Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14

Total number of words is 3611
Total number of unique words is 2111
30.0 of words are in the 2000 most common words
42.5 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
setirlere hut meniň üçin düşündiriş berdi.Iň soňunda-da ol:
—Araky terjime eden makalaň ýadyňdamy?-diýdi.
Men onuň Nowaýynyň ýubileýi mynasybetli “Literaturnaýa Rossiýa” gazýetiniň
haýyşy bilen ýazan makalasyny ýatladym.
Berdi aga makalasyny türkmen dilinde ýazyp iberensoň,redaksiýa ony rus diline
geçirmegi menden haýyş edipdi.Makala gazýetde çap boldy. Ýöne şol makalada maňa
onçakly düşnüksiz bolup galan bir pikir bardy. Ol hem 1940-njy ýylda Keminäniň
145
ýubileýine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen uly alym hem tanymal özbek-täjik ýazyjysy
Sadretdin Seýitmyratzade Aýnynyň aýdan sözleridi.
Berdi
Kerbabaýewiň
makalasynda
ýazmagyna
görä,Sadretdin
Aýny
Aşgabatdatürkmen alymlary bilen duşuşanda: “Alyşir Nowaýy ähli türki dilli halklaryň
deň—derejeli öz şahyrydyr. Ony haýsydyr bir türki dilli millete seňki diýip bermek
ýalňyşdyr” diýipdir.
—Sen bu ýere gelmeziňden edil on minut öň maňa Şaraf Reşidow jaň etdi—diýip B.
Kerbabaýewdiňe özi bilen gepleşýän ýaly hümürdedi. —”Ertirki dabarada Orta Aziýadan
ýeke adam çykyş etmeli welin,ol hem Kerbabaýew bolsun” diýdi.Elbetde…
Elbetde,dünýäniň kyrk töwerek ýurdundan delegatlar gelen uly dabarada tutuş Orta
Aziýanyň adyndan geplemeli ýeke adamynyň türkmen ýazyjysy bolmagy örän
buýsançlydy. Ýöne B. Kerbabaýew ony diňe bir özüne ýa-da türkmen halkyna
goýulýanaýratyn hormat hasaplamaýar eken. Hut şol pikiri tassyklaýan söz onuň agzyndan
çykmadygam bolsa,hakykatyň şol mana golaýdygyna men göz ýetirdim. Men ony köpi
gören syýasatçy Ş. Reşidowyň aýlawly diplomatlygy diýip hasap etdim.
Giň jaýy dymyşlyk gurşady. Men dymyp bilmedim.
—Beýle bolsa,“Bu toý hemmämiziň toýmuzdyr” diýäýmeli bolar-da,B. Kerbabaýew
aýdylany seljerýän ýaly,elindäki äýneginiň aýnasyna pitiklemäge başlady. Esli salymdan
soňam ol,bir zat hakydasyna gelen ýaly bolup,maňa tarap ýiti nazar aýlady. Ol nazar hem
sowala öwrüldi.
—Sen Babyry okapmydyň?
Men Babyryň adyny eşidýän-de bolsam,ýekeje setirini hem okamandygymy boýun
aldym.
—Babyr ol barada “Nowaýy “bek” emes erdi” diýipdir. Sen Tejen
Nepes,NazarGulla,Gandym Gurban dagy bilen köpräkotur-tur ediş.Olar könäni ýagşy
bilýäler. Diňe uniwersitetde bolaýmasa,biziň ýaşlarymyza köneden ders berilmeýär diýen
ýaly.
Soňra ýaşuly stol üstünde duran ýazuw depderini maňa tarap süýşürdi.
—Şunda käbir närseler bolmalydyr…
Men depderi öňüme çekdim.Şol mahal hem gapy kakyldy.Bosagada edil
ertekilerdesuratlandyrylýan
peişdelereçalymdaş,başdan-aýak
ak
geýnen,owadanakselleli,sakgal-murty gar ýaly örän peşeneli garry adam peýda boldy.
Oňa nazary düşen B. Kerbabeýew mylaýym ýylgyryp,ýerinden turdy,ýeňil ädimler
bilen gelene tarap ugrady.
Iki goja şeýlebir gadyrly salamlaşdy welin,men ol görnüşe aňk bolup seretdim.Olar
edil iki sany ak guş öpüşýän ýaly bolup,bir-biregiň ýaňagyndan taýly gezek
ogşaşdylar,gujaklaşdylar,hal-ahwal soraşdylar.
Men hem baryp,goja özbek bilen salamlaşdym.
Özbek ýaşulusy elindäki ullakan düwünçegi stoluň üstünde goýdy.
—Öz bagyňdanmy? —diýip,B. Kerbabaýew gyrasyndan ir-iýmiş görnüp duran
düwünçege garap ýylgyrdy.
—Albatda! Şu gollarym bilen ekgenlerimden—diýip,myhman ellerini görkezdi. —
Özbek topragynda hezzetläýin diýip getirdim. Sizni körgenimge juda hursant man.
146
—Menem hursant (hursant—şat) —diýip,B. Kerbabaýew myhmany ýüzüne owadan
gaýyş örtülen diwana eltip oturtdy. Özi hem onuň edil gapdalyna geçdi.
Menem iki goja päsgel bermezlik niýet bilen öňki ýerime gelip,B.
Kerbabaýewiňdepderini elime aldym. Ýazgylary okanymdan soň bolsa,olary ertirki
dabarada edilmeli çykyşyň tezisleri bolsa gerek diýip çak etdim.
