Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18

Total number of words is 3554
Total number of unique words is 2183
29.5 of words are in the 2000 most common words
41.9 of words are in the 5000 most common words
49.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—O näme üçin siz köçeden jaň edýäňiz?
—Öýümde telefonym ýok,ýoldaş Stalin…
Şol mahalam telefona nobata duranlardan gyzmarak biri kabinanyň gapysyny
açyp,hapa sögünýär hem ryçagy basyp,gepleşigiň arasyny bölýär.
“Indi Stalin meni atdyrar ýa-da sürgün eder” diýen howply aladany başyndan
çykaryp bilmedik ýazyjy zordan öýüne gelýär,maşgalasy bilen hoşlaşmaga
taýynlanýar.Şol mahalam gapy kakylýar.Bosagada goltuklary simli hem telefon apparatly
iki sany adam peýda bolýar.
—Şu ýazyjy Sidorowyň öýümi?
—Hawa. Näme hyzmat?
—Başlyklar siziň öýüňizde derrew telefon goýmaly diýip buýruk berdiler.
Tiz wagtyň içinde öýi telefonly bolan ýazyjy Staline jaň edip,ötünç soraýarda,galam-kagyzynyň taýyndygyny aýdýar. Stalin bolsa onuň romanyna eden 16 sany
belligini okuwça diktant ýazdyrýan ýaly howlukman aýdyp berýär.
Ýazyjy Sidorowyň ýatlamagyna görä,edilen bellikleriň hemmesi-de ýerlikli hem
örän peýdaly bolup çykýar.
Men M. G. Gapurowyň ýa-da S. A. Nyýazowyň haýsydyr bir näbelliräk
(bellisiniňem) türkmen ýazyjysyny,kitabyny okap,ol barada öz pikirini aýtmak üçin telim
gezek jaň edip gözlejekdigini göz öňüne getirip bilemok. Birinjiden-ä,bizde döwlet
derejesindäki aňly ýolbaşçynyň ünsüni çekäýjek eser ýok.Ikinjidenem,agramly
eseredöwletýolbaşçysy derejesinde baha berjekýolbaşçy ýok.Iki tarapy-da biri-birine gaty
mynasyp.
15. 06. 90.
Moskwanyň etegindäki Borodino meýdanynda rus-fransuz goşunlarynyň 1812-nji
ýyldaky söweşde esasy çaknyşan ýerinde ruslaryňam,fransuzlaryňam wepat bolanlaryna
ýadygärlik dikeldilipdir.Her ýadygärligiň üstünde-de ganatlaryny gerip oturan bürgüt bar.
Fransuz esgerlerine goýlan ýadygärligiň ýüzüne rusça hem fransuzça: “Beýik goşunyň
merhumlaryna” diýlip ýazylypdyr. . Şeýle ýazgyly ýadygärligiň ýeňiş eýesi bolan rus
topragynda bolmagy tasin hem adamçylyk nyşany.
Duşmana hormat goýmagy başarmagam mertligiň alamaty.
Maý,1966.
186
Geň zat: ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarow ömründe ýekeje kitaby-da ahyryna çenli
okamandygyny öz ýatlamalarynda belläp geçýär. Şony boýun almagy-da onuň mertligi
hem artykmaçlygy.
Men başga bir türkmen ýazyjysyny tanaýaryn. Onuň öýüniň diwarlary-da diňe kitap
bilen bezelen. Ol “Kän okaýar” diýdirmek üçinýygnaklara-da,hatda teatra-da eli kitaply
barýar. Emma ol ýeke kitaby-da doly okan adam däl. Kitap barada öz pikiri-de ýok. Ýöne
onda B. Hudaýnazarowyňky ýaly mertligem ýok.
*
Deňsizlik hiç mahal ýitip gitjek zat däl bolsa gerek.Aşgabadyň,Marynyň
koçelerindenhaýdaşyp barýan arkalary haltaly pukara adamlary göreniňde ýüregiň
gyýylýar,hor-homsy çagalar oýlandyrýar. Olaryň gapdalyndan gymmatbaha çet ýurt
awtomobillerinde gaýşarylyşyp geçip gidýänler bolsa: “Siziňem-ä akyl-huşuňyz,Watan
öňündäki hyzmatyňyz garyplaryňkydan zyýat däl bolsa gerek” diýen pikir oýarýar.
*
Şu gün,16-njy maýda döredijilik hem medeniýet işgärleriniň 80 adamdan ybarat
delegasiýasy H. Diwangulyýewiň ýolbaşçylygynda Eýrana,Magtymgulynyň mazaryna
zyýarata gitdi.Olaryň arasynda Magtymgulynyň ýeke setirini bilmeýän,asyl kitabyny açyp
görmedikler-de bar diýýärler. Üçünji-dördünji gezek gidýänlerem barmyşynOlaryň
käbirleri,aýtmaklaryna görý,Eýrandan maýda-çüýde haryt getirip,bu ýerde gymmadrak
satýarmyşlar.
Magtymgulynyň döredijiliginiň ody bilen girip,küli bilen çykyp ýören,tapylgysyz
arhiwçi alym Tejen Nepesow 50 ýyl bäri Magtymgulynyň mazarayna sežd etmegiň
arzuwy bilen ýaşap ýör. Emma Eýrana gidişlik bolanda Tejen Nepesowy diridirem
öýdenoklar.
