Latin

Altynjan hatyn - 03

Total number of words is 3775
Total number of unique words is 2090
31.2 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
51.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Dogrusy, ony on alty ýaşynda öýeripdiler, ýöne alan gelni ilkinji gije ölüpdi. Şondan bir ýyldan soň ol ýene
öýlenipdi. Ikinji gelni hem ilkinji nika gijesinde ölüpdi, munuň hikmeti ähli kişä aýandy.
Şonda oňa: «Saňa öýlenmek, şöhwete girmek bolmaýar» diýipdiler. Mansur janygypdy: «Allatagala uly zat
beribem, kiçi zat beribem, asyl bermänem adamy betbagt edip biljek eken-ow».
Ana, şondan soň Mansur terkidünýälige ýüz urupdy. Ýogsam özüne berlen miras ýere-göge syganokdy.
Onuň öz obasyna barasy gelenokdy. Sebäbi obasyna barsa, köpler ony göz astyndan synlamak synlap, hyşywyşa başlaýardylar. Şeýle bolansoň, ol Zamahşarda dünýäni unudyp işlänini gowy görýärdi.
Mansur Zamahşarda üçünji gezegem bagtyny synap görüpdi, asyl daýaw, uly göwreli bir aýal Mansura
äre çykmaga höwes bildiripdi, özem öň birinji gije iki aýalyň ölendigini eşidenden soň. «Men ähli zada döz
gelerin» diýdi, Mansuryň gürrüňine ynanmadyk bolarly ol, höwesjeň gelniň göwresiniň ululygyna bil baglan
bolmagy-da mümkin. Mansur seresap bolmagy ýüregine düwdi. Ähli zady ätiýaçly başlady, ýöne, barybir,
bolmady, hyjuw hyňzap, öwç möwje gelende hatynyň öljegi, seresap bolmak hakdaky özüne eden ähdiň
ýadyňa düşmez eken...
Galadakylara hakykaty aýtmakdan saklandylar, «Gelni gije gara möý çakypdyr» diýdiler.
Mansur şondan soň öýlenmekden Allatarapyn mahrumdygyna boýun sundy.
Onuň durmuşdan alýan ýeke-täk lezzeti awdy. Ol elguşly awa gidip, awlan sülgünleriniň gyzgyn
ganyny joralandyryp içip, hezil edýärdi.
Galada öýlenmekden, hatyn bilen şöhwetde bolmakdan kes-kelläm boýun gaçyrýan ýene bir kişi bardy.
Ol atabeg Omardy. Elli-elli bäş ýaşlaryndaky köseleç Omaryň bar bileni-biteni bilimdi hem ylymdy.
Omar uzynak boýly, eti-gany ýetik kişidi. Ýüzi mähirlidi, gürlände ýuwaş gürleýärdi. Onuň gaharlanan
çagyny gören adam ýokdy. Ol boýdy, ýigit çykyp ýeke gezegem zenan ysyny ysgap görmändi, öýlenmändi.
Altynjanyň on sekiz ýaşly akgyzy Uzperi Omara magşuk bolupdy.
Uzperi Omaryň kirini ýuwup, çägini çatýardy, otagyny süpürýärdi, çagalara sapak geçende daş işikde
oturyp, ony synlaýardy, gürrüňini diňleýärdi. Omar sypaýy kişi bolansoň, Uzperi bilen gaty mylaýym
gürleşýärdi. Olar däli porhan bolup, biri-birlerini söýdüler. Emir Uzperini Omara alyp bermäge, toý etmäge
döwtalapdy, ýöne Omar öýlenmek islemedi: «Atabegleriň ata-baba gelýän däbine ysnat getirmäýin. Atabeg
ömrüni sallahlykda geçirmeli, menem ömrümi sallahlykda geçireýin» diýip, ol özüne ýowuz çemeleşdi.
Herhal, ol Uzperini görende süňňüni saklap bilenokdy, ony bagryna basasy, hyjuwyny egsesi gelýärdi. Ol birki
gezek özüne erk edip bilmän, Uzperini bagryna basypdy hem. Altynjan hem öz akgyzynyň Omara durmuşa
çykarylmagyny isleýärdi, atabegden toý tutmagy towakga ederdi.
Bir gün Omar Uzperi barada emiriň dergähine ýörite bardy: Uzperi ikisiniň bir howluda ýaşamaklarynyň
mundan beýläk mümkin däldigini, çünki ol gyzy görüp dursa, hyjuwyna erk etmegiň özüne juda agyr düşýändigini,
şonuň üçin ýa özüniň ýa-da Uzperiniň şu howludan gitmeginiň hökmandygyny aýtdy. Abdylmälik hernäçe
islemese-de, gadymdan gelýän türkmen atabeglik mekdebiniň kada-kanunynyň saklanmagynyň hatyrasyna Omaryň
islegini ýakyn günlerde amatly bahana tapyp kanagatlandyrmaga söz berdi.
7.
Altyndaş Abdylmäligi ýanyna çagyryp, ony özüne tümenbaşy belleýändigini, han 20 adyny, gerek wagty
bir tümen goşun jemlemegi üçin Zamahşar sebitini ykta21 berýändigini aýtdy.
Altyndaşyň bu ynamy Abdylmälik emiriň abraýyny sebitde has ýokary göterdi. Ýöne goňşy şäherleriň,
galalaryň häkimleri, emirleri oňa gözügidijilik bilen seredýän-de bolsalar, emir – ol indi Abdylmälik handy!
