Latin

Altynjan hatyn - 25

Total number of words is 3642
Total number of unique words is 2006
28.9 of words are in the 2000 most common words
43.0 of words are in the 5000 most common words
50.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Aý – Hudaýyň jübüti!
Aý – hökümdarlyk.
Aý – goşun, güýç.
Dolan Aý – hökümdarlyga, rowaçlyga ýol açýar, ugrukdyrýar.
Müneçjim Sowmagynyň aýtmagyna görä, şu günki dilegiň wysal tapmagy bilen seljuklylaryň uly
mertebä ýetmegi ähtimaldy.
Seljuklylar oduň daşyndan aýlanyp, bir oda, birem Aýa ellerini uzadyp mynajat edýärdiler, özlerine
medet, mertebe, soltan Masutdan rüstem gelmekde kuwwat bermegini dileýärdiler.
Elleri golçaly sakylar, şerapdarlar bolsa seljuklylaryň arasyna aýlanyp, olaryň jamlaryna meý guýup
berýärdiler.
Wagt geçip durdy.
Wagt daňdana sandy.
Uklajak bolýan ýokdy.
Birden hereket togtady.
Üç beg – Çagry beg, Musa beg, Togrul beg öňe saýlandy. Olar batly ses bilen gygyrmaga başladylar:
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
Ähli kynyk ýigitleri üç seljuk beginiň sözüni gygyryp gaýtalady:
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
Üç seljuk begi ýene batly gygyrdy:
– Ýa Hu, Gaýa neberesinden rüstem gelmäge medet ber!
– Ýa Hu, Gaýa neberesinden rüstem gelmäge medet ber!
– Ýa Hu, gylyç!
– Ýa Hu, Horasana hökümdarlyk etmäge medet ber!
Kynyk ýigitleri üç seljuk beginiň aýdan sözlerini üç mertebe gaýtaladylar.
Togrul beg, Çagry beg, Musa beg egnindäki eşiklerini çykaryp, lowlap ýanyp duran oda taşlady. Çuwýalaňaç bolan seljuk begleri Murgap derýasyna bakan gönükdiler.
Maksat – tämizlenmekdi, täretli bolmakdy.
Suw buz ýaly sowukdy, ýöne «Suw sowuk eken» diýýän ýokdy.
Üç seljuk begi derýada tämizlenip kenara çykdy.
Olaryň her birine on alty gary biýz mata berildi. Olar biýz mata – öz kepenliklerine dolanyp, oduň
başyna bardylar.
Oduň başynda belent mertebeli Abu Seýit Abylhaýyr bardy. Ol ýanyna gelip duran üç seljuk begini
ýeke-ýekeden gujaklady. Olara hoşamaý sözlerini gysganmady. Şondan soň tämizlenmek gezegi esgerlere
ýetdi. Esgerler nyzama düzülip, ýeke-ýekeden Murgap derýasyna girip ugradylar.
Olar derýa girip tämizlenýärdiler.
Suwdan çykanlarynda bolsa, olara on alty gary biýz – kepen berilýärdi.
Her esgeriň suwa düşüp tämizlenmegi, on alty gary biýz mata dolanmagy bilen jahan mazaly ýagtyldy.
Abu Seýit Abylhaýyryň ýaşynyň segsene ser urandygy – garrandygy duýulýardy: eli hasalydy. Boýy
biraz hökgeren, uzyn ak sakgally, inçesagt gojanyň elinden tutup, öz bedewine mündürdiler.
Allama ýüzüni kybla – Käbä tutup durdy. Onuň atyny jylawdarlar saklaýardy.
Akyldaryň öňünde üç seljuk begi – Musa ýabgu, Çagry beg, Togrul beg ikidyz bolup oturdy. Her bir
seljuk beginiň bir elinde ýaý, beýleki elinde bolsa gylyç bardy.
Her bir hereket üç sany nagaranyň sazlaşykly kakylmagy bilen dabaralandyrylýardy. Akyldaryň ata
münmegi, Käbä bakyp durmasy, onuň öňüne ak pata almak üçin üç seljuk beginiň ýeke-ýekeden gelip,
ikidyz oturmagy, olaryň ellerine gylyç bilen ýaý berilmegi nagaranyň düňňürdileriniň astynda geçdi.
Nagaralaryň kakylmagy gylyç ýa kepen resiminiň geçirilişine dabaralylyk, resmilik, mukaddeslik berýärdi.
Akyldar Abu Seýit seljuk beglerine rowaçlyk patasyny 10 berdi, soň atdan düşdi, her seljuk begini
täzeden gujaklady.
Seljuk begleri görnükli akyldaryň öňünde tagzym etdiler, öz minnetdarlygyny bildirdiler, ellerini Asmana
serip gygyrdylar:
– Ýa Hu, medet!
– Ýa Hu, medet!
– Ýa Hu, medet!
Abu Seýit Abylhaýyryň patasyndan soň, dünýä göýä ýalkym, tejelli çaýlan ýaly boldy, diňe bir üç
seljuk beginde däl, üç müňden gowrak esgerde-de güýç-gaýrat goşalandy.
Patadan soň, diňe bir üç seljuk beginde – Musa begde, Çagry begde, Togrul begde däl, üç müňden
gowrak esgerde gaznaly goşunyny ýeňjekdiklerine ynam goşalandy.
