Latin

Altynjan hatyn - 38

Total number of words is 3740
Total number of unique words is 2020
31.3 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Beýle tarapdan Wizantiýa imperatory Togrul bege Ybraýym ynaly ýesir alandygyny, begiň doganyny öz
wizantiýaly bir ýesir serkerdesi bilen çalyşmak isleýändigini aýdyp hat ýazdy. Togrul beg wizantiýaly
serkerdäni hiç bir zat talap etmezden boşadyp goýberdi. Dogany Ybraýymyň azat edilmegi üçin köp
möçberde sowgat gönderdi.
Ibn Kesir.
Başlangyçdan ahyra çenli.
Üçünji hekaýat
GÜL SOLSA, BAHASY BIR PUL
llatagala zenanlary erkek kişilerden has näzik ýaradypdyr. Sebäbi düşnükli onuň. Birinji gezek
ýasan zadyňdan ikinji ýasan zadyň kämil bolýar, çünki birinjide goýberen säwlikleriňi ikinjide
düzedýärsiň. Allatagala-da Adamatany kyrk ýyllap ýasanda goýberen säwliklerini Howenäni
ýaradanda düzeden, kämilleşdiren bolarly. Sebäp Howany ýasamak üçin Allatagala kyrk ýyl gerek bolmandyr.
Adamata ukudan oýanýança gözüňe söweýin bir melegi ýasap oturyberipdir...
Adam aňk bolup Howanyň ýanyna barypdyr, oňa habar gatypdyr. Ana, şondan bärem zenanlaryň ýanyna
ilki erkek kişiler barýandyr. Ilki bolup, habar gatmak hem erkekleriň parzydyr.
Ilkinji söz erkekleriňkidir.
Soňky söz zenanlaryňkydyr.
Islegi kabul edip-etmezlik zenanlara baglydyr.
Zenanlar aşa geçirimlidir.
Zenanlar aşa çydamlydyr.
Olar ähli zada geçirimli, çydamly bolsalar-da, ärleriniň öz üstlerine hatyn almagyna, başga bir hatyn
bilen bir ýorganda çyrmaşyp-derläp-bugaryp ýatmagyna welin, teý öwrenişibem, çydabam bilýän däldirler.
Herhal, Altynjan Zübeýdanyň owadanlygynam, näzikliginem bilýärdi. Iň esasy, bu deýlemi gyzy ýaňy
on alty ýaşy dolan ýaş gyzdy. «Belki, Zübeýda bilen çyrmaşsa, bege täzeden jahyllyk dolanar?! Patyşalaryň
ählisiniň ýaşy könelişiberende ýaş gyz bilen çyrmaşyp ýatmaklary ýöne ýerden däl ahyryn. Ýaş gyz bilen
erkek kişi çyrmaşyp ýatanda gyzyň ýaşlyk gujury erkege geçýär, erkege ýaşlyk berýär, gaýrat-gujur
berýär...»
Altynjan Togrul begiň öýlenmegine kaýyldy, sebäbi tagta mirasdüşer gerekdi.
Ol begiň mirasdüşeriniň aladasyny köp edipdi. Ençe gezek Togrul begiň ýanynda owadan-owadan
gyzlar hakda gürrüň gozgapdy. Her gezegem beg hatynynyň garşysyna çykypdy, asyl, bu hakda gürrüň
edilmeginem islemändi. Başda özi islän-de bolsa, soň, begiň öýlenmegi Altynjana agyr degdi. Ol soňky
döwürde begiň özünden başga zenan bilen bir ýorganda ýatmajakdygyna berk ynanypdy. Bu gün onuň şol
ynamy weýran bolýardy! Agyrdy, juda agyrdy!
Altynjanyň göwnüne bolmasa, kimdir biri öz garşysyna, kastyna çykan ýalydy.
Kim?
Ol bu hakda uzak oýlanýardy. Togrul beg köşk durmuşyny, adamlar bilen gatnaşyk etmegi, içki gapmagarşylyklary «ikinji basgançak» diýip atlandyrypdy. Altynjan Abu Zarga Hannakynyň içki dünýäsini oraşan
görmegi başarypdy, ýöne ähli kişi Hannaky däl, olaryň köpüsiniň içki dünýälerini bilip bolanok. Adamyň
dili bir zat diýýär, ýüregi, päli düýpden başga zat diýýär, başga zat edýär.
Altynjan Togrul begiň adam tanamakdaky üşügine haýranlar galýardy. Ol adamy bir görende içki
pälini, pikirini magat bilýärdi, ýöne, bilse-de, geçirimlilik edýärdi, görmedikden-bilmedikden bolýardy.
– Adamlaryň kemçiliklerini aýdyp, olary daşymdan kowsam, onda men kim bilen işläýin?! Esasy zat,
adamlaryň maňa hyýanat etmezlikleri. Rast, maňa hyýanat edenoklarmy, maňa bolany şol – diýip, beg
maksadyny düşündirýärdi.
A
Altynjan hatyn begiň geçirimliligini töwekgellik hasaplaýardy. Özi adamlara ýakynlaşmakdan
saklanýardy. Ähli kişi bilen gaty hüşgär gatnaşyk edýärdi, soňky günler bege-de köp görünmeýärdi.
Gülýüzli barka ol özüni gorap duran galkan bar ýaly duýýardy. Häzir welin, özüni penalan şol galkany
ýokdy. Şonuň üçinem onuň üstüne duşman howpy abanaýjak ýalydy. Bu howp gije-gündiz aýrylmaýardy.
