Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07

Total number of words is 3695
Total number of unique words is 2165
27.3 of words are in the 2000 most common words
39.2 of words are in the 5000 most common words
45.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
serhetleri aşmakdan gorkýarys. Mundan soňam biz ýene-de Allanyň her
kime paýlap beren ýeterlik rysgyndan nägile bolýarys. Allatagalanyň
älemler baradaky bozulmaz däbini, ýoluny unudýarys – Onuň her kese
rysgyny berýändigini ýadymyzdan çykarýarys.
Ýaradanyň barlykdaky däbi üýtgewsizdir – durmuş kitabynyň
gündeki sahypalaryny gowy okap, düşünip bilýän we oňa görä amal
edýän adam bagtyýardyr. Ol köp zat gazanar.
Üstünlik gazanmak we üstün bolmak hiç bir adam üçin mümkin
bolmadyk zat däldir ýa-da bu babatda kimdir birine artykmaç
mümkinçilik berlen däldir. Ol hemme kişiniň başarjak, hötdesinden
geljek zadydyr. Ýöne munuň beýleki tarapyny hem gözden salmalyň,
onuň ýeňil-ýelpaý bolmadyk tölegi hem bar ahyry. Bahasyny bermeseň,
92
ony awlap, kapasaňa salyp bilmersiň. Üstünligiň bahasy maňlaýyňy
derledip, zähmet çekmek we öz işiňe berilmekdir. Şikaýatdyr zeýrenjiň
degresinden hem ötmezlikdir.
Dostumyz Jelil we ýene-de müňlerçe dostlarymyz hem-de
dostlaryňyz hiç zat etmän, diňe ertirki arzyly günüň gelerine garaşyp
ýaşaýarlar.
Ýekşenbe güni hem edil duşenbe ýaly, mart hem hut aprel ýaly,
ähli günüň şol bir tagamy bar. Hiç zat üýtgemese, özgermese, ýerinden
gozganmasa, töwekgellik etmeseň...
Töwekgellik diýenimde, göz öňünde tutan işiňe howul-harsal
okdurylmak däl. Meýilnamalyja, her ätjek ädimiňi saldarlap, basjak
ýeriňi peýläp, ilki ilik-düwme öwrenip, öňe ilerlemegi göz öňünde
tutýaryn. Bu zatlary amal etmek üçin gaýratlylyk, dogumlylyk, hiç
zatdan çekinmezlik, öňe okdurylmak – hakyky töwekgellik gerekdir.
Şu ýaşan ýyllaryňda tutuş ömrüň akymyny, ugruny özgerden
näçe sany ykbal özgerdiji karara gelip gördüň?
Amerikan ýazyjysy Mark Tweniň çuňňur manyly we juda ähmiýetli, göwnemakul sözleri bar: «Ýene ýigrimi ýyldan soň üstünlikleriňi
we şowsuzlyklaryňy ýatlap otyrkaň, şu günki eden işleriňden goýberen pursatlaryň has köp bolandygyny ýatlap ökünersiň» diýýär.
Hak aýdýar, ökünersiň, çyndan ökünersiň. Sebäbi bellibir karara
gelip, ymykly girişäýmeli işi, ikirjiňlenme ýa-da geleňsizlik zerarly
etmändigiňe, gaýratyň çatmandygyna ökünersiň... «sag başym, aman
başym» diýip, köne külbäniň ykyş diwaryna duwlanyp ýatyşyň göz
öňüňe geler.
Emma ugrunda gaýrat eden işleriňe, hatda şol ýollarda goýberen säwlikleriňe, hatalaryňa hem ökünmersiň. Ikirjiňlenmeleriň,
gorky-ürkiň, synanyşykdan alyp galan ejizligiň näçe köp bolsa, ahyr
ýaşda ökünjiň hem şonça köp bolar.
Her bir adam öz gylyk-häsiýetleriniň jemi. Gylyk-häsiýetleri,
özüni alyp barşy bolsa onuň bir karara gelip bilýändiginiň,
bilmeýändiginiň dilmajy. Ikimizi bir-birimizden parhlandyrýan zat,
biziň bir karara gelip bilýändigimiz ýa-da bilmeýändigimiz. Haýsy işi
93
edýändigimiz we etmeýändigimiz (edip bilýärismi ýa etmeýärismi?).
Her kim öz karary, öz pikiri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem iň
möhüm, ähmiýetli zatlaryň biri – durmuşyň bize döreden ähli mümkinçiliklerine, pursatlaryna doly we ählitaraplaýyn nazar salmaga
synanyşmaly. Gaýrata daýanyp, işe girişmeli. Näbelli gorkulardan
rüstem gelmek üçin batyrgaýlyk bilen işlemeli we asylly amallarymyzy dowam etmeli.
Mahlasy, iň uly töwekgelçilik durmuşyňda hiç hili töwekgelçiligiň bolmazlygydyr. Iň uly howp hiç hili howpy bolmadyk durmuşda
ýaşamakdyr. Hakyky şowsuzlyk bolsa şowsuzlyga düşmekden gorkup, bir duran ýeriňde saklanmaklykdyr.
