Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36

Total number of words is 3743
Total number of unique words is 2119
31.4 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bir demde kyrk üç sany galtamanyň janyny jähenneme ýollady. Birdenkä ýaňky türkmeniň galtamanlaryň arasynda duran kakama gözi
düşdi. «Asyl senem bulardan ekeniň. Işdäň bar bolsa, saňa-da birje
okdan dadyraýyn» diýip, ýaňky türkmen kakama dikanlap seretdi.
Kakam sandyrap durşuna, zordan «ýok» diýip başyny ýaýkady. «Duz
hormaty üçin ähli ýazygyňy geçýärin, ýöne il adamsyna galtamanlara daklyşmak uslyp däldir. Bu galan on ýedisini hem al-da, oba
gözegçisine tabşyr, mynasyp jezasyny bersin» diýdi. Sebäbi galan
galtamanlar ömründe birinji gezek duçar bolýan bu ahwalatlaryna
henizem düşünip bilmän, sandyraşyp durdular. Soňra ol türkmen ähli
goşlaryny, altyn tyllalaryny inere ýükläp, özüni halas eden gyzy hem
horjunlaryň üstünde oturdyp, ýoluna rowan boldy. Şeýdip türkmen
gyzynyň ýeserligi uzak wagtlap tutuş töwerege ýazylganlyk bermedik galtamanlardan hemişelik dynmaklyga sebäp boldy. Şondan soň
bu jelegaýlarda ýol urup, talaňçylyk edýän ýekeje adam hem görünmedi».
98. BAŞLAMAK WE BAŞARNYK
Günleriň birinde Mahmyt Zamahşarynyň ýanyna bir ýaş ýigit gelipdir. «Ussat, harplary öwrendim, söz ýazyp bilýärin. Sanlary
öwrendim, hasaplap bilýärin. Golumda rysgymy gazanar ýaly gara
güýjüm, egnimde bir öýüň keşigini çeker ýaly gaýratym bar. Emma
agalarym maňa henizem ynamsyz bakýar. «Akyl bir başga, ukyp
bir başga, başarnyk düýbünden başga zat. Akylyň ýa ukybyň bar547
dygy seniň köp zady başarýandygyňy aňladanok. Onsoňam, heniz
iň uly nogsanlyga akyl ýetirmedik bolsaň, bar, git-de gaýtadan tälim
al» diýýärler. Menem bilýänimi subut etmek üçin mesele, ýumuş
soraýaryn, emma «Başarjaňlygyňy subut etmek üçin bizden dalda
soraýan bolsaň, onda seniň hiç zat bilmeýändigiň» diýip, gaýta beter
gyjalat berýärler. Aýtsaňyzlaň, başarjaňlygy nädip ýüze çykarmaly?
Iň uly nogsanlyk näme? Munuň üçin dag köwmelimi, daş götermelimi, suw daşamalymy ýa odun çekmelimi, bir aýdyňlap berseňizläň»
diýip, haýyş edipdir. «Adamyň ýasawyndaky häsiýetleriň biri kyndyr öýden meselesiniň çözgüdini hemişe çylşyrymly, agyr zatlardan
gözlemegidir. Aslynda welin, aglaba halatda şol çözgütler sada zatlara syrygýar. Başarjaňlygy subut etmegiň ilkinji ädimi – başlamak.
Bir zady başarýandyryn, hötdesinden gelýändirin öýtseň, dessine
işe başla. Şol amaly hasyl etmäge giriş. Başlan işiňi dowam etmek
başarjaňlygyň aýdyň ýüze çykmasydyr, başlan işiňi doly berjaý etmek
– onuň aýdyň subutnamasydyr. Onsoňam, bir işe başlap, ony doly
bitirmän başga bir işe girişmek amalyň we abraýyň apatydyr, bilip
goý. Iň uly nogsanlyk bolsa, köp zady başaryp bilýärkäň, az amal
etmek ýa-da doly bitirmäge güýjüň barka, ýarpy ýolda taşlap, yzyňa
gaýtmak häsiýetidir. Başarýaňmy – dessine başla we soňuna çenli
doly-kämil berjaý et. Şonda özüňdäki başarjaňlyk üçin subutnama ýa
şaýat gözlemäge zerurlyk galmaz. Seni hemmeler ykrar eder» diýip,
Mahmyt Zamahşary jogap beripdir.