Onuň aýratyn howatyrlanýan adamlary bardy. Şolaryň biri Peýkamdy. Onuň bolşuny Altynjan
halamaýardy. Özem ony birinji gören gününden bäri halamaýardy. Ol birinji gezek Zamahşara baranda
Altynjana hapa sözler bilen azgyrylypdy. Ol Altynjany mydama bege ýamanlaýardy, özüniň içki pikirini
ýaşyrjagam bolup duranokdy, köplenç:
– Hatyn diýeniň öýde sülmüräp oturar, nahar-şor, tikin-çatyn bilen gümra bolar. Sen özüňi erkek ýaly
alyp barýarsyň. Söweşde seniň körüň ýok, otur öýde! – diýip, açyk gygyrýardy.
Togrul beg Peýkamy höre-köşe edip, köşeşdirýärdi, Altynjanyň ähli ýerde ýanynda bolmagyny özüniň
isleýändigini düşündirýärdi, Peýkam şol mahal ylalaşan, düşünen ýaly bolsa-da, birki aýdan soň ýene köne
heňine başlaýardy.
Altynjanyň berk ynanjy boýunça özüniň begden urulmagyna, göwresindäki çagasynyň düşmegine
Peýkam sebäp bolupdy.
Şeýle pikirde bolansoň, Altynjan Peýkamy ýigrenmek ýigrenýärdi, käte oňa gaharlanýardy. Şonda
olaryň arasyna Bekdaş Rudbar düşýärdi.
Altynjan hatyn Bekdaşy hatyralaýardy, sebäbi ol Peýkam ýaly betlagam biwazy däldi. Az geplidi,
salykatlydy, hoş sözlüdi.
– Peýkam ikiňize dogan diýer ýaly däl – diýip, Altynjan Bekdaşa sygynýardy.
– Peýkamyň ýaradylyşy şeýle, biraz köpräk gürleýär, ýöne ýüregi gowy onuň. Ol seni gowy görýär,
saňa gowusyny etjek bolýar, seni goraýar.
«Bekdaş bilen Peýkam dogan» diýseň ynanar ýaly däldi. Sebäbi olaryň sagty-symmatlary-da meňzeş
däldi. Bekdaş geçen ýyl pygamber ýaşyny ýaşapdy, Peýkam ondan iki ýaş kiçidi. Şeýle-de bolsa, ol
agasyndan garry görünýärdi. Saç-sakgaly juwar akdy. Ol, Ybraýym ýaly, hiç wagt üst-başyna üns
bermeýärdi, egin-eşigi mydama hopul-sopuldy. Gyş-u-ýaz aýagyna hiç zat geýmeýärdi. Onuň Peýkam
adyna mynasyp häsiýeti bardy, içýakgynç sözleri bilen göni ýüregiňden urmaga ökdedi. Adamyň bir kemini
tapyp, üstünden gülmegi hem gowy görýärdi. Onuň çakyr sesi bardy. Şol çakyr sesi eşidende Altynjanyň
myrryhy atlanýardy.
Bekdaş welin, adama eger-eger ajy söz aýtmaýardy, sypaýydy, seljuk döwletine dönüklik etmeseň,
onuň garşysyna ýaramaz söz aýtmasaň, onuň seniň bilen işi ýokdy.
Altynjan Bekdaşyň geýnişini, arassaçyllygyny, edepliligini, hoşgylawlygyny gowy görýärdi.
Çagasynyň düşmeginiň sebäpkäriniň kimdigini soranda aýtmandy. Özüniň Peýkamdan göwnüniň
garalýandygyny aýdanda bolsa, Bekdaş Peýkam üçin zol-zol ötünç sorapdy.
Altynjan Ýyldyrym Sebzewary-da halamaýardy. Onuň Daňdanakan söweşinde wepat edendigini
eşidende, dogrusy, ýeňil dem alypdy.
Hatyn Ýusup Bazyrganyny ilki-ilkiler gowy görýärdi, sebäbi ol gaty yhlaslydy, Altynjana ýaranmak
üçin gaty yhlas edýärdi. Ýöne soňky birki ýyl bäri, göwnüne bolmasa, Ýusup Bazyrgany özüne bile-göre
ýamanlyk, kast edýän ýalydy. Ol toý babatda-da gaty yhlasly göründi. Onuň yhlaslylygy Altynjanyň
gaharyny getirdi. «Bu kişi näme üçin maňa ýamanlyk etjek bolýarka?» diýip, kän oýlandy. Onuň bilen
baglanyşykly wakalary birin-birin aňyndan geçirdi. Onuň nirede göwni galyp biler?
Asly seljuklylardan bolan Ýusup Bazyrgan şäherinde doglupdy, söwda bilen meşgullanýan kakasy
aradan çykansoň, olaryň maşgalasy seljuklylaryň arasyna dolanyp barypdy. Ýusup ýaşlykda ýegre dosty
Togrul begiň goldawy bilen Bagdatda fykh ugrundan bilim alypdy. Ol gürlände howlukman, sözleri hetjikläp gürleýärdi.
Ynagyň Hyratda ykta ýeri bardy. Onuň yktasynda alty ýüz adam işleýärdi. Kazwinde, Ärdebilde,
Zenjanda, Reýde, Jürjanda dükan açypdy. Olar dört dogandylar. Doganlary bezirgenlik edýärdi, Hindistana
kerwen çekýärdiler, söwda edýärdiler. Ýusup olary mydama goldaýardy, olar hem Ýusuby goldaýardy.
