Latin

Altynjan hatyn - 28

Total number of words is 3798
Total number of unique words is 2005
34.7 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
54.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
kerwensaraýdaky adamlary uçdantutma öldürjekdigini, kerwensaraýy bolsa ýer bilen ýegsan etjekdigini
tekrarlap gitdi.
Seljuk esgerleri gidenden soň kerwensaraýda ep-esli wagtlap dym-dyrslyk höküm sürdi. Hiç kim
gürlemeýärdi. Ähli kişi doňan ýaly bolup durdy.
– Men bu zatlary Togrul soltanyň hatyny, joram Altynjan melikä hökman aýdaryn. Hökman aýdaryn.
Bularyň gözlerinde ot ýakdyraryn – diýip, hatynak hatyn otagdan çykyp gygyrdy. – Ýerçeken, biziň ähli
dinarymyzy alyp gitdi.
– Kalbyna, içeri gir! – diýip, Gökhun başyny galdyrman oturyşyna azmly gygyrdy.
Kalbyna içeri girip, adamsynyň gapdalynda aşak çökdi. Gaharyna bäs gelip bilmän özbaşyna
hüňürdedi:
– Men bu zatlary Togrul patyşaga aýdaryn, Altynjana-da aýdaryn! Gözlerinde ot ýakaryn men bularyň!
Gökhun doňan ýaly bolup, gozganman oturyşyna hatynyna gö­wünlik berdi:
– Allatagala bizlikdir. Ähli zat gowulyk bolar, enşa!
Hadym kürsäp içeri girdi.
– Eý, ýaşuly, sen nädäýdiň? Ýüz dinar berip goýberdiň-le sen?
– O zatlar bilen seniň işiň bolmasyn, sen bize owkatlyk getir.
– Sizde indi bir dirhem hem ýok. Owkatlygyňyzy nädip hasaplaşjak?
– Nädip hasaplaşjagym bilen işiň bolmasyn, alamanyňa ýüz dinar beren adam senem boş goýmaz.
Hadym Gökhuna geňirgenme bilen serede-serede çykyp gitdi. Ep-esli wagtdan soň, dört sany epeý kişi
içeri girdi.
Gelenleriň arasyndaky mapraç kişi saglyk-amanlykdan soň, Gökhuna ýüzlendi:
– Eý, ýolagçy! Men şu kerwensaraýyň eýesi Ryzaguly Türkmen. Maňa siz barada, Togrul begiň
atlylaryna ýüz dinar berendigiňiz barada aýtdylar. Men siz bilen tanyşmak isleýärin. Siz maňa özüňiziň
kimdigiňizi aýdyp bilmermisiňiz?
– Meniň kimdigim size näme gerek?
– Maňa aýdyşlaryna görä, siz Togrul begiň ýanyna barýan bolmaly. Meniň bolsa, ýurduň abadançylygy,
baýamagy, adalaty üçin oňa ýetirmegi parz bilýän zatlarym bar.
– Hadymlaryňyz gaty bilesigeliji oglanlar eken, olar men hakda eýýäm ähli zady bilýärler. Siz näme
bilmek isleseňiz, şolardan soraberiň.
– Olar meniň tabşyrygymy ýerine ýetirýärler, ýöne meniň adamlarymdan size ýamanlyk gelmez,
arkaýyn boluň.
Gökhun birsellem dymyp, söze başlady:
– Meniň kunýam – Gökhun bin Harur bin Aksungar, Horezminiň Gawşfinj şäheriniň häkimi bolup
işledim, ýöne häzirki döwürde häkimem däl, hiç kimem däl. Bary-ýogy bir harwarlyk ýüküm bar.
– Hatynyňyz Kalbyna Togrul begiň hatyny Altynjan hatynyň ýakyn jorasymy?
– Size dogry aýdypdyrlar: hatynym Altynjan melikäniň ýakyn jorasy. Biz Nyşapura uly umyt baglap
barýarys, ýöne ol ýerde bizi nähili garşylajakdyklaryny anyk bilmeýäris.
– Erkeklere görä hatynlar öz joralaryna has wepaly hem yhlasly bolýarlar, biri-birini goldaýarlar. Siziň
hatynyňyzy hem Altynjan hatyn goldar. Ol meniň eşiden rowaýatlaryma görä, biçak edenli hatyn bolmaly.
– Rowaýatlary?.. – diýip, Kalbyna gyzyklandy.
– Hawa, hawa, ol hakda köp gowy rowaýatlary eşitdim.
– Rowaýatlar arkaýynçylyk ýeriniň gürrüňi – diýip, Gökhun beg rowaýat eşitmek islemeýändigini
duýdurdy. – Siz Togrul begi gördüňizmi?
– Hudaýa şükür, gördüm, hakyt elleşip salamlaşdym. Togrul patyşa gaty üýtgeşik kişi eken.
– Nämesi üýtgeşik onuň?
