Latin

Altynjan hatyn - 23

Total number of words is 3744
Total number of unique words is 1928
33.4 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
54.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýogsam onuň çep eli burkupdy.
Onuň dertleri biri-birinden ýowuzdy, agyrdy.
Iň agyry, iň ejirlisi başgady.
Togrul begiň adyna Seljuk dakmak islän çagasy düşüpdi.
Altynjan çagajygyň agysyny aglady.
Her gün gözýaş dökdi.
Ten agyrysy bir ýyl töweregi azar berse-de, Altynjan özüne teskin bolýardy. Döwlen iki gapyrgasyny
kesip aýyrsalaram razydy, esasy zat özüniň bigünädigine adamsynyň düşünmegidi. Kabyl bilen Anuşirwan şol
agyr günler onuň ýanyndan aýrylman, göwünlik berdiler:
– Iň agyr zat – töhmet. Siz maňa töhmet atanyň kimdigini anyklap beriň – diýip, Altynjan olara birnäçe
gezek aýtdy.
Megerem, Kabyl bilen Anuşirwan Togrul begiň ýüregini çişireniň kimdigini bilýän bolmaly, olar her
gezek giň bolmagy ündemek bilen çäklendiler. Olaryň bu sözlerine Altynjanyň hasam gahary gelýärdi:
– Siz näme üçin maňa giň bolmagy ündeýärsiňiz? Siz näme üçin maňa töhmet atan adamyň kimdigini
anyklamakçy bolmaýarsyňyz?
***
Kabyl bir gün Anuşirwanyň, kyrk çilteniň onbegileriniň öňüne düşüp, Altynjanyň ýanyna geldi.
Düşekde mejalsyz ýatan Altynjan olaryň möhüm bir habar bilen gelendiklerini aňyp, garysyna galdy,
üst-başyny tertibe saldy, ol gelenleriň näme habar bilen gelendiklerini aňýardy. Şeýle-de bolsa, ilki olary
diňlemegi, soňundan öz gelen netijesini mälim etmegi makul bildi. Şonuň üçin-de näme habaryňyz bolsa
aýdyberiň diýen terzde gaşynda duranlara seretdi.
– Altynjan, goşuňy ýygna! – diýip, Kabyl kesgin aýtdy.
– Näme üçin?
– Gideli.
– Nirä?
– Tapawudy ýok, bu ýerde-hä durarlyk galmady. Togrul saňa nähak sütem etdi, onuň üçin uzur hem
soramady.
Anuşirwan Kabylyň sözüniň üstüni ýetirdi:
– Goý, uzur sorasyn!
– Ýok, ýok. Hatynyndan uzur soraýan äre men är diýmerin – diýip, Altynjan garşy çykdy. – Erkegiň
maňlaýyna urmak, hatynyňka urulmak ýazylypdyr. «Ärim urdy» diýip gitmek aýyp bolar.
– Sen ýönekeý hatyn däl. Sen biziň ýüzümiziň tuwagy. Sen biziň mertebämiz. Begiň seni urmagy – bizi
urmagy. Begiň seni urmagy – biziň mertebämizi masgaralamagy.
– Gideli, lalam – diýip, Anuşirwan seslendi.
– Men siziň pikiriňizi goldaýaryn, ýöne başga bir mesele bar.
– Ol nähili mesele? – diýip, Kabyl heşerlendi.
– Men ýeňlip gitmegi namys bilýärin. Ýeňilmegi halamaýaryn. Gitsek, diňe ýeňip gitmelidiris.
– Nädip?
– Nädip ýeňjekdigimi bilmeýärin, diňe ýeňjekdigimi bilýärin. Urulmak – täzelik däl. Maňa ejir berýän
zat ten awusy däl, ýok, begiň maňa müňkür bolmagy, ynanmazlyk etmegi maňa ejir berýär. Eger häzir
gitsem, bu ejir meni uzak ýaşatmaz. Men bege özümiň päk, halal hatyndygymy subut etmeli, hökman subut
etmeli.
– Düşnükli, sen gitmek islemeýärsiň. Urulsaňam, çydamak isleýärsiň.
– Kabyl, sen mydama gyşyk gürrüň edýärsiň. Näme etmelidigimizi men size Togrul beg gelen güni
aýdaryn, ýöne siz maňa begiň ýüregini çişiren nejisiň kimdigini anyklap beriň!..
***
Altynjan bir aýlap düşege baglandy, döwlen gapyrgalary aňsat bitäýmedi.
Ol kyrk günden soň, daşary çykyp ugrady. Barybir, ysgynsyzlykdan ýaňa ýörese başy aýlanýardy.
Ol ýatmakdan ýaňa bez bolupdy, daşary çykasy, bedewli sähra aýlanasy gelýärdi, şu maksat bilen ada
ýöräp teblehana bardy.
Akgar (täze berlen at dor reňklidi, şeýle-de bolsa, Altynjan ony «Akgar» diýip atlandyrypdy) eýesini
görüp hokrandy. Dogrudanam, Akgar Altynjany görüp begendi, birki gezek çarpaýa galyp kişňedi.
– Eý, ganjyk! Saklan!
Altynjan ýeňsesinden çykan bu nätanyş sese ör-gökden geldi. «Eý, Hudaý, bu näme boldugy? Kimkä
maňa beýle ýüzlenmäge het edip bilýän?!»