Mundan iki ýyl owal Ýusup Bazyrganynyň iň kiçi inisi Nurmuhammet perişan halda köşge gelipdi. Ol
şonda Tabarystandaky Şirwin dagynda garakçylaryň ýüz düýe ýüküni talandyklaryny arz edipdi.
Nurmuhammet Bazyrgany harydyny otuz dokuz müň dinar bahalapdy. Kundury: «Nurmuhammediň
ýitgisiniň öwezini beýtilmaldan – döwletiň gaznasyndan tölemeli» diýip perman berende Altynjan ilki topar
döredip, şol talaňçylygyň anygyna ýetmegiň gerekdigini aýdypdy. Altynjanyň bu sözüne Ýusup biçak
gaharlanypdy. Onuň özüne gazap bilen bakyşy Altynjanyň uzak wagtlap ýadyndan çykmandy.
– Wah, beýlekiler babatda hem şeýdip aladalanaýsadyň! – diýip, Altynjan ynagy kötekläpdi.
Altynjanyň bu sözünden soň Nurmuhammet aýdylan puluň ýarysy bilen çäklenipdi.
Ýusup Bazyrgany bu gün, belki, şol waka üçin ar alýandyr?!
***
Toýa beýemçilik edýän Ýusup Bazyrganynyň tutumy uludy.
Ol toýuň sähedini sapar aýynyň ýigrimi sekizine belledi. Köp ýerlerden myhmanlar çagyryldy, ýöne
Togrul begiň bolşy, asyl toýuň boljagyndan habarsyza meňzeýärdi. Toý bilen baglanyşykly ähli meseläni
ynak Ýusup Bazyrgany öz üstüne alypdy.
– Sen meniň rahatlygymy bozýarsyň, Altynjan. Ýalan dost bolsa-da, ýalan duşman bolmaýar. Duşman
hiç wagt dost bolmaz. Her näçe dostsyrasa-da, içindäki duşmançylygyny aýryp bilmez. Bir amatly pursat
peýläbem aryny alar. Gurt çagasy ekdi bolmaýar. Şonuň üçin, iň gowusy, gurt çagasyny ýakynyňa
getirmezlikdir. Bähbit – erkiň hem adalatyň hökümdary. Kakulylaryň bähbidi – ölmän aman galmak.
Altynjan begiň ýürekden syzdyryp aýdýan sözlerine ynanýardy hem gynanýardy. Ol adamsyna
hakykaty aýdyp bilenokdy. Wah, ol ähli zadyň tötänlikde bolandygyny, Zübeýdaga: «Sen Togrul begiň
hatyny bol!» diýip aýtmandygyny nädip düşündirsin?! «Zübeýda bilen Äşe maňa nädogry düşündiler»
diýsinmi?
Altynjan bolan wakany diňe hajyp Abdyrahman Agaja gürrüň beripdi. Ol hajyba ynanýardy,
sygynýardy.
Hajyp «adamyň jany ýaly» diýilýänlerdendi. Onuň haçan ýatyp, haçan dynç alýanyny bilýän adam
ýokdy. Biri az ýatýan bolsa, ol Togrul begdi, ýöne Abdyrahman Agajy mydama begiň öňündedi, mydama
onuň goragyndady. Bege bir howp abansa, öz şirin janyna döz gelip, özüni howpuň öňüne gorky-ürküsiz
taşlap biljek adamdy. Şeýle ahwal üç-dört gezek bolupdy hem.
Abdyrahman gülerýüzli, nurana kişidi. Beg ony okadyp, sowat beripdi. Onuň Togrul bege, Altynjana
goýýan hormaty ýürekdendi. Wasytda bolan wakany eşidip, Abdyrahman Agajy gynanmak gynanypdy:
– Siz aýtmagy gelşiksiz görýän bolsaňyz, men aýdaýyn?
– Ýok, ýok! Hiç zat aýtma. Gül solsa, bahasy bir pul.
– Hatyn, siz özüňizi solan gül hasaplaýarsyňyzmy? Ýok, ýok, siz hiç wagt solmajak gül! Beg üçin
sizden eziz, sizden ýakyn adam ýok, bu pelekde. Abu Kalyjaryň gyzy siziň ornuňyzy tutup bilmez. Onuň
pikirini hem edip oturmaň. Ynha, görersiňiz, beg Zübeýdany iki-üç günden unudar. Ynanaýyň, ol sizsiz
oňup bilmez. Begiň sizi nähili küýseýändigini, nähili ezizleýändigini men duýýaryn, görýärin. Ýörişlerdekä
hem: «Altynjanyň ýagdaýy nähilikä?» diýip, ol köplenç sizi ýatlaýar, alada edýär. Siz begiň naýyby ahyryn.
Altynjan begiň özüni gowy görýändigini bilýärdi. Ýöne gowudan gowy zenanlar bar. Zübeýdanyň näzkereşmesiniň öňünde-de erkek bolup durar ýaly däl. Ol ýüregiňi eredip, erkiňi alyp, jylawlap barýar.
Abu Kalyjar özüniň bege goýýan hormatyny tekrarlamak isläp, gyzynyň ýany bilen gaty köp mukdarda
halat-serpaý iberdi. Ýöne kejebäniň, halat-serpaýlaryň gelen güni Togrul beg hatyny bilen awa gitdi.