Abu Seýit geljegi öňünden oraşan görýän pir ahbetin!
Abu Seýidiň patasyndan soň, heý, işiň rowaç almazmy?!
Onuň her bir aýdan sözi amal alýar!
Ol aýtsa – Hak aýdýar!
Esgerler biri-birine buýsançly bakdylar.
Olar üç seljuk beginiň sözüni üç mertebe gaýtaladylar:
– Ýa Hu, medet!
– Ýa Hu, medet!
– Ýa Hu, medet!
Togrul beg ýanyna getirilen atyna böküp mündi, ýataganyny bulaýlap, daş-töweregindäkilere ýüzlendi:
– Byradarlar!
Birpaýyz dym-dyrslyk boldy.
Bu dym-dyrslyk ýöne bir dym-dyrslyk däl eken, ol esgerleriň batly gygyrmak üçin howany uludan
demlerine soran pursady eken:
– Gylyç!
– Gylyç!
– Gylyç!
Bu seljuk begleriniň Aý hem Gün hezretlerine bakyp eden kasamlarydy.
Kasamdan soň, Togrul beg gysgaça nutuk sözledi:
– Byradarlar! Bize sütem edildi. Biz öz mertebämizi, namysymyzy goramak üçin ata çykdyk.
Zulumhor mat bolar, biz maksadymyza ýeteris. Gaznalylary Horasandan kowup çykaryp, özümiziň
döwletimizi dörederis. «Mümkin, siziň halamaýan zadyňyz siziň bähbidiňizdir» 11. Biziň döwletimiz
dünýäde iň adyl döwlet bolar. Biziň döwletimizde gurt bilen goýun bir güzerden suw içer. Biziň
döwletimiz garyp-gasarlara howandar çykýan, olary goraýan, adam şekilli ýaşamagy üçin aladalanýan
döwlet bolar. Biziň döwletimizde hökümdaryň gapysy halk üçin gije-gündiz açyk bolar. Biziň
döwletimizde adamlar bolçulykda ýaşarlar, parahat ýaşarlar. Alkyş alyp, sogap gazanarys. Bu gün külli
musulmanyň göz-guwanjy, allama Abu Seýit gelip, bize rowaçlyk patasyny berdi. Biz allamamyzyň
ýüzüni ýere salmarys. «Şübhesiz Alla tarapynda bolanlar üstün bolarlar» 12, biz üstün bolarys.
***
Günüň dogup gelýän çagynda Abu Seýit Abylhaýyryň pata bermegi bilen seljuklylaryň durmuşynda
täze döwür başlandy.
Şondan soň seljuk begleriniň durmuşynda düýpli özgerişlikler bolup geçip ugrady.
Olar anyk karara geldiler: oglan-uşaklaryň, haremhananyň gaznalylara ýesir düşmezligi üçin öňünden
aladasyny etmeli – olary söweş boljak ýerden uzak mekana äkitmeli, iň ygtybarlysy, Oguz çölünde
gizlenmeli!
Altynjan bu tutumy aňlaýardy, ýöne ol özüniň, hareminiň Oguz çölüne ugradylmagyndan ätiýaç
edýärdi. Muhammet Togrul beg geňeşleriň birinden soň, Altynjanyň eşitmekden gorkup ýören sözüni aýtdy:
– Altynjan, soltanyň goşuny biziňkiden dört-bäş esse artyk. Bu deň bolmadyk söweşleriň birinde meniň
şehit bolmagym mümkin. Süňňüm bir zatlary syzýar meniň... Gylyç ýa kepen resimi boýunça men saňa
talak bermeli. Sebäbi entek biziň çagamyz ýok. Meniňem saňa talak beresim gelenok, ýanymda bolmagyňy
isleýärin, ýöne maksat jandan ileri. Herhal, men saňa talak bermeli bolaryn.
– Meni öldüriň, ýöne öz ýanyňyzdan aýyrmaň, begim. Men siziň diri ýeriňizde diri, öli ýeriňizde öli
bolmak isleýärin. Maňa başga ýaşaýyş gerek däl.
– Altynjan, maňa dogry düşün, men seni hatyndygyň üçin guma ugratmakçy bolamok, ýok, men seni
şirin janymdan hem eziz görýändigim üçin goramakçy – ugratmakçy bolýaryn. Düşünýärsiňmi? Meniň bu
dünýäde senden başga ýüregime ýakynym ýok. Seniň ornuňy tutup biljek hatyn-da ýok. Düşünýärsiňmi?
Sen meniň ýeke-tägim, ýüregim! Sen meniň üçin ähli zat! Sen meniň şu dünýämiň manysy! Saňa bir zat
bolsa, – Hudaý saklasyn! – men çekip-çydap bilmerin. Saňa derek söweşjekler tapylar, ýöne seniň ornuňy
tutup biljek hatyn, adam bu dünýäde tapylmaz! Geregem däl! Seni goramak meniň borjum! Sen guma git!
Ol ýerde ýaşajyk gyzlardan özüňe kyrk sany keniz taýýarla! Atabeg mekdebimizde ýaşlara sapak ber!
Altynjan başky sözlerini gaýtalady:
– Meni öldüriň, ýöne meni öz ýanyňyzdan aýyrmaň!