27. BEÝIKLIK – SUNGAT
Günleriň birinde meşhur suratkeş Pikasso köçeden ýöräp barýan
ekeni. Pikassonyň sungatyna aşyk zenanlaryň biri muny görüpdirde, suratkeşiň ýanyna ylgap baryp, mähir bilen salamlaşypdyr. Ýantorbasyndan bir ak kagyzy çykaryp: «Jenabym, men siziň çeken
suratlaryňyzyň jandan-tenden muşdagy. Öz täsin hünäriňizden şu ak
kagyza bir surat çekip, meni begendirip bilermisiňiz?» diýipdir.
Pikasso muňa ýylgyrypdyr. Ak kagyzy alypdyr we onuň ýüzüne
surat çekip başlapdyr. Tamamladym edip, ýaňky suratly kagyzy eýesine uzadypdyr: «Hanym, bu suraty aýawly sakla, wagty gelende sen
ony million dollara satyp bilersiň!» diýipdir.
Muşdak zenan muňa geň galyp: «Pikasso halypa, siz bu kiçijik
surat üçin bary-ýogy otuz sekunt sarp etdiňiz. Onuň millionlyk gymmaty bolup bilermi?» diýipdir.
Pikasso ýylgyrypdyr we oňa garap: «Hanym, otuz sekuntda sowgatlyk (ýadygärlik) surat çekmek üçin, men ömrümiň otuz ýylyny
sarp etdim» diýipdir.
Ýokardaky söhbetdeşlikde meşhur suratkeş bize juda ähmiýetli
bir maglumaty – ömrüň wajyp wezipesini ýetirýär: täsinligi, täsin
94
bir zady döretmegiň köp wagt almazlygy mümkin, ýöne şol derejä
barýançaň mazaly taýýarlanmagyň, taplanmagyň gerek.
Birbada göwnümize ýaramaýan hem bolsa, alnymyzdan çykýan
her bir zat biziň haýrymyza. Kynçylyk, görgi-kösençlik zemine
aýagyň galtaşan pursadyndan başlanýar. Olar san babatda hem
az-küş däl. Durmuş şarpyklary hem dura-bara taplaýar. Ynsanyň
taplanmagynda, hatda onuň öz ugrundan ussat bolup ýetişmeginde
bu kyn-kötel ýollary, agyr hallary we zähmetleri gözden salmaly
däldiris.
Bu kiçijik kyssa durmuş hakdaky başga bir oýlanmalara iterip,
köpimize mahsus bir häsiýeti ýadyma salýar: almak üçin eglenmezden öňürti bermelidiris, almak üçin ilki bahasyny – degýän zähmetini
tölemelidiris.
Ekin ekmän hasylyny orup bolanok. Nahal oturtman miwesini
ýolup bolanok. Iş etmän hak alyp gördüňmi? Söweş gutarmanka ýeňiş
täjini başyna geýen patyşa hakda heý eşidipmidiň?
Uly arap alymy, Allama ibn Ataullah Sekenderiniň hikmetli sözlerinde şeýle bir paýhas bar: «Bedeniňi bikärlik topragyna gömseň,
ýaltalyk gumunda oturtsaň, daragtlar topragyna görä miwe berýändir». Tohum topraga gömülmese, ondan hasyla, pazyla garaşyp bolarmy?
Akyldar alym her bir zadyň peýda bolmagy, ýüze we ýer
ýüzüne çykmagy üçin sabyr, yhlas etmelidigini, başyňy belent tutmalydygyny ündeýär. Topragyň astynda mazaly eýini alyp, özüni
taplamasa, gämik hiç wagt ýer ýüzüne çykýan däldir. Dür parlak
dür bolýança hem şeýle. Bardy-geldi çykaýsa hem, ol kämil ösümlik bolup bilmez, ýa basym gurar, süllerer, ýa-da gül-gunça bermez.
Bu kada barlygyň hiç wagt üýtgemeýän we üýtgedip bolmaýan
baky ýörelgesi.
Bir ýa-da birnäçe kitap okany üçin özüni öte akylly, düşünjeli-pikirli saýýan bolsa... bu diňe göwün ýüwürtmedir. On sany ha95
dysy ýa-da käbir gysga süreleri ýat tutany bilen özüni dinden sowatly,
her meselä çözgüt berip bilýän, pitwa çykaryp bilýän adamdyryn öýtse, ol özüne gümra, amalyna magrur bir kişidir.
Biziň tanaýan beýik ärlerimiz, öwrenmek üçin gulagymyzy
güýdýän sagdyn pikirli alymlarymyz ylym-magryfet ýolunda irmän-arman zähmet çekdiler we ylym talap etmek üçin ähli kynçylyklara döz geldiler. Ine, Ýaradanyň ýoly-ýörelgesi şu esasda
dowam edýär.
Ýandepderçäme meşhur alym Muhammet al-Gazalynyň sözlerini belläp alypdyryn: «Iki sany ýagdaýdan seresap bol: birinjisi, heniz
doly bişip, kämilleşip ýetişmänkäň il öňüne çykmakdan; ikinjisi, bu
ukyp-başarnyklary we hünärleri diňe il nazaryny özüňe çekmek üçin
öwrenmekden we ulanmakdan».
28. BU-DA BIR ÖMÜR...
Barlykda bar bolan asmany dinleriň ýa-da pelsepewi pikirleriň
hiç biri hem haýsydyr bir ýol bilen özüňe el götermegi (janyňa kast
etmegi) makullaýan däldir. Olaryň ählisi bu ýagdaýy berk ýazgarýar.
