Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16

Total number of words is 3666
Total number of unique words is 2093
26.1 of words are in the 2000 most common words
38.9 of words are in the 5000 most common words
46.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bir täsin zowky-lezzeti bar. Üstesine käbir kitaplaryň gyrasyna öz
pikirlerimizi ýazmaga, bellik etmäge hem maý bolýar. Emma nähilidigine garamazdan, esasy zat okamak gerek. Neşir edilen kitapdan
okaň, ýa-da internet saýtlaryndan okaň, ýöne, hökman okaň. Hatda
henize çenli endik etmedigem bolsaňyz, her gün azyndan bir sagat
wagtymyzy kitap okamaga adat edinmeli. Tiz wagtdan biz bu kitap
okamagyň miwelerini, özümizdäki we durmuşymyzdaky mese-mälim özgerişlikleri aýdyň duýup başlarys. Ykbalyň kitap okanymyz üçin eçilýän bu üstünliklerine begenip-buýsanyp, has-da köp
kitaplary okamaga dowam ederis. Şonuň üçin hem ykdysady-hojalyk
harajatlarymyzyň bir bölegini täze kitaplary satyn almagymyz üçin
süýşürmäge endik etsek, örän haýyrly bolar. Belki, soňlugy bilen dostlarymyz bilen maslahatlaşyp, jemlän kitaplarymyzy bir ýere üýşürip,
bilelikde bir kitaphana hem açyp bolar. Ýa-da käbir kitaplarymyzy
çalşyp, okaşyp, okalan zatlaryň üstünde özara pikir alşybam bileris.
Şeýdip, kitaba bolan söýgi adamlaryň arasyndaky ýakynlygy, jebisligi, düşünjeliligi hem hasyl eder.
Hereket et:
1. Hojalyk büjetiniň bir bölegini ýörite kitap satyn almak üçin
niýetle.
2. Her gün bellibir wagtyňy ýörite kitap okamaga bagyş et. Kitaba gündelik sarp edýän wagtyň ýarym sagatdan az bolmasyn.
3. Okaýan zatlaryňyzyň many-mazmuny, çeperçiligi, täsirliligi
hakynda dostlaryňyz bilen pikir alşyp, maslahatlaşyp duruň.
***
PELSEPE
Durmuşda wagtal-wagtal dürli zatlar hakynda dürli-dümen
pikirler serimizi doldurýar. Käteler özümiz ýa-da özümize juda ýakyn
235
adamlar hakynda, käteler daş-töwerek, tebigat, älem-jahan dogrusynda, käteler bolsa zeminleriň üsti, asty, asmanyň gatlary hakda
pikir öwürýäris. Serimizde dünýäni saklasagam, özümizi hem hiç
wagt gözden düşürmeli däl. Durmuşyň dürli pursatlarynda böwrüme
diňşirgenip, şol pursatda özümi alyp barşym hakynda öz-özüme sowal
berýärin. «Men şu wagt özümi kimiň ornunda goýýarkam? Adamlaryň
«agalyk ediji güýç», «agalyk ediji höküm» diýýän zatlary mende
nähili häsiýetlerkä? Şol pursatlarda men kime meňzeýärkäm? Sada
çagajyk, kakabaş ýaş ýigit, ejiz bir zenan, zabun hökümdar, eldeki
haýwan, ýyrtyjy wagşy, hakyky ynsan, beýik maksatly we bir ýörelgeli adam… Meni hemişe özüm bolup çykyş edýärinmi ýa-da mahalmahal özlügimden çykyp, başgalaryň donuna bürenýärmikäm?» Bu
pelsepewi düşünje maňa uly täsir etdi. Eger-de özümi, öz bolşumy
mazaly öwrenip bilsem, özümi nirede nähili alyp barýandygyma akyl
ýetirsem, gylyk-häsiýetlerime käbir düzedişler girizsem, onda özümi
has kämilleşdirip biljek ekenim. Bir gün şeýle oý-hyýallara çümdümde, durmuşda aglaba halatda özümi alyp barşymy göz öňüne getirmäge oturdym. Käbir pursatlarda kime meňzeýändigimi, kim bolýandygymy pikir eleginden geçirdim…
* Ogluma, aýalyma ýa-da işgärlerimiň birine gaharym gelende,
olaryň ynsan mertebesini, göwnüni, hormatyny birjik-de nazara almaýan zabun we rehimsiz bir hökmürowana dönýän ekenim. Üstesine,
oglumyň goýberen ýalňyşlygy üçin onuň soran ötünjini, aňsat-aňsat
kabul etmeýän bir diýdimzor adam ekenim.
* Biri babatda öteräk gürrüň etsem, ol hakdaky pikir-garaýşlarymda, edýän işlerimde ýalňyşsam ýa-da bärden gaýtsam, ýa-da
öz hereketlerim bilen göwnüni ynjytsam, özümi ejiz-gowşak bir adam
mysalynda görýän ekenim. Şonda özümi aklamaga, günämi ýuwmaga başlaýaryn.. Ýalňyşlygymy duýup, ondan ötünç sorasam, ejizligim
aýrylyp giden ýaly bolýar, emma bir bahana duwlanyp, «bagyşla»
diýmäge boýnuýogynlyk etsem, özümi biparh ýaly görkezmäge
çalyşsamam, içimden bir ses «Ejiz gelendigimi» ýatladyp durýan eke236
ni. Her gezek lapykeç, göwnüçökgün bolan halatlarymda hem özümi
juda ejiz hasaplaýaryn, çünki lapykeçligi, göwnüçökgünlige maý
bermegiň özüni güýçlüleriň häsiýeti hasaplamaýaryn. Kähalatda dargursak bolan pursatlarym hem özümi juda ejiz görýärin. Dargursaklyk, köplenç halatda, okuw gurnagyma garaşanymdan has az adamlar
gelende hem peýda bolup bilýär.
