Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17

Total number of words is 3717
Total number of unique words is 2169
25.0 of words are in the 2000 most common words
37.0 of words are in the 5000 most common words
43.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hakda, maşgalaň, çagalaryň, öýüň, iş-amalyň, saglygyň, dostlaryň,
töweregiňde öz dünýäň barlygyny akylyňa aýla we şükür et! «Allanyň
nygmatlaryny bilip, soňra ony unudýan» adamlardan bolma!
****
GEÇEN GEÇDI
Geçeni ýatlap, geçmişiň hyýalynda gezmek, geçmişi yzyna dolajak bolmak, öten günüň hesretine gyýlyp ýörmek akmaklyk we dälilikdir, erk-islegiňe tagna salyp, oňa kast etmekdir, häzirki durmuşyň
ýoguna ýanmakdyr. Akyldarlar geçmişiň hasap depderini düýrleýärler
hem-de ol hakda söhbet etjek bolmaýarlar. Ony ebedilik unutganlyk
251
zyndanyna, açary ýitirilen gulpuň aňyrsyna oklaýarlar. Perwaýsyzlyk
türmesinde goluny, aýagyny berk gandallap goýýarlar we ol ýerden
çykarmak hakda asla pikirem etmeýärler. Ol hiç hili yş we ýagtylyk
görmän, şol ýerde galyberýär. Sebäbi ol gutaran, geçen zat. Gaýgy-gam ony yzyna gaýtaryp bilmez. Pikir-alada ony dikeldip bilmez.
Ünji-oý ony sagaldyp bilmez. Hasratam ony gaýtadan direldip bilmez, sebäbi ol indi ýokluk, bolmajak, dolanmajak zat.
Geçmişiň garabasmasyna berilme we ötegçi kölegelerde saklanma. Özüňi geçmişiň salgymyna kowalamakdan halas et. Derýalary
gözbaşyna, Güni dogýan ýerine, çagany enesiniň göwresine, süýdi
göwüslere, gözýaşlary göze tarap yzyna öwürmek isleýärmiň?! Gaýdyp dolanmajak zatlaryň hyýalynda gezmek, bolup geçen zatlary gaýta-gaýta pikiriňde göterip, ahmyr çekip, öteniň oduna örtenip ýörmek
– gynançly, gorkuly, eýmendiriji, haýykdyryjy ýagdaýdyr.
Düýnki günüň depderlerini okasaň, bu günüňi elden giderersiň,
yhlasyňy dyr-pytrak edersiň, häzirki sagatda bitirmeli zatlaryňa hötde
gelip bilmersiň. Allatagala öten kowumlary we olaryň eden işlerini ýatlap «Olar eýýäm geçip giden kowum» diýip aýtdy. Iş soňlandy, wagt
gutardy. Zamanaň göwresini uzaltmak üçin amalyýet geçirilmeýär,
amal edibem, döwri dolap bolanok. Müň tilsim ulanybam, taryhyň
çarhyny yzyna dolamak mümkin däl. Ol gitdi.
Könäniň küýüne berlip, geçeni yzyna dolamak isleýän adam öň
üwelen uny gaýtadan degirmene guýýan adam ýalydyr. Agaç üpüllerini gaýtadan ýonmak isleýän neçjar mysalydyr. Geçmişine gözýaş
dökýän adam hakda gadymdan bäri aýdylýan bir söz bar: «Merhumlary göründen yzyna çykarjak bolma» diýilýär. Haýwanlaryň diline düşgür adamlaryň biri: «Sen näme üçin beýleki haýwanlar ýaly
gäwüşäňok?» diýip, eşekden sorapdyr. Eşek: «Men ýalan, esassyz
hereketleri halamaýaryn» diýip, jogap beripdir.
Biziň özümizi dürsemegimize bökdençlik döredýän, ejizlige
salýan esasy kynçylyk şu günümizi unudyp, geçmişiň pikirlerine aşa
köp berilmegimizdir. Owadan köşklerimize biperwaý bakýarys-da,
döwük köprülerde nazarymyzy egleýäris, ýöne yns-u-jynlar birigip,
253
bir hörpden gopsa-da, olar geçmişi yzyna dolap bilmezler. Bu bolmajak zat.
Öňe gidilýän ýolda adamlar yzyna garajak bolmasyn, ýeňsesine
tiňke dikip durmasyn. Ýel elmydama öňe tarap öwüsýändir. Suw
öňe tarap akýandyr. Kerwen öňe tarap ýöreýändir. Sen durmuşyň bu
däbine ters hereket etmegin!
***
TANKYT-TEÝENÄ DÖZ GELMEK
Gününden nägile, Allanyň berenine näşükür, nygmata bigadyr
adamlar rysgal berýän we etjek işini anyk bilýän Beýik Ýaradandan
hem närazy bolup, Biribardan zeýrenýärler. Ýeri, onsoň ýazygy, günäsi çökder bolan ikimiz ýalylar şeýle adamlardan nämä garaşsyn? Olara
gulak gabartjak bolsaň, onda durmuşyňy uruş-darkaş bilen ötürmeli
bolýarsyň. Olaryň ajy, hiç hili rehim-şepagaty, geçirimliligi, pälinden
gaýtmyşy bolmadyk tankydy bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň. Sen olaryň
bilkastlaýyn we öň torç edilen sapaklarynyň öňünde döwülermiň?
Bilgeşleýin kemsitmelerine çydam etmän, ejizlärmiň?