Kejebäni ynak Ýusup Bazyrgany bilen Ahmet Dehistany garşylady.
Altynjan awda toýy aňyndan aýyrmakçydy, ýöne aýyrmagy başarmady.
Togrul beg hem başarmady: öňküleri ýaly, ýazylyp-ýaýrap aw-da etmediler. Olardan, barybir sustluk
aýrylmady…
***
Altynjan Togrul begiň Abu Kalyjaryň gyzy Zübeýdaga öýlenýän nika gijesi otagynda hiç kimi içeri
goýbermän ýeke özi çugutdyryp oturdy.
Aglamak aglady.
Nika gyýylmaly pursat ýakynlaşdygysaýyn onuň howsalasy artdy: «Indi men hiç kime gerek däl!»
Häzir nika gyýarlar: fatha kylarlar.
Onsoň olar düşege geçerler.
Altynjanyň dem sanap garaşan pursady ahyryl-ahyr geldi.
Nika gyýmak üçin topar bolup geldiler.
Altynjan diňleýärdi. Gözlerini ýumup, nika gyýlyşyny, fatha edilişini, Togrul begi, Zübeýdany göz
atuwynda janlandyrýardy, hyýalynda ähli zady görýärdi, ähli zady eşidýärdi.
Togrul beg resime eýerip Zübeýdany urarmyka?
Nähili bolarka?
Beg kejebäni garşylamandy. Şol sebäpli Zübeýda ertir urulmandy. Altynjan goýun derisinden taýýarlan
kürtekçesini Zübeýdaga geýdiripdi. Togrul beg içeri girende onuň etmeli her bir hereketini birin-birin
düşündiripdi.
Zübeýda gamçy iýip gören gyz däldir, Altynjan ýaly çydamly hem däldir, Togrul beg uranda ol görgüli
näderkä? Altynjan hatyn öz ýaşlygyny, nika günündäki Togrul begiň gamçysyna mertlik bilen döz gelşini,
muňa Togrul begiň haýran galyşyny buýsanç bilen ýatlady.
Ömründe buýsanar ýaly pursatlary az bolmandy onuň. Ol şol merdana pursatlaryny mydama
kanagatlanma bilen ýatlaýardy. Eger ýaşan ömrüňde şeýle pursatlar ýok bolsa, onda nämä buýsanyp
ýaşajak?! Onda ýaşan ömrüň näme manysy bar?..
Birden Zübeýdanyň çirkin sesi töwerege ýaňlanyp gitdi. Eý, Hudaý, onuň gygyraýşyny!
Soňundan ýene öňküsi ýaly dym-dyrslyk aralaşdy.
Altynjan bu ümsümlige geňirgendi.
Wa-weýla, boldugymykan?
Togrul beg bary-ýogy ýeke gamçy urdy. Indi urjak dälmikä?
Begiň ýüregi ýukalyp ýören bolmaly.
Begiň jak-jaklap gülküsi haremhanany sarsdyryp gitdi.
Eý, Hudaý, beg güler ýaly nähili gowy zat barka? Zübeýda begiň gülmegini nädip başardyka?
Togrul beg gülýär, diýmek, onuň keýpi çag bolmaly.
Zübeýda ýaş gyz, özem biçak owadan gyz. Şeýle gyz gaşynda näme etse, kaýyl bolup dursa, elbetde,
keýpi kök bolar. Beg gülmän, eýsem, kim gülsün?!
Dym-dyrslyk.
Otagyň içinde diňe beg bilen Zübeýda bolmaly.
Gyz galpyldap durandyr.
Beg çykarynýandyr.
Ol Zübeýdaga: «Eşigiňi çykar!» diýip ündändir.
Beg iki şemden özgesini söndürer. Bu onuň edähedi.
Olar eýýäm düşege geçendirler.
«Garşylyk görkezmeli däl. Begiň gaharyny getiräýme» diýip, berkden-berk sargalansoň, Zübeýda gaty
kösenýändir.
Beg uzak garaşmagy halamaýardy. Ol janperwer Zübeýdany bagrynyň aşagyna alandyr. Ýaş gyzy bagryna
basan begiň göwni göteriler. Ol bu gijäni ukusyz geçirer. Dünýäni unudyp, aýşy-şöhwetde bolar.
Altynjan dem alman Zübeýdanyň gygyrmagyna garaşdy, ýöne gykylyk-ses çykmady.
Eý, Hudaý, bu näme boldugy? Zübeýda näme üçin gygyrmaýar, ýa beg garrap ýörmükä? Aý, ýok, beg
ýylsaýyn jöwher açýar. Şu ýaşda-da hepdede üç gezek küwende bolmagy başarýar. Özem käteler daňdana
çenli Altynjan bilen çyrmaşyp ýatyp, şondanam göni turup giderdi, uzynly günem ukusyzlygyny duýman
döwleti edara ederdi. Altynjan welin, hassa ýaly, ýerinden galyp bilmän ýatardy. Nädip galsyn?! Endamjany soka salnan ýaly zerzawdy. Ysgyny ýokdy, aýaklary ysgynsyzlykdan ýaňa sandyr-sandyr eder durardy.
Altynjan: «Begim, siziň ýylsaýyn aýgyrlygyňyz artýar. Men-ä size döz gelip bilemok, uzynly gün ýerimden
galyp bilmedim, ýerimden turjak bolsam, başym aýlanýar» diýerdi.
