Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16

Total number of words is 3652
Total number of unique words is 2123
31.7 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
iýlen duz onuň dost-ýara,myhmana beren iň soňky tagamy boldy,bir aý töweregi
geçensoň,ol aradan çykdy.
Ýöne şol oturluşyga gatnaşan dürli milletleriň wekilleri maňa telim ýyldan
soňam,nirede gabat gelselerem,Aşgabadyň Hywaly Babaýew köçesiniň 3-nji
jaýyny,türkmeniň myhmanparazlygyny baş ýaýkaşyp ýatladylar. Ol ýatlamalaramBerdi
Kerbabaýewiň belent ruhuna goýulýan sarpa bolup duýulýardy.
“H. G. T—B. M. K. — 02. 04. 1969—“D. D”
Ýazuw depderçämiň içinden bir bölejik kagyz çykdy. Kagyzda gyssanmaç
bellenendigi bildirip duran “N. G. T—B. M. K—02. 04. 1969 —D. D” diýenharplar hem
sanlar bardy.Göräýmäge jansyzyňsyrly belligine meňzeýän ol ýazgydan many çykarmak
kyn ýaly. 1969-njy ýylda edilen belligiň üctünden otuz ýyla golaý wagt geçipdir. Emma
onuň taryhy edil şu gün bolan waka ýaly jikme-jikligi bilen meniň hakydamda
saklanypdyr.
Ýazgydaky
“H.
G.
T”—Berdi
Kerbabaýewiň
döredijiligini
ýörite
öwrenen,filologiýa ylymlarynyň kandidaty,Türkmen Döwlet uniwersitetiniň dosenti
merhum Hanguly Taňryberdiew,“B. M. K”—Berdi Myradowiç Kerbabaýew,“D. D”—
Moskwanyň etegindäki “Domodedowo” aeroporty.
1969-njy ýylyň 2-nji aprelinde 702-nji reýs bilen “B. M. K”—Berdi Myradowiç
Kerbabaýew Aşgabatdan Moskwa gelýärdi. Hanguly Taňryberdiýew ikimiz hem ony
garşylamalydyk.BMK-nyň bu gezekki sapary adaty iş komandirowkasy däldi. Onuň
gelmegi ýaňy-ýakynda Sosialistik Zähmetiň Gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli
Edebiýatçylaryň Merkezi öýüniň uly zalynda geçiriljek dabara bilen baglanyşyklydy.
Kremlde bolsa8-nji aprelde sagat 16-da oňa Ýyldyz gowşurylmalydy. (Ol barada öňki
sahypalarda belläpdim.). Şonuň üçinem biz gojany hökman garşylaýmalydyk. Onuň keýpi
kök bolmalydy. Biz hem şol keýpiçaglygy bozman,ýaşulyny samolýotyň trapynyň
alkymynda,deňli-derejeli garşylamagy maksat edinýärdik.
—“Ataňy” gül dessesi bilen garşylajakmy?—diýip,men Hangula sowal berdim.
Hanguly ol pikir bilen başda ylalaşdy-da,birdenem:
—Aý,Atam,gül meselesini goýaly-la!—diýdi. —“Atam” nä ýaş gelinmişmi?
Şeýlelikde,biz ýaşulyny gülsüz-gunçasyz,“agras” garşylamaly etdik.
Okyjylaryň köpüsiniň bilşi ýaly,hemme ýolagçyny trapyň öňünde garşylamaga
rugsat hem berilmeýär. Emma B. Kerbabaýewi welin her gezek Moskwa gelende trapyň
öňünde garşylaýardyk(Ony köplenç men garşylaýardym. Eger-de men daşary ýurda dagy
komandirowka gidip,Moskwada bolmadyk halatlarymda hemmeniň özbek ýa-da täjik
ýoldaşlarym
ony
hor
etmeýärdiler,garşylaýardylaram,myhmanhana
hem
ýerleşdirýärdiler.Iş
“Çalşykly
çemçe”—men
hem
kärdeşlerimnäsag
ýa-da
komandirowkada mahaly täjik,özbek delegasiýalaryny aeroporta gidip garşy alýardym).
Sebäbi ol,birinjiden-ä,Türkmenistan Ýokary Sowetiniň deputatydy(Berdi Kerbabaýew hiç
mahal SSSR Ýokary Sowetiniň deputaty bolmandy. Il arasynda bolsa “Ol Eziz hanyň
166
mürzesi bolup işländigi üçin SSSR Ýokary Sowetine saýlanmaýarmyşyn” diýen gep
bardy).Ikinjidenem,ol SSSR Ýazyjylar soýuzynyňprawleniýesiniň hemişelik diýen ýaly
sekretarydy.Üçünjidenem,ol tanymal adamdy.
Tanymallyk barada iki agyz söz. Berdi Kerbabaýewe,esasanam,Orta Aziýa
respublikalaryndauly sarpa goýulýardy. Ýaşulynyň öz aýtmagyna görä,ol Zähmet
Gahrymany
bolanda,Türkmenistanyň
ýolbaşçylaryndan
öňürti
Özbegistan
Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň Birinji sekretary,SSKP MK-nyň Syýasy
Býurosynyň agzalygyna kandidat Şaraf Reşidow jaň edipdir. Berdi Kerbabaýewiň
tanymallygyndan başga-da,özbekleriň uly ýazyjysy bolan Ş. Reşidow ony özüniň
halypalarynyň biri hasaplaýardy.
