Latin

Altynjan hatyn - 10

Total number of words is 3790
Total number of unique words is 1913
32.1 of words are in the 2000 most common words
46.6 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ölümini boýun almaly boldy. Häzir onuň ýeke bir islegi bardy, ol hem depesinden gamçy inderýän ýigrenji
serkerdäni öldürmekdi. Ol başda hanjar atyp serkerdäni öldürmändigine puşeýman edýärdi, aňynda daýysy
Tümen begiň pendi ýaňlandy: «Söweşde hiç wagt ikirjeňlenmeli däldir. Ikirjeňlenmek, edýän işiň soňy
hakda oýlanmak, soňuny gaýgyrmak, dözümsizlik etmek – özüňi ölümiň, ganhoruň eline bermekdir. Özem
aňyňda peýda bolan birinji pikire-duýga gulluk etgin, çünki birinji pikir ýüregiň pikiridir». Tümen begiň bu
sözi öň adaty söz ýalydy, ýöne ol sözleriň nähili wajyp sözlerdigine bu gün, ýok, ýok, şu pursat Altynjan has
oraşan düşündi. Daýysynyň pendini amal etmändigi üçinem ganhoruň pidasy bolmaly boldy.
Serkerde uranda men-men diýen ärlerem yza çydap bilmeýärdi, zaryn-zaryn bagyryp ugraýardy. Ýöne
erkek kişileriň döz gelip bilmeýän urgusyna ýaş gyzyň döz gelmegi, sarsman durmasy ony haýrana goýdy.
Iki gezek uransoň, serkerde gözlerine ynanman, gamçysyny barlap gördi. Öz-ä şol gaýyş gamçy!
Altynjan öňem häzirkisi deýin gamçynyň öňünde durupdy. Ýöne ony uran häzirki ýaly nätanyş däldi,
mähriban kakasydy. Ol öň eden etmişi üçin urlupdy, hak urlupdy. Häzir nähak urulýar.
Nähak urgynyň awusy iki esse artyk bolar eken.
Altynjanda günä bolmasa näme?!
Bar günäsi öz ojagyny gorajak bolanlygymy?
Altynjan garşysyndaky wagşylardan herki zadyň çykjagyna ynandy.
Ol ölüme garaşýardy. Depesinden gamçynyň däl, gylyjyň inmegine garaşýardy. Sebäbi ol iki sany
kynygy öldürdi ahyryn!
Altynjan eden işine – iki sany kynygy öldürendigine – Abdylmälik hanyň gyzy diýen ada mynasyp iş
bitirendigine buýsandy.
Iki alamany öldürdi!
Iki alamany!
Wah, ol serkerdänem öldürjekdi, ýöne, arman, serkerde zor çykdy.
Zor eken!
Ony Allatagala gorady, ýogsam soňuny gaýgyrman elindäki hanjaryny zyňan bolsa, onda bu wagt
serkerde sekiz görnüşli dowzahyň iň erbediniň işiginden säginmän içeri girip giderdi.
Altynjan öz-özüni gönertledi: «Näme üçin ol nejisi eliňdäki hanjaryňy atyp öldürmediň? Sen on ädimden
islendik nokada hanjar urup bilýärdiň-ä? Näme üçin ony ýakynyňa getirdiň?! Hanjaryňy atmakdan – soňundan
hanjarsyz galmakdan gorkduň! Daýyň pendini tutmadyň!»
Goşunyň serdary ölse, darkaş gutarýar. Serdary öldürilen tarap – ýeňlen tarap hasap edilýär. Men bu
nejis alamany öldürip bilýärdim-ä! Tümen daýym hak aýdan eken: «Hiç wagt soňuňy gaýgy etme! Hiç wagt
soňuň hakda pikir etme! Mydama heminzaman bilen ýaşa. Pikiriň bilen ýaşama, pikiriň bilen hereket etseň,
betbagtçylyga uçrarsyň. Mydama duýgyň bilen, ýüregiň berýän salgysy bilen ýaşa! Iň dartgynly pursat
süňňüňde, kalbyňda peýda bolýan duýgy, salgy – Allatagalanyňkydyr. Iň dartgynly pursat duýgynyň yzy
bilen gelýän pikir – şeýtanyňkydyr!» – Altynjan ahmyr bilen hyrçyny dişläp, agzyny gara gan etdi. – Waweýla, ýeňip bilýärkäň, ýeňildiň, Altynjan! «Türgenleşiklerden ýadadym, hakyky darkaş isleýärin!» diýip,
hut şu gün sabada aýtdyň. Allatagala saňa hakyky darkaşda özüňi görkezmäge şert döretdi. Sen Allanyň
wekiline – bürgüde aryňy almaga daldaw dilediň. Alla maksadyňa ýetmegiň üçin daldaw döretdi. Sen bolsa,
hanjarsyz galmakdan gorkup, döredilen daldawdan peýdalanyp bilmediň. Nesebiňi masgara etdiň!
Indi bary giç!
Indi nämä garaşýarlar?
Goý, alamanlar Abdylmälik hanyň gyzynyň nähili çydamlydygyny, nähili merdanadygyny, nädip
ölýändigini görsünler.
Goý, alamanlar Abdylmälik hanyň gyzyny hernäçe sütem edilende-de, ejizledip bolmajagyna göz
ýetirsinler! Goý, olar Altynjanda synmaz erkiň bardygyny bilsinler!
