Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15

Total number of words is 3646
Total number of unique words is 2175
30.6 of words are in the 2000 most common words
43.2 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“Wera hanymdan (Wera Feonowa—SSSR Ýazyjylar soýuzynyňDaşary işler
komissiýasynyň türk hem owgan edebiýatlary boýunçaterjimeçi geňeşçisi—A. T.)sorap
habar et” diýipdim welin,näme üçindir,habar bermediň.Belkem,geleňsizlik zerarly
unudansyň.
Men ol kitaby Ankaradan Wera hanymyň adyna iberipdim. Hatam ýazdym. Eýsemde bolsa,ol kitap tizden-tiz bize gowşar ýaly,ýörite bar-da,haýyş et. Hanguly (H.
Taňryberdiýew. —A. T.) kitaplary getirdi. Ýöne Ankaradan iberen kitabym ýok. Ol bärde
zerur gerek. Tizle.
Hemme saglyk. Dostlara salam.
B. Kerbabaýew. 24. 11. 71. ”
Bu hat Berdi Kerbabaýewiň Türkiýä gidip-gelenden soň ýazan haty bolmaly.
Hatdaky gürrüň onuň öz kitaby barada däl-de,Garajoglanyň diwanyna degişli. Ol
Garajoglan barada gaty kän alada etdi. Onuň kitaplaryny getirdi,getirtdi,köp ýerlere ýüz
tutdy. Emma ol Garajoglanyň Türkmenistanda çykan kitabyny görmän düňýäden ötdi.
*
155
“Gorkiý adyndaky Edebiýat insitutytynda okaýan okyjylara (hatdaşeýle—A. T.)
ýörite hat.
Gadyrly okuwçylar! Biz Edebiýat institutynda terjimeçilik bölümini nähili kynlyk
bilen açdyrdyk,oňa nähililik bilen okyjylary taýynladyk. Sebäbi bize özümizden ýetişen
terjimeçiler suw bilen nan ýaly zerur. Şol zerur mesele üçin döwlet näçe maýa sarp edýär!
Men öz studentlerimiz şol ahmiýetli ýagdaýa kemsiz düşünýndir öýdýärdim. Siziň
şowly okuwyňyza adatdan daşary guwanýardym.
Emma institut direksiýasynyň maňa beren maglumatyna görä,meniň şol ynamym,şol
guwanjym üflenen tüsse ýaly bolup,arman,puja çykyp barýar.Studentleriň iki-ýekesi
bolaýmasa,galanlary hepdeläp okuwa-da baranoklar. Olaryň nirelerde gaýyp bolýanyny
bilýän-de ýok. Özleriniň abraýyny ýele sowurýanlary-da ýok däl.
Gör,nähili ysnat! Gör,nähili ajy şarpyk!
Şol agyr zarba çydaman hem men size şu haty ýazmaga mejbur boldum.Geliň,biz
egri oturalyň—dogry gürleşeliň.Siz sowet ýaşlary,sowet okyjylary bolup durup,şeýle
wejeralyga nähili ýüz urup bilýärsiňiz? Özüňiziň ýaş ömrüňizi,altyn wagtyňyzy,gözel
abraýňyzy nähili ýele sowrup bilýärsiňiz? Ýa institut maňa galp maglumat berýärmi?
Şeýle bolsa,men ýörite baramda,näme üçin siziň hiç biriňizi-de tapmadym? Siziň
nirededigiňizi habar beren-de tapylmady.
Belki,siziň okuwa baranyňyza ökünýäniňiz bardyr? Şeýle bolsa,döwlet maýasyny
biderek sarp etmän,bizi namys astynda goýman,derrew yzyňyza dolanmagyňyz zerur.
Şu haty okanyňyzdan soň,siz mazalyja oýlanyň. Meýliňiz okamazlykda
bolsa,derrew goşuňyzy toplaň.Eger-de ýalňyşlyk goýbereniňize biraz düşünip,ökünip
başlaýan bolsaňyz,onda şindem bir pille,siz ähli haý-owaýydan elýuwup,bütin ünsüňizi
okuwa bermeli,sypdyran pursatlaryňyzy ýanyşdyrmaly.
Emma boş söz berip,ýeneöňki geleňsizligiňizi dowam edip,bizi ysnat astynda
galdyrjak bolsaňyz,onda menden eýgilik tamasyny etmeli däl. Men ýakynda ýene Moskwa
bararyn,ähli ýagdaýyňyzy derňärin,kim zerur sebäpsiz bir gününi sypdyran bolsa,şol
sagadyň
özünde
instituty
terk
etmeli
bolar.
Şeýlelik
bilen
yzyňyzadolansaňyz,respublikanyň ýokary okuw jaýlarynyň birine-de ýerleşeris diýen tama
etmäň!
Hormatly Atajan! Meniň adymdan studentleriň baryny ýygna-da,şu haty okap ber.
Kim näme pikirde? Maňa hiç hili wada gerek däl. Men okuw talap edýän—maňaterjimeçi
gerek.
“Jany ýanan Taňrysyna gargar” nakylyna görä,meniň ajy sözümi gaty görmesinler.
Özlerini gören bolsam,öz ýüzlerine has-da zäwegliräk söz aýdardym.
Berdi Kerbabaýew.