Ses ikinji gezek ýaňlandy:
– Yzyňa öwrül, ganjyk! Men seni häzir öldürjek!
Altynjanyň yzyna öwrülesi, özüni öldürmek isleýän ganhoryň ýüzüni göresi gelmedi, gozganman
durdy.
– «Yzyňa öwrül!» diýýärin men saňa!
– Maksadyň öldürmek bolsa, nämä dursuň? Eli ýaragsyz hatyny ýeňsesinden gelip, namartlyk bilen
öldürmäge ynsabyň çatýan bolsa, sen erkek däl!
– Men namart däldirin, men mertdirin. Hut şonuň üçin hem men saňa: «Yzyňa öwrül!» diýýärin.
– Eli ýaragsyz hatyny öldürmegi özüne mertebe bilýän namarda men erkek hem diýmeýärin. Beýle
kişiniň ýüzüni görmegi ölümdenem agyr jeza hasaplaýaryn.
– Gepleme! Men seniň sözüňe mätäç däl! Kelemäňi öwür!
– Sen Togrul begiň hatynyny öldürmäge gorkaňokmy?
– Sen indi Togrul begiň hatyny däl! Bilmeýän bolsaň, bil, Togrul beg senden ýüz öwürdi. Ol indi seni
görmek hem islemeýär. Hut şonuň üçin ol köşge gelenok. Ol seniň bu ýerden gideriňe garaşýar.
– Seniň bu aýdýanlaryň pikirlenmegi başarmaýan gybatkeşleriň gybaty. Bilmeýän bolsaň, sen-de bil,
Togrul hatyndan gaçyp ýören är däl!
– Bä, sen entegem özüňi Togrul begiň hatyny hasaplap ýörsüň-ow?!
– Elbet! Men Togrul begiň hatyny! Özem ýeke-täk hatyny! Özem begiň ýüregi!
– Ýüregi bolýan bolsaň urmazdy, gapyrgalaryňy döwmezdi!
– Erkegiň urmasy – hatynyň mertebesidir.
– Gapyl, loly!
– Ine, bu sözüň üçin hasap bermeli, jezaňy çekmeli bolarsyň. Sen maňa «Loly» diýip töhmet atdyň. Sen
meniň lolulyk eden ýerimi gördüňmi ýa bu hakda eşitdiňmi?
– Gapyl, loly! Kellemäňi öwür!
– «Loly» diýip töhmet atmadyk bolsaň, men seniň günäňi geçsemem geçerdim, ýöne indi men seniň
günäňi geçip biljek däl. Kelemäňi seniň özüň öwür.
– Besdir, seniň bilen gepleşip oturjak däl men! Men senden arymy almakçy! Goý, soň meni öldürseler
öldürsinler!
Kabylyň sesi eşidildi:
– Kuýaş, Kuýaş, saklan!
Anuşirwan gorkuly gygyrdy:
– Kuýaş, Kuýaş dogan, saklan!
Akgaýa gygyrdy:
– Kuýaş, edýäniň näme seniň?!
Ylgap gelýän adamlaryň aýak sesleri eşidildi.
– Ýa, Alla!
Bu Kuýaşyň iň soňky sözi boldy. Ol elindäki mizragyny öňüne tutup, Altynjana bakan batly ylgady. Onuň
maksady ata seredip duran Altynjanyň içinden mizragyny parran geçirmekdi.
Altynjan «Zamahşar gijesi» Togrul begiň ýeňsesinde iki gözüniň bardygyna geň galypdy, ol şondan
bäri geçen döwür içinde ýeňsesinde iki göz edinmegi başaran bolmaly, yzyna öwrülmän Kuýaşyň her bir
hereketini gördi, ajal bolup gelýän mizragyň öňünden sowulmaga, bilindäki hanjaryny Kuýaşyň
jugdanyndan urmaga ýetişdi.
Kabyl dagy gelende boljak iş bolupdy.
Kuýaş bir wagşyýana gygyryp, ýykyldy:
– Dag arman! Dag arman!..
Altynjan gözlerini petredip ýatan on ýedi – on sekiz ýaşlaryndaky jahyla seretdi. Ol bu jahylyň
ýanyndan ýaňyja geçip gaýdypdy. Jahyl oňa ýylgyryp salam-da beripdi. Özem ol ýeke däldi, onuň ýanynda
başga-da bir jahyl bardy. Hany, ol?!
Altynjan jahyllar bilen salamlaşan ýerine seretdi. Görse, Kuýaşyň ýanyndaky ikinji jahyl gaty-gaty
ýöräp, Günbatara tarap gidip barýar.
– Saklaň şol oglany! Çyrlak, Ýatmaz, saklaň ony! – diýip, Altynjan oglana bakan elini uzatdy.
Kabyl dagy ýetip geldi.
Kuýaş eýýäm jan beripdi.
Hiç kimden ses çykmady:
– Kim bu? – diýip, Altynjan Kabyla ýatan jesedi görkezdi:
– Kuýaş!
– Janymy ýakma meniň! Adynyň Kuýaşdygyny eşitdim, ýöne munuň meni öldürjek bolandygynyň
sebäbini bilmeýärin. Bu ýigit näme üçin meni öldürmekçi boldy? Onuň mende näme ary bar?
Altynjanyň bu sowalyna hiç kim jogap berip bilmedi. Belki, Kuýaşyň ýanyndaky ýigit bilýändir?!