Biziň deň-duşlarymyzyň (esasanam meniň özümiň) köneden bisowatdygymyz
barada B. Kerbabaýewiň edýän belligi dogrudy. Hakykatyny aýtsam,özüm-ä
“Nowaýy!Nowaýy!” diýip,hälimi-şindi eşidýänem bolsam,Berdi Kerbabaýewiň“Myraly
we Soltansöýüni” ýatdan diýen ýaly bilsemem,şahyryň ýekeje setirinem bilmeýärdim. Ýada Nesimi barada agzymyzda aş gatyklasagam,ol barada bar bilýänim Magtymgulynyň
“Nesimini dabanyndan soýdular” diýen setiridi. (Men Nesiminiň bir tomlugyny ýapýaňy,1994-nji ýylda okadym). Şol sebäpli-deBerdi Kerbabaýewiň Daşkentde eden
ýazgylary meniň üçin diýseň täsirli boldy.
Iki goja gürrüňleşýänçä,ýanbukjamdan çykaran bloknotyma B. Kerbabaýewiň
belliklerini başdan-aýak göçürdim. (Eger-de şol ýazgylarda ýalňyşlyk giden bolsa,olary
Kerbabaýewiň hatasy hasaplaman,göçürijiniň,ýagny meniň ýalňyşym diýip düşüniň!.)
B. Kerbabaýewiň ýazgylary şeýle:
“Nowaýy öz gelip çykyşy boýunça haýsy kowma degişli? Babyr öz
“Babyrnamasynda” “Alyşir “bek” emes erdi musahabi erdi” diýipdir. Bu ýerdesanaranärse
köp.
Türki düňýäde Ataýy,Lutfy,Nowaýy türki dilli şygra rowaç beren beýik akyldarlar
bolar.
Nowaýynyň “Çar kitaby”,“Hamsasy”—bu dokuz kitap ylmyň dokuz
basgançagy,çeperçiligiň dokuz derejesi,türki älemiň ýanyp duran dokuz ýyldyzy. Olary
okap öten,şerh edip bilen adama ulamadiýse bolar. Nowaýynyň ýene kitaplary bardyr.
Abdylhekim Gulmuhammet onuň “Muhakymat ul-lugataýyn” (”Iki diliň jedeli”) adyndaky
täsin bir kitabyny sadalaşdyrylan halda 1925-nji ýylda bizde neşir edipdi,1948-nji ýylda
Nowaýynyň özbaşdak kitabyny çap edipdik. ”Myraly hem Soltansöýün” adyndaky gürrüň
hekaýatly halk eseri türki düňýäde diňe türkmenlerde diýip oýlaýan.
Nowaýynyň türkmenlere bolan yhlasyny ölçegsiz diýmek bolar. ”Perhat hem Şirin”
dessanyndan:
Eger bir kowm,ger ýüz,ýogsa müňdür,
Mugaýýyn türk ulusy hut meniňdir.
Alyp men tagty permanymga asan,
Çerik çekmeý Hytaýdan tä Horasan.
Köňül bermiş sözümge türk jan ham,
Ne ýalguz türk,belkem,turkman ham.
Nowaýy türkmen gözeliniň aşygy. Beýt:
Nowaýy türklerniň terkin tutsa aýyp kylmaň ham,
Aňa bir türkmen mähweşiniň gamy mäkäm dolaşypdyr.
Nowaýyyň Merw hakdaky beýtlerinden:
Eý,saba,gözden uçur Mazenderanyň werdini,
Kim kylyp men sürme Merwi Şah Jahannyň gerdini.
Tä bakyp,Merw sary baş uraýyn,
147
Başny gök manzarydan aşyraýyn.
Hem-de:
Mesgenim hijranda bolsa,erdi Merw Şah Jahan,
Bergeý erdi hijriden ölsem tenumge şah jan.
Nowaýy öz wagtynda Astrabatda mahalydostlugyň hem garyndaşlygyň hatyrasyna
Töwrizde oturan Akgoýunlylar döwletiniň patyşasy Ýakup beg türkmene ussat
Abdyrahman Jamynyň bir eseriniň golýazmasyny peşgeşiberipdir.
Nowaýy üçin Merw sapaly hem rahat bir jaý. Ol Merw şährinde birnäçe medrese
(husrowiýe),hanaka saldyrypdyr,şypahanalar gurdurypdyr. Merw medresesinde okaýan
onlarça talyba öz girdeýjisinden harjy beripdir,alym akyllary goldapdyr.
Hyrat,elbetde,şol mahallar Horasanyň paýtagtydy. Hüseýin Baýkaranyň köşgi hem
şol ýerde ýerleşipdi. Nowaýy öz “Mejalis ün-nefaýys” adyndaky tezkiresinde 460 takmyn
şahyry,alymy,şyhlary
ýatlaýar.
Şolaryň
bir
topary
bolsa
Merwden,xBawertden,Mäneden,Saragtdandy. Ruhy Ýazyry,elbetde,ýazyrdandy. Mir
Sahyt Saragtda aradan gidipdir. Baba söwdaýy hem Bawertdendir. Mir Ceýit Hasan hem
şol töwerekleriň adamy bolmaly.
