Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20

Total number of words is 3498
Total number of unique words is 2255
28.7 of words are in the 2000 most common words
40.8 of words are in the 5000 most common words
47.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Garaja aga şol haýyş bilen başlygyňam ýanyna barýar. Başlygam: “Geregiňçäge
bolsun,Garaja aga. Çäge üçin pul tölemeli däl. Maşyny Murgabyň boýuna eltip
susubermeli.”Myhman suw dilesin!” diýýse-de,beren sözüni ýadyndan çykarýar.
Bolmajagyna göz ýetiren Garaja aga öz deň-duşy hem dosty,Gojugyň toýunyň –
ýasynyň beýemçisi Hudaýberdi işanyň öýüne barýar.
—Işan,“Garaja aga ölüpdir” diýip,oba “myş” ýaýratsana!
Aňk-taňk bolan işan:
—Ölüm“myş” bolmaz,Garaja. Ölüm habary mydama çyn bolýandyr. Il ony çyn
diýibem kabul eder.
—Wah,işan,maňa-da geregi şol-da. Bir maşyn çäge üçin brigadire-de,başlyga-da
ýüz tutdum welin,iki aý bäri çäge gelenok.Başlygyň gulagyna “Garaja aga ölüpdir” diýen
habar ýetse,jynazama duruljak ýeredüşemek üçin derrew çäge iberer…
*
1950-nji ýylda bolsa gerek,Gojuga elektrik togy geldi. Pelteli çyradan dynan
adamlar hezil edindiler. Täze çekilendigi hemem şol mahalky hünärmenleriniňentek
207
öwrenjeräkdigi sebäplielektrik simleriniň adam boýundan sähel ýokarrakda sallanyşyp
duranlary-da bardy.
Ertir irden sygryny sürä goşmaga barýan,uzyn boýly,körjümek Hepbeli aga elindäki
çybygyny ýokaryk galdyranda,çybyk simleriň ikisine-de galtaşýar. Tok ýaşulyny birki
ädim gapdala zyňyp goýberýär. Ýöne onuňbedenine welin şikest ýetirmeýär.
Ol habar derrew Gojuga ýaýrady. Hepbeli agany “toguň urandygyny” eşiden ýeke
aýak Tagan çonak gaharlanýar,özüni oýnajak bolýandyrlar öýdýär. Ol öýünden
çykyp,elektrik simlerini synlaýar.
—Tapdyňyz keçetelpek gojuklyny! Tok diýilýän zaturýamyşynmy? Hon-ha
guşlaramsimiň üstünde hatar bolup otyrlar ahyryn. Serçeleri urmaýan tok adamy urarmy?
Günorta golaý daýaw eşegini münüp,öz aladasy bilen bir ýere ugran Tagan çonak
beýik köpriiň üstünden geçmeli bolanda,simleriniň ýere has-da golaýlan ýerinde elektrik
togynyň urýanyny-urmaýanyny barlamakçy bolýar. Ol eşegiň üstünde oturan
ýerinden,kelte taýagyny ýokaryk uzadyp,tokly simleriň ikisine-de galtaşýar.
Tagan çonagyň eşegi ölüp,özi diri galdy.
Şondan soň elektrik togunyň urýandygyna müňkürlik eden gojuklylar oýlanmaly
boldular.
*
Ellinji ýyllaryň ortalaryndakolhozlardatertip-düzgün öränberkdi. Gowaçany gark
edip ýa-da ala suwarýan suwçularyň başyna oýun salýardylar. Hatda olaryň käbirini,göz
etmek üçinem bolsa,raýkomyň býurosyna çenli çagyrýardylar.Garaz,suwa gaty aýawly
garalýardy.
Bir gezek raýkomyň birinji sekretary gijeki nobatda uly ýola gaçyp,köl bolup ýatan
suwuň üstünden gelýär-de,maşynyny saklaýar. Ol golaýdaky iki sany suwçyny ýanyna
çagyrýar.
—Muny nätdiňiz?
—Aý,ýaşuly,suw-da,gijelikde gidäýipdir-dä…
—Adyň kim? —diýip,raýkomyň sekretary olaryň birine gahar bilen ýüzlenýär.
—Adym Namaz,ýaşuly.
Suwçy adyny dogry aýdan däldir öýden sekretar:
—Seň adyň kim?-diýip ikinji suwçudan soraýar.
—Musulman.
Heniz beýle atlara gabat gelmedik ateist sekretar.
—Men size musulmanyň,namazyň nämedigini düşündirerin!—diýip,brigadiriň
üstüne barýar-da,gaharyny pürkýär. —Seň daýhanlaň ýola suw gaçyryp jenaýat edenlerini
az görýän ýaly,atlarynam ýalňyş aýdyp,raýkomuň sekretarynyoýnajak bolýarlar…
Gojuk obasynda ýaşaýan täjikleriňarasynda Namazdan,Musulmandanam has delräk
atlylaryň bardygy düşündirilen sekretar birneme köşeşensoň:
—Bolsa-da,Namaz,Musulman atly adamlary men raýkomyň jaýyna-ha çagyryp
bilmen—diýýär. —Ikisiniňem çäresini özüň gör!
*
Elli bäşinji ýyllarda goşun gullugyna giden iki goňşy bir günde oba dolandy.
208
“Gözüň aýdyň!” diýmäge gelen gojuklularyň arasynda owadan harby eşikli,döşleri
ullakan gymmaty ýok jäjeklerden doly iki esger öz aralaryndarus dilinde gürleşen
bolýardylar. Biri bir zat sorasa-da “net” ýa-da “da” diýip jogap gaýtarýardylar.
