Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17

Total number of words is 3583
Total number of unique words is 2018
30.2 of words are in the 2000 most common words
43.0 of words are in the 5000 most common words
50.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýatan ýeriň ýagty bolsun,Berdi aga.
Kalbymyzda seň tälimiň,sapagyň,
Bu pursatda men niçik söz tapaýyn.
Gözünden ýaş akýar Ata Köpegiň,
Ýatan ýeriňýagty bolsun,Berdi aga.
“Edebiýat we sungat”,iýul. 1974.
1994-nji ýylyň 15-nji martynda Berdi Kerbabaýewiň eneden doglanyna 100 ýyl
dolýardy. Ol sene Magtymguly,Mollanepes,Seýdi,Zelili,Mätäji ýaly edebiýat
klassyklarynyň ömür senesi kimin giňden bellenilmeli senedi. Emma ol barada hiç ýerde
agzalmadam. Elbetde,men ony Tolstoý,Çehow,Gýugo,Şekspir ýaly edebiýat läheňleriniň
derejesinde goýjak bolmaýaryn. Ýöne türkmen medeniýetiniň wekili hökmünde iki adam
milli taryha girmeli bolsa,onuň biri Berdi Kerbabaýewdir. Oňa garamazdan,şeýle adamyň
175
100 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenmegi-hä beýle-de dursun,hatda ol barada gazýetžurnallarda-da iki agyz söz bilenem ýatlanmady. Beýle ýagdaýyň bolmagynyň manysyna
biz gowy düşünýäris, —şahs däl adam özüni şahs edip görkezmek üçin hakyky şahslary
ýok etmeli. Ýöne taryh diýilýän zatdankimdir biriniçykaryp,çykarylanyň ýeri
eýelenmeýär.Taryh beýle kişileri öz gujagynda-da uzak saklaman,derrew zibilhana zyňyp
goýberýär.
Elbetde,döwür,dereje,talap üýtgär. Ol kanuny zat.Berdi Kerbabaýewiňem eserleri
köneler,belki-de “ulanyşdanam” galar. Ýöne beýle adam medeniýetiň taryhynda welin
mydama ýatlanar.
Men BerdiKerbabaýewiň 100 ýyllygy mynasybetli ýazan ýatlamamy okyjy
köpçüligine ýetirmek isledim. Emma B. Kerbabaýewiň hut özüniň döreden “Edebiýat we
sungat” gazýetinde-de ol ýubileýi bellemezlik hakda“ýokardan” inen gizlin görkezme bar
eken. Ýatlamany“Halk sesi” gazýeti çap edip başlady.Emma material iki
nomerdegidensoň,Prezidentiň Metbugat gullugyndan Kakamyrat Ballyýew diýen biri
redaksiýa jaň edip,beýle ýubileýiň bellenmeýändigini,gazýetiňem ýatlamanyçap etmeli
däldigini aýdypdyr. Şeýlelikde,ýatlama okyja doly ýetmedi. Ony diňe “Aşhabad” žurnaly
biraz gysgaldylan görnüşde rus dilli okyjylara hödürlemäge ýetişdi. Berdi Kerbabaýewiň
100 ýyllygyny bellemek şonuň bilenem tamamlandy.
1994-2004.
Moskwa—Aşgabat—Mary.
Gowy eser ýazmagyň kyndygynyň sebäpleriniň biri kelläňdäki pikiri,fantaziýany
kelläňdäkisi ýaly derejede kagyza geçirmegiňbaşartmaýanlygyndan bolsa gerek. *
Sylaşýanyňdan algyňy dilemek karz dilemekden müň paý kyn.
*
O dünýä,o dünýäde uçmanyň bardygyna ynanýan adam nähili bagtly!
*
Adamlaryň ählisi edil bir galypdan çykan ýaly meňzeşhäsýetli edilip döredilen
bolsa,ýaşamak ýeňil düşerdi,ýöne durmuş welin gyzyksyz bolardy.
*
Durmuşynda şatlanmaga-begenmäge sähelçe tutaryk gabat gelse,deňli-derejeli
şatlanmagy başarýan adamlar bar. Meniň şolara gözüm gidýär.
*
Ukyp,talant nähili täsin zat! Mende-de,hudožnik dostumyňky ýaly
(belki,onuňkydanam görgür) göz bar.Mende-de hudožnik dostumyňky ýaly
(belki,onuňkydanam çalasyn) hereket edýän barmaklar bar. Emma men elime galam
alyp,gödek pyşbaganyň şekilini çekjek bolsamam,ol pyşbaga meňzemän,bir tokga gara
daşa meňzäýýär.
*
Adaty adamlardandüýpli tapawutlanýan ösen aňly kişileriň güni ýeňil däl bolsa
gerek. Çünki olar özleriniň belent aňlarynyňam entek ýetmedik belentliklerine ýetjek
bolup mydama azap çekýändirler.
Biziňki hezillik —günümiz geçsebolýar.
*
176
Durmuşymda ýekeje-de ýaramaz adama gabat gelmedik bolsam,daşymy diňe päk
adamlar gurşap alan bola,menem uçmadanhantamabolardym.
*
Özüniň gözi ýetýän kiçijik ýalňyşyny-da boýun almaýan,ýoldaşyndan ötünç sorap
bilmeýän adamyň adamçylygy pesdir.
*
Ýaramazlar bilen iş salşyp görmeseň,hemme adam oňatdyr öýdüp ýörmeli.
