaýardy. Ol gyzgelinleriň telwas edýän düşeginiň gapdalynda – yzgarly ýerde ýatýardy. Her gije ýer diňläp ýatýardy. Ol
muny soltanyň gelenini bilmän ät galmazlyk üçin şeýle edýärdi. Ýok, diňe bir soltanyň gelýändigini bilmek
üçinem däldi. Soltan ýörişe gidensoň, döwlethana onuň garamatynda galýar ahyryn! Şeýle bolansoň,
köşge bakan kimiň gelýändigini öňünden bilmek onuň üçin juda zerurdy!
Her bir döwletiň öz duşmany bolýar. Muhammet Togrul soltanyň döwletini öz döwletine öwürmek
isleýän soltanlar, hanlar, begler hem az däldi. Onsoň Muhammet Togrul soltanyň haýsydyr bir ýere
söweşe gidendiginden peýdalanyp, köşge çozuş etmek isleýän Arslan Besasury pisintler, az hem bolsa,
bar. Şeýle pälli ýagylaryň gelýändigini köşkde özünden başga öňünden anyklap biljek ikinji bir adam ýok.
Hut şu zatlar üçin hem Altynjan, islese-islemese, yzgarly topraga başyny goýmaly, soltanlygyň
rahatlygynyň aladasyny etmeli bolýar. Ýogsam onuň hem asylzada kişiler kimin ýumşajyk düşekde
dünýäni unudyp, agnap ýatasy gelýär. Kişmiş iýseň çöpi bar: soltanyň hatyny bolsaň, käbir zada, özem
gerekmejek zada döz gelmeli bolýarsyň. Altynjanyň bu edähedini akgyzlar, ferraşlar, jamedarlar
tekepbirlik diýip düşünýärler. Umury istihbaratyň sahyby sähel zat ýüze çyksa, köşge kimdir biri
ýakynlaşsa öňünden habar berjekdigini hetjikläp-hetjikläp nygtaýar. Sebäp, bu onuň işi. Şu zatlar üçin çar
ýanda onuň adamlary ýörite sak durlar. Ýöne Altynjan sahyba ynansa-da, jandurmazlyk edýär. Onsoňam
bu möhüm zady Altynjan, hernäçe islese-de, özgä ynanyp bilenokdy. Ýogsam ol käteler özüne gaýa-gopuz
ýok ýerden dowla düşmezligi, parahat ýaşamagy, Allatagalanyň eçilen eşretlerinden peýdalanmagy,
ýumşajyk düşekde gözüniň özi açylýança hezil edip ýatmagy sargyt edýärdi. Bu pikire gulluk etmegi
unaýardam, ýöne biraz wagtdan soň ýumşajyk düşeginden sypyrylyp düşüp, yzgarly ýere başyny
goýanyny özem duýman galýardy.
Altynjan hatyn garaşýardy.
Ol ençeme atyň dükürdisiniň içinden Muhammet Togrul soltanyň atynyň dükürdisini parhlandyrmagy
başarýardy. Özem ol at aýagynyň dükürdisinden soltanyň içki ahwalatyny – gaharlydygyny ýa-da
göwnühoşdugyny anyklaýardy.
Soltan her gezek ýörişden gelende Altynjana bir hoşamaý sözüni hökman aýdardy. Özem ol aýtjak
sözüniň Altynjana nähili täsir etjegini bilýän bolmaly. Bilibem aýdýan bolmaly.
Zenanlaryň ganaty – hoş söz.
Zenanlaryň gyşyny ýaz edýän mähribanlary bar.
Altynjan hatyn gyşyň ýatagan deýin sarsar ýiti sowugynda-da buz ýaly ýere bagryny berip, hoşamaý
söz aýdyp ganat bekletjek mähriban soltanynyň gelerine garaşýar.
Ýaş könelişiberse, tejerrut bolmak agyr düşjek eken: adam özüne nedim küýsär eken.
Är hatyna, hatyn äre gerek, ýaş bir çene baransoň has zerur gerek eken.
Ýekelik – güzap.
Ezraýyl kä çala garasyny görkezip, kä depeden aňyrdan jyklap, sesi bilen özüniň bardygyny duýduryp
ugrandan soň-a ýekelik hasam güzap eken.
«Öljek däl!» diýip gykylyklap oturan kişi ýokdur. Çünki Ezraýyl her kişiniň dilini tapyp, razy edip,
onuň amanadyny sessizje alýar. Ol amanady almaga ýagy ýaly bolup gelse-de, mylaýymlyk bilen, ýagdan
gyl sogran ýaly edip, gygyrtman-bagyrtman alýar.
***
Altynjan soňky döwür darkaşlara köp gatnaşýardy, özem gözsüzbatyrlyk bilen özüni ýagynyň
jümmüşine urýardy. Her gezekki darkaşdan soň serkerdeler Altynjan hatynyň nähili gazaplylyk bilen
söweşendigini wasp edýärdiler.
