Latin

Altynjan hatyn - 42

Total number of words is 3753
Total number of unique words is 2010
32.7 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
mümkin zat däl ýalydy. Kim ony: «Madýarlaryň (wengerleriň) ýurduna gaçanmyş» diýse, başga biri:
«Müsüre aşypdyr» diýipdi. Altynjan üçin iň esasy zat Şamäligiň hökümdarlygynyň ýok edilenligidi.
«Şamälik pälinden tapdy» diýip, ol netijä gelipdi. Gör, ol günlerden bäri näçe ýyl geçipdir?! Altynjan şu
güne çenli Şamäligi näletläp ýaşady! «Zamahşar gijesi» diýip at alan şol gyrgynçylygy ýatlanda onuň
endamynda galpyldy peýda bolýardy.
Bu nejis Altynjanyň mähriban kyblasy Abdylmälik hany, mähriban käbesi Hajar hatyny öldürdi.
Ol Altynjanyň dogany Habyly dardan asdy!
Zamahşarlylardan üç ýüzden gowrak adamy öldürdi. Bäş ýüzden gowrak adamy ýesir edip, gul
bazarynda satdy!
Seljuklylaryň bolsa sekiz müň adamsyny öldürdi!
Altynjan: «Elime düşse, Şamäligi düýt-müýt ederin!» öýdýärdi.
Ine, öňünde Şamälik ýatyr.
Onuň janyny jähenneme ýollamak üçin Altynjanyň ýekeje yşaraty ýeterlikdi. Öňki eden hyýanatlaryny
az görýän ýaly, ýene gürlänem bolýar: «Men hatynlaryň öňünde dyza çökmeýärin!» diýip.
Gör, ol ýaşan ömründe näçe hyýanatçylyk, näçe wagşyçylyk etdi?! Gör, onuň elinden näçe-näçe bigünä
adamlar öldi?! Ine, indem bir tokga et bolup güberilip ýatyr. Tanamaýan adam: «Gowy adamdyr» diýip pikir
eder. Ýüzünde wagşylygyň ýekeje peşwerem ýok. Ömrüni hamd-u-senada geçiren takwa ulama meňzeýär.
Aldawçy ýüzi bar.
– Melikäm, görene göz edip dardan asalyň! – diýip, Ärdeşir Magmarany janykdy, Şamäligiň böwrüne
bat bilen üç-dört gezek depdi. – Munuň eden etmişleri juda kän. Munuň diňe size eden ýamanlyklaram kän.
Siziň ýaşan Zamahşar galaňyzy tozdurdy. Siziň hossarlaryňyzy öldürdi. Doganyňyz Habyl jany dardan asdy.
Nika toýuňyzy ýasa öwürdi...
– Gerek däl, gerek däl, Ärdeşir, ýatlama! – diýip, Altynjan elini daldalady.
– Wah, munuň size eden ýamanlyklaryny ýatlanymda men çydap bilemok, melikäm.
– Wa neýlete, Ärdeşir. Men saňa düşünýärin... – Altynjan Şamäligiň ýatan ýerine ýakyn geldi. – Tur
ýeriňden!
Şamälik garrylyk yh-çoky bilen ýerinden turdy.
– Sen Togrul bege, onuň maşgalasyna, maňa nähili hyýanatlar etdiň! Sen bir heleýiň sözüne gidip,
seljuk neberesine ezýet berdiň.
– Seniň üçin ol zenan «bir heleý» bolýanam bolsa, meniň üçin eziz enedir!
– Sen näme üçin aman soramaýarsyň?
– Berilmejek zady diňe çagalar soraýar.
– Melikäm, munuň bilen gürleşip wagt ýitirip durmasaňyzlaň! Ygtyýar berseňiz, men bu nejisi kerçemkerçem edeýin – diýip, Ärdaş ýataganyny Şamäligiň pökgi garnyna dürtdi.
– Ärdaş hak aýdýar, melikäm! Şu ýelemýüwledi öldürmeli! Özem muny öldürmegi maňa tabşyryň!
Munuň ölenini görmesem, men rahat ýaşap bilmerin. Size hyýanat eden nejisiň haky ölümdir!
Şamälik Ärdeşir Magmaranyga tiňkesini dikdi:
– Sen wezirmi?
– Ýok, wezirler diwanynyň naýyby. Ýeri, saňa näme?!
– Sen hökman wezir bolarsyň.
Şamäligiň bu sözi ähli kişini geň galdyrdy. Ärdeşir Magmarany haýsydyr bir syry açylyp barýan ýaly,
ýataganynyň ujuny gürleme diýen terzde Şamäligiň agzyna sokdy:
– Maňa seniň hakylyň gerek däl. Eşidýärsiňmi, maňa seniň hakylyň gerek däl!
Altynjan hiç kime hiç zat diýmän gapa bakan ugrady. Onuň karargähden çykyp barýandygyny görüp,
duranlar ör-gökden geldiler, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler.
– Ýeri, muny näme etmeli? – diýip, Ärdeşir Magmarany Kabyla ýüzlendi.
– Men bu nejisi Mekrandan ähli baýlygy bilen alyp geldim – diýip, Ärdaş elewredi. – Men etmeli işimi
etdim: bu nejisi Altynjan hatynyň dergähine tutup getirdim, Ybraýym ynalyň maňa tabşyrygy şeýledi. Indi
men näme edeýin muny? Men indi yzyma gaýtjak. Muňa indi özüňiz eýe boluň!
Kabyl Altynjanyň yzyndan ýetdi.
– Altynjan, saklan!
