Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38

Total number of words is 3801
Total number of unique words is 2037
31.5 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
iň halamaýan jandarym derman bolup çykdy-ow. Aňyrsyna ýetmän
bir zat diýäýmeli däl eken-ow. Eger tomzak bolmadyk bolsa, meniň
derdim dermansyz boljak ekeni» diýipdir.
Dünýädäki bar zatlaryň hiç birine kembaha garama, käteler bolsa
özüňi kemsiden adamlaryň seniň üçin iň gerekli adam bolup biljekdigi hakynda pikirlen.
***
«Akylly adam diňe özüniň däl, eýsem, zürýatlarynyňdyr
ýakynlarynyň hem aladasyny edýär» diýilýär. Belki, şonuň üçindir,
käbir adamlaryň gurby-gaýraty barka ýedi arkasyna ýeterligini gazanjak bolup, gündiz ýaban ýatyp, gijesini gaýry ýerde düşleýändirler.
«Her günüň rysgy şol günüň özi bilen bile gelýär» diýlişi ýaly, ertirki
günüň bize nähili sowgatlary, serpaýlary, üstünlikleri getirjekdigini
* 37. Sargyt № 975
577
öňünden kesgitläp bolanok. Rowaýatlara görä, her ynsana ömrüne
ýeterlik rysgal bölünip berlipdir. Üstesine, ykbalyň bir eý görýän
häsiýeti bar. Ol seni garaşmaýan zatlaryň bilen begendirmegi halaýar.
Şeýle bolsa, eklenç meselesini alada etmegem, endişä batmagam ýerliksiz.
Ömrüniň paýawlap barýandygyny duýan Musa pygamber nesil-neberesini göz öňüne getirip, gama batyp: «Men dünýäden ötenimden soň, hernä bular hor-har bir gezmesinler. Ýaşan ömrümde-hä,
il gyýa bakar ýaly ters iş etmedim. Dowamatyma nägile bakar ýaly,
kimsäniň köňlünde kine döretmedim. Şonda-da, öz hünärleri, kärleri bilen gazanyp bilseler, özgelere el sermeseler, ýüz saraltmasalar, öz başlaryny özleri çarasalar bolýar…» diýip, böwrüni hümledip oturan eken. Şol wagt onuň kalbyna arşy-agladan: «Eý, Musa,
ýeriňden gal-da, deňziň kenaryna bar. Hasaňy deňze ur, suw ikä
bölüner. Deňziň düýbünde bir daş bardyr, hasaňy degirseň, ol daş
hem ikä bölüner. Sen meniň gudratymy şol ýerde görersiň» diýen
ses eşidilipdir. Musa pygamber aýdylyşy ýaly edipdir. Deňziň gyrasyna baryp, hasasyny suwa degripdir welin, suw serpilip, deňiz ikä
bölünipdir. Aýdylyşy ýaly, deňziň düýbünde bir daş bar eken. Musa
pygamber elindäki hasasyny daşa dürtüpdir welin, daş darka ýarylyp, ikä bölünipdir. Seredip görse, şol daşyň içinde bir gurçuk ýaňy
ýolnan ter ýapraklaryň birini gemrip ýatan ekeni. Musa muňa haýran
galypdyr. Şol wagt: «Eý, Musa, ýedi gat deňziň düýbündäki daşyň
içindäki gurçuga rysgyny ýetirýärin, ýeri onsoň, ýeriň üstünde gezip
ýören zürýatlaryňa rysgyny ýetirmek maňa kyn düşer öýdýärmiň?»
diýip, hälki ses gaýtadan gulagynda ýaňlanypdyr. Musa pygamber bu
ylahy hikmete we gören gudratyna haýran galyp, şondan soň güzeran
gaýgysyny etmejekdigine söz berip, toba edipdir.
***
Akyldarlaryň birinden gybatyň nämedigini sorapdyrlar:
«Ýanyňyzdaka ýüzüne aýtmakdan ejap edýän zatlaryňyz hakynda
578
ýeňsesinden gürlemek» diýipdir. «Ýöne biziň gürrüňini edýän zatlarymyz şol adamda bar bolsa näme?» diýip, adamlar has anyklamak
isläpdirler. «Şol häsiýetler şonda bar bolsa «gybat» diýilýär, ýok bolsa, onda oňa «töhmet» diýilýär diýip, akyldar sözüni dowam edipdir.
«Üç zady başarmasaňyz, beýleki üç zatdan: ýagşylyk edip bilmeseňiz,
ýamanlyk etmekden saklanyň. Adamlara nepiňiz degmese, olara zelel
ýetirmekden saklanyň. Diliňizi saklamagy başarmasaňyz, gybat edip,
ynsan mertebesini çeýnemekden saklanyň» diýipdir.
Toý-märekeleriň birinde gürrüňdir gybatyň gyzan wagty ekeni.