99. RYSGAL WE BEREKET
Hakanly türkmen hökümdarlary bilen bagly şeýle bir rowaýat
bar. Olaryň ýurdunda iki sany goňşy ýaşapdyr. Olaryň ikisi hem her
gün säher bilen Alladan dileg eder ekenler. Birinji goňşy: «Eý, Allahym, ryskymy-rozumy özüň ýetir, maňa özüň eçil» diýer eken. Ikinji
goňşy: «Eý, Allahym, Hakanyň ýüregine sal, ol meniň ryskymy ýetirsin, hökümdarymyz maňa-da eçilsin» diýer eken. Bu ikisiniň üçünji
bir goňşusy Hakanyň köşgünde bagban bolup işleýän eken. Her gün ir548
den goňşularynyň edýän üznüksiz dileg-dogalaryny ýat beklänsoň, bu
hakda Hakanyň ýanynda ýaňzydypdyr: «Hormatly Hökümdarymyz,
meniň iki sany goňşym bar, olaryň ikisi hem Alladan ýardam-enaýat
soraýar. Biri Allanyň özüniň eçilmegini, beýlekisi bolsa Hakanyň –
hökümdaryň eçilmegini soraýar» diýipdir. Hakan bu habara monça
bolupdyr, esasanam, özünden tama edýäne kömek edesi gelipdir. Ol
Alladan dileýän bendesine üç sany kümüş teňňe, özünden dileýän
Taňry bendesine bolsa bir uly towugy gowy edip gowurdyp, içine
hem on sany gyzyl teňňe salyp ugradypdyr. Aradan on gün çemesi
wagt geçipdir. Ahyry Hakan bu iki goňşynyň halyndan habar alasy
gelipdir. Ol ilki bilen özünden umyt eden raýatynyň gapysyny kakypdyr. Baryp halyny, malyny, ahwalyny sorapdyr:
– Ýeri, ýagdaýlaryň nähili?
– Aý, boljak, ganymat, el serip gün göremzok, muňa-da şükür.
– Sen-ä bu on günüň içinde tüçjar bolup gidensiň, ýöne, iýeniň-içeniň ýüzüňe çykmandyr-la, eýgilikmi?
– Aý, gün-güzeran aladasy, ýetde-gütde oňşuk, aýagyňy uzyn
salyp oturara maýam, ýagdaýam ýok.
– Hany, saňa her gün iberen on sany gyzyl teňňämi näme etdiň?
Olaryň sanam-a ýüze ýeten bolmaly – diýip, hökümdar geňirgenipdir.
– Men-ä gyzyl teňňe göremok, o nähili teňňe bolýarmyş? – diýip,
ol bende Hakandan beter geňirgenipdir.
– Saňa gowy edip gyzardylyp gowrulan towuk iberipdim. Şol
towugyň içinde hem on sany gyzyl teňňe bolmalydy...
– Aý, meň-ä ol towuga işdäm bolmady, şonuň üçin ony goňşyma
bir kümüş teňňä satyp, şol pula düşenjesine hem iýip-içdim. Gyzyl
teňňeden asla habarym ýok – diýipdir.
Hakan birsalym oýurganyp oturypdyr: Bendesinden umyt edýän
ynsan günde bir kümüş teňňe bilen gün geçiripdir. Ýaradandan umyt
eden bende bolsa hem-ä gowrulan towuk iýipdir, hem-de her günde
iki kümüş we on sany gyzyl teňňe gazanypdyr. Şondan soň diňe
ýönekeý raýat däl, hatda Hakanyň özi hem özlerine gerekli zat üçin
kimdir biriniň eçilerine garaşman, göni Allanyň özünden dileg etseň,
has bereketli we ýeterlik bolýandygyna göz ýetiripdirler.
549
100. ÝEŇMEK ÜÇIN ÝARADYLAN HALK
Orta asyrlarda ençeme ýurtlary özlerine boýun egdiren türkmenleriň ykbaly, taryhy ýoly arap halyflarynyň birini gyzyklandyrypdyr.
Ol iň danyşment wezirini ýanyna çagyryp: «Türkmenleriň dowamly
hökmürowanlygynyň syry, hikmeti nämede? Bular nä töwra halk,
baran ýerinde derrew ornaşýar, ýerli halk bilen dessine dil tapyşýar.
Edeni ugruna bolýar. Ýüreklerinde gorky-ürki ýok. Bularyň nesil-neberesi, şejeresi, şöhraty, şany, dabarasy, artykmaçlygy hakda nirede
näme ýazylan bolsa, kimden nähili gürrüňler eşiden bolsaň, ählisini
jemläp getir, okaýyn, öwreneýin, düşüneýin» diýipdir. Danyşment
wezir döwrüniň iri-iri kitaphanalaryna, taryhçy alymlaryna, dünýäniň
habaryny ülkelere ýaýýan jahankeşde söwdagärlere, kyssaçylara
halyfyň talabyna laýyk öz bilýän maglumatlaryny jemläp ibermegi
tabşyrypdyr, towakga edipdir. Özi hem basa oturyp, kitaplary dörjelemäge başlapdyr. Pygamberiň hadyslaryndan başlap, taryhçylaryň
galdyran her bir ýazgysyny ürç edip okapdyr, belläp alypdyr. Bu
wagtyň dowamynda beýleki ülkelerden hem birnäçe maglumatlar toplanypdyr. Birnäçe aýlardan soň, türkmenleriň taryhyna we mertebesine degişli ummasyz ýazgy peýda bolupdyr. Danyşment wezir bu
ýazgylary tertipläp, halyfyň huzuryna giripdir. Taryhy ýazgylaryň
juda kändigini ýaňzydyp, haýsy kitaby okap başlamakçydygyny
sorapdyr. «Munça kitaby okajak bolsam, men ähli wagtymy sarp
etmeli bolaryn. Sen gowusy, şu ýazgylaryň içinden ünsüňi çekýän
