Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02

Total number of words is 3731
Total number of unique words is 2077
28.9 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
syntgylap, täzeden gaýrata galmalydyrys. Ýa-da iň bolmanda yhlasymyz egsik gelendir, şoňa düşünmelidiris, mahlasy, kyn, agyr görnen her bir zatda hem many çykaryp we peýdalanyp boljak örän köp
ýagşylyk, haýyr bardyr, gizlenip ýatandyr. Akylyň bir häsiýeti bar,
ony wagtal-wagtal şeýle ýagdaýlar bilen tijäp, oýandyryp durmasaň,
öwrenişen, endik eden derejesinde galyberýär. Diýmek, iň bärkisi,
akylymyzyň kämilligi üçin hem şeýle kynçylyklar gerek ekeni.
Gönümellik gödeklik däldir. Biziň köpimiz şeýle ýagdaýlar
bilen ýüzbe-ýüz bolsak, aglaba halatda, zeýrenç, igenç duralgasynda
eglenenimizi eý görýäris. Sebäbi bu ýagdaýda zeýrenmekden ýeňil
düşjek hiç bir zähmet ýok. Şol wagt tankyt şuglalary bilen daş-töwerege syçrap durmagam müşgil däl, emma özümizi bu häsiýete
öwrenişdirsek, ähli zady şonuň üsti bilen gazanmaga endik ederis.
Bolmajak zat.
Hiç wagt öz şowsuzlygyň sebäbini özgelerden agtarma. Hatda
biri bilgeşländen saňa badak atýan, büdretmäge hyýallanýan ýaly
görünse-de, sen özgeleri ýazgarma. Gadymdan gelýän bir söz bar:
«Olar ýamanlyk diýip edýär, bize ýagşylyk bolup ýetýär». Eger birbada başa barmaýan bolsa, onda biz şu ýagdaýymyzda az-kem eglenip,
başgaça pikirlenmelidiris. Dürli ýollaryny, usullaryny saldarlap görmelidiris. Emma biz özümiziň nogsanlygymyzy we egsikligimizi aklamaga, bahana tapmaga şeýle bir ussat bolup gidipdiris.
Käbir adamlary göreniňde, muňa-da şükür edýärsiň. Şeýle bir
kişiler bar, olar diňe özlerini aklamak, özlerini hemişe hakly we
19
dogruçyl edip görkezmek bilen çäklenmän, gaýta pikir-düşünjesini
dogry tarapa üýtgetmek isleýän we oňyn özgerişlere uýgunlaşmak
isleýänleriň hem umydynyň puç bolmagyna sebäp bolýarlar: «Adamlar size üstünlik gazanmaga maý bermezler» ýa-da «Gowy döwür,
gowy adamlar bir eýýäm geçip gitdi» diýen ýaly pikirleri aýtmak
bilen olaryň hem badyny alýarlar.
Pygamber alaýhyssalam halamaýan zadymyz başymyza gelende
näme etmelidigimizi öwretdi. Umyt bilen öňe okdurylmaly we ökünç-zeýrençden, özüňi aklamakdan uzak durmaly. Resulalla: «Şeýden bolsam-a şeýle-şeýle bolardy» diýmegin. Diňe «Allanyň takdyr edenidir.
Allanyň halan işi bolar» diý. «Käşgä» sözi şeýtana gapy açýandyr» diýdi.
Gadyrdan dostum, men bu bölümi şeýle sözler bilen jemlemek
isleýärin. Ýene bir ýola nygtaýaryn: üstünlik gazanmak üçin haýsydyr
bir hal-ýagdaýlaryň, şertleriň gülala-güllük bolmagy, gowulaşmagy
esasy şert däldir. Şowsuzlyk saňa ýazylan gutarnykly ýazgyt däldir, ol
diňe has tijenmegiň üçin ýatlatmadyr. Bu ýollarda mert bolalyň, ýan
bermäliň, ejizlemäliň. Zeýrenmäliň. Anyk we aýgytly pikir, berk karar,
mäkäm ynam islendik kynçylygy we böwetleri böwsüp geçmäge gurbat berýär. Ähli durmuş ýagdaýlaryny hemişe asuda köňül, giň göwün
bilen kabul edeliň. Durmuşyň nämeler gizläp, ýygşyryp goýandygyna
ýa-da nämeleri görkezendigine, aýan edendigine garamazdan, ony
diňe ýagşy umyt, güler ýüz bilen garşy almalydyr. Akyl kompasynyň
diljagazy bahanalara däl-de, çözgütlere tarap bakyp durmalydyr. Tutuksy, gamaşyk suratlary däl-de, oňyn we aýdyň pikirleri görkezip
durmalydyr.
Şeýle bir söz bar: «Üstünlik bu bir merdiwandyr. Iki eliňi jübiňe
sokup, merdiwandan aslyşyp bilmersiň».
4. DYMMAKLYK ULY GÜÝÇ
Awraam Linkolnyň bir sözi bar: «Dymyp durmagyňy adamlar
akmaklyk hasap etse-de, gürläp, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan,
ýene-de dymyp duranyň gowudyr».
20
Mundan müň ýarym ýyl ozal Omar ibn al-Hattab: «Her bir
adam tä gürleýänçä meniň gözüme şeýle bir hormatly, şeýle bir eziz,
gürlänsoň, hemme hakykat aýdyň ýüze çykýar. Kimiň-kimdigi belli
bolýar» diýipdir.