Gaçyp barýan jahyly tutup, Altynjanyň huzuryna getirdiler.
Jahyl başyny dik tutup, gahar-gazap bilen bakyp durdy.
– Sen kim?! – diýip, Altynjan jahyla dikanlap bakdy.
– Sadyk Batman!
– Kuýaş näme üçin meni öldürjek boldy?
Sadyk Batman göwünli-göwünsiz jogap berdi:
– Özünden soraň!
– Sen näme üçin meniň bilen gaharly gürleşýärsiň? Menden göwnüň galan ýeri barmy?!
– Edeniňi edip, indem utanman: «Menden göwnüň galan ýeri barmy?!» diýip soraýarmyň?
– Üstümde Alla bar, men seni öň nirede görenimi ýadyma sylyp bilemok. Seniň göwnüňe-de degendirin
öýdemok.
– Sen meniň babamy öldürdiň, babamy! Indem: «Seniň göwnüňe-de degendirin öýdemok»
diýýärsiňmi?
– Babaň adyny aýt!
– Batman!
Altynjan uludan demini aldy:
– Düşnükli, düşnükli. Kuýaşyň babasynyň ady hem Tahyr bolmaly!
– Eýse näme!
– Diýmek, ikiňiz ar almakçy bolupsyňyz-da?!
– Näme, binamyslyk edip, başymyzy aşak salyp gezibermeli ekenikmi?!
– Men saňa, Sadyk, hakykaty düşündireýin – diýip, Altynjan janykdy.
– Maňa düşündiriş gerek däl... Bu ýerde düşünip-düşünmez ýaly hiç zat ýok. Babamy Zamahşarda
öldüreniň hakmy? Hak! Oguz han: «Myhman – ataňdan uly» diýipdir. Sen bolsa, ataňdan uly adamy –
meniň mährinden ganmadyk babamy nähak öldürdiň.
– Diýmek, seniň maksadyň hem meni öldürmekmi?
– Men Togrul begiň hatyrasy üçin saňa hiç zat diýemok. Beg saňa talak berse, şol gün ýa arymy ýerine
salaryn ýa-da Kuýaşyň gününe düşerin...
***
Askudar Altynjana Togrul begden bir bukja getirip berdi. Onuň içinde iki sany ýowşan baldagy bar
eken. Altynjan ýowşanlary öwran-öwran ysgady, ysgadygyça agysy tutdy. Ol aglamak aglady.
Iki günden soň Togrul beg geldi.
Ähli emeldarlar daşary çykyp, begi dabaraly garşylady.
Altynjan daşaryk çykmady, ýöne gabsadan jyklap, Togrul begiň gelşini, atdan düşüşini, adamlar bilen
hal-ahwal soraşyşyny – her bir hereketini ünsli synlady, begiň aram-aram hareme bakan seretmesinden onuň
özüni agtarýandygyny aňdy.
Beg adamlaryň öňüne düşüp karargähine bakan ugrady, ýöne uzak gitmän, haremine bakan gönükdi.
– Gelýär! – diýip, Altynjan pyşyrdady, näme etjegini bilmän doňan ýaly bolup durdy.
Işik şarka açyldy:
– Altyn gyz, halyň niçik?
Altynjan sesini çykarmady, duran ýerinden gozganjak hem bolmady.
Togrul beg içişikde durup, ahmyrly sözledi:
– Muhammet alaýhyssalamyň hatyny Aýşa-da töhmet atypdyrlar22, saňa töhmet atylandygyny-da men
soň bildim, haýp, giç bildim. Soň arkaýynçylykda gürleşeris, men seniň halyňdan habar almak üçin geldim.
Kesek diňe miweli agaja atylýandyr. Näme üçin dymýarsyň? Nämedir bir zatlar aýt ahyryn.
Altynjan şindem doňan ýaly boldy durdy.
Togrul beg uludan demini aldy, Altynjana seredip, birmeýdan durdy, goltugyndan bir düwünçek
çykaryp, ojakbaşynyň üstünde goýdy-da, çykdy gitdi.
Altynjan özüni aşak goýberdi, sojap-sojap aglamaga başlady, agladygyça aglasy geldi.
Garaňky düşdi.
Wagt ýarygije boldy.
Ýöne Togrul beg gelmedi.
Daňdanlar uka gitdi.
Ol özüne seredilýändigini duýup, ukudan oýandy, gözüni ada açyp, töweregine garanjaklady,
diňşirgendi, üstüne ýorgan ýapylandygyny duýdy. Görse, başujunda Togrul beg aýbogdaşyny gurap, seredip
otyr.
Adamsynyň seredip oturandygyny gören Altynjan birbada aljyrady, damagy hykga doldy.
Togrul beg Altynjanyň ýüzüni emaý bilen sypady, gözünden paýrap dökülýän gözýaşy üznüksiz syldy.
Bu mahal Altynjanyň kemligi tutupdy, agladygyça aglasy gelýärdi.
Togrul beg onuň elinden çekip gujagyna aldy, şeýlebir yhlas bilen gujaklady:
– Sen nika gijämiz meniň ýüregim bolmak isleýändigiňi aýdypdyň. Şonda men muny asla mümkin zat däl
diýip hasap edipdim. Görüp otursam, mümkin eken. Indi, hakykatdan hem sen – meniň ýüregim. Indi sen
meniň üçin öňki Altynjan däl, düýpgöter başga Altynjan. Men orta ýaşan adam, sen welin, entek ýaş. Ýaş hem
bolsaň, maňa uly sapak berdiň. Indi hiç kim töhmet atyp meni ynandyryp bilmez, çünki ýüregi aldap bolmaýar.
