Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34

Total number of words is 3646
Total number of unique words is 2161
31.4 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýakyndan tanyşdyrmak isleseňiz, meniňkiden öňürti Tolstoýyň, Ostrowskiniň eserlerine
üns beriň!” diýip, jogap ýazýar eken. Umuman, rus ýazyjylarynyň galamdaşlaryny
özünden ileri tutan pursatlaryna men kän gezek gabat geldim.
Bizde nähili? Köp mysaldan birini getireýin. 20-nji asyr türkmen poezýasynda uly
yz galdyran şahyr Allaberdi Haýydowyň goşgularyny terjime edip, rus okyjysyna ýetirmek
barada neşrýat bilen gepleşik gutaran badyna direktoryň adyna türkmen ýazyjysy Nargylyç
Hojageldiýewden telim sahypalyk hat geler. (Onuň türkmen ýazyjylarynyň aglabasynyň
üstünden kemsidiji hem zyýan beriji hatlary gaty kän gezek ýazandygy üçin men onuň
adyny açyk görkezmäge mejbur bolýaryn.) Ol öz hatynda A. Haýydow diýilýän şahyryň
türkmen poeziýasynda iň gowşak şahyrdygyny, onuň eserleriniň türkmen okyjylary
tarapyndan asla okalmaýandygyny “hakykatyň hem edebiýatyň hatyrasy üçin” habar berer.
Herniçik-de bolsa, neşirýatda az-kem müňkürlik dörär. Netijede, şahyryň golýazmasy
ýaňadandan derňewe berler. Kynçylyk üste kynçylyk dörär, terjimeçi, resenziýaçylar
türkmen edebiýatynyň wekili bir topar wagt ýitirer.
Türkmen ýazyjylarynyň birnäçesi diňe öz şahsy aladasyny edýär. Meniň
şahyrçylygyna uly sarpa goýýan hem ýakyn dostlarymyň biri Atamyrat Atabaýew ile,
galamdaşlaryna päsgel berýän, olara ýamanlyk isleýän adam däl. Ýöne ol Ýazyjylar
soýuzynyň ýolbaşçysy bolup işlände, beýleki respublikalardan “Antologiýada” ýa-da
ýygyndyda çap etmek üçin türkmen şahyrynyň bir goşgusy haýyş edilip hat gelse, gepsizgürrüňsiz öz goşgusyny hem iberýärdi.
Ýarym ýyl mundan ozal Kiýewde ukrain dilinde çap bolan “Ensiklopediýa” geldi.
Onuň türkmen edebiýaty bölüminde diňe A. Atabaýewiň suraty hem döredijilik beýany
bar. Men A. Atabaýew oňa mynasyp däl diýmekçi bolmaýaryn. Ýöne men onuň nähili
beýle bolýandygyna-da belet. Moskwada şeýle ensikjopediýa çykanda neşirýat Ýazyjylar
soýuzyna hat ýollap, kitapda türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň iki sanysyna orun
goýlandygyny habar berýär hem ol awtorlaryň kimler bolmalydygyny soraýar. Biz bolsa
şahyrlardan Magtymgulyny, prozaçylardanBerdi Kerbabaýewi, eger-de olar öňki neşire
goşulan bolsalar, Mollanepesi hem Beki Seýtäkowy ýa-da başga klassyklary
hödürleýärdik. Özümizi, öz deň-duşlarymyzy hödürlemegiň pikirinem etmeýärdik.
368
Ýokarky sözler gybat däl. Men A. Atabaýew ukrain ensiklopediýasyny görkezende:
“Özüňi sylamaly. Ýöne seniň bu edýän hereketiň gelşikli däl” diýsem, Atamyrat ýylgyrdyda: “Sen 30 ýyllap Moskwada türkmenleriň aladasyny ede-ede, ahyrynda “Taňryýalkasyn”
aldyňmy?—diýdi. —Özüň öz aladaňy etmeseň, hiç kim seniň aladaňy etmeýär. Men şol
teoriýa uýýan, agam. “Aklyň bolsa jan çekme, janyňdan özge jana” diýip, Kemine pahyr
ýöne ýere aýdandyr öýdýärmiň?”
A. Atabaýew mamlamy? Umuman, türkmenleriň arasynda ýaşajak bolsaň, onuňky
dogry ýaly. Bolsa-da. . .
12. 1994.
Birnäçe ýyl mundan ozal men şu gündelikde hakyky ýazyjynyň hökümetiň edara
edişdäki käbir hereketini goldamaýandygyny belläpdim. Döwlet ýaly uly maşgala
ýolbaşçylyk etmekdäki bilinibu-bilinmän goýberilýän kiçijik ýalňyşlyklaryňam halk
köpçüligine uly zyýan bolýandygyna gowy düşünýän ýazyjy döwletiň käbir syýasatyna bil
guşap garşy durmak derejesine çenli ýetýär. Başgaça aýtsak, hakyky ýazyjy
oppozisionerdir. Men şeýle pikiri hiç ýerde okamandym, hiç kimden eşitmändim. Yrga
bolaýmagy-da mümkin hasaplasamam, ony diňe özüm tapyp, özüm belländirin öýdýärdim.