Çydamly bol, beýik bolarsyň. Gaýalar ýaly dym, haýbatly
bolarsyň. Depäňden inýän doly däneleri hem saňa gelip urlanda, özi
döwülsin dursun. Mäkämlik, sarsmazlyk, ýanbermezlik beýikligiňi,
başarnygyňy we barlygyňy saklap galmak üçin zerurlykdyr. Eger-de
sen bu zeýilli adamlaryň boş gürrüňlerine gulagyňy gabardyp,
olaryň hörpünden gopjak bolsaň, öz arzuwlaryňy däl-de, olaryň matlaplaryny hasyl etjek bolsaň, onda durmuşyňy bulandyryp, ömrüňi
çaňa garmaly bolarsyň. Heý, adam ogly, olara görä gopma-da, elmydama ýagşy niýetde, ýagşy amalda, ýagşy edepde bol. Olardan
ýüz öwür we olaryň edýän hile-mekirliklerinden hiç wagt howatyrlanma. Ynsan gatnaşyklary sözlüginde olaryň bu bişeýkel tankytlary köpçüligiň saňa bolan hormaty hökmünde terjime edilýär. Jemgyýetdäki ornuňa, agramyňa görä hem seniň tankydyň, teýenäň artar
durar.
254
Sen hiç mahal olary agyzzyryklap (agzyny baglap) bilmersiň.
Dillerini daňyp bilmersiň. Ýöne sen olaryň teýenesini, tankydyny
öz hoşgylaw häsiýetiň, haýyr işe yhlasyň, olaryň sözlerine bolan
biperwaýlygyň, gürrüňlerine üns bermezligiň bilen ýere depin edip
bilersiň. Artykmaç gylyk-häsiýetleriň, haýyr-sahawatlaryň, şähdaçyk
gülerýüzlüligiň bilen, gowy häsiýetleriňi has köpeldip, egri ýerleriňi
düzetmek arkaly, olaryň hindi burçy ýaly ajap duran agyzlaryna suw
sepip bilersiň. Eger-de sen ähli adamyň ýanynda salykatly, hiç kimiň
göwnüni ýykmaýan, ähli nogsanlyklardan sap adam bolmak isleseň,
sen bu maksadyňa hiç wagt ýetip bilmersiň. Bu seniň bolmajak zady
isleýändigiňi aňladýar, çünki ähli adamlaryň göwnünden turmak
mümkin däldir.
***
«HER BIR KYNÇYLYGYŇ ÝANYNDA
ÝEŇILLIK BARDYR»
Eý, adam ogly, açlygyň soňunda dokluk, teşneligiň soňunda ganmaklyk, ukusyzlygyň soňunda rahat ýatmaklyk, hassalygyň soňunda
saglyk bardyr. Gaýyp adam gaýdyp geler, azaşan ýoluny tapar,
kynçylyklar çözüler, tümlük perdesi syrylar. «Belki, Allatagala bir
üstünlik-ýeňşi ýa-da öz ýanyndan bir ajaýyp işi hasyl eder».
Gijelere buşla, agaryp gelýän daň bu garaňkylygy daglaryň
başyna we jülgeleriň törüne umma kowar. Gaýgyly bendä buşla,
duýdansyz şatlyk ýagtylyk tizliginde, göz ýumup-açasy salymda
gelýändir. Halys eňki agan (çöken) adamlara buşla, olar üçin gizlin
(inçe) lutfy-kerem, olaryň aladasyny edýän mährem, mylaýym aýa
bardyr.
Uzalyp-uzalyp, ymgyr-ymgyr bolup ýatan çägelikleri görseň,
bilgin, olaryň aňyrsynda ýaşyl begres atynyp oturan bossanlyklar we
goýry saýalar bardyr.
Çekilip-çekilip, dartylyp barýan ýüpi görseň, bilgin, ol hökman
üzülýändir.
255
Gözýaşyň soňunda ýylgyryş, gorky sowlansoň, arkaýynlyk,
dowul ýatyşansoň, ynjalyk bardyr.
Asmana çabrap duran ýalyn Ybraýym Halylullany ýakmady,
çünki Beýik Perwerdigäriň ylahy enaýaty oňa çykalga-penjire açdy.
Ol oda «Ybraýym üçin sowuk we salamat bol» diýildi, bes, ýanyp
duran ot gülzarlyga öwrüldi.
Çyrpynyp ýatan deňiz Musa Kelimullany ýuwutmady, çünki
onuň ýüreginden çykýan ses batly we ynamly ýaňlanýardy: «Ýok,
çünki meni dogry ýola gönükdirýän Perwerdigärim meniň bilendir».
Deňiz ikä böwsüldi, ötere ýol açyldy, bular halas boldy.
Gowakda gizlenen hezreti Muhammet Resulalla öz ýoldaşyna
«Senasy beýik ol Perwerdigär biziň bilendir» diýip, ýoldaşyny köşeşdirdi. Olar şeýdip howpsuzlyga, gutulyşa we rahatlyga gowuşdylar.
Wagtlaýyn kynçylyklaryň ýesiri we ötegçi ýagdaýlaryň guly
bolýan adamlar, durmuşda kynçylykdan, agramçylykdan, darlykdan,
argynlykdan, ysgyn-mydarsyzlykdan başga zady görmezler. Sebäbi
bular diňe jaýyň diwaryny we howlynyň girelgesini görýärler-de,
durýarlar. A-how, adamlar, görünmeýänem bolsa, gapy bar bolsa,
aňyrsynda bir zadyň hökman bolaýmalydygyna akyl ýetiriň, aň ediň,
göz aýlaň ahyry. Batly pikirleriň jylawyny şol diwarlaryň aňyrsyndaky
zatlara tarap gönükdiriň.