Altynjan mundan artyk hiç zat aýtma diýen terzde Togrul begiň agzyna elini ýetirdi.
Sebäbi ol bolup geçen ahwalaty öz maňlaýyndaky ýazgyt hasaplaýardy, Gurhandaky: «Alla ynsana diňe
güýjüniň ýetjek möçberinde ýük ýüklär» diýen pähimine ynanýardy, Allanyň maňlaýyna ýazan ýazgydyny
merdemsilik bilen çekmek isleýärdi, çekýärdi hem. Çünki ýaşaýyş dowamatynyň baş manysy Allatagalanyň
dünýäni ýaratmakda, öňünden biçen tutumynyň amala aşmagydyr. Öňden biçilip goýlan ol tutuma ýazgyt
diýilýär. Ýazgyt şeýle alanyňda, adatdan daşary bir zadam, adam akylyna sygmajak bir zadam däldir.
Ýazgyt – bu Wagt hem Giňişlik arasyndaky üzülmez baglanyşyklardyr, bar bolany. Düýn şu güni, şu gün
ertiri, ertir birigüni… şertlendirip, kesgitläp gidip otyr. Arman, bu şertlendirmäniň ähli jikme-jiklikleri
akylymyza sygmansoň, olary bölmek mümkin däl bolansoň, bize ýazgyt öz çykaran gorkuly hokgamyz ýada haýran galdyryjy geň-taňlyk bolup görünýär. Wagt bitewüdir, öňünden kesgitlenendir, çünki diňe öňden
kesgitlenen zat bitewi bolup biler, ýazgyt bolsa şol bitewüligiň biziň paýymyza düşenje bölegidir.
Adamy ýazgyda ynanmak ýa-da ynanmazlyk däl-de, ýaşaýyş hyjuwy ýaşadýar. Bu hyjuwyň çeşmesi
bolsa Alladandyr. Bu hyjuw ýazgydyň hökmürowanlygyny göz öňünde tutulyp, sarp edilse, munuň özi akylparasatlylykdyr. Töwekgellik – ine, iň ýokary parasat. Töwekgellik özge barça närseden geçip, diňe Hudaýa
bil baglamakdyr. Togrul begiň Altynjany urup, göwresindäki çagasyny düşürmegi ýazgytdy, sebäbi bu
hereketiň ujy gaty aňyrlardan gaýdýardy. Bir hereket beýlekiniň esasynda döreýär, şeýdip, dowamat höküm
sürýär.
Altynjy hekaýat
IKINJI BASGANÇAK
ltynjan melike – nedim. Özem bu wezipäni Togrul beg kätibiniň üsti bilen resmileşdirdi,
halyfyň wezirleriniň haky bilen deň hak – müň dinar hak belledi. Şeýle hem oňa dabaraly
ýagdaýda hatyn unwany berildi. Seljuk zenanlarynyň içinde bu ada ilkinji gezek Altynjan
mynasyp boldy.
Ol her gün bir eşik geýýärdi, ýöne ýörişe gidende diňe adamsynyň nika gijesindäki beren eşigini
geýýärdi, bu eşigi ähli eşiginden eziz görýärdi, ony ýassygynyň aşagynda ezizläp, nahan saklaýardy.
Togrul beg Altynjan üçin ýöriş hem söweş eşigini tikdirdi. Bu eşik ata münmek, ýöremek üçin gabyldy.
Eşigiň bir artykmaçlygy bardy, ol artykmaçlyk erkek kişileriň egin-eşikleriniň biçüwinde zenanlaryň geýýän
gymmatbaha atlaz matasyndan tikilenligidi.
Altynjan altyn guşagyndan Tümen daýysyndan galan altyn saply hanjaryny asardy. Beg hatynynyň
ýörişlerde hanjarly, ýaragly bolmagyny unasa-da, haremhanada hanjarly gezip ýörmegini unamandy. Şonuň
üçin ol hatynyna şeýle diýdi:
– Öýde hanjar göterip ýörme. Batman neressäniň ogly baradaky howatyryňy aňyňdan aýyr. Men onuň
bilen gowy düşünişdim. Ol indi seniň ýakynyňa gelmez. Onsoňam men ony Balhana 1 amid edip ugratdym.
Altynjan bu sözden soň – hanjaryny haremhanada goýup, ilkinji gezek daşaryk çykanda,
öwrenişmänligindenmi-nämemi, göwnüne, garaşylman durka begiň janyna kast ediläýjek ýaly boldy durdy.
Dogry, begi goraglap ýörmegiň zerurlygam ýokdy, çünki ony dört ýüz adam goraýardy.
A
Beg ýörände üç hatar mufrat – haşam 2 öňden, üç hatar jandar sagdan-soldan, üç hatar şatyr hem yzdan
ýöreýärdi.
Begi goraýan şatyrlar, jandarlar ynamdar, daýaw, türgen, batyr ýigitlerdi. Olar goraga alnanda wepaly
hyzmat etjekdikleri barada Gurhandan ant içýärdiler.
Antyň bozulan ýerinde erkek kişiniň mertebesi gutarýardy.
