Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37

Total number of words is 3558
Total number of unique words is 2193
29.4 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
48.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—A, oglan-a, ýetim halyňa iki garyn nämäňe gerekdi?!
*
Işdeş ýoldaşlarym: gazak ýazyjysy Teken Alimkulow (onuň “Ak arwana” diýen
örän oňat kitaby bardy) bilen ermeni ýazyjysy hem edebi tankytçysy Grigoriý Oganesowiç
Manasýan ölemen küştçüdi. Olar portfellerinde-de kiçijik küşt tagtasyny göterýärdiler.
Hatda bir gezek, men işe gijä galyp, haýdap barýarkam, edaramyzdan birki ýüz metr
bärräkde, uly köçäniň gyrasyndaky köne skameýkada Manasýan maňa nätanyş bir adam
bilen küşt oýnap oturan eken. Ol salam berenimden soň, maňa tarap çalarak göz aýladyda: “Atajan, başlyklar sorasa, “Bäş minutdan gelýär”- diýäýgin! –diýdi. —Şu döwümi
tamamlasam bararyn”.
Emma onuň “bäş” minuty uzaga çekdi. Şol gün ol işe giç öýlänler bardy.
401
Bir gezek edara boýunça önümçilik ýygnagy geçirildi. Ýygnagyň gaty
jogapkärçilikli bolmalydygyny biliberiň—oňa SSKP MK-nyň medeniýet bölüminiň
müdiri W. F. Şauro bilen şol bölümiň instruktorlarynyňam biri gatnaşdy. Şonuň üçin bolsa
gerek, Ýazyjylar soýuzynyň guramaçylyk işleri boýunça sekretary K. W. Woronkow
edaranyň işine hertaraplaýyn baha berip, tankydy ýagdaýda çykyş etdi. Ol sekretariatyň
jogapkär işgärleriniňem işe käte kembaha garaýandyklaryny tekrarlap, şeýle mysal getirdi.
—Bu nähili ýagdaý bolýar, gadyrdan ýoldaşlar? Birki günlükde, men goňşy jaýa,
Moskwa Ýazyjylar soýuzynyň edarasyna barmaly boldum. Iş mahaly Ermenistanyň wekili
Manasýan şahyr Gordiýenko bilen giň zalda küşt oýnap otyr. Men gaýtalaýaryn:
Manasýan iş mahalay Gordiýenko bilen küşt oýnap otyr. Özüňiz netije çykaryberiň!. . Sen,
ýoldaş Manasýan Grigoriý Oganesowiç, özüň bilmeýän bolsaň, men ýatladaýyn: bu —
küştçileriň kluby däl, bu — SSSR Ýazyjylar soýuzynyň edarasy. Senem şol edaranyň
işgäri, onda-da jogapkär işgäri. Aýlyk alýarsyň. Öýüňden çykanyňda-da aýalyňa “Işe
gidýärin” diýip gaýdýansyň. . .
—Men iş mahaly küşt oýnaýan däldirin, Konstantin Wasilýewiç!—diýip, Manasýan
oturan ýerinden gygyrdy. —Size nädogry maglumat beripdirler. .
—Maňa hiç kim maglumat berenok, Grigoriý Oganesowiç. Küşt oýnap oturanyňy
men öz gözüm bilen gördüm ahyryn.
—Görseňizem, ýalňyşýarsyňyz. Näme, Moskwada maňa meňzeş ermeni gytmy?
Moskwada üç ýüz müň ermeni ýaşaýar ahyryn! Iş mahaly küşt oýnar ýaly men çaga däl.
Altmyşdan geçdim. Watançylyk urşuna-da gatnaşdym.
—Men saňa Watançylyk urşuna gatnaşaňok diýemok. Men seniň iş wagty küşt
oýnanyňy aýdýaryn.
Garaz, epeý-epeý adamlaryň gatnaşýan ýygnagynda turdy bir galmagal, gopdy bir
dawa.
Birdenem, gapynyň agzynda oturan Teken Alimkulow elini galdyryp, ýerinden
turdy.
—Meniň bir sowalym bar, rugsat beriň!—Ol başlyga ýüzlendi. —Iş wagty, bular
ýaly uly ýygnakda dawany goýalyň. Meniň sowalym bar. . .
—Aýt!—diýip, başlyk garaşdy.
Emma Alimkulow başlyga däl, Manasýana ýüzlendi.
—Grigoriý Oganesowiç, sen başlyk bilen dawalaşyp durma-da, märekä dogrujaňy
aýt. Sen köplen-jä Gordiýenko bilen deňme-deň oýnaýardyň welin, şol gezek sen utduňmy
ýa utuldyňmy? Bizi meseläniň şol tarapy gyzyklandyrýar.
Ýygnaga gatnaşanlaryň hemmesi, şol sanda SSKP MK-nyň bölüm müdüri-de
gülmeli boldy.
*
Dramaturg Aşyr Mämiliýew Türkmenistan medeniýet ministrliginiň uprawleniýe
müdiri bolup işleýär. Birki aý mundan ozal, ony medeniýet ministri wezipesine
bellejekmişler diýen gürrüň ýaýrady. Şondan soň, bizde bolaýýan adaty hereket—A.