Emma şu gün “Woprosy literatury” žurnalynyň 1989-njy ýylda çykan bir sanyna
sataşdym. Onda Raisa Orlowanyň (birki ýyllykda men onuň Lew Kopelýew bilen bilelikde
ýazan “My žiwýom w Moskwe” diýen örän täsirli kitabyny okapdym) “Russkäýa sudba
Hemingueý” diýen makalasy bar eken. Onda amerikan ýazyjysynyň şeýle setirleri
getirilýär: “Ýazyjy halky sygan ýalydyr. Onuň hiç bir döwletiň öňünde borjy ýokdur.
Hakyky ýazyjy öz ýurdunyň hökümetinden hiç mahal hoş bolmaýar. Döwlet
býurokratiýasy bilen çaknyşan pursatyndan başlap, gowy ýazyjy ony halaman ugraýar.
Hökümetem býurokratiýanyň elini ulanyp, talantly ýazyjyny bogmak bilen bolýar. Çünki
hökümet ösüp belli bir derejä ýeteninden soň, adalatlykdan daşlaşýar”.
Beýle pikiri ozal okamandygym, eşitmändigim özüme aýan. Emma men 20-nji
asyryň otuzunjy ýyllarynda aýdylan pikiri 70 ýyldan soň gaýtalapdyryn. Diýmek, ömür,
ýaşaýyş—gaýtalanmak bilen.
2002.
Marynyň bir obasyndaky tanşym, jaýy iki köçäniň çatrygynda bolansoň, melleginiň
daşyna üç metr çemesi beýiklikde ýukajyk galaýy ýaly zatdan haýat aýlapdyr. Meniň:
“Beýle mäkäm haýat salkyn şemalyň geçmegine päsgel bermeýärmi?” diýen sowalyma:
“Myhman üste myhman gelip dur. Her gün bolmasa-da, üç günden-ä bir goýun soýulýar,
çişlik bişirilýär. Hemmesem köçeden geçene görnüp dur. Il-günüň ýaşaýyş derejesinem
özüň bilýäň. . . ” diýen jogap gaýtaryldy.
Günde-günaşa goýun soýulýanyny ýylda bir gesek hem goýun soýmaýan garypgasardan gizlejek bolmak, elbetde, adamçylykdan nyşan. Galplyk bilen gazanylan baýlyk
käbir adamyny birneme oýlandyrýar eken. Ýöne men oňa: “Bişýän naharlaryň, çişligiň
ysyny haýat bilen saklap bolýarmy?” diýip berläýmeli sowaly welin berip bilmedim.
1997.
Dünýä aç-ýalaňaçdan doluka, özüňi bagtly saýmak ynsapdan daşda durmakdyr.
369
*
Ýarym gije bulganda,
Gapyny açgan kim bulgaý?
Çit balakny şypbyldadyp,
Törge utgen kim bulgaý?
Ýarym gije bulganda,
Gapyny açgan min bulgaý.
Çit balakny şypbyldadyp,
Törge utgen min bulgaý.
(Hydyr Derýaýewiň tatarça-türkmençe hiňlenmelerinden.)
*
Rus okyjylarynyň özboluşly bur häsiýeti bar. Olar Wadim Kožewnikow, Semýon
Babaýewskiý ýaly gazet-žurnallarda eserleri öwlüp arşa çykarylýan, döwlet sylagserpýlarynyň hemmesini alýan ýazyjylaryň kitaplaryna ullakan ünsem bermän, A.
Platonow, W. Dudinsew, Warlam Şalamow ýaly döredijiligi ähli ýerde tankytlanýan ýa-da
gadagan edilen ýazyjylaryň eserlerini ürç edip okaýarlar.
*
Hakyda—gutaran ömri uzaltmaga hem ölümiň garşysyna çykmaga edilýän
synanyşykdyr.
*
Men türkmen ýazyjylarynyň hem okyjylarynyň düşünje derejesiniň rus
ýazyjylarynyň hem okyjylarynyň düşünje derejesi bilen deňeşdirilende, gaty
tapawutlanýandygy barada kän gürrüň edýärin-de, rus ýazyjylarynyň diňe 19-njy asyrda
ýazan kitaplarynyňam sanýetmezdigini nygtamagy unudýaryn. Elbetde, biziňem geçen
zamanlarda Tolstoý, Dostoýewskiý, Turgenýew, Gonçarow, Griboýedow ýaly
prozaçylarymyz bolan bolsa, şu günki okyjylarymyzyň aň-düşünjesi başgarak bolardy.
Şeýle hem fransuz, iňlis, nemes, izpan dillerini kössüz bilýän rus ýazyjylarynyň,
terjimeçileriniň gaty kändigi sebäpli, rus edebiýaty dünýä edebiýatynyň ýokary nusgasy
bilen şeýlebir baýlaşdy welin, onuň söz bilen aýdyp bahasyna ýeter ýaly däl. Dünýä
edebýatynyň iň gowy eserleriniň diňe 20-nji asyrda rus diline terjime edilenlerini, başga iş
etmän okap çykmak üçinem ýüzlerçe ýyl ömür gerek bolar. Elbetde, terjime eserleriniň
özi-de uly bir mekdep ahyryn. Bizde şol mekdep geçmişde-de bolmandy, häzirem ýok.
*
Meniň institut ýoldaşym, häzir Amerikada ýaşaýan özbek ýigidi, terjimeçi Kamron
Hakimow birinji kursdan başlap, tä okuwy tamamlaýançak, özüniň garry enesini gündegünaşa ýatlaýardy, onuň mylaýym hem süýji dilli kempirdigini aýdýardy. Özi-de, şol
mahalam 80 töweregi ýaşan garry 12 ýaşyndan şu mahala çenli bäş wagt namazyny hem
sypdyrman okaýarmyş.