Muhammet Togrul beg dymdy, diýmek, ol hatynynyň galmagyna razy boldy.
Altynjanyň Togrul begden aýratyn bir howatyr edýän zady bardy. Ol hem begiň söweşe çykanda
başyna tuwulga 13, egnine çaraýnadyr 14 sowut geýmeýänligidi: «Gara başym gerek bolsa, Perwerdigär
hernäçe gorasam hem aparar, ýogsam hem özi gorar» diýip, ol Altynjanyň özelenmelerine jogap berýärdi.
Togrul beg Taňrynyň her bir han göteren kişisine bäş peşgeşi berýändigine 15 ynanýardy. Şu ynam hem oňa
güýç berýärdi.
– Allatagala bil baglasaňyzam baglaň welin, özüňizdenem biraz alada bolsun. Ähli keşigiňizi Allatagala
çekdirjek bolýarsyňyz. Daşdan seretseň, «Bu kişä jan gerek däl bolarly» diýen pikir döreýär. Şeýle pikir
Allatagalada-da döräýmesin.
– Dul galmakdan gorkýarsyňmy?
– Gorkýaryn.
Hasan beg Altynjanyň sözlerini goldady.
– Melike dogry aýdýar...
– Baş söweşe girenimde geýerin, häzirki maksat – göç – diýip, Togrul beg jogap berdi.
Göç üç günläp dowam etdi. Altynjan seljuk begleriniň haremhanasynyň, oglan-uşaklarynyň Oguz
çölüne çekilmegine ýardam berdi.
Özi Togrul begiň ýanynda galdy.
***
Seljuk türkmenleriniň Oguz hanyň gylyç ýa kepen däbine eýermekleri milletiň alaçsyzlygynyň, ýagny
ejizliginiň däl-de, güýjüniň, içki ýaşaýyş mümkinçilikleriniň herekete girip başlandygynyň alamatydy. Diňe
ruhy hem beden taýdan güýçli halk üçin ömür bilen ölüm deňleşip biler. Erkinlik diňe bir ýaşaýşa, dirilige
bolan ymtylma däldir. Erkinlik ölüme gorkusyz garap bilmekdir. Ruhy taýdan iň azat adamlar ölüme
dözümli, ölümden rüstem bolup bilýär. Seljuklylaryň bolşundaky çykgynsyzlyk diňe daşky, aldawçy
alamatdy. Gylyç ýa kepen däbi milletiň juda güýçlüliginiň ýüze çykmasydy. Ölümden gorkýan adamlar
güýçli hasaplanyp bilinmez. Beýik maksatlaryň, uly tutumlaryň öňünde ölüm hiç zat bolup galýar. Ynanç
ölümi gorkusyz, howpsuz bir närsä öwürýär, ýogsa diňe ynsan däl, ähli janly-jemende üçinem ölümden
gorkuly, ölümden uly betbagtlyk ýok ahyryn. Bu – tebigatyň, ýaşaýşyň adatylygynyň kanuny. Bu ýowuz
kanundan diňe beýik ruhy maksatly adamlar ýokary galyp bilýär. Şonda halkyň ikinji bir göteriji ruhy şahsy
bitewilikde kemala gelýär. Onsoň milletiň öňünde hiç bir zat durup bilmeýär. Şonda öňündäki päsgelçilik
derýasy kiçijik ýaba öwrülýär. Bu güýç-kuwwat asmandan gelýär. Asman güýjüniň öňünde zemin böwedi
joşup gelýän siliň ýolundaky kesege çalym edýär...
(Dowamy 2-nji jiltde)
DÜŞÜNDIRIŞLER
Birinji hekaýat
1. Perrende – guşlar, uçýan ähli janly-jandarlar. Derrende – ýyrtyjy, wagşy haýwanlar.
2. Ibn Esir. Kämil taryh. Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi. 1 jilt. A., 2005.
3. Tabarystan – palta ýurdy diýen manyny berýär. Bu adyň gelip çykyşy bilen baglanyşykly rowaýat
bar. Tabarystanyň häzirki ady Mazenderan.
4. Falak al-ma aly Manuçihr – 1012 – 1029 ýyllar aralygynda, ogly Anuşirwan 1029 – 1049-njy ýyllar
aralygynda şalyk edýär. Anuşirwan meşhur «Kowusnama» kitabyny döreden Keý-Kowusyň atasydyr. KeýKowus 1041-nji ýylda seljuklylaryň gelmegi bilen Gazna gaçýar, soltan Maududyň nedimi bolup işleýär.
5. Baýhaky Masut soltany Amul şäherinde garşy alan ilatyň sanynyň 500 – 600 müňe ýetendigini
ýazýar. Megerem, bu san aşa artdyrylan san bolsa gerek. (Amul atly iki sany şäher bolupdyr. Biri häzirki
gürrüňini edýän Amul şäherimiz – Mazanderan welaýatynyň baş şäheri. Bu şäher tüwi we her hili datly iriýmişleri bilen şöhratlanypdyr. Ikinji Amul Türkmenabat şäheridir).
6. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik». MITT. Tom 1. L. – M. 1937.
7. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
8. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik». MITT. Tom 1. L. – M. 1937.
9. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik». MITT. Tom 1. L. – M. 1937.