– Gyr atyň üstünde egni jöwşenli, çaraýnaly, tuwulgaly, dyzlykly, bir elinde ýaý bilen ok tutup oturyşy,
gaty haýbatly symmaty teý göz atuwymdan aýrylanok meniň. Ýörände ädimi uludan däl-de, näme üçindir,
kiçiden alýan eken. Meni haýran galdyran zat onuň diýýän sözleri. Onuň diýýän sözlerini men öň ýeke
patyşadan hem eşitmändim. Ol gürlände özüne kökerýär. Ol Nyşapura gelen gününiň ertesi uly bir kabul
edişlik gurady. Şol kabul edişlige gatnaşdym. Töwereginde adam kändi, şonuň üçin onuň bilen ine-gana
gürleşib-ä bilmedim, diňe elleşip salamlaşdym. Murty iki tarapa peýkam ýaly gezelip dur. Kimiň saçy ýogyn
hem berk bolsa, şol adamyň polat erki bardyr diýýärler. Togrul begiň gezelip duran murtundanam onuň berk
erklidigi görnüp dur. – Ryzaguly Türkmen birsellem böwrüne diň saldy. – Togrul begiň Ybraýym atly bir
dogany bar eken.
– Ybraýym diýdiňizmi?
– Hawa, ol patyşanyň dogany. Ol gije-gündiz ylgap, işläp ýören nazarkerde serkerde. Mähriban kişi,
nurana kişi. Eşiklerini görseň welin, nebsiň agyrýar. Patyşanyň inisi, serkerde diýer ýaly däl, egin-eşigi
hakyt sal-sal, hakyt kir. Men ony kerwensaraýa çagyryp, ýuwundyryp, eşigini täzeläbem biljekdim, ýöne
beýtsem, onuň maňa nädogry düşünmegi, gaharynyň gelmegi mümkin. Ondan her hili ýowuzlygyň çykmagy
mümkin...
– Ybraýym barada näme üçin beýle pikir edýärsiňiz...
– Men bütin ömrüme adamlar bilen iş salyşdym, şonuň üçinem adamlaryň daşky keşmerlerine seredip,
olaryň käbir gylyk-häsiýetlerini bilýärin.
– Ybraýymy ýowuz hasaplaýarsyňyzmy?
– Hawa, men ony gaty ýowuz adam hasaplaýaryn.
– Siz onuň ýowuzlygyny gördüňizmi?
– Ýok, görmedim.
– Onda näme?
– Men aýtdym ahyryn ol sal-sal eşikde diýip.
– Sal-sal, kir eşikli adamlar ýowuz bolýarlarmy?
– Bir söz bilen aýtsam, hawa, şeýle adamlar ýowuz bolýarlar. Ybraýymyň üst-başyna geleň etmezligi,
sal-sallygy onuň geleňsizligini aňladýar. Geleňsiz adamlar bolsa şowsuzlyklara köp uçraýarlar.
Şowsuzlyklar Ybraýym ýaly adamlaryň gaharyny tiz getirýär. Şowsuzlykda oňyn çözgüt tapman köplenç
ýowuzlyklara ýüz urýarlar. Onsoňam özüne üns bermeýän kişiniň özgä-de üns bermejekdigi düşnüklidir.
Ybraýym tekepbir adam bolmaly. Tekepbir kişiler bilen düşünişmek kyn bolýar. Olar ýaly adamlaryň akyl
käsesi öz akyly bilen doly bolýar, başga biriniň akylyny almaýar, sebäbi akyl käsesinde ýer ýok.
Gökhun kerwensaraýyň eýesiniň Ybraýym hakda mundan artyk gürlemegini islemedik bolarly, onuň
sözüni böldi:
– Sen Togrul patyşaga meniň näme habar ýetirmegimi isleýärsiň? Onsoňam ýaňky gelip giden
talaňçylar kimler?
– Meniň Togrul patyşaga ýetirmek isleýän möhüm habarlarymyň biri Horasanyň öňki hökümdary
Surynyň hazynasy hakynda, ikinji habarym – özüm üçin iň ähmiýetli habarym bolsa, ýaňky talaňçylyk bilen
baglanyşykly. Ýaňky talaňçylyk eden serkerdä Ahmet hyýlbaşy diýýärler. Ol Horasanyň köp kerwensaraýyna
aýda salgyt salýar. Özem ol salgyt Togrul begiň hasabyna däl, ýok, diňe onuň käbir emeldarlarynyň hasabyna.
Men bu zatdan Togrul begiň habarsyzdygyny anyk bilýärin. Begiň ynamyndan peýdalanyp, eden-etdilik
edýärler. Beg Horasanyň ilatyny iki ýyl salgytdan boşatdy ahyryn! Ahmet hyýlbaşy bolsa aýda ýüz dinar
bermegimi talap edýär. Wah, patyşalyk üçin ýa sogap, haýyr-yhsan üçin gerek diýseler, onda men ýüz dinar
berjek, ýöne haramylyk üçin ýeke nohut hem bermek islemeýärin.
Bir hyzmatkär gelip, Ryzaguly Paryň gulagyna çawuş çakdy. Onuň habaryny diňlän Ryzaguly Par baş
atyp, Gökhuna ýüzlendi:
– Gökhun beg, eger garşy bolmasaňyz, Kalbyna bibi goňşy otaga geçsin, meniň hatynym siziň
hatynyňyz bilen owkat edinmek isleýär. Biz hem siziň bilen aýratyn naharlanaly!
– Ýok, biz häzir gaýtmakçy.
– Siz gije ýatmakçy ekeniňiz-ä?!
– Hawa, başda ýatmakçydym. Indi ýatmakçy däl. Men Nyşapura howlugýaryn. Bu bolan wakany bege
tizden-tiz ýetirmegi borjum hasaplaýaryn. Onsoňam hasaplaşar ýaly, mende bir dirhem-de ýok indi.
