Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33

Total number of words is 3660
Total number of unique words is 2101
31.0 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sahypasyny ýazdym. Ýazdym, okadym, maşynkadan geçirdim, ýene okadym. Ahyram
golýazmany-da, maşynkadan geçen sahypalary-da ýyrtyp taşladym. Oturup, özümiň
ukypsyzdygym hakda oýlandym.
Ýeri, beýdip görgi görüp ýörmek nämä gerek diýsene! Aslynda seniň azap baryny
çekip ýazan zadyň kime gerek, kime derkar, kim oňa baha berjek! Hudaýyň ölçäp beren
ömrüni emeli azap, emeli güzap bilen öz-özüň gysgaldýarsyň. Dünýäniň täze diregini
tapaýjak ýaly, sen mydama bolgusyz pikirlere gümra bolup ýaşaýarsyň. Käte ýeke özüň
samrap, yzyndanam öz bolşuňdan utanýarsyň. Berlenje ömri ýatyp-turup, dynç alyp, keýp
çekip, arkaýyn geçir-de ýör-dä. Ýazyjylaryň köpüsiniň ömri mätäçlikde, gadyr-gymmatsyz
geçýär. Ol taryh boýy hem şeýle bolupdyr. Tolstoý diýjekmi? Sen Tolstoý däl ahyryn.
Olar ýaly äpetler telim asyrda bir gezek dünýä inýärler.
Özüm özümi ýigrenip, gezim etmek üçin daşaryk çykdym. Ýaşaýan ýerimiň
golaýynda meniň “Dowzah” diýip atlandyrýanym, hakyky ady “Jennet” bolan bazar bar.
”Dowzaha” giren ýerimde, uzyn boýly, görmegeý ýaş ýigit gaýnan mekge satyp dur. Men
onuň ýanynda aýak çekenimem duýman galdym. Onuň ýiti sesi “Dowzahyň” beýleki
çetindäkilere-de ýetýän bolsa gerek. “Mekge alyň! Mekge iýiň! Akyly bar adam gaýnan
mekge iýýändir. Mekgäniň adam jany üçin ýokumlydygyny bilmeýän bolsaňyz, bilip
goýuň! Doktorlaryň aýtmagyna görä, gaýnan mekge garryny ýigdeldýär, ýaşyň güýjüne
güýç goşýar. Öz enemem gaýnan mekgäni kän iýeni üçin togsan dokuz ýaşady. Mekgä
geliň! Gaýnan mekge iýiň!”
Ýaş ýigit hem gygyrýar, hemem mekgeli elini galgadýar, öz bolşundan özi lezzet
alýar.
Ana, saňa gyzykly durmuş! Hem özi-özünden, hem edýän işinden lezzet alýar. Ol
ýigit sen ýaly özüni ýigrenýäne meňzemeýär. Ol öýüne baransoňam, gazananja puluny
hasaplap, ýassyga kellesi ýetenden uka gidýändir.
Mekge satýan ýigidi synlap, keýpim göterildi. Ýöne beýle ýagdaý uzaga çekmedi.
Ýazylyp ýyrtylan 9 sahypa, ýazylmanka gorkuzýan ak kagyz, köneje “Erika” göz öňüme
geldi. Men ýene ýaýdandym, ýene özüm-özümi ýigrenmäge başladym. “Beýdip nä
azaryň?” Diýseňem, bolanok. Şol aýylganç hem düşnüksiz dünýäden indi çykma ýok. Sen
şol kyn dünýäde doglan, ölýänçäň hem şol ýerde ýaşamaly. Belki, bu-da adamyň haýzydyr
bir günäsi üçin Hudaýyň oňa berýän jezasydyr? Ýazyjy diýilýän adam günäsi ýokka, öz
islegi bilen keýpihon türmä girýän adamdan kän tapawutlanmaýar. Türmä keýpihon
girýäniňem akyl-huşuny derňemek üçin doktoryň geregi ýok.
*
Ýazyjy bolmak maksady bilen ýörite ýazýan adam, ýazyjy däl hem bolsa, özüni
ýazyjy hasaplaýar, ýazyjydygyna buýsanýar, ýazany çap bolup ile ýetse begenýär. Ýazyjy
bolmak hakynda pikir hem etmän, eden işinden özi lezzet alyp ýazýan adam ussatlyk
358
derejesine ýetse-de ony aňmaýar, özüni ýazyjy hasaplamaýar, eseriniň ile ýetmeginden
(öňünden) ýaýdanýar.
*
Terezi adamynyň agramyny ölçeýşi ýaly akyl-huşuny hem ölçeýän bolsa, onda
edaralara ýolbaşçy tapmak hyllalla bolardy.
*
Soltanşa Atanyýazowa.
Gadyrly dostum, Soltanşa!
1. Kitaplaryňy okadym. ”Täsinlikler dünýäsine syýahatyňy” has-da haladym. Ylmy
eserdigine garamazdan, çeper prozanyňky ýaly akyp barýan dili bar. Lejikdirenok .
Wakalar gysgadan düşnükli. Özi-de okyjyny yzyna düşürýär. Şony köp awtor başarmaýar.
Men okan kitabyma onda bar bolan, özümiň heniz eşitmedik, bilmeýän wakalarymyň
sanyna hem agramyna görä baha berýän okyjy. . Şeýle wakalara-da seniň kitaplaryňda kän
gezek sataşdym.