Elbetde, soltan üçin hatynynyň söweşde görkezen gahrymançylyklary hakda eşitmek ýakymlydy. Onuň
görkezen harby tilsimleri, öldüren kapyrlarynyň sany hakda eşitmek hem ýakymlydy. Soltan serkerdeleriň
taryply sözlerini diňläp otyrka birden oňa wehim aralaşýardy: «Birden tötänlikde Altynjany
öldüräýmesinler?» Söweşde, nämeler bolmaýar?
Altynjanyň söweşe girmegi hökmanmy?
Seljuk soltanlygy, seljuk goşuny Altynjanyň güýjüne, hemaýatyna mätäçmi?
Ýok, mätäç däl!
Togrul soltan içki pikirini açyk aýtmakdan saklandy, ýöne bu barada wezirleriniň, serkerdeleriniň
käbirine Altynjan söweşe gitmekçi bolanda her hili bahanalar bilen onuň gitmeginiň öňüni almagy tabşyrdy.
Hak aýdylypdyr: «Temeni haltada gizläp bolanok!» Her gezek ýörişe ugrajak bolanda wezirlerdir
serkerdeleriň elewremelerinden özünden haýsydyr bir syryň saklanylýandygyny Altynjan aňdy, ol syryň
nämediginiň anygyna-da ýetdi. Soltanyň tabşyrygy hakda eşiden Altynjanyň tas ýüregi ýarylypdy. Ol
soltandan öýkelemek öýkeledi.
Soltan bilen hakyt ýigrimi üç günläp gürleşmedi. Togrul beg onuň öýkesini ýazjak bolup herhili hoşamaý
sözleri aýtdy, herhili gymmatbaha sowgatlary berdi. Barybir, öýkesi aýrylmady.
Soltan ahyry:
– Bolýar, men sözümi gaýdyp aldym. Islän darkaşyňa gatnaş, ýöne ýüregiň hernäçe ürügsese-de,
gözsüzbatyrlyk etme. Özüňi gora, sen maňa gereklisiň. Hergiz şuny unutma! Maňa seniň darkaşda ýeňiş
gazananyňdan haremhanada gül-gül açylyp, bähre birle oturanyň has zerur – diýdi.
Darkaşlara gatnaşyp ugranyndan soň Altynjanyň ýüzi açyldy.
Soltan Mübärek hana:
– Altynjan darkaşa girende ony on-ýigrimi haşar bilen iki tarapyndan bahabar boluň, goraň – diýdi.
Togrul soltanyň göwnüne bolmasa, Altynjan hatyn özüni görnetin ajalyň üstüne oklaýan ýalydy.
Soltanda bu pikiriň döremegi ýöne ýerden däldi. Altynjan hatynda nähilidir bir howlukmaçlyk bardy. Onuň
käbir sözleri soltan bilen hoşlaşyk sözüne meňzeýärdi. Togrul soltan: «Altynjan näme üçin özüni ajalyň
üstüne oklaýarka?» diýip oýlanýardy, hernäçe oýlansa-da, hatynyndaky bu bedellige teý anyk jogap tapyp
bilenokdy. Hut şonuň üçinem ol özüni iba kylýardy...
Ýigrimi dördünji hekaýat
ÝAŞLYGYŇ ÝARANY – ARZUW,
GARRYLYGYŇKY – ÝATLAMA
aryň ýagmasyna Muhammet Togrul soltanyň mydama-da göhi gelýärdi. Onuň ynanjyna görä,
gar – Allatagalanyň aklygydy. Aklykda derdiň galmaly däl. Muhammet Togrul soltanyň göwnüne
bolmasa, gar Altynjanyň ähli derdini dep etmek üçin ýagýan ýalydy. Soltan hatynyny daşaryk
alyp çykmagy ýüregine düwdi.
Ol Altynjany galyň geýindirdi-de, gujagyna alyp daşaryk çykardy.
Esli günläp daşary çykman ýatan Altynjanyň garyň aklygyna gözi gamaşdy.
Soltan Altynjany emgenmän göterip barýardy. Asyl, garrylyk duýlanokdy onda. Altynjan horlanan-da
bolsa, agramy dört batmandan agyr däl onuň.
Muhammet Togrul soltan Altynjanyň egnindäki possuny az görýän ýaly, öz egnindäki jüpbesini-de
onuň egnine atdy.
Haşym galyň possuny garyň üstüne düşedi. Soltan Altynjany şol possunyň üstünde oturtdy. Özem
onuň gapdalynda oturdy. Soltanyň keýpi kökdi. Ol garyň üstünde uzyn süýnüp ýatdy. Kellesini
Altynjanyň uzyn salyp oturan aýaklarynyň üstünde goýdy:
– Altynjan, ýadyňa düşýärmi, Horezminden Horasana gaýdanymyzda çölde garyň üstünde şeýdip
oturypdyk.
