Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26

Total number of words is 3794
Total number of unique words is 2094
30.2 of words are in the 2000 most common words
43.3 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýerlerim bardyr. Belki bu synag şol säwliklerimiň günäsini ýuwup aýyrmak üçindir» diýip, takwa wezir dillenipdir. Beýleki wezir:
«Men-ä bu ýagdaýy, hökümdaryň ýanyndaky abraý-mertebäme göz
dikýän pylanynyň içigaralygyndan görýän. Muny diňe şol gurnandyr»
diýipdir.
393
Şol wagt gözük açylypdyr we bir adam olara bir tegelek çöregi
uzadypdyr. Takwa wezir ýoldaşyna: «Al, iý!» diýipdir. Emma ol: «Aý
ýok, men-ä iýip biljek däl. Birden awy gatylan bolaýmasyn» diýip
ýüzüni ters öwrüpdir. «Men-ä öz paýymy iýmekçi – diýip, takwa
wezir aýdypdyr. – Her bir ýagdaýymda, her bir işimde Hudaýa bil
baglaýaryn. Ähli erkimi ol Päk Perwerdigäre bagyşlaýaryn. Näme
etse kaýyldyryn» diýipdir we çöregi iki bölüp, ýarysyny özi alypdyr.
Takwa wezir elindäki çöregiň içinden ýakutdan ýasalan nepis gaş
tapypdyr. Ertesi gün olara ýene bir tegelek çörek getirilipdir. Ony
ikä bölüpdir. Takwa wezir öz paýynyň içinden ýene bir gaş tapypdyr.
Üçülenji gün hem şeýle bolupdyr. Dördülenji gün bu ikisini zyndandan boşadypdyrlar. Patyşa ýörite tabşyrylan adamdan ol ikisiniň tussaglykda näme gep-gürrüň edendigini sorapdyr. Ol ähli zady bolşy
ýaly gürrüň beripdir we wezirleriň ikisi-de bu gürrüňi tassyklapdyr.
Takwa wezir gaşlary çykaryp: «Men bu zatlary özümiň çörek paýymdan tapdym. Özgäniň nesibesini (paýyny) dörjelemäge bolsa meniň
gaýratym çatmady. Ol ýerden näme çykanlygyndan habarym ýok»
diýipdir. Patyşa: «Alla bu zatlary senden özgelere rowa görmändir.
Ähli işiňi bir Haka tabşyrandygyň, ýalňyz şoňa bil baglandygyň üçin
ol bu zatlary saňa miýesser etdi. Ol çörekleriň içinde bulardan başga
gaş bolmaly däl. Men şeýtmek bilen siziň özüňiz hakdaky pikiriňizi
bilmek, synamak isledim. Ýoldaşyň hakda aýtsak, was-wasylyk ony
halys egbarladypdyr. Köňül çuňlugyna ornan göripligi zerarly päk
kişilere töhmet atdy, özüne gyýa göz bilen garalýandyr öýtdi, çöreklere
awy gatylandyr öýdüp, müňkürlige gitdi, baýlygyna bolan nebsewürligi möwç urdy. Sen bolsa, nämeler boljagy näbelli işiň çäresini alada
edip, gaýga batanyňdan, öz ruhuňa rahatlyk bermegi ileri tutduň. Ähli
işiň çäresini-çözgüdini tapmagy, Perwerdigäriňe tabşyrdyň, özgeden
aýyp agtarman, günäni özüňden gözlediň. Alla biziň sowgadymyzy
saňa bermegi eý gördi, seniň bize has mynasypdygyňy mälim etdi»
diýipdir. Soňra ýagşysyny özüne wezir edip çäklenipdir. Ýoldaşyny
bolsa wezipesinden boşadypdyr.
394
DOŇUZ WE ÝOLBARS
Rowaýatlara görä bir doňuz ýolbarsa: «Meniň bilen başa-baş
söweşe çyk» diýipdir. Ýolbars oňa: «Sen meniň deňim däl. Eger senden maňa zeper ýetse, bu meniň üçin uly biabraýlyk bolar. Eger seni
öldürsem, doňzy öldürdigim bolar. Munuň üçin artykmaç abraý we
zyýada şöhrat gazanmaryn. Meni öldürmäge bolsa seniň dişiň ötmez»
diýipdir. Onda doňuz: «Meniň bilen başa-baş söweşe çykmasaň,
beýleki ýyrtyjylaryň arasynda «Ýolbars menden gorkdy» diýip gep
ýaýradaryn» diýipdir. Ýolbars: «Seniň ganyňy döküp, rahatlygymy
ýitirenimden, ýalan sözüňe çydam edip gezenim has ýeňil düşer»
diýip, jogap beripdir.
BÄHBIDE ÇEKÝÄN ÝITGILER
Rowaýatlara görä, çöl içinde eşegi, iti we horazy bolan bir pukara
bende ýaşaýan eken. Horaz olary ertir namazyna oýarsa, iti olary gorapdyr. Eşegi bilen bolsa çadyrlaryna odun, suw we goş-golamlaryny
daşapdyr. Bir gün tilki gelip olaryň horazyny alyp gidipdir. Öýdäkiler
muňa gynanypdyr. Ýöne öý eýesi ýagşy adam bolansoň «Bähbit
bolsun!» diýipdir. Soň bir gün möjek gelip, eşeginiň garnyny ýaryp
öldüripdir. Öýdäkiler muňa ýene gynanypdyrlar. Emma öý eýesi ýene
«Bähbit bolsun!» diýipdir. Şondan az salym soňra olaryň iti hem bir
kesel tapynyp ölüpdir. Öýdäkiler muňa öňkülerden hem beter gynanypdyrlar. Öý eýesi bolsa: «Bähbit bolsun! Hudaý etse, ýönelige
edýän däldir. Aňyrsynda hökman gizlin hikmet, bähbit ýatandyr»
diýipdir.