B. Kerbabaýew haýsy respublikada bolsa-da,ony şol ýeriň iň ýokary ýolbaşçysy
kabul edýärdi.Frunze şäherinde bile komandirowkada bolan gezegimiz Gyrgyzystan
Kompartiýasynyň MK-nyň Birinji sekretary Turdakun Usubalyýewiň huzuryna baryp
gelen Kerbabaýewiň maňa beren gürrüňi ýadymda. Biziň gojamyz ýokary derejede bolan
duşuşykda “tirýek meselesini” orta atypdyr.(B. Kerbabýew tirýek çekýän adamlary
uçursyz ýigrenýärdi.”Haýsy ýurdybigaýrada öwrüp,püçege çykarmak isleseň,ilatyny neşe
bilen üpjün ediber” diýýärdi.Ol tirýekdençalarak habarly adamlar bilenem salamlaşmagyda özüne uslyp bilmeýärdi.) Onuň pikiriçe,soňky ýyllarda Türkmenistanda neşe
çekýänleriň sany köpelipdi.Şol döwürde Gyrgyzystan tirýek öndürýän respublikady. Ol
ýerde tipýek derman ýasamakda ulanmak üçin döwlet tarapyndan ekdirilýärdi. Berdi
aganyň çaklaýşyna görä,Türkmenistana ýaýraýan neşäniň esasy bölegiGyrgyzystandan
gelýän bolmalydy. Şönuň üçinem ol T. Usubalyýewden şol çykalgany ýapmagy haýyş
edipdir.
Ilki başlan gürrüňime dolanaýyn.
Hawa.
H.
Taňryberdiýew
ikimiz
B.
Kerbabaýewi
aeroportda
garşylamalydyk.Garşylamagyň
ähli
taýýarlygyny
gördük.Edaranyň
maşynyny
taýynladyk,aeroporta jaň edip,barmaly ulagyň döwlet nomerini ýazdyrdyk.Şondan soň
“Deputatlar otagynyň” nobatçysy öz gezeginde aeroportyň derwezebanyna pylan nomerli
maşyny pylan reýsi garşylamaga goýbermegi tabşyrýardy.
Bu gezegem şeýle bolmalydy. Hatda edaranyň maşynynyň şofýory bilen tötänden
ýatyp galaýsak,jaň edip birek-biregi oýarmaga çenli wadalaşdyk. Emma şol
gezek,megerem,howa şertine görä şeýle bolandyr,Aşgabadyň samolýoty raspisaniýä görä
gelmeli wagtyndan ýarym sagat ir gelipdir. Hernäçe tertiplidirin öýtseňem,adamda säwlik
bolýar-da.Irden jaň edäge-de,samolýotyň haçan gelýändigini anyklaman,Aşgabat uçarynyň
adaty gelýän wagty 8-30-a ýetişmeli diýen pikir bilenwagty gyrba-gyrat edip ýola düşdük.
Netijede,B. Kerbabaýewi garşylamanyzymyza dolandyk. Ol hiç kim garşylamansoň,taksi
tutupdyr-da,şähere gaýdypdyr.
Ýolda gelýärkäk Hanguly:
—Atam,gojamyzyň toý keýpine-hä ikimiz döwek goşaýdyk öýdýän?—diýdi. —
Özem ilden soň Gahryman boldy-laýt! Bizembir sagat irräk çykaýmaly ekenik welin…
Dogrudanam,Berdi Kerbabaýewe öz deň-duşlaryndan has giç,75 ýaşy dolansoň
Gahrymanlyk berildi. Hut şol dabara mynasybetli gelen gezegi-de biz ony hormatly
myhman hökmünde garşylap bilmedik.Has täsin ýeri-de mundan ozal,näçe ýylyň
167
dowamynda,her aýda iki gezek Moskwa gelse-de,gojanyň aeroportda garşylanmadyk
sapary bolmandy.
Men SSSR Ýazyjylar soýuzyna ýetmän,SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň
“Sylaglar bölüminiň” deňindemaşyndan düşüp galdym. Men ol ýerde bölümiň işgäri
ZinaidaŽukowa bilen uçraşyp,aýyň sekizindäki Ýyldyz gowşurlyşynyň nähili ýagdaýda
geçirilýändiginiň maglumatyny almalydym.
Şol “bahanany” men kemem görmedim.Sebäbi,şeýle dabaraly pursatda,aýagymyzyň
astynda gurat ýeňil maşyn barka,iki ýaş ýigit bolup bir gojany garşylap bilmezligimiz bize
uly hata iş edenimiz ýaly duýulýardy. Müýnli halyňa myhmanhana baryp ýaşulynyň
ýüzüne seretmegem aňsat däldi.“ Men soňrak aýlanaryn. Sen gojaň ýanyna baryber!” diýip
maşyndan düşenimde Hanguly:
—Ýeke özümi garry ýolbarsyň agzyna itekläp,özüňem ol garnyny doýrup
köşeşensoň barmakçy-da!—diýip güldi.
Zinaida Žukowanyň ýanyndan çykyp edara barsam,stolumyň üstünde: “Atam,men
diri. Goja ýolbars ikimiz saňa “Moskwa” myhmanhanasynda garaşýarys.H. G. T” diýen
ýazgy bar eken.
Meniň aladam ýetikdi. Hanguly ýaly toý komandirowkasyna gelen adam däldim.
Myhmanhana baryp,keýp çekip oturmaga wagtym ýokdy. Bolsa-da,myhmanhanajaň
edip,gojanyň haýsy otagdadygyny anykladym.
Trubkany B. Kerbabaýewiň özi aldy. Salam berdim.