– Begim, men garyň üstünde şeýdip oturan pursadymyzy tas her gün diýen ýaly ýatlandyryn.
G
– Ol sende-de gowy täsir galdyrypdyr-da onda?! Menem ol pursady köplenç ýatlaýaryn. Ondan bäri bir
ömür geçäýipdir.
– Şonda begim maňa bütin ömrüme many-ganat beren bir hoş söz aýdypdy. Men, ana, şol hoş sözi
ömrüme ganat edinip ýaşadym.
– Şol gezek näme diýenim seniň ýadyňda bolsa-da, meniň ýadymda ýok, ýöne şonda aýdan sözüm,
rast, ömrüňe ganat beren bolsa, onda ol söz gowy sözdür. Altynjan, men näme üçindigini takyk
bilmeýärin, ýöne, näme üçindir, soňky wagtlarda geçen günlerim, ömrüm hakda köp oýlanýaryn. Men seni
aýamda götermändigime bu gün biçak ökünýärin. Jahangirlik bilen aşa başagaý bolup, men seni az
ezizläpdirin, Altynjan. Wah, şu ömrümi täzeden başlamaly bolsa, onda men ömrümi saňa bagyş ederdim.
Men öňki aýdan sözlerimi bu gün gaýtalamak bilen, pikirimi, maksadymy üýtgetmändigimi nygtamakçy
bolýaryn. Alla: «Aýallaryňyz – zyýaratgähiňizdir»2 diýýär. Beýik Perwerdigär bu sözi hut meniň üçin
aýdypdyr. Hakykatdan hem sen meniň zyýaratgähimsiň, Altynjan. Saňa näçe zyýarat etsem hem azdyr.
– Eý, begim, soltanyň hatynyny gowy görýändigini aýtmagy hökman däl. Aýtmasaňyz hem men nähili
garaýandygyňyzy duýýaryn. Siziň maňa oňyn garaýşyňyz külli kynyk begleriniň hatynlarynyň hem hormatgadyrlarynyň ýokary bolmagyna ýardam berdi. Çünki ähli kişi soltandan nemuna alýar. Soltan hatynyna
nähili garaýyşda bolsa, onuň egindeşlerem öz hatynlaryna şonuň ýaly garaýyşda bolýarlar. Her bir halkyň
batyny3 – şol halkyň hatynlaryna bolan garaýyşlarynda jemlener eken. Zenanlar – halkyň iman mizany eken,
batyn mizany eken... Türkmenler beýleki musulman halklardan aýal-gyzlaryna garaýyşlary boýunça
görnetin parhly: ýüzlerine hyjap örtmeýärler. Meniň hem hyjapsyz gezmegim, siziň bilen agaýana
sözleşmegim din kada-kanunyna sygmaýar.
Soltan gapdalyndan bir penje gar aldy-da, ýüzüne sürtdi, soňam hatynynyň sag elini döşüniň üstünde
goýdy:
– Senden gizlemäýin, men saňa bir zat bolar öýdüp gorkýaryn. Ynansaň, men bu ýat pelekde sensiz
galmakdan gorkýaryn.
– Ezizlenýän hatynlar ölmez, begim. Siz meni ezizleýärsiňiz. Onsoň men ölmerin. Arkaýyn boluň, ýok,
ýok, ölmerin!
– Meniň bu pelekdäki ýüregime iň ýakyn pettanym4 sensiň. Birmahallar pelek özümiňkidi. Ähli wezirwekiller, ähli baýlar, bezirgenler, esgerler özümiňkidi. Dosty-ýarlarym, ata-enem özümiňkidi, ýöne wagt bu
garaýşymy çepbesine çöwürdi. Özümiňki hasap eden atam-enem özümki däl eken. Olar meni mähirlerindenem
doly gandyrman gitdiler.
Özümiňki hasap eden babam hem özümiňki däl eken.
Özümiňki hasaplan ýaýlam özümki däl eken.
Özümiňki hasaplan doganym Ybraýym özümiňki däl eken, ol meniň kastyma çykdy. Men bolsa ony
özümiňki hasaplap gezdim.
Özümiňki hasaplan Çagrym hem özümiňki däl eken. Onuň öz pelegi, öz aladasy, öz ogullary bar. Men
onuň ýanynda bolanymda onuň özümiňki däldigini syzýaryn, özümi artykmaç duýýaryn.
Indem özümiňki hasaplap ýaşan pelegimden özümiň göç eýlemelidigimi, bu pelegiň özümiňki
däldigini, özümiň bu pelekde gaty bir kiçijik mahlukdygymy, ähli zatlarymyň özgelere galjakdygyny
syzýaryn. Onsoň bu pelek juda bimährew görünýär, juda rehimsiz duýulýar. Şu zatlar hakda oýlananymda
bütin ömrüme meniň rowaç­lygym üçin yhlas eden ýeke-täk bir adam hakydamda ör-boýuna sarsman dur.
