Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36

Total number of words is 3566
Total number of unique words is 2260
31.3 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sanynda: “Koelonyň kitabyny okamaga synanyşdym. Ölmän zordan ahyryna ýetdim. Soňy
görnüp duran içgysgynçlyk” diýip ýazýar.
2003.
Yslam (beýleki din wekilleri babatda-da şeýle) dininden özge dini äsgermeýän
musulman hakyky dindar bolup bilmez.
*
Türkmen klassyky edebiýatynda muştumzorlugy, ogrulygy, ýalançylygy edermenlik
hasaplaýan äheňlerem ýok däl.
Mysal üçin:
Ýolunda oturdym, kerwenni urdum,
Barsaň, “Döwran ötdi”- diýgil daglara.
(“Döwletýar” dessany).)
Ýa-da:
Aldadyp almasyn aldym,
Elinden gara gözliniň.
(“Saýatly-Hemra”.)
*
Aýyň 10-dan 18-ine çenli hudožnik Durdy Baýram meniň portretimi çekdi. Sekiz
günläp, sagat 12-den 16-a çenli, jemi 32 sagatlap, ol gara dere batyp işledi. Men öz
ömrümiň dowamynda dünýäniň onlarça muzeýinde, sergi zalynda bolup, hudožnikleriň
müňlerçe işini synlanam bolsam, surat çekmegi beýle agyr işdir öýtmeýärdim. Ozal meniň
göz öňüne getirişime görä, hudožnik adamyň portretini dagy çekende, “taýyn materiala”
seredip, ony aňsatlyk bilen kagyza ýa-da mata geçiräýýändir öýdýärdim. Emma beýle däl
eken. Hudožnik portret çekende adamyň ýüzüniň her öýjügini öwrenýär eken. Onuň jöşan
mahaly özünden-özi bihabar, öňe topulup, yza tesip, gaty-gaty ardynjyraýşyny, haýsydyr
bir goýan nokady juda göwnünden turanda ýüz- gözüniň keşbini üýtgedişini “göçüşini”,
hykgyldaýşyny, uludan-uludan dem alşyny beýan etmek üçin söz hem tapylmasa gerek. Ol
390
ýagdaý barada tutuş bir hekaýat ýazaýmaly. Hudožnik adamyň gözüni dagy çekende,
bäbeneginiň içine girýän ýaly bolýar.
Işläp durka, Durdy Baýram aýagyndaky joraplarynyň birini çykaryp, gapdala zyňyp
goýberdi. Ol kiçijik merdiwanyň burçuna ilişip asylyp galdy. Emma ol ikinji jorabyny
çykarman, bir aýagy ýalaňaç halda ýarym sagada golaý işledi. On minutlyk arakesmede
kofe içip otyrkak, meniň aýagyny synlanymy aňan hudožnik: “Wiý, asyl men
joraplarymyň birini çykarman ekenim-ow!” diýip, öz-özüne haýran galdy. Asyl aýagy
derlän hudöžnik joraplarynyň birini gapdala taşlap işini dowam ediberipdir.
Oýlanyp gördüm-de, gaty joşan mahaly hudožnikleriňem özboluşly hereketleri
ýazyjylaryňkydan pes bolmaýar eken diýen netijä geldim. Iş gowy giden mahaly
ýazyjylarda-da Durdy Baýramyňky ýaly “sähnelik” seýrek bolmaýar.
18. 11. 2003
0020
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gelen antropolog hanym Hermine de Soka
gürleşmek, tanyşmak üçin meni myhmanhana çagyrdy. Ol meniň “Keseki” romanym bilen
gyzyklanýär eken. Duşuşyk iki sagada golaý dowam etdi. Romanyň rus hem iňlis dilindäki
annotasiýalaryny alyp galan Hermine eser bilen amerikan neşirýatçylaryny
gyzyklandyrmak meýliniň bardygyny aýtdy.
22. 11. 2003.
Atamyrat Atabaýew “Ýat adam” diýen goşgy ýazypdyr. Ony-da maňa bagyşlapdyr.
Ýöne ol diňe maňa däl, meniň döwürdeşlerimiň, deň-duşlarymyňam käbirine (Atamyradyň
özüne-de) degişli bolup çykypdyr.
ÝAT ADAM
Dostum Atajan Tagana bagyşlaýaryn.
Gadam urýar ýigrimi birinji asyr.
Öňden gelýän düzgün-kadalar bozlup,
Hatyrasyz,
ýeke şaýy bahasyz,
Hiç kime derkarsyz, ýat adam bolduk.
Ýigriminji asyr gohly-gowgaly,
Aýdyşlary ýaly, ýamanam bolsa,
Geçirdim men onda elli iki saly.
Dünýäniň ahyry ýalanam bolsa,
Ynanyp ýaşadym ýagşy geljege,
Çynym bilen ýazdym setirim-bendim.
Bil bagladym Ynam diýen gerçege,
Sözüm—ile,
Söýgim—Watana berdim.
391
Täze döwre uýgunlaşjak bolsam-da,
Täze döwre uýgunlaşyp bilmedim.
Il gözüne ýylgyrsam-da, gülsem-de,
Gussam dünýäň çuňlugynda gizledim.
Diňlesem-de täze dörän sazlary,
Hiňlenem-de köne aýdym gözledim.