Türkmeniň gadymy,Orta asyry,18-20 asyrlary öwrenilýän bir pursatda ýaş
alymlaryň ertirki güni barada oýlanmaly.Tejen Nepes,Nazar Gulla,Saýlaw Myrat,Gandym
Gurban ýaly ýetginjek alymlary Aşgabatda gabap goýmaly däl. Olary
Bagdada,Töwrize,Hyrada hatda Londona alymlaryň ýanyna göndermeli.Olar öwrenmeli.
Hyjuwlary barka ýol geçmeli.
Nowaýy hem türkmenler uly bir taryh. Türkmende her sowatly öýde Nowaýy
bardyr”.
Berdi aga ýaşuly özbegi bile nahar edinmäge yrjak bolup kän alada etdi. Emma ol
daşarda uly oglunyň maşynda garaşyp oturandygyny,agtygynyň giçki otly bilen
Samarkantdan gelýändigini aýdyp,ýazyjynyň hödürini kabul etmedi.
B. Kerbabaýew myhmanyny daşky gapa çenli ugradyp geldi-de:
—Ýaňky bir täsin adam—diýdi. —Özi-de taýsyz bagban.Men onuň bilen
Hanyň(Han—Kerbabaýewiň Baýramaly şäherinde ýaşaýan inisi. —A. T.)
öýündetanşypdym.Soňra ol Aşgabada-da telim gezek bardy. Şeýdip,aşna-ülpet bolduk
ötägitdik.Hany,özbek düwünçegini açaly!
“Özbek düwünçegini” açmaga ýetişmedik. Ýene gapy kakyldy.Bu gezekki gelen
Ady agady.
—Aksakal aga,nä bu gün agzymyz orazadamydyr? Aş kaldyk-koý!—diýip ol bizi
agşam nahara çagyrdy.
Iki ýaşuly maňa gaýtmaga rugsat berdi.
Gara maşyn meni Daşkendiň köçeleri bilen alyp barýarka-da türkmen sazynyň
“Nowaýy” perdesiniň,diňe türkmenlerde bar bolan “Myraly we Soltansöýniň”
döremeginiň sebäpleri barada oýlandym.Ýöne gelen netijäm bolmady…
Ertesi agşam sagataltyda Alyşir Nowaýy adyndaky Uly teatrda dabara başlandy.
Dabarany başdan-aýak Şaraf Reşidowyň özi alyp bardy. Ol gysgajyk giriş sözündensoň
ýubileýe düňýäniň haýsy ýurtlaryndan wekilleriň gelendigini habar berdi. Her ýurduň hem
onuň delegasiýasynyň ýolbaşçysynyň ady aýdylýardy welin,ýeňiljek elçarpyşma peýda
bolýardy.
148
Gezek
türkmenlere
ýetende,Ş.
Reşidow
sesini
üýtgetdi.
Ol:
“Türkmenistanyňdelegasiýasy. Ýolbaşçysy Berdi aga Kerbaba-ýew!” diýip,soňky sözi
şeýlebirbasymbilen aýtdy welin,uly ýolbaşçynyň sesiniň her bir äheňinden “dürs many”
çykarýan adamlar öňkülerinden has şowhunly,has dowamly el çarpdylar.
HALYPANYHORMATLAP…
Bu çaklamany tassyklamaga ýa-da ret etmäge meniň elimde dokumentýok.Ýöne
1966-njy ýyldaky,ýazyjylara Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen adyň toparlaýyn
(Aleksandr Prokofýew,Mürze Dursunzade we başgalar) berlişiginde Berdi Kerbabaýewiň
hem ady bardy diýip gürrüň edýärdiler.Emma Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçysynyň
goldamandygy sebäpli B. Kerbabaýewi hödürlenişikden çykarypdyrlar.Ýaşulynyň özi ol
mesele barada dil ýarmasa-da,birneme kemsinýändigiwelin duýulýardy.
Oňa Gahryman ady berilmese-de berilmedi welin,Gahrymanlyk berlen 8 ýazyjynyň
arasyndaKerbabaýewiň bolmalydygy,bolaýmalydygy barada eli galam tutýanyň ikisiniň
başynyň çatylan ýerinde gürrüň edýärdiler.
1969-njy ýylyň ýanwarynyň aýaklaryndaMoskwanyň etegindäkiýokary gatlak
adamlarynyň saglygyna gözegçilik edilýän ýer bolan Borwihada dynç alýan täjik şahyry
Mürze Dursun-zade öz ildeşi,meniň kärdeşim Şöwket Nyýazynyň ýanyna salama
geldi.Gürleşip otyrkak ol menden Berdi Kerbabaýewiň saglygyny sorady. Şonluk bilenem
gürrüň biziň aksakalymyza tarap öwrülensoň,Mürze domulla bize şeýle bir wakany gürrüň
berdi. Men ondan eşidenlerimi,başarşymdan,üýtgetmän gündeligimebelledim.
