Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40

Total number of words is 3639
Total number of unique words is 2263
30.5 of words are in the 2000 most common words
44.2 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
okaýandygyna meniň özümem kän gezek şaýat bolupdym. Ol entek näsaglmanka:
“Men soňky demimi sanap ýatyrkam, döşümde Gurhanymy goýuň!” diýip, ogulgyzlaryna wesýet edendigini obadaşlar ýatlaýardylar. Ol döşünde Gurhan dursa,
hasrat-yza çekmän, aňsatlyk bilen dünýäden ötjekdigine ynanýar eken.
Men baran mahalym Daňatar agany, ýakyn garyndaşlary daşyny gallap,saklap
oturan ekenler. Ýaşuly dünýäni bilmän, töweregundäkileri tanaman, azap çekip
ýatyrdy. Gojanyň bedeniniň ölmüň öň ýany gaty yza ivýändigi bildirýärdi, elleri,
eginleri käte titräp gidýärdi. Ol uzyn-uzyn iňleýärdi, demini agyr alýardy,
hyklaýardy. Onuň döşünde bolsa şol daşyna ýaşyl mahmal tutulan “öz Gurhany”
bardy.Dünýäden ötmek ýoluna düşen ýaşulynyň uzyn ak sakgalynyň uçlary hem
Gurhanyň aşagyndady. Gurhan agyr dem alýan hassanyň döşüniň herekedine görä,
aşak-ýokary çalaja hereket edýärdi.
Men Daňatar aganyň başujynda dyzyma çöküp üç-dört minut oturdym-da,
ýaşulynyň uly ogluna çalaja baş atmak bilen duýgudaşlyk bildirip, daş çykdym.
Ýöne men şol az wagtyň içinde hiç mahal ýadymdan çykmajak bir zada üns
berdim. Ak sakgaly döşüne düşüp duran garry adam mahal-mahal uzyn sesi bilen
süýkdürip: “ Eje-e-e!’ diýip gygyrýardy. Enesinden kyrk-elli ýyl, belki ondanam
kan wagt mundan ozal jyda düşen, özi-de gaty garry adam “eje” diýse, bir hili, geň
ýaly hem bolup eşidilýär eken. Ýöne bu ýerde ondanam has geň bir ýagdaý meniň
ünsümi özüne çekdi.Ölüm ýassygynda demini sanap ýatan adam ömriboýy
gudratyna, aýatda bardygyna ynanan Allasynam, iň keramatly zat hasap eden
mahmal daşly Gurhanynam kömege çagyrman: “Eje-e!”-diýip, enesinden haraý
isleýärdi, enesini kömege çagyrýardy.“Ene nähili gudrat!
Ýanwar, 1997.
Garşydaşyň artykmaçlygyna mynasyp baha bermegem artykmaçlyk.
*
Gymmatbaha eşigiň bigörklige görk goşup bilmeýşi ýaly arzanbaha eşik hem
görklüniň görküni peseldip bilmeýär.
*
433
Wengriýada iş sapary bilen bolanymda maňa, Budapeştiň merkezindedigine
garamazdan, parahat hem darajyk köçedäki üç gatly ümsüm myhmanhanadan otag
alyp berdiler.
Baran günümiň ertesi juda ir oýandym-da, bir bulgur kofe içenimden soň, daşaryk
gezelenje çykdym. Günüň dogmagyna entek mahal bardy. Uly şäher ýaňy ukudan açylyp
başlapdy. Säher howasynda köne köçe has-da owadan hem özüne çekiji bolup görünýärdi.
Men ýuwaş ýöräp barşyma, käbir jaýlaryň köçe tarapky girelgesiniň öňünde goýlan içi
süýtlimi, gatyklymy çüýşeleriň durmagyna geň galdym. Men köçe bilen aňyrlygyna
gitdigimçe, käbir jaýlaryň öňünde ýene şol çüýşelere gözüm düşýärdi.
Birki sagatdan soň terjimeçim gelende, men oňa şol çüýşeler barada sowal bermän
durup bilmedim. Asyl ol çüýşeler şol jaýlaryň käbir ýaşaýjylarynyň golaýdaky dukanlara
düýn buýran harytlary eken. Haryt buýran adamlaryň öý salgyny bilýän dükan işgärleri
çüýşeleri ala daňdandan eltip, öýleriň öňünde goýup gaýdyberýär ekenler. Haryt buýran
adam haçan oýansa, daş çykyp, öz çüýşesini alyp gaýdybermelimiş.
—Haryt buýurmadyk goňşy-golam ýa-da ötüp barýan ötegçi seniň buýran çüýşäňi
göterip gitmemi?—diýen sowalyma terjimeçi ýylgyryp jogap gaýtardy.
—Bizde beýle maýdalyk bolmaýar. . .
Men öz hyýalymda ir bilen turup, içi süýtli-gatykly bäş-on sany süýşäni Marynyň
ýa-da Aşgabadyň parahat köçeleriniň ugrundaky käbir jaýlaryň öňünde goýup çykdym.
Köçäniň aňyrsyna ýetip, yzyma aýlananymda bolsa, goýan çüýşelerimiň köpüsine gözüm
ilmedi.