Ahyr Ylyg aga ýüzüni kürşerdip ýerinden turdy-da:
—Gideliň,adamlar! Bular-a jyrk ors bolup gelipdirler—diýdi. —Birki
aýdan,türkmençe öwrenensoňlar dolanaýarys-da…
Soň-soňlar bilip ýörsek,ol iki esgeriň rus dilini bilişleri-de örän ýüzleýje eken.
*
Kakaaga ömrüniň köpüsini çölde çopançylykedipgeçirenadam. Ol oba-da ýylda bir
ýa iki gezekden kän dolanmaýardy. Şonuň üçinem ýaş-ýeleňler-ä ony
gatybirtanamaýardylaram.
Bir gezek,Kaka aga oba gelende,aýaly oňa goňşy obadaky haraza gidip,bir halta
bugdaý üwedip gelmegi tabşyrýar. Ömründe çopan taýagyndan başga zat görmedik
ýaşuly,eşegi araba goşup bilmän,kän heläk bolýar. Ahyr ol eşegi araba bakdyryp goşjak
bolup durka,gabat gelen Garaja aga oňa eşegiň araba nähili edilip goşulýandygyny
görkezýär. Garaja aganyň hereketlerini synlap,aňk bolup duran çopan:
—Bäý,şü biziň türkmenlemmizde-de kelle bar-ow!—diýip,başyny ýaýkaýar.
*
Ellinji ýyllaryň başlaryndaobalaryň ykdysady ýagdýypesdi,gahatçylykdy.Gowurak
geýim-gejim edinmek hakda-ha gürrüňem ýokdy welin,adamlaryň garny gury nandanam
doýmaýardy. Ilat şeýle hor-homsy ýaşaýan mahaly oba lektor geldi.Indi oýlanyp
görsem,lektoryň gelmegi geň däldi-de,leksiýanyň temasy geňdi.Leksiýa sowutgyjyň,ýagny
holodilnigiň öý hojalygy üçin peýdasy baradady. Ol mahallar Gojukda holodilnikli öý-ä
ýokdy welin,asyl meniň obadaşlarymdan holodilnigi öz gözi bilen göreni hem bardyr
öýtmeýärin.
Özi-de çüprek geýnen daýaw lektor holodilnigiň çyzgysy çekilenullakan kagyzyny
iki sany piliň sapynaberkitdi-de,onuň bähbidini düşündirmäge başlady.Sowutgyjyň
haýsyöýjüginde et goýmaly,haýsy öýjüginde mesge,gök önümsaklamaly—hemmesi
düşündirildi. Ahyram lektor iş üstünde guma bulaşyp oturan kolhozçylara ýüzlendi.
—Hormatly daýhan ýoldaşlar,düşünmedik ýeriňiz bar bolsa,arkaýyn sowal
beriberiň!
Ilki hemme kişi dymdy. Ahyram bir çetde gury kesege ýaplanyp ýatan Garaja
agadillendi.
—Inim,ýaňky haladilnik diýýän zadyň et salmaly öýjügindedyzy ýamaly balagyňy
goýsaňam bolýamy?
Sowalyň asyl manysyna düşünmedik lektor gara çyny bilen jogap gaýtardy.
—Ýok,ýaşuly,holodilnik diýilýän zatda diňe et,mesge hem gök önümler
goýulýar.Oňa balak-koýnegiňi,umuman,mata ugruny salmak bolmaýar.
Çaky,adamlaryň gülküsindenem lektor degerli many alyp bilmedi.
*
209
Ömrümdeilkinjigezeklektorgörenimdenotuz
ýyldagygeçensoň,menbellirus
ýazyjysyWasiliý
Şukşiniň
“Aý
aýdyň
agşamdakysöhbet”
diýenhekaýalarkitabynytürkmendilineterjimeetmeliboldum.
Şukşiniň adyny äleme ýaýandogdukobasyndagabatgelýän,onuň öziaýtmyşlaýyn
“çudikler” (“tentejikler”) boldy.Men Şukşiniň gahrymanlary hakda kän oýlandym. Meniň
Gojuk obamyň “tentejikleri” Şukşiniň “tentejiklerini” agzyna garatjak “tentejikler”
ahyryn. Näme üçin olaryň obrazyny çeper edebiýata salmaly däl? Gojuk obasynyň her
öýünde bir hekaýa ýazar ýaly gowy material bar. Ortaça hekaýanyň temasy-ha Gojugyň
köçelerinde-de pytraşyp ýatyr.Eglip al-da,hekaýa ýasaber.
Ýokarky oýlanma maňa ynjalyk bermedi. Oba lektoryň gelşini hekaýa
öwürdim.Hekaýa gazýetde çap bolan badyna ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedowdan
şeýle hat geldi:
“Atajan,salam! Ýap-ýaňy “Edebiýat we sungat” geldi.“Leksiýaň” çap bolupdyr.
Aý,sen,tüweleme,eýgertjek däl.Ajap! Ýazyjynyň beýik ussatlygynyň hoşboý ysy gelýär.