“Men Borwihada Türkmenistan Kompartiýasynyň birinji sekretary Balyş Öwezow
bilen bile dynç aldym. Ol meniň duldegşir goňşym boldy. Onuň bilen her gün
duşuşdyk,duz-emek bolduk. Dynç alýan adamlar bolanymyz üçin mahal-mahal döwre
gurap,käse göteräýmekdenem gaçyp ýörmedik. Men bir gezek öz elim bilen täjik
palawyny bişirdim. Balyş Öwezowiçiňem öler aşy ýagly palawdy. Men ony nahara
çagyrdym. Keýplerem kokeldi welin,Balyş Öwezowiç meniň döşümdäki Ýyldyzy gutlap
bada göterdi. Men öz jogap sözümde gutlany üçin minnetdarlyk bildirdim-de: “Sarpaly
Balyş Öwezowiç! Siziň ýaňky gutlagyňyzyň ýüregiňiziňteýinden çykýandygyna men asla
müňkür däl. Ýöne,siz meniň şu Ýyldyzy arkaýyn dakynmagyma ýardam ediň!” diýdim.Ol
sebäbini sorady. ”Sebäbimi?—diýip,men gaty çynym bilen gepledim. —Sebäbi,men
Gahryman bolup gomparyp barýarkam,öňümden Berdi aga Karbabaýew (Ol mydama
KERbabaýew diýmän,KARbabaýew diýýärdi. —A. T.) çykaýsa,hut ynanyň,döşümdäki
Ýyldyzy gizlemäge deşik gözläberýärin. Eger biz beýle Ýyldyza bir gezek mynasyp
bolsak,Karbabaýew iki gezek mynasypdyr. ” Balyş Öwezowiçýubileýine
gabatlap,aksakalyň döşüne Ýyldyz dakmagy wada berdi…”
Emma gep-gürrüňindençak edişime görä,Berdi Kerbabaýewiň özi welin
respublikanyň ýokary ýolbaşçysy täzelenäýmese,Gahrymanlyk nyşanyny alaryn
öýtmeýärdi. (Ol türkmen ýazyjylarynyň biri B. Öwezowa gep içirýändir öýdýärdi.)
B. Kerbabaýewiň 75 ýyllyk ýubileýi hem golaýlap gelýärdi.Men ýokary sylaga
hödürlenýän adamyň dokumentleriniňazyndan bir aý ozalbarmaly ýerine
iberilýändigindenhabarlydym.
Ýazyjylar
sylaga
hödürlenende,ony
hödürleýän
149
respublikanyň ýollaýan dokumentleriniň ýanyndan SSSR Ýazyjylar soýuzy hem
hödürnama taýynlaýardy. Ony edaranyň kadrlar bölümi bilen bile taýynlaýardyk.
Emma B. Kerbabaýewiň 75 ýyllyk ýubileýine çenli ýigrimi günden sähel gowrak
wagt galanam bolsa,ol barada hereket edýän adam ýokdy. Men edaranyň
Işgärleriniň“gizlin bölüm” diýip atlandyrýan bolüminiň (KGB-niňbir şahajygy bolsa
gerek) müdiri,ýokary kwalifikasiýaly ýurist Aleksandr Iwanowiç Orýewiň ýanyna
bardym-da,Mürze Dursun-zadäniň aýdanlarynybeýan etdim. A. I. Orýewiň jogaby gysga
boldy.“Gadyrdanym,Berdi
Myradowiç
Gahrymanlyga,elbetde,mynasyp
adam.
Ýöne,respublikanyň özi ol meseläni öňürti gozgamasa,biz hereket edip
bilmeris.Beýtsek,biziň güýjümizi mazamladygymyz bolar. Düzgün şeýle”.
Men şol günüň özünde TSSR Ministler Sowetiniň SSSR Ministler Sowetiniň
ýanyndaky hemişelik wekilçiliginiň medeniýet işleri boýunça referenti Haldurdy
Weliýewe B. Kerbabaýewiň 75 ýyllygynyň golaýlandygyny,B. Öwezow bilen täjik
şahyrynyň arasynda bolan gürrüňi aýtdym.
Haldurdy Weliýew hemhökümet telefony bilen (öz aýtmagyna görä) Aşgabada jaň
edipdir-de,“ketderäkleriň”
birine
bolan
gürrüňleri
aýdypdyr.Şeýlelikde,“Berdi
Kerbabaýewi SSSR Ýazyjylar soýuzy Gahrymanlyga hödürleýärmişin” diýen gürrüň
ýaýrapdyr. Şol esasy ýok gürrüň hem Gahrymanlyga hödürlenmeli adamyň
dokumentleriniňgyssagly ýagdaýda taýynlanmagyna getiripdir. (Belkem,ýaýran habar B.
Öwezowyňam gulagyna ýetip,oňa Dursunzade bilen eden gürrüňini ýatladandyr.)
Habar derrew Moskwa ýetdi. Biz hemB. Kerbabaýewiň dokumentlerini haýal etmän
taýynladyk.Dokumende ýolbaşçylarymyz gol çeken badyna A. I. Orýew meni ýanyna
çagyryp: “Wagt gyssagly. Ýetişiläýjegi-de gümana. Şonuň üçinemdokumentleri sen hut öz
eliň bilen gowşurmaly ýerine tabşyryp gaýt” diýdi. Olmaňa SSSR Ýokary Sowetiniň
Prezidiumynyň Manež meýdançasynda ýerleşýän kabulhanasyndareferent bolup işleýän
Zinaida Andreýewna Žukowa diýen aýalyň oturýan ýerini salgy berdi,özi hem ol aýala jaň
edip,meniň sanlyja minutdan barýandygymy duýdurdy.
Şondan kän mahal geçmänkä,SSSR Ýazyjylar soýuzynyňprawleniýesiniň
guramaçylyk hem döredijilik işleri boýunça sekretary Konstantin Wasilýewiç Woronkow
meni kabinetine çagyrdy-da,keýpi kök halda:
—Aksakal nähilidir bu günler?—diýip sorady.
—Oňat. Işläp otyr.Käte öýüne jaň edýän. Keýpi ýaman däl.