25 hoýabr,1968”
B. Kerbabaýew hernäçe aladalansa-da,elinden-dilinden gelen kömegi etse-de,şol
topardan biz ýekeje-de terjimeçi alyp bilmedik. Ýöne Berdi aga milli kadrlaryň köpelmegi
üçin gaty kän alada edýärdi,biziň ýalňyşlyklarymyzy düzedýärdi,käte dagy juda gödek
hereketlerimizi-de bagyşlaýardy. Ol Moskwa ýoly düşse,ýatakhana baryp,türkmen
studentleriniň hal-ýagdaýy bilen içgin gyzyklanýardy.
156
Bir gezek,agşamaralar student otagymda ýeke özüm işläp otyrkam,gapy kakyldy.
Gapy kakany mydama çilim ýa-da otluçöp gözläp ýören student ýoldaşlarymyň biridir
öýdüp “Giriber!” diýsem-de,gireniň kimdigine birbada ümsem bermedim.
—Ýeri,ýoldaş,işläp otyrmydyň?—diýen sowala yzyma garasam,iç işikde duran
Berdi Kerbabaýewdi.
Men aňk-taňk bolup ýerimden turdum-da,ýaşuly bilen görüşdim.
—Aý,işem däl-de,oňa-muňa güýmenip otyrdym—diýip,gümp-samp etdimde,stolumyň üstünde ýatan alty ýüz sahypalyk golýazmamy ondan ýaşyrjak boldum.
—Hany,Gowşut han barada roman ýazýa” diýdiler-le?!
Men Berdi Kerbabaýewiň ýanynda “Roman ýazýan” diýen howalaly sözi dilime
getirmäge-de çekinip:
—Aý,ýok-la,roman ýazyp bolarmy?—diýen boldum.
—Onda Okalmaz Nuryýew dostuň maňa galat sözledimikä?—diýen goja stola
golaýlady-da,Gowşut hanyň şahsyýetine,onuň döwrüne degişli maglumatlary bellän
ullakan depderimi açdy,äýnegini dakynyp,sahypalamaga başlady.
—“Ýazamok” diýýäň welin,bu bellikler näme? Okalmaz galat aýtman,seň özüň
galat aýdýan ýaly-la?
Berdi aga meniň ýygnan materiallarymyň käbiri bilen gaty ünsli tanyşdy. Ony ilki
özüne çekenMarynyň Goňur obasyna ýesir düşen fransuz Blokwiliň ýazgylary boldy.
—Şoňa-da suratçy-buýanky diýen bolýalar welin,galatmyka öýdýän. Ol Gowşut
hanyň üstüne ýörite gönderilen hakyna tutma jansyz bolaýmasa.O zamanam biziň
topragymyzyň,esasanam Merwiň hyrydary kändi. Gowşut hanyňam şolar ýalynyň biriniň
elinden ölen bolmagy ahmal. Şeýle gep biz oglankagam bardy.
—Gowşut han,dogrudanam,iliň gürrüň edişi ýaly akylly adam boldumyka,Berdi
aga?
Ýaşuly esli salym dymdy-da:
—Bizde han köp boldy. Ýöne,Gowşut han ýalysy bolan däldir.Han ýöne han
bolýar,hanlyk edýär,Gowşut hanöňürti guýmagursak akyldar,onsoň han.Atamyz pahyr oň
adyny dilinden düşürmezdi.
Berdi Kerbabaýew şol agşam Gowşut hanyň eneden ters bolan gyzynyň adyna
Düzüw dakylandygyndan başlap,Dowan şahyryň,Maýly hanyň ruslaryň öňünden suw alyp
çykany üçin:
Bigaýrat,binamys boldyň sen,Maýly,
Elden gitdi,Gowşut hanym gelmedi — diýen setirlerine çenli
ýatlady. Ol sözüni şeýleräk tamamlady:
— Bu zamanda han-begler barada ýakymsyz gürrüň köp edilýändir. Eýsem-de
bolsa,Gowşut han hakda il içinde ýaman gep ýokdur. Ol uçursyz akyl-paýhas eýesi bolan.
Halk ogly bolan. Giňgursak bolan. .
Ol “Giňgursak bolan” diýdi-de,aýdan sözüni tassyklaýan mysal getirdi.Bir gezek
Gowşut hanyň ejesi eglip,tamdyra nan ýapyp durka,geçip barýandul çopan onuň sagrysyny
synlapdyr-da,bir gödek söz aýdyp goýberipdir. Ol hem aglamjyrap oglunyň ýanyna
barypdyr-da: “Sendenem han bolarmy? Geçip barýan bir süpügem eneň sagrysyna dil
ýetirip geçdi. Han bolsaň,oň başyny al ahyryn” diýipdir.Gowşut han loh-loh gülüpdir-de
157
“Aý,eje,sagrysy hiç kimiň gözüne ilmeýän heleý han ogul dogrup bilmez ahyryn!” diýip
jogap beripdir.
Berdi aga maňa rowaçlyk diläp,ýerinden turdy,sagbollaşdy.Birdenem ol gapa ýetip
barýarka,yzyna dolandy-da:
—Hany,ruçkaňy ber-le!—diýdi.
Olstoluň başynda ornaşdy,äýnegini dakyndy. Meniň ullakan depderimiň ikinji
sahypasyna ýeýle sözler ýazdy: “GOWŞUT HAN TÜRKMEN TARYHYNDA
UNUDYLMAZ BIR OBRAZ.OL HALK OBRAZY.KIM ŞONY DIKELDIP
BILSE,ONUŇ TÜRKMEN HALKY ÜÇIN UNUDULMAZIŞETDIGI.
BERDI KERBABAÝEW.