Ol küpür amallaryň biri bolup, durmuşy berbat etmeklige deňdir. Bu
ýagdaý şol adamyň juda lapykeçliginden, şowsuzlygyndan we ejizdiginden habar berýär.
Ýöne men bu ýerde ol kast edilme hakda gürrüň gozgamakçy
däl. Munuň jeset bilen bagly ýeri ýok, bu ruha dahylly bir zat, ýagny özüňe bolan ynamyňa, ruhubelentligiňe, zähmetsöýer ylhamyňa,
Allatagalanyň beren ryskyna bolan kast etme hakda söz açmakçy.
Adamlaryň käbiri ýalta we perwaýsyz göwre bilen mydar edýärler. Olaryň içindäki haýyr-sahawata ündeýän ynsap, höwes, ruh bir
wagt öçüp, sowap galana meňzeýär. Olar özleri bilmezden, dünýäden
ötüp giden jemende kysmy, şeýle kişileri dirileriň sanawynda
goýasyňam gelenok.
Has abadan durmuşda ýaşamaga güýji-gaýraty barka, iň ýönekeý
güzeran bilen oňňut etmeklige näme diýip bolar? Kanagatlylykmy?
Terkidünýälikmi? Şeýle töwra adamlaryň serlerini gurşan bar pikir,
96
alada-ünji – Günüň wagtynda dogup-ýaşmagy, adamlaryň ömür sagatlaryny sanap ýaşamagy we wagty dolanda, gitse-gelmeze rowan
bolmaklary, emma olar durmuşda ýaşandyklaryny bildirer ýaly
yzlarynda hiç bir yz, eser galdyrmaýarlar.
Iň gözgyny durmuş – şo zeýilli ýaşamakdyr. Haýyr daragtyny ekmeseň, hakykat tohumlaryny topraga sepmeseň ýa-da soňra
saýasynda düşlärleri, miwesinden dişlärleri ýaly ylym daragtyny gögertmeseň, bir asylly maksada wepa bermeseň, hany seniň
ynsanlygyň? Bizi azaplardan halas edýän zadyň ýagşy we salyh amallardygy ata-babalarymyzyň nesihatlarynda köp ýatlanylýar ahyry.
Şorta sözli ýazyjy Jorj Bernard Şowuň aýdan sözleri bar: «Mende
beýik maksatlara erişmek hakda güýçli isleg barka, dowam edýärkä,
mende ýaşamak üçin sebäp bar (Mende beýik maksat barka, mende
ýaşamak üçin ýeterlik sebäp bar). Kanagat edip oturmaklygy ölüme
barabarlyk saýýaryn».
Garjaşyk garaýyşlar, dagynyk pikirler, anyk maksatlaryň ýoklugy
köp zat babatda ters düşünjäniň aňymyzda berkemegine sebäp bolýar.
Käteler biz hiç zadyň başyna barman, hatda elimizi Göge galdyryp,
Ýaradandan dileg-doga etmän, ýene-de Asmandan altyn-tyllanyň
ýagaryna garaşýan bolsak, bu kanagatlylyk däl-de, nadanlykdyr.
Arzuwlaryňy doly hasyl etmän saklanmak ýa-da arzuwlar tükenen
ýaly hereket etmek günüňden razylygy-kanagatlylygy aňladanok.
Meşhur arap ýazyjysy Mustafa Sadyk ar-Rafygynyň hem bikär,
geleňsiz, işýakmaz adamlar hakda aýdan göwne makul bir sözi bar:
«Kim bu dünýäniň bir gözelligini artdyrmasa, onuň özi bu dünýä üçin
artykmaç zatdyr».
Ýa-ha durmuşyň alnynda parlap dogan Gün bol – ajaýyp
amallaryň astyna hiç wagt pozulmaýan we hiç kimiňkä meňzemeýän
barmak yzlaryňy bas. Ýa-da durmuşyň agyrlyklaryny bahana edip,
diňe şol ýüki gerdeniňde götermek üçin egbarlyja gün aýlamaga, alada-ünjülere ýesir-bendi bolmaga kaýyl bol.
Ýa-ha taryh sen hakda ajaýyp ýatlamalary ýazar, ýa-da durmuşyň
düýrlengi kagyz deýin unudylmalar tekjesinde çaň basyp galar.
* 7. Sargyt № 975
97
Barkaň bir zatlar etmeseň, gideniňden soň bu barlykda seni ýatlajak
adam tapylmaz.
Yhlasly zähmet bilen şol işi etmezlik üçin tutaryk edinýän
bahanalaryňy terezä salsaň, bahanalaryň bedene has köp agram
salýandygyny görersiň. Çünki çekilen zähmetiň haýry-höziri, şatlygy
ruhuňa ýeňillik berýär we ýüregiňdäki ynamy hem berkidýär.
Meşhur arap alymy Ibn al-Jewzi şeýle ýazýar: «Sopulardan,
sapylardan käbir adamlar bar, köňül gözlerini açaly bäri ýatanoklar, hakykat ýoluna düşeli bäri bir menzilde duranoklar. Olaryň bar
ünsi-aladasy öňküden-de kämil çykmak, beýiklige ymtylmak. Olar
her gezek bir basgançak ýokary galanlarynda, öz yzlarynda bir
nogsanlygyň galandygyny görýärler we dessine toba-tagsyra dönüp,
ony düzetmäge çalyşýarlar».