«Agyz agyzdan ýel alar» diýlişi ýaly, her kim bilenjesini orta oklap
oturyşyna, üstünden ätlenilip ötülýän adam ýetmändir. Şol ýerde ýok
her kime deglipdir. Her kim dile düşen biri hakda näme gören-eşiden
bolsa, gürrüňe girişmäge juda döwtalap ekeni. Toý eýesi bu ýagdaýa biraz sabyr etse-de, soňra kanagaty ýetmändir. «Gybaty bes
ediň» diýip, gönümel aýtsa, toýa gelenleriň göwnüne degjek. Hiç zat
ýaňzytmasa-da, toý lezzeti başga ýana ýazyp gitjek. Ahyry bir çykalga tapypdyr. Atasyndan eşiden tymsaly güpbe ýadyna düşüpdir. «Size
bir sowalym bar» diýip, toý eýesi märekä ýüzlenipdir. Her kim bu
üýtgeşik gürrüňe üşerilişip, ses gelen tarapa bakypdyr. «Eger bir adam
ukuda ýatan bolsa, şol wagt ýel öwsüp, onuň owrat ýerini çalaja açsa,
siz şony örtermidiňiz?» diýipdir. Her ýerden jogap sesleri eşidilip:
«Elbetde, örterdik, bu hem sogap, hem edep ahyry» diýşipdirler.
«Ýöne siz şol ýerini örtüp, galan ýerini açýaňyz ahyry» diýip, toý
eýesi aýdypdyr. Märeke: «Toba, toba, biz nädip galan ýerini açýarys?
Bu nä jüre gep?» diýşip, geň galypdyrlar. «Ýanyňyzda bir adamyň
ýaramaz häsiýeti ýatlanylsa, siz üýşüp, beýleki ýaramaz häsiýetlerini
hem birme-bir açyp başlaýarsyňyz. Ýogsam, şol häsiýetleriň köpüsi gürrüňini edeniňe-de degenok. Ýene birnäçe häsiýeti bardyr, ol
gylyklaryň saňa ýaramaýandygy onuň erbetdigini aňladanok» diýip,
toý eýesi sözüni delillendiripdir. Märekäniň sesine suw sepilen ýaly
bolupdyr.
***
579
«Karunyňky ýaly mülk isleseň, Karunyňky ýaly nebsiň we
yhlasyň bolsun». Bu nämedir bir beýik zady gazanmaga höweslendirmek üçin gadymda aýdylan söz. Ýöne hiç kes Karunyňky ýaly
ömür we abraý islänok. Ýogsam, taryhy çeşmelerde Karunyň örän
köp ylymlardan sowatlydygyny, Töwraty hoş owaz bilen okandygyny, alhimiýanyň köp syrlaryny bilendigini, ýönekeý metaly gymmatbaha daşa öwürmegiň hötdesinden gelendigini, dürli daragtlary,
baldaklary bir-birine sapyp, miweleriň täze görnüşlerini oýlap tapandygyny, mermer we gips önümlerini peýdalanmagyň ýollaryny açandygyny, şeýle hem ylym arkaly ýene birnäçe gazanan zatlary ýatlanylýar. Onuň bu zatlardan gazanan mal-mülki, hazynasy köp galalary,
köşkleri, küňreleri doldurypdyr. Hatda diňe onuň hazynalarynyň gulpuny götermek üçinem daýaw-daýaw ýigitleriň ençemesi gerek bolupdyr. Dünýä taryhyndaky ilkinji kapitalistiň hem Karundygy nygtalýar. Käbir adamlary baýlyk bilen imrindirip, başyny aýlap, başga
birine töhmet atdyran ilkinji adam hökmünde hem Karun ýatlanylýar. Depseň deprenmez baýlygyň üstünde mesirgemän saklanmak
aňsat iş däl. Magtymgulynyň: «Günde kyrk at bezäp berdiň Karuna»
diýşi ýaly, ol bezemen lybaslara bürenip, ýanyna hyzmatkärlerini
hem alyp, özüni görkezmek üçin mahal-mahal il arasyna gezelenje
çykar eken. Muny görenleriň käbiri Karunyňky ýaly mal-mülk isläpdir. «Bizde-de şeýle zatlar bolsady» ýa-da «Bizem Karunyň dosty
bolsadyk» ýaly arzuwlara çümüpdirler. Her zadyň ötegçidigine akyl
ýetirýän adamlar bolsa, badyhowalyga sebäp bolýan her bir zatdan
goramagy üçin Biribara sygnypdyrlar. Ýöne ömür çäkli, her kim bir
gün gitmeli. Aslynda, şol ömri abraý bilen ýaşamagyň özi bagt. Beýle
bagtam her kime miýesser edip duranok. Karunyň bagtyny ýatyran
esasy zatlar – lebzinde durmandygy, husyt-syrnyhdygy we ulumsylygydyr. Heniz ýaş ýigit mahaly döwrüniň keramatly adamsynyň
ýanyna baryp, Biribardan özüne mal-mülk eçilmegini sorapdyr. Eger
özüni tutup, baýap gitse, her gazanan zadynyň belli bir mukdaryny
garyp-gasarlara paýlamaga äht edipdir. Dilegler dergähde kabul edil580
se-de, Karun sözüne wepa bermändir. «Bu zatlaryň ählisini men
öz akylym, öz ylmym bilen gazandym» diýip, kejirligine tutupdyr.