Mämiliýewiň üstünden dürli edaralara hat ýazylyşyk başlandy. Oňa ýöňkelýän günäleriň
birinden özgesi esassyz çykdy. Esasly hasap edilýän günä hem A. Mämiliýewiň
ogullaryny sünnet etdirmegidi. Ol babatdaky “derňew”, näme üçindir, uzaga çekdi. Gepiň
bir ujy Moskwa-da ýetdi. Şonuň üçinem men Aşgabatdan komandirowkadan gelen
402
badyma, kärdeşim Şöwket Nyýazy derrew Mämiliýewiň ýagdaýy bilen gyzyklandy. ”Siz
nähili millet?! Täjigistanda-ha, gaýtam, “Pylany ogluny sünnet etdirmegi mynasybetli,
pylan gün toý tutýar” diýip, gazýetlerde bildiriş berýärler” diýip, başyny ýaýkady.
Aşyr Mämiliýewi tanaýan, ozalam şol sünnetli gürrüňi bizden telim gezek eşiden
ýoldaşymyz, terjimeçi W. N. Şedrina:
—Siz şol gürrüňi kän edýärsiňiz welin, oýnuňyzmy ýa-da çynyňyzmy?—diýen
sowal berdi.
—Gaty çynymyz, Walentina Nikanorowna, gaty çynymyz —diýip, men jogap
gaýtardym. —Bizde ogluňy sünnetledeniň üçin, käte işden boşadyp, partiýanyň
hataryndanam çykarýarlar. . .
—Eý, Huda-aý!—diýip, Şedrina iki eli bilen kellesini penjeledi. —Nähili yza galak
ýurt! Özlerine gerek bolmasa, adamlar o zatlaryny düýbünden kesip taşlasynlar-da.
Kommunistik partiýanyň erkekleriň “öýlenewajy” bilen näme işi barmyşyn?
16. 10. 1979.
Ýene “baýrak” diýilýän pul paýlanyşygy boldy. Ýüz töwerek žurnaliste, umuman,
ýazýan-bozýanlaryň hemmesine diýen ýaly bir müň amerikan dollary paýlandy. Biz
döwletiň puluny gysganmaýarys, “baýrak” alanlara görüpçilik etmeýäris. Emma
žurnalistlerden has agyrrak zähmet çekýän daýhana, mugallyma, doktora bir köpük baýrak
berilmeýn halaty şol bir žurnalistlere, bahana tapylsa, ýylyň-ýylyna pul berlip durulmagy
gelşikli hem däl. Biz onuň näme üçin edilýändginiň sebäbine düşünýäris, öne şol sebäp
hem biziň döwletimiziň abraýyna şikest ýetirýär.
*
“Russiýanyň Irkutskaýa oblastynyň territoriýasynda ýaşaýan iň kiçi halka
TOFALAR diýilýär. Olar bary-ýogy 400 (dört ýüz) adamdan ybarat. ”
(Gazetden)
Birnäçe adamyny ýigrenýäniň mamla bolmagy mümkin, ýöne hemme kişini
ýigrenýäniň welin özünde “gep” bar bolaýmasa.
*
Tutuş Türkmenistan boýunça “Hatyra güni” bellenýär hasap edilýär. Emma radiotelewideniýede Gökdepe galasyndan, Gökdepe şehitlerinden başga gürrüň ýok. Merw jeňi,
Saragt darkaşy, Gazawat gyrgynçylygy ýatlanmaýaram. Zol-zol Nurberdi hanyň (ýogsam,
ol Gökdepe söweşiniň esasy çaknyşygyna gatnaşanok), bigünä halkyň gyrylmagyna
sebäpkär bolanlaryň biri Gurbanmyrat işanyň, Dykma serdaryň(?!) atlary gaýtalanýar.
Hany, Aba serdar? Hany, Gowşut han? Hany, Täçgök serdar? Hany, Amanýaz ýomut?
Olar türkmen topragyny goramak ugrundaky iki sany uly uruşda türkmeniň ýeňlişini dälde, ýeňşini äleme göz eden serkerdeler. Hatyra güni diňe Gökdepe diýlip gygyrylyp
durulmagy biziň syýasy taýdanam, taryhy taýdanam, adamçylyk taýdanam çäkliligimizi
görkezýär.
12. 01. 2005.
Biderek kitaby okap ýitiren wagtyňa onçakly gynanmaly däl. Çünki erbet kitap hem
seniň erbetlige akyl ýetirmegiňi artdyrýar.
403
*
Göriplik ejiziň güýçlenmegine, güýçliniň ejizlemegine getirýär.
*
Biz “ýeňsiz köýnek” diýýäris. Ol düşünje dilimize girip gidipdir. Ony ýalňyşdyram
öýtmeýäris. Rus dilinde oňa “Rubaşka s korotkimi rukawami” (“Kelte ýeňli köýnek”)
diýiýär. Elbetde, ol düýpden ýeňsiz köýnek däl-de, kelte (gysga) ýeňli köýnek ahyryn.
Ýeňsiz bolanda, eginden başlap ýeňi ýok bolar-a.
*
Çakdan aşa gallaw adamynyňam artykmaç bitirýän işi ýok. Durmuşdaky oýlanyp
tapylan peýdaly zatlaryň (açyşlaryň) köpüsini gallawlar däl, ýaltalar oýlap tapypdyrlar
dýen çaklama hem bar. Onuň çyn bolmagy gaty münkin. Öňräk U. Çerçiliň ýazgylaryny
okanymda onuň: “Oturmaga münkinçilik bolan ýerinde aýak üstünde durmadym,
gyşarmaga mümkinçilik bolan ýerinde dik oturmadym” diýen sözlerine gabat geldim.