Döwür,gylyk,Sapar aga,Nur aşpez,Jumadurdy lektor. HersiniEflatun bilen bir saçak
başynda oturdyp,Gowşut hana jylawdar edip belläýmeli. Üstesine-de,durmuşyň kyn hem
wajyp meselesine paýhasly ýylgyryş bilen garamak (meniň başarmaýan zadym) eseriň
ýugrumyny ýetiripdir.Beýle sýužetleri nireden tapýaň diýsene!Sýužetem sýužet welin,ony
ýazmakda iş bar.Mende,meselem,sýužetden köp zat ýok,tutuş bir spisok. Emma olary
ýazmak üçin mähnet bir adamyň iki gulajy hem ýetmeýänG… (syrt. —A. T.) gerek.
Umuman,seni okamak,walla,hezil.Höwri köp bolsun!
Gurbandurdy Gurbansähedow.
17. 10. 1977.Aşgabat”
Uly ýazyjynyň haty meni galkyndyrdy.Netijede,gojukly
durmuşyndanýazylan7-8 sany hekaýa döredi.
“tentejikleriň”
*
MarydanotlamünenYpbatagawagonagiripbarýarka,prowodnikleriň
agzyaçykdurankupesiniň gapysyndanjyklaýar. Stoluň üstünde ýatan ullakanşor balyk
gojanyň agzyny suwardýar. Neşedenem az-kem habarly,obada-da eýesi ýanynda ýok
orakmy,zynjyrmy görse,goltugyna salaýmakdan gaça durmaýan ýaşuly balygy çilýär-de,öz
kupesine baryp oturýar. Otly ugransoň,üç sany salpymurt özbek wagonyň iki tarapynyňam
gapysyny gulplap,ogurlanan balygy gözlemäge başlaýar.Kupe-kupe barlap gelişlerine
olaryň Ypbat aganyňam üstünden düşjekleri hak zat. Goja balygy daşaryk zyňaýyn diýsede,aýna mäkäm ýapyk. Gizläre-de ýer ýok. Asyl gizläýeniňde-de,ysy eýýäm kupäni
dolduran balykdan prowodnikleriň ünsüni böljek gümanyň barmy!
Özünden ökdä duşan Ypbat aga kupesinden çykýar-da:
—Eý,özbek garyndaşlar! Gözleýäniňiz balyk bolsa-ha,balygyňyz bärde!-diýip
gygyrýar.
Gojukdaeşidenlerimden:
Akbaş odunmyşynmy?
Oýnaş hatynmyşynmy?
210
Igdekişmişmişinmi?
Selmebiş-düşmüşinmi?
Umytuçmuşmyşynmy?
Rysgalgaçmyşmyşynmy?
Segsen ýetmişmişinmi?
Ömrüm ötmüşmişinmi?
*
Ahatdiýgil,oglanym,
Samat diýgil,oglanym.
Molla berjek nanyňy,
Özüň iýgil,oglanym.
*
Ýüwürjim—ýüwrük taýym,
Ýüwrüp geler ýanyma.
Baldyzym—çuwaldyzym,
Ýatsam batar ýanyma.
Gaýnenem—gara garga,
Ot sowurar synyma.
Gaýnatam—garry köpek,
“Gar-gar” eder ganyma.
*
Maşynyň köne bolsa,ataň neşekeş ýalydyr.
*
Baýramguly 30 manatlyk kellesine 60 müň manatlyk şlýapa alypdyr.
*
—Iňňe ýasamagam elinden gelmez welin,türkmene öwün diýseň.
—Aý,edil beýle-de däldir-le. Türkmen iňňe-hä ýasap biler.
—Dogry aýdýaň,iňňäni ýasar. Ýöne,gözüni deşip bilmez.
*
Neneň janyň ýanmasyn! Indi her öýde ýüzden,iki ýüzden çemçe bardyr
welin,türkmen elli adamlyk üýşmeleň etse-de,iki adama bir çemçe berer.Onsoň,tabakdaşyň
sülekeýine degen çemçäni senem agzyňa degir-de otur.
*
—Neşekeş bolsa-da,sen işana dil ýetirme. Öleňde jynazaňy okajak ýene şoldur.
—Şol işanyň ýok ýerinde-de türkmeniň ölenniň jesedi güne gurap ýatanok.
*
Hudaýyň özi geçirer-dä,ýogsam men-ä namazyň sözlerini dogry aýdýandyrynam
öýdemok.
*
211
—Seň agtygyň meň agtygymdanakyllybolmagahaky ýok.
—Sebäbi näme? Nä sen menden akyllymy?
—Sebäbi meň agtygymbäş ýaşynam dolduranok welin,siýende üç metre siýýä.
*
Gara Saparlar ýaly bolaýsaň.Bäş bolup bir çüýşe içselerem,derrew gyzyl ýumruga
girýäler.Biziňkiler welin arak zaýasy—adama bir çüýşe içibem,ýene aragyň gözlegine
çykýarlar.
*
—Ahallylar:
“Maramyhmançylygabarsaň,derrewhaçangaýtjagyňysoraýamyşlar”diýýälerwelin,şol
çynmy?
—Ol ýalan.Ýöne,myhman bolup barsaň,ahally garyndaşlar: “Wah,düýn geläýen
bolsaň,heýgenek iýerdiň-ä” diýýämişler.
—Heýgenegi näme bolýa?
—Heýgenek — ýumurtgaçapady.
—Üumurtgaçapada näme üçin “heýgenek” diýýäkäler?
—Ony ýumurtgaçapady iýmän,heýgenek iýýänlerden sora.
*
Krasnowod diýilýän ýurtda ýer hem gutarýar eken. Aňyrsy giden suw. Aýagyňy
sallap oturmaly. Suwam oňat,ýurdam oňat,adamlaram oňat. Ýöne,türmesi welin –dowzahda.