10. Bundar (masyl) – salgyt ýygnaýan gullukçy, amil – paç ýygnaýjy.
11. Tahyrlylar – 821-873-nji ýyllarda Horasanda hökümdarlyk eden şalyk.
12. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik». MITT. Tom 1. L.M. 1937.
13. Sadakat (birlik sany sadaka) – bu ýerde raýatlaryň hojaýynlaryna – ýer eýelerine berýän tölegleri
göz öňünde tutulýar.
14. Haraç – esasy ýer salgydy. Bu salgyt boýunça ýerden alynýan hasylyň üçden birinden üçden
ikisine çenli aralykda tabşyrmaly.
Hüşür – hasylyň ondan biri görnüşindäki ýer salgydy.
15. Rusum-i-marai – öri meýdanlary üçin salgyt.
Awariz – adatdan daşary ýagdaýda ýygnalýan pul.
Alaf – çaparlar, harby çindäkiler we goşun üçin ýygnalýan azyk harytlary we ulag iýmiti. Seret:
Nyzamylmülk. «Syýasatnama». Ruh. A., 1998.
Kisam – paý, bölek. Adatdan daşary salgytlaryň bir görnüşi.
«Taufir» – I.P.Petruşewskiniň kesgitlemesi boýunça «salgyt ýygnaýjylaryň adamlardan bellenilen
möçberden artyk tölemäge mejbur edip ýygnan salgytlary, şeýle hem goşmaça tölegler netijesinde jemlenen
pul».
«Hukuky maragy» – öri meýdanlaryny peýdalananlardan alynýan salgyt. Bu salgyt, esasan, çarwalara
degişli bolupdyr.
Töleg – gaýry dinliniň geýmini tapawutlandyran nyşan. Orta asyrlarda gaýry dinliler musulman
döwletlerinde musulman geýimlerini ýa-da donuny geýmäge borçly bolupdyrlar.
Jizýe – musulman dällere salynýan salgyt.
«Ähli zimmet» – yslam ýurtlarynyň çäklerinde ýaşaýan, jan başyna salgyt tölemäge borçly gaýry dinli
paç töleýjiler: isaýylar, jöhitler, otparazlar. Şu tölegi töländikleri üçin gaýry dinliler musulman häkimiýetiniň
goldawyndan peýdalanypdyrlar. Abre – syýahatçylary goramak we derýadan geçirmek üçin alynýan salgyt.
16. Diwany yşrafy memleket – seljuk döwletinde ýokary derňew-barlag guramasy. Bu guramanyň
esasy wezipesi gelýän pullara we salgyt hasaplaryna gözegçilik etmekden we olary barlamakdan ybarat
bolupdyr.
17. Diwany-amal – salgyt ýygnaýanlaryň üstünden garaýan edara. Bu ýerde işleýän emeldarlar amyl
diýlip atlandyrylypdyr.
18. «Hukuk wa rusumi diwani» – bu adalga diwanyň peýdasyna tölenýän salgytlaryň jemi diýen
manyny hem aňladýar.
19. Nal baha – diwan işgärleriniň we salgyt ýygnaýjylaryň-bundarlaryň, adatça, öz işlerini ýerine
ýetirýän wagtlary atlarynyň uzak ýol geçýändikleri, şol zerarly atlaryň nallarynyň sürülýändigi üçin
salynýan salgyt.
20. Pilmahmyt – Soltan Mahmyt Gaznalynyň il arasyndaky ýörgünli ady. Bu at soltanyň göwresiniň
uly bolandygy, mydama pilde ýöriş edendigi, ýörişde pil münendigi üçin galan bolsun gerek.
21. Hepbe – bir dirhemiň kyrk sekizden bir bölegi. Hepbesiz diýen söz türkmenlerde häzir hem
ulanylýar. Hepbesiz – hiç zat gazanmaga ukypsyz diýen manyny aňladýar.
22. Sowmagy – Çagry begiň müneçjimi: Ibn Esir Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
Üçünji hekaýat
1. Tarih-i-Baýhaky. 585. MITT, tom I, M.-L., 1935.
2. Kethuda – goşunyň maliýe we hojalyk işleriniň müdiri şeýle atlandyrylýar (Baýhaky). «Kethuda»
sözi başda uly jemagatyň ýolbaşçysy manysynda ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen kethuda oba
ýolbaşçysyna – obanyň suw ulgamyna, tertip-düzgünine, ýer eýeçiligine gözegçilik edýän adama
aýdylypdyr, gullar hem kethudalaryň garamagynda bolupdyr.
3. Bagdat halyfy – 749–1258-nji ýyllar aralygynda musulman döwletleriň arasynda sünni mezhebini
ýöredýär. Ol Abul Apbas Abdylla bin Apbas bin Abdylmuttalyp tarapyndan esaslandyrylýar. Abdylmuttalyp –
Muhammet pygamberiň kakasynyň doganydyr. Ol hijreden 3 ýyl öň Mekgede dünýä inýär, elmydama
pygamberiň ýanynda bolupdyr, 68-nji hijri ýylynda wepat edýär. Oňa ylmynyň çuňlugy üçin «Ymmatyň
syýasy» diýip at goýlupdyr. Ol emewi halypalygyna garşy öz halypalygyny döredýär. Bagdatda döredilen bu
halypalyk 809-816-njy ýyllar aralygynda Mansur tarapyndan Merwden dolandyrylýar, ýagny halypalyk
Merwde bolýar.