Meni eziz saýyp, meniň ähli sütemime, geleňsizligime göz ýumup, ýamanymy ilden ýaşyryp, ýagşymy ile
ýaýan, maňa gije-gündiz Allatagaladan rowaçlyk, saglyk, hökümdarlyk dileg eden, gije-gündiz maňa yhlasly
hyzmat eden, maňa ömrüni bagyş eden bir ýakynym bar, ol – sen, Altynjan. Meniň üçin bu sowuk pelekdäki
ýeke-täk yssy mähir hem dilsitan – sen. Sen meni mydama şat etmegiň ugrunda bolduň. Özüme ýakyn
saýýan kişilerimiň tas ählisi diýen ýaly meniň häkimligime ýa göz gyzdyrdy ýa bahyllyk etdi. Maňa
hemmetaraplaýyn rowaçlyk istän kişi – sen!
Altynjan adamsynyň gar sürtülen ýüzüni emaý bilen sypalady, gar bölejiklerini aýyrdy:
– Garyň üstünde ýatyrsyňyz welin, üşärsiňiz, begim.
– Seniň ýanyňdakam sarsar hem maňa nesim5. Onsoňam, ýadyňdamy, meni öz mähriňe çoýmak, meni
üşetmezlik saňa şert ahyryn.
Altynjan Togrul begiň nämäni ýatlaýandygyna düşündi. Bu hakdaky gürrüň Garagum çölünde bolupdy.
Şol gün hem çar ýan gardy. Şol gün edil häzirkileri ýaly bolup garyň üstünde ýatypdylar.
– Ýadyňyzda eken-ä!
– Elbetde, ýadymda. Şonda burnumdan gan akandygy-da ýadyňdamy?
– Ýadymda. – Altynjan adamsynyň sag elini eline aldy: – Ilkinji nika gijesi maňa bäş sany talabyňyzy
aýdypdyňyz. Ýöne şol bäş talabyň dördünjisini aýtmandyňyz. Men dördünji talabyň nämedigini, dogrymy
aýdýaryn, häzir hem anyk bilmeýärin.
– Nämedir öýdýärsiň?
– Anyk bir pikirim ýok.
– Dördüsi ýadyňdamy?
– Ýadymda, isleseňiz aýdyp bereýin.
– Aýt.
– «Birinji, hiç wagt edenime däl diýme! Ikinji, hiç wagt akyl beriji bolma! Üçünji, hiç wagt bir
aýdanymy ikinji gezek gaýtalatma! Dördünji, … Bäşinji, hiç wagt hiç zat sorama! Şu bäş talabymy bozsaň,
günäňi geçmerin. Şol dem öldürerin».
Togrul beg çala ýylgyrdy:
– Dördünji talaby saňa aýtmagymyň zerurlygy hem ýokdy.
– Ol näme hakyndady?
– Dördünji talap zenanyň äre wepadarlygy hakyndady. Bu hakda nika gijesi aýdasym gelmändi. Şony
aýtman dogry edipdirin. Sen meniň üçin ýönekeý hatyn dälsiň. Sen meniň üçin ähli zatsyň. Biler bolsaň,
Altynjan, men seni ilkinji gezek görenimde aňymda şeýlebir üýtgeşiklik gopdy. Men seni görüp, synlap, şol
wagta çenli tapyp bilmän ýören sowalyma jogap tapdym.
– Ýadymda, siz şonda: «Eý, Altyn gyz, sen meniň şu güne çenli: «Bu pelekde nämäniň hatyrasy üçin
ýaşamaly; nämäniň hatyrasy üçin söweşmeli; nämäniň hatyrasy üçin ölmeli» diýen sowallaryma tapyp
bilmän ýören jogabymy tapyp berdiň» diýipdiňiz, ýöne ol jogabyň nämedigini aýtmandyňyz. Ýalňyşmaýan
bolsam, şol jogaby häzir aýtdyňyz.
– Sen meniň her bir sözümi ýadyňda saklapsyň-a?!
– Ähli zady ýatda saklap bolmaz, ýöne ömrüň manysyny düzýän pursatlar welin, adamyň ýadyndan
çykmaýar.
Togrul soltan garysyna galyp, Altynjana ýüzlendi:
– Dogryňy aýt, menden göwnüň galan ýeri juda köp boldumy?
– Meniň sizden hiç wagt göwnüm galmady, begim.
– Ine, bu sözüňe ynanyp biljek däl.
– Meniň sizden göwnümiň galmandygynyň sebäbi bar...
– Haýsy sebäp ol?