Ýogsam
gidýän
toparyň
kethudasyTejen
Nepesiň
bardygyny,kimdigini,Magtymguly üçin abyrsyz zähmet çekendigini gaty oňat bilýän
Hudaýberdi Diwangulyýew ol biçäräni ýatlaýmaly ýaly welin…
1996.
*
Özi dirikä eserleri gaty kynlyk bilen çap edilen “Margarita hem ussaт”,“It ýüregi”
diýen dünýä belli romanlaryň awtory Mihail Bulgakow ýanalmakdan ýaňa halysýadapdyrda,I. W. Stalin hakynda pýesa ýazypdyr. Eser,golýazmany okan Staliniň özüne-de
ýarapdyr. Emma onuň sahnada goýulmagyny goldamandyr.Şeýlelikde,uly ýazyjynyň
ýanalmakdan dynmak arzuwy hasyl bolmandyr.
*
Aşyr Mämiliýew bilen duşuşdym. Ol meniň “Annagül” diýen hekaýamyň
golýazmasyny okady. . Onuň dogry bellemegine görä,hekaýada ýasama epizodlar bar.
Hekaýany täzeden işlemeli,gysgaltmaly.
Şol duşuşykda kino ministri A. Mämilýew meniň Türkmenistanda çapdan saklanan
“Keseki” romanym esasynda ýazan ssenariýamy moskwaly kinoçylaryň halaýandygyny
aýtdy. Olarda ssenariýany fransyzlar bilen bilelikde ekranlaşdyrmak meýli hem bar
187
ýalymyş. Bu gowy täzelik. Ýöne Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ol maksady amala
aşyrtmajak bolup ellerinden gelenini etjekdikleri welin görnüp duran könelik.
Awg. 1996.
*
Magtymgulynyň Aşgabatdaky ýadygärliginiň öňünde ýaşu-garry şahyrlar goşgy
okadylar. Üns berip diňledim. Göwnüme bolmasa,türkmen şahyrlary “pagtabent” goşgy
ýazmak ýoluna düşen ýaly.
19. 05. 96.
*
Hiç zada höwes ýok. Ýary ýazylan powestimem “ýöränok”.Hiç kimiň hiç kim bilen
işi ýok,hiç kim hiç kimiň aladasyny etmeýär. Döredijilik adamlarynyň arasynda-da
gatnaşyk togtady. Telewideniýäni görer,diňlär ýaly däl.Asla gerek däl ýerinde-de “Hawa”
diýlip başlanýan boş sözlemler gaharyňy getirýär.
20. 08. 96.
Ýazyjy haýsydyr bir partiýa ýa-da topara gulluk etmeli däl. Olhaýsydyr bir
“Partiýanyň
ýa-da
toparyňbähbidini
aramak
üçinşoňa
goşulýaryn”
diýse
ynanmaň.Topara,partyýa goşulýan ýazyjy toparyň ýa-da partiýanyň bähbidini araman,diňe
öz şahsy bähbidini araýandyr. Hakyky ýazyjy diňe hakyky durmuşyň tarapynda bolmaly.
”Partiýalaýyn edebiýat” diýilýänedebiýat ikiýüzlüligiň nusgasydyr.
*
Artistler,aýdymçylar
ile
medeniýet
öwretmeli.
Emma
türkmen
aýdymçylarynyňkäbiri tomaşaçylara ýeňillik,medeniýetsiz bolmaklygy öwredýär. Mysal
üçin Leýla Şadurdyýewa diýilýän aýdymçynyň sahnada edýän hereketleri gaty ýerliksiz.Ol
aýdýan aýdymynyň tekstindäki manyny eli bilen öz bedeninde-de görkezmäge
çalyşýar.Tekstde “göz” diýilse,ol öz gözüni,“bil” diýilse,öz bilini,“ýürek” diýilse,öz
döşüni,“gaş” diýilse,öz gaşyny görkezýär.
Aýdym aýdylyp durka artiste gül gowşurmak ýa-da el çarpmak gelşiksiz bolsada,bizde aýdymça gül gowşurýan tomaşaçylaryň päsgel bermeginden ýaňa aýdymy nähili
diňläniňi-de bilip bolanok.
Umyman,aýdymça gül gowşurmak dünýäniň iki sany uly ýurdunda—Russiýa bilen
Ýaponiýada ýörgünli.Hatda aýdym-sazyň Watany hasaplanýan Italiýada-da beýle däp
ösen däl.
Biz bolsak,aýdym aýdylyp duran mahaly-da elimiz gülli sahna çykyp,ilata ters
görelde
görkezip,aýdymça
hormat
goýmaýandygymyzy,aýdym
diňlemegi
başarmaýandygymyzy äşgär edýäris.
1995.
Tejen Nepesow bilen duşuşdym. Ol maňa: “Sen akmak.Seňki ýaly mümkinçiligim
bolsa,men Türkmenistanda ýeke gün hem ýaşamazdym—diýdi. —Seni hemme tarapdan
188
gysýarlar.Özüňçe ýoklara sylag-serpaý ýapylýar,seni bolsa ýanaýarlar.Başga ýurtlarda
näçe,nähili dost-ýarlaryň barka…”
Ýok.Tejen Nepes ýalňyşýar hasaplaýaryn. Dogry,meniň Russiýadaky ýagdaýym
bilen Türkmenistandaky ýagdaýymyň parhyýer bilen gögüň arasy ýaly tapawutly. Men öz
Watanymda Watansyz ýaly,hiç kim.Maňa radioda,telewideniýede,köpçülik öňündeçykyş
etmek gadagan. Hudaýa şükür,dost-ýarlaryň toýlarynda birki agyz gutlag sözüni aýtmagyha entek gadagan edenoklar.