Onda, adam ogly, biderek ýere howsala düşme, şol bir
ýagdaýyň elmydama dowam etmegi mümkin däl. Şatlyklara
garaşyp gezmegiň özi ybadatdyr. Günler ötegçi, döwür çalşagan,
gijeler syrly, gaýyp zatlaryň üsti örtülgi. «Alladan başga hiç kim
hiç zat bilmez, hiç kim hiç zada kepil geçip bilmez». Ähli zady
adyl çözüji Alla her gün öz ornundadyr, belki, Allatagala mundan
soň has haýyrly işleri hasyl eder, «elbetde, her bir kynçylygyň
ýanynda ýeňillik (hezillik) bardyr, her bir kynçylygyň ýanynda
hökman ýeňillik bardyr».
***
256
GARANTGA BOLMA!
Özgeleriň şahsyýetini özüňe köýneklik edinme. Gaýrylaryň donuna bürenme! Örän köp adamlar özgelere meňzejek bolup, özlerini,
öz seslerini, owazlaryny we hereketlerini, öz kelamlaryny, öz ukyp-başarnyklaryny, öz zehinlerini, özlerine mahsus we mynasyp gelýän
hal-ýagdaýlaryny ýatlaryndan çykarýarlar. Şeýdibem, barlygyň ýok
bolmagyna, çüpremegine, rehnetiň mähnete öwrülmegine sebäp
bolýarlar.
Adam atadan iň soňky ýaradylan adam balasyna çenli keşp, görk
we häsiýet babatda bir-birine gabat gelen ýekeje adam hem ýokdur,
ýeri, onsoň olar ukyp-zehin, başarnyk, gylyk-häsiýet babatda meňzeş
bolar öýdýäňizmi?
Sen taryhda deňi-taýy bolmadyk we geljekde hem meňzeşi bolmajak aýratyn bir şahs.
Sen Myratdan, Omardan büs-bütin tapawutly adam, şonuň üçin
özüňi olara öýkünmek, kesekä meňzejek bolmak, olaryň keşbinde
eräp gitmek arzuwlarynda janlandyrma.
Sen öz zehiniňe we tebigatyňa dolan! «Adamlaryň her biri öz
güzerini, nireden suw içmelidigini (özlerine degişli suwy, ýoly)
bilýändir», «Ähli tarapa öwürýän Oldur, elmydama haýyrly zatlary
saýlap alyň». Ýaradylyşyň ýaly ýaşa, sesiňi üýtgetme, äheňiňe bat
berme (çalyşma), ýöreýşiňi bozjak bolma, özüňi arassa pikirler bilen
terbiýele, ýöne hiç haçan özlügiňi inkär etme we erkinligiňi elden
berme.
Seniň özboluşly tagamyň, özboluşly reňkiň bar. Biz seni şol
tagamyňda, şol reňkiňde – öz ajaýyplygyňda görmek isleýäris. Sebäbi sen şeýle ýaradylypsyň we biz seni hut şonuň ýaly gowy adam
diýibem tanaýarys. Hiç biriňiz ýat eşige bürenen garantga bolmaň.
Adamlar tebigaty boýunça daragtlara meňzeýär: süýji we turşy,
uzyn we gysga, goý, olar şeýle hem bolsunlar. Eger badam bolsaň, behä öwrüljek bolma. Sebäbi seniň owadanlygyň, jemalyň we gymmatyň seniň badamlygyňda jemlenip dur. Biziň dürli reňkdeligimiz,
* 17. Sargyt № 975
257
dürli dilde gürleýänligimiz, dürli başarnyklara hötde gelýändigimiz,
dürlüçe güýç-kuwwatlydygymyz Ýaradanyň aýdyň alamatlarynyň
biridir. Allanyň alamatlaryny inkär etmegin, ýoýmagyn.
***
GAMGYN BOLMA!
Çünki sen düýn gynanyp-gyýlyp, darygyp gördüň, saňa gara
şaýlyk haýry degdimi? Ogluň işi ugrukmady, gynananyň bilen, üstünlik gazandymy? Ene-ataň aradan çykdy, öte gyýlanyň bilen, yzyna
direlip geldimi? Söwdada çökdüň, gaýga çümdüň, daryganyň bilen,
ýitgiler girdejä öwrüldimi?
Gamgyn bolma! Sen bir bela-beter üçin gama batdyň, gaýta
esse-esse dert gazandyň. Garyplygyňa gyýyldyň, gaýta artykmaç
gaýgy-gussa çolandyň. Görip-bahyllaryň her bir sözi üçin ejir çekdiň,
şeýdibem, olaryň heşelle kakmagyna kömek etdiň. «Bir ýaramaz iş
ýüz beräýmesin» diýip, dowla düşüp, hasrata batdyň ýördüň, emma
ol bolmady. Gury örteneniň galdy.
Gamgyn bolma! Kalbyňy gaýgy-gam, dargursaklyk eýelän bolsa, giň howlynyň, görmegeý ýanýoldaşyň, bol-telki malyň, abraýly
wezipäniň, asylly-terbiýeli perzentleriň berýän ýakymyny, lezzetini
asla duýup bilmersiň!