* Her gezek möhüm bir işi gijikdirsem ýa-da asla başyna barmasam, ýa-da gerekmejek zatlara güýmenip, wagtymy manysyz
ötürsem, özümi saklamaly ýerimde gaharyma bäs edip bilmesem,
gulak asanymda gönenjek ýerimde hem biperwaý ötüp gitsem, men
özümi kakabaş ýaş ýigit ýaly görýän ekenim.
* Beýlekiler hakda söz açylanda, olaryň ýagşy taraplaryny,
öwmäge mynasyp häsiýetlerini ýatlasam; hemmeleriň men babatdaky öte geçmelerini we göwne degmelerini bagyşlap, olary goldap bilsem; müýnli ýerimde, özgelerden ötünç sorasam; her gezek
ejiz-biçäre, syrkaw-sökel, misgin-pukara adamlar bilen gabatlaşamda
olara hoşamaý bakyp, ýardam-kömek edip bilsem, men özümi hakyky ynsan ýaly görýän ekenim. Durmuşyň her bir pursadynda arassa
we asylly gylyk-häsiýetler hem-de umumy adamzat gymmatlyklaryna laýyk hereket edýän bolsam, özgeleriň nähili hereket edýändigine
garamazdan, hemişe arassa matlapdan we päkize niýetden ugur alýan
bolsam, men özümi hakyky ynsan hökmünde görýän ekenim.
* Kömege mätäç her bir adama ýardam goluny uzadýan wagtym;
özüme bäsdeş we basdaşlara hem ýaramaz duýgy bilen bakmaýan,
olardan aýyp-syn etmeýän, içimde kine-kitüw saklamaýan wagtym,
men özümi beýik we asylly maksatly bir ynsan hökmünde görýärin.
Her bir zerur we ähmiýetli ýerinde güýjümde we golumda baryny
sarp edýän mahalym; deregine hiç zat tama etmezden özgelere ýeterlik wagt we ýardam sarp edýän wagtym hem men özümi beýik we
asylly maksatly bir ynsan hökmünde görýärin. Beýlekileriň üstünligine we artykmaçlygyna ýürekden begenýän hem-de guwanýan
wagtym, (hatda öz ugrumdan bolsa-da, başga ugurlardan bolsa-da),
237
il-güni begendirýän, köpçüligiň haýryna bolan işleri eden wagtym
(bu işi men etsem-de, beýlekiler etse-de), men özümi beýik we asylly
maksatly bir ynsan hökmünde görýärin.
* Gerekmejek zatlara dümtünip, wagtymy we pikirimi sarp
edeniňe degmeýän zatlara güýmensem, bir zadyň soňuny saýgaryp-seljermän, pikirlenmän, desbi-dähel bir karara gelsem, özümi sada
çagajyk hökmünde görýärin...
Netijede, men şu günden başlap, her günüň ahyrynda özümiň
haýsy häsiýetlere çümüp-çykandygymyň hasabyny, sanawyny ýöretmekçi. Hemişe-de hakyky ynsan bile beýik we asylly maksatly bir
ynsanyň aralygynda hasyl bolýan endik-häsiýetlere ymtylmakçy.
Dogrusy, bu ikisiniň arasynda ullakan bir tapawut hem bardyr öýdemok.
Hereket et:
Ýokarky pelsepä laýyklykda her günüň ahyrynda şol günki hereketleriňi, eden işleriňi gözden geçir we şol güni kim bolup
ýaşandygyňa göz ýetir.
***
ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURŞAWY
«Sport saglygyň ätiýaçlyk gurşawydyr. Her gün täze bir derejelere ýetmek üçin sport merkezlerinden gatnawymy kesmeýärin».
Düzgün-nyzamly we yzygiderli ýerine ýetirilýän sport-türgenleşik işleri saglygymyzy berkitmegiň iň uly ýardamçysy. Gynansakda, köp adamlar sport bilen meşgullanmagy halap baranok. Sporta gerek mukdarynda üns-ähmiýet berenok. Diňe ençeme wagt geçenden
soňra, «Irgözinden sporta gyzyklanan bolsamdym» diýip, içgepletmelere çümýär oturýar. Käbir adamlar hatda şondan soňam ugruna
çykyberenok. Ýürekden syzdyryp aýdýaryn we ähliňize ýüzlenýärin
– sport bilen meşgullanyň. Nähili usuly amatly hasap etseňiz,
şeýdiň, ýöne sporty dowam ediň. Isleseňiz, ýörite sport merkez238
lerine gatnaň, ýa-da öýde sport abzallary boýunça türgenleşiň. Muňa
mümkinçiligiňiz bolmasa, islendik bir ýerde çalt ýöräň, ylgaň, öýde
ýa-da howluda käbir maşklary ýerine ýetiriň. Esasy zat, özümiziň
güýç-gaýratymyzy, gujurymyzy, güýjümizi, işjanlylygymyzy artdyrmagymyz, kämilleşdirmegimiz gerek. Näçe ir girişsek, şonça-da
özümize bähbitlidir.