—Ýeri,ýatak drug,sag-amanmyň?
—Sag-aman-a welin… —diýip,men özümiň müýnlüdigimi biraz dymmak bilen
boýun aldym.
—Aýby ýok. —Gojanyň ýylgyryp gepleýändigi bildirdi. —“Bir ýazyksyz är
bolmaz”.Hany,gel!—Men işimiň kändigini aýdamsoň,goja dowam etdi. —Işe gutarma
ýok.Damak edinemizsoň,uzak eglemen.
—Han aga-da ýanyňdamy?
—“Han aga” diýýäniňem özüň ýaly ýatak Hanguly boljak bolsa,ýanymda.
Men myhmanhana barmaly boldum.Berdi Kerbabaýew gapyny ýylgyryp açdy-da:
—Ýatak drug,hoş gördük!—diýdi.
Ol özüniň garşylanmaýşy barada ýeke gezegem dil ýarmady. Ýöne uly “lýuks”
otagyň bir duluny tutup ýatan iki sany ullakan çemodany,üç-dört sany çaklaňja ýaşşigi
görüp,öz-özümden utandym. Elbetde,ol ýükleri aeroportuň hyzmatçylary maşyna
ýükländirler,myhmanhananyň hyzmatçylary hem maşyndan düşürip nomere getirendirler.
Bolsa-da…
Berdi Kerbabaýew diýilýän adam juda degnasyna degläýmese,derrew gaharlanýan
adam däldi. Ýalňyşandygyňy boýun alsaň,ol mydama-da hataňy bagyşlaýardy.Onuň
ýekinde ýigrenýäni ýalançylykdy. Özi bolsa,çagajyga bir zady wada etse-de,wadasynda
tapylýardy,şony başarmasa-da ötünç soraýardy.
*
Berdi Kerbabaýewiň nesil daragty şeýle:özi Berdimyrat,Berdimyradyň kakasy
Kerbaba,Kerbabanyň kakasy Öwezgylyç,onuň kakasy Halmyrat ker,onuň kakasy Hally
gapan,onuň kakasy Döwletmyrat,Döwletmyradyň kakasy Aman döş.
168
Ýazyjynyň başdaş aýaly Ogulgözel 1921-nji ýylda ýogalypdyr. Ikinji aýaly
Durdygözel ýeňňe otuzynjy ýyllarda dünýäden ötüpdir. Ogulgözelden Sapa bilen
Baky,Durdygözelden Gözel bilen Ejegyz galypdyr. Gyzlarynyň birini—Gözel
Berdiýewnany men gowy tanaýardym,elinden birnäçe gezek duz iýipdim.Ol doktordy.
Ogullarynyň biri—Baky Berdiýewiç alym-biolog,birnäçe ylmy kitaplaryň,sprawoçnikleriň
awtory,Beýik Watançylyk urşunyň weterany.Ýazyjynyňuly ogly Sapany Krymda
ýogalandyr diýip çaklaýardym.“Çaklaýardym” diýýänimiň sebäbi men ol barada ýaşula
sowal bermändim. Ýöne men bir gezek ýazyjylaryň Krymdaky döredijilik öýüne
putýowka alandygymy aýdanymda,Berdi aga birhili tukatlandy-da: ”Kryma hiç aýagym
çekenok. Men ol ýerde gerçek oglumy ýitirdim” diýdi.Men gojanyň derdini täzelemejek
bolup,ogly barada soramandym. Emma 1999-njy ýylyň 21-nji martynda Baky Berdiýewiç
meni öýüne myhmançylyga çagyranda agasy Sapanyň 1937-nji ýylyň iýunynda Aşgabatda
inçekeselden ýogalandygyny aýtdy.Ýazyjy ogluny Kryma bejertmäge äkiden eken. Şol
ýerde hem onuň keseli beterläpdir. Baky BerdiýewiçSapanyň kyrky hem
geçmänkä,kakasynyň tussag edilendigini-de ýatlady.
Berdi Kerbabaýew şol gezek tussag edilende Baky 15-16 ýaşly ýetginjek eken.
Ol altmyş ýyl mundan ozal bolan wakany ýatlap,ajy ýylgyrdy.”Öýe dört sany
HKWD-çi kürsäp girdi. Olaryň üçüsi sapançaly,biri bolsa ullakan tüpeňlidi. Sapançalylar
derrew kakamyň kitaplaryny dörmäge başladylar. Dördünji esger hem tüpeňini diwara
söýedi-de,ýoldaşlaryna kömekleşmäge durdy. Söýelgi duran tüňeň meniň ünsümi çekdi.
Oglanlyk edilendir-dä,oýnasym gelip,duran tüpeňi elime alanymam şoldy welin,kitap
dörüp duran üç esger maňa tarap üç ýerdensapança gönükdirdi-de: “Ruki wwerh!”
diýip,çirkin gygyryşdylar. Men aljyradym. Kakam olara tarap gazaply seretdi-de: “Sizde
ynsap barmy?—diýdi. —Nä,oglan şol ýaragy atyp biler öýdýäňizmi? Onuň ýüregini bir
ýaraýmaň ahyryn!” Esgerler meniň elimdäki tüpeňi alansoňlar,ýene kitap dörmäge
başladylar.Olar içerden del zat tapmasalaram,kän mahal geçmänkä,kakamy öňlerine salyp
ugradylar. Gapa ýeten kakam yzyna gaňryldy-da: “Mert bol,Baky! Sen erkek
adamsyň”diýdi. ”
B. Kerbabaýewiň soňky aýaly Merýem Ezizownady.“Ol türk generalynyň gyzy
bolmaly” diýip hem gürrüň edýärdiler. Merýem Ezizowna örän sowatly hem peşeneli
aýaldy. Onuň öňki adamsyndan Emin atly ogly bar. Ol Kerbabaýewiň familiýasyny
göterýär. Ol ylymlaryň doktory,Moskwada ýaşaýar.Berdi aganyň Merýem Ezizownadan
bir ogly bar—Baýram. Ol hem ylymlaryň kandidaty.Baýram Berdiýewiç Aşgabadyň
medisina institutyndagistologiýadan sapak berýär. Berdi Kerbabaýewiň gol doly ogulgyz,agtyk-çowluklarynyň hemmesi-de ylymly- bilimli,edepli adamlar.