– Men başda soltana düşünip bilmän, dogrudanam, juda kösendim. Soň sizde iki perişdäniň bardygyna
göz ýetirip, olaryň her biri bilen aýratyn gürleşmelidigimi anykladym. Şondan soň, düşünişmek hem
ylalaşyklylykda ýaşamak maňa aňsat düşdi.
– Kinaýatsyz aýt!
– Meniň begimde iki perişde ýaşaýar. Men ol perişdeleriň birini Hökümdar diýip, ikinjisini bolsa
Howandar diýip atlandyrdym.
– Açyl şeýdip.
– Birinji perişde hakyky Hökümdar, Togrul soltan köplenç Hökümdaryň emri bilen ýaşaýar. Oňa aňsataňsat garşy gitmeýär, soltan Hökümdarka Altynjany unudýar. Hawa, hawa, Altynjan ünsden düşýär. Baş
orunda jahangirlik durýar. Soltan Hökümdary gowy görýär. Çünki Hökümdar soltany ýedi yklyma soltan
eýledi.
– Howandar näme iş bitirdi?
– Häzirki meniň ýanymda duran Howandar raýatlaryny, hatynyny ýagşy hulky bilen özüne kökerdi.
Adamlara giňlik, dilnowazlyk berdi.
Örän seýrek gülýän, seýrek ýylgyrýan Togrul soltan hezil edip güldi.
***
Togrul soltan köp wagtyny Altynjanyň ýanynda hemaýyn razdarlykda geçirýärdi.
– Galan ömrümde seniň bilen hebent boljak. Bir günem senden aýry boljak däl. Hudaýa hudawende,
hökümdarlygymyz äleme ýaýrady. Baý, kuwwatly soltanlygym bar. Halyf ýedi don geýdirdi 6, Soltan adyny
berdi. Indi bu zatlaryň lezzetini bilip ýaşajak. Soltanlygy Süleýmana berjek.
– Begim, ýadyňyzdamy, biz Nyşapurda hem Reýde «gara gün» üçin diýip köp mukdarda altyn-kümüş
gömüp gizledik. Anuşirwanyň babasy Tümen daýym hem maňa gizläp saklamak üçin kyrk halta tylla
beripdi. Men ol tyllalary-da ellemedim.
– Nirede olar?!
– Zamahşarda. Adamlaryň güman-çak etmejek ýerinde gömüp goýduk. Ol baýlyklary biz haçan
peýdalanarys, begim?
– Biziň ol gömülgi tyllalara galan günümiz ýog-a.
– Hudaýa şükür! Olary birine bermelimi?
– Näme, birine ýamanlyk etmek isleýärsiňmi?
– Ýok, ýagşylyk etmek, begendirmek isleýärin.
– Adamlary halta-halta tylla berip bagtly edip bilmersiň, betbagt welin, edip bilersiň. Sebäbi artyk
baýlyk – adama artyk dert, artyk betbagtlyk getirýär. Artyk baýlyk adamyň parahat ýaşaýşyny bozýar. Onda
köp-köp hyýallary döredýär. Ol hyýallaryň soňam hökman betbagtlyk bilen gutarýar.
– Nyşapurdaky gömülgi tyllalardan Mäne galasynda Abul Haýyra aramgäh bilen metjit gurlup
berilmegini isleýärin. Zamahşardaky tyllalara bolsa galanyň daşynyň diwarlaryny täzelemäge harçlasak
gowy boljak.
– Eger şu sözi menden ejaza soramak üçin aýdan bolsaň, Altyn gyz, men garşy däl, unaýaryn. Onsoňam
sen ol altynlary şu güne çenli kimdir birine bermek hakda pikir etmediň. Indem birden gömülgi ýatan
altynlaryňy kimem bolsa birine bermäge howlugýarsyň? Biz öljek bolup durusmy? Entekler ýaşarys. Ol
altynlaryňam öz gerek ýeri tapylar – diýip, soltan Altynjana soragly bakdy.
Altynjan bu sowala ýagşydan-ýamandan hiç hili jogap bermedi.
***
Adam nämeden gorksa, şol hem başyna geler eken...
Altynjan soltanyň näme üçin öz ýanyna gelýändigini aňýardy. Onuň pikiriçe, soltan ömrüniň soňuny
gören bolmaly. Adam ýaşlykdan geljegini ynam sütünine öwrüp ýaşaýar. Gelejekde özüne ymsyndyryjy
jady bar. Adama öňe okdurylmak mahsus. Ýaşyň könelensoň welin, sen geljekde diňe öz ölümiňi görýärsiň.
Onsoň seniň geljek hakda oýlanasyň gelmeýär. Ýaşamak üçin welin, adama haýsydyr bir ynanç sütüni
gerek. Şol ynanç sütünini ýaşy könelen adam indi geljekden däl-de, geçen günlerinden agtarmaly bolýar.