ýüz sany sebäbi saýlap getir» diýip, halyf tabşyrypdyr. Wezir ýene
birnäçe wagtdan soň dolanyp gelipdir: «Şany beýik halyfymyz (tagsyrymyz), tabşyrygyňyz birkemsiz berjaý edilendir. Türkmenlere
degişli iň ähmiýetli maglumatlary bir ýere jemledim» diýipdir. Halyf
şol ýüz sebäbiň içinden hem on sanysyny saýlap getirmegi gaýtadan
sargapdyr. «Bu örän müşgil mesele. Ýüzlerçe kitapdan gysgaldyp-gysgaldyp, maňzyny saýlap alyp, ýüz edip goýduk. Henizem ýatlap boljak birnäçe häsiýetleri gyrada goýmaly bolduk» diýip, wezir
boýurganypdyr. Emma halyf sözünden dänmändir. Weziriň hem
550
hökümdara «ýok» diýmäge ýagdaýy ýok. Ol sebäpleriň gowusyndan
gowusyny saýlap, olaryň sanyny ona ýetiripdir. Jem bolan netijäni
alyp, halyfyň ýanyna barypdyr. «Örän ajap iş etdiňiz. Şol on sebäbiň
maňzyna düşünsem, onda men türkmenleriň bu tapawutly taraplaryna
has aýdyň göz ýetirerin» diýip, halyf oňa hoşallyk bildiripdir. Soňra
wezire garap: «Ýogsa-da, munça wagtlap bu ýazgylary senden gowy
öwrenen başga biri ýok, hany sen aýt, türkmenleriň beýle ykbally
halk bolmagynyň syry, hikmeti nämede eken?» diýip sorapdyr. «Şany
beýik halyfymyz, bu sözleriň birnäçe sebäbi, subutnamasy bar, emma
ýekejesini ýatlasam hem ýeterlik bolar. Türkmenler aslynda ýeňmek,
üstün çykmak üçin ýaradylan halk. Muny pygamberiň hadyslary hem,
taryhy kyssalar hem tassyklaýar. Ymmatyň ussat alymlary, ulamalary, hökümdarlary, serkerdeleri hem şolaryň neslinden çykar diýilýär.
Olar ot, suw, ýel ýaly tebigy güýçlerden soňra, hökmürowan iň güýçli
esgerler hökmünde ýatlanylýar. Agzybirlige per berseler, ýeňmek,
üstün çykmak, beýik bolmak olaryň ykbaly. Bu ýerde başga syr ýok»
diýip jogap beripdir. Halyf danyşment weziriň bu sözlerini makullapdyr. Özüni oýlara salan sowalyň nagt, ygtybarly we ynandyryjy
jogabyny tapandygyna begenipdir. Soňra wezirine garap: «Sen bu
saýlanan ýazgylaryň ählisini bir ýere jemläp, kitap ýaz. Goý, onuň
bir nusgasy halyflyk köşgünde dursun. Biziň nesil-neberelerimiz hem
bu halkyň ykbalyny öwrensin, nusga alsyn» diýip, ýörite tabşyrypdyr.
Buýsançly ýeri, şeýle kitabyň bolandygyny başga-da birnäçe çeşmeler
tassyklaýar.
HALALLYK KYSSALARY
Nesilleri belent ahlak we watançylyk ruhunda terbiýelemegi ileri
sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hasyl edýän her bir amaly, hemmelere nusgalyk ýoly, agzybirlik, jebislik, halallyk hakyndaky pähim
däneleri, paýhas dürleri we hikmetiniň hoşboý gülleri biziň maksatly
ömrümiziň şamçyragy. Bu öwüt-ündewler ýörejek ýollarymyza ýagtylyk saçýar. Bizi arzyly menzillere, alys sepgitlere, beýik maksatlara
sary ynamly we ruhubelent alyp gidýär.
Arassa, halal, Watana wepaly, lebze ygrarly ýaşamak durmuşymyzyň hoşnutlygyny we gönençliligini üpjün edýär. Halallyklar
hakda, esasan-da, adamzadyň bagtly ömrüniň we dowamatynyň özenini düzýän halallyklar hakda söz açmak diňe bir gyzykly bolman,
eýsem, wajypdyr.
Halallyk ömrüň diregi, maşgalanyň – öýüň söýesi. Onuň ömrüňe
çaýýan öwüşgini her kese mälim. Işleriň ugrukmagynda, maşgalada
agzybirligiň berkemeginde, käteler gurşaýan keseldir sökelliklerden,
kynçylykdyr kösençliklerden aman-esen, tiz gutulyp gitmekde halallyk esasy ýardamçymyz. Durmuş bu, kähalatda hiç kime bil baglap
bilmeýän pursatlaryňda hem eden halal hereketleriňe arka diräp bolýar.
Niredendir bir ýerden birmahalky eden halal hereketleriň miwesi
tekge bolýar duruberýär. Şonuň üçin ata-babalarymyz bu düşünjäni
şeýle bir aňlaryna siňdiripdirler, megerem, adamzadyň öz bagty we
552
bähbidi üçin iň ähmiýetli gören zady halallyk bolsa gerek. Halallyk
düşünjesiniň durmuşymyzda galtaşmaýan nokady we gurşamaýan
giňişligi ýok. Bu giň düşünje däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, aň-pikirlerimize reňki solmajak nagyşlar deýin sünnälenipdir. Her işde, hereketde, her ýagdaýda halallyga per bersek, käteler
birbada göwünhalar netijäniň göze ilmeýändigine garamazdan,
hemişe soňunyň düz bolup gutarýandygy welin hak. Halkymyzyň
örki halallykda.
