Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23

Total number of words is 3653
Total number of unique words is 2093
25.4 of words are in the 2000 most common words
36.0 of words are in the 5000 most common words
42.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gyrylmakdan halas bolmagy üçin göreşipdir. Maksada okgunly, erjel
ýapyşypdyr, hatda ölümiň bäri pillesinden gaýdan gezekleri kän bolupdyr, ýöne ýan bermändir.
Bu wagt adamlaryň käbiri haýran we hassadyr. Olar öz dynçlygyna, hatyrjemligine gaýtadan eýe bolmak üçin bir sagdyn we beýik
pikire mätäçdir.
Meşhur adamlaryň ömür beýany we olaryň terjimehallary hakdaky kitaplary okaýanlar üstünlige ýetirýän birnäçe umumy sebäpleri
tutup bilerler. Men şol sebäpleri şeýleräk görnüşde belläp aldym:
1. Ynsanyň gymmaty başarýan işine (oňarýan zadyna) baglydyr.
Bu hezreti Aly ibn Abu Talybyň aýdan sözüdir. Muny giňişleýin teswirlesem, ynsanyň gymmaty onuň daşky sypatyna ýa-da wezipesine
däl-de, edebine, ybadatyna, gylyk-häsiýetine, başarýan işine bagly
diýmekdir.
2. Ynsan mertebesini, abraýyny öz pikirlerine, gaýratyna, yhlasyna, sahylygyna we pida edip bilşine (janyny dözüp bilşine) görä gazanýandyr. Abraý-mertebe aňsat ýa-da mugt berilýän däldir. «Abraýmertebe aňsat ýuwudylýan igde däldir» diýen meşhur jümle-de bar.
3. Allanyň erki-eradasy bilen, her ynsan öz taryhyny özi ýasaýar
(döredýär). Ol özüniň ömür sahypalaryny ýagşy ýa-da ýaramaz amallary, edepli ýa-da edepsiz durmuş ýörelgesi bilen doldurýar.
4. Ynsan ömri örän gysga, ol tiz sowulýar. Şonuň üçin, aslynda gysga ömri günä işler, alada-ünjüler, gaýgy-gamlar bilen ýene-de gysgaltma.
***
BAGTA ELTÝÄN SEBÄPLER
1. Salyh amal.
2. Ýagşy aýal.
3. Giň öý. «Eý, Allahym, meniň howlymy giň et» (Hadysdan).
4. Halal gazanç. «Alla päkizedir we Ol päkizeligi söýer» (Hadysdan).
347
5. Gowy gylyk we ynsansöýerlik. «Nirede bolsamam, Allatagala
meni haýyrly-mübärek etdi» (Gurhandan)
6. Bergidar bolmazlyk we haýyr-yhsanda isrip etmezlik.
***
BAGTYŇ DÜZÜMI
Şükürli ýürek, zikirli (senaly) dil we sabyrly göwre – bular
bagtyň düzümindäki esasy alamatlardyr. Nygmatlara şükür et, külpetlere sabyr et, günäleriňe toba et. Bagt hakda alymlaryň ylmyny,
hekimleriň paýhas-hikmetini, şahyrlaryň şygyrlaryny seniň üçin bir
ýere jemlesem, şol ýerde bagty özüňe çekip, onuň datly tagamyndan datmak üçin ýekeje hakykatyň bardygyna göz ýetirersiň: «Kim
maňa sary ýöräp gelse, men onuň ýanyna ylgap bararyn». Bu jümläni
durmuş ýüzünde hakykata öwürmek üçin bolsa ýokarky üç zada eýermek ýeterlik: şükür, zikir we sabyr.
Bagtyň düzüminde syr saklamaklygyň hem uly orny bar. Özüne
mahsus syryny, iş ýörediş ýollaryny pynhan saklaýan adam bagtly
bolup biler. Esasanam, öz syryňy saklamagy başarmaly. Bu pynhanlyk bet päliň pynhanlygy däldir. Syr saklamak aňsat iş däl. Syr saklap
bilmeýän adamlar ýa öz maksadyna ýetip bilmeýärler, ýa-da ynamdan
gaçýarlar. Syr saklamak hem mertlige mahsus bir häsiýetdir.
Çarwa araplaryň birine bir syrly habary aýdypdyrlar we bu
habary äşgär etmän, içinde saklap gezmegi üçin oňa on dinar beripdirler. Çarwa hernäçe içine sygdyrjak bolsa-da, teý ahyry bolmandyr.
Syry aýdan adamyň ýanyna baryp, on dinaryny yzyna gaýtarypdyr
hem-de bu syry paş etmäge ejaza sorapdyr. Sebäbi syry ýaşyryn saklamak durnuklylygy, sabyrlylygy, gaýratlylygy talap edýär. Munuň
tersine, syr saklap bilmeýän adam durnuksyz, sabyrsyz we gaýratsyz hasap edilýär. Ýakup pygamber hem ogly Ýusuba: «Eý, oglum,
düýşüňi agalaryňa hergiz aýdaýmagyn» diýip sargady. Ynsanyň iň
ejiz nokatlarynyň biri özgelere özüniň syrlar sahypasyny açmagydyr,
alyp barýan işlerini begenip ýa-da diline çolap, paş etmegidir. Bu
348
gadymdan gelýän dertdir, adamzadyň ganyna siňip giden hassalykdyr. Ynsanyň nebsi syrlary paş etmekligi we gep-gybatlary ýaýratmagy şeýle bir söýýär. Syr saklamagyň bagta näme dahyly bar diýip
sorasaň, bilip goý, syryny paş edip ýören adam aglaba halatda ökünje,
gam-gussa we hasrata batmaly bolýar. Şahyr al-Jahyzyň syr saklamak
hakda ajaýyp setirleri bar. Gurhanda aýdylýan «...ýöne ätiýaçly gezip,
biziň bu ýerdedigimizi hiç kime aňdyrmasyn» diýen aýat hem aslynda
syr saklamaga degişli. Arap şahyrlarynyň birinde bolsa: «Ser gider,
syr gitmez» diýen jümle bar.