Dogry,eger
men
islesem,Russiýada,Täjigistanda,Özbegistanda,Azerbeýjandadaözümeorun tapardym. Ýöne men şu ýowuz topragy çyn ýürekden halaýaryn. Şonuň
üçinem “Türkmenistana gelmek bilen uly ýalňyş goýberdiň” diýýän tanyşlarymyňpikirini
uly ýalňyşlyk hasaplaýaryn.
21. 05. 96.
Şu gün meni Medeniýetministrligine çagyryp,ýatyrylanam bolsa,“Millioneriň
aýaly”komediýamyň gonoraryny berdiler.130 müň manat! Bazarda bolsa etiňbir
kilogramy 5 müň manat.
3. 06. 96.
Birki gün bäri gazetler,radio,telewideniýe Murgapda 15 kg.bugdaý ogurlan adam
barada goh baryny turuzýar. Belkem,ol adam çagajyklary aç oturansoň ogurlyk etmäge
mejbur bolandyr. Elbetde,men onuň hereketini aklamak islämok.Ýöne millionlarça dollar
ogurlap,bir şäherde dötr-bäş sany kaşaň jaý salyp,döwleti ütüp ýören ýolbaşçylarymyz
barka,mätäç bolup 15 kg.bugdaý ogurlan adamyň töwereginde döwlet syýasaty
derejesinde goh turuzmakgelşikli zatmyka?
8. 06. 96.
Türkmenistanyň gimniniň tekstini ýazmaga bäsleşik yglan edilenden soň ömür
goşgy ýazmadyk adamlaram galama ýapyşdylar.Meniň prozaçy dostum Hojanepes
Meläýew hem bir goşgy ýazyp,ony Hudaýberdi Diwangulyýewe okamaga beripdir. Onuň
stolunyň üstünde ýatan goşgyny ozal okan biri:
—Hojanepesiň goşgusyny okadyňmy?—diýipdir. —Nähili gördüň?
—Hiç hili.
—Iň bolmanda,gaharyňam getirmedimi?
—Dogrymy aýtsam,şu goşgy-ha meniň hiç zadymy-da getirmedi.
10. 06. 96.
Biz köp zada öz degerli bahamyzy bermeýäris.Halk döredijiligi diýilýän žanr hem
şoňa
girýär.
Halkyň
adyna
ýöňkäp,okyja
hödürlenýän,eserler,köplenç
manysyz,logikasyz,boş setirler. Onlarça mysaldan birini getireýin:
Galanyň düýbünde bir gawun iýdim,
Etini iýdim-de,paçagny goýdum.
Eýesi gelende gözüni oýdum,
Elinde ýaglygy ýelpeselendi —
189
Üns beriň!Näbelli awtor aýtmanda-da,gawunyň paçagynyň iýilmeýäni belli zat.
Ony-ha hiç diýeliň welin,bir biçäräniň azap çekip ýetişdiren gawununy özünden
birugsat(ogurlyk bolýar) iýip,özi gelende-de,ötünç sorap minnetdarlyk aýtmaga derek
gözüni oýmak nämekä? Şu ters pikirde okyja,diňleýjä hödürlär ýaly näme bar? Ol diňe
galtamançylygy,zalymlygy ündeýär ahyryn.
“Halk” döredijiliginiň şular ýaly nusgasyny kitaba salyp,ýene halka hödürleýän
redaktorlar,özleri hem halkyň wekili hökmünde,iň bolmanda,“Eýesi gelende gözüni
oýduma” derek “Eýesi gelende“Sag bolsun!” diýdim” ýaly setir goşaýsalar
bolmaýarmyka?
*
Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary 0. Aýdogdyýew
huzuryna çagyranda,şol bölümiň işgäri Akmyrat Muhadow (belkem başlygynyň tabşyrygy
bilen)meni daşarda garşylap,ýokaryk alyp gitdi. Ol meniň döredijilik,durmuş
meseläm,näme üçin bu edara çagyrylanymdan habarly bolarly,gidip barýarkak:
—Atajan aga,sizem öz bähbidiňiz üçin“Doňuza daýy” diýäýmeli ahyryn—diýdi.
—Doňuza daýy diýmek üçin özüňem doňzuň ýegeni bolmaly ahyryn.Seniň
özüň“Doňuz ýegen” bolmaga razymyň?
A. Muhadow jogap gaýtarman ýüzüme seretdi.
*
Düýn Mopassanyň “Pyşka” diýen hekaýalar ýygyndysynygaýtadan elime aldym.Biz
dagy çeper eser ýazýandyrys öýdüp pikirem etmeli däl welin…
17. 06. 96.
KADDAFINIŇ MYHMANLARY
1991-nji ýylyň aýagynda Moskwanyň “Progress” neşirýaty maňa Liwiýa sosialistik
arap halk Jamahuryýasynyňýolbaşçysy,Liwiýanyň Ähliumumy Halk Kongresiniň Baş
sekretary polkownik Muammar Kaddafiniň dünýäniň kän dillerinde çap bolan “Gök
kitabyny” türkmen diline terçime etmek haýyşy bilen ýüz tutdy.
