Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13

Total number of words is 3788
Total number of unique words is 1992
29.0 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
garamak, «bolan bolsady» diýip, gultunyp bakmak asla kabul ederlikli zat däl. Muňa müň gezek «ýok, ýok» diýýärin. Geçen günlerde
goýberen ýalňyşlyklarymyza ökünmegi we indikide gaýtalamazlygy
ýürege düwüp bolar, ýöne oňa dynuwsyz gözýaş döküp oturmak bimanydyr. Biz özümizi geçmişiň ahmyr gatyşykly wakalaryna daňýan
we häzirki pursadymyzy ünsden düşürdýän her bir pikire garşy durmalydyrys.
187
Il arasynda, gürrüňçilikde «geçen zatlara gözýaş dökme» diýen
sözler gaýta-gaýta ýatlanylýar. Ýöne adamlaryň köpüsi bu sözleriň
düýp manysyna düşünmekde bärden gaýdýan ýaly, henizem şol günlere çümüp, gözýaş döküp, ahmyra boglup ýörenler bar. Üstesine-de,
şol ýatlamalar olary iň bolmanda, indiki ädimleriniň has göwnejaý
basylmagyna iterýän bolsa, indikide seresap bolunmagyna, säwlik-hata goýberilmezligine haýry-nepi degýän bolsa ýene ýagşy, ýöne bu
beýle däl. Gowusy, düýn bilen ýaşama we özüňe azap berme. Geljek
hakda düýpli maksatlary heniz goýup bilmeýän bolsaňyz, onda iň
bolmanda hut şu pursadyň has şadyýan we ylham beriji bolmagy üçin
yhlas ediň.
***
HEMIŞE ŞEÝLE BOL!
Käteler özümi ruhy taýdan seýislemek, ýaşaýşa, durmuşa bolan
höwesdir gyzyklanmamy artdyrmak, işlerime ynamly çemeleşmek,
mahlasy, goşmaça we täze güýçler bilen üpjün bolmak üçin manymazmunly goşgy setirlerine hiňlenýärin. Aşakdaky goşgy hem köp
gaýtalaýan şygyrlarymyň biri:
Hatda ýolda barýarkaňam
Käteler gül, ýylgyr, hiňlen.
Wagtynda işle, zähmet çek,
Oýna, güýmen mahal-mahal.
Bu zatlary bitir her gün.
Käteler ýüzüňi çytman,
Sahawat et, eçil, açyl.
Käwagt al bu durmuşdan,
Ýüzüňi hiç tutma gyňyr.
Ýylgyrşyň bahar getirsin
Gitsin göwnüň guraklygy.
Mahal-mahal aşyk bol sen
Söý bu ýagşy adamlary
188
Hem ýakymly ähli zady.
Başyňy galdyr, Göge bak,
Asmanyň durulygyny synla.
Agşamyň tümlügi uzak dowam etmez,
Gije her näçe uzyn bolsa-da,
Yz ýany daň atyp, säher geler
Tümlügiň ornuny ýagtylyk alar.
Bu gözellikleri görmek we duýmak Hemme işler hut özüňe bagly.
***
IRMÄN-ARMAN IŞLEMEK
Ýadawlygy duýman, irginsiz işläp bolarmy?. Her işimizi gerdene
labyr, beýnä artykmaç agram salmazdan, aňsatlyk bilen bitirip bolarmy? Hiç hili ýadaman, bizar bolman, irmän işlemek mümkinmi?.
Bu sowallaryň ählisine «elbetde, hawa, hut şeýle» diýip, jogap berip
bilýäris. Onda «nädip ýadaman işläp bolar?» diýen sowal ör-boýuna
galar. Jogaby taýyn: «Ýadawlygy duýman işlemekçi bolsak, ilkibaşda
ony mazaly öwrenýänçäk, uýgunlaşýançak we endik edýänçäk birbada ýadamagymyz gerek». Başda bir ýadap, endigiňe öwrüp bilseň,
soňra şol işde argynlyk duýmarsyň. Ine, ýadaman işlemegiň iň ygtybarly ýoly hem, bar syry hem şundan ybarat. Öwrenýänçäk, endik edýänçäk ýadarys. Soňra şol işiň başyna bardygymyz, bes, hiç
hili ýadawlygam duýmarys, irmerisem. Ýöne şol menzile ýetýänçäň
birbada ýagyrnyňy derletmeli boljakdygyny ýadyňdan çykarma.
Ilkibada ýadarsyň, öwrenersiň, ele alarsyň we dura-bara endige
öwrersiň. Özüňize göz gezdirip görüň, endik eden zadyňyzda hiç
ýadawlyk, argynlyk duýýan dälsiňiz.
***
MILLION DOLLARLYK SURAT
Günleriň birinde ýaş hanymlaryň biri meşhur suratkeş Pablo Pikasso bilen gabatlaşypdyr. Bu hanym sungatyň muşdagy, Pikassonyň
189
el işleriniň bolsa ölemen aşygy ekeni. Ýaş hanym ýanyndaky kagyzy
Pikasso uzadyp, özi üçin ýadygärlik surat çekip bermegini haýyş
edipdir. Ussat galamyny eline alyp, surat çekip başlapdyr. Kagyzyň
ýüzüne çeken suratyny boldum edip, ony ýaş hanyma uzadypdyr.