– öz gününden razy däldi. Sebäbi galada şugul bardy. Ol şugul Abdylmälik hanyň bagtyna boran ýagdyrmak
üçin aşa yhlas edýärdi. Ana, şol şugul hanyň iki aýagyny bir gonja sokýardy, ynha indi on dört ýyl bäri
hernäçe yhlas etse-de, onuň kimdigini anyklap bilenokdy. Altyndaş Ürgençde oturan ýerinden Zamahşar
galasynda bolup geçýän ähli zatlary hanyň özünden takyk bilýärdi.
Emir her üç aýdan öz sebitindäki ýagdaý barada hasabat bermek üçin Altyndaşyň ýanyna baranda,
ondan özi hemem sebitde bolýan wakalar bilen baglanyşykly gürrüňleri eşidip haýranlar galýardy. Özem
Altyndaşa ýetirilýän habarlar dogrudy. Ol gürrüňleriň hemmesini aýdyp soňuna çykar ýaly däldi. Altyndaş
gürläp başlanda emir girere deşik tapanokdy.
Altyndaş Zamahşar sebitinde bolup geçen ähli wakalary jikme-jik bilýärdi. Haýsy obada ogry bar? Ol
ogrular kimler?! Kimiň zady ogurlandy? Kim kimi näme üçin öldürdi? Haýsy emir kim bilen gatnaşýar.
Heýteleden22 Horezmine kim haýsy maksat bilen gelipdir. Bu zatlary Altyndaş gaty takyk bilýärdi. Ol
Abdylmäligiň özi hakda-da köp zatlary bilýärdi. Özem gaty ynamly gürleýärdi:
«Sen gaýynataň Tahyr Afrasýabyň ýanynda: «Soltan Mahmydyň asly gul, onda asyl ýok, asyl»
diýipsiň. Sen gaty ýalňyşýarsyň, Abdylmälik. Soltan Mahmyt seniň bilen ykbaldaş. Ol Gün hanyň ogly
Gaýalardandyr. Gaýa han hakda Oguz hanyň wesýeti bardyr. Ol: «Biziň neberämize Gün han patyşa bolsun.
Onuň yzyndan ogly Gaýa han patyşa bolsun. Gaýa urugyndan han barka Baýat han patyşa bolmasyn, ol diňe
öz boýuna beg bolsun»23 diýendir. Ine, Oguz hanyň şu wesýeti boýunça Mahmyt – soltan. Seniň nesebiň
hem şa nesilşalygyndan, ýöne ol nesilşalyk syndy. Soltan Mahmydyň nesebiniň kysmaty-da edil seniň
nesebiň kysmaty ýaly. Kakasy Söbüktegin öz ogullaryna «Pentnama»24 atly kitap galdyrypdyr. Men ol
«Pentnamany» ençe gezek diňledim. Ine, şol kitap! – Altyndaş daşyna mahmaldan daşlyk edilen kiçeňräk
kitaby Abdylmälige berdi. – Oka, hökman oka! Söbükteginiň kakasynyň adyna Bejkem Barsan diýer
ekenler. Olar türkmenleriň Barshan25 taýpasyndan eken. Barshan barjamly beg eken. Çaga-çugasy köp eken.
Söbüktegin Bejkem Barshanyň üçünji ogly eken. Bejkem awa gidende oba türkmenleriň tahsylar diýilýän
bir taýpasynyň adamlary dökülip, öýleri talap, oba adamlary bilen birlikde Söbüktegini hem ýesir edip alyp
gaýdýarlar. Söbüktegin ýesirlikde dört ýyllap mal bakypdyr. Soň ony Heýtelä eltip satypdyrlar. Söbüktegini
ilki Nasr Çäçi diýen adam satyn alypdyr. Soň ony emir Alptegin satyn alypdyr. Alpteginiň ýanynda-da
Söbüktegin uly sylag-derejä ýetdi. Onuň başdan geçiren günlerini diňläňde nebsiň agyrýar. Onuň ykbaly
bilen deňeşdireniňde, herhal, seniňki ganymat. Ullakan gala emirlik edip otyrsyň. Hiç kim seni gul edip
bazara salmady. Gün kowumyndan, şa hanedanlygyndan bolanyň üçin soltan seni, biler bolsaň, hatyralady.
Saňa hoş sözlerini gaýgyrmady».
«Jürjaniýanyň baş bazarynda halwa satýan Derýa Bahramgulyny garyp düşürmek, jüt galdyrmak üçin
gawşfinjli hem buruntakly iki sany halwaçy bilen agyz birikdirip, halwalaryňy arzan bahadan satyp başlapsyňyz.
Birine bilkastlaýyn ýamanlyk etmek ýaramaz häsiýet. Derýa Bahramguly diýen halwaçyny men tanamaýaryn,
ýöne şoňa ýamanlyk etjek bolmagyňyzy unamaýaryn».
«Altynjan atly gyzyňa: «Ýaňra bolma!» diý. «Seni Altyndaş emire äre bermeli» diýilse, seniň gyzyň:
«Gul soltan bolsa-da – guldur. Gul gelip aýagymy öpse-de, şa nesebime çirk ýetirtmerin. Ondan-a abdal
bezirgenine hatyn bolanym hem müň esse gowy bolar» diýýärmiş. Meniň aslym gul däl. Men hem edil siz ýaly
akgunlardan. Men begzada nesebindendirin. Atam Balh şäheriniň marzbanydy, ýöne sasan şasy bolgusyz bir
bahana sebäpli – ol bahananyň nämedigini men saňa doly aýdyp oturmaýyn – atamy zyndana atdy, gul bolup
ýaşamak belasyndan meni kyblagähim, iki jahan serwerim, beýik soltan Mahmyt ibn Söbüktegin halas etdi.