(B. Kerbabaýew ol mahallar Ýazyjylar soýuzyndan gidipdi.)
— Sen Aşgabada ýene bir gezek jaň et-de,ony biziň adymyzdanam,öz adyňdanam
gutla.
—Näme bilen gutlamaly?
—Hut on minut mundan ozal Nikolaý Wiktorowiç Podgornyý Permana gol
çekipdir.Berdi Myradowiç Zähmet Gahrymany boldy.Maňa Wasiliý Filimonowiç Şauro
jaň etdi.
Men öz otagyma bardym-da,derrew Aşgabada jaň etdim. Trubkany Kerbabaýewiň
özi göterdi.
—Ýaşuly,gutlaýan!
—Eýsem-de bolsa,sen meni näme bilen gutlaýarkaň?
—Berdi Kerbabaýew Sosialistik Zähmetiň Gahrymany!
150
—Ony saňa kim aýdýar?
—Ony men aýdýan.
—Ony sen ýalynyň göwni isleýändir,dryg moý.
—Ol diňe isleg däl,ýaşuly. Ýaňyja Konstantin Wasilýewiç meni huzuryna çagyryp
habar berdi. Onuň adyndanam gutlaýan. Oňa-da Köne ploşaddan Şauro jaň edipdir.
Şauro diýen familiýany eşiden gojada müňkürlige ýer galmady öýdýän. Sebäbi W.
F.Şauro SSKP MK-nyň medeniýet bölüminiň müdiridi.
Esli dyman Berdi aga:
—Beýle bolsa,bu ýerler ondan bihabarmyka? Menden-ä habar tutýan ýok. —diýdi.
—Woronkowyň aýtmagyna görä,Podgornyý on-on bäş minyt mundan ozal Permana
gol çekipdir. Ol habaryň entek Aşgabada ýeten däl bolmagy-da ahmaldyr.
—Ýa şeýlemikä?—diýip,B. Kerbabaýew ynjalykly jogap gaýtardy.
Şeýlelikde,Zähmet Gahrymany bolanda B. Kerbabaýewi ilkinji gutlan men boldum.
Aradan kän mahal geçmänkä,Kerbabaýewiňýubileýini bellemeli etdiler.(Ol
dokument boýunça 15-nji martda doglan hasaplanýardy.) Dabara ilki Aşgabatda,soňam
Edebiýatçylaryň Merkezi Öýüniň uly zalynda bellenmelidi.
Moskwadaky dabaranyň bolmaly güni ýaşulynyň döşüne AltynÝyldyz dakyldy. Şol
bahana bilen men hem Kremliň hökümet otaglarynyň birnäçesine girip gördüm.
SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy N. W. Podgornynyň şol pursat
Skandinawiýa ýurtlarynyň birine wizit bilen gidendigi sebäpli,sylaglary onuň
orunbasary,Gazagystan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy Sabyr Bilýälowiç
Nyýazbekowgowşurmalydy.
Kremliň resmi otaglaryna girmek meselesi bir hepde öňünden gepleşilendi. Beýik
diwarly agyr kabulhana ýetýänçäk,telim ýerde biziň dokumentlerimizi barladylar.
Berdi Kerbabaýew “Bu dünýädegörmedigi galan däldir” diýilýänlerdendi. Ol
türmede-de oturypdy,ölüm jezasyna-da buýrulypdy,yzarlanypdam,töhmet ýassygam
bolupdy,tükeniksiz şagalaň-şatlyk hem görüpdi,Eziz han bilenem işleşipdi,Gaýgysyz
Atabaýew bilenem. Şonuň üçin bolsa gerek,ol adam kiçi-girim zat üçin
tolgunmaýardam,biynjalygam bolmaýardy. Emma bu gezek welin ol kabulhana
girenimizden tolgunmaga başlady.
Biz baran mahalymyz giň otagda Zinaida Andreýewna Žukowa oturan eken. Başda
B. Kerbabaýewiň dokumentlerini elten mahalym men onuň bilen tanşypdym. Ol gelenler
bilen salamlaşandan soň,köne tanyş ýaly bolup meniň ýanyma geldi-de sypaýyçylyk bilen:
—Biz Berdi Myradowiçi bular ýaly günde azara goýup ýörmäliň—diýdi. —Şu
dokumentleri özüň dolduraýsana. Ol gol çekäýsin.
Men B. Kerbabaýewe derek üç-dört sany kagyz doldurdym. Ýaşuly hem görkezilen
ýere goluny çekdi.
Soňra Zinaida AndreýewnaKerbabaýewiň ýany bilen baran,SSSR Ýazyjylar
soýuzynyň Prawleniýesiniň SSSR halklarynyň edebiýatlary boýunça başlygynyň
orunbasaryM. W. Gorbaçýowyň ýanyna bardy-da,onuň eline biýz berip ýylgyrdy:
—Bizde işsizlik halanmaýar. Sizem ýöne durmaň! Ýubilýaryň penjeginiň döşüne
Ýyldyz dakar ýaly deşik ediň!—Ol deşik etmeli ýeri hem barmagy bilen görkezdi.
Men ömrümde ýeke gezegem ne Aşgabatda,ne-de Moskwada döwlet sylagserpaýyny alyp görmämsoň (Ha ynanyn,ha ynanmaň—men şoňa gynanybam
151
duramok),aljak baýragyňy dakmak üçin edilýän deşige çenli öňünden taýynlap
barmalydygyna gaty geň galdym.