Çerçil iň ýalta hem uzak ýaşan adamlaryň biri bolupdyr. Emma ol Angliýa ýaly uly
döwlete deňli-derejeli ýolbaşçylyk etdi.
Men şol barada häzirem sag-salamat ýaşap ýören, akyly-huşy ýerbe-ýer 93 ýaşly
tanşymyň ýanynda gürrüň etdim. Ol çalaja ýylgyrdy-da, şeýle diýdi:
—Men Çerçildenem beter ýalta. Ömrüm boýy, öz öýümdekäm nahary hem ýatyp
iýdim. Maşk etmek, ylgamak, sport bilen meşgullanmak uzak ýaşadýar diýýäler. Oňa-da
men ynanmaýaryn. Men sakgalymy syran mahalym ýa-da çemçe tutan mahalym
bolaýmasa, maşk etmek üçin barmagymy-da gymyldatmadym. Bolsa-da, kesellänimem
ýadyma düşenok. Ömrüm boýy mazaly bir adamlygam iş etdim. Özüň bilýäň, basym
togsan üçümem dolýar. . .
*
Flilosoflar näme diýse-de, maddy mätäçlik ruhy derejäni peseldýär.
*
Betbagtlyk bagtlylygyň nämedigini düşündirýär.
*
Maňa “ses rifmasyny” tapmak kyn düşýär. Atamyrat Atabaýew bolsa ony ussatlarça
başarýar. Men “tagan” sözüne “agandan” başga rifma tapmaýaryn. Atamyrat oňa “agam”
sözünden rifma ýasapdyr. Onuň oturylyşyklarda okaýan bir goşgusynda şol rifma bar:
Ýeriň arkasynda, gögüň garnynda
Bar meniň inilem, ýok meniň agam.
Aşgabatda maňa aga ornunda—
Kakajan Açyl hem Atajan Tagan.
Dogrudanam, “tagan” bilen “agam” gowy ses rifmasy bolýar eken.
*
Beýleki medeni hem taryhy gymmatlyklary-da inkär etmän, diniň bähbitli
kadalaryndan ýaşaýyş üçin peýdalanmak, oňa adamzat medeniýetiniň beýik nusgasy
hökmünde hormat goýmak, ony öwrenmek, ýoýmazlyk, ýitirmezlik biz üçin diňe peýda.
Emma dinden gaýry gymmatlyklary inkär edip, aslynda diniň näme üçin döredilendiginede düşünjek bolman, oňa köre-körlük bilen uýmak adam üçin diňe zelel.
*
404
Öwgi öwülýän ýolbaşçyny öwülmedik bolsa göýbermejek hatasyny goýbermegine
iterýär.
*
Türkmenlerde okan eserini dünýä derejesindäki okyjylarça seljerjek okyjy kän.
Ýöne dünýä edebiýatynyň derejesinde eser ýazyp bilýän ýazyjy welin häzirlikçe ýok.
*
“Gizlin syr” diýilýär. Syr bolsa gizlindir-dä.
*
Kemçiligiňi diňe dostuň aýdyp biler, duşmanyň seniň kemçiligiň düzedip
rowaçlanmagyňy islemez.
*
Öwünmäge özünde esas ýok adam öwünjeň bolýar eken. Bu giň manyda-da şeýle.
Türkmenistanyň häzirki ideologiýasy hem şony tassyklaýar. Türkmen düňýä ylmyna,
medeniýetine nemesler, ermeniler ýaly düýpli goşant goşan millet däl. Hatda bizde, iň
bolmanda, özbegiň Ulugbegi ýaly hem şahs bolmandyr. Emma boş öwünmäge gezek
gelende welin, biz hemme milletlerden öňde. Biz öwünmek bilen özümiziň hiç
zatdygymyzy özümiz tassyklaýarys.
*
Watany söýmek ony boş sözler bilen mahabatlandyrmak däl. Watany çyn ýürekden
söýmek kemçiligini görüp, onuň düzedlmeginiň aladasyny etmekdir.
*
Fransiýanyň Prezidentiniň kanselýariýasyndan hat geldi. Hatda meniň “Ýalňyzlyk”
kitabymyň Prezidente gowşandygy, onuň awtora döredijilik üstünliklerini arzuw edäýndigi
bellenýär. (Başdansowma jogap.)
Apr. 2004.
Ýekeje ak tüýi bardygy üçin eňegi, döşi bezäp duran gara sakgaly tutuşlygyna syryp
taşlamaly däl-de, ak tüýüň özüni sogrup aýraýmaly.
*
Söýmegi başaran ýigrenmegi-de başarar.
OL BIZIŇ DADEHALYMYZDY
Kärdeşleriniň, tanyşlarynyň arasynda Dädehal ady ýörgünli bolan Durdy Haldurdy,
“Edermenlik”, “Dorja ýaby”, ”Ömür ýoly”, ”Meniň ýaragym, “Goja esger”, “Hakyda”,
“Terjimeler” ýaly kitaplaryna daýanylmanda-da, diňe “Maşat gijesi”, “Gaçgak” balladasy
bilenem XX-nji asyr türkmen poeziýasynda agramly eser döreden şahyrlaryň hataryna
girerdi. Ol başga zat ýazman, diňe:
“Aýyň gözi bulut bilen saralgy”
hem
“Aglamaklyk söýmeklikden nyşandyr,
Söýgini ödäne aglamak gerek” —diýen inçe sungatyň nusgasyna öwrilen üç setiri
bilenem geljekki edebiýat taryhçylarynyň ünsüni çekip, poeziýa muşdaklary tarapyndan
405
ady tutulardy. Emma döredijilik ýoly barada galyň kitap döredilmegine-de mynasyp
Dädehaly ýatlap ýazan şujagaz makalama näme at goýjagymy bilmän kän oýlandym.