Gerek ýerinde dymyp saklanmaklyk abraýly we eý görülýän
häsiýetleriň biri. Ol göwünlerde, ýüreklerde hormat-sylagy oýarýar.
Dilini boş we biderek ýaňramazlyga endik etdiren adamy,
dilini many we düşbülik bilen jylawlamagy başarýan adamy güýç-kuwwatyň eýesi hasaplap bolar.
Akyldan gapylka aýdylan, gör, näçe söz eýesini heläkçilige
uçratdy. Baýlyk-maly, abraý-ady gitdi.
Taryhy ýazgylara görä, Luis XIV ýaş ýetginjek wagty çeper
gürlemekde, jaýdar sözlemekde, birini susdurmakda, dawa-jedelde
üstün çykýandygy bilen buýsanar eken. Ýöne tagta çykanyndan soň
ol mese-mälim üýtgäpdir. Az gürläp başlapdyr. Dymmaklyk, az gürlemeklik onuň esasy ýaraglarynyň we güýç-kuwwat çeşmeleriniň
biri bolupdyr. Şol gürrüňlere görä, hatda onuň wezirleri hökümdar
bilen bir meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin hem ençeme sagatlap aram-karar tapman, hökümdara meseläni nädip ýetirmegiň
ugruny bilmän zowzuldap ýörer ekenler. Öz aralaryndan iki sany
wekili saýlap, şol teklibi Luis XIV-ä hödürlemäge zordan boýun eder
ekenler. Ony nähili, haçan hödürlemelidigi hakda uzak wagtlap kelle
döwer ekenler. Geňeşden soňra, iki sany adam gorka-gorka bu teklibi
hökümdaryň ygtyýaryna berip, ähli ýagdaýyny, taraplaryny jikme-jik
beýan edenlerinden soňra, Luisiň dymmak haýbaty bilen baş atmasyndan soňra, ol ýerden dolanar ekenler. Hä-hawada bermez eken.
Birmahalky ýaňra Luis XIV bu häsiýeti bilen hökümdaryň huzuryna gelnende her hereketiňe jogapkärçilikli çemeleşmelidigini
gazanypdyr. Soňra bu hakda eser ýazan San Simon Luis hökümdary
şeýle suratlandyrýar: «Her sözüni gyzyla gaplaýmaly edip satýan
şeýle adamy hiç kim gören däldir. Onuň ýylgyryşlary hem, nazary-garaýyşlary hem, ondaky her bir edim-gylym, hüý-häsiýet hem şeýle
bir gözeldi. Ol üýtgeşik häsiýetli adamdy. Onuň beýikligi az sözlüligi
bilen utgaşyp gidipdi».
21
Käbir adamlar az sözlemde aýdyp boljak zady süýndürip-sarkdyryp, tutuş kitaby gürrüň berýän ýaly uzaldýarlar. Käteler wakanyň
özi bäş minutdan uzaga çekenok, emma onuň gürrüňi sagatlara çekip
bilýär. Her gezek aýtjak zatlaryň takyk we kesgitli bolsa, onda sen
ýerliksiz gep uzaltmalardan we ýaňramalardan, manysyz sarnamalardan el çekmeli. Şeýtmek bilen, hem özüňi, hem-de beýlekileri
irizmekden, ýüreklerine düşmekden halas edýärsiň.
Dogry, söz birek-birek bilen tanyşmak, habarlaşmak üçin esasy
serişde, bu delile duwlanyp, bu ýerde meniň bilen ylalaşmazlygyň
mümkin. «Ýaşaýan jemgyýetimizde has köp iş salyşmak üçin köp
gürlemäge mejbur bolýarys» diýmegiň mümkin. Ýa-da «az gürlesek,
özgeler bizi ulumsy, tekepbir saýyp, bizden aýyp-syn etmekleri mümkin» diýersiň. Gümürtik we öjükdirijilik häsiýetdäki dymmaklyk hakda aýdýan bolsaň, onda sen mamla – seniň bilen ylalaşýaryn. Ýöne
men bu ýerde sada söz bilen dymmaklygyň, ýagny az gürlemekligiň
esasy ähmiýetlerini sanap geçeýin.
Agyzdan çykan sözi yzyna gaýdyp aljak gümanyň ýok.
Pygamberimiziň hadyslarynda «Ynsany jähenneme oklaýan iň hatarly zat agyzdan çykan sözdür» diýilýär.
Ähli ýollary, usullary ulanyp, sözleriňe seresap çemeleş. Diliňe
erk et. Gymmaty, ähmiýeti ýok sözleri ýaňramakdan we anyk gözüň
ýetmeýän zatlary sözlemekden saklan.
«Gürleseňiz, derrew tanalarsyňyz. Ýigidiň kimdigi dilinde
basyrylgy ýatandyr, sözlese, nähili ýigitdigi dessine äşgär bolar»
diýip, bäş müň hikmetiň eýesi Aly ibn Abu Talyp aýdýar. Bu söz
maňa-da, saňa-da degişli. Aýdýan sözlerimiz, ile ýaýýan pikirlerimiz
esasynda adamlarda biz hakdaky düşünje peýda bolýar. Olar aglaba halatda aýdýan sözlerimiz arkaly bizi tanaýarlar. Çünki dil diňe
özüňde bar zatlary aňyňda bar zatlara laýyklykda sözleýär. Bu diliň
tebigatydyr.