370
Kamron enesiniň suratyny-da mydama ýanynda göterýärdi. Biz hem kempiriň
şekilini hälimi-şindi görýärdik. Şeýlelikde, Kamronyň ak ýüzli, kiçijik enesi bize-de ene
ýaly bolup galdy. Daşkentden gelýän hatlarda Kamronyň “dust-ýorlariga-da yssyk salom”
gelýärdi. Biz şol garryny görmegiň arzuwundadyk.
Nesibe şeýle bolup, instituty tamamlanymyzdan soňam, Kamron ikimiz SSSR
Ýazyjylar soýuzynda , bir kabinetde köp ýyllaryň dowamynda bile işledik.
1968-nji ýylda Daşkent şäherinde dünýä möçberinde örän uly ýygnak geçdi.
Edaramyzyň Orta Aziýa degişli jogapkär işgärleriniňem köpüsi ol ýygnaga gatnaşmaly
boldy.
Daşkende baran günümiziň ertesi Kamron meni myhmançylyga çagyrdy. Men
“Ahyr onyň garry enesini görmek miýesser etjeg-ow!” diýip begendim. Emma meniň
arzuwum hasyl bolmady. Sebäbi biz Daşkende gelenimizden dört-bäş gün ozal şeýle bir
waka bolupdyr: Daş-iç girip-çykyp ýören kempir, hasasyny tyrkyldadyp, dul-degşir
ýaşaýan goňşusy bolan rus aýalynyň öýüne barýar. Kempir ozalam mahal-mahal ol öýe
barýar eken. Bu gezek welin Kamronyň enesi rus goňşusynyň et gowrup duran pursatyna
gabat gelýär. Bäş-alty dogramçany tarelka çykaryp, goňşusynyň öňünde goýan aýal
“Kuşaýte, apa!” diýýär. Täze hem ýumşajyk et garrynyň agzyna hoş ýakýar. Ol
tarelkadaky dogramçalaryň hemmesini iýýär-de, töwir galdyryp, goňşusuna minnetdarlyk
bildirýär. . .
Kamronyň kakasy, “Uzbekfilm” kinostudiýasynyň baş redaktory Maruf eke
agşamlyk işden dolanýar. Ol saçak başynda ejesi bilen bile oturmagy halaýar eken. Garry
ene oglunyň ýanyna gelip otursa-da, nahara elini uzatmaýar, ýap-ýaňy Maşa goňşusynyň
bişiren ýumşajyk etinden iýip gaýdandygyny aýdýar.
Düýn rus goňşusynyň doňuz soýanyndan habarly Maruf eke:
—Sen, eje, musulman. Özüňem bäş wagt namazyňy yrman okaýaň, oraza tutýaň,
Alla hormat goýýaň... Sen ol eti iýmeli däl ekeniň. Ol seniň agzyňa degirmeli zadyňam däl
ahyryn—diýýär.
— Maşa gelin “Kuş eti” diýse iýäýdim. Kuş eti bolansoň, ýumşajygam eken. Kän
mahal bäri guş etinem iýmändim-de. . .
Ogly oňa rus dilindäki “kuşaýte” diýen sözüň “kuş eti” (guş eti) bolmaýandygyny,
iýeniniň doňuz etidigini düşündirýär.
Beýle habary eşiden namazhon kempir ak saçlaryny penjeläp:
—Woý, do-ot!—diýip, çirkin gygyrýar-da, öz bolýan otagyna tarap eňýär. —Indi
men nusulman bendesiniň gözüne görnüp bilmen!
Guş etidir öýdüp, doňzuň etini iýensoň, özüni kapyra öwrülendirin öýden kempir
şondan bäri ýüzüne perde örtüp, otagyny içinden gulplap ýatanmyş. Ol aýak ýoluna-da
diňe garaňky düşensoň gidýärmiş.
Men köp ýyllardan bäri ol garryny görmek arzuwunda bolandygymy aýtdym welin,
Maruf eke aýalyna tarap ýylgyryp seretdi.
—Uzak ýoldan gelen myhman salamlaşmak isleýär dagy diýseň daş çykmazmyka?
Garrynyň otagyna tarap giden aýal derrewem yzyna dolandy.
—Yryp bildiňmi?—diýip, Maruf eke derrew sowal berdi.
371
—Ýok—diýip, Kamronyň ejesi başyny ýaýkady. —“Kamron janyň aşnasy. Özi-de
türkmen ýigidi. Sizi görmek üçinem ýörite gelipdir” diýsemem: “Türkmenem musulman.
Men indi musulmanyň gözüne görnüp bilmen” diýip otyr.
Şeýlelikde, men dostumyň söýgüli enesi bilen salamlaşyp bilmän gaýtdym. Birki
ýyl gecensoň, kempir dünýäden ötdi. Kamronyň maňa aýtmagyna görä, ol ölüm
ýassygynda aljyrap ýatyrka samrasa-da, şol “guş etini” iýşini hakydasyna getirip,
Hudaýdan ötünç sorap gidipdir.
*
Söýmekden ýigrenmek aňsat.
*
Adama ýagşylyk etmekden lezzet alýan adam gowy adamdyr.
