Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40

Total number of words is 3692
Total number of unique words is 2156
30.0 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Toprak ýürekde göterýän niýetleriňize hem-de sarp eden yhlasyňyza
görä hasyl, miwe berdi. Bu bir synag topragydy. Synaga hötde gelenler sylaga eýe bolýandyr. Her gazanan zadyňyz özüňiziňki. Her çeken
zähmetiňiziň haýry-höziri hem, abraýy hem ýene özüňize dolanýar.
Hemişe päk ýürekli, ýagşy niýetli, halal hereketli gezmäge endik ediň,
şonda el uran her işiňiz bereketli bolar. Nebsiň birbada baş sämedýän
aldawyna düşüp, ýaltalyga ýa-da oňlanylmaýan ýaramaz hereketlere
baş ursaňyz, bereketdenem, bagtyýarlykdanam mahrum galarsyňyz.
Onsoňam, il gözüne çöp atyp bolmaýar, edýän hereketleriňiziň
hasyly ahyry äşgär bolar. Ekeniňizi orarsyňyz, niýetiňize görä hasyl
ýygnarsyňyz» diýip jogap beripdir.
Käteler käbir zadyň çözgüdi çuňňur pikirlenmeleri talap edýär.
Ýöne, dessine düşünip bolýan durmuş hakykatlary hem bar – ynsanyň
bagtyýarlygynyň, işleriniň şowlulygynyň, köplenç halatda öz niýetlerine, pikirlerine baglydygy ýaňzydylýar. Topragyň gül-pürçük bolmagam ýa gurt-gurçuk bolmagam diňe özüňe – öz pikirleriňe, niýetleriňe
bagly. Şeýle bolansoň, her birimize hemişe ýagşy niýetli bolmak ündelýär. Zähmet çekmek, yhlas etmek bilen köp ýagşy zatlary gazanyp
bolýandygy tekrarlanýar. Ýaramaz päl-niýet bolsa…
606
…Öňem biri özüni öwüp, lap urup başlanda, özüni epeý görkezip,
özgeleri arka taşlanda, ýaşulularyň biri ýuwaşlyk bilen ýanyna baryp, onuň gulagyna pyşyrdapdyr: «Hiç kim hiç zat bilmeýän ýalydyr
welin, hemmeler hemme zatdan habarly…». Mahlasy, ertir ýüzüňi
gyzartjak işleri şu gün etmäniň gowy.
***
Gijäniň yzyndan hökman gündiziň gelýändigine, Günüň dogýandygyna hemmeler ynanýar, ýogsam ynamsyzlyk bilen gurşalan çagymyzda ýadymyza düşmeýän bir hakykat bar: bu dünýäde yzy ýagtylyga sapmaýan garaňkylyk ýokdur. Ýagşy sözler we söhbetler, süýji
hekaýatlar we geň galdyrýan gürrüňler aladalardan ünsümizi sowup,
täzeçe, başgaça pikirlenmäge gönükdirýär. Dogry we täze pikirler
bizi durmuşyň täze basgançaklaryna atarýar. Pikir-düşünje ynsanyň
durmuşyna uly täsir edýän zatlaryň biri. Alyş-berişde, söwda-satykda,
dürli menzillerde hemişe halal we adyl hereket etmegiň howa deýin
ähmiýetli bolşy ýaly, pikir-düşünjelerimizde hem hemişe dogrulygyň,
dürslügiň tarapyny tutmak wajyp görülýär. Bagtyýarlyk sagdyn
aň-düşünjeden gözbaş alýar. Musa pygamber öz halkynyň aňyndaky
«gulçulyk» düşünjesini aýyrmak üçin, olar bilen kyrk ýyllap çöllerde,
sähralarda sergezdan gezipdir. Bir pikir ep-esli adamyň ykbalyny
üýtgedip bilýär.
Gadym döwürde medrese görendigini gören adam ýok, ýöne ondan-mundan eşiden zadyny, göwnüne görä üýtgedip, ili-güni güýmäp
oturan bir adam bar eken. Ol köçe gürrüňlerini kitaplardan hem has
ileri tutýan eken. Kimdir biri nämedir bir zat sorasa, bilmeýändigini
bildirmejek bolup, ýalan-ýaşryk, terslin-oňlyn gürlär oturar eken. Oňa
«okumyş ahun» diýip ýüzlener ekenler.
Şeýle günleriň birinde bu okumyş adamy toýa çagyrypdyrlar.