Bir gün irden turup görseler, goňşularynyň öýi ýykan-ýumran,
howlulary talanan, mallary sürlen, barça adam ýesir edilip äkidilen
eken. Garakçylar ýaňky garybyň öýünde ite-guşa gözi düşmänsoňlar,
ol ýerde adam ýaşaýandyr öýtmändirler. Şeýdibem aman galypdyrlar.
395
JOMARTLYK
Abul Haýbary ady bilen tanalýan bir adam, öz kowumyndan
bolan birnäçe kişi bilen Hatam Taýynyň mazarynyň gapdalyndan
geçip barýar eken. Ol ýoldaşlaryna ýüzlenip: «Geliň, Hatam Taýynyň
guburynyň ýanynda düşläliň. Eşidişime görä, ol merhumam bolsa, şu
ýerde düşlän adamy myhman alýarmyşyn» diýipdir. Olar şol ýerde
düşläpdirler. Abul Haýbary Hatamyň mazaryna bakyp: «Eý, eşek atasy, myhmanlaryňy hezzetle! Eý, eşek atasy myhmanlaryňa hödür et,
ahyry!» diýip, ýaňsylap, üstünden gülmäge başlapdyr.
Soň olar ýatypdyrlar welin, Abul Haýbary düýş görüpdir.
Düýşünde kimdir biri oňa:
«Eý, Abul Haýbary, sen ne beýle zalym, sögünjeň adam
ekeniň. Sen güňläp ýatan mazardan hezzet isläp, dostlaryňy hem
alyp geldiň. Biz iň gowy maly saýlap, myhmanlarymyza söwüş
ederis» diýýärmişin. Gorkudan ýaňa tisginip oýanan Abul Haýbary,
gözüni oňat açyp seretse, düýesi däbşenekläp, janhowluna bagyryp
ýatyrmyşyn. Ol uly sesi bilen: «Haý, ýetişeweriň!» diýip, ýerinden
galypdyr. Düýesi bolsa aýagyny kakyp, tizden-tiz damagy çalnaýmasa, haram öljekdenmişin. Ony dessine soýupdyrlar we uzyn gijäni etli
nahar iýip geçiripdirler. Daň agarandan soň, ýola düşüpdirler.
Ýoldaşlarynyň ýagdaýy ýagşy hem bolsa, Abul Haýbarynyň keýpi ýok eken. Ol düýnki hereketine we agşamky wakalara haýran bolup, oýlanmalar deňzine çümüpdir. Olar şeýdip barýarkalar, birdenkä
özlerine tarap gelýän ýolagçyny görüpdirler. Ol ýolagçy bularyň saklanmagyny haýyş edip, gygyryp gelýän eken. Sakga durup seretseler,
ol Hatam Taýynyň ogly Adyý eken. Onuň ýanynda ýene bir iner we
yzyna tirkelen maýa bar eken. Adyý bulara garap: «Öten agşam kakamdan myhman almagyny soran sizmi?» diýipdir. Bular: «Hawa»
diýip, geň galyjylyk bilen jogap beripdirler. Adyý olara bakyp:
«Agşam düýşüme kakam girdi. Ol maňa: «Men Abul Haýbarynyň
düýesini soýup, olary hezzetledim. Şonuň deregine şu düýäni eltip
ber» diýdi. Şony bermäge geldim» diýip, gapdaly bilen tirkäp getiren
397
daýaw inerini we maýasyny Abul Haýbara gowşurypdyr hem-de yzyna dolanypdyr.
Olar bu bolýan hadysalara akyl ýetirip bilmändirler. Soňra bu
waka il içine ýaýrapdyr. Hatamyň ogly Adyýyň eden işini öwüp, örän
köp şahyrlar goşgy ýazypdyrlar.
Şolaryň birinde bolsa Hatam Taýyny ýatlap:
Ol edil dirikä edişi ýaly.
Gabrynyň ýanynda düşlänleri-de,
Myhman aldy hormat bilen hezzetläp,
Beýle zada hiç kim duşmandy entäk – diýilýär.
MERTEBÄNIŇ TAGAMY
Öten patyşalaryň biriniň edepli we ýuwaş pili bar eken. Bir gün
onuň üçin tokaýda gezip ýören, ýabany, sarç pili awlap getiripdirler.
Ony terbiýelemek we adamlara öwrenişdirmek seýislere (pilbanlara)
başartmandyr. Kelle döwenlerinden soňra, ýaňky ýabany pili edepli
piliň ýanyna goşupdyrlar, şeýdilse, iň bolmanda şu pil bilen dagy
öwrenişer we onuň häsiýetine girer öýdüpdirler. Emma piliň diýen
etmezligi we wagşylygy köpelmese, kemelmändir. Onsoň edepli pil
ýabany pile: «Sen agyr jenaýat etdiň we özüňi zyýan-zelele sokduň.