Gamgyn bolma! Gaýgy-gynanç süýji suwy şerebe, gül gozasyny türşek, bag-bossanlygy gök gögermez düzlük, durmuşy bolsa
çydap bolmajak zyndan edip görkezer.
Gamgyn bolma! Şükür et: iki gözüň, iki gulagyň, iki dodagyň,
iki eliň, iki aýagyň, bir diliň bar – sag-salamat. Günüň ganymat,
ýurduň abat, süňňüň gurat. Ýeri mundan soň: «Perwerdigäriňiziň
haýsy bir nygmatyny inkär etjek bolýarsyňyz?».
Gamgyn bolma! Arassa ynanç-ygtykadyň, ýatyp-örýän öýüň,
iýere döwüm çöregiň, içere arassa suwuň, geýere egin-eşigiň, mährini
berip duran ýanýoldaş-hemraň bar, ýeri, nämä darygyp, gynanýarsyň?
***
258
BU GÜN SENIŇ GÜNÜŇDIR
Sen her gün hakda şeýle pikir et!
Säher bilen sag-aman ören bolsaň, garaňky agşamyň aladasyna
baş agyrtma. Sen diňe şu günüňi bilip ýaşa. Haýry-şeri geçip giden
düýn barada hem, heniz gelmedik ertir hakda hem agyr oýlara batma.
Bu gün seniň üçin dogdy. Bu gündiz seniň üçin ýagtyldy. Sen bir günlük ömür berlen adam mysaly hereket et. Şu günde bitirjek işleriňi ebedilik durmuşyň maýasy hökmünde gör. Sen şu gün bilen dogulmaly,
şu gün bilenem ýaşamaly, şonda seniň durmuşyň geçmişiň galagoply
gyk-wagyna, gaýgysyna, gamyna büdremez. Geljegiň howsalaly göz
öňüne getirmelerinden, gorkuly salgymlaryndan, heniz bolmadyk we
aslynda hem bolmajak ýasama tümlüklerinden dowla düşmez. Diňe
şu günüň üçin yhlas et! Sebäbi bu gün seniň üçin! Bu seniň günüň!
Ähli hyýalyňy, ünsüňi, oýlap tapyjylygyňy, pikirleriňi, aň zähmetiňi
we yhlasyňy diňe şu günüňe gönükdir. Sen hut şu gün üçin hökman
namazyňy köňlüň bilen berlip oka, kitabyňy düşünip we amal edip
oka, çuňňur oýlan, ýüregiňi dolduryp zikir et. Işleriňde sazlaşygy sakla, ýagşy gylykly we kysmatyňa razy bol, geýim-gejimiňe üns ber,
bedeniň sagdynlygyny sakla, köpe bähbitli işiň başyny tut.
Seniň ýaşaýan şu günüň seniň günüňdir. Sen bu günüň sagatlaryny bölüşdir. Onuň minutlaryndan ýyllary, sekuntlaryndan aýlary
ýasa. Bu günde ýagşylyk tohumlaryny ek. Abraýly işleri ornaşdyr,
sogaply amallary ýola goý, haýyr işi ugrukdyr. Şu gün günäleriň ötülmegini dile. Perwerdigäriňi ýatla. Gozganmaga, hereket etmäge, çynlakaý işlemäge taýýarlan. Şu günüňi şatlykly we şadyýan, asudalykda
we arkaýynlykda geçir. Şu günki rysgyňa razy bol. Ýanýoldaşyň,
çagalaryň, wezipäň, öýüň üçin, ylmyň we ýeten derejäň üçin şükür
et – Allanyň sözleri ýadyňda bolsun: «Berenlerimi al we şükür et».
Sen bu güni gaýgy-gamsyz, darykmasyz, öýke-kinesiz, ýaramaz
niýetsiz we göriplik etmän geçir.
Sen ýüregiň törüne, kalbyň tagtasyna, hatda oturýan stoluňa hem
bir bölek jümläni ýaz «Bu gün seniň bagtly günüňdir». Sen şu gün
mele-myssyk çöregi iýýän bolsaň, düýn iýlen gaty çörek nädip zelel
259
bersin ýa-da gelerine garaşylýan, ýöne heniz gelmedik ertiriň çöregi
zyýan edip bilermi? Eger şu gün ýakymly, ýokumly we dury suw
içýän bolsaň, näme üçin düýnki günüň duzly, läbik suwuny ýatlap,
birahat boljak ýörjek? Ýa-da ertiriň gyzgyn suwuny göz öňüne getirip, örtenjek oturjak?!
Sen bu polat, gaýduwsyz, çydamly, dözümli erkiňe ýüregiň bilen
ynansaň, «Ol bagtly güne çenli ýaşap bilmerin» diýen batyl garaýşy
dyza çökerersiň. Şol pursatda şu günüň her bir pursadyny öz dünýäňi
gurmagyň, özlügiňi berkitmegiň, ukyp-zehiniňi ösdürmegiň, ruhuňy
taplamagyň, nebsiňi päklemegiň ugruna bagyş edersiň. Her pursady
netijeli ulanmaga çalşarsyň. Sen özüňe aýt: «Gel, şü gün: gowy we
ýakymly gürlemäge endik edeýin, paýyş sözleri dilime almaýyn,
çylkasyz gürlemäýin, sögünmäýin, gybat etmäýin. Gel, şu günlükçe: öýümi we iş stolumy tertibe salaýyn. Özüme agram salmazdan, duýgularymda büdremezden, şu günüň işlerini höwes bilen ýerine ýetireýin. Bu nyzamlylyk we tertiplilikdir. Men diňe şu günüm
üçin ýaşaýyn! Şu gün ýuwunaýyn, bedenimi arassalaýyn, özüme
seredeýin, üstüme serenjam, syratyma üns bereýin. Ýöreýşimde,
gürleýşimde, her bir hereketlerimde sazlaşygy, sypaýylygy we
syrdamlylygy saklaýyn.