Her kim onuň agzyndan çykjak söze irikge bolup garaşypdyr. Şol
toýa medresäni ýaňy gutaran ýaşlaryň biri hem barypdyr. Okumyş
ahunyň sözi çasly ýaňlanypdyr. Hörpi-hökümi belentden çykyp607
dyr. Her kim ony hormatlap, aýdan zadyna agzyny açyp, ynanyp
otyrmyşyn. Emma onuň gürrüňleri hakykata düýbünden bap gelmese-de, ýaňky ýigit edep saklap, köpçüligiň öňünde «bu sözleriňiz
galat» diýmändir. «Märeke daganyndan soň ýaňzydaryn» diýip saklanypdyr. Hakykaty bilýän çagyň, ýalan söze çydam edip oturmak
örän agyr. Şol wagt namaz wagty golaýlapdyr. Ýaňky ýigit «täretimi
täzeläýin» diýip, eline kündük alyp, bir gyra çekilipdir. Eline akydan suwundan iki damja daşyna serpiläýmezmi, muňa gözi kaklyşan
ýaňky «okumyşyň» azgyrylýan sesi gelipdir: «Haý, peläket, edýän
işiň näme, ünsli bolarlar. Bir owuç suw zaýaladyň, isrip etdiň, günä
batdyň» diýipdir. Şol wagt ýigit hem sypaýylyk bilen «ýarylypdyr»:
«Bagyşlaň, hormatly ahun, men sähel ünssüzlik bilen bir owuç suw
zaýaladym, siz häliden bäri görnetin ýalan, ýalňyş gürrüňler bilen bir
topar adamy zaýaladyňyz. Kimiň günäsiniň çökderdigini Alla bilýändir» diýipdir. Ýaş oglanyň bu sözleri okumyşyň maňzyna batmandyr:
«Heý-de sende edep-sylaşyk, hormat-sarpa bolmazmy? Özüňden uly
adama jogap gaýtaryp otyrsyň. Biziň derejämize ýetýänçäň, sen entek köp okamaly, köp görmeli, köp iýmeli. Sen entek çörege «çöçje» diýýärkäň, biz köp zatlary başdan geçirdik» diýip gatyrganypdyr. «Göwnüňize degmek niýetim ýokdy, bagyşlaň» diýip, ýaş ýigit
ýene-de sypaýyçylyk edipdir. «Ýöne her gezek ussadymyz sapaga
girende «Bir tamdyr çöregi artyk iýmek akyllydygyňy aňlatmaýar.
Her ýerde hemişe dogry sözlemäge endik ediň. Ýalňyş pikirlere göz
ýummaklygyň özi ula-kiçä hormat goýmazlykdyr» diýerdi. Dogry
pikiri kabul etmeklik kiçilik däldir. Süleýman pygamber garynjalardan öwüt almagy peslik saýmandyr ahyry» diýipdir. Okumyş ahun
näme jogap berjegini bilmändir.
Egri ösen daragtlary hem pudap (pudarlap), timar berseň,
göwnüňe görä gelşik gazanyp bolýar. Ýöne ýarsgynyna gidýän
düşünjelerden saplanmak aňsat iş däl. Birinji aýdylan söz has ýiti täsir edýär. Pikir babatda aýdylsa, öz düşünjelerimizi juda eý görşümiz
608
ýaly, has gowy pikir aýdyp bilýän her kes, ýaşynyň uly ýa kiçidigine
garamazdan, diňlenilmäge mynasypdyr.
***
Gadym eýýamlardaky bir bendäniň gözüni açyp göreni galtamançylyk, ogry-jümrülik ekeni. Hemişe çölde, gyrda, dag eteginde öteni-geçeni, kerweni talap ýörensoňlar, hemmelerem gününi
şeýdip aýlaýandyr öýdüpdir. Zähmet çekip, işläp, ýa mal-gara bakyp,
ekin-dikine meşgul bolubam ýaşap bolýandygy hiç aklyna sygmandyr. Ýöne, adamlara boldugyndan rehim-şepagatly garaýan ekeni. Aý
aýlanyp, günler ötüpdir. Bu galtaman hem öýli-işikli bolupdyr. Hä
diýmänem ilkinji perzende gözi düşüpdir. Indi, iki baş adamy däl-de,
bir maşgalany eklemek keşigi boýnuna düşüpdir. Bu wagta çenli ol
birnäçe ülpetleriniň hem serdary bolupdyr. Öňki gazanç çeşmeleri
hem möwsümine görä ekeni, käteler ummasyz olja düşýän bolsa,
käteler hasabyňy tükellemek üçin on barmagam artykmaçlyk edipdir.
Öňküden has köp gazanmagyň hyýalynda gezip ýörşüne, indi özüne
ýolugan her ötegçiden has köp ýonmak hyýalyna münüpdir. Ýanyndaky ülpet-hemşerileri muny raýyndan gaýtarmaga synanyşypdyrlar.
«Agam, biz gaty öte geçýänä däldiris-dä, munça ýowuzlygy bir ýürege
sygdyryp bolmaz. Käte-ýarym ol-munuň töwellasyna-da gulak asaly.
Aralarynda dili dogaly adamlaram bardyr. Onsoňam, birden guýulýan
döwletden yzygiderli damyp duran bereket has ygtybarly görülýär»
diýipdirler. Emma ömürboýy rysgyny talaňçylykdan tapyp ýören
bende olaryň bu pikiri bilen hiç ylalaşmandyr. «Pursat diýilýän zat
hemişe gaýtalanyp duranok. Dünýäniň ozaldan adaty şeýle – gaňryp
almaly, gemrip iýmeli. Demiň daş ýarýan mahaly toplanyň toplanyň.
Onsoňam, has köp gazanyp bolýarka, az zada kanagat edip bolmaz
ahyry» diýipdir. «Wah, seniň bu sözleriňi halal zähmet üçin ulansak
bolardy welin, biziň bu pişämiz il oňlajak zat däl. Üstesine, ýanymyzda pyşgyrmasalaram, arkamyzdan nä jüre gep-gürrüňler, gargyşlar
aýdylyp durandyr. Olaryňam-a bir hasaby bardyr» diýip, ýanyndaky* 39. Sargyt № 975
609
lar toba-tagsyrly gürläpdirler. «Biz-ä öňüräkden bärem şu pişämizi
taşlaly diýip ýördük. Bu günem, ine, bir sebäp tapyldy. Alnymyza ýazylan rysgal barybir gelýän bolsa, mundan däl-de, has haýyrlyrak ýollar bilen geljekdir. Onsoňam, ykbal toba etmek üçin puryja berermiş,
ýöne hiç zady unutmaýarmyşyn. Ahyry päliňe görä tapmakdan Hudaý saklasyn» diýşipdirler. «Talaňçynyň tobasam, ýalançynyňky ýaly
bolar, sähel bahana ýa maý bolsa, ýene öňki endigiňiz oýanar durar.