*
Çepeliniň
süýembarmagynyokaaldyrypuruşdangaýdypgelenleremenbirnememüňkürbolýan.
*
—Menodünýädejennetedüşmejegimi öňündenbilýändigim üçinoňagatybegenýän.
—Nämüçin?
—Şol haramzada işan bilen ýene bir ýerde bolmaly bolsam näderdim!
—Özi haramzada bolsa,olam jennete düşmez ahyryn?
—Aý,şol melgun işan jennetiň sakçylarynyňam gözüne çöp atar…
*
—Rustamkaşukmutoräşet,
Hä donam çü-güfdämutoräşet.
Ýakdäşä ýakpulbä mupüräşät,
Duddäşä ýakpulbä mupüräşät.
—Hanytürkmençä öwür.
—Rüstemkaşyk (çemçe) ýasaýar,
Bilmen nämüçin ýasaýar.
Birini bir manada satýar,
Ikisinem bir manada sataýýar.
—He,Rüstem tarhan adam bolupdyr. Sen ýaly husyt däl eken.
*
212
Birhaltabugdaý ogurlanym üçin ýoldaş StalinmeniSaratowyň türmesinde 8
ýylpişesizsaklady.Hasaplap gördüm welin,men türmede gazanç etmän,azyndan 58 halta
bugdaý iýipdirin. Meni basmak bilen ýoldaş Staliniň näme utuş gazanandygyna henize
çenli hem akyl ýetirip bilemok.
*
—Göroglynyň milleti çeçen bolsa gerek…
—Nämüçin beý diýýäň?
—Aý,ol gaty batyr,dogumly,namysjaň…
—Çeçen bormy?! Ol tüýs türkmen.Biz ýaly öwünjeň,ýalançy…
*
TäjikobadaşymyzLammabaýyňulyogly Şeripbaý Lammaýew özüniň köneje
“Zaporož” maşynynymünüp,GojukdanMurgabaugraýar. Ýetmişinji ýyllarda Mary –
Murgap şossesinde gözegçilik edýän Kakajan Mommaýew diýen awtoinspekor (häzirki
dilde—ýolpolis) bardy.Onuň ady tutulman,Mommaýew familiýasy ýörgünlidi.
Şeripbaý Lammaýew ýol düzgünini bozupmy ýa-da inspektor dokument barlamak
isläpmi,garaz,Mommaýew Lammaýewi saklapdyr. Ýolpolis düzgün boýunçaelini
çekgesine eltip,aýagyny ýere bat bilen urýar-da:
—Awtoinspektor Mommaýew… —diýýär.
Maşyndan çykan Şeripbaý hem aýagyny tapyrdadyp:
—Sürüji Lammaýew!—diýýär.
Üstünden gülünýändir öýden inspektor Mommaýew ilki gaharalanýar-da,sürüji
Lammaýewiň dokumendindäki familiýany okap:
—Aý,gidibersene,familiýadaş!—diýýär.
*
Ogulsapar eje sanlary jemlemegi başarmaýardy.Ol oba dükanyndan 15 manada 1
kg.süýji alan bolsa: “Iki sany 5-lik,bir 3-lik,iki sany hem 1-lik berdim” diýip,sanawy 15-e
ýetirýärdi.
*
Kömek aga obada üç otagly jaý saldy. Ol jaýynyň üstüni basyransoň,raýon gurluşyk
edarasynyň başlygy Nury Hudaýberdiýewiňhuzuryna baryp,agaç dileýär.
—Agajy näme etjek,sakgaldaş?—diýip,Nury aga sowal berýär.
—Jaý saldym. Indi şonuň ýokarsyna pol,aşagyna-da potolok etmeli.
Nury aga ýylgyrman—zat etmän:
—Ony beýtmän,aşagyna pol,ýokarsyna potolok ediläýse nähili bolarka?-diýýär.
—Beýtseň,il güler,sakgaldaş—diýiip,Kömek aga gara çynybilengurluşykçy adama
düşündiriş berýär. —Ýokarsyna potolok,aşagyna pol edip,onsoň potologa
aýagyňydiräp,başaşaklygyna ýörejekmi sen?
—Ýeri,bolýa-da—diýip,Nury aga sakgaldaşynyň aýdany bilen ylalaşýar.
*
Omarişanikimüň
kerpiç
almak
üçinNuryHydaýberdiýewiň
ýanynagatykängezekgatnamalybolýar. Ahyram,möhümi bitmäni sebäpli:
— 37-de basylanlaryň hemmesem Nury aga ýaly boljak bolsa,ýoldaş Stalin olaryň
ählisinem dogry basypdyr!—diýip özüni köşeşdirýär.
213
(Nyry Hudaýberdiýew 1937-den 1956-njy ýyla çenli ýazyjy Hydyr Derýaýew bilen
biletussaglykda bolupdy.)
*
Klasdaşym Atabally Hojammaýew Murgapdan Aşgabada jaň edip:
—Men Atabally!—diýdi.
Men ony sesinden tanaman,başga-da Atabally tanşym bar bolansoň:
—Haýsy Atabally?—diýip soradym.
—Enekeýgiň adamsy.
*
1957-nji ýylyň awgustyndaMaryhemMurgapraýonlarynyň serhedindäki “Jumaş oý”
diýilýän ýerdeMämmetgulyagabilengowaçasuwtutýardym. Mämmetguly aga obada
sylanýan,Watançylyk
urşuna-da
gatnaşan,namazhon
adamdy,sowatlydy,köne
kitaplary,Gurhany kän okaýardy. (Ol maňa enemiň sandygyndan çykan,1926-njyýyldaarap
grafikasynda çap bolan “Magtymgulyny” hem okamagy öwredipdi.)