Mätäç bendeler zerur hajatlary üçin ýüz tutsalar-da, olaryň haýyşyny
bitirmändir. «Men bulary özüm üçin gazandym, özüm ylgadym,
özüm yhlas etdim. Indem, ony size bererinmi?» diýip, gaýta arkan
gaýşypdyr. Ulumsylygy hem bu häsiýetleriniň üstüne bolupdyr. Bir
gün ol ýene-de özüni görkezmek, mahabatlandyrmak üçin hyzmatkärlerini ýanyna alyp, atlaryny, eşeklerini we gatyrlaryny hatar-hatar
edip, bezenip-beslenip ýola çykypdyr. Zamanasynyň keramatly
adamsynyň söhbet edip oturan ýerine gelipdir. Şahana zynat, dürli
öwüşginler märekede oturan adamlary şamaryň gözüne awlanýan
guş mysaly özüne ýesir edipdir. Her kim akyl märekesini terk edip,
zer-zynatlary synlamaga, «bize-de ýoksun» diýip, ellerine we alynlaryna sürtmäge başlapdyrlar. Karun muňa monça bolup, akyldara:
«Eý, zamananyň serweri saýylýan, saňa keramat berlen bolsa, maňa
baýlyk, mülk berildi. Men pul bilen hemme işleri bitirýän, sen söz
bilen näme bitirersiň?» diýip, ýaňsylamaga başlapdyr. Keramatly
adam oňa: «Gel, her kim özünde bar zadyň güýjüni görkezsin» diýipdir. Karun ilki gezegi özi alypdyr. Penjelerini zer-tyllalardan dolduryp,
oňa garşy dileg edipdir, hemşeri-ýaranlaryny keramatla garşy odukdyrypdyr. Ýöne ynsanlaryň birem oňa el uzatmaga, dil ýetirmäge milt
edip bilmändir. Gezek keramatla ýetipdir. Ilkinji gezek dilände, Karun topugyna çenli topraga gömlüpdir. Ikinji gezekde dyzyna çenli,
soňra biline çenli, soňra kekirdegine çenli topraga siňipdir. Birden ýer
hopman arasyna salym salynmagy, henizem onuň tobasyna möhlet
berlenligi eken, ýöne Karunda beýle pikir-küý asla bolmandyr. Ahyry
ony, soňra onuň ähli baýlygyny, mal-mülküni bir wagtyň özünde ýer
ýuwudypdyr. Sähel salymda öňki kaşaňlykdan nam-nyşan galmandyr. Sähel demde gugaryp galan harabaçylygy görüp, zer-zynata
göwün beren adamlar hem dessine tobasyna daýanypdyrlar. Akylhuş hem, gaýrat-güýç hem, ylym-bilimem, goragçy-hyzmatkärem,
hemşeri-ülpet hem, ulumsylygyň getirýän külpetinden gorap bilenok.
581
Gadymdan gelýän bir söz bar: «Tekepbiri we zalymy Taňry söýmez.
Toba etmegiň üçin möhlet berer, ýöne ahmal etmez».
***
Durmuş wakalarynda gaýta-gaýta göz ýetirilen bir hakykat bar:
Ýagşylyk etseň, göwnüň giňeýär. Bitmän duran işleriň çilesi açylýar.
Ýagşylyga sarp eden mukdaryň azyndan iki esse bolup özüňe dolanýar. Haýyş bilen ýüz tutan birine ýagdaýyň bolubam ýardam etmedik bolsaň, bir kynçylyga mübtela edip biler. Onsoň, Eýýubyňky
ýaly sabryň bolmasa, her zat öz katdyna dolanýança, durmuş ýüklüje
geçýär.
Eýýup örän döwletli adam bolupdyr. Mal-garasy sähralara, mülki-dünýäsi köşklere sygmandyr. Edenli-diýenli perzentleri hem her işe
mähetdel ýapyşar ekeni. Guwanyp oturmaly döwleti, bereketli ojagy
bolupdyr. Ykbalyň öwrümi kän. Her öwrüm uly bir synag. Käteler
bolluk bilen synaýar, käteler zorluk, horluk bilen. Zarbyna döz gelip bilseň, öňüňde gowy günler, ýogsamam, tä ykbal gaýtadan gülüp
bakýança, dermany tapylmaz bir derdiň astynda ýegşerip galýarsyň.