Terjime üçin çekiljekzähmetiň tölegi ýokary derejededi. Üstesine,Demirgazyk
Afrikada ýerleşýänözboluşly ýurt bolan Liwiýa bir hepdelik gezelenje gitmek
mümkinçiligi hem döredilýärdi. Saparyň ähli çykdajysyny-da Liwiýa tarapy öz üstüne
alýardy. Ýöne terjimäniň welin bir agyr şerti bardy. Ony bir hepdäniň dowamynda
neşirýata tabşyrmalydy. Göwrümi hem uly kitap formatynyň maýda harplar bilen 60
sahypasydy. Terjime etmeli,maşynkadan geçirmeli,redaktirlemeli,ýene maşynkadan
geçirmeli.Ony bir hepdede amala aşyrmak mümkin däldi. Dogry,terjimäniň
birinjigolýazmasynyň garalamasyny maşynka urup boldum etseň,ýetişse-de bolardy. Ýöne
düňýä şowhun salan “Gök kitaby” beýdip harsal terjime etseň,soňunyň “çöpüniň”
bolmagam ahmaldy. Şonuň üçinem neşirýatyň ýolbaşçylarynyň razyçylygy bilen SSSR
Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň dürli dillerde kitap-žurnallar çykarýan
bölümindetürkmençä terjimeçi bolup işleýän Orazgylyç Orazmämmedowdan “Gök
kitabyň” ýaryny terjime etmegini haýyş etdim.
190
Iki bolubam terjimäni zordanöz wagtynda tabşyrdyk. Terçimäni haýsydyr bir bize
näbelli komissiýa okap,gowy baha beripdir.
Bir gün terjimeçilikeden 8 adamyny neşirýata çagyrdylar. Orazgylyja bolsa işleýän
edarasy Liwiýa gitmäge rugsat bermändi. Liwiýa çagyrylan terjimeçilere ýolbaşçylyk
etmeli adam hemmämiz bilen “düşündiriş” geçirdi. Ol biz Tripolä baranymyzda döwletiň
baştutany Muammar Kaddafiniň hut özüniň kabul etjekdigini,iň gowy hem iň gymmatbaha
myhmanhanada ýaşajakdygymyzy aýtdy. Şeýle hem ol ýoldaş kitap haýsy halkyň diline
terjime edilen bolsa,şol halkyň milli eşigini geýnen gyzyňam terjimeçiniň ýany bilen
gitmelididgini habar berdi.
“Gök kitaby” gazak diline terjime eden ýigit (Liwiýa baranymyzdan soň ol ýigidiň
arap dilini araplaryň özleriçeräk bilýändigi aýan boldy):
—Biz size gyzy nireden tapaly? Milli eşigi nireden tapaly?—diýen sowal berdi.
Toparyň ýolbaşçysy ýylgyrdy-da:
—Bize kyn düşen mesele ökde terjimeçi tapmak meselesi boldy. Gyz tapmak itiň
aňsady!—diýdi. —Gyz tapmak,milli eşik tapmak biziň aladamyz. Siz iýip-içip ýurt
görseňiz bolýar.
—Iýmek-içmege arak-şerap hem girýänmidir?
—Ýok,gadyrdan,tä gaýdýançaňyz,arak-şerabyň ysynam almarsyňyz. Ýanyňyz bilen
arak almagam maslahat bermeýäris. Sowgat eder ýaly näme alsaňyz alyberiň. Kadadan
artyk ýüküňemtölegi biziň boýnumyza.
Sowgatlyk zatlara onçakly üns bermeýänim hem alyp gidenlerimi-de baran badyma
paýlaşdyrýanym üçin ozal men başga ýurtlarda köp gezek gelşiksiz ýagdaýa uçrap
görüpdim. Birden biri saňa sowgat berer,sende bolsa “gaýtargy” ýokdur.
Bu gezek oýlanyşykly hereket etmäge çalyşdym.Agşamlyk Mary şäherinde ýaşaýan
dostuma jaň etdim-de: “Ertir Hangeçen bazaryna çyk-da,iň saýlamasyndan bir
gyrmyzydon,ak telpek,guşak alyp,birigünüň özünde maňa gowşar ýaly et!”diýdim.Haýyşym aýdylyşy ýaly berjaý edildi.
Liwiýä uçmazymyzdan bir güň öň terjimeçileri ýene neşirýata çagyrdylar. Giň jaýa
girenimizde agzymyzy açyp galdyk. Hüýr-melekleriň,suw perileriniň,perizatlaryň arasyna
düşen ýaly bolduk. Sekiz sany ýaş gyz,geýen eşiklerine görä baha kesseň,SSSR-iň sekiz
milletiniň wekilidi.Gyzlaryň hemmesi-de şeýlebir owadandylar welin,olaryň görkünidoly
beýan eder ýaly söz hem tapyljak däldi.
Başy lowurdap duran gupbaly,egni türkmen ketenili,keteniniň üstündenem gözüňi
deşip gelýän gyrmyzy çabyt geýnen,örülen gara saçy döşünden goýberilen,uzyndan inçebil
türkmen gyzy-ha beýlekilerdenem has owadandy.
—Her kim öz milletiniň gyzynyň geýnişini berk synlasyn. Geim-gejimde kemi bar
bolsa,“redaktirlesin!”.
Toparyň ýolbaşçysynyň sözleri gülkunç bolup ýaňlandy.Gyzlaryň görkgörmegine,eşiklerine dil ýetirseň,diliň kesiläýmelidi.