Gidip-gelme endikde haýyr ýokdur. Gowusy, gepi köpeltmäliň-de,
işimizi dowam edeliň» diýip, galtamanbaşy dillenipdir. Öňem bu
hereketlerinden göwnübölek adamlar talaňçylygy bes etmek üçin belli-külli karara gelipdirler. Galtamanbaşynyň bir özi galypdyr.
Aradan dört-bäş gün geçipdir. Beýleki ýaranlary täze durmuşa
ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşyp başlapdyrlar, sebäbi niýetiň özi ynsany
öňünden taýýarlap, taplap ugraýar. Emma galtamanbaşy ýüregine
erk edip bilmän ýör diýýär. Mal-gara bakmak, ekerançylyk bilen
meşgullanmak hakda pikir öwrüp görüpdir, ýöne onuň muşakgaty göz
öňüne gelende, näderini bilmändir. Ýeke özüňdenem netije boljak däl.
«Näme bolsa, bolanyny görübereris» diýip, öýüne dolanman, ümdüzine tutduryp gidipdir. Ahyry bir dagyň etegindäki çeşmäniň boýunda
düşläpdir. Müň dürli pikir öwrüp görüpdir, emma göwnüni ynjaltdyrjak çykalga tapmandyr. Gözýetim aralykda hem adam garasyna gözi
düşmändir. Surnugyp ýollar sökensoň, şol çeşmäniň boýunda uklap
galypdyr.
Düýşünde bir bazar mähellesiniň içindemişin. Jemendäniň
öňünde bir seki bolup, onuň üstünde hem eli dürre gamçyly jellat duranmyşyn. Bir ýerlerden jarçynyň sesi gelipdir: «Indiki nobat
ulus-ili örüzip, gününe goýmaýan, ýol kesip, talaňçylyk edip ýören
pylan nekgendäniňki. Aýdylanda ýokmaýan adamlara şeýle jeza
berilýär» diýip gygyrypdyr. Bir görse, ony dürre gamçynyň astyna
südenekledip alyp barýarmyşynlar. «Haý, duraweriň, meniň göz
açyp gören durmuşym şu, men başgaça ýaşap bilemok. Onsoňam,
maňa hiç kim hiç zady aýtmady. Meniň günäm ýok» diýipdir. «Saňa
610
toba edere näçe mysal görkezdik. Alyma sataşdyrdyk, sözüne gulak
asmadyň. Özüňden beter zalyma sataşdyrdyk, päliňden gaýtmadyň.
«Indi-hä düşüner» diýip, öýli-işikli, maşgalaly etdik, muňa-da
düşünmediň. Ýoldaşlaryň diline salyp, saňa ýetirdik, emma bu gezegem öz kejirligiňe tutduň. Geçirimliligiň hem çägi bar. Mundan
beýläk her nähak hereketiň hasabyny dessine haklaşar durarys. Ine,
bu hem dostlaryň bilen bilelikde toba etmedigiň üçin» diýip, ýagyrnysyna dürre gamçy bilen çalyp başlapdyrlar. Ol adam arkasynyň
awusyna çydaman oýanypdyr. Düýşüdigine begenipdir, ýöne arkasy
awap durmuşyn. Köýneklerini serpip görse, dogrudanam, gamçy
yzlary mese-mälim bildirip dur diýýär. Bu ahwalata haýran galypdyr.
Öňki pikirlere daňylyp, dakylyp ýörmegiň kabul ederlikli däldigine,
ymykly toba etmelidigine düşünipdir.
Ahyry dürli pikirlere duwlanyp, öýüne dolanypdyr. Aýaly
adamsynyň gamgyn halyny görüp, birbada perişan bolupdyr. «Nä
döw çaldy, ýüzüň salyk görünýär?» diýip, habaryny bilmek isläpdir. Galtamanbaşy soňky günlerdäki wakalary bolşy-bolşy ýaly
beýan edipdir. «Sizi gynandyrmak islemedim, şonuň üçin birbada
ýaňzytmadym» diýip, ýanýoldaşy ýüzüni aşak salypdyr. «Her zatda
haýyr bar, belki, bu has gowy ýola dönüşdir» diýip, aýaly öz şatlygyny
gizlemändir. «Iki bolup, iki ýerden zähmet çekibersek, rysgalymyz
artmasa, kemelesi ýok. Hä diýmän oglumyzam ýetişer. Olam bize
goltgy bolar» diýipdir. Galtamanbaşy: «Dünýä hemişe bize görä
gopar öýdýärdim welin, asyl beýle däl ekeni. Tutuş ömrümi ýalňyş
ýaşapdyryn. Ynjydan, göwnüne degen, öte geçen adamlarym üçin
wyždan azabynam-a çekmeli bolaryn. Bir göwni ýykmagyň özi nähili
gabahat? Muny diňe öz göwnüň ýykylanda göz ýetirýärsiň. Indi men
hem öz maşgalam üçin hem-de ynjydan adamlarymy razy etmek üçin
işlärin. Munuň üçin hiç zähmetden ýüz öwürmerin» diýipdir. Ol adam
şondan soň ymykly toba edipdir. Özüni dürs ýola salypdyr. Dogrulygyna görä hem rysgaly has artyp gidipdir. Her gazanan zadyndan bir
bölegini maşgalasyna bölüp beripdir. Galanlaryny öňki talan adam611
laryny tapyp, elin gowşuryp gaýdypdyr. Olardan ötünç-özür sorapdyr. Kimsi bagyşlapdyr, kimsi ýüzüni alyp goýberipdir. Ýöne munuň
üçin özi öýke-kine edip ýörmändir, sebäbi öz etmişine düşünensoň,
beýlekileriň duýgularyna hem düşünmegi başarypdyr. Ogullaryny
halal zähmet bilen terbiýeläpdir. «Halallygyň nähili ähmiýetiniň,
peýdasynyň bardygyna irgözin düşünen bolsam, ol-a ynsan balasy
ekeni, hatda garynjany hem ynjytmazdym» diýer ekeni.
