Latin

Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19

Total number of words is 3643
Total number of unique words is 2170
29.7 of words are in the 2000 most common words
42.7 of words are in the 5000 most common words
49.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
edipdir. Ol meniň özümi,gelnimi,Juma Jumadurdyny (Juma şol döwürde Gylyç Kulyýewiň
bürünç heýkelini ýasapdy) aýaly bilen agşam sagat 7-ä myhmançylyga çagyrypdyr.
196
Belleşilen wagty häzirki Gylyç Kulyýew köçesiniň 34-nji jaýyna
bardyk.Suwlanyp,süpürilen bagly-bakjaly howlynyň töründe goýlan stoluň üstünde adyny
tutan zadyň bardy. Umuman,Kulyýewler mydama-da myhmany ýokary derejede
garşylamagy başarýardylar. Olarda esasy ünsüňi çekýänem stoluň ortasynda goýulýan
gadymy top görnüşinde ýasalan iki tigirli gymmatbaha çelekdi. Şol çelekli topuň nilinden
bulgurlara içgi guýulýardy.
Biz howla girenimizden keýpi çag Gylyç Kulyýew:
—Anna Gurýewna,Atajan Tagan gelen bolsa bulgurlaryň iň ulusyny goýaweri!—
diýip,aýalyna ýüzlendi.
Indi köp ýyl bäri,myhmançylyga barsam,Gylyç Mämmedowiç şol sözleri
ýadyndançykarman gaýtalaýardy,hemem hezil edinip gülýärdi. Onuňam öz sebäbi bardy.
Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda işläp,köp ýerlerde bolan Gylyç Kulyýewiň öýüne
myhmançylyga baryp,närazy bolup gaýdan ýok bolsa gerek.Ýöne Gylyç Mämmedowiçiň
altyn çaýylan rýumkalary welin bizi (Moskwadan gelýän,arak içmegi halaýan rus
myhmanlary-ha hasam) kanagatlandyrmaýardy. Ol rýumkalar uly adamynyň başam
barmagyndanam kiçidi,keşde edilýän oýmakdan sähel ulurakdy.Bir gezek Italmaz
Nuryýew ikimiz myhmançylyga gelenimizde,şol rýumkalar goýuldy. Rýumkalaryň juda
kinniwanjadygyny halamadyk Italmaz assyrynlyk bilen meniň ýüzüme garady. Menem
Italmazyň garaýşynyň manysyna dogry düşünemsoň,rýumkajyklaryň birini iki
barmagymyň arasynda oýnap oturşuma ýylgyrdym.
—Nämä ýylgyrýaň?—diýip,mekir Kylyýew sowal berdi.
Men ýylgyryşymyň manysyny oňa düşündirmeli etdim: Ady dünýä belli,çagalar
şahyry ýewreý Samuil Marşak başga bir ýewreýi — Lenin baýragynyň laureaty
şahyrMihail Swetlowy myhmançylyga çagyryp,edil Kulyýewiňki ýaly oýmak-rýumka
goýupdyr. M. Swetlow arak içmegi juda gowy görýär eken.Ol öý eýesi oýmaga arak
guýjak bolanda,rýumkany pitikläp goýberipdir-de: “Muny öz ýewreýleň gelende goýarsyň.
Maňa ullakan bulgur getir!” diýipdir.
Italmaz Nuryýew hem:
—Gylyç Mämmedowiç,biz bir sada adamlar. Bize altyn çaýylan rýumka goýmada,ýaňky Swetlowyň diýýän bulgurlaryndan goýaý!—diýip,meniň aýdanlarymyň üstüni
ýetirdi. Derrewem “oýmaklar” birneme ulurak rýumka bilen çalşyryldy.
Şondan soň Kulyýewlere myhmançylyga barsak,altyn çaýylan “oýmajyklara” gabat
gelmeýärdik.
…Gylyç Kylyýew hemme myhmanlary bilen salam-helik alşanyndan soň,meni öýe
çagyrdy. Bir otagdan ikinjä,üçünjä. Uly krowatyň üstünde gollaryny serip bir kostýum
ýatyrdy. Beýle kostýumy men henize çenli hiç bir dükanda,hiç kimiň egnindedegörmändim. Onuň matasy-da,tikilişe-de üýtgeşikdi,ilikleri-de köne töňňäniň
bölegindenýasalan ýalydy.
Gylyç Mämmedowiç kostýumyň penjeginiegnime atdy-da:
—Hany,geýip gör!—diýdi.
Men aňk-taňk bolup penjegi ýeňlendim. ”Myny näme üçin maňageýdirýärkä?”
Özüne kiçiräk bolansoň,maňa satmakçydyr diýsemem,penjek maňa uludy. Ýeňleri
göz-görtele uzyndy.
—Bu maňa uly bolýar,Gylyç Mämmedowiç…
197
—Uly däl.Uly däl—diýip,ol meniň al-petimden aldy-da,diplomatlygyny etdi. —
Mundan kiçi bolsa-da tyrryk geler. Senem indi uly edaranyň işgäri. Tyrryk eşik geýip
ýörseň,gelşikli bolmaz.
Ol kostýumy ozal taýynlanyp goýlan kagyza dolady-da,derrew goltugyma gysdyrdy.
—Şuny sen almaly.
—Men myny näme üçin almaly,Gylyç Mämmedowiç?
—Dogrymy aýtsam,seniň toplamagyňda meniň uly kitabym çykdy welin…
Neşirýatam awtora gonorary juda az töleýär eken. Senem zähmetiň üçin şu kostýumy alaý.
Ak ýürekden berýän.
—Gylyç Mämmedowiç,men siziň kitabyňyzy pul üçin ýa-da zat üçin toplamandym.