Ol günler geçdi gitdi…
Wagt geçip durdy, ýöne Altynjanyň garaşýan gykylygy çykmaýardy.
Ol: «Häzir Zübeýda gygyrar» diýip pyşyrdady.
Gykylyk!
Ol gykylykdan ýaňa ýer sarsdy.
Ol gykylyk Altynjanyň garaşan gykylygy däldi.
Bu gykylyk Altynjanyň asla garaşmadyk gykylygydy.
Gygyran Zübeýda däldi.
Ýok.
Gygyrýan Togrul begiň hakyt özüdi. Ýaňyja hezil edip gülen beg gahardan ýaňa ýer sarsdyryp
gygyrýardy. Özem onuň diýýän zady Altynjanyň dünýäsini çepbe çöwürdi.
Heý, begiň diýýän sözleri akyla sygar ýalymy? Ol iň soňky sözi aýdýar-a!
Togrul begiň gykylygy Altynjanyň gulagynda ýaňlanýar:
– Talak! Talak! Talak!..
Gapy şarkyldap açyldy.
Içerden Zübeýda atylyp çykdy.
Ol çuw-ýalaňaçdy, eşikleri gujagyndady. Gyz özüniň ýalaňaçlygynam bilmeýän bolarly, hünübirýan
aglaýardy.
Altynjan serasyma bolup Zübeýdanyň ýanyna ylgady, ony haremhananyň boş otaglarynyň birine saldy.
– Melikäm! Melikäm! – diýip, Zübeýda Altynjanyň egninden gujaklap bady-boýran aglaýardy.
– Köşeş! Köşeş! Ähli zat düzeler! – diýip, Altynjan ony köşeşdirmäge çalyşýardy.
– Ýok, ýok, ol maňa eýýäm talak berdi. Indi bar zat gutardy. Indi doganym Mansur Ýezdden kowular,
babam hem öldüriler. Men olaryň bagtyny ýatyrdym.
Batly ýaňlanan ses olary doňduryp taşlady:
– Altynjan nirede? Altynja-an, nirede sen? Altynjany tapyp getiriň!
Altynjan otagdan çykdy.
Kundury ylgap geldi:
– Altynjan hatyn, size beg garaşýar.
Wah, Altynjan Kundury aýtmasa-da, begiň garaşýandygyny eşidip durdy, ýöne ol bu mahal begiň
ýanyna barmaga gorkýardy. Ol Zübeýda bilen begiň arasynda nämäniň bolandygyny bilenokdy. Soranyňdada Zübeýda häzir jogap berip biljek däldi. Altynjan begiň gaharyny getiren zadyň nämedigi barada
oýlanýardy.
– Hatyn, size beg garaşýar! – diýip, Kundury ikinji gezek dillendi.
Altynjan weziriň ýüzüne seretdi, hyrçyny dişledi.
Ol Togrul begiň garaşýan otagyna girdi.
Içerde iki sany şem ýanyp durdy.
Beg dyzdanlydy, elinde gamçysy bardy.
– Işigi ýapyp, ýakynyma gel! Gel bahymrak! Bahymrak!
Togrul beg ýakynyna gelen Altynjanyň depesinden gamçysyny inderip ugrady. Her näçe ursa-da,
gahary köşeşer ýaly däldi.
Altynjan sarsman durdy. Begiň gazabyny görensoň, ol yzasyny-da onçakly duýmady.
– Sen näme üçin meniň gözümi-başymy aýlaýarsyň? Näme üçin? Ä?
Togrul beg eden işini telek hasaplan dek, gamçysyny eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Soňam
garşysynda sarsman duran Altynjany esli salym synlady, synladygyça özüni müýnli duýdy.
Altynjan hiç mahal ejizlemegi halamaýardy, ýöne eziz adamsynyň rehimsizligi onuň ýüregini dilimdilim etdi. Ony kemlik basdy.
Hamsykdy:
– Begim! Men döz gelerin!
Soňundan sojap-sojap aglady.
Togrul beg Altynjany garsa gujaklady. Onuň ýüzünden sypady:
– Altynjan!.. Maňa senden başga hiç kim gerek däl! Düşünýärsiňmi, maňa dünýäde senden başga hiç kim
gerek däl!..
Beýiklik esasy meseleleriň ählisinde beýikligi aňladýar. Beýikler mutlak beýik bolup bilmez, mutlaklyk
diňe Allatagala degişlidir. Beýik adamlaryň ownuk, kiçi taraplary diňe kiçi meselelerde özüni bildirer,
ululykda bolsa olar hemişe uludyrlar, irilikde olar hemişe iridirler, beýiklikde hemişe beýikdirler.
Beýikler ömür hemrasy bolan hatyn, söýgi meselesinde ownuk, kiçi bolup bilmeýärler. Togrul begiň
mähir hem söýgüden püre-pür ýüregi diňe Altynjana degişlidi. Begiň patyşa hökmündäki beýikliginiň ölçegi
öz hemrasyna bolan beýik söýgä ukyplylygydy. Diňe beýik duýga ukyply ýürek giden bir milletiň öňüne
düşüp, ony beýiklige ýetirip, külli adamzadyň ykbalyny kesgitläp bilýär. Gursagynda gurrumsak, pes ýüregi
bolan kişi beýik işleri gaýryp bilmez.