2. Men saňa Blokwiliň “Türkmenlerdäki 14 aýlyk ýesirlik” kitabynyň Pariž
neşirinden alnan 28 sany suraty peşgeş berýärin. Olary Fransiýanyň Türkmenistandaky
ilçisi jenap Kuanon “Kesekiniň” sözme-söz terjimesini okanyndan soň, meniň üçin
Parižden ýörite getirdipdi. Ol suratlary saňa berýänimiň dört sany sebäbi bar:
a) suratlaryň gadyr-gymmatyna sen menden gowy düşünersiň.
b) suratlar sende bolsa, hiç mahal ýitip gitmez.
w) belki-de, sen olary indiki kitaplaryňda peýdalanarsyň(Bu esasy sebäp.)
g) Türkmenistanda ýeke-täk nusgada bolan ol suratlar mende däl-de, geçmişiň çyn
muşdagy Soltanşada dursa, dogry bolar. .
Döredjilik rowaçlygy mydama hemraň bolsun!
A. T. 03. 05. 2002.
S. S. 1989-njy ýylda Parižde bolan wagtym Žorž Blokwiliň diri galan ýeke-täk
garyndaşy Žak Blokwil meniň S. Atanyýazowa sowgat eden suratlarymy görkezende: “Şu
suratlary Blokwiliň özi çekipmi? Ol hudožnigem bolanmy?” diýen sowalyma “Ýok, bu
suratlary Blokwiliň türkmen durmuşyny beýan edip çeken eskizleriniň esasynda hudožnik
dosty döredipdir” diýen jogap berdi. Ýöne Žak Blokwil ol hudožnigiň adyny aýdyp
bilmedi.
*
Umuman, hakyky ýazyjy ynanjaň hem oýnatgyraga golaý sada bolýar. Ýöne her bir
şeýle ynanjaňdan ýazyjy çykmaýanyna-da şükür edýäris.
*
Ogry däl halyňa ogry diýlip töhmet atylandan hakyky ogry bolmak ýeňil düşse
gerek.
*
Kitaby ýazyjy döredýär. Ýöne ol gowy kitap bolsa, gowulyk derejesine ýetirýän
okyjy.
*
Milletçi öňi bilen öz milletiniň duşmanydygyna düşünmeýär.
359
*
Rusça iň uzyn söz 33 harpdan ybarat “neblagorassmotritelstwuýuşiýesýa” diýen söz
hasaplanýar eken. Men muny Konstantin Paustowskiniň “Güýz bilen ikiçäk” diýen
kitabyndan okadym. Ýazyja-da ol sözi bir şofýor aýdypdyr.
*
Sentýabrda Halkara edebi fondunyň çagyrmagy bilen 10 gün Moskwada bolup
geldim. Moskwa tanalmaz ýaly özgeripdir. Emma bir zat – moskwalylaryň kitap okamak
endigi welin entek gutarnykly üýtgemändir. Men her gün, her gezek metro girenimde,
şoňa üns berdim. Merto wagonlarynyň her bölek oturgyjyna 6 adam ýerleşýär.
Oturanlaryň, iň bolmanda, üçüsiniň-ä elinde kitap ýa-da gazýet bar.
Moskwadan gelen günümiň ertesi uly awtobus bilen Mara gitmeli boldum. Ýörite
üns berdim: tä Mara ýetilýänçä geçen 6 sagat wagtyň dowamynda 50-60 ýolagçynyň
ýekejesiniň elinde-de kitap, hatda gazýet hem görmedim.
2004.
“Trud” gazýetinde şeýleräk bir gülkünç habar okadym. Moskwanyň metro
stansiýalarynyň biriniň çykalgasynyň agzynda duran ýaş ýigit, görmegeýräk gyz gapydan
çyksa: “Gözel gyz, men şu golaýda ýaşaýaryn. Ýör, meniň öýüme baraly.
Nahar bereýin. Isleseň, kofe, konfetli çaý bilen hezzetläýin. ” diýýärmişin. Gyzlaryň
biri onuň aýdanyny eşitmediksirän bolup gitse, käbiri “Sür!” diýýän ýaly elini silkip
geçýärmiş. Käbir dogumlyrak hem tekepbir gyzlar bolsa süýem barmagyny çekgesine
ýetirip, “Kelläň ýok” diýip gidýärmiş.
Kimdir birine garaşyp, beýle ýagdaýa kesesinden tomaşa edip duran bir ýaşuly
adam, saklanyp bilmeýär-de, ýigidiň golaýyna barýar.
—Ýaş ýigit, öz bolup durşuňdan utanaňokmy? Sen olary, olar seni tanamaýan
halatyňyzda haýsy akmak gyz yzyňa düşüp gider öýdýärsiň? Men-ä garnyny doýurmak
üçin nätanşyň yzyna düşüp gitjek gyz bardyr öýtmeýärin. Aç gezip ýören maşgala ýok
ahyryn. . .
Ýaş ýigit ýaşulynyň ýüzüne ýylgyryp seredýär.
—Siz ýalňyşýarsyňyz, atam. Şeýdip, 10-12 gyza habar gatýarsyň welin, arasynda
bir wäşirägi razylaşaýýaram. Men şeýdip, eýýäm 4-5 gyz bilen tanyşdym. Şolardan birinehä öýlenäýmegimem ahmal. . .
