Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11

Total number of words is 3429
Total number of unique words is 2134
28.7 of words are in the 2000 most common words
39.3 of words are in the 5000 most common words
46.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Mundan zyýat zat diýmäge hakym ýok,
Dileg edýän dile diýýän: “Saýrama!”.
Dekabr aýynyňýigrim birinde,
Garaşýan çekizä,Nury Baýrama.
Bir gezek Nury Baýramdan Täze ýyl gutlagy gelende,men oňa şeýle jogap
ýazypdyryn:
Öz Nurym,özüňe müň gezek salam,
Salamy ýollaýan dara-direde.
Öwretmedik bolsa Aşyr Nazarym,
Salamam bermezdik birek-birege.
113
Çekize-de çykyp gitdi ýadymdan,
Çakyza-da çykyp gitdi ýadymdan.
Dilimiz-ä—belke,dişimiz—noýba,
Süzme edýäs çekizäniň adyndan.
Ýigrimi sekizinji dekabr güni
Hyýal guşun Aşgabada uçuran.
Handan-begden gözläp geljek rysgyny,
“Gowşut hany” dokuz gezek göçüren,
Gonoraryn bokurdakdan geçiren,
Burny iki garyş,boýy bir garyş,
Ýagdaýyn sorasaň,“telpegi agan”.
Täze ýylyn gutlap Nury Baýramyň,
Şu namany ýazan Atajan Tagan.
28. 12. 77.Moskwa.
Mentutuş ömrümboýy ýazaneserlerimiň içindediňe 8-10 sanyhekaýamdanbaşga
“Sallançakmukamy”,“Aglasygelýänakbulut”
powestlerimiutanmanokyjahödürlär
ýalyeserhasaplaýaryn.Emma edebi tankydam olara şeýlebir üns bermedi.“Sallançak
mukamyny”režissýorBulat Mansurowdan başlap,diňe kinoçylar “tanadylar”.Režissýor
Halmämmet Kakabaýew powestden “Takdyr” ady bilen çeper filmdöretdi.Emma,meniň
pikirimçe,film şowsuz çykdy.
*
RahymEsenowyň
işeňňirligi,Gylyç
Kulyýewiň
ýitiakyly,AtaAtajanowyň
sowatlylygy,GurbandurdyGurbansähedowyň
okumyşlygyKaýumTaňrygulyýewiň
erjelligi,KömekKulyýewiň prozadaky,AtamyratAtabaýewiň hemNobatgulyRejebowyň
poeziýadakytalanty,Sapar
Öräýewiň
edebiýatdakyutançsyzlygyjemlenipbirtürkmen
ýazyjysynaberilse,bizde-dedünýä bellieseriň döremegimümkindir.
*
Aşgabadyň “Mekan” köşgündeSowetedebiýatynyň Türkmenistandabolangünleriniň
jemleýjidabarasyboldy. Dabarada Türkmenistan Kompartiýasynyň MerkeziKomitetiniň
Birinji sekretary M. G. Gapurow hem söz sözledi.
Çykyş edýänleriň arasynda Özbegistanyň iň ýaşuly şahyrlarynyň biriŞükrullo hem
bardy. Ol münbere baran badyna ýarym özbekçeläp,ýarym orsçalap,ýarym
türkmençeläp,zaldakylary gyzyl-gyran gülüşdirdi.Ol öz gürrüňini kyrk ýyl mundan ozal
bir türkmen gyzyna aşyk bolandygyndan başlady,şol gyzy ýitirendigine heniz-henizlerem
ahmyr çekip,saçynyň agarandygyny gürrüň berdi.
Men prezidiumdadym. Edil gapdalymda-da ýaşy ýetmişdenem geçen
artistkalarymyzyň biri otyrdy. Dogrusy,men ony ilkinji gezek beýle golaýdan görýärdim.
Ol bigörkdi,mama dişän ýüzüne kempirlik ýygyrtlary urandy. Ol ikimiz ýuwaşjadan
gürleşýärdik.
114
Şükrullo bolsa şolaýra düşen türkmen gyzyna henizem sataşmak umydy bilen ýaşap
ýörendigini öwran-öwran gaýtalady welin,men artistka ýüzlendim-de:
—Şol özbekmünberden düşer welin: “Kyrk ýyl mundan ozal ýitiren türkmen gyzyň
men bolmaly” diýseňizläň! –diýdim.
—Dogrudanam,men ony şeýdip oňaraýyn-la!—diýen artistka meniň degişmämi
höwes bilen kabyl edensoň,maňa tarap çiňerildi. —Birden ol meni Özbegistana äkidermen
bolaýsa näderkäm?
—Birinjiden-ä,ol
äkitmez.Men
özbeklere
belet—özbek
özüne
bek.Ikinjidenem,äkidermen bolsa,Amyderýanyň köprüsiniň üstünde toý tutaýarys. Özbek
giýewli boljak ekenik-dä.Özbegem öz biri-birimiz.
Dabaranyň
iki
bölüminiň
arasynda
15-20
minutlyk
arakesme
boldy.Myhmanlarbilençaý-suw berilýän otaga tarap topar tutup barýarkak,ýaňky artistka
M. G. Gapurowyň gapdalyndan bardy-da,gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Gapurow
ýylgyryp baş atdy. Soň hem ol özbek şahyryny ýanyna çagyrdy.