Nähak gazanjyň özüňe siňmeýändigi, ahyry bir ýeriňden çykýandygy il agzynda köp gaýtalanýan hakykat. Ykbalyň sabyr-takatly
garaşyk edýändigi hem gaýta-gaýta ýaňzydylýar. «Men başgaça ýaşap
bilemok. Maňa hiç kim duýdurmady» diýip, öz nähak hereketleriňi aklamaga zerurlyk ýok. Dogry ýola näçe çalt düşülse, şonça-da haýyrly.
Daş-töweregimiz halallyga pugta eýermek üçin gerekli mysallardan
doly.
***
Abraý ýakymly hem-de gowy zat. Il arasynda abraýly-sylagly
gezmegiň özi hakyň ýalkandygynyň alamaty. Ýaşulularyň sözlerine
uýsak, «uly abraýa eýe bolmak aňsat iş däl, ýöne mümkin bolmaýan
zat hem däl». Abraý gazanmak üçin ýagşy gylyk-häsiýetli bolmak,
halal zähmet çekmek, diňe bir iş-amallaryňda däl, eýsem pikir-niýetleriňde hem hemişe arassalyga, halallyga eýermek ündelýär.
Ýogsam-da, «amallar niýetlere görä» hasyl bolýan bolsa, onda biziň
edýän amallarymyz we olaryň täsiri-netijesi niýetlerimiziň ýüze
çykmasydyr. Kähalatlarda ummasyz iş edibem, garaşan netijäňi
gazanman bolýar. Belki-de, ilki şol işleriň başyna baranymyzda
ýürege düwen niýetlerimiz, göz öňünde tutan sepgitlerimiz halallyk ölçeglerinden az-kem sowa düşýändir. Başlan işimize sarp eden
yhlasymyz oňa siňdiren tamamyzdan has az gelýändir. Belki-de, diňe
görünmek üçin ýa-da il-günüň dilinde ýatlanmak üçin şeýdendiris.
Mümkin, şeýle işleri edip bilýändigimize az-kem göwnümiz göterilip, badyhowa ulumsylyk ýüzümizi ýelpäp geçendir. Belki-de, has
gowy röwüşde hasyl bolmagy üçin heniz biraz sabyr etmelidiris. Her
612
edilýän iş ýaramaz päl-niýetlerden uzak durdugyça, onuň bereketi,
eýesine getirýän abraýy artyp gidýär. Ýagşy niýetleriň amallara oňyn
täsir edişi ýaly, ýaramaz niýetler hem, hatda az-owlak hem bolsa, her
bir işe, ýagdaýa oňaýsyz täsirini ýetirýär. Gözboýagçylyk, ulumsylyk
hakda halk pähimlerinde hem birnäçe dürdäne sözler bar: «Pälini pes
tutan adamyň il içindäki abraýy beýik bolar», «Göz üçin edilen işde
bereket ýokdur», «Ýagşy niýetden ugur almadyk her bir işiň soňy petikdir».
Öten eýýamlarda jomartlygy bilen tanalmak isleýän, adynyň Hatam Taý bilen bilelikde ýatlanylmagyny isleýän baýlaryň biri ullakan
ybadathana gurdurypdyr. Onuň diwarlaryny dürli nagyşlar bilen bezedipdir. Bosagasyna altyn çaýdyrypdyr. Zer nagyşlar bilen gapysyny
zynatlapdyr. Garaz, kaşaňlyk we gözellik babatda her kimiň aklyny
haýran edýän derejede owadan ekeni. Ybadathana taýýar bolansoň,
adamlar hümer bolşup, ony synlamaga, görmäge, ybadata meşgul
bolmaga gelipdirler. Ötlem-ötlem otaglar, gat-gat tekjeler, ybadata
çümmek üçin aýratyn hüjreler, pikir alyşmak, maslahatlaşmak üçin
ýörite jaýlar, mahlasy, şol ýerde peýdalanyp boljak her bir zat üpjün
edilipdir. Adamlar ilki birlaý ähli ýerine aýlanyp çykypdyrlar. Soňra
ybadat edipdirler. Uzakly gün eglenibem, öýlerine dolanypdyrlar.