Biziň suw tutýan ýerimiz Mary-Murgap ýolunyň gyrasyndady.Olçöp-çalamsyz
çägesöw meýdandy. Çaý gaýnatmak üçin bir goltuk odun tapmagam hyllallady.
Suw peselen ýaly boldy welin,Mämmetguly aga maňa “ýokaryny” barlap gelmegi
tabşyrdy. Kimdir biriniň suwuň öňüne dykyn taşlan bolmagy-da mümkindi.
Gojanyň çaky dogry çykdy. Men “ýokardaky” dykyny aýryp gelýärkäm,bize tarap
akýan ýabyň gyrasyndaky garpyzlygyň üstünden geçmeli boldum. Tüňňerişip ýatan
ýetişen garpyzlar meniň nebsimi otukdyrdy.Emma çatmadan (belki-de meni görüp) çykan
garawul Gylyçdurdy aga bärik garap,suwçynyň aşak egilmegine garaşyp durdy. Men aşak
egläýsem ol: “Haýt!” diýip,gygyrmaga taýyndy.
Men aşak hem egilmän,edil ýabyň gyrasynda ýatan ullakan ala garpyzy aýagym
bilen sapagyndan tänderdim-de,suwly ýaba tarap depip goýberdim. Esli ýöräp,yzyma
garasam,ala garpyz suwuň ýüzünde loňkuldap,yzyma düşüp gelýärdi. Suwçynyň garpyz
ogurlaman ara açanyny görüp ynjalan garawulam eýýäm çatmasyna giren eken.
Meniň yz ýanym bilen ala garpyz hem biziň suw tutýan ýerimize akyp geldi.
Garpyzy gören Mämmetgyly aga:
—“Hem daýyňlara gitdiň,hemem taýyňa baş öwretdiňmi?”—diýdi. —Sorap
aldyňmy ýa-da…
—Diläniň,soranyň bilen Gylyçdurdy aga saňa garpyzberermi?—diýip,men hakykaty
boýun aldym.
Ýaşuly Gurhanyň haýsydyr
bir
süresindenem tutaryk
edinip,maňa
iňirdedi,ogurlygyň adam tarapyndanam,Hudaý tarapyndanam iň bir halanmaýan
gylykdygynydüşündirdi.Asyl gaharlandam.
—Men seni obamyzyň iň edepli oglany hasaplaýardym welin,ýalňyşan ekenim…
Çägesöw meýdanda çaý gaýnatmak üçin odun tapjak gümanyň ýokdy. Şonuň
üçinem tüňçelerem torbamyzdan çykarmandyk. Günorta nanymyzy gury iýmelidi.
Men ala garpyzy kesdim welin,gyzyl köz ýalybolup çykdy. Garpyzyň bir pellesini
öňüme çekip,beýlekisini ýaşula tarap süýşürdim. Mämmetguly aga gaharlanjakboldy.
—Ogurlyk närsäni iýmegem,ulanmagam günädir—diýip,ol ýüzüni kesä sowdy.
—Günäsi meň boýnuma,babaý. Nanyňy gury iýip oturma-da,alaýsana!
214
—Kişi günäsini kişi götermez—diýip,goja agras jogap gaýtardy. —Özogurlygyňy
özüň iý. Günäsinem özüň çek.
Garpyz örän şirin eken. Men ony nan bilen iýmäge başladym.“Babaýymyň” iýýän
nanynyň bokurdagyndankynlyk bilen geçýändigini aňýardym. Şonda-da men şapyrdadyp
garpyz iýýärdim. Nan bokurdagyma degmän geçýärdi. Ýaşuly bolsa ýuwdunaýuwduna,nanynyzordaniýýärdi.
Men ýene birki gezek ýaşula garpyz hödürledim.Emma ol agras ýüýzüni maňa tarap
öwürmedem.
Men şol mahallar manysyna üns hem bermän eden herekedimiň ýaşulynyň öňünde uly
günä iş bolandygyna, “babaýyň” ol hatany hiç mahal ötmejegine soň düşündim. Meniň öz
günäm bilen dörän wakany kyrk ýyldan soň ýatlap, goýberen hatamy boýun alýandymym
bolsa, Mämmetguly aga ýaly kalby päk obadaş gojalarymyzyň ruhlarynyň şu günem bize
edep sapagy bolup hyzmat edýändigine şaýatlyk edýär.
(Ýüzugra belläp geçsem,Mämmetguly aga ikimiziň suw tutýan “Jumaş oý” diýlýän
çöketligimiz meniň “Keseki” eserimiň baş gahrymany,Fransiýanyň raýaty Gulibef de
Blokwiliň 1860-njy ýyldaky gajar urşunda Gowşut hana ýesir düşen ýeri bolmaly.Blokwil
özüniň “Türkmenlerdäki 14 aýlyk ýesirlik” diýenýatlamasynda “Gumýabyň
gündogaryndaky çöketlik” diýip görkezýär. Şol çöketlik,şol Gumýap häzirem bar.
Çöketlik Mary-Murgap şossesiniň ugrundaky Murgap etrabynyňbaşlanýan ýerindäki
ÝOLPOLIS postunyň gaýra tarapyndaýerleşýär. Ýöne Blokwil döwründäki Gumýaba
häzir Hojaýap diýilýär.)