—Hany,özbek garyndaş,bu ýanageliň! Bir gep bar.
Şükrulloonuň ýanyna baryp,tagzym etdi. Şahyry örän oňat çykyş edeni bilen gutlan
M. Gapurow onuň elini mäkäm gysyp durşuna agras sypata girdi.
—Özbek garyndaş,men size bir hoş habaram aýtmakçy.
Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň “hoş habar” diýen sözi özbek şahyryny birneme
tolgundyrdy. Ol durşy bilen göz-gulaga öwrülip,oňat habara garaşdy.
M. Gapurow gapdalynda duran bigörk aktrisany myhmana görkezdi-de:
—Siziň kyrk ýyl mundan ozal aşyk bolup ýitiren maşgalaňyz-a şu bolmaly!- diýdi.
—Emma…
—“Ammasi”nimä,ortak Gapurow?—diýip,şahyr derrew sowal berdi.
—“Emmasy”,garyndaş,siz maňa biraz galyň tölemeli bolarsyňyz. Biz öz gyzymyzy
mugt berip bilmeris.
Baş atan Şukrullo Gapurowyň elini gysdy-da:
—Ortak Gapurow,biz juda hursant!—diýdi hemem aktrisanyňam elinden ogşady.
Olar şeýdip gülşüp,degşip aýrylyşdylar.
Çaý içip otyrkam,Şükrullo meniň ýanyma geldi-de:
—Atajan,sen özbek myhmanyňyzyň juda akmak däldigini ildeşleriňe
düşündireweri!—diýdi. —Ýogsam…
—Näme,domullo (“halypa” diýen ýaly many berýär),göwnüňize degen adam
boldumy?
—Albatta.
—Kim degdi?
—Turkmanistonniň raisi ortak Gapurow… Ol “Hoş habar” diýse,men biçäre
“Kitabyňy türkmençe çykaryp berjek” diýermikä öýdüpdim. Ol bolsa,meniň kömegim
bilen öz bigörk kempirleriniň birinden dynmak isleýär eken. Olar ýaly hatynlar
Amyderýadan aňyrda-da kän ahyryn. Şükrullo beýle oýnatgy däldir.
Oturanlar hezil edinip gülüşdiler.
1981.
115
“Ganly syýahat” (Soňky ady “Keseki”) romanymyň golýazmasyny neşirýata
hödürledim.Neşirýat
hem
ony
resenziýa
ýazmaklaryny
sorap,Taryh
institutynaýollapdyr.“Türkmenistan” neşirýatynyňdirektory A. Allanazarow resenziýa üçin
pul tölenmegini sorap,Metbugat baradaky komitetiň başlygy meniň galamdaşymH.
Diwangulyýewe ýüz tutupdyr. H. Diwangulyýew haýyşy kanagatlandyrypdyr-da:
—Atajan Taganyň romanyny okanlary üçin Taryh institutynyň işgärleine-hä biz pul
töläris welin,ol romany okajak okyjylara puly kim tölemeli bolarka?—diýipdir.
*
Bir gezek Resul Gamzatow bilen Ýazyjylar soýuzynyň howlusynda gürrüňleşip
durkak,geçip barýan eli portfelli ýigit şahyry tanap,bize tarap sowuldy.
—Ýoldaş Gamzatow,men siz bilen görüşmegiň arzuwyndadym welin,gowy
bolaýdy—diýdi. — Iki sany poema bilen kyrk-elli sany goşgy ýazdym. Şolary siz okap
görseňizläň! Boljakmy-bolmajakmy…
—Ýok,başarman—diýip Resul gysga jogap gaýtardy.
—O näme üçin? Siz gowy goşgular ýazýaňyz ahyryn?!
—Dogry aýdýaňyz.Men goşgy ýazýan.Ýöne goşgy okamak häsiýetim ýok.
*
1987-nji ýylda Ýuwaş okeanasuwadüşdüm.Olýuwaş däl,däli eken.
*
Mädeminhanyň Saragtyň Pälizekdepesiniň üstündealnankellesiniň Eýranyň
“Hökümetderwezesi” diýilýän ýerindejaýlanandygyhakyndataryhymaglumatbar. Onuň
göwresini bolsa Gowşut hanyň buýrugy bilen göwdä salyp,SaragtdanHywaeltip
jaýlapdyrlar. Mädemindenbaşga-da kellesi bir ýurtda,göwresi başga ýurtda jaýlanan iki
mazarly adam boldumyka?
*
Nemesleriň howasynda-da tertip-düzgün bar ýaly.Berliniň köçelerinde gezip
ýörkäň,kaşaň jaýlaryna gireniňde,muzeýlerine aýlanaňda,döredijilik adamlary bilen
duşuşanyňda,olaryň biçak öňe gidendiklerine haýran galýarsyň. Nahili ukyply hem
medeniýetli halk! Şeýle medeniýetli,düşünjeli adamlaryň ele ýarag alyp,başga ýurtlaryň
üstüne çozandyklaryna-da,çagalary,garrylary gyryp,gözellikleri weýran edendiklerine-de
ynanar ýaly däl. Medenýet diýilýän zat diňe başgalaryňkydan gymmatbaha eşik geýmek
ýa-da daşy“üýtgeşik haşamlanan” jaý gurmakdiýip düşünýän bize –türkmenlerenemes
medeniýetiniňşu günki derejesine ýetmek üçin azyndan 300 ýüz ýyl gerek bolar.