Men özüm üçin geň bolup görnen şol wakany kellämden çykaryp bilmän, ozalam
ruslarda “Nahalstwo gorod berýot” (“Bihaýalyk gala alar”) diýen nakylyň bardygyny hem
ýatladym.
Ýokarky waka täsir etdimi-nämemi, men hem “bihaýalyk” bilen gala basyp almak
isledim. ”Ýetim oglan öz göbegini özi keser”—men eserleri çap bolmak gadagan edilen
ýazyjy hökmünde, öz aladamy özüm etmelidim. Şonuň üçinem ”Keseki” romanymyň iki
sahypalyk annotasiýasyny rus dilinde taýýarladym, iňlis, fransuz dillerine terjime etdirdim.
Olary romanyň temasy bilen gyzyklanaýjak ýurtlaryň 5-6 sanysyna iberdim. Şeýdip, men
bihaýalygyň däl-de, biedepligiň “gala alýanyny, almaýanyny” derňemek isledim. Kän
mahal geçmänkä, Türkiýeden Irfan Ependi Nasreddin oglundan “Keseki” bilen bir
neşirýatyň gyzyklanýandygy, Özbeistanyň “Uzbekiston” neşirýatynyň romana eýýäm
terjimeçi hem belländigi, Moskwanyň “Družba narodow” žurnalyndan roman birneme
360
gysgaldylsa (uly göwrümli eseri doly çap etmäge mümkinçilik ýok) çap etmäge
meýillenýändigi barada habarlar gelip başlady. Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bolsa
şol mesele bilen awtory öz huzuryna çagyrdy. Şeýlelikde, “bihaýalyk” galalaryň
gyrasyndan girip başlady.
*
Gowy eseri azap baryny çekip özüň ýazmaly, ýöne erbet eseriňem özi ýazylmaýar.
*
Ýene-de Magtymgula ýapyşdym. Dört-bäş goşgy okanymdan soň, elime galam
almaly boldum. Ol öz ýazan beýik eserlerini poeziýa düýpli düşünmeýän adamlaryň
resenziýa ýazýandyklary, redaktirleýändikleri üçin betbagt şahyr bolsa gerek.
“Türkmeniň”, “Çilimkeş”, “Nas atan”, “Ýaranlar” (birmeňzeşräk “Ýaranlar” telim ýerde
bar) ýaly Magtumgulynyň özüniňki däldigi okanyňdan bildirip duran, şamaşaýyrdy
goşgulary hasaba almanyňda-da, onuň özüniňki hasaplanýanlaryňam akylly-başly
redaktirlenmezligi biziň neşir işinde entek juda gowşakdygymyzdan habar berýär.
Tekstdäki göçürijileriň säwligi bilen bulaşan iki sözüň ýerini çalşyrsaň ýerine düşäýjek
rifmasyz bentler, artykmaçdygyny ýa-da ýetmezdigini aňdyryp duran bogun
“büdremelerine-de” redaktor üns bermän geçýär.
*
Oýlanýan okyjysy, akylly redaktory, obýektiw tankytçysy ýok talantly ýazyjy
talantsyza öwrülýär.
*
Aýlygyň hem pensiýanyň nämedigi bilinmeýän gadym zamanlarda Gün ýaşandan
soň adamlar “Ömrümiziň ýene bir güni kemeldi” diýip aglaşar ekenler.
*
Meniň adamlarda iň halamaýan häsiýetlerimiň biri-de it uruşdyrmak. Iki sany
bigünä, aňsyz haýwanyň biri-birini çeýnemeginden hoş bolýan, lezzet alýan adamyň
ýüregi nähilikä? Uruşýan itler däl-de, olary uruşdyrýanlar wagşy bolsa gerek.
*
Garralýar öýdýän. Hekaýany diňe bir ýazmaga başlamakdan däl, onuň ýazylmaly
kagyzyny elime almaga-da ýaýdanýaryn. Hatda 40-45 ýaşlarymda-da, agşam sagat 10-11lerde stol başyna geçip, tä daňdana çenli işläp bilýärdim. Serhoş tanyşlarymyň biri jaň
edip, işe zeper ýetirmezligi üçin telefony-da öçürýärdim. Indi welin, kimdir biri jaň
edäýmezmikä diýip, telefon apparatyna seredip oturýan wagtlarymam bar. Işlemezlige
bahana gözleýärin. Ýogsam, 60 ýaş düýpli keseli ýok adam üçin garrylyk hem bolmaly däl
ýaly.
Gylyç Kulyýew äpet-äpet romanlaryny 55 bilen 75 ýaş aralygynda ýazdy. Elbetde,
ýazmagam, ýazyjam hil-hil bolýandyr-da. Özüm-ä indi käte gysgajyk hekaýa
ýazaýmasam, uly göwrümli eser döredip bilerinem öýtmeýärin. Döretmäge-de höwes
gerek. Ýazanlaryň gazýet-žurnallarda çap edilmese, 15 ýyllap kitabyň okyja ýetirilmese,
höwes nireden bolsun.
2004.
Türkiýede çykýan “Kaşgar” žurnaly meniň “Palçy gelin” diýen köne goşgymy çap
edipdir. Goşgyny terjime eden türk şahyrynyň örän geň ady bar—Hudaýjan. Bu onuň
361
edebi lakamy bolsa gerek. Hawa-da, ýykylsaňam belentden ýykylmaly—lakam edineniňe
görä Hudaýdan pese ýapyşmaly däl!