Seljuk jemagatynda jandarlar, şatyrlar, haşamlar, mufratlar çagalykdan ýörite bilim-tälim berlip
ýetişdirilmäge başlandy. Olar öz ata-eneleriniň kimlerdigini, özleriniň nirede dünýä inendiklerini
bilmeýärdiler. Ýabgulyk agyr söweşlerde ata-eneleri wepat eden ümbülmez ýetim çagalary haşamlyk üçin
ýörite ýygnaýardy. Olary durmuşdan üzňelikde ýaşadýardylar, terbiýeleýärdiler. Olaryň hossary-da,
arkadagy-da – Togrul begdi.
Haşamlaryň yhlaslylygyny Altynjan mundan bir ýyl öň görüpdi. Şonda bir obanyň adamlary bilen
Togrul beg gürleşip durka köpçüligiň içinden eleşan eşikli bir juwanmert kişi begiň aýagyna ýykylyp
tagzym etmek üçin öňe çykdy, ýöne jandarlar onuň maksadyna ters düşündiler: ony begiň janyna kast
etmekçi bolandyr öýtdüler. Haşamlaryň iki sanysy wagşyýana gygyryp, eleşan görgüliniň üstüne towusdy,
çem gelen ýerinden hanjar urdy. Eleşanyň bedeninde hanjar sokulmadyk abat ýer galmady. Ony öldürmek
üçin hanjaryň ýeke gezek jaýdar sokulmagy hem ýeterlik welin, haşamlaryň her biri ol eleşanyň endamyny
eşigindenem bäş-on esse eleşan etdiler. Haşamlar wagşylaşypdylar: howandar-keramat hasaplap ýören
begleriniň janyna kast ediljek bolunmagy olary gazap atyna atlandyrypdy.
Eleşanyň eleşan eşikleriniň arasyndan zogdurylyp gan akýardy.
Bu aýylganç görnüşiň şaýady bolan halaýygyň haýýady göçüpdi, olaryň içinde özünden gidenleri-de az
däldi.
Şol görnüş Altynjanyň hem göz atuwyndan aýrylmaýardy.
Ol dogany Kabyla, çiltenlerine her gün hüşgär bolmagy sargaýardy.
***
Begiň goragynyň sahyby Peýkamdy. Ol Altynjany halamaýardy, oňa göwni-de ýetmeýärdi. Görer göze
welin, ýalym-ýulumdy: her gezek duşuşanda «Gelin, manlykmydyr? Hudaýtagala seni Togrul üçin
ýaradypdyr. Siz biri-biriňize mynasyp jübüt. Näme gerek-ýaragyň bolsa, çekinmän aýtgyn, seniň möhümiňi
hökman bitireris» diýerdi.
Altynjan hem öz gezeginde hoşamaýsyrardy:
«Hudaýa şükür, siziň barlygyňyzda biz örän arkaýyn. Bir zerurlyk ýüze çyksa, hemaýatyňyzy
gaýgyrmajakdygyňyzy bilýärin. Siziň ýaly garyndaşlarynyň, siziň ýaly razdanlarynyň barlygy – Togrul
begiň rowaçlygy!»
Altynjan içinden başga zat diýerdi. «Eý, garry ýigrenji, aýagyňy göre sokup otursyň. Pisiňi aşyryp,
özüňi ýigrendirip ýörmän, galan ömrüňi agtyklaryň arasynda öýüňde geçirseň bolanokmy? Ölmek niýetiň
ýokmy seniň?!»
Peýkam – ýaşynyň bir çene barandygyna seretmezden badyhowa, sögünjeň kişidi.
Altynjan Togrul beg ilkinji gezek düşünişmek üçin Zamahşara baranda, Peýkam: «Gapyl, ganjyk!»
diýip, Altynjana azgyrylypdy. Şondan bäri Altynjan Peýkamy ýigrenýärdi.
Togrul begiň öz goragyny Peýkama ynanmasy Altynjan üçin düşnüksizdi. «Ol Dürnazar ýa Bekdaş ýaly
düşbi, duýgur däl ahyryn!» diýip, içini gepledýärdi. Daşyndan welin, bege hiç zat aýtmaýardy.
Käteler Togrul beg:
– Altyn gyz, sen maňa ýüregiňi doly açmaýarsyň. Munyň nädogry. Seniň menden ýaşyryn pikiriň
bolmaly däl – diýýärdi. – Sen nämedir bir zada garaşýan ýaly.
Altynjan begiň duýgurlygyna haýranlar galardy. Hakykatdan hem ol begiň ýanynda doly açylmaýardy,
näme üçindigini özi-de bilmeýärdi.
***
Namazşamyň öňüsyrasydy.
Goşun Tusuň 3 dört kerwe günbatar tarapyndady. Altynjan daşarda Kabyl bilen durdy.
Kabyl öwünýärdi. Şeýlebir göçgünli öwünýärdi welin, aýdýan zatlaryna häzir hakyt özem hezil edýärdi.
Altynjanyň ýanynda duran çiltenleriň serkerdesi Akgaýa bilen Çyrlak onuň diýýän zatlaryny diňläp
duruşlaryna syrly ýylgyrýardylar. Kabyl ol ikisine ünsem berenokdy, onuň ünsi Altynjandady. Ol gürrüňi
Altynjana berýärdi. Rast, ol ynanýarmy, Kabyl üçin ýeterlik şol! Altynjan hakykatdan hem Kabylyň başdan
geçirmeleriniň hakdygyna ynanýardy, oňa guwanýardy.