*
Şahyr hem alym Kakabaý Gurbanmyradow jaň etdi.Keýpsiz. Rowaç bolaýmaly
maýda işleri-de rowaç däl. Ol ömrüni işeňňirlik bilen zähmet çeken halal adam. Tutuş
maşgalasy bilen jaýsyz. Arkaýyn ýatara-turara-da ýerleri ýok diýen ýaly.Kakabaýyň özi
bolsa Pöwrizede bir hütdükde kireýne ýaşap,her gün Aşgabada işe awtobusly gatnaýar.
Ylymlar Akademiýasynyň zehinli ylmy işgäriniň,talantly şahyryň,bizde iň gowy
terjimeçiniň ýagdaýy şeýle. Emma Watana Kakabaýyň getirýän peýdasynyň ýüzden birini
hem getirmeýän,gaýtam,haramylyk bilen watany ütýän başga bir bisowat
edaraçynyňgereginden artykmaç üç-dört jaýy bar,hiç ýerde işlemeýän ogul-gyzlary hem
gündiz“Merdeses” münüp,agşamlaryny gymmat restoranlardageçirýärler.
Ýagdaýdan jany ýangynly Kakabaý: “Men köp-köp milletleriň wekilleri bilen
gatnaşanadam bolamsoň,“Türkmen ýaly harsydünýä hem doňýürek ýokdur” diýen netijä
gelmäge doly hakym bar” diýdi.
14. 11. 1997.
*Günäkär garşydaşyndan aryny almaga çekinýän adam o dünýä düşýänçä kanagat edip,ol
ýerde-de öz aryny kimdir biriniň alyp bermegine garaşyp ýör.
*
“Wyždan” sözüni köp ulanýan,wyždansyzlygyň garşysyna köp çykyş edýän
ýazyjynyň,žurnalistiň özüni hem wyždana baýdyr öýtmäň.
*
Gowy adam bilen gowy adamyň ysnyşmagyndan biziň ullakan utýan zadymyz ýok.
Iki gowulyk — birleşen bir gowulyk. Ýöne gowy adam bilen erbet adam ysnyşsa peýda
bolaýmagy mümkindir. Belkem (tersine bolmaz diýen umyt etsek),erbetlik gowulykdan
görelde alar.
*
“Az geplemek,dymmak edeplilikden nyşan” diýýärler. Diňleýji üçin peýdaly gepiňsözüň bar bolsa,näme üçin dymmalymyşyn? Adamlara peýda etmek islemeýärmiň?
*
“Ak düýäni gördüňmi? Ýok” diýen nakyly hakykatdan gorkýan adam tapan bolsa
gerek. Ak düýäni görübem,“Göremok” diýip,diňe öz gulagyň dynçlygy üçin hakykatdan
gaçmak,kezzaplyk etmek mertlikmidir?
*
Ýüregiň bardygyol diňe agyryp başlandan soň duýulýär.
*
177
Aýdym-saz syýasata ýugrulsa,inçe sungatlygyny ýitirip,näziklikden gödek bir zada
öwülýär.
*
Her hili ýol bilenem bolsa,durmuşdan gurply ýaşamak tärini gaňryp alyp bilýän
tanyşlarymyň agramyna men belet.Olaryň gurýan hilesini,ondan has beterrägini-de söz
bilen beýan etmeli bolsa,men olardanam ökde.Emma şol teoriýany durmuşa geçirmeli
bolsa welin,men hiç bolýaryn-da galyberýärin.
*
“Komsomolskaýa prawda” gazýetinde çap bolan testiň degişli sowallaryna jogap
bermek ýoly bilen men ýene näçe ýylýaşajagymy hasapladym. Hasabyň netijesine
görä,eger-de,pajygaly ajala sataşmasam,men 2009-njy ýylda 69 ýaşymdaýogaljak ekenim.
Onuň dogry bolmagam münkin. Sebäbi meniň ejemem 69 ýaşap dünýäden ötdi.
Diýmek,meniň ýene 12 ýyl ömrüm galypdyr.
Men bu barada dili duzly dostum Aşyr Mämiliýewe aýdanymda,ol gaşyny çytdy-da:
“Nadýäňaýt myny?!—diýdi. — Sen 2009-njy ýyla çenli biziň gözümüze dürtülip ýaşajak
ýörjekmi?”
1997.
0. Donowan “Merw” diýen kitabynda Dykma serdaryňMaryda ýaşaýan
doganoglanyna (adyny görkezmeýär) häsýetnama berende şeýle ýazýar: “On imel
şirokuýu populýarnostkak haramzada”(“Ol haramzada hökmünde uly meşhurlyga eýe
bolupdy”).Nähili täsin jümle!
TÖHMETBELASY
Moskwa şäherinde Türkmenistandaky şu günki syýasaty goldamaýan
oppozisionerleriň“Daýanç”
ady
bilen
türkmen
dilinde
žurnaly
çykýardy.Ony,esasanam,Aşgabatda ýaşaýan oppozisionerler çapa taýýarlaýar ekenler.