Altynjan Kabylyň ýüzüne soragly bakdy:.
– Ýeri, näme?
– Sen näme üçin soltan Masudyň guýrugyny öldürmäge izin bermeýärsiň?
– Guýrugyny? Köpegiň guýrugynda ýagyň hem güýjüň bolmaýşy ýaly, bu garry guýrukda-da hiç zat
ýok. Ol indi hiç kim.
– Ýok, ýok, seniň ýagsyz hem güýçsüz diýýän guýrugyň, erkinlige goýberseň, ýagam tapar, güýjem.
Özem öňküsinden bäş beter güýçlener. Dünýäni guýruklar dolandyrýar ahyryn!
Altynjan Kabylyň ýüzüne geňirgenme bilen bakyp, nämedir bir zatlar diýmekçi boldy, ýöne ýuwdundyda, ýoluny dowam etdirdi:
– Men onuň nädip öldürilse ýerine düşjekdigini bilmeýärin. Oňa nähili jeza berilse-de, bärden
gaýtjak ýaly bolup dur. Oňa ýowuzdan ýowuz jeza bermek gerek!
Ärdeşir Magmarany Altynjanyň ýakynyna bardy.
– Ýowuz jezalaryň görnüşleri kän. Isleseňiz, dardan asyp bolar, isleseňiz, falake ýa çambarpeç jezasy
bilen öldürip bolar. Başga-da usullar kän, gara ölüm7 bilenem, gyzyl ölüm bilenem öldürip bolar, ýöne
özüm-ä kahdudy gowy görýärin.
– Ol nähili jeza?
– Kahdud usulynda bugdaý samanynyň tüssesine boglup öldü­rilýär, sebäbi tüsseleriň içinde saman
tüssesi iň demikdiriji tüsse.
– Ärdeşir, bu nejisiň jezasyny özüň ber. Nädip öldürseň, şeýdip öldür, öldürseň bolýar. Goý, seniň
gowy görýän jezaň berilsin!
Altynjanyň bu aýgytly sözünden soň Şamäligi südenekledip alyp gitdiler.
Altynjan onuň yzyndan garap galdy, näme üçindir, Janahyr halwaçy ýadyna düşdi.
On ikinji hekaýat
ÝATLAMA – GARRYLYK ALAMATY
ltynjan geçen günlerini köp ýatlaýardy. Ýatlamalar wagt geçdigisaýyn dagtokga üzümi ýaly
süýjeýärdi.
Onuň hakydasynda düýpli orun alan belli-belli wakalar bardy.
– Arsahişmesen şäheriniň gündogar bazarynda äpet pili gören pursady hakydasynda dur. Ol: «Pile
münjek!» diýip aglapdy, Sadylla bolsa, pilden gorkup aglapdy. Sadylla aglamadyk bolsa, olary pile
mündürjekdiler. Şonda bir hatyny jezalandyrypdylar, kellesini çapypdylar. Ol hatynyň kesilen kellesi
Altynjanyň duran ýerine togalanyp gelipdi. Altynjan kellesi çapylan hatynyň örülen uzyn saçyny ýylandyr
öýdüp gorkupdy. Şol gezekki bazarda bolup geçen ähli wakalar:
– Inisi Habylyň gözüne gylyjyň ujuny sokup, onuň bir gözüni kör eýleýşi;
– Janahyr Geçdekiniň ogluna ok atyp ýaralan pursady;
– «Eprikogullary Hudaýyň gargan neberesi» diýendigi üçin öz deň-duşlarynyň bäşisini urup, hakyt
maýyp edişi;
– Gahar edip, kakasynyň otagyny otlaýşy;
– Buruntakly oglanlary uruşlary;
– Tümen beg;
– Tümen begiň ýigrimi halta altyn-kümüş getirip, şebistanda gömen gijesi;
– Tümen begiň öldürilen gijesi;
– Daýysynyň soňky demini sanap ýatyşy;
– Çiltenler bilen Togrul begi öldürmäge gidilişi;
– Togrul beg bilen ilkinji gezek duşuşan pursady;
– Togrul beg bilen sährada gezelenç edişi;
– Toý güni…
Ýada düşýän täsirli wakalar kän. Altynjan ol wakalary ýatlap, gaýtadan pikir eleginden geçirýär...
Şeýle ýatlamalaryň biri-de «Zamahşar gijesinden» soň, Garagumuň içi bilen Merwe baryşlary.
A
Altynjan hatyn ol günleriň her bir pursadyny, her bir sagadyny dek şu gün bolup geçen waka deýin
göz atuwyna getirýärdi.
...On müň atly esgerden galan iki müňe golaý esger «Zamahşar gijesindäki» aýylganç gyrgynçylygy
asyl ýatlanokdam. Olar göçgünlidiler, şadyýandylar. Olaryň göçgünliliginden şadyýanlygyndan çen tutsaň,
hiç bir gyrgynçylyk bolmadyk ýalydy, olar özara degşip-gülşüp gelýärdiler.
On iki günläp ýol ýöreldi. On ikinji gün Merwe ýakynlaşylandygyny habar berdiler.
Herki zadyň soňy bar. Soňy ýok ýaly bolup görnen Garagumuň hem soňy bar eken.
Garagumuň gyrasyna ýakynlaşylandygyna ähli kişi begenen bolsa, Altynjan gynanmak gynandy. Onuň
göwnüne, Garagumuň gutarmagy bilen iki ýyl dört aý on ýedi günläp talwaslap garaşan täze eşreti, täze
durmuşy gutaraýjak ýaly duýuldy.