Kabylyň gürrüňine görä, ol ýolbars ýalydy, öňünden çykany öldürip gidip barýardy. Ol ýalan
sözlemeýärdi, hakykaty aýdýardy. Aýdylýan hakykat – bitirlen iş şöhratlydy, şeýle bolansoň, ol öwünme
ýaly bolup eşidilýärdi.
Togrul beg Anuşirwan, Şirpenje Tabgaç, Abylkasym Buýany, serkerde Halaç daga nämedir bir zady
janygyp düşündirýärdi.
Olaryň duran ýerlerinden ýigrimi-otuz ädim aňyrdan goşunyň hymalary başlanýardy. Esgerler öz
aladalary bilen başagaýdylar. Olar begiň duran ýerine ýakynlaşmaýardylar.
Togrul beg dagy özara gürleşip hymalara bakan dähedem-dessemläp ugrady. Olar hymalara o diýen
ýakynlaşman yzyna öwrüldiler. Serkerde Halaç sesini çykarman aýdylýan zatlary düýrmegi bilen diňleýärdi.
Muhammet Togrul beg bolsa oňa nämedir bir zady janygyp düşündirýärdi. Serkerde begiň aýdýan sözlerini
baş atyp öwran-öwran makullaýardy, mahal-mahal hem ýüzüne gonýan siňekleri elini galgadyp kowýardy.
Jandarlar serkerdäniň elini galgadyp siňek kowmasyny kimidir birini çagyrmak diýip düşündiler.
Şundan peýdalandymy ýa bu zatlara üns bermezden maksat tutdumy-nämemi, hymalaryň arasyndan ýeňil
geýnen ýigrimi bäş-otuz ýaşlaryndaky hortap, köseleç gulam aýakýalaň, baş açyk halda Togrul bege bakan
ýylgyrjaklap gaty-gaty ýöräp ugrady. Gulam Altynjanyň inini jünbüşe saldy.
Altynjan Togrul bege bakan gönügen bu köseleç gulamyň ýüzi gülüp dursa-da, içinde tüweleý
gopýandygyny onuň tebsiräp duran dodaklaryndan aňdy, onuň her bir ädimini, her bir hereketini mukytlyk
bilen yzarlady, uly howpuň abanýandygyny on iki süňňi bilen syzyp, özi bilmezden begiň öňüne galkan
bolmak üçin ylgamaga başlady.
Köseleç gulam sag elini donunyň içine sokanda onda bet matlabyň bardygyna Altynjanda birjik-de
şübhe galmady, ol çirkin gygyryp, bege bakan ok bolup atyldy.
Gulam Altynjanyň wagşyýana gygyryp, begiň öňüne galkan bolmak üçin gelýändigini görüp aljyrady:
ät galmazlyk üçin howlukdy. Begiň on-on iki ädim ýakynyna gelende çala sägindi-de, bege bakan ak saply
hanjary bat bilen atdy. Altynjan özüni begiň üstüne oklady.
Altynjanyň badyna Togrul beg ýykyldy.
Hanjar yzda duran Halaç serkerdäniň döşüne çümdi.
Atan hanjarynyň bege degmändigine jany ýanan gulam goltugyndan ikinji hanjaryny çykaryp, begiň
üstüne topuldy.
Altynjan Togrul begiň bilindäki hanjary çakganlyk bilen sogrup aldy-da, gulama bakan wazyrdadyp
atyp goýberdi.
Hanjar köseleç gulamyň boýnuna çümdi. Ol sähel säginip boýnuna çümen hanjary batly sogurdy, boýnundan
akýan gany seçeläp, ylgawyny dowam etdirdi. Uzak ylgap bilmän, entirekläp ýykyldy.
Köseleç gulama biraz salymdan güýç geldi, hokurdap ýerinden galdy. Şol wagt Kabyl ýetişip gelip,
köseleç gulamyň depesinden şeşperini inderip, kelleçanagyny paçak-paçak etdi.
Togrul beg garysyna galyp, Altynjanyň hanjar zyňyşyny, köseleç gulamyň üstüne ýaraly ýolbars ýaly
bolup topulyşyny görüp, aňk boldy.
Şirpenje Tabgaç bilen Anuşirwan Togrul begiň ýerden turmagyna tekge berdi.
Sähel salymyň içinde bolup geçen ahwalata ynanar ýaly däldi. Hiç kim bu ahwalatyň täsirinden çykyp
bilenokdy.
Ähli kişi doňan ýaly bolup sarsman durdy.
– Begim, size hiç zad-a bolan däldir? – diýip, Anuşirwan saňňyl-saňňyl etdi, begiň üst-başynyň
tozanyny kakyşdyrdy, oňa Kabyl-da ýardam berdi.
– Ýok, maňa bolan zat ýok.
Özüni dürsän Togrul beg töweregine garanjaklady. Onuň nazary Altynjanda saklandy. Beg oňa näme
diýjegini bilmeýän ýaly, birpaýyz dymdy, başyny aşak saldy. Soň ýene töweregine garanjaklady. Nazary
ýene Altynjanda saklandy:
– Sen meniň askudarymy nädäýdiň?
Altynjan nämä garaşsa-da, begden bu söze garaşmandy. Ol bege geň galyp seretdi.