4. Oguz ýurdy – Oguz ýurdunyň serhetleri hakda 984-nji ýylda näbelli awtor tarapyndan ýazlan «Hudud
el-älem», ýagny «Älemleriň serhedi» atly meşhur arap taryhy kitapda şeýle diýilýär: «Başga bir çöl
gündogarda Merw serhetleriniň gyrasynda Jeýhuna inen çöldür. Bu çöl Bawert, Nusaý, Paraw, Dehistan bilen
Etil sebitine çenli uzalyp, Hazar deňzine bitişer. Bu çölüň günbatary Etil derýasy, demirgazygy Jeýhun,
Horezm deňzi bilen Bulgar serhedine çenli aralyk Oguz ýurdudyr. Ady Horezm ýa-da Oguz çölüdir. Bu
çöldäki çägeler Balh serhedinden başlap, Jeýhunyň günortasyna, Horezm deňziniň aşagyna çenli uzalýar».
5. Gurt oýny – garaşman durka çar tarapdan duşmanyň üstüne çozup, köp gyrgynçylyk edip, duşman
garşylyk görkezmäge girişmänkä gürüm-jürüm bolmak.
6. Hums paýy – oljanyň patyşa degişli bäşden bir bölegi.
7. Muhsin bin Tak – seljuklylaryň görnükli serkerdeleriniň biri. Soltan Mahmyt Gaznalynyň kätibi
Nasr Muhammet bin Abdyljepbar Utbynyň «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly meşhur kitabynda
Muhsin bin Tak hakda anyk maglumatlar berilýär. Şol maglumatlara görä, 1006-njy ýylda soltan Mahmyt
Gaznalynyň Multanyň patyşasy Dawut bin Nasr bin Şyh Hamydy we onuň nesilşalygyny, şeýle hem
karmatylary ýok etmek maksady bilen Gaznadan gidenliginden peýdalanyp, garahanly hökümdar Ilekhan
Sübaşy Tegini Horasana gönderýär. Bu habary eşiden soltan yzyna dolanýar, Sarahsyň ýolunda onuň öňüni
seljuk emiri Muhsin bin Tak kesýär. Gazaply söweş bolýar. Söweşde seljuk emiri ele düşýär, soltan ony iki
parça edip öldürýär. Onuň bäş müň atlydan ybarat goşuny soltanyň tarapyna geçýär we onuň hyzmatynda
durýar.
8. Gurhan. Ikinji süräniň 286-njy aýaty.
9. Tarih-i-Baýhaky. MITT, tom 1. M.-L., 1935.
10. Gurhanyň üçünji «Ymranyň öýi» süresiniň 126-njy aýaty.
11. Gurhanyň ikinji «Sygyr» süresiniň 249-njy aýaty.
12. Ariz – goşunyň azyk we maliýe üpjünçiligini gurnaýan ýörite toparyň ýolbaşçysy.
Dördünji hekaýat
1. Ýazyr galasy – Abulgazy «Türkmenleriň şejere daragty» diýen kitabynda ýazyrlaryň Durun
sebitlerinde ýaşandyklaryny ýazýar. A.Tumanskiý Abulgazydan şeýle bir mysal getirýär: «Ýazyrlar Durun
sebitlerinde ýaşadylar. Şonuň üçinem Durunyň öňki ady Ýazyr ýurdy diýlip atlandyrylýar. Ýazyrlaryň bir
bölegi Durunyň ýakynyndaky dagyň eteginde ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Häzirki döwürde şol
ýerde ekerançylyk bilen meşgullanýan ýazyrlara garadaşly diýilýär». «Durun» diýen adyň XIV asyrda
dörändigini ýazýar. Durundaky gala ilki başda Oguz han eýýamynda Tak (Gün) gala diýlip atlandyrylypdyr,
yslamyň gelmegi bilen eždatlarymyzyň otparazçylyk bilen baglanyşykly ýer-ýurt atlarynyň galabasy
üýtgäpdir.
Muhammet şanyň ejesi Türkan hatynyň Ýazyr galasynyň basylyp alynmagyna aýratyn üns bermesiniň
sebäbi ýazyr türkmenleriniň hany Hindu han bilen garyndaşlyk gatnaşygynyň bolandygy bilen
esaslanyşdyrylýar (Nesewi).
2. Abu Seýit Abylhaýyr – Abu Seýit Abylhaýyr (7.XII.967 – 12.01.1049 ý.). Abu Seýit Mäne baba
ady bilen meşhurdyr. Bu ulamanyň aramgähi Kaka etrabynyň Mäne obasynda ýerleşýär.
Bäşinji hekaýat
1. At gaýtarym – üç kilometr töweregi uzaklyk.
2. Abu Nasr Faraby (874–950 ý.) – «El-Medine El-Fazyla» atly eserinde patyşanyň, döwlet
ýolbaşçysynyň pähimli, paýhasly, şeýle-de «pygamber donuny geýen ylahy Eflatun» bolmalydygyny
nygtaýar. Faraby bu pikirini şeýle esaslandyrýar: eger döwlet ýolbaşçysy ylymly, bilimli, adalatly we päk
ahlakly bolsa, onda raýat, ýurt ruhubelentligi bolar. Eger döwlet ýolbaşçysy erbet, nadan, adalatsyz we
zalym bolsa, raýatlar erbet ýaşarlar, ruhupes bolarlar.