Maňa kostýumam gerek däl,pulam. Meň pulumkän…
Gylyç Mämmedowiç mende puluň kän däldigini özümden gowy bilýärdi,Oňa
garamazdan,mekirlik edýärdi.Mahlasy,ol ak kagyza dolanan geň kostýumy men
myhmançylykdan gaýdamda alyp gitmäge mejbur etdi…
Moskwa gelemsoň,ol kostýumy diwanyň üstünde serip taşladym-da,gaýtadan
synladym. Geýdim. Üç gözli aýnanyň öňünde durup ser saldym.Bolar ýaly däl. Näçe ýyl
Moskwada ýaşaýaryn,hälimi-şindi komandirowka gidýärin,her hili entek görülmedik eşik
geýip edaramyza gelýän daşary ýurtlular bilen duşuşýaryn. Emma beýle kostýum geýen
adama heniz gabat gelemok.Garaz,ony geýip,köçä çykmasyz etdim. Şeýlelikde,geň
kostýum şifonýeriň törüne düşdi.
Aradan telim ýyl geçensoň,Türkmenistan Ýazyjylar Soýuzynyň Mary oblast
bölüminiň sekretaryýazyjy Amannazar Aşyrow tankytçylaryň ýygnagynagatnaşmak
üçin,Moskwa geldi. Ýygnak gutarandan soň ol ikimizrestorana girip naharlandyk. Nahar
wagty,gep arasynda Amannazardan Moskwalyk näme aladasynyň bardygyny soradym. Ol
ullakan aladasynyň ýokdugyny,çagalaryna süýji-köke almakdan başga tabşyryk
berilmändigini aýtdy. Şonuň yzyndanam:
—Aý,gabat gelse,özüme,oňa-muňa çykylanda geýer ýaly bir kostýum alaýmak
meýlimem ýok däl—diýdi.
Gylyç Kulyýewiň beren kostýumy ýadyma düşdi. Men pursatdan peýdalanmakçy
boldum.
—Ýygnaklara dagy geýip gidäýmek üçin bir gowy kostýum-a bar. Özem tüýs saňa
bolaýjak welin… —diýip,men hasam gyzyklandyrmak üçin sözümiň yzyna köp hokat
goýdum.
Çakym dogry çykdy.
—Gowy kostýum bolsa “welisi” näme?—diýip,Amannazar ümezläp duran gözlerini
süzdi. —Näme ony menden gowa berjekmi? Üstesine,ikimiz obadaşragam.
—Obadaş diýsegem bolýar. Men-ä Samsykýabyň sag kenaryndan. Senem
çepinden.Ikimizem Samsykýapdan akylly däl…
(“Samsykýap” diýmegi awtoryň tapan ýasama adydyr öýtmäň.1860-njy ýyllarda
Gowşut han tarapyndanirrigasion sistema ýola goýlanda Mary sebitindegazylan
ýaplaraözüne bap gelýän atlar goýlupdyr.Mysal üçin “Tilki ýap” (tilki sapalagy ýaly
egrem-bugram),“Akyl ýap” –beýikden pese akýany üçin,“Samsykýap” —pesden beýge
akmaga mejbur edileni üçin. Şeýle hem ol döwürde ýap gazmaga gaty uly üns berlipdir.
198
Hatda biziň hiç mahal suw baran däldir öýdýän Gulanly,Jojukly diýen ýaly ýerlerimize-de
ýap çekilipdir.Mysal üçin,19-njy asyrda ýaşap geçen Dowan şahyrda:
Jojukly aramyz,Gulan pellämiz,
Alty segsen daýhan bolduk hemmämiz — diýen setirlerbar. Şu maglumaty beren
tejenli Gurban aganyň aýtmagyna görä,tekäniňher 6 taýpasyndan 80 adam
ýygnanyp,Gulanly bilen Jojukly arasynda ýap gazypdyrlar.)
… —Seň kostýum diýýäniň haýsy magazinde?
—Magazinde gowy kostýum bolýanmydyr? “Samsykýaplynyň” gepini
tapmasana!Kostýum meniň öýümde.
…Könebiçüw kostýum Amannazara-da birneme holpugrak geldi. Myhman ony
aňdy. Men Gylyç Kylyýewiň özümeaýdan sözlerini gaýtalanymdan soň,Amannazar
kostýumy almaly etdi.
—Bahasyny aýt.
—Özüm-ä 150-a aldym.
—Maňa näçä berýäň?
—Men nepkeş däl. Fransuzyň alan puluny beräý.
Birdenem Amannazaryň nazary penjegiňigdäniň çöpüne meňzeş iliklerinde eglendi.
—Ilikleri dagy nähil-aýt myň?
—Iň soňky modamyş. Özüň bilýäň,moda ilki Parižde doglup,soň dünýä ýaýraýar.
—On-a bilýän.
—Şonuň üçinem men muny her öňýetenmodabilmezehödürlemän,saňa hödürledim.
Wah,muny özüm geýip gomparjak welin,ulurak bolýar…
Birki aýdan soň Mara ýolum düşende,oblast gazýetiniň redaktory bolup işleýän
şahyr Tagan Söhbedowyň ýanyna sowuldym. Taganyň kabinetinde özünden başga-da bir
garry adam bar eken. Men ony ýüzünden tanaýardym,redaksiýanyň garawulydy.
Salam-helikden soň Tagan:
—Gowy geläýdiň,Senden bir haýyşam bardy—dýýdi.
—Näme hyzmat?
—Sen Amannazar Aşyr bilen “gepleşik” geçirmeli.
—Nä özüňonuň bilen tersmiň?