Bir gün Eýýup öýüne dolanyp gelýärkä, öňünden mätäç biri çykyp: «Eý, Eýýup, seniň mal-mülküň, bol nygmatlaryň bar. Ýagdaýyň
bardygyny bilip ýüz tutýaryn, meni bu garyplyk derdinden halas
et» diýipdir. Eýýup biraz säginip, onuň sözlerini diňläpdir. Öz gurbuny göz öňünde aýlapdyr. Bu biçäräni garyplykdan halas etmäge
harjynyň ýeterlikdigini ýatlapdyr. Ýöne göwnüň bir künjünde nebsiň
pyşyrdylary barha beleň alyp: «Men muňa kömek etsem, ýene biri
geler. Soň ýene biri... men dünýäň garyplaryny doýrup bilmen ahyry» diýip, içdäki nebis seslenipdir. Eýýup oňa kömek etmekden ýüz
öwrüpdir. «Sen, gowusy, Hudaýa ýalbar. «Bendesiniň bereni dadymlyk, Hudaýyň bereni doýumlyk» diýilýär. Maňa-da, saňa-da Hudaý berýär ahyry» diýipdir. «Men ençeme günläp ir säher oýanyp,
Hudaýdan diledim. Ol meniň kalbyma seni saldy we seniň öýüň
salgysyny berdi» diýip, biçäre bende ýene özelenipdir. Onuň bolup
durşuna we her sözüni jogapsyz goýmaýşyna Eýýubyň myrryhy at582
lanyp: «Pirimiňe ulaşmak üçin tapmaýan sözüň, çykarmaýan hokgaň
ýok ekeni. Men saňa kömek edip biljek däl» diýip, Eýýup gaharlanyp, öz ýoluny dowam edipdir. Şondan köp wagt geçmänkä, Eýýubyň
durmuşynda düýpli özgerişlikler ýüze çykyp başlapdyr. Bir pajygaly
waka sebäpli bir günde ähli perzendinden jyda düşüpdir. Aglapdyr,
eňräpdir, ýöne gidenler yzyna dolanmandyr. Ýene biraz salymdan
soňra, ähli mallary kesele ýolugyp, heläk bolupdyr. Ýene bir gün
hazynalary ogrulara olja bolupdyr. Garaz, şol wakadan uzak wagt
geçmänkä, birmahalky döwletli ojakda diňe Eýýup bilen aýaly garyp
halda galyberipdir. Perzent ajysy, öwrenilişen bolelinlikden el üzmek
Eýýuby halys egbarladypdyr. Üstesine, gaýgy-gam onuň synasyny
hem dürli dertlere sezewar edipdir. Eýýup sabyr edipdir, çydapdyr,
bu wakalaryň ýönelige bolmaýandygyna ýa munuň bir synagdygyna, sabyr etse, ýene-de gönençlige gowuşjakdygyna, ýa-da goýberen
bir hatasy, säwligi üçin temmi berlendigine düşünipdir. Başyndan
geçen hemme wakalary göz öňünde aýlapdyr. Agyry-ynjylara mertlik bilen döz gelipdir, ýöne bu günlere sebäp boljak etmişi teý göz
öňüne gelmändir. Şeýdip, öz derdi bilen göreşip, ýyllary geçiripdir.
Bir gün teläriň astynda oturyp, köçeden geçenleri synlap durka, bir
garybyň başga birinden kömek hantama bolup durandygyna nazary
kaklyşypdyr. Barjamly adam ol garybyň sözüni ýykyp, ýüzüni alyp,
haýyşyny ret edýän ekeni. Bu wakany görende Eýýubyň öz başyndan
geçiren şuňa meňzeş wakasy ýadyna düşüpdir. Ýüregi gobsunyp gidipdir: «Şonda ol biçäräni öte ynjytdymmykam?! Ähli apatlar şondan
soňra ýüze çykyp başlady. Meniň muňa ähmiýet bermeýşimi diýsene»
diýip, şol etmişi üçin toba edipdir. Ýerine düşen toba dessine kabul
bolýar. Birnäçe wagtdan soňra, Eýýup ähli derdinden saplanypdyr.
Mal-mülki ýene-de köpelip başlapdyr. Birmahalky döwletli-döwrany
özüne dolanyp gelipdir. Ýöne mundan soňra kim näme kömek sorasa, Eýýup başardygyndan berjaý edipdir. Ýogsam-da, Hak ýola sarp
edilen her bir zadyň azyndan iki esse, käteler on müň esse bolup
583
dolanýandygyna akylyň çatyp durka, beýle geleşikden binesip galmak, akylly adamyň etjek işimidir?!
***
Käbir häsiýetlerden birbada saplanmak ýeňil-ýelpaý däl. Esasanam, sulhuň almaýan, mäşiň bişişmeýän adamlar hakda gürrüň gozgalsa, gowy häsiýetleriniň hem bardygyny bilýändigimize garamazdan, maý tapsak, aýyby-nogsany hakynda gürläsimiz gelip dur. Bizi
diňleýän beýleki adamlaryň hem edil özümiz ýaly pikir etmegini,
olaryň aňyna şübhe dänelerini sepelemegi, iň bolmanda, «seresap»
bolmagyny ynandyrjak bolup, ýok zatlary hem suňşuryberýäris.
Maňzymyza batmadyk ýekeje häsiýeti üçin, galan gowy häsiýetlerine
hem göz ýumýarys.
Bir gün şägirtleriniň duýgy-düşünjesini saldarlap gören halypa olaryň ýüreginde basdaşlygyň mäkäm orun tutandygyny, sähel
jylawyny ýazdyrsalar, bu häsiýetiň göriplige ýazyp gitjekdigini bilipdir. Şägirtlerini ýanyna çagyrypdyr. Ählisinden hem: «Deňziň ortasynda bir gaýyk bar bolsa, gaýygyň içinde hem on sany adam bar
bolsa, şol adamyň biri zandyýaman, galan dokuzy düzüw bolsa, nähili
hereket ederdiňiz? Zandyýamandan dynmak üçin gaýygyň böwrüni deşmäge taýynmysyňyz?» diýip sorapdyr. Şägirtleri bu sowala
ör-gökden gelipdirler: «Ýok, halypa, beýtsek, galan dokuz adam hem
bigünä ýere heläk bolar».
«Onda, sizem deň-duşlaryňyzdaky birje nogsanlyk ýa-da bärden
gaýdýan hereketi üçin galan gowy häsiýetlerini görmezlige salmaň.
Beýtmek, şol gaýygy suwa gark etmek bilen des-deňdir» diýip, halypalary bu tymsalyň manysyny düşündiripdir.
Siz birje miwesine gurçuk düşendigi üçin bagyňyzdaky alma daragtyny düýbünden çaparmydyňyz?