26. 06. 1965. ”
Şol uly depder meniňMurgabyň Gojuk obasyndaky jaýymda henizem saklanýar.
Mahal-mahal men ol depderi açyp,goja halypanyň tagaşyksyzrak,ýöne özboluşly harplary
bilen eden ýazgysyny synlaýaryn,öz studentlik ýyllarymy ýatlaýaryn.
“MEN KI TÜRKEN IÇRE GEZDIM…”
Ozal belleýşim ýaly,Berdi Kerbabaýew syýasy çaknyşyklar zerarly durmuşyň ajy
şarpyklaryny dadyp,gözüniň ody alnan adamdy. Oňa garamazdan,1970-nji
ýyllardaAzerbeýjanda Nesiminiňhutazerbeýjan şahyry hökmünde ýubileýi bellenjek
bolanda,Türkmenistanyň edebijemgyýetçiliginiň arasynda ol dabarany türkmenleriňem
başgalar bilen bellemäge haklydygy barasyndagürrüňbaşlananda B. Kerbabaýew ol meselä
keseden garaýansynçy bolup durmady.
Azerbeýjan garyndaşlarymyzyň Nesimini diňe özleriniň şahyry hökmünde kabul
etmekleri dawany ula sapdy.Nazar Gullaýew bilen Tejen Nepesowyň ähtibarly taryhy hem
edebi materiallary esasynda garasaň,Nesimi Yrakdaky türkmen edebiýatynyň merkezinden
bolup çykýar. . Alyşir Nowaýy bolsa Nesimi barasynda “Nesaýym-ul-muhabbet” atly
eserinde şeýle ýazýar: “Seýit Nesimi Yrak we Rum tarapyndaky mülkden erkendir,RUMY
hem TÜRKMENI tillerinde şygyrlar aýtgandyr. (Nawoi,Asarlar,tom 15.Toşkent,1963.
sahypa 182.) Şundan ugur alsaňam,türkmenleriň ol toýuň eýesi bolmagy tebigydi.Aslynda
Nesiminiň toýy Yrak türkmenleri bilen garyndaş bolýanlaryň hemmesiniň toýudy. Şonuň
üçinem türkmenlerem ol toýuň guramaçysy bolmagahaklydy.
Taryh sahypalaryna ser salsaň,15-nji asyrda Bagdatda türkmenleriň uly toparynyň
ýaşandygy belli bolýar.Şahyr hem patyşa Ysmaýyl şa Hataýy şeýle ýazýar: “Gitdikçe
tükenir arabyň kuh-e mesgeni. Bagdat içre her niçe kim türkmen gopar”.Diýmek,Bagdatda
kimi tutsaň,türkmen bolup çykaýýar eken.
Nazar Gullaýewiň irginsiz jepakeşligi bilen toplanan maglumatlara görä,Nesimi
özüniň türkmen asly barada şu setirleri ýazypdyr:
Men ki türkmen içre gezdim,hiç musulman görmedim.
ýa-da:
Arap nutky tökülmüşdir tiliňden,
Seni kimdir diýen kim TÜRKMEN sen? (“Diliňden arap sözleri dökülip
durka,kim saňa türkmen diýer?”).
158
Azerbeýjanlar bolsa ol setirlerdäki “türkmen” sözüni“turhman” diýip alaga-da:“O
zamanlarda hemme türki dilli milletlere “turhman” diýilýär eken” diýen ýapyşalga
tapyp,Nesiminiň toýuny diňe öz atlaryndan geçirmekçi bolýardylar.
Ilki Tejen Nepesow bilen Nazar Gullaýewiň gollary goýlan,soňam Nazar
Gullaýewiň diňe öz adyndan ýazylan düýpli ylmy material maňa gowşan gününiň
agşamlygy Berdi Kerbabaýew öýüme jaň etdi.Salam-helikden soňky iş gepleşigi örän
gysga boldy: “Nazaryň taýýarlan dokumentleri gowşan bolsa,ony Tihonowyň hut öz eline
gowşur. Kurýer bilen ýollama,özüň eltip bergin!”
Men Nikolaý Semýonowiç Tihonowyň “Stalin jaýyndaky” (Bir ganaty“Udarnik”
kinoteatrly,bir ganaty“Estrada” teatrlykaşaň jaý Stalin döwründe salnany üçin bolsa
gerek,şeýle atlandyrylýardy. Ol jaýda“hökümet adamlary” ýaşaýardylar.Belli ýazyjy Ýuriý
Trifonowol jaýyň ýaşaýjylary hakda “Kenardaky öý” atly ajaýyp roman hem döretdi.)
kwartirasyna jaň etdim.Trubkany ýazyjynyň gyzyNina Nikolaýewna göterdi. Biz ozal
çalarak tanyş bolanymyz üçin Nina derrew kakasyny telefonaçagyrdy. Umuman,Nikolaý
Tihonow diýilýän uly şahs kömekçisiniň üsti bilen “Onuň şu mahal siz bilen arkaýyn
gepleşmäge wagty ýok.Ýene bir öwrümde jaň edäýiň!” diýdirýänlerden
däldi,sadady,tapbilendi,pespäldi,örän medeniýetlidi…
Meniň N. Tihonowa jaň eden agşamymdan iki-üç gün ozal Moskwada
Edebiýatçylaryň Merkezi Öýünde bolup geçenplenumda türkmen ýazyjysy Gylyç
Kulyýew hem çykyş etdi.Şonda ol Gündogaryň kowumdaş dilli halklarynyň gadymy
edybiýatynyň wekilleriniň ýubileýi geçirilende örän inçeden yzarlanmasa,syýasy gapmagarşylyga sataşylaýmagyňam ahmaldygynynygtady. Ýazyjy Nesimini mysal getirdi,onuň
ýubileýini türki dilli milletleriň hemmesiniň toýy diýlip geçirilmelidigini belledi.