—Ters däl welin,bu ýerde başga bir inçe gep bar. Ony sen gowy çözersiň…
Tagan Sögbediň “gep” diýýäni Amannazaryň menden alan kostýumy bilen
baglanyşykly eken.
Amannazar Aşyr öz iş-aladasy bilen Mary obkomynyň jaýyna ýygy-ýygydan giripçykmaly bolýar. Onuň üýtgeşik ilikli geň kostýumy obkomyň“ketdeleriniň” birine
ýaramandyr. Emma onuň özi Amannazara: “Sen şu kostýumyňy geýip obkomyň jaýyna
girme” diýmegi başarman,ol ýumşy Tagan Söhbede buýrupdyr.
Taganam asyl paýasy ýumşak adam—Amannazaryň göwnüne degäýmekden
çekinip,ol aladany maňa tabşyrmakçy bolýardy.
—Diýselerem,o kostýum Pariži haýran eden,iň täze modadaky kostýum bolmaly—
diýip,men onuň tarypyny etdim.
—Pariži däl,Berlini haýran etse-de,Amannazaryň beýle eşik geýip,obkomyň jaýyna
barmagy,dogrudanam,gelşikli däl—diýip,Tagan hem öz pikirini aýtdy. —Beýle modaçy
bolýan bolsa,Amannazar o kostýumy Pariže gidende geýäýsin-le…
199
—Wiý,Amannazar janyňtäze alan kostýumyna diýýäňizmi?—diýip,gürrüňiň
magadyna ýeten ýaşuly gobsundy. —Weý-weý,beýle geýim göwnünden turmaz ýaly
obkom işgärini ne döw çalypdyr! Ol iň gowy mawutdan tikilen-ä. Şony Amannazaryň
egninde görsem,men öz ýaşlygymy ýatlaberýän.
—Nä,ýaşkaň,senem şolar ýaly kostýum geýipmidiň?—diýip,Tagan sowal berdi.
—Wah,olar ýaly gymmatbaha eşik bize ýetdirýärmidi?Otuzynjy ýyllarda Maryda
Eýranyň konsulhanasy işleýärdi.Baş konsul edil Amannazaryňky ýalymawut kastýum
geýip,agşamlarynaşäheriň köçelerine gezime çykýardy…
Ahli zat düşnükli boldy. Maňa sowgat edilen,mendenem Amannazara ýeten geň
kostýum 1930-njy ýyllardaGylyç Kulyýew diplomatik mekdebe okuwa girende,“mekdep
formasy” hökmünde oňa mugt berlengeýim bolmalydy.
Şol günüň ertesi men Murgaba,Amannazaryň öýüne bardym. Gep arasyndagürrüňi
dabarasy dag aşan “fransuz kostýumynyň” üstünden düşdi.Men entek obkom işgäriniň T.
Söhbetiň üsti bilen ýollaýan haýyşyny beýan etmänkäm,Amannazaryň özi:
—O kostýumy-haçopan goňşyma satyp goýberdim—diýdi.
—Näçä?
—Senden alan ýerime.
—Satmaly däl ekeniň-dä.Şu mahal modadaky kostýum. Özem Parižden getirilen
maldy. Oňarmansyň.
—Parižden gelenine-hä müňkür bolamok welin… —diýip,Amannazar sözüne
dyngy berdi. —Aý,Atajan,ony Pariže gidip geýäýmeseň,Mary ýaly ýurtda geýip
bolmyýa.Köçä çyksaň,hemme adamyň gözi sende. Ýylgyryp geçýänem bar,başyny ýaýkap
geçýänem…
1976—96.
*
Şu gün Türkmenistanyň Milli Radio-telewideniýe komitetiniň başlygynyň
birinjiorunbasary,Kemine adyndaky teatryň ozalky baş režissýory Abdylla Ýakubowyň
ýanyna salamlaşmaga bardym. Ol telewideniýäniň režissýorlarynyň birini kabinetine
çagyryp,indiki hepdäniň programmasyny düzmek bilen meşgul eken. Men hödürlenen
çäýnegi öňüme çekip,başlyk bilen režissýoryň arasynda bolup geçýän döredijilik gürrüňini
diňläp oturdym.
—Ol kinoň bolanok… Olam bolanok. Başgasyny tap.
—Ozal gidip ýören 24 filmi görkezmek gadagan edilen bolsa,men size “başgasyny”
nireden tapaýyn,Abdylla Şyhyýewiç?
—Gözle,agtar.Altynjy oktýabra nämäň bar? Belkem,Aşgabat ýer titremesi baradaky
dokumental lentany gaýtalarsyň?
—Bolmaz.
—O näme üçin?
—O lentada bir-ä Şaja Batyrow bar. Onsoňam,kömek edýänleriň köpüsi orslar…
—Üstüni ýapyp bolmaýarmy?
—Synanyşyp göreýin…
Ine,şeýdip,taryhy täzeden ýazmaga “synanyşýar” ekenler.
25. sent. 1996.
200
Uýgur dili türkmençä iň golaý dil bolsa gerek.Ony sözlüksiz okap
oturmaly.Tötänden elime düşen “Uýgur nakyllary” diýen kitapdan saýlan nakyllarymyň
birnäçesinisiziňem okap görmegiňizi isledim.
Hudaňdan gorkma,gudaňdan gork.
Haýt güni hatyn alma,ýagyşly gün—at.
Iti süňk bilen ursaň üýrmez.
Akylsyz başyň belasyny aýak çeker.
Aty ýitirip,nal gözleme.
Garyp garyp bolany üçin baý baý bolýar.
Garybyň içen suwy dişini çarhlar.
Baýyň pişigi hem towşan tutar.
Ölerdim welin,kepenligim ýok.
Itiň öňünden barma,atyň yzyndan.
At ölse,ite toý.