Ýöne nirelerde dymmaly? Ine, şu aşakda ýatlanjak ýerlerde dymyp saklanmak örän ýerlikli, has dogrusy, ýagdaýa tüýs laýygydyr.
Gahar-gazaplykaň. Gahar-gazap dälilige mahsus bir ýagdaý. Gaharly ýa-da juda öýkeli wagtyň gürläniňde öte köp säwlik
22
goýberýärsiň. Iň hatarly ýeri hem şol ýagdaýda aýdan her bir sözümiz
soňlugy bilen diňe biziň garşymyza hereket edýär. Öz büdremegimize
delil, tutaryk bolýar, bäsdeşimiz üçin jaýdar bahana öwrülýär. Diňe
bizi ýazgarmaga esas bolýar.
Gahar-gazabyňy, öýke-kinäňi saklap bilmek ýeňil-ýelpaý iş däl.
Ýöne özüňi bu häsiýete alyşdyrmak, yzygiderli endik etmek bilen gaharyny jylawlap bilýänleriň biri bolarsyň. Şeýle halatda käbir sözleri
ýatlamagymyz gerek. Mysal üçin, Pygamberimiziň «Gaharlanmasaň
saňa jennet nesip eder» diýen sözleri bar. Şol sözleri amal etmek
arkaly gazanjak sogabyňy we hoş hallaryňy göz öňüne getir, aňla,
düşün. Sogap-sylagdan daşary adamlaryň hormat-sarpasyna hem eýe
boljakdygyňy ýatla.
Üstüňden gülünmek, ýaňsylanmak we kinaýa wagtynda.
Araplaryň bir hikmetli paýhasy bar: «Akmak bilen jedel etme, esasanam, özüňçe ýok biri bilen dawa-jedel etseň, eňekleşseň..., sizi aralamakda adamlaryň ýalňyşmagy mümkin».
Gürrüňi uzaltmazlyk we ol ýerde uzak saklanmazlyk – edip boljak iň gowy iş. Kinaýadyr ýaňsylama hem edil şonuň ýaly ýaňsy bilen
jogap gaýtarjak bolma, gaýta bu ýagdaýda pespällik, açykgöwünlilik,
dymmaklyk güýçleriňi peýdalan. Şolara berjek jogabyňdan geljek
netijäni, gürrüňi biderek ýere uzaltmak bilen «gazanjak» zadyňy
aňyňda aýla, il-günüň, özgeleriň näme diýjekdiklerine ser sal.
Daş-töweregiňi bilmeklik, seljermeklik. Işde, öýde ýa-da sapar-syýahatda bolsaňam, köplenç, dymmaklyk zerurlygy ýüze çykýar.
Dymmaklyga mätäç bolýansyň. Her bir bolýan zadyň anyk sebäbini
bilmeseň, aňşyrmasaň, sözler kynlyk bilen çykar durar...
Hytaý pelsepeçisi Sun Szy beýleki bir şahs bilen geleşige,
ylalaşyga girmegimiz hakda şeýle diýýär: «Biz uzak dymdygymyzça
söhbetdeşimiziň dodaklary we dişleri barha çalt hereket edip başlaýar.
Ol şeýtmek bilen özüniň islegi we niýetleri hakda saňa has içgin açylyp başlaýar».
Gadyrdan dostum! «Dymmaklyk ejizligiň we dyza çökmekligiň
bir alamaty» diýip, ýene-de meniň bilen ylalaşmazlygyň mümkin.
Çünki beýleki tarap hondan bärsi bolup, gep süýndürip, söz sarkdyryp
23
oturmaga magrur bolýar. Bu ýagdaý diňe seniň bähbidiňedir. Senden
haýyşym hem-de talabym – seniň mertebäňi, abraýyňy dynnym ýaly
ýokary galdyrmajak ýerinde, gaýta sähel sowa düşseň, ýazgaryljak
ýeriňde gep uzaldyp oturmagyň haýry-hajaty ýok hasap edýärin. Ýöne
şol ýerde nämedir bir zat diňlemeli, sözlemeli we aýtmaly bolsa, onda
sen asudalyk we agraslyk bilen az sözde aýdyň jogap bermäge çalyş.
Nygtamak isleýän zadym – diliňi artykmaç sözlemekden
jylawla. Akyl elmydama diliňe gözegçilik etsin. Diýmeziňden ozal
mazaly oýlan. Bedräni guýa sallamazyňdan öňürti işleriň ýagdaýyny
ölçerip dök.
Jan alýan dymmaklyk. Käbir halatlarda «Dymyp saklanmak
örän agyr, ýaramaz we ýalňyş» diýip aýtsalar, sen oda-köze düşme!
Şol ýerde hem diliňi ýazgynyna goýberer ýaly esas ýok, bu bolsa artykmaç gürlemekde haýyr ýokdugyny aňladýar. Islenilýän zat
– deňagramlylygy saklamak. Durmuş kadalaryny ýola goýmakda,
sagdyn duýgulara eýermekde ýüze çykan islendik ýoldan sowulma,
gyşarma ynsana ters täsir edýändir.
Heý-de minnetdarlyk ýa-da duýgudaşlyk bildirilmeli wagty dymyp saklanyň diýýän hikmeti eşitdiňizmi?
Heý-de söýgi, sylag-hormat, taňryýalkasyn aýtmaly ýerinde dymyp durmagymyz laýyk bolarmy?