– Siz beg kişi, ýoluňyz düşende üzülişjegiňize men ynanýaryn.
– Ýok, ýok.
– Onda gaýrat edip, Togrul patyşaga hyýlbaşynyň eden-etdiligi hakdaky habary ýetiriň. Her kim meni
Abul-Fazl Sury ýaly baý hasap edýär, Surynyň baýlygy ýaly baýlygy bardyr öýdýär. Ýöne onuňky ýaly
baýlyk mende nireden bolsun?! Meni her aýda, her hepdede talaýarlar. Ähli kişi Ryzaguly Paryň üstüne
baýlyk ýagyp durandyr öýdýär, bezirgenden bir dirhem almagyň nähili hupbatlydygyny bilenok adamlar.
Men adamlara teý düşünemok. Talajak bolsa, hyýlbaşy Ryzaguly Paryň kerwensaraýyny däl-de, AbulFazl Surynyň Pumba etrabyndaky gizläp goýan hazynasyny talasyn.
– Abul-Fazl Surynyň hazynasy Pumba etrabyndamydyr?!
– Ine, meniň Togrul bege ýetirmek isleýän esasy habarym. Sury Horasanyň hazynasyny
Nyşapurdan çykaran-da bolsa, ony entek Gazna aşyryp bilenok. Gazna aşyrmak üçin amatly pursada
garaşýar ol. Ähli ýerde Togrulyň adamlary seredip duransoň, häzir edip bilýän zady ýok. Wa -daryg-a,
meniň janym ýanýar. Elimde goşunym bolsa, göni Pumba etrabynyň Mikali galasyna gitjek, ähli
baýlyklaram alyp gaýdyp Togrul patyşaga berjek.
– O näme üçin Togrul patyşaga? Arzuw edeniňde beri: «Özüm aljak» diý.
– Ýok, ýok, dogan, ol hazynany men halal ojagyma getirip bilmerin. Ol hazyna – Horasanyň halkynyň
gözýaşy. Ol gözýaşy öýe getirsem, meni Allatagala halamaz. Öz gazanjym özüme nesip etse, maňa dünýäde
başga hiç zat gerek däl.
– Ýagşy dilegde bol!
Gökhun bilen Kalbyna üsti ýükli gök ýorgany yzlaryna tirkäp, Nyşapura bakan ýola düşdi.
II.
Togrul beg gije dynjyny alyp, aladaňdan oýandy. Hyzmatkärler eýýäm hyzmata gaýym bolup durdular.
Beg daşarda ýazylan düşegiň üstünde aýbogdaşyny gurap oturdy. Iki sany inçesagt hyzmatkär bolsa, bege
ýasama sakgal oturdýardy.
Begiň egnine dökülip duran buýra-buýra saçy bardy. Elli ýaşa ser uransoň, onuň uzyn saçlary altynsow
öwüsýärdi. Murt ony haýbatly görkezýärdi. Sakgalyň oturdylmagy bilen ol pähimdar goja öwrüldi.
Togrul begiň sakgal oturtdyrmasynyň iki sebäbi bardy. Birinji sebäp belli bir derejede ýüzüni örtmek –
özüni tanatmazlyk bilen baglanyşyklydy. Ikinji sebäp – özüniň türkmendigini ýaşyrmakdy. Ine, bu esasy
sebäpdi. Çünki köp musulman halklary ýaly, türkmenler gojalyk ýaşyna baraýmasalar, aňsat-aňsat sakgal
goýbermeýärdiler.
Elbetde, günde sakgalyňy syrdyrmak – Togrul her juma güni sakgalyny syrdyrýardy – aňsat däldi.
Şeýle-de bolsa, Togrul beg murtuna timar berýärdi, sakgalyny syrdyrýardy. Onuň iki sany dellegi bardy.
Iki hyzmatkär öz işine ezberdi. Sebäbi olar bu günki işlerini birinji gezek edenokdylar, olar Togrul
begden derwüş-de, gedaý-da, täjir-de, ulama-da ýasapdylar. Olara näme etmelidigi – bu gün begiň kim
bolmalydygyny aýdaýmalydy, galan zatlary olaryň özleri oňarýardy.
Iki hyzmatkäriň öňünde goýlan bu günki wezipe Togrul begi ötegçi sopa öwürmekdi.
Ötegçiniň goş-golamy bolmaly. Elbetde, ol goş-golam Nyşapurda taýýar edilipdi. Häzirki edilmeli iş
bege sopynyň egin-eşigini geýdirmek bilen sakgal oturtmakdy.
Hyzmatkärler diňe sakgal oturtmak bilen çäklenmediler, begiň gaşyna ep-esli ak gaş hem goşdular,
soňam kellesine köne bir peşi omrakaý sümürdiler. Ine, saňa gözüňe süweýin sopy. Gözlerine siňe
seredäýmeseň, garşymdaky Togrul patyşadyr diýip pikir eder ýaly däl.
Hyzmatkärler bege sag gözüni ýumup gezmegini maslahat berdiler. Ýöne beg sag gözüni ýumsa, sol
gözi-de biraz süzüldi.
– Altynjan taýýarlyk görýärmikä? – diýip, Togrul beg garşysynda aýbogdaşyny gurup oturan Peýkama
ýüzlendi.
Peýkam gozganman oturyşyna jogap berdi:
– Altynjan taýýar, hymasynda saňa garaşýar.