Žurnalda Türkmenistanyň ykdysadyýetine,syýasatyna,medeniýetine degişli,aglaba
tankydy materiallar ýerleşdirilýärdi.Onuň iki nomeri meniňem elime düşdi. Sebäbi şol
žurnaly çykarýanlaryň biri ozal “Türkmenfilm” kinostudiýasynda hasapçy bolup
işlän,soňam Moskwa göçüp gaýdan Jumamyrat Kyýasowy men öňden
tanaýardym.Umuman,žurnalyňmeniň elime düşensanlarynda-ha,emosiýa güýçlüräk
diýäýmeseň,oppozisiýanyň organy diýip,agyz doldurup aýdar ýaly ýa-da syýasy taýdan
howatyrlanar ýaly düýpli material ýokdy. Onda hemmämiziň görüp,bilip ýören
kemçilklerimiz,respublikanyň baş ýolbaşçysynyň özüniňem gizläp ýörmeýän
nogsanlyklary tankyt edilýärdi. Onuň daşynda şowhun döremeginiň sebäbi bolsa,žurnalyň
“oppozision” diýlip çişirilmegindendi.
Bolsa-da,kime gabat gelseň: “Daýanjy” okadyňmy?” ýa-da “Daýanjy” ele salyp
bolmazmyka?” diýen sowala sataşýardyň.
Žurnala dahylly adamlaryň arasynda M. Salamatow diýen,çap eden
materiallaryndan çen tutsaň,žurnalistikadan hem ykdysadyýetden gowy baş çykarýan
178
awtory hasap etmeseň,talantly ýazyjynyň,ukyply žurnalistiň ýokdugy mese-mälim bildirip
durdy. Kä materiallaryň sözleri,sözlemleri-de ýerbe-ýer däldi. Şonuň üçin bolsa gerek,bir
gezek Jumamyrat Kyýasow maňa žurnala redaktor bolmagy hem teklip etdi. Men ol
teklibe razy bolmadym. Öz jogabymy bolsa ýazýan zatlarymy,eger olar derekli bolsa,juda
az sanly bolup çykýan gizlin žurnalda däl-de,Türkmenistanyň ýa-da Moskwanyň
müňläp,millionlap tiraž bilen çykýan gazýet-žurnallarynda hem çap edip bilýändigim bilen
delillendirdim. (Dogrudanam,meniň şol döwürlerde “Türkmenistan” gazýetinde çap edilen
“Indi biz özbaşdak döwlet” diýen makalam “Daýanç” žurmalynda çap bolýan iň
“oppozision” mareriallardan has “dişlidi”) Şonuň bilenem “Daýanjy” çykarýanlar menden
özlerine daýanç bolmajakdygyna ymykly göz ýetirdiler. Şeýdibem ol gep
gutardy.Emma…
Bir gezek komandirowka gelenumde,Aşgabatdaky işlerimi tamamlap,Mara
gaýtdym. Obadakam,garaňky düşüberende,iki sany nätanyş adam meni sorap geldi.
Olar Marydan Murgaba“ýaşulynyň” (?) tabşyrygy bilen ýörite gaýdandyklaryny
aýtdylar. Men olaryň kimdigini,meniň ýanyma näme mesele bilen gelendiklerini soradym.
Olar DHK —nyň (KGB) işgärleri bolup çykdylar. Men ertir sagat 19-daTürkmenistan
Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniň Mary oblast bölümine çagyrylýardym. Şonuň üçinem
olaryň “ýaşyly” diýýänlerini şol edaranyň Mary bölümüniň başlygydyr diýip çakladym.
Ýöne KGB-niň meniň bilen näme mesele boýunça gyzyklanýandygyndan welin,oýlanaoýlana,baş çykaryp bilmedim. Meniň ol edara çagyrylmagyma näme sebäp bolup biler?
Düzgüni bozamok,milisiýa düşemok,awariýa ýa-da jenaýat edemok,hiç kime bergim
ýok,hatda tirýegem çekemok. Şoňa görä-de,öz ýanymdan başga bir netijä geldim: Ol
döwürlerde,köp edaralarda ýoň bolşy ýaly,hukuk goraýjy edaralarda-da şahyrlar,ýazyjylar
bilen duşuşyklar geçirýärdiler.Bu gezek hem şeýle mesele bardyr öýtdüm. Belkem,ol
edara öz işgärleriniň öňünde Ý. Ýewtuşenko,A. Wöznesenskiý,Bulat Okydžawa ýaly şol
mahal ürç edilip eserleri okalýan rus şahyrlarynyň çykyş etmeklerini isleýändirler.Şeýle
bolsa,ol duşuşygy Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň Moskwadaky wekili bolup
işleýän Atajan Taganyň üsti bilen amala aşyrmak aňsat düşjekdi. Ýöneol mesele bilen
obada gezip ýören adamy beýle gyssagly gözlemek nämä derkarka?
Belleşilen wagty salgy berlen edara bardym. KGB diýilýän edara men ömrümde
ilkinji gezek barýardym. Ol ýerdemeniň tanyş-bilşimem,dost-ýarymam işlemeýärdi. Oňa
garamazdan,agras jaýyň gapysynda duran iki sany kaşaň geýnen ýigitozaldan maňa belet
tanyşlar ýaly bolup garşyladylar. Aňyrrakdan meni görüp bärik gaýdan başga bir adam
bolsa:
—Geldiňizmi?—diýip,içgin salamlaşdy.
Belkem,toý-tomguda duşuşandyrys-da,ol adamynyň ýüzi maňa tanyşdy. Ýöne
adyny,nirede işleýändigini bilmeýärdim. (Soň ol KGB-niň Mary oblast bölüminiň başlygy
bolup çykdy.) Ol maňa ýörite garaşyp durana meňzeýärdi.