Halal sözüniň agzalýan ýerinde, halal sözüniň haýsydyr bir söze,
häsiýete ýanalýan ýerinde göwnümize giňlik, gursaklara rahatlyk
salýan bir enaýy duýgy bar. Pederlerimiziň paýhasy siňen gadymy
kitaplarda ýazylmagyna görä, ynsan halallygyň dört ugruna pugta
eýerse, onuň ömrüniň iňňän bereketli, nesil-dowamatynyň salyhatly,
döwletli, el uran işiniň bereketli bolýandygy nygtalýar. Halallyga
ýanalýan şol dört häsiýet: lebzi halallyk, süňňi halallyk, zandy halallyk hem-de kesbi halallykdyr. Şu dört häsiýeti özünde jemleýän
adam durmuşyň dürli menzillerinde arkaýyn hereket edip biler. Ony
bäsdeş ýa garşydaşam, kynçylyk ýa alada hem sarsdyryp bilmez,
gaýta garşydaşy dostuna, öňünde keseren kynçylygy täze bir zadyň
mümkinçiligine öwrüler durar diýilýär. Rysgal-bereket, gün-güzeran
aladasy, çeken zähmetiňe görä hak-heşdek gazanmak, adamkärçilikli bolmak ähli döwürdäki adamlary gyzyklandyryp gelýän mesele.
Halal gazanjyň, dogry-dürs hereketiň höziri bir başga. Ol süňňüň sagatlygyny, ojagyň abatlygyny, işleriň rowaçlygyny, nesliň dowamatyny üpjün edýän esasy serişdeleriň biri. Nesilleri terbiýelemekde
halallyk hakdaky kyssalaryň hem ähmiýeti uludyr. Çünki kyssalar bu
düşünjäni bize ähli tarapdan açmaga kömek edýär.
***
Käteler işlerimiziň arasyna bökdençlik aralaşýar. Göze dürtülip
duran aýdyň sebäbi ýok, ýöne, näme üçindir, hiç ilerläp gidiberenok.
Ýa-da bitip barýan işimiz iň soňky ädimlerinde paşman duruberýär.
Şeýle pursatlarda, belki-de, biz öz hereketlerimizi gözden geçirme553
lidiris. Kimdir birine nähak garandyrys ýa-da oňa mynasyp däl sözi
suňşurandyrys. Ýa-da kimdir biriniň hakyny iýendiris… mahlasy,
maksatlarymyza bir ädim galanda büdremezlik üçin her bir hereketimizde halallyga pugta ähmiýet bermek gerek.
Taryhy çeşmeleriň birinde şeýle waka gürrüň berilýär. Bedew atyny özünden hem eý görýän türkmen serkerdeleriniň biri duşman bilen
garpyşmak üçin ala meýdana başa-baş söweşe çykypdyr. Bedewiň
üstünde aňyrdan howalap gelşine, naýzasyny elinden düşürmän,
duşmana tagna saljak bolýarmyşyn welin, bir ädim aralyk ýetmän dur
diýýär. Serkerde üç gezek dagy bu hüjümini gaýtalapdyr, emma her
gezegem bir ädim ýeter-ýetmez aralyk galanda, duşman hyrra yzyna
öwrülip, sypara maý tapýan eken. Türkmen yzyna lapykeç dolanypdyr. Mundan öň bu bedewi bilen kowalan awuny tutandygyny aňynda
aýlapdyr. Bu bärden gaýtmagyň sebäbine teý düşünip bilmändir. Ahyry
şol pikirlerine ulaşyp, uka batypdyr. Düýşünde aty oňa adam dilinde:
«Hojaýyn, düýn sen maňa bir çuwal iýmlik arpa alaňda, söwdagäre
bir dirhem puly kem berdiň. Ana, şol bir dirhem hem seni maksadyňa
ýetirmän, bir ädim bärde saklaýar. Atyň arpasy halal, ýigidiň alnyarkasy arassa bolanda, alynmaýan sepgit, aşylmaýan menzil galmaz»
diýipdir. Düýşünden oýanan dessine, türkmen ol söwdagäre bilmezlikden kem tölän bahasynyň üstüni ýetiripdir we şol gün hem maksadyna ýetipdir. Halal hörek hökman maksada ýetirýändir.
***
Halk arasynda terezi hakyny egismek oňlanylmaýan häsiýetleriň
biri. Muňa garamazdan, käteler ynsan nebsi dury paýhasdan rüstem
gelende, gazanjyň berekedine däl-de, düşewündiň artyklygyna ähmiýet berilýän pursatlary-da bolaýýar. Ol şu günki pygyl-päliniň
gaýtargysyny hut şol günüň özünde görmese, kada-kowahada sygmaýandygyna garamazdan, ynsan her bir hereketi özüne ýokýan
mysalynda kabul edýär, çalt baýamagyň, dessine gurply-gurbatly
bolmagyň yşkynda gezýär. Nebsiň hem bir aýratyn tebigaty bar, ol
554
hiç wagt öňki dereje bilen kanagat etmeýär, oňa öňküden-de has köp
gerek. Wagtynda oýanyp bilseň, diňe özüňi däl, bala-çagaňy hem bir
agyr ýükden halas edip bolýar. Çünki nähak gazanylan zat ahyry bir
ýerden urup çykýar.