Dädehal—mert, gönümel adam, Dädehal — edermen esger, Dädehal—watançy şahyr,
Dädehal— redaktor, Dädehal—ezber terjimeçi, Dädegal — gözellige gulluk edýän adama
nusga. Sanalan epitetleriň haýsysyny saýlasaňam makalanyň manysyna bap gelmän durjak
däldi. Emma goýulmaly at, näme üçindir, olarsyz döredi duruberdi.
1959-njy ýylyň baharynda Dadehal 50 ýaşyny bellän mahaly heniz çekgeci hem
çalarmadyk şahyr Kerim Gurbannepesowyň oňa bagyşlan gutlag goşgusynda:
“Watan üçin, iliň üçin,
Özüňi urduň oda, Hal.
Seniň ömrüň, seniň kesbiň,
Bize nusga—kada, Hal”—diýen setirler bardy. Üns berseň, şol dört
setirde Dädehal, özi bolup örboýyna galýar. Kerim şahyryň sözleri Dädehalyň hakyky
häsýetnamasy. Il üçin, Watan üçin özüni oda urup, bir aýagyny söweş meýdanynda goýup
gelendensoň, 1946-njy ýyldan tä 1960 njy ýyla çenli häzirki “Garagum” (ozalky “Sowet
edebiýaty”) žurnalyna baştutanlyk edip: adyl, ýowuz, talapgär, mert redaktor adyny alan
Dädehal, dogrudanam, döredijilik adamlary üçin nusgady, onuň awtorlardan edýän talaby
kadady. Men şujagaz makalamda Kerim Gurbannepesowyň beren bahasynyň manysyny
açyp bilsem, Dädehalyň nähili şahs bolandygy biziň şu günki ýaşlarymyza-da birneme
düşnükli bolardy. Men şony Dädehalyň ömründen, döredijiliginden ýatlan mysallarym
bilem amala aşyrmaga cynanyşaýyn.
Dädehal baştutanlyk edýän jurnalynda on bäş ýylyň dowamynda öz goşgularyny
asla çap etmedi diýen ýaly. Baş redaktoryň orunbasary, publisistik eser ýazmagyň ussady
Kakaly Berdiýew, öndümli işleýänem bolsa, žurnalda ýylyň dowamynda bir gezekden kän
çykyş eden däldir. Baş redaktor bilen orunbasar öz eselerini beýleki gazet-žurnallarda çap
etdirmelidi. Dädehalyň talaby, kadasy şeýledi. Eýsem ol häzirem nusga alarlyk
salyhatlylyk dälmi?
Döwrüniň derejesinden pes, wagtyň talabyna laýyk gelmeýän eseri ýegre dosty
ýazanam bolsa, Dädehal sypaýçylyksyz yzyna gaýtarýardy. Onlarça mysaldan birini
ýatlaýyn: Dädehal türkmen sazyny söýýärdi, halypa gören sazanda bolmasa-da, özi-de
dutar “oýnaýardy”. Belki-de şol sebäplidir, ol hudožnikliginiň daşyndan dutar, gyjak
ýasaýan, dutar, gyjagy çalýän Bäşim Nuraly bilen dostlukly gatnaşyk saklaýardy. Bir
gezek hudožnik özüniň ýazan romanyny redaktor dostuna eltup, ony okaman, günübirin
çapa ibermegini talap edýär, sözüniň ýykylmajakdygyna-da gaty ynanýar. ”Meni hudožnik
diýip tanaýan il ýazyjylyk ukybymyňam bardygyny bilsin”- diýýär. Dädehal hatda
žurnalyň häzir çap edip ýören Şolohowyň “Göterilen tarpynyňam” terjimesini okaman
geçirmeýändigini aýdyp, romany okamaga bir aý puryja alýar. Bir aýdan soň Dädehalyň
ýanyna gelen Bäşim Nuraly hem-ä ony hudožnikleriň ertir açylýan sergisine çagyrýar,
hemem romanynyň ykbaly bılen gyzyklanýar. Baş redaktor romanyň entek eser däldigini,
ony hiç bir neşiriň çap etmejekdigini deliller bilen subut etse-de, awtor razy bolmaýar.
”Meniň ýazyjydygymy-da il bilmeli ahyryn” diýip, öňki aýdanyny gaýtalaýar. Ahyr
Dädehal öňündäki ak kagyza ony-muny çyzyşdyryp, aşagyna-da golunuy çekensoň, ony
dostuna tarap süýşürýär. ”Bu näme?” diýiip, hudožnik geňirgenýär. “Bu meniň hudožnik
406
hökmünde eden işim. Sen şu suraty ertir açyljak serginiň görnükli ýerinde as. Goý, il
meniňem şahyrlykdan başga suratkeşlik ukybymyň bardygyny hem bilsin” diýýär.