Men ömrümiň ahyryna çenli halasgärime mutyglygymy, sadyklygymy birjik-de kemmerin. Beýik
Perwerdigär, goý, soltan Mahmydy öz penasynda hamdu-senalykda saklasyn!».
«Çagalaryňa üç dili öwredýärsiň, näme, şalyk özüme dolanaýar öýdýärsiňmi? Bil, uly bagtlar hiç wagt
yzyna dolanýan däldir, diňe kiçi bagtlar dolanýandyr».
«Dört tirkeşleriň ikinji aýynyň bäşinde Käs şäheriniň häkimi Gazanpar bilen bagyň içinde günortandan
namazşama çenli ikiçäk gürrüň edipsiň, kimdir biri ýanyňyza barjak bolsa, biçak gaharlanypsyň, kowupsyň.
«Ýanymyza hiç kim gelmesin!» diýipsiň, näme, gürrüňiňiz şeýle pynhanmydy?»
«Şadranç diýen müňbaşyňy beýleki müňbaşylaryňdan gowy görmegiň sebäbi näme? Onuň bilen ogryn
gürrüňleri köp edýärsiň, ony nirädir bir ýere iberýärsiň. Men onuň haýsy obadan näçe paç alandygyny,
haýsy galalaryň emirleriniň üstüne azgyrylandygyny bilýändirin. Şadranç diýen müňbaşyňa aýt, indi Mätel
raýisiň, Dogan raýisiň obalaryna barmasyn!»
«Görýän welin, seniň gyzyň burnuna ýel düşen bolmaly, ol Altyndaşyň ähli atly goşunyny bir ýana, aty
bilen özüni bir ýana hasaplaýarmyş. Ýa, Abdylmälik, seniň gyzyň at üstünde gylyçlaşmaga şeýle ökdemi?
Gyzyň hakykaty aýdýan bolsa, onda ony atly goşunyma hyýlbaşy edip gulluga alaýyn. Ha-ha-ha!»
Diňe bir emir Altyndaş däl, onuň umury istihbarat sahyby26 hem birnäçe gezek Abdylmälik hana, esasan,
Altynjan babatda duýduryş beripdi. Olar Altynjanyň üç gyzy, iki oglany urup, olara şikes ýetirendigini, urlanlaryň
hossarlarynyň bir gije garaňkylykdan peýdalanyp, Altynjany özünden gidýänçä urandyklaryny bilýärdiler.
Altyndaşyň hem sahybyň sözleri Abdylmälik hanyň dünýäsini lerzana salypdy. Indi han gürlemäge
gorkýardy, nämedir bir iş etmäge gorkýardy. Gijelerine gözüne uky gelmeýärdi. Hana, onuň içki harasadyny
aňan Hajar hatyn adamsynyň gatap, daşa dönen ýeňsedamaryny ýumşatmak, göwnüne giňlik bermek üçin
birki gije bäri şebistanyna27 gelýär...
8.
Ýazda emire soltan Mahmydyň buýrugy geldi: han bir tümen goşun bilen Nyşapura barmaly, ähli
welaýatlaryň goşunlary hem şol ýere barar, şol ýerden Hindistana jihada ugralar.
Abdylmälik tä gyşa çenli şugulçynyň azaryndan azat boljakdygyna begendi. Elbetde, bu çykalga däl, ýöne
ýaman öz pälinden tapýar, ol uzak gitmeýär. Gyşa çenli pälinden tapar. Abdylmälik han şu pikir bilen bir
tümen goşun jemläp, Nyşapura, ol ýerden hem Hindistana sary jihada ugrady. Zamahşary dolandyrmagy bolsa
Mansur müňküre ynandy.
Adam bende başyna düşen kysmatdan käte gaçyp gutuljak bolýar. Uzak bir ýere gitse, üns bermese,
göwnüne, başyna düşen iş öz-özünden aýrylaýjak-galaýjak ýaly duýulýar, ýöne sakyrtga ýapyşan ýerinden
aýrylýar, başyňa düşen kysmat welin aýrylmaýar.
Şol işi özüň düzedäýmeseň, Alla-da düzedenok.
Özüň düzedip bileňokmy, diýmek, saňa başga kysmat garaşýar.
Abdylmälik emir ähli zatdan beter durmuşynda şowsuzlygyň gopmagyndan gorkýardy...
Kakasy Bugrajyk Abdalyň aýylganç kysmaty, onuň gözgyny halda ýatyşy şol wagt sekiz ýaşynda bolan
Abdylmäligiň aňynda gorky bolup galypdyr. Şol gorky onuň aňyndan aýrylmaýardy. Gaýtam, adaty
bolmadyk herki zat onda gorky döredýärdi. Göwnüne bolmasa, ýakyn günleriň birinde özi, çagalary,
hyzmatyndakylar öldüriläýjek, galasy otlanylaýjak ýaly duýulýardy.
Onuň häsiýetindäki gaharjaňlygy şol gorkusy sebäplidi.
9.