*
1987-nji ýylyň noýabrynda Sowet ýazyjylarynyň alty adamdan ybarat delegasiýasy
bolup, Wýetnama geldik. SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň prawleniýesiniň SSSR halklarynyň
edebiýaty boýunça sekretary Ýuriý Iwanowiç Surewsewiň ýolbaşçylygyndaky topara
menden başga-da, gruzin şahyry Huta Gauga, Garagalpagystan Ýazyjylar soýuzynyň
prawleniýesiniň başlygy “ Garagalpak gyzy” trilogiýanyň awtory Tülepberegen
Gaýypbergenow, şol ýyllarda dünýä ýaň salan “U woýny ne ženskoýe liso” diýen
dokumental kitabyň awtory, belarus ýazyjysy Swetlana Alekseýewiç hem-de wýetnam
dilini örän oňat bilýän hasaplanýan moskwaly bir ýaş gelin girýärdi.
Amerikan jeňbazlarynyň tenine salan agyr ýarasy heniz bitmedik Wýetnam ol ýyllar
örän garyp halda ýaşaýardy. Üstesine-de, biz Hoşimin şäherinde uruşdan maýyp-müjrüp
bolanlardan başga-da, köçelerde oturdylyp gidilen amerikan himiýa ýaragynyň täsirinden
soň dünýä inen nesliň gözilginç ýagdaýyna köp gezek şaýat bolduk. Olar eneden bolanda,
ýeke el, ýeke aýak, ýarym göwre, ýüzi atyň, itiň ýüzüne meňzeýän aýylganç çagalardy.
Olaryňam, edil abat adamlaryňky ýaly doýa garny doýmaýardy.
Moskwadan ugramankak, meniň: “Näme sowgat alyp gitsek gowy bolar?”—diýen
sowalyma terjimeçi gelin: “Kükürdi köpräk alyň!” diýen jogap gaýtardy. Men ol jogaby
oýundyr öýtdüm. Asyl aýdylarça-da bar eken. Hanoýyň pyýada gatnawy köpräk
köçeleriniň gyrasynda oturan käbir adamyň öňünde inçejik şem ýanýar. Ýylpyldaşýan
şemler garaňky düşensoň has-da gözeilgiç bolup görünýär. Şem ýakmaklyk haýsyryr bir
däbe eýermek ýa-da töweregi ýagtyltmak üçin däl eken-de, geçip barýan kükürdi ýok
çilimkeşiň çilimini otlamak hem şondan gazanç etmek üçin eken. Ýagdaý şeýle bolansoň,
men Moskwadan alyp baran ýüz guty töweregi kükürdim bilen onlarça wýetnamlyny
434
begendirdim. Wýetnamdan Moskwa gaýtmazymyzdan bir gün öňürti, Hanoýa
baranymyzdan soň bize goşmaça terjimeçi bolup goşulan gyza eden hyzmatlary üçin
minnetdarlyk hökmünde elten arzan bahaly bilezigimi sowgat etjek boldum welin, ol
utançly ýylgyrdy-da:
—Men sizde kükürt bardygyny bilýän. Eger gutarmadyk bolsaňyz, Siz maňa
bilezige derek bir guty kükürt sowgat edäýiň!—diýdi.
Men galan iň soňky üç guty kükürdimi hem üstünde goýup, bilezigi terjimeçä
uzatdym. Ol edil uly bir baýlyk sowgat alan ýaly bolup begendi.
Amerkan urşunyň Wýetnama ýetiren zeperi aýdylyşandanam bäş beter agyr eken.
Hatda paýtagt şäheri Hanoýda-da esasy transport welosiped (garybraklaryňky) bilen rikşa
(baýraklaryňky). Ýolagçy mündürip kireý edilýän üç tigirli rikşa-da özi ýöremän, eýesiniň
aýagynyň güýji bilen herekete getirilýärdi. (Biz entek Moskwadan ugramankak degişli
edaranyň wekili “Siz, ýazyjylar, köp zady öz teniňiz bilen duýup, öz gözüňiz bilen
synlamagy gowy görýärsiňiz. Emma Wýetnamda rikşa münmegi maslahat bermeýäris”diýipdi. Biz beýle “maslahatyň” manysyny aňýardyk, rikşa münjegem bolmaýardyk.
Birden amerikan žurnalisti rikşada oturan Atajan Tagany surata alaga-da, suratyň aşagynada “Sowet ýazyjyzy wýetnamly garyby ulag hökmünde ezýär” diýip gazete ýazaýsa nädip
bolar! KGB- niň wekiliniň “maslahaty” şol “howpdan” ugur alýardy.)
Zawod-fabriklerde iş gutaranyndan soň müňlerçe-müňlerçe welosipedliniň birbada
işden öýe ugramagy bilen köçeleri kesip geçmek juda kyn bolýar. ”Moskwada müňlerçe
maşynyň biriniň aşagyna düşmän, ýigrimi ýyl ýaşaýan Atajan Tagan Hanoýa baran güni
köçeden geçmekçi bolanda welosipediň aşagyna düşüp wepat bolupdyr” diýen biabraý ada
eýe bolaýma. Häzirje bol!”-diýip garagalpak Gaýypbergenow öz aýdanyna özi gülüp, hezil
edinýär.