Kabyl öz uýasyny hasam geň galdyrdy:
– Altynjan ýalňyşdy, size kast ediljek bolunýandyr öýtdi, hökümdarym, ýöne siziň ýakynyňyza guş
gelse, ganatyndan, ýagy gelse, kellesinden mahrum bolar. Men size howp abanmagyna ýol bermerin. Siz
meniň doganymyň günäsini geçiň, hökümdarym! Askudara men: «Beg ýanyna çagyrýança garaş!» diýip
buýrupdym. Olam garaşdy. Askudar ýanyňyza gelmekçi bolanda Altynjan ony tanamady. Onuň Altynjany
öldürmek üçin atan hanjary-da Halajyň bagtyny ýatyrdy.
Halajyň ölümi bege agyr degdi. Ol serkerdä ertirden bäri etmeli işlerini birin-birin düşündiripdi. Indi ol
düşündirişleriň boş geçdigi bolýar.
Serkerde Halaç ýaly ýigitleri ýetişdirmek aňsatmy näme? Onuň ýaly edermen, ugurtapyjy serkerdeler seýrek
dogulýar. Ýöne çawyp gelen hanjar garaşman durkaň ömür tanapyňy üzäýýär. Ol hanjary Allatagalanyň saňa sary
haçan göňderjegi belli däl...
Herhal, bolup geçen bu ahwalat goşunyň arasynda serkerde Halajyň janyna kast edildi diýlip ýaýradylsa
ýerlikli boljak. Goý, gulamlar Togrul begiň, onuň hatyny Altynjanyň janyna kast edip boljakdygy barada
pikirem etmesinler!
– Halaç batyr, gaýduwsyz serkerdedi. Ol gäwürleriň, karmatlaryň, zyndyklaryň 4, şerigat ýoluny
bozýanlaryň üstüne ýolbars-babyr bolup topulardy. Ýöne Halajyň öz duşmanlary bardy. Bekdaş bilen
Dürnazar birki gezek oňa hüşgär bolmagy tabşyrypdyr, ýöne Halaç geleň etmändir. Ol duşmanlary barada
bize habar bermedi. Olar bilen özi haklaşmakçy boldy. Bizi habardar etmänden soň, biz Halajyň
ýagylarynyň näme etjegini bilmän, ät galdyk. Halajyň duşmany üç aýlap yzyndan galman, amatly pursada
garaşyp gezipdir. Her bir serkerdäniň Togrul begden ýaşyryn zady bolmaly däldir. Her bir serkerde Togrul
begiň ganatynyň aşagynda berk goragda bolmalydyr. Halaçly ýagdaý indi gaýtalanmaly däldir.
Togrul begiň bu sözleri esgerleriň arasynda öwran-öwran sözme-söz gaýtalandy.
Altynjan begiň sözünden soň göwünli-göwünsiz haremine girdi. Haremde onuň ýüregi agzyndan çykyp
barýardy: özüniň ýalňyşandygyna teý ynanyp bilenokdy.
Altynjan begiň diýen sözlerini içine sygdyryp bilmän, gaharyna titir-titir edýärdi, öwran-öwran hyrçyny
dişleýärdi.
Altynjanyň bolşy özüni öldürjege meňzeýärdi.
Ol hanjaryny emaý bilen sypady, töweregine garanjaklady.
Onuň göwnüne ähli zatlaryň manysy gaçypdy.
Hana, sandyk-sandyk eşikler!
Hana, gymmatbaha şaý-sepler!
Olaryň bary indi Altynjana gerek däl. Ol öň egin-eşiklerine buýsanardy, gymmatbaha şaý-seplerine-de
buýsanardy. Nika gijesinde Togrul begiň beren erkek eşigine-de buýsanardy. Indi ol zatlaryň gyzygy gaçdy.
Altynjan şu güne çenli ömründen razydy, ýöne indi ömrüň nämesinden razy boljak?
«Men ölsem, Kabyl bilen Anuşirwan Muhammet Togrul begi terk ederlermikä?! Belki, galarlar, bege
gulluk ederler? Anuşirwan-a eder. Sebäp ol köşgi, soltanaty janyndan eziz görýär. Ýöne olary beg saklamaz,
kowup goýberer. Ýa beg olary: «Meniň merhum hatynymyň doganlary» diýip hatyralarmyka? Hatynyny
hatyralamadyk är onuň dogan-garyndaşynyny-da hatyralamaz. Meniň çiltenlerimiň güni nähili bolarka?
Olaryň güni kyn-a bolar...»
Togrul gadyr bilenok!
Altynjan bolmasa, ol nähili ýaşar?
Ony öldürerler.
Altynjan bolmasa, ony uzak ýaşatmazlar: Sadyk tetelliler ýeke däldirler.
Haremiň daşarsynda kimdir biriniň ardynjyramasy eşidildi.
Begmikä?
Daşardaky ardynjyran kişi Togrul begiň gelýändigini habar berýän bolaýmasyn?! Ýok, begiň gelýändigi
üç gezek ýuwaşja ardynjyramak bilen habar berilýär.
Daşardaky kişi iki gezek ardynjyrady.
Iki gezek ardynjyramak – bu Altynjanyň daşaryk çykmalydygynyň alamaty. Altynjan çykmalydygyny bilsede, gurt bolup ýatyrdy.
Altynjan oňa üns bermedi, ýatan ýerinden gozganmadam.
Daşardaky kişi zol-zol ardynjyrady.