«Ine, şu million dollarlyk surat» diýipdir. Ýaş hanym bu sözlere
geňirgenip: «Bary-ýogy ýarym minutda çeken suratyňyzyň nädip
million dollarlyk gymmaty bolup bilýär?» diýip sorapdyr. «Keýigim,
otuz sekundyň içinde bir ajaýyp surat çekmek üçin men otuz ýyllap
zähmet çekdim (türgenleşdim)» diýip, Pikasso jogap beripdir. Ine,
ussatlygyň getirýän haýry, ýyllarboýy kämilligiň berýän netijesi şeýle.
Haýsy hem bolsa bir işde ussat, kämil bolasyň gelse, iň ygtybarly usul şu – öwrenmek üçin ýada, özleşdirmek üçin ýada, endik
edýänçäň ýada. Dogrusy, kem-köstsüz öwrenmezden we endik etmezden, sen ussatlygyň, kämilligiň münberine çykyp bilmersiň. Işi kämil
oňarmagyň ýeke-täk ýoly – öňünden öwrenmek we endik etmek.
Ynan, ilkibaşda sarp eden çuňňur yhlasyň we uly gaýratyň (hatda
birbada seni kanagatlandyrmaýan hem bolsa), bir gün geler, sähelçe
yhlas siňdirseňem, seni we özgeleri haýran etjek ajaýyp bir işi hasyl
edersiň. Başla, yhlas et. Birbada netijelere howlukma. Wagtyňy we
gaýratyňy öwrenmäge hem-de endige öwürmäge sarp et. Bu az sanly
aýlary ýa-da sanaýmalyja ýyllary alar. Soňra bolsa sarp edilen şol
yhlaslar, siňdirilen gaýratlar sizi üstünligiň çür depesine elter.
Hereket et:
1. Haýsy işlere has höwesli çemeleşýärsiň? Höwes bilen işläsiň
gelýän, döredijilik zehiniň we oýlap tapyjylygyň we ösdüresiň gelýän
ugruňy, işiňi kesgitle.
2. Özüňi şol ugra doly bagyş etmegiň, olary öwrenmegiň,
özleşdirmegiň hem-de özüňi şol ugurlarda kämilleşdirmegiň ýollaryny gözle. Tap we anyk kesgitle.
3. Öwrenmek we kämilleşmek üçin zerur bolan wagty özüňe
bagyş et, endige öwrülýänçä zeýrenme, ýaltanma. Gaýrat et.
190
4. Şol işdäki häzirki derejäňi we bellibir wagtdan soňra ýeten
derejäň arasyndaky tapawuda üns ber.
***
JADYLY IKI SÖZ
Arzuw-maksatlary hasyl etmek üçin jadyly iki söz bar. Şol iki söz
sizi üstünligiň çür başyna çenli eltip bilýär. Işi ugruna millionerleriň
birinden üstünligiň syry hakda soranlarynda, ol hem şol iki söz hakda
dil ýarypdyr: «Üstünlik gazanmagyň syry bary-ýogy iki sözde jemlenýär, hatda oňa üçünji söz zeruram däl. Şol ikisi «Yhlas et!» diýen
sözlerdir» diýipdir.
Şu günki durmuşymyzdan ýeterlik delil tapyp bilýärkäk, taryha gidip oturmalyň. Özümizden mysal alyp göreliň. Gündelik ýa-da
salymlaýyn ýerine ýetirýän işlerimize aýratyn güýç-gaýrat sarp edip,
işiň içine çümýän pursatlarymyz bardyr. Ýöne şol erjellik, tutanýerlilik her kime görä tapawut edýär. Işe çynlakaý berilýän pursatlarymyzy ýatlap görsek, eýmendiriji bir hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolarys.
Biz özümiz üçin örän ähmiýetli bolan işlere hem gerek mukdarynda
yhlas etmeýäris. Ine, şu ýerde hem üstünlikli adamlara mahsus bir
häsiýetiň üstüni açýarys: işi şow adamlar özlerine bähbitli, ähmiýetli
bolan zatlar üçin ýeterlik derejede yhlas-tagalla edýärler. Şonuň üçinem olaryň sarp eden takat-güýji-energiýasy yzyna esse-esse bolup
dolanýar. Diýmek, bizem «Yhlas et!» diýen şol iki söze pugta üns
bermeli.
Her bir asylly maksat, haýyrly iş üçin güýç-gaýratyňy aýamaly däl. Eger işleýän bolsak, işlän şekilli işlemeli. Zähmete yhlas
siňdirmeli, ynamly, batyrgaý çemeleşmeli. Biperwaý, bigeleň ötürýän
wagtlarymyzyň bolsa sanyny azaltmak hökman. Isleýän zadymyzy
elde etmek üçin üstünligiň talap edýän mukdarynda ýadamak, emgenmek, dümtünmek, jan aýaman işlemek wajypdyr. Zehinlilikde
dünýä meşhur bolan alymlaryň biri «Maňa zehinli diýýänsiňiz, emma
men yhlaslylygy zehinlilikden has öňde goýýaryn» diýer ekeni. To191
mas Edison bolsa: «Zehiniň 1%-i ylham, galan 99%-i yhlas, gaýrat,
maňlaý deri..» diýer ekeni. Mahlasy, hötde gelmek isleýän işimiz üçin
öňküden-de artykmaç gaýrat sarp etmegimiz, has yhlasly işlemegimiz
gerek. Şonda der dökýän ugrumyzda zehini daş ýarýanlaryň, işi
rowaçlaryň biri boljakdygymyz şübhesiz. Yhlas ýanymyzda, üstünlik
alnymyzda bolsa, onda at-abraý, şan-şöhrat, abraý-mertebe hem bizden uzakda däl bolmaly.