Köçelerde ýeňil hem ýük maşynlary örän seýrek peýda bolýar. Käte göze ilýän
owadan ýeňil maşynlaryňam köpüsi daşary ýurt ilçihanalarynyňky bolup çykýar. Üns
beriň: uly bir ýurduň paýtagty Hanoýyň merkezinde ýekeje swetofor bar. . Bu hem ýurtda
awtomoibil gahatlygynyň bardygyna şaýatlyk edýärdi. Ýene deňeşdirmek üçin üns beriň:
meniň dogduk mekanym Murgap etrabynyň merkezi Semendik posýologynda häzir 2
swetofor bar. Ýene bir biz üçin geň hadysa: Wýetnamda bolan iki hepdämiziň içinde men
semiz adam-ha däl, eti gany ortaça adama-da gabat gelmedim. Ýerli ilatyň agramly bölegi
keselhanadan çykan, ýöne entek agyr dertden saýlanmadyk adamlara çalym edýär.
Hemmesiniň reňki solak, güýç-kuwwatlary hem asla ýok ýaly. Belki beýle ýagdaý
açlykdan-horlukdanam däldir-de, ýurduň özboluşly tebigatyndandyr. Men iliň ýurduny,
tebigatyny tankyt etmekçi däl, ýöne batgaly topragyndan mydama ýakymsyz zeý ysy gelip
duran ýerden Garagumuň jöwzaly, gurak emma arassa kowasy müň paý gowy bolsa gerek.
Ýöne şol ysgynsyz hem arryk adamlaryň zähmet çekişlerine welin haýran galaýmaly.
Ýurduň tutuş ýeri batgalyk diýen ýaly. Şonuň üçinem oba-hojalygynyň esasy öndürýän
önümi tüwi. Batgaly şaly meýdanynda ertirden tä gün batýança işleýn çepiksije
daýhanlaryň işden soň ýykylman öýlerine ýetişleri-de gaty geň. Şeýle jepakeş ilatly
ýurduň geljeginiň gowy boljakdygyna öňünden bil baglaýmaly.
Amerkanlar häzirki Hoşimin şäherini täze ýewropa şäherine öwren ekenler. Uly bir
oba çalym edýän Hanoýdan soň ol kaşaň şäherdi. Ýöne amerikanlar ol şäherde özleriniň
eden wagşyçylyklarynyňam nusgalaryny galdyryp gitmeli bolupdylar. Hoşiminiň giň
435
köçeleriniň gyralarynda sadaka ýygnatmak üçin goýlup gidilen adamlary göreniňde başyňgözüň aýlanyp gidýär. Amerikanlar ynsan beýnisine täsir edýän täze himiýa ýaraglaryny
wýetnam urşunda synagdan geçirenden soň dünýä inen çagalaryň köpüsiniň daş keşbini
söz bilen beýan eder ýaly dal. Dünýä inende elsiz, aýaksyz, aýaklary elleri bitişik, gorkunç
gözleri bitaý, çaşy, burunsyz, sudury bar-da gözi ýok maýyplaryň hetdi-hasaby ýok(Şol
aýylgançlyklary gözüň bilen göreniňden soň, özleri kişi ýurdunda adam ykbalyny şeýle
ýowuz güne sataşdyran amerikanlaryň ýene adam hukuguny goraýan kişi boluşlaryna,
özlerini dünýäde demokratiýanyň arkadaýanjy hasap edişlerine haýran galýarsyň.)
Institut ýoldaşym, Wýetnamyň belli şahyrlarynyň biri Thu Bon meni ýoldaşlarym
belen birlikde öýüne myhmançylyga çagyrdy. Ol bizi garşylamak üçin şeýlebir uly
taýýarlyk görüpdir welin, haýran galdym. Onuň öýüne entek kyrk-elli ädim ýetmänkäk,
garaşylmadyk ýerden dumly-duşdan asmana atylýan kän sanly petardynyň (uly
baýramçylyklarda ýa-da arzyly myhman gelende atylýan “toý tüpeňi”) sesinden ýaňa daştöwerek galmagala gaplandy. Birden başlanan tarkyldylardan tisginen Swetlana
Alekseýewiç: ”Amerikan goşunlaryny gorkuzmaga öwrenen adamlar-da!” diýip, terjimeçä
tarap gysmyljyrady.
Herniçik-de bolsa, meniň daşary ýurtlara eden saparlarymyň içinde iň kyny hem iň
ýakymsyzy Wýetnam sapary boldy. Sebäbi, baran günümiziň ertesi Wýetnamyň Ýazyjylar
soýuzy Hanoýyň şäher häkimliginiň gatnaşmagynda biziň delegasiýamyzyň hormatyna
agşamlyk naharyny gurady. Kabuledişligiň soňragynda bizi hemme naharhanalarda
mydama tapylyp hem durmaýan bir nahar bilen hezzetlediler. Biziň çalarak gowrulan
etimize çalymdaş, aw etine meňzeýän nahar diýseň tagamlydy, iýip doýar ýaly däldi. Ol
nahar Wýetnamda örän uly sarpaly myhmanlaryň öňünde goýulýan gaty abraýly tagam
hasap edilýr diýip soň terjimeçi bize düşündirdi. Meniň kyn günüm şol hormatly hem
tagamly nahary iýenimden soň başlanbdy. Asyl ol nahar it etinden taýýarlanýan eken.