Altynjan bütin ömrüniň ýörişde geçmegine razydy. Wah, ol bütin ömrüniň geçen on iki gününe çalymdaş
bolmagyny isleýärdi.
Ol Garagumda üç giňişligiň gujagynda meýmiräpdi.
Şol üç giňişligiň ilkinjisi mähriban adamsy Muhammet Togrul begiň gujagydy. Ol Altynjanyň ýüregine
ymgyr giňlik berýärdi. Bu giňişlik Altynjan üçin Erem bagydy. Altynjan bu giňişlikde özüni bagty daş
ýarýan zenan hökmünde duýýardy.
Ikinji giňişlik Garagum çölüniň uç-gyraksyzlygydy. Bu uç-gyraksyz giňişlik hem Altynjanyň dar
gursagyna giňlik berýärdi.
Üçünji giňişlik – Wagtdy. Giň çölde gaýa-gopuzlyk ýokdy. Wagt – Altynjanyň isleýşi ýaly haýaldy,
ýaýaldy. Arkaýyndy, kanagatlydy. Ähli zat, ýok, älem-jahan ukuda ýatan ýalydy.
Altynjan çölüň uç-gyraksyz giňligini, wagtyň ýaýallygyny Muhammet Togrul begde hem görýärdi.
Ol özüni begiň ýanynda iň sylagly, iň bagtly zenan duýýardy. Altynjan: «Durmuş şeýle gowudyr» diýip
akylyna-da getirip görmedik bolsa nätjek?! Ýogsam olam-a arzuwlar ummanyna çümüp, hyýalatynda
Muhammet Togrul beg bilen köp hadysalary başdan geçiripdi. Hyýalat süýjüdi. Aslynda dünýäde iň süýji
zat hyýalat eken. Hyýalat diňe bir süýji däl, ol lezzetli hem eken.
Altynjan toý günündäki gerdegiň işigini ikinji ömrüniň işigi hasaplady.
Ol gerdegiň işiginde nisar dessury birle depesinden gülleri, altyn dinarlary seçelendirip ikinji dünýäge –
ikinji zenan ömrüne ädim ädipdi, ýöne bu günde onuň başky dünýäsini ýatladýan ýekeje zadam ýokdy.
Ýekeje zadam!
Wah, gulakhalkasam ýog-a!
Geçen günleri bilen baglanyşykly ähli zatlary gerdegiň içinde galdy.
Altynjanyň gerdekden çykandan soňky ömri ylgawly boljaga meňzeýärdi. Çünki ol gerdekden ylgap
çykypdy.
Şondan bärem ýoldady.
Eý, Hudaý, seniň ýaradan gerdun pelegiň biçak giň! Eý-ho, gerdun pelegiň soňy ýog-a.
Garagum Altynjanyň arzuw-telwaslaryndanam uzyn hem giň eken!
Altynjan maksadyna gowşup, on iki günki ýörişde birgiden garaşmadyk sarç pikirleriň üstünden bardy.
Ol ähli zadyň öňki pikir edişi ýaly däldigini çaklady. Garagumuň her bir golunda hökmürowanlyk, düňlelik
duýdy. Çöl ümsümliginde, düňleliginde, hökmürowanlygynda Altynjanyň göwnüne bolmasa, Togrul bege
nähilidir bir ýakynlyk bardy.
Altynjan bu pelekde Allatagaladan köp zat hantama däldi. Onuň baş küýsegi Togrul bege özüniň adaty
zenan däldigini, zenan bolup dünýä inen-de bolsa, hakyky merdana «erkekdigini» durmuşda subut etmekdi.
Ol özüne naçar hökmünde seredilmegini asla islemeýärdi. Has anygy, ol özüne naçar hökmünde
seredýänleri ýigrenmek ýigrenýärdi.
Altynjan Togrul begiň şa bolmagyna kipaýat bermek isleýärdi. Eger özi kipaýat bermese, bege şa
bolmak eýgertmejek ýalydy.
Eger Togrul bege gerek bolsa, pikirlenmezden janyňy bermeli diýen düşünje Altynjanyň aňynda berk
orun alypdy. Eýsem näme? Allatagala, rast, Togrul begiň hatyny bolup, ýardamynda durmak üçin – Altynjan
özüniň Togrul begiň ýardamynda durmak üçin dünýä inderilendigine berkden-berk ynanýardy – amanat
eçilen bolsa, onda buýtar-suýtarlyk nämä gerek?! Allatagalanyň özüni haýsy maksat üçin ýagty ýalança
getirendigini bilmegiň özem uly mertebe ahyryn! Altynjan Gorkut atanyň hatynlar hakdaky söhbet bilen
başlanýan şadessanyny gowy görýär, onda Ezraýyl Däli Domrulyň janyny harladyp almaga gelende, oňa
aýalynyň öz şirin janyny berýändigi baradaky boýy has-da gowy görýär. Gorkut atanyň bu boýuny hakyt özi
hakynda aýdylan ýaly duýýar. Ýaşlary bir çene baran ata-ene perzentlerine şirin janlaryny berenok.
Gülçeçek welin, äriniň derdine derman bolmagy özüne mertebe bilýär. Gorkut ata oguz zenanynyň
durmuşdaky ornuny düşündirýär: hatyn öz zemin hudaýy üçin, onuň mertebesi, rowaçlygy üçin ýaşamaly.
Altynjan bu şadessany gaýtalap-gaýtalap diňläpdi, Gülçeçekde öz keşbini görüpdi. Ýöne Gülçeçek bolmak
Altynjany kanagatlandyranokdy.