Synlasam-da adam keşbi barlary
Köpçüligi gördüm, adam görmedim.
Meger Taňry keşpsiz bu mähelläni
Dünýä boş durmasyn diýip ýaratdy.
Aňsat çözüp bolýan kyn meseläni
Çözjekleri düýnsüz döwür dargatdy.
Başlandy dünýäde başga bir sene,
Öňden gelýän düzgün—kadalar bozlup.
Ýat göz bilen seredýärler geçene,
Ýat gözlere bizem ýat adam bolduk.
15. 11. 2003.
.
Hakyky sungatyň beýikligi hakda oýlanyp, ýagdaýymyza dogry baha bermeli bolsa,
meniň pikirimçe, türkmen hudožnikleri türkmen ýazyjylaryndan azyndan 50 ýyl öňde
barýarlar. Oňa-da obýektiw sebäp bar hasaplaýaryn. Ony düşündirmek üçin hudožnik
Durdy Baýram bilen ýazyjy Atajan Tagany mysal getireýin. Ikisi-de obada doglup,
ýetginjeňlik ýyllaryna çenli obada ýaşan. Ikisi-de orta mekdebi tamamlap, Moskwa
şäherine okuwa giden. Ikisi-de, başda rus dilini asla bilmeýärdi diýen ýaly. Emma
sungatyň dünýä halypalarynyň mekdebiniň bosagasyndan ätlän badyna Durdy Baýramyň
gözi açylyp başlady. Sebäbi, aýdaly, I. Repiniň “Zaporožlylar türk soltanyna hat
ýazýarlar”, “Burlaklar Wolgada”, A. Plastowyň “Faşist uçup geçdi” (Bu kartina hiç mahal
meniň göz öňümden gidenok: uly sygyr bilen çopan oglanjyk ölüp ýatyr. Çopanjygyň
ölmän galan kiçijik güjügi bolsa, etjek gabahat işini edip, aňyrlygyna uçup barýan
samolýotyň yzyndan üýrüp dur.) ýa-da I. Aýwazowskiniň “Dokuzynjy wal” diýen ajaýyp
işlerine düşünmek üçin Durdy Baýrama rus dilini gowy bilmegiň hökmany zerurýetligi
ýokdy. Ol halypalaryň beýik işlerine terjimeçisiz düşündi. Oňa diňe görmek gerekdi. Ol
gördi, görenine aňry ýany bilen düşünmese-de, öwrendi, talantly işleriň halypaçylyk
mekdebine dilmaçsyz girip gitdi. Ol kartinalar ýaş türkmen hudožniginiň geljekki öz
işlerine-de halypalyk etdi. Şeýlelikde Durdy Baýram şägirtlik, öwrenmek döwri bolan 2025 ýaşlarynda beýikleriň ussatlyk sapagyny aldy.
Atajan Taganda bolsa beýik halypalar Tolstoýyň, Dostoýewskiniň, Turgenýewiň
mekdebine Durdy Baýramyň hudožnikleriň mekdebine çalt girişi ýaly girmek
mümkinçiligi ýokdy. Oňa hökmany suratda şol ýazyjylaryň dilini öwrenmek gerekdi.
Beýik halypalaryň ussatlygynyň syryna azda-kände düşünmek üçinem rus dilini çalakçulak bilmek ýeterlik däldi. Ýaş ýazyjynyň öz ene diline bolsa ol ýazyjylaryň eserleri
392
terjime edilmändi diýen ýalydy. Edilen terjimeleriň hili bolsa (indi göz ýerirýäris welin)
örän gowşak, köplenç halatlarda-da terjimeçi esere düşünmän terjime edýär eken.
Biziň hudožniklerimiziň ýene bir bagtynyň çüwen ýeri—olaryň eserlerini türkmen
däl, türkmen diliniň ýeke sözüni-de bilmeýän ussatlaryň hem terjimeçisiz “okap”
bimekleridi. Türkmen hudožnikleriniň täze eserlerine baha bermek, bellik, ýardam etmek
üçin olara dil däl, diňe göz gerekdi. Şol ýagdaý hem biziň hudožniklerimize bahasyna
ýetilmejek goltgudy. Olar başga milletleriň, ýurtlaryň hudožnikleriniň, sungaty öwreniji
alymlarynyň kömeginden isledikleriçe peýdalanyp bilýärdiler.
Türkmen ýazyjysynyň ýagdaýy bolsa başgaçady. Döredijiligine biziň öz
derejämizden juda ýokarda durýan rus edebi tankytçylary L. Anninskiý, L. Terakopýan, Ý.
Sidorow, W. Bondarenko ýalylardan peýdaly belliklerini almak üçin biz öňi bilen öz
eselerimizi rus diline terjime etdirmeli bolýarys. Üstesine-de özüne göwni ýetýän, talantly
rus ýazyjysy terjime etmek üçin wagt ýitirmek islemeýär. Ýene bir zat: terjimäniňem
jüpüne düşäýýän ýa-da eseriň originaldanam peselýän mahallary-da bolaýýar.
Hudožniklerde bolsa beýle kynçylyk ýok. Olaryň eserleri dünýäniň ähli dillerine
“geçirilip” goýlan. Ýokarky sebäplere görä, türkmen hudožnikleri türkmen ýazyjylaryndan
hertaraplaýyn belentde.
2003.