Iýenimiziň it etidigini bilenimizden soňam, menden başga hiç kimde ýakymsyz duýgy
döremedi. Tülepbergen Gaýypbergenow bolsa: “Biz, ysnat garagalpaklar beýle tagamly
etiň bardygynam bilmän ýörüpdiris! Ýogsam biziň köçelerimizde eýesiz itlerem kaňkaşyp
ýör ahyryn”- diýip, erte-birigünem it etinden iýen şol tagamyny taryplady ýördi.
Men welin kabul edişlikden çykan pursatym, nämäniň etini iýenim aýdylan dessine
golaýdaky çöp-çalamlyga eňmeli boldum.
Şondan soň men baran ýerlerimizde hezzet edilip goýulýan, it eti däldigi bildirip
duran naharlardanam dadyp bilmedim, hatda ýerli tamdyrda bişen gury çöregi-de keştim
çekmedi, iýäýsem diýip göz aýlan zatlarymyň hemmesinden itiň ysy gelip duran ýalydy.
Meniň beýle ýagdaýymy diňe Gaýypbergenow bilýärdi. Iki gün geçensoň ol ýanyma gelip,
menden dört-bäş ýaş uly ýaşuly hökmünde akyl berdi. “Ol-a itiň eti eken, ýylanyň etini
berselerem iýip-iýip, meniň edişim ýaly, yzyndan bir bulgur aragy goýber. Arak hemme
zady ýuwýar. Biz ýene on gün bu ýerde bolmaly. Beýle ýagdaýda sen ölmeseňem,
gülmersiň”
Ölmesemem, gülmedim. Ýöne meni öldürmän saklan bir saçak garagalpak külçesi
boldy. Tülepbergen öňüne goýlan islendik wýetnam tagamyny ýiip bilýändigi üçin
garagalpak külçesine mätäç däldi. Şonuň üçinem ol aýalynyň salan ýigrimi töwerek
kiçiçik-kiçijik süýtli külçesiniň hemmesini meniň otagyma getirip gitdi. Bolsa-da. . .
436
Bolsa-da, Moskwa dolanyp, bosagamdan ätlänimden, ýüzüme sereden öýdeçilerim
esli salym aňk bolup durdular. Asyl men mazaly horlanan ekenim.
1989.
Ylym adamyň janynyň 21 gram agramynyň bolýandygyny anyklady. Adam ölen
badyna şol 21 gram agramyň tenden aýrylyp gidýändigini dünýä alymlary
tassyklaýarlar. Ýöne olar janyň howamy, bugmy,suwuklykmy ýa-da başga bir
himiki jisimdigi barada welin hiç zat ýazmaýarlar.
2004. “Saragt
galasy” türkmen dilinde ikunji gezek çap edilenden soň, Moskwadan Aşgabada
gelen günüm Ýazyjylar soýuzynda meniň elime içi hatly bir bukja gowşurdylar.
Bukjanyň daşyna: “Aşgabat. Ýazyjylar Soýuzyna” diýip ýazylsa-da, hatyň
kimdendigi , nireden ýollanandygy näbelli bolup galýardy. Diňe bukjanyň
daşyndaky poçta möhrüni görüp, hatyň Kaka raýonyndan gaýdandygyny bilmek
bolýardy. Bukjada şeýle mazmunly hat bar eken: (Haty bolşy ýaly göçürýärin):
“Bu hat “Saragt galasy” diýen köneçe kitaby ýazan kişä gowuşsyn. Men 92 ýaşa
girdim. Özümem dünýäni görmän oturan batyl kempir. Hatymy agtygyma ýazdyrýan. Men
gözlükämem hat okap-ýazyp bilemokdym. Biz oglankak, Gökdepede bolan
gandöküşlikden soň ürç edilip aýdylan bir aýdym bardy. Biz ony gulpaklyja gyzlar bolup,
aglap aýdardyk. Ol aýdym henizem meň ýadymda. Ölmäkäm, şony saňa ýazdyryp
ýollaýan. Ömrüň uzak bolsun! Narsoltan ene”.
Agalar, arzymny aýan eýläýin,
Jebir boldy Ahal gözellerige.
Başymdan geçenni beýan eýläýin,
Jebir boldy Ahal gözellerige.
Ors gelip, meň ýurdumy ot etdi,
Ermenini ahallyga gurt etdi.
Dykma serdar ganymlary baýnatdy,
Jebir boldy Ahal gözellerige.
Ýasa döndi toýuň aýdym-sazlary,
Hazan kakdy gunça—gelin-gyzlary.
Meý-mest boldy kapyr zynabazlary,
Jebir boldy Ahal gözellerige.
Ýigitler at münüp, çykdy meýdana,
Ahalyň topragy boýaldy gana.
Sygynalyň Kerimberdi işana.
Jebir boldy Ahal gözellerige.
Molla Halylaýdar Ahal şanyna,
Ors ýagy boldy teke janyna.
Haram gan goşuldy halal ganyma,
Jebir boldy Ahal gözellerige. ”
437
Megerem “Saragt galasy” bilen (okap ýa-da gürrüňini edip) tanyşdyrylandan soň
Gökdepe wakasyny ýatlan kempir hat ýazmagy kalbyna salandyr. Emma “Saragt
galasyny” “Gowşut han” ady bilen düýpden täzeden işlänimde-de, men kakaly garry
enäniň alada edip ýollan elegiýsyny ulanyp bilmedim. Sebäbi ýokarky setirler anyk bir
taryhy waka —1881-nji ýyldaky Gökdepe tragediýasyna degişlidi. Meniň obýektim bolsa
1855-nji ýyldaky Saragt jeňidi.