Ýolda-yzda her kim täze ybadathananyň gürrüňini edýärmişin. Onuň
kaşaňlygy, owadanlygy, özüne çekijiligi, zer çaýylan gapylary we
gaýry zatlary birnäçe günläp adamlaryň dilinden düşmändir. Her kes
ybadat etmese-de, bu ýeri görmäge, synlamaga ýöriteläp geler ekeni.
Ýaňky baý hem adamlary hoşnut edip bilendigine juda begenipdir.
Yhlasy ýerine düşdi hasap edipdir. Aradan ep-esli wagt geçipdir. Bu
gözellige adamlaryň gözleri öwrenişipdir we ol ybadathanany adaty
bir zat hökmünde görüp başlapdyrlar. Indi ony öňküleri ýaly ýatlaýan,
öwýän, taryplaýan adamlar ýokmuşyn. Üstesine, olar bu ybadathana gatnap başlaly bäri, başga bir hakykatyň üstüni açypdyrlar. Ybadatlara we salyh amallara gezek gelende barha biperwaý çemeleşip
başlandyklaryna, geleňsizlige köp ýol berýändiklerine, agzybirlige
613
däl-de her kimiň öz bähbidine artykmaç üns berip başlandygyna göz
ýetiripdirler. «A-how, öňler beýle däldi. Biz üýşüp, agzybirlik bilen
ybadat ederdik. Birek-birege has ýakyn, has mähirli garardyk. Emma
şu ybadathana gatnap başlalymyz bäri adamlaryň arasyna üzňelik,
sowuklyk, diňe özüňi bilmeklik ýaly duýgular aralaşdy, munuň sebäbi näme-kä?» diýip, kän pikir edipdirler. Adamlaryň käbiri: «Owadan nagyşlar esasy zatdan ünsümizi bölýän bolaýmasyn? Şol ýere
bardygymyz, göz öňümizde diňe altynsow nagyşlar, ýaldyraşyp duran bezegler, dogrusy, biz ybadaty hem manysyna aň ýetirmän, endik
boýunça okap gaýdýan bolmaly» diýen pikiri orta atypdyrlar. Birbada
başga çözgüt tapmansoňlar, munuň bar sebäbi şol bolmaly diýen netijä
gelipdirler. Emma çüňkde oturan ýaşulularyň biri: «Ýagşy zatlardan
ünsümizi sowýan nagyşlar däl bolsa gerek, altyn çaýylan zatlaram bir
gün aldar, iki gün aldar, ahyry göz öwrenişip gidýär, soňabaka oňa
ähmiýet berýänem galmaýar. Ynha, goňşy obada hem şeýle owadan,
kaşaň, zer çaýylan ybadathana bar, emma onuň içinde biraz eglenseň,
eýýäm göwnüň göterilip, ruhuň şatlanýar. Munuň syry bezeglerde
bolmaly däl» diýipdir. Sebäbini, syryny bilmeselerem, adamlar öz
aralaryna bir sowuklygyň aralaşandygyna ähmiýet berip başlapdyrlar.
Her kimiň özüni görkezesi, özüni öwdüresi gelip durmuşyn. Şeýle
pikir-niýet ýüreklerine ornaşansoň, olar ybadathana gatnamaklygy
hem ýuwaş-ýuwaşdan bes edipdirler. Her kes «bagtym, bähbidim,
şöhratym» diýip, hars urmaga, çarp urmaga başlapdyr. Açylan günleri mähelleden ýaňa dolup-daşan ybadathana hem dura-bara gugaryp
galypdyr. Soňabaka oňa ähmiýet berýänem, ony gurduran baýy ýatlaýanam bolmandyr. Gaýta: «Şu ybadathanadan soňra adamlaryň kalbyna şöhratparazlyk, diňe özüňi bilmeklik ýaly duýgular aralaşdy»
diýipdirler. Şeýle diýerçe hem bolan ekeni, aslynda-da nirede
düşleseň, ornaşsaň ýa-da biraz eglenseň, şol ýere mahsus häsiýet
hem-de aýratynlyk adamlaryň tebigatyna siňýär diýilýär. Bu ynsanlar
babatda hem hut şeýle, ýagşylaryň ýanynda köpräk boluberseň, ýagşy
häsiýetleriň, döwletliligiň we bereketliligiň ýokýandygy ýatlanylýar.
614
Ýaramaz häsiýetleriň ýokuşýandygy babatda hem şol hakykat tekrarlanýar.
Akyldarlaryň eserlerinde şeýle mazmunda bir jümle bar: «Gözel
gylyk-häsiýetlere bürenmek, ýagşy ýerde ýatlanmak üçin göz üçin
hereket etmekden, kimdir birine görünjek bolmakdan uzak duruň,
il-günüň haýry-bähbidine ak ýürekden zähmet çekiň. Niýet-pällerimiz
näçe arassa we halal boldugyça, edýän işlerimiziň täsiri-abraýy hem
şonça artyp gider».