Togrul beg weziri Abylkasym Buýanyny ýanyna çagyrdy. Oňa özüniň maksadyny – etmekçi bolýan
işini düşündirdi. Wezir begiň pikirini onçakly oňlamady:
– Begim, häzirki döwürde deýlemli4 bolup ýat ýere barmak örän hatarly. Şonuň üçin siz özüňizi
deýlemli diýmän başga bir ýerden geldim diýseňiz, gowy bolar.
– Sen howatyrlanma, wezir, maňa hiç zat hem bolmaz. Men ätiýaçly bolaryn. Goý, olar meni bagty ýatan
deýlemli hasap etsinler. Hatynym ikinji betbagtlygym bolsun. Men hatynym bilen Deýlemden Gazna
barýaryn. Meniň aslym Gaznadan bolsun. Meni birmahal soltan Mahmyt Gaznaly Deýleme gönderen eken.
Men Deýlemde soltanyň tabşyrygyny ýerine ýetiripdirin. Indi meniň halymdan habar alýan ýok. Şonuň üçin
ölmänkäm gara göwrämi Gazna atmagy makul bildim. Men mazarymyň dogan-garyndaşlarymyňkydan alysda
bolmagyny islämok.
– Togrul beg, Abylkasym örän hak aýtdy, bu gün deýlemli bolmak örän hatarly. Deýlemlilerden ýaňa
jany ýanyp ýören adamlar kän. Asyl deýlemlilerden sütem görmedik adam ýok. Şonuň üçin obanyň
adamlary üstüňe arlap ýeňseler, biz bärden kömege ýetişip bilmeris. Soňky puşmandan hem peýda bolmaz –
diýip, Peýkam howatyrlandy. – On-on bäş haşym derwüş eşiginde ýanyňda bolsun.
– Gerek däl. Men halkyň deýlemlilere hem seljuklylara garaýşyny göreýin.
Şunuň bilen gürrüň gutardy.
***
Togrul beg aw awlamak üçin mirşikarynyň ýolbeletliginde iki müňden gowrak atly bilen Nyşapuryň
Bust etraby bilen Turaýsys etrabynyň aralygyndaky tokaýlyga geldi. Beg aw awlamak üçin diýip gelen-de
bolsa, esasy maksady aw däldi, ötegçi sopynyň eşiginde Bustuň etegindäki obalaryň hanakalaryna aýlanyp
görmekdi, ol ýerde edilýän gürrüňleri gulagy bilen diňlemekdi, bolýan ahwalatlary, wakalary gözi bilen
görmekdi.
Togrul begiň Bustuň etegindäki obalaryň hanakalaryna aýlanyp, ol ýerleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak
islemeginiň sebäbi mundan bir hepde öň üç kişiniň köşge ýörite arz bilen gelmegidi. Olaryň aýdan sözleri
Togrul begi iňkise salypdy, şol aýdylan zatlary ýerinde barlap görmek üçin hem bu ýere gelipdi.
***
Argun ibn al-Perhat atly Deýlemden gelýän sopy öz dogduk mekanyna gitmek üçin ýerinden turdy,
egnine içi bir döwüm zagaraly keşkulyny atdy. Onuň hatyny Gülýüzli hem öz hymasyndan çykdy.
Argun garşysynda duran garry kempiri tiňkesini dikip synlady:
– Kim sen?
– Eý, Argun sopy, halys garrapsyň, öz hatynyň Gülýüzlinem tanaňok, sen.
– Gülýüzlimi sen?! – diýip, Argun güldi.
– Eýsem, kim bolaýyn?! Gülýüzli men.
– Gowuja seredeýin onda, obanyň içinde ýitirip, soňundan «Buý-a meniňki däl» diýip ýörmäýin.
– Sag gözüňe näme boldy?
– Jamedarlar obada görere gowy zat ýok, bar zady görmek üçin bir gözem ýeterlik diýdiler.
– Sesiňiz-ä öňki – diýip, Gülýüzli adamsyna gülüp bakdy.
– Onda ugraly, Gülýüzli kempir.
– Hatyndyryn, ärimiň emrine kaýyldyryn.
Argun hatynyny iki örküçli, üsti goş-golamly düýä mündürdi. Soňam düýäniň öňüne düşüp, pyýadalap
ýola düşdi.
– Oturyşyň rahatmydyr? – diýip, Argun düýäniň üstünde oturan hatynyndan birki gezek sorady.
Hatynyň rahat oturandygyndan kanagatlanan Argun süňňüýeňillik bilen gadam urdy.
***
Togrul bu gezek gadymy oguzlaryň durmuşyndaky bir täsinligi ýurdy edara ediş işinde ulanmagy
müwessa bilipdi. Bu örän ýerlikli boljakdy. Islendik meseläniň oňyn çözgüdine eltýän iş ýerlikli iş ahyryn!
Däp halkyň ruhy sypatynyň milli durmuşda ýüze çykmagyndan, onuň durmuşda amal bolmagyndan
başga hiç zadam däl. Oguz-türkmen ruhunyň bir sypaty-da keşpleşmek, bir närsäniň başga biriniň sypatyna
girmegi.
Togrulyň Argun, Altynjanyň Gülýüzli bolmagy oguz ruhunyň oýnundan habar berýärdi. Durmuşyň
özünden gizlin hakykatyny açmak üçin, adatça, oýun gerek bolýar. Oýun bolman, diňe dünýäde çyn
bolsady, onda ýaşaýyş birtaraplaýyn köçe ýaly zat bolardy. Bir reňkli ýaşaýyş bolardy.