Germaniýa,Wenzee kölüniň kenary.
7. 02. 1991.
Bir gezek ÇärjewiňSeýdi adyndaky teatrynda meniň “Iň owadan gyz” diýen
komediýam goýuldy.Spektakl kabul edilenden soň režissýor Abdylla Ýakubow bilenMara
gaýtdyk. Maryda,biziň bir umumy tanşymyzyň düňýäden öten adamsynyň belli güni
bellenýär eken.
Pata ýerinde Abdylla çöküne düşdi-de aýat okamaga başlady. Men onuň edil
gapdalynda otyrdym. Şonuň üçinem oňa taraphas-da golaýlap,Abdyllanyň näme
pyşyrdýaýanyny eşitjek boldum.Meniň meýlimi aňan A. Ýakubow maňa tarap ýüzüni
çalarak öwürdi-de:
116
—Şu müňkurligiňi goýmasaň,gaýdyp seň pýesaň goýlarmyka,doňuz—diýip
pyşyrdansoň: — Allahymma magfyrly,wali walideýýä weljemygyl. . -diýip,doga
okamasyny dowam etdi.
Emma onuň sögünjini meniň özümden başga eşidenem bolmady,aňanam.
*
Bir gezek Moskwadan Aşgabada jaň edip,Atamyrat Atabaýew bilen salamlaşdym.
Onuň keýpi kök eken. Men onuň sebäbini soradym.
—Aý,şu gün Magtymgylybaýragynyňkomitetinde baýraga hödürlenen eserlere iň
soňky gezek seredildi. .
—Seni gutlabermelimi?
—Ýok. Maňa baýrak bermediler.
—Onda nämä keýpiň kök?
—Şu günden başlapýaranjaňlyk etmeli däl. Şonuň üçin keýpim kök.
—O nähili ýaranjaňlyk?
—Baýraklar komitetinde ses bermeli adamlara ýaranjaňlyk ede-ede soňky iki aýyň
içinde tas desmalça öwrülipdim.Şu günden başlap,halamaýan adamlarymyň ugrundan
gopmak aladam ýok.
—Eserleriňe baýrak berilmedigem bolsa,soňky çyn sözleriňe-hä ýörite baýrak
berilse-de gelişmän durjak däl ýaly…
HATYRALYNYŇHATYRASYNA
Ömür ýolundan:
1935-nji ýylda doglan.
22 ýaşynda Moskwanyň meliorasiýa institutyny tamamlan.
25 ýaşynda raýispolkomyň başlygy.
30 ýaşynda partiýanyň raýkomynyň birinji sekretary.
32 ýaşynda Türkmenistanyň oba-hojalyk ministri.
51 ýaşynda…
Hindilerde “Täzelik ýatdan çykarylan könelikdir” diýen nakyl bar eken. Şol
nazardançen tutsaň,durmuşda hiç hili täze söz,täze pikir,täze özgerişikler döremeli däl
ýaly.Pelegiň çarhy öňe tarap aýlansa-da,durmuş wakalary diňe gaýtalanyp durana
meňzeýär.
Oňa garamazdan,men öz sulhum alýanlar bilen saçak başynda oturanymdaköplenç
gaýtalaýan badalyk sözlerimi heniz menden gaýry aýdan adam ýokdur öýdýärin.
Elbetde,ol hem ýatdan çykarylan könelikdir. Ýöne men ony öz ýanymdan täzelik hasaplan
bolýaryn. Ol badalyk şeýleräk: “Men özüme görk-görmek beripdir diýip,çynar ýaly boý
beripdir diýip,çogup duran akyl-paýhas beripdir diýip Hydaýdan razy bolup biljek
däl.Ýöne,dost-ýar paýlanda welin,maňa tarhanlyk bilen eçilendigi üçin Hudaýdan
müňdebir razy.Çünkiözüme ýegre dost hasaplaýan alty-ýedi sany döwürdeşlerimiň
hemmesi-de,haýsy nukdaýnazardan alsaňam,menden bir gez belentde durýar. Muny men
117
Hudaýyň ýalkadygy hasap edýärin. Eger-de dost-ýarlarym özümden pes bolan
bolsalar,men gaty kän zat ýitirerdim…”
Dogrudanam,takdyryň oýnuna serediň! Menden kän agramly,kän abraýly,talantly
tanyşlarymyň: “Salamlaşyp bolmazmyka?” diýip arzyw ýüwürdip ýören adamlary
bilenykbal meni ýakyndan tanyş etdi.Olaryň birnäçesi bilen duz-emek boldum.Russiýadan
Nikolaý Tihonow,Mihail Dudin,Dagystandan Resul Gamzatow,Afrikadan Aleks la
Guma,Gazagystandan Olžas Süleýmenow… Men bu sanawy medisina,ylym,medeniýet
dünýäsinde tanymaltanyşlarymyň hasabyna-da uzaldyp bilerdim.Sanan hem sanamadyk
ýakynlarymyňarasynda öz ildeşimiz Gylyçdurdy Sähetmyradowa aýratynam sarpa
goýýardym. Ol adam bilen ýigrimi ýyl töweregi saçakly gatnaşdyran ykbalymdan men
gaty razy.