3. Eflatunyň (Platonyň) arapça terjime edilen «Döwlet» we «Syýasat» kitaplary.
4. Tonýukuk – Günbatarly alymlar Tonýukuky Germaniýany döreden Bismarka meňzedýärler. Ol
Hytaýyň içeri we daşary syýasatyny gowy bilipdir. Bilge hanyň weziri.
5. Bilge han – 716–734-nji ýyllar aralygynda dogany Kultegin bilen şalygy bile dolandyrýar. Bilge –
hökümdar, Kultegin – goşun serkerdesi bolýar.
6. Atylla (434–453 ý.) – görnükli hun hökümdary. Atylla on bir ýyllap, dogany Bleda wepat edýänçä
onuň bilen bilelikde hökümdarlyk edýär.
7. Gözel gyz döwletleri – Ýewropa döwletleri. Ýewropa – gyzyň ady.
8. Goşgynyň manysy: Alp Är Töňňe öldi, dünýä eýesiz galdy. Indi onuň döwleti we döwri ýadymyza
düşüp, ýüreklerimiz lerzana gelýär.
9. Gurhanyň «Manda» süresiniň 3-nji aýaty.
10. On iki sypat – Farabynyň hökümdara hökman mahsus bolmaly hasaplaýan sypatlary şu
aşakdakylardan ybarat: 1.Sagdyn bolmaly; 2.Dogabitdi ýiti zehinli bolmaly; 3.Ýatkeş bolmaly; 4.Parasatly
we öňdengörüji bolmaly; 5.Dilewar bolmaly, ýagny pikirlerini aýdyň we ýeňil düşündirmegi başarmaly;
6.Öwretmeni we öwrenmegi gowy görmeli, goldamaly; 7.Çendenaşa köp iýmekden, içmekden, şöhwetden,
her hili humarly oýunlardan daşda durmaly; 8.Dogruçyl we hakykatçyl ynsanlary söýmeli; kezzaplary we
ýalançylary ýigrenmeli; 9.Jomart we sahy bolmaly; 10.Pula we beýleki dünýä nygmatlaryna göz gyzdyrmaly
däl; 11.Mydama adalatyň tarapynda bolmaly, zulumy ýigrenip, zalymlara garşy çykmaly; 12.Gaýratly we
erkli bolmaly. Eger bir zadyň hakykatdygyna göz ýetirse, bu meselede berk durmaly, hiç hili gowşaklyga we
ruhupeslige ýol bermeli däl.
11. Pentnama – Söbükteginiň ogly soltan Mahmyt Gaznala beren pendi. Göwrüm taýdan uly bolmadyk
bu Pentnama esgerleriň, begzadalaryň arasynda biçak meşhur, ýörgünli bolupdyr. Köp adamlar Pentnamany
ýat tutupdyrlar.
12. Utby Abu Nasr Muhammet bin Abdyljepbar – «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly meşhur
kitabyň ýazary. Utby soltan Mahmyt Gaznalynyň debiri. Ol soltan Mahmyt Gaznalydan on ýyl öň – 1020-nji
ýylda aradan çykýar. Şol sebäpli kitapda diňe 1020-nji ýyla çenli wakalar beýan edilýär. Soltan Mahmyt
Gaznalynyň soňky taryhy Baýhakynyň kitabynda beýan edilýär. Çünki Baýhaky Utby aradan çykandan soň
gönüden-göni soltan Mahmyt Gaznalynyň, ol aradan çykandan soň bolsa, soltan Masut Gaznaly ibn Mahmyt
ibn Söbükteginiň debiri bolup işleýär we olaryň ömür ýoly hakda kitap ýazýar. Soltan Mahmyt Gaznaly
hakda öz döwründe ýazylan kitap köpdür.
13. Kurur – million.
14. Soltan Mahmyt Gaznaly 1013-nji ýylda 20 kurur dinar harçlap Jeýhun derýasynyň üstünden köpri
gurýar, bu köp wagtlap saklanýar.
15. Goşun dili – Soltan Mahmyt Gaznaly 1027-nji ýylda öz goşunynda dürli halklaryň we halkyýetleriň
wekilleri gulluk edensoň, olaryň özara düşünişmekleri üçin arap, pars, türkmen dilleriniň esasynda täze dil –
urdu dilini döredýär. Soltan bu babatda diňe bir perman bermek bilen çäklenmän, şol diliň döremegine
gönüden-göni ýolbaşçylyk edýär, döredýär. Häzirki döwürde urdu dili – Pakystanyň döwlet dilidir.
16. El-Agajy – türkmen sözi bolup, patyşadan ýurduň ýaşulularyna, ýurduň ýaşulularyndan patyşaga
gelen hat-petekleri gatnadyjylary, ýagny soltanlaryň ýörite hajyplary manysyndadyr. (Mürze Muhammet
Kazwyny. Gahar makal hatyýalary. 130 s.) Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendi. Göwünleriň rahady
– şatlyklaryň ganaty.