Hereket et:
1. Häzire çenli hiç bir sporta gatnamadyk bolsaň hem bir sporta
yzygider türgenleşmegi ýüregiňe düw.
2. Saýlap alan sport ugruňa doly we dogry hötde gelmek üçin
özüňe ýörite plan düz.
3. Başla we üznüksiz dowam et.
***
ARASYNDA DYNÇ HEM AL…
«Özgelere mähir-muhabbetli, mylakatly garaýan adamlar hemişe
özlerini bagtyýar duýýarlar. Olar bu häsiýetleri bilen beýlekileriň hem
bagtyýarlygyna sebäp bolýarlar» diýen pikir bar. Bu sözüň çyndygyna, dogrulygyna şübhe ýok. Bu her wagt hemme kişiden bolmagy talap edilýän häsiýet. Ýöne bu ýerde özgelere mähir-mylakatly, ýumşak
garamak hakda däl-de, birneme başga zatlar hakda gürrüň gozgamakçy. Näme hakyndalygyny bolsa aşakdaky setirleri okanyňda göz
ýetirersiňiz:
«Özüňe ýumşak garap, oňa dem-dynç, rahatlyk ber,
Eliňdäki gowy zatlary özüňe hem döz.
Eger-de ötegçi wagt oňa ýamanlyk etse,
Soňra ne sen, ne-de zaman oňa ýardam eder?».
Kitabymyzyň köp ýerinde hemişe işjanly bolmak, asylly
maksadyň ugrunda gaýrat sarp etmek, güýç-gaýratymyzy, işeňňirligimizi, yhlasly zähmetimizi esse-esse artdyrmak hakda gürrüň
239
edipdik. Ýöne, ýene bir zady asla unutmazlygymyz gerek. Özümizi,
bedenimizi dem-dynç nesibesinden mahrum etmeli däldiris. Özümize
hem ýumşak daralyň. Oňa gereginden artyk talapkär bakmalyň, ony
harlamalyň, pese düşürmäliň, oňa igämizi sürtüp oturmalyň. Goý, ol
hem özüni rahat, bagtyýar, şadyýan, dogumly duýsun. Bu elimizden
gelýän, başarýan zadymyz ahyry. Oňa sähel bir zeper ýetäýse, ýene-de
ynjaýan, kösenýän özümiz ahyry.
Eziz okyjy!
Beden we ruhy sagdynlygy hasyl etmek üçin özümizi dem-dynçdan, degşip-gülüşmekden mahrum etmeli däldiris. (Ýöne, dem-dynja gyzygyp, işe girişip bilmän, sowap hem galmaly däldiris). Biziň
durmuşymyzda yhlasyň, janypkeşligiň, gaýratyň, belent maksadyň,
ruhubelentligiň, hümmetliligiň we şol bir wagtda hem mahal-mahal
ýaýnap ýazylyp dem-dynç almagyň öz orny bolmalydyr. Wagtynda
alnan dem-dynç indiki işlerimize has uly gaýrat bilen çemeleşmäge
täze höwes döreder, täze güýç-kuwwat, takat berer.
Hereket et:
1. Her hepdede belli bir wagty diňe dem-dynç almaga sarp et.
2. Dem-dynç alýan wagtyň diňe şol rahatlykdan lezzet almaga
çalyş. Şol pursatda başga aladalaryňy unut. «Dünýäni suw alsa-da,
topugyndan däl» diýilýänlerden bol.
3. Dem-dynç alýan wagtyň el telefonyňy öçür, radio-telewizora
hem tomaşa etme.
4. Bedeniňi gereginden artyk ýumşatma we oňa öte ýowuz hem
darama.
5. Hatda kynçylykly, meseleli günleriňde hem özüňe dem-dynç
bermelidigiňi, özüňi dürsemelidigiňi unutma.
6. Hemişe muny başarýandygyňa ynanyp gez. Özüňe ynamyň
bolsun.
7. Hemişe özüňi ruhlandyryp, taplap, beýik işlere höweslendirip
ýaşa!
240
AID AL-KARNI
GAMGYN BOLMA!
BAGTLY BOL, KÖŞEŞ, ÝYLGYR,
RUHUBELENT BOL, GAMGYN BOLMA!
Häzirki zaman arap dünýäsinde iň bir ýykgyn edilip okalýan
eserleriň biri hökmünde ileri tutulýan bu kitap dünýäniň birnäçe
dillerine terjime edildi. Bu kitap dargursaklyk dünýäsinde ýaşaýan,
gaýgy-gamlardan we ünjülerden ýaňa egbarlap, egni ýegşeren ýa-da
daşyny mähnet-muşakgatlar gurşan, ýa düşegini birahatlyga eýeledip, ukusyny aladalara aldyran adamlar üçin ýazylypdyr.