Gylyçdurdy Sähetmyradow ýaly şu güne-de,ertire-de mynasyp döwürdeş bolup
biljek adam seýrek gabat gelýär. Meniň ony bolşundan ulaldyp görkezýän ýaly sözlerimiň
hakykatdan üzňe däldigine G. Sähetmyradowy ýakyndan tanan döwürdeşlerimiň hemmesi
güwä geçse gerek.Ol Murgap sebitlerinde sarpasy belent tutulýan,halk paýhasynyň
nusgasy hasaplanýan,zähmetsöýer hem döwletlimaşgalada terbiýe alan adam.G.
Sähetmyradowyň dünýäden juda ir gaýdan inisi Samet Sähetmyradow alym hem eli ýeňil
hirurgdy,Baba Sähetmyradow ylymlaryň kandidaty,Döwlet,Esen… Sähetmyradowlaryň
hemmesi-de ata Watana,ene topraga hyzmat eden,edýän zähmetsöýer hem edepli adamlar.
Sowady örän ýetikdigine garamazdan,Gylyçdurdy Sähetmyradowda mydama
okamaly,mydama öwrenmeli diýen endik bardy. Ol eline kitap almaga ýaýdanýan
ýolbaşçylardan däldi. Tersine,komandirowka gidende-de,ýany bilen göterýäni kitapdy.
Aşgabatda-da,Moskwada-da täze goýlan spektakllaryň birini-de sypdyrmaýardy. Onuň hut
oba-hojalyk problemasyna gönüden-göni degişlidigi üçinbaşgyrt dramaturgy Azat
Abdulliniň Moskwanyň Wahtangow adyndaky teatrynda göýlan “On üçünji başlyk”
spektaklyny telim gezek görendigine men şaýat.Men ony Azat Abdulliniň özi bilen hem
tanyşdyrypdym.G. Sähetmyradowyňky diňebir “keýpine şäriklik” däldi,Ol okalan
kitaba,görlen spektakla,diňlenen simfoniýa düşünmäge ukyplydy. Hertaraplaýyn zehin oňa
tebigat tarapyndan berlen paýdy.Iň täsin tarapy-da ol oba hojalygynyň gadymdan gelýän
daýhançylyk däplerini ylmy ösüşiň derejesi bilen deňeşdirip,umumy netije
çykarýardy,düýnüň
bähbitli
taraplarynyň
üstüne
derrew
atanak
çekjek
bolmaýardy.Gollandiýada kartoşkanyň bizde ekilýän kartoşkadan ýokary hasyl bermeginiň
sebäbini biljek bolýardy. Şol bir mahalyň özünde-de,oba-hojalyk adamydygyna
garamazdan,edebiýata-da,taryha-da,sungata-da içgin aralaşmagyň aladasyny edýärdi.
Şonuň üçinem onuň bilen tirkeşmek hem ýakymlydy,hemem kyndy.Ýakymlydygy—ol
seniň bilen öz dogany ýalydy,bilmeýäniňi öwretmegi hossa görmeýärdi. Ol bir görseňä,özüne has-da düşnükli bolary ýaly Magtymgulynyň eserlerini arapelipbiýinde
okaýandyr,bir görseňem,ekerançylyga degişliylmy kitaplary dörüp oturandyr.Ondan
öwrenere zat kändi. Tirkeşmegiň kyndygynyň sebäbi bolsa,kitap dilinde aýtsam,ol
“eruditdi”,döwimydama güýçlüdi.Ýöne ol özüniň danyşmentligini mazamlaýanýa-da ile
bildirjek bolýanlardan däldi. Ol öz gürrüňdeşinden döwüniň güýçlüdigi hakda oýlanýana
meňzemeýärdi.Ol maýdaja bir nätakyklygy-da düzetmegiň,onuň sebäbine düşünmegiň
aladasyny edýärdi.
118
Bir gezek ikiçäk gürleşip otyrkak,men gepiň gerdişine görä “Ýagşylyk et, — derýa
at,balyk biler,balyk bilmese,Halyk biler” diýen nakyly getirdim. Gürrüňiň şol epizody
gutaransoň G. Sähetmyradow: “Biz şol nakylyň sözlerini ýerbe-ýer göýamyzok
öýdýän”diýdi.
Meniň özüm-ä hut şol duşuşygaçenli oňa “Ýagşylygy derýa atsaň,balyk biler,balyk
bilmese-de Hudaý biler” diýen manyda düşünýärdim.G. Sähetmyradowyňmany
çykaryşyna görä bolsa,haýsydyr bir sebäp bilen suwuň daşyna düşen biçäre balygy
ölümden halas edip suwa (derýa) atsaň,edilen ýagşylygy balyk biler,balyk bilmäýende-de
Halyk biler” bolmaly. Şonda ol nakylyň dürs manysy ýüze çykmaly.“Ýagşylyk et,balygy
derýa at,balyk biler,balyk bilmese,Halyk biler”.Hakykatdanam,derýa atylmaly zat
ýagşylyk däl,balyk ahyryn!
Şujagaz mysaly getirmek bilen men: “Sähetmyradow Amerikany açdy”diýmek
islemeýärin-de,onuň
edebiýatçylaryň,dilçileriň
üns
bermedik
zadynyňam
pikiriniedýändigini nygtaýaryn.