Gylyç Kulyýew öňe çykyp geplände zalyň ünsüni çekmäge örän ökde oratordy.
Şol gezeg-ä ol özüniň gaty taýýarlykly adamdygyny has-da subut etdi. Onuň
çykyşyny SSSR Ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçylary hem uly üns bilen diňlediler.
Şonuň üçinem Nesiminiň ýubileýiniň “gürrüňliräkdiginden” habarly,SSSR
Ýazyjylar soýuynyň milli edebiýatlar boýunça Sowetiniň başlygy N. S. Tihonow şahyryň
adyny tutanymdan ýaýdanyp gepledi.“Umuman,men şol ýubileýe goşulmakdan ýüz
döndersem gerek” diýdi. Oňa garamazdan,Aşgabatdan ýollanan hat bilen tanyşmaga
razylyk berdi.
Ertesi belleşilen mahal men “kenar ýakasyndaky jaýda” peýda boldum. Gapyny özi
açan N. Tihonow: “Dawaý,drug,po-turkmenskiý!”(“Hany,dost,türkmençeläli!”) diýip,iki
elinem öňe uzadypgörşensoň,stol başyna geçildi.Ol ýaşlyk ýyllarynda Türkmenistana eden
syýahatyny ýatlady,atly,düýeli,eşekli,paý-pyýada aýlanan ýerleriniň atlaryny sanaşdyrdy.
Men hem öz gezegimde,şol syýahatlaryň netijesinde onuň döreden “Ýol ber,Gürgen
çaýy!” diýen eseriniokanymda,edil türkmen awtorynyň eserini okan ýaly bolandygymy
nygtadym.
Şondan soň gürrüň baş meselä—Nesimä syrykdy. Nikolaý Semýonowçiň mylaýym
gyzyl ýüzi agraldy.
—Nesimi barada dek düýnGeýdar Alyýew jaň etdi. Öten agşamam Berdi
Myradowiç Kerbabaýew. Bir-ä ýegre dostum. Birinem,özüň bilýäň. (Azerbeýjan KPMKnyňbirinji sekretary. —A. T.).Men hanja ýörejegimi bilmän,ýubileý Komitetiniň
başlygyGeorgiý Markowa jaň etdim. ”Goý,iki respublika Nesiminiň ýubileýini nähili
159
geçirmelidigi hakda bir çukura tüýkürsin. Biz şondan soň goşulaly” diýdim.Indi Markow
hem janserek…
Men Nazar Gullaýewiň taýynlan dokumentlerini ýaşula goýup gaýtdym.
Şol günüň ertesi SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň Nesiminiň ýubileýini
geçirmek baradaky Komitetiniň dabarataýynlyk görşi sekretariatyň mežlisinde diňlendi.
Ol meseleden öňürtiÝazyjylar soýuzynyň ýakynda Yraga gidip gelen toparynyň
hasabaty alyndy. Ol barada delegasiýa ýolbaşçy bolup gidenkabardin ýazyjysy Alym
Pşemahowiç Köşekow çykyş etdi. Ol saparyň hemme zadynyň oňat bolandygyny
nygtamak bilen bir ýakymsyz ýagdaý hakda-da durup geçmeli boldy. Delegasiýanyň
hatarynda bir Azerbeýjan ýazyjysy hem bar eken. Ol yrakly “öý eýelerine”: “Maňa ildeşim
Nesiminiň mazaryny görkeziň!” diýip,haýyş edipdir. Asly türkmen bolan öý eýeleri hem
ol sözleri halaman: “Özi yrakly şahyr nädip siziň ildeşiňiz bolýarmyşyn? Kapitalistler-ä
biziň ýerasty baýlyklarymyzy sorup alýar.Indi sizem biziň ruhy baýlyklarymyzy almakçy
bolýaňyzmy?” diýipdirler. Ol habar hem nesimili meseläniň has-da dartgynlaşmagyna
getirdi.
Nikolaý Tihonow gara dere batyp söz sözledi. Ol Nazar Gullaýewiň hatyndanam
birnäçe mysal getirdi.Şeýle hem ol Nesiminiň haýsy milletiň wekilidigini nygtap
durman,“Gündogar şahyry” ýa-da “Türki dilli şahyr” diýäge-de ýubileýi geçirmegi
maslahat berdi.
Emma gojanyň “Ne çiş köýsün,ne kebap” etjek bolmasy doly goldanmady.Mežlisde
galmagal turdy.Moskwadaky galmagalyň ýaňy derrewem Bakuwa ýetipdir. Geýdar
Alyýewiň hut özi Aşgabada jaň edip,M. Gapurow bilen“mazaly” gepleşipdir. ”Ýokaryk”
çagyrylan Nazar Gullaýewe bolsa “ümsümje” bolmak maslahat berlipdir.
Netijede,Nesiminiň ýubileýi Bakuwda hem Moskwada azerbeýjan şahyrynyňtoýy
hökmünde geçirilmeli edildi.
Men derrew N. Gullaýewe dört setir degişme ýazyp ýolladym:
Ruhanylar aldap beýik Allany,
Nesimini dabanyndan soýdular.
