Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41

Total number of words is 3600
Total number of unique words is 2109
29.5 of words are in the 2000 most common words
42.5 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
medeniýetini wagtlaýyn syýahat eden adamlarça-da bilmeýäris. Oňa
N.S.Tihonowyň döredijiligi aýdyň şaýatlyk edýär. Onuň «Çarwalar», «Jemşitler»
«Garrygala», «Buluçlar», «Türkmen ýazgylary» diýen eserleri, hekaýalary üçin
ýygnan, öwrenem materiallaryny okap haýran galýarsyň. Maksim Gorkiniň 1930njy ýylda N.Tihonowyň syýahatdan soňky döreden eserlerini okap: «Talantly şahyr
hem prozaçy N.Tihonowyň «Türkmen ýazgylary» durmuşy söz bilen beýan etmek
sungatydyr» diýip bellemegi-de ýöne ýerden däl bolsa gerek. Ýazyjy Aýderäniň,
Parhaýyň pisse tokaýçylygyny beýan edende şol agaçlaryň arasynda özüňi hem
bar ýaly duýýarsyň. Onuň ussatlygy, suratkeşliri türkmen sährasyny, Garagumy,
Amyderýany, Murgap jülgesini, Uzboýy görmek höwewsini oýarýar.
Men şindi-şindi hem ajaýyp adam N.S.Tihonowy ýatlasam, onuň 1930-njy
ýylda Gürgen çaýynyň kenarynda, öz aýdyşy ýaly «türkmençe aýbogdaş gurap»,
443
aksakallar bilen gara tüňçeden gök çaý içip oturyşyny göz öňüne getirýärin,
türkmen klassygy Magrupa öýkünip ýazan bir goşgusyny bolsa ýadyma salýaryn:
«Üstüňden düşdi ýolumyz,
Ýol ber, Gürgen çaýy, ýol ber!
Teň eýleme ahwalymyz,
Ýol ber, Gürgen çaýy, ýol ber!
Dag ýollaryn söküp geldik,
Ilden medet tapyp geldik.
Ýadap, şöwür çekip geldik,
Ýol ber, Gürgen çaýy, ýol ber!
Il-gün hözüriňi görsün,
Meýdanlar bol hasyl bersin.
Ädimmiz ileri ýörsün,
Ýol ber, Gürgen çaýy, ýol ber!»…
Biziň milli medeniýetimiziň aýaga galmagynda, ösmeginde bitiren uly işleri
üçin Türkmenistanyň hökümeti rus ýazyjysy N.S.Tihonowa «Türkmenistanyň halk
ýazyjysy» diýen hormatly at dakdy. Ol at türkmen topragyny öz dogduk mekany
ýaly söýen beýik ynsana halkymyzyň adyndan goýlan hormat boldy. Şonuň
üçinem «gyzyl ýüzli ýaşulynyň» ol serpaýa aýratyn sarpa goýýandygyna men kän
gezek şaýat boldum.
Iýun,1991. Peredelkino
“Gowşut hanyň” täze nusgasyny okan Tükmenistanyň medisina akademiýasynyň
akademigi, professor Kakabaý Şagylyjow meniň romanda Mollanepesiň adyndan getirýän
“Ýegen ujy ýagydyr, ýagam bolsa gowudyr” diýen nakylymy “Ýegen u-ja (türre) ýaagydyr (ýag), ýa-agam bolsa gowudyr” diýip düzedipdir. Men nakylyň bu aýdylyşyna
ilkinji gezek gabat gelýärin. Düzedişiň dogry bolmagy mümkim. Ýegen näme üçun ýagy
(duşman) bolmalymyş? Ol uja ýagyna deňelýär. Uja ýagy bolsa, känbir ýüregiňe-de
degmeýän, iň tagamly ýag hasap edilýär eken.
16. 06. 2005.
Gyt boldugyça, gerekli hem gowy zadyň gowulyk hiliniň derejesi
ýokarlanmasa-da ýokarlanýan ýaly bolup, gitdikçe gymmaty artýar. Şol gerekli
hem gowy zat bolaldygyça, gowulyk derejesi peselmese-de peselýän ýaly bolup,
gitdikçe gymmaty peselýär.
*
Türkmen şahyry Mollanepesiň “Köňlüm” diýen hoşlaşyk goşgusynda “Gudratyňa akyl
haýran, Muhammet!” diýen setir bar. Muhammediň, ýagny musulman dininiň gudratyna,
444
dogrudanam, aklyň haýran galýar. Onda akmagy akylly, akyllyny akmak etmegi
başarýanam aýratyn bir güýç bar.
Bir mysala ýüzleneýin. Meniň örän gowy görüşýän bir ýoldaşym bardy.
Moskwanyň bir ýokary okuw jaýyny üstünlikli tamamlap, ateistlik derejesine ýeten ýaş
ýigit meni hut öz agasy ýaly sylaýardy, hälimi-şindi jaň edip, hal-ýagdaý soraşýardy,
baýramçylyklar bilen gutlaýardy. Özümden ýigrimi ýaş dagy kiçi ol ýigit meni özüne
halypa saýyp, “siz” diýip ýüzlenýärdi, menem ony adamçylygy, örän sowatlylygy üçin
sylaýardym. Özi bilen şol temadan gep açmasamam, men ozal mekdep mugallymy bolup
işlän, pensiýa çykyp hem dindarlyga ýüz tutan kakasynyň täsiri bilen onuň ertir namazyny
hem okaýandygyny eşidipdim.