Aradan birki ýyl geçensoň,Krymda dynç alyp ýörkäm,türki dilli halklaryň
nakyllaryny ýygnaýanköne tanşym,alym hem terjimeçi Aly Aly ogluna gabat geldim. Ol
şonda gürrüňi edilen nakylyň türkmenlerde ulanylyşynda logikanyň birneme
bozulýandygyny,G. Sähetmyradowyň gelýän netijesininň dogrudygyny tassyklady.
…Moskwada Türkmenistanyň günleri geçirilýärdi. Oňa medeniýet,oba hojalyk
işgärlerinden
başga-darespublikamyzyň
hökümet-partiýa
ýolbaşçylary-da
gatnaşýardy.Umumy topara Türkmenistan KPMK-nyň sekretary Çary Ataýew ýolbaşçylyk
edýärdi.
SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi Türkmenistandan gelen myhmanlaryň
hormatyna Edebiýatçylaryň Merkezi Öýüniň restoranynda 50- 60 adamlyk kabul edişlik
gurady. Oňa Türkmenistandan gelen myhmanlardan başga-da,türkmen edebiýatyny
propagandirleýän moskwaly ýazyjy-şahyrlaryň hem 8-10 sanysy çagyryldy.Nahary SSSR
Ýazyjylar soýuzy guranam bolsa,kabul edişligiň märekemany edilip,näme üçindir,Çary
Ataýewi bellediler.Ol SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň Birinji sekretary
ýanynda oturanam bolsa,näme üçindir,ilkinji zöziTürkmenistanyň medeniýet ministri
Hudaýberdi Durdyýewe berdi. Köp okan,köp bilýän H. Durdyýew,agras adamdygyna
garamazdan,şol gezek SSSRýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçylarynyň öňünde özüniň
sowadynyň ýetikdigini görkezmäge çalyşdymy,nämemi,juda uzak gepledi.Ol bular ýaly
ýagdaýda adaty kabul edilen serhediňçäklerinden çykdy,Marksdan,Engelsden,Leninden
uzak-uzak sitatalar getirdi.Şeýlelikde,medeniýet ministriniň çykyşy saçak başynyň
gysgajyk nutugyndanüýtgäp,“Bilim” jemgyýetiniň lektorynyň leksiýasyýaly boldy. Kabul
edişligiň sagaton ikilere bellenendigini,entek günorta naharyny edinmedikadamlaryň üsti
nazy-nygmatdan doly stola seredip agyzlaryny suwardyp oturandyklaryny hem nazara
alsaň-a,ministriň çykyşy hakykatdakysyndanam has uzyn bolup duýlandyr. Eýýäm
bulgurlaryny gymmatbaha içgilerden dolduran myhmanlaryň söz sözleýäniň sözüni tizräk
tamamlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary öz-özünden düşnükli bolmalydy.
Ahyr agyzlary aşa ýeten adamlar köýdürilen wagtyň “öwezini dolmak” bilen
boldular.Ikinji nobatda söz alan SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň Birinji
sekretary Georgiý Mokeýewiç Markow myhmanlarynyMoskwa gelmekleri bilen
gutlap,özüniňFranzuz
ýazyjylarynyň
delegasiýasynykabuletmelidigini,şonuň
119
üçinemhoşlaşmaga mejbur bolýandygyny aýdyp,köpçülik bilen sagbollaşdy. Uly başlygyň
gitmegi bilen ýerli ýazyjy-şahyrlaryň örüsi giňedi.
Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Gylyçdurdy Sähetmyradowa söz berildi.Meniň
gapdalymda oturaniýmek-içmegi juda halaýan rus ýazyjysy,Beki Seýtäkowyň terjimeçisi
Anatoliý Ferençuk “Ana,saňa!”,diýip uludan bir dem aldy. Men onuň
hereketiniňmanysyny çakladym. Moskwalylar Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň
etjek çykyşyndan öňündenýaýdanmalydylar.Sebäbibular ýaly kabul edişlikde iýmägeiçmäge päsgel bermezlik üçin gysgajyk söz aýdaýmaly medeniýet ministri leksiýa
okap,adamlary lejikdiren bolsa,oba hojalyk ministrinden nämä garaşjak! Onuň “Beýik
Watanymyzyň kuwwatyna kuwwat goşýaninçe süýmli “ak altyndan” başlap,türkmeniň
şirin gawunynyňhiline çenli düşündiriş berýänhas uzaga çekjek leksiýa okamagy-da
ahmaldy. Üstesine-de,oba hojalyk ministriniň şeýleräk äheňde gepläýmegine tutaryk hem
bardy. Stoluň üstüni türkmenleriň özleri bilen getiren gawun-garpyzlary,üzümi bezeýärdi.
Emma ýagdaýdüýpden başgaça boldy. Oba hojalyk ministri ýerinden turdyda,gadymy şekiller bilenhaşamlanan diwarlara seredip gepledi.
—Bu diwarlar atlary äleme belli bolan şahyrlaryň sesine şaýat bolan diwarlar
bolmaly. Bu diwaarlaryň häzirki eýelerini-de üýtgeşik söz aýdyp geň galdyrjak gümanyň
ýok. Emma birneme azotlyragam bolsa,birneme fosforlyragam bolsa,oba hojalyk iýmitini
öndürýän adamlara ruhy iýmit,ruhy lezzet berýän edebiýatçylaraöz minnetdarlygymyzy
aýdyp,şu badany Onuň Aly Hezreti keramatly poeziýanyň rowaçlygy üçin götermegiňizi
haýyş edýärin!. .