Bu kitap adamlaryň ruhubelent, şadyýan bolmagyny, ähli wagtda hem umytdan düşmezligini ündeýär. Geljegiňe bolan ynamy, şeýle
hem duş gelýän böwetleri we kynçylyklary ýeňip biljekdigiňe bolan
gaýraty terbiýeleýär. Ahlak arassalygy, watansöýüjilik, her bir zady
ýagşa ýormaklyk, maksada okgunly hereket etmeklik ýaly, ilkinji nobatda, ýaşlara gerekli gylyk-häsiýetleri özüňde jemlemegiň ýollaryny
salgy berýär. Ýylgyrmagy we özüňi bagtly duýmagy, ruhubelent bolmagy we ynjalmagy sargaýar.
Bu eser durmuş akymynyň tersine ýüzmegi, gutulgysyz takdyryň
garşysyna gitmegi, däp-dessurlara boýun bolmazlygy we delilleri
inkär etmegi düýbünden gadagan edýär. Gaýta ol özüňe ýakyn bir
ýerden, göwün gulaklaryňa pyşyrdap: «Gözel geljegiň üçin köşeş,
özüňe berlen mümkinçiliklere daýan, zehiniňden miweleri ýol,
durmuşy tutuksy görkezýän zatlary, ömür gussalaryny we ýörelen
ýoluň argynlygyny hemişelik unut» diýmek isleýär.
* 16. Sargyt № 975
241
GIRIŞ
Allaha şükür! Allanyň mübärek pygamberi Muhammede hem-de
onuň päkize nesil-neberesine, ähli eshaplaryna ýagşy alkyş-dileg,
salam we salawat bolsun!
Belki, saňa «Gamgyn bolma!» atly bu eseri okap, ondan
peýdalanmak bagty miýesser eder. Kitaby okamazyňdan öň sagdyn
paýhasa we arassa akyla berilmegiňi isleýärin. Bu ähli meselede esasy
zatlaryň biridir we ol ata-baba dowam edip gelýän ýagşy ýörelgedir.
Bir zady görmezden, datmazdan, ysgamazdan öň, ol hakda
howul-hara netije çykarmak haýpdyr. Meseläni içgin seljermän, aýdylýan zatlary gözden geçirmän, dawagärleriň sözüni diňlemän,
olaryň delillerini görmän we esasnamalary okaman, pitiwa bermekhöküm çykarmak, bisowatlygyň alamatydyr.
Men bu kitaby dargursaklyk dünýäsinde ýaşaýan, gaýgy-gamlardan we ünjülerden ýaňa egbarlap, egni ýegşeren ýa-da daşyny
mähnet-muşakgatlar gurşan, ýa düşegini birahatlyga eýeledip, ukusyny aladalara aldyran adamlar üçin ýazdym.
Bu eserden aýatlary we şygyr bentlerini, suratlary we pentleri,
örän ähmiýetli hem-de tapylgysyz maglumatlary, ýerlikli ulanylan
nakyllary we sözleri, kyssalary we rowaýatlary taparsyňyz. Men
ol ýere şuglaly hikmetleriň hem iň nurlusyny eredip guýdum: olar
ýaraly ýürekleriň, argyn köňülleriň we gamgyn, lapykeç göwünleriň
dermanydyr. Bu kitap adamlaryň ruhubelent, şadyýan bolmagyny, hiç
bir pursatda hem umytdan düşmeli däldigini ündeýär. Geljegiňe bolan ynamy, şeýle hem duş gelýän böwetleri we kynçylyklary ýeňip
biljekdigiňe bolan gaýraty terbiýeleýär. Ahlak arassalygy, watan242
söýüjilik, her bir zady ýagşa ýormak, maksada okgunly hereket etmek ýaly, ilkinji nobatda, ýaşlara gerekli gylyk-häsiýetleri özüňde
jemlemegiň ýollaryny salgy berýär. Ýylgyrmagy we özüňi bagtly
duýmagy, ruhubelent bolmagy we ynjalmagy sargaýar.
Bu kitap saňa şeýle diýýär: ýylgyr we özüňi bagtly duý, ruhubelent
bol we ynjal. Bu kitabyň saňa ýene bir zatlar aýdasy gelýär: durmuşy
bolşy ýaly kabul et, durmuşy hut öz bolşy ýaly gowulykda, razylykda,
ajaýyplykda ýaşa!
Bu kitap seniň tebigata ters gelýän hatalaryňy, säwlikleriňi
düzeltmegiňe, ýol-ýörelgeler, adamlar, zatlar, wagt we mekan bilen
sazlaşykly ýaşamagyňa kömek eder.
Bu kitap durmuş akymynyň tersine ýüzmegi, gutulgysyz
takdyryň garşysyna gitmegi, däp-dessurlara boýun bolmazlygy we
delilleri inkär etmegi düýbünden gadagan edýär. Gaýta, ol özüňe
ýakyn bir ýerden, göwün gulaklaryňa pyşyrdap: «Gözel geljegiň üçin
köşeş, özüňe berlen mümkinçiliklere daýan, zehiniňden miweleri ýol,
durmuşy tutuksy görkezýän zatlary, ömür gussalaryny we ýörelen
ýoluň argynlygyny hemişelik unut» diýmek isleýär.