***
GORKMA, HER ZAT ÖZ
WAGTYNDA GELER
«Haçanda olaryň wagty-möhleti ýetende bir sagat soňa-da
galmazlar, öň hem gitmezler».
Bu aýat durmuş aladalaryndan basylyp, ejizleýän we dowul-was-wasa düşüp, günde birnäçe gezek ölüp-direlýän gorkaklara,
namartlara degişli. Her zadyň bolmaly wagtyny, kesgitli mütdetini
sähelçe ir getiribem ýa-da soňa süýşüribem bolanok. Bir adamynyň
howlugany bilen ol ir gelmez, halaýygyň depreneni bilen yza-da
süýşmez. Ynsu-jyns – ähli barlyk jem bolubam, ol ýazgydy üýtgedip
bilmez. Bu bolsa öz gezeginde Taňry bendesine hatyrjemligi, ynjalykrahaty, arkaýynlygy we durnuklylygy bagyş edýär.
Alladan başgasyna bil baglamak betbagtlyga eltýär. Ýardamçydyr öýden ýaranlaryň, dostlaryň, ülpetleriň kyn günüňde ýeke-ýalňyz
goýup gidýär welin, diňe şol pursatda hakyky howandaryň Allatagaladygy akylyňa dolýar. Ine, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Meşhur
asylzadalaryň ömür beýany» atly ýigrimi üç jiltlik uly eseri. Munuň
içinde taryhda at goýan, yz galdyran meşhur alymlaryň, halyflaryň,
patyşalaryň, emirleriň, wezirleriň, baýlaryň, şahyrlaryň we beýleki
birnäçeleriň terjimehallary beýan edilýär. Kitaby okap bolanyňdan
soňra, iki sany möhüm hakykata anyk göz ýetirýärsiň:
349
Birinjisi, kim Allany unudyp, mal-mülke, bala-çaga, wezipä,
kesp-hünäre artykmaç göwün berse, Alla olaryň ömrüni şol zada
garaşly edip goýýar we olaryň bagtsyzlygy, örtenmeleri, görjek
görgüleri şol zat sebäpli hasyl bolýar. Gurhanda aýdylyşy ýaly:
«Şek-şübhesiz, şeýtanlar olary dogry ýoldan sowarlar, kapyr bolanlar özlerini dogry ýoldadyr öýderler». Faraony dereje-wezipe, Karuny mal-mülk, Ümeýýe ibn Halefi söwdagärlik, al-Welidi perzent,
Abu Jehli at-abraýa gyzykmaklyk, Abu Müslimi häkimiýetsöýerlik,
al-Mütenebbini şöhratparazlyk, al-Hajjajy zemin beýigi bolmaklyk,
Ibn al-Furaty wezirlik heläk etdi.
Ikinjisi, her bir edýän işinde Alladan ýardam sorap, onuň ündän
hak ýolundan, adalat düzgüninden ugur alyp işlese, köp ýagşy amal
etse, özüni Alla bilen beýgeltse, Allatagala hem ony halaýyk arasynda
ezizlär, abraý-mertebesini beýgelder, hormatly, sylagly eder. Munuň
üçin seniň haýsy kowuma degişlidigiň, nähili wezipede oturandygyň,
haýsy maşgalada doglanlygyň, näçe baýlygyň bardygy, nähili
topara dahyllydygyň – hiç hili ähmiýeti ýok. Bilaly azan, Selmany
ahyret hakdaky pikirleri, Suheýbi sadakasöýerlik, Atany ylym beýik
mertebelere ýetirdi. «Gamgyn bolma, şübhesiz, Alla biziň bilendir»
diýende, Alla onuň üstüne hatyrjemlik düşürdi we ony siziň görmedik
leşgeriňiz-perişdeler bilen goldap kuwwatlandyrdy» diýlişi ýaly, bu
adamlar Taňrynyň merhemet saýasynda, Onuň ýardam-enaýaty bilen
boý alýarlar.
***
BEÝIKLIK WE KEREM EÝESI
Pygamberimiziň ygtybarly hadyslarynda: «Eý, Züljelal welikram» (Beýiklik we kerem eýesi) sözüni köp gaýtalaň» diýilýär.
Bu sözi hemişe, dowamly we üznüksiz gaýtalamak ündelýär.