Kimdir birine töhmet atylýan wagty anyk we aýdyň delilleri aýdyp bilýän bolsaň, dymmaklyk dogry bolarmy?
Elbetde ýok. Eger akylymyz bize şu ýerde gürleseň jaý ýeri
diýse, gürlänimiz ganymat. Eger-de işleriň gidişi, ýagdaýy dymanymyzy eý görýän bolsa, onda düşnüksiz we sadaja ýylgyryp oňanymyz
has oňatdyr.
Nakyllarda şeýle diýilýär: «Ýapyk agza siňek girmez».
5. ZEÝRENÇ SUNGATY
«Gözellik sungaty», «Amaly-haşam sungaty», «Saz sungaty», «Heýkeltaraşlyk sungaty»... sungat bilen bagly ugurlary kän
eşidensiňiz. Ýöne «Zeýrenç sungaty» hakda heý-de bir zat gulagyňyza
24
ildimi? Ýok, siz öte eşitmediňiz, bu ýerde geň görerlik zat hem ýok,
men dogrudanam «Zeýrenç sungaty» hakynda gürrüň edýärin...
Kimdir biri ýanyňyza gelip, nämedir bir zatdan derdinse, arzyny
aýtsa, zeýrense, bir gün, iki gün üns berip diňlärsiňiz, jaý maslahaty
boldugyndan salgy berersiňiz, ýöne her gezek we hemişe zeýrenip
ýören adamlardan soňabaka ýüregiňiz doýar, ondan daş duranyňyzy
eý görersiňiz. Nämedir bir zat sizi ondan iterip, daşlaşdyryp durar. Sebäbi sähel kötelligi ýüze tutup, zeýrenje ýykgyn etmek aglabamyzyň
häsiýetimize ornan hem bolsa, aslynda bu ynsanyýetiň hem, tebigatyň
hem halaýan zady däldir. Zeýrenjeň adamlar hemişe özlerinden
ýaramaz güýji (otrisatel energiýany) bölüp çykarýar. Şol güýç hem
bize ýakymsyz, oňaýsyz täsir edýär. Onsoň, şeýle söhbetlerden soňra
gan basyşynyň artmagy ýa peselmegi, özümizi nähoş duýmak, nähilidir bir göwnüçökgünlik duýgulary bilen gurşalmak ýüze çykýar. Şonuň
üçin käteler zeýrenje per berýändigimize garamazdan, özümiz welin,
zeýrenjeň adamlary halamaýarys. Çünki olar gözelligi açyk ýa-da
ýaşyryn-pynhan bolan durmuş günlerini, bagt güllerini lapykeçlik we
göwnüçökgünlik çotgasy bilen tutuksy çal reňke boýamaga çalyşýan
adamlardyr. Pursat boldugyndan şeýle adamlardan gaça durmaga we
olara gabat gelmezlige çalyşýarys.
Zeýrenjeňlik hem-de içki hasratyňy kimdir birine dökmek – hersi
aýrybaşga zat. Kähalatlarda gursagymyzdaky oý-pikirler, beýnimizi
basýan aladalar, serimizi gurşan ünjüler hakda kimdir birine içimizi
dökesimiz gelýär, has dogrusy biz şeýle etmäge, mätäç bolýarys. Kimdir biri bilen pikir alyşmak biz üçin wajyp zada öwrülýär. Şeýle halatlarda ýagşy adamlara örän mätäç bolýarys, olar bize howa deýin gerek.
Çünki ynsan dost-doganyna arkalanman bir özi ýaşap bilmez. Adamlar
bilen gürleşmeli, görüşmeli, pikir alyşmaly. Gursagyndakyny daşyna
çykarsa, adam rahatlyk bilen uludan demini alýar. Süňňüne, köňlüne
ynjalyk we rahatlyk dolanýar. Şeýle içiňi dökmek zeýrenç däldir.
Zeýrenç näme? Köplenç halatda gözümiz bilen görmedik, diňe
ondan-mundan eşiden gürrüňlerimiz esasynda pikir ýöredip, aslynda
ýok meseläni çişirmegimiz, üstümize howp abanýan mysaly janyýangynly gürlemegimiz, ýa-da durmuş wakalary dogrusynda ters pikir
25
ýöretmegimiz, garşymyzdaky päsgelçiliklere ýüzbe-ýüz durup, olary
ýeňip geçmek bilen däl-de, abaý-syýasat bilen çözjek bolmagymyz –
biz üçin «ýürek sözi» bolup görünse-de, aslynda ol zeýrençdir. Hemişe
ýadyňda bolsun, hiç hili galtaşygymyz bolmadyk zatlara zeýrenenimizden, üýtgedip biljek zatlarymyza ünsümizi sarp etsek, has ýerlikli
bolardy.
Hatda içki pikirleriňi paýlaşanyňda hem kimiň ýanynda näme
gürleýändigiňe seresap çemeleşmeli. Bir müşgillik hakda kimdir birine
derdimizi egsip, gül-gül açylyp otursak, birbada ynjalan ýaly hem bolarys, emma ertesi gün biziň uly ile aýan etmek islemedik meselämiz,
dürli-dümen, başly-barat görnüşde onuň-munuň dilinde gaýmalaşyp
ýören bolsa, onda düýnki sähel salymlyk ynjalygyň, asudalygyň,
rahatlygyň ornuny öňküden beter ökünjiň we puşmanyň eýelejekdigi
ikuçsuz. Şeýle ýagdaý, köplenç, mynasyp däl adama içiňi dökeniňden
soň ýüze çykýar. Özi-de, köplenç, şeýle bolýar.