Umuman, türk intelligentleriniň hemmesi diýen ýaly lakam göterýär. Lakam
edinmek Azerbeýjanda örän ýörgünli. Ýaňy başlan ýaş şahyr hem adynyň yzyna dogduk
obasynyň golaýyndaky depäniň adyny tirkeýär welin, lakam tutunýar. Häzir merhum
bolan dostum, azerbeýjan şahyry Aly Aga eserlerini Aly Aga Körçaýly diýen lakam bilen
çap etdirýärdi. Körçaý onuň obasynyň ady bolmaly.
Lakamlaryň arasynda örän üýtgeşikleri, gulaga geň bolup eşidilýänleri-de bar.
Dünýä belli türk satirik ýazyjysy Eziz Nesiniň (hakyky ady Mehmet Nesret) lakamyna üns
beriň: “Eziz Nesin”—“Eziz ne sen”, ýagny “Eziz, sen kim?”. Pyragy, Şeýdaýy, Pidaýy,
Zynhary, Mätäji, Kätibi, Zelili, Aýdyň, Daşpolat, Bilbil, Ýaşen. . . —bularam lakam.
Ýokarda Körçaýly lakamly azerbeýjan şahyrynyň adyny tutdum. Ol men Moskwada
işleýän döwrümde türkmen edebiýaty boýunça geňeşiň agzasydy. Her ýylda 3-4 gezek
geçirilýän geňeş ýygnanyşygyna Körçaýlyny hem çagyrýardyk. Şeýlelikde, ol ikimiz
dostlaşyp gitdik.
Körçaýlynyň 10 ýaşlaryndaky gyzjagazynyň iki aýagy-da ysmaýardy. Üstesine,
onuň ejesi-de ýogaldy. Körçaýly, umumanam, örän ýukaýürek adamdy welin, öz
gyzjagazyna gezek gelende-hä, janyny bermäge-de taýyndy. Ol aýaly ýogalanyndan soň,
gyzjagazyna özi enekelik etdi. Hatda bir gezek ol geňeşe çagyranymyzda gyzyny arkasyna
alyp, Moskwa-da getirdi. Ol geňeşden soňky bankete-de galman: “Gyzymyň ýalňyz özi
gapa garap oturandyr” diýip, derrew myhmanhana tarap ylgady. Şol gezek Aly yzyna
gidende, men ony aeroporta çenli edaranyň maşyny bilen ugratdym.
Ana, şol näsag gyzjagaz, özi zerarly kakasynyň görýän görgülerine haýpy gelip,
Alyny aldawa salýar. Ol kakasynyň boýnuna hopba bolýar-da, özüni deňze suwa düşmäge
alyp gitmegini haýyş edýär. Gyzjagaz kenara baransoň, bir hili ýol bilen Alynyň gözüne
çöp atyp, keýpihon halda Hazar tolkunlaryna gark bolup gidýär. Ol şeýdip, özi sebäpli
dörän kynçylyklardan dyndaryp, kakasyna ýagşylyk edendirin hasaplandyr.
Emma ol ýagdaý ýüregi ýuka Aly Aga Körçaýla agyr urgy boldy. Kän mahal
geçmänkä, onuň özi-de ýogaldy. . .
Käse ýaly ullakan gara gözleri balkyldap duran azerbeýjan gyzjagazyny, adamlary
söýýän, dost-ýarlaryny öz janyndanam ileri tytýan talantly şahyr Aly Aga Körçaýlyny
ýatlanymda, ýüregim henizem gyýym-gyýym bolýar.
*
Mary sebitlerinde “Dawagäriň goňur bolmasyn” diýen bir gep bar. Men bir gezek
Goňur obasynda myhmançylykda bolanymda, ýanymda oturan ýaşuludan şol gep barada
soradym.
Ýaşuly şeýle jogap berdi.
—Men ol gepiň haçan, nähili dörändigini aýdyp bijek däl. Dogrusy —bilemok.
Ýöne, men başga bir bilýän zadymy aýdaýyn. Ynha, goňurly iki dogan bar. Olaryň biri toý
etmekçi. Toý etmeýän dogan, eger şol toýda dawa edere tutaryk tapylmajagyny öňünden
bilse, Tejene gidip, dawa satyn alyp gelýär. . .
Men aýdara gep tapman, ýylgyraýmaly boldum.
*
362
Ýuriý Oleşanyň “Setir ýazylmaýan gün bolmasyn” diýen kitabyny 15 ýyldan soň
gaýtadan okadym. Göräýmäge üýtgeşik zat hem ýok ýaly. Emma kitaby okap
gutarjakdygyňa gynanýarsyň. Hudaý beren talantly adamlar, näme hakda ýazsalaram, täsin
bolup çykaýýar. Şol kitaby hem soňky aýlarda W. Zakrutkiniň
“O neuwýadaýemom”, W. Kawerniň “Weçerniý zwon” eserlerini okap, okyjyny
akyl satmak bilen dä-de, diňe sadalyk bilen özüňe çekip bolýandygyna ýene bir gezek göz
ýetirdim.
*
Biziň ýolbaşçylarymyzyň arasynda entek çäkliligiň milletçilik derejesine-de ösüp
ýetişmän, tireçilik dünýäsinde ýaşap ýörenleri-de bar.
*
Osman Ödäýew “Garaşsyzlyk diwany” diýen uly kitap ýazypdyr. Elbetde, kitabyň
ady birhiliräk. Osman Ödäýew ýaly eli işleýän ýazyjy öz kitabyna beýle at goýmaly däl
ýaly welin, elbetde, gerekdir-dä.