Allatagalanyň şonuň ýaly ýene bir beýik ismi bar, olar «Ýa Haýý,
ýa Kaýýum» (Eý, Ebedi Diri, Eý, Sarsmaz Allam) ismleridir. Bular
älemleriň Perwerdigäriniň gözel ismleridir. Bu ismler bilen edilen
350
dileg-doga, kabul bolar. Soran zadyň berler. Taňry bendesi gutulyşa,
şatlyga we üstünlige gowuşmak üçin şu ismler bilen Allatagaladan
ýardam-kömek soramalydyr. «Şonda Perwerdigäriňizden medet
diläniňizde, Ol siziň arzyňyzy kabul edip: «Men size yzly-yzyna
gelýän müňläp perişde bilen medet bererin» diýdi».
Pygamberimiziň sahabalarynyň ömür beýanlaryny, terjimehallaryny gaýta-gaýta okadym. Olaryň ömür sürüşlerinde beýlekilerden
tapawutlanýan bäş aýratynlyk ünsümi çekdi.
Birinjisi, olaryň durmuşynda ýeňillik, aňsatlyk bar. Işleri adaty
röwüşde alyp barmaklyk bar. Özüňe agram salmaklyk, durmuşdan
köp zat aljak bolmaklyk, göz üçin hereket etmeklik asla ýok.
Ikinjisi, olaryň deňiz ýaly çuňňur bilimleri, ylymlary amal bilen
utgaşandyr. Olaryň bu hereketinde gereginden artykmaçlyk ýa-da
bärden gaýtmaklyk ýok. Köp sözlülik, boş sözlülik, bimany sözlemeklik, düşnüksiz sözlemeklik asla ýok.
Üçünjisi, olaryň ýürek bilen edýän amallary beden bilen bitirýän
işlerinden has beýik bolupdyr. Olar ybadata ýürekden yhlas edipdirler, diňe Haka sygnypdyrlar, diňe Haka töwekgellik edipdirler,
diňe Ondan umyt edipdirler, ýüregiň mähir-muhabbetini Alla bagyş
edipdirler, Onuň hormaty üçin haýyr işe höwesli ýapyşypdyrlar,
şer işi oýa-hyýala hem salmandyrlar, diňe Hakdan gorkuda gezipdirler. Kalp bilen ýerine ýetirilýän bu işler gözboýagçylykdan halas
edipdir. Munuň üstesine her musulmana parz bolan namaz-rozalary
goşmaçalary bilen ýerine ýetiripdirler. Hatda tabygynlar, ýagny sahabalara eýerenler daşky ybadaty sahabalara görä artyk bitirenem bolsalar, sahabalar öz amallarynyň göz üçin bolmazlygy sebäpli, ýürek
amallaryna aýratyn ähmiýet beripdirler. Sebäbi Allatagala adamlaryň
kalbyndaky närsäni hem anyk bilýär.
Dördünjisi, olar tagat-ybadatdan hatyrjemlik, ynjalyk, rahatlyk,
bagtyýarlyk tapansoňlar, dünýä nygmatlaryndan öz nesibelerini alypdyrlar, emma artykmaç zynatlaryndan, bezeglerinden, bol-telkilikden
ýüz öwrüpdirler.
351
Bäşinjisi, Hak ýolunda hak ugrunda göreşmek olar üçin ähli salyh
amallardan hem ýokarda görlüpdir. Bu olaryň baş şygary, ugur çelgisi,
nyşan-alamaty bolupdyr. Hak ýolunda göreşmek bilen olar öz alada-ünjülerini, gaýgy-gamlaryny, agy-hesretlerini unudypdyrlar. Çünki munda zikir, amal, hereket we yhlas bar.
Allanyň hak ýolunda göreş alyp barýanlar iň bagtyýar ynsanlardyr.
Olaryň gursaklary giň, nebsi-köňülleri gözeldir. «Biziň ýolumyzda yhlas edenleri Öz ýolumyza ugrukdyrarys, çünki Alla gözel amal edýänler
bilen biledir!».
Kurany-kerimde üýtgemeýän we ýoýulmaýan birnäçe hakykatlar
hem-de ýörelgeler bar. Şolaryň arasyndan ynsanyň dünýewi bagtyýarlygyna we rahatlygyna dahylly üýtgewsiz kanuny ýagdaýlaryň käbirlerini ýatlap geçeýin:
Kim Alladan ýardam sorasa, Alla oňa hökman kömek eder. «Eger
siz Alla kömek berseňiz (ýagny onuň ýolunda yhlas etseňiz), Ol hem size
ýardam berer we dogry ýoldaky gadamlaryňyzy berk, mäkäm eder».
Kim Alladan dilese, Alla oňa hökman berer: «Maňa dileg-doga
ediň, Men siziň dogalaryňyzy kabul ederin».
Kim Alladan günäsiniň ötülmegini sorasa, Alla ony bagyşlar:
«Meniň günämi bagyşla diýdi we Alla ony bagyşlady».
Kim ýürekden toba etse, Alla onuň tobasyny kabul eder:
«Gullarynyň tobasyny kabul edýän Ol Alladyr».
Kim ähli işinde diňe Oňa bil baglasa (ähli işini Hudaýa tabşyrsa),
Allanyň berjek kömegi ýeterlik bolar: «Kim Alla töwekgellik etse (bil
baglasa), Alla oňa ýeterlik bolar».
Allatagala üç adama berýän jezasyny, temmisini uzaga çekdirmän
berer: nähaklyk edýän adamyň jezasyny – «Eý, ynsanlar, siziň bu
azgynlygyňyz diňe öz zyýanyňyzadyr»;
wadasynda durmaýan adamyň jezasyny – «Kim ähdinden dänse,
ol diňe özüniň zyýanyna däner»;
mekir-hilegäriň jezasyny – «Ýaman mekir-hile diňe öz eýelerini
gurşap, heläk eder».