Ol öz hökümdaryna özüniň kimdigini – başarnygyny görkezmek isleýärdi! Ömrüniň manysyny hem şu
isleginiň amalynda görýärdi!
Köp bende özüniň bu ýalançydaky ornuny-ojagyny tapman itiň art aýagyndan suw içip ýör-ä!
Altynjan– iň esasy zat – bu dünýä inmesiniň düýp içtymagyna akyl ýetirdi. Öz ykbalynyň, täleýiniň Togrul
begiň ýanyndadygyny bildi. Onsoň, heý, ony ezizlemän bolarmy? Altynjan Togrul begi ezizlemegi özüni
ezizlemek manysynda düşündi. Onuň başyna melamat gelse, özünden sowa geçmejekdigi köre hasa ahyryn.
Togrul begi goramak – öz mertebäňi goramak. Ýöne, Hudaýa şükür, beg goraga, hemaýata mätäç däl.
Gaýtam, onuň özi külli musulman ymmatyna howandar.
Altynjanyň öz öňünde goýan maksady bardy: beg, goý, ilkinji ýyllarynda hatynyny towşantüý, naçar
hasaplasa hasaplasyn.
Goý, beg ony diňe halallygy hasaplasyn.
Ömür gysga – ýol uzak.
Altynjan durmuşda özüniň naçar däl-de, hakyky merdanadygyny, özem Muhammet Togrul begiň
naýyby hem nedimi bolmaga mynasyp merdanadygyny görkezer, subut eder! Hökman subut eder!
Altynjan, ine, şu maksadynyň amaly üçin Alladan pursat hem gaýrat dileýärdi.
Merdi-merdana, «erkek» bolmak küýsegi onda çagalykda galaýjak ýalydy. Bu küýsegiň çagalykda
galmagyna Abdylmälik han, atabeg Omar, Hajar hatyn ynanypdy. Altynjanyň özem ynanypdy. Ýöne galman
eken.
Galman eken.
Megerem, «erkek» bolmak küýsegi ojaryň ýere kök urşy deýin çuňdan düýp tutandyr?! Ojaryň köküniň
ählisini köweläp alyp bolmaýşy deýin, indi Altynjanyň çagalykdan galan küýseginem aňdan doly aýryp
bolmajaga meňzeýär. Bu küýseg kesapat getiräýmesin, Altynjan?! Beg beg bolar, ol etjek işini bilýär
ahyryn!
Allatagala kimi patyşa götermek islese, Musa beg, Ybraýym beg, Dawut beg deýin dogan hem aga
berýär, serkerde berýär, Abdylkasym Buýany, Ahmet Dehistany, Anuşirwan ibn Tümen, Amydylmülk
Kundury deýin parasatly wezir berýär, Altynjan ýaly hatyn berýär. Beýigi beýik edýän onuň töweregindäki,
gullugyndaky başarjaň adamlary!
Altynjan özüniň Togrul begiň şa bolmagy üçin doglandygyna öňem ynanýardy. Iki ýyl dört aýlap hem
bu pikiri gursagynda ezizläpdi. Garagumuň içinde geçiren on iki gününiň içinde pikiriniň hakdygyna hasam
açyk göz ýetirdi. Onsoňam Togrul begiň nika gijesi aýdan bäş sargydyna wepaly bolmak aňsat däl ýaly
bolup görünse-de, birgiden kynçylyklaryň ýüze çykjakdygyny aňdy.
On iki günüň içinde oýlanara Altynjanda mümkinçilik ýeterlik boldy. Bäş sargydyň dördünjisi barada
oýlandy. Şol gije Muhammet Togrul beg bäş sargydynyň diňe dördüsini aýtdy. Altynjan aýdylmadyk
sargydyň nämedigini niçesar bilesi gelse-de, begden soramady, diňe amatly pursat dörände soramagy maksat
edindi.
***
Togrul beg bilen Altynjan atlaryny ýanaşyk sürýärdiler. Serkerdeler sesýetim yzdan gelýärdi.
Ähli atlylar çatynjalaryň hylwaty söhbedine päsgel bermezlige çalyşýardy. Togrul beg sag elini
ýokary göterip ýanyna gelmelidigi baradaky yşaraty bermese, hiç kim olara ýakynlaşmaýardy.
Yssydan ýa-da ýagyş-ýagmyrdan goranmaly bolanda, Togrul beg hyzmatkärlerine şeýle diýerdi:
– Siz meniň üstüme saýawan tutjak bolup oturmaň, siz meniň hatynymy yssydan, ýagyşdan-ýagmyrdan,
gardan goraň. Saýawanyňyzy onuň üstüne tutuň.
Togrul beg ýörişlerde ilkinji hyzmatyň hatynyna edilmegini hyzmatkärlerinden mydama talap ederdi.
Bu talap onuň bütin ömrüne dowam etdi. Begiň bu talabyndan Altynjanyň nähili hatyralanýandygyny
duýýardylar.
***
Olar gündiz ýol ýöräp, garaňky gatlaşyp ugranda düşleýärdiler, otuz-kyrk adam ýerleşer ýaly uly
düşekde ýazylyp-ýaýrap oturýardylar, dynç alýardylar, uklaýardylar.
Ýörişiň ilkinji hepdesinde Altynjan horlanmak horlandy. Nädip horlanmasyn, görgüli?! Garaňky
düşenden ýorgana girip ukusyny daňdana çenli almagy öwrenen säherhyz Altynjan asyl gijelerine uky
görmese nätsin?! Uzynly gijäni Togrul beg bilen aýşy-eşretde geçiren Altynjan daň atandan ýola düşmeli.