Kitapda ünsüňi çekýän özboluşly pikirler, ýiti gözlegler, meselä batyrgaý hem
akylly çemeleşmeler bar. Şol hem kitabyň iň gymmatly tarapy. Ýöne meni has-da
oýlandyran zat awtoryň iki sany kesgitlemesi boldy. Olaryň birinjisi sosialistik realizm
barada. Ol hakda awtor şeýleräk pikir ýöredýär. Ýagny SSSR döwrüniň 70 ýylynda,
sosrealizm çäkliligine girizilendikleri sebäpli, ýazyjylar hakyky eser döredip bilmändirler.
Indi bolsa, garaşsyz döwlet bolanymyz hem sosrealizmden ýüz öwrenimiz sebäpli, düýpli,
hakyky eserleri ýazmaga mümkinçilik berlipdir. Beýle konkret pikiri edebi taryhy
bilmeýän hem kitap okamaýan awtor aýtsa geňem görmezdim. Emma hakykatdan üzňe
kesgitlemäni Osman Öde ýalydan eşitmek geň hem gynançly.
Sosrealizm gury syýasat. Gury syýasata tabyn bolmadyk agras ýazyjylar sosrealizm
zamanynda-da gowy eserleri döretdiler ahyryn. Sany köpeldip oturman, sosrealizm
döwründe dünýäniň sosrealizmsiz arenasyna giren W. Bykowy, W. Dudinsewi, K.
Paustowskini, A. Twardowskini, Ç. Aýtmatowy, O. Süleýmenowy, Anary, F.
Muhammedini, G. Matewosýany, Ý. Kazakowy mysal getirsegem ýeterlik bolsa gerek.
Eger olar sosrealizme tabyn bolup eser ýazan bolsalar ýa-da sozrealizm öz isleýýn
eserinden başga eser ýazmaga ýol bermedik bolsa, ýokarda atlary turulanlar dünýä
edebiýatynyň derejesine aralaşyp bimezdiler. Sosrealizmi bahana edinmek, ony
günäkärlemek eser ýazyp bilmeýän, her bir täze syýasat dörände şoňa gulluk edýän,
kölegesinden gorkup ýören hem “suw meýilli gurbaga” ýazyjysumaklaryň gaçybatalgasy
ahyryn. Naryman Jumaýewiň, Arap hem Täşli Gurnabowlaryň, Bekge Pürliýewiň, Tirkiş
Jumageldýewiň, Gurbannazar Ezizowyň, Allaberdi Haýydowyň, Halyl Kulyýewiň
sozrealizm döwründe ýazan iň gowy eserleriniň sosrealizme näme dahyly bolupdy? Hiç
hili.
Sosrealizmiň serhedi bilen çäklendirilmedik daşary ýurt ýazyjylary-da maşgala
durmuşy, gün-güzeran görmek, halal zähmet çekmek, söýgi, aýralyk, Watana sarpa,
gahrymançylyk hakda eserler döretdiler. Sowet ýazyjylarynyň, şol sanda türkmen
ýazyjylarynyň hem “kapitalist” ýazyjylarynyň saýlan temalary bilen bap gelýän aglaba
eserleri hut Osman Odäniň tankyt edesi gelip duran syýasaty döwründe döremedimi? Ýada Naryman Jumaýeýewiň “Ýuwaş gelni”, Bekge Pürliýewiň “Söýgi mukamy”,
Gurbandurdy Gurbansähedowyň “Ýurek daş däli”, Beki Seýtäkowyň “Derýadasy”, Arap
363
Gurbanowyň “Gülnary”, Täşli Gurbanowyň “Saralan ýapraklary”, Tirkiş Jumageldiýewiň,
“Başagaýy”, Kömek Kylyýewiň ajaýyp hekaýalary“ sosrealizm dünýäsinde däl-de,
“kaprealizm” syýasatly ýurtlarda ýazylyp, “kaprealizm” neşirýatlary tarapyndan
türkmenlere ýaýradyldymyka? Atlaryny tutan hem ýene onlarça türkmen eserleri
sosrealizmiň bardygy hakda pikir hem edilmän ýazylan eserler. Eger sosrealizm käbir täze
dörän syýasatçysumaklaryň baha berşi ýaly “polat penje” bolan bolsa, türkmen
edebiýatynyňam onlarça gowy eserini çapa bermegi gadagan ederdi.
Tötänden dörän garaşsyzlyk üstümize getirilip berleninden soňky ýöredilýän
edebiýat syýasatyna nähili baha, nähili at bermeli? Sosrealizm ýazyjyny özüniň agaçdan
ýasalan galypyna salmak islese-de, “arassa syýasy” edebi kitaplaryň ýany bilen syýasatsyz
kitaplary-da halka ýetirmäge mejbur boldy ýa-da öz syýasatynyň birneme obýektiw
syýasatdygyny äşgär etdi. Gaýtam, bize sosrealizmiň ýerine gelen, Osman Ödäniň goraýan
“boşrealizmi”, hakyky edebiýatdan “daşrealizmi” turuwbaşdan özüne agaçdan däl,
demirden guýlan galyp ýasanyp, hakyky çeper eser ýazmagy düýpden gadagan etdi. Egerde, garaşsyzlyk türkmen ýazyjysyna erkinlik beren bolsa, 15 ýyla golaý wagtyň içinde,
sosrealizm döwründäki ortaça romana ýa-da poweste derejesi boýunça, iň bolmanda,
golaýlaşyp bilýän 3-4 sany kitap dörärdi ahyryn. Munuň hakykatdan üzňe däldigine hiç
kim düşünmese-de, düşünjeli Osman Öde düşünmeli ahyryn. Sosrealizmiň ýerine gelen
“boşrealizmiň” täsiri ýasamalykda sosrealizmiň täsirindenem täsirli bolan ýaly. Ol Osman
Öde ýaly ýazyjyny hakykaty aýtman, tersine geplemäge mejbur edip bilýän bolsa ,
dogrudanam, şeýle bolmaly.