***
Ýanyňdakylar bir zadyň gürrüňine gyzan bolsalar, senem
olaryň ýanynda dymyp otursaň, gelşiksiz görülýär. Ýöne gürrüňe
584
goşulyşmagyň hem ugur-utgusy, edebi bar. Käbir ýagdaýlarda ýüzüňi
alsalar ýa-da ýüz bermeseler, dessine olary özüňe göwniýetmezçilik etmekde ýa-da senden bir zady ýaşyrmakda aýyplap oturmagyň
hajaty ýok.
Ýaşuly töweregindäki adamlara durmuş tejribelerinden dürler
saçyp: «Ilçilik, her töwra adam bar. Hemmesi bilen gepiňiz, sözüňiz
alşyp gitmez. Ýöne köpçülige dogry düşüniň. Käbir adamlar bardyr,
gaňryşyňa gaýdany bilen duşman däldir, ýene käbirleri bardyr, makullany bilen dost däldir. Edebe uýgun hereket edýän adam il içinde sylanar. Bir başy müň derde mübtela etmek üçin bolsa ýekeje gedemlik
ýeterlikdir» diýip oturan ekeni.
Köpçülikden gürrüň açylansoň, oturanlaryň biri içini döküp, derdini egismek isläpdir. «Soňky döwürlerde adamlara bir zad-a bolupdyr. Sylanyşyk galmandyr. Sähel gowşak gopsaň, şolaryň köpüsi äsgerjegem däl. Arada bir meýlisde oturdym. Men olara ähmiýetli gören
zatlarymy her näçe janygyp gürrüň bersemem, sözüme pitiwa eden
bolmady. Gaýta, ikibir-ikibir bolup, hyşy-wyşy pyşyrdy, maňa ala göz
bolup bakdylar. Olaryň ýanynda ýagşy sözüňem, gowy adamlaryňam
gadyry galmandyr. Gaty hapa boldum» diýipdir. Ýaşuly bu wakany
ünsli diňläninden soň: «Megerem, seniň özüňde hem ýazyk bardyr»
diýip, oňa ýüzlenipdir. Oturan adamlar bu jogaba geň galypdyrlar.
«Sekiz hili ýagdaý bar, şol ýerlerde äsgerilmeýän adam, günäni özünden gözlesin. (Äsgerilmeseň, özüňden gör). Birinjisi, özüne kybap
däl adamlaryň meýlisinde oturýan adam; ikinjisi, gulak asmaýanlara, gürrüň berýän adam; üçünjisi, iki adam özara gürrüň edip durka, aralaryna sokulýan, ýöne oňa ýüz berilmeýän adam; dördünjisi,
özüne ähmiýeti bolmadyk işlere burnuny sokýan adam; bäşinjisi,
ýaşaýan öýüniň eýesine garşy dildüwşük gurnaýan adam; altynjysy,
toý-zyýapata çakylyksyz barýan adam; ýedinjisi, duşmanlaryndan
ýagşylyga garaşýan adam; sekizinjisi, ýagşy adamlaryň mertebesini depgileýän adam. Ine, şu hereketleri edýän adam günäni özünden görsün, özgeleri ýazgarjak bolmasyn» diýipdir. Gürrüňe goşulan
585
adam öz hereketlerini saldarlap görensoň, özüniň hem bärden gaýtma
hereketleriniň bardygyna düşünipdir.
***
Aýtmaklaryna görä, eger-de geljek biziň şu günki pikirlerimize,
işlerimize görä ýüze çykýan bolsa, onda biziň şu günki ýagdaýymyz
düýnki işlerimiziň, pikirdir niýetlerimiziň netijesi bolup durýar. Ykbal
hiç wagt hiç kime gyýa bakmaýar, çünki ykbal beýle pes hereketleri
ederden beýikdir. Islegleriň gowşakdygy, yhlaslaryň ýeterlik däldigi
bizi öz maksadymyza ýetmekden bökdeýän zatlaryň biri. Hemme
şowsuzlygy, kynçylygy ýazgydyň üstüne atmak bolsa, öz ejizligiňi
aklajak bolmakdan başga zat däl. Durmuş juda hasaply. Bu ýerde
ýaşamak üçin bagyş edilen sanalgy günler däl-de, özümize dolanyp
gelýän amallarymyz we hereketlerimiz göz öňünde tutulýar. «Hasap
edeniň bolmaz, nesip edeni bolar» diýilse-de, alnymyzdan çykýan
käbir ýagdaýlaryň düýnki hereketlerimiziň gaýtargysydygy aýdyň
hakykat. Halk dili bilen aýtsak: «Her kim ekenini orar, berenini alar,
görkezenini görer».
Bir maşgalanyň keşigini çekip ýören adamlaryň biri ýoňlapdyr.
Öýe getiren azyk gory hem gutaraňkyrlapdyr. Bazara, söwda-satyga
çykmaga mejaly bolmansoň, bu gezek çörek hem-de käbir gök önümleri alyp gelmek üçin aýalyny ugratmakdan başga alajy galmandyr.