Onsoň atyň üstünde uklaman oturmak eýgertmeýärdi. Togrul beg welin, atyň üstünde pinek etmäge-de,
ukusyny almaga-da werziş eken. Asyl, ol ata münenden soň islän pursady uka çümüp bilýärdy. Özi süýji
ukuda bolsa-da, atyň nirä gelendigini, nähili ahwalatyň ýüze çykandygyny magat bilýärdi. Süýji ukudaka
soralan soraga takyk jogap berýärdi, iki müň atly goşuny dolandyrýardy, adamlaryna etmeli işlerini
aýdýardy. Togrul begiň bu başarnygy Altynjany haýrana goýdy: bu başarnygy öwrenmäge çalyşdy.
Ähli zadyň başlangyjy kyn. Atyň üstünde irkilmegi däl, uklamagy öwrenmek Altynjana, gör, näçe
hupbatlary berdi.
Üç gezek atdan ýykyldy.
Üç gezek!
Şol üç gezegiň ikisinde Togrul beg ukusyndan açylyp, oňa tekge bolmaga ýetişdi.
Birinde welin, ät galdy. Ýogsam beg onuň uklanda atdan ýykylmagyndan ätiýaç edip barýardy.
Altynjanyň aýagy üzeňňide galdy, göwresi aşak gaýtdy. Aýagyny üzeňňiden aýryp bilmän atyň
aýaklarynyň arasynda gara heläk boldy. At ony esli aralyga süýräp äkitdi.
– Bolmaly zatlaryň ahyry biri boldy. Şeýdip, ýykylmasaň, atyň üstünde uklamagy öwrenmersiň.
Şeýdip, ýene bir gezek ýykylanyňdan soň, atyň üstünde uklamagy öwrenäýmegiň ähtimal. Senden
gizlemäýin, men üç gezek atdan ýykyldym. Olaryň birinde at süýredi, üstümden ýöräp, ýaýjygymy döwen
gezegem boldy. Baý, heläk boldum, şol gezek! Ýyllar gaty köp zatlary öwretdi.
Altynjan hötjetlik etdi: uklamaly, ýöne indi hüşgärligi saklamaly – atdan ýykylmaly däl.
Ol soň hakykatdan hem atdan ýykylmady.
Allatagala Horezmine sygmadyk Altynjany ýedi yklym sährasyna çykardy. Täze durmuş onuň hyňzap
duran kakabaş hyjuwyna kybapdaşdy. Ol giň sährada kanagat tapdy.
Bu durmuş Altynjanyň küýsän durmuşydy. Şonuň üçin ol bu durmuşa tiz öwrenişdi.
Ýöne Togrul beg onuň garaşan perdesinden gopanokdy.
Beg onuň aňynda ýaşaýan Muhammet Togrul begi däldi, ol başga adamdy, başga begdi, geňdi, syrlydy.
Altynjany geň galdyran zat kändi.
Muhammet Togrul begiň toý güni halaýygyň öňünde özüni «Gudaçylyga barlanda görkezen
hokgalaryň üçin» diýip gamçylamagy, soňundan gerdekde aýagyna tagzym etmegini islemegi Altynjanyň
ýadyndan teý çykanokdy. Ol nika gijesinde Şamäligiň gulamlarynyň eden gyrgynçylygyny hem ýadyndan
çykaryp bilenokdy, soň bu hakda Muhammet Togrul bege aýdypdy:
– Şamälik nejisiň eden ýowuzlygy hiç akyla sygar ýaly däl!..
– Şamälik bize juda ýowuz urgy urdy, iň ýakyn adamlarymyzy öldürdi. Biz olaryň hununy Şamälikden
hökman alarys, özüni-de ýowuz jezalandyrarys.
– Damagy çalnan, ganlary derýa bolup akan bendeleri hiç unudyp bilemok.
– Sen ol gijäni, ýowuzlyklary ýatlamajak bol. Olar ýaly zatlary aňyňdan çykaryp zyňmagy başarmasaň,
Togrul begiň hatyny bolmak saňa juda kyn düşer.
Altynjan Muhammet Togrul begiň bu sözlerini Garagumda geçiren on iki gününiň içinde telim ýola
aňynda aýlady, ýöne, barybir, aňyna sygdyryp hem aňyndan aýryp bilmedi. Sekiz müň adamyň ölümine
nädip parhsyz bolup biljek?
Togrul beg Jeýhunyň kenarynda sekiz müň esgerden daşgary köp mukdarda baýlygyny goýup gaýtdy.
Gör, näçe araba, gör, näçe düýe ýük galdy, ol ýerde? Galan baýlyk üçin Muhammet Togrul begiň tüýem
gymyldamady, diňe özüniň biynjalyk edilendigine gaharlandy.
Altynjan Togrul begiň nika gijesindäki rahatlygyny ähli baýlykdan, ähli zatdan ýokarda goýýandygyna
düşündi.
Onuň bolşy biçak syrlydy: syrlylygyndan, rahatlygyndan çen tutsaň, ýogalan esgerler direläýjek ýalydy,
şeýle hem ýogalan esgerlerinden ýüzlerçe esse köp esger özüne haýsydyr bir depäniň aňyrsynda garaşyp
duran ýalydy. Onuň syrlylygy Jeýhunyň kenarynda galdyryp gaýdan baýlyklaryndan ýüzlerçe-müňlerçe esse
köp baýlyk hem birki depeden aňyrda goýlan ýalydy.