Bu gün Tihonowy,Nazar Gullany,
Gardaşlarmyz çoh azara goýdular. —
Şonuň yz ýanyndan Moskwa komandirowka gelen B. Kerbabaýew Nesiminiň
ýubileýi barada ýangynly-ýangynly gürrüňler etdi-de:
—Hany,Nazaraýollan beýdiňi aýdyp ber!—diýdi.
Men ony gaýtaladym.
Berdi aga ýylgyrdy-da:
—Seresap bol!—diýdi.
—Näme üçin seresap bolmaly? Hakykatyň ýalana öwrüleni üçinmi?
Meniň sowalym ýaşula ýaramady. Onuň ýüzi agraldy.
—Hakykat

ýüzünde
hakykata
öwrülýänçä,kän
gezek
çürkenilýändir.Birinjiden,seň başyň ýaş. Ikinjidenem,türkmende “Oýunçy utulanyny bilse
ýagşy” diýen gep bardyr… Biziň ýolbaşçylarymyz şeýleräk adamlar-da. Diňe öz
janlarynyň rahatlygy barada oýalanýalar…
160
13 BIŞOW SANMYKA?
1969-njy ýylda ýazyjylaryň Gyrgyzystanda geçmeli sebitara duşuşygyna
gatnaşmaga razyçylyk beren Berdi Kerbabaýew Frunze şäherine Aşgabatdan göni
baraýman,Moskwanyň üstündenaýlanyp gitmeli etdi. Ol paýtagta gelende,“Moskwa”
myhmanhanasynyň 6-njy gatyndaky 13-nji otagda ýerleşdi.
Ikimiz tirkeşip,jaýa giren badymyza ýaşuly,garaşylmadyk ýerden stola büdredi.
Stoluň üstünde duran kaşaň grafin ýere gaçdy-da,dört-bäş bölege bölündi.
—Nämäni göwnüňe getirseň,şolam bolýa-da!—Berdi aga grafin böleklerini aýagy
bilen bir gyra sürüp durka hümürdedi. —Şu gezeg-a samolýotda-da 13-nji hatarda
oturmaly boldy. Ýaňy şu otaga pul tölänimde-de,13 manat bermeli eken.
—Jäç döwülse,gowulyga ýorulýar-a…
—Ony orslar şeýle hasap edýäler. Iňlisler bolsa 13 diýen sany halamaýarlar.
—Biz orsam däl,iňlisem.Şonuň üçinem göwnümize zat getirip durmaly däl.
—Ol-a şeýle welin… —diýip,B. Kerbabaýew oturgyja geçdi. —Hany,sen
arabalymeseläňi bir çöz,dorogoý drug!
(Kerbabaýew “taksi” ýa-da “maşyn” diýmän,mydam “araba” diýýärdi.)
Men edara jaň edip,ertir aeroporta gitmäge maşyn buýrmak üçin ýazuw stolunyň
üstünde duran telefon apparatynyň ýanyna bardym. Görsem,apparatyň ýüzüne-de292-2613 diýlip ýazylypdyr. . .
—Ýaşuly,telefonyň nomeri hem 13 bilen gutarýar eken!
—Ana,gördüňmi!—diýip,goja ýylgyrdy. —Bir gezek gämä münen ýolagçylaryň
jemi sany 13 bolany sebäpli bir iňlis diplomaty öz ýolundanam galaýypdyr.
Berdi Kerbabaýew yrymçy hem däldi welin,şol gezeg-ä 13 diýen san ony biynjalyk
edýän ýalydy.
Edaradan ertir bize berilmeli maşynyň nomerini sorasam,86-13 diýdiler.
—Bu nähili boldy!—diýip,B. Kerbabaýew gülüp goýberdi. —Hernä muň soňy bir
eýgilik bilen gutarawersin-dä!
Biz ertir irden Gyrgyzystana bile uçmalydyk. Şonuň üçinem ozaldan telefon arkaly
wadalaşygymyza görä,men bu gije myhmanhanada galmalydym.
Berdi Kerbabaýewiň ukusy “guşuň ukusy ýaly” diýilýändi. Ol gaty giç ýatyp,gaty ir
hem oýanýardy. Onuň üçin uklamak kynam däldi. Ýolda-yzda maşynyň üstünde-de,gözüni
ýumdugy uklaýýardy. Ol özüne erk edip bilýän adamdy.Käte ol “Üç minutlyk uky maňa
bir sutka ýetýär” diýip gülýärdi.
…Men B. Kerbabaýewiň sesine ukudan açyldym. Jahan ýaňy ýagtylyp ugran
eken.Emma gara kostýum geýip,aýnanyň öňünde daşaryk seredip duran goja pessaýdan
ýognas sesi bilen aýdyma hiňlenýärdi:
Çarhy bet bakryň elinden eýlerem men dady heý,
Çünki kyldy bizni gamgyn,özgelerni şady heý…
Baglarda gyzylalma,
Ýar lebi şirin alma.
Ajala men çoh ýalbardym:
“Özüm al,ýarym alma!…
161
Şol aýdymyň yzyndan meniň heniz eşitmedik setirlerim ýaňlandy:
Dagystan —dag ili,
Gürjüstan — bag ili.
Daglarnyň üsti garly,
Baglary päk enarly… —
Men oýanandygymy bildirmän,uzak wagt aýdym diňläp ýatdym.
Otagda ertirlik edinenimizden soň,goş-golamlarymyzy alyp daş çykdyk. Aşakda biz
bilen bile gitmeli belarus ýazyjysy,Lenin baýragynyň laureaty,“Palessiýa senenamasy”
diýen epopeýanyň awtory Iwan Pawlowiç Melež hem garaşyp duran eken.