Diňe şu gün Perwerdigärimiň tagaty üçin yhlas bilen ybadat
edeýin. Borçlarymy (namazlarymy) kämil we doly ýerine ýetireýin.
Nepil namazlaryny hem okaýyn. Kurana berileýin. Kitaplaryma göz
aýlaýyn. Gymmatly maglumatlary belläp alaýyn. Peýdaly kitaplary
okaýyn.
Diňe şu gün üçin ýaşamaly bolsa, goý, şeýdeýin. Gel, şu gün ýüregime mertebe nahallaryny oturdyp, haýyr hasylyny gämikledeýin.
Ol ýerdäki şer daragtyny we onuň ulumsylyk, özüňe göwnüýetijilik,
ikiýüzlülik, göriplik, kineçillik, içi kitüwlilik, gözboýagçylyk, zandyýamanlyk ýaly tikenli şahalaryny köki bilen sogrup çykaýyn.
Men şu gün özgelere peýda bermek, ýagşylyk etmek üçin ýaşaýyn.
Her kese haýyr-yhsan, gözel işler edeýin. Syrkaw-hassalaryň ha260
lyny soraýyn. Kazasy dolanlaryň jynazasyna görüneýin. Azaşanlara
ýol görkezeýin. Açlary doýraýyn. Gaýgyly adamlary gaýgysyndan
açaýyn. Naçar-mazlum bilen bile duraýyn. Ejize şepagat edeýin.
Agyr güne uçranlara duýgudaşlyk, teselli bereýin. Alymlary hormatlaýyn. Kiçilere rehim edeýin, ululary sylaýyn.
Diňe şu gün üçin ynam bilen ýaşaýyn, diňe şu gün üçin yhlas
edip işläýin.
Eý, ötüp giden, tamamlanan, ýok bolan geçmiş. Sen şol batan
günüň ýaly bolup meniň dünýämden, aladalarymyň arasyndan aýrylyp ötägit. Men seniň üçin aglamaryn, gideniňe gözýaş dökmerin.
Mundan soň seni ýatlap durandygymy bir gezegem görmersiň. Sebäbi sen bizi taşlap, bizi terk edip, bizden uzaklaşyp gitdiň we biziň
ýanymyza indi ömrylla hem gaýdyp gelmersiň.
Eý gelejek! Sen heniz gaýyp älemde, men hyýaly arzuwlar we
garabasma düýşler bilen iş salyşmaýaryn. Men özümi heniz bolmadyk, belki-de, asla bolmajak gorkulara, howsalalara eýeletmerin.
Men heniz ýaradylmadyk zatlary tapmaga, almaga howlukmaryn.
Sebäbi ol heniz ýaradylmadyk zat, ol entek aslynda ýok we hiç ýerde
ýatlanylmaýan zatdyr».
Şu gün seniň günüňdir, eý ynsan! Durmuşy hakyky öz ajaýyplygynda we gözelliginde görmek isleýän adamyň bagtyýarlyk sözlügindäki iň owadan jümleler şular bolmalydyr: Bu gün seniň
günüňdir! Sen ony diňe gowulyk we gözellik bilen ötür! Diňe şu
günüň üçin yhlas et, çünki bütin gelejek her günki «şu günlerden»
ybaratdyr.
***
KYSMAT WE TAKDYR
«Zeminde we siziň özüňizde ýüz beren her bir bela-beter, size inmezinden owal Kitapda ýazylandyr». Galamyň syýasy gurady, sahypalar agdaryldy, iş bitdi, her kimiň rysgy-rozy, ömri-durmuşy ýazyldy.
«Aýt: Allanyň ýazanyndan başga zat alnymyza gelmez». Saňa sataşan
261
zat, azaşyp ýa çawyp düşen däldir. Haýsydyr bir zadyň ýalňyşyp saňa
inmäge haky ýokdur.
Şu mäkäm ynanç-akyda ýüregiňde ornasa, ynsap-wyždanyňda
berkese (karar tutsa), belalar peşgeşe, kynçylyklar serpaýa öwrüler.
Durmuşda bolup geçýän her bir waka-hadysa seniň döşüňe dakylýan
orden-medaldyr. «Alla kime ýagşylyk etse, ony taplamak hem-de
has gowy günlere taýýarlamak üçin kynçylyklara duçar eder».
Şonuň üçin agyry-dert, biynjalyk we kesel ýa-da ýakynlaryňdan
biriniň ýogalandygy üçin ýa-da maliýe ýitgileri ýa-da ýangyna uçran
emläkleriň üçin çuňňur hasrata batyp oturmagyn. Bu zatlaryň ählisini Allatagala owal anyk kesgitledi – takdyr etdi. Durmuşda diňe
hökman bolaýmaly zatlar bolar. Ezelde düwlen ýazgyt daňylary
durmuşda çözüldi – bolmaly zatlar bolmalysyna laýyk ýüze çykdy.