Wah, Altynjanyň iki ýyl dört aý on ýedi günläp geýmäge dözmän saklan gymmatbaha lagly-göwherlerli
egin-eşikleri, şaý-sepleri gerdegiň içinde galdy! Wah, gerdegiň içindäki hataran goýlan sandyklarda dünýäň
baýlygy bardy! Wah, duran ýerlerinden göni gaýtmaly boljagyny bilenliginde, ol hiç bolmanda, Togrul
begiň nika güni üçin weziri Ahmet Dehistanydan ugradan şaý-seplerini dakynyp ýa alyp daş çykardy!
– Wah, Altyn gyz, bu dünýäniň zady üçin gyýylma! Nesip bolsa, ýedi yklymyň ähli baýlygy seniňki
bolar! Şamälik seniň ol şaý-sepleriňi öz eljagazlary bilen getirip berer, özem ol alan zatlarynyň üstüne-de
ýüz esse goşup, öňüňde ýedi bükülip getirip berer. Muny saňa men aýdýaryn. Muny saňa Muhammet bin
Mykaýyl bin Seljuk bin Dukak aýdýar. Sabyrly bol. Geregiň altyn şaý-sepi bolsun! Seniň haremiň
Zamahşardaky ýaly jaý bolmaz, ýok, ol Käs, Ürgenç şäherlerindäki ýaly, Merwdäki, Nyşapurdaky ýaly,
owadandan-owadan köşk bolar. Seniň köşgüň müňläp haşemli bolar.
Togrul begiň ýalan sözlemeýändigine Altynjan ynanýardy, ýöne onuň aýdýan zatlaryna hiç akyl ýetirip
, göz öňüne getirip bilenokdy. Ähli zat hyýalaty ýaly duýulýardy. Şeýle-de bolsa, Altynjan begiň aýdýan
sözlerine juda ynanasy gelýärdi.
– Eh, Altyn gyz, Altyn gyz, seniň üçin näme gerek bolsa, men gaşymy çytmaryn. Seniň ornuň mydama
meniň tagtymyň çep gapdalynda bolar. Sag gapdalymda baş wezirim oturar. Ýöne sen baş wezirimdenem
maňa ýakyn bolarsyň. Men külli musulmanlaryň patyşasy bolaryn. Sen bolsa külli musulmanlaryň
patyşasynyňam patyşasy bolarsyň.
Erkek kişiler zenanlar üçin hem jennet, hem dowzah.
Jennet bilen dowzahyň aralygy gaty ýakyn: o dünýädäki gyldan inçe Syrat köprüsi barmyş. Ana, şol
köpri är bilen aýalyň aralygyndaky köpri bolmaly. Är bilen hatynyň arasynda ýekeje söz bar. Zenanlar şol
ýeke sözüň üstünde ýaşaýarlar. Ýeke sözüň üstünde duran zenan adamsynyň ýüzüne seredenden dowzah
bilen jennedi saýgarmaly. Ýogsam başyňa dowzahyň inäýmegi ähtimal.
Erkek kişi islän pursady bu ýalançyda jenneti hem dowzahy döredip bilýär.
Erkek – baş, hatyn – boýun.
Altynjan nika gijesinden başlap, Togrul bege iň ýakyn ýardamçy bolmaga çalyşdy, onuň maksadynyň
rowaç bolmagynyň ýollaryny gözlemäge başlady. Hajar hatyn hem ilkinji gijeden başlap, äriň bilen nähili
gatnaşykda, nähili ýakynlykda bolmalydygyny zynharlap-zynharlap sargap-öwredip goýberipdi.
Altynjan ejesiniň pikirini unamaýardy. Är-hatyn babatda onuň öz pelsepesi bardy.
Ol erkegi – göwre, zenany – göwün hasaplaýardy. Maksada göwre bilen göwnüň birleşen ýagdaýynda
ýetip bolýar diýen berk ynanjy bardy.
Göwre bilen göwüniň birleşmesinden bir bitewi adam – hakyky adam emele gelýär. Göwre bilen
göwün utgaşyp, sazlaşyp bilen ýagdaýynda islendik maksada ýetip bolar.
Allatagala göwrä çäksiz köp güýç-kuwwat beripdir. Adam şol güýç-kuwwaty nirä, nädip sarp etmelidigini
bilenok. Onda gorky bar. Ana, şeýle ýagdaýda göwün göwreden gorkyny aýryp berýär, göwräni bir ugra
ugrukdyrýar, galkyndyrýar, ganatlandyrýar. Göwün göwrede ynam döredýär, göwräni ruhlandyrýar.
Özüne ynamy bolan, ruhy galkynan adam gaýduwsyz bolar, maksadyna ýeter.
Altynjan Togrul bege ganat bolmak isleýärdi.
Altynjan Togrul begiň göwni bolmak isleýärdi.
Ol begi her hili bela-beterlerden goramak isleýärdi.
Ol begiň Turana soltan bolmagyny isleýärdi. Onuň bu derejä ýetmegine hemaýat bermek isleýärdi.
Ömrüň manysy – maksadyňa ýetmek. Altynjan maksadyna ýetjekdigine ynanýardy.
***
Güýzüň iň soňky günleridi. Howa salkyndy. Gijelerine howa salkyn, çigrek bolýardy. Şeýle-de bolsa,
Togrul beg galyň geýinjek bolmaýardy.
Altynjan ähli zatdan beter sowugy halamaýardy, kesellemekden gorkýardy. Howanyň maýyllaşmagyny
isleýärdi. Muhammet Togrul begiň islegi welin, onuň isleginiň tersinedi: garyň ýagmagyny isleýärdi.