Dostum, bir ädim öňe süýş, bir mertebe ýokary gal! Özüň oýda
durkaň, ol ýeriň oýdugyny kän aňşyrmarsyň. Diňe beýige galanyňdan
soň, öň nirede duranlygyňa magat göz ýetirýärsiň.
29. SYNAG
«Ýigit dünýä bilen söweşdi, ili bilen söweşdi,
Ýöne öz nebsi bilen nähili söweşjegini bilmedi...»
Bir gezek gijaralar dostlarymyň biri bilen gürrüňdeş bolup
otyrkam, söhbediň arasynda ýokarky setirleri ýatlap, özümiň durmuş
söweşinde ýeňilmändigimi, Allatagalanyň fazly-keremi bilen üstün
çykandygymy, durmuşdaky her bir kynçylygyň meni barha taplandygyny aýdypdym.
Şondan soňra ep-esli wagtlap pikire çümdüm we özüm hakda oýlanyp başladym. Içimden bir ses: «Sen näme üçin oňa içki
söweşleriň hakda gürrüň bermediň? Ýürek bilen nebsiň arasyndaky
darkaşlar, bir tarapda haý-höwes, tamakinlik, şek-şübhe, güman,
beýleki tarapda razylyk, kanagatlylyk, anyklyk, berk kararlylyk hakda aýtmadyň...» diýýärdi.
98
Çaň-tozany ýokary göterilen söweşlerdäki ýeňişlerim hakda agyz
dolduryp buýsanýarkam, içki ahwalatlardaky asgynlygym hakda dil
ýarmaýardym. Aslynda, içimizdäki söweş söweşleriň iň elhenjidir.
Danalaryň birinde şeýle bir söz bar: «Öz nebsi bilen gidişip,
darkaş gurup bilýän adam öwülmäge mynasypdyr».
Haçanda wyždan we ynsap nebse garşy aýgytly aýak diräp bilýän
bolsa, ine, şol hakyky söweşdir. Nebsi bet işlere batyrynmakdan saklap, jylawlap, aýagyny gandallap bilýän bolsa, onda muňa söweş,
ýeňene ýeňiji diýip bolar.
Aramyzda käbir adamlarda beýik-beýik etsem-goýsamlar,
arzuwlar, maksatlar bar. Hemmeler bize seredýärkä, biz höwesli
işleýäris, ýöne haçanda şol nazarlar başga tarapa gönügip ugranda,
isleglerimiz şöwketiň öňünde dyz epip, haý-höwesiň öňünde seždä
egilýär. Şodur-da-şodur, kör nebsiň daňyp goýan ýüpünden boşanmak
üçin çabalanmaýarys.
Şonuň üçin köp adamlar bu söweş hakda dil ýarmagy halamaýar.
Şol synagdan geçendikleri üçin öwünýän ýa-da buýsanýan adamlara
hem gabat gelip durlanok.
Biz içki söweşlerimizde üstünlik gazanmak, ýeňmek üçin has artyk yhlas sarp etmelidiris. Tankydyň ýiti şuglasyny içki söweşlerdäki
nogsanlyklary basyp ýatyrmaga, aradan aýyrmaga gönükdirmelidiris.
Özüme-de, size-de gaýta-gaýta nygtasym gelýär: diriligiňi subut
edýän söweş içimizde bolup geçýär we durmuşdaky her bir zat hem
oňa bagly-dahylly bolup durýar.
Özüňden mert durup sora, näçe gezek başga biriniň gazanan
üstünligine, beýikligine bahyllyk bilen bakdyň, begenmediň? Emma
men şu häsiýeti özümde terbiýeledim, özgeleriň üstünligine hem
özüm gazanan ýaly begenip bildim, kän gezek başardym. Hawa,
hut şeýle, örän köp pursatlarda nebsimi basyp bilendigim ýadymda.
Allatagalanyň syrly hikmetlerine, Zeminde bolýan wakalaryň asyl
sebäbine akyl ýetirmäge, şol wagt düşünmäge aňymyz ejizkä, şeýle
nogsanlykdan saplanyp bilmegem mertlik. Allatagala öz fazly-merhe99
metini, ýalkawyny, sylagyny öz halan, islän adamsyna berýär. Kimi
nämä laýyk görse, şony hem şoňa barabar zada rowa görýär. Biz bu
hakykaty hergiz unutmaly däldiris. Diýmek, biri öz zehini bilen üstünlik gazansa, öz taýýarlygy, ukyby bilen beýik derejelere eýe bolsa, biz
muňa bilelikde begenmelidiris. Şeýle üstünlikleriň her biri milletiň
beýikligini, özgeleriň üstünligine bilelikde begenmek bolsa, milletiň
jebisligini üpjün edýär.
Ýöne kähalatda kimdir biri aýratyn sylag-serpaýa, alkyşa, üstünlige eýe bolanda, biziň içimizde hakyky darkaş – synag peýda bolup
başlaýar. Onuň bu ugurdaky artykmaçlygyna, zehin-ukybyna, neneňsi
gaýrat sarp edendigine düşünjek bolamzok-da, özümiziň ondan artykdygymyz, has mynasypdygymyz hakda pikir edip başlaýarys.