*
Türkmenlerde köneden gelýän, gulaga ýakymly atlar barka, obalara“Ýalkym”,
“Dostluk”, “Gyzylmeýdan”, ”Uçgun” daýhan birleşigi “ (Obalarda diňe daýhanlar
ýaşaýarmyka?) ýasama hem ýuwan atlary dakmak ýoň boldy. “Gojuk obasy”, “Sazakly
oba”, “Çäşdepe obasy” diýen ýaly owadan atlary ulanmaly ahyryn. Ozal Mary sebitlerinde
obalara “Çarlakýap”, “Akýap”, “Gowşutbent” diýen ýaly ýerli ýagdaýa kybapdaş atlar
dakylar eken.
Kakanyň üstünden geçip, Mara tarap barýarkaň, uly ýoluň sag tarapynda: “Kaka
etrap “Ýüzbaşy obasy” diýen owadan ýazgy bar. Nähili oňat!
*
Ýömutlarda Teke, Ärsary, tekelerde Ýömut, ärsarylarda Saryk diýen adam atlary
bar. Bu türkmen tireleriniň raýdaşlygynyň şaýady. Türkmen öz iňiň iň ýakyny bolan
çagasyna Gazak, Gazakbaý, Özbek, Owgan, Arap diýen atlary hem dakýar.Bu hem onuň
saýry milletlere hormat goýýandygyny aňladýar.
*
Rahym Esenow jaň etdi. Ol gep arasynda: “30 ýyl mundan ozal Ýazyjylar
soýuzynyň başlygy bolup işleýärkäm, sen tarapyny çalsaňam, bir dostumyň gepine gidip,
Kakabaý Gurbanmyradowy işden boşatdym. Şol hereketimiň gaty ýalňyş bolandygyna
indi düşünýärin. Asyl Kakabaý maňa aýdylyşyndan başga adam eken” diýdi.
Ýalňyşyňa düşünmek gowy zat. Ýöne telek bilen dürs seljerilmeli wagtynda
seljerilse, has-da gowy boljak.
09. 02. 2002.
Boris Polewoýyň “Siluýety” diýen kitabynyň ýaryny okap, gapdala taşlamaga
mejbur boldum. Köpi gören, dünýäniň ahli ýurtlaryna diýen ýaly aýlanyp çykan adam.
Emma onuň susup oturmaly baý materialdan ýazýan zatlary welin içgysgynç. Polewoý
hem Kožewnikow, Aleksin ýaly tomluklary kän-de, kitaby ýok awtorlaryň biri bolsa
gerek. Onuň mekdep, ýokary okuw programmalarynyň hemmesinde orun berlen, köp
dillere (türkmen diline-de) terjime edilen “Hakyky adam hakynda powest” diýen kitaby-da
sosrealizmiň içine keýpihon girilip ýazylan kitapdy. Onuň başga kitaplaryny-ha okamok
welin, galam ýöredişinden many alsaň-a örän gowşak ýazyjy. Bolsa-da ol ömrüni
deputatlyk hem “Zähmet Gahrymany” nyşanlaryny dakynyp geçirdi.
*
372
Meniň okyjy hökmünde düşünmeýänim üçin beýik şahs beýikliginden peselmez.
Ýöne men Alyşir Nowaýy bilen Döwletmämmet Azadynyň eserlerini okap çuň lezzet alyp
bilmeýärin.
Käbir eserini türkmen diline terjime edenem bolsam, ady dünýäde äşgär Hemingueý
hem meniň üçin şol “tukatlardan”. Emma Hemingueý barada men ýeke däl ekenim. Ol
hakda belli rus ýazyjylarynyň käbiriniň aýdanlaryny ýatlaýyn:
Wiktor Astafýew: “Men Hemingueýiň eserleriniň hiç birini-de ahyryna çenli okap
bilemok. Ol örän adaty hem gaty sadawar ýazyjy. . . ”
Wladimir Tendrýakow: “Amerikan edebiýatynyň “şöhratly klassygy” E. Hemingueý
ýazyjy hökmünde mende täsir galdyrmaýar. Oňa Nobel baýragynyň berilmegini bolsa,
edebi düşünjäniň, talabyň derejesiniň juda aşak gaçandygy bilen delillendirip bolar”.
*
Magtymguly adyndaky uniwersitetiň köne professory gabat geldi. Ol şeýle zeýrendi:
“Durmuşymyzda näme bolup geçýänine men-ä haýran. Şu günki studentler on-on iki ýyl
mundan ozalkylar bilen deňeşdireniňde 5-6-njy klasyň okuwçysy ýaly. Häzirki studentler
kitap okamaýarlar. Kurs iş diýip getirýän zatlaryny täzeden ýazmaly. Harp ýalňyşdanam
doly. Ertirki kadrlarymyzyň nä derejede boljakdygyny Alla biläýmese, biz-ä biljek däl”.
2004.
Ölümden gorkmasaňam, ölümiň gutulgysyzdygyny hakydaňdan çykarmaly däl. Ol
pikir seni köp betbagtlykdan, harsydümýälikden, açgözlükden, özüňe, adamlara
edäýmegiň ahmal zeleliňden sowa geçirer hem-de berlen ömri arkaýyn, tygşytly ýaşamaga
kömek eder.
*
Men özümiň kimdigimi bilmek isleýärin. Emma bolmaýar. Sen nähili adam?