«Näçe gün ýaşan bolsa, Tümen daýysy deýin, öz adyna mynasyp bolup ýaşady» diýsinler.
Altynjan garaşmakdan ýadady:
– Eý, ganhor, öldür öldürjek bolsaň! – diýip, gazap bilen serkerdä seretdi. Görse, garşysyndaky
serkerdäniň edýän işi wagşy bolsa-da, ýüz keşbi wagşyýana, hyrsyz däl, nazarkerde ol. Ýüzüne seredip bu kişi
şeýle webal iş edýändir, alamandyr öýder ýaly däl, törüňde oturyp, «Kulhulallany» okap oturjak ulama
meňzeýär. Gör, onuň ýüz keşbi içki hapa dünýäsiniň üstüni örtýär.
– Men hatynyň akylyna etagat bolmaýaryn.
– Seniň ýaly ganhor bolandan hasy hatyn bolan hem müň mertebe gowudyr. Eger özüňi erkekdirin öýtseň,
ynha, men, ýekme-ýeke çyk!
– Ýekme-ýeke diýdiňmi?
– Eý, kerrew, eger özüňi azda-kände mert, erkek saýýan bolsaň, maňa ýatagan ber. Soňam ýekme-ýeke
çyk. Eger sen çöňňe bolsaň, goý, meniň garşyma araňyzdan gylyçlaşmaga iň ökdäňiz çyksyn.
– Byradarlar! Eşidýärsiňizmi bu altyn gyzyň diýýän sözlerini! Ýatagan beriň bu gyza!
– Sen ýaradar. Sen eýýäm ýarymjan mahluk. Meniň garşyma ýaradar däl, pählewan çyksyn.
– Adyň näme seniň? – Serkerdäniň sesi mylaýym çykdy.
– Merdumhorlar! Imansyzlar! Gedaýlar!
– Biz merdumhoram däl, gedaýam däl!
– Merdumhoram, gedaýam sizden ibalydyr! Gedaý sizden imanlydyr!
– Gapyl! Ýogsam şu ýatagan bilen kelläňi pyzlandyraryn häzir.
– Ýaragsyz biçäräni öldürmegi siz başararsyňyz. Elimde ýataganym bolan bolsa, bu wagta çenli kelläň
aýagymyň aşagynda guma bulaşyp, gözlerini petredip ýatardy. Özüňi mert saýýan bolsaň, meniň bilen
ýekme-ýeke çyk!
– Ine, şirigana dogum! – Serkerde Altynjana hyrydar göz bilen garady. – Ýönekeý gyz däl bu.
Hakykatdanam soltan Mahmyt Gaznalydan pataly gyz bu. Dogumy soltanyňka meňzeýär. Altyn gyz, sen
maňa ýaraýarsyň.
– Men welin, seni itden beter ýigrenýärin, öldür meni!
– Ýok, ýok, seniň ýaly merdanalar seýrek dogulýar. Seni öldürsem, Allatagalanyň öňünde günä iş
etdigim bolar.
– Günä-sogaby bilýän mahluk bolsaň, bu ýere gelmezdiň.
– Adyňy aýt.
– Men saňa, heý-de, adymy aýdarynmy, nejis!
– Seniň bolşuňa synym oturýar...
Togrul beg nämedir bir zat aýtmakçydy, ýöne seljuk ýigitleri ýerli-ýerden seslendiler:
– Gideliň!
– Bu gyz biziň iki sany bigünä ýigidimizi – Tahyr bilen Batmany öldürdi. Biz bu ýere darkaş gurmak
üçin gelmändig-ä.
– Hanyň gyzy akylyndan azaşypdyr.
– Guduzlan bolaýmasyn?!
– Hudaý saklasyn!
– Abdylmälik han bilen duşuşmasak bolmaz indi. Ýogsam ol bize ters düşüner. Kynyklar akyn etmäge,
kelete etmäge gelipdir öýder. Eger häzir düşünişip gitmesek, onda ol soň biziň başymyzda kyýamat
gopdurar, han gelýänçä garaşalyň!
– Togrul, gideli – diýip, ýaňy keselden turan ýaly hor, ige meňzeýän Peýkam atly kişi hem atynyň
üstünden Togruly howlukdyrdy, ýöne Togrul howlugarly däldi. Ol Altynjandan gözüni aýyrman şindem
seredip durdy. – Sen Abdylmälik hanyň ganjygyny haladyň öýdýärin. Isleseň, soň sawçylyga geläýeris.
– Ýok, ýok, maňa hatyn gerek däl – diýip, Togrul garşy çykdy. Soň Altynjana ýüzlendi: – Sen
Abdylmälik hanyň gyzymy?
– Bu eden etmişiňiz jezasyz galar öýtmäň. Alty tarapa3 gaçsaňyz hem taparys. Asmana uçsaňyz
aýagyňyzdan, ýere girseňiz bokurdagyňyzdan tutarys. – Altynjanyň nazary ýene garşysyndaky serkerdä
düşdi. Onuň döşünden ganyň şol bir akyp durşudy. Gan ýene biraz şeýdip aksa, serkerdede gan galmaly
däldi. Ýöne ol özüniň öljekdigi barada pikirem edenokdy. Ýa ol Altynjanyň nebsi agyrar, ýarasyny sarap
berer diýip pikir edýärmikä? Eger beýle pikir edýän bolsa, onda ol gaty ýalňyşýar.