Şeýle keşbe girişlik Togruldyr Altynjanyň durmuşynda soňam köp gezekler bolupdy. Olar hatda
özlerinden bihabaram, gör, näçe gezek özge keşbe giripdiler. Çünki söz bar ýerinde keşp hem bar. Adam
geplemäge ukypsyz bolsady, onda başga keşbe, özgäň derisine girmek zerurlygy bolmasa-da bolmazdy. Söz
adamy gönümel barlykdan aýrybaşgalaşdyrýar, söz adama ýalaňaç dünýäni eşikli, gözel hem manyly bir
zada öwürmek üçin derkar. Söz üýtgäp-özgerip, her hili öwsüp durýar, adamam sözüň yzyna eýerip üýtgäpözgerip durmak gylygyna eýe bolýar. Muňa diriligiň oýny diýilýär.
***
Güýzüň soňky günleridi. Dal-daragtlary tebigatyň Ezraýyly – hazan ýeli dalansoň, daş-töwerek
sarymtyl öwüsýärdi. Tokaý daragtlary tyllasöw ýapraklaryny ýere düşek edip ýazypdy. Haýsy tarapa
seretseň, tokaýlykdy, daglykdy. Dagyň tokaýlyga çümüp oturan giň jülgesi hasyly ýygnalan peller bilen
uzap gidýärdi. Töwerekde ünsüňi egleýän zat nazara kaklyşmaýardy.
Aladaňdan iki müň atly toparyň arasyndan çykyp gaýdan düýeli gojany yzarlaýan ýaly, al-asmanda äpet
bürgüt pel-pelleýärdi, uzak gitmeýärdi. Ol göýä Argun ibn al-Perhada garawullyk edýän ýalydy, ganatyny
käte bir hereketlendirip, al-asmanda gaýyp ýördi.
Ýiti nazarly bürgüt äwmän-telesmän öz beýikliginden ýerdäki bolýan ähli zatlary synlaýardy,
howluganokdy.
– Ýokarda begiň bürgüdi bar – diýip, Gülýüzli bürgütden gözüni aýyrman dillendi. – Görýärsiňizmi,
Argun sopy?!
– Görýärin, görýärin, Gülýüzli kempir – diýip, Argun bürgüdi höwes bilen synlady. – Oguz han ýörişe
ugranda onuň öňüne gökböri düşüpdir, ýol görkezipdir, meniň öňüme bolsa, görşüň ýaly, hana, şol bürgüt
düşýär. Bu bürgüt Nur etrabyndan çykyp gaýdanymdan bäri meni garawullaýar. Özem, haýran galaýmaly,
öňüme şu bürgüt düşende işim mydama şow alýar. Bu bürgüt, meger, Alla tarapyndyr?! Bu ýerde bir hikmet-ä
bar, ýöne men ony anyk düşündirip bilemok. Men ýörişe ugrajak bolanymda ýokaryma seredip, bürgüdi
agtarýaryn. Bürgüdiň ýokarda ganat ýaýyp ýörendigini görüp, ynam bilen ýola düşýärin.
Hakykatdanam, bürgüt düýesini iýdip barýan Argundan uzaklaşmady, nirädir bir ýere gitse-de, biraz
salymdan dolanyp geldi. Özem ol gökböri deýin Argun sopynyň barýan ugruny görkezýän ýalydy, öňdedi.
Altynjan bürgüde seredip barşyna Tümen daýysynyň: «Men ölsem, ruhum bürgüde öwrüler, sizi
goraryn» diýen sözlerini, şeýle hem ýaşlykda her gezek bürgüt görende: «Ber gut!», «Ber gut!» diýip, dileg
edip gygyryşyny ýatlady. Bu zatlar hakda «Argun sopa» her näçe aýdasy gepse-de, dymdy.
– Altynjan, biz ýaşkak bürgüt görsek: «Ber gut! Ber gut!» diýip gygyryşardyk hemem oňa näme arzuw
edýändigimizi aýdardyk. Sizem şeýdip dileg salardyňyzmy?
– Men häzirem dileg edýärin.
– Näme dileg etdiň?
– Men jan saglygyny diledim, rowaçlyk diledim.
– Onda maňa diňe jahangirlik diläýmek galypdyr-da? – diýip, Togrul beg güldi. Bürgüde ellerini serip,
gygyryp dileg etdi: – Eý, bürgüt, ber gut, bagt ber! Jahangirlik ber! Külli musulmana hökmürowanlyk
etmäge izin ber!
***
Argun düýesini iýdip aladaňdandan tä günortana çenli dag jülgesiniň beýikli-pesli depeleriniň arasy bilen
ýöredi. Ahyr ýoda burundyk baglyga çümüp oturan uly bir obanyň üstünden eltdi.
Bu oba Kundur5 diýlip atlandyrylýardy. Obanyň bu ady götermeginiň sebäbi bu ýerde, esasan, kundur
ýetişdirilýänligi we kundur söwdasynyň edilýänligi bilen baglanyşyklydy. Täjirler uzak ýerlerdenem bu
ýeriniň kunduryndan satyn almak üçin gelýärdiler. Onuň hem sebäbi başga ýerleriň kundurlary bilen
deňeşdireniňde bu ýeriniň kundury görnetin gowudy. Onsoňam: «Kundur – sopularyň hanakasy bar bolan ýedi
obanyň biri».6
Obanyň bir gyrasyndan gelip giren Argun sopy sopularyň hanakasynyň nirededigini bilmek üçin oýnap
ýören oba oglanlarynyň iki sanysyny ýanyna çagyrdy.