Bir gezek ol öýe jaň edip, näsag ýatan Nazar Gullaýewi soramaga gitmek üçin onuň
öý adresini sorady. Men oňa “Sen onuň öýüne baryp görmedik bolsaň, üstümden gel, bile
gidäýeris” diýdim. Ol höwes bilen ylalaşdy.
Iikimiz awtobusa garaşyp durkak, ýaş ýigit gürrüň arasynda birden “Asmandan inen
dört kitaby” ýatlady.
Men oňa:
—Sen şol dört kitabyň (Isanyň “Injiliniň”, Musanyň “Töwradynyň”, Dawudyň
“Zeburynyň” hem “Gurhanyň”) asmandan inendigine ýüregiň bilen ynanýaňmy?—diýen
sowal berdim welin, ol:
—Çyn ýürekden ynanýan—diýdi. —Oňa ynanmaýan adam ýokdur.
—Men-ä şoňa ynanamok. —diýdim. —Ol bisowat adamlary oýnamak üçin tapylan
pirim bolmaly.
Ol meni oýun edýändir öýtdümi-nämemi, ynanýanymy-ynanmaýanymy gaýtadan
sorady. Men oňa ynanmaýandygymy berk aýtdym welin, ol: “Şoňa ynanmaýan bolsaňyz,
ikimiziň ýolumyz başga-başga bolmaly”- diýdi-de elini silkip ötägitdi.
Men Nazar Gullaýewiň öýüne ýeke özüm gitmeli boldum.
Şondan bäri iki ýyl geçdi. Emma maňa mydama hormat goýan ýigit, toýda-ýasda,
ýolda-yzda sataşsa-da, diňe baş atmak bilen çäklenýär, elinem uzatmaýar.
Men beýle ýagdaýy dine köre-körlük bilen sarpa goýmakdan hem diniň gudratynyň
bardygyndan gelip çykýan ýagdaý hasaplaýaryn. Ýogsam, asmandan dört sany kitabyň
ýere düşmejegine üç ýaşly çaga-da ynanmaz ahyryn. Üstesine-de, oňa ynanmaýany ýa-da
seniň uýýan diniňe uýmaýany, hatda dini halamaýany-da ýigrenmek, gaýtam, özüň üçin
günä gazanmak dälmikä?.
2006
Baýyň kalby garyp, garybyň kalby baý.
*
Biziň metjitlerimizde “Ruhnama otagynyň” açylmagy türkmenleriň, bir tarapdan
seretseň, dine düýpden hormat goýmaýandyklaryny ýa-da dine asla
düşünmeýändikleriniaňlatsa, beýleki tarapdan, tutuş yslamyň üstünden
gülýändiklerini aňladýar. Ömrüni yslam dinine gaşy göreşip gelen, ömründe bir
gezek namaz okamadyk, töwir galdyrmadyk, ateistadam S.Nyýazowyň gel-gel,
indi Muhammet pygammerdenem ýokary goýyljak bolunmagyna akyl çatmaýar.
“Ruhnama otagly” metjitde okalan namaz hem kabul bolar öýtmeýärin.
2005.
445
Akyllynyň güni akmagyňkydan, baýyň güni garybyňkydan kyn çeçýändir.
*
Adamlaryň hemmesi bisowat bolsa, sowatlylyk gowulyk hem hasap edilmän,
gaýtam, sowatly adam gabat gelse, onuň üstünden gülerdiler.
*
Beýle häsiýetiň gowulyk däl bolmagy-da mümkindir, ýöne meniň halamaýan
adamlarym kän, ýigrenýänlerim ýok.
*
Meniň iki tragediýam bar,Biirinjisi gowy eser ýazmak ukybymyň ýokdygy, ikinjisi
-- gowy eser bilen erbet eseri tanamak ukybymyň barlygy.
Hudaýberi işandan eşidenlerimden
Bir obada zäher ýasaýan iki sany tebip bar eken. Köplenç hünärli adamlarda boluşy
ýaly, olaryňam biri beýlekisinden özüni belent, has ussat saýypdyr. Netijede olar
kimiň artykmaçdygyny ile äşgär etmek isläpbirler. Jedeliň şerti; her kim
garşydaşynyň ýasan zäherini içip, onuň zäheriniň garşysyna derman tapyp,ölmän
galmagy başarsa, şol has ussat, has güýçli hasaplanmaly.Öňürti zäher içmeli tebip
üç çelek süýt taýynlaýar. Garşydaşynyň beren zäherini içenineden soň,ol ilki birinji
süýtli çelege çümüp çykýar, Tebibiň endamyndaky zäheriň esasy bölegini sorup
alan süýdüň reňki sap-sary bolýar. Ol ikinji çelege çümende süýt öňküden birneme
durlanýar, üçünjä girip çykanda bolsa süýt öz rekine gelýär.Ol şeýle ýol bilen içen
zäherinden saplanýar-da, ölmän galýar.