Abdylmäligiň ilkinji iki çagasy öli doguldy. Sadylla onuň üçünji çagasydy. Sadyllanyň gözi çyrçykdan
açylmady, ol beden taýdan sagdyn bolsa-da, biraz myllykdy. Oturan ýeri özüniňkidi. Abdylmälik ogluna din
ugrundan sowat öwretmegi ýüregine düwdi. Din hadymy bolmak üçin güýç gerek däl.
Altynjan welin sagat ösdi. Ýedi aýlykka ýöräp ugran-da bolsa, giç dil çykardy. Daýysy Tümen ýaly galjaň hem
urşagan boldy.
Abdylmälik gyzynyň urşaganlygyna, dogrusy, guwandy. Ýaňy alty ýaşy dolanda oňa kiçeňräk gylyç ýasadyp
berdi, nädip gylyçlaşmalydygynyň tilsimlerini görkezdi, uzak wagtlap gylyçlaşdy.
Altynjan agasy Sadyllanyň eşigini geýdi, özüniň gyzdygyny adamlardan ýaşyrmaga çalyşdy. Altynjanyň
agasy Sadyllanyň eşigini geýmegini görenler geňlediler, oňlamadylar. Käbir kişiler-ä göni aýtdy: «Emir, sen
gyzyňa söweş tälimlerini öwretme. Gyz maşgalanyň orny gazan-çanagyň ýanyndadyr». Emir güldi: «Gyzyma öz
siňegini goramagy öwredýärin. Munda näme aýyp bar?! Kämillik ýaşyna ýeter welin, ana, şonda: «Eliňe gylyç
al!» diýseňem almaz, ejap eder. Oňa çenli, goý, bekesin».
Abdylmälik Altynjana ogryn wesýet bererdi: «Gyzym, oglanlaryň haýsysy aýdanyňy etmese, göni
urgun! Özem uraňda gazap bilen urgun! Goý, ikinji gezek seni görende gorkudan ýaňa titresin. Bir zat
aýtsaň, dessine ýerine ýetirsin. Hiç zatdan gorkmagyn. Gorky erbet zatdyr, ol adamy göýdük edýändir».
Altynjan kakasynyň pendini ýerine ýetirmäge çalyşýardy.
Ol gaýratlydy, hyjuwlydy. Bir ýerde uzak durasy gelenokdy. Onuň bolşy gyz maşgalanyňka
meňzänokdy, ot ýalydy. Ýörjen-ýörjenlikde, gör, näçe gezek ýykyldy. Bir ýeri ganap dursa-da,
aglamalydyr hem öýtmedi ol. Özem gaty urşagan, urmagy gowy görýär. Özünden ep-esli uly çagalaram
derrew urup agladýar. Üç-dört ýaşynda ondan elheder edip ugradylar.
Altynjan öz deň-duş oglanlary bilen göreş tutup, olary uçdantutma ýykýardy. Özünden güýçlüräkleri
bolsa urup agladýardy. Onuň bu bolşuna Abdylmälik heziller edýärdi, gyzynyň öz deň-duşlaryny
urmasyndan lezzet alýardy.
Abdylmälik emiriň hasaby boýunça on iki-on üç ýaşa ýetende Altynjan çaga kakabaşlygyny
goýmalydy. Ýöne ol on üç ýaşda-da, on dört ýaşda-da kakabaşlygyny goýmady, gyz eşigini geýmelidigi
hakda aýdylsa, utanyp, dym-gyzyl bolýardy. Bir gün ertir Abdylmälik han agasynyň eşigini geýen Altynjana
«Öz eşigiňi geý! Sadyllanyň eşigini alan ýeriňde goý!» diýip azgyrylanda, gyzyň uzynly gün aglap
oturanyny gördi. Iki günden soň, görse, Altynjan şol öňki oturan ýerinde şindem aglap otyr. Ony ejesem,
doganlaram köşeşdirip bilmedi. Ana, şondan soň Abdylmälik han hötjet gyzyna ýagşydan-ýamandan
käýemesini goýdy. Näme aýtmak islese, Altynjanyň ejesine aýtdy. Gyzynyň özünden öýkeläp iki günläp
aglamasyny Abdylmälik han hiç akylyna sygdyryp bilmedi. Ol gyzynyň bäş ýaşyndaka Arsahuşmisen
bazarynda kellesi kesilen aýalyň saçlaryny ýylana meňzetmesini-de akylyna sygdyryp bilmändi.
Han ogullaryndan arkaýyndy, gyzynyň täleýi welin ony howsala saldy. Bu howsalasyny hiç kime
aýdyp-da bilmedi. Göwnüne bolmasa, Altynjan hiç kimsäniň akylyna sygmajak bir ýowuz etmiş
edäýjek ýalydy. Han, ana, şol ediljek ýowuz etmişden juda gorkýardy.
10.
Geçen ýyla çenli Abdylmäligiň öýünde üç atabeg bardy. Üç atabegiň hersi emiriň çagalaryna bir dili –
arap, pars hem ýunan dillerini öwredipdi, olaryň üçüsem üç dili suwara bilýärdiler. Atabegleriň sahyby
Omar emiriň çagalaryny arap dilinden okadypdy. Atabegler bilen baglanyşykly mesele ýüze çyksa, emir
diňe Omardan soraýardy.