Ýa-ha nebsimizi basyp, ondan rüstem bolmaly, ýa-da nebsiň ugruna gidip, nebsiň guludygyňa garamazdan, hiç zatdan bihabar, ulumsy,
tekepbir, hondan bärsi gezmeli. Synag şeýle bolýar...
Ýandepderçäme şeýle bellik edipdirin: «Edil kine-kitüw,
huşsuzlyk we holesterin ýaly bolup, magrurlyk hem ynsan süňňüne
bildirmän ornaýar. Eger-de müňlerçe adamdan: «Özüňde nähili aýyp
bar?» diýip sorasaň, olar: «Meniň iň uly aýybym – adamlara gereginden artyk ynanýanlygym hem-de gereginden artyk öz syrymy aýdýanlygym» diýip jogap bererler (Ahmet Halid Tewfyk)».
30. BAR ZADY BAŞARDY, ÝÖNE
AÝNA GARAMADY...
Durmuşda gowy adamlar kän, emma käteler, ine, şeýle adamlara
hem gabat gelýärin.
...Temegi göge dikilgi, gursagy ulumsylykdan, tekepbirlikden, eýmendiriji hondanbärsilikden püre-pür.
Şeýle adama setanda-seýranda gabat gelersiň. Ol özünde
beýlekileriň görmeýän zadyny görýär. Özüni nogsandyr aýypdan
arassa adam edip görkezmek üçin özgelere gara ýöňkemekden hem
gaýtmaýar. Onuň ýoldaşy hem, syrdaşy, taýy hem edil özi ýaly – heniz
100
bişmedik arzuw-umytlary şahasyndan öň ýolmaga ýa-da şol şahany
şatyrdadyp döwmäge şeýle bir ukyply. Asylly maksada, arassa arzuwa
tagna salmagyň uly ýazykdygyndan asla habary ýok. Nirä barsa gözi-garagy hile-pirim üçin amatly ýeri, hatarly meýilnamalaryny durmuşa
geçirmäge oňaýly topragy gözleýär. Özüni aklamak üçin hem ýeterlik
we baý gory bar.
Ine, şo zeýilli adamlar adamzadyň gerdenindäki agyr ýük we bar
görgi-kösençlikleriň hem düýp sebäpkärleri. Adatça, şeýle adamlara
«aýna seretmeýänler» ýa-da «aýnada öz ýüzüni görmeýänler» diýlip
at berilýär. Eger-de olar birje gezek aýna bakan bolsalar, ilki bilen
özleriniň egri eginlerini, gyşyk gadamlaryny, gysby we gyňyr ýüzlerini
düzetmelidiklerine düşünerdiler. Öz şowsuzlyklary üçin gaýrylary
günäkärläp ýörmezdiler.
Eger-de durmuş seni şeýle adamlar bilen ýoldaş bolmaga mübtela eden bolsa, olara üç öwra talagyny ber we gaýdyp golaýyňa
getirme, özüňem olaryň ýanynda görünme. Olar seniň arzuwlaryň
düýbüne palta urarlar we dünýäni, durmuşy başga keşpde görkezmäge
çalşarlar. Şeýle adamlara ýakyn durdugyňça durmuşyňda ajy pursatlar, zakgun zowklar barha artar gider. Arzuw-umytlaryň örüsi daralyp,
gözýetimler gysby görner. Özüniň ebedi matamyna şärik eder hem-de
seni şol duýgulardan hergiz saplamaz.
Iň ähmiýetlisi, şeýle adamlara arka diremekden, olar bilen iş
salyşmakdan saklanmak gerek. Olaryň duzagyna düşmezlik üçin
edýän hereketleriňe, aýdýan sözleriňe, özüňi alyp barşyňa eserdeň
bol!
Ýagty dünýäni garaňky, abadan durmuşy haraba edip görkezýän
päliýaman adamlardan gönenen ýokdur. Şonuň üçin, käteler özüňi
gyrakladylýan ýaly görseň, munuň üçin ýaşaýşa, durmuşa aýyp
ýöňkemekden, barmak çommaltmakdan saklanyp, pikirleriňi durla
we töweregiňe sagdyn nazar bilen bak. Günleriň saňa biparh, ähmiýetsiz bakýandygy hakda pikirem etme. Käteler tutuş barlygyň özi
saňa pitjiň atýan ýaly görner, emma aslynda beýle däldir.
101
Aýna seret we özüňe göz aýla. Özüňden hasap sora. Öz ýalňyşlaryň we säwlikleriň garşysynda mert dur. Büdremejek bol, ýöne her
gezek büdräniňde näme sebäpli büdräniňi öwren. Şol ýalňyşy ikinji
gezek gaýtalamazlyk üçin näme etmelidiginiň çözgüdini şol wagt
tapyp goý.
Hemişe ýadyňda bolsun – durmuş biziň göz öňüne getirişimizden
has giňdir. Bizden has uludyr. Garaşylmaýan wakalardan doludyr. Muňa garamazdan, ählimiz durmuş bilen dil tapyşmaga, oňa
ýaraşykly, sazlaşykly ýaşamaga ukyplydyrys.
Durmuş hakda oýlan. Käbir adamlar bar, ellerinden gelýän iň
uly zat durmuşa näşükür bakmak we ýaşaýşy bihuda hasaplamak.