—Ýörüň,ýokaryk çykalyň! Ýaşuly garaşyp oturandyr.
“Ýaşuly” diýilýän kimkä?”
Ikinji gatdaky “Kabylhananyň” öňünde duran adam hem meniň bilen köne tanyş
ýaly ýylgyryp salamlaşdy. ”Bu edaranyň adamlary beýle mylaýym kişilermikä? Bu
edaranyň adamlary hakda edilýänhowply gürrüňler,okalan kitaplaryň beren maglumatlary
myjabatmyka?” Olaryň hemmesiniňalçak hem mylaýym salamlaşyşlaryndan many alsaň179
a,meniň bilen hiç hili howply waka bolmaly däl ýalydy. Ýöne şol jaýyň gapysyndan
barlanda,her niçigem bolsa,adam birmeme ynjalyksyzlanýar eken. Sebäbi ol jaý barada,ol
jaýda işleýän “ümsümedaranyň” (Şahyr Çary Gurbangylyjowyňdakan lakamy) adamlary
barada her hili howply gürrüňler edilýärdi. Asyl KGB-niň jaýynyň gapdalyndan geçip
barýarkaňam,näme üçindir,1937-nji ýyl hökman ýadyňa düşýärdi.
Bir gapdaldaky uly gapyny açyp berdiler.
—Giriberiň,ýaşuly bardyr!
Meniň yzym bilen hiç kim içerik ätlemedi. Goşa gapy daşyndan ýapyldy. Giň
kabinetiň töründäki stoluň aňyrsyndan turup gaýdan orta boýly,garaýagyz general –maýor
myhmany bilen alçak salamlaşdy,stol başyna çagyrdy. Stoluň üstünde maňa
adatdakylardan has uly bolup görnen hum çäýnek,iki sany käse,köke-süýji,kişmiş,maňyz
bardy.
General
iki
käsä-de
çaý
guýansoň,saglyk-amanlyk
soraşdy,iş
ýagdaýym,döredijiligim bilen gyzyklandy.
“Edil meni tanaýan ýaly-aýt!”
—Birigünagşamky reýs bilen Aşgabatdan Moskwa uçýandygyňyzam bilýärdikde,yzyňyzdan gidip ýörmän,şu ýerdekäňiz duşuşaýaly diýdik…
Meniň kisämdäki bileti barlap gören ýaly,haçan Moskwa uçýanyma çenli generalyň
bilip ýörşüne haýran galdym. Birdenemhaýsy edarada oturandygym ýadyma
düşende,hemme zat maňa düşnükli bolup galdy. “Meniň haçan nirä gelip,haçan gidýänime
çenli şeýle derejede yzarlanýan bolsa,bu ýerdeeden çakymdan düýplüräk bir mesele bar
bolsa gerek. Diňe moskwaly şahyrlar bilen duşuşyk geçirmek islenýän bolsa,meni beýdip
inçeden yzarlap gözlemezdiler.
General gaty agrasdy,bolsa-da gürrüňdeşi bilen gaty mylaýymdy,ynandyryjy hem
özüne
çekiji
gürrüň
edýärdi.
Birdenem
ol,ikimiziň
ýaşytdygymyzy
ýatlap(Älhepus,ýaşytdaşdygymyza çenli bilip ýörşüni!),“siz” diýşip oturman,“saňa”
geçmegi teklip etdi. Men ol teklibi goldadym.
—Men seň bilenýaşulynyň tabşyrygy bilen duşuşýan,Atajan…
Zol-zol “ýaşuly” sözüniň gaýtalanyp durmagy meni has-da geňirgendirdi. Egerde,meniň garşymda oturan general Mary oblast KGB-siniň iň ketdesi bolýan bolsa,onuň
“ýaşuly” diýýäni hem Mary obkomynyň birinji sekretary G. M. Orazow bolmalydy. Öz
ýanymdan bolsa: “Orazow näme sebäbe meniň bilen öz generalynyň kömegi bilen
gepleşmelikä?Ýanyna çagyryp bilmedimikä?” diýen sowala jogap agtarýardym. Men onuň
bilen hälimi-şindu duşuşýardym ahyryn.
Görüp otursam,general-maýor-a Türkmenistanyň Howpsuzlyk Komitetiniň başlygy
Saparmyrat Seýidow,“ýaşuly” diýilýän-de Prezdent Saparmyrat Nyýazow eken. Şol günüň
ertesi Mary bilen Çärjewiň serhedinde goňşokara dabarasy geçirilýärdi. Prezident hem şol
dabara gatnaşmak üçin Mara gelipdi.
Bir käse çaý içilensoň,general Seýidowyň meni näme üçin çagyrandygynyň syry
açylyp başlady.
—Atajan,sen “Daýanç” žurnalynyň çykýandygyndan habarlymyň?
—Habarly. Iki nomerini okapdymam.
—Žurnal bilen nähili gatnaşygyň bar?
180
—Tanyşlygym bolsa-da,döredijilik gatnaşygym ýok. Ol barada ýakynda Prezident
Nyýazow bilen duşuşamda,onuň özüne-de aýdypdym. Saňa-da žurnal baradaky pikirimi
aýdyp biljek…
Oýlanyp görseň,”Daýanjy” bir ýa-da iki adam çapa taýynlap hem çykaryp bilmeli
däldi. Olçeperçilik taýdan gowy bezelýän,gymmat kagyza çap edilýän galyň žurnaldy.