Ilki bilen nazara alynmaly möhüm zatlaryň käbirini ýatladasym
gelýär:
Birinjiden, kitabyň baş maksady bagtyýarlygy, rahatlygy, asudalygy çekmek we ýürekleriň giňligini gazanmakdan ybarat. Çünki
umyt, ynam, her bir zady ýagşa ýormak, göwni giňlik we şadyýanlyk
gülleýän durmuşa gapy açyp bermekdir. Elbetde, bularyň ählisi
Allatagalanyň bendelerine bolan mähremligini we geçirimliligini ýatlatmakdan, her bir işde bir Allaha bil baglamakdan, Allanyň edýän
her bir işiniň elmydama biziň bähbidimiz we bagtymyz üçindigini
bilmekden, ýazgyda ten berip, takdyra boýun bolmakdan, şu günüň
(döwrüň) özünde ýaşamakdan we geljegi gaýgy edip, alada batmazlykdan, Allanyň bagyş eden nygmatlaryny ýatlamakdan ybaratdyr.
Ikinjiden, bu ynsan köňlüni eýelän we barha kejikdirýän aladalary hem-de gaýgy-gamlary, gynançlary we lapykeçlikleri, birahat243
lyklary we seriň dumanyny, dargursaklygy, ruhy çökgünligi, umytsyzlygy, dünýäden doýgunlygy we durmuşa höwessizligi kowmaga
edilen synanyşykdyr.
Üçünjiden, Bu kitaba Kurany-Kerimde beýan edilen jümlelerden degişlisini ýygnadym, Pygamberimiziň mübärek sözlerinden many-mazmuna laýyk gelenini saýladym, akyla jaý jümleleri,
ýörgünli nakyllary, ybratly, manyly kyssalary, täsirli goşgy setirlerini,
hekimleriň, tebipleriň we edebiýatçylaryň ol hakda aýdyp geçen sözlerini, durmuşdan toplanan tejribeler dessesini we ýatlamaga laýyk
gören zatlarymy, ýönekeý wagyz, geldi-geçer pikir, syýasy hokga
däl-de, çynlakaý aýdylan sözleri girizdim. Bu kitap seni bagtly etmäge erjellik bilen çagyrýan bir çakylykdyr.
Dördünjiden, bu kitap araplar we gaýry milletler üçin ýazylandyr. Men bu esere ynsanyýet köňlüne ornan pähimli şygyrlary
we inçe manylary girizdim. Elbetde, her ädimde, her demde Beýik
Perwerdigärimiziň ündän dürs, düzüw we sagdyn ýoluna eýerdim,
diýjek sözlerimi, ýaňzytjak pikirlerimi şol ýola görä saýladym.
Bäşinjiden, kitabyň içinde gündogar we günbatar şahslarynyň
aýdan sözlerine hem gabat gelersiňiz. Maksadalaýyk, mazmuna bap,
göwne jaý bolan ýerinde ol sözleri ulanmak aýyp-nogsan däldir, çünki
«Ylym-hikmet musulmanyň ýitigidir, nireden tapsa, alybermelidir»
diýilýär.
Altynjydan, okyjylara ýeňillik döretmek üçin, aňsat okamaklary we ýatlarynda berk saklamaklyklary üçin, kitabyma goşmaça
düşündirişler girizmekden saklandym. Goý, okalýan zat dowamly,
pikirler hem üznüksiz bolsun. Has köp ulanylan çeşmeleri eseriň ahyrynda getirdim.
Ýedinjiden, mysal alynýan aýatdyr süreleriň, goşgudyr sözleriň
sahypasyny, setirini ýazyp oturmadym, has oňaýly bolsun diýen
öňki ýörelgäme eýerdim. Bu usuly has ygtybarly, has peýdaly
gördüm. Käteler gysgaça, käteler dolulygyna aldym. Käbir zatlary öz
düşünişime görä beýan etdim.
244
Sekizinjiden, bu kitaby yzygider baplara we pasyllara bölmedim, dürli-dümenligi eý gördüm. Belki-de, bir zat hakda söhbet edip
otyrkam, başga has gyzykly pikirlere ulaşyp gidýändirin. Belki-de öň
ýatlan bir pikirimi has soňrak has-da berkidýändirin. Bu okyja örän
gyzykly bolmagy, göze gelüwli we ýatda galyjy bolmagy üçindir.
Dokuzynjydan, aýatlaryň san belgilerini we hadyslaryň delil
zynjyryny ýazyp, sözi uzaldyp oturmadym. Gowşak hadys bolsa,
gowşakdygyny ýatladym. Sahyh we ygtybarly bolsa, ony hem ýatlap
ötdüm ýa-da agzaman, dyman ýerlerimem bardyr. Bulary eseriň gysgadan ykjam bolmagy üçin etdim. Şol bir zadyň zol-zol gaýtalanyp
durmazlygy, irizmezligi we ýürege düşmezligi üçin şeýtdim.
Onunjydan, okyjynyň nazary käbir sözlemleriň dürli ýerlerde
dürli manylarda, başgaça äheňlerde, üýtgeşik röwüşlerde ulanylandygyna kaklyşar. Elbetde, bu zatlary öz pikirlerimi delillendirmek
üçin ulanyp bolýan usullarda peýdalanmagy maksat edipdim. Bir
meseläni, bir pikiri birnäçe sözler, hikmetler, nakyllar, baý maglumatlar bilen delillendirmek, has ýatda galyjydyr. Kurany-Kerimi yzygider
okaýan we onuň ündewlerine eýerýän adam muňa basym göz ýetirer.