Barybir, Altynjan daşaryk çykmady.
Gapy açyldy.
Altynjan göwünli-göwünsiz gapa seretdi.
– Altynjan!
Altynjan Kabyly gözleri bilen dalady:
– Nä ýüzüňe geldiň?
– Ýüzüme näme bolupdyr meniň?
– Utançsyz!..
– Sen hakykatdan hem ýalňyşdyň, Altynjan. Sen hiç bir zadyň aňrysyna seretjek bolmaýarsyň. Sen
mydama gyssanmaç. Batman bilen Tahyr neresseleri-de nähak öldüripdiň. Bu gün bolsa askudary nähak
öldürdiň.
– Gözüme görünme!
– Saňa beglerbegi garaşýar!
– Näme?
– Togrul beg seni puta 5 çagyrýar!
Daşişikden Togrul begiň sesi eşidildi.
– Altynjan, bärik gel!
Altynjan ep-esli salymdan soň daşaryk çykdy.
Togrul beg putadan iki-üç arşyn çemesi ara daşlykda durdy. Ol duran ýerinden puta bilen aralygy
ädimläp ölçemäge başlady. On-on bäş ädim ädip saklandy.
– Altynjan, hälki hanjar atyşyň şindem göz atuwymdan aýrylanok. Şol ussatlygyňy ýene görkez maňa.
– Hökümdarym, ýaşkak işimiz puta oýnamakdy. Nyşana atmakda Zamahşarda meniň öňüme geçip
bilýän ýokdy. Altynjan hem menden köp zat öwrenipdi şonda – diýip, Kabyl göçgünli gürledi.
Ol ýene köp zatlary aýtjakdy welin, Anuşirwan gürleme diýen terzde onuň böwrüne hürsekledi. Soňam
howlukmaç gürledi:
– Nyşana urmakda, begim, size taý geljek ýok. Men siziň ussatlyklaryňyzy darkaşlarda görüp ýörün
ahyryn.
– Dogry, darkaşlarda görüp ýörüs.
Açyk meýdanda dikilen agaçdan nyşana urmak – puta üçin palawkädi asylypdyr.
Bir haşym begiň duran ýerine kiçeňräk sandyk getirdi. Sandygyň içi durşuna hanjardy.
Beg wezir-wekilleri Abylkasym Buýany, Ahmet Dehistany, Ýusup Bazyrgany, Dürnazar, Peýkam,
Bekdaş, Şirpenje Tabgaç, Magmarany, Mübärek, Ýyldyrym Sebzewar dagy bilen durdy.
Emir Uhjury, Kabyl hem Anuşirwan dagy bolsa, bir ýerde durman iki ýana gaýmalaýardy. Olar begiň
hoşuna gelmäge çalyşýardylar.
Togrul beg Altynjan gelensoň haşymyň saklap duran sandygyndan her eline bir hanjary aldy-da, olary
ýeke-ýekeden puta – palawkädä atdy.
Iki hanjar palawkädä biri-birine ýanaşyk çümdi.
– Aperin! Aperin! – diýip, Anuşirwan ibn Tümen gygyrdy.
Togrul beg ýylgyrjaklap Altynjana ýüzlendi:
– Ýaňy aňk etdiň, başarnygyňy, hany, ýene görkez, Altynjan!
Altynjana begiň bolşy – sözleri gaty düşnüksizdi. Togrul beg hakykaty bilýär. Bilmeýän bolsa: «Hälki
hanjar atyşyň şindem göz atuwymdan aýrylanok», «Ýaňy aňk etdiň, başarnygyňy, hany, ýene görkez»
diýmez?! Rast, ökdelik görkezilip, aňk edilen bolsa, şol wagt minnetdarlyk bildiräýmeli eken-dä! Begiň bu
sözleri Altynjana belli bir derejede teselli beren-de bolsa, ony doly kanagatlandyrmady, rahatlandyrmady. Ol
özüniň aşa ökdeligini Togrul begiň gözüne bazyrdadyp basmak isledi: şu isleg bilen ýuwaşja ýöräp, elinde
içi hanjarly sandyk saklap duran haşymyň ýanyna bardy, hanjarlary ýeke-ýekeden saldarlap gördi.
Altynjanyň aňynda bu mahal diňe bir pikir hökümdarlyk edýärdi. Ol hem Togrul bege göz görkezmek
pikiridi, tyg zyňmakda özüniň begden ökdedigini aýan etmek isleýärdi, elbetde, hökümdardan ökdedigiňi
görkezjek bolmagyň öz betbagtlygyňa bakan ädim ätmekdigi hakda Hajar hatyn, gör, näçe gezekler oňa
janygyp-janygyp aýdypdy. Barybir, bu mahal özüniň ýöne-möne hatyn däldigini, hut öz ärinden ökdedigini
her edip-hesip edip görene göz etmek hyjuwy öwç alyp, öz erkine goýanokdy. «Eger ökdeligim meniň
etmişim bolýan bolsa, goý, meni soňundan öldüräýsin, ýöne özümiň ökdedigimi subut etmäge pursat
döredeni üçin, men ondan minnetdar bolmaly. Men häzir maksadyma ýeterin. Özümiň ondan ökdedigimi
subut ederin. Soň ölerin. Herhal, men maksadyma ýetip ölerin. Maksadyňa ýetip ölmek – bu Allatagalanyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 24
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.