Bu waka şaýat bolan, žurnalyň şol mahalky bölüm müdiri, Dädehalyň ýakyn şägirdi
şahyr Mämmet Seýidowyň aýtmagyna görä, mana düşünen Bäşim Nuraly “hudožnik”
Dädehalyň seken “suratyny” sesini çykarman yzyna süýşüripdir-de, romanyny goltuklap
gidipdir. Oňa garamazdan, şahyr bilen hudožnigiň arasyndaky dostluk ýodasynda ýandak
gögermän, gatnaşyk ömürahyra çenlii dowam edipdir.
Dädehal diňe iliň däl, öz döredijiligine-de örän jogapkärlik bilen çemeleşýärdi. Ol
“sanama” ýa-da “ýeňil” goşgy ýazan şahyr däl. Onuň döredijiligini başdan-aýak
yzarlasaňam, goşgy ýazmagyň aňsat usuly bolan “boşaşa” rifmaly (häzir diňe şol usul
bilen ýazylýar) ýekeje küplede-de sataşmarsyňyz.
Dädehala döredijilik meselesinde gaty ýowuz diýýärdiler. Ýöne onuň şol ýowuzlygy
ýaş şahyrlar Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Ýylgaý Durdyewiň,
Hangeldi Garabaýewiň Aky Baýmyradowyň, Tagan Söhbedowyň Näzik Annatyýewanyň,
Nury Baýramowyň agramly ýazyjylar bolup ýetişmegine ýardam etse, “Sowet edebiýaty”
žurnalynyň hem elden-ele geçip okalmagyna getirdi. Berdinazar Hudaýnazarowyň geçen
asyr türkmen poeziýasyna epik eser bolup giren “Gyzgyn sähra” poemasynyň ikinji
bolümi hut Dädehalyň “iňirdisiniň” kömegi bilen ýazyldy. Ol guramaçylyk ukyby güýçli
redaktordy. Kakaly Berdiýew, Pawel Karpow, Aşgabat Mämmedow, Aleksandr Aborskiý,
ýaly dokumental proza ýazmagyň ussatlaryny respublikamyzyň dürli ýerlerine iberýärdi.
Ol ukyba sarpa goýýan, ykyby goldaýan redaktordy. Mysal üçin, bize näbelli bir sebäbe
görä, eserleriniň çap edilmegi “ýokardan” goldanmaýan, “publisistikanyň piri” at alan
Ýahýa Ýusubowa Dädehal mydama arka durýardy, oňa redaksiýanyň hasabyna uzak
raýonlara döredijilik komandirowkasyny berýärdi. Ýahýanyň getiren ajaýyp oçerklerini
bolsa, türkmen diline terjime edilenden soň, Dädehal herhili ýol tapyp, žurnalda çap
etmegi gazanýardy. Ýazyjy Atda Durdyýewiň (diňe onuňam däl, başga-da köp şaýatlaryň)
aýtmagyna görä, “Dädehal alada etmedik bolsa” Ata Gowşudowyň “Köpetdagyň
eteginde” romanynyň döremezligi hem ahmal eken. Dädehal ýaňy ýazylyp ugran eseriň
başky sahypalaryny “dowamy bar” bilen žurnalda çap edip, awtory romanyny ahyryna
çenli ýazmaga mežbur edipdir. Hatda Dädehal Ata Gowşudow bir ýerde myhmançylykda
oturka-da, yzyndan baryp, işletmek üçin alyp gaýdýar eken.
Türkmen edebiýatynyň taryhynda tapylgysyz terjimeçi hökmünde tanalýan,
araplaryň “Müňbir gijecini” bizde-de söýlüp okalýan kitaba öwren Bäşim Ataýewiň eden
terjimesine dil ýetirjek ýa-da has-da gowlandyrmak üçin redaktor hökmünde düzediş
girizmäge milt edip biljek adam tapylmaz hasap edilýärdi. Wartan Nikolaýewiç lakamly
Bäşim Ataýew terjime edeni üçinem M. Şolohowyň ”Göterilen tarpy” bizde terjime däl-de
öz dilimizde ýazylan eser ýaly bolup okaldy.
Emma “Göterilen tarpyň” žurnalyň hobatdaky sanynda dowamy çap edilmeli
terjimesini alyp irden Dädehalyň kabinetine giren Bäşim Ataýew öýländen soň papkasyny
goltuklap çykdy-da: “ Beýle redaktor hiç ýerde ýokdur—diýip, hüňürdedi hem başyny
ýaýkap ýanymyzdan geçip gitdi. —Özem derleýä, senem derledýä. Agsak (Dädehalyň
lakamy. —A. T.) meni ýükçi eşşek ýaly işledýä. Beýle-de bir ýowuzlyk bor oguşýa!”
Geçen asyryň ortalarynda, ikinji ýarymynda türkmen edebiýatynda ýazylan eserleriň
esli boleginiň şowly bolup çykmagyna Dädehalyň täsiri ýeten bolsa gerek. Onuň eseri
407
şeýle üns bilen okaýşyna haýran galýardylar. Şonuň üçinem onuň eden bellikleriniň
köpüsini awtorlar minnetdarlyk bilen makullaýardylar.
Beki Seýtäkow redaksiýa täze eserini getirende: “Haljan, seň pyçagyň ýitidigini
bilýäs. Kesseň kesgin welin, kesen ýeriňi özüň doldurgyn” diýse, Dädehal: “ Wah Beki,
käşgä kesenim bilen seniň sahypalaryňdan gan çykýan bolsady”- diýýärdi. Olar şeýdip
degişýärdiler. Eserlerine ýowuz redaktorlyk etse-de, Dädehal B. Seýtäkowy ýazyjy
hökmünde sylaýardy, onuň “Derýada” diýen hekaýasyny bolsa kiçi göwrümli prozanyň
nusga alarlyk eseri hasaplaýardy.