Togrul beg Altynjany söýüp, bir zada göz ýetirdi. Onuň özüne-de, dünýä-de bolan gatnaşygy Altynjana söýgüsiniň
üstünden geçip gidýän eken. Altynjana bolan gatnaşygyny üýtgetmek onuň üçin özi hem pelek bilen aralygyndaky
köprini ýumurmakdy. Bu onuň üçin özüni weýran etmekdi. Söýginiň hakykylygy, beýikligi, duýgynyň hemişelikligi –
söýginiň adamyň tutuş ömrüne barabarlygy. Beýle söýgi juda seýrekdir. Ol adam duýgusynyň wagtlaýynlyk, geldigeçerlik häsiýetinden has ýokary galyp, düýpli bir zada öwrülen halatynda mümkin bolýar. Munuň juda seýrekligi bolsa
duýgynyň öz tebigaty boýunça pursatlyk, wagtlaýyn närseligi sebäplidir. Dünýäde iň üýtgewçil zat duýgy. Her bir närse
ýaly, onuň hem belli bir ömri – ýaşy bar. Özem has gysga ömri bar. Bu duýgynyň hemişelik häsiýete geçmegi, wagtyň
çäginden çykmagy üçin, onuň düýpli ruhy mazmuna geçmegi gerek. Ruhy mazmun bolsa, adamyň durmuşa
duýgulaýyn däl-de, akyl-parasat hem ahlak manydaky gatnaşygyndan kemala gelýär. Şatlyk, begenç, gaýgy, lezzet,
hatda bagt hem duýgy hökmünde az salymlykdyr, ornuny başga duýga berýän pursatlaýynlykdyr. Ömürboýy şol gülläp
oturan adamy göz öňüne getiribem bolmaz. Söýgi duýgy derejesinden has çuňa gidýär, ynsanyň adamçylyk ruhy
hususyýetiniň mazmunyna geçýär. Bu bolsa adamdan entek dirikä aýrylmasyz zatdyr. Şol bir wagtda-da söýgi hemişe
öz duýgy esaslaryndan daş düşmeýär. Şonuň üçinem onuň lezzeti, sapasy bardyr.
Altynjan Togrul begiň ýüreginde berk orun alan, baky solmajak güldi, mukaddeslikdi.
Dördünji hekaýat
KÖZI GORJASAŇ – ÝANAR
I.
mir Uhjury sapar aýynyň birinji güni öz ýerine Abu Zurga Hannakyny wagtlaýyn belläp, Hyrat
hem Tus şäherlerinde hasap-hesibiň alnyp barlyşyny ýerinde barlamak maksady bilen ýola düşdi.
Onuň gideninden on gün geçenden soň, Abu Zurga Hannaky wezir Kundury bilen Altynjan
hatynyň ýanynda sahyp Uhjurynyň işini dowam etdirýändigini, ýöne diwanyň ýöredilişinde kemçilikleriň
aşa köpdügini, sahyplyk wezipesini Uhjurynyň oňarmaýandygyny, ýöne özüniň welin, oňarjakdygyny aýtdy.
Altynjan hatyn ör-gökden geldi:
– Seniň işe alynmagyňa sebäp bolan, saňa güwä geçen kim?
– Elbetde, Uhjury, ýöne men hakykaty göni aýtmaga borçly: wyždanyma ikilik etmegi başarmaýaryn.
– Hakykaty Uhjury gelensoň aýdarsyň, häzirlikçe gidiber.
Abu Zurga Hannaky ruhdan düşmedi: öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin ikinji bir tilsimi
ulandy.
Wezirler diwanynyň mejlisine gatnaşyp, onda – bu mejlise Togrul beg hem gatnaşýardy – çykyş etdi:
– Beýik Perwerdigäriň (goý, beýik Taňra alkyşlar bolsun!) döreden hem öz mähribanlygy birle ýaradan
zatlarynyň ählisiniň özeninde her dürli ýagşylyklaryň dürli röwüşleri ýatandyr. Olara akyl ýetirmekden
ynsanlaryň pähim-parasatlary gaty pes gelýär. Olaryň aýratynlyklaryna düşünmäge akyldarlaryň hem
paýhasy-akyly ýetmeýär. Bilýän hem duýgur adamlar bu «syra» akyl ýetirmek, düşünmek üçin hernäçe
çytraşsalar-da; «Hawa! Döretmek we häkimiýet oňa degişli. Dünýäleriň eýesi bolan Allatagala alkyşa
mynasyp»1 diýlişi ýaly, her gezek olar öňkülerdenem başarnyksyz we güýçsüz bolup galýarlar.
«Allatagala hökümdarlygy islänine berer» diýmesi hakdyr. Allatagala külli musulman bendeleriniň
içinden Togrul begi hökümdar saýlady. Biz Allatagalanyň halan, saýlan kişisi Togrul bege düýrmegimiz
bilen hyzmat etmelidiris. Meniň Togrul begiň ýalkawynda gulluk edip ýörenime köp wagt geçenok, şeýle-de
bolsa, men gysga döwrüň içinde köp zatlary öwrenmäge, köp adamlary tanamaga ýetişdim.
Dogrymy aýdaýyn, köşkde, diwanlarda, umurylarda öz işiniň ussady, önjemli adamlar köp. Men öz
sahybym Uhjura, baş wezirimiz Nasyr Kunduryga, Mübärek hana, Abdyrahman Agajyga, Bekdaş sahyba
aýratyn tagzym edýärin. Olaryň ählisi Togrul bege wepadar adamlar. Togrul beg üçin şirin janyny bermäge
taýýar adam olar. Men hem Togrul beg üçin şirin janymdan geçmäge taýýardyryn. Begimiziň ömri uzak,
jany tut deýin sag bolsun!