Çagalary hem heniz çülpeje ekeni. «Zerur bolmasa, bu işleri bir özüm
çözerdim welin, bu wagt şundan başga alajymyz ýok. Özümizden
bitýärkä, gaýry kişilere ýüz saraltmagam ata-baba ganymyza siňmedik
häsiýet» diýip, hojalykbaşy dillenipdir. Mundan öň bazarlyk meseläni ýoldaşynyň bir özi çözüp ýörensoň, bir özi bazara gitmekden ejap
edip: «Kakasy, men bazaryň ýolunam dogry bilemok. Üstesine, del
gözlerden, del bakyşlardan çekinýärin» diýip, aýaly öz howatyrlanmasyny ýaňzydypdyr. «Ýaradany ýat edip, arkaýyn ýöräber, hiç kim
ýüzüňe gaňrylyp seretmez. Bolaýsa-da, diňe biri ýüzüňe dikanlap bakar-da, soňam öz müýnüni duýýan ýaly, aşak bakyp, öz ýoluny dowam
586
eder» diýip, adamsy jogap beripdir. Başga çykalga galmansoň, ol aýal
eline sebetlerini alyp, bazar mähellesine tarap ýola düşüpdir. Kişi nazaryny özünde eglemäge ýeterlik görki-jemaly bolsa-da, ýolboýy bu zenana gabak galdyran adam bolmandyr. Hatda gyýa bakyp seredenem
tapylmandyr, her kim öz aladasy, öz işi bilen gümramyş. Bazar jaýyna
baryp, söwda-satyg edip, yzyna dolanmakçy bolanda, birdenkä bir ýaş
ýigit bu zenanyň ýüzüne dikanlap seredipdir. Dessine-de «bagyşlaň»
diýip, ýüzüni aşak salyp, öz ýoluny dowam edipdir. Aýal sag-aman
öýüne dolanyp gelipdir. Gelibem, ähli wakany bolşy ýaly adamsyna
gürrüň beripdir. Bu ýagdaýyň onuň hut aýdyşy ýaly bolandygyny, nädip öňünden bilendigini sorapdyr. Adamsy ýylgyryp: «Bu üýtgewsiz
durmuş hakykaty. Özüň nähili bolsaň, özüňe hem şeýle garalýar. Sebäbi meniň özüm şeýledim. Özüme degişli bolmadyk zatlara göz gyzdyrmazdym. Diňe ömrümde birje gezek, heniz öýlenmedik mahalym,
ýanymdan bir zyba zenan geçip gidende, bir pursatlyk akylymy aldyryp, aňalyp galypdym. Ýöne dessine oýanyp, öz akylyma aýlanypdym
we ýolumy dowam edipdim. Durmuşda näme etseň, özüňe hem şony
edýärler. Näme berseň, özüňe iki essesi gaýdyp gelýär. Meniň kişi emlägine göz gyzdyrmaýandygym üçin, hiç kimse hem maňa degişli zatlara göz gyzdyrmaz. Munuň syry şol» diýipdir.
***
Il-gün, köpçülik bilen agzybir gatnaşmagyň iňňän uly sogaby
bar. Sähel sebäp, maý ýa bahana tapylsa, diňe salamyň sogaby üçinem birek-birege görme-görşe, zyýapata barybermeli. «Diňe işi düşen
wagty ýüz tutýar» diýen düşünjäniň aňlarda berkemezligi üçin hem
ýagşy ýörelge bolsa gerek. Üstesine, ol gazanjak rysgy-rozumyzyň bir
çeşmesi saýylýar. Agzybirligiň berýän güýji-rowgaty, sowgady hem
köpdür. Hiç ýere çykman, görünmän, köpçülige gatylman ýörseň,
hatda il içindäki öz ornuňy hem kesgitläp bolanok. Bärden gaýdýan
häsiýetleriňi, kemter hereketleriňi düzetmek, düzlemek üçinem
köpçüligiň ýanynda bolmak gerek.
587
Gadym döwürlerde örän takwa we ybadathon bir adam ýaşapdyr.
Ol ylym-bilimde öz zamanasynyň ählisinden has öňe düşen eken. Bütin
ömrüni ybadata bagyş edipdir. Bir gün ol öz ýanyndan pikir edipdir-de,
«Munça ýyllap eden ybadatymyň, çeken zähmetimiň hormaty hökmünde Biribar meni aýratyn sylaga laýyk görüp biler. Indi adamlaryň
elinden hiç zat iýmäýin. Men diňe Hudaýyň beren zadyny iýip oňmak
üçin, daglarda mesgen tutaýyn» diýipdir. Ol dag içinden bir gowagy
saýlap alypdyr-da, tagat-ybadatyna meşgullanyp başlapdyr, ýadynda saklan doga-dileglerini dynman gaýtalap oturypdyr. Ol Hudaýdan umyt edip, «meniň ryzkym häli geler, şindi geler» diýip, garaşyp
otyrmyşyn. Bir gün geçipdir, onuň ýanyna hiç zat getirilmändir. Iki
gün geçipdir, ýene-de öňki ýaly tama edip otyrmyşyn, ýöne ne iýmit,
ne içgi, hiç zada gözi düşmändir. Üçülenji gün hem şeýle bolupdyr. Ol
adam üç günläp iýip-içmänsoň, ysgyn-mydardanam gaçypdyr, tagat
etmäge hem hiç rowgaty galmandyr. Ol: «Men Hak ýolunda niçe ýyl
tagat-ybadat etdim, ähli şertini-talabyny birkemsiz ýerine ýetirdim.