17. Zabulystan (Jabulystan) – Seýistan (Sejestan) bilen Hindistan aralygyndaky uly welaýat. Bu
welaýatyň uly şäheri, merkezi Gazna şäheridir. Gazna sebitleri. Soltan Mahmyt Gaznalynyň şalygynyň
atlandyrylyşy.
18. Çaryýarlar oňşuksyzlygy – Hezreti Abu Bekr (632–634 ý.), hezreti Omar (634–644 ý.), hezreti Osman
(644-652 ý.), hezreti Aly (656–661 ý.) – ilkinji halyflardyr. Bu dört çaryýarlardan soň, Emenileriň halyflygy
başlanýar. Ol 661-nji ýyldan 750-nji ýyllar aralygynda dowam edýär, jemi 14 halyf bolýar. Emenilerden soň
Apbasylaryň halyflygy başlanýar. Bu halyflyk 750-nji ýyldan – 1924-nji ýyla – Osman türkmenleriniň
soltanlygy agdarylyp, ýerine Türkiýe Respublikasy döreýänçä dowam edýär. Mongollaryň apbasylary ýok
etmekleri netijesinde halyflyk Müsür türkmen memluklarynyň eline geçýär we ol 1261-1516-njy ýyllara
çenli dowam edýär. 1516-njy ýylda Osman soltanlygynyň soltany Ýowuz Selim Müsür türkmenlerini özüne
tabyn edýär we halyflygy Stambula geçirýär. Netijede türkmenler Stambuldan dünýä musulmanlaryna
halyflyk – baştutanlyk etmäge başlaýar. Has takygy, 1055-nji ýylda Seljuk döwletiniň soltany Muhammet
Togrul beg Bagdada girip, Büweýh döwletini ýok edeninden 1924-nji ýyla çenli 870 ýyla golaý wagtlap
türkmenler dünýä musulmanlarynyň din gylyjy, ýolbaşçysy bolup geldiler.
19. Karmatçylyk (karmat – ogryn, seýkin basyp ýöreýär diýen manyny aňladýar) – IX asyrda
Alynky Aziýada we Merkezi Aziýada feodal gurluşyň garşysyna dörän şaýylaryň bir akymy. Karmatlar
özlerini Ymam Ysmaýylyň (762-nji ýylda aradan çykan) ýoluny dowam etdirijiler hasaplapdyrlar. Şeýle
bolansoň, karmatlary ysmaýylçylar diýip hem atlandyrypdyrlar. Ysmaýylçylar ýerlerde feodal baýlaryň
döremegine garşy çykypdyrlar. Olar oba jemagatlarynda ýerleriň adamlaryň arasynda baýlygyna-garyplygyna seretmesizden deň paýlanmagyny, ähli zatda deňligiň bolmagyny talap edipdirler. Bu talap garypgasarlaryň göwünlerinden turupdyr. Şeýle bolansoň olar karmatlara duýgudaşlyk bildirip, olaryň toparlaryna
goşulypdyrlar. Karmatlaryň ýolbaşçylygynda köp ýerlerde ýerli feodallar durupdyr, olar garyp-gasyrlaryň
köplügini öz bähbitleri üçin peýdalanypdyrlar. Ýerli feodallar döwlete garşy durup, özleri üçin ýeňillikleri
gazanmaga çalşypdyrlar. Karmatlary Müsüriň fatymy halyflygy goldapdyr we olara ýolbaşçylyk edipdir.
Bagdat halyflygy karmatlary berk ýazgarypdyr we olara garşy göreşipdir. X asyrda karmatlar ogryn iş alyp
barypdyrlar. Soltan Mahmyt Gaznaly karmatlary rehimsizlik bilen jezalandyrypdyr. Togrul soltan hem
karmatlara – ysmaýylçylara garşy berk göreşýär, ýöne olary doly ýok edip bilmeýär. Ysmaýylçylar görnükli
döwlet ýolbaşçylaryny gapyllykda öldürmek bilen meşgullanýarlar, ysmaýylçylary – karmatlary XIII asyrda
doly ýok eden Çingiz handyr.
20. Bu pikir Kerimeddin Mahmyt Aksaraýlynyň «Musameretul ahbar» (habarlaryň mejlisi) kitabynda
nygtalýar.
21. Anuşirwan (Nowşirwan) – sasanylar hanedanlygynyň 21-nji patyşasy. Onuň hakyky ady
Hysrowdyr, Anuşirwan lakamydyr. Araplar oňa Kesra diýýärler. Ol 531-nji ýylda patyşa bolýar. Bu patyşa
adalatlylygyň simwoly hökmünde suratlandyrylýar. Gündogar hronologlary onuň adyny «adyl» epiteti bilen
tutýarlar. Ol kakasynyň şalygy döwründe dörän mezdekileri köp gyrýar, olaryň soňuna çykýar. Ol 579-njy
ýylda aradan çykýar.