Geçen ýyl emir atabegleriniň Omardan özgesini Altyndaşyň islegi boýunça köşge ugradypdy. Emiriň
Omary öýünde alyp galmasynyň sebäbi bir ýa ikiden köpdi. Omar indi diňe bir emiriň çagalarynyň atabegi
däl-de, nedimidi28 hem. Ol emiriň-de nedimidi. Ol emiriň hajybydy, Mansuryň kömekçisidi. Emiriň islegi
boýunça Omar atabeg Sadylla dagy bilen bir hepde ýunan dilinde gürleşse, soňky hepde arap dilinde
gürleşýärdi, ondan soňky hepde bolsa pars dilinde gürleşýärdi. Emiriň çagalary, atabeg berk talap edensoň,
öz aralarynda-da başga dilde gürleşýärdiler. Olaryň başga dilde gürleşmelerinden käteler Hajar hatyn,
gapydan Mansur kösenmek kösenýärdiler.
Abdylmälik emir çagalaryna begzada terbiýesini29 berýärdi, şa çagalary ýaly okadýardy, şa çagalary
ýaly hiç bir zadyny kem etmän iýdirip-içirýärdi, geýindirýärdi. Üns bermeýän ýaly bolup ýörse-de, Omar
atabegden her gün çagalary hakda hasabat alýardy. Ol çagalarynyň erkin ulalmaklary, döwrüň pähimdar, baý
adamlary bolup ýetişmekleri üçin yhlas edýärdi. Olaryň sowatly bolmaklary üçin puluny-da, wagtyny-da,
gaýratyny-da gaýgyrmaýardy. Uly ogly Sadyllany Arsahuşmisen şäheriniň medreseleriniň birine okuwa
ýerleşdirmek emire o diýen müşgil däldi, ýöne ony Jürjaniýa äkidip, iň atly medreseleriň birine fykh 30
ugrundan okuwa ýerleşdirdi. Her gezek Altyndaşyň ýanyna hasabata baranda Abdylmälik bir gije ogly
Sadyllanyň ýanynda bolardy.
Abdylmälik han käteler çagalaryny daşyna üýşürip, olara öwüt-ündew geçýärdi. Onuň öwüt-ündewi,
köplenç, batyrlyk hakda bolýardy:
– Hiç zatdan gorkmaly däl. Batyr bolmaly! Gorkaklyk – göýdüklik, batyrlyk – myradyňa ýetmek! Men
hiç zatdan gorkmaýaryn, siz hem meniň ýaly batyr boluň! Gorkaklyk biziň neberämize ýatdyr!
11.
Emiriň on üç-on dört ýaşlaryndaky Altynjan atly gyzy hakdaky gürrüňler, çynaberimsiz, badyhowa
rowaýatlar il içinde aýsaýyn möwç alýardy. Özüne göwni ýetýän goç ýigitler Altynjanyň sahypjemalyny
görmek üçin ýöriteläp Zamahşara gelýärdi.
Altynjan hakdaky rowaýatlar dürli-dürlüdi. Olarda emiriň gyzy özüne imrindirijiligi bilen men-men
diýen ýigitleriň agzyna siňek gondurýardy. Ol rowaýatlaryň galabasy Altynjanyň owadanlygy hakda däl de, onuň taýsyz batyrlygy, güýjüniň deňsiz-taýsyzlygy, şemşerli31 söweşmäge ussatlygy, dünýäniň ýetmiş
iki diline suwaralygy hakyndady. Söwdada aldanan käbir adamlaryň haklaryny kezzap täjirlerden yzyna
alyp berendigi, nähak ezilenlere howandar çykandygy, Yspyhan, Merw, Bagdat ýaly uly-uly şäherlere
uçup gidip, günin dolanyp gelip bilýändigi hakda bir görseň ertekä çalym edýän rowaýatlary adamlar
rawydyr bagşy diňlän ýaly bolup diňlärdiler. Şol rowaýatlary diňlän ýaş ýigitlerde gudratly hem owadan
Altynjan atly gyzyň didaryny birje ýola görmek sapasy döreýärdi.
Ol gyzy nädip duluňa geçirip bolar? Duluňa geçirmek üçin, belki, Abdylmälik hanyň, belki-de Altynjan
gyzyň şerti bardyr?! Nähili şert bolsa-da, bagtyny synaga salmaga töwekgel ýigitler bardy.
Altynjan özi hakdaky waspa mynasyp sahypjemal gyzdy. Belki, bir ýerlerde Altynjan ýaly görkgörmekli gyz barsa bardyr, ýöne onuňky ýaly sustuňy basyjy peýkerdir keşmer hiç gyzda ýok bolsa gerek.
Altynjanda bir artykmaçlyk bardy. Ol artykmaç­lyk onuň peýkerindedi, jadyly ala gözlerindedi. Onda
sustuňy basyjy bakyş bardy. Özem ol bakyşda ulamalaryň pähim-parasady, hökümdarlaryň hökümdarlygy
bardy. Seni etmişiň üçin ýazgarýan atabegiň nägileligi, merdana gahrymanyň buýsanjy bardy. Altynjan bu
panyýa hatyn bolup ýaşamak üçin däl-de, äleme hökümdarlyk etmek üçin inen ýalydy.
Altynjanyň ýüz keşbinde haýbatly hökümdarlyk keşmeri on iki-on üç ýaşda has äşgär duýuldy. Onuň
mähir-muhabbetli ala hem talapkär gözleriniň, haýbatly hökümdarlyk keşmeriniň öňünde erkek kişi bolup
durmak aňsat däldi.