Ýöne, näme üçindir, Biribar maňa rysk bermedi-le?» diýip, çuň pikire
batypdyr. Şol wagt Biribar onuň kalbyna: «Eý, adam, men kimdir
birine kömek etjek bolsam, baryp, özüm kömekleşip gaýdamok. Kimdir birine bir zat berjek bolsam, «me, al» diýip, özüm eltip gaýdamok.
Men her kesiň mynasyp halyny, gerek malyny, mätäç zadyny, rysgyny kimdir biriniň ýa-da nämedir bir zadyň üsti bilen ýetirýärin.
Adamlaryň arasyna git, seniň rysgalyňy şol ýerde goýdum. Köplükde,
agzybirlikde bereket bardyr» diýen pikiri salypdyr. Ol takwa dagdan
düşüp, obanyň bir çetinden giripdir welin, ynha diýersiň, her kim ony
öz öýünde düşletjek, myhman aljak bolup ot-elekmişin. Ýüzi nurana,
sakgally, peşeneli ýaşulyny hemmeler ýagşyzada mysalynda görüpdir.
«Tagsyr, biziň myhmanymyz boluň. Bize ýagşy dileg-dogalar ediň.
Ak pata beriň!» diýşip, her kim bu takwanyň ýagşy sözüne, alkyşyna
eýe bolmaga janserek ekeni. Takwanyň göwnüni görjek bolup, saçaklaryny dürli-dümen näz-nygmatlardan doldurypdyrlar. Saçagy uludan
ýazypdyrlar. Bu zatlary göreninden soň, takwa ýene-de pikire çümüpdir: «Hernäçe hyzmat etdik diýsegem, juda bärden gaýdýan ýerlerimiz
588
henizem köp ekeni. Isläniň bilen Asmandan altyn dökülenok. Bize
gerekli zatlar adamlaryň üsti bilen ýetirilip durulýan ekeni» diýipdir.
Şondan soň adamlardan, il-günden üzňe bolmak hakynda asla pikir
etmejekdigine öz ýanyndan söz beripdir.
***
Il-gün, köpçülik bilen agzybir gatnaşmagyň iňňän uly sogaby bar. Sähel sebäp, maý ýa bahana tapylsa, diňe salamyň sogaby
üçinem birek-birege görme-görşe, zyýapata barybermeli. «Diňe
işi düşen wagty ýüz tutýar» diýen düşünjäniň aňlarda berkemezligi
üçin hem şeýle etmek ýagşy ýörelge bolsa gerek. Üstesine, ol gazanjak rysgy-rozumyzyň bir çeşmesi saýylýar. Agzybirligiň berýän
güýji-rowgaty, serpaýy hem köpdür. Hiç ýere çykman, görünmän,
köpçülige gatylman ýörseň, hatda il içindäki öz ornuňy hem kesgitläp
bolanok. Bärden gaýdýan häsiýetleriňi, kemter hereketleriňi düzeltmek, düzlemek üçinem köpçüligiň arasynda bolmak gerek.
***
Gadym döwürde uzak ýola syýahata çykan bir adamyň öňünde
aňyrsyna göz ýetmeýän ummasyz deňiz keseripdir. Golaý-goltumda özünden başga janly-jemendä, haraý-dalda isläre yns-jynsa gözi
düşmändir. Ýalňyz heserdeşi uzak ýola atygsaýan göwni-ýüregi
eken. Ol kenara aşmak üçin ýa-ha bir gämi, gaýyk, sal ýa-da ýöne bir
naw, ýa-da uzalyp gidýän köpri gerek bolupdyr. Özüňi ýalňyz duýan
pursatlaryň hiç mahal ýalňyz galmaýandygyňy duýdurmak üçin Perwerdigär pena elini uzadýar. Ol uzan eli hiç kim bökdäp bilenok.
Ol penany hiç kim syryp bilenok. Ýaňky adamyň göwün gulagyna
arşdan bir seda gelipdir: «Goşawujyňy tut, saňa berjek zatlarym bilen
bu deňizden öter ýaly özüňe köpri ýasa, ýol düşen» diýipdir. Adam
muňa begenipdir: «Saňa çäksiz şükür edýärin, maňa gerekli zady, dilemezimden hem ýetirip dursuň» diýipdir. «Saňa ýetirip durmak meniň
islegim, emma bu wagtky berýän zadym öz gazanan zatlaryň. Düýn
nämeler eden bolsaň, bu gün seniň eliňe şonuň iki essesini bermekçi.
589
Sen eliňe düşen her zady öz aýagyňa düşen. Bu deňizden ötmegiň
ýeke-täk ýoly şol» diýipdir. Şeýdibem, salykatly adam düýnki hasyl
eden halal amallaryny ertirine köpri edinip, bu deňizden sag-aman
ötüpdir. Bu bir tymsal. Sapar-syýahat – bu ötülmeli menzil, ýörelmeli
ýol, ýazylan ykbal. Deňiz – içinden geçmeli, görmeli durmuşymyz.
Köpri we onuň serişdesi – biziň düýnki eden amallarymyz üçin şu
günki gazanýan netijämiz. Onsoň, düýn biz nähili hereket eden bolsak, kime nähili daran bolsak, nähili garan bolsak, ertir biz hut şol
ýagdaýlaryň azyndan iki essesini alnymyzdan tapýarys. Ýagşylyk
bolsa, esse-esse ýagşylyga gabat gelýäris, ýamanlyk bolsa, gat-gat
ýamanlyga uçraýarys. Durmuşda gaýry çözgüt, başga mesele ýok.