– Baryň, baryň, gidiberiň, men häzir han bilen düşünişip, yzyňyzdan ýeterin – diýip, Togrul gapdalynda
duran atlylara azgyryldy.
Sähel salymda alamanlar jesetleri atlaryna ýükläp, zut gitdi.
Altynjanyň ýanynda diňe Togrul galdy.
Bir owadan dor bedew gelip, tumşugy bilen Togrulyň egninden itdi. Togrul yzyna gaňrylyp seretdi,
atyny görübem onuň boýnundan gujaklady.
– Altyngyrym, şu gyzy nähili görýärsiň? Gowumy? – diýip, Togrul ýuwaşja sorady.
Haýran galdyran zat: at Altynjany biraz synlady-da, soň eýesiniň pikirini unaýan dek, birki ýola başyny
talawlatdy.
– Gördüňmi, altyn gyz, Altyngyrymyň näme diýýänini? Altyngyrym seni gowy gördi.
– Gümüňi çek, ýerçeken! Ýok bol!
– Men nirä gideýin?
– Gelen ýeriňe gümüňi çek!
– Meniň gelen ýerimde sen ýok. – Togrul beg birpaýyz dymyp, soň sözüni dowam etdirdi. – Sen gaty
tekepbir gyz ekeniň. Hanyň gyzy agzyna näme gelse samrabermelidir öýdýärsiňmi? Sen maňa hapa söz
aýtsaň, ertirki gün ökünmeli bolarsyň. Men hatynlar bilen gürleşmeýärin. Seniň bilen-de gürleşmek
islemeýärin. Men Abdylmälik hanyň ýanyna geldim. Senem zenan sammyklygyňy edip, iki sany bigünä
haşymy öldürdiň.
– Sen meniň Tümen daýymy öldürdiň. Sende meniň Tümen daýymyň ary bar...
– Men, ine, seniň şu sözüň üçin şu ýere geldim. Men seniň bu hakdaky habaryňy eşitdim. Gurhanykerimden ant içýärin: men Arsahuşmisen şäheriniň häkimi Tahyr Afrasýabyň ogly Tümen begi öldürmedim.
Men ol kişini ýeke gezegem görmedim. Ol kişi hakda ýeke gezegem eşitmedim. Asyl, biz Arsahuşmisene
baramzok. Tümen beg diýilýän kişini kimiň öldürendigini-de men bilmeýärin. Tümen begi öldüren kişi
meniň adyma duwlanypdyr. Zamahşara gelip, meniň Abdylmälik emire bar aýtjak sözüm şudy. Men alaman
däl. Düşündiňmi?
Togrul beg bu sözleri şeýle bir ýürekden janygyp-odugyp aýtdy welin, ynanmazlyk asla mümkin däldi.
Onuň bu sözlerinden soň Altynjan sesini çykarmady. Ýanyndaky atlylaryň gidenliginden, ganynyň akyp,
güýjüniň azalanlygyndan peýdalanyp, Altynjan Togrul begiň üstüne hüjüm etmäge bar güýjüni jemläp,
häzirlenip durdy, ýöne begiň janyndan syzdyryp aýdan sözleri ony oýa batyrdy: «Bu ýigrenji çynyny aýdýan
bolaýmasyn?!»
***
Abdylmälik han atlylary bilen howla gelip girdi.
Şadranç müňbaşynyň haşymlary haýdan-haý Togrul begiň daşyna aýlandy. Onuň elini arkasyna
daňdylar.
Togrul beg gelenler bilen gylyçlaşjagam bolmady, garşylygam görkezmedi. Garşylyksyz duran adamy
gylyçlap öldürmegem erkeklikden däl. Şeýle bolansoň, serkerdäni öldürmediler.
Şadranç müňbaşy Altynjanyň ýanyna geldi:
– Melikäm, amanmysyň?
– Aladaňyz üçin taňryýalkasyn – diýip, Altynjan hykaratly tosaňlady. – Siz meni maksadyma ýetirdiňiz.
– Dogry, dogry. Sen Togrul Seljuklynyň tutulyp getirilmegini islediň. Ynha, onuň özi geldi.
– Siz uly iş etdiňiz: ýumşumy bitirdiňiz. Men size başda äht eden dinarymy bererin.
– Siz onça dinary nireden tapjak?
– Muny näme üçin soraýarsyňyz?! Babam: «Sora!» diýdimi?!
– Maňa hiç zat gerek däl, melikäm.
– Meniň öňünden beren iki düwünçegimi näme etdiňiz?
Şadranç bu sowala garaşman eken, näme jogap berjegini bilmän, esli salym dymdy. Altynjan sowalyny
ýene gaýtalady.
– Melikäm, düwünçekleri siz maňa berdiňiz. Olary näme edendigimi menden soramaň.
Altynjan Şadranç müňbaşynyň asla garaşmadyk ikinji sowalyny berdi:
– Siziň ogluňyz barmy?
– Oglummy? Bar. Üç oglum bar.
– Iň kiçisi näçe ýaşynda?
– On ýedi.
– Ömür bir gezek berilýär. Allanyň beren bu ömrüni arassa, hiç kime ýamanlyk etmän ýaşamaly,
ýüzüňe eden etmişiňi aýdýan bolsalar, onda ol ömre ömür diýip bolmaz.
Şadranç Altynjanyň özünden göwnüniň galandygyna dü­şündi. Nämeden? Bu hakda oýlanmaga pursat
bolmady.