Men “öz gyzymyzy” synlap:
—-Sen Aşgabatdan geldiňmi?—diýip,sowal berenimem duýman galdym.
“Türkmen gyzy” türkmençä düşünmeýär eken. Ol ýöne ýylgyraýdy. Beýle gözel
ýylgyryş hiç bir zenanda ýokdur. Edil ertekilerdäki waspy edilýän perizadyň barda.Gündogar klassyklarynyň biri (Hafyz bolsa gerek) görmegeý gözeliň ýaňagyndaky
191
halyna Samarkandy bermäge taýyndygyny ýazypdy.Ýöne Liwiýä gidýän “türkmen
gyzynyň” ýaňagynda haly-ha ýokdy welin,onuň bir ýylgyryşynaSamarkandyň üstüne
Buharany goşup berseňem azdy.
Asyl ol owadan gyzlary respublikalardan çagyrman,Moskwanyň Modalar öýünden
saýlap alan ekenler.Ýöne gülkünç ýeri “milli” gyzlar şeýle owadandy welin,olar bilen
Liwiýä gitmeli milli ýigitleriň hemmesi bigörkdi. Şolgörmegeý gyzlaryň fonunda biz
hakyky bolşumyzdanam bigörk bolup görünýärdik.Moskwanyň “Şeremetýewo”
aeroportunda,üç ýüz töweregiadam ýerleşýän samolýotyň üstünde ýolagçylaryň
hemmesiniň nazary biziň toparymyza gönükdirilendi.Ýaş zenanlar biziň gyzlarymyzyň
owadanlygyna aýal gözügidijiligi bilen garasalar,erkekler olary gözleri bilen
gujaklaýardylar. Olaryň bize: “Beýle gözel gyzlaryň ýanyndaky sülsatlar nämekä?
Gyzlaryň janpenalarymyka?” diýýän bolmaklary-da ahmaldy. Dogrudanam,terjimeçileriň
köpüsi (meniň özüm-ä öňi bilen) barmagyňy gymyldatsaň,goluňy goparyp taşlajak
goragçy janpenalara meňzemänem durmaýardy.
Şu ýerde men terjimeçi “janpenalaryň” ählisiniň sada,ümsüm,ýygra adamlar bolup
çykandygyny nygtasym gelýär. Köpüsi-de taýýarlykly,sowatlydy.Hatda gadymy
gladiatorlaryň arenasyna syýahata baranymyzda,gazak ýoldaşymyz ekskursiýa gelen
araplaryň özlerine arap dilinde düşündiriş bermäge başlady. Ol arapça aýdanlaryny biz
üçin hem rus dilnde gaýtalady.Şonda araplar ony biziň toparymyzyň terjimeçi—gidi hasap
eden bolmaklary-da mümkin.
Liwiýäniňpaýtagtynda bize ýokary derejede hyzmat edildi. Ýöne welin,birki gün
geçip,ýagdaý bilen öwrenişýänçäk nahara gitmäge ýaýdandyk. Sebäbi mänhet restoranyň
bir dulundaky 25-30 adam (ýanymyz bilen baranlary-da hasaplasaň,biz şonçarakhem
bardyk) ýerleşýän tegelek stol bize garaşsa-da,ýagdaýymyz ýeňil däldi. Dürli-dümen nahar
näçe isleseň,şonça-da getirilýärdri.Emma ilkibada tagamly naharyň tagamyny
duýmadyk.Töwerekdäki stollarda oturan araplar (restorana diňe erkekler barýan ýaly aýal
görüňmeýärdi) öz öňündäki nahary iýmän,gözleri bilen biziň gyzlarymyzy iýjek
bolýardylar. Şol ýakymsyz ýagdaý günde üç gezek gaýtalanýardy.Has beterem agşam
nahary mahaly owadan gyzlary görmek üçin ýörite gelendikleri bildirýän,gözleri oýnaklap
duran murtluja araplaryň sany köpelýärdi.
Üç günläp ýurda syýahat edenimizden soň,agşamlyk Muammar Kaddafi bilen
duşuşmalydyk.Ol bizi myhmanhanadaky owadan jaýda kabul etmelidi.Myhmanhananyň
içi,daşy,syrdam ýigitlerden doldy. Goragçylar berk taýýarlyk görýärdiler.Ýerli
“köpbilmişleriň” aýtmaklaryna görä,polkownik Kaddafiniň ýaşaýan öýüni amerikan
awiasiýasybombalanyndan soň (Bize weýran edilen ol jaýy görkezdiler.
BombalanyşdaKaddafiniň6-7 ýaşlaryndaky öweý gyzjagazy wepat bolan eken),ýurduň
ýolbaşçysy has-da eserdeň goralýardy.
Kaddafi peýda boldy. Ol biziň düýeýüň çäkmenimize çalymdaş bol
tikilen,ýasgynjaň alnan milli ýapynjasyny süýräp öňe geçdi,garaşýanlar bilen baş atyp
salamlaşdy. Ol uzyn boýly,sportsmenpisint,berdaşlydy.
Polkownik Kaddafi bilen onuň myhmanlarynyň arasynda 15 metr çemesi uzaklyk
bardy. Ol sesini çykarman,bize tarap seredip otyrdy.Biziň beýleki araplary haýran eden
owadan
gyzlarymyzyň
gözelligi-de
oňa
täsir
etmeýän
ýalydy,ýylgyrmaýardam,sarsmaýardam.