Şahyr Ata Atajanow Dädehal bilen baglanyşykjly şeýlebir wakany gürrüň beripdi.
Geçen asyryň ellinji ýyllarynda Dädehal alty sany şahyra aýratynlykda jaň edip: “Bize
Watan hakda ýazylan bir gowy goşgy gerek” diýýär, goşgynyň haýsy gün, haýsy sagatda
redaksiýa getirilmelidigini aýdýar. Birek-birekden bihabar şahyrlar bellenen wagtda
redaksiýada peýda bolanda, redaktor olara ýüzlenýär: “Siziň her biriňiz Watan hakda
goşgy getirensiňiz. Häzir olaryň hemmesini bile diňläliň, iň gowusyny hem saýlap, žurnala
hödürläliň, galanlaryny bolsa yzyna gaýtararys”. Netijede Pomma şahyryň “Watanym”
diýen goşgusy iň gowy diýlip hasap edilýär. Emma baş redaktor şahyrlaryň gelen
netijesiniň garşysyna gepleýär. “Siz goşgynyň manysyna mynasyp ýokary baha bermän,
goşgusyny okan awtoryň sesine ýokary baha berdiňiz. Eger Rehmet Seýidowyň goşgusyny
Pomma okan bolsa, siz Rehmediňkini öwerdiňiz. Men bolsa žurnalymda şahyryň gowy
sesini çap edip bilmeýänim üçin manyly sözüni çap etmeli bolaryn. ”
Dädehal uruşdan maýyp bolup dolanany sebäpli, synasy sag adamlar ýaly islän
wagty, islän ýerine gidip bilmeýärdi. Şonuň üçinem Moskwada, respublikalaryň
merkezinde bolýan edebi ýygnanyşyklara, çakylyk gelse-de, gatnaşmaga ýagdaýy ýokdy.
Oňa garamazdan, başga ýerden Aşgabada gezelenje ýa komandirowka gelen şahyrlaryň
köpüsi Dädehal bilen hökman salamlaşyp gidýärdiler. Tanymal “Kahowkanyň” awtory,
Lenin baýragynyň eýesi, belli rus şahyry Mihail Swetlow, dünýä belli “Üç çişigiň” awtory
Ýuriý Oleşa, Magtymgulynyň belli terjimeçisi Arseniý Tarkowskiý, gündogarşynas
Lýusian Klimowiç Dädehal bilen ysnyşyp gatnaşýan tanymal şahslardy. Azerbeýjan
şahyry Samet Wurgunyň, ermeni şahjyry Silwa Kaputikýanyň, täjik akademigi Satym
Ulugzadanyň Dädehal bilen hat alyşmalarynyň sebäbi bolsa, onuň halklaryň arasyny
ysnyşdyrýan terjimeçilik talanty bilen baglydy. Dädehalyň türkmen edebiýatyny dünýä
poeziýasynyň naýbaşy eserleri bilen baýlaşdyrmakdaky eden işi aýratyn hormat
goýulmaga mynasypdyr. Elbetde, žurnal makalasynda Dädehalyň terjimeçi hökmünde
eden abyrsyz işini seljermäge synanyşyk etmegem ýerlikli bolmazdy. Ýöne onuň
Puşkinden, Krylowdan, Maýakowskiden, dünýä halklarynyň poeziýasyndan eden tutuş bir
tomluk terjimesi biziň medeniýetimiziň milli baýlygyna hem buýsanjyna öwrüldi.
Döredijilik ömrüniň agramly bölegini çeper terjimä bagyşlan Dädehalyň ol ugurdaky
ussatlygy türkmen poeziýasynyň terjimeçilik mekdebine öwrüldi. Poeziýa terjimesiniň
berýän hupbatyndan ýakyndan habarly şahyr Mämmet Seýidowyň tassyklamagyna görä,
“Dädehal Puşkiniň “Poltawasyny” terjime etmek üçin sarp eden wagtyny, siňdiren
zähmetini özüne gönükdiren bolsa bir tomluk goşgular ýygyndysyny dörederdi”. .
Dostum diýip, gatnaşsam-da köp bilen,
Söweşdäki ýaly dosty görmedim.