Sozrealizm ýuwmarlaýanlary, ýasama obraz döredýänleri, diňe öz ideýasyny
goldaýanlary goldady. Şu günki realizm hem ýalan sözlemek, halky aldamak, boş
öwünmek, ýaranjaňlary goldamagy maksat edinmeýärmi? Şu sanalan “temalardan” eser
ýazmasaň, kitabyň çap boljak gümany ýok. Sosrealizmiň welin edebiýata birneme “gözüni
ýumup” hem seredendigini, hakyky eserlere-de ýol berendigini bizem bilýäris, Osman
Öde-de bilýär. Täze realizm özüni öwmeýän hakyky eserleriň ýekejesini-de çapa
goýbermedi.
Osman Ödäniň ikinji kesitlemesi şeýleräk: türkmen ýazyjylary roman janrynyň
nämedigine doly düşünmeýärler. Şonuň üçinem türkmen edebiýatynda entek roman ýok.
Bu meselede men onuň bilen doly pikirdeş. Özüme ýokary baha berýän ýaly
bolýandygymy bagyşlaň, ýöne türkmen edebiýatynda romanyň ýokdugyny bilenime, has
takygy, düşündirilenine 25-30 ýyl boldy. Şoňa-da türkmen ýazyjylarynyň arasynda täk
özüm düşünýändirin öýdýärdim. Bizde romanyň ýokdugyna ýene bir ýazyjynyň
düşünýändigine-de begenýärin.
15-20 ýyl töweregi mundan ozal türkmen neşirýatçylarynyň arasynda anekdota
meňzeş şeýle gürrüň bardy. Bir ýazyjy neşirýata golýazmaly papkasyny eltipdir-de:
“290 sahypalyk powest getirdim. Ýene 10 sahypa ýazaýan bolsam, roman
bolaýjakdy welin. . . ”diýipdir. Diýmek, bizde powest bilen roman eseriň göwrümi
boýunça kesgitlenýär.
Türkmenlerde näme üçin roman ýok? Sowala jogap gaýtarmazymdan ozal,
okyjynyň meniň özüme beräýmeli sowalyna jogap gaýtaraýyn. “Roman ýok diýýärsiň-de,
özüň näme üçin “Saragt galasy” eseriňe roman diýipsiň?” Sowal ýerlikli. Men “Saragt
galasyny” neşirýata ilki elten döwrümde Osman Öde 5-6-njy klasda okap ýören oglanjyk
364
bolmaly. Ol men papkamy neşirýata gowşuran pursadym edil ýanymda duran ýaly bolup
hakykaty ýazýar. Osman Öde: “Türkmen ýazyjylary galam haky üçin “roman” döredýän
bolaýmasalar” diýýär. Gaty dogry. Ýöne onuň üstüne “şöhrat üçin” diýen kesgitlemäni
hem goşsaň, has-da dogry bolardy. Osman Ödäniň geçen hakykaty bilşine geň galýaryn.
Men “Saragt galasyny” ilki neşirýata eltenimde ol 500 sahypalyk powestdi. Papkany
kabyl edip alan ýazyjy R. iň soňky sahypany açdy-da: “Mynyň powest däl, roman bolýar”
diýdi. Men oňa eseriň roman däldigini düşündirjek boldum welin ol: “Öz aýagyňa özüň
palta urmasa-na!—diýdi. —Roman diýeris welin, hem-ä haýbatly bolar, hemem 15 müňe
derek 30 müň tiraž bererler. Şoňa görä-de gonorar alarsyň. Powest diýseň welin. . . ” Şol
mahal ýaş ýazyjy bolan men romanyň awtory bolmak teklibi bilen ylalaşdym. “Saragt
galasy” roman däl, powest.
Şu günki ýaly ýadymda. 1981-82-nji ýyllarda belli rus edebi tankyçysy hem alymy
Ýuriý Surowsew (onuň türkmen hem beýleki rus däl halklaryň edebiýatlarynda heniz çap
bolmadyk eserleriňem köpüsini sözme-söz terjimäniň üsti bilen okap çykandygyna men
diri şaýat) edebiýat barada gürrüň edip otyrkak: “Türkmen edebiýatynda Berdi
Kerbabaýewiň “Nebitdag” hem Tirkiş Jumageldiýewiň bir romanynda (haýsydygyny
unudypdyryn—A. T.) azajyk roman ysy bar. Başga roman ýok. Hatda “Aýgytly ädimem”
roman däl” diýdi.
Roman näme? Düňýä edebiýatynda 90 sahypalyk hekaýa-da bar, 80 sahypalyk
roman-da. Diýmek, üstüne 10 sahypa goşanyň bilen powest roman bolmaýar eken.