Puşkiniň beýik Puşkin bolup dile düşmegine beýik däl Dantesiň hem täsiri ýeten
bolsa gerek.
*
Ýigriminji asyr sowet poeziýasynda, prozasynda özboluşly yz galdyran uly ýazyjy
Resul Gamzatowyň 81 ýaşynyň içinde Mahaçgalada dünýäden ötendiginiň hasratly habary
geldi. Oturup geçmişi ýatladym. Men onuň bilen näçe gezekler duz-emek bolupdym. Ol
beýik şahyrdy, sadadan ajaýyp adamdy.
19. 11. 2003.
Käbir adam öz saýlap alan hünärine şeýlebir ökdeleýär welin, haýran galýarsyň.
Sergeý Konýonkow çüýrän töňňäni ýa-da tikenli çybygy eline alsa-da, olar sungat eserine
öwrüläýýärler. Atamyrat Atabaýew bolsa poeziýa üçin asla ýapyşalgasy ýok zatdanam
goşgy ýasap bilýär.
*
Şu gün Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň 1-nji sekretary S. S. Sokolow meni
duşuşyga çagyrdy. Bir sagatlap rus-türkmen edebi gatnaşyklary dogrusynda gürrüň boldy.
20. 11. 2003.
Aşgabadyň köçeleri san bilen belgilenip başlandy. Bu—bir tarapdan gowy,
köçeleriň salgyny almak aňsatlaşar. Ikinji tarapdan bolsa köçeleriň san bilen däl, at bilen
belgilenmegi “kelläňi işletmäge” iterýär. Mysal üçin, ýene 50 ýyldan soň Gurban Durdy
köçesinden geçip barýan ýa-da şol köçede ýaşaýan adam Gurban Durdynyň kim
bolandygy bilen gyzyklanar, eýder-beýder, onuň Sowet Soýuzynyň Gahrymany adyny
alan ilkinji türkmendigini biler.
Meniň özüm-ä köçelerden Alty Garlyýewiň, Çary Nurymowyň, Baba Annanowyň,
B. Garryýewiň, B. Kerbabaýewiň, akademik Tagan Babaýewiň, Surikowyň,
Şewçenkonyň. . . atlarynyň aýrylmagyny islemezdim. San ýazylan manysyz belgili
393
köçeden ýöränimden bir-birege sarpa goýup gatnaşan deň-duşlarym Çary Nurymowyň,
Nury Halmämmedowyň, Nury Baýramowyň, Gurbannazar Ezizowyň atlaryny göterýän
köçelerden ýöränimi, olar bilen “gürrüňleşenimi” kem görmezdim.
*
Köpçülige peýda bolar ýaly, märekede akmak dymyp, akylly gepläýmeli welin,
akmak akylla dil ýarmaga maý bermeýär. Netijede diňläp oturan sada adam üçin “märekede çekinmän gepläp bilýän” akylly bolup görünýär.
*
Nadan adamlaryň it uruşdurmak ýaly wagşylygyny, elimden gelse, döwlet
derejesindäki ýowuz karar bilen ýatyrardym.
*
Bazar yktysadyýeti diýilýän bize kapitalizmden geçen syýasat häzirki ýagdaýyndan
üýtgemän dowam etse, adam aldaman, haram täjirçilik etmän, öz halal zähmeti bilen
ýaşaýan, kitap okaýan, medeniýeti ýetik alymlar, mugallymlar, sypaýylar jemgyýet
tarapyndan doly bahaly adam hasap edilmeýän, “akmak” diýlip üstünden gülünýän hem
halanmaýan gatlaga öwrüler. Şol ýagdaý doly amala aşandan soňra, syýasat yzyna
aýlansa-da,öňki adamçylyk derejeli ýaşaýşymyza dolanyp barmak üçin gaty köp ýyllar
gerek bolar.
2005.
Adam eli bilen döredilmedik Aýyň, Günüň, dem alynýan howanyň belli bir
şahsyňky, belli bir milletiňki bolman, umumy adamzat jemgyýetine deň-derejede
degişlidigi hakda pikir edýärin-de, nebit, gaz ýaly ýer asty baýlyklar barada oýlanýaryn.
Älem wagty bilen alanyňda, hut düýn-öňňun serhetlenip, üstünde ýaşaýan töpragynyň
teýinde, entek umuman adam döremänkä, dörejek adamlaryňam ýeriň haýsy künjünde
mekan tutjagy-da belli dälkä, belki-de, millionlarça ýyl mundan ozal dörän ýa-da döräp
ugran gaz bilen nebit näme üçin üstünde hut şu gün ýaşaýan milletleriň hususy baýlygy
bolmalymyşyn? Şu günki gaz, nebit “eýeleri” şol baýlygy döretmek üçin kelle
agyrtmadylar, zähmet çekmediler. Ýerasty baýlyk hem edil Gün, Aý, dem alynýan howa
ýaly Ýer şarynyň üstünde ýaşaýan hemme adamlar, hemme milletler üçin deň ulanylmaly
tebigatyň öz güýji bilen döredilen baýlyk bolmaly. Nebitli, gazly topragyň üstünde, entek
adamlaryň nebit bilen gazyň nämedigini-de bilmeýän döwründe tötänden ýa-da mejbury
halda oturmaly bolan Russiýa ýa-da Türkmenistan şeýle baýlygy ýok topraga tötänden ýada mejbury halda düşen Germaniýa, Gyrgyzstan, Täjigistan ýaly ýurtlara Hudaýyň
umumyadamzat üçin döreden eşretinden ýetdik hakyny bermeli dälmi?