– Wa daryg-a, wala32, Hudaýtagala weledanlaryny33 ymgyr ileri tutýar: özüniň bir erkegi üçin şeýle
owadan gyzy dünýä inderipdir. Bu hüýrjemal gyzy erkek kişä dözer ýaly däl-ä. Eliňi degirmäge dözer ýaly
däl, ýöne seredip oturmaly perizat bu – diýip, Gülýüzli atly akgyz34 käteler Altynjana bakyp ah urardy. – Wa
weýleta, seniň diňe ýörişiňi kyrk gyza çalyşjak däl-ä men.
– Arkaýyn bolaý, men äre çykmaryn.
– Wa daryg-a, wala, men ýigit bolan bolsam-a bökerdim üstüňe, «Ýa meniň hatynym bol, ýa al meniň
janymy harladyp» diýip – diýip, akgyz odanardy.
Hakykatdanam, Altynjana seretseň, Allatagalanyň erkek kişileri biçak eziz görýändigini duýýardyň. Onuň akýagyz
ýüzi buldurap durdy. Ol ýüz biçak terdi, biçak owadandy. Çalaja ýylgyranda çep ýaňagynda emele gelýän çukanajyk
oňa hasam owadanlyk berýärdi. Akgyz bu çukanajygy weledanlary bendiwan etmek üçin Haktagalanyň guran gapany
hasaplaýardy.
12.
Howlynyň çep tarapyndaky göz-göz otagly haremhananyň birinji otagynda Altynjanyň akgyzy Gülýüzli,
ikinji otagda bolsa Altynjanyň özi bolýardy, üçünji otag Altynjanyň ejesi Hajar hatynyňkydy. Altynjanyň
şebistany uludy, ýagtydy. Ýere dört-bäş gat haly düşelgidi. Işikden gireniňdäki çep diwarda keşdeli sandyklar
hataran goýlupdy. Ol sandyklar mundan bir aý öňem sekiz sanydy. Häzir olaryň sany on dörde ýetipdir. Sebäp,
geýim-gejimleri, goş-golamlary sekiz sandyga sygmandan soň, Altynjanyň kakasynyň buýrugy bilen gowy agaç
sandyklary ýasamakda Horezminde at alan netjar Haýdara alty sany sandyk ýasadypdy.
Şebistanyň töründe ini alty, boýy on iki zirag bolan sypa ýerleşýärdi, ol ýerden bir zirag çemesi
ýokarydy. Her hili reňkdäki atlaz matadan edilen ýorgan-ýassyklar içerä özboluşly gelşik berýärdi. Sypanyň
çar ýanyndan petige berkidilen, aňrysy görnüp duran ýukajyk ak kumaş asylgydy. Altynjan üç-dört ýyl bäri
şu sypada ýatýardy.
Ol säherhyzdy, her agşam irgözin düşegine geçýärdi. Aladaňdandan soň asyl gözüne uky gelmeýärdi.
Şeýle bolansoň, ol köplenç ýuwaşlyk bilen baryp, ejesiniň ýorganyna girýärdi. Her hili gürrüňler bilen, her
ýerinden hürsekläp, ejesini ukudan oýarýardy.
Altynjan jahan çala ýagtylyp-ýagtylmanka kakasy ýaly aýak üstünde bolmagy gowy görýärdi. Akgyz sabada
gymyz sagyp, gyzgynja gymyzdan bir şakäsäni dolduryp Altynjana getirip bererdi. Melikesiniň ýanynda oturyp,
onuň gymyzy içip bolaryna garaşýardy. Şondan soň Gülýüzli Altynjanyň owsun atýan saçyny darardy.
Altynjan şadyýan gyzdy. Degişmegi-gülüşmegi gowy görýärdi. Ol mydama akgyzyna «Köp
gürleýärsiň» diýip igense-de, ol gürlemese içi gysardy.
Oguzlaryň begzada nebereleriniň gyzlaryna öwredilýän zenan edepleri bardy. Onda gysgajyk ädimler
bilen keýik deýin keýerjekläp ýöremek, näzik, inçe ses bilen gürlemek, mylaýym, guş dili bilen erkek
kişileriň ýüreklerini gobsundyrmagy başarmak öwredilýärdi. Erkek kişilere haýsy sözleriň hoş ýakýandygy,
olar bilen gürleşilende haýsy sözleri aýtmalydygy-da öwredilýärdi. Altynjan «Oguz begzadalarynyň
gyzlarynyň edebi» atlandyrylýan sapagy diňlemekden kes-kelläm ýüz öwürýärdi. «Men weledanlara
ýaranmak üçin ýörişimem, gürleýşimem üýtgetjek däl. Weledanlaryň gowy görýän sözlerinem öwrenjek däl.
Goý, olar maňa hoş ýakjak sözleri, edepleri öwrensinler. Men diňe söweş tilsimlerini, göreş tilsimlerini
öwrenjek. Hanjary nyşana atmagy öwrenjek» diýip tekepbirlik etdi.
Abdylmälik emir gyzynyň bu batyrlygyny, tekepbirligini gowulyga ýorup, onuň bilen öz ýanyndan
ylalaşdy, ýöne sesini çykarmaýardy.