Şol sozleriň yzyndanam Türkmenistanyň oba hojalyk ministri rus şahyry Sergeý
Ýeseniniň:
“Swet weçerniý şafrannogo kraýa,
Tiho rozy begut po polýam…”diýip başlanýan goşgusyny ýatdan
aýtdy. Özi-de ol goşgy tüýsşeýle pursatda ýaňlanaýmaly goşgudy.Oturanlaryň arasynda ol
şygry badaçy bilen bile aýdyp başlanam tapyldy. Şonlukda kabul edişlik jaýynyň howasy
täzelenen ýaly boldy.
G. Sähetmyradow sözüni tamamlanda,bir gyrada oturup,eýýäm keýpini köklemäge
ýetişenýaşuly rus şahyry,Magtymgylynyň,G. Seýitliýewiň,A. Atajanowyň,G. Ezizowyň,K.
Gurbannepesowyň goşgularyny ussatlyk bilen terjime eden Ýuriý Petrowiç Gordiýenko
saklanyp bilmedi:
—Türkmenistanyň oba hojalyk ministri bilen medeniýet ministriniň ýerini
çalşyrmagy teklip edýärin!
Adamlar şahyryň replikasyny degişme hökmünde kabul etdiler.Ýöne degişmäniň
aňyrsyndaky mana hem dogry düşünen bolsalar gerek…
Gylyçdurdy Sähetmyradowyň hem Saýlaw Myradowyň dünýäden ötmegi bilen men
öz ýazýan eserlerimiň talapkär synçylaryny ýitirendigimesoň düşünip galdym.Meniň heniz
doly çap bolmanka“galmagal” baryny turzan “Saragt galasy” romanymyň,“Ganly
Merw”,“Sallançak mukamy”,“Lal perişde”,“Ýalňyzlyk”,“Uruşdan soňky söweş”,“Aglasy
gelýän ak bulut” ýaly ulurak göwrümli eserlerimiň golýazmalarynyň sahypalary G.
Sähetmyradowyň örän ýerlikli eden belliklerinden doludyr. Esasanam,ol dil meselesinde
ýazyja has peýdaly maslahatlar bermäge ussatdy.
120
G. Sähetmyradow klassyky mirasymyza aýratyn sarpa göýýardy. Hatda ol diňe
Magtymgulynyň eserlerinehas içgin aralaşmak üçin ýörite arap elipbiýini öwrendi. Beýle
häsýet diňe şol ugurdan çörek iýýän edebiýatçylaramahsus ahyryn.
Ol bir gezek keselhanadakayzyndan baranymda,indiki gezek Magtymgulynyň soňky
çykan bir topmlugyny getirmegimi haýyş etdi.Netijede,onuň Magtymgulynyň eserleri
barada ýiti synçylyk bilen ýazan uly makalasy “Edebiýat we sungat” gazýetinde çap
boldy. Ol keselhanadan çykandan soň maňa gaýtaran kitaplarynyň sahypalary bolsa eserler
redaktirlenende goýberilen säwliklere edilen belliklerden doly eken.
Men G. Sähetmyradow bilen köp ýyllaryň dowamynda tirkeşenim sebäpli,onuň
işiniň
rowaç
alan
mahallaryndanam,rowaçlygyna
badak
atylan
mahallaryndanamhabarlydym.Eger biz bir hepde ýa-da on güntelefonda gepleşmesek,ol
menden öňürdiip,jaň ederdi-de: “Bir söý birle aşnalygmyz ýat oldy-low!” diýip,klassyka
gyşardyp söze başlardy.
G. Sähetmyradow edeplidi,tapbilendi. Ol bir gezek Moskwa komandirowka
baranynda,şol ýerdeÝokary partiýa mekdebinde okaýan Hudaýberdi Diwangulyýew ikisini
agşam çaýa çagyrdym.Nahar başynyň söhbetleşiginden soň ol ikisi küşt dikmeli etdi. Iki
döwüň netijesi deň çykdy. Şonuň üçinem üçünji döw hem oýnalmalydy. Emma diwardaky
sagada assyrynlyk bilen sereden G.Sähetmyradow “Ertirem ir turmalydyr” bahanasy bilen
gaýtmaly etdi. Şonluk bilen men myhmanlarymy ýola saldym. Ertesi H. Diwangulyýew
edarama jaň edip,üçünji döwi myhmanhanadadowam edendiklerini aýtdy. G.
Sähetmyradowynüçünji döwi myhmanhanada öz otagynda dowam etmegi ýaş çagaly öýde
myhman ýeriňem uzak alada goýmazlykbilenbaglanyşyklydy.
Ýüz ýaşanyňdan soň gelse-de,ajal gijigip geldi hasaplanmaýar. Ýöne,Gylyçdurdy
Sähetmyradowyň ýaňy elli ýaşyny doldurup ýogalmagy ony ýakyndan
tananlaryňköpüsiniň düňýäsinde öwezi dolmajakboşlugyň döremegine sebäp boldy.