352
Nähak hereket edýän zalym adam Allanyň penjesinden gutulyp
bilmez: «Zalym bolandyklary sebäpli, olaryň öýleri gugaryp galdy».
Salyh amallaryň hasyly hem nagt, hem nesýedir, ýagny ony bu
dünýäde hem, o dünýäde hem görüp bolýandyr. Çünki Allatagala
günäleri ötüji we ýagşy iş edýänlerden hoşal bolujydyr. «Bu dileg-dogalary we söweşlerdäki mertlikleri sebäpli, Alla olara hem dünýä nygmatyny hem-de ahyret sogabynyň gözelligini (jenneti) eçildi».
Kim oňa boýun bolsa, Alla ony söýer. «Maňa uýuň, sizi Alla
söýer». Bu hakykata uýýan adam özüni çäksiz bagtyýar we şadyýan
duýmalydyr. Çünki ol Beýik Perwerdigär bilen iş salyşýandygyny
unutmaly däldir.
Rysgaly we üstünligi Alla berýär: «Dogrudan-da, rysk berýän Alladyr», «Üstünlik, ýeňiş diňe Alladandyr».
Günäleri Alla bagyşlaýar: «Toba eden kimse üçin men Gaffardyryn (günäleri bagyşlaýjydyryn)».
Tobalary Alla kabul edýär: «Çünki Ol tobalary kabul edýändir we
örän rehimlidir».
Dostlary üçin duşmanlaryndan öç alýar: «Şübhesiz, biz öç alarys».
Şeýh Abdyrahman ibn as-Sa’diniň «Bagtyýar durmuş üçin peýdaly serişdeler» atly ähmiýetli eserinde şeýle sözler bar: «Allatagalanyň
bagyş eden nygmatlaryny görüp bilmek hem bagtlylygyň güwäsi. Sen
özüňdäki birnäçe nygmatlaryň köp kişide ýokdugyna göz ýetirersiň.
Allatagalanyň seni ençeme adamdan üstün edip ýaradandygyna akyl
ýetirersiň. Şol wagt nähili fazly-kerem bilen gurşalandygyňy duýarsyň».
Hatda parz ybadatlarynda hem bu nygmaty ap-aýdyň duýup bolýar.
Adamlaryň käbiri namaz-rozasyny kem-köstli, säwlik bilen eda kylsa,
birnäçeleri ähli zady bolmalysy ýaly ödeýär. Ine, bu hem gymmatyny
söz bilen kesgitläp bolmajak uly nygmat. «Ol size hem äşgär, hem gizlin bolan dürli nygmatlary berdi».
Muhammet Gaýmaz Türkmen öz eserlerinde meşhur hadysçylaryň
biri Ibn Abdylbaky hakda söz açýar. Bu ussat bir gezek Bagdadyň juma
metjidinden çykanda, özünden gowy durmuşly birini görüp, şoňky
ýaly güni arzuw etmek hyýalyna münüpdir. Adamlary bir laý gözden
* 23. Sargyt № 975
353
geçiripdir. Ýöne abraý-mertebe, egin-eşik, durmuş pikirleri babatda
özünden üstün, arzuw eder ýaly ýekeje adamy hem tapyp bilmändir
we öz gününe şükür edipdir. «Olary ýaradanlarymyzyň köpüsinden
üstün etdik» diýen aýat-alamat Gurhanda hem bar. Arap şahyrlarynyň
biri aýdýar: «Adamlaryň ählisi ap-akja, men hem şolaryň biri. Siňe
synlasaň, her kesden bir nogsan tapyp bolar. Ýöne dörjelemäni bes
et-de, umumylykda gör».
Esma bint Umeýsden rowaýat etmeklerine görä, Resulalla hezretleri oňa: «Men saňa gaýgyly wagtyň aýdylýan sözleri öwredeýinmi?!» diýipdir. Pygamberimiz oňa: «Allah perwerdigärimdir. Men Oňa
hiç bir zady şärik etmeýärin» diýen sözleri aýtmagy tabşyrypdyr. Başga
bir hadysda şeýle diýilýär: «Kimiň başyna gaýgy-alada, keselçilik, kynçylyk düşse, ol «Allah perwerdigärimdir. Onuň şärigi ýokdur» diýse,
ähli alada-ünjüler ondan aýrylar» diýilýär.
Käbir ýagdaýlar bar, olar toplum-toplum gara bulutlary ýürege
dartyp getirýär. Şeýle ýagdaýa düşen ynsan Hudaýa tarap gaçyp, ähli
işlerini Oňa tabşyrsa, adamlardan hiç birini Oňa şärik etmese, ýagny
adamlaryň güýjüne bil baglaman, arka daýanman, özüni Onuň öňüne
oklasa, bu ýagdaýlar syrylar gider. Ýöne kim-de-kim bu sözleri ugralla,
dil ujundan aýdyp goýberse, muňa çynlakaý ynanmasa ýa-da adamlardan kimdir biri halas edip biler öýtse, onuň gutulyşa ýetjekdigi gümana bolup galar.
Arap şahyrlarynyň birinde şeýle setirler bar:
«Elden gidersegem mal-mülk, baýlygymyz,
Ruhumyz sag bolsa, şudur ýeterlik.