Ikinji tebip hem içmeli zaheriniň garşysyna goýar ýaly bir derman
taýýarlamaly.Ýöne ol nähili zäher beriljegini bilmänsoň, nähili çäre oýlap tapmagy
hem bilmýär. Sebäbi garşydaşy her gün irden esli salym bir zady düňküldedip
obany ukudan oýarýar. Il şol düňküldiniň kömegi bilen tebip heniz görülmedik
zäher ýasaýandyr öýdýär. Tebibiň garşydaşy bolsa onuň beýdip nähili zäher
ýasaýandygynyň biljek bolip, gije-gündiz pikir edýär.Beýleki tebibiň düňküldisi
bolsa her säher dowam edýär. Hakykatda oltebip zäherem ýasaman, diňe iki sany
agajy bir-birine urýar ekeni. Düňküldiniň ‘ýasaýan zaherini” anyklamagyň gijeesigündizi pikirini, aladasyny ede-ede ikinji tbip zäher içmänkä ölüp galýar.
*
Ýazyjynyň agramy galyň kitap ýazmagynda däl-de, ýazan galyň kitabyny
gysgaltmagy başarmagynda.
*
Hemme adamyň hemme islegi kabul bolsa ýaşaýyş gaty kynlaşardy.
*
Hudaýa çyn ýürekden uýulýan bolsa, durmuşda erbetlik bolmazdy.
*
Din meselesinde men ýene bir zada üns berdim. Öz güýji, öz aladasy bilen abraý,
agram, baýlyk gazanyp bilýän möwriti duşundan geçen meniň käbir deň-duş, tanyşlarym
dini perde edinip, ondan abraý gözläp başladylar. Olar ýaşkalar, janlary sagka, işdäleri
açykka, aşgazanlary abatka hiç zatdan gaýtmadylar, doňuz etine çenli iýdiler. Dini
bardyram öýtmediler, gaýtam, “Hudaýyň öz döreden eşretinden mahrum” namazhonlaryň
446
üstünden güldüler. Indi olar dine ynanýan kişi bolup, hatda arak-şerap içilýän ýerdenem
sowlup geçýärler. Bu arassa bolmak ýa-da dini goramak maksady bilen edilmeýär-de,
garran beden arak-şeraby islemeýändigi hem il gözüne arassa kişi bolup görünmek ňçin
edilýär.
*
Adamçylyk adamçylyk döredýär. Bu dogry. Ýöne ogrudan ogry dogýarmyka?
*
Her bir işde utmanyňa gynanmaly däl-de, utulmanyňa begenmeli.
ÖZÜME NEKROLOG
“200?...-nji ýylyň güýz paslynyň bir güni Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň
gadymy Gojuk obasynda ýaşaýan, kompartiýanyňam, dempatiýanyňam hiç mahal
hatarynda durmadyk prozaçy Atajan Tagan tarpa-taýyn aradan çykdy. Onuň dünýäden
ötmegi türkmeniň altyn asyrynyň altyn edebiýaty üçin öwezi dolunmajak agyr ýitgidir
diýsek, gaty ulaltdygymyz bolar.
Atajan Tagan ömrüniň dowamynda müňlerçe sahypa kagyz garalady. Oňa
garamazdan, döreden eserleriniň hemmesini uçdantutma okap çykmagyň hajaty ýok. Öňki
neşirlerinde köp säwlik goýberilip, täzeden ýazylan “Gowşut han” (“Saragt galasy”),
”Söweşden soňky söweş” (täze warianty), “Sallançak mukamy”, “Lal perişde”, “Aglasy
gelýän ak bulut”, “Ýalňyzlyk”, “Aýylganç baharyň jybarly güni” diýen eserlerini, 5-6
hekaýasyny, eger çap edilse, “Keseki” romanyny okasaňyz bolar.
Biz A. Taganyň akyllydygyna-da, akmakdygyna-da düşünip bilmän galdyk. Çünki,
ol döwür bilen aýakdaş gitmegi başarmaýardy. Şonuň üçinem onuň döreden iň gowy
eserleri-de türkmeniň altyn edebýatynyň altyn fonduna girer öýtmeýäris.
Umuman, Atajan Tagan düşnüksiz şahsdy. Ol hertaraplaýyn yzarlansa-da, ýanalsada, çykjak bolup duran kitaby ýatyrylyp, repetisiýasy gidip duran pýesasy togtadylyp,
kinossenarisi saklansa-da, ruhdan düşüp, galamyny taşlamady.
A. Tagan tutuş ömrüni mätäç adamlara ýagşylyk etmek arzywy bilen geçirdi. Emma
ýagşylyk edip bilmedi. Sebäbi onda ýagşylyk etmäge ýagdaý ýokdy. Gaýtam, onuň özi
ýagşylyk edilmegine mätäçdi. Ol hiç kimi, hatda duşmanlaryny-da ýigrenip bilmeýärdi.
Şol hem onuň manysy hakda oýlanyp görmeli esasy düşnüksizlikleriniň biridi.
Atajan Taganköplenç akymyň ugry bilen gitmän, öz ýagdaýyny kynlaşdyrýardy.
Hanlar, baýlar, işan-mollalar goldanmasyz mahaly olary goldap, eser ýazýardy. Şeýtmek
bilenem ol özüne bähbitli kän zat ýitirýärdi.