*
Şahyr Aman Kekilowa Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berlipdi. Şol pursat
onuň özi daşary ýurtdady. Ol Moskwa dolanan badyna maňa jaň etdi.
—Watandanäme täzelik?
—Watanda oňatçylyk. Bir uly täzelik—Aman Kekilow Magtymguly baýragynyň
laureaty boldy. Şol baýrak bilen sizi gutlaýan…
Aman aganyň sesi üýtgedi.
—Sen,inim,samsyk bolup doglupsyň,samsyk bolubam geçjek-dä.
—Näme beýle…
—Olar ýaly waka telefonda gutlanýanmydyr?—diýip,ýaşuly göçüp ugrady. —
Hany,derrew “Moskwa” myhmanhanasyna gel. Aýdan hoş habaryňy bellemeli
bolar.Ýogsam,baýragy yzyna alaýmasynlar.
Men oňa ýanymdaA. diýen şahyryň bardygyny aýdanymda olbegendi.
—Ony-ha hökman alyp gaýt. Ol biziň öz dälilerimizden (tire ady. —A. T.) ahyryn.
Meniň iş wagtym gutarandan soň,A. ikimiz “Moskwa” myhmanhanasyna,A.
Kewkilowyňotagyna bardyk,ony baýragy bilen gutladyk. Keýpi kök şahyr bizi restorana
çagyrdy. Onuň keýpi kök bolmazça-da däldi. Aman aga Türkmenistanda Magtymguly
baýragyny alýan(gaty ýalňyşmaýan bolsam) ilkinji şahyrdy. Zandy örän gysganç hasap
edilse-de,şatlykly pursat ony “pişigini goýbermäge” mejbur etdi.
Restoranda tegelek stoluň daşyna aýlandyk. Derrewem iýmek-içmek getirildi.
Biz iki sany ýaş ýazyjy bolup,uly şahyryň,akademik şahyryň baýragny mübärekläp
bada göterdik. Ol biziň saglygymyza,bizem onuň saglygyna içdik.
Meniň ýanym bilen baran şahyr Aman aganyň ýüzüne çiňerlip seretmäge başlady.
—Näme how,beýle çiňerildiň-le?—diýip,Aman aga oňa üns berdi.
Ýaş şahyr çiňerilip seretmeini dowam etdi-de,birdenem:
—Sen özüňi akademik hasaplaýaňmy? Sen akademik däl,bisowat ahyryn—diýdi. —
Sen “A” harpyndan şermende. Sen akmak. Akademik bolanyň bilen,baýrak alanyň bilen
201
bisowatlygyň,akmaklygyň aýrylýandyr öýdýärmiň?. Sen şahyr hökmünde-de hiç zat.Sen
häzirki zaman poeziýäsynyň “P” harpynam tanamaýan,nadan iliň şahyry…
Umuman,ýaş şahyr A.ýüz gram içse,erkini elinden aldyrýar,näme gepleýänini-de
bilmeýär diýip ozalamgürrüň edýärdiler. Ýöne men onuň edil şu günki ýaly edýän
hereketine şaýat bolup görmändim.
Saryýagyz Aman aganyň ýüzi gyp-gyzyl boldy. Ol düşnükli ýagdaýdy. Ýöne bu
ýerde başga bir düşnüksiz zat boldy. Aman aga özüni kemsideni ýoldaşym däl-de,men
hasaplaýan ýaly,oňa söz diýmän,maňa ýüzlendi:
—Hany,inim,ýoldaşyňam al-da,ýola düş.Ýagşam bir iş bitirdiňiz. Asyl bolaýdy!
Ertesi men şahyr A.bilen telefonda gepleşenimde,düýnkibolan gelşiksiz wakany
ýatladym. Ol utanmaga derek,gaýtam: “Senem meni kemsitjek bolup,ýok zatlary tapýaňaýt!” diýdi.
Şol wakadan soň men şahyr A. -dan daşrakda duranymy kem görmedim.
Umuman,adam durmuşynda düşnüksiz hem geň wakalar kän bolýar. Gürrüňi edilen
A.häzir 70 ýaşap barýar.Şu mahala çenli onuň Aman Kekilow bilen“turzan oýny” ýaly
oýunlaryň onlarçasyny “döredendigini” eşidýäris. Ol hatda ýokary derejedäki resmi kabul
edişliklerde-de masgaraçylyk derejesine çenli baryp ýetýär. Ol köp etmişi bagyşlanmaly
ýanyp duran talantam däl,tapylgysyz akyldaram däl. Emma hiç kim oňa hiç zat diýmeýär.
Ol şeýle ýagdaýynda-da daşary ýurt saparlaryna-da,içeri ýurt saparlaryna-da hemişelik
gatnaşyjy. Döwlet baýraklary-da öňürti şoňa berilmeli.Başga bir edepli,A. -dan has
talantly şahyr ýeke gezek tötänden “aýagyny gyşygrak” basaýsa,onuň adyny ähli
spisokdan öçürýärler.
*
Köneçe:Muhammet ymmaty malsyz bolmasyn,
Malsyz bolsa,kowum-gardaş ýat bolar.
Täzeçe:Muhammet ymmaty postsyz galmasyn,
Postsuz galsa,kowum-gardaş ýat bolar.
*
Şeýlebirzamana gelip,düňýäden ötüp giden ýazyjylaryňam ähli ýazan eserlerini
kitap edip çykarmak islegi,münkinçiligi dörese,men şu aşakda görkezýän eserlerimiň
okyja ýetirilmegini islemezdim:
1.
“Saragt galasy” — roman. (kitap bolup çykany)
2.
“Pereňli ýesiriň ýatlamasy” — powest. (ozal çap bolany)
3.