Altynjan köp wagty atabegiň ýanynda geçirdi. Ondan ylym-bilim öwrenmäge çalyşdy. Atabeg başda
Altynjana ylym-bilim, daşary ýurt dillerini öwretjek bolup köp jan çekmedi, onuň bar aladasy Habyl bilen
Kabyldy. Altynjan ejesine arz etdi, soň Mansura arz etdi. Barybir, atabeg öňki bolşuny o diýen bir
üýtgetmedi. Şeýle bolansoň Altynjan atabege garşy uruş yglan etdi: gije baryp, onuň ýatan düşegine bir
küýze suw döküp gaýtdy, köwşüniň bir taýyny gürüm-jürüm etdi, onuň iýmeli naharyna ogrynça kä
galampyr, kä zäk atdy. Atabegiň eden «bolgusyzlyklary» köpeldi: ol bişip duran gazany düňderip gaç­ýar.
Teblehanadaky atlary çykaryp goýberýär. Bagyň dowçalaryny ýygyp, elguşlaryň öňüne dökýär. Abdylmälik
hanyň gowy görýän hytaý çäýnekleriniň ýigrimi sanysyny döwüp, dalana zyňypdyr. Ähli bolgusyzlyklary
eden Omar atabeg. Onuň edendigi hakykat, çünki ony Altynjan görüpdir. Diňe Altynjan däl, Altynjanyň
kenizem görüpdir. Habylam, Kabylam görüpdir. Gören kän. Altynjan yzyna birtopar oglan-gyz tirkäp
getirýär. Olaram hakyt görüpdirler. Atabegiň «bolgusyzlygy» nädip edendigine, nädip durandygyna, soň
haýsy tarapa gidendigine çenli takyk aýdyp otyr olar. Gören adam takyk biler-dä!
Biri hötjet bolsa, Omar hötjetdi. Üç dili hem hötjetliginiň hasabyna öwrenipdi. Ýöne onuň hötjetligi
Altynjanyň hötjetliginiň ýanynda gara şaýa-da degmeýän bolsa nätjek! Hötjetliginiň ýol almajagyny bildi
görgüli. Onsoň Altynjan bir zat sorasa, islese-islemese, jogap bermeli boldy. Özem jogap bereniň bilenem
bolaýanok, Altynjanyň göwnünden turmaly. Garasaý, Altynjan doganlaryndan öňe omzady. Kabyl bilen
Habyl atabegiň Altynjana sapak geçişine öwelişip seredip oturdylar. Meýdanda serkerdelik hem söweş
tälimleri öwrenilende-de Altynjan doganlaryndan öňe düşdi.
Doganlarynyň hiç birisiniň hem Altynjan bilen dawa edesi gelenokdy. Sebäp Altynjan sähel zat üçin
gyzylýumruga girmegi hiç zatça görenokdy. Doganlarynyň içinde Altynjandan almytyny almadygy-da ýokdy.
Asyl, uranda agyrar, yzy erbet bolar diýen pikir ýok onda. Ata-baba köýüp ýatan ary bar ýaly, bar güýjüni jemläp,
şeýle bir hykyldadýardy welin, ýumrugy degen ýerini böwsüp aňrysyna geçäýjek-geçäýjek bolýardy. Hudaý
saklasyn! Iň gowusy, onuň gaharyny getirmezlik!
Altynjanyň gaharjaňlygy, gyzmalygy kakasynyňka meňzeýärdi. Abdylmälik han hem sähel zat üçin
gaharlanyp, gör, näçe gezekler Hajar hatyny urdy! Gör, näçe gezekler ogullary Sadyllany, Kabyly, Habyly
urdy! Han uransoň, olar bir hepdeläp, käteler ondanam köp wagtlap ýerlerinden galyp bilmän ýatardylar.
Altynjan hem edil kakasy ýaly rehimsizdi. Ol on iki ýaşynyň içinde zamahşarly üç sany gyzyň, iki sany
oglanyň käsiniň elini, käsiniň aýagyny döwdi, käsiniň ýüzünde tyg yzyny galdyrdy. Olary näme üçin şikes salyp
urandygy hakda kakasy gyssap soranda, Altynjan anyk jogap bermedi. Şeýle-de bolsa, han gyzynyň biçak gaharyny
getiren syryň nämedigini çak edýärdi hemem gyzyny öz ýanyndan oňlaýardy. Hut şonuň üçin ol gyzyna käýejek
hem bolmandy.
Altynjan üç gyz bilen iki oglana şikes salyp urandygy üçin birjigem ökünmeýärdi, gaýtam, özüni
geçirimlilik eden hasaplaýardy. «Ikinji gezegem şol sözleri aýtsalar, onda men olary hökman öldürerin»
diýip, ol gazaplanýardy.
13.
Altynjan eden işi üçin özüne kast ediler öýtmändi. Sebäbi ähli kişini ol kakasyna garaşly hasap edýärdi.
Galadaky ähli ýaşaýjylara Altynjanyň kakasy tötek berýär. Eger tötek, ýegesi bermese, olar aç öler.
Olary iýdirip-içirip ýören adamyň gadyryny bilmeli! Abdylmälik hana hormat-gadyr goýmaly. Çagama
şikes ýetdi diýip ar aljak bolmaly däl!
Haýp, Altynjanyň pikir edişi ýaly bolmady.
Alagaraňky gijeleriň birinde Altynjan ýerli oglan-gyzlar bilen daşarda gizlenpeçek oýnap ýördi. Şonda
iki sany gara Altynjanyň üstüne towusdy. Olar onuň çem gelen ýerine urmak urdular.
Iki garanyň ellerinde daş bar eken. Olar Altynjany tä özünden gidýänçä urdular.