Biz diplomatlarymyzy Meležiň çemodanjygynyň ýanynda goýup,aýak çeken
badymyza daşary ýurtly turist bary alagalmagal bolup myhmanhanadan çykdy. Olar hem
biziň ýanymyzda saklandylar. Kän mahal geçmänkä,turistleriň mähnet awtobusy gelip
durdy. Gaýda-gaýmalaşyk başlandy. Daşary ýurtlular awtobusa gapgarylansoň,duman
sowlan ýaly boldy. Şol mahalam B. Kerbabaýew gapdalyna garady-da:
—Hany,meň diplomatym?—diýdi.
Garma-gürmelikde onuň diplomatynyň daşary ýurtlularyň goş-golamynyň arasy
bilen gidendigi ikuçsuzdy.
Men ugrajak bolup duran awtobusa tarap ylgadym.
Biziň çakymyz dogry bolup çykdy.
Gojanyň diplomatynyň daşary ýurtlularyň goş-golamynyň arasy bilen gitmeginiň
sebäbi hem bar eken. Kerbabaýewiň diplomatynyň tutaýyndaol ozal daşary ýurda gidip
gelensoňam aýrylman galdyrylan,ýüzüne latyn harplary bilen “Mister Kerbabaýew” diýip
ýazylan birka bardy. Myhmanhanayň hammallary bolsa şol birkä seredipdirlerde,“misteriňki” bolansoň,Berdi aganyň diplomatynam awtobusa basypdyrlar.
—Gördüňmi 13 sanyň bişowdygyny!—diýip,elgoşy gaýtarylyp getirilen B.
Kerbabaýew güldi. —Ana,seň 86-13-iň hem peýda boldy!
Biz üç bolup,86-13-e atlandyk-da,aeroportatarap ugradyk.
Heniz şäherdenem saýlanmankak,agraslanan ýaly bolan “Wolga” silkindi
welin,maşyndan az-kem başy çykýan B. Kerbabaýew:
—Ana,dorogoý drug,arabaňam tigri ýaryldy—diýdi.
Dogrudanam,maşynyň tigri ýarylypdyr. Üstesine-de,geleňsiz şofýoryň ýanynda
ätiýaçlyk tigri-de ýok eken. Indi ol maşyny ýedi ýoluň üstünde taşlap,soýuza gidip tigir
getirmelidi ýa-da jaň edip,şofýor ýoldaşlarynyň birine ýalbarmalydy.
Kerbabaýew diplomatyna ýapyşdy.
—Öz gamymyzy özümiz iýibereliň!Bu sölitäň raýyna garasak,samolýotdanam gijä
galmagymyz ahmaldyr.
Taksä kän garaşmaly bolmadyk. Ýöne ulaga münen badymyza goja yzyna gaňryldyda:
—Gördüňmi,drug,13 sanyň ediberişini!—diýip ýylgyrdy.
Biz aeroportaaman-esen baryp,deputatlaryň otagynda çaý içdik-de,derrewem
samolýota mündük. Emma uçmaly wagtyndan kän mahal geçse-de,samolýot ýerinden
gozganmady. Ol uçjaga-da meňzemeýärdi,trapy-da aýyrmaýardylar Onuň daşynda alada
bilen gaýmalaşyp ýören adam kändi. Birdenem,ýolagçylara samolýotdan düşmegi
buýrdular.Biz ýene deputatlar otagyna bardyk. Oturup-oturmankagam ýene samolýota
162
münmäge çagyrdylar. Garaz,şeýdip,ýolagçylary alasarmyk güne saldylar. Ýagdaý şeýle
bolansoň ynjalyksyzlanmanam durulmady.
Soň bilip otursak,bir kel-köwser ýolagçyçemodanyny tabşyryp,registrasiýadan
geçensoň,bufete çaý içmäge gidipdir,bildirişi hem eşitmändir.Şonuň üçinem ýolagçylary
samolýotdan düşürip,şol gelmedik adamyň “howply bolmagy mümkin”çemodanyny
gözlemäge başlapdyrlar. Şol mahalam çaýhor ýolagçy haýdap gelipdir.
Ak bulutlaryň depesine çykan samolýot Gyrgyzystana tarap gönelensoň,men
ýaşulynyň ýüzüne garadym-da:
—Şol 13 diýilýän sanyň birneme bişowdygyna menem indi ynanman duramok—
diýdim.
—Biynjalyk bolma!—diýip,goja ýylgyrdy.
—Asmandaky samolýotyň tigri
ýarylmaz…
Biz sag-aman Frunze şäherine baryp ýetdik.B. Kerbabaýewe aýratyn bir ýeňil
maşyn berkiden ekenler. Ol ulaga münmänkä,maşynyň döwlet belgisiine seredensoň,maňa
garap ýylgyrdy.
—Hudaýa şükür! Muň-a nomerinde13 san ýok eken…
Dogrusyny aýtsam,biziň şol gezekki Gyrgyzystan saparymyzdan soň menem
13diýen sandan çekinmän duramok.
TANALÝANHEMSYLANÝANADAM
Berdi Kerbabaýew köp ýerlerde tanalýan adamdy. Bir gören,gürleşen adam
onyunutmaýardy.Onuň özüni tanamaýanlaryň köpüsi kitaplary bilen tanyşdy.Ýazyjynyň
käbir eserleri bolsa dünýäniň onlarça diline terjime edilipdi.