Hereket et:
1. Günüň haýsy wagtlarynda has önjeýli işleýändigiňi kesgitle.
2. Netijeli iş sagatlarynyň sanyny artdyrmaga çalyş.
3. Şol wagtlarda has tijenip işle.
4. Hut şol wagt gaýry hiç zada üns bermän, diňe arzuwlaryň – öz
möhüm işleriň bilen bol.
***
SYÇANLAR BILEN BÄSLEŞME!
Durmuşda ýygy-ýygy gabat gelýän ýagdaýlarymyzyň biri hem
käbir adamlar özlerine laýyk gelmeýän zatlaryň ugrunda kän pelesaň
urýar. Çyrpynýar, çabalanýar, gazanmak üçin gijesini gündiz edip
işleýär. Kimseler bar, her täze çykan el telefonlarynyň yşgynda, ýene
biri bar, gije-gündiz bar küýi-höwesi ile sygmaz gatnaşyklary ýola goýmakda, käbirleri bar, gerek-gerekmejek zatlary satyn alyp, pul sowmakda.. Sebäbi kimdir biri ondan öň hut şol zady satyn alanmyşyn.
Hamana, bularam şolardan pes dälmişin… Şeýle adamlary göreniňde
ýa-da gürrüňi gulagyňa ilende köneden aýdylyp gelinýän bir söz güpbe
ýadyňa düşýär: «Kim bilen bäsleşseň, sen hem şolardansyň. Syçanlar bilen bäsleşseň, hatda ýeňiji bolsaň-da, senem barybir syçan bolup
galarsyň».
Kim bilen bäsleşmek isleýändigiňi kesgitle. Aý bilen bäsleşýän
adam iň bolmanda, ýerden ýokary galyp biler. Ýyldyzlar bilen bäsleşýän
adam, Aýdan hem ýokary galar. Syçanlar bilen ýaryşa goşulan bolsaň,
192
hemmelerden öň gelendigiňe garamazdan, barybir ornuňy syçanlaryň
arasyndan gözlemeli bolýar. Bor-bolgusyz, biderek zatlara kowalaşýan
adam hem, hatda göwün islegine ýetýändigine garamazdan, özi-de biderek, bolgusyz adam bolup galyberýär. Şonuň üçin hem kimler bilen
ýaryşa girýändigiňize üns beriň. Çapuw üçin ylgajak ýoluňyzy aýdyň
saýlaň. Dalaş edýän zadyňyz özüňize, mertebäňize, at-abraýyňyza çirk
ýetirmejek hereketler bolsun. Seni çyndan begendirjek, uly abraýa eýe
etjek zatlara ýapyşyň. Hatda bu ýaryşda seniň ýanyňda senden başga hiç
kes ýok hem bolsa, beýlekiler seniň bilen ýaryşasy gelmeýän hem bolsa,
sen diňe beýik, asylly we halal işlere döwtalap bol. Maddy mümkinçiligiňi
hakykatdan-da özüňe zerur we peýdaly zatlara sarp et. Öz ýaryşyň bolsun we hemişe özüň bol. Diňe dogry hasaplanýan, kanunalaýyk miwesi
bolan, netijesi göwün göterýän zatlaryň yşgynda ylga.
Hereket et:
1. Göwnüňde göterýän ownuk-uşak, iri-kiçi ähli hyýallaryňy seljer,
ugrunda ylgaýan zatlaryňy saýhalla. Näme üçin çarp urýandygyňa ilki
göz ýetir. Şol zatlar saňa dogrudanam gerekmi ýa-da ol duýgularyň
hälki bir göwün sowatmak üçin wagtlaýyn baş sämetmekmi? Şol hereketlerden saňa abraý we halal girdeji gelýärmi?
2. Haýsy zat babatda beýlekiler bilen basdaşlyk ýa-da bäsdeşlik
içindedigiňi kesgitle. Kada-kowahada, düzgün-tertibe sygmaýandygyna garamazdan ýa-da at-abraýyňa asla mynasyp däldigine bakmazdan, sen olar bile şeýle hörpde dowam etjekmi?
3. Gerekmejek zatlaryň ählisini terk et - şeýle hereket etmegi hem,
hatda şol zatlary hyýal etmegi hem bes et. Gaýrat et, adyňa gelişmejek
zatlar bilen ýan-ýana durma! Syçanlar bilen bäsleşme!