Eger-de sen özüňe nähili ýagşylyk ediljekdigini bilsediň, beýle hereket etmezdiň» diýipdir.
Ýabany pil oňa: «Maňa nähili ýagşylyk etjek bolýarlar?» diýip
sorapdyr. Edepli pil: «Iýmitiň-otuň gowy bolar, içýän suwuň süýji bolar, bedeniňi we ýaşaýan ýeriňi her gün arassalap durarlar. Seni gorap, idegläp saklajak ýörite hyzmatkärleri bellärler. Ýylyň belli-belli
günlerinde, agyr mähelläni üýşürerler. Seni bolsa altyn-ýüpekler bilen
bezäp, öňüňden dep-sanaç kakyp, söz-şowhun edip, uly iliň ortasyndan ýörederler. Seni görüp patyşanyň we il-günüň göwni göteriler,
şatlanar» diýipdir. Ýabany pil: «Men seniň bu sözleriňi synap görerin.
Häzir bolsa özümiň gödek gylyklarymyň ählisini taşlaýaryn» diýip398
dir. Edepli pil: «Munyň makul gep. Indi seni sylarlar, tagzym ederler,
bolçulykda gezersiň, hyzmat ederler» diýipdir.
Şol aýdylýan dabara güni gelipdir. Ýabany piliň üstüne ýüpek
düşäp, arkasyna bir tagty mäkäm berkidipdirler. Elinde ýarag bolan haýbatly söweşijileriň biri onuň üstüne münüpdir. Egni sowutly
adamlaryň biri eline çeňňek alyp, piliň boýnunda oturypdyr. Piliň
tumşugyna hem sowut geýdiripdirler. Sowut geýnen seýisler hem elleri bilen piliň iki gyýagyndan tutupdyrlar. Ony şeýle röwüşde uly iliň
ortasyndan ýöredipdirler. Dabara tamamlanansoň ýabany pil ýatagyna
dolanypdyr we edepli pile garap: «Men seniň aýdan zatlaryň hakdygyny synap gördüm. Ýöne senden käbir zatlary anyklap bilmek isleýärin.
Aýtsana, meniň arkama basylan goşlar nämedi?» diýipdir. «Ol tagt
we şol ýerdäki adamlar hem gurallar» diýipdir. «Tumşugymyň öňüne
tutan ýapynjalary, iki gyýagymdan tutup duranlar, boýnumda oturan,
olar nämäni aňladýar?!» diýipdir. Edepli pil: «Tumşugyňa ýapylan
zad-a demir sowut. Çünki şeýdip söweşe çykylýar. Iki gyýagyňdan
tutýanlar, seni ýola gönükdirýär. Boýnuňda oturan adam bolsa çeňňek
sallap, seni söweşe sary öňe iberýär» diýipdir. Ýabany pil: «Hezzet-hormat edip, adymy taryplap, lybasymy zynatlap, ýol görkezýän
adamlary öňümden ýöredip, şöhratymy dabaralandyryp, tagzym
bilen bakyşlary... bu zatlaryň köpüsine meniň mätäçligim hem ýok,
islegimem. Ondan gelýän haýyr şeriň, peýda hem zyýanyň ornuny
dolup bilenok. Men her etmeli, hesip etmeli, bu ýerden janymy halas
etmeli. Erkinligiň tagamyny datmadyk, onuň lezzetine düşünmez we
elmydama özgeleriň pikirine gul bolup ýaşar. Mertligiň mertebedigine akyl ýetirmedik, garny dok bolsa-da, mertebesi pes bolup ýaşar»
diýipdir. Bu gürrüňlerden soň edepli piliň gözi açylan ýaly bolupdyr
we ol hem ýabany pil bilen gaçmaklygyň alajyny gözläpdir. Ahyry
hem burunlaryna ýel düşen ýaly bolup, dälilige salypdyrlar. Dälirän
piliň soňra haýyr bermeýändigine düşünýän pilbanlar ýaňzydypdyrlar.
Şeýdip olar halas bolupdyr. Erkinlik we mertebe bolsa bendilikden
üstün gelipdir.
399
SADAKA
Bir bölek adam Isa pygamberiň deňesinden geçip barýan eken.
Isa pygamber olaryň birini siňňitli synlapdyr-da: «Şu gün şularyň
biri apata uçrar» diýipdir. Giçlik olaryň ählisi arkasy odunly, janlary sag, başy bitin yzyna dolanyp barýar ekeni. Isa olara: «Hany
odunlaryňyzy düşüriň» diýipdir. Soňra «Şu gün apata uçrar» diýen
adamsyna: «Hany sen odunyňy çöz» diýipdir. Görse, onuň içinde ullakan gara ýylan düýrlenip ýatan eken. Isa: «Sen şu gün başga nämeler
etdiň?» diýipdir. Ol: «Hiç zat edemok» diýipdir. «Hany oňat ýadyňa
sal, nähili ýagşylyk etdiň?» diýende, ol: «Walla, meniň-ä eden zadym
ýok. Ýöne elimde bir döwüm çörek bardy. Ýanymdan geçip barýan
misgin-pukaralaryň biri çörek sorady, men hem şonuň bir döwümini
berdim. Başga hiç zat etmedim» diýipdir. Isa: «Ana şol bir döwüm
çörek sadaka seni heläkçilikden halas edipdir» diýipdir.