*
“Nauka i žizn” žurnalynyň ýazmagyna görä, häzir dünýäde 6.000 (alty müň) sany
dil bar. Ynanar ýaly hem däl!
2005.
Arkasynda “pil”, “wezir”, “at” ýaly güýçli goragy bar mahaly ejiz “pyýada-da”
beýik “şaha” küşt berip bilýär.
*
394
Agtygym dünýä indi. Ony üç günden soň bäbekhanadan getirdik. Ol aglap başlady
welin, derrew agzyna rezin emzik berip köşeşdirdiler. Rezin emzigi enesiniň emmesidir
öýdýän çaga sesini goýýar. Şeýlelikde, ynsan çagasy dünýä inen badyna uly adamlar ony
aldap ugraýarlar. Ene süýdüniň ýany bilen aldawy-da kabul edýän şu günki çaganyň
terbiýesine galplyk hem goşulýar.
30. 10. 2003.
HYDYR AMANGELDIÝEWE
Hydyr aga!
“Oba mollasynyň gündeligi” diýen powestiňi okadym. Umuman, haladym.
Esasanam, powestiň arassa türkmen dili meniň göwnümden turdy. Özüm-ä, hernäçe alada
etsemem, şeýle derejedäki diliň deňine ýetip bimeýärin. Seniň diliňe gözüm gidýär. Şeýle
ýagdaýda rus dilinde “belaýa zawist” diýen gep ulanylýar.
Powestiň agraslygy, adam häsiýetleriniň özboluşly açylyşy, duzsuzlykdan sowlup
geçýän ýumor, oba adamlarynyň täsin gylyklary okyjyny özüne çekýär. Meniň öz Gojuk
obamda-da edil Şammat molla, , Marlen, Abdy molla, Hudaýnazar aga ýaly şahslar bar.
Belki, şonuň üçindir, eser ruhy dünýäsi bilenem maňa golaý boldy.
Gysgaltmagy haýyş edeniň üçin powestiň yzraklaryna-ha birneme dözümliräk hem
daraşandyryn. Ýöne türkmen ýazyjylarynyň özümden başgasynyň edilýän bellige
“birhiliräk” garaýandyklaryny ýatlap biraz ýöwselledim. ”Gündeligiň” göwnümden turan
hem turmadyk ýerleri barada sahypalarda bellik etdim.
Hydyr aga! Meniň iň esasy belligim hemme türkmen prozaçylarynyň, şol sanda hut
meniň özümiňem kemter gaýdýan bir meseläm bilen bagly. Ol KÖPSÖZLÜLIK hem
awtoryň zeryr däl düşündirişleri. Elbetde, öpsözlüligi ýeňmek kyn däl. Ýöne powestiň dili
örän oňat bolansoň, kesmäge-de bognuň ysmaýar. Lirik gahrymanyň—Şamyradyň
düşündirişleri her sahypada diýen ýaly bar, her sahypada-da ol artykmaçlyk edýär. Pikir
öwrümleriniň, birmeňzeş habarlaryň (başga sözler bilen bolsa-da) köp gaýtalanmagy
powesti sozýar, uzaldýar. Mysal üçin Şamyradyň ejesine başky atylan töhmetler eserde
gaýtalana-gaýtalana nygtalýar. Ýa-da Şamyradyň Hudaý, din, namaz hakdaky
oýlanmalary-da şonuň ýaly.
Meniň pikirimçe, powestiň göwrümi 75-80 sahypadan geçmese, ykjam hem has
şüweleňli okaljak eser bolardy. Ony hem artykmaçdygy okyja görnüp duran sözleriň,
sözlemleriň hasabyna gazanyp bolar. Şeýle hem powest gündelik görnüşinde ýazylandygy
sebäpli hökman dartgynly bolaýmaly ýaly. Emma şol dartgynlyk (glawnaýa pružina)
gowşagrak. Eger gowy dil bilen dartgynlyk hem utgaşsa, powest gaty utardy. Sebäbi, çuň
pelsepe, degişme, oba adamlarynyň sada mekirligi, durmuş hakdaky ýerlikli oýlanmalar,
iki dünýäniň manysyny seljermek, päklik, haramlyk hakdaky pikirler powestiň ýüküni
mazaly ýetirýär.
Dogry, eser häzirem oňat okalýar. Meniň belliklerim bolsa ony has-da ýokary
götermek üçin edilýän arzyw. Özüm-ä şeýle powest ýazan bolsam, ýene we ýene
syntgylamagy ýük görmezdim.
“Gündelik”, beýleki original pelsepeleri gapdala goýanyňda-da, diňe adam
arasyndaky çylşyrymly gatnaşyklara akyl ýetirmäge synanyşygy zerarly Şammy mollanyň
395
däliremek derejesine golaýlamagy ýaly özboluşly pikiri üçinem basa oturyp işlemäge
mynasyp. Şu soňky tema, iň bolmanda, türkmen prozasynda-ha täzelik.
Ýene bir zat: seniň bu eseriňi has-da gowulandyrmak üçin täzeden goşmaly zat ýokda, gysgaltmaly zatlar bar. Gysgaltmak goşmakdan ýeňil. Şammy molla-da oňly uklanok.