Men onuň näsaglandygyny eşidip,Moskwadan Aşgabada günaşadan diýen ýaly jaň
edýärdim. Ol soňky näsaglanda Türkmenistan KP MK-nyň sekretary bolup işleýärdi.Ýöne
men ol näsaglyk beýle gamgyn netije bilen gutarar öýdüp,eger-eger pikirem
etmeýärdim.Ýap-ýaňy respublikanyň döwlet ýolbaşçylarynyň biri bolan uçursyz jepakeş
adam indi işlemelidi,indi döretmelidi. Onda Türkmenistanyň obahojalygyny dünýä
derejesine ýakynlaşdyrmak üçin uly-uly maksatlar bardy. Biz ony durmuşyň gyrasyndan
ýaňy giren adam hasaplaýardyk. Şonuň üçinem bir gün giçlik ýazyjy Gylyç Kulyýew diňe
şol mesele bilen öýe jaň edip: “Dostuň-a keselhanada welin,mümkinçiligiň bar bolsa,bir
günlügem bolsa,gelip-gidäýsene!”diýende-de,ýaşuly Gylyçdurdynyň ýagdaýynyň
umytsyzdygyny syzdyrýandyr öýtmändirin. Sebäbibeýle ýagdaý hut özümiz bilen bolsada,G. Sähetmyradow bilen bolmaly däl hasaplaýardyk.Çünki ol Watana,il-güne bize görä
has bähbitli,has zerurgerçekdi. Ýöne “Ajala-da gowy adam gerek” diýilýän gep ugrunda
bar bolarly.
Bolsa-da,Gylyç Kylyýewiň jaň eden agşamynyň ertesi men Aşgabada uçdum.
Elimde-de hut düýn-öňňun “Izwestiýa” neşirýaty tarapyndan çapdan çykarylan täze
kitabym bardy. G. Sähetmyradow ol bir tomluga giren eserleriň hemmesini ozal okanam
bolsa,samolýotda otyrkam men oňa ýeýle ýazgy etdim:
“Gylyçdurdy Sähetmyradowa.
Ykbal aýnatsa-da,bassa-da gerşden,
121
Eselip-peselip,hetden aşmadyk.
Meger,nesip çekip,aşsagam arşdan,
“Hiç söý birle ýat olmasyn aşnalyk!”
Atajan Tagan.
3-nji fewral,1987.TU-154uçarynyň borty”.
Aeroportdan göni keselhana geldim. Meniň ýazan awtografymy okandan soňam
uzak mahallap oňa seredip oturan Gylyçdurdynyň hortaň keşbi heniz-henizlerem göz
öňümden gidenok. Ýa-ha olawtografyň üçünji setirinden özüçe başga many çykarjak
boldy ýa-dakitabyň awtory bilenGaragum beýewanlarynda,rus tokaýlarynda,supra başynda
geçirilen
kynçylyksyz
hem
kynçylykly
döwürlerde
bolan
duşuşyklary
ýatlady,garaz,tukatlandy.
Tebigat Gylyçdurda uzak ömür eçilmän eken.Ykbal ony 25 ýaşly ýigitkä
raýispolkoma başlyk,30 ýaşyndaka raýkomyň birinji sekretary,32 ýaşyndaka obahojalyk
ministri wezipelerine bellänem bolsa,ony götergiledi hasap etmeýärin.Çünki ol beýle
orunlara mynasypdy. Tebigat oňa biçak işeňňirlik ukybyny beripdi.
Haýsy mesele bolsa-da,gazanylan uly üstünligi birýa-da iki adama ýöňkemek
meselä obýektiw baha berildigi bolmaýar. Ýöne Mary oblastynyň Hanhowuz düzlüginde
tarp ýerleri özleşdirmegiň ilkinji ädimlerini ädenleriň esasylarynyň biri G. Sähetmyradow
bolsa gerek. Olgowaçadan bol hasyl almak ugrunda azap çekişi ýaly adamlaryň janynyň
rahat bolmagy üçinem alada edýärdi. Onuň halamaýanykäbir žurnalistiň “Kolhozçylar
janlaryny aýaman zähmet çekýärler” diýen sözleridi.“Ol tersine bolmaly ahyryn—
diýýärdi—Zähmetjanyňy aýamak üçin çekilýär-ä”.
Murgaply mehanizator Kakajan Akmyradow G. Sähetmyradow hakynda gep
açylanda,bir epizody gürrüň berdi.Şeýle wakany göz öňüne getiriň: Hanhowuzda zähmet
joşýar. Mehanizator ýigitler gije-gündiz diýen ýaly traktordan düşmän işleýärler. Olaryň
alýan haklary-da zähmet çekişleri ýaly lomaý.Şonuň üçinem olar üst-başlaryna
seretmegem ikinji-üçünji dereje hasaplaýarlar. Bir hepde,hatda on günläbem sakgal-murta
päki degirmäge-de wagt tapylmaýar. Gazanjyň aly,nebis ähli zatdan rüstem gelýär.
Bir gün raýkomyň 30 ýaşly täze sekretary olara armaçy bolup gelýär.
—Näme
islegiňiz,näme
haýyşyňyz
bar?—diýip,G.
Sähetmyradow
mehanizatorlaraýüzlenýär. —Çekinmäň-de,aýdyberiň!
—Haýyş ýok,ýaşuly.Hemme zat gül ýaly. Nahar berilýär. Hak-heşdegimizem örän
oňat.Haýyş ýok.
—Beýle bolsa,meniň sizden bir haýyşym bar.
—Aýdyberiň,ýaşuly!