Mal tapylar, abraý hem gaýdyp geler,
Alla bela-beterden gorasa eger».
***
GÖRIPDEN GORKSAŇ…
Göribiň şerinden, ýamanlygyndan howatyr etseň, owaldan makul
görlen dileg-dogalary oka we şu zatlary berjaý et:
354
1.Zikir-dogalar bilen birlikde Gurhanyň soňky iki süresini («Falak» we «Nas» süreleri) oka. Esasanam, «Göriplik edýänleriň göripliginden pena ber» diýen sözlerini oka!
2. Işleriňi göriplerden gizlin sakla. Ýakup pygamber perzentlerine sarganda: «Eý, ogullarym, size göz degmezligi üçin şähere bir
gapydan girmän, aýry-aýry gapylardan giriň» diýdi.
3. Göriplerden uzak bol, olardan daş dur. Gurhandaky «Eger
maňa ynanmasaňyz (meni tassyk etmeseňiz), menden aýrylyň,
çekiliň» diýen sözlere görä hereket et!
4. Onuň azar-ezýetinden dynmak üçin oňa ýagşylyk ediň. Bu
hakda Gurhanda örän gowy ündew bar: «Sen erbetligi iň gözel häsiýet
(sabyr we gowulyk) bilen dep et» diýilýär.
***
GYLYGYŇY GÖZELLEŞDIR
Ýagşy gylykly bolmak bagtly we täleýli bolmakdyr. Ýaman
häsiýetlilik bolsa şumluk we betbagtlykdyr. Şu manyda Gurhanda
we hadyslarda beýan edilen sözlerden mysallar: «Ynsan ýagşy gylyklary bilen orazaly we gije ybadatly bendäniň derejesine ýetip
bilýär», «Kyýamat güni meniň golaýymda oturjak iň söýgüli we
ýakyn adamlaryň kimdigini aýdaýynmy?! Olar ýagşy gylykly adamlardyr», «Elbetde, sen beýik ahlaklysyň», «Sen Alladan gelen bir
merhemet saýasynda olara ýumşak garadyň. Eger daşýürek bolan
bolsadyň, töwerek-daşyňdan dagaşyp giderdiler», «Ynsanlara gowy
sözler sözläň».
Möminleriň enesi Aýşa Pygamber alaýhyssalamy häsiýetlendirende «Resulallanyň gylygy Gurhandy» diýer eken. Gylyk-häsiýetiň
giňligi, gözeldigi, aň-hatyryň asudalygy Allanyň bagyş eden nagt
nygmatlarynyň we lezzetleriniň biridir. Tizmähellik, ganygyzgynlyk,
dyzmaçlyk bolsa uzak dowam edýän bagtsyzlyk hem-de sowulmaýan
azapdyr.
***
355
UKUSYZLYGYŇ DERMANY
Ukusyzlykdan ejir çekýän adam nämeler etmeli?
Ukusyzlyk ukynyň mazasyny alýar, uzak gijäni düşekde iki ýana
agdarylyp geçirýäň. Mundan saplanmak üçin:
1. Kabul edilen, okalmasy makul görlen sözleri aýtmaly, Allany
ýatlamaly. «Eýsem, ýürekler Allany ýatlamak bilen köşeşmeýärmi?».
2. Zerur ýagdaýynda bolmasa, gündizki ukyny terk etmeli.
Gurhanda aýdylýar «Gündizi bolsa ýaşaýyş wagty etdik» .
3. Ukyň tutýança ýazuw, okuw bilen meşgullanmaly. «Perwerdigärim, meniň ylmymy artdyr» diýen söze laýyklykda, köp zatlary
okap öwrenersiň.
4. Gündizlerine peýdaly zähmetler bilen bedeni ýadatmaly. Allatagala gündizi täze bir durmuş we işe, zähmete meşgul bolmak üçin
ýaratdy diýilýär.
5. Kofe, çaý ýaly ukudan açyjy, oýaryjy içgileri az içmeli (az
peýdalanmaly).
***
GÜNÄLERIŇ NETIJESI
Ýazykdyr günäniň ajylygy tagatyň süýjüligini, imanyň mähirliligini, bagtyň lezzetini gidirýändir. Ibn Teýmiýäniň aýtmagyna görä,
«Günä işler göwnüň älem giňişliginde (birhudaýlylyk asmanynda)
perwaz urmagyna böwet bolýar».
1. Günä iş bende bilen Perwerdigäriň arasyna perde bolýar.
«Ýok, olar kyýamat güni Perwerdigäriň rahmetinden mahrum bolarlar».
2. Günä iş bendäni Ýaradandan uzaklaşdyrýar. Kimiň edýän işi
ýaman bolsa, onuň zandy-gümany hem ýamandyr.
3. Üznüksiz günä iş mydamalyk gaýga, birahatlyga salýar.
«Olaryň guran binalary (eden işleri) ýüreklerinde şübhe we ikiýüzlülik düwni bolup galar».
356
4. Günä iş edýän adamyň ýüregini gorky gaplaýar, elmydama
dowul tapyp gezýär. «Alla şärik edendikleri sebäpli, olaryň kalplaryny gorka saljakdyrys».
5. Günäliniň gün görşi gözgyny bolup, durmuşy çat atyp
başlaýar. «Kim meniň zikrimden (Hak ýolundan) ýüz öwürse, oňa
agyr bir durmuş bardyr».