*
Kolhozyň
ökdesuwçusybolany
üçingojuklyAtagarrynyň“Leninbaýdagy”
oblastgazýetindeelipilliduransuraty çykdy.Ertesigiç agşamlygam onuň islegine
görä,radiodabagşy Kiçi Geldimyradowyň aýtmagynda “Ogulmeňli” diýen halk aýdymyny
goýberdiler.
Birigün günortana golaý Atagarrynyň öýüne myhman geldi. Ol suwçynyň Marynyň
Gökje obasynda ýaşaýan aýal dogany Bossan ejesidi.Bossanyň ýanynda ýetişen ogly hem
bardy.
Bossan eje gaty aladaly gelendigini aýdansoň,oglan iberip,Atagarryny hem suw
tutýan ýerindengetirdiler.
Beýle gyssagly hem wajyp möhümiň manysy Bossanyň iki aý mundan
ozaluniwersitete girmägegidende,ekzamenden ýykylyp gelen ogluny gaýtadan okuwa
ýerleşdirmek maksady bilen baglanyşykly eken.
Atagarry özüniň sada bir kolhozçydygyny,okuwa,uniwersitete dahylly işde elinden
hiç zat gelmeýändigini aýdyp ahyram:
—Bossan eje,men daýhanam bolsam,bir zady bilýän,senem şoňa düşünjek boldiýýär. -Okuw diýilýän mesele awgustda çözülip gutarýar. Häzir bolsas sentýabryň
aýagy.Okuwa girjek girip,okajak okap ýör. Sen nä akylyňdan azaşyp ýörmüň?
Ýak,dogan,senem-ä…
—Gep nokatlama-da:”Kömek edesim gelenok” diýäý!—diýip,myhman gözüne ýaş
aýlaýar. —Seň bir sözüň uniwersitetiň ketdesine ýeterlik. Gijem bolsa,däküwmendidüzüw
dälem bolsa,Döwran jany okuwa aljaklaryny bilýän. .
—Bossan eje,men hiç kim ahyryn…
215
—Seň kimdigiňi,indi eliňden köp zat geljekdigini il-gün aýdyp ýör. Men-ä göremek
welin,suratyň gazýetde çykypdyr. Hut öten agşamam seň adyňy radiýada tutdular,Öz
gulagym bilen eşitdim. Onsoň,bir oglany okuwa salmagy başaramok diýseň,doganyň
ynanar öýdýäňmi? Meni beýle akmakdyram öýtmegin sen…
Netijede,“Bir söze bitäýmeli” möhüm bitirilmäni üçin dogan dogandan öýkeläp
gidipdir.
*
Men insitutda okaýarkam,her tomus kanikulyndaGojuga gelýärdim.Bir gezek oba
dolanamda,inisi bilen salamlaşmaga gelen doganoglan agam Sapar kakam:
—Näçinji kursa geçdiň?—diýip sorady. —…Bäşinjä geçen bolsaň-a bu gezek
gidýänçäň,günde seň ýanyňa oturmaga gelmeli bolar-ow!Meskewada okuw gutarypişe
başlaňsoň,seň kabinetiň gapysam goragçyly bolar. Biz ýaly daýhany salamlaşmaga-da
göýbermezler…
*
—Gurbagalar warryklanlarynda nämä diýýäler, bilýäňmi?
—“ O ýurt, bu ýurt,
Mary bir gowy ýurt,
Tejeniň suwy bir owurt” diýýämişler.
*
Häzir beýle düzgün barmy ýa-da ýok—bilmedim,ýöne meniň gürrüňini edýän
döwrümde welin sapaklaryna ýetişmeýän juda çöňňe okuwçylary indiki klasa
geçirmän,öňki okan klasynda galdyrýardylar. Bazar bilen Sähet her iki ýyldan öňki okan
klaslarynda galdyrylýandyklary sebäpli,onunjy klasa ýetýänçäler,göwrelerine görä
sapakdaşlaryndan has tapawutlanyp,özlerini okadýan mugallymlar bilen boýdaş
boluberipdirler.
Şonuň üçinem oba mugallymy Ata Ataballyýew her gün klasa girende,Bazar bilen
Sähedi okuwçy hem hasaplamaýan ýaly,olar bilen aýratynlykda:
—Salam,Bazar! Salam,Sähet! –diýip salamlaşyp,yzyndanam: —Salam,okuwçylar! –
diýýär eken.
*
Mentomuskanikulynagaýdanymda,ýükedip
ýörmäýinde,birkilosüýjikökäniAşgabatdaalaýaryndiýip,Moskwadanboş gaýdyberýärdim. Bir gezek
oba eltmeli süýjümi Aşgabatdanam alman,Mara uçdum. Maryda-da eglenip
ýörmän,Gojuga ýetemsoň,oba dükanyndan iki kilo karamel alyp,öýe bardym.
Mençaý içip otyrkam,ýaşulymyz bolan Sapar kakam salamlaşmaga geldi. Onuň
öňünde hem çaý goýuldy. Goja käsesine çaý guýdy-da,meniň getiren süýjümden birini
eline aldy,ony gözüne degrip diýen ýaly synlady. Süýjini dişsiz agzyna salyp iki
dulugynyň arasynda esli kowalansoň ol:
—Al,biz deňligi görmän,dünýäden ötjek-dä—diýip başyny ýaýkady.
—Näme boldy,Sapar kaka?
Ýaşuly ortadaky gazýetiň üstünde ýatan içi toşaply süýjülere tarap nazar aýlady.