***
AGYRSA, YZASYNA DÖZ GEL
Ýaryş gidip duran wagty türgenleriň biri dyzyny mazaly agyrdan ekeni. Agyryny köşeşdirmek hem-de ýarasyny bitirmek üçin
* 13. Sargyt № 975
193
lukmanlaryň biri türgeniň ýanyna gelipdir. «Hany, dyzyňy ep» diýip,
lukman türgene ýüzlenipdir. Türgen muňa janyýangynly jogap beripdir: «Dyzymy epsem agyrýar». Lukman asuda, parahat äheňde:
«Agyrsa, yzasyna döz gel» diýipdir. Ýaňky türgen soňky ýatlamalarynda lukmanyň şol gezekki sözleriniň öz durmuşy üçin öwrülişik
nokady bolandygyny gaýta-gaýta ýatlaýar. «Ol sözler, dogrudanam,
meniň durmuşymy düýpgöter özgertdi. Şondan soň men agyrynyň
hem durmuşyň bir ülşüdigine, gutulmak, sagalmak üçin birbada has
uly agyrylara hem döz gelmeli bolýandygyna akyl ýetirdim» diýip
ýatlaýar. Türgen şol gezek diňe bir dyzyny epmegi başarmady. Ol
agyrysyny unudyp, dessine meýdança dolanmak bilenem çäklenmedi.
Ol öz durmuşy üçin iň möhüm bir sapagy alypdy – şol agyry bolmasa,
ol dessine gutulyp biljek däldi. Durmuş köp gyraňly we hemme ýerde
şol bir çözgüt, şol bir däri-derman, şol bir çykalga täsirli bolup durmaýar. Käteler, uly üstünlikleri gazanmak üçin şeýle agyrylary hökman görmeli bolýar.
Gel, saňa bir agyz söz aýdaýyn.
Säher bilen turda, özüňe, öý-ojagyňa, il-günüňe ýagşy dileg-dogalar et. Düşünýän, daň ukusy süýji zat, ýöne bu zatlaryň haýry-sogaby seniň durmuşyňda tiz wagtda aýan bolup başlar. Belki-de sen
aýdarsyň: «Ir oýanmak juda ýokuş degýär, janymy agyrdýar» diýersiň,
onda saňa-da şol sözler pent bolsun: «Haýyrly zatlaryň hatyrasyna
sähel pursatlyk agyra döz gel».
Diliňi paýyş we ýalan sözlerden arassa sakla! Çünki durmuşyň
süýjüligini görmek üçin diliňden süýji sözleriň, dogry-hak sözleriň
dökülmegi zerurdyr. Belki-de sen aýdarsyň: «Bu meniň endik eden
zadym däl. Öwrenişýänçäm, janymy agyrdyp alar» diýersiň. Onda
saňa-da şol sözler pent bolsun: «Bagtly ykbalyň hatyrasyna az salymlyk agyrylara döz gel».
Beýlekileri bagyşlamagy başar, geçirimlilik et..
Sen aýdarsyň: «Bagyşlap bilmek hele-müçük iş däl. Onuň etmişi
ýadyňda durka, nädip bagyşlajak. Bagyşlamak, käbir adamlar babat194
da asla mümkin däl. Beýle geçirimlilik janyma agram salar, ýüregimi
agyrdar..» diýersiň. Geçirimliligiň neneňsi haýrynyň bardygyny sen
hemmeleri bagyşlap başlan pursadyňda aýdyň-aýan duýup başlarsyň.
Saňa şol sözler pent bolsun: «Şeýle beýik gönençligiň hatyrasyna
birbada janyňa agram salýan agyrylara döz gel».
Oka, oka, köp oka..
Sen aýdarsyň: «Dag köwle diý, ýöne oka diýme.. Okamagy asla
halamok. Okamak juda agyr we agyryly, ynjyly..» diýersiň. Oýlan,
düşün we göz öňüne getir. Her okan zadyňdan täze bir zat öwrenip
bolýar. Her okan kitabyň durmuşyň bir syrly gapysyny açmaga
kömek edýär. Käbir kitaplary okasaň, her harpyna onlarça sogap ýazylýar. Neneň özüňi şeýle ähmiýetli zatlara rowa göreňok? Näme
sebäpli özüňi elin eşretden mahrum edýärsiň? Oka, irmän-ýadaman
oka. Birbada agyryly, ynjyly bolar, janyňa ýakmaz, maňzyňa batmaz,
şonda-da oka we ähli agyrlygyna, agyrysyna döz gel. Agyrylara döz
gel we gazan!
Özgelere olaryň öz bolşundan hem has hoşamaý, mylakatly gara...
Işiňe ynamly, yhlasly we gaýratly çemeleş…
Gurbuň boldugyndan garyp-gasarlara, mätäçlere ýardam et...
Bir başlan işiňi doly we kämil ýerine ýetir…
Ony şeýt… muny beýt…
Düşünýän, endik edilýänçä, öwrenilýänçä, birbada kyndyr, agyrdyr, agyrylydyr, hupbatlydyr… Ýöne, agramyna, agyrysyna, ynjysyna
döz gel we gazan. Agyry-ynjy sähel wagtdan aýrylar gider, emma
şeýle haýyrly işlere sarp eden yhlasyň täsiri we netijesi-miwesi aýdyň
bildirer durar. Agyry tiz wagtdan köşeşer we onuň ornuny saglykşypa gurşap alar. Agyrysyna döz gelmegiň özi durmuş meseleleriniň
iň täsirli däri-dermanydyr.
Hereket et:
1. Özüň üçin zerur we ähmiýetli görýän, ýöne agyrdygy ýa-da
agyrylydygy üçin başyna barmaýan işleriňi kesgitle.