Adam öz söýýän işini edende ömrüne many çaýylýar. Ýeňil, joşgunly işlenilýär. Ine, meniň
merhemetli sahybym Uhjury! Ol ajaýyp adam! Zehinli, sowatly adam. Onuň başarmaýan zady ýok. Ol
özüniň häzirki alyp barýan işini – yhtysap diwanyna sahyplyk etmegi birkemsiz oňarýar. Özem gijegündiz işleýär, bizem işe galkyndyrýar. Şeýle-de bolsa, ol köplenç özüniň gowy görýän işini ýatlaýar.
Uhjury serkerdelik etmek, Seljuk şalygynyň hakyky goragçysy bolmak, seljuk şalygynyň serhedini
giňeltmäge gönüden-göni goşant goşmak – saýlama goşunda han bolmak isleýär. Käte ikiçäk
oturanymyzda ol maňa: «Meniň göwnüm söweş meýdanyny, darkaş küýseýär. Togrul beg meni saýlama
goşuna han bellese, seni-de meniň ornuma goýsa, gör, nähili jüpüne düşjek!» diýip göwün ýü­würdýär.
Men Uhjury sahyba: «Meniň wezipe hantamaçylygym ýok. Bar islegim Togrul bege gije-gündiz hyzmat
etmek, onuň ynamyny ödemek» diýip, jogap berýärin. Elbetde, men yhtysap diwanyna sahyp bolsam,
diwanyň işini has gowulandyrardym, şalygyň baýamagyna gönüden-göni goşant goşardym. Men bu
zatlary gepiň gerdişine görä aýdýaryn.»
Abu Zurga Hannaky howlukman, şeýle bir süýji gürleýärdi, näçe gürlese-de irizmeýärdi, diňlemek
lezzetlidi.
Onuň şol çykyşyndan soň Uhjury saýlama goşunyň bir tümenine han bellenildi.
E
Abu Zurga Hannakyny bolsa Uhjurynyň ýerine – yhtysap diwanyna sahyp bellediler.
Altynjan hatyn nägileligini gizlemedi:
– Men seniň sahyp wezipesine bellenendigiňi bilmän galdym. Wagtynda bilen bolsam, garşy çykardym. Men
seni häzir wezipäňden düşürip bilerin, ýöne meniň bir talabymy bitirseň, seni işden aýyrmaýyn.
– Bitirerin, hökman bitirerin, aýdyň!
– Meniň gözüme görünme! Daşda bol! Düşnüklimi?!
– Merhemetli Altynjan melike, men size uly hormat goýýaryn. Meni näme üçin halamaýandygyňyza
düşünmek isleýärin...
– Sebäbi seniň diliň jennet, içiň welin, dowzah!
– Siz men barada nädogry pikir edýärsiňiz…
***
Bu öwrülişikden bir aý geçenden soň Uhjury han öňki işlän ýerine geldi. Özüniň öňki oturan ýerinde
Abu Zurga Hannaky otyrdy.
Täze sahyp hanyň ýüzünden gar ýagýandygyny görüp, göwünli-göwünsiz ýerinden turdy:
– Sizi hoş gördüm, merhemetli han!
– Men seniň bilen düşünişmäge geldim.
– Ikimiziň aramyzda düşünişmezlik, ýalňyşmaýan bolsam, öňem bolmandy, häzirem ýok, indem
bolmaz, ýöne, isleseňiz, zoraýakdan döredip bolar.
– Men Hyrada gidenimde näme üçin yzymda wezirler diwanynyň mejlisinde çykyş etdiň, onda näme
üçin meniň ömür aýtmadyk sözlerimi aýtdyň?
– Men siz hakda diňe gowudan-gowy sözleri aýtdym, sizi öwmek öwdüm: adamkärçiligiňizi,
başarnygyňyzy, ökdeligiňizi, işeňňirligiňizi wasp etdim. Siz munuň üçin maňa sagbol aýtmakçy
bolýarsyňyzmy? Hökman däl.
– Men hiç wagt han bolmak, söweşe gatnaşmak islemedim. Sen meniň dünýewi adamdygymy gaty
gowy bilýärsiň.
– Siz özüňize ynanylan beýik wezipäňizden nägilemi?
– Sen maňa at oýnatma! Meniň näme isleýänim, näme islemeýänim bilen seniň işiň bolmasyn!
– Meniň işim bolmaz, ýöne ýörite gelip, bu hakda gürrüň gozgandygyňyz üçin men soraýdym.
– Men saňa haçan: «Han bolmak isleýärin» diýdim?
– Han bolmak islemeýärsiňizmi?
– Sen ýaramaz adam ekeniň! Sen meniň ýagşylygyma ýamanlyk bilen jogap berdiň. Sen meniň
wezipämi almak üçin, mejlisde ýalan sözläpsiň. Ýalan bilen uzaga gidip bilmersiň.
– Duruň, duruň. Maňa minnetli söz aýtmaň, eden ýagşylygyňyz üçin men size zerli don hedýe
berendigimi ýadyňyzdan çykardyňyzmy?
– Sen ol dony men öýde ýokkam goýup gaýdypsyň.