Ýaşlykda gelejek ýakymlylyk, ömrüň manysy, mertebe bolup görnen bolsa, ýaşy könelen adama geçen
ýaşlygy ýakymlylyk, ömrüň manysy lezzet bolup görünýär.
Geljekde Ezraýyl dur. Özem örän ýakynda dur. Soltany ölüm, Ezraýyl hakdaky duýgulardan halas edip
biljek güýç gerek. Ony bu babatda halas edip biljek diňe bir adam bar. Ol hem Altynjan hatyn. Başga hiç bir
adamyň ýanynda Togrul soltan ýüregini açyp bilmeýär. Ol diňe Altynjanyň ýanynda açylýar. Onuň bilen
geçen günleri ýatlaşara, ölümi unudara mertebeli pursatlar az bolmady. Jahangirlik bilen ber-başagaý bolup,
şol geçen günler hakda-da oýlanmandyr, ýadyndan çykaryp goýberipdir. Ýöne geçen günler Altynjanyň
ýadynda durandyr. Soltanyň hatynynyň ýanyna köp gatnamasy ýöne ýerden däldi. Ol ölüm hakdaky
oýlanmalardan halas bolmak isläpdi. Altynjan her gezek onuň ýüregine dürs düşünipdi, oňa hoş ýakjak
ýatlamalara çümüpdi, gürrüň beripdi. Soltan Altynjanyň ol söhbetlerinden taýsyz lezzet alypdy,
gaýratlanypdy. Altynjan hatyn mydama soltanyň gowy taraplaryny gürrüň berýärdi. Olaryň arasynda diňe
geçen günler hakda gürrüň bolýardy. Olar köplenç Nur-Buharadadylar, Ürgençdediler.
Togrul beg soltan Mahmydy ýatlamagy, ol hakda bilýän zatlaryny gürrüň bermegi gowy görýärdi.
Ol birmahal soltan Mahmyda aýratyn sarpa goýup, onuň ýanyna, gör, näçe gezek ogryn adam
gönderipdi. Onuň köşkde özüni alyp barşyny öwrenipdi, oňa meňzemäge çalyşdy. Ýöne ol soltan Mahmyt
hakda köpsanly masgaralaýjy rowaýatlaryň döredilmegine, ile ýaýradylmagyna rugsat beripdi. Ol
maksadyna ýetipdi. Meňzemek islän adamyna meňzäpdi. Ondan artygragam bolupdy. Ýöne Mahmyt soltan
ölende welin, Togrul beg gama batypdy. Ony hatyralap sadaka beripdiler, Gurhan çykypdylar. Soltan
Mahmytdan soň guwanara, mertebeläre kim bar?! Soltanyň ogly Masutmy? Ýok, Togrul begiň oňa pisindi
oturanokdy. Togrul beg soltan Mahmydyň ölüminden soň özüni jahangirlikde mynasyp bassaşsyz duýupdy.
***
Togrul beg-de, Altynjan hatyn-da agşamlaryna baş wezir Amydylmülki diňlemegi gowy görýärdiler.
Ýüzi nurana, mähirli bu kişi durşy bilen akyldy. Ol köp dessanlary, şygyrlary owazly okap berýärdi. Özüniň
hem pelsepesi bardy. Bu pelsepe bilen soňky ýyllar Altynjan hatyn ylalaşmaýardy.
Kundury öz pelsepesini delillendirýärdi:
– Men düýnki günüň aladasy bilen gümra bolmagy manysyzlyk, boş güýmenje hasaplaýaryn. Çünki
düýnki gün ýok. Ol geçip gitdi. Onuň bilen meşgullanmakdan hiç kime peýda gelmeýär. Ertirki gün barada
aladalanmagy hem men manysyzlyk hasaplaýaryn. Çünki ertirki gün entek ýok. Onyň nähili geljegi belli
däl. Ertirki günde seniň boljagyň-bolmajagyň, meniň boljagym-bolmajagym hem belli däl. Onuň nähili
boljakdygy diňe Perwerdigäre bagly. Ertirki gün biziňki däl, ol Perwerdigäriňki. Gelejek hakda aladalanyp
wagt ýitirmegiň hajaty ýok. Geçen – görünmez. Şonuň üçin geljegi gelmiş hasaplamaly. Allatagalanyň bize
eçilen peşgeşi – şu gün – heminzaman. Biz şu günümiz – Allatagalanyň eçilen peşgeşi bilen ýaşamaly7.
– Men seniň bu pikiriňi unamok, Amydylmülk. Sen entek ýaş, ýaşyňa görä-de pikirlenýärsiň. Meniň
ýaşyma baranyňda bu edýän pikirleriň nädogrudygyna düşünersiň – diýip, Togrul soltan parahat gürledi. Ol
adam ömrüniň üçe: geçen günlere, heminzamana, geljege bölünýändigi; geljegiň – ýaşlykdygy;
heminzamanyň – orta ýaşdygy; geçen günleriň – garrylykdygy hakda janygyp sözledi.