Meniň “Berdi Kerbabaýew” diýen ýazgylar depderimde şeýle bir bellik bar eken:
“Şu gün “Astoriýa” myhmanhanasynyň birinji gatyndaky dynç alynýan ýerde
“Literaturnaýa gazýetany” okap otyrkam,golaýymdaky kürsüde ornaşan hindi aýaly maňa
tarap seredip,ýanyndaky ýaş gyza öz dilinde bir zatlar diýdi. Men bir sözüne düşünmesemde,gürrüňiň özüm barada gidendigini çakladym. Asyl ýaş gyz ol gartaşan aýalyň dilmajy
eken. Dilmaç päsgel berilýäni üçin menden ötünç sorady-da:
—Siz rus dilindäki gazýeti okaýarsyňyz welin,daş sypatyňyzdan-a orsa
meňzäňizok—diýdi. —Hanym siziň nä milletdigiňiz bilen gyzyklanýar. Ermeni bolsa
gerek diýip çak edýär.
Men özümiň türkmendigimi,Leningrada bolsa Moskwadan üç günlük
komandirowka gelendigimi,başga myhmanhanalardan ýer tapylmansoň,daşary ýurtlularyň
ýaşaýan “Astoriýasyna” tötänden düşendigim hakda aýtdym terjime edilenden soň,hindi
aýaly,tanşyna sataşan ýaly bolup,mylaýym ýylgyrdy-da,bir zatlar diýişdirdi.
Dilmaç öz borjuny berjaý edende,men ol aýalyň “türkmenleriň “Aýgytly ädim”
romanyny” Ýaşpalyň terjimesinde öz ene dilinde okandygyny bilip galdym.
8 apr. 1968,Leningrad,“Astoriýa”.
Bir gezek men şahyr Resul Gamzatowy Moskwanyň “Şeremetýewo” aeroportundan
daşary ýurda ugratmaly boldum. Ýolda barýarkak oňa:
163
—Resul aga,siz düňýäň gaty kän ýurdunda bolduňyz. Türkmenistana-da gezmäge
baryň ahyryn!—diýdim.
—Barardym welin,Berdi Kerbabaýew bolmasa,kim maňabir käse çaý berer?
Men ony ýeňjek bolup:
—Uç million türkmeniň üçden biriniň ady Berdidir—diýdim.
Resul aga maňa agras nazar bilen garady.
—Üç million türkmeniň üçden biriniň adynyň Berdidigini sen maňa ynandyrarsyň.
Ýöne Berdi Kerbabaýewiň iki boljagyny maňa Hudaýam ynandyryp bilmez. . .
Ol sözler türkmeniň myhmanparazlygyny peseltmek üçin däl-de,Berdi
Kerbabaýewiň myhmanparazlygyny tekrarlamak üçin aýdylýardy.
Gepiň gerdişine görä,Berdi Kerbabaýewiň myhmanparazlygyny aýratyn belläp
geçmeseň,onuň doly keşbi görünmez.Onuň “duzunyň zordugyny” ýaşulyny ýakyndan
tanaýan,ýöne ony sulhy almaýan adamlaryňam köpüsi mertlerçe boýun alýarlar.
1974-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda edebiýatçylaryň uly ýygnagy geçirildi.Oňa
SSSR-iň hemme sebitlerinden diýen ýaly 80- denem gowrak adam gatnaşdy.
Şol mahallar Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komiteti serişde tygşytlamak
bahanasy bilen Ýazyjylar soýuzynyň öz gazanan puluny-da gelen-giden myhmana çaýsuw bermek üçin sowmagy gadagan etdi. Şeýlelikde,Aşgabat ýygnanyşygyna
gatnaşýanlara hezzet-hormat etmek meselesi biziň iş programmamyzdan öçürildi.
Gelenler myhmanhanada ýerleşenlerinden soň,men adaty endigim boýunça B.
Kerbabaýewiň öýüne salama bardym. Berdi aga şol mahallar Ýazyjylar soýuzynyň
başlygy däldi.Şeýle-de bolsa,ýaşuly myhmanlaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
—Gonaklaryň çaý-suwuna seredýän barmy?
—Ýok.
—O näme üçin beýle?
—Aý…
—Eýsem-de bolsa,çaý-suwuna seretmejek bolsaňyz,öýüňüze gonak çagyryp näme
etjekdiňiz?
—Merkezde ol barada ýapyk karar barmyşyn.
—“Ýapyk karar barmyşyn!”—diýip,B. Kerbabaýew ýaňsyly ýylgyrdy. —Eýsem-de
bolsa,ol kararda “Myhman çagyryň-da,çaý-suw bermän,yzyna ataryň!” diýen ýörite
görkezme barmyşynmy?
—Onçasyny-ha men biljek däl,ýaşuly.
Ýazyjy esli salym dymyp oturdy-da:
—Soýuzyň başlygy näme hereket edýär?—diýdi.
—Görkezme bar bolsa,olam şol görkezmä görä hereket eder-dä.
Berdi aga “h-m” edip ardynjyrady.
—Myhmanlaryň jemi näçe adam?—Jogap alansoňam ol:—Arabaçysy,beýlekisi
bilen ýüz gowrak boljak-da—diýdi. —Men olaryň hemmesini-hä bir gezekde çagyryp
bilmen.Gap-gajymyz ýetmäýmese…
—Aý,ýolbaşçylaryň özlerine abraý gerek bolmasa,sen näme üçin azara
galmalymyşyň?—diýip,men öz pikirimi gizlejegem bolmadym.