“Çagaly tumaýak” — powest
4.
“Sen-sen” — powest.
5.
“Uruşdan soňky söweş”—powest.
6.
“Hanhowzuň tallar” —pýesa.
7.
“Iň owadan gyz” —pýesa.
8.
“Gaýnene” —pýesa.
9.
“Bir desse çemen” — hekaýa.
10. “Gyzylgül”—oçerk
202
11.
12.
“Bir gije hem bir gündiz”—hekaýa.
“Patma gyz dogrupdyr” —hekaýa
2002.
Okyjam,diňleýjem hil-hil bolýar. Men okyjylar bilen örän seýrek duşuşýan awtor.
(Häzirki döwürde-hä bizde ýazyjy,artist,kompozitor bilen duşuşyk geçirmek däbi düýpden
togtadyldy diýen ýaly). Oňa garamazdan,duşuşan mahalym okyjynyň ýazyja gulak
asyşyny üns bilen synlaýaryn.
Bizde zalda oturan adamlar gulagynyň eşidýänihakda däl-de,başga bir pikiri
kellesinde aýlaýana meňzeýärler,nazarynda ulumsulykmy,göwnüýeýetmezçilikmiýa başga
bir zatlar bar ýaly.Olar duşuşyga diňe wagt geçirmeküçin gelenemeňzeýärler. Şonuň
üçinem duşuşyk mahaly ýa-da ondan soň awtor bilen okyjynyň arasynda adaty “tutaşyp
gidýän”birek-birege gyzyklanma-da oýanmaýar,sowal-jogabam döremeýär. Ýogsam awtor
bilen okyjynyňduşuşygyny gyzykly hem manyly edýän zat şol sowal-jogap.
Meniň Wengriýanyň kiçijik bir şäherjiginde 20 ýyl mundan ozal
bolanduşuşygymwelin henizem ýadymdan çykanok. Men kitaphananyň 60-70 adam
oturan zalyna ýaýdana-ýaýdana girdim. Sebäbi men olaryň dilini bilemok,olar meniň
dilime düşünenok. Duşuşyk dilmajyň kömegi bilen geçmeli. Goşgy okasaňam,hekaýa
okasaňam,manysy diňleýjä doly ýetjek gümany ýok. Duşuşyk içgysgynç bir ýagdaý
döretjek. Oturanlar meni birinji gezek görýärler,meniň ýekeje eserimi okany-da ýok.
Şonuň üçinem men zala ýaýdanyp girdim. Emma zaldan welin haýran bolup çykdym.
“Eserleriňiziň biriniň mazmynyny gürrüň beriň!” diýen haýyşa men “Uruş haçan
gutarýar” hekaýamyňmazmynyny jogap etdim. Men rusça geplemelidim.Çünkimaňa
dilmaç edilip berkidilen gyz türkmen dilni bilmeýärdi. Şeýle geçirilen duşuşyk içgysgynç
bolaýmaly ýalydy welin,diňleýjileriň yz-yza beren sowallary duşuşygy gyzdyrdy. Hatda
aýallaryň arasynda gözýaş edip oturany-da bardy. Olaryň başga bir milletiň
awtoryna,näbelli bir ýurduň durmuşyna öýaran gyzyklanmasy kiçijik hekaýanyň
mazmunyndan uly edebi duşuşyk döretdi. . Sowallaryň sany köpelip,gürrüň edebiýatyň
çygryndanam çykdy,ýurt gatnaşygyna,millet gatnaşygyna ýazdy…
Bizde welin,akademiki teatryň tomaşaçylary-da spektaklyň aglamalyýerinde-de
güläýýärlerem…
1989.
Geň zat: Gurhany türkmen diline terjime eden Hoja Ahmet ahun okyjyny
gyzyklandyraýjak wakalary-da bolmadyk öz biografiýasyny kitabyň başky sahypalarynda
çap edipdir. (Iň bolmanda,Muhammet pygammeriň biografiýasynyýerleşdiren bolsa has
çuň täsir galdyrardy.)Ol hem “Hoja Ahmet ahun özüni gurhandanam oňde saýýarmyka?”
diýen sowalyň döremegine getirýär.
Meniň terjimeçi ahunyň ylmynyň ýetikdigine,arap dilini gowy bilýändigine müňkür
bolmaga hakym ýok. Ýöne her bir ylymly,dil bilýän adamdan ökde terjimeçi çykmaýar.
Hoja Ahmet ahun hem terjimäni gaty kynlyk bilen edýär. Ol Gurhandan ozal hiç zat
terjime etmedige meňzeýär. Onuň kän zähmet çekendigine garamazdan,gurhanyň haýsy
sahypasyny açsaň,düşnüksiz,tagaşyksyz sözlemlere gabat gelýärsiň.
Mysal:
203
“…siz
düňýädekäňizeden
ýagşy
amallaryňyz
sebäpli
behiştiň
tagamlaryny,şeraplaryny köp iýmeklik (şerap iýilýärmi?) bilen zyýan görmeýän halyňyzda
iýiň we içiň” (2-nji tom,sah. 574 sah.) bilersiňiz”.
Ýene şol sahypadan:
“We biz olary gözleri uludan owadan,gözleriniň agy ak,garasy gara hur (“hüýr”
bolsa gerek) gyzlara öýlendireris. ”
Gutarnykly derejede adamzada ýetýänçä müň gezek taraşlanan medeni miras bolan
Gurhanyň arap dilindäki asyl nusgasynyň ýokarkylar ýaly “çalgyrt” dili bardyr öýdüpçak
edesiň gelenok. Şonuň üçinem terjimeden tejribesiniň ýokdugy bildirip duran Hoja Ahmet
ahun beýle agyr ýüki täk özi göterjek bolman,mysal üçin,Annaly Berdiýew ýaly ussat
terjimeçiniň birini ýanyna alaýmaly eken.