192
Dabara başlandy. Biziň toparymyzyň ýolbaşçysy polkownige ýüzlenip,üç minut
ýaly arapça gepledi,soňam aýdanlaryny biz üçin rusça geçirdi.Ol “Gök kitabyň” dünýä
ähmiýetli eserdigi sebäpli SSSR halklarynyň dillerine geçirilýändigini aýdyp,onuň uly
höwes bilen okaljakdygyna kepil geçdi.
Şondan soň Kaddafäiçine terjimäniň teksti salnan owadan bukjalar
gowşuryldy.Terjimeçilerem,owadan gyzlaram ozal aýdylan instruksiýa görä hereket
etmelidi.”Gök kitabyň” terjime edilen dili aýdylanda,terjimeçi ýerinden turmalydy
(ýeriňden turan mahalyň,polkownigiň janpenalarynyň “ünsüni çekmez” ýaly jübüňe
eliňisokmaly däldigi bolsa aýratyn nygtalyp tabşyrylypdy),şol mahal hem milli geýimli
gyz papkany Kaddafä eltip gowşurmalydy.Ahli dabara diňe şondan ybaratdy.
Kaddafi ýerinden turup,papkany alýar-da,ýene aşak oturýar. Hiç kimiň elini hem
gysmaýar. Ol hem haýsydyr bir nätanşyň elinden onuň eline keselýa-da kast etmäge
niýetlenen zäher ýokaşmazlygy üçin edilýär eken.
Terjime gowşurylyş dabarasyndan soň polkownik söz sözledi,biziň hemmämize
minnetdarlyk bildirdi. Ol öz ýurdunyň içerki ýagdaýy,dünýädäki uly hem çylşyrymly
syýasy “oýunlar” hakda gysga,emma örän saldamly gürrüň etdi.
Indi sowgat barada. Terjimeçileriň hemmesi sowgat getiren eken. Emma
sowgadymyzy gowşurmasyz etdik. Onuňam sebäbi bardy.Mysal üçin,men Kaddafä
türkmen dony bilen ak telpek gowşurjak bolsam,sowgadym paýtagtdan gaty alysda
ýerleşýn haýsydyr bir labaratoriýa äkidip,himiki derňewden geçirilmeli eken.Men
sowgady zor bilen gowşuryp,deregine zat hantama ýaly görnäýmäýin diýip,getiren
zatlarymy çemodanymdanam çykarmadym.
Polkownik Muammar Kaddafä sowgat eltilen ak telpek bilen don hem guşak Liwiýä
gidip-gelen simwol ýaly bolup özümde saklanýar.
(Ýazgylarymyň başga bir ýerinde hem bellän bolmagym mümkin welin,gök bilen
ýaşyl reňki bulaşdyrýandygyma üns bermänim üçin “ýaşyl” bolmaly kitaby “gök” diýip
nädogry terjime edipdirin.Kitap türkmençe çykanda,redaktor hem meniň ýalňyşymaüns
bermändir.)
1992.
Şu gün diňe taryhy geçmişiniň beýikligi bilen öwnüp ýaşaýan iliň ertirki güni beýik
bolmaz.
*
Otuzynjy ýyllarda metjitlerimizi öz güýjümiz,öz elimiz bilen ýykdyk. Bu gün daşary
ýurtlularyň güýli bilen özümize metjit gurýarys. Döwür aýlanyp,syýasat üýtgese,metjitleri
ýene öz güýjümiz bilen ýykarys.Biz şeýdip,agyp-dönüp ýören adamlar-da.
1996.
*
Namaz okaýanam köpeldi,doga okaýanam. Her obada diýen ýaly metjit hem bar.
Emma adamlaryň ogurlyk etmekleri bilen harsydünýäligi welin artmasa
kemelmeýär.Hatda ozal eden günälerini ýuwmak üçin Kabä gidenlerem ol ýerden getiren
harytlaryny bu ýerde iki esse gymmadyna satýarlar.
193
*
Ruslarda “Net huda bez dobra” (Gowulyksyz erbetlik ýok) diýen pähim bar.Hakyky
durmuşdan dörän pikir bolsa gerek. Sebäbibizdäki häzirki gytçylyk,ýaşaýşyň agyrlaşmagy
(bu “hudo”—erbetlik) arakhorlaryň sanyny azaltdy. Indi öňki döwürdäki ýaly,köçede
çaýkanyp ýören ýa-da ýykylyp ýatan ýok diýen ýaly. Bu “dobro” –
gowulyk.Diýmek,erbetlik gowulygy ýüze çykardy.“Net huda bez dobra”
*
Başga adamyň döreden zadyna guwanmaly,ýöne buýsanmaly däl. Buýsanmak
hukugy ony döredeniňki.
*
Ynsanyň erkinlige bolan isleginiň,talabynyň çägi ýok. Şonuň üçinem
erkin,demokratik ýurtda ýaşaýana-da erkinlik azlyk edýän ýaly bolup duýulýar.Erkinlige
çakdanaşa islegi diňe öz erkin ýagdaýyňy erkin däl adamyň ýagdaýy bilen deňeşdirip
görmek arkaly köşeşdirip bolar.