1991—2002.
ÇAP EDILMEDIK SESLENME
Oguz han, Nowaýy, Azady, Andalyp, Mollanepes, Seýdi, Zelili, Mätäji, Berdi
Kerbabaýew, Gurbannazar Ezizow, Gylyç Kulyýew, Nury Halmämmedow, Beki
Seýtäkow, Ata Atajanow, Kerim Gurbannepesow, Çary Nurymow, Mäti Kösäýew, Hojaw
Annadurdyýew, Aman Gulmämmedow dagy meniň üçin ikinji gezek dünýäden öten ýaly
boldy. Çünki olaryň atlary köçelerden aýryldy. Beýik şahslaryň ornuny boş sanlar eýeledi.
Ýene ýüz ýyldan soň biziň nesillerimiz Gurban Durdy, Tagan Baýramdurdyýew,
Weli Muhadow, Yzzat Gylyjow. . . köçelerinden ýöränlerinde, köçä atlary dakylmaga
mynasyp bolan adamlaryň kimdikleri bilen gyzyklanardylar, bilerdilerem. Olaryň başky
ikisi türkmeniň edermenligini görkezen halk gahrymanlarynyň sapyndan, üçünjisi dünýä
belli kompozitor, dördünjisi başga bir halkyň äleme belli beýik ogly Çingiz Aýtmatowa
“Yzzat, sen meniň buýsanjymsyň” diýdiren tanymal hudožnik. Nesillerimiz: “Atababalarymyz nähili adamlar bolupdyrlar!”- diýip guwanardylar. Emma olaryň buýsanjy,
guwanjy bolmaly beýik şahslaryň atlary indi boş san bilen çalşyryldy.
1881-nji ýyldaky Gökdepe tragediýasynda biziň neresse çagalarymyzy, bigünä garry
enelerimzi, gurpdan gaçan gojalarymyzy gyrmakda “edermenlik” görkezip tapawutlanan
Lemkulow bilen Mamasewskiniň adyny (Men olaryň atlaryna Moskwanyň harby-taryhy
arhiwinde gabat geldim) demir ýoldan gaýradaky iki köçesinde ýüz ýyllap göteren
türkmen şäheri Aşgabada indi ol ganhorlaryň atlarynyň gaýtadan gelmejegine ýürekden
gynanan kimdir biri biziň milli atlarymyzy hem san bilen çalşyryp özüni köşeşdirmegi
maksat edinipdir. Ol türkmeni äsgermezlik, onuň şahslaryny kemsitmek maksadyna-da
ýetdi. Biz hem, milli buýsanjymyz juda pes bolansoň, onuň edenine däl diýmedik. Ol
adam türkmen atlaryny ýok edip, Amerika öýkünmek isledimikä? Bize Amerika
öýkünmegiňem, Amerika bolmagyňam geregi ýok. Biz Amerika däl-de, Türkmenistan
bolup ýaşamaly, köçelerimiz hem Waşington, Nýu-ýorgyňky ýaly san bilen belgilenmän,
milli atlarymyza bezelmeli. Köçeleriň hemmesini adam atlary bilen belgilemek hökmanam
däl bolmagy mümkin. Käbir köçä “Saýaly köçe”. “Ýmsüm köçe”, “Çetki köçe”, “LeýliMežnun”, “Bägülli köçe”, “Kelte köçe”, “Uzyn köçe”, “Ýaşlyk”, “Arassa”, “Ýagşylyk”,
“Ýedigen”, “Ülker”, “Arzuw” diýen ýaly atlary hem dakybermeli.
San “täzeligini” bize ornaşdyran adam kimem bolsa, ol türkmeniň şu günki ösüşine
buýsanmaýan, onuň milliligine guwanmaýan, başarsa, türkmeniň adyny kemsitmek, onyň
neslini milli buýsançsyz edip ýetişdirmäge çalyşýan adam bolmaly. Bu gün
köçelerimizden halkymyzyň her gün görüp, guwanyp ýören buýsançly milli atlaryny san
bilen çalşyrmagy başaran adamynyň ertir biziň milli taryhymyzy-da täzeden ýazmaga
438
taýyndygyna-da men ynanýaryn. Ýakyn wagtlarda türkmen taryhynda Oguz hana derek
1950, Görogla derek 1600, Magtymgula derek 1112, Andalyba derek 1888 diýen ýaly
sanlaryň ýazylmagyna garaşybereliň.
Biz diňe şu günümiziň däl-de, nesillerimiziň kim, nähili bolmalydygynyňam
aladasyny etmelidiris. Goý, olar özlerini 1950-niň, 1600-iň, 1112-niň, 1888-iň nesli
bolman, Oguz hanyň, Keýmirkörüň, Magtymgulynyň,Gowşut hanyň, Nurberdi hanyň, Aba
serdaryň, Amanýaz serdaryň, Güljemal hanyň, Ak işanyň,Gaýgysyz Atabaýewiň, Şaja
Batyrowyň, Mylly Täçmyradyň, Nobat bagşynyň, Sahy Jepbaryň, Yzzat Gylyjyň, Alty
Garlyýewiň neslindendigini bilip, olaryň watanperwerliginden, milli buýsançlylygyndan
nusga alsynlar. Şeýle bolmagy üçin neslimiziň aňynda manysyz boş sanlara derek ilimiziň
öz ogul-gyzlarynyň, atlary hem ruhlary saklanmalydyr. Bu meselede köçä dakylýan adyň
hem örän uly ähmiýeti bar
12. 06. 2005. Murgap.