Hiç zat bize bagly däl ýaly görünse-de, biz, ynsanlar, öňümizde keseren zatlaryň, ýagdaýlaryň, mümkinçilikleriň has gowusyny, haýyrlysyny, sogaplysyny saýlamaga ymtylmalydyrys. Ähli gowy zatlar,
haýyr-yhsanlar Allanyň elinde. Kötel-kynçylyklara, agyr günlere we
çökder ýagdaýlara sabyr etsek, munuň üçin Perwerdigäriň berjek bihasap sogaby-peşgeşi bar, üstesine günälerden hem ýülünip bolýar.
Başy derde sataşan adamlara mübärek bolsun – olaryň Allanyň razylygy üçin bu zatlara edýän sabry hergiz boş goýulmaz. Alýan hem,
berýän hem, saklaýan hem, goýberýän hem Alladyr. Ähli zat diňe
Allanyň elindedir. Takdyra ynanyp, ýazgyda ymykly bil baglaýançaň,
seniň degnalaryň (nerwileriň) köşeşmez we nebis bilbilleriň ynjalyk
tapmaz. Saňa gabat gelmeli zatlar hökman sataşar, sen munuň üçin
özüňi hasrata gark etme. «Ýazgyt galamy gurady», ol indi owalky
ýazgydy üýtgedip bilmez. Ýykylyp barýan diwary duruzmak, akyp
duran suwuň öňüni beklemek, ösüp duran ýeliň ugruny bökdemek
(ýeli öwüsmekden saklamak), aýnany döwülmekden saklamak elimden gelýär diýseň, örän ýalňyşarsyň. Bu zatlar, seniň-meniň islegime
garamazdan, dogry däldir. Takdyr edilen muňa hökman uçrar, kaza
oky durmuş meýdanyndan parran geçer, ýazgyt bolmalysy ýaly ýüze
262
çykar «Islänler ynansyn, islänler ynanmasyn» («Hala ynanyň, hala
ynanmaň»).
Agy-eňrew, ýazgaryş, taňrygarganlyk esgerleriniň otly çirtmegi
boýnuňdan ilmänkä, takdyra boýun bol. Ökünç silleri degre-daşyňy
doldurmanka, ýazgydy boýun al. Onda, dürli sebäplere daýanyp, ýüzlerçe hileleri, ýollary ulanybam, ýene-de halamadyk zadyňa uçrasaň,
bil, bu gutulgysyz ýazgytdyr, hökman bolaýmaly zatdyr, onsoňam
hiç haçan «eger şeýden bolsam, şeýle-şeýle bolardy» diýmegin.
Gaýta «Allanyň takdyr edenidir. Alla nämäni halasa, şol hem bolar»
diýgin.
***
GELÝÄNÇÄ, GELJEGIŇ
GAÝGYSYNY ETME!
«Owaldan takdyr edilen iş öz sagadynda ýüze çykar, öz wagtynda hem geler, ony öň getirjek bolup gyssanmaň» diýilýär. Wakalardan öňe düşjek bolma. Howlukmaçlyk etme, eýsem, sen (gyssanmak
bilen) ene göwresinde süňňi kemala gelmedik çagany wagtyndan öň
düşürmek isleýärmiň? Heniz bişmedik miweleri ýolmak isleýärmiň?
Ertir heniz ýok zat, heniz onda hakykylygam, barlygam, tagam-ysam,
reňkem ýok, häzirlikçe ol ýok zat. Onda biz näme sebäpli ýok zat üçin
oýa batyp, oda çümýäris? Onuň «bela-beterlerini» göz öňüne getirip, gorka gaplanýarys? «Hadysalaryny» öňünden alada edýäris? Bir
ýaramaz waka gopar öýdüp garaşýarys? «Bizi bu muşakgatlyklardan
penalajak tapylarmyka ýa oňa ýüzbe-ýüz durarmykak?» diýip, ynjalykdan gaçýarys. «Ol şatlykmyka ýa şowsuzlymyka?» diýip,
howsala düşýäris. Bu pikirlere berilmezinden öň bir zady bilmek wajyp: gelejek heniz gaýyp älemde, ol ýeriň ýüzünde ýok we entek ýere
gelip ýetmedik zat. Onuň özi gelmese, köpri bilen ol ýere – geljege
aşyp bolanok. Ýeri, köpri hem bar diýeli, biziň köprä ýetjekdigimize,
ondan sag-aman aşjakdygymyza kim kepil geçip biler? Birdenkä biz
263
köprä ýetmän togtasak? Ýa-da ýeten badymyza, köpri ýumrulyp aşak
inse?! Belki-de, köprüden sag-aman ötüp, ertire aşarys?..
Adam aňynda geljek hakda pikirlenmek we gaýyp älemiň
kitabyny açmak üçin örän giň meýdan, giň mümkinçilik bar. Biz bolsa şol mümkinçilikleri, şol giňişligi bolar öýdülýän howsalalardan,
hokgalardan, haýpygeliji ýagdaýlardan, birahatlykdan doldurýarys.