Belki-de,awtorlara gonorar hem berlendir.Onuň çykdajysy birki sany adaty gazançly
adamyň kisesiniň götererinden agyr bolmalydy.Şonuň üçinem ol žurnalyň “arkasynda” bir
topar pulmesi adam ýa-da gurply edara durmalydy.Meniň çakyma görä,žurnalyň köki
Aşgabadyň “çeşmelerinden” suw içmelidi,Moskwa bolsa onuň diňe “gara işini” amala
aşyrmalydy.
Meniň “Daýanç” baradaky pikirimi diňlän general:
—Sen Jumamyrat Kyýasowy tanaýaňmy?—diýip sorady.
Bu ýerde ýalan sözlemegiň ýa-da mekirlik eden bolmagyň zerurlygam,hajatam
ýokdy. Şonuň üçinem men Jumamyrat Kyýasowy gowy tanaýandygymy aýtdym.
—Ol nähili adam?
—Gödegräk,gönümel,mert. Ykdysadyýetden oňat baş çykarýan,sowatly adam.
—Saňa bolan garaýşy nähili?
—Erbetdir öýdemok. Saçakly gatnaşygymyz bolmasa-da,birek-biregi sylaýas.
Esli oýlanyp oturan general şeýle diýdi:
—Biziň Moskwadaky ilçimiz Nyýazgylyç NurgylyjowJumamyrady huzuryna
çagyryp,onuň öňünde “Daýanç” jurnalynyň çykmagyny togtatmak meselesini goýupdyr.
Şonda ol: “Eger ýazyjy Atajan Tagan žurnaly ýatyrmaly diýse ýatyrarys,bolmasa-da
žurnal çykar” diýipdir.
Asla garaşylmadyk habar meni aňk etdi.
—Beýlegep bolan däldir,Saparmyrat Seýidowiç…
—Näme üçin?
—Birinjiden-ä,meniň ol žurnala hiç hili dahylym ýok. Ikinjidenem,Jumamyrat
Kyýasow beýle bigaýrat adam bolmaly däl. Ol men ýaly sylaşýanyna-ha däl,duşmanynada töhmet atmaz. Bu ýerde başga bir düşnüksizlik bolmaly.
General aýdanlaryma ynandymy-ynanmadymy (çaky ynanmadyk ýaly),meni bu
ýere çagyrmakdan esasy maksadyny açyk beýan etdi.
Ol ikinji mesele. Jumamyrat,belkem,gowy adamdyr. Ýöne biziň senden ullakan
haýyşymyz bar .
—Aýt.
—Aýtsam,sen şol žurnalyň ýatyrylmagyna ýardam etmeli.
—!?
—Ýaşulymyzyň haýyşy şeýle.Ol haýyş edensoň,senem eliňden,diliňden gelýänini
gaýgyrma.
Men žurnala degişli hiç hili “gowşak damarymyň” ýoklugy sebäpli
arkaýyngepledim.
—Şeýle derejede haýyş edilýän bolsa,gepime-de gulak asyljak bolsa,men synanyşyp
göreýin.
181
—Synanyşmaly däl,Atajan,gaty çynyň bilen ýapyşmaly. Ýaşuly ony zerur mesele
hasaplaýar… Biz Moskwadaky ilçimiz bilen maslahatlaşdyk. Moskwa baran badyňa ol
senem,Jumamyradam tapar. Gürleşiň. Şol žurnal çykmasa,gowy boljak…
General meniň bilen gadyrly hoşlaşdy,haýyşynyň zerurdygyny ýene bir gezek
tekrarlap,elimi berk gysdy.
Daşaryk çykanymda garaňky düşüp giden eken. Men maşynyň ruluna
ýapyşsamam,hanja sürjegimi bilmedim.“Jumamyrat Kyýasow şeýle namart adam bolup
çykdymyka? Ol näme üçin meni žurnally meselesine goşýarka? Ýa-da ony satyn
aldylarmyka? Ýa ol hem “ümsüm edaranyň” hyzmatçysymyka? Maňa töhmet atmak bilen
onuň özi ýa-da töhmet atdyrýanlar näme utuş gazanjakkalar? Ýa bu ýerde biziň kellämizede gelmejek başga bir syr barmyka? Men näme üçin general Seýidowa “Göni şu ýerden
Moskwa,Jumamyradyň öýüne jaň edip,meseläni çöp döwlen ýaly edeli” diýmedim?”
Şulara meňzeş sowallar beýnimde at saldy. Bu garaşylmadyk hem geň täzelik barada
kimdir biri bilen pikir alyşmagy ýüregime düwdüm. Şonuň üçinem tanyş edaralaryň
biriniň garawulhanasyna bardym-daMary obkomynyň birinji sekretary G. M. Orazowyň
öýüne jaň etdim.
G. M. Orazowmeni kän mahal (Aşgabadyň etegindäki sowhozlaryň birinde agronom
bolup işlän döwürlerinden) bäri tanaýardy. Moskwa komandirowka baranda-da,her gezek
çaý başynda duşuşýardyk. Ikiçäk duşuşyklarda syýasat,medeniýet,ykdysadyýet hakda kän
gürrüň edilýärdi. Ol soňky mahallarda dile dolan “Daýanç” žurnaly hakda-da,meniň oňa
hiç hili dahylymyň ýokdugyny-da aýdyň bilýärdi.Şonuň üçinem meniň “habarymy” diňlän
G. M. Orazow gysga jogap gaýtardy.
—Sen olara “Arabaňyzy başga ýerden sürüň!” diý.