Kaýum Taňrygulyýewiň ýaş toýunda bykjanyňdaşyna ýazylan setirler.
Çagalar şahyry bolanyň üçin,
Seň ýanyňda elmydama çaga biz.
Togsan ýaşly çaga bolmak isleýäs,
Sen göni ýüz ýaşa, Kaýum agamyz.
Maý, 2005.
“Türkmenler her bir işde başga milletlerden asgyn we yzdadyr”
Muhammetguly Atabaýew.
(“Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar” gazeti, 1915.)
Getirilen ýokarky kesgitleme ýigriminji asyryň başlarynda türkmen dilinde çykýan
gazetde çap edilipdir.
Men öz çakym ýalňyş bolaýsa, hem-ä begenerdim, hemem okyjydan ötünç
sorardym. Ýöne ylym, bilim, medeniýet babatda ýigrimi birinji asyryň başlarynda hem
türkmenleri ozalky SSSR-iň düzümine giren respublikarynyň halklarynyň arasynda iň
yzdakysy hasaplaýaryn . Men muny 30 ýyl gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň
çäginden daşarda ýaşap, SSSR halklarynyň toý, ýas, ýubileý dabaralarynyň, medeni
bäsleşuikleriniň, ylmy konferensiýalarynyň, çekişmeleriniň ýüzlerçesine şaýat bolan,
onlarçasynyň guramaçylarynyň biri bolan, has beterem musulman halklarynyň wekilleri
bilen içgin gatnaşan, olaryň kän-kän obalaryna, şäherlerine aýlanan, sypaýy gatlak
adamlary bilen ýakyndan iş salşan, umumy ösüşleri bilen deňeşdirme görnüşinde
gyzyklanan bilesigeliji häsiýetli adam hökmünde nygtaýaryn. Şol jähtden biziň diňe
garagalpaklar bilen deňeçerräk, belki-de, olardan sähel ýokarrak bolmagymyz mümkindir.
11. 10. 2005.
Ýaşlygyň adam bedenine berýän gözelligini hiç hili ýaramaz eşiklerem bozup
bilmeýär. Garrylygyň adam bedeniniň gözelligini bozuşyny hiç hili gymmatbaha eşikler,
şaý-sepler bilenem düzedip bolmaýar.
439
*
Ady aleme belli kinorežissýor Andreý Tarkowskiniň (Magtymgulynyň terjimeçisi,
rus şahyry Arseniý Tarkowskiniň ogly) “Literaturnaýa gazýetada” çap bolan gündeliginde:
“Artist diýilýän adamlaryň arasynda akyllysy bolmaýar. Men bütin dünýä boýunça ýekeje
akylly artiste gabat geldim. Ol hem, yzarlasam, režissýor bolup çykdy” diýen kesgitleme
bar.
Beýle ýowuz kesgitlemeden nähili netije çykarmaly?
*
Mert adam amala aşyrmasy kyn bolany sebäpli saňa ýagşylyk etmese-de, amala
aşyrmasy aňsat ýamanlyk hem etmez.
*
Utanjy ýok söýgüden söýgä garaşmaly däl. Utançsyz söýgi uzak söýmeýärem,
söýülmeýärem.
*
Köp okap, az bilýän adam.
*
Düýnüm geçdi, ertirimiň boljagy belli däl, diňe şu häzirki pursadym bar.
*
Kitap ýazýan ýazyjy kän, kitap okaýan, hem ýazan kitaby okälýan ýazyjy az.
*
Ýeňeni üçin ýeňlen ýeňiş.
*
Islendik eseri tankydy göz bilen okasaňan, gedemlik, göwnüýetmezçilik bilen
okamaly däl. Gedemlik, başgalara göwnüýetmezçilik etmeklik, umumanam adamyny dürs
ýoldan sowýar.
*
Talanty ene dogurmaýar, ony gara zähmet bilen azap döredýär.
*
Älemde geçýän, ýöreýän hasap edilýän wagt diýen hakykat ýok. Ýyl, aý, gün, hepde,
sagat, minut ynsanyň öz ýaşaýşyny düzgünleşdirmek, ýeňilleşdirmek üçin döreden
şertliligi.
*
Senden beýikligi onuň beýikdigini aňlatmaýar.
*
Ediljek bolunsa-da edilmedik ýamanlyk edilen ýagşylykdyr.
*
1943-nji ýylda, Watançylyk urşunda wepat bolan kakamyň mazary Russiýanyň
Orlow oblastynyň Zmeýewskiý raýonynyň Stepanowka obasynda galdy. 1981-nji ýylda
ýogalan ejemiň mazary Murgapda. Öň olaryň ikisiniňem mazary bir toprakda, bir
Watandady. SSSR-iň ýykylmagy bilen Russiýa bir ýurda, Türkmenistan başga bir ýurda
öwrüleni sebäpli, men özümi iki Watanly ýaly duýýaryn. Biradamda iki Watanyň
bolmajakdygyna düşünýärin. Düşünsem-de, şol iki ýurduň birine Watanym, beýlekisine
Watanym däl diýmäge dilim aýlanmaýar.