Emma özüniň daşary ýurtda ýaşaýandygyna garamazdan,Oraz Perwişiň “Injil”
terjimesini (Stokgolm,1994) “büdremän”ýa-da gaşyňy çytman,ahyryna çenli okap bolýar.
1997.
Şu gün Sergeý Mihalkow,Boris Možaýew,Feliks Kuznesow,Walentin Rasputin
dagymyzy Russiýa Federasiýasynyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy Ruslan
Imranowiç Hasbulatow kabul etdi.
Biz başlygyň kabinetiniň öňünde bäş minut ýaly garaşmaly bolduk. Sergeý
Mihalkow ýoldaşlaryna ýüzlendi-de:
—Men-ä indi aňy gaçan goja—diýip ýylgyrdy. —Elbetde,kitap alyp gaýtmagy
ýadymdan çykarypdyryn.Russiýanyň ikinji derejeli ýolbaşçysynyň huzuryna ýazyjy bolup
geleňsoň,oňakitabyňy sowgat bermeseň… Kimde öz kitaby bar?
Kitap diňe Boris Možaýew (Ol “Mužikler” diýen ajaýyp romanyň awtory.) ikimizde
bar eken.
Sergeý Mihalkow buýryk beriji äheň bilen:
—Derrew awtograf ýazyň! Siz utansaňyz,özüm gowşuraýjak.
Russiýada syýasy dartgynlygyň möwç alan döwrüdi. Oňa garamazdan,Ruslan
Hasbulatow bize bir sagatdanam gowrak wagtyny sarp etdi,çaý,kofe bilen hezzetledi. Ol
Russiýanyň häzirki galagoply ýagdaýy hakda gazýet sahypalaryna düşmejek habarlary-da
aýtdy…
R. Hasbulatow degişgen adam eken. Ol biz bilen ýeke-ýekeden hoşlaşyp ýörkä:
—Sergeý Wladimirowiç,men-ä bu gün ýazyjylar bilen duşuşýandygym
üçinşofýoryma-da “Para-peşgeş berilse-de,maşynyň bagažnigine salmagyn. Bu gün
bagažnigi kitapdan doldurmaly bolar” diýipdim welin… —diýdi.
Sergeý Mihalkowamherhili ýagdaýdanam baş alyp çykmaga ökdedi.Ol çalarak
sakawlap (Olaz-kem sakawrakdy) jogap gaýtardy.
—Gadyrdan Ruslan! Bu meselede günäkäriň kimdigimi aýdyňlaşdyryp durmalyň.
Tipografiýalar işlänok,kagyz bereňizok. Onsoň kitap nireden çyksyn? Oňa garamazdan,biz
seni örän sylamyzsoň… Şu gün seň kabul eden ýazyjylaryň iki ýurduň,Russiýa bilen
Türkmenistanyň wekilleri. Kagyz bermeseňizem,eserler çykmasa-da,biz saňa her ýurtdan
ýekeje kitap sowgat getirdik. Şu ýagdaýda şojagazsowgadam kiçi hasap etme.
—Men minnetdar!—diýip,R. Hasbulatow ýylgyrdy.
—Russiýadan başlaýas. Hany,Možaýew?
204
Boris Možaýew kitabyny gowşuransoň,gezek maňa ýetdi.
Kitabymy gowşuramsoň,elimi gysyp durka,Hasbulatowa:
—Ruslan Imranowiç,okaýan okyja kitap berenimde,mydama gorkýaryn,kitabym
okalmanka,öňünden ýaýdanýaryn.Şu gezek Size welin kitabymy gaty arkaýyn
gowşurýaryn—diýdim. —Çünki ullakan döwlet ýüki egniňizdekämeniň kitabymy
okamaga asla wagtyňyzyňbolmajakdygyna gaty ynanýaryn.
Ruslan Hasbulatow,näme üçindir,başyny ýaýkady.
—Dogry,wagtym az. Ýönesiziň tamaňyzy ýalana çykarmak üçin bu kitaby okamaly
bolaryn. Şonuň üçinem gaty arkaýynam bolubermäň…
27. 11. 1992.
Latyn elipbiýine geçilmegi bilen Türkmenistanyň uly ýaşly (20-den ýokary) nesliniň
99 prosenti bisowat bolup galar. Hut meniň özüm-ä,ýazýan-bozýan adama zerurdygyna
garamazdan,latyňça okamagy öwrensemem,ýazmagy öwrenip bilmezmikäm öýdýän.
Aslynda latyn elipbiýine geçmekden ullakan utuş beri barmyka? Onuň tarapdarlary häzirki
elipbiýimiz kompýutora oňat gabat gelenok diýýärmişler. Geň zat: kiril elipbiýinde
ýaşaýan Russiýa ýada bir topar ýewropa ýurtlarynda kompýutor,faks ulanylmaýarmyka?
Ýa-da gürji,ermeni harplary tehniki ösüşe gabat gelip,kiril harpy gabat gelmeýärmikä?
Latyndan aýratyn bähbit bar bolsa,Russiýa bizden öňürti oňa geçerdi.
Umuman,70 ýylyň dowamynda elipbiýi bäş gezek çalşyrmak türkmen halkynyň
bisowat bolup galmagyna getirdi. Munuň ýörite şeýdilen bolmagam gaty mümkin zat.
Sebäbi syýasat kimdir biriniňbähbidi üçin hiç hili namartlykdan gaçmaýar.
1996.
GOJUK OBASY
“Gojugyň bagy”,“Gojuk obasy” diýen sözi Mary sebitiniň ýaşuly adamlarynyň
bilmeýäni ýa-da eşitmedigi ýok bolsa gerek.Iň bolmanda,men-ä şony şeýledir öýdýärin.