Elbetde,“ümsüm edaranyň” ýolbaşçysyna beýle jogap gaýtaryp bolmajakdygyna G.
Orazow menden gowy düşünýärdi. Onuň jogabynyň beýle “joşgunly” bolmagymaňa
ýöňkelýän günäniňtöhmetdigine gaty ynanýandygy bilen baglydy.
Men Moskwa dolanyp bardym.Ýagdaý edil general Seýidowyň aýdyşy ýaly hem
boldy,öýdäkiler ilçiniň telim gezek jaň edendigini aýtdylar. Kän nahal geçmänkä-de
Nurgylyjow jaň etdi. Ol esasy gürrüňi aýtmanka-da,men ýagdaýdan habarlydygymy
duýduryp hoşlaşdym,ertir belleşilen mahaly ilçihana barmaga wada berdim. Ilçi maňa gaty
garaşýandygyny ýene bir gezek aýdyp,ähli işleri soňa goýmalydygyny haýyş etdi.
Men özümiň beýle gerekli adam bolandygyma geň galdym. Žurnala düýpden
dahylsyzkam,ony başga-başga adamlar çykarýarka,özüm bilen beýle ýokary derejde,hatda
Prezidentiň adyndan gepleşilip ýörülmeginiň sebäbine düşünip bilmeýärdim.
Telefonda Jumamyrat Kyýasowy tapyp,onuň adyndan maňa ýetirilen habary
aýtdym. Ol ör-gökden geldi-de:
—Şeýle derejede namart adamlaram barmyka?!—diýdi. —Eger seň aýdýanyň
hakykat bolsa,ilçi namartlaýar(Onuň “namartlaýar” söze derek gaty gödek söz aýdanyny
hem
ýatladaýyn.
—A.
T.)
Bu
ýerde
başga-başga
“oýun”
bar
bolaýmasa.Umuman,Nurgylyjow diýilýän pes adam öz maýdaja bähidi üçin bigünä adamy
türmä salmaga-da taýyndyr diýýädiler welin… Onuň aferist adamdygy çyn bolup çykdy…
Jumamyradyň aýtmagyna görä,ilçi ony žurnaly ýatyrmak meselesi bilen ýanyna
çagyranda: “Daýanç” žurnaly Türkmenistana hyýanatçylykly hiç zat çap edenok.Eger senä ilçi hökmünde,şu ýerde ýaşaýan,SSSR Ýazyjylar soýuzyndakonsultant bolup işleýän
182
Atajan Tagan hem professional ýazyjy hökmünde žurnalyň hemme sanyny okap,biziň
respublika hyýanatçylykly material çap edýändigimizi boýnumyza goýup bilseňiz,žurnal
ýatyrylar,bolmasa-da çykar” diýipdir.
Men Jumamyradyň galp sözlemejegine ynanýardym.Ilçi NurgylyjowJumamyradyň
jogabyny Aşgabada ýetirende jogapdan öz adyny(“Garaja öýden daşrak!”) aýryp,žurnalyň
çykyp-çykmazlyk meselesini diňe Atajan Taganyň ady bilen baglapdyr. Şeýle hem ol meni
SSSP Ýazyjylar soýuzynyň däl-de,“Daýanç” žurnalynyň konsultanty hökmünde
görkezipdir. Indi meniň KGB-niň başlygy derejesine çenli çagyrylyp ýörmegimiň
manysydüşnükli
boldy.
”Daýanjy”çykarýanlaryň
arasyndadiňebir
“bozgak
oppozisionerjikler” däl-de,SSSR Ýazyjylar soýuzynyň Prawleniýesiniň jogapkär işgäri
hem bar eken. Bu bolsa meniň agramymyňnähilidigine garamazdan,işleýän abraýly
edaramyň agramy bilen baglanyşýardy.Şeýlelikde,onuň uly syýasy aheňe ýazyp
ötägitmegi-de ahmaldy.Aşgabady,ýagny KGB-ni biynjalyk edýän zat meseläniň şol tarapy
bolmalydy.
Men ilçihana baranymda,Jumamyrat entek gelmän eken. Ilçi meniýylgyryp kabul
etse-de,men onuň keýpini bozmaly boldum.Jumamyradyň diýmedik,asla diýip-de bilmejek
gepi barada aýtdym.
—Beýle gepi saňa kim aýtdy?—diýende,asly söwda işgäri Nurgylyjowyň
diplomatyňkydäl-de,gülkünç komediýadaýoldaşyny aldaýan komigiň gözüne meňzeş
gözleri mekir oýnaklady.
—General Seýidow aýtdy.