Nowellalyk täsir diňe ýazylýan eserlerde bar. Durmuş bolsa, daşyndan
göräýmäge nowella kysmy bir zat bolsa-da, mazaly synlap-seljerseň,
ölçerip-dökseň, goşup-aýyrsaň, meselä meňzär gider, «deňdiriň»
yzynda hökman bolaýmaly bir netije peýda bolar durar. Näme berseň,
şony hem alýarsyň. Näme ekseň, şony hem orarsyň. Netijede, ertirki
gün ýa-ha el uran ýerimizden altyn ýa alkyş taparys, ýa-da ýaramaz
häsiýetimize muwapyk gelýän durmuş taparys. Bu düzgün bir adam,
bir maşgala, bir oba, il, ýurt, dünýä babatda ýörgünli. Bularyň ählisi
berýän zadyny esseläp yzyna – özüne alýar. Netije şu – biz şu günki
edýän işlerimiz bilen geljegimizi gurýarys.
***
Bir gezek adamlaryň birine ynsan keşbindäki ýagşylyk gabat
gelipdir. Ol ýüzi nurana, didelerine bakanyňdan göwnüňi göterýän,
dünýäniň ünjüsini unutdyrýan ukyba, häsiýete eýe ekeni. Adam onuň
kimdigini, aslyny, nesebini, gelip çykyşyny sorapdyr. Ol: «Men –
Ýagşylyk» diýip jogap beripdir. «Ýagşylyk diýilýäni gowy, gözel
zat ekeni» diýip, ol adam içinden pikirlenipdir. Şol wagt «Ýagşylyk
hakda pikir etmekligiň özi hem ýagşylyk» diýip, Ýagşylyk
pyşyrdapdyr. «Sen meniň içki pikirlerimi neneňsi duýduň?» diýip,
ol adam geňirgenipdir. «Bu maňa mahsus ýagdaý. Maňa men hak590
da pikir edýänleriň ýanynda bolmak buýruldy» diýip, Ýagşylyk
özüniň tebigatyny düşündiripdir. «Kim ýagşylyk hakda pikir etse,
ýagşy işleri niýet etse, men hem olara tarap ýönelip başlaýaryn. Sebäbi meniň hiç wagt tozmaýan mülküm bar. Ýagşy iş edýänleriň
hakyny, paýyny şol mülkden elin gowşurmak meniň wezipäm. Ine,
Ýagşylygyň häsiýeti şu» diýip, ol özüni has içgin tanyşdyrypdyr.
«Ýanymda hemişe gowy ýagdaýlaryň ýüze çykyp durmagy üçin
nämeler etmeli?» diýip, ol adam gyzyklanypdyr. «Ýagşylyga niýet
et we hereket et. Eger-de sen meni içiňden ýatlasaň, men hem
seni içimden ýatlaryn. Eger-de sen men hakda köpçüligiň içinde
ýatlasaň, menem seni köpçüligiň içinde has owadan sözler, abraýlar
bilen ýatlaryn. Eger sen maňa bir garyş ýakynlaşsaň, men saňa bir
gary ýakynlaşaryn. Eger sen maňa tarap bir gary hereket etseň, men
saňa tarap golboýy süýşerin. Eger-de sen maňa tarap ýöräp gaýtsaň,
men seniň ýanyňa ylgap bararyn. Ýöne bir şerti bar, ilkinji ädimi
başlamak diňe özüňe degişlidir» diýipdir.
Ynsan käteler öz durmuşynyň özgermegine, has gowulyklar bilen
gurşalmagyna garaşyp, bütin ömrüni bihuda ötürýär. Akyldarlaryň
aýtmagyna görä: «Şol bir hereketi edip, dürli netijelere garaşmak
dälilikdir. Başgalaryň depäňizden bagt guýaryna garaşmaň, ilkinji
ädim hemişe özüňizden başlansyn!».
***
Aýtmaklaryna görä, ykbal her kime bir wezipe ynanarmyş.
Adamlaryň ukyp-zehin, başarnyk, güýç-gaýrat babatda biri-birinden
parhly ýaradylmagy hem şonuň üçin diýilýär. Muňa garamazdan,
hemmä deň bolan ýol-ýörelgeler, borç-wezipeler hem bar. Ilkinji
nobatda, öz etmeli işiňi dogry-dürs berjaý etmek, talabalaýyk ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Soňra ýagdaýyň boldugyndan, il
ýardamyna göwünjeň çemeleşmek sogaply hasaplanýar. Ýöne käbir
adamlar ýagşylygy diňe ýakynlaryna ýa-da tanyşlaryna etmek bilen
çäklenýärler.
591
Bir gezek adamlaryň biri halyfyň çakylygy boýunça giň meýdanda gurnalan zyýapata howlugyp barýan ekeni. Ýoluň bir menzilinde onuň öňünden sada geýnüwli bir pyýada çykypdyr. Ol: «Men
bir ötegçi. Bu jelegaýlaryň ogly däl. Bu ýerlerde tanyş-bilşimem ýok.
Şu wagt örän aç, suwsuz. Ýöremäge, ýortmaga mydarym galmady.
Öýüňüzde garbanara az-owlak azyk-owkat bar bolsa, getirip ber,
gaýrat et» diýipdir. Ol adam: «Menem şu wagt çakylyk bilen halyfyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.