Akmakmy, akyllymy, agrasmy, kelpezmi? Iň ýakynlarym, çala tanyşlarym saňa nähili
baha berýärkäler? Dostuň-a seniň kemçiligiňi görmän, görse-de, görmedik bolup, ýa-da ol
hakda pikir etmän, gowy adam hasaplaýar. Duşmanyňam seniň gowy tarapyňa göz ýumup,
görse-de, görmediksirän bolup ýa-da ol hakda pikir hem etmän, erbet adam hasaplaýandyr.
Dostuňdanam, duşmanyňdanam obýektiw baha alyp bolmaýan bolsa, hakykaty nädip
bilmeli? Garaz, kimdigiňi tanamak aňsat iş däl. Sen ýoldaşlaryňy, iliňi tanaýarsyň. Emma
özüňe iň ýakyn adam bolan özüňi welin tanamaýarsyň. Özüňe öz berýän bahaňa-da
ynanmaýarsyň. Ynanmaly hem däl. “Özüni bilen weli” diýen bir gep bar. Diýmek, weli
hem ýok, özüni bilýänem ýok
ZENAN NÄZKLIGI ýa-da“ÝAGŞY SÖZ...”
Ene-atasy Samarkandyň eteginde ýaşaýan kursdaşym Abdylla obasyny görkezmäge
çagyrdy. Bag-bakja bürenip oturan arassa kyşlag. Öýländen soň Abdylla meni obanyň
töweregindäki owadan ýerlere aýlady.
Abdyllanyň kakasynyň traktorçy bolup işleýändigini bilýärdim. Ýöne ogly
saryýagyzdan mylaýym bolany üçin ony hem şeýleräkdir öýdýärdim. Emma çakym
çykmady. Gün ýaşyberende, aňyrdan orta boýly, garaýagyzdan gödek bir pyýada peýda
boldy welin Abdylla: “Ana, kakamam işden geldi!” diýdi. Men Abdyllanyň kakasyna däl373
de, ejesine çalymdaşdygyna düşündim. Gülçehre apa orta boýly, dolmuşdan ak ýüzli
görmegeý aýaldy.
Ahmet ekäniň aýagynda gonjy eplenen kirze ädigi, elinde könelişen gara sumkasy
bardy. Egnindäki ýag, gum siňip giden kombinezony ony hasam agras edip görkezýärdi.
Ahmet ekäniň ýüzi salykdy, gür gara murtlary aşak sallanyp durdy, ýadawlykdan
bolmagy-da ahmal, özi-de keýpsiz görünýärdi. Asyl onuň gap-gara ýüzi ömürboýy
ýylgyran ýüze-de meňzemeýärdi.
Adamsynyň gelýänini gören Gülçehre apa, arassa elsüpürgiç bilen suwly taňkany
hem bir bölek sabyny alyp oňa tarap ýöneldi.
—Dodolary kelýaptiler! Dodolariniň uzlari kelýäptiler! Dodolary mehnet tortup
kelýäptiler! Dodolarini Abdulla jonniň Turkmanistondan kelgen bir oşnasi ham kütüp
oturupdy. . .
Aýalynyň näzikden-näzik sesi bilen aýdylan ol sözlerden soň, Ahmet eke birden
başga adama öwrüldi. Onuň ýüzüniň galyň hamy ýukalyp, salpy murtlary-da ýokaryk
galan ýaly boldy. Gepiň keltesi, goja meňzäp gelýän adam birden ýigitlige aýlandy. . .
Ýakymly söz, zenan näzikligi iň bir gödek adamda-da ýumşaklyk oýarýar eken.
“Dädeleri gelýär! Dädeleriniň özleri gelýär! Dädeleri zähmet çekip gelýär! Dädelerine
Abdylla janyň Türkmenistandan gelen dosty garaşýar!” Muny diňe “dädä” uly sarpa
goýýan, oňa ýürekden garaşýan, ony görenine çyny bilen begenýän aýal aýdyp biler.
Şondan bäri kyrk ýyla basalykly wagt geçenem bolsa, Gülçehre apanyň ýakymly
sesi, mylaýym sözleri henizem gulagymdan gidenok.
12. 11. 2001,
1991-nji ýylyň 28-nji fewralynda, Türkmenistanyň ýazyjylarynyň iň soňky
gurultaýynyň başlanmagynyň öň ýany, Atamyrat Atabaýew meni zaldan tapyp,
Prezidentiň ýanyna barmalydygymy aýtdy. Gurultaý Ministrler Sowetiniň jaýynda
geçýärdi. Şonuň üçinem A. Atabaýew meni Prezidentiň ol jaýda kabul etjek otagyna eltdi.
Giň kabinetde Prezidentiň ýeke özi eken. Ol uly stoluň bärisine geçip, biz bilen
salamlaşdy. Ol hal-ahwal soraşansoň, A. Atabaýew çykyp gitdi.
Men S. A. Nyýazow bilen şol sapar ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolýardym. Onuň özi-de
ýazyjylaryň gurultaýyna gatnaşmak üçin gelen eken. Şonuň üçinem 5-10 minutlyk
duşuşykda, ol ikimiziň aramyzda üýtgeşik gep-gürrüň hem bolmady. Meniň netije
çykaryşyma görä, ol meni diňe tanyşmak maksady bilen çagyran bolmalydy. Emma ol
duşuşygyň başga-başga many bilenem baglanyşyklydygy soň-soňlar aýan boldy.