***
«Hak tagala bendesiniň üstüne göterip bilmejek zadyny
ýüklemezmiş». Her gezek şu mazmundaky sözleri okanymyzda islendik bir kynçylygy ýa-da baş aýlaýan aladalary ýeňip geçip boljakdygyna, bize ynanylan zatlary berjaý edip biljekdigimize, alnymyzdan
çykan her bir zada hötde gelip boljakdygyna ynamyň artýar. Bu sözler ýan bermän, ýaýdanman, ýaltanman, ejizlemän, ruhdan düşmän
öňe ilerläberseň, ahyry arzyly menzile ýetip boljakdygyny buşlaýan
bir hakykat hökmünde görülýär. Ýöne «göterip bilmejek zadymyz
ýüklenilmeýän» bolsa, «göternip bilmezlik» diýen düşünje nireden
çykdy-ka? Bu sowalyň çözgüdini şol ugurdaky alymlara goýalyň-da,
mahal-mahal temegini Göge dikýän käbir adamlaryň kyssasyna geçeli. Özüňi kimdir birinden ökde, ussat, sowatly görkezjek bolmak hiç
bir halatda oňlanylmaýan häsiýet. Haýsy alym köp zatlardan habarly
boldugyça, ol şonça-da pälini pes tutarmyş. «Barly agajyň başy aşak»
diýleni.
Ýaşlaryň biri ýedi ýyl medresede okap, obasyna dolanyp gelýän
ekeni. Ýanynda bir düýe ýüki kitap, depder, kagyz, galam bar diýýär.
Serinde müň sany süýji hyýal bolup, göwnünde zerre gam ýokmuşyn.
Ýogsa-da, begenmeli zada begenmegi başarmaly. Ýokary bilimli, sowatly bolup, obaňa dolanmak her kese miýesser edýän bagt däl ahyry.
Uçurym ýigidiň ýoly sähralygyň içinden geçýän ekeni. Öz obasy bolsa entek aýak ýeterden uzakda. Ol gijesini bir ýerde düşlemese bol615
jak däl. Ahyry uzakdan görünýän ot alawyna gözi kaklyşypdyr. «Şol
ýerde adam-gara bara meňzeýär. Baraýyn, Taňry myhmany alarlar»
diýip, düýesini şol tarapa sowupdyr. Hä diýmänem bir çopan goşunyň
üstünden barypdyr. Hal-ahwal soraşylypdyr. Ýaşuly çopan bu ýigidi
açyk göwün bilen garşylapdyr. Üstesine, onuň ýokary bilimli ýigitdigini bilende has-da begenipdir. «Bu jelegaýlara söwdagär, kerwenem seýrek gelýär. Alym adamy dagyn soňky gezek görenime ýyllar aşandyr. Gel, geç, törde ornaş. Tüýs bize gerek myhman ekeniň.
Seni biziň ýanymyza Taňry ýollapdyr» diýip, oňa elinden gelen hezzet-hormat, sylag-sarpany gysganmandyr. Çoluklaryna bir janly soýmagy we datly tagam-şorlary taýýarlamagy buýrupdyr. Özüne şeýle
hormat edilmegi ýigidiň göwnüni göteripdir. Göwni bilen birlikde
onuň badyhowalygy hem ýokary göterilip başlapdyr. Söz-söhbetiň
arasynda sähel bir maý-sebäp bolsa, özüniň köp zatlary bilýändigini,
öwrenendigini duýdurasy gelip durmuşyn. Synçy çopanam bu ýigidiň
ahwalyny ýüzünden-gözünden okap oturan ekeni, ýöne birbada syr
bermändir. Näme diýse, diňläp, «hä»-sini berip oturypdyr. Ýigidiňem
barha göhi göterilipdir. «Ýaşuly, seret, ine şu ýyldyz bar-a, gaty
parlakdyr, ýöne ol dessine gözden ýitýär. Şol ýyldyza «Ömrüzaýa»
diýilýär. Ine, bu ýyldyz bar, oňa Ýedigen diýilýär, sanap görseň, hem
ýedi sanydyr, hem ýedilige meňzeşdir. Özlerem aralaryndaky dördünji ýyldyzyň daşynda deňölçegli aýlaw edýärler. Ine, bu ýyldyz…».
Ýaşuly hem hemme zady ilkinji gezek görýän ýaly üns bilen diňläp,
synlap oturyberipdir. Ýigidiň joşup-joşup gürrüň bermesi örän täsirli
ekeni. Soň ýigit geografiýadan, hasap ylmyndan, edebiýatdan, taryhdan, mahlasy, medresede näme okan bolsa, hersinden bilýänlerini
paýlaşyp durupdyr. Arasynda ýagly naharlardan, kakmaç, gömme,
tamdyrlama, çişlik – dürli-dümen tagamlardan garnyny ýazyp, iýenini söz-söhbet bilen siňdirip otyrmyşyn. Nebsiň isleglerine «haýt»
diýmeseň, ol artýar gidýär. Ýigidem öwnüp-öwnüp, agzyna bat berip
otyrmyşyn. Ýaşuly bu ýigidiň ähli öwünjeňligini geçirip oturypdyr.
Ýöne ýigit sözüniň arasynda bir zat hakda gürrüň bermekçi bolan616
da: «Siz bir çopan, bu golaýda üýtgeşik janly-jemende, metjit-medrese-de ýok. Düşläp ötýänlerem täze bir zat aýdýandyr öýdemok.