Ine, okamaga girişmezinden öň saňa aýtmak islän on maslahatym. Bu kitaby okamak islänlere berjek öwüdim. Belki-de bu kitap
habarlara (gürrüňlere) dogruçyllyk, hökümlere adyllyk, sözlere ynsaplylyk, ylymlara anyklyk (takyklyk), garaýyşlara berklik, köňül
gözlerine röwşenlik çaýmaga kömek eder.
Men bu sözler bilen hemmelere ýüzlenýärin we ol ýerde hemmeler hakda aýdýaryn. Aýratyn bir topary, aýratyn bir nesli, bir bölek
kowumy ýa-da haýsy hem bolsa bir ülkäni göz öňünde tutmaýaryn.
Bu kitap bagtly ýaşamak isleýän her bir adama niýetlenendir.
«Men bu dürleri ýüpe düzüp, öz ugruna goýdum,
Güneş bolmasa-da, ol ýaldyrap dur, Aý bolmasa-da, ol ýalkym
saçyp dur.
Onuň gözleri jady, maňlaýy mübärekdir,
245
Allaha şükür, onuň gaşlary, kirpikleri, gözleri we ýaňaklary gör
neneň täsin».
***
EÝ, ALLAH!
«Göklerde we ýerde bolan her bir zat özüniň mätäç zadyny diňe
Ondan dilärler. Bu barlygy her pursatda dolandyryp duran bir Allahdyr».
Deňizler möwjese, tolkunlar gomasa, ýeller öwüsse, gämidäkiler
«Eý, Allah!» diýip seslenerler.
Sähralykdan barýan ugruny ýitirse, (ýolundan sowulsa, çölde
azaşsa), ulaglar ýolda agsa, kerwen ýoluny ýitirse, «Eý, Allah!» diýip
seslenerler.
Bir bela duçar bolunsa, bela daňysy çözülip, heläkçilik başa inse,
derdi-mähnet artyp ugrasa, başy dertliler «Eý, Allah!» diýip seslenerler.
Mätäçleriň barara jaýy bolman, talap gapylary baglansa,
saýyllaryň naýynjar ýüzüne galyň perdeler çekilse, olar «Eý, Allah!»
diýip seslenerler.
Çäredir alaçlar netije bermese, ýöreljek ýollar daralsa, umytlar
tükense, ýüpler üzülse, arzuwlar gugaryp galsa, adamlar «Eý, Allah!»
diýip seslenerler.
Bu giň dünýä gursagyňy gysyp gowursa (Ýeriň bu ýaýbaňlygy,
dünýäniň bu giňligi saňa dar görünse), egniňden basýan ýükler göterip
biljegiňden agyr görünse, ýagyrnyňy ýegşerdip, köňlüňe agram salsa,
ýüregiň daralsa, sen pyşyrdap «Eý, Allah!» diýip seslenersiň.
Ýakymly sözler, halys ýürekden edilen ýagşy dileg-dogalar, gözel we sogaply amallar, çuň we çyn pyşyrdylar, günäsiz gözýaşlar,
ýiti agyrylardan çykan iňlemeler, elbetde, onuň dergahynda has gowy
eşidilýändir.
Säherde aýalar Oňa tarap açylar, mätäçlikde eller Oňa tarap uzalar, başagaýlykda gözler Oňa tarap sereder, hadysalarda dilegler Oňa
tarap gönüger.
246
Diller Onuň ady bilen gurbatlanar, Onuň ady bilen kömek-ýardam sorar, Onuň adyny gaýtalar we elmydama Ony çagyrar. Ýürekler
Ony ýatlamak bilen köşeşer we ruhlar Ony ýatlamak bilen ynjalar.
Ony ýatlamak bilen duýgular köşeşer we beýniler sowar. Akyllar
ýerine geler we aňlar karar tapar, ynjalar. Çünki «Allah bendesine
örän mähribandyr, Latyfdyr».
Allah: iň gowy at, iň owadan harplar, örän hak aýdylan söz we iň
gymmatly keleme. «Heý-de Onuň atdaşy bardyr öýdýärmiň?!».
Allah: baýlyk we bakylyk, güýç-kuwwatlylyk we üstünlik,
beýiklik, bar zady başarmaklyk we her bir zatda hikmetlilikdir, «Bu
gün hökmürowanlyk kime degişlidir diýilse, aýdyň «Ähli zadyň erki-hökmi bar zady boýun ediji Biribar Allanyňkydyr».
Allah: lutfy-kerem we enaýat sahybydyr, ýardam goly we hemaýatdyr, mähir-muhabbet we haýyr-yhsandyr – «Size berlen her bir
nygmat Alla tarapyndyr».
Eý, Allahym, ýanar oduň ýerini tesellä (gülzarlyga) öwür,
gaýgynyň öwezini şatlyk bilen doldur, howp-hatarda asudalyk we
amanlyk ber. Eý, Allahym, ýürekleriň gyzgyn howruny paýhas gary
bilen sowat. Ruhlaryň gyzgyn közüni iman suwy bilen söndür.