Senem bir hepde ukudan galaý.
Täze ýylyň bosagasynda saňa rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormat bilen Atajan Tagan.
28. 12. 2003.
DÖREDIJILIK ADAMLARYNYŇ DURMUŞYNDAN:
*
Rus ýazyjysy Wladimir Solouhin sarpa goýýan, gatnaşýan adamlaryndan 60-70
sanysyny Moskwanyň iň gowy restoranlarynyň birine agşam nahara çagyrýar. Gelen
adamlaryň hiç biri-de näme sebäp bilen çagyrylanyny bilmeýär. “Daşary ýurtda dagy
galyň kitaby çykyp, “galyň” gonorar alandyr-da, tarhanlyk edýändir” diýip çak edenem
tapylýar.
Solouhin hiç kime söz hem bernän, tä oturylyşygyň ahyryna çenli diňe özi gepleýär.
Ol dost-ýarlarynyň hemmesiniň diýen ýaly saglygyna tost aýdýar. Manysy düşnüksiz
dabara gijä çenli dowam edýär. Adamlar hoşwagt bolýarlar. Ýöne olar şol gün Solouhiniň
60 ýaşyny belländigini ertesi bilip galýarlar.
*
Türkmenistanyň halk artisti, aýdymçy Mämi Çaryýew ýeňil maşyn edinýär, sürmegi
öwrenýär, köçä çykmaga hak-hukuk berýän dokumentlerini düzedýär.
Bir gezek Mary şäheriniň iň uly köçeleriniň birinden barýarka, Mämini ýolpolis
saklaýar.
Hemme kişiniň diýen ýaly tanaýan aýdymçysynyň ýanyna baran ýol polis, oňa
salam berýär-de:
—Mämi aga, maşyndan bir minutlyk daş çykyp bilersiňizmi?—diýýär.
Maşyndan düşen Mämi:
—Inim, näme gulluk?—diýýär.
—Gulluk ýok, agam—diýip, ýolpolis ýylgyrýar. —Bir yzyňyza serediň! Heý, şu
köçeden bärligine maşyn gelýärmi?
—Aý, menem, çolaja köçe bolansoň, gaýdyberdim. . .
Asyl Mämi Çaryýew hereket birtaraplaýyn köçesinden tersine gaýdyberen eken.
*
1965-70-nji ýyllarda redaksiýalarda işleýän şahyrlaryň, žurnalistleriň arasynda,
sähel bahana tapylsa, köne aýdymlaryň, klassyklaryň goşgularynyň äheňinde degişme
döretmek ýoň boldy. Olardan ýatda galanlaryndan birnäçesini ýatlaýyn:
Haky ýada salsaň Hakydan gorkyňa,
Ýakup ara düşer, goýmaz erkiňe.
Aýhan Hajy guwanmagyn görküňe,
Yzzat gelip: “Nazzad!” diýende bardyr.
396
Ol degişmeleriň, köplenç, belli bir awtory-da ýokdy, her kim bir setirini tapýardy.
Satirik ýazyjy Aşyrberdi Kürt “ Ýaş kommunist” gazýetiniň redaksiýasyndan işden
boşadylyp, “TÝUZ” (“Teatr ýunogo zritelýa”) diýilýän ýaş tomaşaçylar teatryna işe
geçirilende Annaly Berdiýewiň (Anton beg) “Dady heý” diýen halk aýdymynyň äheňinde
döreden degişmesi şeýle:
Kürtüň ogly Aşyrberdiň ebşidinden tutdular,
Urdular, aglatdylar, “Ýaşkomdan” “TÝUZ”-a atdylar.
Ol “TÝUZ”-da” ondan owwal işlänleri, gör, nätdiler!
Begi Suhan, Berdi Gullar, Anton begler ötdüler,
Nesip bolsa, Aşyrberdem tizden geler dada heý!
*
Men awtomobiliň “iç goşlaryndan” başym çykmasa-da, rul tutup bilýärin. Ýöne
köçe hereketiniň düzgüninden baş çykarýaryn diýsem welin, birneme galat bolar. Swetofor
işlemeýän mahaly, eli ala taýakly ýolpolisiň durýan çatrygyna, başarsam, barmajak
bolýaryn. Sebäbi ýolpolisiň “taýak diline” düşünmeýärin.
Bir ezek Mary şäheriniň Aşgabat köçesinden gelip, Murgap şossesine tarap
aýlanmalydym. Şosse-köçe çatrygynda swetofor işlemän, oňa derek ýolpolis herekete
serenjam berýär eken. Men çepe, Murgap şossesine tarap aýlansam, ters hereket
edäýmäýin diýen howatyr bilen, gitmesiz tarapyma—Aşgabat köçesi bilen günbatarlygyna
sürüp goýberdim. Derrew jürlewük çalyndy. Asyl, hereketi gönükdirýän ala taýaklydan
başga ýene-de bir ýolpolis ýanköçede garawullap duran eken. Saklanmaly boldum.
Ýanyma gelen ýolpolis edilmeli hereketler bilen “medeniýet” görkezdi-de, öz
familiýasyny aýtdy.
—Ýaşuly, köçe hereketiniň düzgünlerini bileňzok.
—Köçe hereketiniň düzgünleri-hä gaty gowy bilinýändir, ýaş ýigit!—diýip, men
ynamly geplän boldum.