A. Tagan özüni ölen güni ady ýitjek ýazyjylaryň biri hasaplaýardy. Biz onuň şeýle
boljakdygyna ynanýarys. Şonuň üçinem “Özümiz ölýänçäk, biz seniň adyňy ýadymyzdan
çykarmarys, ruhuňy kalbymyzda saklarys” diýip, boş wada bermekden saklanýarys.
Herniçimem bolsa, biz onuň il-güne zepersiz, neşeden-şerapdan bihabar,
zähmetsöýer ogul-gyzyna duýgudaşlyk bildirip, özüne-de: “Ýatan ýeriňde bir ýerli
ýagdaýa, görä bolawergin! Ýogsam, saňa ol ýerde hem aňsat düşmez” diýmek isleýäris.
Döwürdeşleriniň bir topary”
16. 10. 2006.
447
Mary şäheri.
OKYJY BILEN HOŞLAŞMAKÜÇIN
ÝAZYLANSOŇKY SETIRLER
Döredijilik işi bilen meşgullanmagyň nähili jebirli işdigine diňe adamlaryň üstünden
ýolbaşçylyk etmek bilen gün görýän döwlet işgärleri doly göz ýetirip bilseler, onda olar
döredijilik senediniň wekillerini görenlerinde, haýpygelijilik bilen baş ýaýkardylar.
Men beýle diýmek bilen bilini büküp pagta ýygýan daýhanyň, kellesini agyrdyp
sapak geçýän mugallymyň, adamyny agyr dertden gutarýan lukmanyň çekýän zähmetine
kembaha garajak bolmaýaryn. Ýöne ol adamlar işden soň, iň bolmanda hezil edinip
ukusyny-ha alýandyrlar. Ýazyjy biçäräniňki ol hem däl. Gijäniň bir mahaly oýanyp,
kagyza bir zatlary bellärsiň, ýene ýassyga başyňy goýarsyň. Şol belligiň barada, tersindenoňundan oýlana-oýlana ukyny hem harama çykararsyň. Ertir bolsa gije zerur diýip tapan
zadyň dereksizdigine göz ýetirersiň. Sende ne-hä adaty adamlaryňky ýaly uky bardyr, nede belli bir sagatlaýyn iş. Çekýän zähmetiňem hiç kime görünýän däldir.
Özümi mysal alyp görýärin. Men ölen badyna ady ýitip gitjek ýüzlerçe ýazyjynyň
biri. Oňa garamazdan, diňe “ Saragt galasy” (“Gowşut han”) üçin material ýygnanymda
(Saragt, Tejen, Mary, Gökdepe, Kaka sebitleriniň birnäçe ýerlerini paý-pyýada
aýlananymy, Moskwanyň, Leningradyň arhiwlerinde, kitaphanalarynda ýitiren wagtymy
hasaba almanymda-da) aýlaryň, ýyllaryň dowamynda roman üçin garalan kagyzymyň sany
5000 sahypadanam geçýär.
“Gowşut hanyň” ilkinji nusgasynyň golýazmasyny maşynkadan geçirenimde, 700
sahypa ýetdi. Onuň dördünji nusgasy 500 sahypa geldi. Romany orta hasapdan 600 sahypa
hasaplap, onuň bäş gezek göçürilenini hem golýazmany jemleseň, iň bärkisi 3000
sahypadan hem geçýär. Standart sahypanyň her haýsysynda 1700-e golaý harpyň
bolmalydygyny nazara alsaň, maşynkanyň klawişlerine jemi 6 million gezek basmaly.
Onda-da gözüňi ýumup urup oturmak hem däl, sözleri, sözlemleri çalşyrmaly,
syntgylamaly, käte tutuş sahypany zyňyp, täzeden ýazmaly.
Şeýle zähmetden soňam, golýazmanyň bagty açylyp, dawasyz-jenjelsiz okyja
ýetäýse-hä seniň bagtyň çüwdügi. Çüwmese-de, awtor, şu gündeligiň “Gowşut hanyň hem
“Gowşut hanyň” töwereginde” diýen bölüminde beýan edilýän wakalara çalymdaş güne
sataşýar. Üstesine-de, çykan kitabyň okyjynyň göwnünden turmasa, azabyň köýdügi.
Ýazyjylykda gara zähmet çekmekden, görülýän görgüden gaýry bähbit ýok.
Galyberse-de, ýazyjynyň hak-heşdek baradaky ýagdaýy hakda oýlansaňam, “Okalan
namaz ürküzilen gurbaga degmeýär”. Professional ýazyjy ýa-ha kitap ýazmaly däl, ýa-da
garyp bolup ýaşamaly. Çopan ýa daýhan işläp ýörse, iň bolmanda, bergä batman
günemasyny aýlaýar. Ýazyjynyňky tersine. Şu mahal ýazyjynyň zähmetine berilýän
gonorar ýazan eseriniň maşinka tölegine-de ýetmeýär diýen ýaly.Garaz, kitap ýazmak
görgülik. . .
448
“Onda näme üçin kitap ýazýarsyň?” diýen kanuny sowal ýüze çykýar. Bu sowala
men jogap berip biljek däl. Kitap ýazmak sebäbi düşündirilip bolunmaýan bir ýagdaý.
Ýazylasy gelinýän mahaly, ukusyzlyga, açlyga, ýadawlyga garalman ýazylýar. Ýazylasy
gelinmeýän mahaly bolsa, her sahypasyna million tölense-de, bir setirem döremeýär.