195
2. Birbada ýüregiňe hernäçe agram salsa-da, hiç zada garamazdan, zerur saýýan şol işleriňi bitirmäge giriş. Şeýle pursatlarda pugta
ýadyňda bolsun: Dert edinen şeýle pikirleriňden gutulmagyň esasy
çykalgasy islendik işiň wagtlaýyn agyrysyna döz gelip, ýoluňa dowam
etmekdedir.
***
PURSATLARA MYNASYP BOLÝANÇAŇ
Durmuşda amatly we ajaýyp pursatlar az gabat gelmeýär. «Her
günde haýsydyr bir zadyň amatly pursady bar» diýilýär. Emma pursatlara gabat gelmek bilen oňa laýyk gopmak, ýagny pursatlara mynasyp
bolmak düýbünden aýry zatlar. Biziň bir müşgil meselämiz hem hut
şundan ybarat – biz her pursada mynasyp jogap berip bilemzok. Aýdaly, seni jan-tenden gowy görýän bir muşdagyň, aşygyň ýa dostuň bar
ekeni. Ol seniň üçin köp işleri bitirmäge, seni begendirmäge, täze sepgitlere ruhlandyrmaga ukyply. Ol göwnüňi götermek üçin gaýta-gaýta
ýanyňa gelýär. Nirä barsaň, alnyňdan çykýar. Sen bolsa biparh bakyşlar,
geleňsiz garaýyşlar, sowuk-sala gürrüňdeşlikler bilen oňa ýeterlik ähmiýet-üns bermeýärsiň. Olam näme, yhlasyna mynasyp jogap
berilmese, öýkelemek bilen bolar. Pursatlar edil şu muşdaklar ýaly, dost
ýa aşyk mysaly, üns berilmese, ýüz berilmese, ýüzüne ýylgyryp bakylmasa, lapykeç, haly teň, köňli gamgyn, öýkeli birine öwrülýär duruberýär. Uzak eglenmänem, durmuşyňdan çykýar. Pursatlar özleriniň ylahy
bir nygmatdygyny duýmaýan adamlardan hemişe öýkelidir.
Ýöne pursatlara düşünmegiň hem ýoly-ugry ýok däl. Ilkinji nobatda, hökmany zerur işlerini bitirýänler, durmuş wezipesine hötde
gelýänler olaryň diline-köňlüne düşünýän, sadyklyk bilen olaryň
dünýäsine ornaşýan adamlardyr. Aýtmaklaryna görä, gündelik işlerini
doly-kämil berjaý etmeýän, başlan işini uzak dowam etmän taşlaýan,
ýeňil işe hötde gelmeýän ynsanlar amatly pursatlaryň gadyr-gymmatyny bilmän, duşundan geçirip goýberermişin. Amatly pursatlar ykbalyň
196
sowgady, olara düşünmegi başarmaly. Bu ýeňil düşjek zat däl, emma
gazanjak bahaň sarp eden yhlasyňa doly deger. Munuň üçin ilki bilen
has zerur işlerimizi bitirmegimiz, wagtymyzy manyly zatlara sarp etmegimiz gerek.
Dogrudanam, wagtymyzyň näçe mukdaryny degerli peýdalanyp
bilýärkäk? Munuň üçin dek düýnki eden işlerimizi alyp göreliň. Düýnüň
dowamynda näçe sany ýagşy iş etdik? Olary nähili ýerine ýetirdik? Şol
işleriň doly-kämil bolmagy üçin näçe sagadymyzy sarp etdik? (Elbetde,
ýatyp, dynjyňy almak, iýip-içmek ýaly zatlary hasaby almazdan...).
Hany onda barmak büküp, sanap başlalyň, bir günüň, ýagny düýnüň
dowamynda manyly ötürdik diýip hasap edýän sagatlarymyzyň sany
näçä deň?
Düşünmek üçin şol bir meseläni başga tarapyndan beýan edeýin.
Eger-de düýnki güne gaýtadan dolanmak mümkin bolsa, biz şol
işlerimizden daşary ýene-de nämeler edip bilerdik? Goşmaça haýyr-yhsan, ýagşylyk, sahawat, geçirimlilik, mätäje goldaw bermek, hassa
soramak, garyndaşlara zyýarata barmak, ýakynlaryňy zyýapata çagyrmak, bilim öwrenmek, ylyma çümmek… Bu zatlary ýatlap otyrkaňyz,
«Düýni yzyna dolap bolýan bolsa, onda düýnki işleri etmän, düýbünden başga işler ederdim» diýmegiňiz hem mümkin. Ýöne bir işe dümtünip otyrkaňyz, başga işleriň hyýalynda gezmezden owal, hut şol işiňi
doly-kämil bitirmegiň pikirini etmek has ähmiýetli. Üstünligiň bir
açary şundan ybarat – edýän işiňi has ünsli, has kämil derejede ýerine
ýetirmäge çalyşmak bize şan-mertebäniň täze gapylaryny giňden açyp
berýär.
Eziz okyjy, üstünlik kenarynda aýak yzyny goýan tanymal
adamlar şu üç söze aýratyn üns beripdirler. Olar: yzygiderlilik; doly
bitirmek; kämil bitirmek. Mahlasy, başyna baran her bir işimizi
doly ýerine ýetirmek, hili babatda kämil ýerine ýetirmek gerek.