Altynjan oňa Togrulyň biline gysdyrylgy gamçyny getirip bermegini tabşyrdy. Şadranç ýumşy bitirdi.
Şondan soň Altynjan gamçyny elinde oýnadyp, şindem döşünden gan akýan Togrul begiň ýanyna bardy. Ol
begiň depesinden şuwladyp gamçy indermekçidi, ýöne bolmady: urmak üçin elini ýokary galdyranda onuň
nazary serkerdäniň gözlerine düşdi.
Eý-ho!..
Serkerdäniň gözlerine ýakyndan sereden Altynjan jadylanan dek doňdy galdy. Ol gözler adaty gözler
däldi. Ol gözlerde özüne tabyn ediji hökümdarlyk bardy. Ol gözler sustuňy basýardy.
Henize-şu güne çenli Altynjanyň hiç kimden susty basylmandy.
Ömründe ilkinji gezek onuň susty basyldy!
Ilkinji gezek!
Ol gamçysyny biygtyýar aşak goýberdi, hyrçyny dişläp, haremhanasyna ugrady.
Togrul beg Altynjana buýsançly bakdy:
– Eý, mäkimiýan horaz, men seniň daýyňy öldürmedim. Meniň kastyma çykmaňy bes et! Düşnüklimi?
Haşymlaryň biri Togrulyň üstüne gygyrdy:
– Düş öňe!
– Elbetde, öňe düşerin, eýsem, seniň ýaly pohly haşymyň yzyndan ýörärinmi men?!.
Sekizinji hekaýat
DURMUŞ – GIZLENPEÇEK:
GIZLENÝÄN – ZENAN,
AGTARÝAN – ERKEK KIŞI
Kynyk begleri sawçylyga gelýär!
Mansur derbanlaryň bu habaryny Abdylmälik hana ýetirdi. Han göwünli-göwünsiz ýerinden turup, üstbaşyny tertibe saldy. Desterhança saçak ýazmagy tabşyrdy, soňam: «Gelenleri nähili garşylamaly? Daşary
çykyp garşylamalymy ýa oturan ýerimde garşylamalymy? Gelenler näçe adamka? Bar gelen ýigrimi töwerek
bolsa, onda oturan ýerimden garşylaýyn, eger gelen ýigrimiden köp bolsa, onda howla çykyp garşylaýyn»
diýip, içini gepletdi.
Daşarda on sany atly göründi. Atlylaryň sanynyň azdygyna Abdylmälik hanyň göwni galdy. «Bar gelen
on sany atly boljak bolsa, onda men olary oturan ýerimde garşylaýyn» diýip ol netijä geldi, gapydan jyklap
durşuna gelenleriň özüne tarap ýöräp ugraryna garaşdy, ýöne olar gaýdybermediler. «Mansur olary näme üçin
alyp gelmeýärkä? Gelenler atlaryndan düşüp serasima bolup durlar. Ýa olar meniň ýanlaryna bararyma
garaşýarmykalar? Goý, olaryň özleri ýanyma gelsinler» Abdylmälik han Mansuryň yzyndan ferraşyny1
ugratdy.
– Olar näme üçin gelenok?
Ferraş habar getirdi:
– Olar Musa atly kethudalarynyň gelerine garaşýarlar.
Bu habary eşiden Abdylmälik han biraz rahatlandy.
– Olar köplük ýaly-la?!
Abdylmälik han gymmatbaha perejini2 ýelbegeý atynyp, howla çykdy. Onuň ýanynda Şadranç müňbaşy
bilen bäş-alty sany serkerdesi bardy.
On-on bäş sany atly geldi.
Ýiti ses howluda ýaňlandy:
– Baýgu Kelan öz kynyk begleri bilen Abdylmälik emiriň dergähine sawçylyga gelýär!
Bu sözleri dikine zowladan şilliň uzyn kişidi. Sesi biçak ýitidi hem biçak çaslydy, gulagyňy deşimdeşim edip barýardy. Bilal neressäniň3 sesem şu kişiniňkiçe ýa bolandyr ýa bolan däldir. Aý, ýok, bolan
däldir! Uly bir şäheriň ilatyna habar ýetirmeli ýa muezzinçilik etmeli bolsa, bu şilliň uzyn kişi aňryýany
bilen oňarjak. Bu kişiniň sesi şäheriň diňe bir dört künjüne däl, golaý-goltumlaryndaky obalaryna-da kemsiz
ýetjek. Älhepus, Allatagala bendesini islän zady bilenem aňk edýär. Ol şilliň uzyn kişi durşy bilen ses
bolaýanda-da ondan onça ses çykmaly däl, ýöne, görüň, çykyp dur, onuň sesi Abdylmälik hanyň gulagyny
deşere getirdi. Han öz-özüne sowal berdi: «Jarçy nämä gerek?»
Gelenler äwmän-telesmän atdan düşmäge durdular.
Abdylmälik han gelenleriň içinden Baýgu Kelany – Musa begi agtardy:
«Gelenleriň haýsy birikä ol?»
Gelenleriň özüne bakan ýöräp ugraryna garaşdy. Ýok, gelenler oňa ünsem berenoklar. Hakyt şeýle: oňa
göwünli-göwünsiz göz aýlap, soňundan seretjegem bolanoklar. Olaryň bolşy bu howluda han hiç kim ýaly.