—Onda näme ugrukduryjy “ýol ýapyk” diýip görkezse-de, sürüberdiňiz?
—Inin, bu bir agyr hem bat almasy haýal maşyn. ”Žiguli” ýaly, gaza basanyňdan
atylyp ötägidenok—diýip, men günäni “Uaz”-yň üstüne ýüklejek boldum. —Ugrukdyryjy
maňa “Ýoluň açyk!” diýen pursaty sürdüm welin, maşynyň hereketi haýal bolansoň,
ýolopis men deňine ýetip-ýetmänkäm, köçäni “ýapaýdy”.
Hernä ýolpolis çekgämiň çalyna seredip, geçirimlilik etdi.
—Ýeri, bolýamyş-da. Hany, dokumentleriňizi bir göreýin.
—Dokument-hä goşa-goşadan gerek bolsa-da bardyr!—diýip, men birneme
ynjalamsoň, maşynyň tehpasporty bilen sürüjilik şahadatnamamy uzatdym.
Ýolpolis iki dokumente telim sapar gezek-gezegine seretdi. Meniň oňa “Näme, hat
okap bileňokmy?” diýäýesim geldi. Emma sürüjüligim “ýabygorly” bolansoň, “Hem ogry,
hemem rüstemlik” etmäýin diýdim.
—Bu nähili beýle bolýar-aýt, ýaşuly?—diýip, ahyr ýolpolis ýüzüni galdyrdy. —
Maşynyň tehpasportynda “Tagan Atajan”, sürüjilik şahadatnamaňyzda-da “Atajan Tagan”.
..
397
Men onuň şeýledigini ozalam bilýrdim. Ýöne 5-6 ýylyň dowamynda onlarça gezek
dokument barlan ýolpolisleriň biri-de oňa üns bermänsoň, arkaýyn gezip ýördüm. Şonuň
üçinem mende ýolpolisi “ýeňmek” höwesi döredi.
—Ýaş ýigit, Boris Ýelsin bilen Ýelsin Borisde tapawut ýokdugyna düşünýäňmi?
—Oňa-ha düşünýän welin, ýaşuly, bu resmi dokument-dä... Başga dokumentiňiz
barmy?
Men Halkara Ýazyjylar guramasynyň agzasydygymy tassyklaýan dokumentimi
uzatdym. Ol dokumente sereden ýolpolis çalarak ýylgyrdy.
—Ýaşyly, biý-ä öňküdenem beter bulaşdy. . .
Diýilmezçe-de däldi. Soňky görkezilen dokumentde: “Tagan Atajan (Taganow
Atajan Taganowiç) Atajan Tagan” diýlip ýazylandy.
—O dokument näme?—diýip, ýolpolis elimde tutup duran ýene bir dokumentime
tarap göz aýlady.
—Bu Russiýanyň raýatynyň daşary ýurtlarda ulanmaly pasporty.
—Özüňiziňkimi?
—Iliň paspörtuny näme üçin götereýin?
Ýolpolis ýüzüme çiňerilip seretdi-de, dokumentleri yzyna gaýtardy.
—Gidiberseňizläň, ýaşuly! Siz bilen gepleşmek aňsat düşjek däl ýaly. . .
Her niçik-de bolsa, şol wakadan soň, men DAI edarasyna ýörite baryp, sürüjilik
şahadatnamamdaky ýazgyny düzetdirdim. Indi “Familiýasy—Tagan. Ady—Atajan”
*
Ýene şol temadan: Bir gezek Mary obkomyna kiçeňräk ýygnaga çagyrdylar. Obkom
işgärleriniň ulaglaryny goýýan ýeirine girsem-de, goýmaly ýerine eltip bilmän, maşyny
öňe-yza sürüp ýörenimi gören ýazyjy Amannazar Aşyrow ýanyma geldi-de: “ Beýdip,
maşyny gynap ýörmese-ne!” diýip, özi şofýorçylyk etdi.
Ýygnakdan soň men Baýramaly şäherine gitmelidim. Mollanepes köçesine
çykanymda, kabinadaky çyrajyklaryň biriniň gyzaryp ýanyp duranyna gözüm düşdi.
Emma sebäbini welin bilmeýärdim. Ýöne ozal hiç mahal şol çyrajyk ýanmaýardy.
Mollanepes köçesinden gündogara tarap barýarkaň, Lenin köçesinden tä Murgabyň
köprüsine çenli gündiz ugra şahsy maşynlara gatnamak gadaganam bolsa, stadionyň
aňyrsy bilen aýlanyp ýörmejek bolup, göni sürüberdim. Bagşylar öýüniň deňine
ýetenimde, ýolpolisiň ala taýagy öňümi kesdi.
—Ýaşuly, dokumentleriňizi beriň!
Dokmentlere seredip duran ýolpolis birden ýylgyrdy-da:
—Siz ýazyjy Atajan Taganmy?—diýdi. —Siz bilen surata düşmek bolarmy?
—Köçe düzgünini bozanym üçin çäre görmeseň bolar.
—Men siziň hemme kitaplaryňyzy okadym. Kinolaryňyzam gördüm. Özüňizi welin
birinji gezek görýärin. Men kitaby kän okaýaryn—Ýolpolis aýdanyny tekrarlajak bolýan
ýaly ýanbukjasyndan Atda Durdyýewiň “Keýmirkörüni” çykardy. —Şu-da gaty gyzykly
kitap. . .