—Aýtsam, —diýip,G. Sähetmyradow agras görnüşe geçýär. —Men siziň
hemmäňize tutuş iki sagatlap traktora münmegi gadagan edýärin…
Mehanizatorlar henize çenli hiç bir ýolbaşçynyň agzyndan çykmadyk sözleri
eşidip,haýran galýarlar.
—Haýyşymy geň görmäň!—diýip,raýkomyň sekretary dowam edýär. —Zähmetem
çekmeli,gazanjam etmeli. Ýöne gazanç diýip adamdygyňam unudaýmaly däl. Men size iki
sagat wagt berýän. Ýuwnuň,ardynyň,sakgal-murty syryň.Ýogsam,pul baryny
gazanyp,öýüňize baraňyzda,birden gelinleriňiz sizi tanaman durmasyn…
122
G. Sähetmyradow biziň oba hojalygymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan
guýmagursak zehindi. Ol öz döwrüniň,Kerim Gurbannepesow aýtmyşlaýyn,“potology
pessejik” ýokary wezipeli ýolbaşçylaryndan mese-mälim tapawutlanýardy.Şonuň üçinem
beýle işgäriň wezipe basgançagy bilen entegem ýokary galmagyndan ägä bolmak islän
“ketdeler” derrew öz aladalaryny edip başladylar. Ony aňryýany bilen hötde gelýän
wezipesinden boşadyp,ösüş gapylary ýapyk hasap edilýän bir işe geçirdiler.
G. Sähetmyradowyň wezipesi peselse-de,abraýy peselmedi. ”Sähetmyradowy
azerbeýjanlar işe çagyrýarmyşlar”,“Sähetmyradow ýaly kadryňyz kän bolsa,Amyderýadan
bärik geçiriberiň!” diýip özbekler Aşgabada jaň edenmişler”.Il içine ýaýran ol gepler
ugrunda barmy-ýokmy—aýtmak kyn. Ýöne şeýle gürrüňleriň biziň öz obalarymyza
ýaýramagy G. Sähetmyradow ýaly işe ökde kadrlary “çepe-saga” zyňyşdyryberseň,köpüň
göwnünden turmajakdygy duýdurylýardy.
Dünýäden ötmezinden ozal G. Sähetmyradow gulagyny operasiýa etdirmek üçin
Moskwanyň 2-nji medisina institutynyň kliniki keselhanasyna girdi. Şol mahalşäherde grip
epidemiýasy bar bolany sebäpli,näsaglaryň ýanyna barýan adamlaryň sany çäklendirilendi.
Sähetmyradowyň ýanyna girmäge-de diňe bir adam üçin rugsathat beripdirler. Gylyçdurdy
hem ol rygsathaty meniň adyma ýazdyrypdyr. Şeýlelikde,men onuň ýanyna her hepdede
bir gezek baryp bilýärdim.
Onuň keselhanada ýatan döwründe Türkmenistanda deputat saýlawlary
geçirilýärdi.Bu gezek G. Sähetmyradow deputatlyga hödürlenýän adamlaryň düzüminde
ýokdy. Ondan köpler,şol sanda men hem habarlydym. Emma ol özi barada edilýän
“alada”hakynda hiç kimiň ýanynda dil ýarmaýardy.
Türkmenistanda saýlaw geçirilýän güni men keselhana ýörite gitdim. Meniň
maksadym deputatlyga hödürlenmedik Gylyçdurdy saýlaw güni täk özi içini hümledip
oturmaz ýaly,onuň ünsüni bölmekdi.
Keselhananyň ýeke orunlyk palatasynda iki ýoldaş bolup,üç sagatdanam gowrak
oturaýypdyrys. Edebiýat,taryh,durmuş baradaky söhbet şeýlebir gyzdy welin,palata girip
çykýan şepagat uýalarynyň biri näsaga: “Siz bu gün nähili şähdaçyk görünýärsiňiz!”
diýmäge mejbur boldy.
Jahaňyňýedi gudratynyň biri bolan Zewsiň altyn heýkelinden başlanan gürrüňiň
öwrüm-öwrüm ýollary Bermut üçburçlugyna çenli baryp ýetse-de,Türkmenistanda geçýän
deputat saýlawlarynyň welin üstünden eltilmedi. Ýöne syýasata birneme
degildi.Ana,şonda G. Sähetmyradow: “Aý,näme,biz-ä indi syýasy oýundan çykan adam”
diýen gepi dilinden sypdyrdy.
Men onuň göwnüni götermek isläp: “Oýundan çykmak,oýna girmek çalşykly
çemçedir—diýdim. —Ynha,birdenem pelegiň çarhy oňuna aýlanar weiin,oýundan
çykarylanlar oýna girer duruberer”.
Dogrudanam,şondan esli wagt geçensoň,pelegiň çarhy “oňuna” aýlanmaga başlady.
Saparmyrat Nyýazow TürkmenistanKP MK-nyň birinji sekretarlygyna saýlandy. Ol hem
işe başlan badyna “küle gaçan göwheri” tapdy. —Sähetmyradow Merkezi Komitetiň
sekretary wezipesine işe çekildi.
Ýöne Magtymgyly Pyragynyň “Niýetine görä ykbal bolmady” diýşi ýaly,S.
A.Nyýazowyň G. Sähetmyradow bilen bile işleşmek niýeti uzak hasyl bolmady.Geljekki
Prezidentiň bil baglan egindeşi G. Sähetmyradow täze bellenen wezipesinde doly bir ýyl
123
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.