Özüne pisint edilmezligi emiriň myrryhyny getirdi. Olar kimdir birine garaşýarlar. Özem emiriň howlusynda.
Gelenleriň ählisi yhlasly. Nyzama düzülýärler. Soňky gelenler öňki gelenleriň gapdalyndan nyzama düzüldiler.
Kynyk ýigitleri adam geçer ýaly bäş-alty ädim aralykdan biri-birine bakyşyp iki hatar durup, janly däliz
döretdiler. Megerem, Musa begi biri-birine bakyşyp duran nyzamyň – janly däliziň ortasyndan
ýöretmekçidirler.
At toýnaklary ýer sarsdyryp ugrady.
Şilliň uzyn kişi ýer sarsgynyny goşalandyryp yzly-yzyna gygyrdy:
– Musa beg kynyk kethudalary bilen Abdylmälik hanyň dergähine sawçylyga gelýär!
Şilliň uzyn jarçynyň çeken jaryndan soň kyrk-elli sany atly geldi.
«Baý-ba, «sawçylyga» diýip, ähli kynyk gaýdyberipdir-ow» diýip, Abdylmälik han başyny ýaýkady.
Bu saparky gelenler biçak howlukmaçdylar: atlaryndan böküp düşüp, öz aralarynda nämedir bir zady
maslahatlaşýardylar. Hana, bir daýaw kişi ýanyndakylara tabşyryklar berýär, megerem, şol kişi Baýgu Kelan
diýilýändir. Tüweleme, ol kişä Allatagala göwre-hä berip bilipdir. Kelan diýseň kelan – daýaw, deşli eken! Ata
münende aýagy ýere degýändir onuň. Hana, ol kişi Mansur bilen gürleşýär, häzir Mansur olary hanyň ýanyna
alyp geler.
Emiriň pikir edişi ýaly bolmady: gelen kyrk-elli kişi öňki nyzama duranlaryň gapdalyndan hatara
düzüldi.
Olaryň hatary howlynyň ortasyna ýetdi. Hana, derweze bilen Abdylmälik hanyň duran ýerinde janly
däliz döredi. Gelenler iki hatar nyzama goşuldylar.
Ýene at toýnaklarynyň dükürdileri eşidildi.
Howla bäş sany atly serkerde girdi.
Ylgap baryp olaryň atlaryny sakladylar. Uzyn jarçy: «Musa beg!» diýip gygyrdy. Şondan soň nyzama
duranlar jem bolup, uzyn jarçynyň sözüni gaýtaladylar:
– Musa beg!
– Musa ýabgu!
«Bu gelen bäş kişiniň bäşisem serkerde bolmaly» diýip, Abdylmälik han içini gepletdi. Haýran
galaýmaly, ählisi saý kişiler. Içinde gysga boýlusy ýok bularyň. Ählisi depäňden seredip duran uzyn boýly,
süňňi iri kişiler.
Gelen bäş kişi Mansur bilen gadyrly salamlaşdy, soňam Abdylmälik hana bakan ugrady. Abdylmälik han
olara bakan gadam urdy. Çünki bu gelenleriň arasynda Musa begiň bardygy oňa aýandy. Haýsysynyň
ýabgudygynyň bolsa, dogrusy, oňa parhy ýokdy.
Bäş kişi Abdylmälik hana edep bilen baş atyp, salam berdi.
Abdylmälik han agraslyk bilen olaryň salamyny aldy.
Bäş kişi hana bakan uzaýan hataryň soňuna baryp saklandylar.
Şeýle bolansoň han olaryň ýanyna bardy, olar bilen ýekän-ýekän gadyrly salamlaşdy, hal-ahwal
soraşdy.
Mansur ylgap gelip, bu bäş kişiniň içinde Musa begiň ýokdugyny aýtdy. Ýöne nyzama duranlaryň:
«Musa beg gelýär», «Musa beg gelýär!» diýip gygyryşmalaryndan ýaňa, onuň aýdan soňky sözi eşidilmän
galdy.
Abdylmälik han bäşiň içinde Musa begiň ýokdugyny eşidip, oňaýsyz ýagdaýda yzyna öwrüldi. Dalana
baryp aýak çekdi. Onuň öz-özüne gahary geldi. Anyk nämä gaharynyň gelýändigini özem bilenokdy. Musa
begiň gelmän, adamlarynyň tapgyr-tapgyr gelip durany üçin gaharlanýarmy ýa «Haýsyňyz Musa?» diýip
soranda kynyk begleriniň jogap bermändigi üçin gaharlanýarmy – muny han anyk bilmedi.
Han: «Bular sawçylyga däl-de, uly bir dabara geçirmäge gelýärlermikä bu ýere? Dabaralaryny, goý,
başga ýerde geçirsinler, men mundan artyk garaşmaýyn, herki zadyň çeni bar, çaky bar» diýip, içini
gepletdi, içeri girmek üçin gapa bakan ýöneldi, ýöne düşnüksiz güýç ony saklady. Kynyk begleriniň bu
boluşlary, dogrusy, hany hopukdyrdy, demini gysdyrdy. «Musa diýilýän özüni Masutdanam ýokary tutýarow. Meniň howumy basmak üçin bularyň edip ýören hokgalaryny gör. Ýeri, men bir samsygyň
masgarabazlygyna sary-sadylla bolup seredip durmalymy? Men tümenbaşy, han. Men Harun Altyndaşyň,
has anygy, soltan Masut Gaznalynyň hany. Meniň ygtyýarymda on müň, hawa, hawa, on müň atly bar. Bu
günem soltan Masut Gaznalynyň tümenbaşysynyň öňünde atlysy bir müňüň asty-üsti bolan, ondan-oňa
göçüp-gonup ýören, baran ýerinden kowulýan, hawa, baran ýerinden kowulýan bir oýnam jemagatyň
kethudasy özüni ýabgu4 atlandyrýar, özüni hanlar hany, ýabgular ýabgusy görkezjek bolýar, meni aňk etjek
bolýar. Ýabgu unwanyny götermäge utanmaýar».