*
Kän mahal bäri,türmä düşen bigünä aýalyň durmuşy barada bir eser ýazmagyň
aladasynda. Hatda entek ýazylmadyk eseriň ady hem taýýar: “Erkeksiz dünýä”. Eseriň
sýužet ýordumy-da bar.Emma men henize çenli (kinoda bolaýmasa) türme diýlen
edaranyň gapysyndanam garap göremok. Türmedurmuşy barada eser ýazmak isleseň,iň
bolmanda,birki
gün
“tussaglykda”
bolup
görmeli,tussaglar
bilen
gürleşmeli,ýaşaýyşlarynysynlamaly,“dillerini” öwrenmeli. Onuň üçinem Daşhowuzdaky
aýallar türmesini görmäge gitmeli.
Şol niýet bilen şu gün Türkmenistanyň Metbugat Komitetiniň başlygy,ýakyndan
gatnaşýan ýoldaşym Hudaýberdi Diwangulyýewiň ýanyna baryp,Daşhowza bir hepdelik
komandirowka bermegini soradym.Haýyşym bitmedi.
H. Diwangulyýew menden bir hepdelik komandirowkanyň puluny gysganmaýar. Ol
“Diwangulyýew A. Tagana komandirowka beripdir” diýen habaryň günübirin“ýokaryk”
ýetjekdiginden gorkýar.
18. 06. 96.
*
Türkmenistanyň täze gimniniň teksti gazýetlerde çap boldy.Umuman,tekst erbedem
däl. Her kim her zat diýse-de,geçmişden,şu günden,syýasatdan,tebigatdan,millilikden
nusga alynmaly şerti bolan“galypa” gireňsoň,elýetmez tekst ýazmak aňsat iş däl.
Ýone tekstdäki: “Saňa şek ýetirse,kör bolsun gözler” –diýen setir welin,maňzyňa
batmaýar. Ol setirde iki sany ýalňyşlyk bar:
1. ”Gözüň kör bolsun” diýen ýaly sözleri gimne salyp,gargyşy döwlet syýasaty
derejesinde ulanmak ýerlikli däl.
2. Göz bilen şek ýetirilmeýär,göz bilen gyýa garalýar. Emma tekste “Saňa gyýa
baksa,kör bolsun gözler” diýip düzediş girizeniň bilenem setiriň gargyş manysy
üýtgemeýär.
Sent. 1996.
194
BIR KOSTÝUMYŇ TARYHY
Instituty tamamlap,işe başlan döwürlerimdi. Bir gezek Aşgabada komandirowka
gelenimde,ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow Moskwanyň “Hudožestwennaýa
literatura” neşirýatynda çapa taýýarlanýan kitabynyň toplaýjysy bolmagymy haýyş etdi. Ol
özüniň beýle haýyşyny meniň entek studentlikden doly saýlanmandygym üçin egin-eşik
edinmäge-de harajat gerek boljakdygy bilen delillendirdi.Ýazyjynyň maňa kömek etmek
pikiriniň bolandygyna-da müňkürlik etmedim welin,bu ýerde onuň öz bähbidi hem bardy.
Sebäbi kitabyna özi toplaýjy bolsa bir topar alada galmalydy. Üstesine-de,awtor
Aşgabatda ýaşaýar,kitap bolsa Moskwada çykmaly.Golýzmany okamaly,eger kitap ozal
çykan kitaplardan düzülýän bolsa,sahypalary ýyrtyşdyryp,her sahypany aýratynlykda ak
kagyzyň bir tarapyna ýelmäp çykmaly.Ýelmäňde-de ýelimiň yzy bildirip duran harsallyga
ýol berneli däl. Redaktor bilen,tehniki işgärler,hudožnik bilen telim gezek duşuşyp,kitabyň
oňat çykmagynyň aladasyny etmeli. Garaz,kitap taýýarlamagyň hysyrdysy kändi. Eger
kitaby A. Tagan toplasa,ol Moskwada ýaşaýandygy üçin hälimi-şindi neşirýata gitmek kyn
düşjek däl.
Dogrusyny aýtsam,şol mahallarda galyň kitaba toplaýjy bolmak meni
gyzyklandyrmanam durmaýardy. Kitabyň gonorarynyň haýsydyr bir bölegi kanun
boýunça toplaýja berilmelidi. Onuň öz düzgüni bardy. Gurbandurdy Gurbansähedow bolsa
ömrüniň esasy bölegini redaksiýalarda,neşirýatlarda redaktor,baş redaktor bolup
geçirensoň,gonorar düzgünini hasapçylardanam gowy bilýärdi. Hem-ä şonuň üçin,hemem
almaly zähmet hakymyň ýagdaýyny öňünden şertleşmegi uslyp bilmän,men haýyşa duran
ýerimde razylyk berdim.
Üstesine-de,G. Gurbansähedow geplemäge gezek gelende,gürrüňdeşini aňk edip
bilýän adamdy. Ol ýalan sözlese-de (ýalan-a sözlänokdy welin) ynanmakdan gaýry ýol
goýmaýardy. Onuň nämamla,seniňem mamla bolandygyň telim günden soň ýüze
çykýardy. Gurbandurdy aga “goltugyma garpyz baryny gysdyryp,” meni ýolasalyp
goýberdi.
Belki,meniňem tasirim ýetse ýetendir,G. Gurbansähedowyň kitaby adaty
bolmalysyndan tiz ugrukdy. Ýöne uly bir tomluk kitabyseljermek,taýynlamak,gaýtadan
okamak meniňem bir aý wagtymy aldy. Has beterem,kitapdan alnan sahypalar bir gyradeň
kagyza ýelmenmäni üçin tehnik redaktor ony täzeden taýynlamagy talap etdi.