Oglanjyklar sopynyň sowalyna hiç hili jogap bermän, beýleki hütdük külbelerden tapawutlanyp duran
öýe bakan ylgap gitdiler, ol öýden bir juwany alyp geldiler.
Ýüzi-gözi gülüp duran nurana juwan gelip, edep bilen salam berdi, Argun sopyny aýaly bilen obanyň
hanakasyna alyp bardy.
Juwanyň bolşy aşa gadyrlydy, ylla ençe ýyldan soň ýegre dostuny tapan ýalydy, geleniň kimdigi bilen
asla gyzyklanmaýardy: hanakalaryň birine ýerleşdirjekdigini, iýip-içmekleri, dynç almaklary üçin ähli şertleriň
bardygyny, bu ýerde dürli şäherlerden gelen derwüşleriň, galandarlaryň, ulamalaryň kändigini, olaryň ylmy
pikir alyşmalar gurnaýandyklaryny ýolugra aýtdy.
– Eý, goçgar, sen biziň kimdigimizi, nireden gelip, nirä barýandygymyzy soramadyň-la? – diýip, Argun
nurana juwana ýüzlendi.
– Gelen gonagyň kimdigini soramak gelşiksiz bolar. Taňrynyň ähli bendesi deň. Taňrynyň ähli bendesi
– gonak. Bizde: «Myhman ataňdan uly» diýilýär.
– Taňrynyň ähli bendesi bu dünýä gonak diýeniň dogry, ýöne ähli bendesi deň diýeniň dogry däl. Adam
adamdan parhly. Dünýäniň manysy-da şol parhda. Biler bolsaň, goçgar, baran obalarymyzyň birnäçesinde
bizi myhman almadylar...
– Oňarmandyrlar – diýip, juwan gyýyldy.
– Meniň kimdigim seni şindem gyzyklandyranokmy, goçgar?
– Siz bu gün biziň obamyzyň gonagy. Ine, meniň üçin iň esasy zat şu. Diýmek, meniň borjum obamyza gelen
kişilere gowy hyzmat etmeli, olaryň biz hakda gowy pikirde bolmagy üçin çalyşmaly. Siz özüňizi maňa ýaramaz
adam hökmünde görkezmäge çalyşýarsyňyz, ýöne men adamlary bir görenimde tanaýaryn.
– Meni-de tanadyňmy?
– Tanadym.
– Hany, aýt!
– Siz erenlerden pataly kişi.
– Ýalňyşýan bolaýma?!
– Ýok, ýok, men ýalňyşamok, ýöne meni bir zat geň galdyrýar.
– Näme?
– Siziň ýekeligiňiz.
– Men ýeke däl, ýanymda hatynym bar.
– Menem şony aýdýaryn: ýanyňyzda hatynyňyzdan başga hiç kimiň ýoklugy meniň akylyma sygmaýar.
– Meniň ýanymda kimdir biri bolmalymy?
– Siziň ýanyňyzda köp adam bolmaly.
– Näme üçin?
– Sebäbi siziň özüňize çekiji, özüňize tabyn ediji içki güýjüňiz bar. Şeýle güýjüňiz barka siziň
ýekeligiňiz maňa juda syrly görünýär.
– Sen onda men babatda ikinji gezek ýalňyşdyň.
– Ýok, saýybym, men aňsat ýalňyşmaýaryn. Siz begzada neberesinden bolmaly.
– Bu sözüň-ä dogry.
– Siz taýsyz batyr adam. Siz taýsyz pähimdar adam. Siz sopularyň eşigini geýen bolsaňyzam,
sopuçylyk bilen günemaňyzy dolaýan adama meňzemeýärsiňiz. Ýogsa-da siziň sag gözüňize näme boldy?
– Sag gözüm dogabitdi görenok.
– Gabagyňyzyň tirpildäp durşy sag gözüňize bir zat bolandygyndan habar berýär.
Argun syry açylyp barýan ýaly howlukmaç gürledi.
– Synçylygyňa göwnüm ýetdi. Sen şa köşgünde işlemäge mynasyp goçgar ekeniň. Men Deýlemden
çykanymda gözüme bir zad-a gaçdy, çala azar berýär.
– Deýlemden diýdiňizmi?
– Hawa, Deýlemden. Näme üçin sägindiň? Meniň aslym Gazna şäherinden. Sen dogry aýtdyň, men
begzada neberesinden – soltan Mahmyt Gaznalynyň neberesinden. Men hem edil Mahmyt ýaly Gaýa
neberesinden, Men öň soltan Mahmyt Gaznalynyň köşgünde işleýärdim. Ol meni Deýlem welaýatyna işe
ugratdy. Men ol ýerde on bäş ýyllap gulluk etdim. Indem, özüň bilýärsiň, soltan Mahmyt ýok, Horasana
seljuk begleri hökümdar boldular. Deýlemde-de seljuk jemagatlary hökümdarlyk edýärler. Indiki maksadym
sag-aman öz garyndaşlarymyň arasyna gowuşmak, Masudyň ýanyna barmak.
– Hä, ýaňky «Baran käbir obalarymda meni myhman almadylar» diýen sözüňiz düşnükli indi maňa.