Bu sözleri eşiden Altynjan gulaklaryna ynanmady. Nädip ynansyn, soltan mydama geljek bilen
ýaşaýardy ahyryn!
Wagt, döwür – hökmürowan, ol adamy özüne görä oýlandyrýan eken!
***
Soltan keýpi çaglykda ýaşlyk ýatlamalaryna berlipdi. Ol atasy Seljuk begiň yşky başdan geçirmelerini
gürrüň berýärdi:
– Seljuk beg Beýgu patyşanyň subaşysy (goşunbaşysy) eken. Patyşanyň hatyny Karkara hatyn Seljuk
subaşynyň öýlenen hatynyny halamaýan eken. Ol subaşydan hatynyny kowmagyny, öz uýasyna
öýlenmegini talap edipdir. Seljuk beg onuň bu islegini bitirmändi, rum gözeline öýlendi, muny Beýgu
patyşanyň hatyny Karkara biçak ýokuş gördi, patyşany äsgermezlik hasaplady, şonuň üçin Seljuk subaşydan
ar almagyň ugruna çykdy.
Üç sany pidaýyny subaşyny öldürtmek üçin taýýarlaýar. Pidaýylaryň ýarygije geljekdigini Seljuk bege
habar beripdirler. Subaşy öz ýerinde Karkara hatynyň daýysyny dürli bahanalar bilen aldap ýatyrýar.
Karkara hatynyň ýakyn adamy – daýysy öldürilenden soň Seljuk bege Ýaňykentden Jende gitmekden
başga alaç galmaýar.
Bir-ä düýeler, ikinjem ýylanlar, üçünjem hatynlar gaty arçyl bolýarlar. Olaryň bir göwni galsa, tä
ölýänçäler ýatlaryndan çykarmaýarlar, amatly pursat tapsalar, hökman arlaryny alýarlar. Karkara hatyn
ölýänçä ar alyp gezdi, barybir, az göründi, ölüm ýassygynda ýatyrka, ogly Şamälige sargyt edipdi: «Seljuk
neberesini gören ýeriňde öldürgin» diýip. Şamälik enesine beren sözüne wepaly bolup, köp seljuklyny
öldürdi, özi hem seljuklylaryň elinden öldi. Seljuk begiň başyndan inen towky tas meniň-de başymdan
inipdi.
Altynjan soltanyň bir habar aýtmakçy bolýandygyny aňdy. Ýalňyşman eken:
– Ähli kişi gowy zada hyrydar. Altynjan, seniňem-ä hyrydaryň köp boldy. Ýazyr şalygyna göçüp gitjek
bolup durkak, Harys Altyndaş ýörite çapar gönderip, bizi Horezmine çagyrdy. Mallarymyz üçin öri
meýdanyny, özlerimiziň ýaşamagymyz üçin ekeran ýer berdi. Indi, görüp otursam, Allatagala meni saňa
gowşurmak üçin Horezmine göçürip getiren eken. Indi görüp otursam, sen hakda ýüregime gozgalaň salmak
üçin, Gökhuny meniň ýanyma ýörite gönderen eken. Indi, görüp otursam, seniň ýigitlere şert goýup, meniň
kastyma ugratmagyň, gelenlerden rüstem çykmagym Allanyň ýazgydy eken. Sen özüň hakda köp zatlary
bilmeýärsiň, Altynjan. Seniň üçin iki aznawur8 başyny goýdy.
Altynjan bu hakda Gökhündan eşidipdi, ýöne hiç zat bilmeýänden boldy.
– Seniň o zatlary bilmeýändigiňi aňýardym. Biler bolsaň, Altynjan, seniň şol sözüňden soň, men ýarym
ýylyň içinde bäş sany aznawur bilen ýekme-ýek darkaşa çykmaly boldum. Olaryň ikisi küşdüniň
asgynlygyny bilip, söweşsiz gitdi. Üç ýigit welin, Oguz hanyň ýa sen, ýa men diýin «gylyç ýa kepen»
däbine eýerip, meniň bilen garpyşdy. Olar gowşak ýigitler däldi, güýçlüdiler, batyrdylar, mertdiler. Ýöne,
hemişe güýçli ýeňýär diýen pikir nädogry. Çözgüt Allatagalanyňky. Darkaşlarda Hudaý meni goldady.
Döşümde iki sany tyg yzy bar. Ol tyg yzlarynyň birini seniň özüň goýduň, beýlekisini bolsa seniň üçin
Gawşfinj şäheriniň häkiminiň ogly Gökhun galdyrdy. Şol ýigit hem maňa seni salgy berdi. Onuň
salgysyndan soň Altynjan atly gyzyň meniň üçin dünýä inendigi hakdaky pikir aňymdan aýrylmady.