Sebäbi ol meniň öz obam. Öz dogduk mekanym.
Gojuk obasy Mary şäheriniň alty kilometr gündogarynda Murgap derýasyny,ýa-da
Murgap derýasy ony gujaklap otyr. Öňler beýle gür bagly oba bu etrapda başga ýokdy. Ol
bagyň gaty uzak ýaşandygygy bildirýän agaçlarynyň haçan,kim tarapyndan ekilendigini
aýdyp biljek däl. Ýöne Gojuk obasynda bu sebitlerde gabat gelmeýän owadan agaçlaram
bardy.Obanyň ortasyndan iki gyrasyleýlisaça bürenip ýatan Gojukýap geçýärdi. Ol ýap
oba özboluşly bir görk goşýardy. Keltejik iki-üç hatar Gojuk obasy 1948-50-nji ýyllarda
iki kilometr gündogara süýşüp,Murgap derýasynyň öwrüm edýän ýerinde döredilen täze
posýologa birleşdi.“Gojugyň bagy” diýip atalan obanyň ýerinde häzir Mary
welaýatynyňpionerler öýi ýerleşýär.
Bölek-büçek hatarlar bir posýolaga birleşensoňam onuň ady “Gojuk obasy”
bolaýmaly ýalydy welin,öz iline,mekanyna hormat goýmak duýgusyndan mahrum edilen
göterim hem “öňdebaryjy” ýolbaşçylar biziň obamyza“Gyzylmeýdan” diýen gülkünç,ýöne
resmi at dakdylar.Ol at Moskwa Kremliniň öňündäki “Krasnaýa ploşad” sözüne
ýanalyp,şondanam türkmençä terjime edilen bolsa gerek. Barybir,ol gülkünç. Barybir,men
ol“Gyzylmeýdany” Gojuk obasy hasaplaýaryn.Barybir,il arasynda oňa Gojuk obasy
205
diýilýär. Barybir,men ähli eserlerimde Gojuk obasyndan daşlaşmaýaryn. Ol
meniňem,meniň ata-babalarymyňamobasy.
Gojuk obasynyň taryhyny yzarlaýanam,onuň bilen gyzyklanýan hem ýok.”Gojugyň
bagy”,“Gojuk obasy”,“Gojukýap” sozleri haçan hem nähili ýol bilen döräpdir? Bu babatda
meniň hususy çaklamam bar.“Gojuk” türkmeniň Daşhowuz sebitindäkiýomut taýpasynyň
ulurak tireleriniň biriniň ady. Ýomut adyMary sebitine nähili ýol bilen düşüp,nahili ýol
bilen oba,uly ýaba dakylýar?Muny men özümçe esaslandyrýaryn.Taryh dokumentlerine
daýansaň,1855-nji ýylda Hywa hany Mädemin Ynak Saragt tekeleriniň üstüne
çozanda,onuň
goşunynyň
sapyndaAmanýaz
serdaryň
ýolbaşçylygynda
arabaçylardan,öküzlerden,gojuklardan,garadaşlylardan ybarat 8000 sany türkmen ýigitleri
bar eken.Gowşut han Amanýaz serdara “Ýomut tekäni,ýagny dogan öz emekdeşini
çaparmy?” diýen hat ýollansoň,ýomit serdarytekeler bilen uruşmakdan ýüz dönderýär.Hut
şol sebäbe görä-de,hywalylar ýeňilýär. Eden etmişi üçin ýomudyň öküz tiresinden bolan
Amanýaz serdary Hywanyň belent minarasyndan taşlap öldürýärler.Agasynyň Saragtda
eden örän töwekgelherekedi sebäpli başyna ölüm howpy abanan Atamyrat serdar hem
1855-nji ýylyň tomsunda Hywany terk etmäge mejbur bolýar. Ol Hazaryň Aşyradasyna
gaçyp atýar.
Şeýle
ýagdaýdan
soň,entek
Saragtdanöz
mekanyna
aralaşmadyk
arabaçylaryň,gojuklaryň köp sanlysy Saragtda galmaly bolýär. Ol ýerden hem olar tekeler
bilen birlikde 1856-njy ýylda Mara göçýärler. Şeýlelikde Maryda ýomut tohumy
sepilýär.Gowşut han bolsa gojuklaryň oturan ýerine çenli gazdyran ýabyna “Gojukýap”
adyny dakýar. Şol ýabyň boýunda oturan gojuklaryňdüşlegi hem“Gojuk obasy” bolup
galýar.
Her bir adam üçinem öz dogduk mekany iň tasin ýerdir. Ýöne Gojuk obasy obalaryň
arasynda

gowusydyr.
Sebäbi,onda
öräntäsin
adamlar
ýaşaýar.Ylymlysam,bisowadam,asla
mekdep
bosagasyndan
ätlemedigem,ulumsysam,sadasam,hatda ogry-jümrüsem bar. Ýöne Gojugyň ogryjümrülerem başga obanyň ogry-jümrülerinden üýtgeşik.Garaz,gojuklylaryň her haýsy bir
özboluşly dünýä.