Köçe gyrasynda “kireý” edýän fotograf biziň suratymyzy aldy. Men şeýdip, jerime
çekmän, ýolumy dowam etdim. (Ýarym ýyl dagy geçensoň, meni köçede ýörite saklan şol
ýolpolis bagşylar öýüniň ýanynda düşen suratymyzdan birini maňa sowgat etdi.)
398
Baýramala golaýlasamam, şol ýanýanja çyra gyzaryp durmasyny dowam etdi.
Maşyn täzedi. Biynjalygam bolman duramokdym. Men şähere girenimden soň, bir
ýolpolisiň ýanynda saklandym-da, çyrajygyň ýanyp durmagynyň sebäbini soradym. Ol
tehnikadan başynyň çykmaýanyny boýun alyp, köçäniň beýleki tarapyna elini salgady:
“Anha, maşyn ussahanasy bar. Şol ýere baraýsana!”
. . . Ussahanadan çykan ýaş ýigit haýsy çyranyň ýanýandygyny anyklady-da:
“Hany, el tormozyňy çek!” diýdi. Çekdim. Çyra söndi. “Nireden gaýtdyň?”. “Marydan”.
“Marydan gelýänçäň el tormozda ýöräp, ys-kok duýmadyňmy?” “Aý, men-ä şonam
duýmandyryn”. Ýaş ýigit baş ýaýkap ýylgyrdy.
Asyl Amannazar Aşyrow, adaty düzgüne görä, maşyny el tormozda goýup, ony hem
maňa (bilýändir öýdüp) duýdurmandyr. Elbetde, maşyn sürýän adam beýle-beýle maýda
zatlary duýduryşsyz, özünden bilmeli welin. . .
*
Insitutda okaýarkak, okuw bölüminiň müdiri Lýudimila Iwanowna ekzamen
mahaly, has sylanýan professorlaryň ekzamen alýan stolunyň üstünde ullakan wazany
doldurup, owadan almalardan goýýardy.
On dokuzynjy asyr rus edebiýatyndan ekzamen berýärkäk, ýoldaşymyz Wolodýa
Starokopytow biletine jogap bermek üçin üsti almaly stoluň başyna geçen badyna
professor Pospelowy telefona çagyrdylar. Owadan almalara seredip, professoryň
gelmegine garaşyp oturan Starokopytow uzak kanagat edip bilmän, ullakan almalaryň
birini aldy-da agyz saldy. Şol pursatam professor gapydan girdi.
Gennadiý Nikolaýewiç alma iýip oturan studenti gördi-de, birbada kürtdürip durdy.
Soňam sowal-zat hem bermän, Starokopytowyň depderçesine “Üçlük” goýdy-da:
“Gidiberiň!” diýdi.
Almadan dişlän bölegini ýuwdup ýetişmedik student zordan:
—Sizem uzak ýaşaň, professor!—diýdi.
“Ýowuz professor” diýip at alan, örän talabediji G. N. Pospelowdan geplemän
“üçlük” alan student ýylgyryp çykyp gitdi.
Ekzamenben soň biziň:
—Alma süýji ekenmi?—diýen sowalymyza Starokopytow:
—Wah, ogurlykda tutulamsoň, “ikilik” goýarmyka diýen gorkudan ýaňa almanyň
tagamynam bilmän galdym—diýip jogap gaýtardy.
1962.
SSSR-iňmi ý-da Türkmenistanyňmy ýubileýiniň bellenýändigi sebäpli Moskwada,
“Frunze kenaryndaky” uly zalynda türkmen hudožnikleriniň sergisi açylýardy. Men şoňa
gitmek maksady bilen kabinetden çykan badyma ýazyjy H. gabat geldi. Aýak üstünde
zordan durýan ýazyjy, nirä haýdap barýanymy bileninden soň meniň bilen gidermen
boldy. Men her näçe aladalansamam, ony galdyryp bilmedim.
Sergi zalynyň esasy girilýän ýerindäki mähnet gapysy, dört-bäş bölege bölünen uly
aýnadandy. Aýna bolekleriniň hersiniň ini-böýy 2-3 metrden kiçi däldi. Menden sähel
öňden barýan, gözi ümezläp duran H. arassa aýnany açyk gapydyr öýtdümi-nämemi, işigi
süsüp goýberdi. Aýylganç şaňňyrdy eşidildi. Ol aýna bölekleriniň üstünden basyşdyryp
aňryk geçensoň, maňa “ tizräk gaýt” diýen yşarat etdi-de, aňyrlygyna ýöräberdi.
399
Iç işikde, gapdalrakda duran gowy geýnüwli görmegeý adam maňa tarap ýöneldi.
—Aýnany haýsyňyz döwdüňiz?
Eger men hakykaty aýdaýsam, üstesine serhoş hem bolansoň, H. masgara
bolaýmasyn diýen pikir bilen:
—Aýnany döwen-ä men—diýdim.
—Näme üçin döwdüňiz? Serhoşmysyňyz?
—Serhoş däldigimi-hä görüp dursuňyz, gadyrdan. Serginiň açylyşyna ýetişjek bolup
haýdap gelýärdik welin, gapynyň öňünde büdräýdim.