Şondan göni bir ýyl geçenden soň, 1992-nji ýylyň 2-nji fewralynda Prezident meni
ýene, ýöne bu gezek öz haýyşym boýunça kabul etdi. Ol meni köne tanşy ýaly açyk ýüz
bilen garşylady. Ol Türkmenistanyň ykdysadyýeti, onuň ertirki güni hakda esli wagt
gürrüň berdi. Şol duşuşykda men onuň çakdanaşa ýatkeş adamdygyna, kellesinde örän kän
informasiýa saklaýandygyna göz ýetirdim. Ol gepiniň arasynda: “Biziň halkymyz täzeçe
ýaşamaga asla gaýym däl eken—diýdi. —Adamlar täzeçe ýaşaýşa başlamagy ýokuş
görýärler. Özlerine derek ýolbaşçynyň ýa-da döwletiň oýlanmagyna halys endik
edipdirler”.
Prezident gepi aýlap-öwrüp, meniň üstümden getirdi. Ol bir ýyl mundan ozal
Türkmenistanyň Howpsuzlyk komitetiniň başlygy general Boýkanyň huzuryna gelip,
374
ýazyjy Atajan Tagan Moskwada Türkmenistandaky syýasy gurluşyň garşysyna goýlan
partiýany açdy diýip habar berendigini ýatlady.
Men oňa:
—Saparmyrat Ataýewiç, partiýa diýilýän zadyň iňňe däldigini siz menden gowy
bilýärsiňiz. Partiýa döretmek üçin birtopar adam jemlemeli, açylan partiýa resmi ýagdaýda
hasaba alynmaly, konstitusion organlar tarapyndan kabul edilip tassyklanmaly. Siz şeýle
partiýanyň açylanyny-açylmanyny, öňüňizdäki telefonlaryň haýsysynyň trubkasyny
göterseňizem, bir minutyň dowamynda anyklap bilersiňiz. Meniň partiýa döretmändigim
hakykat. Galyberse-de, Moskwadaky türkmenler partiýa açan bolsalar, özüm ol partiýanyň
agzasy bolmasamam, ol barada iň bolmanda, eşiderdim. Men-ä Moskwada türkmenler
partiýa açypdyr diýibem eşidemok.
—Menem şeýle pikir edýärin—diýip, çaky Prezident meniň aýdanlarym bilen
ylalaşdy—Men generala “Siz beýle maglumaty nireden aldyňyz?” diýen sowal berdim
welin, ol “Moskwada biziň öz adamymyz bar. Maglumaty şol iberdi”-diýdi.
Prezident “KGB”-niň “öz adamynyň” adyny açyk aýtdy. Ol adamy men örän oňat
tanaýardym. Ol özüni maňa dost hasaplaýardy.
Men Prezidente:
—Özüm-ä beýle habara ynanamok—diýdim—“Ol” adam biz bilen gabatlaşanda-da,
öňürti KGB-ä sögüp, ondan soň salamlaşýardy. Onsoň ol nädip generalyň “öz adamy”
bolýarka?
—KGB-niň wekilleri şeýdip adamlary gepledýäler-dä!—diýip, Prezident ýylgyrdy.
Şonluk bilenem, Atajan Taganyň “Moskwada açan partiýasynyň gürrüňi” gutardy
hasap edildi. Men öz meseläme geçdim.
Meniň Prezidentiň huzuryna barmakdan maksadym Moskwadan Türkmenistana
gaýdyp gelmek meselämi maslahatlaşmakdy. Men ýagdaýymy düşündirdim welin S. A.
Nyýazow:
—Entek işläbersene şol ýerde!—diýdi. Men oňa 30 ýyldanam gowrak wagt bäri
Russiýadadygymy, döredijilik planlarym bilen bärik aralaşmak isleýändigimi aýdanymda,
ol: — Gaýdarça wagtam bolan eken. Ýeri, bolýa-da, gaýtsaň gaýt. Sen bärik gelip
işlemekçimiň?
—Başarsam-a, döwlet gullugynda işlemekçi däl. Ömürem geçip barýar. Diňe
döredijilik işi bilen meşgullanmakçy.
—Menden näme haýyşyň bar?
—Ýagşyzadalar Görogla “At (a-at) gerekmi, zürýat?” diýenlerinde, ol-a “At gerek”
diýipdir. . .
—Saňa-da at gerekmi?—diýip, belkem, “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýen at
dilenjekdir öýden Prezident gülüp goýberdi.
—Ýok, Saparmyrat Ataýewiç, maňa zat gerek.
—Nähili zat?
—Bir-ä, iki tomluk kitabymyň çykmagyna ýardam ediň, ýene hem awa gider ýaly
“UAZ” maşynyny beriň!
—Meniň kömekçimiň ýanynda otur-da, iki haýyşyňam arzasyny ýazyp gidäý.
—Arza ýazaýyn welin, ozalam bir köneräk “Niwa” maşynymyň bardygyny hem
size aýdyp gideýin. . .
375
—Ony näme üçin maňa aýdýaň?
—Barybir, özüm aýtmasamam, siz meniň maşynymyň bardygyny bilersiňiz. . .
Dogrudanam, hut şol günüň ertesi B. Hudaýnazarow, A. Atabaýew, A. Bugaýew
üçüsi huzura baranlarynda, Prezident düýn meni kabul edendigini, maşyn diländigimi
aýdypdyr. Şonda huzura baranlaryň biri, desbi-dähil: “ Atajan Taganyň ozalam maşyny
bardy, ýaşuly” diýip, ony gizlin syr ýaly edip habar beripdir.