Jaýda Berdi Kerbabaýewiň ýany bilen baranlardan M. W.Gorbaçýow ikimizden
başga-da “Sowet Türkmenistany” hem “Turkmenskaýa iskra” gazýetleriniň ýörite
habarçylary B. Paromonow,G. Matusow,TASS-danbolsa gerek,elleri foto-kino apparatly
adamlar bardylar.
Sylaglanýanlar üç adamdy. Olaryň biri B. Kerbabaýew,ikinjisi bir harby adam—
polkownik,üçünjisini bolsa men kesesinden tanaýardym. Ol belli aktýor Rostislaw
Plýatdy.
Penjekleriniň döşüni deşdirenler hem olaryň ýany bilen baran penjekleriniň döşi
deşilmedik adamlar beýikligi dört metrden pes däl ýaly bolup görünýän mähnet gapynyň
açylmagyna garaşyp durdular.Hiç kimden ses-seda çykmaýardy. Bu bolsa şatlykly dabara
gelenleri däl-de,haýsydyr bir howsalaly ýagdaýaýaýdanyp garaşýanlary ýatladýardy.
Birdenem kän garaşdyran mähnet gapy giňden açyldy. Edýän gullugyna
görä,sypaýydan tibt geýnen,eşigi harbynyňky bolmasa-da,özüniň harbydygy bildirip duran
syrdam kişiişigiň iki gapysynan seripgoýdy-da,myhmanlary çagyrdy. Ol adam edil
agaçdan ýonulyp ýasalan ýalydy,ýüzünde-gözünde janly hereket,gymyldy bara
meňzemeýärdi.
Sylaglanýanlaryň diňe birine Gahryman nyşany berilýär eken. Şonuň üçinem
dabaranyň bissimillasy B. Kerbabaýewden başlandy.
—Köpmilletli Sowet edebiýatynyň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin ýazyjy
Berdi Myradowiç Kerbabaýewe…
Gezek orta boýly,tegelek ýüzli ýaş polkownige ýetende,S. Nyýazbekow onuň
baýragyny gowşurdy-da,žurnalistlere ýüzlendi.
—Polkownigiňadyny
hem
alan
baýragyny
gazýet-žurnallarda,radiotelewideniýedeäşgär etmegiň düýpden gadagandygynyduýdurýaryn.
Men şonda harby geýmindesamolýotyň nyşanygörnüp duran polkownigi täze çykan
uçary ýa-da oňa berkidilen howply ýaragy synagdan geçiren adam bolsa gerek diýip
çakladym.
S. Nyýazbekow sylaglananlary ýene bir gezek gutlap,sylag alanlar hem olaryň
ýoldaşlary bilen bile surata düşdi.
Kremlden çykylansoň,Berdi Kerbabýew hemmämizi “Moskwa” myhmanhanasynda
ýerleşen lýuks otagyna nahara çagyrdy.Men ol çakylyga baryp bilmedim,agşamlyk
ýubileý dabarasydy.Onuň guramaçysy SSSR Ýazyjylar soýuzy bolsa-da,esasy jogapkäri
mendim.
Ol mahallar beýle dabara örän eserdeň garalýardy. SSKP MK-nyň medeniýet
bölüminiň instruktorlary jaň edip ýa-dasekretariata ýörite gelip ýagdaý bilen içgin
gyzyklanýardylar.
Dabaraly ýygnagyň
prezydiumynda oturmaly adamlaryň
sany,kimdigi,hatda çykyş etjekleriň näme geplejekdikleri hem olary biynjalyk edýärdi.
Sebäbi beýle dabaralar partiýanyň milli syýasaty bilen baglydy.
B. Kerbabaýewiň ýubileýinde çykyş etmek isleýän adam kändi.Edaranyň
ýolbaşçylary çykyş etmäge isleg bildirýänler ýanlaryna baranlarynda olaryň ýüzüne gelip
bilmän,“Ol meseläniň öz jogapkäri bar. Şonuň bilen gepleşmeli” diýip,olaryseniň üstüňe
iberýärler. Olar ýanyňa ýetmänkä-de “Pylany ýanyňa barýandyr welin sypjak bolgun.
152
Onuň agşamda çykyş etmegi hökman däl” - diýip,içki telefondan saňa jaň ederler. Beýle
ýagdaý diňe B. Kerbabaýewiň däl,soýuzda geçýän hemme dabaralarda-da şeýleräkdi.
Beýle“oýunlaryňam” özüne ýetik sebäbi-de bardy. Çünkiýubileý agşamlarynyň abraýyny
göteräýjek N. Tihonow,S. Mihalkow,K. Simonow,R. Gamzatow,Ç. Aýtmatow ýaly
äpetleri-häçykyş etmäge yrmak hyllallady. Olar her hili bahana tapyp,“tantanaly”
agşamlardan gaçmak bilen bolýardylar. Onuň tersine,şolar ýaly dabaranyň abraýyna abraý
goşman,gaýtamdabaranyň abraýyndan özlerine abraýgözleýän “maýdajyk balyklary” bolsa
çykyşa goşman saklamak kyndy. Üstesine-de,şol “maýdaja balyklaryň” azap bary çekilip
taýýarlanylan dabarany biabraý edäýmekleri-de ahmaldy. Ol hem dabaranyň jogapkäriniň
boýnuna düşýärdi.