Çopan, daýhan, gullukçy çeken zähmetine hak tölenmese işlemez. Emma ýazyjy welin
ýazýan zadynyň nähili bolup çykjagyny öňünden görmese-de, çeken zähmetine bir köpük
hem almajagyny öňünden bilse-de, ýazman oturmaýar. Gijesini gündiz edip işleýän uly
ýazyjynyň (eseri çap bolaýanda-da) bir ýylda gazanjagyny nepkeş bir sagatda gazanýar.
Ýöne ýazjy-ha nepkeşligi, nepkeş hem ýazyjylygy başarmaýar. Üstesine-de, hakyky
ýazyjy ýaşaýşa-da düýpden ukypsyz bolýar.Umuman, ýazyjylyk düşnüksiz bir zat. Iň
gowusy onuň alyna aldanmazlyk, gyltymyna kowalaşmazlyk hem çylşyrymly örülen
toruna düşmezlik.
Eger ýazyjylyk kesbi hünär hasaplanýan bolsa, özüm-ä şol hünäre baş goşmagy
dostuma-ha däl, duşmanyma-da maslahat bermezdim.
16. 12. 2006.
Öýüň abadan, rowaçlyk hemraň bolsun, hormatly okyjy.
Atajan TAGAN,
Moskwa-Aşgabat-Mary-Murgap—1967—2006.
--------------
40 ÝYLDAN SOŇKY EDILEN KÄBIR BELLIKLER
Şu gün diplomat Ahmet Ýazyýewiň öýüne myhmançylykdakam Magtymguly
Pyragynyň 8 arka aýlanan neslinden bolan Abdylla Muhammedi bilen tanyşdym. Iki
sagada çeken güürüňdeşligiň agramly bölegi Magtymgula, onuň goşgularyna syrykdy.
Abdylla Magtymgulynyň ejesiniň adynyň Orazgül bolandygyny tassyklady, şahyryň
137 ýyl mundan ozal çap bolan kitabynda “Türkmeniň” diýen goşgynyň ýokdugyny
aýtdy. Şeýle hem ol Magtymgulynyň Türmenistanda çykýan kitaplarynda alymlaryň
türkmen diliniň gökleň şiwesine üns bermeýändikleri sebäpli säwlikleriň gidýändigini
belledi.
Hut şol gün 40 ýaşy dolan Abdylla örän sowatly adam. Ol Angliýada dissertasiýa
gorap, ylymleryň kandidaty derejesini alypdyr.
8.05.2010.
Käbir filosoflaryň urşy biologik hökmanlyk hasap etmek pikiri dogry däl bolsa gerek.
Bilogik hökmanlyk diňe ÖLÜM. Ol dana tebigatyň oýlap tapan iň adalatly çäresi. Ölüm,
449
baý, garyp, güýçli, ejiz üçin deň hökmanlyk. Ynsan ýaşaýyşyny dowam etmek üçin
adamlary azaldyp durmak zerurýetligi bar bolsa, onuň üçin urşy peýdalanmagyň hajaty
ýok. Ol wezipäni tebigatyň döreden biologik kanuny hem hökmanlyýgy berjaý edýär.
*
Özümiz pes bolanymyz üçin özümizden sähel beýik, ýöne hakyky beýik däli hem beýik
hasaplaýarys.
*
Gowulykdan doly bolany sebäpli onuň kalbynda erbetlige orun ýok.
*
Uruş döwrüniň çagalary bolan biziň köpümiz ata mähriniň nämedigini bilmeýäris, diňe
atasyzlygyň ezýetini bilýäris
*
“Betbagtlyk ýeke bolup gelmeýär” diýen rus nakylynyň manysy barada gürrüň
açanymyzda, Mary şäherinde ýaşaýan bir garry adam; “Ol tüýs durmuşdan dörän nakyl.
Uruş döwrüniň gahatçylygy wagtynda Murgap derýasyda balygam ýokdy” diýdi.
15.04.2009.
KÜÝZESINE SUW DOLDURYP GELEN GYZ…
Küýzesine suw dolduryp gelen gyz,
Küýzeli gyz, biziň bilen bir danyş…
(“Saýatly Hemradan”)
Onuň zenan kalbynyň ylham çeşmesinden doldurylan çeper küýzeleri köp-köp
ýurtlarda dünýä derejesinde geçen sergilerde sungata suwsan müňlerçe tomaşaçynyň
teşneligini gözellik suwundan gandyrdy.Türkmen küýzeleriniň ajaýyp keşbi taryhdan
gelýän, ýöne ussadyň nepis barmaklarynyň täsiri bilen taryh döwründäkisindenem has
özboluşlylyga, çeper sungata öwrüldi. Dogry, küýze ýa-da şoňa golaý başgarak bir
görnüşdäki gap hemme milletde-de bolandyr, bardyr. Käbir halklarda küýze diňe içeriniň
bezegi hökmünde-de ulanylýar. Ýöne ýannyk, mytara, tulum, has beterem küýze
türkmeniň, esasanam çarwa türkmenleriniň ýaşaýyşa zerur serişdesi bolupdyr. Küýze milli
serişde.Ýöne millil duýgusy ösen tanymal keramikaçy suratkeşiň elinden çykansoň,
türkmen küýzesiniň daş görnüşi dowre görä birneme özgerse-de, ol tomaşaçynyň aňyna
diňe türkmeniň öz küýzesi bolup girdi, oňa dünýä derejesinde aýratyn sarpa goýuldy.