Merýem Ezizowna “Türk gyzynyň ykbaly” diýen roman ýazdy. Ol roman köp
adamy,şol sanda meni-de alada goýdy. Roman rus dilinde ýazylandy. Şonuň üçinem awtor
ony Moskwa neşirýatlarynyň birinde çykartmakdan tamakindi.Türkmenistanda ýaşaýan
ýazyjynyň kitaby Moskwada çykmaly bolsa,onuň amala aşyrylmagyna men hemhaýsydyr
bir möçberde dahyllydym.Özi-de men ol meselä gizlin gatnaşmalydym.“Gizlinluk” hakda
Merýem ejäniň özi menden haýyş edipdi.Sebäbi şol romanyň ady agzalsa,Berdi
Kerbabaýewiň keýpi bozulup,jyny atlanyberýärdi.
Romanyň golýazmasyny Moskwa neşirýatlarynyň birine hödürläninden
soň,Merýem Ezizowna maňa ýygy-ýygydanjaň etmäge başlady. Onuň gojanyň öýde ýok
169
mahalyny peýläp jaň edýändigini men aňýardym. Çünki kätegürrüň gyzyşan
mahalygepleşigiň arasy tapba kesilýärdi.Diýmek,Berdi aga öýe dolanan bolmalydy.
Merýem eje meniň ol romanyň çykmagyna ýardam edip bilmesemem,zelel etmejegime-de
ynanýardy.Her gezegem ol telefongürrüňini: “Meniň saňa jaň edenimi agaň bilmesin”
diýen tabşyryk bilen tamamlaýardy. Men ýeňňemiziň jaň edýändigini,romanyň
golýazmasynyň Moskwadadygyny B. Kerbabaýewe aýtmaýardym.
Barybir golýazmany Moskwa neşirýatlary oňlamady. Roman Aşgabatdaçap edildi.
Ýöne ol kitap okyjy köpçüliginiň seslenmesini gazanmady. Beýle çaklamanyň nähili
dörändiginiň sebäbini aýdyp biljek däl,ýöne ol romanyň adygyp ötägimändiginde B.
Kerbabaýewiň eli barmyş diýen ýaly gürrüň hem bardy.Ol çaklamany men düýpden
esassyz hasaplaýaryn.Sebäbi roman çykandan soňadygmagyna päsgel berip biljek Berdi
Kerbabaýew kitabyň,umuman,Aşgabatda çap edilmezligini-de gazanyp bilerdi ahyryn.
Men muňa birjigem şübhelenmeýärin.
Berdi Kerbabaýewiň aýalynyň roman ýazmagy “peşeden pil ýasaýan” gybatçylara
esli salym güýmenje boldy.“Ykbal” romany çap bolanyndan soň: “Aýgytlyädimi” hem
Berdi Kerbabaýew ýazman,Hydyr Derýaýew ýazypdyr” diýen samsyk gep ýaýradylyşy
ýaly,indi täze birgeň gürrüň ýaýradyldy.“Berdi Kerbabaýew asla ýazyjy hem dälmiş. Onuň
öňki eserlerini-de aýaly ýazanmyş”.Şeýle gülkünç gürrüňgol çekilip ýa-da çekilmän
ýazylan hatlaryň üsti bilen SSSR Ýazyjylar soýuzyna-da baryp ýetdi. Elbetde,olhabarlar
üçin ýolbaşçylar menden ýazmaça düşündiriş talap etmediler.Ýöneşeýle gürrüňiň
döremegi,üstesine-de,onuň Moskwa çenli-de ýetirilmegi hiç kim üçinem abraý däldi.
Merýem Ezizowna,roman heniz çap bolmanka,onuň golýazmasynyň nusgalaryny
käbir ýazyjylaryň aýallaryna okamaga berýär eken.Bir gezek men tanyş ýazyjynyň öýüne
salamlaşmaga baranymda,onuň aýalygalyň golýazma okap oturan eken.Çalasowat aýal
özüni Belinskiniň bäri ýany hasaplap,aýratyn depdere roman baradaky “düýpli”
belliklerini-de toplapdyr.Özi öýünde ýok ýazyjynyň aýalynyň uzadan bir käse çaýyny
içýänçäm,onuň bilen gep-söz alyşmaly boldy. Men oňa “Daýza,näme okaýaň?” diýip
sowal berenime-de derrew ökünmeli boldum. Daýza şeýlebirynamly gepledi welin,asyl
onuň okaýan romany edebiýatda heniz görülmedik belentlik eken.Ol belentligi okamak
tutuş Aşgabatda sanaýmaly adama miýesser bolupdyr.Meniň ol romanyň golýazmasyny
okanymdan bihabar daýza iň soňunda-da: “Bu roman Kerbabaýewiň şu mahala çenli
ýazan ähli eserlerindenem zyýat” diýip goýberdi.Belkem,“Kerbabaýewiň eserlerini aýaly
ýazýarmyş” diýen gürrüň hem şolar ýaly daýzalar tarapyndan köpçülige ýaýradylandyr?