Garaňkylykda özünden giden Altynjany agtaryp tapmadylar.
– Altynjan! Altynjan! – diýip, garaňkynyň içinde Habyl bilen Kabyl, Mansur bilen Omar, Babyr bilen
Dowguş ony agtarmak agtardylar.
Jahan ýagtylanda özüne gelen Altynjan:
– Akgyz! Akgy-yz! – diýip gygyrdy.
Mirşepler ylgap geldiler. Derrew Altynjanyň düşen ýagdaýy hakda emire habar berdiler.
Altynjanyň ýagdaýy gaty agyrdy. Ol bir aýlap düşekden galyp bilmän ýatdy. Onuň synalarynda şikes
ýetmedik ýeri ýok diýen ýalydy.
Altynjan ähli şikesleriň içinden çep çekgesiniň üstünden salnan şikese gynanýardy. Onuň özünden
gitmegine-de çep çekgesine daş bilen urulmagy sebäp bolan bolsun gerek.
Tümen daýysynyň beren aýnasy bilen ol zol-zol ýüzüne seredýärdi. Göwnüne bolmasa, ol ýara ömür
aýrylmajak ýalydy.
Abdylmälik emir gyzyny uran adamlaryň kimlerdigini anyk bilmese-de, çak edýärdi.
Ol dawanyň ula ýazmagyndan ätiýaç edip, hiç kime hiç zat diýmedi.
Altynjan welin zol-zol özüne kast edenleriň kimlerdigini anyklamagy Mansurdan talap edýärdi. Naýyp
söz berýärdi, ýöne sözüň yzy gelenokdy.
Altynjan kakasyna ýüzlendi:
– Baba35, meni uranlar kimler?! Näme üçin olar şindem belli däl? Men çak edýän olaryň kimlerdigini!
Aýaga galsam, men olaryň gözlerinde ot ýakaryn!
– Gyzym, hiç kime hiç zat diýme! Bu dünýäde bihasap zat ýok. Her kim edenini görmeli dünýä bu.
Allatagalanyň islegi şeýledir. Senem urduň-a olaryň çagalaryny!..
14.
Altynjanyň ýagşy hulklary köpdi. Iň esasysy, ol öz galasynyň oglan-gyzlaryny goňşy galalaryň,
obalaryň urşagan oglanlaryndan döş gerip goraýardy.
Zamahşaryň oglanlary goňşy galalaryň, obalaryň oglanlary bilen topar-topar bolup urşardy. Ana, şonda
goňşy obanyň, galanyň oglanlary zamahşarly oglanlara gyjyt bererdiler: «Hä, günüňiz şuňa galdymy? Hany,
sizde erkeklik namysy ýokmy? Bir naçaryň arkasyna bukulmaga utanaňzokmy?», «Belki, sizem
heleýsiňiz?!»
Aýratynam galanyň aşak tarapyndaky Buruntak obasynyň oglanlarynyň dili şerebelidi. Şeýle bolansoň,
Altynjan garşydaşlarynyň ünsüni çekmezlik üçin Sadyllanyň eşigini geýmäge mejbur bolýardy.
Oglanlaryň topar-topar bolup uruşmalarynyň yzy tükenmeýärdi. Her aýda iki-üç gezek uruşmaly
bolýardy. Şonda Altynjan kyrk sany zamahşarly oglana baş bolýardy. Olara köplenç çiltenler36 diýerdiler.
Ýumruklaşyp başlananda ol hiç kimseden kem däldi, gaýtam, ähli deňi-duşundan ökdedi. Çünki ol
uruşmagyň tilsimlerini bilýärdi. Onsoňam rehimsizlik bilen uruşýardy. Soňky darkaş – mundan alty gün öň
Janahyr halwaçynyň Iman diýen ogly bilen boldy. Imanyň yzynda altmyşdan gowrak oglan bardy. Altynjan
dagy bolsa çiltendi. Uruşmaga sebäp bolan zat – Iman Kabylyň ýanynda özüni ulumsy alyp barypdyr,
sadyklyk etmändir. «Näme üçin buruntaklylar zamahşarlylary görende egilip tagzym etmändirler?! Iman:
«Egilip tagzym etdim» diýýär. Kabyl: «Edenok!» diýýär, ol ýalan sözlemez ahyryn.
Üýşüp bardylar. Buruntaklylaryň öňem gözleriniň otlary alnan. Barybir, uruşdylar. Uruşda çiltenler
altmyş buruntaklydan rüstem geldi. Ýeňlen altmyş buruntaklyny hataran durzup urmak urdular. Altynjan
Imana ýer bagyrtlap ýatmagy buýurdy, özem ýedi gezek ötünç soratdy.
Zamahşarlylar näme buýursalar, buruntaklylar soňky gezek sadyklyk bilen ýerine ýetirdiler.
Altynjan dagy Buruntaga bir gün öňem gelipdiler. Onda Palta diýen kişini urupdyrlar. Sebäbi Palta
Altynjanyň jorasy Balnäziň kakasynyň münüp barýan ýabysyna göwnüýetmezlik edipdir.
Zamahşarly oglanlar bir hakykata göz ýetiripdiler. Olar darkaşa Altynjansyz çykan gezekleriniň
ählisinde wejera bolup ýeňildiler, uruldylar. Altynjan barka welin – haýran galaýmaly – ýeke gezegem
ýeňilmändiler.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 04
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.