Olaryň durmuş sözlüginde zeýrençdir teýenelerden, galagoplukdan,
gorky-ünjülerden başga söz ýok. Kanagatsyzlyk, kaýyl dällik, şikaýat,
zeýrenç, arz olaryň aýrylmaýan hal-hemrasy.
Ruhubelent adamlar hemişe özlerine seredýärler. Aýna bakýarlar we özlerini oňarýarlar. Özleriniň bolmaýan ýerlerini diňe özlerinden görýärler we her bir bärden gaýdýan ýerlerini özleri düzetmäge
jan edýärler. Olar hiç haçan özleriniň şowsuzlyklary üçin durmuşy
ýazgarjak bolmaýarlar.
Durmuş zynjyr deýin biri-birine sepleşip, uzap gidýän tejribelerden, synaglardan, taplanmalardan ybarat. Her bir büdremä ýa
böwede gereginden artyk wagt sarp etme. Sähelçe wagtlyk bu
togtaýyş demiňi dürsäp, öňe has ruhubelent ilerlemek üçin zerur şert.
Ýoly ýörän ýeňer.
Hemişe beýik bol! Hemişe aýna garap, özüňe serenjam berip dur.
Alada-ünjüleriňi, ýadawlyklaryňy, argynlyklaryňy durmuşyň gerdenine atma. Sen bu ýüki özüň götermäge gaýratlysyň.
Durmuşy agyr edip görkezýän adamlara asla gulak asma.
Ýaşaýşy tümlüge gabsaýanlara gabak galdyrma. Asylly maksadyňy,
ýagşy amallaryňy dowam et. Bürgüdiň yzyndan uçup barýan serçäni
görseler, kimseler, bürgüt serçeden gorkup, gaçyp barýan ýaly kabul
eder, aslynda welin, beýle däldigine ikimizem dogry düşünýäris.
102
31. KAZYLAR
Rowaýatlara görä, gadym zamanlarda bir takwa adam bolupdyr.
Allatagala oňa tükeniksiz mal-mülk, bol baýlyk bagyş edipdir. Ol
örän köp sadaka berer eken. Bimöçber sahawat we ýagşylyk edipdir.
At-abraýy, şöhrat-şany alyslara ýaýrapdyr. Ady jomartlyk we ýagşylyk,
kerem-sahawat baradaky nakyllara siňip gidipdir.
Günleriň birinde ötegçileriň biri munuň öýünde düşlemekçi bolup, gapysyny kakypdyr. Iýer-içere, garbanara bir zat sorapdyr.
Öý eýesiniň ýüzi ýagtylyp gidipdir. Oňa hezzet-hormaty uludan
tutupdyr. Göwün isläninden hem artykmaç zyýapat edipdir. Jomart
we takwa adam özüni Taňrynyň ýalkandygyny, onuň tükeniksiz
fazly-keremine, üznüksiz nygmatyna eýe bolandygyny buýsanç
bilen gürrüň beripdir. Nahar-tagamyň ýany bilen oňa ýagşy zatlary ündemäge, wagyz etmäge başlapdyr. Ol şeýdip, öz buýsanjyny
beýan etmäge girişipdir welin, ýaňky garybyň gaşy çytylyp, onuň
ynanç-ygtykadyna hüjüm edip, ýazgaryp başlapdyr. Soňra sögünip:
«Eý, Perwerdigärim, bu adam meni aç-suwsuz goýmak isleýär.
Seniň merhemetiň we adalatyň nirede? Gündelik owkatymy dilegçilik edip gazanýaryn. Ine, bu adam bermesine berýär, ýöne ýanynyň
gepi, minneti bilen ine-gana garbanmaga maý berenok. Millionlarça
ynsana ýaýylan kerem-sahawatyny maňa dözenok. Meni iýip-içere
günüme goý, bar, Hudaýyň bilen özüň gümra boluber, menden uzakda dur...» diýipdir.
Takwa adamyň muňa girre gahary gelipdir. Oňa dürli-dümen
sögünç sözlerini suňşuranyndan soň, ýüzüni eňşedip, gahar-gazap
bilen ol mätäji öýünden kowupdyr. «Her ýerde hezzet bilmez adamlar bar, toba-tagsyr. Berlenini iý-de otur. Ýagşy söz ýürege ýara
salýarmy diýsene» diýip, öz ýanyndan hüňürdäpdir. Hak merhemetinden umytly uka batypdyr.
Düýşünde bir perişde onuň ýanyna gelip: «Biz saňa egsilmez
mukdarda bol nygmat eçildik. Muňa jogap edip, sen hem il-güne,
öten-geçene köp ýagşylyk etdiň. Şonuň üçin seniň adyňy öz ýany103
myzda köp sadaka berýän, jomart adam diýip ýazdyk. Ýöne sen ol
garyby öýüňden kowup, bar beren sadakalaryňy köýdürdiň» diýipdir.
Takwa adam muňa geň galypdyr: «Men neneň ony kowmaýyn,
heý-de Halygyň adyna ajy sözlär-de, sögüner-de, men rahat oturarynmy? Ol Ýeri-Gögi ýaradan beýik Taňra tokundy. Aslynda-da,
ony Allanyň haky üçin iýdirip-içirdim, Allanyň haky üçin hem kowdum» diýipdir.