Nurgylyjow meni general Seýidowyň çagyrmagyna,açyk gürrüň etjegine,öz
adynyňam tutuljagyna aslagaraşman eken. Ol biraz aljyrajak ýaly etdi-de:
—Aý,general diýýäniňem Sapbydyr-da!—diýip,elini silkip goýberdi. —Men-ä KGB
bilen gepleşemogam. Jumamyradam maňa beýle zady diýenok. Aýdylany Aşgabatda
ýoýandyrlar-da…
Gepiň ýoýluşnokady indi Mogkwadan Aşgabada göçüm etdi.Şonluk bilenem ol
“gep” häzirlikçe“ýapyldy” hasaplandy.Bu hem meniň her hili maýda,syrty görnüp duran
mekirlik edýän,dili töhmet palçygyndan eýlenen adamlara-da sadalyk bilen
ynanýandygymdan gelip çykýar. Ýogsam men,iň bolmanda N. Hurgylyjowa: “Beýle
bolsa,sen general Seýidowa jaň et-de,edil şeýle gepi aýtmandygyňy habar ber”
diýmelidim.Şony şeýtmese-de,Jumamyrat Kyýasowy “yrmak” meselesine özümiň
goşulmajakdygymy tekrarlamalydym. Goşulmaly hem däldim. Iň beterem,men “ilçi”
adyny göterýän,uly derejäni eýeleýän adamlar gep “çakyşdyrýandyr” öýdüp,asla pikirem
etmeýärdim. Onsoňam,hut Prezidentiň adyndan meniň kömegim soralýan işde gyra
çekilmegi gelşiksiz hasaplaýardym. Üstesine-de,şol wakanyň öň ýanynda prezudent S.
A.Nyýazow meni öz kabinetinde kabul etdi,ýürekden gürleşdi.Ol meniň Türkmenistana
dolanyp gelmek islegimi kanagatlandyrdy.Prezidentiň adama hyýanatsyz,zelelsiz
haýyşyna ýardam etmezligi ony äsgermezlik boljakdy. Şol pikirimde-de durdum. Ýogsam
men “Arabaňyzy daşda sürüň” diýip bilmesemem,başga bir ýol tapyp,ol “oýunda”
oýnamazdym.
Ilçi N. Nurgylyjow ikimiz birleşip,tutuş bir sagadyň dowamynda J. Kyýasow bilen
“çekeleşme” geçirdik,ýalbarma ýalbardyk.Ilçi oňa kommersiýa işinde näme kömek gerek
bolsa,döwlet derejesindeýardam etjekdigini ynandyrdy.Men hem Jumamyrat nähili eser
183
ýazsa,redaktirläp,timarlap,Türkmenistanyň
gazýet-žurnallarynda
çap
edilmeginiň
ýollaryny arçamaklyga wada berdim. Netijede hemme zat gülala-güllük boldy. Jumamyrat
Kyýasow “Daýanç” žurnalynyň çykmagynyň togtadyljakdyny aýtdy. Şeýlelikde,Prezident
derejesindeedilen haýyş bitirildi.
Jumamyrat kabinetden çykandan soň,ilçi meniň ýüzüme garap:
—Uly iş bitirdik,gardaş!—diýip,göwni hoş ýylgyrdy. —Men hut şy günüň özünde
Prezidente-de jaň edip,ikimiziň hereketimiziň netijesini aýdaryn. .
Birki hepdeden Aşgabada komandirowka gelenimde,Türkmenobahyzmat
korporasiýasynyň başlygy Gulnazar Agaýewiň edarasyna salama bardym. Ol meni gördide,keýpden gaçdy.Hemişegara gadyr görüşýän adam bu gezek elini-de göwünli-göwünsiz
uzatdy.
—Biz-ä indi seň bilen salamlaşmaga-da gorkýas…
Men entek hiç zatdan habarsyz bolamsoň,degişmegi halaýan Gulnazar oýun
edýändir öýtdüm. Ýok,onuň gara çyny eken. Ol bolan wakany aýdanda,men
Gulnazardanam,özümdenem,gaýybana bolsa-da,Prezidentdenem utandym.
Asyl ilçi Nurgylyjow Prezidente jaň edende,“Daýanç” jurnalyny çykarýan Atajan
Tagan bilen onuň kömekçisi Kyýasowy kabinetimde ýüzleşdirip,žurnaly çykmaz ýaly
etdim” diýip,maglumat beripdir.
Gulnazar Agaýew iş bilen huzuryna baranda,gahar-gazaba dolan Prezident oňa:
“Sen Atajan Tagan ýaly ýazyjy bilen tirkeşýäň.Ol bolsa meniň syýasatymyň
garşysyna,Türkmenistanyň garşysyna Moskwada çykýan žurnala konsultantlyk edýär”
diýipdir.
Žurnaldanam habarly,meni hem gowy tanaýan G. Agaýew “A. Taganyň ol žurnala
hiç hili dahylynyň ýokdugyny” subut etjek bolanda,Prezident ony geplemäge-de
goýmandyr.“Sen onuň tarapyny çaljak bolma. Atajan bilen Kyýasow Moskwada
ilçihanada ýüzleşdirildi.Kyýasow ony geplemez ýaly edipdir—diýip,Prezident gaharly
gepläpdir. —Menem ozal ynanmaýardym…”
Şondan soň G. Agaýew dili tutulan ýaly bolup,huzurdan çykyp gaýdypdyr.
Moskwa baranymdan soň,men bu bolan geň wakany aýdyňlaşdyrmak üçin ilçi
Nurgylyjow bilen görüşdim. Ol maňa “Nä Prezidente menden başgagep eltýän ýokdur
öýtdüňmi?” diýen jogap gaýtarmak bilen çäklendi.
Ebetde,Prezidente kimdir biriniň (diňe biriniňem däl) gep eltýändigini bilýäris.Şol
bir mahalyň özünde-de “gep eltýän” adamlaryň bigaýratdan ejizine-de gabat gelýäris.
Şeýle hem Prezident “A. Tagan bilen J. Kyýasow Moskwada ýüzleşdirildi” diýýän
bolsa,bizi Moskwada “ýüzleşdiren” (!?) H. Nurgylyjowdy.