Onsoňam, okamasaňyz, bu zatlara düşünýänem dälsiňiz, onda-da
men aýdaýyn...» diýip, täze bir zady gürrüň bermäge başlapdyr. Bu
söz ýaşulyny birneme ynjydypdyr. Dogrusy, ýokuş görüpdir. Ýöne
kimdir biriniň sesini çykarman oturýandygy, onuň bilmeýändigini
aňladanok. Ýaşuly ardynjyrapdyr-da, gürrüňe goşulypdyr: «Inim,
seniň hälki aýdan ýyldyzyň bar-a, «Ömrüzaýa» ýyldyzy, bu zatlary
okaňsoň bilýänsiň, şol ýyldyz ilkagşamlar Asmanyň günbatar-demirgazyk tarapynda az salym parlap durýar, soňra dessine gözden ýitýär.
Ýöne ertir irden gündogar tarapda has parlap dogýandyr, düýnki Ömrüzaýa bu gün Daň ýyldyzy diýilýändir. Şu Ýedigen ýyldyzy bardyr,
özüň okaňsoň bu zatlary bilýänsiň, siňe synlasaň şolar sazlaşykly
öwrüm edip durandyrlar. Ýedigen ýyldyzyny siňňitli synlasaň, pylan
keseli bejerýändir. Onsoň, ine bu burçda Akrap ýyldyzy bardyr, ýokarsynda saýlanyp duran iki sany ýyldyzyna üns ber, ana şol ýyldyza
az salym gözüňi aýyrman, seredip otursaň, birnäçe iç kesellerinden
saplaýandyr. Ine bu ýerdäki Akmaýanyň süýdi ýyldyzlary bardyr. Ol
ýyldyza nazar salmagy dowam etseň, süňňüňdäki köp agyrylary aýryp taşlaýandyr. Ine, arkadaky bu ýyldyz...» diýip, Asmanyň ýyldyzlaryny, düňle sähranyň ösümliklerini birin-birin aýdyp beripdir. Ýigit
bu zatlary öň eşitmän ekeni. Ýaşulyny diňläp, haýran galypdyr. Öz
bilýän, okap-öwrenen zadynyň munuň ylmynyň ýanynda zerre gadar ýokdugyna göz ýetiripdir. «Ýaşuly, aýtsaňyzlaň, siz bu zatlary nireden öwrendiňiz? Bu zatlary bilmek üçin medresäniň ýedi ýyly ýetenok. Siz bu sähraýy giňişlikde köp zatdan habar berip otyrsyňyz. Bu
habarlar, maglumatlar size nädip ýetýär?» diýipdir. «Inim, siz dünýäni kitaplardan öwrenýäňiz, biz bolsa tebigatyň özünden öwrenýäris.
Siz kitap setirlerini yzarlaýan wagtyňyz, biz Asmanda ýyldyzlaryň
hereketini we täsirini öwrenýäris. Düşünip bilýän adam üçin
älem-jahanyň özi sahypasy tükenmeýän bir kitap» diýip, özleriniň
bu zatlara göz ýetirişlerini birin-birin gürrüň beripdir. «Men ýedi ýyl
okap, hemme zada göz ýetirendirin öýdüpdirin, ýalňyş pikir eden eke617
nim. Siz maňa juda köp zatlary öwretdiňiz, iň esasy zadam, nirede
okandygyňa, nähili ýaşandygyňa garamazdan, özüňden ökdeleriň has
kändigine akyl ýetirip, düşünip bildim. Ulumsylykdan, badyhowalykdan, özüme çendenaşa göwnüýetijilikden saplandym» diýip, ýaş ýigit
müýnli ýüzüni aşak salypdyr. Ýaşuly mundan soňam ýigit bilen uzak
söhbet edipdir, oňa dünýä akyl ýetirmegiň ýollaryny öwredipdir.
Okamak, öwrenmek, bilmek, döretmek – iň gowy häsiýetler.
Bularam görnüş-görnüş, hil-hil. Kimler kitapdan öwrenýär, kimler
durmuşdan. Ýöne näme öwrenendigiňe, nämeleri bilýändigiňe garamazdan, özüňi kimdir birinden üstün ýa rüstem görmek, özgeleri
öz ýanyňda pes saýmak, diňe özüňi akylly we hakly edip görkezmäge
çalyşmak, asla oňlanylmaýar. Rowaýatlara görä, «Men ondan gowy»
diýen sözi ilki bolup, Adam ata ýaradylanda, şeýtan aýdan ekeni…
***
Mahal-mahal halallyk hakda gürrüň gozgalanda, halal zähmetiň
rehmete öwrülýändigi, haram gazanjyň bolsa ahyry bir ýerden urup
çykýandygy gaýta-gaýta tekrarlansa-da, durmuşyň bu düzgüniniň
hemmeler babatda ýörgünli däldigini ýanjaýan adamlara duş
gelensiňiz. «Pylankes ömürboýy elini egrilikden çekenok, göz-görtele
galplyk etse-de, gün aýlaýşyna seret, bir gögüň Gününi özi aýlanok
diýäýmeseň, galan ähli ýerde sözi täsirli, arzy geçginli. Şolara-ha zat
bolanok. Haramyňam ýokýany bar bolmaly...» terzindäki gürrüňler,
mahlasy, durmuşyň hasaply hökümine, adyl çözgüdine ynsanlaryň
ynamsyz bakyşy ahyry bir dananyň halys ýüregine düşüpdir. «A-how,
halaýyk, «her zadyň hasaby bardyr» diýlip, ýöne ýere aýdylanok.