Perişde oňa garap: «Saňa kim aýtdy, ony kowmak bilen Hudaýy
razy edýändigiňi. Sen yzgytsyz sözleriň, hüjümleriň bilen onuň lapyny keç etdiň. Ol adam altmyş ýylyň içidir, Allatagalany zalymlykda,
adalatsyzlykda aýyplap gelýär, altmyş ýyl bäri ol Allatagala garşy
gidýär, takdyra, kysmata nägileligini bildirýär, küfre girýär. Emma
muňa garamazdan, Allatagala ony iýdirýär we içirýär, gündelik rysgyny ýetirip durýar. Oňa ýaşara şert döredýär. Ýaradan islese, ony
ýere-de hopduryp bilerdi, emma her kesiň ybrat-netije çykarmagy
üçin ýaşadýar.
Allatagala oňa altmyş ýyl bäri çydaýar, emma sen oňa sanaýmalyja minut hem çydamadyň. Alla ýaşadýan bolsa, ömür beren bolsa, diýmek, ol ýaşamak hormatyna hem laýykdyr. Ony seniň däl-de,
Allanyň has gowy tanaýandygyny ýadyňdan çykardyňmy? Kähalatda
käbir adamlaryň nadanlygyna çydam etmek hem zerur. Oňa ündemek
isleýän zatlaryňy sypaýylyk bilen düşündirmelidiň. Wagty gelende
ol öz etmişine ökünerdi, utanardy, her işiň hakykatyna kem-kemden
göz ýetirerdi. Şonda seniň öz wezipäňi ýerine ýetirdigiň – amanaty
ödedigiň bolardy. Hatda ol dogry ýola düşmedik hem bolsa, Biribara
ynanmadyk hem bolsa, ýagşy işe sarp eden wagtyň ýerine düşerdi,
yhlasyňa görä sogap gazanardyň. Sogap we sylag gazanyp bilýärkäň,
onuň hakyndan mahrum galmazdyň» diýipdir.
Olaryň biri hemişe özüniňkini rast hasaplaýar, ýalňyşýandyryn, ýaňylýandyryn öýdenok. Şeýdibem durmuşyň giň ýollaryny
gysby-dar ýodalara öwrüp taşlaýar.
104
Ynsanyýetiň iň uly betbagtçylygy özgeleriň hakyny iýmeklikdir,
özgeleriň hormatyna kembaha garamakdyr. Olaryň birje nogsanlygyna ýa-da egsikligine çydam etmän, dessine hasap soramakdyr. Öz
göwünlerine laýyk hereket etmeýän bolsa, gaýra goýman jezaly jogabyny suňşurmakdyr.
Muhammet pygamber agasy Abu Talyby örän gowy görýärdi,
çyn ýürekden söýýärdi. Abu Talyp hem doganynyň ogly Muhammedi
şonuň özünden egsik saýmazdy. Ýöne bu söýgi pygamberimize onuň
agasyny yslama getirmäge ýeterlik bolmady. Bu aýdyň mysal – dine
girmek akyl-mantyk esasynda hasyl bolanok, oňa duýgy-düşünje hem
täsir edenok. Ol diňe içki kanagata, Ylahy towpyga bagly.
Şonuň üçin hem pygamber alaýhyssalam dileg edeninde we bize-de dileg etmegi öwredende, dileg üçin elimizi ýokary galdyranymyzda: «Haky hak edip görkez we bizi oňa eýert, batyly batyl edip
görkez we bizi ondan çetleşdir» diýer eken.
Sebäbi, biz, köplenç, halatda batyly hak kimin görýäris we derrew hum ýaly çişip, öz haý-höwesli pikirlerimize berilýäris. Haky
batyl hökmünde görýäris we onuň garşysyna gidýäris. Bu uly garma-gürmelikden başbütin, sag-salamat çykmagyň iň ygtybarly ýoly –
mylaýym söhbetdeşlikde bolmak we süýji sözler bilen jedel etmekdir.
Bize sözlemegiň dürli öwüşginlerini öwrenmek, özleşdirmek
buýruldy. Gürleşmek edebi, jogap gaýtarmak edebi, gulak asyp,
diňlemek edebi, sazlaşykly owadan gürlemek edebi – bize öwrenmek
buýrulan zatlar. Adamlar pikir-düşünjeleri sebäpli süýt-sorag edilýän
däldir.
Hatda biziň hak ýoldan barýandygymyza garamazdan, adamlary
öz ýolumyza mejbury, zorluk bilen çekmäge hiç hili hakymyz ýok.
Eger-de olaryň biz bilen pikiri gabat gelmeýän bolsa, olara töhmet
atmak hem gadagan edilen zat.
Beýik pikirleri kalbynda göterýänlere ýokardaky birinji kyssadan netije çykarmak gerek. Mylaýym we hoşamaý söhbet arkaly
biz amanat zadymyzy – ile-güne ýetirmeli pikirlerimizi adamlaryň
105
ýüreklerine girizip, ornaşdyryp bileris. Biz diňe ündeýji, biz kazy
däl. Biz diňe ýagtylyk saçýan alawy göteriji, biz höküm çykaryjy däl.
Goý, biziň gursaklarymyz dürli-dümen gapma-garşylyklardan tämiz
we päkize ýer bolsun.