Bütin ömrüni söwda-satyk bilen geçiren bir ýaşuly uly ogluny
ýanyna çagyryp, maslahat beripdir: «Indi bazara çykyp, söwda edere
rowgatym galmady. Ertirden başlap, mellekde ýetişen bakja önümlerini satmaga özüň gidersiň. Bazara baranyňda, duldegşir söwdagärler
bardyr. Her bir harydyňy gala satmaga dyrjaşarlar. «Bazaryň nyrhyny
bozma» diýip, sendenem ýokary baha goýmagyňy talap ederler, ýöne
sen zähmetiňe düşýän hakyňy algyn. Artyk gazanjak bolma we hiç
wagt terezini egsik ölçemegin. Berenini berekedi bilen berse, ýeterlik
bolýandyr» diýipdir.
Ertesi daň bilen uly ogly bazara rowana bolupdyr. Atasynyň
ýerine geçip ornaşypdyr. Gök-bakja önümlerini tertipläp goýupdyr
we datly miweleri müşderilere mazamlap ugrapdyr. Sähel salymda
harytlaryny ýerläp bilipdir. Onuň ýanynda oturan söwdagärler bu ýaş
ýigide maslahat beripdirler: «Inim, harydyň ýokary bahadan geçýärkä,
ujypsyz haka dözüp oturma. Bu ýeri bazar, geçýän bahasyndan beribermelidir. Bazaryň göterýän nyrhyna görä hereket etseň utulmarsyň»
diýipdirler. Ýaş ýigit birsalym oýurganypdyr: «Bu aýdylanlaryň jany
bar bolmaly. Geçýän bahasyndan bermegim gerek. Atam bir ýaşuly
adam, ol köne düşünjeli bolup biler. Onsoňam men terezini kem ölçämok ahyry, galan ähli hereketimem halal» diýipdir we ertirki söwdasyny has ýokary bahadan satmagy pugta ýüregine düwüpdir. Ol şol
günki gazanjyny atasyna getirip beripdir. Agşamara ähli maşgala saçak başyna jem bolupdyr. Ýöne, näme üçindir, bir meseläniň üstünde
iki sanysynyň sözi çatak düşüp, biri-birinden öýkeläpdirler. Mundan
öň bu öýde asudalyk, oňşuk höküm sürýän ekeni. Atalary bu ýagdaýa hiç akyl ýetirip bilmändir. Kimdir biriniň hyýalynda bir näsaz
pikirleriň öwrüm edýänliginden çen edipdir. Ähli balasyny ýanyna
çagyryp, şol günki bitiren işleri we indiki etsem-goýsamlary hakda
555
sorapdyr. Ahyry uly oglunyň sözüni, matlabyny bileninden soň, oňa
hälki niýetlerine görä hereket etmezligi, diňe halallyga per bermegini
ýene bir ýola ündäpdir.
Uly ogul ertesi bazara baryp, harytlaryny geçýän bahasyndan
däl-de, ýene-de öz düşýän gymmatyna görä satypdyr. Gaýta, her satan zadynyň üstüne birlän-ikilän halallyk hakyny hem guýupdyr. Tereziden asla egisjek bolmandyr. Ýanyndaky söwdagärler oňa gyýa
göz bilen garapdyrlar, hüňürdäp, aňyrsyna bakanlaram bolupdyr. Hudaý her kimiň rysgyny ýetirip dur: arzan bahalynyňky hem alynýar,
gymmat satýanyňkam geçýär. Ýöne olaryň gazanjyndaky bereket welin, deň bolmaýar.
Birnäçe aýlardan, belki-de ýyllardan soň adamlar bir hakykat
bilen ýüzbe-ýüz bolýar: halalyň ojagynda agzybirlik höküm sürýär,
iýjek-içjegini Hudaý ýetirip dur, zada zar bolanok, minnetlä mätäç
edenok. Çagalary aňly-düşünjeli, edenli, hereketli, il ýumşuna ýarap,
sogap gazanyp ýörler. Gazanjyna nähak gatanlar bolsa, daşyndan asuda-parahat görünýändigine garamazdan, ruhy ejirleriň, nähilidir bir
ýeter-ýetmezligiň içinde günlerini aýlapdyrlar. Danalaryň paýhasly
pikirlerine uýsak: «Halal lukma gözlere röwşenlik çaýyp, ýörejek
ýollaryňa ýagtylyk çaýýar. Işleriň ugrukmagyna, rowaçlanmagyna sebäp bolýar. Maşgalada agzybirlik, arkalaşyk, asudalyk höküm sürýär.
Gazanjyna nähak gatanyň öýünde welin hergiz asudalyk bolmazmyş.
Nähak hereketiniň mukdaryna barabar muşakgatlar hem hemişe ýol
üstünde garaşar durarmyş».