Romanyň öz gurluşy, wakalarynyň ýaýbaňlanyşy, gahrymanlarynyň obrazlarynyň
etaplaýyn ösüşi, häsýetleriň açylyş özboluşlygy bar. Men ony teoriýa boýunça göz öňüne
getirsem-de, roman ýazmagy başarmaýaryn. Men özümi hekaýa ýazmaga azda-kände
ukyplydyryn öýdýärin. Ýöne 20 sahypalyk hekaýany ýene 500 sahypa süýndüreniň bilen
roman bolmaýandygyny aňýaryn. Maňa roman žanryny ýazmak üçin kanagat, güýç, eseri
teoriýa laýyklykda roman derejesine ýetirmäge ukyp berilmändir. Şeýle hem ýazyja diňe
roman ýazsa abraý gelip, roman ýazmasa hiç kim ony tanamaýar, eserlerini okamaýar
diýen kesgitleme-de ýok. Beýik rus ýazyjysy A. P. Çehow diňe hekaýa ýazyp dünýä belli
boldy ahyryn.
Fransuz dilinden at alan roman, gahrymanyň hususy, adamçylyk, ahlak derejesiniň
talabynyň sosial hem tebigy derejedäki talaba gatnaşygynyň epik görnüşde beýan edilmegi
bilen döreýär. Muny teoriýa boýunça şeýleräk düşündirmegi başarsagam, roman ýazmagy
hemme kişi başarmaýar. Diýmek, türkmen dilindäki uly göwrümli eserleriň roman
bolmaýşy ýaly, başga edebiýatlardaky, romanyň ýazylyş şertine eýermeýän uly göwrümli
eserler-de roman däldir. Ol şeýle. Ýöne gazetleriň ýazmagyna görä, häzir rus
ýazyjylarynyň arasynda roman žanrynyň nämedigini kesgitlemäge başgaçarak
çemeleşmek hakda-da gürrüň gidýär.
2005.
Weniamin Kaweriniň “Weçerniý den” diýen diňe edebiýat bilen baglanyşykly
awtobiografik kitabyny okadym. Ozal men onuň “Iki kapitan” diýen kitabyny hem
okapdym. Kaweriniň ýazan kitaplarynyň sany uçursyz kän bolmaly. ”Weçerniý deni”
okap, özümden göwnüm geçdi. Dogry, Kaweriniň ýazyjylygynyň köki edebiýat
alymlygyndan başlanýar. Belkem ol şonuň üçin köp okamaga mejbur bolandyr. Emma şol
365
ýeke adamynyň okan kitaplaryny biz—hemme türkmen ýazyjylary bolubam okan däl
bolsak gerek. Üstesine-de, Russiýada Kawerin ýaly ýazyjylaryň diňe 20-nji asyrda-da
ýüzlerçesi ýaşap geçdi. Netijede rus ýazyjylarynyň derejesini türkmen ýazyjylarynyň, rus
okyjylarynyň derejesini türkmen okyjylarynyň derejesi bilen nädip deňeşdirjek? *
Döredijilik adamlarynda her hili geň gylyklar bolýar. Maksim Gorkiniň ýazmagyna
görä, dünýäniň uly ýazyjylarynyň biri Emil Zolýa stol başyna geçende, özüni oturgyjyna
ýüp bilen mäkäm daňyp işleýär eken.
*
Geçen asyryň altmyşyynjy ýyllarynda biz —ýaşlar, Bäşim Ataýewi terjimäniň
“hudaýy” hasaplaýardyk. Ol mahallar Wartan Nikolaýewiç (B. Ataýewiň ýörgünli
lakamy) M. Şolohowyň “Göterilen tarp” romanyny türkmen diline terjime edýärdi.
Türkmen edebiýatynda terjime babatda “Göterilen tarp” ýaly bagty çüwen eser ýok bolsa
gerek. Terjimäniň şowly çykmagynda şol wagtlar “Sowet edebiýaty” žurnalynyň baş
redaktory bolup işleýän D. Haldurdynyň hem paýy uludy. “Göterilen tarp” ilki žurnalda
çap edilýärdi. Şonuň üçinem terjimäniň ilkinji redaktory hem D. Haldurdydy. Ol örän
talapkär, her söz üçin “gylyçlaşýan” redaktordy.
Bir gezek žurnalyň soňky sanynda gitmeli terjime bölegini baş redaktoryň
kabinetinden alyp çykan Wartan Nikolaýewiç: “ Agsak (D. Haldurdy ýeke aýak bolansoň,
“Agsak” hem diýýärdiler—A. T.) meni gaty heläk edýär. Edil ýükçi eş-şek ýaly işledýär”
diýip baş ýaýkady.
Hany, ol talantly hem talapkär redaktorlar!
Hany, ol halal hem jepakeş terjimeçiler!
2001.
Her döwrüň öz okyjysy, şol okyja mynasyp hem ýazyjysy bolarly. Elli ýyl töweregi
mundan ozal B. Kerbabaýewiň “Aýgytly ädimi” elden- ele geçirilip okalýan kitapdy.
Bir gezek oba baranymda, köp ýyllyk arakesmeden soň “Aýgytly ädimi” elime
aldym. Ol şu günüň okyjysynyň talabyna onçakly laýyk gelmeýän ýaly. “Lemmer-lemmer
ak bulutlar saýylan ýüň ýaly. ”, “Ilkagşam jybarlap ýagyp başlan ýagyş daňa golaý diňdi”.