Hawa,Berdi Kerbabaýew bilen Merýem Ezizownanyň arasynda,ujypsyzam
bolsa,“är-aýallyk towy” bardy.Ýaňky ýaly daýzalaryň ýaýradýan ýalan-ýaşryk gürrüňleri
bolsa ol towy has-da berkidýärdi.
Berdi Kerbabaýewiň öýüne hälimi-şindi barýan beýleki dost-ýarlary ýaly menem
käte iki oduň arasynda galýanlaryň biri bolýardym. Sebäbi salamlaşmaga
baranymda,ýaşuly bilen içgin gürleşsem,Merýem ýeňňemize,Merýem ýeňňemiz bilen
ýylgyryp salamlaşsam-da ýaşula ýaramaýan ýalydy. Kä halatlarda bolsa ýagdaý gülkünç
derejä çenli baryp ýetýärdi.
Bir gezek Aşgabada komandirowka gelenimde,Berdi Kerbabaýew ir bilen
myhmanhana jaň etdi-de,günorta nahara çagyrdy.“Biziňkiler bu gün jüýjeli palaw
bişirmekçi.Naharhana gidip ýörme-de,öýden damaklanyp gidäý!”
170
Belleşilen mahal Hywaly Babaýew3-e bardym. Daşarda,belent çynaryň saýasynda
uzyn stol goýlupdyr. Stoluň bir çetinde Berdi aga,beýleki çetinde Merýem eje oturan eken.
Men hem ol ikisiniň arasynda oturmaly boldum. Saçagyň üstünde kompot,gök
önümler,tämiz gap-gaçlar bardy. Palaw entek getirilmändi.
Ýetmiş ýaşy arka atan är-aýal öz aralarynda tutuk gürleşseler birhili-de bolýar.Bir
seretseň,olaryň bolşy teatr sahnasyndaky artistlere meňzeýärdi,tutuklygam oýun ýalydy.
Olar birdenem hüňürdeşip gepleşiberýärdiler,birdenem,biriniň edýän dürs hereketi
beýlekisine ters bolup görünýärdi.
Orta palaw geldi. Onuň üstündäki bölek-bölek etleri synlan B. Kerbabaýew maňa
tarap seretdi.
—Jüýjeli palaw diýgäniňizem göştli oş boldumy,jora?
Maňa seredilip geplense-de,kinaýa öý bikesine degişlidi. Merýem eje-de maňa garap
jogap gaýtarmaly etdi.
—Palaw ataryljak mahaly öýde towugyň damagyny çalmaga erkek adam ýokdy.
Jüýjeli palawy indiki gezek iýäýersiňiz.
Şony diýen Merýem Ezizownatarelkalaryň birini alyp meniň öňümde goýdy. Berdi
aga bolsa ýüzüni kürşertdi-de,ol tarelkany gapdala süýşürip,ýerine başga birini goýdy.
Men kyn güne galdym. Ýaşulynyň goýan tarelkasyny peýdalansam,ýeňňem gaty
görjek,ýeňňemiň tarelkasyny ulansam,agam halajak däl. Men olaryň hiç biriniňem
göwnüne degmezlik üçin palawy tarelka goýman,çemçämi“umumy tabaga” uzatmaly
etdim.
—Bir piýala şerap meýliň barmy? —diýip,B. Kerbabaýew maňa ýüzlendi.
Sesiniň äheňinden many alsaň,gojanyň özi-de bu mahal şerap içmäge höwesek däl
ýalydy. Ýönemen geplemänkäm,Merýem Ezizowna men bolup diýen ýaly jogap gaýtardy.
—Bu yssyda şerap nämä derkarmyş? Şeýle dälmi,Atajan?
Atajan ýene çykgynsyz ýagdaýda galdy. ”Meýlim bar” diýsem,Merýem eje
bar,”Meýlim ýok” diýsem—Berdi aga. Maňa dymaýmakdan başga ýol galmady.
Dogrudanam,howa gaty yssydy. Aňryň gyzgyn şerap däl,sowuk suw
küýseýärdi.Emma aýalynyň islegine garşy gitmek isledimi-nämemi,Berdi aga daşarda
duran sowutgyçdan bir çüýşe ermeni konýagyny alyp geldi. Ol bulgurlara iki owurt ýaly
içgi guýdy-da:
—Başarýan adamyssyda-da şerap içýändir—diýdi. Bu hem Merýem ejä berilýän
jogapdy.
Goja ikimiziki gezejik bulgur götersegem,teklibiniň goldanmany üçin
ýeňňemiziňýüzikürşerdi.
Garaz,ýagdaý birhiliräkdi. ”Iki at depişer,arasynda eşek öler”.Goja aýalyna,aýaly
goja berjek sowalyny meniň“dilmaçlyk” etmegim bilen amala aşyrýardy.Men şeýle
pursata sataşan mahalym özümi gaýnatasy bilen ýaşmakly gelni “gepleşdirýän” ýüwürji
ýaly duýýardym.
Meniň köp-köp maşgalada bolaýýan beýle maýdaja wakalary ýatlamagymyň öz
sebäbi bar. Berdi Kerbabaýew diýilýän adam özüniň tutuş ömrüni maýdu —iri,esasluesassyz çaknyşyklaryň,sebäplu-sebäpsiz gapma-garşylyklaryň içinde geçiren adam.