*
440
Mertlikde gara güýç bolmaýar, adalat bolýar. Namartlykda adalat bolmaýar, gara güýç
bolýar.
*
SSSR ýykylyp, bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen bizde taze bir nesil—
adamçylyksyz, edepsiz, doňýürek, “ýekeçanak”, harsydünýä nesil döredi. Awtobusda eli
hasaly goja aýak üstünde dursa-da, mekdep okuwçylary hem oňa orun bermän, ýüzüne
göni seredip otyrlar.
GYZYL ÝÜZLI ÝAŞULY
Ol halklaryň, halklar onuň aşygy.
Kawkazlydyr gyzyl ýüzli ýaşuyly…
Şular ýaly setirleri ýazyp, her kim «gyzyl ýüzli ýaşulyny» özüne golaý edip
görkezmek isleýärdi. Ýogsam ol adam hemme halka ortalyk, damarynda diňe öz
milletiniň gany aýlanýan peterburgyň hakyky ruslaryndandy, şol şäherde hem
1896-njy ýylda dünýä inipdi.
Edebiýatçylar tarapyndan «gyzyl ýüzli ýaşulymyz» diýlip, aýratyn sarpa
goýulýan ussat Nikolaý Semýonowiç Tihonowdy. Ol diňe gyzyl ýüzli hem däldi-de,
özi-de gyzyl ýaly adamdy, sadady, pespäldi, rus hem ýewropa medeniýetinden uly
paý alandy. Ol adamlara, halklara ýagşylyk etmekden lezzet alýardy. Ony
sylaýardylar, onuň barlygyna guwanýardylar, her kim onuň bilen salamlaşmagy-da
özüne dereje hasaplaýardy. Nikolaý Tihonow bile men sekiz ýyl bile işledim. Ol şol
döwrüň ýazyjylar guramasynyň milli edebiýatlar bölümiň başlygydy.
Ol adam bilen işleşmek hem kyndy, hem aňsatdy, hem başga ýerde
tapylmajak uly mekdepdi. Kyn diýýänim — onuň özi hiç mahal eden işinde ham
goýmaýardy. Biz, onuň başy ýaş işgärleri şoňa düşünýändigimiz sebäpli, onuň
tabşyryklaryny kössüz berjaý etmek üçin kän zahmet çekmeli bolýardyk. Ana, şol
welin kyndy. Onuň bilen işlemegiň aňsat ýeri — edara, şäher, ýurt çäginde hälimişindi geçirilýän dabaralarda biziň daýançymyz şol gojady. Mysal üçin
Magtymgulynyňmy, Seýdiniňmi, Berdi Kerbabaýewiňmi döredijilgine bagyşlanan
edebi duşuşyk ýa-da ýübileý agşamlarynda uly jogapkärçiligi ol öz boýnuna alyp,
ony-da uly abraý bilen berjaý edýärdi. Sen işgäri bolsaňam, onuň çykyşlary üçin
sahypa-sahypa maglumat taýýarlamaly dälsiň. O türkmen ýazyjylarynyň
döredijiligini senden zyýat bilmese, pes bilmeýärdi. Beýle ýagdaý hemme
halklaryň edebiýatyna gezek gelende-de şeýledi. Ýöne Turkmenistan barada hasda aýratyndy. Sebäbi onuň öz hususy döredijilik dünýäsi ýaňy berkäp ugranda,
Garagumyň kalbyňy gyzdyrýan yssysyndan, Sumbaryň, Köpetdagyň jülgeleriniň
jana şypaly howasyndan, Amyderýanyň suwundan güýç alypdy. Nikolaý
Semýonowiç poeziýa barada geçýän dünýä derejesindäki forumlarda aksakal
hökmünde, ussat, halypa hökmünde hökman çykyş edýärdi. Çykyş etse-de,
dünýäniň Petrarka, Gýöte, Puşkin ýaly beýikleriniň arasysynda Magtymgulynyňam
adyny hökman tutýardy, eserlerinden ýatdan mysal getirýärdi. Ol poeziýa
441
baradaky gürrüňde Magtymgula ýüzlense, aýratynam şahyryň «Pukaraýam»
goşgusyndaky:
Я, Махтумкули, ятаганом был,
Я червонным чеканом был
— diýen setirlerini goşgy ritminiň nusgasy hökmünde mysal getirýärdi.Ýaşuly
Arseniý Tarkowskiniň Magtymgulydan eden terjimeleriniň köpüsine örän ýokary
baha berýärdi.
Bir gezek ol öz işgärleri bilen jahankeşdeligiň döredijilige edýän täsiri barada
gürrüň edip otyrka, otuzynjy ýyllary ýatladymy nämemi, birden: «Meni dünýä
syýahat etmäge höweslendiren türkmen topragy boldy» diýen sözleri aýdyp
goýberdi. Ussadyň döredijilk ýoluna ser salsaňam ol sözler hakykatdan üzňe
däldi.
Gepiň gerdişine görä ýatlasam, türkmen şahyrlary-da oňa goşgy
bagyşlapdylar:
Sumbaryň ne ajap jülgeleri bar,
Pyraga ylhmdar bolany magat.
Men haýran galýaryn: şol jülgelere
Siz meniň özümden has öňräk belet.