– Dogry, ýöne hedýe almaýan, halal adam ol zerli dony yzyna gaýtarardy, ýöne siz gaýtarmadyňyz.
Sebäbi siz hedýe almagy gowy görýärsiňiz.
Beýle garşylyklaýyn jogaba garaşmadyk Uhjury biçak gaharlandy, gözlerini kinaýatly oýnadýan
Hannakynyny düýt-müýt edäýerli göründi:
Hasp-hesip bölüminiň otuza golaý işgäri näçe ýyl bile işleselerem Uhjurynyň häzirkisi ýaly
gaharlanan pursadyna gabat gelmändiler, asyl, ol gaharlanýandyr hem öýtmezdiler. Sebäbi Uhjury häsiýeti
boýunça ýuwaş, dogruçyl, sypaýy adamdy. Adama aňsat-aňsat agyr söz aýtmaýardy. «Han bolmak üçin
gazaplylyk, talabedijilik gerek. Harby iş meniň bu häsiýetime dogry gelenok» diýip, ol köplenç
nygtaýardy. Hasap-hesibe, kagyzlara bulaşyp oturmagy welin, gowy görýärdi, bu işden ýadamaýardy.
Özüniň eý görýän işinden gitmesiniň sebäbi hakdaky hakykaty eşiden Uhjury göni Hannakynyň ýanyna
gelipdi. Gelýärkä: «Eşiden zadym nädogrudyr» diýen pikir bardy. Abu Zurga Hannakynyň ulumsylygy,
eşiden habarynyň hakykatlygy, onuň gaharyny ýetjek derejesine ýetiripdi.
Bölümiň işgärleri gelip ony köşeşdirmäge çalyşdy. Hannaky olaryň üstüne gygyrdy:
– Ýok boluň şu ýerden! Her kim öz ýerinde otursyn! Ýogsam baryňyzy işden kowaryn!
– Gör, sen nähili nejis ekeniň!
– Eger han bolup işlemek islemeseňiz, men sizi diwanyma işe alaýyn.
– Sen meni işe aljakmy?
– Siz munuň nämesini geň görýärsiňiz? Siziň menden nämäňiz artyk?
Uhjury kellesini tutup, diwandan çykyp gitdi.
Abu Zarga Hannaky diwanyň işgärlerine eşitdirip, özbaşyna hüňürdedi:
– Özüne edilen ýagşylygy bilenok!.. Gadyrbilmez mahluk! Üstüme haýbat atanyň üçin almytyňy
bererin! Men muny Anuşirwana hökman aýdaryn...
Uhjury Togrul begiň dergähine bardy, ýöne nägileligini aýtmaga ýetişmedi:
– Men seniň näme üçin gelendigiňi bilýärin, han. Sen biraz sabyrly bol, käbir kişiniň özüniň kimdigini
açmagyna ýol ber. Ýene bir aýdan meniň bu sözlerime has açyk düşünersiň...
II.
Ybraýymyň bujurygy artdy, sähel zat üçin alagykylyk etdi. Köşk emeldarlarynyň tas ählisi bilen
diýen ýaly gykylyklaşyp çykdy. Togrul begiň hem garşysyna gitdi. Özüne akyl öwretmegiň gerek
däldigini, döwleti özüniň ýöredip biljekdigini öwran-öwran gaýtalady.
– Muhammet, gel, erkeklerçe gürleşeli! – diýip, Ybraýym Togrul begiň gaşyna baryp oturdy.
– Bu näme diýdigiň bolýar?
– Bu: «Seniň bilen ikiçäk, aç-açan gürleşjek» diýdigim bolýar. Köşgüň içindäkileriň ählisi birmeýdan
ikimizi ikiçäk galdyrsynlar. Wezir-wekiller, hajyplar, mufratlar daşaryk çyksynlar. Içerde ikimizden başga
ýeke adam hem galmasyn.
– Goý, seniň diýeniň bolsun!
Togrul begiň yşaraty bilen içerdäkiler – ähli wezir-wüzeralar, mufratlar daşaryk çykdylar.
Ybraýym gapyny içinden ýapyp, Togrul begiň garşysynda aýbogdaşyny gurap oturdy:
– Döwleti indi maňa ber. Sen meniň wezirim bol.
Togrul beg Ybraýymdan beýle söze, dogrusy, garaşmandy. Ol esli wagtlap sesini çykarman, seredip
oturdy. Uzak oýlanandan soň:
– Oňararmyň? – diýip sorady.
– Oňararyn! Sen indi dynç al. Ýaşyň ýetmişe ser urdy.
– Men razy, ýöne ähli zady kada-kanun esasynda edeli: ähli seljuk beglerini çagyraly. Olara seniň
teklibiňi aýdaly. Olar ylalaşsalar, men garşy däl.
– Bu: «Seniň aýdanyňy etjek däl» diýmek bolýar.
– Men saňa garşy çykmaýyn.
– Barybir, ähli seljuk begleri, bilýän, seni goldarlar. Meni goldamazlar, çünki wezir-wekilleriň köpüsi
meni halanok.
– Eger seljuk begleri seni halamaýan bolsalar, onda sen kime esaslanyp döwlet dolandyrmakçy?
– Özüme!
– Ýeke özüň aljak galaň bolmaz!
– Bolar, hökman bolar!
– Onda Dawudy çagyraly. Üç bolup maslahatlaşaly. Sebäbi seniň etjek bolýan işiň kiçi-girim iş däl.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 39
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.