DERTLERIŇ DERMANY
Mekge ýolundan haja barýan adamlaryň biri sarysuw keseline ýolugypdyr. Kerwendäkiler ol adamdan tamalaryny üzüpdirler. «Beýle
ýagdaýda ýol sökmekligiň derdiň has beterleşmegine eltjekdigine»
göz ýetiren kerwenbaşy çarwa araplar bilen ylalaşyp, ony şol ýerde
goýup gitmegi makul bilipdir. Näsaga derek kerwendäki düýelerden
bermegi ylalaşypdyr.
Olar haj parzlaryny bitirip, yzlaryna dolanypdyrlar. Illerine gelenlerinde ýaňky hassanyň öz öňlerinde sag-aman gezip ýörendigine geň
galypdyrlar. Bu sagdynlygyň sebäbini sorapdyrlar. Ol adam: «Biz şol
ýerden birnäçe parsah uzaklykdaky düşelgelere ýetenimizde, araplar meni özleriniň iň gyradaky öýlerine eltip taşladylar. Yzalaryma
çydap bilmän, janhowluna urunýardym. Şol gün olar bir apy ýylany
awladylar. Kellesini we guýrugyny kesdiler-de, gowrup iýdiler. Men
içimden: «Bular apy etini iýmäge endik edensoňlar, ol et bulara zelel
berýän däldir. Belki men iýerin-de ölerin we bu kösençligimden dynaryn» diýdim. Men olardan şol etden iýdirmegini soradym. Olaryň
400
biri maňa apy tutup, gowrup berdi. Men ony iýip uklapdyryn. Çuňňur
uka batypdyryn. Oýanyp görsem, endam-janym, egin-eşigim, ýorgan-düşegim derlemeden ýaňa öl-myžžyk eken. Ýagdaýym ýüz gezekden
hem gowy üýtgäpdir. Irden turup göremde, garnym hem kiçelip, adaty
kaddyna gelipdir. Men araplardan iýer ýaly zat soradym we iýdim.
Sagalandygyma anyk gözüm ýetýänçä, olaryňkyda boldum we soňra
olaryň käbiri bilen ýola düşüp, Kufä geldim. Asyl, apy ýylanyň eti
sarysuw keseliniň bire-bir emi eken» diýipdir. Soňra ýoldaşlaryna garap: «Meniň bu ahwalatym başga bir hakykaty ýadyma saldy. Aglaba
halatda biziň gorkýan, dowla düşýän we gaçýan zadymyz derdimize
bire-bir derman bolup çykýar. Şonuň üçin bu zatlara çuňňur düşünmek
gerek. Islendik dünýewi maksada ýetmek babatda hem bu düşünje
mundan buýana meniň ýörelgäm bolar» diýipdir.
DOSTLAR
Göz gamaşdyryjy üstünlikleri bilen taryhy we taryhçylary haýran
galdyran Abu Müslim Horasany omeýýat nesilşalaryny syndyryp, abbasy nesilşalygyny gaýtadan dikelden adam hasap edilýär. Bir gün Abu
Müslimden «Ýüzlerçe ýyllap dowam eden omeýýat nesilşalygynyň
synmagyna näme sebäp boldy?» diýip sorapdyrlar. Abu Müslim:
«Olar özlerine ynam edip, ýakyn ýaranlaryndan uzaklaşdylar. Mähirli
bakyp, duşmanlaryny golaýlaşdyrdylar. Duşman adam ýanyňa geleni bilen dost bolmaýar. Dostlar bolsa uzaga zyňyldygyça duşmana
öwrülýär» diýipdir.
LAÇYNLAR BILEN UÇ!
Üstünlikler bilen ganatlanasy gelmeýän adam barmy? Ýa-da
şowlulyklar bilen asmanda laçyn bolup uçasyňyz gelýändir. Çünki laçynlar beýlekiler bilen bäsleşip barşyna, hatda bulutlardan
hem ýokary galyp bilýärler. Towuklar bolsa ýeriň ýüzünden birje
mör-möjek ýa-da haşal ot tapyp bilse-de, monça bolýar. Şonuň üçin
olar elmydama başy aşakdyr, ýerden zat gözläp, çöpläp ýörşüne-de
* 26. Sargyt № 975
401
ýüzi salykdyr. Onsoň, asmany arzuwlaýan laçyn bilen ýerden galasy
gelmeýän towugyň arasyndaky tapawudy özüňiz kesgitläň, hany!
Ýogsa-da, laçynlaryň arasynda bolasyň gelýärmi ýa-da towuklaryň?
Halk arasynda şeýle bir aýtgy bar: «Laçynlar bilen uçmagy ýüregiňe
düwdüňmi, onda towuklar üçin wagtyňy zaýalama».
Rowaýatlara görä bir adam hökümdara tarypy ýetirilýän owadan
laçynlaryň birini sowgat beripdir. Hökümdar muňa örän begenipdir
hem-de wezirinden bu laçyn hakdaky pikirini sorapdyr. Wezir: «Ol
towuklar bilen ösüp-ulalan laçyn. Belentde ganat kakyp bilmez»
diýipdir. Hökümdar syr bildirmese-de, bu sözi ýokuş görüpdir. Laçyny synamak isläpdir. Wezirine laçyny uçurmagy buýrupdyr. Bir
görseler, ýaňky laçyn towuk ýaly bolup, aýagy bilen ýer dörjelemäge
başlapdyr. Sebäbi mundan öň wezir bu laçynyň towuklar ýaly, ýerden
gözüni aýryp bilmeýändigini synlan eken.