Prezident oňa: “Maşynynyň bardygyny Atajanyň özi maňa aýtdy” diýipdir.
Bir hepde geçip-geçmänkä, maňa Prezidentiň öz fondundan “UAZ” maşyny berildi,
ýöne kitaply haýyşymdan welin netije çykmady.
1992.
Paradoks: Turşy süýji.
*
Türkmen ýazyjylarynyň 92 ýaşly Çary Aşyrowdan soňky iň ýaşulularynyň biri Atda
Durdyýew. Ol 80 ýaşynda. Atda aga agyr ýatyr. Şu gün şahyr Amanmyrat Bugaýew
ikimiz ony soramaga bardyk. Segsen ýaşanam bolsa, akly-huşy ýerindäki ýaşuly, öz
bolşuna kybapdaş alçak, açyk. Ýagdaýyny ýuwmarlajagam bolanok. “Ömrüň soňunyň
şeýle ezýetli boljakdygyny öňünden bilen bolsam, bu jahana gelmezligiň aladasyny
ederdim. Uruşda ýaradar bolup, buzly meýdanda urnup ýatyrkamam, gözýaş etmändim
welin. . . Elbetde, kişilik däl. Ýöne gözýaş birneme ynjalyk berýär eken. . . Bir hepde bäri
hiç zat iýemok. “Hurşum—işdäm” diýen nakylyň manysyna men indi göz ýetirdim. . . ”
“Hurşum—işdäm” diýen nakyly men şu gün birinji gezek eşitdim.
15. 01. 2003.
“Injili” ýene bir gezek elime aldym. Elbetde, pygamberleriň hemmesine-de hormat
goýýarys. Adamzadyň häzirki ýeten derejesinden garanyňda birhiliräk ýaly bolup görünsede, pygamberler öz döwrüniň çygrynda örän uly işler eden adamlar. Eger-de adaty adamlar
bilen deňeşdirilende, hertaraplaýyn artykmaçlygy bolmadyk bolsa, olar pygamberlik
derejesine ýetrip bilmezdiler.
Emma ”Injiliň” rus dilindäkisinden birki jümläni terjime edeýin welin, siz oňa üns
beriň. Ol sözleri aýdyp gideniň Isa (Iusus) pygamberdigine garamazdan, siz ol aýdylanlara
pygamberiňki däl nazaryňyz bilen baha beriň!
1. “Duşmanyňyzy söýüň. Özüňizi ýigrenýänlere ak pata beriň”
2. “Ruhy taýdan garyp adam bagtlydyr”
3. “Siz “Näme iýsemkäm?” diýip, öz janyňyzyň, “Näme geýsemkäm?”-diýip, öz
teniňiziň aladasyny etmäň. Guşlara seredip görüň! Olar ekinem ekmeýärler, hasylam
ýygnamaýarlar. Olary beýik Atamyz (ýagny, Hydaý. —A. T.) ekleýär. Sen näme şol
guşlardan üýtgeşikmi?”
Men ýokarky aýgytlar dogrusynda okyjyny öz tarapyma çekjek bolmaýaryn. Ýöne:
1. Näme üçin duşmanyňy söýmeli. Ýigrenmezlik başga gep. Emma näme üçin
duşmanyňy söýmeli? Sen näme üçin onuň öz garşyňa etjek ýaman hereketlerine ak pata
bermeli?
2. Hiç zada düşünmän, hiç zadyň parhyna barman ýaşamagyň ýeňil bolmagy
ahmaldyr. Ýöne ruhy taýdan garyp bolmaklyk artykmaçlykmyka?
376
3. Adam, näme üçin öz iýjeginiň, geýjeginiň aladasyny etmeli däl? Guşlar ekin
ekmeýär diýip, adamam öz ýaşaýşynyň gamyny iýmän oňup ýörmelimi? Guşlar näme
ýaşamak üçin alada etmeýärlermi, zähmet çekmeýärlermi?
Dogry, iki tarapa-da çekilmäge gaýym pikir haýsy tarapa gatyrak çekseň, şol tarapada gyşarar. Menem özümiň pes baha bermekde-de, belent baha bermekde-de birneme
maksimalistdigimi bilýärin. Şonuň üçinem Isa pygamberiň guşlar hakdaky aýdanlaryny
galamdaş ýoldaşym Kakajan Açylowyň teswirleýşini şu ýerde mysal getirmekçi. Ol
takmynan şeýle: Artykmaç iýjek bolup, artykmaç geýjek bolup selpäp ýörmeli däl. (Isa
pygamber myny edil şeýle däl-de, başgaçarak aýdýar ahyryn. —A. T.) Ýagdaýyňa,
berlenine şükür edip ýaşamaly. Ykbalyň, nesibäň bereninden artyk aljak bolup, özüňi
gynamaly däl. Pygamber, öz pikirini sada adamlara-da has düşnükli bolar ýaly guşlary
mysal getirýär.
Bu mysalda K. Açylowyň çözgüdiniň dogry bolmagy-da ahmal. Ýöne soňky iki
aýgytda welin. . .
2002.