– Eý, Perwerdigärim! Ýüregim garyňy ýagdyrmagyňy isleýär. It garynyň 1 üstünden aýakýalaň ylgamak
isleýärin – diýip, Togrul beg Asmana seredip ellerini galgatdy.
– Gar ýagjaga meňzänok – diýip, Altynjan sargylt bulutly Asmany hyrçyny dişläp synlady.
– Gar ýagar, hökman ýagar! Eý, Taňrym, gar ýagdyr, eý, Taňrym, gar ýagdyr! Gar! Gar ýagdyr!
Togrul begiň isleýşi ýaly boldy.
Biraz wagtdan soň howanyň öwzaýy bozuldy. Günbatar-demirgazykdan kowçum-kowçum sargylt
bulutlar müňzeşip geldi.
– Gar ýagjak öýdýän, Hudaýtagala sizi gowy görýär.
– Hudaýtagalanyň meni gowy görýändigine diňe häzir akyl ýetirdiňmi? – diýip, Togrul beg ynamly
aýtdy.
Başda uzak ýagman goýarly görnen gar soňundan çynyna tutdy: uzak gije ýagdy. Özem köwsarlapköwsarlap ýagdy.
– Bu gar ikimize kär etmez – diýip, Togrul düýe ýüňünden edilen ýorgany Altynjanyň üstüne çekdi.
Altynjan ýorganyň aşagynda demikdi, derrew ýorgandan kellesini çykardy.
– Asyl senem ýorgany başyňa büräp ýatyp bileňokmy? – diýip, Togrul beg Altynjany gujaklady.
Togrul beg hem başyny büräp ýatyp bilmeýän eken.
Altynjan akgyzy Gülýüzliniň birmahalky uky baradaky pelsepelerini ýatlady…
***
Uzak gije ýagan gar daňdan çar ýany ak gara büredi.
– Allatagalanyň adam üçin ýaradan zatlarynyň birinjisi gorky bolmaly. Çaga ene rehminden çykanda-da
gorka sataşýarmyş hem gorkup aglaýarmyş. Eger dünýä inen çaga aglamasa, onda ol çaga ölýärmyş. Biler
bolsaň, men şu günki ýaly gar ýagan güni dünýä inipdirin. Men dünýä inenimde aglamandyryn. Ölümden
alyp galmak – aglatmak üçin meni garyň üstünde ýatyrypdyrlar. Biraz wagtdan soň men jana gelip, ellerimiaýaklarymy hereketlendirip, aglap başlapdyryn. Seljuk Dukak: «Sen gorky damarsyz dünýä indiň. Gorkusy
ýok adam dünýäde iň batyr adamdyr. Gorky damaryň ýoklugy Allatagalanyň islegidir, ol seni dünýäniň
soltany etmek isleýändir. Allatagalanyň eradasy seni soltan eýlemek bolsa, nesip bolsa, sen soltan çykarsyň»
diýipdi.
– Çagakaňyz aglamadyňyzmy?
– Aglandyryn-la – diýip, Togrul beg uzaklara seretdi: – Dünýä inenimde-hä aglamandyryn.
Altynjan begiň seredip duran tarapyna nazar aýlady. Bir gijede töwerek-daş gara bürenipdir. Howa
şeýlebir ýakymlydy, arassady:
– Howanyň gowudygyny!
– Ýör, gideli!
– Nirä?
– Islän tarapyňa gideli. Haýsy tarapa gidesiň gelýär?
– Bilmedim…
Togrul beg Altynjanyň elinden tutup, birki depe aşdy. Goragda duran hamemler olaryň yzyna düşdi.
– Biziň yzymyzdan galyň! – diýip, Togrul beg jandarlara buýurdy. Olar alty-ýedi depe aşyp, kiçeňräk
bir oýtakda saklandylar.
Altynjan begden gözüni aýyrmaýardy, çünki beg nämedir bir zadyň kül-külündedi, keýpi kökdi.
Düşelgeden aýakýalaňaç gaýdypdy. Hokga ýa ädik geýmek hakda oňa köwüşberdar-da2, hajyp-da
ýatlatmaga het edip bilmändi. Ýatlatsa, ilki bilen, Altynjan ýatlatmalydy. Ol hem sözüniň diňlenmejekdigini
bilýärdi, şonuň üçin hem hiç zat diýmändi.
Togrul beg egnine ýelbegeý atan pürejini3 garyň üstünden ýazdy-da, egnindäki köýnegini hem
dyzdanyny çykarmaga durdy.
– Biler bolsaň, Altyn gyz, men bütin ömrüme şu pursada garaşyp ýaşadym... – diýip, Togrul beg
göçgünli dillendi.
– Siz üşärsiňiz.
– Üşemezim ýaly, meni öz howruňa çoýmak saňa şertdir.
– Dördünji şertiň nämedigini ahyr bildim.
– O nähili dördünji şert?
– Nika gijesi: «Meniň bäş sany talabymy hergiz unutmagyn» diýip maňa talaplaryňyzy aýdypdyňyz, ýöne
olaryň birini aýtmandyňyz. Şondan bäri dördünji talap nämekä diýip ýördüm.
Togrul beg hezil edip güldi.
– Talaplarym ýadyňdamy?
– Elbetde, ýadymda.
– Hany, aýt!
– «Birinji: hiç wagt edenime däl diýme! Ikinji: hiç wagt akyl berjek bolma! Üçünji: hiç wagt bir
aýdanymy ikinji gezek gaýtalatma! Dördünji:… Bäşinji: hiç wagt hiç zat sorama!..»