Beýle bolsa, onda Gur ýoluna düşýänçäňiz, siziňki aňsat bolmaz. Men hem raýisimize habar etmän, sizi
hanaka ýerleşdirip bilmerin. Siz maňa şu ýerde biraz garaşyň, habar berip geleýin.
– Öz raýisiňe aýtmak hökmanmy, eý, goçgar?!
– Aýtmasam bolmaz.
– Sen bu hakda raýisiňe aýtma, men saňa ýüz dinar bereýin.
– Saýybym, men sizden towakga edýärin, meniň ýanymda öz mertebäňizi peseltmäň. Şu habary siz
maňa aýtmadyk bolsaňyz, özüňiz üçin gowy bolardy, ýöne siz ynsabyňyzyň öňünde päkligiňizi saklamak
üçin hakykaty aýtdyňyz. Indem meni satyn alyp, mertebämi peseltjek bolýarsyňyzmy? Men öz mertebämi
herki zatdan ýokarda goýýaryn, ynsabymy, mertebämi hiç mahal dinara, baýlyga çalyşmaryn. Eger
çalyşsam, onda bu halallyk öýüne gadam basyp bilmerin. – Hoşroý juwan gaty-gaty ýöräp, kileň juwar ak
eşikli sopularyň ýygnanyşan ýerine ugrady. Megerem, ol obanyň raýisiniň ýanyna däl-de, hanakanyň
sahybynyň ýanyna gitdi.
Hälki nurana juwan köp wagt geçmänkä peşeneli bir kişiniň yzyna düşüp geldi.
Sahyp sowuk-sala saglyk-amanlyk soraşandan soň, esasy gürrü­ňe geçdi:
– Eý, Allanyň bendesi! Biziň hanakamyzda edil şu mahal orun-ýer ýok, olaryň ählisi doly. Siz bizden
aýyplaşmaň. Biz sizi kabul edip biljek däl.
– Bize köp ýer gerek däl...
– Bizde ýer ýok.
– Biz hanakanyň daşişiginde ýatybereris.
Sahyp sypaýyçylyk bilen Arguny kowup bilmejekdigine düşündi:
– Eý, goja! Sen meniň dek başymy depirjik äre berjek bolma! Tizden-tiz şu ýerden git!
– Näme üçin?
– Git diýdim, git, gutardy! Git! Gep düşündirip oturmaga wagtym ýok meniň.
– Siz näme üçin meni Allanyň öýünden kowýarsyňyz? Meniň näme ýazygym bar? Men hem edil siz
ýaly musulman. Özüm sünni, hanafy mezhebine uýýaryn. Siz hem şeýle bolmaly. Biziň ählimiz dogan.
Biziň ählimiz Allanyň bendeleri. Hanakalar hökümdarlara däl-de, Allatagala tabyn.
– Derrew şu ýerden git! Ýogsamam zor bilen eliňi-aýagyňy güýlüp obadan çykararyn!
– Şu sözleri aýtmaga gaznalylardan iýen duzuňdan utan! Seni şu derejä ýetiren gaznalylardyr.
– Men seniň nagylyňa mätäç däl!
– Men Deýlemden gelýändigimi aýtsam, juda gorkduňyz. Täze seljuk hökümdary şeýle rehimsizmi?
– «Gorkduňyz?» diýip, «Rehimsizmi?» diýip, gyşyk gürrüň etme! Hökümdaryň talabyny berk berjaý
etmek her bir raýatyň borjy. Men öz borjumy berjaý edýärin. Onuň üçin menden nägile bolmaga hiç kimiň
haky ýok.
– Meniň Deýlemden gelýändigimi, Gazna barýandygymy ikiňizden başga hiç kim bilenok, siz maňa
ýagşylyk ediň!
– Şu ýigit sizi obadan çykaryp goýberer.
Juwan sypaýy ýylgyrdy:
– Ýörüň, men sizi ugradaýyn.
– Biz gije meýdanda ýatalymy? Bize gije ýatar ýaly ýer beriň. Daň bilen gideris.
Sahyp Arguna ýigrenç bilen seretdi:
– Äl, kejeňek goja ekeniň!
– Meniň öýle namazyny okamaly wagtym boldy.
– Obadan çykyp oka.
– Oňa ýetişmerin. Onsoňam men nädip täret alaýyn?
– Ol seniň öz işiň.
– Günä galýarsyň sen.
– Alajym ýok.
Bu soňky sözdi. Şondan soň Argun sahyp bilen gürleşjegem bolup durmady.
– Ýörüň, men sizi ugradaýyn – diýip, nurana juwan ikinji gezek öz hyzmatyny mürehet edeninden soň,
Argun hatyny bilen onuň yzyna düşdi.
Ýolda olaryň öňünden ona golaý ýedi-on ýaşlar aralygyndaky oglan çykdy. Olar gelip sypaýy juwanyň
daşyna aýlandylar. Sypaýy juwan olaryň hersine hoş söz aýdyp, başlaryny sypady.
– Kimiň çagalary bular? – diýip, Gülýüzli sypaýy juwandan sorady.
– Bularmy? Bular meniň ogullarym!
On sekiz-ýigrimi ýaşlaryndaky juwanda on çaganyň bolmajagy bellidi. Bu ýerde bir düşnüksizlik bardy.
Ol düşnüksizligiň nämedigini sypaýy juwan-a aýtmady, Gülýüzli-de soramady.