6. Günä işi köp edýän adam doňýürek we garaýürek bolýar. «Biz
olaryň ýüreklerini gap-gaty etdik».
7. Günä işi köp edýän adamyň ýüzünden yşnak aýrylýar, ýüzüniň
nury çöküp, ýakymy gidýär. Betgelşik, mähirsiz bolup galýar. «Ol
gün ýüzleri gara bolanlara şeýle diýler».
8. Günäli adam halaýygyň, köpçüligiň gözüne ýigrenji görünýär.
«Adamlar Allanyň ýerdäki şaýatlarydyr».
9. Günäli adamyň haly teň, rysgy dar bolýar. «Eger olar Töwrata, Injile we Perwerdigär tarapyndan hasyl edilen ähli zatlara amal
etselerdi, olara üstlerinden hem, aşaklaryndan hem rysk berlerdi».
10. Günäli adam Allanyň gazabyna uçraýar, imany kemis bolýar,
bela-beterleri özüne dartýar (bela-beterleriň inelgesi bolýar). «Olar
Allanyň bir gazabyndan soňra Onuň ýene bir gazabyna uçradylar»,
«Olaryň gazanan günäleri kalplaryny baglandyr», «Olar: «Kalplarymyz örtülgi we gulpludyr» diýdiler».
***
«KÖMEGE ÇAGYRAN WAGTY
MÄTÄJE KIM JOGAP BERÝÄR?»
Gorkuly adam kimden pena soraýar, gaýgyly adam ilki bilen
kimden dalda isleýär, bu barlyk kimiň gudraty bilen saklanyp dur
(aýlanyp, öwrülip dur), janly-jandarlar kimden dileýärler, diller kimiň
adyny zikr edýär we ýürekler kimi ylah saýýar? Ol Biribar, bir ylahdan başga hudaý bolmadyk ýeke-täk taňry – Alladyr.
Pukara we bol-telki, agyr we sapaly günlerimizde Ol Biribardan dilemek meniňem, seniňem borjuň. Çykgynsyz wagtlarda Oňa
357
sygynýarys. Agyr günlerimizde Ondan ýardam soraýarys. Biz Onuň
dergähine (bosagasyna) aýalarymyzy açyp, gözümiz ýaşly, özümiz
müýnli, boýun egijilik bilen barýarys. Şol demde onuň mededi gelýär
we ýardamy ýetişýär, şatlyk daňylary dessine çözülýär we üstünlik ör-boýuna galýar: «Kömege çagyran wagty mätäje kim jogap
berýär?». Ol gark bolup barýany halas edýär. Gaýyp adamy öýüne
dolaýar. Bir derde mübtelany salamat edýär. Nähak daralanyň hakyny alyp berýär. Azaşany ýoluna gönükdirýär. Hassany sagaldýar.
Gaýgylynyň aladasyny aýyrýar: «Olar gämä münenlerinde Allany
halys ýürekden yhlas bilen çagyrarlar».
Men bu ýerde zerur ýagdaýyňda okalýan dogalary – gaýgy-gam,
alada-ünji, gorky-dowul ýaly zatlary aýyrýan doga-dilegleri öwredip
durmaýyn. Muňa derek men saňa şeýle ähmiýetli dogalaryň genji bolan sünnete uýgun kitaplary, hadyslary, Gurhany okamaklygy maslahat berýärin. Allaha mynajat edersiň, Allany kömege çagyrarsyň. Oňa
doga edersiň, Ondan umyt edersiň. Sen Ony tapsaň, ähli zady taparsyň.
Sen Oňa bolan ynamyňy ýitirseň, ähli zady ýitirersiň. Allaha doga
etmegiň özi Oňa ýene bir ybadat etmekdir. Matlap-maksatlary hasyl
etmekde ikinji bir beýik tagatlylykdyr. Doga etmegi oňarýan adam
(Doga sungatyna ezberlän adam) hiç wagt hiç zady alada hem etmesin, gaýgy-oýa hem batmasyn. Ähli ýüpler üzülýändir, Allanyň ýüpi
hergiz üzülmez. Ähli gapylar ýapylýandyr, Allanyň gapysy hergiz ýapylmaz. Ol size örän golaý ýerde, sorasaň berer. Ol saňa özüne doga
etmegi, Özünden soramagyňy buýurýar (talap edýär), çünki sen garyp,
ejiz we mätäçsiň, Ol baý, güýçli, gudratly, ýeke-täk we beýik şanlydyr.
Ol saňa Özünden dilemegi buýurýar: «Menden soraň, size bererin».
Başyňa bir iş düşse, dowul dumany aljyratsa, Ony ýatlap, diliňi ýenç.
Pyşyrdap, Onuň adyny gaýtala. Onuň medet-ýardamyny isle. Ondan
açylyş (gutulyş) we ýeňiş sora. Onuň adyny mukaddesleşdirmek üçin
maňlaýyňy derlet, erkinlik jygasyna eýe bolarsyň. Kejirligiňi basyp,
bendelik laýynda süýren, gutulyş guşakçasyny gazanarsyň. Elleriňi
uzat, aýalaryňy ýokary göter, senaly diliňi ýaz, Ondan köp sora, yh358
las bilen dileg et. Erjellik bilen sora! Gapysyndan aýrylma! Lutfuna
garaş! Fethine göz aýla! Adyny aýdym et! Ol hakda diňe gowy pikir
et! Oňa ýüregiň bilen beril! Özüňi Oňa bagyş et, bagtyýar bolarsyň
we üstünlik gazanarsyň!