Biziň her birimiz bile iş salyşýan, tiz söhbetdeş bolýan, gaýta-gaýta duşuşyp durýan adamlarymyzyň häsiýetine kem-kemden
girip gidýäris. Bu sözler, söhbetler, edim-gylymlar we hereketler
bolsa şahsyýetiň terbiýesine we iş alyp barşymyza ýiti täsir edýär.
Kime meňzemek isleýän bolsaňyz, şeýle adamlar ýaly pikir ediň we
ýüregiňize ýakyn tutjak adamlaryňyzy saýlamagy başaryň.
SÜÝT WE SUW
Öňem bir obada dert-alada, hor-homsulyk artyp başlapdyr. Ol
ýeriň arçyny bu ýeter-ýetmezligi aradan aýyrmak, haly has agyrlara
hemaýat etmek üçin, ýerli ilatdan geň bir zat talap edipdir. Ol obanyň
ortarasynda ullakan gazan goýupdyr. Her maşgaladan bir erkek we zenan adam şol gazana bir okara süýt guýmaly edilipdir. Arçynyň talabyna görä, süýtli tabagyň agzy ýapyk bolmaly we biriniň süýt guýýandygyny beýleki biri görmeli däl edilipdir. Adamlar arçynyň teklibini
ýerine ýetirmek üçin öýlerine howlugypdyrlar. Agşam örüden gelen
sygyrlaryny sagyp, şondan bir okara süýdi hiç kime bildirmän, uly gazana guýup gaýdypdyrlar. Ertesi irden arçyn gelip gazanyň gapagyny
galdyrypdyr. Ol näme görendir öýdýäňiz? Bir gazan doly arassa suw!
402
Asyl, adamlaryň her biri öz ýanyndan: «Bir gazan süýde bir tabak
suw guýanym bildirip durmaz» diýip pikir edipdir. Olaryň her biri
beýlekileriň dogry hereket ederine bil baglapdyr, özleriniň bu hilesi
bilinmez öýdüpdir. Ol gazana bir okara süýde derek suw guýjak adam
ýeke özüdir öýdüpdir.
Seniň özüň nähili hereket edýärsiň? Çykgynsyz ýagdaýlarda,
kynçylykly pursatlarda süýt sorasalar, hakykatdan-da süýt berýärmiň
ýa-da suw?
Eger-de sen «munça adamyň arasynda meniň işlemändigim bilnip durmaz» diýip, işiňi tamamlaman goýýan bolsaň, onda seniňem
süýde derek suw berýänligiň.
Şunça ýagşy niýetliniň ýanynda meniň bolgusyzja pikirim,
köpçülige zelel bermez diýýän bolsaň, onda bu-da süýde derek suw
guýýanlygyň.
Kömege mätäç birine ýardam goluny uzatman, «Kimdir biri hemaýat eder-dä» diýip, biperwaý ötüp bilýän bolsaň, bu hem süýde
derek suw guýýanlygyň.
Hatda wagtyňy biderek zatlara sarp edip, ony okuw, ylym-bilim, haýyrly iş üçin peýdalanmaýanlygyň hem, süýde derek suw
guýýanlygyň. Bilýäňizmi näme, erteki gün siziň rysgalyňyz,
berekediňiz şol gazana guýan zadyňyza baglydyr.
GAÝYPDAN GELEN ÝAŇ
Rowaýatlara görä, jahylyýet döwründe adamlar Arafat dagynyň
depesinde durkalar, dagy-düzi dolduryp, bir ses ýaňlanypdyr: «Ýamanlyk päliýamanyň öz başyna düşer, hor-homsulyga we mejburlyga
sataşar». Adamlar daş-töwerege garanjaklap gözleseler-de, hiç adama
gözleri düşmändir.
GUŞ WE DUZAK
Gadym döwürde guş-gumrynyň diline düşünýän pygamberleriň
biri tokaýlygyň gyrasy bilen gidip barýan ekeni. Şol wagt asmanda
403
pel-pelläp duran bir guş ýaňky pygambere garap «Heý-de dünýäde
şundan akmak adam bardyr öýdýärmiň?» diýip, agaçlaryň arasynda,
ýerde duzak gurup ýören adamy görkezipdir. «Onuň akmakdygyny
nädip bilýäň?» diýip, pygamber sorapdyr. Guş: «Ol meni tutmakçy
bolup, ýerde duzak taýynlaýar. Howadaky guşa ýerde tor gurmak puçdur» diýipdir. Öýlänara ýaňky pygamber şol ýol bilen yzyna gaýdyp
barýan eken. Görse, hälki asmanda galkyjaklaýan guş duzagyň içinde
otyr diýýär. Pygamber muňa geň galyp: «Hany özüň aýtdyň ahyry,
bu duzagyň özüňe gurulýandygyny, awçynyň bolsa iň akmak adamdygyny bilýän diýipdiň. Görüp-bilip durkaň ýene duzaga düşmeklik
seniň akmakdygyňy aňlatmaýarmy?» diýipdir. Guş: «Eý pygamber,
ýazgyda gabat gelende göz kör, gulak ker bolýan ekeni. Tokaýa ot
düşüp, ýanyp başlady. Gara tüssä bogulmazlyk we ýalnyň içinde heläk
bolmazlyk üçin arassa ýer diýip çykanym şu ugur boldy. Özümi halas
etjek bolup, göni duzaga okdurylýanymy nireden bileýin» diýipdir.