—Gör-ä bu süýjüleri! Daşynyň kagyzy dagam bir geňsi.Agzyňda-da eräp barýa.
HaramKeliň öz adamlaryna iýdirýän süýjüsiniň tagamam bap-başga…
216
Sapar kakamyň “Haram kel” diýýäni SSSR-iň baştutany N. S. Hruşýowdy,öňünde
ýatan süýjüleri bolsa Moskwadan getirilendir öýdüp öwýärdi. Aslynda ol karameller Mary
şäheriniňönümidi.
—Ýeri,şular ýaly agza ýakymly kemput Maryda baram bolsa,biz alyp biljegä.Hawa-da,deňlik hiç mahalam bolmandyr,indem bolmaz…
*
Saparkakamgarrybolsa-da,näme üçindirwoleýbolatomaşaetmegihalaýardy.Klubuň
ýa-da mekdebiň ýanynda ýaşlar woleýbol oýnasalar,eşeginiň üsti ýükli bolsa-da ol
saklanman geçmezdi.
Bir gün ol öz eýwanynda çokaýyny oltaňlap otyrka,peýda bolan poçtalýon onuň
öňüne bir petde gazýet taşlap gidýär.
Sapar kakam mekdepde okamadyk,ýeke harpy-da tanamaýan adamdy. Ýöne ol
mahallar gazýet- žurnallara mejbury ýagdaýda ýazylmalydy. Gojuk obasyndaky düýpden
bisowat garry aýallar-da “Sowet Türkmenistany”,”Lenin baýdagy”,“Stalinçi”(soňra ol
“Murgap” boldy) gazýetlerine hökmanýazylmalydy. Meniň Sapar kakamam mejbur bolup
gazýete ýazylýanlaryň biridi.
Gazýet getirilen badyna onuň 3-nji klasda okaýan agtygy Baýrammyrat peýda
bolýar. Çokaý oltaňlap,içi gysyp oturan ýaşuly:
—Pul baryny töläp alamyzsoň,peýdasyny göreli. Hany,o gazýetleň birini alda,oka!—diýýär.
Okaýşy hem ýabygorlurak bolansoň,Baýrammyratgazýet sahypasyndaky iň kiçi
habary okamaga başlaýar. Ol habar hem Russiýanyň bir şäherinde geçirilen Bütinsoýuz
woleýbol ýaryşynda Türkmenustanyň komandasynyň 17-nji orun alandyklary barada
bolup çykýar.
Habar woleýbol hakda bolansoň,edip oturan işini goýup üns beren ýaşuly:
—O nähili 17-nji orun bolýa? Respublika diýýänleri öň-ä on altydy. Soňam olaň biri
oňuşman aýrylyşdymy-nämemi,on bäş bolup galdylar.Hemmesi 15 bolsa,nädip 17-nji orna
düşüp bolýarka?
Elbetde,ýaş oglan beýle sowala jogap berip bilmeýär.
—Bar,git-de,Atajan dädeňden sorap gel. Ol Meskewada okansoň,hemme zady
bilýändir.
Haýdap gelen oglana men 15 sany respublikanyň,üstesine Moskwa bilen
Leningradyňam öz komandalarynyň bardygyny düşündirdim.
Agtygy sowalynyň jogabyny eltende Sapar kakam gazaba münýär.
—Ýeri,iň soňky orny almak üçin bir topar ýal ýagysynyň harajatyny çekip,Orsýete
ibermek nämä gerek bolupdyr? Aljagyň iň soňky orun bolsa,ony üstüňe getirip berýäler
ahyryn…
*
Gojukobasynyň adamlarynyň lakamsyzy ýokdiýen ýaly. Sebäbi obada
Ata,Durdy,Çary,Juma,Aşyr,Baýram diýen atlar üçden-dörtden.
Bir gezekgoňşy obadan bize myhmançylyga gelen žurnalist Meret Garryýew bilen
iki obadaky üýtgeşik lakamlary sanadyk. Şonda biz 8: 2 hasaby bilen ýeňdik.Ýöne Meret
Garryýewiň obasynda-daüýtgeşik lakamly adamlar bar eken.Mysal üçin “Çary” diýen
adyň lakamlaryny seljeremizde bizde “Çary ýirik”,“Çary petir”,“Çary gaýşak”,“Çary
217
syrt”,“Çary ganjyk” bar hem bolsa,Meret Garryýew ýeňdi.Sebäbi olarda “Ölen Çary”
lakamly Çary bar eken. Onuňam sebäbi ol adam öldi diýlip patasy hem alnansoň,bir
ýerden peýda bolaýypdyr.
Kutuzow lakamly obadaşymyzyň hakyky adynyň Orazmämmet agadygyny ol
pahyra jynaza okalanda bilip galdyk. (Jynazasy okalanda,merhumyň hökmany suratda
dürs ady tutulmaly).
Orazmämmet agaKutuzowa mazaly çalym hem edýärdi welin,iň esasy ol hem
Kutuzow ýaly ýekegözdi.