22. Gürrüň Gurhanyň ýigrimi dördünji «Nur» süresiniň 11-nji aýatynyň döremegine sebäp bolan waka
hakda barýar:
«Pygamber alaýhyssalam sahabalary bilen bile bir gazawatdan gelýärkä, Medinä golaýlaşanlarynda,
garaňky gijede esgerlere biraz aram-dynç almak üçin rugsat berýär. Şonda Pygamber alaýhyssalam bilen
bile gazawata çykan jübti-halaly Aýşa – Alla ondan razy bolsun! – hajat üçin çykyp, esgerlerden uzaga
gidýär we gaýdyp gelende, kerweniň ýola düşenini görýär. Şol wagt, endige görä, kerweniň yzynda galan
närseleri ýygnamak üçin goýlan bir sahaba gelip, Aýşany görýär we ony tanap, düýä mündürip, özi pyýada
ýöräp ony kerweniň yzyndan ýetirýär. Muny gören käbir müňkür kimseler Aýşany betnam edişip, dürli myşmyşlar ýaýradýarlar. Muny eşidip, Pygamber alaýhyssalam hem, Aýşanyň atasy Ebubekir Syddyk hem,
başga musulmanlar hem örän gamgyn bolýarlar.
Aradan bir aý geçenden soň Aýşanyň päkligi anyklanýar we bu myş-myşlaryň töhmetdigi äşgär
bolýar».
Altynjy hekaýat
1. «Balhan – Abywerdiň arkasynda ýerleşýän bir şäher». Ýakut Hamawy. Ýurtlaryň sözlügi (Türkmen
obalary). «Mujem al-buldan. 1-nji jilt. 479 s.
2. Haşam – ýurduň patyşasynyň howpsuzlygyny goraýan saýlama topar, goşun, janpena, şatyr, jandar.
Haşam sözi käbir taryhy çeşmelerde haşym görnüşinde alynýar. Haşam, haşym şol bir manyny aňladýan
düşünjelerdir. Taryhy çeşmelerde ulanylýan haşar sözi haşam, haşym sözleri bilen manydaş däldir. Haşar –
ilatdan gyssagly ýagdaýda ýygnalan adamlaryň toparyna aýdylýar. Haşar sözi türkmen dilinde häzir hem
ulanylýar. Goşun, köplenç, haşar usulynda hakynatutma adamlardan düzülipdir. Adamlar gazanç etmek
maksady bilen söweşipdirler. Mufrat – köşk nökeri. Nyzamylmülk. «Syýasatnama». Ruh. A., 1998.
3. Tus – Maşat şäheriniň golaýyndaky şäher. Häzir ol şäherden diňe haraba yzlary galypdyr.
4. Zyndyk – zyndyk sözi Mazdagyň yzyna eýerijileriň ady bolupdyr. Ol at Awestanyň tefsiri bolan
«Zend» kitabynyň adyndan gelip çykypdyr. Mazdak öz çykaran mezhebini zerdeşt we mani mezheplerine
düzedişler girizmek esasynda döredipdir. Syýasy dilde we mezhep dilinde zyndyk döwletiň we ruhanylaryň
garşysyna çykan adamlara dakylypdyr, şeýle at bilen garşydaşyňy ýok etmek bellibir derejede aňsat
bolupdyr.
5. Puta – türgenleşmek hem-de göwün açmak üçin nyşana ok we hanjar atyşmak.
6. A.Firdöwsi. «Şanama». 456 sah., 24 setir.
7. Jöwşen – simden ýasalan gadymy uruş geýimi, sowut, demir don.
8. Jamedar – soltanyň egin-eşikleri boýunça – tikmek, saklamak, geýindirmek, serenjam bermek
boýunça müdir.
9. Reý – bu şäheriň harabalary häzirki wagtda Tähran şäherinden sekiz kilometr günortada, Tähran
şäheri bilen Şaabdylazym şäheriniň aralygynda galypdyr. Reýiň ady Awestada «Rakaý» ýa-da «Raga»,
Töwratda «Rajys» şekilinde gabat gelýär. Ýunanlylar oňa «Raga» ýa-da «Ragaýy» diýipdirler. Ahemenliler
döwründe ol «Rajis» atlandyrylypdyr. Miladydan 150 ýyl owal Parfiýa şalygyny döreden Ärsagyň
paýtagtlarynyň biri bolupdyr. Reýi XIII asyrda mongollar ýumrupdyr.
10. Gurhanyň 13-nji «Gök gümmürdisi» («Rad») süresiniň 17-nji aýaty.
Ýedinji hekaýat
1. Gurhan. «Imranyň öýi» süresi, 26-njy aýat.
2. Kulah menşur – Perman.
3. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
4. Dehkan (dah han) – bu söz maly-mülki bolan gurply mülkdar adamy aňladýar. Emma her döwürde
ol täze mana, täze öwüşgine eýe bolupdyr. Häzirki döwürde ol daýhan, ekerançy manysyna eýe. Daýhan
sözköki «dah han» diýen iki sözden ybarat. Gadymy döwürlerde pederlerimiz dahlar diýlip atlandyrylypdyr.
5. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
6. Hajy Mälik – jähennemiň garawulynyň ady (seret: Gurhanyň 43-nji süresiniň 74-nji aýaty).
7. 428-nji ýylynyň muharrem aýy – 1036-njy ýylyň Alp Arslan aýy.
8. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
9. Mezhepleriň içinde diňe hanafy mezhebi şerap içmegi günä hasaplamaýar.
10. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. Abu Seýit Abylhaýyryň (Mäne babanyň)
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 26
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.