Biziň iň uly müşgilliklerimiziň biri – derdimizi egismäge,
meselämizi çözmäge hiç hili ýardam edip bilmejek, şol ugurda
birjik-de haýry bolmajak, üstesine, iň bolmanda ugrugar ýaly hoşamaý
söz hem aýdyp bilmejek adamlara içiňi dökmekdir. Ine, käbir mysallar. Aýalyndan zeýrenjini dostuna dökýän, kesir müdirine bolan arzyny baryp aýalyna aýdýan, edarasyndaky ýa-da iş dolandyryşdaky
gapma-garşylyklary, nägilelikleri taksi sürüjisine gürrüň berýän
adamlar bar. Şeýle ýagdaýda içini dökýän adam ýüreginiň howruny
sähel salymlyk gowzadýar diýäýmeseň, hiç zat gazanyp bilmeýär.
Zeýreneniň bilen mesele çözülmeýär. Gahar-gazabyny, ynjalyksyzlygyny, janyny ýakmaklygy artdyrmakdan gaýry hiç zat gazanmaýar.
Emma düşünjeli adamlara içiňi dökseň, dünýäň giňäp gidýär.
Käbir kişiler duş gelen adamsy bilen derdinişýärler, mynasyp
dälleriň ýanynda zeýrenýärler. Emma ol adamlar seniň bilen deň
derdinişmese, barabar zeýrenmese, seniň bilen meňzeş hörpden gopmasa, ýene-de sen olardan nägile bolup, öýkeläp başlaýarsyň (ýogsam,
şolaryň köpüsi derdineni bilen meseläniň çözülip gidibermeýändigini
bilmän duranoklar). Şeýle adamlar durmuş kynçylyklaryna ýüzbe-ýüz
durmakdan gorkýan we özüne gaçybatalga gözleýän adam mysaly26
dyr. Onuň müdiriniň oňlanmajak hereketine «Ýok» diýmäge gaýraty ýok. Aýalynyň öňündäki hatasyny boýun almaga gurbaty çatanok. Maşgalasyny mähir-muhabbet bilen gurşap almagy başaranok.
Ol zeýrenje, närazylyga ýüz urmak bilen jogapkärçilikden gaçmaga
synanyşýar. Iň gowusy – mert bolmaly we şol meseläni çözüp biljek
adamlara ýüregiňi dökmeli. Rahatlyk we bagtyýarlyk açary elinde bolan adamlara arzyňy aýtmaly. Ruhubelent adamlardan haraý islemeli,
çünki olar şeýle kynçylyklary mertlik bilen ýeňip geçen adamlardyr.
Eýsem-de, sen ownuk-uşak hysyrdylar olaryň durmuşynda ýokdur
öýdýärmiň, elbetde bar. Tapawutly tarapy, olar bar ünsüni bir ownuk
külpete daňyp goýanoklar. Gözlerini meselä däl-de, şol meseläniň
oňyn çözgüdine tarap öwürýärler.
Gaýtalanýan, yzygider we üznüksiz zeýrençden gaça dur. Diňe
ruhuňa halys agram salyp başlasa, zehiniň keç bolanda, ruhy derdiňi
egismek isläniňde, ynamdar dostuň bilen ýürekdeş söhbetdeşlige ýiti
mätäç bolan pursadyň ýüregiňdäkini daşyňdan ýaňzyt, daşyňa çykar.
Diňe derdiňi paýlaşyp biljeklere içiňi dök. Sagdyn ruha eýe bolan
adamlara ýüzlen, diňe şeýle adamlar saňa peýdaly çözgüdi, netijeli
nesihaty ýa-da ýüregiňi bu ýükden halas edip biljek çözgütleri salgy
bererler.
Mahlasy, başardygyňça zeýrenjiňi azalt, zeýrenmegi bes et.
Zeýrenmekden zat gazanyp bolanok, bir gazanýan zadyň – jan
saglygyňy ýitirýänligiň. Ýagdaýlar halys şoňa dirände ynamdar
adamyň ýanynda içiňi döküp bilersiň. Ol hem dogrudan-da saňa peýda
ýa-da peýdaly maslahat berip biljek adam bolsun. Meseläniň çözgütlerini ýa-da derdiňe ýarajak maslahatlary berip bilýän, üstesine nädip
dymyp diňlemelidigini hem öz hereketleri bilen öwredýän adamlar
tylla hazyna ýalydyr. Akyl-başarnygyň bilen gözellik sungatyny döretmäge ukyplykaň, sähel kynçylygyň öňünde müzzerip, zeýrenji sungata öwürmekden seresap bol.
6. GARANTGA DUWLANMA
Ynsanlaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanýan bilermenleriň aýtmaklaryna görä, «Zeminiň 97 göterim adamy öz arzuwyny däl-de,
27
başga biriniň arzuwyny hasyl etmek üçin ýaşaýar». Mysal hökmünde
käbir zatlary ýatlalyň: Kerim inženerçilik fakultetine okuwa girdi,
sebäbi kakasy onuň inžener bolmagyny isleýär. Aly ejesiniň tapyp
beren gyzyna öýlendi, çünki ejesi diňe şol gyz oglumy bagtly edip
biler diýýär. Mazen söwda-satyga güýmenýär, ýogsam ol bu pişäni
asla halanok, ýöne bu onuň öňündäki ýeke-täk çykalgasy, hereket
edip biljek meýdanymyş, sebäbi ol kakasynyň hasabyna ýaşamakdan,
zol-zol ondan pul sorap ýörmekden bizar bolupdyr. Ýogsam Mazen
bu wagt 25 ýaşynda.