***
Biziň her birimiziň eý görýän adamlarymyz, ýakynlarymyz,
tanyşlarymyz bar. Olaryň bize ýetirýän habarlary, aýdýan sözleri hem
juda gymmatly we ähmiýetli. Biz olara şeýle bir ynanýarys, aýdýan
zatlaryny makullaýarys, tassyklamaga çalyşýarys, hemişe özümize
ýakynlaryň tarapyny tutýarys ýa-da käteler bir wakanyň habaryny
bize ilki bolup aýdanlara güpbe ynanýarys, derrew öz garaýşymyzy
mälim edip, meseläni dessine «çözüp berýäris». Ýöne… beýleki tarapy diňlemelidir, meseläni köptaraplaýyn öwrenmelidir, derňemelidir,
556
bilmelidir öýdemzok we olar babatda düýbünden nädogry düşünjelere
duwlanyp galýarys.
Günlerde bir gün Dawut pygamberiň ýeke özi otyrka, birden
onuň huzurynda iki adam peýda bolupdyr. Dawut pygamber muňa
geň galyp aljyrapdyr. Sebäbi onuň gapysyndaky garawul Dawudyň
rugsady bolmazdan, hiç kimi içeri salmaz ekeni. Ol iki adam Dawut
pygamberden özleriniň dawasyny çözüp bermegini sorapdyrlar.
Dawagärleriň biri Dawut pygambere ýüzlenip: «Ine, şu meniň doganym. Onuň 99 sany goýny bar. Meniň-de birje goýnum bar. Doganym
«Şol birje goýun hem sende bolmasyn, getir goýnuňy, meniňkä goş. Ol
goýun hem meniňki bolmaly» diýip dawa edýär. Bize adalatly höküm
çykaryp, dawamyzy çözüp ber» diýipdir. Ol adam arzyny aýdyp
gutaran dessine, Dawut pygamber: «Bu adam seniň goýnuňy almak
bilen saňa zulum edipdir, nähak çemeleşipdir» diýipdir we beýleki
tarapy diňlemezden kararyny mälim edipdir. Onuň doganyna bakyp:
«Bu ýerde sen günäkär. Goýny eýesine ber. Heý-de, 99 goýnuň barka,
uly süriň eýesikäň, onuň ýekeje goýnuna göz dikýärmiň? Sende kanagat ýokmy?» diýipdir. Dawut pygamber kararyny mälim eden dessine
ýaňky dawagärler gözden gaýyp bolupdyrlar. Şol pursatda Dawut pygamber özüniň synalandygyny bilip galypdyr. Bu işde goýberen uly
säwligini ýatlap, toba edipdir. Sebäbi iki dawagär gelen wagtynda,
ikisiniň hem gepine gulak asmalydy. Birini diňläp, derrew höküm
çykarmaly däldi. Belki-de, bu ýerde dawany ilki mälim eden adamyň
özi günäkärdir, anygyna ýetmelidi.
Şeýle ýagdaý aglaba adamzat nesline mahsusdyr. Köplenç halatda, habary ilki aýdanlaryň ýa-da özümize ýakynlaryň tarapyny tutup,
beýlekiler babatda galat pikirlere, ýalňyş düşünjelere eýerýän pursatlarymyz bolýar. Soňra şolar hakda ýagşy-ýaman näme ýaňzydylsa,
biz her bir maglumaty aňymyzda berkän düşünjeler arkaly süzüp kabul edýäris. Bu bolsa biziň hakykaty doly görüp bilmezligimize we
kimdir biri hakda nähak netije çykarmagymyza sebäp bolýar.
***
557
«Ýagşylyk et-de, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler» diýen nakyl halk arasynda juda ýörgünli. Pederlerimiziň pendi
siňen eserlerde bolsa «Ýagşylyk et – Halyk biler, şunuň özi ýeterlik» diýilýär. Ýene bir pendi-nesihatlarynda bolsa «Ýagşylyk et we
unut» diýip, eden ýagşylygyňy ýatlap ýörmezlik, diliňe almazlyk,
minnet etmezlik ündelýär. Çünki ata-babalarymyzyň aýtmagyna
görä, «Yzyndan edilýän gep-gürrüň ýagşylykdyr sadakanyň sogabyny köýdürermiş». Berekediň egsilip, özüňde bar bolan ukyp-başarnyklaryň hem ýok bolmagyna sebäp bolarmyş.
Gadym wagtlarda bir adamyň depesinde elmydama bulut gezer
ekeni. Çölüň jöwzasynda dagy ol buludyň gymmatyny san we söz
bilen ölçäp boljak dälmişin. Ýolda-yzda sataşan, gabat gelen adamlary hem şol buludyň astyna saýalamaga çagyrar eken. Epgekden pena
tapmak üçin, mürähede mähetdel adamlar hem onuň ýanynda, şol
buludyň saýasynda menzil aşar ekenler. Ýöne depesi bulutly adamyň
minnetini welin her kim çekip bilmändir. Ol özüniň bu täsinligi bilen
buýsanmagy, öwünmegi diýseň halaýar ekeni. «Eger men bolmadyk
bolsam, siz bu çölde heläk bolardyňyz. Şu buludyň saýasy bolmadyk bolsa, jöwzada çürşüp galardyňyz. Munuň ýaly salkynja kölegäni
baglardanam tapyp bilmersiňiz. Görýäňizmi, men size nähili kömek
etdim?!» diýen ýaly sözler bilen gulaklaryny kamata getirer eken.