Kitap çapa iberilmezinden öň neşirýatyň hasapçylary hasap çykardylar-da,maňa
toplaýjy hökmüne 401 manat gonorar düşýändigini aýtdylar. 401 manat bolsa ol döwürler
az-küş pul däldi. Oňa telim kostýum almak mümkindi. Men ähli çeken azabymy
unudyp,kitabyň çapdançykmagyna garaşdym.
Kitap çykdy. Gonorar berilýän gün kassanyň agzyna barsam,adym spisokda
bolmany üçin hasaphana girdim. Baş hasapçy maňa gonorar berilmejekdigini aýtdy.Sebäbi
ol Aşgabada jaň edip,toplaýjynyň zähmet haky barada bir netilä gelmegiň gürrüňine
başlanda,G. Gurbansähedow baş hasapça sözüni hem soňlatmandyr. Ol “A. Tagan ol işi
gonorarsyz,jemgyýetçilik başlangyjynda berjaý etmäge döwtalap boldy. Oňa gonorar
tölemek hökman däl”diýipdir.
195
Asyl kitap diri ýazyjynyňky bolup,özi toplaman,toplaýjynyň kömeginden
peýdalansa,awtor: “Kitabyň gonoraryndan toplaýja kanun boýunça düşýän gonorary
tölemegiňize rugsat berýärin” diýp,neşirýata hat ýazmaly ýa-da ol toplaýjy bilen
aýratynlykda şertnama baglaşmaly eken. G. Gurbansähedow ol iki şertiň hiç haýsysyna-da
girmändir.“Studentlikden doly saýlanmadyk” toplaýjynyň täze kostýum edinişi-de şol
boldy.
Aradan birki aý geçensoň,men ýene Aşgabada komandirowka gelenimde,öýüne
myhmançylyga çagyran Gylyç Kulyýew çaý-nahardan soň ýüzüme dikanlap garady-da:
—Saňa bir sowalym bar welin,degişmä salma-da,hakykaty aýt!—diýdi.
Ýazyjynyň sowaly üýtgeşik sowal hem däl eken-de,ol Gurbansähedowyňeden
hereketini anyklamak isläpdir.
Men bolan wakany üýtgetmän aýtdym welin,G. Kulyew ynanmazçylyk etdi.
“Ynanmaýan bolsaňyz,barlap göräýiň!” diýen badyma ol trubka ýapyşdy.
—Gurbandurdy,dogryňy aýt: sen Moskwa neşirýatyna“Atajan Tagan kitabyma
jemgyýetçilik başlangyjynda toplaýjy boldy” diýen habar berdiňmi?. .Boldy,boldy.Gep
gutardy.Düşündiriş gerek däl. Men şony seljereýin diýdim…
Gylyç Kulyýew trubkany goýdy-da başyny ýaýkady.
—Karun bol-a zaňňar! Ýeri,ýygnan puluňy o dünýä äkitjekmi sen? –Ara kän salym
düşse-de,geň wakadan daşlaşyp bilmeýän Gylyç Kulyýew: —Täze ýyl şol neşirýatda
meniňem klitabymy planlaşdyrýarlar. Sen şoňa toplaýjy bolaý. Özümiň elimem degjek
däl. Ömrem geçip barýar. Başga işimem kän—diýdi. Soňam çalaja ýylgyrdy. —Öwünýä
diýme. Maňa pul gerek däl. Ömrüm ötýäňçä geýjegim bar,içerime zat almaly däl…
—Ony beýtmäli,Gylyç Mämmedowiç. Kömekleşmeli bolsa kömekleşeýin,ýöne
maňa-da pul gerek däl.
—O näme üçin?
—Aý,”Kör hasasyny bir gezek aldyrar”.Onsoňam,marylylara gysganç diýýäler. . .
—Beki Seýtek daşhowuzly bolsa-da,bizdenem gysganç —diýip,Gylyç Mämmedow
jak-jak güldi.
Dogrudanam,Gylyç Mämmedowiç pula mätäç däldi. Ol diňe ilçilik derejesine
berilýän pula-da ýaşamak bolýar diýýärdi. Üstesine-de,ol TSSR Ylymlar Akademiýasynyň
habarçy agzasy hökmünde aýlyk alsa,daşyndan ýokary okuw jaýynda mugallymçylygam
edýärdi,eserlerindenspektakllar,kinolar goýulýardy,kitaplary yz-yza çykyp durdy.Bir
gezek olgep arasynda,diňe “Gara kerwenden” 52 müň manat gonorar alandygyny hem
aýdypdy.
—Men Gurbandurdy ýaly puluň guly däl,men Gylyç Kuly…
Gepiň keltesi,Gylyç Kulyýewiň hem bir tomlugy Atajan Taganyň toplamagynda
çapdan çykdy. Toplaýjylyk üçin gonorar almagyň wagty gelse-de,almaly bolsam
hasaphananyňözi habar eder diýip,neşirýata-da barmadym.
TomusMoskwadan Türkmenistana rugsada gaýtdyk.Murgaba ugramankagambirki
gün Aşgabatda galyp,dost-ýara salama barmaly etdik. Bizgaýnym,skulptor Juma
Jymadurdynyň öýünde düşläpdik.
Men öz aladam bilen şähereçykan wagtym Gylyç Kulyýew myhman ýerime jaň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.