Moskwada Ýazyjylar soýuzy tarapyndan geçirilýän ýubileý dabaralarynyň däbe
öwrülen kadasy bardy. Başky—dabaraly bölüm 45-50 minut,yzky—konsert bölüm 55-60
minut bolmalydy. Şeýlelikde,tutuş dabaraiki sagatdan uzak dowam etmeli däldi. Wagt
şondan uzaga çekse,toý dabarasy gutaransoň,ýolbaşçylaryň ähligazaby seniň depäňden
iner. Gije-gündiz ylganam bolsaň,sen işe el ujundan çemeleşen adam bolup galarsyň.
Şeýle ýagdaýa sataşmajak bolup,sen iki minut wagt üçin epeý adamyň göwnüne-de
degmeli bolýarsyň. Sebäbi dabaraly agşama (B. Kerbabaýewiňkini mysal alsagam) SSKP
MK-nyň iki bölüminiň müdirleri,olaryň orunbasarlary käbir ministrler,ilçihana wekilleri
gatnaşýarlar. Olar hem wagt meselesinde her minutyçäkli hasaplanýan adamlar. Şonuň
üçinemýubileý dabarasynyňam jogapkärçiligi az-küş bolmaýar. Iň gowusy,zalda oturyp
tomaşaçy bolmak.
Syýasy guramaçylyk,çeperçilik nukdaý nazaryndanam biziň ýubileý dabaramyz
ýokary derejede geçdi. Ýazyjylaryň çykyşlaryny-da,konserti-de ölçelip berilýän wagta
sygdyrdyk. Hiç kime käýelmedem,iňirdelmedem.
Indi bir bolan geň wakany ýatlasym gelýär. Ýubileý dabarasynyň ertesi,ýagny 1969njy ýylyň 9-njy aprelinde,sagat 14-de SSSR Ýazyjylar soýuzunyň prawleniýesi Berdi
Kerbabaýewiň hormatyna 100 adamlyk kabul edişlik gurady. Bu alada hem dabaraly
agşam ýaly uly jogapkärçilikli bolmasa-da,hysyrdyly işdi.Onda nahara çagyrylýan
adamlaryň berk spisogy bardy,her gabat gelen adam çagyrylmaýardy. Onuňam
sebäbi,dabaraly agşamda bolşy ýaly ýene şol MK-nyň jogapkär işgärleri,Türkmenistanda
20-30-njy ýyllarda gulluk edip,häzir Moskwada ýaşaýan generallar,köne bolşewikleriň
birnäçesi çagyrylýardy. Şonuň üçinem nahara çagyrylmadyk adamlar ol ýere
goýberilmeýärdi. Myhmanlara ozaldan tipografiýada çap edilip taýynlanan owadan
çakylyk biletleri iberilýärdi. Olar çakylyk alanlaryndan soň nahara geljekdiklerini ýa-da
gelmejekdiklerini telefon arkaly bize habar berýärdiler. Jaň etmediklere özümiz jaň
edýärdik. Gepiň keltesi,ozaldan gelýän tertip-düzgün bozular diýip biynjalyk bolmaga hiç
hili esas ýokdy. Ýazyjylar soýuzynyň işgärleri,esasanam,respublikalaryň wekilleri kabul
edişlik dabarasyny gurmakdakän “çorba sowadan” adamlardy.Şeýle dabaralaramürähetsiz
“tötänden” hemişe geläýýän moskwalylary biz,köplenç,ýüzünden hem tanaýardyk. Olar
barmak basyp sanaýmalydy.
Emma bu gezek“düzgün bozmak” biziň garaşmadyk tarapymyzdan peýda boldy.
Kabul edişlik zalynyň öňündäki myhmanlaryň ýygnanýan jaýynda bir nätanyş türkmen
bardy. Ol adamy bizden öňürti görenem B. Kerbabaýewiň özi boldy. Ol menden: “Sen bu
ýere del adam-a çagyran dälsiň?”-diýip sorady. ”Ýok” jogabyny alansoňam: “Tanalmaýan
153
adam bar bolsa,ony häzirlikçe,bu ýerden ugratjak bolaweriň!” diýdi.Şol sözüň yzy bilenem
ol edilmeli gelşiksizräk hereketi öňünden ýuwmarlajak bolýan ýaly,biziň ozaldan bilýän
zadymyzy,ýagny nahara belent mertebeli adamlaryňgelmelidigini,nätanyşlar eşitmeli däl
gep-gürrüňleriňem bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.
Ol edil şeýle bolmaýanda-da,çagyrylman gelen nätanyş bu ýerde artykmaçlyk
edýärdi. Ýöne ol del türkmeniň özüni alyp barşy gaty arkaýyndy,ilden öň çagyrylan çuň
hormatly myhmana meňzeýärdi. Ol kaşaň geýnen,görmegeýdi. Hatda ol başgalardan
birneme gijräk gelen W. F. Şauro özüniň birinji orunbasary A. A.Belýaýewi yzyna tirkäp
gapydan girende,olar bilen köne tanyş ýaly bolup görüşdi,hal-ahwal soraşdy.
“Myhmanyň” ol hereketi B. Kerbabaýewiň göwnünden turmady. Ol Şauro hem
Belýaýew bilen gujaklaşyp salamlaşandan soň,meni bir çete çagyrdy-da:
—Sen şol biedebi bu ýerden ugradyp bilýäňmi ýa-da meniň özüm goşulmalymy? —
diýdi.
Men synanyşyp görmäge wada berdim. Kiçijik zat ýaly bolsa-da,mesele kyndy.