Onsoň adamlaryň käbiri minnetiň ýalnyna bagryny dagladandan
çölüň howruna teniňi dagladanyň has ýeňil diýip, birsellemden soň
ho-ol beýleräkden ýörär eken. Ýok, «aýdar-goýar» diýip, aýdýanyna ähmiýet bermeýän biperwaýlar bolsa, barjak ýerlerine çenli onuň
bilen ýörär ekenler. Günlerde bir gün oňa şol çöl ýolunda pukara
bende sataşypdyr. Ol ony hem buludynyň saýasyna çagyrypdyr. Gele-gelmäne hem öwnüp başlapdyr. Minnet baryny ýagdyrypdyr. Pukara
bende sesini-üýnüni çykarman, käwagt bir «hä-hüm» berip, başyny
atyp gelýän ekeni. Ahyry bu minnete buludyň özi hem çydam etmändir. Ýolaýrytda pukara bende öz iline sowulmakçy bolanda, ýaňky
559
öwünjeňiň başyndaky bulut bu garybyň üstüne geçip, ony saýalamaga
başlapdyr, öňki eýesinden aýrylyşypdyr.
Käteler biz öz minnetimiz bilen juda öte geçip, başarnyklarymyzyň ýok bolmagyna sebäp bolýarys. Onsoňam, eden ýagşylygyňy
diliňe çolap ýörmeklik hem uslyp görülmeýär. Magtymguly Pyragy
bu hakda «Bir ýagşylyk etse adam biweji, Her mejlisde ýüz ýol tile
getirmiş» diýip ýazýar.
***
Haramyň soňunyň ýokdugy, uzaga gitmeýändigi durmuş
wakalarynyň, tymsallaryň üsti bilen gündelik diýen ýaly gulagymyza
guýlup durulýar. Göre-göre gelinýän hakykata göz ýumanyň bilen
onuň täsiri, hökümi ýitenok, güýji gaçanok. Haram gazanç ahyry bir
ýeriňi böwsüp çykýar. Adamy endişä salýan aladalaryň biri – ertiriň
– heniz gelmedik günleriň pikirini etmek. Şu gün şoňa ýygnap, basyryp, basyp goýmasa, ertirki gün aç öläýjek ýaly. Janly-jandarlaryň
içinde diňe dört zat ätiýaçlyk gor ýygnaýar diýilýär. Şolaryň biri hem
adam. Emma «Her günüň rysgy şol günüň özi bilen bile gelýär» diýen
ata-baba pähime gulak asýan adamlar üçin howsala düşere, harsydünýälik edere hiç hili sebäp, bahana ýok. Magtymguly atamyzyň:
«Ýeter saňa iru-giç, ne ýazylsa kysmatda, Janyňa jepa eýläp, munça
gezme hasratda, Sogap ýagşy amalda ýa jud ýagşy niýetde» diýen sözlerini tumar edinip dakynybermeli. Biz öz rysgymyzy azrak emgenip
ýa-da eglenip, halal ýol bilen gazanyp bilýärkäk, howlugyp ýa-da
hars urup, haram ýol bilen aljak bolmak düýbünden nädogry.
Rowaýatlara görä, bir gezek salyh ýagşyzadalaryň biri goňşy
obadaky tanşyna hal-ahwal soraşmaga barypdyr. Bedewinden
düşüpdir-de, şol ýerdäki ýaş oglanlaryň birinden öýe girip-çykýança
atyny saklamagy haýyş edipdir. Ýagşyzada uzagrak eglenendir-dä,
wagty bilen çykmansoň, aty saklap duran oglan özüni içki pikirlerine
– nebsine oýnadyp başlapdyr: «Şunça sakladym, wagty bilen çykmady. Çykansoňam, «Taňryýalkasyndan» başga zat beresi ýok. Gel,
şu atyň jylawyny, uýanyny bazara eltip sataýyn-da, özüm garbak-gur560
bak edineýin» diýipdir. Şeýdibem, bedewiň ähli şaý-esbabyny alyp,
bazar jaýyna ötägidipdir. Barybam, elindäki ähli şaý-seplerini üç dinara satypdyr. Şondan az salym soňra ýaňky ýagşyzada hem öý eýesi
bilen daş çykypdyr, hoşlaşypdyr. Aty saklap duran oglana bu hyzmaty üçin üç dinar bermegi ýüregine düwüpdir. Atyň ýanyna gelse, ne
oglan bar, ne-de atyň şaý-esbaby. «Men oňa aty saklandygy üçin şu
üç dinary bermekçidim. Bähbit bolsun, esbabyny alyp gidipdir, oglan
oňarmandyr» diýipdir. Soňra şol ýerdäki ýaş ýigdekçeleriň biriniň
eline ýaňky puly tutdurypdyr-da, uýan, eýer, jylaw alyp gelmegi sargapdyr. Bu hem bazara baryp, söwdalaşyp, şol bedewiň hakyky öz
esbabyny ýene-de üç dinara satyn alyp getiripdir. Atalarymyz aýdýar
ahyry «Halal mal eýesine gowşar» diýip. Bu rowaýat şeýle söz bilen
jemlenilýär: eger-de şol oglan birazajyk sabyr, kanagat eden bolsa, şol
üç dinary halal ýol bilenem aljak ekeni, emma nebsine uýup, ogurlyk
edip, haram ýol bilen gazandy.