Munuňam esasy iteriji güýji yzygiderlilikde jemlenýär. Belki senem
şeýle pikir edýänsiň, ýöne özüm-ä şu üç sözi, üç düzgüni üstünligiň
hem-de bagtyýarlygyň üç sany göwher daşy hökmünde görýärin. Işi
197
rowaç adamlaryň arasynda giňden ýaýran şeýle bir söz bar: «Köp
adamlar mümkinçiliginiň ýokdugy zerarly däl-de, yzygiderliligiň
ýoklugy sebäpli şowsuzlyga uçraýarlar». Işleri wagtynda bitirmezlik, ýa-da edýän işiň hiline üns bermezlik, bolmalysy ýaly ýerine
ýetirmezlik... Bularyň ählisi-de şowsuzlyga sebäp bolýan zatlardyr.
Uly güýç-gaýratyň, ukyp-zehiniň, ýagdaýyň, mümkinçiligiň bolsada, edýän işiňde yzygiderlilik, jogapkärli çemeleşmek, ýerine ýetiriliş
hiline, wagtyna ünssüz garamaklyk, geleňsizlik ýaly häsiýetler bilen
gurşalan bolsaň, onda çen-çakyň nyşana gönügen bolsa-da, barjak
menziliň üstünlikden sowa düşmegi adaty ýagdaýa öwrüler.
Başlan işiňi soňuna çenli alyp gitmezlik ruhy duýgularyň bitertipdigini, pikiriň dagynyklygyny, durmuşyňda düzgün-tertibiň ýokdugyny
aňladýar. Üstesine, şowsuzlygyň hem bir elementidir. Şu manyda aýdylan bir meňzetmä haýran galýaryn: «Dirilik suwy bilen doldurylan
bir durmuş tabagyny göz öňüne getiriň. Doly bitirilmeýän işler şol
tabagyň düýbündäki bir deşikdir. Şol deşigi baglamasaň, bitirmeseň,
hiç kimse bu tabagy suwdan dolduryp bilmez».
Her işi doly-kämil bitirmek her amalyň ruhudyr. Kemsiz-köstsüz we doly bitirilen bir işe dem çüflenen ýalydyr, jan berlen mislidir. Ine, şeýle amal üstünligiň kepilidir. Meniň pikirimçe, kämil we
doly bitirmegiň gymmatyny biz öz köňlümize, ruhumyza, aňymyza
we ýadymyza nagyş etmelidiris. Ol häsiýet özümize we töweregimizdäkilere mahsus bolmalydyr. Işi çalt bitirmeklige däl-de, wagtynda we
gowy bitirmeklige üns bermeli. Hil babatda hem hiç wagt bäri-bärki
orta derejeler bilen kanagatlanmak bolmaz. Elmydama, hemişe iň gowy
usulda berjaý etmäge çalyşmaly. Şeýdibem her bir işimizi wagtynda we
göwnejaý ýerine ýetirmäge endik etsek, üstünlik hiç wagt ýanymyzdan
aýrylmaz. Çünki biz her bir zadyň has gowusyna mynasyp!
Hereket et:
1. Dek düýnüň özünde näçe işe yhlas bilen çemeleşdiň? Olary
näderejede gowy ýerine ýetirdiň?
198
2. Ertir nähili işleri ýerine ýetirmekçi we olary has gowy bitirmek
üçin nämeler edip bilersiň?
3. Ertirden başlap bitirjek işleriňi şu üç düzgün esasynda ýerine
ýetirmegi ýüregiňe düw: yzygiderli, doly we kämil.
4. Düzgün-tertipliligi, dowamlylygy esasy şygaryňa öwür. Öňde
goýan maksatlaryňy we söz beren amallaryňy hem tertibi bilen öz
wagtynda doly we kämil ýerine ýetir.
5. Bir başlan işiňi doly bitirmegi şygaryňa öwür. Düýpli bir işe
başlan bolsaň, şony doly dynmazdan, beýleki bir işe girişme.
6. Kämil bitirmegi şygaryňa öwür. Diňe şeýden halatyňda
üstünligiň çür depesine ýa-da şoňa golaý mertebelere hökman
ýetersiň.
***
ÖŇÜŇDE DÖW HEM DURUP BILMEZ
Ana, şonda hiç bir zat seniň öňüňde ýüzbe-ýüz durup bilmez...
Hiç kimiň garşy durup bilmejek, het edip bilmejek ol zady ýa-da ol
işi nämekä?
Akyldar filosoflaryň şeýle bir sözi bar: «Ýürekden çykan
ýylgyryşyň öňünde hiç bir zat durup bilmez».
Arassa ýürekden gözbaş alýan ýakymly ýylgyryşlaryň öňünde
hiç kimse we hiç närse durup bilmez. Bu hakykat. Sen olara päkize
garaýyşlar, arassa ýylgyryşlar bilen baksaň, hiç bir adam garşyňa
galmaga milt etmez. Päk ýylgyryşlar diňe söýgini hasyl edýär. Hatda seriňi sämedip, başyňy aýlaýan alada-ünjüleriň bilen pete-pet
bolanyňda hem gaýgy-gussalara çümme-de, ýylgyr we hemme
zady çözüp bolýandygyna ynan. Ana, şonda haçandan bäri bitmän
duran meseleleriň öz-özünden düwni çözülip, göwni ýazylyp gider. Özgeleriň aladaly oý-pikirleri hem seniň päkize ýylgyryşlaryň
öňünde ýan berip başlar, onuň ornuny umytlar we tesellidir asudalyklar gurşap alar. Şonuň üçinem hiç bir zadyň garşyňda döw deý
dikelip durmazlygy hem-de her bir ýakymly duýgularyň, göwünhoşy
199
ýagdaýlaryň saňa maýyl bolmagy üçin, ýürekden çykýan we içinde
galplyk ýokundysy bolmadyk päkize ýylgyryşlar bilen ýüzüňi beze.