Elbetde,“Är-aýalyň urşy—ýaz gününiň ýagyşy”—Berdi aga bilen Merýem eje mahal171
mahal hüňürdeşselerem,bir-biregi ýürekden ýigrenmeýärdiler.Maşgalanyň ýeňil
dartgynlygy Berdi aganyň döwrüniň syýasy dartgynlygy bilen deňeşdirilende,hiç zatdy.
Syýasy urgulardan halys lejigen Berdi Kerbabaýew 54 ýaşyndaka çyn
ýürekdensarpa goýmaýanam bolsa,kompartiýanyň hataryna girip,oňa “bukulmak” islesede,döwrüň ejiz syýasaty hiç mahalam onuň ýüzünden sypamandyr. Munuň hakykatdanam
şeýledigini Berdi Kerbabaýewi ýakyndan tanaýan,onuň uzak ömür ýoluna göz aýlan
adamlar gowy bilýändirler.
Ýadymda,bir gezek “Moskwa” myhmanhanasynda ikiçäk bolup gök çaý içip
otyrkak men Berdi Kerbabaýewe gödegräk hem göwnünden turmajagyny öňünden bilen
sowalymy berdim. Sowal onuň SSSR-iňýolbaşçysyNikita Hruşýowy magtap ýazan
poemasy bilen baglanyşyklydy. Ol poemadan öňbaşça ýaranjaňlygyňysy gelýärdi.Berdi
Kerbabaýewibolsa ýolbaşça ýaranjaňlyk edip eser ýazýan namart awtorlardan däl hasap
edýärdik.
Berdi aga meniň ýüzüme dikanlap seretdi-de,gönüsinden geldi.
—Aňýan. Sen o poemaň äheňini halamanyň üçin ýaňky sowaly berýäň.Gönümel
dost-ýarlarymyň köpüsiseňki ýaly pikirde. Arseniý Tarkowskiý bilen Nikolaý Atarowam
(N. Atarow.“Gaýgysyz Atabaýyň” terjimeçisi. —A. T.) poemany oňlamadylar… Ýöne
1916-njy ýyldan soň,tä Hruşýow döwlet başyna gelýänçä,men ýeke gije-de rahat uklan
däldirin. Bimahal telefon jyrlasa-da,dost-ýar-aşnalam gapymy kaksa-da,goşumy
ýygnamalymykam öýdüp ýaýdanýardym. Eýsem-de bolsa,men ömrüme kän gezek “goş
ýygnap” görüpdim…
IŇ SOŇKY DUŞUŞYK
1974-nji ýylyň jokrama tomsunda men zähmet rugsadyna çykyp,Moskwadan
Aşgabada gaýtdym.Öýünde bar bolsa,salamlaşmaga barmak pikiri bilensamolýotdan
düşen badyma Berdi Kerbabaýewe jaň etdim. Telefonda onuň sesi garyljyk
çykansoň,degşen bolup:
—Gepleýän özüňmi ýa kömekçiňmi?—diýdim.
—Özüm-ä özüm welin,“Bidöwleti düýe üstünde it ýarar”—şu yssyda az-kem
sowuklapdyryn—diýen ýaşulynyň sesi ynjyk çykdy. —Hany,gel!
Men çemodanymy myhmanhanada taşlap,Hywaly Babaýew 3-e bardym. Jaýa
girdim-de,B. Kerbabaýewe hemişe gabat gelýän ýerim—onuň agras bezelen iş kabinetine
geçdim. Kabinetde adam ýokdy. Ahyr men ony jaýa girilýän ýeriň gapdalyndaky kiçijik
otagdan tapdym. Ol inçejik tahtanyňüstünde ýygrylyp ýatyrdy. Salamlaşdyk. Ol
Moskwadaky dost-ýarlarynyň hal-ýagdaýyny soraşdyrdy,soňky günlerde haýsy tanyşlara
gabat gelenim bilen gyzyklandy.
Men onuň agyr-agyr dem alşyny,öýkeniniň hyžlap durşuny halamadym. Şonuň
üçinem keýpini birneme götermek isledim.
—Men-ä basym öýlenmekçi,halypa.
—Oň bolsun hernä! Oňatja oýlandyňyzmy?
—Oýlandyk öz-ä… Senem toýa çenli sowuklamadan açylaweri!
—Seň toýuňy göräýjekdim welin… —diýip,ýaşuly göwnüçökgün dillendi. —
Nesibedir-dä…
172
—Hökman görersiň. Toýy sensiz geçirip bolmaz… Adaty sowuklamadyr-da.
—“UAZ-69” dagy-ha talap edýän däldirler-dä hernä?—diýip,goja çalaja ýylgyrdy.
—“UAZ-69” diýseler,menem iller ýaly saňa hat ýazaýaryn-da…
Berdi aganyň “UAZ-69” diýmeginiň gülkünç manysy bardy. Bir gezek ol özüne
gelen hatlardan birini çekip aldy-da,maňa uzatdy.“Me,şuny okap gör!”
Ol Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan R. diýen ýigidiň haty
eken.R. özüniň B,Kerbabaýewe ýazan hatyndabir asylly hem gözel gyz bilen telim ýyl bäri
halaşýandygyny,emma iş jygba-jyga gelip,toý sähedi bellenmeli bolanda,garaşylmadyk bir
ýagdaýa uçrandygyny beýan edýärdi. Söýülýän gyz ýigidiň öňünde: “Eger seniň meni
söýýäniň,maňa öýlenjegiň çynyň bolsa,galyňyň ýany bilen kakam üçin bir “UAZ-69”
kysymly maşyn getirmeli bolarsyň” diýen şert goýupdyr. Ýigit ol maşyny almaga
gurbunyň çatmaýandygyny ýazyp,Berdi Kerbabaýewden pul kömegini,ýagny şol ulagy
sowgat etmegini soraýardy.