Emir dergazap bolup kynyklara bakan ýöräp ugrady. Bäş-alty ädimden soň onuň nazary haremhananyň
şahnişininden ýylgyrjaklap garap duran gyzy Altynjana düşdi, sakga saklandy. Han ikinji gezek oňaýsyz
ahwala düşdi. Dogrusy, nyzamda duranlaryň ençemesi hanyň haýbatly gelşini görüp, hatarlaryny bozup,
derwezä bakan gaçmaga häzirlenipdiler.
Abdylmälik hany düşen oňaýsyz ýagdaýyndan halas etmek islän ýaly, at toýnaklarynyň dükürdileri ýene
ýer sarsdyryp ugrady.
Bu gezekki gelenler kyrk-elliden hem köpdi.
– Musa beg!
– Dawut beg!
– Resultegin beg!
– Ybraýym beg!
– Hasan beg!
– Nasyr beg!
Kynyk ýigitleri bäş kişiniň adyny tutup, bäş-alty gezek gaýtaladylar. Aý, ýok, bäş-altydan hem köp
gaýtalandy.
Hana, bezemen-bezemen japy ýigitler!
Özlerem kileň murtly!
Özlerem kileň uzyn saçly. Saçlary eginlerine dökülip dur olaryň.
Özlerem uçdantutma uzyn boýly, deşli, arjanak gerçekler!
Her tapgyryň adamlarynyň öz egin-eşigi bar: öňki gelen tapgyrdaky gerçekleriň eşigi bilen soňkularyň
egin-eşiklerinde parh bar. Hiç bolmanda gylyç dakynyşlarynda parh bar. Soňky gelenleriň ählisiniň billerindäki
gylyçlardan başga guşaklaryna gysdyrylan, sapy şirmaýydan ýasalan hanjarlar, gamçylaryň hem birmeňzeş.
Gylyçdyr hanjarlaryň durşy, gamçylaryň tirme guşaga gysdyrylyşy hem birmeňzeş. Özlerem biri-birine juda
meňzeş olar.
Emiriň tyzlaýandygyny aňan ýaly, olar salamlyga bakan toparlanyşyp ýöräp ugradylar. Hana, olaryň
öňüne düşüp gelýän-ä hakyt ýesir düşen Togrul bilen bir almany iki bölen dek meňzeş. Diňe ol däl, onuň iki
gapdalyndaky gerçeklerem meňzeş. Olaram Togrulyň doganlary bolsa gerek.
Eý, Hudaýa hudawende, «sawçylyga» gitmeli diýse, kynyklaryň ählisi eňäýen bolmaly Zamahşara sary.
Syrgynlarynda erkek göbekli galan däl bolsa gerek. Eý-ho! Eý, Hudaý, olaryň-a ählijesem gelýär.
Abdylmälik han derwezeden çykyp barýan Mansury görüp geňirgendi. Eý, Hudaý, ol bu mahal näme iş
edýärkän? Mansur myhman gelen çagy hanyň ýakynynda bolmaly ahyryn! Gör-ä, häzir emiriň ýanynda bäşalty serkerde bilen Şandranç müňbaşydan başga hiç kim ýok. Haldan ferraşam ýok, ýogsam olam hanyň
ýanyndan aýrylman «Näme ýumuş bar?» diýip ýumşa mähetdel bolar durardy. Ýaňydan bäri Haldanam
ýetişiksiz günde. Ol hem nirädir bir ýere gidýär-gelýär. Ýaňy Haldan birtopar aýaly yzyna tirkäp haremhana
eltdi. Olar näme etjek bolýarkalar?! Ýa Altynjan: «Meni şu gün äkiderler» öýdüp, taýýarlyk görýärmikä?!
Hana, Mansur yzyna iki sany aýaly tirkäp dolandy. Olara bir zady-ha düşündirýär ol. Altynjan bir hokga
çykarjak bolýan bolaýmasyn?! Şeýledir, ol nämedir bir hyýala münendir. Bir hokga tapmasa, ol
rahatlanmaz! Hokgasyz bolsa onda oňa «Altynjan» diýiljekmi diýsene! Ýok, ýok, Mansur bilen Haldana
kynyk begleri ýumuş tabşyrdy. Ikisem kynyklar bilen gürleşenden soň gorsaň-gozgalaň tapyp ugrady. Belki,
olara nagara gerekdir?!
Abdylmälik han derwezäniň ýanyndan özüne bakan gaýdan kynyklary gaşlaryny bürüşdirip synlamaga
durdy.