Bu bir tarapdan ýasama gorky, beýleki tarapdan ýamanlyk tamasyna
ýorulýar. Tama etmek bolsa şerigat taýdan hem, akyl taýdan hem
ýazgarylýan hadysadyr. Ol kölegeler bilen göreşip ýa-da kowalaşyp
ýörmek mysalydyr. Adamlaryň köpüsi geljegi aç, ýalaňaç, hor-homsy, keselçilikli, garyp-pukara, çykgynsyz ýagdaýlardan doly halda
göz öňüne getirýärler. Bu pikirleriň ählisi şeýtan medresesiniň aňlara
ýollaýan ykrarnamasydyr. Ýogsamam «Şeýtan size garyplygy wada
berer we gabahat işlere iteklär; Alla size magfyreti wada berer we
beýik mertebeler eçiler» diýilýär.
Örän köp adamlar aglaýandyr, ýüzleri gussalydyr, näme üçin
diýýäňizmi, ertir ajygaryn öýdüp, ýene bir ýyldan kesellärin öýdüp,
ýene ýüz ýyldan kyýamat gopar, ýaşaýyş tükener öýdüp aglaýarlar.
Öz ömri gaýry biriniň (ýagny Allanyň) elinde bolan adam bolmadyk
zatlar üçin howsala batmaga hakly däldir. Adam özüniň näçe ömür
sürjegini bilenok, şonuň üçin hem nämeler boljagy näbelli geljegi
gaýgy etmeli däldir.
Ertiriň özi ýanyňa gelýänçä, onuň pikirini terk et. Halys bolmasa,
ol gelýän myhmany (ýagny geljegi) ýaramaz, oňaýsyz pikirler bilen
garşylama. Ertiriň kyssasy bilenem, gussasy bilenem işiň bolmasyn.
Ertiriň «dartgynly» wakalary üçin bu gün başyňy sämetme, sebäbi
sen ilki bilen şu günüňi oňarmagyň aladasyny et.
Nämedir bir zada geň galjak bolsaň, öz pikirlerini, öz dünýälerini
heniz güni dogmadyk, entek ýagtylyk görmedik ertir üçin sarp edip,
nesýe söwda edýänlere geň gal. Uzyn tamakinlikden häzir bol!
***
264
HIÇ KIMDEN TAŇRYÝALKASYNA
GARAŞMA!
Allatagala özüni ýatlamaklary üçin bendeleri ýaratdy. Şükür
etmekleri üçin ýaradylanlaryň ählisiniň rysgyny ýetirdi. Emma
bendeleriň köpüsi muňa biparh garap, rysgaly Alla däl-de, haýsydyr
bir adam berýändir öýdüp pikir etdiler. Bu edilen ýagşylygy unutmaklykdyr. Ynsan nebsinde inkär edijilik, gadyrbilmezlik, jebir-jepa edijilik häsiýetler agdyklyk edýär. Sen nebsiňe gulak asma, diňe
ýagşylyk et! Eger-de gözelligiňe gözleri gamaşýan we ony ykrar edesi gelmeýän, haýyr-yhsanyňy ýakyp-ýandyryp, dilde küle öwürýän,
ýagşylyklaryňy unudýan, belki-de, saňa hile toruny taşlap, gizlin
kitüw manjanygynda oda oklaýan adamlara gabat geleniňde – ýan
bermegin. Özi hem bularyň ählisi olara eden ýagşylygyň üçindir.
Hatda olar Allanyň seni öz fazly-merhemeti bilen gurşandygy üçin
hem içi kitüwlidir. Ýöne sen edýän ýagşylyklaryň bilen görnükli
dünýäniň ýazgysynda parlak ýyldyz bolup dog. Gaýry biriniň gyýa
bakjakdygyna garamazdan, sen eliňden gelen ýagşylygy et, özi hem
diňe ýagşylyk et.
Özgeleriň ýagşylygyny basyryp, tebigata garşy gitmek isleýänler,
özgeleriň erk-eradasyny ýumurmak isleýänler, köşeşiň, siziň olardan
«ogurlan» zadyňyzyň öwezini Allatagala tükeniksiz hazynasyndan doldurýandyr, egsilen ýeriniň üstüni ýetirýändir.
Eý, ynsan, bu gyzgyn ýaňsylamalar we gyjalatlar seni haýyr
işi etmekden bökdemesin (saklamasyn), özgelere ýagşylyk etmekden sowaşdyrmasyn. Her gezek bir ýagşylyk edeniňde, özgelerden
taňryýalkasyna garaşma, gaýta ýagşylygy inkär edýän, gadyrbilmez
adamlaryň tapjak bir hokgasyna garaş we hiç wagt olaryň bu etmişlerine
janyňy ýakma!
Ýagşylygy Allanyň haky-hormaty üçin et – islendik pursatda hem
sen üstün gelersiň, sen beýik bolar durarsyň. Saňa gözüni ýumanlaryň,
seniň belentligiňi görmezlige salanlaryň, ýagşylygyňy inkär edenleriň
saňa birjik-de zeleli ýetmez, körlük – diňe batyl gözi göterip ýören265
ler üçindir. Ýagşylyk edýänligiň üçin – ýagşy adamlygyň üçin,
ýagşyzadalygyň üçin begen we şükür et. Ýatla: «Berýän el alýan elden
elmydama haýyrlydyr», «Berýän el alýan elden üstündir, ýokardadyr».
«Biz sizi diňe Allanyň haky üçin naharlaýarys, munuň üçin sizden
hak-heşdegi hem, minnetdarlygy hem tama etmeýäris (islemeýäris)»
diýilýär.