Eý, Perwerdigärim, aladalardan ýaňa ukusyz gözlere Öz
dergähiňden asudalyk, ynjalyk we rahat uky ber, çaýkanyp duran nebislere (köňüllere) ynjalyk-karar ber, olary golaý gelen ýeňiş-üstünlik
bilen ruhlandyr. Eý Perwerdigärim, çaşgyn, aljyraňňy gözleri Öz
nuruňa gönükdir, azaşan, ýoldan sowlan ýollary dogry ýoluňa sap,
ýoluňdan sowa düşenleri hidaýatyňa sal, gönükdir.
Eý, Allahym, ýagty nurly sadyk daňlar bilen göwünleriň
was-wasyny aýyr, hak esgerleri bilen batyl wyždanlary sow, sap-sap
duran (perişdeleriň) esgerleriň bilen şeýtan hilelerini yzyna serpikdir.
Eý, Allahym, biziň gaýgylarymyzy gidir, ünjülerimizi aýyr,
köňüllerimiziň birahatlygyny kowup çykar.
Eý, Allahym, Senden özgelerden gorkmaly etmäweri, Senden
başgalara daýanmaly etmäweri, Senden başgalara bil baglamaly etmäweri, Senden başgalardan dilemeli etmäweri, Senden başgalardan
247
ýardam soramaly etmäweri, Sen biziň Eýämiz, iň gözel Möwlamymyz we iň gowy Ýardamçymyzsyň.
***
BAGTLY BOL!
(Bagtly bolmagyň 30 ýoly)
– Ynam we salyh amallar ajaýyp durmuşyň syrydyr, bu ikisini
mäkäm tut.
– Ylym-bilim al, hergiz okamakdan araňy üzme – bular aladalary
gidirer.
– Täzeden toba daýan-da, gabahat işleri taşla. Ters hereketler
durmuşy tutuksy görkezer.
– Elmydama Allany ýatla, Oňa bil bagla!
– Adamlara ýagşylyk et, ýüregiň giňär.
– Mert bol, gorkak, ýelýürek bolma. Mertlik ýüregiňi giňelder.
– Ýüregiňi göriplikden, kine-kitüwden, kezzaplykdan, gözboýagçylykdan we her bir ýaramaz häsiýetlerden arassa sakla.
– Artykmaç göz aýlama, artykmaç sözleme, gerekmejek zatlary
diňleme, manysyz gürrüňlere gulak gabartma, mynasyp däl adamlar
bilen oturyşma, artykmaç iýip-içme we artykmaç ýatma.
– Netijeli işe ýüregiň bilen, düýrmegiň bilen beril, şonda ähli
aladalaryňy we gaýgy-gamlaryňy unudarsyň.
– Şu günüň bilen ýaşa, düýnüňi we ertiriňi ýadyňa salyp, gaýga
batyp ýa-da howpurgap oturma.
– Görk-keşp, rysk, saglyk we beýlekiler babatda özüňden peslere
göz aýla we öz günüňe şükür et.
– Bolup biläýjek iň ýaramaz netijäni hem saldarlap gör, soňra
şoňa görä hereket et, birdenkä ol ýüze çykaýsa-da, ýeňip geçmek ruhy
taýdan ýeňil düşer.
– Aň-zehiniňi gorkunç hyýallaryň, eýmenç pikirleriň yzynda
sergezdan, ýesir etme, pikiriňi ýaramaz endişeleriň arkasynda selpedip ýörme.
248
– Gaharlanma, sabyr et, saklan, gaharyňy gizle, ýumşa we
geçirimli bol. Ömür öýke göterip ýörerden örän gysgadyr.
– Allanyň berýän nygmatlarynyň tükenip, hor-harlygyň güzer
etjekdigini göz öňüne hem getirip oturma, her bir ýagdaýda Biribara
daýan, arkaýyn we bagtly ýaşarsyň.
– Her bir müşgüllige, her bir kynçylyga öz tebigy göwrümi
bilen gara, olary çişirip, göz öňüne getirme.
– Özüňe garşy dil düwüşýändirler öýdüp ýörme, erbetlige
garaşmak ýaly ýaramaz duýgulardan doly saplan.
– Durmuşy ýönekeýleşdir, çylşyrymlaşdyrma. Gereginden artyk bol-telkilige çümjek bolma. Artykmaç eşret artykmaç aladadyr.
Bedeniňi barha ýumşatmaklyk ruhuňa barha ezýet bermekdir.
– Özüňe berlen nygmatlary we başyňa düşen kynçylyklary
deňeşdirip gör, haýsy birini alanyňda hem, gazanan sogabyň
özüňedir. Girdeji elmydama ýitgiden üstün geler durar.
– Adyňa aýdylan ýaramaz sözler saňa zelel bermez, ol diňe şol
sözleri aýdana zyýan getirer. Şonuň üçin olar hakda asla başyňy
agyrtma.
– Pikirleriňi tertibe sal, elmydama sagdyn we gowy pikir et:
diňe Allanyň berjek nygmatlary, gazanyp boljak üstünlikler we artykmaçlyklar hakda oýlan.
– Hiç kimden taňryýalkasyna garaşma. Muny etmäge seniň
hakyň hem ýokdur. Her bir ýagşylygy diňe Allanyň razylygy üçin
et!