Musa beg diýilýän Togrulyň agasy bolmaly. Togrulyň kakasy ir ýogalypdyr. «Iki dogan – Dawut Çagry
bilen Muhammet Togruly atasy Seljuk beg terbiýeläpdir» diýip Abdylmälik hana aýdypdylar. Seljuklylar
hakda, aýratyn hem Muhammet Togrul hakda has düýpli bilmek üçin Abdylmälik han Buhara ýörite adam
ugradypdy. Ugradan adamy ýigrimi günüň içinde seljuklylar, Muhammediň Togrul, dogany Dawudyň Çagry
diýen oguz adyny hünär görkezip almagy başarandygy hem olaryň edim-gylymlary, ýaşaýyşlary hakda
maglumat getiripdi.
Abdylmälik hana bakan gelýän topar birden ikä bölündi: toparyň üçden iki bölegi nyzama düzüldi,
galan bir bölegi bolsa howlynyň ortasynda saklandy.
Abdylmälik han topar bolup duran kişileriň öz ýanyna gelerine garaşdy. Ýok, olar hanyň ýanyna geljek
bolanok, asyl hana ünsem berenoklar, seredenoklaram.
– Musa beg diýýäniňiz ýene gelmedimi? – diýip, Abdylmälik han gaşlaryny bürüşdirdi.
Ähli nyzamda duranlaryň nazary Abdylmälik hana gönükdi, ýöne hanyň sowaly jogapsyz galdy.
Ine, derwezeden dalana – emiriň duran ýerine çenli aralykda kynyk ýigitleri janly däliz döretdiler.
Musa beg derwezäniň ýanyndan dalana çenli aralygy janly däliziň içinden ýöräp geçip gelmelidir. Iki tarapy
hem adam bolar.
Owadan görünýär!
Abdylmälik han haşşyldady. Munça adam barka içeri girmegem gelşiksiz gördi. Garaşmagam kiçilik
bildi.
– Seljuk ýabgusy Musa beg gelýär!
Bir seljukly-ha geldi.
Özem ýeke geldi.
Lowurdap duran dor bedewiň üstünde sarsman otyr ol.
Onuň atyny sakladylar.
Soňky gelen kişi topar bolup duranlar bilen birin-birin salamlaşyp çykdy. Gülüşýärlerem. Keýpleri çagçag olaryň. Abdylmälik hanyň garaşmakdan ýaňa sabyr käsesiniň pürepür bolandygyndan habarla meňzänok
olar. Gaty arkaýyn olar. Agnap-dönüşleri myhman bolup gelene meňzänok. Öz öýlerine gelen ýaly olar.
Öz-ä ahyryl-ahyr ýöräp ugradylar.
Öňde Musa beg, (belki, Musa beg däldir, ynam bilen aýdar ýaly däl!) yzynda-da dört-bäş adam.
Gelýär olar.
Iki tarapyndaky kynyklar bilen baş atyp salamlaşyp gelýärler. Käsi bilen-ä durup gürleşýärlerem.
«Gürleşjek, salamlaşjak bolsaň, äl, öz öýüňde wagt bolan däldir-ow saňa. Hökman meniň howlyma gelip
salamlaşmalysyň-ow, gürleşmelisiň-ow sen» diýip, emir özbaşyna hüňürdedi.
Abdylmälik han öňden gelýän Musa begi (goý, ol Musa beg bolsun-da hernä!) içgin synlady. Onuň
geýnişi özgeleriňkiden parhly. Başynda peşi ýok. Uzyn saçy Muhammet pygamberiňki ýaly eginlerine
dökülip dur. Saçlarynyň ýüzüne dökülmezligi üçin başyna tylla çyzmyk geýipdir. Ol çyzmyk däl-de, jyga
bolaýmasyn?! Bolsa bolar. Lowurdab-a dur. «Gedem kişi bolmaly – diýip, emir Musa bege (has takygy,
Musa begdir diýip çak edýän kişisine) öz ýanyndan baha berdi. – Şöhrat başyny aýlapdyr. Saçyny
Muhammet pygamberiňki ýaly uzyn goýberip, başyna altyn jyga geýmegi: «Özüme göwnüm ýetýär, edenimi
edýärin» diýdigi bolmaly onuň. Eňegine äňet! Eňegi başga kişileriňkiden görnetin uzyndyr. Uzyn eňek diňe
gopbam kişilerde bolýar. Onsoňam uzyn eňek açgözlükden, doýmaz-dolmazlykdan nyşan».
Musa beg janly däliziň ýakynyna geldi-de, hana bakyp, şelaýyn ýylgyryş bilen baş atdy, soňam ony
tanamadyk deýin yzyna öwrüldi, töweregine garanjaklap, derwezä bakan ugrady.
– Musa beg, men bärde! – diýip, Abdylmälik han gygyrdy.
Nyzamda duranlaryň biri ýuwaşja gürledi:
– Ol Musa ýabgu däl!
Bu habara Abdylmälik han serpmeden gaýdan ýaly boldy:
– Onda kim ol?!
– Ol Peýkam beg – Togrulyň daýysy.
– Hany onda Musa ýabgu diýýäniňiz? Hany?!
Hanyň bu sowalyna hiç kim jogap bermedi.
«Peýkam beg» atlandyrylan başy altyn jygaly kişi atyna münüp, hil bir iş goparan dek zut gitdi.
Ol gidensoň howla üsti ýükli düýeler gelip ugrady.
Bir düýe, iki düýe...
Köp olar!