Sungat bilen sähel gyzyklanýan okyjy gürrüňiň Türkmenistanyň halk hudožnigi, “Watana
bolan söügüsi üçin” diýen medalyň eýesi, keramikaçy Dursunsolmaz Muhammedowa
barada gidýändigini eýýäm aňandyr. Sbäbi türkmeniň milli guwanjyna öwrülen, türkmen
küýzegärleriniň gadymy däbine täze öwüşgün berip, şeýle derejä ýeten ussat dünýä
keramikaçylyk sungatynda-da barmak basyp sanardan kän däl.,
Ildeşimiziň döreden işleriniň dünýä ussatlarynyň arasynda başdan uly gyzyklanma
döredip, özüne-de aýratyn sarpa goýulmagynyň öz sebäbi bar. Ol sebäp, keramika
boýunça hünärmenleriň düşündirmeklerine görä, Solmaz taryhy milli küýzä şu günüň,
dünýä medeniýetiniň ylhamyndan suw içen gözi bilen garady. Ol Merkezi Aziyýa, Uzak
450
Gündogar, Ýewropa keramika sungatynyň öňe giden derejesni türkmen esasly materiala
ussatlyk bilen ornaşdyrdy. Netijede asly türkmen küýzesi bolup galan eser gündogaryňan,
günbataryňam gözelliginden paý alyp hemmeleriň guwanýan türkmen küýzesine öwrüldi.
Solmaz sungata “giň” göz bilen garamagy başaran seýrek ukyply suratkeş bolany üçin
Ýewropanyňam, Aziýanyňam keramika işiniň inçeliginden baş çykarýan ýokary
hünärmenleriniň belent homatyyny gazandy. Şol hünärmenleriň biriniň bellmegine görä:
“Solmaz Muhammedowanyň nepis elinden çykan, özboluşly keramiki işini müňlerçe işiň
arasyndan ýalňyşman tanap bolýar. Solmazyň özünden başga hiç kimiň gaýtalap bilmejek
ol ajaýyp işleri dünýä muzeýlerini, hususy kolleksiýalary bezeýär.”
Türkmeniň ak öýüniň kölege tarapynda gamyşa söýelgi, daňyň salkyn şemalyndan ýaňa
aýazlap duran küýzäniň suwundan bir gezek teşneliginini gandyran adam hiç mahal
şondan şypaly suwa gabat gelerin öýtmeýär. Türkmen küýzesi ýaşaýyşa goltgy bolan
esasy zatlaryň biri. Köne çarwa türkmenleri birek-birege ýagşylyk arzuw edenlerinde
ýöne ýere “Saçagyň, küýzäň doly bolsun!” diýmändirler ahyryn. Saçakda çörek, küýzede
suw bolsa ýaşaýyş, herhal dowam etmeli.
Türkmen küýzesi hem taryh, hem düýn, hem şu gün. Diýmek ol hemişelik. Ajaýyp
keramikaçy suratkeş Solmaz Muhammedowa bolsa türkmen çeper küýzesiniň dünýä
sungatyna hemişelik girmegi üçin tutuş ömrüni bagyş etdi, çeken azaply zähmeti hem yrýa
bolmady. Ol Garagumuň jansyz ýatan taryhy palçygyny, talantyndan jan berip, çeper
suhgatyň taryhyna goşan ussat. Onuň keramikada şeýle belentliklere ýetmeginde
aslynyň-- Abywerdiň, Merwiň, Köneürgenjiň wagtynda dünýä belli bolan meşhur
küýzegärleriniň ruhlarynyň täsir edendigine ynanasyň gelip dur. Taryh gaýtalanýar,
haýsydyr bir özgeriş bilen bolsa-da, gaýtalanýar. Biziň mysalymyzda bolsa, Solmaz taryhy
senedi diňe öňe gidişlik, gowulyga özgeriş manysynda üýtgedip gaýtalaýar. Solmaz
Muhammedowa hem Garagumuň gyzy, onda-da taryhy topragyny, halkynyň däbini,
dessuryny jany-teni bilen söýýän, olaryň ömrüni uzaltmak aladasy bilen ýaşaýan zenan.
Onuň hemme eserleri, hemme eserleriniň gözelligi türkmen tebigatynyň gözelligi bilen
badaşyp gidýär. Şonuň bilenem ol işler halkylyga öwrülýär. Onuň sungatyndan Garagum
sährasynyň bahary-ýazy görünýär, şemalynyň ýakymly ysy gelýär. Ol türkmen
tebigatynyň şemalyndanam, türkmen dutarynyň owazyndanam sungat eserini döredip
bilýär.
Solmaz Muhammedowanyň döredijiligini söz bilen beýan etmek asla mümkin däl.