Gepiň gerdişine görä aýtsam,gelýän hatlarda B. Kerbabaýew diýilýän adam
durmuşyň ähli kynçylyklaryny aňsatlyk bilen çözüp bilýän,näme diýse,aýdany derrew
hasyl bolýan adamdyr diýen ynam bardy. Şonuň üçinem söýýän gyzynyň galňyna “UAZ69” kysymly maşyn geçirmeli sada ýigitden başlap,eden etmişi sebäpli atuw jezasy
berlen,tutuş ömründe ýazyjynyň ýeke setirini hem okaman,diňe adyny eşidýän
jenaýatçylara çenli haraý isläp,Kerbabaýewe ýüzlenýärdiler.
Gep-gürrüňimiz gutaransoň,meniň ýokaryk seredenime üns beren B. Kerbabaýew:
—Ýiten karnizleri ýatlaýaňmy?—diýip,gepbaşy üçin sowal berdi.
—Ol karnizler biriniň jaýyny bezeýändir—diýip men ýylgyrdym.
—Durmuşda her hili adam bolýandyr,dorogoý drug!—diýip,goja çalaja baş
ýaýkady. —Irimçigem bardyr,hyrdasam…
(Berdi Kerbabaýew “kiçi”,”maýda” sözlerine derek mydam “hyrda” diýen sözi
ulanýardy.)
Karnizli gepiňem öz “taryhy” bardy.
Birki ýyl şondan ozalBerdi Kerbabaýew jaýyny remont edende,eýwanyny tutuş
täzeletdi.Täze eýwana täze tuty,täze tuta-da täze karniz gerekdi. Bir gezek ol maňa jaň
edende,iki sany karniz alyp ibermegimihaýyş etdi.Sebäbionuň isleýän karnizi Aşgabadyň
dükanlarynda ýok eken. Men onuň diýýän karnizlerinden iki sanysyny aldym-da,Aşgabada
gidýän tanyş hem gabat gelmänsoň,şäheriň merkezi aerowokzalyna çykdym. Ol ýerde hem
Aşgabada gidýänleriň arasynda tanyş ýok eken.Ahyry,şundan amatlysy bolmasa gerek
diýen çak bilen görmegeý gelin bilen duran sypaýy ýigidiň ýanyna bardym,haýyşymy
aýtdym.
—IkimizemAşgabadyň oba hojalyk institutynda okaýas. Ýaňyrak toý etdik—
diýip,ýalan sözlejege asla meňzemeýän ýigit başdan ynama girdi hemem haýyşymy uly
höwes bilen bitirjekdigini aýtdy.
Men ýigidiň eline “Aşgabat.Hywaly Babaýew,3.Telefon 3-28-46.Berdi
Kerbabaýew” diýen ýazgyny berdim-de,samolýot barjak uçury ýaşulynyň öýünde
garaşjakdygynyýa-da jaň edilse,özüniň aeroporta geljekdigini duýdurdym.
—Ýok,ýok—diýip,ýigit ör-gökden geldi. —Ýaşulyny azara goýup bolmaz. Biz
onuň köçesinem bilýäs,derwezesiniň ýaşyl reňki bilenem tanyş. Şol köçeden günde-günaşa
geçip durüs.Berdi Kerbabýewi tanamaýan türkmen barmy!Biz jaň hem etmeris173
de,ýüzümiziň ugruna karnizleri goýup ötägideris. Hemem karniz arkasyndan,Kerbabaýew
ýaly adam bilen salamlaşarys.
Men ol ýigit bilen gelne minnetdarlyk bildirip,edara gelemsoň,B. Kerbabaýewejaň
etdim. Ol reýs barýan wagty öýünde,telefonyň başynda garaşjakdygyny aýtdy.
Emma B. Kerbabaýew tä agşama çenli öýünden çykman otursa-da,gapysyny
kakanam,jaň edenem bolmandyr. Bir hepdeden soň men ýene iki sanykarniz alyp,ony
Moskwa komandirowka baran ýazyjy Hojanepes Meläýewden iberdim.
(Men şujagaz epizody bir mahalky ýaş ýigit bilen owadan gelin,aman-esen ýaşap
ýören bolsalar,şol karnizli meseläni unutmasynlar diýen niýet bilen ýatlaýaryn. Olaryň
ikisine-de saglyk,rowaçlyk arzuw edýärin).
Näsag ýatan gojakarnizli wakany ýatlap ýylgyrdy.
Şol gezek men ertir irden dolanjakdygymy aýdyp,ýaşuly bilen hoşlaşdym.Ertesi
welin men ony görüp bilmedim. B. Kerbabaýewi,ýagdaýy agyrlaşýandygy
zerarly,keselhana ýerleşdiripdirler. Şol gün oňa azar bermeli däl diýdiler.
Ýene bir güni geçirip,keselhana bardym. B. Kerbabaýewiň garyndaşlarynyň hem bir
topary keselhananyň töwereginde gezmeleşip ýördüler. Onuň ýanyna keseden adam
goýberilmeýär eken. Diýmek,gojanyň haly teň bolmalydy.