Gadymdan gelýän şeýle bir düşünje bar: «Eger-de bir zady haram
ýol bilen gazanmak mümkinçiligi peýda bolsa, pähim et, biraz sabyr
etseň, sen şonça mukdardaky zady halal ýol bilenem gazanarsyň. Üstesine, halal gazanjyň berekedi zyýada bolar». Çünki alnyňa ýazylan
zat, rysgal, baýlyk, şowlulyk, üstünlik, rowaçlyk hiç wagt eýesinden
sowa düşmeýär. Ynsanlar Hakyň saňa rowa görmedik zadyny dil
bilen, göz bilen, söz bilen alarlar, emma maňlaýyňa ýazylan bagtyňy,
rysgal paýyňy welin, hergiz alyp bilmezler. Ynsanyň özüniň hem
bu derejesine halal ýol bilen ýetmegi, halallyk bilen gazanmagy eý
görülýändir.
***
Dogruçyllygyň we her bir hereketiňde halal gazanmaklygyň
niýet-höwesiniň neneňsi gowy zatlary hasyl edýändigini birbada
aňşyrmaýan bolmagymyz ahmal. Käteler käbir zatlar ýörite biz üçin
döredilen, ykbaldan ýollanan pursat ýaly görünýär. Hatda şol ýagdaýlarda hem has göwnejaý we halala muwapyk hereket etmeklik, göz
öňüne getirişimizden hem has gowy zadyň üstünden eltýär.
* 36. Sargyt № 975
561
Ýaňy maşgala guran ýaş çatynjalaryň öňünde eklenç, gazanç
meselesi ör-boýuna galypdyr. Är-aýal bile oturyp, nähili zähmet çekenlerinde has girdejili boljakdygynyň gamyny iýipdirler. Mümkin
bolan dürli ýollary ara alyp maslahatlaşypdyrlar, ýöne haýsy bir işiň
gyrasyndan barmakçy bolsalar, birbada ugrugar ýaly maýa gorunyň
gerekdigine göz ýetiripdirler. «Belki, birbada günlükçi duraryn. Her
günki gazanjymyzyň ondan birini has uly maksatlarymyz üçin aýryp bilsek, pylança günden düýpli işe girişmäge gurbatymyz boljak»
diýip, adamsy pikirini ýaňzydypdyr. «Ertir irden bolsa metjide baryp,
işlerimizi ugrukdyrmagy üçin Hakdan ýardam-enaýat diläýin, enşalla,
nireden başlamalydygymyzy kalbymyza guýar» diýipdir.
Pyragynyň «Säher wagty ýatmaň, dileg çagydyr» diýip aýdyşy
ýaly, ýaňky pyýada aladaňdan metjide tarap ýola düşüpdir. Namaz
okapdyr, dileg-doga edipdir. Metjitden çykyp, öýlerine tarap ýola
düşüpdir. Birdenkä onuň gözi bir daragtyň gyrasynda duran düwünçege düşüpdir. Baryp alyp açyp görse, içinde belli bir mukdardaky pul
bar ekeni. Ýaňky adam «Pully düwünçegini ýitiren barmy?» diýip,
töweregindäki adamlardan sorap başlapdyr. Ýöne hemmeler: «Ýok,
biziň-ä habarymyz ýok» diýşip, geçip gidipdirler. Ep-esli wagt eýesini idäp, eýläk-beýläk çarp ursa-da, netije bolmansoň, «Diýmek, bu
biziň rysgymyz bolmaly. «Hudaý diýene, Hudaý ýetirýär» diýleni
eken. Eýesini sorap, ençeme gezek idedim, seslenen bolmady. Muny
öýe alyp gideýin» diýipdir. Öýlerine gelibem, bolan wakany aýalyna
gürrüň beripdir. Ýöne aýaly bu hereketi hiç unamandyr. «Bize öz halal
zähmetimiz bilen gazanylan baýlyk gerek. Munuň üçin biz hiç der dökmedik. Ertir şol ýerlere baranyňda, ýene-de ideşdir, belki, başga biri
ummasyz puluny ýitirip, kösenip ýören bolmasyn» diýipdir. Adamsy
ertesi irden hem şol ýerde peýda bolupdyr. Ýene-de pully düwünçegiň
eýesini idäp başlapdyr. Birdenkä bir ýaşuly onuň gaşynda peýda bolupdyr. «Inim, men düýn şu ýerlerden geçip gidenim ýadymda, ýöne
pully düwünçegimi nirede gaçyrandygym huşumda däl» diýipdir.
Ýaşuly oňa düwünçegiň daşky sypatlaryny we içindäki puluň muk562
daryny hem beýan edipdir. «Ine, bu hut şol düwünçek, ýaşuly, alyň»
diýip, ýigit ony eýesine gowşurypdyr. Ýaşuly hem düwünçegi alypdyr
we içindäki dinarlaryň ýerbe-ýerdigine göz ýetirensoň, düwünçegi
ýene ýigidiň eline tutdurypdyr. «Bu düwünçek siziňki. Üstesine, ýene
dokuz müň dinar hakyňyz bar» diýipdir. Ýigit ör-gökden gelipdir: «O
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.