Gojugyň adamlary örän işeňňir,örän zähmetsöýer. Asyl oba gije-de uklamaýar diýen
ýaly. Biz oglankakpelteli çyranyň daşynda erteki aýdylyp ýa-da ýüzük oýnalýan mahaly
obanyň bir çetinde eşek aňňyrsa “Pylanynyň eşegi aňňyrdy” dýip,haýwanlary hem
sesinden tanaýardylar. Hut geçen tomus bolsa bir obadaşym bilenagşamlyk çaý içip
otyrkam,onuň tamynyň ýeňsesindentraktor geçip gitdi.Ol diň saldy-da,“Ana,Myrat ýegen
geçip barýar” diýdi. Men geň galyp: “Tamyň ýeňsesinden geçen traktoryňMyrat
ýegeniňkidigini näbildiň?” diýenimde,“Bizobamyzdakyon sekiz traktoryň haýsysynyň
kimiňkidigini sesinden bilýäs” diýen jogap aldym. Ana,meniň obadaşlarym şeýle duýgur
adamlar!
Duýguram bolsalar,özboluşlam bolsalar,meniň obadaşlarymyň arasynda ady
ýurdumyza bellisi ýok. Öwünmäge-de ullakan tutarygymyz ýok. Ýöne sähel ýapyşalga
tapsak welin,öwnesimiz gelip dur. Gojuklylaryň toýa-tomga üýşen mahallary bir öwünýän
zatlary obanyň mekdebidi. Aýtmaklaryna görä,otuzynjy ýyllarda Stalin (häzirki Murgap)
raýonynda gurlan üç sany orta mekdebiň biri Gojuk obasynda.Şonuň üçinem 1952-53-nji
okuw ýylynda,maňlaýynyň saçy düşen,saryýagyz,azerbeýjanly adam biziň mekdebimize
206
taryh mugallymy bolup işe gelende,“Ony üýtgeşik mekdep bolany üçin bärikiberipdirler”
diýip gürrüň edýärdiler.Täze mugallymyňadynyň Ekremdiginem bilmeýän gojuklular oňa
“Nauk” diýýärdiler.Kutuz (Kutuzow sözünden)aganyň bize düşündirmegine görä,“nauk”
ylmyň aňyrsyna çykan adam bolýardy,ylmyň aňyrsyna çykanlaryňam köpüsiniň
maňlaýynyň saçy düşýärmiş.Nauk mugallym her gün ikindinler daşarda oturgyç
goýup,kitap okaýardy. Kitaby şeýdip,daşarda okamagam onuň “nauklygyndan” diýip
çaklaýardylar. .Sebäbi beýdip,daşarda oturgyç goýup kitap okaýan adam biziň
obamyzdabolmandy.“Nauga” öýkünmek islense-de,hiç kimiň öýünde oturgyç ýokdy.
Sada,ynanjaň,kalby päk,degişgen ýaşaýjylary Gojuk obasyny bezeýär. Ozal men:
”Olaryň herhaýsy bir düňýä” diýipdim.Geliň,sizem şol özboluşly kiçijik düňýäleriň
birnäçesiniň gyrasyndan garap görüň.
*
Garaja aga arryk,gözleri ýanyp duran degişgen adamdy. Ol 1950-nji ýylyň agyr
garynda kakasy pahyrdan galan ýekenil köne tüpeňini alyp,Samsykýabyň boýuna awa
gidýär. Ol ýerde gyzylkekeç meýdan horazlary bolagandy.
Gojuk awçusyna,dogrudanam,gyzylkekeç horazyň iň semzi gabat gelýär.Garaja aga
garyň üsti bilen emedekläp,atyma barýar.Ýaşuly horazy didiwana mündürip mäşäni
gysýar. Tüpeň göçmeýär. Ýene gysýar,ýene göçmeýär.Üçünji,dördünji gezegem şeýle
bolansoň,ýaragynyň atylmajagyna gözi ýeten Garaja aga tüpeňi gapdala zyňyp,ör turýarda,sesinde bary bilen:
—Hora-a-az!—diýip gygyrýar.
Gojanyňçirkin sesinden eýmenen gyzylkekeç horazuçup gidýär.
*
Garajaagamal
ýatagadüşemek
üçinbirmaşyn
çägeibermeginisorap,brigadire
ýüztutýar. Brigadir wada berýär,ýöne kän mahal geçse-de,gojanyň öýüne çäge gelmeýär.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
  • Parts
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 01
    Total number of words is 3314
    Total number of unique words is 2169
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 02
    Total number of words is 3521
    Total number of unique words is 2045
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 03
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2173
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 04
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 2245
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 05
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2192
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 06
    Total number of words is 3467
    Total number of unique words is 2233
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 07
    Total number of words is 3377
    Total number of unique words is 2163
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 08
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1974
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 09
    Total number of words is 3492
    Total number of unique words is 2208
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 10
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2057
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 11
    Total number of words is 3429
    Total number of unique words is 2134
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 12
    Total number of words is 3581
    Total number of unique words is 2175
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 13
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2291
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 14
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2111
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 15
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2175
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 16
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2123
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 17
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2018
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2183
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 19
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2170
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 20
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 2255
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 21
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2214
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 22
    Total number of words is 3242
    Total number of unique words is 2167
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 23
    Total number of words is 3076
    Total number of unique words is 2068
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 24
    Total number of words is 3081
    Total number of unique words is 2086
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 25
    Total number of words is 2916
    Total number of unique words is 2085
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 26
    Total number of words is 3090
    Total number of unique words is 2091
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 27
    Total number of words is 2808
    Total number of unique words is 1988
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 28
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 2083
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 29
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2007
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 30
    Total number of words is 3562
    Total number of unique words is 2278
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 31
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2218
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 32
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2187
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 33
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2101
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 34
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2161
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 35
    Total number of words is 3635
    Total number of unique words is 2200
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 36
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2260
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 37
    Total number of words is 3558
    Total number of unique words is 2193
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 38
    Total number of words is 3555
    Total number of unique words is 2134
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 39
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2212
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 40
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2263
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 41
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2109
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Kyrk ýylda ýazylan kitap - 42
    Total number of words is 1939
    Total number of unique words is 1304
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.