Beşir obasy bar gaýra Lebapda,
Ýaplary bol suwly, baglary şabat.
Men haýran galýaryn: şol alys oba
Siz meniň özümden öňräjik belet.
Uzak günortada Şiram guýy bar.
Giň örüsi sonar, dowary gurat.
Men haýran galýaryn: şol alys guýa
Siz meniň özümden has ozal belet.
Şahyr entegem bärden gaýdýar. Bu jahankeşde adamyň türkmen topragynda
barmadyk, görmedik ýerleri azdyr.
Nikolaý Semýonowiç Tihonowyň döredijilik hem ömür ýoluny öwrenýän
edebiýat alymlarynyň Moskwa ýazyjylar guramasynyň arhiwinde saklanýan
işlerinde şeýle maglumat bar: «…Ýazyjy türkmen topragyna döredijilik syýahatyny
edende, demir ýol bilen 2000, awtoulag bilen 800, atly-eşekli 250, gaýykly 300 km.
ýol geçipdir…» Onuň uzak aýlaryň dowamynda Kerkiden Garrygala aralygynda
paý-u-pyýada geçen ýolunyň dagy ädim sanyny sanajak gümanyňam ýokdur.
Nikolaý Tihonow jemgyýetçilik aladasy başdan agdyk bolany üçin edara işini
goýmaly boldy. Şol döwürde Türkmenistan ýazyjylar guramasynyň Moskwa
degişli, çözülmegi zerur hem kyn bir meselesi bilen men, onuň öýüne barmaly
boldum. Şonda ýazyjylar, alymlar, uly derejeli harby ýolbaşçylar üçin ýörite gurlan,
Moskwa derýasynyň boýundaky «aýratyn jaýa» ilkinji gezek girip gördüm.
(Türkmen edebiýatynyň, umuman, Türkmenistanyň janköýeri, tanymal rus
ýazyjysy Ýuriý Trifonow ol belli jaý hakynda «Kenardaky öý» diýen täsin roman
442
hem ýazypdy). Gapyny ýazyjynyň gyzy Nina Nikolaýewna açdy. Aňyrdan peýda
bolan «gyzyl ýüzli ýaşuly» (şol gezeg-ä onuň ýüzi maňa has-da gyzyl bolup
göründi) Iki elinem öňe uzatdy-da:
— Hany, inijigim (A nu-ka, мой браток— A.T.), ikimiz köne türkmen
salamlaşyşyny edeli! — diýdi. Menem iki elimi uzatdym. Ol meni tirsegimden
tutup, iş otagyna eltdi, oturgyç hödürlänsoňam: — Men saňa heniz dünýä inmäkäň
Türkmenistandan getiren bir zadymy görkezeýin — diýip, beýleki otaga geçdi,
Men pursatdan peýdalanyp, diwaryň ýüzündäki ullakan «Dünýä kartasyny»
synladym. Kartada Moskwa şäherinden gidýän gyzyl çyzyklar ýer ýüzüniň hemme
ýerine diýen ýaly ýaýraýardy. Ol N.S.Tihonowyň baran ýurtlaryny, şäherlerini
görkezýän çyzyklar bolsa gerek diýip çak etdim. Uly kartanyň ýüzündäki
Türkmenistanyň tutýan meýdanynyň bolsa ähli ýeri diýen ýaly çyzylandy. Ol hem
düşnüklidi.
Dolanyp gelen gojanyň elinde gyny könelen ullakan pyçak bardy. Gaýyş
seçekli gyndan çykan pyçak täze ýaly lowurdady.
— Muny 1930-njy ýylda Sumbar jülgesinde bir türkmen aksakaly sowgat
beripdi — diýip, goja hem baş ýaýkady hem ýylgyrdy. — Daşary ýurtlardan gelýän
myhmanlarymyň köpüsi şu pyçaga aşyk bolýar. Käbiri, aňýan, sowgat ediler
öýdübem hantama bolýar. Menem beräýemok. Özüm bakyýete gidemsoň, bu
pyçagy edebiýat müzeýine beriň diýip wesýet etdim. Bilýäňmi, doganjyk,
durmuşda örän tasin zatlara gabat gelinýär: kalp golaý bolanda, dil bilmeseňem,
düşünüşmek bolýar eken. Ynansaň, gadymy Merwiň eteginde türkmen ýaşulylary
bilen bolan çaýlaşykda uzak gürrüňlere-de başdan-aýak diýen ýaly düşündim.
Olaram maňa düşündiler. Geň ahwalat! Ýogsam meniň türkmençe bilýänim kyrkelli sözden känem däldir…
Soň esasy meselä geçdik. Hemme ýerde sylanýan ýaşuly biziň meselämizi
çözmäge synanyşjakdygyny aýtdy, sözünde-de tapyldy. Bu wakanyň bolan
wagtyny men gündeligimde «1978-nji ýylyň 16-njy sentýabry» diýip belläpdirin,
1979-njy ýylda bolsa N.S.Tihonow dünýäden ötdi.
Türkmen topragynyň oňa ýazyjy hökmünde beren maglumatlarynyň aňyrsybärisi ýok. Dogrusyny dogry aýtmaly; toprak özmiziňki bolsa-da, üstünde doglup,
üstünde ýaşap ýörsegem, kä halatlarda biz öz topragymyzyň täryhyny,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.