Onuň ajaýyp sungatyny sözüň sözleýiş ukyby bilen däl-de, gözüň görgürlik hem
tangyrlyk ukyby bilen kabul etmeli. Diňe şol ýol bar. Ýöne heniz Solmaz
Muhammedowanyň nepis sungatynyň lezzetinden dadyp görmäge, onuň ýerli ýa-da dünýä
derejesindäki sergilerini synlamak mümkinçiligi nesibesinde bolmadyk okyjylara uly
sungat bilen sähelçe-de bolsa tanyşlyk ýoluny açmagy maksat edinip, şu makalany
ýazmaga synanyşdyk. Ýogsam, Solmaz Muhammedowanyň juda özboluşly talantyndan
dörän işleriň hörpi makala, oçerke sygjak işler däl.Ussadyň işleri türkmen çeperçilik
sungatynda däl, eýsem dünýä keramikaçy suratkeşleriniň işleriniň arasynda-da özboluşly
orun, başgalaryňkydan tapawutly belent dereje eýeleýär.
Ildeşimişziň inçe sungatyny beýan etjek bolup biziň kagyza geçirjek müň sözümizden
“Solmaz Muhammedowanyň Parižde hususy sergisi geçirildi” diýen gysgajyk habar
okyjyda müň esse güýçli täsir galdyrmaly. Dünýäniň hemme ýurtlarynyň her bir
451
suratkeşiniň, iň bolmanda, ýüreginiň teýinde Parižde hususy sergisini açmak-ha däl,
Luwrly Pariže, dünýä hudožnikleriniň Mekgesi hasaplanýan Monmartrli Pariže aýlanyp
görmegiň özüni hem bagt hasap edýändiklerini döredijilik adamlarynyň hemmesi
bilýändir. Olar “Pariži göreňsoň ölseňem bolar” diýen dünýä ýaýran nakyly hem ýöne
ýere döreden däldirler.
Şeýle derejede arzuwy edilýän Parižde Solmaz Muhammedowanyň hususy sergisi
geçirildi. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek örän wajyp. Solmaz diňe bir
Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýanyň suratkeşleriniň arasynda Parižde
hususy sergisini açan taryhda ýeketäk suratkeş boldy. Bu wakanyň suratkeşler äleminde
örän uly hadysa bolandygyny hem bellemek gerek. Diňe Parižde hususy sergisiniň
açylmagynyň habaryny okyja ýetirip, keramikaçy ildeşimiz hakyndaky gürrüňimiziň
nokadyny goýsagam bolman durmazdy welin…
Geljekki uly sungat ussady, türkmen medeniýetiniň parlak ýyldyzy bolup ýetişjek
Solmaz Muhammedowa Aşgabat şäherinde dünýä indi. Ýaşlykdan saza, suratkeşlige ösen
ukybynyň bardygynyň üsti açylan gyzyň 1972-nji ýylda Türkmen döwlet çeperçilik
mekdebini tamamlanyndan soň tanymal keramikaçy bolup ýetişmegine ozalky ýörgünli
ady “Stroganowskaýa” bolan Moskwanyň dünýä meşhur ýokary senagat çeperçilik
mekdebinde ussatlardan tälim almagy düýpli esas boldy. Onuň sungat äleminiň parlak
ýyldyzyna öwrüljekdigi talyplyk ýyllaryndan mälim bolup ugrady. Solmazyň eserleri şol
döwürlerde-de Bütinsoýuz sergilerinde goýlup ugrady. Onuň döredijilik ýolunda bolup
geçen ýatdan çykmajak waka Italiýanyň Faýenze şäherinde dünýä derejesinde geçirilýän
iň abraýly hem jogapkärçilikli sergä iki gezek gatnaşmagy bolan bolsa gerek. Solmazyňky
ýöne bir sergä gatnaşmak hem däldi, onuň işleriniň köpüsi şol sergilerde iň ýokary
bahalara mynasyp bolmak bilen oňa dünýä sungatynyň ýokary derejelerine galmaga
basgançak bolup hyznat etdi.
Sungat—gözellik hem lezzet. Ýöne sungat işi gözellik lezzetinden başga-da adama
terbiýe bermek, onuň düşünjesini giňeltmek maksady hem öz öňünde goýýar. Solmaz
Muhammedowanyň işlerinde sungatdan islenýän şol talaby ödemeýäni ýok. Onuň
eserlerine dünýä derejesinde uly baha berilmegi belki şonuň üçindir. “Türkmen gyzlary”,
“Çöl agşamy”, ”Ahal teke atlary” diýen ýaly işler öňi bilen Türkmenistan bilen, biziň
tebigatymyz, gözelliklerimiz bilen nätanyş tomaşaçylaryň ünsüni çeker diýip pikir edýäris.
Bu örän gowy. Bu biziň ýurdumyzy görmek, tanyşmak isleýän adamlara sungat sapagy
bolup hyzmat edýär. Solmazyň “Ertekisi” tomaşaçynyň fantaziýasyny artdyrsa, “Horezmň
syrlary” seni geçmiş gözelligi bilen duşurýar.
Geň zat: Solmazyň “Dutaryň owazy” diýen ajaýyp işini synlap durkaň, suratkeşiň
barmagynyň degen ýerlerinden, işiň her bir öýdüminden türkmen dutarynyň owazy
gulagyňa gelip duran ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Şol pursat ondanam has geň başga
bir zat ahyňy doldurýar. Solmazyň işinden gelýän owaz kompozitor Nury
Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” diýen sazynyň owazy bilen birleşip, beýik
Garagumuň owazyna öwrülýär. Ol owaz öz ýurduňa, dogduk mekanyňa söýgi oýarýar. Ol
owaz çeper döredijiligiň keramatly poeziýasyna öwrülip seni sungat asmanynyň ak
bulutlarynyň depesine alyp çykýar, özüňe-de ganat biten ýaly bolýar. Sen şol belentlikden
Köpetdagyň jülgelerine, Hazaryň gomlaryna, Garaguma, türkmen sährasyna syn edýärsiň.