*
SazandaSähetmyratWelmyradowyň
agasyAtaWelmyrada“marşal”
diýýärdiler.Sebäbi onuňmarşal Budýonnynyňkydanamhaýbatly murty bardy.Biziň
“marşalymyz” gaty daýawdy,boýy iki metre golaýdy. Ata aganyň “elindendür
dökülýärdi”: dutar,gyjak ýasaýardy,dutar,gyjak çalýardy,adik,mesi,köwüş tikýärdi. Ol
tikin maşyny ökde aýallardanam gowy işledýärdi. Ata Welmyrat Watançylyk urşuna
gatnaşyp,oba-da ýaradar bolup dolanypdy. Onuň aýaly ermenidi. Biz oňa Asýa bajy
diýýärdik.Asýanyň ejesiniň adyny bilýän ýokdy. Oňa ýöne “mama” diýäýýärdiler. Ata
Welmyraturuşdan oba ýazan hatlarynyň birinde:
Gurgunmydyr ol Asýanyň mamasy?
Gojuk bilen birleşendir obasy.
Ata bilen daşlaşandyr arasy,
Gaýynenem bolan Mama kän salam — diýse,fronta iberilýän
jogapda şeýle setirler bardy:
Ogluň Meret bäşinjide okaýar,
Gyzyň Marguş altynjyda bekeýär.
“Kakamgeler” diýip,ellik dokaýar,
Bizden sowal sorsaň,jogaby şeýle.
Ellinji ýyllaryň başlarynda Gojukda arak içýän adam düýpden ýok diýerlikdi.Şonuň
üçinem biz —9-10 ýaşly oglanlar “Budýonnyý”dükana tarap ugrasa,assyrynlyk bilen ol
ýere barýardyk,“marşalyň” arak içişini synlardyk. Ol proses şeýle geçýärdi: Aýagy
ýalpyldawuk gaýyş ädikliçal donuny ýapynjaň alan uzynsatan “marşal” dükana girerde,“Saglykmysyňyz,oglanlar?” diýer. Dükançy düşbüdir. Ol her günde edýän hereketini
gaýtalar: aşak egler-de,ullakan bulgury arakdan dolduryp,tagtanyň üstünde goýar,ýekeje
kökänem bulguryň gapdalyna taşlar. ”Marşal” doly bulgury sag eline alansoň,çep eliniň
başam barmagynyň ýeňsesi bilen pişge ýaly murtuny taýly gezek sypalar. Şondan soň
bulgurmurtuň aşagyna ýelmeşer.Bulgur tagtanyň üstüne gaýdyp gelensoň,murtuň aşagyna
köke barar. Ata aga ony iýmez,diňe ysgar-da,kökäni dükançynyň öňüne,tagtanyň üstüne
taşlap goýberer.“Aragyň yzyndan zat iýseň,janyň üçin zeleldir”.Biz ol mahallar
“marşalyň”sözlerine ynanardyk…
*
AtamyratobadanMaragatnap,dükandasatyjybolupişleýärkä,adambaryny
ýygnap,ýygy-ýygydanoturlyşykedýärdi.Bir
gezek
ol
nobatdaky
oturlyşygyň
myhmanlaryny ugradyp gelensoň,garry kakasy:
—Beýdip,günde-günaşa adam ýygnap ýörmeseň-ä,gowy bolardy—diýýär . —Iliň
gözem görgürdir,dilem ýitidir.
218
Atamyrat ýylgyrypdyr-da:
—Aý,kaka,ilden alýanymy ile bir iýdireýin-dä—diýipdir.
*
Daşardakyojagyň
başyndadurantabagy
ýalany
üçinGullyagaKellemenowyňBaýramaly
şäherindenem
30-40
km.gaýradakyKişmandiýilýän ýerde çöletaşlanypgaýdylanpişigi 70-75 km.ýolsöküp,2
aýdansoň Gojugadolanypgeldi.Öz gapysynda mawlap oturan pişigine gözi düşen Gully
aga başyny ýaýkapdyr-da: “Şu janawermenden soňa galaýsa,hor-homsy etmäweriň!” diýip
çagalaryna wesýet edipdir.
*
Gojukdamaýdajaogrulykdanbaşlap,soňra-daMary şäheriniň“tanymalogrusy” bolup
ýetişenJymajüwlükobagelende,birkiçijikogurlyketmegiň sapagynyberdi.
—Towukogurlajakbolsaňyz,onuň galmagalynail örmez ýalyinçejik ýüpüň
ujunabalyktutulýan çeňňejikdaňyň,çeňňege-dekiçijik çigitdakyň. Ýöne,çigit ak bolsa
gowy. Towuk çigidi çokan badyna ýüpiçekiberiň. Sesem çykmaz,üýnem.Towuk seňkidir.
*
1990-hjy ýylda men Gojukda jaý gurmaga başladym. Kolhozara gurluşyk edarasy
bilen baglaşylan şertnama görä,ýylyň aýagynda jaýyň açary meniň elimde bolmalydy.
Emma iki ýyl geçse-de,jaýyň boýy hem ýetmedi. Men Mary obkomymyň birinji sekretary
G. M. Orazowyň ýanyna baryp,ýagdaýy aýtdym. Şertnamanyň bir nusgasyny hem eline
berdim. Ol oblast gurluşykedarasynyňbaşlygy Aşyr Nuryýewe jaň etdi-de,ýagdaýy
düşündirdi.
Edil şol günüň ertesi meniň gurluşygy togtadylan jaýymyň daşynda gaýdagaýmalaşyk köpeldi. Bir maşyn kerpiç getiren görmegeý şofýor ýigit,elim byçgyly
duramsoň,ýanyma geldi-de:
—Ýaşuly,Atajan Taganyň özem basym gelýär öýdýän?—diýdi.
Men ýagdaýa düşündim-de:
—Hawa,üç-dört günden geler diýip bizem garaşýas. Ýöne sen onuň geljekdigini
nireden bilýäň?—diýdim.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.