– Özüňe peýdaly meýilnama düz, elmydama şony amal etmegiň
pikirleri bilen ýaşa, ýollaryny agtar, şol işlere meşgul bol, alada-ünjüler golaýyňa hem gelmez.
– Ähli ýagdaýlarda hem amalyň jylawyny eliňden sypdyrma, şu
gün bitirip biljek işiňi ertire goýma.
– Adyňa mynasyp bolan, özüňe gelşip duran peýdaly hünärleri öwren, haýsy işi edeniňde has ynjalyk tapýan bolsaň, şoňa hem
ýapyş (ýüregiň ynjalyk tapýan peýdaly işini tap).
249
– Allanyň saňa beren nygmatlary hakda pikirlen, şüküranalyk
bilen gürle hem-de munuň üçin Allaha şükür et.
– Allanyň saňa beren her bir nygmatyna: saglyk, baýlyk,
maşgala, iş babatda kanagatly we şükürana bol.
– Ýakyn-u ýat, tanyş we nätanyş adamlar bilen elmydama güler
ýüzli gatnaş, olaryň gowy taraplaryny gör we aýyplaryna gözüňi ýum.
– Adamlaryň säwligini yzarlap, gep-gürrüňlerini ýaýratmagy,
çylkasyz sözlerini çintgäp, gybatyny edip ýörmegi bes et.
– Pyýada ýöremäge, sport bilen meşgullanmaga endik et,
saglygyňa üns ber.
– Elmydama Alladan özür-ötünç, saglyk, ýaramly hal-ýagdaý we
sag-salamatlyk dile.
***
PIKIR ET WE ŞÜKÜR ET!
Şükür etmegiň manysy: dabanyňdan depäňe çenli Allanyň
beren nygmatlaryna çümüp oturan bolsaň, bu nygmatlary bereniň
Alladygyny ýadyňdan çykarmazlykdyr.
Siz Ýaradanyň beren nygmatlaryny sanap, soňuna ýetip
bilmersiňiz: beden saglygy, ýurt asudalygy, saçagyňda iýip-içgiň,
süňňüňde egin örtgüň barlygy, dem alara howa, ganara suw tapdyrýan
bolsa, dünýäniň wajyp nygmaty seniň eliňde eken, sen bolsa bu zatlary duýmaýarsyň. Sen ýaşap ýörsüň, ýöne özüňde bar zadyň gymmatyny bilmeýärsiň, «Allatagala sizi aýdyň we pynhan nygmatlar bilen
bezedi: iki gözüň bar, bir diliň, iki dodagyň bar, iki eliň, iki aýagyň bar
– «Siz Allanyň beren haýsy nygmatyny görmezlige salýarsyňyz?».
Aýaklaryň bilen ýöräp gidibermek aňsat meselemi, kyn zat däldir,
ýöne eger aýaksyz galan bolsa, alajy näme? Tirsekleriňe daýanyp,
garyňa galarsyň, eger gollaryň kesilen bolsa näme? Sen dünýäni unudyp, gözleriňi ukudan gandyrýansyň, aladasy, agyrysy başdan agyp,
ukusy gözden uçanlar näme? Işdämenlik bilen iýýän naharyň, ganyp
içýän sowuk suwuň nygmat dälmi, ol ýerde duz dadyp bilmän, dert250
-yza zerarly işdäsi tutulyp, bogazyndan bir damja suw geçmeýänler
bar ahyry?! Gulagyň eşidip duranlygyny ýadyňa sal, Alla seni kerlik,
güňlük keselinden aman saklap ýör. Gözüň görüp durandygy hakda
pikir et, Alla seni körlük apatyndan gorap ýör. Sagdyn süňňüňe seret,
Alla seni pislikden, heýwereden abat saklap ýör. Akyl-huşuňa, aňyňa
göz aýla, Alla seni öz akylyňda, öz aýagyňda saklaýar, däli-mejnun,
akylyndan azaşan etmändir ahyry.
Bir gözüňe derek daglar ýaly altyn hödürleseler çalşarmydyň?
Eşidiş ukybyňa derek gowak doly kümüş teklip etseler satarmydyň?
Diliňe derek bag-bossanly, gül-çemenli köşkleri satyn alyp, lal galasyň
gelermi? Gatbar-gatbar merjen monjuklara, dür dänelerine derek golak galasyň gelermi? Sen şeýle bir bol-telki nygmatyň, jan saglygynyň
içinde ýaşaýarsyň, ýöne bu zatlara ähmiýet bermeýärsiň. Elmydama
aladaly, ünjüli, gaýgy-gamly, tukat gezip ýörsüň. Saçagyňda ýyly
çörek, howzuňda sowuk suw, düşegiňde rahat uky, süňňüňde saglyk
barka, özüňde ýok ýa-da elden gideren zatlaryň hakda uly pikir edip,
özüňde bar zatlar üçin şükür etmeýärsiň. Eliňde bagtyň açary, haýyrly
işleri bitirmäge ukybyň, akylyň, Alla tarapyndan berlen zehiniň we
ýene-de bähbitli birnäçe zatlar barka, maddy ýitgiler üçin ynjalykdan
gaçýarsyň. Pikir et we şükür et! «Hatda özüňizde hem bihasap nygmatlar bardyr, siz ony henizem göreňzokmy, duýaňzokmy?». Özüň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.