***
Altynjan Kalbynany soltanyň aşhanasyna işe ýerleşdiripdi. Olara ýörite öý satyn alyp beripdi. Käteler
ýüzüni garaňka tutup, Kalbynanyň öýüne baryp gaýdýardy, Kalbyna bilen ýaşlygyny ýatlaşýardy. Olaryň
ýaşaýan öýüne Togrul soltanyň özem baryp görüpdi. Onuň Gökhunuň öýüne baryp görmegi Altynjanyň
islegi bilen däldi, ýok, Altynjan hatynyň kä gijeler bir öýe gidip tä daňdana çenli güýmenýändigini ýörişden
gelen Togrul soltana sahyp Dürnazar habar beripdi.
Soltan göni şol salgy berlen öýe barypdy. Gapyny Kalbyna açypdy:
«Kim sen?»
«Kalbyna men».
«Haçandan bäri bu ýerde ýaşaýarsyň?»
«Bir ýyldan bäri».
«Aslyň nireden?!»
«Aslym Zamahşar galasyndan».
«Nireden diýdiň?»
«Zamahşar galasyndan. Meniň babama Ýusup bezirgen diýerdiler. Onuň asly ýunanly bolmaly.
Bezirgenlik bilen Basra şäherine baranda, ony tutup alyp gaýdypdyrlar. Babam üç-dört kişä satylypdyr.
Onsoň ol ahyr Zamahşarda döwlet tapdy. Abdylmälik hanyň öndürýän halwalaryny, nişallalaryny, keýmir
peýkamlaryny satmak işi bilen meşgullanyp, gurplandy».
«Sizi bu ýere Altynjan hatyn ýerleşdirdimi?»
«Altynjanyň ömri zyýada, jany sag bolsun! Dünýä inip, özümi duýup ugranymdan bäri ol maňa çyn
howandar. Ol meni ýylgaý goldap, ýylgaý göwnümi göterip geldi. Men oňa ömürbaky minnetdardyryn».
«Gökhun nirede?»
«Ol mundan alty aý öň ýurduny täzeledi. Men indi tenha ýeke galdym. Käteler bir razdarym gelýärdi.
Indi ol hem gelenok. Ýarawlygy ýokmuş diýip eşitdim».
«Näme üçin sen onuň ýanyna barmaýarsyň?»
«Barasym gelýär, ýöne onuň ýaly beýik ýerlere gadam basmaga men mynasyp däl».
«Altynjan seni ýanyna çagyranokmy?»
«Ol meni ýanyna çagyrmak isleýär, ýöne men ony soltanyň ýanynda çykgynsyz güne goýmazlyga
çalyşýaryn».
«Iýip-içer ýaly zadyň barmy?»
«Altynjan meni hiç zada myzahar edenok, sag bolsun».
Şol duşuşyk hakda Kalbyna Altynjana hiç zat aýtmandy, sebäbi ol özüniň ýanyna kimiň gelendigini
anyk bilenokdy, ýöne bu hakda Altynjana soltan aýtdy:
– Ýanyňa Kalbynany çagyr, onuň bilen geçeni ýatlaşarsyňyz.
– Begim, siz Kalbynany nireden tanaýarsyňyz?
– Men Gökhun barada habar eşitjek bolup birki gezek synanyşdym. Görüp otursam, olar biziň
şäherimizde ýaşaýan ekenler. Sen olary menden nahan saklapsyň. Men olaryň öýüne baryp gördüm. Özüň
ýedi yklymyň soltanynyň hatyny, nedimi, naýyby bolsaňam, çagalyk razdaryňy çetde saklapsyň.
Oňarmansyň, Altynjan. Ony köşge getirmegiň gerek. Men Gökhuna minnetdarlyk bildirmek isledim. Şu
maksat bilenem ony ýigrimi ýyllap agtardym. Gökhun aýtmadyk-da bolsa, belki, men seni tapardym. Ýöne
ol meniň işimi ýeňilleşdiripdi. Men oňa minnetdarlygymy bildirmäge ýetişmändigime gynandym. Ynan,
onuň sen hakdaky aýdan sözleri dek ýaňy aýdylan ýaly hakydamda dur.
***
– Altynjan, men Diýarbekire baryp gaýdaýsam niçik bolar?!
Altynjan hatyn soltanyň isleýän sözlerini aýtdy:
– Çoh gözel bolar!
– Bilýärmiň näme, indi ençe ýyl bäri men şazada Ýakudy Anadoluda saklaýaryn. Ol maňa duşuşmak
isleýändigi, Diýarbekirde garaşjakdygy barada çapar iberipdir. Ol goşunyny goýup meniň ýanyma gelip
bilenok. Şazada Anadoluda çäksiz köp ýeňişleri gazandy. Meniň oňa minnetdarlyk bildirmegim, käbir ýerleri,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 51
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.