Sypaýy juwan olary öz öýüne eltdi.
– Ine, şu otagda namazyňyzy okaň, gije ýatarsyňyz. Ertir irden men sizi ugradaryn – diýip, ol adaty bir
otagy görkezdi. – Size iýip-içer ýaly owkady meniň ogullarym getirip bererler.
Juwanyň aýdyşy ýaly boldy, olara iýip-içer ýaly tagamy ýolda öňlerinden çykan oglanjyklar getirip
berdiler.
Är-aýal halys ajygan eken, hezil edip naharlandylar.
Tokaýda keýik bilen käkiligiň köpdügi baradaky habar dogry bolmaly. Olaryň öňlerine goýlan tagam
hem käkilik bilen keýik etlerinden taýýarlanan kakmaçlardy. Megerem, ajygandyklary üçin bolsa gerek,
iýýän tagamlary aşa tagamlydy, iýdikleriçe iýesleri geldi.
***
Juwan, aýdyşy ýaly, daňdan geldi:
– Ýola düşmeli wagtyňyz boldy.
– Ýagşy, goçgar, sen maňa uly daldaw berdiň, anaýat etdiň. Töwekgellik edip gonak aldyň. Şonuň üçin
sen menden şu aklygy kabul et! – diýip, Argun juwana dirhemli düwünçegi uzatdy.
– Ýok, maňa siziň puluňyz gerek däl, ýoluňyz uzak, özüňize gerek bolar – diýip, juwan çürt-kesik garşy
çykdy.
– Aýyplaşma welin, senden bir zady soramakçy.
– Soraň, soraň.
– Seniň bizi öýüňde gonak almagyňa – töwekgellik etmegiňe näme sebäp boldy?
– Bir söz bilen jogap bersem, siziň halallygyňyz. Hakykaty – kimdigiňizi ýaşyrman aýtmagyňyz. Siziň
bu häsiýetiňiz diňe halatly, ýagşyzada adamlara mahsus. Onsoň şeýle halatly ýagşyzada kişä hemaýatymy
ýetirmek isledim.
– Adyň näme?!
– Maňa Abu Nasr Muhammet bin Abu Salyh bin Mansur bin Muhammet Kundury Jerrah diýerler. Men
dihkan diýilýän baýlaryň neslinden.
– Sowadyňy çykdyňmy?
– Geçen ýyl Nyşapuryň baş medresesini tamamladym.
– Kimden tälim aldyň?
– Meniň bagtym getirdi: men ymam Muwaffak an-Nyşapurynyň elinde okadym.
– Beýle atly ymamdan ylym öwrenip, obada wagtyňy öldürip ýörmäň näme? Köşge barmaly ekeniň.
Seniň ýaly müweddepli ýigitler köşge gaty köp gerek. Togrul patyşanyň köşgünde haýyr-hasanat etmegiňe
mümkinçilik köp bolar.
Juwan hiç zat diýmän uludan demini aldy.
– Togrul beg köşge işe çagyrsa bararmyň?
– Ýok, barmaryn.
– Şa köşgünde işlemek her kese ýetdirenok ahbetin.
– Dogry.
– Onda näme?
– Agzymy gana bulasym gelenok.
Häliden bäri sesini çykarman oturan Gülýüzli gürrüňe goşuldy:
– Seniň Togrul begden göwnüň galan ýeri bar öýdýärin?! Biz köp obalara bardyk, baran obalarymyzda
Togrul bege alkyş okaýarlar. Togrul begi halamaýan adama birinji gezek gabat geldik.
– Dogry, men Togrul begi halamaýaryn.
– Ähli kişi oňa alkyş okaýarka ala-böle seniň külli musulmana haýyr-hasanat eýläp ýören begi
halamazlygyň gaty düşnüksiz – diýip, Argun juwany synap gördi.
– Men: «Nälet okaýaryn» diýmedim, men: «Halamaýaryn» diýdim. Halamazlyk bir ýana, nälet okamak
bir ýana. Nälet – ýigrenjiň iň soňky hetdi. Meniň nägileligim entek ýigrenje öwrülenok.
– Seniň nägileligiň nämeden ybarat? «Agzymy gana bulasym gelenok» diýmegiň aňyrsynda näme bar?
Juwan göwünli-göwünsiz dillendi:
– Togrul begiň adamlary teshyr kylan ýerlerini oljalaýarlar. Oljalamak gadymdan gelýär, ýöne
Togrulyň adamlary oljalamakda has hetden aşýarlar. Olar diňe gurply adamlary däl, ertirki iýjek bir
döwüm tötegi gara gaýgy bolan adamlaryň hem öýlerini çepbe çöwrüp, hiç zat galdyrman talap
gidýärler. Garyp görgülileriň eginlerindäki göwşül eşiklerine çenli sypyryp aldylar. Özem sähel
garşylyk görkezen adamy öldürýärler. Ine, meniň on iki sany oglum bar. Olar obamyzyň çagalary.
Togrul begiň adamlary ol çagalaryň ata-enesiniň egnindäki eşigini almak üçin olary wagşylyk bilen
öldürdiler, soň olaryň çagasyna men eýe çykmasam, kim eýe çyksyn? Togrul begiň esgerleri halkyň
gözýaşyny döküp, gazanç edýärler. Onsoň adam öldürip gazanç edilýän ýere men näme üçin baraýyn?!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 29
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.