Bu meselede general Seýidowda-da,Prezident Nyýazowda-da,Jumamyrat
Kyýasowda-da hiç hili günä bar hasap etmeýärin. Bu ýerde diňe zandy,maksady-niýeti
ýaramaz Nurgylyjow günäkär.
Nyýazgylyç Nurgylyjowyň eden şol galp hem namart hereketiTürkmenistanda
meniň kitaplarymyň çykmagynyň,gazýet-jurnallarda zadymyň,adymyň çap edilmeginiň
gadagan
bolmagyna,Prezidentiň
men
baradaky
oňat
pikiriniňüýtgemegine
getirdi.Elbetde,beýle-beýle namartlyklardurmuşda kän bolandyr. Ýöne N. Nurgylyjow
diýilýänadamaeden etmişi üçin Hudaý diňe o dünýäde däl,şu dünýäde hem hökman göz
görkezer.Men Hudaýa-da,Onuň şeýtjegine-de halys ýürekden ynanýaryn,şol pursata
184
garaşýaryn.Sebäbi nähak,ýersiz,onda-da bilkatlaýyn urlan taýak üçin,ozal-ahyr garaw
bolaýmaly. Ol tebigatyň,ýaşaýşyň kanuny,adalatyň talaby.
1994.
Medeniýet ministrligi tarapyndan kabul edilip,Marynyň Kemine adyndaky teatrynda
repetisiýasy başlanan “Millioneriň aýaly” diýen komediýam “ýokardan” gelen görkezme
esasynda togtadyldy.
10. 05. 96.
13-nji maýda Saragt-Maşat demirýoly açyldy. Bu,elbetde,ägirt uly taryhy hem
syýasy waka. Men şol senä bagyşlap,“Alamançylyk ýolundan adamçylyk ýoluna” diýen
makala ýazyp,”Türkmenistan” gazýetine hödürledim. Gazýetiň baş redaktory K.
Ylýasowmakalany okansoň,meni ýanyna çagyryp: “Makala tüýs bize gerek material
welin,O. Aýdogdyýewiň (Ministrler Kabinetiniň başlygynyü orunbasary.–A. T.) rugsady
bolmasa,seniň zadyňy çap edip bilemzok,sen bizden gaty görme hem meni sataýma!”
diýdi.
14. 05. 96.
*
2-nji maýda Prezident Nyýazow döredijilik işgärleri bilen duşuşyk geçirdi. Ýazýan
adamlaryň köpüsi ol ýygnaga çagyrylmady. Sebäbi Prezident diňe “Halk ýazyjylary” bilen
duşuşmaly edipdir.
Okyjylaram diňe “halk ýazyjysy” diýen ady bar awtorlaryň eserlerini
okamalymyka?
1996.
*
Döwlet ýolbaşçylary-da hil-hil bolýarlar. Ýöne olaryň iň zalymlary-da kitap okaýar
ekenler. Iosif Stalini çagalygyndan tanan adamlaryň,hatda ony örän ýigrenýän
döwürdeşleriniňem ýatlamalarynda“Sosanyň kitaphondygy” bellenýär. Hatda ol satyn
almaga puly bolmany üçin,kitap dükanlarynda oturup hem kitap okaýar eken.
Men “Bagration” romanynyň awtoryA. Sidorowyň ýatlamalarynda şeýle bir epizoda
gabat geldim.
Ýazyjy bir alada bilen “Prawda” gazýetiniň redaksiýasyna baranda,ol ýerde işleýän
tanyşlarynyň biri: “Üç-dört günlükde bir adam seni sorap redaksiýa jaň etdi hem
telefonynyň nomerini aýtdy. Jaň edersiň-dä” diýýär.Sidorow kagyzy jübüsine salsa-da,jaň
etmegi unudyp,redaksiýadançykyp gidýär
Bir hepde-on günden soň ýazyjy ýene redaksiýa gelýär. Köne tanşy bir bölejik
kagyzy uzadyp: “Şol adam ýene seň jaň etmegiňi sorady” diýýär. Kagyzy jübüsine salyp
giden Sidorow,birnäçe güngeçensoň,köçeden barýarka,şol kagyzy ýatlap,telegonawtomatyň kabinasyna girýär-de,görkezilen nomere jaň edýär. Ol özüniň ýazyjy
Sidorowdygyny aýdyp,kimdir biriniň şu telefona jaň etmegi sorandygyny ýatladýar
welin,trybkany göteren adam:
—Ýekeje minut garaşyň! Ol häzir siz bilen gepleşer—diýýär.
—Siz ýazyjy Sidorowmy?—diýen rusça çalgyrdrak gepläniň tanyş sesini eşiden
ýazyjy doňup galýar.
185
Sidorowsandyraýan sesi bilen:
—Men sizi diňleýän,ýoldaş Stalin!—diýmäge ýetişýär.
I. B. Stalin howlukman,geplemäge başlaýar:
—Men siziň “Bagration” diýen romanyňyzy okadym,ýoldaş Sidorow. Örän ajaýyp
kitap. Ýöne meniň ol kitap boýunça 16 sany belligim bar. Hany,galam-kagyzyňyzy alyň!
Köçede telefona nobata duran adamlar bolsabudkanyň aýnasyny kakyp,ýazyjyny
gyssamaga başlaýarlar.
—Aýnany kakýarlar,ýoldaş Stalin. Meň wagtym gutardy.Men köçeden jaň
edýän,ýoldaş Stalin.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.