Ugrunda bir zat bolmasa, düýbünde bir hakykat ýatmasa, ol jümle
munça ýyllap aňlarda ýaşamazdy. Daşyndan seredip, ynsanlaryň içini bilip bolanok. Ol ýürekde nä ahwalat, nä harasat gopýar, biz bihabar. Tenini lybas örtýär, emma syzlap duran her damaryň niçiksi
urşy bize belli däl. Diýilýän bolsa, ugrunda bir zat bardyr. Ýöne, halal
süňňe haram zat sürtseňem ýokmaz, inine siňdirmegä beýlede dursun.
618
Ünsüňizi bihuda pikirlere sarp etmäň-de, halal gazanja ähmiýet beriň.
Näme haýyr bar bolsa, ählisi halallykda bardyr» diýipdir.
Öňem oba ýerinde ýan-ýana oturan iki sany goňşy bar ekeni. Ikisiniň mellegi-de ol-bu gök önümleri ýetişdirer ýaly atyzlara
bölünen ekeni. Birinji goňşy ýeriň halyny, tabyny bilýän, daragtlary haçan oturdyp, däneleri haçan sepmelidigine düşünýän, Aýyň
dogup-ýaşaryny, Günüň gyzaryny, sowaryny ymykly öwrenen biri
ekeni. Ýere seredişi, yhlas siňdirişi, ekin-dikine üns berşi hem ýan
goňşusyndan mese-mälim tapawutly ekeni. Beýleki goňşam bala-çagalary bilen boldugyndan ýere idi-esewan edipdir, ýöne iki mellegiň
hasyly-girdejisi biri-birinden juda parhly ekeni. Her ädim ýeri
peýdalanyp boljakdygyna düşünýän goňşusy bir gün öz ýanyndan
pikir öwrüpdir. «Goňşularym ýere seretmegiň ebeteýini tapman geçdiler. Hasylynyň her hoşasyndan altyn gazanyp bolýarka, bir orulýan,
tiz sowulýan ekinler bilen kanagat edip ýörler. Topragyň ähli mümkinçiligini peýdalanmak gerek. Ýogsa-da, gel şu atyzlaryň çiline,
raýyşyna timar beremde, goňşy mellekden bir sere ýeri özümiňkä
goşaýyn. Bildirip durasy ýok. Üstesine topragy has hasylly etsem,
ikimize-de bähbitlidir. Ýeri ýerlikli ulanmazlyk ýazyk ahyry. Şeýtmek bilen goňşymy hem bir garamatdan halas etdigim bolar» diýipdir. Garaz, öz etsem-goýsamyny delillendirjek, tasa getirjek bolup,
pikir baryny öwrüpdir. Güýz sowlup, topragyň dem alaryna goýulýan
wagty hem goňşaralykdaky çile timar berip ýörşüne, bir depik gumy
goňşusynyň mellegine tarap atar ekeni. Şeýdip, laýyk bir sere ýeri
uzaboýuna öz mellegine goşmagy başarypdyr. Indiki ýylyň taýýarlygam göwnejaý bolupdyr. Ýüreginde, köňlünde, süňňünde hiç bir
birahatlyk duýmansoň, edýän işlerini oňuna hasaplap geziberipdir.
Garaşyşy ýaly, hasyly-da öňküsinden has ganymat bolupdyr. Yhlasment goňşy muňa begenipdir. Şol ýylyň ahyrynda ýene bir sere ýeri
özüniňkä goşmagy ýüregine düwüpdir. Girdejisini hasaplap görse,
maýa goruny artdyrjak eklenç çeşmesini ýola goýup boljak ekeni.
Şeýle süýji hyýallar bilen gezip ýörşüne ýylyň aýagy gelipdir. Şol
619
günleriň birinde duýdansyz peýda bolup güýçli çabga töwerek-daşy
suw-sil edipdir. Mal-garanyň daşyna aýlanan agyly hem serpip gidipdir. Ýaňky eýesi gelip görüpdir, içini çekip, haýygyp galypdyr.
Mallarynyň bir bölegi janhowluna urnup ýatan bolsa, ýene bir bölegi kim bilýär nirede ygyp ýörenini, tükelläp görse sany ýetmän dur
diýýär. Ýöne näme üçindir goňşusynyň howlusy aman-asuda ekeni. Ol
goňşusy «Beterinden saklasyn. Has uly belany başdan sowdugy bolsun» diýip, göwnüni ynjaldypdyr. Emma aradan biraz wagt geçensoň
başga bir tebigy heläkçilik ýüz beripdir-de, mal-garasyny mazaly heläk
edipdir. Garaz, soňky aýlaryň dowamynda bu goňşusy bir sere ýerden
gazanan girdejisiniň onlarça essesini arduryja gidermeli bolupdyr. Bu
goňşy oturyp pikir edipdir. Alasarmyk pikirler indi onuň saglygyna
hem zeper ýetirip başlapdyr. Öňki güýç-gaýrat, gurbat-kuwwat ýok
diýýär. Haýdan-haý lukman çagyrypdyrlar. Birhaýukdan soňra eli
däri-dermanly lukmanam haýdaşlap gelipdir. Hassany düşege geçiripdirler. Lukman birlaý gözden geçiripdir. Gözüniň, ýüzüniň, diliniň
reňňine, halyna, damar urgusyna seredip, sökelligiň sebäbini bilmäge
çalşypdyr. Daýhanyň ömürboýy kesbinden, hemişe ýere örküni berip,
suwdan çykman ýörenliginden çen tutubam «Ýaşuly, guragyry ýürege
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.