KÖR WE YSMAZ
Öňki döwürlerde bir kör we bir ysmaz adam goňşuçylykda
ýaşapdyr. Şol golaýdaky bir adam bularyň gündelik iýjek-içjegini
üpjün edip durar ekeni. Bir gün howandar adam dünýäden ötüpdir.
Bu iki biçäre hem hiç kimiň ýadyna düşmändir. Ahyry olar oturyp,
bir pikire gelipdirler. Kör adam ysmazy boýnuna mündüripdir. Ysmaz
adam oňa nirelere, nähili ýöremelidigini salgy beripdir. Şeýdip olar
ýollary söküp, özlerine ölmez-ödülik gazanypdyrlar. Bu ýerdäki kör
adam takdyrdyr. Ysmaz adam bolsa, zähmetdir. Yhlasly zähmet bilen
nirä barjagyny bilmeýän takdyry gerekli ugra gönükdirip bolýar.
SEBE KOWUMY
Bu hekaýat taryhda bolup geçen wakalaryň biri hasap edilýär.
Allatagala Sebe kowumyna akyl, baýlyk, bol-telkilik, garaz gowy
zatlaryň ählisini bagyş edipdir. Gereginden artyk nygmat bolçulygy soňlugy bilen adamlaryň göterinip bilmezligine, öz akyllaryna
404
juda artyk ynam etmeklerine, öz güýçlerine bil baglamaklaryna we
özgeleri unutmaklaryna getiripdir. Olar ylym-bilim babatda şeýle bir
okumyşlyga ýetipdirler welin, hatda öz ülkeleriniň alakalar zerarly
harap boljakdygyny hem öňünden bilipdirler. Olar bir uly maslahat
üýşürip, alakalardan dynmagyň alajyny gözläpdirler. Alaka-syçanyň
ganym duşmanynyň pişikdigi üçin ýörite pişikleri okatmaklygy, alaka
tutmagy öwretmekligi öňe sürüpdirler. Şeýdip ezelden wadaly gün
gelýänçä, Sebe kowumy pişik baryna tälim beripdir. Her daragtyň,
her gülüň düýbünde birlän-ikilän pişik garawullap ýatan eken. Ýöne
alakalar görnübermändir. Sebe kowumynyň çökmeli güni bolsa,
barha golaýlaşypdyr. Şol pursatda Allatagala suw alakalaryny ýaradypdyr. Olar deňziň içi bilen gös-göni topraga urup girer ekenler-de,
daragtlaryň, ösümlikleriň köküni iýip, ýene-de yzlaryna-suwa dolanar
ekenler. Şeýdip, köki gemrilen bagy-bossanlyklar, çemenzarlyklar
gysga möhletiň içinde gurap galypdyr. Topragyň süýji suwy çekilipdir. Ýerleri zeý alypdyr. Ülkeden bereket göterlipdir.
Adam hernäçe baý, akylly, güýçli, zor bolsa-da, öz başarnygyna
artykmaç ynam etse-de, hiç wagt özünden göwnühoş bolup, belentligine baýrynmaly däldir. Ykbal azgynlary we tekepbirleri oslamaýan
ýeriňden urýar.
ÇYDAMLYLYK GOWY ZAT, ÝÖNE...
Bir maşgalanyň ýaşy ýeten, görmegeý ulugyzy bar eken. Görki
Güne, jemaly Aýa bäs edýän bu gyza şol töwerekden iki sany ýaş ýigit hyrydar gözi bilen bakypdyr. Olaryň her biri bu Aýyň öz töründen
dogaryny isläpdir. Olar görk-görmegi, edebi-ahlagy bilen özüne çekiji gyz üçin ellerinde baryny bermäge, gollarynda baryny görkezmäge
taýyn ekenler. Ahyry gyzyň ejesi oglanlaryň öňünde bir şert goýupdyr.
Kim şoňa hötde gelse, synagdan geçip, ynamyny ödese, gyzyny şoňa
berjekdigini duýdurypdyr. Gyzyň ejesi: «Men gyzymy tüssä boglup
oturyp biljek oglana durmuşa çykarjak. Haýsyňyz beýlekiňizden uzak
otursaňyz, şol hem ýeňiji bolar we gyzymy alar» diýipdir. Oglanlaryň
405
ikisi hem bu şerte razy bolupdyr. Belleşilen gün arzyly gyzyň öýlerine
barypdyrlar. Gyzyň ejesi töweregiň oglan-uşagyna şol golaýda bar bolan çöp-çör, hapa odun, tezek baryny üýşürden ekeni. Şerte laýyklykda
toplanan zibilleri otlapdyrlar. Goýy tüsse burugsap, ýokary galypdyr.