Psihologlara gelýän, maslahat sorap ýazylan hatlaryň agramly
böleginde: «Durmuşda näme etmek isleýändigime düşünip bilemok?!» diýen şol bir sowal gaýtalanýar. Sowalyň täsindigine garamazdan, bu biziň günlerimizde giňden ýaýran sowaldyr. Ýigitlik
müçesine gadam basan adam ömrüniň nirede geçýändigini, nämede
geçýändigini, esasanam, nähili geçýändigini bilmeýän bolsa, onuň
galan ömrüni hem bihuda geçirmegi mümkin. Megerem, olaryň
daş-töweregindäki ýagdaý, dünýä habarlary öz geljeklerini has dogry
röwüşde ýola goýmaga pursat beren däldir.
Şeýle adamlar bilen söhbetdeşlige hemişe şu sözler bilen
başlaýaryn: «Öz arzuwyň bilen ýaşa! Garantgalara duwlanma,
özgeleriň arzuwyna bürenme!» diýýärin. Eger-de olaryň biri: «Öz
arzuwyň bilen ýaşamak näme bolýar, men öz arzuwlarym bilen nähili ýaşamaly?» diýäýse... oňa ilkinji nobatda, hökman biläýmeli iki
sany wajyp zadyň birini ýatladýaryn: «Ilki bilen, hasyl etmek isleýän
arzuwyň näme – şony kesgitle. Soňra sen bu arzuwyňy hormatla, ony
hasyl etmäge giriş. Beýik maksadyň barka, ony diňe ýürekde göterip
ýörmek we ugrunda alada-yhlas etmezlik özüňi, öz arzuwlaryňy
sylamazlygyň bir görnüşidir. Haçanda sen öz maksat-matlaplaryňa
berlip başlanyňda, diňe şondan soň şol arzuwy hasyl eder ýaly mümkinçilik we pursat ýüze çykyp başlar. Galany wagtyň işi».
Geljegiň nähili bolmagyny göz öňüne getirýän bolsaň, arzuw-hyýallaryňy, maksatlaryňy, islegleriňi şoňa kybap saýla, şoňa laýyk
taýýarla! Seniň şu wagtky arzuw-maksatlaryň – seniň geljekki ykbalyň,
has gönümel aýtsam, seniň geljekki özüň. Ýüregiňe düwen zadyňa
28
ynan, olary hasyl etmek üçin özüňden bitýän zatlary ýerine ýetir, berjaý
et. Nähili bolmagyny isleýän bolsaň, şoňa muwapyk hereket et.
Mundan buýana, heniz pikiriňi aýtmankaň, razylygyny ýa-da
nägileligini görmek üçin gözüň bir ujy bilen özgeleriň näme diýerine
garaşyp durmak gerek däl. Maksatlaryňy goldamajak jogaplary sözlük goruňdan aýryp taşla. Şeýle hem öz arzuwlaryňy ikirjiňlenmeler
bilen özüň inkär etme!
Her bir zat babatda seniň öz şahsy pikiriň, öz garaýşyň bolsun.
Hususan-da, hut öz durmuşyňa, geljegiňe dahylly bolsa, öz pikirleriňi,
oý-hyýallaryňy göz ýummazdan, çekinmezden, dogumlylyk, arkaýynlyk bilen aýt. Mertebäňi peseltmezden bu meseläni çözmäge arkaýyn
girişip bilersiň. Ýol ugrunda ýüze çykan, käteler büdreden hatalaryňy
we säwlikleriňi hem düzedip bilersiň. Maňa ynan, öz saýlan zadyňda
ýalňyşmak lezzeti, seniň üçin beýlekileriň saýlan zatlaryndaky dogrulyk bagtyndan, tagamyndan has ýokarydyr.
Häzir bolsa men saňa çyn arzuwlary saýlamagyň käbir usullaryny öwredeýin. Bir kagyz we galam getir-de, durmuşda amala aşyrmak
isleýän 25 sany maksadyňy birin-birin ýaz. Sanawyň başynda gymmatbaha ulag, soňra deňze süsňäp duran willa ýazarsyň. Ýagşy,
mylakatly ýanýoldaş ýa-da täsirli şahs bolasym gelýär diýibem ýazyber. Ýa-da durmuşym manyly, ähmiýetli bolsun diýibem ýazyp
bilersiň. Näme isleseň, şony ýaz!
Bu kagyzy öňüňde goý we çuňňur pikire çüm. Soňra bularyň arasyndan ilkinji nobatda gazanyp biljek zatlaryňy – hasyl etmek mümkinçiligi ýokary, has oňaýly sebäpleri bolanlary ýokary geçirip başla.
Has ähmiýetli we has zerurlaryny öňe süýşür. Şol maksatlara nähili
ýetip boljakdygy hakda dürli sebäpleri pikirlen. Ine, şonda sendäki
arzuwlaryň gaýmagy öz-özünden aýan bolar durar.