Ýylgyryşlar seni şeýle bir bezeýär, aýna baksaň özüňem, saňa baksa, hatda ykbalyňam haýran galar. Il-güne, özgelere päkize bakyşlar,
arassa ýylgyryşlar, köňülden çykan dostlukly duýgular bilen ýüzlen.
Seniň ýylgyryşlaryň olaryň dünýäsine has abadan geljegiň umydy
hem-de buşlugy bolup ýaýylar. Öz ykbalyňdan hoşnutdygyňy mälim
edýän habar bolup ýaýylar. Durmuşy söý we oňa ýylgyryp bak. Hemmeleri söý we olara ýylgyryp bak. Özüňi söý we özüňe hem ýylgyryp
bak. Ana şonda seniň garşyňda hiç kim durup bilmez.
Hereket et:
Ýüregiňi seni gurşaýan her bir zada we her bir ynsana bolan
söýgi bilen dolduryp gör. Hemmelere diňe ýagşylyk etmek niýeti bilen
gara. Synanyş, sen muny hökman başararsyň. Seni öňküden-de gelşikli
we jana ýaraşykly, göwne ýakymly görkezýän zat arassa ýürekden
çogup çykan päkize ýylgyryşlaryňdyr. Hemmeler bilen hemişe ýylgyryp iş salyş, şonda sen durmuşyňda ajaýyp we ýakymly pursatlaryň
garaşanyňdan hem has köp peýda bolýandygyna göz ýetirersiň.
***
SEKIZ SEKUNT
Ylmyň ýeten häzirki derejeleri esasynda Zeminiň üstüni, astyny
sere hasaby bilenem ölçäp bilýärler. Diňe bir ýer üstüni däl, eýsem
zeminden Aýa, Güne, ýyldyzlara çenli bolan uzaklygy kesgitlemegem indi müşgil mesele däl. Üstesine, mümkin bolan tizlik bilen
şol ýyldyzlara näçe wagt mukdarynda aşjagymyzy hem çen-çak bilen
hasaplap otyrlar. Ýöne Göklerden ýere düşüp, öz dünýämiz hakda
pikirlensek, bizi köp asylly maksatlardan we üstünlikli ýollardan
alyp galýan bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Şol duýgy zerarly,
gör, adamzat ençeme ýagşy niýetlerini amala aşyrmaýar, başyna barmaýar. Ýüregine düwýär we üstünden aý-ýyllary ötürensoň, unudyl200
malar diwarynyň düýbüne oklap goýberýär. Oňa «gorky» diýilýär.
Ýogsam, şol gorkyny ýeňip geçmek üçin köp wagtam gerek däl…
Bary-ýogy sekiz sekunt…
Bilermenleriň köpýyllyk iş tejribelerine daýanyp, çykaran
netijelerine görä, ýüzmäge gorkup, suwa girip bilmän duran çaganyň
suwa öwrenişmegi üçin bary-ýogy sekiz sekunt ýeterlik. Sekiz
sekundyň dowamynda çaga bir ýagdaýdan düýpgöter başga hal-ýagdaýa geçip bilýär. Ilki gorkusyndan saplanýar, soňra öwrenişýär, yzysüre hem ony halap başlaýar. Şondan soňra sen çagany suwdan üzjek
bolsaňam, ol gaýta-gaýta suwda ýüzmäge ymtylar durar we seniň bu
päsgelçilikleriň, gadaganlygyň ony suwa bolan höwesinden asla dändirip bilmez. Kiçijik çaganyň şu haly – gorkudan uýgunlaşmaga, endikden söýgä geçmegi biziň ählimize mahsus ýagdaýlaryň biridir. Biziň
özümizde hem hut şeýle ýagdaýlar bolup geçýär. Täze bir tutumyň
gyrasyndan girenimizde ýa-da düýpli bir işe başlanymyzda, birbada
aljyradýan, çekindirýän duýgular gurşap alýar. Şeýle duýgulara üns
bermän, işimize, ýolumyza dowam etsek, «goşa görkezýän» gorkulardan dessine saplanarys we işe uýgunlaşarys. Soňra endik ederis.
Soňra bu iş endigi söýgüli bir zada öwrülip galar. Hut şu hal-ýagdaýy men öz durmuşymda köp gezek synap gördüm. Biri bilen täze
tanyşlyk açmakçy bolanymda hem, köpçüligiň öňünde çykyş etmeli
bolanymda hem, ýa-da wezipesi meňkiden uly, güýji meňkiden artyk
birine onuň bilen ylalaşmaýan ýerlerimi ýaňzytmaly bolanymda hem
şeýle duýgulara hemradym. Ýöne bir başladym we dowam etdim.