Oglanlaryň birinjisi tüsse çykar ýerde oturypdyr. Ajy tüssäni demine
sormazlyk üçin kellesini saga-çepe sowup, biraz salym saklanandan
soň, çydam etmändir we ol ýerden böküp düşüpdir. Gyzyň ejesine
garap: «Men-ä muňa çydamok, bermeseňiz, gyzyňyz hökmanam däl,
şeýdip gazanmaly bolsa geregem däl diýip, gaharyna öýkeläp, çykyp
gidipdir. Ikinji oglan onuň ýerine tüsseçykar ýere geçipdir we hernäçe
demikdiriji, neneňsi ajy bolsa-da, çydam edip oturypdyr. Goýy-gara tüsseden ýaňa gözünden boýur-boýur ýaş, burnundan suw akyp
başlapdyr. Gözleri köz ýaly gyzarypdyr, emma gyza bolan yhlasynyň
hatyrasyna bu şerte çydam edip oturypdyr. Gyzyň ejesi: «Boldy,
boldy... şu-da ýeterlik» diýip, bu söwdany bes edipdir. Şeýdip, ikinji
oglan synagdan üstünlikli geçipdir. Gözünden ýaňagyna syrygýan
ýaşlary süpürip, gözel gyzyň hyýalynda öýüne dolanypdyr. Ertesi
gün gyzyň ejesi öz tarapyndan bir wekil iberip, oglanlaryň ikisiniň
hem gelmegini sorapdyr. Ilki bilen synagdan geçen oglana bakyp:
«Gyzymdan tama edip oturmaň. Ol siziň nesibäňiz däl. Arkaýyn
öýüňize gaýdyň. Çydamlylyk gowy zat, ýöne hapysa, ýaramaz zatlara
çydam edip oturýan adam törüni arassa saklamagyň ähmiýetine-de,
manysyna-da düşünmez» diýipdir. Soňra birinji oglana bakyp: «Sen
hapysa, har-hapa zatlara çydam edip bilmediň. Arassalygy ähli zatdan
ýokary tutduň. Şeýdibem ynamymy ödediň. Şonuň üçin gyzymy saňa
durmuşa çykarmaklygy ýüregime düwdüm. Arassaçylygy eý görýän
maşgalada gyzym hem harlanmaz» diýipdir.
Biz özümiziň käbir hereketlerimizi sabyrlylyk, çydamlylyk
hasap edýäris. Nämä sabyr edýänligimize welin, akyl ýetirjek hem
bolmaýarys. Belki-de, biz özümizdäki ýaramaz endiklere çydam edip
oturan bolsak näme?! Eger şeýle bolsa, onda Gün görkli, Aý jemally
üstünlikden binesip galjakdygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň!
406
GÖLE
Bir adamyň bir gölesi bar eken. Ol ýazyň ýaşyl oty, tomsuň
goýras maýsalary, güýzüň samany, bugdaý kepegi, gawun-garpyzyň
paçagy bilen bakylsa-da, hiç garny gäberip, özüni tutup gidibermändir. Eýesi hem näme alaç etjegini bilmändir. Uzak wagtlap gapyrgasy
hamyna ýelmeşen ýaly bolansoň, ahyry şol jelegaýdaky doga-tumardan başy çykýan bir mollanyň bosagasyndan ätläpdir. Gölesiniň ýagdaýyny mälim edipdir. Molla oňa ertesi gün aýlanmagy sargapdyr.
Şoňa çenli zerur däri-dermany ýa-da doga-tumary taýýarlap goýjakdygyny aýdypdyr. Molla bir bölek ak kagyzyň ýüzüne gara syýa bilen
birnäçe sözleri ýazypdyr. Soňra tumara çüfläpdir we dem salypdyr.
Üçburç epläp, daşyna mata orapdyr. Ertesi gün göläň eýesi gelende,
bu doga-tumary göläniň boýnundan asyp goýmalydygyny, nesip bolsa, onuň gün-günden özüni tutup gitjekdigini, ähli şeriň, göz-diliň
göleden aýryljakdygyny aýdypdyr. Birnäçe günden soňra, öküziň
ýagdaýy kem-kemden gowulaşyp başlapdyr, semräpdir, daýaw öküz
bolup ýetişipdir. Öküz eýesiniň bu tilsime syny oturypdyr. Gün
geçdigiçe, bilesigelijiligi artypdyr. Doga-tumaryň içinde näme ýazylandygyna bolan höwes halys erkine goýmansoň, bir gün öküziň
boýnundaky dogany alypdyr-da derhal açypdyr. Kagyzyň ýüzünde
«Nesip bolsa, bu göle hökman semrär» diýen sözler ýazylgy eken. Ol
adam muňa güljeginem, gaharlanjagynam bilmändir. Şu wagta çenli
bu toslama nähili ynanyp gelendigine haýran galypdyr. Dogany ýyrtym-ýyrtym edipdir we ýeliň ugruna zyňyp goýberipdir. Täsin ýeri,
şondan soň öküz ýene-de horlanyp başlapdyr.
Haýsydyr bir zada düşünmeýänligimiz, nämedir bir zada
aklymyzyň çatmaýanlygy ol pikiriň ýalňyşdygyny, ýöntemdigini
ýa-da toslamadygyny aňlatmaýar. Görüp bilmeýän adam üçin gül
hem diňe ýaprak we tiken. Duýup bilmeýän adam üçin keramat
hem ýönekeý bir hokga. Keramat bu derejä ýeteniň gözüne keramatdyr. Gymmatlyga bolan ynamsyzlyk we düşünmezlik köp zady
ýitirmegimize eltýär.