– Dogrudanam, dördünji talabymy aýtmadymmy?
– Aýtmadyňyz.
– Häzirki şertim bäş talaba girenok.
– Onda dördünji talap näme?
– Ony aýdasym gelenok, belki, galan ömrüme-de aýtmaryn. Sebäbi men seni tanaýaryn, ony aýtmaga
zerurlyk ýok hasaplaýaryn. Başarsam, saňa diňe gowy zatlary aýtjak.
Beg Altynjany mäkäm gujaklady, soňam ony perejiniň üstünde eda bilen ýatyrdy.
– Sakçylar bize serederler.
– Bize sereden sakçy kellesinden dynjagyny bilipjik durandyr. Sen o tarapdan gaty arkaýyn bol!
Altynjan oýtakda ilkinji gezek birmahalky küýsän islegine ýetdi: ol Muhammet Togrul begiň gar
gatyşykly murtuny oýnady.
– Näme edýärsiň?
– Murtuňyzy oýnaýaryn.
– Onda oýnar ýaly näme bar?
– Murtuňyza gar garyşypdyr. Garyny aýyrjak. Men siziň murtuňyzy goramasam bolmaz-a – diýip,
Altynjan begiň murtunyň garlaryny aýyrdy.
Togrul begiň murtundaky gar tozgajyklary Altynjanyň ýüzüne gaçdy. Beg gar tozgalaryny sypap
aýyrdy.
Altynjan garaşylmadyk garagolluk etdi: ýatan ýerinden bir penje gar aldy-da, ony begiň ýüzüne sürtdi.
Onuň bu degişmesi begiň hoşuna geldi, gapdal çekildi, soňam «aryny» almak bilen boldy. Onuň
niýetini aňan, Altynjan tarsa ýerinden turup gaçdy, beg kowdy. Iki bökende onuň yzyndan ýetip, bilinden
gujaklady-da, daşyndan pyrlandyryp aýlady. Altynjanyň hyr berip başy aýlandy, entirekläp garyň üstüne
ýykyldy.
Beg Altynjany berk gujaklap, garyň üstünde agnady, birdenem garysyna galyp, hatynyna ýüzlendi:
– Häzir näme isleýärsiň, aýt!
– Aýtjak däl!
– Aýt, aýt!
– Murtuňyzdan ýolmak isleýärin.
– Baryny goparaýjakmy?
– Ýok, ýekejesini. – Altynjan garyň üstünde ýatyşyna pikirini üýtgetdi. – Aý, ýok, hökman däl! Agyrar.
– Agyrsa agyrsyn, hany, çek, ýol! – diýip, Togrul beg ýüzüni Altynjanyň alkymyna eltdi.
– Ýok, ýok, agyrmasyn!
– Toý güni gamçylamda agyrmadymy?
– Agyrdy.
– Sen çydadyň-a.
– Çydadym.
– Indi çydamak gezegi meniňki! Seniňki bilen deňeşdireniňde meniňki hiç zadam däl. Bol, bol!
– Men şeýlekin aýdaýdym.
– Men çynym bilen aýdýaryn, buýurýaryn. Bol!
– Dözemok.
– Döz!
Altynjan garysyna galyp, Togrul begiň murtundan ýeke gyly saýlap, bat bilen çekdi:
– Weýwa, birine derek ikisi gopupdyr.
Murtundan iki gyl ýolnandygy üçinmi ýa başga bir sebäbe görämi, Togrul begiň gözi ýaşardy.
Birdenem garaşylmadyk ahwalat ýüze çykdy: begiň burnundan gan akyp ugrady. Altynjanyň zähresi
ýaryldy. Ol begiň burnunyň ganamasyny murtunyň iki gylynyň ýolunmagyndan gördi.
Togrul beg oňa:
– Bu dert mende öňden bar. Sen ganyň akmasyny murtuň iki gylynyň ýolunmasyndandyr öýtme! –
diýdi.
Togrul begiň burnunyň ganynyň durmaýanlygy, Altynjanyň göwnüne, murtdan iki gylyň ýolunmagy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn - 43
  • Parts
  • Altynjan hatyn - 01
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2000
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 02
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2007
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2090
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 04
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2097
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 05
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2030
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 06
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1939
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 07
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1978
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 08
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2060
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 09
    Total number of words is 3769
    Total number of unique words is 1948
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 10
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 1913
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 11
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1864
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 12
    Total number of words is 3626
    Total number of unique words is 2014
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 13
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1974
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 14
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1997
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 15
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1911
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 16
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1848
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 17
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2001
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 18
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 2088
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 19
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2132
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 20
    Total number of words is 3622
    Total number of unique words is 1944
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 21
    Total number of words is 3699
    Total number of unique words is 2012
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 22
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2063
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1928
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 24
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2058
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 25
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2006
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 26
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 1997
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 27
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2117
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 28
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2005
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 29
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1913
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 30
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2075
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 31
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 2111
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 32
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2127
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 33
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2047
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 34
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2047
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 35
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2065
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 36
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2096
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 37
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2027
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 38
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2020
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 39
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1976
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 40
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 41
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2013
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 42
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2010
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 43
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 44
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1983
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 45
    Total number of words is 3758
    Total number of unique words is 1815
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 46
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1893
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 47
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 1928
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 48
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1845
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 49
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 1899
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 50
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 1980
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 51
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2084
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn - 52
    Total number of words is 989
    Total number of unique words is 602
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.