Dowam etdigimçe hem uýgunlaşdym. Öwrenişdigim saýy soňabaka
endigime öwrüldi. Soňra öz pikirlerini gypynç etmezden hemmelere
ýaňzydyp bilýän, ýüreginde düwen maksatlaryna girişip bilýän, niýet
eden amalyny bitirip bilýän birine öwrüldim. Şeýle ýagdaý biziň hemmämize hem mahsus. Gynandyrýan ýeri, köp adamlar umyda däl-de,
gorka, uýgunlaşmaga däl-de, çekinjeňlige has köp üns berýärler. Öz
pikirleri bilen özlerini bökdeýärler. Gorky üstün gelse, işe girişip
bilmeris. Başlamasak, tamamlap bilmeris. Ikirjiňlenmeleriň maksatly
pikirlerimizden rüstem gelmegine maý bermeli däldiris. Gorkulary201
myzy we ýaýdanjaňlygymyzy dep etmäge hem-de «Sekiz sekuntlyk
strategiýany» öz durmuşymyzda ornaşdyrmaga wagt ýetdi.
Bizden maslahat soraýanlara: «Gorka eglişik etme. Ol biziň
ýolumyzy bökdemesin» diýmäge wagt ýetdi.
Başla, hatda heniz gorkudan doly saplanyp bilmedik bolsaň hem
başla. Nesip bolsa, sekiz sekuntdan soň gorky dumany ýuwaş-ýuwaş
çözülip başlar we onuň ornuny ynam, özüňden hoşallyk, ruhubelentlik, barlygyňa şükür etmeklik ýaly duýgular gurşap alar. Haýsy amaly bitiresiň gelýän bolsa, şol işe başla. Danalaryň şeýle bir sözi bar,
hemişe ýadyňda bolsun: «Bir möhüm işi berjaý etmäge başlan bolsaň,
buşluk, ýakyn wagtda ony doly dynjaksyň». Çünki bu ýerdäki esasy mesele şol işi bitirmekde däl-de, şol işi bitirmekden alyp galýan
gorkyny ýeňmekde.
Hereket et:
1. Ýüregiňe düwýän, emma gorky we ýaýdanjaňlyk zerarly heniz
başyna barmadyk işleriňi kesgitle.
2. Şolaryň haýsy hem bolsa birini (has dogrusy, ýüregiň haýsysyny has eý görse), dessine berjaý etmäge giriş. Gorka we ikirjiňlenmelere asla üns berme. Soňra bize şol gorkyny ýeňip geçişiňi, işlemäge
endik edişiňi we şol işe bolan söýginiň peýda bolşuny gürrüň berersiň.
***
ŞU ÝERDEN BAŞLALY...
Belki-de bu kyssany owalam eşidensiň. Ýöne maňza batýan
many-mazmuny bolansoň, seniň bilenem ýatlamagy makul bildim.
Kyssa şeýle başlaýar…
«Heniz körpe çaga we köp duýgulardan erkin mahalym, arzuw-hyýallarymyň çägi-serhedi bolmazdy...
Ilki-ilkiler tutuş älem-jahany we ähli barlygy üýtgetmegi-de arzuw edipdim. Az-kem ulalyp, köp zady saýgaryp, dünýä-durmuşa
akyl ýetirip başlanymdan soň, meniň ojagaz arzuwlarym bilen älemiň
üýtgemejekdigine göz ýetirdim.
202
Soňra öz ýurdumy özgerdesim geldi. Ýöne meni gurşan pikirdir
hyýallar ýurdy özgertmäge hem ýetmedi.
Ýaşym bir çene ýetipdi. Birmahalky arzuw-hyýallardan püre-pür
gursaga derek durmuşdaky has möhüm zatlara üns bermegi ündeýän
sanaýmaly pikirlerim galypdy. Şol wagt maşgalamy özgerdesim geldi. Olary has kämil, has şadyýan we bagtyýar etmegiň kül-külüne
düşdim. Arman, bu arzuwam maňa eýgertmedi. Olaryň hiç birine täsir
edip bilmedim.
Bu wagt bolsa goja göwün, mydarsyz bedenler bilen düşege
baglanyp ýatyryn. Sanalgymyň dolmagyna alýan demim bilen
ädimme-ädim ýakynlaşýaryn. Gursagymda bolsa ahmyra ýugrulan
armanly bir arzuw bar: «Wah, başda men özümi üýtgedip bilen bolsam, onda bu wagta çenli durmuşymdaky juda köp zatlary üýtgedip
bilerdim. Belki-de meniň özümden görelde alyp, tutuş maşgalam
özgererdi. Olaryň meni goldamagy, ruhlandyrmagy belki-de ýurdy
özgertmegime mümkinçilik dörederdi. Kim bilýär, belki-de şeýdipşeýdip bütin älemi üýtgedip bilerdim…».
Köp adamlara mahsus bolan nogsanlyklaryň biri şunuň ýaly
düşünjeler. Durmuşdan we özgelerden zeýrenýän ynsanlar, olaryň
has gowulyga tarap özgermegini isleýän ynsanlar, özlerini ünsden düşürýärler. Olar daş-töweregini gurşap alan garma-gürmeligi
sazlaşdyrmak, düzgün-tertibe salmak isleýärler, emma özlerini welin unudýarlar. Özgeleriň gowulyga tarap üýtgemegini isleýänler ilki
bilen özleriniň has gowy bolmagy üçin yhlas etselerdi, bu iş has ýeňil
we has çalt amala aşardy. Çünki olar öz hereketleri bilen beýlekilere
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.