407
ALAHÖWRENIŇ WEPALYLYGY
Hekaýatlara görä, dag gowaklarynyň birinde bir adam ýaşaýan
ekeni. Az-owlak mal-garasy bilen şol ýerde gününi geçirer eken. Gündizlerine gowagyň agzynda, aşak ýanyndaky giňiş çemenzarlykly, otluk ýerde mallaryny bakypdyr. Şol ýakadaky derýadan goýunlaryny
suwa ýakypdyr. Gijesini geçirmek üçin bolsa ýaňky gowaga dolanar
eken. Bu gowak oňa hakyky öý mysalynda bolupdyr.
Günleriň birinde ol uzyn alahöwreniň öz bolýan gowagyna
sümlüp gidenini görüpdir. Alahöwren şol ýerdäki hinleriň birinde
ornaşypdyr. Düýrlenipdir we uzak uka batypdyr.
Ol adam bu ýylany şol gowagyň köp ýyllar bäri ýaşaýan eýesidir öýdüpdir. Ýylana sähel elini galdyrdygy, öz başyna aýrylmaz bir
apat-musallat iner diýip çekinipdir. Birnäçe günläp alahöwreniň özüni
alyp barşyny synlapdyr. Alahöwren elmydama şol hine girip, düýrülip ýatar eken. Hininden çykaýsa-da, uzak eglenmän, yzyna dolanar
ekeni. Soňabaka bu adam alahöwrene höwrügip gidipdir. Ondan gorkup-çekinip durmagyny bes edipdir.
Bir gün alahöwren, adatdaky ýaly, hininden sogrulyp çykanda,
ol adam içinden: «Gel şu ýylanyň hininde näme barlygyny göreýin»
diýipdir we hine tarap gönügipdir. Gelip görse, ine, birnäçe gyzylýylmanak alahöwren çagajyklary ýatyr diýýär. Ol adamyň öwrenişen
alahöwreni bilen oýun edesi gelipdir. Ýylan çagajyklaryny bir ýumşak
sebede ýerleşdiripdir we ony gowagyň elýeter ýokarragynda asyp
goýupdyr. Özi bolsa bukulyp, alahöwreniň näme edýändigini synlap
başlapdyr.
Alahöwren öz höwürtgesine dolanypdyr, ýöne balajyklaryna
gözi düşmändir. Haňlap ýatan hinini görüp, aldyrany bar ýaly elewräp
başlapdyr. Gowagyň ähli ýerini, gowagyň daş ýüzleri bilen aýlanyp
çykypdyr. Çagalarynyň ýitmeginiň bar sebäbini gowakda bolýan şol
adamdan görüpdir. Ondan ar almagyň ugruna çykypdyr. Alahöwren
ol adamyň suw içýän küýzesiniň ýanyna barypdyr. Owurdyny şol
suwdan doldurypdyr we ony öz zäherine garyp, awuly suwy ýene-de
408
şol küýzä goýberipdir. Bu hereketini birnäçe gezek gaýtalapdyr we
suwy kemsiz zäherländigini bilensoň, ýene-de çagalarynyň gözlegine
çykypdyr. Ol adam bolsa bukulyp duran ýerinden bu zatlary synlaýar
eken. Alahöwren gowakdan çykan dessine, ol adam hem buky ýerinden çykypdyr-da, alahöwren çagajyklaryny öňki ýerinde emaý bilen
goýuşdyrypdyr. Ene alahöwreniň şol ýakalarda aýlanmadyk ýeri galmandyr. Ahyry lapykeç bolup, ýene öz hinine dolanypdyr, görse, çagalary öňki ýerinde sag-salamat ýatyr diýýär. Alahöwren bu adamyň
suw küýzesini zäherländigine ökünipdir. Derrew şoňa tarap ýumlugypdyr we guýrugy bilen urup-urup, küýzäni döwüpdir. Zäherli suwuň
ýere dökülmegini gazanypdyr we öz hereketini düzläpdir. Soňra
çagalarynyň ýanyna dolanyp gelipdir we hiç zat bolmadyk ýaly öňki
ýaşaýşyny dowam etdiripdir. Bu zatlary buky ýerden synlap duran
adam alahöwreniň öz çagalary üçin edýän yhlasyna haýran galypdyr.
Bu bir durmuş, käte biz öwrenişen adamlarymyz bilen halys çökder oýun edýäris welin, onuň netijesiniň alahöwren zäherinden hem
has awulydygyny soňundan duýup galýarys. Käte bolsa, kimdir biriniň
nähak ýere göwnüne degip, soňra olardan ötünç soramagy özümize
kiçilik bilýäris. Hatda ýylanlaram öz ýalňyşyny düzleýär eken, bizde
bu ýagdaý nähilikä?!
PÄLWANLYGYŇ SYRY
Öňki döwürlerde göreşde arkasy ýere degmedik, atyşda oky
sowa geçmedik bir pälwan bolupdyr. Onuň at-owazasy alys sebitleri
hem doldurypdyr. Şöhrata höwesek ýaşlaryň biri bu pälwanyň ýanyna gelip, ondan mertligiň, pälwanlygyň syry hakda sorapdyr. «Saňa
pälwanlygyň syry gerekmi? Baş üstüne, gel, öwredeýin. Bu örän
ýönekeý» diýip, ol ýaş oglany ýakynyna çagyrypdyr. «Ine, sen meniň
barmagymy tut, men bolsa seniň barmagyňy tutaýyn. Sen meniň barmagymy dişle, men hem seniň barmagyňy dişläýin. Şeýdip bir-biregiň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.