Toýa diýip gelen adama nädip “Sen bu ýerden git” diýjek? Şonuň üçinem emel
etmek isledim. Aňyrrakda Abdylla Myradow bilen gürleşip durantürkmen uniwersitetiniň
mugallymy B. Kerbabaýewiň dosty Hanguly Taňryberdiýewi üm bilen ýanyma çagyrdym.
—Han aga,sen şol duran türkmeni tanaýaňmy?
—Bir görenime-hä meňzedýän welin,tanamadym. Men-ä ony seň dost-ýarlaryňdan
birimikä öýdüp durdum.
—Men-ä tanamok,senem tanaňok,ýaşulam tanamaýar eken.Şoň üçinem
“agaň”“Hanguly ony bu ýerden ugratsyn!”-diýdi.
—Näme üçin men ugratmaly? Bu ýeriň guramaçysy sen ahyryn? Onsoňam toýa
gelen adamy nädip kowjak?
—Men-ä saňa ýaşulynyň tabşyrygyny aýtdym,Han. Isleseň ugrat,islemeseň,öz
işiň.“Guramaçy sen” diýen bolup,ozalam ähli işi meň boýnuma taşladyňyz. Özüňizem iş
tapman,gybat urup dursuňyz.Berdi aga hemmämize deň adam. Sizem kömekleşmeli
ahyryn.
Sadadan
ynanjaň
dostumHanguly
Taňryberdiýew
boýnuny
gyşardyp
“myhmana”tarap ýöneldi,kän mahal geçmänkä-de,ýüzi boz-ýaz bolup yzyna dolandy.
—Gurtmuň,tilki,Han aga?
—Aý,“gurduň” bar bolsun,Atam.Ol-a meň ýüzümi gyzartdy goýberdi…
—“Gitmen” diýýämi?
—“Menem edil sen ýaly türkmen. Kerbabaýew seňem ataň dogany däl”
diýip,gaýtam,özümi utandyrdy.
Gapyda durýangarawullaryň“kömegi” bilenem ol adamy ugratmagy gelşiksiz
hasapladyk-da,ýagdaýa görä bolubermeli etdik.
Gitmäni-hä gitmäni welin,gaýtam ol türkmenstol başyna geçilende-de,gyraraga
çekiläýmän,“prezidiumda” Georgiý Markow bilen Beki Seýtäkowyň arasynda oturup,ilden
öňürti nahara başlady,hyzmatçylaryň guýup bererine-de garaşman,çüýşeleri açyşdyrdy.
Oturan ýeri tanymal adamlaryň arasy bolansoň,fotograflaryň bir hepdeden,eýeli eýesine
gowşurmak üçin maňa getirip tabşyran kän sanly suratlarynyň ikiden birinde“hormatly
myhmanymyzyň” şekili bardy.
154
Şol wakadan ýigrimi ýyl dagy geçensoň,iki bolup meniň arhiw materiallarymygörüp
otyrkak,edebiýatçy alym Kaka Salyh ol adamyň kimdigini suratyndan tanady. Ol
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda işleýär eken. Ýöne,birki ýyllykdadünýäden
ötendigini nazara alyp,şu ýatlamada onuň adyny görkezmegiuslyp bilmedim.
AlADAÇY.
BerdiKerbabaýew ýeri gelende,owadan gülmegi,gerek ýerinde örän gaharlanmagy
başarýan adamdy. Ol agrasdy,az geplidi,gyzykly anekdotlary,degişmeleri gowy görsede,kelç-külç däldi.Men ýekeje gezegem onuň agzyndan paýyş sögünç çykanyny
eşitmedim.Onuň bilen känbir mäşi bişişmedikler: “Aý,Berdi aga diýilýän adam diňe öz
şahsy aladasy bilen ýaşap ýören adam-laýt!” diýýärdiler. Emma ol beýle däldi.Dogry,B.
Kerbabaýewhem özi hakda-da oýlanýardy,öz aladasyny-da edýärdi,kitaplary çyksa-da
begenýärdi. Ol tebigy ýagdaý. Ýöne ol ýeri-pursaty gelende,başga adamlaryň aladasy üçin
“göwnüne degilmesiz” adamlar bilenem dikleşýärdi.Men şeýle pursatlara kän gezek şaýat
boldum. Onuň filosof Gylyç Mülliýewiň doktorlyk dissertasiýasynyň üstündenAşgabatdan
Moskwa ýazylan golly-golsuz arzalar zerarly tassyklanmaýany sebäpli WAK-a (Bütinsoýz
attestassiýa komissiýasy)ýörite baranda,men onuň ýanyndadym. Ol WAK-yň Wolkow
familiýaly başlygy bilen gaty ýowuz gepleşdi.Onuň “Siz golsuz arzalara üns bermäňde,bizde seýrek dogulýan alymyň işine üns beriň! Siz golsuz ýazylan arza boýunça WAKmy ýa-da ylmy işler boýunça?” diýen sözleri meniň ýadymda. B. Kerbabaýewiň eden
saparyndan iki aý geçensoň,Gylyç Mülliýewiň doktorlyk dissertasiýasy tassyk edildi.
Ýa bolmasa,B. Kerbabaýewiň Magtymgulynyň kitaplaryny başga dillere terjime
etdirmekde,ýaşlara kömek bermekde eden işleri gaty abyrsyz. Men şu ýazgymda onuň
özümde saklanýan kan sanly hatlaryndan birki sanysyny mysal getireýin:
“Hormatly Atajan!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.