Beýan etdirmez ol gürrüň, gep bilen,
408
Söweş meýdanynda kössi görmedim — diýen setirler bilen
başlanýan Watana söýgä, gahrymanlara guwanja, wepalylyga tagzyma ýuwrulan goşgynyň
awtory Dädehal parahatçylyk döwründäki dost-ýarlaryna-da uly sarpa goýýardy. Ol
gojalyp, edara wezipesinden daşlaşa-da, “halypalyk wezipesinden” daşlaşmady. Onuň öýi
mydam adamlydy, ýanýoldaşy Sadap daýzanyň gazany bolsa hemişe gaýnar durardy. Ata
Köpek, Gara Seýitli, Çary Gurbangylyç, Aman Kekil, Aleksandr Aborskiý, Bagşy
Jürmenek, Baba Japar, Baýram Gurbanow, Rehmet Seýidow, Baýram Welmyradow, Şirli
Durdyýew ýaly egindeşleri dünýäden ötenden soň goja şahyryň gapysyndan gelýänler
soňky nesil döredijilik adamlary—Nazar Gullaýew, Baýram Jütdiew, Atamyrat Atabaýew,
Gowşut Şamyýew, Gurban Çöliew, Begmyrat Ussaew, Hojanepes Meläýew, Saýlaw
Myradow, Agageldi Allanazarow, Nobatguly Rejebow, Näzik Annatyýewa, Hudaýberdi
Diwangulyýew, Amanmyrat Bugaýew, Kakajan Durdyýew dagydy. Olar Dädehaly
mydama küýseýärdiler, ondan tälim alýardylar. Aşgabatdan çykyp, Maşadyň üsti bilen
demirgazyk Kawkaza çenli urşuň üç ýylynyň agyr ýollaryny ädimi bilen ölçän şahyryň,
köp okap, köp gören şahyryň durmuş mekdebinde bolsa tälim alarlyk zat kändi.
Biziň hemmämiziň Dädehalymyz 1996-njy ýylda 87 ýaşap dünýäden ötdi. Ýöne,
göwnümize bolmasa, dünýäden ötenden soňam, onuň halypalyk ruhy döredijilik
adamlarynyň arasynda aýlanyp ýören ýaly. Ýagşy kişiniň özi gitse-de, ruhy adamlary terk
etmezmiş diýýärler welin, şol çyn bolsa gerek.
2009.
2005-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda 500 sahypadan 350 sahypa gelen “Gowşut hany”
üç gezek göçürenimden soň, ahyrky nokat goýuldy hasap etdim. Gazanan netijäm çeken
azabymdan pes. Bolsa-da, indi birneme ynjaldym.
*
Ýaranjaňlyk erbet gylyk. Ony hemme kişi bilýär. Ýöne ýaranjaňlyk etmezlik hem
ýazgarylýar eken. Munuň şeýledigini diňe ýaranjaň däller bilýärler.
*
Döwlet baştutanynyň eden işlerinden hoşal bolmasagam, onuň käbir işleri etmäge
ýetişmändiginden ýa-da başarmandygyndan hoşal bolmalydyrys.
KAKAJAN AÇYLOWA
Gadyrly Atdaş!
“Kyrk ýylda ýazylan kitabyň” 780 sahypasyny saňa iberýärin. “Gapyrga syrsaň”
syr, ýöne ýüz görme. Galamyňy eliňden düşürmän okamagyňy haýyş edýärin.
Haýyş şulardan ybarat: Özüm özümi gaýtalasam, başga awtoryň pikirini göz-görtele
öz adymdan berýän bolsam, gerekmejek, gödegräk, ýuwanrak ýerler gabat gelse, örän
ýowuz dara. Garaz, sülä geler ýaly et. Kömegiňi gaýgyrmajakdygyňa ynanýaryn.
Atamyrat Atabaýewiň moskwaly ýewreý garyndaşlary bir-birege ýardam edip,
samsyklarynam adam edäýýärler. Elbetde, sen indiden soň meni adam sanyna goşup
bilmejegiňe akyl ýetirýänsiň. Bolsa-da, bellikleriňi gaýgyrma.
Döredijilik üstünlikleri hemraň bolsun. A. T.
409
10. 02. 03.
GOLÝAZMANY OKAP...
Atajan Tagana.
Sarpaly Atdaş! “Uly kitabyňy” okadanyňa minnetdar. Ýöne sahypalary zaýalamajak
bolup, pikirimi aýratyn kagyza ýazdym.
Atdaş, men saňa belet, senem maňa. Sen-ä öwülmegi halaňok, menem öwmegi.
Ýone bolana “Boldy” diýmeli. Ägirt zähmet çekipsiň, gowy iş edipsiň. Eger Taňrynyň
özüňe beren mümkinçiligini doly peýdalanan bolsaň, has düýpli kitap hem dörärdi. Bilýän,
seniň özüňde-de şeýle pikir bolmalydyr.
Bu kitaba galamly daraşmak mümkin däl. Sebäbi ol seniň şahsy gündeligiň, hususy
oýlanmalaryň. Ol diňe seniň özüňe degişli taryh. Taryhy bolsa düzetjek bolup, azara galyp
ýörmeli däl.
Golýazmany okap halan ýerlerim:
1. Kerbabaýew, Seýtäkow, Derýaýew, Kulyýew, Çary Aşyr hem türkmen
edebiýatynyň beýleki agirtleri hakynda düýpli ýatlama ýazanyň üçin men okyjy hökmünde
saňa çäksiz minnetdar. Ýokary ukyp bilen ýazylan ynandyryjylykly wakalar olaryň özleri
bilen duşuşan ýaly edýär. Elbetde, olar bilen senden başga-da duşuşan, duz-emek bolan
adamlar kän bolandyr. Ýöne şeýle düýpli ýatlama men birinji gezek gabat gelýärin. Seniň
çeken ägirt zähmetiň olaryň ruhlaryna goýlan sarpadyr.
2. Milli buýsanç, özbaşdaklyk, millilik, taryh hakdaky oýlanmalar, syýasat,
ykdysadyýet, jemgyýetçilik gatnaşyklary barada oýlanmalaryň, käte birtaraplyrak bolsada, kitabyň gymmatyny artdyrýar.
3. Aforizm derejesine ýetýän pikirleriň, degişme äheňindäki ýazgylaryň ýeňil
okalýar hem okyjynyň kalbyna golaý.