Düýeleri idip, howla getirip çökerdiler. Her kimiň öz etmeli işi bar. Biri düýeleri çökerýär, başga biri
düýeleriň ýükleriniň ýüplerini çözýär, biri ýükleri dalanyň öňüne daşaýar.
Barat Alçak diýlen agyr ýüzli, ämert kişi haýsy zady nirede goýmalydygyny görkezýär.
Sähel salymyň içinde Abdylmälik hanyň giň howlusy gyzan bazara döndi.
Ýigrimi düýe ýük.
Ýükleri düşürilen düýeleri howludan alyp çykdylar. Abdylmälik han ýalňyşan eken: seljuklylaryň biribirine bakyşyp döreden janly dälizi Musa begiň dabaraly ýöriş bilen Abdylmälik hanyň ýanyna gelmegi üçin
edilmän eken: düýelerden düşürilen ýükleri – Altynjanyň mahýasyny5 Abdylmälik hanyň ýanyna dabaraly
görnüşde getirmek üçin edilen eken.
Mahýany janly däliziň içi bilen hanyň gapdalyna çekip ugradylar. Sähel salymda hanyň iki gapdaly
seljuklylaryň getiren hedýe-engamlaryndan depe boldy.
Emiriň nazary getirilen zatlaryň içindäki iki sany kiçeňräk sandykda saklandy. Ol sandyklar altynkümüş saklamak üçin ulanylýar. «Seljuk begleri bu iki sandykda Altynjanyň mahýasy diýip altyn-kümüş
getiräýdilermikä? Şeýledir-le. Bularyň içi gyzyldan doly bolsa, onda bularyň Altynjana goýýan hormaty
gaty ýokary».
Abdylmälik hanyň içki pikirini aňan bolsalar gerek, Barat Alçak diýlen ämert kişi gelip, sandyklaryň
ikisinem açyp gitdi.
Sandyklar gymmatbaha daşlardan, altyndyr göwherlerden doly eken!
Abdylmälik han sag tarapynda depe edilip goýlan zatlara göz aýlady. Gymmatbaha matalar, donlar,
abalar, çuhalar, ýüň matalar depe bolup ýatyrdy. Onuň aňyrsynda her dürli nogul-nabatlardan doldurylan
sebetler giden meýdany tutupdyr. Bu dürli-dürli gap-gaçlar Çyn-Maçyndan getirilen bolsa gerek,
Horezminde, Mawerannahrda ýasalan zatlar-a däl bular.
Abdylmälik hanyň sol tarapynda owadan-owadan Gunduz halylary depe bolup ýatyrdy. Olaryň
aňyrsyndaky iki üýşmegiň nämedigini emir anyklap bilmedi, çünki olar birmeňzeş haltalardy.
***
Täze tomaşa başlandy: ýük getiren düýeleriň çykyp gidenine onçakly köp wagt geçip-geçmänkä howla
iki örküçli düýeler gelip ugrady. Düýeleriň her biriniň üstünde owadandan-owadan kejebeler bardy,
kejebeleriň üstünde bolsa zenanlar otyrdy.
Zenanlar kejebelerden düşüp, uzyn bir hatar bolup durdular. Olaryň her biriniň elinde gymmatbaha
atlaz, ýüpek matalardan tikilen, aýal maşgala niýetlenen lybaslar bardy. Ol lybaslar-geýimler Altynjana
niýetlenilip tikilen bolmaly.
Abdylmälik han üçin seljuk begleriniň sawçylyga gelişleriniň başy içgysdyryjy görnüpdi, ýöne ol kemkem şüweleň alyp ugrady. Özem olar sustuňy basýar. Seljuklylaryň sarsman hataran duruşlarynda resmi
dabaralylyk bar.
Hany haýrana salýan zatlar yzly-yzyna bolup durdy.
Hany owalan janly däliz geň galdyran bolsa, indi kejebeli zenanlaryň herdürli lybaslary ellerinde
göterip, nyzama düzülip duruşlary geň galdyrdy. Ol erkek kişileriň nyzama duruşlaryna seredip öwrenişip
gidipdi, ýöne ol zenanlaryň nyzama düzülen ýerine heniz gabat gelmändi. Özem ol nyzam ýöne-möne
nyzam däldi. Hana, saltman zenanlar iki hatara düzülipdirler. Ol hataryň sag tarapdaky zenanlaryň başlaryna
atylan ýapynjasy gyrmyzy, eşikleri kileň ýaşyldy. Çep tarapdaky zenanlar boýdan-başa al geýnipdirler.
Olaryň hokgalaryna çenli aldy, eginlerindäki geýimleri birmeňzeş al atlazdy, şeýlebir ýalkym saçýardy.
Zenanlar nyzama düzülenlerinden soň kejebeli düýeler howludan çykyp gitdi. Olaryň iň soňkusy
çykandan soň howla kernaýdyr surnaýly, dumbelekli, raddyr nagraly sazandalar gelip ugrady, olar ikä
bölünip, derwezäniň sagynda hem solunda nyzama düzüldiler.
Sazandalar saz çalyp öz ýerlerine geçenlerinden soň, howla iki hatar bolup otuz-kyrk sany tapbala6
geldi. Tapbalalaryň ählisem on alty-on ýedi ýaşlaryndaky bugdaýreňk, inçesagt, birmeňzeş gyzlardy,
özlerem birmeňzeş al geýnipdirler. Ählisinden gözüňi aýrasyň gelenok. Olar hem derwezäniň sagyna, soluna
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 11
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.