Akyldarlaryň örän köpüsi bu bibaşlaryň gadyrbilmezlik häsiýetini göre-göre geçdiler. Olar edil aýdylýan öwüt-ündewleri eşitmeýän,
bilmeýän bir kowum mislidir. Gadyrbilmezler, ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap gaýtarýanlar gözleri kör, gulaklary ker adamlara
meňzedilýär.
Ol birine galam sowgat etseň, ol hem şol galam bilen sen hakda
ýaňsylama ýazsa-da, argyn ýa-da agsak birine daýanary hem-de goýnuny kowary ýaly taýak berseň, ol hem şol taýak bilen kelläňi ýarsa-da,
bu zatlara geň galmagyn. Allanyň beren amanat janyny gadyrbilmezlik
göwresinde göterip ýören bu zeýilli bihepbeleriň asyl bolşy şeýle. Olar
saňa eçilen nygmatlary üçin Ýaradanyň özünden nägile bolup durkalar, senden, menden razy bolarlar öýdýärmiň? Hiç wagt ýan berme,
ejizleme, elmydama ýagşylyk et, ýöne «Taňryýalkasyna» garaşma!
***
ÝAGŞYLYK ET – ÝÜREGIŇI GIŇELT!
Gözel amal öz ady ýaly gözel, ýagşylyk öz däbi ýaly ýagşy,
haýyr iş öz tagamy ýaly haýyrly. Özgeleri bagtly edip, özgeleri begendirmekden lezzet alýan ynsanlar bagtyň tagamly miwesini ilki
dadýan adamlardyr. Olar eden haýyrly işleriniň hasylyny ir-u-giç öz
köňüllerinde, ahlaklarynda, wyždanlarynda taparlar we ýüreklerine
ornan giňligi, ýazylganlygy, asudalygy hem-de rahatlygy duýarlar.
Eger bir alada daşyňy gaplap alsa, bir mesele başyňa birahatlyk
berse, kimdir birine ýagşylyk et, göwnüni göter – hökman şatlyga we
rahatlyga gowşarsyň.
Mätäç-mahruma eliňden gelenini eçil, nähak daralana üstün çykmaga kömek et, gaýgylynyň derdini egis, ajy doýur, hassanyň halyny
266
sora, argynlara daýanç bol – çar ýany bagt bilen gurşalan döwrana
çümersiň, öňüňden-yzyňdan boýuňa barabar döwletlilik taparsyň.
Haýyr iş hoşboý ysly atyr ýalydyr: ony göterýänem, satýanam,
satyn alýanam bähbit tapýar. Ýürekden edilen ýagşylyklar bereketi
bol dermanlyk otdur. Bu melhem oty haýyr-yhsandan bina bolan
dermanhana kibi ýüreklerde bitýändir.
Bir çümmüjek göwni bar adamlara ýylgyryp habar gatmak,
güler ýüzlülik bilen gürleşmek, gymmatlyklar äleminde sogaby
artyp duran sadakadyr. Ýatla: «Doganyňa açyk ýüz bilen baksaň
bolmaýarmy?» diýilýär. Gyňyr ýüzlülik bolsa özgelere ýowuz urşy
yglan eden ýalydyr. Onuň getirýän zelelini Alladan başga kesgitläp
bilýän ýok.
Bir itiň bozuk gyzyň aýasyndan suw içmegi, ol gyza meýdany asman-zeminden giň bolan jennetlere girmek nesibesini
(mümkinçiligini) berdi. Çünki sogabyň sahyby – Beýik Alladyr, ol
Bagyşlaýjydyr we Geçirimlidir. Şükürlidir we Gözeldir, her bir gözelligi hem gowy görýändir, Ol baýdyr we öwgülidir.
Şowsuzlyk garabasmasy, geljegiň näbellilik gorkusy we ýerliksiz ünjüler zerarly dowla gaplanýan ynsanlar, geliň, ýagşylyk
bossanyna geliň, giriň, haýyr-yhsan saraýyna giriň we özgeleriň
ýagdaýy hakda alada ediň: eliňizden gelýän bolsa beriň, günemaňyz
ganymat bolsa, zyýapata çagyryň, ýürekdeş söhbet ediň, ýardam
arka boluň, goldaw beriň, hyzmatyny, ýumşuny peslik bilmäň, derdine-hyzmatyna ýaraň, şonda siz ajaýyp bagty hakyky öz tagamynda, öz reňkinde, öz sapasynda tapyp bilersiňiz.
***
BOŞ WAGTY ZÄHMET BILEN
DOLDURMAK
Durmuşda öňlerine maksat goýmadyk, eli boş, işsiz, hünärsiz,
başarnyksyz adamlar arhiwlere siňip galan çaň-tozanlar bilen barabardyr. Çünki olaryň aňlary, zehinleri boş.
267
Zehiniň iň hatarly halaty adamyň işsiz oturýan pursadydyr. Ol şol
wagt sürüjisi bolmadyk we ýokary tizlikde öňe myçyp barýan ulaga
meňzeş. Onuň iki-baka çaýkanyp, kertden agdarylmagy hem ahmal.
Durmuşda işsiz, boş oturjak wagtlaryň ýüze çyksa, onda haýsydyr bir gaýgy-gamlara, aladalara, gorkulara taýýarlan. Sebäbi bu
boşluk durmuş tekjelerine siňen, geçmişiň, häziriň we geljegiň ähli
zyňyndylaryny saňa tarap çekit (magnit) ýaly dartyp başlar welin,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.