Indi bolsa hökman ýerine ýetirmeli işleriň başyna bar. Meselem,
sanawyň başynda diplom almak durmy? Indi şol diploma nähili ýetip
bolýandygy bilen gyzyklan: haýsy ýokary okuw mekdebine höwesli
bolsaň, haýsy hünäre gol ýapmak isleýän bolsaň, öwrenýän, okaýan
esasy zatlaryň hut şol ugra degişli bolsun. Özüňe gerekli maglumatlary tapmagy we toplamagy wagtlara böl. Ilkinji ädimiňi hut şu pursat
29
ýerine ýetirip başla. Soňa süýşürmek özüňi aldamagyň medeniýetli
görnüşidir. Şeýle hem ilkinji ädimi ätmeziňden owal mazaly pikirlen.
Arzuwlary hasyl etmek üçin ýeterlik sabyr-kanagat, tutanýerlilik we
güýçli ynam hökmandyr.
Ine, şu ädimlerden, şeýle ýagdaýlardan soň, sen bir zada haýran
galarsyň, anyk göz ýetirersiň: Eger-de arzuwlaryňa, maksatlaryňa
erjellik bilen gol ýapsaň, onda älem-jahan durky-düýrmegi bilen şol
işleri hasyl ederiň ýaly giň mümkinçilikleri açar. Amatly pursatlar yzy
tükeniksiz zynjyrlar deýin peýda bolar durar. Näme üçin şeýle bolmasyn? Çünki sen öz ýoluny özi saýlap bilýän az sanly adamlaryň biri.
Gynansakda, öz geýjek eşigini özbaşdak saýlamaýan käbir
adamlary tanaýaryn. Oňa gelişýän ýa-da gelişmeýän, ýaraşýan ýa-da
ýaraşmaýan zatlary maşgalasy ýa-da dostlary salgy berýärler, «saňa
şu gelişýär» diýip görkezýärler. Geýjek köwşüni özi saýlap bilmeýän
adam, öz ýörejek ýoluny neneňsi saýlasyn?
Durmuşy öz arzuwlary bilen ýaşaýan adamyň durmuşy örän
gyzykly. Mahlasy, başga adamyň arzuwy bilen döwran sürjek bolma.
Özüň bolup ýaşa, öz arzuwlaryň bilen ýaşa!
Seniň durmuşyň öz islegleriň esasynda gurnalan bolsun. Arzuw-maksat babatda hergiz az zada – ownuk arzuwa kanagat etmegin.
Şahyrlaryň birinde şeýle sözler bar: «Has köp zady amal edip bilýärkä,
az zat bilen kanagat edip oturmak, ynsan üçin iň uly aýypdyr».
Her bir zat hakynda öz pikiriň, garaýşyň, öz maksadyň, arzuwyň
bolsun. Sen daş-töweregiňi synla, köpçülikden nusga al, ene-atalaryň
öwüt-ündewlerine gulak as, ýöne öz arzuwlaryň bilen ýaşa. Bu özüňi
açmagyň, seniň hem bu dünýä üçin özboluşly bir nygmatdygyňy
bildirmegiň iň ygtybarly ýoludyr.
7. MERSEDES MAŞYNYŇA
ÝER TAÝÝARLA
Çendenaşa hyýalbentlikden ýüz öwrüp, hakyky durmuş bilen
ýaşamagy eý görýärin. Akylyma we başarnygyma görä ýüzlenýän
adamlar mende hormat duýgusyny döredýär. Şonuň üçinem aýdýan
30
käbir zatlarym saňa birbada geň görünmegi mümkin. «Haçandyr bir
wagt satyn aljak «Mersedes» maşynyň üçin şu wagtdan ýer taýýarla»
diýsem, ýüzüme çiňerilip seredersiň. Ynan, men oýun edemok ýa-da
hyýallaryň üstünde uçup ýöremok. Bu ýerde saňa ýetirjek bolýan zadym, uly arzuwlaryňa örän uly ähmiýet bilen bakmalydygyny ýatlatmak isleýärin. Arzuw et, özi hem uly arzuw et, göz öňüne getir
we garaş. Oňa ýetmegiň diňe wagta bagly. Arzuw edeniňde, özüňi
wagtdan başga zada mätäç däl ýaly duý.
Meşhur suratkeş Maýkl Angelonyň şeýle sözleri bar: «Adamlaryň
aglabasy hasyl etmesi kyn bolan uly arzuwlardan däl-de, juda aňsat
ýetip bolýan ownuk-uşak aladalardan howatyr edýärler». Uly zatlary amala aşyrmaga gaýratyň, güýjüň, mümkinçiligiň barka, az
zat bilen kanagat edip oturmak, pes we ownuk maksatlar bilen
ýaşamak ynsana utançdyr. Arzuwlaryňa çäklendirme girizmek, üstesine-de durmuşymyzyň agramly böleginiň irde-giçde eden arzuwlarymyz esasynda ýüze çykýandygyny görüp, bilip durkak, bu seniň
kanagatlydygyňy aňladanok. Maksatsyz ýa-da ujypsyz arzuwlar bilen
ýaşamak adamzada abanýan howp-hatarlaryň biri. Hyýallarymyzda
mesgen tutan zada az-owlak yhlas etsek, garaşanymyzdan has artygyny gazanyp bilýäris. «Beýle arzuwlary hasyl etmek asla mümkin
däl, muňa ullakan güýç gerek» diýen ýaly pikirlere eýlensek, bu hem
arzuwlara abanýan apatdyr. Egsik düşünje, ýaramaz çaklaýyş hemişe
oňaýsyz netijelere alyp gelýär.