Goja çynlakaýgörnüşe girdi.
164
—Eýsem-de bolsa,Türkmenistana gelen del myhmanlar hezzet-hormatsyz
atarylsa,gelşiksiz bolar.Olaryň arasynda bu topraga ilkinji gezek gadam basanam bardyr.
—Onyň-a dogry.
—Dogry bolsa,gowusy,sen kinaýaly gepiňi goý-da,myhmanlaňňy ikä böl.Ellisini
erte agşam sagat alta,ellisinem birigün agşam sagat alta alyp gel. Bizem başarşymyzdan
saçak ýazaly.Baryny beren uýalmaz!
Şol gün agşamlykSSSR Ýazyjylar soýuzynda işleýän,bile gelen ýoldaşlarymyz bilen
guramaçylyk ştabyndaelimiz spisokly oturup,myhmanlary iki bölege böldük. .Gapy-gapy
aýlanybam,kimiň ertir,kimiň birigün Hywaly Babaýew köçesiniň 3-nji ýaýynaB.
Kerbabaýewiň öýüne myhmançylyga barmalydygyny öňünden aýdyp çykdyk.
Myhmançylygyň birinji agşamy diýseň gowy geçdi. Çagyrylanlardan zyýat adamam
gelmedi diýen ýaly. Uzyn stoluň üstünde türkmeniň köp-köp nazy-nygmaty bardy.
Myhmanlar örän hoşal boldular.“Gurt arkasyndan guş doýmuş” diýen ýaly,Ýazyjylar
soýuzynyň jogapkär işgärleri bolan biz hem B. Kerbabaýewiň hasabyna “körabraý”
gazandyk.
Myhmanlaryň köpüsiniň B. Kerbabaýew ol çakylygy Türkmenistan Ýazyjylar
soýuzynyň maýasynyň hasabyna gurandyr öýden bolmaklary-da ahmaldyr. Sebäbi özüniň
bir pisselik bähbidiniň ýok halatynda B. Kerbabaýewden başga hiç bir türkmen
ýazyjysynyň,material mümkinçiligi aňry ýany bilen bolaýanda-da,onça adamy öýüne
çagyrmajagy bellidi.
Ertesi agşam welin… Ertesi agşam men B. Kerbabaýewiň öňünde gaty bir gelşiksiz
ýagdaýa galdym.Sagat alty bolmanka,myhmanhanadan çykyp,Hywaly Babaýew köçesine
tarap (Myhmanhana bilen B. Kerbabaýewiň öýüniň arasy 3-4 ýüz metrden uzak däldi.)
gidip barýanlaryň sany elliden-altmyşdan has kändi. Olaryň arasynda düýn
çagyrylanlaram,asla çagyrylmadyk ýerli adamlar hem bardy. Hiç kime “Sen gitmeli däl”
ýa-da “Sen düýn bardyň ahyryn” diýäýmek aňsat däldi.
Men myhmanlaryň öň hataryndan ara açyp,B. Kerbabaýewiň öýüne ilden öňürti
bardym-da ýagdaýy aýtdym. Ýaşuly temezligini ýapyp duranmurtjagazyny dyrmady-da:
—Gelen—döwlet!—diýdi. —Eýsem-de bolsa,gapydan gelen myhman öz rysgy
bilen bile gelýändir. Oň üçin darykmaly däl. —Ol ýanynda duran körpe ogluna tabşyryk
berdi. —Baýram,sen maşynyňy otla-da,Gözel ejeň hemme gap-gajyny alyp gel…
Ýaşulynyň uly gyzy Gözel Berdiýewna hem Hywalay Babaýew köçesinde ýakyn
aralykda ýaşaýandygy sebäpli gerekli gap-çanak derrew häzir edildi.Kerbabaýewiň uly
ogly Baky Berdiýewiç bolsabazara adam ugradyp,gök-sök ugruny bol edip taşlady.
Başga ýerden kömek hem çagyrman,B. Kerbabaýewiň öz ogul-gyz,agtykçowluklary ýagdaýyň sepini bildirmän,ýüze golaý adamyň hyzmatynda berk durdular.
Hezzet-hormatam öten agşamkydan zyýat bolmasa,pes bolmady.
Gepiň gerdişine göräbellesem,B. Kerbabaýewiň öýüne bu agşam ikinji gezek
dolananlaram iýmek-içmek üçin gelmändiler. Olar owkada mätäç ýa-da
çakylyksyzgelip,öz mertebesini peseltjek adamlar däldiler. Olar Berdi Kerbabaýew diýen
belent şahsyň keşbini ýene bir gezek görmäge,sözüni eşitmäge suwsan adamlardy.
Şol agşam B. Kerbabaýewiň keýpi diýseň kök boldy.Başga respublikalardan gelen
şahyrlar goşgy okadylar,degişdiler,gülüşdiler.Agyr märekäniň göwnüni götermek
isläp,bulguryny elinden goýmadyk goja,tutuş agşamy aýak üstünde geçirdi. Ol kimi
165
gujaklaýardy,kimse bilen ogşaşýardy,kim bilen jak-jak urup gülüşýärdi,degişýärdi.Garly
dagyň bölegi ýaly belentden ak başly goja kişiuzak ülkelerden gelen tanyş-nätanyşlaryna
hoşlaşyk duzuny berýäne meňzeýärdi. Çünki şol agşam Berdi Kerbabaýewiňhowlusynda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.