***
ÝÜREKLER ALLANY ÝATLAMAK
BILEN YNJALMAÝARMY?
Dogruçyllyk Allanyň halaýan zady. Gönümellik (açyk-aýdyňlyk)
ýürekleriň posuny aýyrýan sabyn. Tejribe anyk delildir. Ýolbelet öz
ilini azaşdyrmaz, öz maşgalasyna ýalan sözlemez. Ýürek-gursak
üçin zikrden gaýry giňlik we beýik sogap berip biljek zat ýokdur:
«Meni ýatlaň, men hem sizi ýatlaryn». Allanyň zikri onuň zeminindäki jennetdir. Zemin jennetine girmedik, ahyretiň jennetine girmez.
Zikr ynsan nebsini kynçylyklardan, kösençliklerden, argynlyklardan, çaýkanmalardan (tolgunmalardan) halas edýän serişde bolmak
bilen çäklenmän, ol ýeňşe we üstünlige ýetmegiň iň ýeňil we gysga
ýoludyr. Zikriň peýdasyny bilmekçi bolsaň, wahylar diwanyna göz
aýla. Saglyk-şypa gazanmakçy bolsaň, durmuş melhemini (balzamyny) süňňüňe siňdir.
Päk Perwerdigäriň zikri gorky dumanyny, howatyrlanma buludyny, gaýgy-gam ýagmyryny, alada-ünji tupanyny syryp aýyrýandyr. Onuň zikri hesret, gam we örtenmeler dagyny ýom-ýok edýändir.
Zikr edýänleriň rahat we ynjalykdadygy geň zat däl, aslynda
bolmalysy şeýle, geň galmaly zat, gapyl adamlar zikr etmän neneňsi
oňup, ýaşap bilýärler: «Ölülerdir, diri däldirler we nireden iberiljegini
duýman galarlar».
Ukusyzlykdan zeýrenen, agyrydan ýaňa derde eýlenen, aglan,
hadysalardan ýaňa ýüregi dertli, başyna musybet düşen bendeler,
«hiç hili atdaşy bolmadyk» Perwerdigäriň mukaddes ismini pyşyrdap
görüň ahyry!
359
Ony köp ýatladygyňça, göwnüň giňär, akylyň ýazylar, hatyrjemligiň ýaýlar, ýüregiň köşeşer, özüňi bagtly duýarsyň, ynsabyň
ynjalar (rahatlanar). Çünki Allatagalany zikr etmekligiň – Allany
ýatlamaklygyň özi Oňa töwekgellik etmek, Oňa arka daýanmak, Oňa
dönmek, Ol hakda diňe ýagşy pikirde, gözel niýetde, oý-hyýalda
bolmak, Onuň miýesser etjek (Ondan geljek) şatlygyna garaşmak
diýen manylary bardyr. Çagyrylsa, Ol ýanyňyzdadyr (ýakynyňyzda,
golaýyňyzda); dileg edilse (ady tutulsa), Ol diňleýändir; soralsa, Ol
berýändir. Allaha ýalbar, dyza çök, toba et, dile! Onuň mübärek we
ýakymly ismlerini diliňe sena et, ol ismler bilen doga et, sora, ýazygyň
ötülmegini dile, nesip edenden – Allahyň güýji-kuwwaty bilen – bagtyýarlygy, asudalygy, şadyýanlygy, ýagtylygy, gönençligi taparsyň:
«Allatagala olara dünýäniň sogabyny we ahyryýetiň husny-sogabyny
berdi».
***
ÖWEZINI ALLA DOLÝANDYR
Öwezini has artykmajy bilen dolmajak bolsa, Alla senden hiç zat
almaz. (Alla senden näme alýan bolsa, öwezini has haýyrly zat bilen
doljakdyr). Sabyr etseň, Allaha bil baglasaň, hut şeýle-de bolmaly.
«Kimiň iki ezizini (ýagny iki gözüni) alsam, ol hem muňa sabyr etse,
oňa derek jenneti bererin. Kimiň balasyny alsam, ol hem muňa sabyr etse, oňa derek jenneti bererin». Kimiň perzendi ýogalsa, ol hem
muňa sabyr etse, onuň üçin jennet il-huld mesgende, ýagny ebedilik
bag-bossanda abraý köşgi gurlar. Bu bir ýönekeý mysal, ýöne ähli
zatlary şeýle ölçeg bilen kesgitle.
Bela-beter üçin gyýlyp, gynanyp ýörme. Ony takdyr edeniň
dergähinde bulara döz gelendikleri, sabyr edendikleri üçin jennet
köşkleri, bihasap sogaplar, Alla tarapyn ödelen öwezler, beýik sylag-serpaýlar bardyr.
Bela-betere uçran bendelerine Alla firdews jennetinde «Sabyr
edendigiňiz üçin hoş gördük, ahyret öýi iň ajaýyp ýerdir» diýler.
360
Biz hem her bir ýitginiň, derdiň öwezine göz aýlalyň, ol ýerde
tükeniksiz sogaplar we yzygiderli haýyrlar ýatandyr. «Olara Perwerdigärden salawat we rahmet bolsun, olar dogry ýola gönügenlerdir».