Aslynda, bu ýerde «Mersedesiň» özi hiç zady aňladanok, «Mersedes» bu ýerde siziň beýik arzuwlaryňyzy aňladýar. Belki, seniň iň
beýik arzuwyň ähli gowy kitaplary ýat tutmakdyr ýa-da millioner bolmakdyr. Esasy zat, öňüňde aýdyň we kesgitli maksat goý. Maksatlaryňa
ynan, olaryň hökman hasyl boljakdygyna, bu gün bolmasa ertir bir sebäp bilen ýüze çykjakdygyna ynan. Soňra seni şol ýere eltjek sebäpleri
gözle, tap, ýapyş we öňe ynamly hem-de batly ädim ur.
Belki, sen henizem munuň näderejede ähmiýetli we aýdyňdygyna
akyl ýetirýän dälsiň, emma ýadyňda bolsun, kiçi arzuwlary hasyl etmek üçin nähili yhlas we zähmet gerek bolsa, uly arzuwlary hasyl
31
etmek üçin hem şondan köp zat gerek däl. Ikisine sarp edilýän güýç
des-deňdir. Şeýle bolsa, onda arzuwlaryň hörpi belentden gopsun.
Deň-duş ýazyjylarymda şeýle ýagdaýlara kän gabat gelýärin.
Käbiri bar, ajaýyp bir eser, kitap ýazmakdan baş maksady özüni
bagtyýar we üstünlikli duýmak üçin şondan müň nusgasyny satyp bilmek. Käbirleri bar, olar ýönekeý üstünligi ykrar etmeýärler,
boýun bolmaýarlar. Tä öz kitabyndan 50 000 nusgasyny satýança
aňy ynjalyk tapanok. Şularyň arasyndaky tapawut kitabyň içindäki
pikir-garaýyşlaryň, maglumatlaryň täsirliliginde däl, olaryň gursaklarynda göterýän we şol kitap üçin siňdiren arzuw-yhlaslarynda,
maksada okgunlylyklarynda, erjelliklerinde, tutanýerliliklerinde
ýatyr.
Bir gezek kazylaryň birini Kerek şäherine sürgün edipdirler. Möhleti dolandan soň, ol öz iline gaýtmakçy bolupdyr. Kerek
welaýatynyň häkimi oňa: «Bu ýerde gal, saňa köp-köp zat bereris»
diýipdir. Kazynyň jogaby nagt bolupdyr: «Häkim, seniň welaýatyň
meniň ylmymdan örän kiçi» diýipdir. Ol özüne gerek hajatlaryny
tapyp, Müsüre rowan bolupdyr we şol ýerde alymlaryň soltany diýen
derejä çenli barypdyr. Sebäbi bu adam öz öňünde anyk maksat goýupdyr we bu maksadyny az adamlara däl-de, has uly köpçülige niýetlän
eken.
Gardaşym, nebis-jan rahatlyga we asudalyga, nämedir bir zada
daýanmaklyga, arkalanmaklyga ýykgyn edegen zat. Beýik maksatlar birbada ony howpurgadar, gorka salar. Seni maksadyňy hasyl
etmekden sowmaga synanyşar. Maksada barýan ýoluňda ýüze çykjak şowsuzlyklary göz öňüňde janlandyrmaga synanyşar. Hamala,
öňüňde diňe keserip duran päsgelçilikler we müşgillikler bar ýalydyr.
Şol wagt sen işýakmaz nebsiňi belent hümmetiň bilen pugta jylawla.
Mertlik, gaýratlylyk senalary bilen ony gozgalaňa sal, oýar, seni herekete getirjek tutanýerlilik ýüküni arkasyna ur. Gardaşym, bu ýollarda
seni maksadyňdan sowmaga synanyşýan we seniň mümkinçilige bolan ynamyňy gowşatmaga synanyşýan, adamlar, gürrüňsiz, gabat geler, öňüňden çykar. Sen olara asla gulak gabartma we olar bilen asla
işiň bolmasyn. Sen diňe öz maksadyňy bir dem ýadyňdan çykarma.
32
Muhammet ibn Abi Amyr Kordowanyň emiri bolmagy arzuw
edende bary-ýogy ýigrimi ýaşynda eken. Dostlary onuň bu arzuwynyň
üstünden gülüpdirler, onuň bary-ýogy kölegede oturyp hat ýazýan
kätipdigini ýatladyp, ýaňsylapdyrlar. Onuň arzuw edip biljek iň ýokary derejesi Kordowanyň saýaly köçeleriniň birinde gelen-gideniň,
haýyş edeniň hatyny ýazyp bermekdigini we munuň üçin adamlardan
dirhem ýa-da iki dirhem gazanyp biljekdigini aýdyp gülşüpdirler. Şol
wakadan sanaýmalyja ýyl geçipdir we Muhammet ibn Abi Amyr diňe
Kordowanyň däl, tutuş Ispaniýanyň – Andalusiýanyň emiri wezipesini eýeläpdir. Beýik ýeňişleri we ajaýyp üstünlikleri bilen taryha giren
Amyryýýe döwletini esaslandyrypdyr.
8. «IL–GÜN NÄME DIÝERKÄ?!»
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.