452
Şeýle ýokary duýgy Solmazyň “Guşlar”, adyna mynasyp “Näziklik” diýen nepis işinde-de
ýüze çykýar.
Şu makalada Solmazyň döredijiliginde örän özüne çekýän bir geň ýagdaý bilen okyjyny
tanyşdyrmaly hasap edýäris. Solmaz öz küýzegärlik—keramikaçlyk işinde hiç mahal
dünýä ussatlarynyň küýzegär çarhyny ulanmaýar.Ol öz sungatyny diňe öz eli, öz
barmaklary bilen döredýär. Bu bolsa onuň eserleriniň başga bir güýjüň täsiri bilen aýlanyp
duran mehaniki çarha däl-de sungata joşup gürsüldeýän adam ýüregine, çyn gözellige
guwanyp bilýän adam kalbyna has golaý bolmagyna getirýär.
Edebiýatyň hem sungatyň gymmatlylygy san ýa-da agram hasaby bilen ölçelmeýär.
Ýöne talapgär emin agzalarynyň dünýä derejesinde geçýän sergi üçin kyrk bäş ýurtdan
ýygnanan dört ýüze golaý işden saýlap alanlarynyň arasynda Solmaz Muhammedowanyň
eserlerini hem goşmaklary ildeşimiziň uly sungat dünýäsinde-de agramynyň bardygyna
şaýatlyk edýär.
Biziň pikirimizçe Solmaz Muhammedowa tutuş döredijiliginde millilikden
daşlaşmaýandygy bilen uly utuş gazanýar. Şol mynasybetli onuň “Gelin” diýen eserini
ýatlasyň gelýär. Ezber keramikaçy ol işinde gelniň--ýaşlygyň möwç urýan joşgunynyň
eýesi bolsa-da, türkmen gelnini agraslyk, salyhatlylyk bilen baglaşdyrmagy, ony milli
egin-eşigiň özboluşlygy bilen bezäp döretmegi eseriň diňe milliligini atrdyrman, eýsem
ony döredeniňem millilige uly sarpa goýýandygyny aňladýar. “Gelniň” halkara sergisinde
aýratyn ýokary baha almagy-da ýöne ýerden däldir.
Solmazyň näzik hem ýeňil zenan elleri, onuň nepis zenan barmaklary ýeňil däl işden,
sözüň doly manysyndaky agyr işden, inçe şygyrýet dünýäsini döredýär. Ol döreden
dünýäsinde öňi bilen öz topragyny, öz halkynyň milli däp-dessurlaryny, öz ýurdunyň
gözelligini, ajaýyp tebigatyny görýär. Milletine, gelip çykyşyna garamazdan aňy ýerindäki
adamlaryňam hemmesi şol zatlardan lezzet alýar, şol zatlaryň manysy bilen gyzyklanýar,
şol zatlar adamlary özüne çekýär. Şol özboluşlylyk hem Solmaz Muhammedowanyň
eserleriniň bütinn dünýädäki tomaşaçylşarynyň sanyny barha artdyrýar. Şonuň üçinem
onuň eserleri jahankeşde ýaly mydama ýolda. Şonuň üçinem ol eserler bütin dünýäde
hyrydarly.
Moskwa, Riga, Türkiýe, Hindistan, Eýran, Latwiýa, Leningrad, Daşkent, Italiýa, AlmaAta ýaly ýerlerde geçen çeperçilik sergilerinde Soilmazyň eserleri örän ýokary bahalara
mynasyp boldy. Italiýada geçen dünýä bäsleşiginde-de Solmaz “Iň gowy keramikaçy”,
Moskwada hem Dzintaride geçen Halkara simpoziumlarynda “Iň gowy farforçy”
hasaplandy. 1993-nji ýylda bolsa Daşkent bäsleşiginde onuň eserri aýratyn ýokary
baýraga mynasyp boldy.
Joşgunly fantaziýa, çuň filosofik oýlanmalara, milli duýga baý Solmaz Muhammedowa
Riganyň, Moskwanyň çeper önümleri öndürýän zawodlarynda işlemäge-de hukuk berildi.
Ol özüniň örän ajaýyp işi bolan “Magtymgulynyň aýdymlary” diýen toplumyny
Leningradyň Lomonosow zawodynda, “Dutaryň owazyny” Riganyň farfor zawodynda
amala aşyrdy.
Taryhy materialyň ýüzünde şu günki hakykaty görkezmek, ýagny taryh bilen şu günüň
arasyndaky köprini berkitmek Solmazyň döredijiliginiň esasy ugurlarynyň biri. Ol taryha
ýüzlense-de, şu güne ýüzlense-de hakykatdan daşlaşmazlygy ussadyň özboluşlylygy. Ol
453
ýagdaý onuň “Galkynyş” diýip atlandyran soňky işleriniň birinde-de aýdyň ýüze çykýar.
”Galkynyş” ajaýyp waza.
Biziň milli guwanjymyz seýrek gabat gelýän ukybyň eýesi Solmazyň sungat
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.