—Howlugýan bolsaňyz, men sizi saklamaýyn. Sergini görüp bolanyňyzdan soň,
direktoryň kabinetine baryň! Ikinji gatdadyr.
Sergi görübem, mazam bolmady. Serginiň dabaraly bölümi gutaransoň, ýazyjy H.
türkmen hudožniklerine goşulyp, banket berilýän zala tarap ugrady. Men bolsam,
direkroryň kabinetini gözlemäge gitdim.
Gapyda oturan ýaş gyzdan idin sorap, içerik girdim. Ullakan kaşaň kabinetiň
töründe stol başynda oturan, aýna döwlen ýerde gabat gelen adamdy. Ol meniň
kimdigimem, nirede işleýändigimem soramady-da:
—Hä, geldiňizmi?—diýdi. —Gelen bolsaňyz, gidiberiň!
Men aňk-taňk bolup:
—Döwlen aýnanyň bahasyny kim tölemeli?—diýdim.
—Hiç kimem tölemeli däl. Gidibermeli. —Men ýaýdanjyrap duranymdan soň, ýene
direktoryň özi gepledi. —Siz aýna döweniňizde, men dokumentem talap etmedim,
kimdigiňizi, niredendigiňizi hem soramadym. Siz sergiden çykyp, bärik sowulman,
gidibem bilerdiňiz. Hiç kim saklamazdam. Emma siz gaçman, meni gözläp tapdyňyz.
Şeýdip, siz döwen aýnaňyzyň bahasyny aýnadanam gymmat adamçylyk bilen tölediňiz.
Ajaly ýetse, adamam ölýär. Döwlen bir bölek aýna bolsun. Gidiberiň!
Men sergi zalynyň direktoryna minnetdarlyk bildirip, gapa ýetip barýarkam, ol
yzymdan gygyrdy.
—Çykaňyzda bir aýna döwäýmäweriň!
1986.
Aşgabadyň demir ýol duralgasynda şahyr Ata Köpekmergen oturan eken. Salamhelikden soň, men onuň Mara gitmek üçin bu ýere gelendigini bildim. Marynyň üstünden
geçip gidýän otlynyň ugramagyna çenli ýene 3-3, 5 sagat töweregi wagt bardy. Ata
Köpegiň Aşgabada gelse, mydama şahyr Durdy Haldurdynyň wokzaldan 5-6 ýüz
metrlikdäki öýünde düşleýändigini bilýändigim üçin:
—Ata aga, otly gelmezinden ýarym sagat öň gaýdyberseňizem bolardy-la. Ýene üç
sagatlap, şu ýerde garaşyp oturjakmysyňyz?—diýdim.
Ata Köpek maňa ýiti nazaryny aýlady.
—Gulam jan, ajaldan başga zada öňürti bargyn!
09. 10. 1971.
Men nätanyş adamlaryňam gatnaşýan myhmançylygynda bolanymda, bile baran
ýoldaşlarymdan “ýazyjy” diýip tanyşdyrmazlygy haýyş edýändigimi ozalam belläpdim.
Meniň çagalarymam şeýleräk häsiýetde.
400
Ordiinaturany gutaran gyzym Onkologiýa Merkezine işe ýerleşende, ozal ol ýerde
işläp ýören ýaşuly doktor:
—Gyzym, kakaň näme işleýär?—diýip sorapdyr.
Eneş gysgajyk:
—Pensioner—diýip, jogap beripdir.
Ýaş gyzyň gaty jogapkärli medisina merkezine nähili ýol bilen, kimiň kömegi bilen
işe ýerleşenini bilmäge höwesek ýaşuly doktor ýene sowal beripdir.
—Kakaň pensiýa çykmazyndan öň näme işledi?
Bu gezek Eneşiň jogaby uzagrak bolupdyr.
—Kakam pensiýa çykmazyndan ozal pensiýa çykmak üçin dokument ýygnamak
bilen meşgullandy.
Bilesigeliji doktoryň beýle sözlerden soň: “Bu gyz açyk jogap gaýtaranok welin,
kakasynyň köne KGB-çi bolmagy-da ahmaldyr” diýip çak eden bolmagy mümkindir.
*
Oglum Kemal ermeni dosty hem işdeş ýoldaşy Arturyň doglan güni, olara
myhmançylyga çagyryldy. Ol agşamlyk öýe dolananda:
—Kaka, men baran wagtym Arturyň atasy seniň “Çužoý” diýen kitabyňy okap
oturan eken—diýdi.
—Ol saňa hiç zat diýmedimi?
—Näme diýsin? Ol meniň kakamyň ýazyjydygyny bilenok ahyryn.
—Bilmese, özüň aýdaýsaň, bolmadymy?
Kemal ýüzüni kesä sowdy.
—Özümem, senem masgaralap ne işim!
--O na beýle?
--Seň powestiňden edilen “Tentek” filmi çykandan soň, men seniň kitap
ýazýandygyňy aýtmaga-da utanýan.
*
Mämmet Seýidow gabat gelip hal-ahwal soraşanda, ýaş şahyr Gurbanýaz Daşgyn
az-kem zeýrenipdir.
—Aý, Mämmet aga, meniňkem ýetimçilik-dä. Bir garnym aç, bir garnym dok,
ýaşan bolup ýörün. . .
Ýaşuly şahyr onuň ýüzüne seredip geňirgenipdir.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.