Söhbede girişmekden gorkýan adam – ol ejiz, gorkak, sandyrawuk adamdyr. Emma güýçli adamlar, olar hemişe dürli akyllar
bilen gabatlaşmaga döwtalap. Olaryň kagyzlary tertipläp, pikirleri
düzgüne salýandyklaryny, bütin dünýäni süýji ýylgyryşlar hem-de
asuda we ynamly garaýyşlar bilen gujaklaýandyklaryny görersiň.
Şu wezipäni doly ýerine ýetirmäge ilkinji mynasyp adam Sen!
Salykatly, deňagramly, ylhamly ýerine ýetirmäge tüýs hakly adam
Sen! Sözleşmäge, söhbet etmäge ukyply ilkinji adam Sen!
Hiç wagt gorkuly gürrüňleri gozgamak arkaly adamlaryň
ýüregine aralaşjak bolma. Hatda maňa ýaramaýan hem bolsa, meniň
garaýyşlaryma düýbünden çapraz gelýän hem bolsa, sen aýdasyň
gelýän pikiriňi erkin we akyla makul taraşlap aýt.
32. HAS ÇALT BOLMAK ÜÇIN HAÝAL ÝÖRE!
Bu sözleriň juda geň ýaňlanmagy mümkin, emma hakykatyny
sözläýin, biz her näçe asuda boldugymyzça, işimizi has çalt we kämil
ýerine ýetirýäris.
Edara ediş-dolandyryş ugrundan sowatly adamlar: «Özüňe asuda pikirlenmäge näçe köp maý berdigiňçe, kelle çişirýän ýagdaýlara
çümmersiň, üznüksiz basyşlara uçramarsyň we işleriň hötdesinden
has çalt gelersiň» diýip ýazýar.
Köplenç halatda, işleri desbi-dähel, howul-hara bitirmäge
çalyşýarys. Şeýdenimizde, has köp wagt utýan ýaly. Emma gyssagara eden işlerimizde goýberen säwliklerimizi, hatalarymyzy düzetmek üçin ýene şoňa barabar ýa-da ondanam köpräk wagt sarp etmeli
bolýarys.
On ýedinji asyrda ýaşan meşhur hytaý suratkeşi Şu Ýong
durmuşyna täsir eden bir waka hakda gaýta-gaýta gürrüň berer eken.
106
Bu waka onuň durmuşa bolan garaýşyny düýpgöter özgerdipdir we
wakalara, zatlara başgaça çemeleşmegiň zerurdygyny öwredipdir. Ol
bir gezek derýanyň beýle kenaryndaky şähere aşmak isläpdir. Gämä
münüpdir we gäminiň kapitanyndan şäher derwezeleri baglanmanka
özüni şol ýere eltmegini sorapdyr, ýogsam Gün eýýäm ikindiden agyp
başlan eken. Gün ýaşan çaglary şäheriň derwezeleri ýapylýan ekeni.
Gämi derýanyň beýle kenaryna gelip ýetende ýaňy iňrik garalan eken. Gäminiň kapitany Şu Ýonguň goşuna birlaý göz aýlapdyr.
Howul-hara tertiplenen we gowşak daňylan kagyz toplumlary onuň
elinde ekeni. Kapitan oňa: «Has çalt ýöremeseň, bu ýöreýşiň bilen şäher
derwezesine ýarygije aşarsyň» diýipdir. Şu Ýong şäher derwezeleriniň
ýapylmagyndan hem-de özüniň ogry-garakçylara pida bolmagyndan
gorkupdyr. Ol şeýle bir ýöräpdir, daşyndan görseň, ol towsaklap barýan
mal mysalynda ekeni. Birdenkä-de onuň elindäki kagyz daňylary
çözülipdir we barja kagyzy çalam-çaş bolup, töwerege pytrap gidipdir. Ol aljyrap, näme etjegini bilmändir. Kagyzlaryny çöpleşdirip, şäher
derwezesiniň agzyna baryp ýetende, eýýäm derwezeler ýapylan ekeni.
Şol günden başlap Şu Ýong bir zada akyl ýetiripdir: «Gyssanmak
hemişe wagtyň bähbidine bolup duranok. Howlukmaçlyk dürli kynçylyklary, müşgillikleri we büdremeleri döredýän iň esasy zatlaryň biridir».
Wagtyň gymmatyna düşünip, işimizi gyssanmaçlyk bilen bitirsek,
has köp wagt utaýjak ýaly görýäris. Wagty tygşytlamak durmuşa
sazlaşykly gopmaga elter öýdýäris, emma bu dogry pikir däl. Wagty
rejeli peýdalanmak diňe maksatlaryňy ilik-düwme öwrenip, ädimleriňi
anyk kesgitlemek arkaly gazanylýar.
Dolandyryş alymlary we adamlary, professorlar özleriniň durmuş
tejribelerine we beýleki barlaglaryna esaslanyp, şeýle bir pikiri aýdýarlar: «Bir sagatlyk asuda pikir azyndan üç sagatlyk netijeli amaly üpjün
edýär». Has gülkünç ýeri, köpimiz bir hakykaty bilmeýäris – işe dessine girişmek üçin başlamak isleginiň özi ýeterlikdir öýdýäris. Emma
başlamakdan öňürti mazaly ölçäp-biçmek zerur. Ätjek ädimleriňi ölçe107
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.