Rus edebiýatçylary “Talanta wsegda nado toçit” (“Talanty elmydama ýitiläp
durmaly”) diýýärler. Şu gün Antonin Zgoržyň Bethoweniň ömrüne hem döredijiligime
bagyşlanan “Ýalňyz özi ykbalyň garşysyna” diýen kitabyny okadym. Asyl Bethowen
heniz harp öwrenmänkä, nota öwrenen eken. Onuň düňýä inip, gulagynyň ilki eşideni saz,
gözüniň ilki göreni roýal-u, beýleki saz gurallary. Bethoweniň talanty enesinden doglan
badyna taplanyp başlanypdyr. Onsoňam beýik şahslaryň köpüsi, ýoluny saga-çepe
sowman, başyndan her hili agyr külpet inse-de, diňe Hudaý beren ukybyny ösdürmek,
taplamak bilen meşgullanypdyrlar. Şeýlelikde, olar başarylmajak zady başaryp,
boldurylmajak zady boldurypdyrlar.
“Depme kerlik” bilen sazandalygyň bir ýoldan ýöräp bilmejekdigine hemme kişi
akyl ýetirýändir. Sebäbi saz gulak bilen—eşitmek bilen diňlenýär hem döredilýär. Emma
Bethowen gök gümmürdisiiň sesini-de eşitmeýän derejedäki gutarnykly ker bolsa-da
sazdan el üzmändir. Onuň şeýle ýagdaýda-da saz döredişi, ony il-günüň, döwletiň sylaýşy
hakda oýlanyp, özümiz barada pikir etdim.
Eger 200-300 ýyl mundan ozal türkmenlerde-de 6-7 ýaşly ukyply çagalara dutary,
gyjagy, beýleki saz gurallaryny çalmak öwredilip, notadan hem ders berlen bolsa,
musulman dini çeperçilik sungatynyň garşysyna göreşmedik bolsa, şeýle hem ýüze çykan
talantlaryň döreden eserleri Ýewropa ýurtlaryndaky ýaly döwlet tarapyndan hormatlanyp,
medet berlen bolsa. . .
*
Özümiň telim ýüz sahypalyk uly eser ýazmaga ukubymyň ýokdugy üçin şeýle pikir
edýän bolmagym-da ahmal welin, mundan bu ýana edebiýatda “Woýna i mir”, “Aýgytly
ädim”, “Doganlar” ýaly telim kitapdan ybarat romanlar ýazylmasa gerek.
Sebäbi adam durmuşyna tehnikanyň ornaşmagy, onuň münkinçilikleriniň artyp
gidip barmagy wagty gyssady. Durmuşyň akymynyň tizleşmegi bilen adamyň gabat gelen
zada wagt ýitirmäge haýpy gelýär. Bu meselede ýazýanam, okaýanam kybapdaş pikir
edýän bolsa gerek. Şonuň üçinem uly romanlar modadan düşer. Häzir Ýewropa
377
ýurtlarynda 80-90 sahypalyk romanlaryň döreýäni hem şonuň bilen bagly bolmagy
ahmaldyr.
31. 12. 2001.
Urşa girip çykan adam uruşdan gorkandygyny söweş gutaranyndan soň bilip galýan
bolsa gerek.
*
Şklowskiniň, Bondarýewiň, Rasputiniň, Moemiň hem başgalaryň edebiýat, durmuş
hakdaky oýlanmalaryny, hatlaryny okasaň, ukybynyň dürli-dürlüdigine garamazdan,
ýazyjylaryň köpüsiniň durmuşa garaýşy birmeňzeşräkdigine göz ýetirýärsi
*
Meniň garry enem “Beýgi gör-de, pikir et, pesi gör-de, şükür et” diýen nakyly kän
gaýtalaýardy, bäş wagt namazyň yzyndanam “Edenňe şükür, Taňrym!” diýýärdi.
Men şol mahal, sekiz çagasy-da bir ýaşaman ýogalan, ölmän adam bolan ýalňyz
perzendi-de 31 ýaşynda uruşda wepat bolan, iýmäge, geýmäge zady ýok, köneje gara öýde
ýaşaýan garry enäniň “Edenňe şükür!” diýip, Hudaýdan razy bolşunyň manysyna
düşünmeýärdim. Belkem, ol ýeke oglunuň ojagyndaky oduň öçmejegine, ondan nesil
galandygyna şükür edendir. Ýarymaç garry başga nämeden razy bolsun!
Özümi göz öňünde tutup, şol nakyl barada oýlanýaryn. Özümden beýgi görüp, pikir
edýärin. Hernäçe pikir etsemem, meniň ol beýiklige ýetmäge ukybym ýok ahyryn.
*
Meniň “kitaphanaçym” Kakajan Durdyýewiň baý kitaphanasy bar. Ol şu günem bir
topar kitap getirip gitdi. Oleşa, Moem, Boris Bedniý, Şopengauer.
Kakajan diňe meni däl, Atamyrat Atabaýewi-de kitap bilen üpjün edýär. Şu gün
Atamyrat maňa jaň edip: “Kakajana “Hak tölemeseň ýa-da hepdede bir gezek
myhmançylyga çagyrmasaň, kitaplaryňy okajak däl” diýeli” diýip degişýär.
Umuman, Kakajan Durdyýew köp okaýan, köp işleýän, jepakeş adam.
14. 10. 2003.
Ulumsy, gaharjaň hem garasöýmez awtor okyjynyň göwnünden turar ýaly eser
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.