4. Umuman, çeken zähmetiňi ýerine düşen hasaplaýaryn. Gynansak-da, biziň
köpümizde gündelik ýöretmek, wakalary bir ýere jemlemek endigi ýok. Sende şol gowy
häsiýet hem erjellik bar. ”Bagt ýaşamakdyr, ýaşamak bolsa işlemekdir”. Tolstoýdan
getiren dana sözleriň hut seniň özüňe-de bap gelýär.
Golýazmany okap, razylaşmaýan ýerlerim:
1. Türkmeniňki däl sözler köp ulanylýar: stress, ekstremal, detal, sentimental,
maksimalist, epizod we ş. m.
2. Medeniýetsizlik, sowatsyzlyk ýa-da tersine. Tutuş halk dogrusynda beýle
kesgitlemäni ulanmagyň özi-de sowatlylyk ýa-da medeniýetlilik dälmikä öýdýärin.
Dogry, sen ony deňeşdirme (otnositel) görnüşde getirýärsiň. Bolsa-da. . .
3. Dogry, bizde Eýnşteýnem, Rozerfordam, Korolýowam. . . döremändir. Ýöne
özümize ýeterlik (!—A. T.) döränler, ýene döräp duranlar (?—A. T.) bar ahyryn!
4. Men Tolstoý, Puşkin, Lermontow, Griboýedow, Balzak, Gýugo, Dýuma, Moem,
Aýtmatow, Şolohow, Dudunsew, Granin we beýlekileriň eserleri bilen azda-kände tanyş.
Emma Kerbabaýew, Seýtäkow, Derýaýew, Saryhanow, Kylyýew, Halyl Kulyýew, A.
Atabaýew, A. Gurbannepesow, A. Taganyň ýazan eserlerini ýokarkylaryňkydan gowy
görýänim üçin men sowatsyzmy?. .
Umuman, Atdaş, sen meniň näme diýjek bolýanyma düşünýänsiň.
410
Beýan etmesi agyrrak mesele
“Jany ýanan Taňrysyna gargar” diýen gep bar. Seniň käbir resmi ýa-da resmi däl
bellikleriňde şol nakylyň manysyna kybapdaş pikir bar. Ol hem maňa düşnükli. Köp
ýyllara çeken nämälimlik, eden işiň, çeken zähmetiň netijesini görmezlik (rusça oňa
“Sostoýanie waakuma” (howasyz boşluk) diýilýän ýagdaýynda edilýän pikirleriň has
“ýitiräk” bolmagy-da mümkin. Sen Jawaharlal Neruwyň “Awtobiografiýasyny” okansyň.
Kitabyň ahyrragynda: “Men muny türmedekäm ýazdym. Şonuň üçinem käbir bölümleriň
has-da janyýangynly bolmagy mümkin. Kitabyň ýazylan döwrüni, bendilikde
ýazylandygyny göz öňüne tutuň!” diýen ýaly sözler bar. Seniňem döredijilik ykbalyň ýoly
çarkandaksyz däl. Gam çekme. “Çendan bilen-de bardyr”. . .
Sen Ç. Aýtmatowyň “Tawro Kassandrasyny” ýazgylaryňda ýatlapsyň. Ol
umumadamzat gymmatlygy. Genial eser. Ony ýazan hem “sowatsyz” Aziýanyň wekili.
Näme üçin şeýle eser bizde döremeýär?
12. 03. 2003.
Kakajan Açylowyň eden bellikleri meni oýlandyrdy. Men öňi bilen bir zada göz
ýetirdim. Kakajan Açylow ýaly köp okaýan, taryh, medeniýet, ylym, ykdysadyýet,
syýasatdan baş çykarýan, üstesine-de, döredililik adamynyň biziň diňe öwülmegimizi,
sähelçe-de tankyt edilmezligimizi halaýandygy meni biraz geňirgendirdi. Bu bolsa meniň
şu gündelikde biziň birneme öwünjeňräkdimizi nygtaýan pikirlerimiň dogry ekendigini
tassyklaýar. Ýöne men şeýle pikiri nygtamak bilen, adamlaryň üstünden gülmek ýa-da
olary kemsitmek islemändim-de şeýle gylyklaryň ýok bolmagyny isläp ýatlapdym.
Medeniýetlilik, sowatlylyk-bisowatlyk hakdaky edilen gürrüňler hem edil şonuň ýaly.
Men ol barada özümiziň üstümizden gülmeýärin, ýetmezimizi ýatlap, biziňem ösen
halklaryň derejesine ýetmegimizi isleýändigiimi, onuň aladasynyň edilmegini
nygtaýardym.
Ýagşy niýetli “tankytlarym” Kakajan Açylow ýaly taýýarlykly, obýektiw
okjynyňam göwnünden turmandygyny bilenimden soň mende “Ondan pesräk okyjy
awtora näme diýer!”- diýen howsala döredi.
Umuman, meniň tanyş-bilişlerimiň köpüsi (hemme türkmeniňem şeýleräk
bolaýmagy ahmaldyr) ýoldaşyna bähbitli bolsa-da, oňa haýsydyr bir kiçijik bellik etmegi,
özlerine-de haýsydyr bir kiçijik bellik edilmegini halamaýar.
Şu ýerde men bolan bir wakany ýatlaýyn. Baýramalyda bir oba toýa bardym. Toý
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.