Koridorda esli garaşanymdan soň,ýaşulynyň uly ogly Baky Berdiýewiç ýanyma
geldi. Ol gaty kynlyk bilen:
—Aý,giräýsene!—diýdi. —Ýöne kän eglenmejek bolgun. Ýaşuly gaty ýadawdyr…
Giň palata ýeke ýerlikdi. Men girenimde,ýazyjynyň kiçi ogly Baýramkakasynyň
ýüzüni ýelpäp duran eken.
Berdi aga örän ynjyk hem ýadaw nazar bilen maňa tarap seretdi. Bizi ikiçäk goýmak
islän Baýram aňryk çekildi-de,sowutgyjyň gapysyny açan boldy.
Goja ikimiz üm bilen salamlaşdyk. Men oňa ýakyn bardym-da:
—Nähili,halypa?—diýip pyşyrdadym.
—Hal ýaman,aşna!—diýen B. Kerbabaýew,meniň bilen hoşlaşýan ýaly bolup,sag
eliniň ysgynsyz barmaklaryny zordan goşaryma ýetirdi. —Hal ýaman,aşna.
Şol üç söz meniň Berdi Kerbabaýewiň dilinden eşiden iň soňky sözüm boldy.
Baky Berdiýewiç palata girdi. Onuň gelmegi maňa “Duşuşygyň wagty gutardy”
diýen duýduryşboldy. Men palatadan çykdym.
Baýram meniň yzymdan ýetdi. Ol özi hem medisina işgäri bolansoň,ýagdaýy
ýuwmarlajagam bolup durmady-da:
—Seň goja dostuň ýagdaýy-ha gowy däl,gardaş—diýip,açyk gepledi. —Ertir
Kremliň keselhanasyndan professor Pomeransew ýörite gelmeli. Ýöne,ýadan
organizme,ýokary ganjoşma,ötüşen öýken sowuklamasyna professor nätsin!. .
—Süňňi-hä berk bolmalydyr—diýip,men ýagdaýy ýagşa ýorjak boldum.
Baýramaýagynyň burnuna seredip gepledi.
—Süňňi berkdir welin,“onluklardanam” habar almaly-da…
Şondan soň men ýaşulynyň ýanyna baryp bilmedim. Sebäbi ertesi daň bilen
Gylyçdurdy Sähetmyradow myhmanhana jaň edip,meniň tizden-tiz Mara
uçmalydygymy,samolýota bilet aladasyny hem edendigini aýtdy. Obada bir pajygaly waka
bolan eken. Agamyň üç ýaşlyja ogly kakasynyň traktorynyň aşagynda galyp heläk
bolupdyr. Men hökman gidäýmelidim…
174
Obadakam Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň sekretary Aşyr
Nazarow partiýanyň Murgap raýkomyna jaň edip,Berdi Kerbabaýewiň ýogalandygyny
aýdypdyr,maňa bolsa Aşgabada dolanmagyň habarynyň ýetirilmegini haýyş edipdir.
1974-nji ýylyň 24-nji iýulynda Berdi Kerbabaýewiň jesediniAşgabadyň eteginde
türkmeniň gyzgyn topragyna tabşyrdyk. Külli türkmen öz tanymal oglundan jyda
düşdi,Kaýsyn Kulyýew aýtmyşlaýyn “Türkmen edebiýatynyň Elbrusy ýykyldy”. Şol
edebiýatyň kiçijik wekiljigi bolan men hem talapgär halypamdan,özümden tas elli ýaş
uly,emma käte deň-duş ýaly,käte ataly-ogul ýaly bolup geçen aşnamy ýitirdim.
Resmi gazýet dilinde aýtsam,Berdi Kerbabaýewiň jaýlanyşy ýokary derejede
geçmedi. Ony jaýlan günümiz Moskwada SSSR Ýokary Sowetiniň sessiýasy açylýardy.
Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylarynyň hemmesi şoňa gidipdi. Berdi Kerbabaýewiň
beýleki respublikalarda ýaşaýan,onuň patasyna geläýjek dostlarynyňam köpüsi Ýokary
Sowetiň deputatydyklary üçin Moskwa giden bolmalydy. Oňa garamazdan,goňşy
pespublikalaryň ählisinden Aşgabada delegasiýa geldi.SSSR Ýazyjylar soýuzynyň ýas
delegasiýasyna bolsaprawleniýeniň sekretary kabardin ýazyjysy Alym Pşemahowiç
Köşekow ýolbaşçylyk etdi.
Berdi Kerbabaýew hakynda meniň ýazmaly zadym gaty kän.Men ony amala
aşyrmagy türkmen edebiýatynyň,türkmeniň medeni taryhynyň öňündäkiborjum
hasaplaýaryn. Ýöne şu gezekki ýazgymy onuň döwürdeşi Ata Köpek Mergeniň goşgusy
bilen tamamlamakçy. Sebäbi uly halypamyzyň aradan çykan güni onuň sakgaldaşy
tarapyndan ýazylan hasrat şygry Berdi Kerbabaýewi tanan,onuň bilen duz-emek bolan
dost-ýarlarynyň,müňlerçe okyjysynyň adyndan aýdylan ýaly bolup dur.
Ýaňy dälmi segsen ýaşyň bellänmiz,
Ýatan ýeriň ýagty bolsun,Berdi aga.
Şum habara güwläp gitdi kellämiz,
Ýatan ýeriň ýagty bolsun,Berdi aga.
Bir meniň däl,uly iliň agasy,
Ýüz ýaş bilen uzak däldi arasy.
Tapylmaýar şum ajalyň çäresi,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.