. Belki-de, biz rus prozasyny okap, “zaýa” bolandyrys?
*
Uly ýygnak gutarandan soň, Daşkent aeroportundan Berdi Kerbabaýew Aşgabada,
menem Moskwa uçmalydym. Jübimi barlasam, Moskwa baramsoň, “Domodedowadan”
şähere gitmäge taksi pulumam galman eken. Men şonda B. Kerbabaýewden 50 manat pul
karz almaly boldum. Ony hem hakydamdan çykarypdyryn. Kerbabaýew ýogalanyndanam
köp ýyl geçensoň, birden şol bergim ýadyma düşdi. Men ýaşulynyň körpe ogly, medisina
institutynyň mugallymy bolup işleýän Baýram Kerbabaýewiň ýanyna ýörite baryp, şol
puly hödürledim, emma her näçe dyzasamam, Baýram puly almady. Gaýtam ol:
—Goja seni öz ogullarynyň biri ýaly görýärdi. O dünýä baranyňda “50 manadymy
berenok” diýip, kakam seň üstüňden ýokaryk arza ýazyp durmaz-la—diýdi. Garaz, puly
almady. Tersine, ol meni töre geçirdi-de: —Ikimiz Kerbabaýewlere ýene bir 50 manatlyk
çykdajy çekdireli—diýdi.
Baýram ikimiz giç agşama çenli stol başynda oturup, konýak içdik, gojany ýatladyk.
1996.
366
Ykbal, nesibe nirä sürse süräýýär. 99 ýasasa-da, tutuş döredijiligi B. Kerbabaýewiň
“Japbaklaryna”, B. Seýtäkowyň “Derýada” hekaýasyna ýa-da N. Saryhanowyň “Şükür
bagşysyna” degmeýän Jambyl Jabaýyň ady Gazagystanyň uly oblastlarynyň birine, şähere,
kolhoz- sowhozlara dakylypdyr. Men onuň ýasama öý muzeýine baryp gören mahalym
türkmen ýazyjylarynyň ykbaly hakda oýlanmaga mejbur boldum.
Jambyl, 1985.
Telewizory açsaň, gepleşikler başdan-aýaga ýaranjaňlyk. Türkmenler beýle
ýaranjaňlygy nireden öwrenip ýörkäler? Ýa-da ol biziň ganymyzda barmyka?
Umuman, “Türkmen ýaranjaňlygy” diýen at bilen çaklaňja bir kitap ýazylsa, ol örän
kän dillere-de terjime edilerdi. Şeýlelikde, ahyr bir türkmen kitaby dünýä derejesinde
şöhrat gazanardy. Ýöne ol kitaby ýaranjaňlyk materialyny gowy bilýän ýaranjaň ýazyp
bilerdi. Ol kyn hem düşmez. Ýaranjaň awtor diňe öz obrazyny döretse-de, ol kitap deňliderejeli bolar. Şony başaraýjak ýazyjy hem bizde gyt däl. Ýöne şeýle kitap ýazmak olaryň
hiç biriniňem kellesine gelýän däl bolarly.
GOJUKDA EŞIDENLERIMDEH:
*
--Gurbaga warryklanda näme diýýänini bilýäňmi?
--Bilýän.Gurbaga:
“O ýurt,
Bu ýurtr,
Mary bir uly ýurt,
Tejeniň suwy bir owurt”--diýýär.
*
Atam diýip, sarpa goýup,
Gelmeseňem gelme, oglum.
Ýöne Hudaýdan dilegim:
Men ölýänçäm ölme, oglum.
*
Gara ýer bir aç towukdyr, adam ogly dänedir.
ýa-da:
Agzy ganly, at-ýaragly mertlerimden aýrylyp,
Daglara saýa salgan bürgütlerimden aýrylyp.
Göwnümden turan soňky üç setiriň awtorynyň kimdigini bilmeýärin. Olary 15- 16
ýaşly oglankam eşidipdim. Mary teatrynda işleýän Sähetmyrat Welmyradow, seýregem
bolsa, Gojuga gelende, saz çalyp, obadaşlaryna hezil berýärdi. Bir gezek ol ýaşulularyň
göwnünden turmak üçin, tutuş agşam, sazyň ýany bilen “köneçeden” hiňlendi. Men
ýokarky setirleri şonda eşidipdim.
367
“Daglara saýa salan bürgütler!”, “Gara ýer bir aç towukdyr, adam ogly dänedir!”.
Nähili gowy obraz! Ony haýsy şahyr döretdikä?
*
Beýik adam peselip biler, emma pes beýgelmez.
*
Samsyklyk iki hili bolýar. Olaryň biri—gepläp bilmezlik, beýlekisi—geplemän
durup bilmezlik. (Şuny-ha bir ýerde okan bolmagymam ahmaldyr.)
*
Men düşünmeýän zatlarymyň käbirine düşünmäge gorkýaryn. Şonuň üçinem köp
zatlara düşünmeýänime gatybir gynanybam duramok.
*
Rus ýazyjysy I. A. Gonçarowyň hatlary çap edilen kitap elime düşdi. Ol “Siziň
romanyňyzy terjime edýärin” diýip, daşary ýurtly terjimeçileriň ýazan hatlaryna: “Siz
meni begendirdiňiz, örän minnetdr. Ýöne siz öz okyjylaryňyzy rus dünýäsi bilen has
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.