Başy dertli bendelere bu sogaplar mübärek bolsun. Agyr gündäkilere
bu habarlar hoş görünsin!
Dünýäniň ömri gysga, genji ujypsyzdyr. Ahyret juda haýyrly we
ebedidir. Munda derde uçran, onda bol-telki hak alar. Munda ýadan,
onda dynç alar. Dünýä mülküne magrur bolup, wagtlaýyn gözellige
gyzygýanlar, bu dünýä durar diýip, oňa daýanýanlar we ynanýanlar,
ýitirilen amatly pursatlar we duşdan ötürilen bagtlar üçin ýüreklerine
ornan hasraty ol ýerde çeker ýörerler. Sebäbi olar bu dünýäde ötegçi
lezzete aňlaryny aldyrandyklary üçin, ol ýerde ejirini çekmeli. Her bir
zada öwez-töleg bar ahyry. Olar diňe aýaklarynyň aşagyna gözlediler
we pany hem-de juda arzan dünýäden başga zady görmediler.
Eý, kynçylyga uçranlar, siziň başyňyzdan geçiren her bir
zadyňyzda siz üçin sogap, girdeji bardyr. Siz üçin lutfy-keremden,
mähir-muhabbetden, sogapdan we husny-ygtyýardan doly aýdyň
jümleler iberildi. Başyna bir iş düşen adamlar elmydama işiň soňuna,
netijesine seretsinler. «Olaryň arasyna uly diň, berkitme, gala germediler. Onuň gapysynyň iç ýüzi durşuna rahmet, daş tarapyndan
bolsa azap-muşakgatdyr» diýilýär. Allanyň dergähindäki her bir zat
haýyrly we tükeniksizdir (dowamlydyr), ýakymly we mübärekdir.
Beýik we belentdir (mertebelidir).
***
IMAN - OL DURMUŞDYR, DIRILIKDIR
Şum täleýliler sözüň doly manysynda bagtyýatanlardyr, iman
hazynasynyň gymmatyna düşünmeýän, anyk ylymlardan bihabar müflislerdir. Olar elmydama usurgadýan ýadawlygyň, gahar-gazabyň,
hor-homsulygyň we har-zelilligiň girdabyndadyr: «Meni ýatlamaýan adamlar hemişe ýeter-ýetmezligiň, kynçylygyň içinde gezerler
(ýeter-ýetmez, kyn durmuşda bolarlar)».
361
Ynsan köňlüni bagtly edýän, päkleýän, tämizleýän, begendirýän,
gaýgy-gamyny giderýän, ynjalygyny aýyrýan ýeke-täk zat älemleriň
Perwerdigärine bolan imandyr. Iman bolmasa, durmuşda asla tagamdat ýokdur.
Imany ýok dinsiz kimseler özlerini şeýle kynçylyklardan, darlyklardan, bogulmaklardan, tümlüklerden, hile-mekirliklerden halas etmek üçin janlaryna kast etmekden başga ýoly bilmeýärler. Görýärmiň,
ynamsyz, imansyz durmuş nähili elhenç! Allanyň zeminde ýöreden hak
ýolundan çykanlara ebedilik lagnatyň bardygyny bilýänsiňiz! «Başda
iman etmeýişleri ýaly biz olaryň kalplaryny we gözlerini tersine öwrüp
goýduk, olar şol azgynlyklarynda azaşar ýörerler». Adamlara kanagata
berilmegiň wagty ýetdi, çynlakaý kanagata. Hem-de halys ýürekden
imana gelmeli – bir Alladan başga ylah ýokdur. Uzak asyrlaryň kötel
ýollaryndaky tejribeler, görlen, öwrenilen zatlar senemdir-butuň hiç
hili haýrynyň ýokdugyny, olaryň ýöne bir zatdygyny, küprüň näletdigini, imansyzlygyň batyldygyny, resullaryň dogruçyldygyny (aýdan
zatlarynyň dogrudygyny), Allanyň hakdygyny (hakykatdan hem, bardygyny), barça mülküň, patyşalygyň, öwgi-senanyň Oňa laýykdygyny,
Onuň ähli zady başaryp bilýändigini akyla ynandyryp bildi.
Seniň bagtyýarlygyň, rahatlygyň, gönençligiň, ynjalygyň imanyň
ölçegine görä, güýçli we gowşak, gyzgyn we sowuklygyna görä bolar. «Erkek we zenanlardan kimdir biri ýagşy amal etse, biz ony gowy
durmuşda ýaşadarys we olaryň edýän amallaryndan hem has artyk
sogap bilen ýalkarys». Gowy durmuş Allanyň ýagşy wadalaryna kalbyň
berkararlygydyr, Perwerdigäriň mähir-muhabbetine ýürekleriň ynjalygydyr. Ynsaplaryň azgynlyk kirlerinden tämizligidir. Hadysalaryň
garşysynda beýnileriň sowuk saklanmagydyr. Täleý synaglarynda
ýürekleriň köşeşik tapmagydyr. Takdyr öwrümlerinde nebsiň razy
bolmagydyr. Çünki olar Allanyň perwerdigärdigine, Yslamyň hak dindigine, Muhammet aleýhyssalamyň pygamber we resuldygyna iman
eden, ynanan adamlardyr.
***
362
RYSGYŇY GÖZLE, ÝÖNE AÇGÖZ BOLMA!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.